Latin

Gürgenç II - 19

Total number of words is 3668
Total number of unique words is 2088
31.7 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
51.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
taşlap, çykyp gitdi.
***
Horezmşanyň goşuny ir säherde Jende gelip ýeteninde
garaşylmadyk bir ýagdaýyň üstünden çykyldy. Atsyz Jendiň walysy
Kemaletdiniň goşuny bilen öňünden çykmagyna, bilelikde Sygnaga
ýörüşe taýýardygyny habar bermegine garaşypdy. Emma Kemaletdinem,
goşunam ýokdy. Jendiň derwezesi-de giňden açykdy, göni giribermelidi.
Bu ýagdaýa bir hili geň galan Horezmşa:
-A-how jenaplar, bu nähili ahwalat, siz näme pikir edýärsiňiz?diýip ýanyndaky emeldarlaryna garady. Edil şol wagt açyk derwezeden
ylgap çykan bir adam aýak aldygyna gelip, atlylaryň öň hatarynyň
ortasynda duran başy tylla jygaly kişä gözi düşenden salam berip,
dyzyna çökdi:
-Merhemetli Horezmşa hezretleri! Men Jendiň gözüňiziň öňündäki
derwezesiniň derwezebany Abul Kasym ibn Hasymdyryn-diýip, özüni
tanyşdyran iki ýüzi horazyň kekeji kimin gyzyl, köseleç masgarabaza
meňzeýän bu adam waşisiräp sözüni dowam etdi. - Siziň Jende sary
gelýäniňiziň habary bu ýerde her kime her hili täsir etdi. Meselem, bu
226
ýerde han bolup oturan Kemaletdin ibn Arslan hana aýylganç täsir eden
bolmaly, ol goş-golamyny alyp, goşuny bilen zut gaçdy. Maňa bolsa juda
mylaýym, ýakymly täsir etdi. Şonuň üçin Size derwezäni giňden açyp
goýdum.
Atsyz derwezebanyň sözlerini ýylgyryp diňledi, soň onuň öz
degişme äheňinde sorady:
-Muhterem Abul Kasym ibn Hasym derwezeban jenaplary!
Kemaletdin han haçan we haýsy tarapa gitdi?
-Ol öten gijäniň ýaryna golaý şäherden çykdy. Aýyň ýagtysynda
seredip durdym, ugry ilerligine tarapdy.
Horezmşa başyny atyp, jogapdan kanagatlananyny bildirdi,
sahawat üçin hemişe ýanynda saklaýan bir gysym dinar salnan haltajygy
kisesinden çykaryp, derwezebana oklady. Howada gaýyp gelen haltajygy
çalasynlyk bilen gapçap alan derwezeban ýerinden turdy, baş egip
tagzym etdi, “Döwletiňiz mundanam zyýada bolsun” diýip, dileg edip,
bir gyra çekildi. Horezmşa derwezeban gelmezinden öň ýanyndakylara
beren sowalyny gaýtalady. Birinji bolup, ýakyn geňeşdary Nyzametdin
hajyp pikir bildirdi:
-Aly hezret, meniň pikirimçe, Kemaletdin han biziň ýörüşimiz
Sygnaga däl-de, Jendiň özünedigi barada habardar edilipdir. Ol güýjüniň
deň gelmejegini bilip, şäheri taşlap çykyp gidipdir.
-Aly hezret, jenap hajyp dogry aýdýar, çünki Kemaletdini habardar
eden onuň özi bolmaly-diýip, Reşiteddin Watwat degişip, adamlary
güldürdi. Baş serkerde Aýuphan:
-Kim habardar eden bolsa-da, gowy edipdir. Jeň-jedelsiz, gan
dökülmän şäher alyndy-diýdi. Horezmşadan başga hemmeler
serkerdäniň sözüni makulladylar.
-Eý adamlar!-diýip Horezmşa gatyrganybrak seslendi. - Sizler bu
gowulygyň soňuny pikirlenip görmediňizmi? Siz, näme Kemaletdin
“Alyň geregiňiz şu şäher bolsa” diýip, zut gidendir öýüdýäňizmi?!
Gadymda bir ýunan serkerdesinden şunuň ýaly ýagdaýda “näme üçin
gidýäňiz?” diýip soranlarynda “Gaýdyp gelmek üçin gidýän” diýipdir.
Kemaletdiniň hem gaýdyp gelmek üçin gidendigi şübhesizdir. Ol biziň
bu ýerde bu agyr leşger bilen köp wagt durmajagymyzy bilýär. Biz
gidenden soň goýup giden leşgerimizi güýç toplap gelip, derbi dagyn
eder, adamlarymyzy gylyçdan geçirer. Näme, siziň şuňa aklyňyz
ýetenokmy?! -Ýaňyja Aýuphanyň sözüni makullap duranlar lam-jim
boldular. Atsyz sözüni dowam etdirdi. - Ony özümiz gidenden soň
getirmejek bolsak, häzir getirmegimiz gerek. Bu işi jenap Nyzametdin
227
hajyp Size tabşyrýaryn. Ýanyňyza bäş-alty adam alyp, onuň yzyndan
ýetiň. Oňa hiç bir howp-hataryň ýokdygyny, Sygnaga bilelikde ýörüş
etmek hakyndaky öňki gepleşigimiziň güýjündedigini aýdyp, yzyna
dolanmaga yryň. Ol Seýhuny ýakalap, ilerligine Otrar tarapa giden
bolmaly. Goş-golamy bilen gaty gidip bilýänem däldir. Siz atlary haýdap
sürseňiz bir, bir ýarym günde yzyndan ýetersiňiz.
Patyşanyň emri wajyp. Nyzametdin hajyp wagty ýitirmän, bile
gitmeli ýoldaşlaryny saýlap aldy-da, ýola düşdi. Şundan soň Horezmşa
goşunyna goş ýazdyryp dynç almaga buýruk berip, özi-de wezirwekilleri, hyzmatyndaky nökerleri, goragyndaky esgerleri bilen şähere
girip, köşkde ýerleşmek, uzak ýoluň argynçylygyndan soň biraz dynç
almak kararyna geldi. Ýaňy soňuny seljermän aýdan sözi sebäpli
Horezmşanyň gaharyny getiren baş serkerde Aýuphan öz göwnüne gowy
teklip bilen şanyň göwnünden turjak bolup dillendi:
-Aly hezret, bir az sabyr ediň “Ätiýajy elden berme” diýipdirler.
Içerini barlamak üçin bir ýüzbaşy serkerdäni topary bilen ibereli. Kim
bilýä, Kemaletdin Siziň janyňyza kast etmek üçin bir topar pidaýy
goýup giden bolaýmasyn. Atsyz kellesini ýaýkap, kinaýaly ýylgyrdy-da:
-Meniň janym barada alada edýäniň üçin sag bol. Goragymdaky
esgerlerim, janpenalarym bäş-alty pidaýyny, eger olar bar bolsa, ýok
etmegiň hötdesinden gelerler. Şonuň üçin häzir şähere barlagçy topary
däl-de, jarçylary ibermeli. Olar şäheri aýlanyp, bazarlara baryp, Jendiň
mundan beýläk Horezminiň düzüminde bolýanlygyny, ýurtda
parahatçylygyň, adalatyň berkarar ediljekdigini jar etsinler!
Bu buýruk şol güniň özünde berjaý edildi. Elden ele geçip, käte
talanyp, gözi gorkan ilat şatlanyp köçelere çykdy, bazarlarda söwdasatyk janlandy. Emma şol gije Horezmşanyň bolýan köşgünde ýüze
çykan garaşylmadyk bir waka hemmeleriň keýpini uçurdy...
Günortana golaý köşge gelip ýerleşen Horezmşa biraz dem
dynjyny alansoň öýlän ýerli emeldarlary kabul etdi. Olaryň işleri bilen
tanyşdy. Ol bu ýerli işgärleriň Kemaletdine ýa-da özüne däl-de, öz
halkyna, döwletine hyzmat edýändigini nazara alyp, ýene-de öz
wezipelerinde goýdy, gowy sözler bilen yhlasly işlemeklige ruhlandyrdy.
Şu arada gün ýaşyp, barlyga agşam aralaşdy. Jendiň köçelerinde
panuslar, köşkünde şemler ýakyldy. Horezmşa Atsyz öz adamlary bilen
jemagat bolup agşam namazyny okap, şamlyk edineninden soň
taşdarynyň taýýarlap goýan hammamyna bardy. Abhananyň öňünde
duran taşdar ýigit Atsyza bir hili syrly garap:
228
-Aly hezret, içerde çykarynylýan ýerde bir gyz gelip otyr-diýdi.
Atsyz haýran galyp:
-Nähili gyz, nirden, näme üçin gelipdir?-diýdi.
-Häremhanada üç gyz galypdyr, bu şolaryň biri. Ol size aýtmaly
möhüm gepim bar diýýär.
-Bä! Aýtmaly gepini hammamda aýtmalymyka?-diýip, Atsyz içeri
girdi. Tagzymdan soň başyny galdyran gyza nazary düşen Atsyz onuň
husny-jemalyna ank boldy. Gyzdan gözüni aýryp bilmän duran Atsyz
biygtyýar ýylgyryp sorady:
-Sen, kim sen?
-Men Jendiň bolmaly emma siziň gelmegiňiz bilen bolman galan
melikesi. Adym Şahyna.
Bu täsin jogaba oňly düşünmedik Atsyz gülümsiräp diýdi:
-Düşnükliräk aýtsana, seniň melike bolman galmagyňa meniň
näme dakylym bar?
-Kemaletdin han meni öz nikasyna alyp melike etmekçidi. Siziň
gelmegiňiz bu işi etmäge oňa maý bermedi, maňa bolsa onuň destinden
gutulmaga mümkinçilik berdi. Men Siziň penaňyzda ýer taparyn diýip,
iki kenizim bilen gaçyp galdym.
-Meniň penamyň onuň penasyndan gowy boljagyny sen nä bilýäň?
-Hökümdar şahyr bolsa, onuň penasy mähir-muhabbetli bolýar.
Men siziň şalygyňyza däl, şahyrlygyňyza aşyk. Gazallaryňyzyň köpüni
ýat bilýän.
-Bäh! Şeý diýsene. Sen şu sözleri aýtmak üçin hammama
geldiňmi, başga ýer tapmadyňmy?
-Men hammama sizi ölümden halas etmek üçin geldim.
-Diýýäniň näme?! Hammamda maňa ölüm garaşýarmy?
-Siziň düşünjek suwuňyz zäherlenen, ol sizi bir aýyň içinbe ölüm
düşegine ýatyrar.
Atsyz bu gepe tisginip gitdi. Gapyda duran taşdary çagyrdy. Oňa
gyzyň aýdan gürrüňini aýdanynda, taşdar:
-Aly hezret, Allanyň eradasy bilenmi meniň göwnüme-de şeýle
şübhe geldi. Onsoň suwy täzeledim-diýdi.
-Berekella! Ine görýäňmi Şahyna, Ala saklajak bolsa her tarapdan
halasgärler ýetişýän ekeni. Ägä edeniň üçin senem sag bol! Ine indi,
suwumyz arassa bolan bolsa, düşünibermeli-diýip, Atsyz eli bilen
abhananyň gapysyna yşarat etdi-de. -Baş üstüne!-diýdi. Gyz aşak bakyp
näzli ýylgyrdy:
-Siziň bilenmi?
229
-Eýse kim bilen...
“Hudaý berse guluna çykaryp goýar ýoluna” diýip içini gepleden
Atsyz hammamdan soň Şahynany aram otagyna alyp geldi. Şaha nabat
bilen demlenip goýlan çaýdan içdiler. Çaý içilýärkä gyzy assyrynlyk
bilen synlap oturan Atsyz onuň gözlerinde bir hili howsalanyň peýda
bolanyny aňdy. Bu onuň beýnisinde dörän bir pikiriň, içki dünýäsindäki
bir duýgynyň alamatydygyny bilse-de muny ýamanlyga ýormady.
-Şahyna, bir hili ynjalygyň gaçan ýaly, näme bolýar?
-Ýok, ýok. Ynjalygym ýerinde. Ýöne bir az tolgunýan.
-Näme tolgunýarsyň?
Gyz gözlerini süzüp, uludan demini aldy-da:
-Arzuwumdaky beýik adamyň gujagyna doljak pursadymyň
ýakynlaşýany üçin bolaýmasa-diýdi.
-Şeýlemi-diýip, Atsyz ýylgyrdy. -Onda, düşege geçmezimizden öň
men huptan namazymy okap alaýyn. Sen arkaýyn oturyp, çaýyňy içiber.
Atsyz saçakdan bäş ädim aňyrda namazlygyny ýazyp, huptan
namazyny okamaga durdy. Ine şonda Şahynanyň kimdigi belli boldy,
Atsyzy hudaý saklady. Atsyz namazyň birinji rekadini okap, ýaňy seždä
başyny goýanda ýeňsesinde birden dörän şakyrda biygtyýar
gaňrylanynda gözi depesinden inip gelýän inçe tygly hanjara düşüp,
oturan ýerinde hanjarly ele ýapyşdy. Ol elem zenanyňky bolsa-da,
güýçsüz däl eken hanjary nazarlan ýerine sanjyp bilmese-de, omzunyň
birki ýerini ýaralady. Onýança ýerinden turup ýetişen Atsyz bir zarp
bilen gyzy ýere ýazdy. Urgynyň zarbyna elinden gaçan hanjar ýykylyp
ýatan çäýnek käseleriň üstüne düşdi. Şunda Atsyz özüni ölümden
gutaran şu çäýnek-käseleri howlugyp hereket eden gyzyň aýagy
degendäki şakyrdysydygyna düşündi. Munuň hem Allanyň eradasy bilen
özüniň ölüm howpundan ägä edilmegidigine ynandy. Atsyz ýerde
ýazylyp ýatan gyza hyrçyny dişläp seredip durşuna:
-Ýeriňden tur, hany!-diýdi. Şahyna Horezmşanyň äheňinde hiç bir
gahar-gazabyň ýokdygyna haýran galyp, ýerinden turdy. Atsyz ýene
şeýle äheňde gepledi:
-Şahyna, zenan halyňa gorkman şeýle işe bil baglanyňy men
üýtgeşik batyrlyk hasaplaýaryn. Ýöne şeýle batyr, garadan gaýtmaz gyzy
beýle jenaýaty etmäge Kemaletdin hanyň nädip yranyna akyl ýetirip
bilemok.
Şahyna Atsyza göni seredip dillendi:
-Merhemetli şa hezretleri, siz şahyr adam, söýginiň nämedigini,
onuň güýjüni başgalardan gowy bilýäňiz. Men Kemaletdin hany
230
janymdan artyk söýýän. Onuň hem meni şeýle söýmegini gazanmak
üçin bu işe hut özüm bil bagladym. Onuň habary ýok. Hatda, meniň
gaçyp galanymy-da, eger idemedik bolsa, häzir goşda ýokdygymy-da
bilýän däldir.
Atsyz gyzyň gepine ynanjagyny-da, ynanmajagyny-da bilmän oňa
bir salym synçy nazaryny dikip durdy. Gyzyň ýüzi-gözünde
ýalançylykdan nam-nyşan görmän, onuň sözüne ynanç hasyl etdi. Soňra:
-Kemaletdin han däl-de, söýgi yrdy diýsene. Ýöne sen biraz
howlugypsyň, men uklanymdan soň işiňi arkaýyn edip bilerdiň,
sakçylara-da “jogap berdi” diýip, çykybam giderdiň.
-Siziň düşegiňize geçip, Kemaletdin hana biwepalyk etsem, soň
eden işimiň ähmiýeti bolarmydy? Bolmazdy, tersine bolardy.
Atsyz güldi: -Aýdýanda, hammamda-da suwa içki geýimiňde
düşündiň. Bäh, şeýle wepadar gyrnaklaram bolýan ekeni!-diýip, Atsyz
elini iki gezek çarpdy. Gapynyň aňyrsynda duran nökäerleriň ikisi girip,
tagzyma baş egdiler. Şahyna nökerlere bir garap goýdy. Atsyz onuň
ýüzünde gorky alamatyny görjek bolup seretdi. Ýok, hiç hili gorky
alamaty ýokdy. Ol ölümine boýun bolan günäkär kimin parahat durdy.
Atsyzyň serinden “Adam özi üçin mukaddes zatlaryň hatyrasyna ölmeli
bolsa, ölümi şeýle mertlerçe garşy alsa gerek” diýen pikir geçdi. Şonda
birden ýadyna Zübeýda, özüniň Zübeýdasy düşdi. Ol gyz hem Atsyz
üçin janyny gaýgyrman, söýgüsiniň ýolunda pida bolupdy. Onuň
ölüminiň öň ýanynda “Şahym siziň bilen jennetde duşarmykak” diýen
sözleri gulagynyň düýbünde ýaňlanan ýaly boldy. Birden ýüregi
ýukalyp, gözleri nemlendi, Şahynadan ýüzüni sowup, göýä başga birine
diýýän ýaly gepledi:
-Şahyna, jenaýat jezasyz galmaly däl. Jenaýaty jezasyz galdyrmak
hem adalatsyzlykdyr. Men adyl şa hökmünde bu düzgüni bozsam
bolanok. Senem takdyryňa näme ýazylan bolsa şony görersiň-diýip,
garaşyp duran nökerlere buýurdy. Muny alyp baryp, jelladyñ ygtyýaryna
tabşyryñ, name etse öz işi - diýdi.
Horezmşanyň soňky sözüne Şahynanyň gözlerinde umyt uçgunlary
ýylpyldady. Emma söýginiň nämedigini bilýän, ýüreginde rehim-şepagat
bolan adam jellat bolýamy... Nökerler Şahynany alyp çykyp gitdiler.
Şundan soň ýaralanan omzy ýadyna düşüp, tebibini çagyrtdy. Tebip
gelip, hanjaryň ujy degip, omzuň ganjaryp duran ýerlerine melhem
çaldy, ak mata bilen goltugynyň aşagyndan aýlap, daňyp gitdi.
Atsyz “gyzyl görse” özüni saklap bilmeýänini ýazgaryp,
geleňsizligine ökünip, gijäniň bir mahalyna çenli uklap bilmän ýatdy.
231
Ertsei bu bolan waka köşgiň içine, hat-da şäheriň daşynda düşleýän
goşunyň arasyna-da ýaýrady. Patyşanyň ýaralananyna gynananlar az
bolmady. Emma onuň eden işini özi ýazgarsa-da, başgalaryň ýazgarmak
hyýalyna-da gelmedi. Çünki şalaryň onuň ýaly işleri geň görülmeýärdi.
***
Nyzametdin hajybyň topary az düşläp, köp ýöräp, atlary haýdap,
bir ýarym gün diýende Kemaletdin hanyň yzyndan ýetdi. Han Seýhunyň
ýakasynda bir salkyn ýerde adamlara, ulaglara dynç bermek üçin ýaňy
goş ýazdyrdan mahaly özlerine tarap gelýän ona golaý atla gözi
düşenden olaryň horezminlilerdigini we näme maksat bilen
gelýändiklerini şol bada aňdy. “Geliberiň bakaly. Al bilen aldyrmaz size
Arslan han ogly” diýip, içini gepleden Kemaletdin han horezminlilere
berjek jogabyny kellesinde aýlap başlady.
Horezminliler goşuň bir çetinde atlaryndan düşüp, öňlerinden
çykan nökerler bilen salamlaşdylar.
-Biz Horezmşa hezretleriniň tabşyrygy boýunça hanyňyz bilen
gepleşik geçirmek üçin geldik, bizi onuň ýanyna eltiň-diýip, Nyzametdin
hajyp nökerlere ýüzlendi. Nökerleriň ulusy:
-Hanyň özünden soraman onuň ýanyna barmak bolanok. Bir salym
sabyr ediň-diýip, nökerleriň birini hanyň ýanyna iberdi. Giden gaýdyp
gelenden soň Nyzametdin hajyp ýoldaşlary bilen çadyrynyň öňünde
özlerine garaşyp duran Kemaletdin hanyň öňüne baryp, ellerini
gursagyna goýup, baş egip,salam berdiler. Han:
-Hoş gördük, hoş geldiňiz jenaplar!-diýip, kynaýaly ýylgyryş bilen
olaryň salamyny aldy, ýöne çadyryna teklip etmedi. Nyzametdin hajyp
duran ýerinde bar dilewarlygyny ulanyp geplemeli boldy:
-Muhterem Kemaletdin ibn Arsaln han jenaplary! Horezmşa Atsyz
hezretleri Siziň bilen Sygnaga bilelikde ýörüş etmek baradaky ylalaşyga
garamazdan Jendi taşlap gitmegiňiziň sebäbini bilmek üçin bizi iberdi.
-Horezmşa hezretlerine Sygnaga garanda Jendiň möhümräkdigini
bilip, ony oňa peşgeş hökmünde goýup gaýtdyk-diýip, Kemaletdin han
ýene-de şol kinaýaly ýylgyryş bilen jogap berdi.
-Siz kimdir bir arabozaryň gepine ynanyp, nädogry iş edipsiňiz.
Men Nyzametdin hajyp, ýanymdaky bu mertebeli adamlaryň hemmesi
hem size hiç hili howp-hataryň ýokdygyna kepildiris.
Hajybyň ýoldaşlary onuň sözüni ýekän-ýekän tassykladylar.
Nyzametdin hajyp sözüni dowam etdirdi:
-Bidinleriň ýurdy Sygnak juda baý ýurtmyşyn. Bidinlere Yslam
gylyjynyň güýjüni görkezip, gazy bolmak hem sogap hem mertebedir.
232
Ol ýerden gaty köp olja bilen gaýdyp geleniňizden soň Horezmşa
hezretleri bilen şertnamalaşyp, ýene öz ýerňizide oturarsyňyz. Siziň
ýurdy adalat bilen dolandyrjagyňyza ynanýarys..
-Şertnamalaşyp diýeniňiz Horezminiň garamagynda diýeniňiz
dälmi?-diýip, Kemaletdin han öňki kinaýasyny sypdyrman sorady.
-Horezminiň garamagynda bolmak gara hytaýlaryň garamagynda
bolmakdan ýamanmy? Biz öz musulmanyňyz, ahyryn! Onsoňam, Atsyz
hezretleriniň we siziň pederleriňiziň dostlugy taryha ýazylandyr.
Pederiňiz Arslanhan ibn Muhammet bilen Soltan Sanjaryň aralaryna tow
düşüp, Soltany Samarkanda goşun çekmek niýetinden gaýtaran biziň
şamyzyň pederi Kutbeddin Muhammet hezretleridigi ýadyňyzda
ýokmy? Indi siz pederleriňiziň döwründen bäri dowam edip gelýän
dostlugy bozsaňyz pederiňiziň ruhy ynjylmazmy?
Nyzametdin hajybyň aňyrdan aýlap aýdan sözleriniň täsiri
Kemaletdiniň “Al bilen aldyrmaz size Arslan han ogly” diýen pikirini
gowşatdy. Hajybyň “Pederleriňiziň döwründen bäri dowam edip gelýän
dostlugy bozsaňyz pederiňiziň ruhy ynjylmazmy?” diýen sözleri
beýnisinde gaýtalandy durdy. “Hoş söz ýylany hininden çykarar” diýlişi
ýaly Kemaletdin han yzya dolanmaga razylyk berdi.
***
Şahynaly wakadan bir gün geçip, öýläne golaý Horezmşaga
Kemaletdin hanyň gelýänini habar berdiler. Atszy derhal baş serkerde
Aýuphany çagyryp, leşgeri ýaý şeklinde nyzama duruzmagy,
Kemaletdiniň goşuny gelende ony gurşap almagy, goş-golamyny,
haremini ýerleşdirip, özüni bolsa huzuryna alyp gelmegi buýurdy.
Kemaletdin han gün öýleden agyp, kölegeler uzap başlan çagy gelip
ýetdi. Şol bada-da Horezmşanyň buýrugy ýerine ýetirildi. Nökerler ony
köşgüň tagtly eýwanyna alyp girenlerinde, ol wezir-wekilleri bilen
özüne göz dikip, tagtda oturan Horezmşanyň ýüzünde gowulyk
alamatynyň ýokdygyny görüp, aýylganç ýalňyşanyna düşündi. Şeýle
bolsa-da baş egip salam berdi. Atsyz salamy alyp, gepi gysga etdi:
-Kemaletdin han, biziň size ýamanlygymyz ýokdy. Siz bolsa
göwnüňize ýaman niýet düwüp, bize garaşman gitdiňiz. Niýetiňiz bize
mälim. Siz biziň bu ýerde goýup giden adamlarymyzy, az sanly
goşunymyzy gylyçdan geçirip, ýene ýurda eýe bolmakçydyňyz. Biz
siziň etjek bu gandöküşligiňiziň öňüni almak üçin sizi çagyryp getirdik.
Indi bolsa biz adamlarymyzy, goşunymyzy aman saklamak üçin sizi
zyndanda saklamaly bolýarys.
233
Atsyz sözüne dyngy berip, eli bilen “alyp çykyň” diýen yşarat etdi.
Kemaletdin han “oýunçy utulanyny bilse ýagşy” diýenleri ýaly bir agyz
söz diýmän nökerleriň öňüne düşüp gitdi. Belki sözlemäge mejaly galan
däldir. Kemaletdin han bendizyndan edilen dessine onuň goşunyny
dargadyp goýbermek barada Atsyz Aýuphana buýruk berdi.
Kemaletdin hany we onuň goşunyny bir ýanly edip, howp-hatardan
gutulan Horezmşa şol günüň ertesi ýerli emeldarlaryň hem
gatnaşmagynda gep-söze goşulman kakasynyň ýanynda edep saklap
ýören ogly Il Arslany Jendiñ walysy edip belledi. Soñunda:
- Arslanym,-.diýip, ogluna ýüzlendi -İndi köşgem, ýurt hem seniň
ygtyýaryňda. Adalat çyzygyndan çykman höküm sürmegiňi isleýärin.
Häzir seniň atabegiňi, beýleki ýokary wezipeli emeldarlaryňy belläris.
Olar bilen we meniň öz wezipelerinde galdyran ýerli emeldarlar bilen
agzybirlikde, ilatyň özüňizden razylygyny gazanyp, alkyşyny alyp,
işlärsiňiz diýip umyt edýärin.
Horazmşa sözüni tamamlandan Il Arslan ýerinden turup, kakasyna
minnetdarlygyny bildirip, tagzym etdi. Soňra özi bilen işleşjek adamlary
wezipelere bellenenden soñ pederiniň ak patasyny aldy. Horezmşa Atsyz
bolsa şol güniň özünde bäş müň kişilik leşgeri Jendde galdyryp, goşunyň
esasy bölegi bilen Gürgenje dolandy.
XXII BAP
Dünýäniň möhüm sebiti, Yslamyň beýik serhedi hasaplanýan
Jendiň jeňsiz, jedelsiz alynmagyny uly ýeňiş saýan Horezmşa Atsyzyň,
diýseň keýpi kökdi. Gürgenje gelen gününiň ertesi Jendiň alynmagynyň
hatyrasyna guralan meýlisde meýden serhoş bolan şa öz gazallaryny
okaýarka märekäniň arasyndan çykan “Aperin!, Aperin!” diýen seslere
joşup beýleki şahyrlara gezek bermegi-de unutdy. Bir dyngysynda
Reşiteddin Watwat:
-Aly hezret, biz Size “Iskenderi zaman” diýip at bermekçidik, indi
“Şahyry zaman” diýip at bermeli boldyk diýeninde Atsyz:
-Ikisini-de beriberiň, men garşy däl-diýip, adamlary gülüşdirdi.
Horezmşadan soň goşgy okan şahyrlaryň hemmesi hem Aly hezret Ala
äd-Din Abul Müzäffär Jelaletdin Atsyzy wasp edip, owuç-owuç altyn
dinar aldylar. Meýlisde ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar, rakkasalaryň
kereşmeli rakslary ýeňişiň şatlygynyň üstine şatlyk goşup, Atsyzyň
göwnüni al-asmana göterdi. Ol şu gije has parahat, adatdakysyndan
köpräk uklady. Ertesi hemişekisinden gijiräk oýanyp, gözüni açan
Atsyzyň serinde agşamky meýlisiň keýpi-sapasyndan zat galmandy. Oňa
derek gündelik döwlet işleri, çözülmeli meseleler, dürli aladalar
234
kellesinde at salýardy. Ol täret kylyp, azan namazynyň kazasyny okadyda, taýýarlap goýlan ertirlik naharyna-da seretmän, köşgüň tagtly
eýwanyna bardy. Şanyň ertirki kabulyna gelen döwlet işgärleri ony ör
turup, tagzym bilen garşy aldylar. Horezmşa:
-Uzur, jenaplar! Men sizi köpräk garaşdyrdym öýüdýän. Agşamky
meýlisimiz uzaga çekenindenmi men köpräk ýatypdyryn, sizler maňa
garanda gaýratly çykyp irläpsiňiz-diýeninde gülüşmeli gürrüňlere
ygtyýar berlen Reşiteddin Watwat:
-Aly hezret, gep diňe gaýrat-da däl-diýdi. Watwatyň bir ýomak
atjagyny duýan Horezmşa:
-Eýsem nämede?-diýip sorady.
-Gorkyda, Aly hezret. Bu bendeler, şol sanda men pahyram sizden
gorkanymyza irden bu ýerde dikil gazyk bolýarys. Siziň bolsa Alladan
özge gorkjak adamyňyz ýok. Şonuň üçin siz islän wagtyňyz ýatyp, islän
wagtyňyz turup bilýärsiňiz.
-Ýok, jenap Reşiteddin, sen ýalňyşýarsyň. Patyşanyň islän wagty
ýatyp, islän wagty turmaga haky ýok. Ýurduň, halkyň aladasy, özüniň
hökümdarlyk borjy, jogapkärçiligi isleginden ýokardadyr-diýip, Atsyz
ýylgyrdy-da. -Seniň şu zatlara akyl ýetirip bilmeýşiňe meniň aklym
ýetenok-diýdi. Gep oňaýa geldi, Reşiteddin mundan peýdalandy:
-Aly hezret, ikimiziň hem bu ýetmezimiziň üstüni dolmak üçin
möwlana Hyjazy bir ajaýyp sowgat getiripdir-diýip bir elinde owadan
daşly kitaby tutup, bir çetde duran tibbiýet ylmynyň hakany, meşhur
feýlesuf alym Al Hekim Aly ibn Muhammet al Hyjazyny görkezdi.
Köpçüligiň içinde ony saýgarmadyk Atsyz oňa gözi düşenden bir elini
gursagyna goýup salam berdi. Al Hyjazy ýuwaş ýöräp Horezmşanyň
öňüne geldi, baş egip tagzym etdi-de:
-Aly hezret, Size bagyşlap yhlas hem ylham bilen ýazan kitabymy
özüňize gowşurmaga ejaza ediň-diýip, kitaby iki elläp Atsyza uzatdy.
Atsyz alyma minnetdarlyk bildirip kitaby aldy, sahabyny açyp, onuň
“Akyllylyk hakynda kitap” diýen adyna gözi kaklyşanda ýañy Watwatyñ
"ikimiziñ hem ýetmezimiziñ üstüni dolmak üçin..." dieniniñ manysynyñ
kitabyñ adyndadygyny görüp, gülüp goýberdi. Reşiteddine garap:
-Saňa ýöne ýere “Watwat” diýip, at dakmandyrlar-diýdi.
Reşiteddin Watwat patyşany duzlanyna monça bolup, uzuryna baş egip,
tagzym etdi.
Degişme-de, gülüşme-de öz wagtynda ýagşy, uzaga çekse mazasy
gaçýar. Şonuň üçin Horezmşa-da entegem aýak üstünde duran adamlara
ýüzlenip:
235
-Jenaplar, bir salym degişdik, gülüşdik, indi besdir, oturyp esasy
işe geçeli-diýdi-de tagtyna geçip oturdy. Adamlar hem öz bellenen
ýerlerinde ýerleşenlerinden soň gündelik döwlet işlerine, gurluşyk,
abadanlaşdyryş, daýhançylyk meselelerine garalyp başlandy. Horezmşa
garalýan meseleleriň käbirleri boýunça degişli adamlara käýese,
käbirlerine hoşallyk bildirdi. Aýratyn-da gurluşyk işleri sahybyna
şäheriň derýanyň aňyrsyna geçip giňäp barýanlygy sebäpli iki taraplaýyn
gatnawyň bökdençsiz bolmagy üçin köprüleri giňeldip abatlamak
işleriniň talaba laýyk däldigi üçin gaty darady. Huşmiýan sebitindäki
suw ýetmezçilik edýän täze dörän obalara ýörite ýap çekdirip suw
üpjünçiligini ýola goýan döwletiň baş mirabyna hoşallyk bildirip, bir
aýlyk hakynyň mukdarynda pul bilen sylaglady.
Gündelik meselelere seredip bolunandan soň arza-şikaýat bilen
gelen adamlary-da diňlemek ertirlik hem edinmedik, ýaşy altmyşa
golaýlap, barýan şany gaty ýadatdy. Gün günortadan aganda surnugyp,
aram otagyna gelen Atsyz “Alla janlarym uzak ülkelere ýörüşlerde,
söweşlerde sagatlap gylyçlaşmalarda beýle ýadamaýardym. Garrap
ýörmükäm ýa-da köşgüň howasy bilen meýdanyň howasynyň
tapawudymyka?” diýip içini gepletdi. Eger bu soragyny Reşiteddin
Watwata bereninde ol: “Aly hezret, gep meýdanyň howasynyň köşgüň
howasyndan tapawudynda däl, agşamky içilen meýiň täsirinde” diýerdi.
***
Horezmşa Atsyz döwletiň, ýurduň içerki işleri bilen meşgullanyp,
tagtynda parahat oturanynda Horasan taraplarda parahatçyluk bozulyp
ugrady. Öz wagtynda ägirt uly soltanlyk gurup, bir yklymyň deň
ýarysynda hökmürowan bolan beýik soltan Sanjaryň garşysyna baş
göterýänler köpeldi. Özüniň tabynlygyndaky wassallaryň beýle herekete
het edip bilmekleri soltanlygyň binýadynyň gowşanlygyndan derek
berýärdi.
Horasandan gelýän bu habarlar Atsyzy, elbetde, biparh goýanokdy.
Ýöne ol häzirlikçe wakalara goşulman, olary pursaty gelýänçä daşdan
synlap durmagy makul bildi. Gelýän habarlaryň içinde geň-taňlary,
ynanyp bolmaýanlary hem bardy. Olaryň biri-de soltan Sanjar bilen
Guruň hökümdary Ala-ad-Din Al Husäýniň arasynda bolan wakalardy..
Soňky wagtda güýçlenip ugran gurlylar soltan Sanjaryň emir Kumaç
başçylygyndaky goşunyny ýeňip, Balhy eýelänlerinden soň gaznalylaryň
ýerlerini, şol sanda paýtagt Gaznany hem alýarlar. Gur döwletiniň
baştutany Ala-ad-Din al Husaýn ýurdyny özbaşdak, özüni soltan diýip
yglan edýär we Merwe paç tölemegini bes edýär. Bu ýagdaýlar soltan
236
Sanjary gurlylaryň üstüne ýörüş etmäge mejbur edýär. Hyradyň
golaýyndaky Mirabad diýen ýerde bolan jeňde Ala-ad-Din al Husaýnyň
goşuny derbi-dagyn edilýär, onuň özi-de ýesir düşýär. Emma Soltan
Sanjar ony görlüp-eşidilmedik hormat bilen ýesirlikden boşadýar, ähli
alnan oljalary özüne gaýtarýar, munuň üstesine özüniň hazynasyny hemde köp sanly mal sürülerini hem berip oňa: “Husaýn, sen meniň
doganymyň ornuny tutýarsyň. Bu baýlyklary alyp, Gura dolan. Eger
men ýeňiji bolup, hökmürowanlygym dowam etse bu zatlary talap eden
wagtym gaýtararsyň. Eger-de tersine bolup, meniň hökümdarlygym
soňuna ýeten bolsa we soltanlygym dargasa bu baýlyklar oguzlara
galandan seniňki bolsun” diýenmişin. Horasandan gelen bu habary
Horezmşa kellesini ýaýkap diňledi. Ol soltanyň geçirimliligini bilse-de
munuň ýaly baýlygy duşmanyna ynanyp berjegine ynanmady. Emma
548-nji hijriniň muharram aýynda gelen soltan Sanjaryň oguzlar bilen
söweşde ýeňlip, özüniň hem ýesir düşeni hakyndaky habar Atsyzy ata
çykardy. Diňe ata çykardy däl, agyr oýlara hem batyrdy: “Ady äleme
dolan beýik soltanlygyň hökümdary, gudratly soltanyň Horasanyň
çöllerinde göçüp-gonup ýören çarwalardan ýeňlip, olara ýesir düşmegi
akyla sygjak zat däldi. Mälik şanyň döwründen bäri Horasanda oňňut
edip, onuň ýaýlalaryndan peýdalanyp ýören oguzlar nädip öz soltanyna
garşy baş göterdilerkä? Nädip soltanyň gudratly goşunyndan üstün
çykdylarka?! “Gorkagy köp kowsaň batyr bolar” diýlişi ýaly soltanyň
emeldarlary-da olara aşa zulum etdilermikä? Zuluma çydaman baş
göteren mazlumlara söweşde Allanyň beren üstünligimikä? Şeýledir bu.
Ylahydan bir yşarat bolmasa beýle bolmazdy. Ýa-da ähli janlyjandarlara Alla tarapyn ýaşaýyş möhleti berlişi kimin soltanlyklara,
şalyklara-da ýaşaýyş möhleti kesgitlenenmikä?. Seljuklar soltanlygynyň
hem ýaşaýyş möhleti dolan bolsa, synmagyna oguzlar gozgalaňy bir
bahanadyr”. Atsyzyň oýlary munuň bilen hem ahyryna ýetmedi. Ol indi
häzirki dörän ýagdaýdan peýdalanyp, soltana degişli käbir sebitlerde öz
häkimiýetini ornatmagyň pikirini edip, goşuny Jeýhunyň ýokary akymy
bilen Amula tarap çekdi. Emma onuň harby ähmiýetli bu şäheri öz
tabynlygyna geçirmek niýeti amala aşmady. Amulyň kutwaly şäheri
Horezmşaga bermekden boýun gaçyrdy. Atsyz bu ýerde soltan Sanjaryñ
ýesirlikde-de soltan hökmünde uly hormat bilen saklanýandygyny
eşidip, Amuly özüne bermekligi sorap, oña hat iberdi. Emma soltandan
gelen jogap hem ony begendirmedi. Soltan jogap hatynda “Men saňa
diňe Amuly däl, başga ýerleri hem bereýin. Munuň üçin sen ogluň Il
Arslanyň başçylygynda meni ýesirlikden boşatmak üçin goşun iber”
237
diýipdir. Horezmşa soltanyň hatyny okap, onuň şeýle güýçli goşunyny
derbi-dagyn eden oguzlaryň üstüne ýeke özi goşun çekmäge milt etmän,
olaryň garşysyna birleşme döretmegiň ugruna çykdy. Ol Horezme
dolanyp
gelen
badyna
Sijistanyň,
Guryň,
Mazandaranyň
hökümdarlaryna oguzlaryň Horasanda edýän bozgakçylyklarynyň,
talaňlarynyň soňuna çykmak, soltany ýsirlikden halas edip, onuň kanuny
häkimiýetini dikeltmek üçin birleşmekligi teklip edip, namalar iberdi.
Soñky döwürde Atsyzyñ soltan Sanjara mynasybeti haýran galarly
derejede üýtgedi. Ÿigirmi ýyllap garaşsyzlyk gazanmak maksadynda
soltanyñ gaşysyna hereket edip gelen Horezmşanyñ indi oña mähriban
çykmagy döwürdeşlerini-de, taryhçylary-da haýran galdyrypdy.
Şu arada seljuklaryň gündogar soltanlygynyň tagtyna soltan
Sanjaryň ýegeni Ruhd ad-Din Mahmut han çykaryldy.. Atsyz Mahmut
hany tagta çykmagy bilen gutlap, seljuklara hemişekisi ýaly
wepalydygyna ynandyryp oňa-da nama gönderdi. Horezmşanyň namasy
baryp gowuşanyndan Mahmyt han sebitdaki iñ güýçli goşunyñ eýesi
bolan Horezmşadan
Horasanda tutaşyp barýan "oguz oduny"
söndürmekde ýardam sorap, sowgat-salamlar bilen Horezme ilçilerini
iberdi. Atsyz ilçileri Mahmyt hanyñ haýyşyny amal etjekdigine
ynandyryp, olary sylag-serpaý bilen ugradyp goýberdi,
Horezmşa Horasana nobatdaky ýörüşini diňe Mahmyt hanyň
haýyşyna görä etmekçi däldi. Ol özüniň sebitdäki iň güýçli
hökümdardygyny görkezmekligi we soltan Sanjaryň beýleki
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 20
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.