Latin

Gürgenç II - 02

Total number of words is 3733
Total number of unique words is 1927
32.7 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýüzüne aýdýan. Şonuň üçinem meni diwanda uzak işletmediler.
-Onda siz dogruçyl, adalatly adam ekeniňiz. Maňa-da edil şeýle
adam gerek.
-Bäh! Şeýle adamy halaýan ketdelerem bar eken-ow! Meni size
kim hödürledi.
-Waly hezretleriniň özi hödürledi.
-Hä... ol sizi bir çatakçy adama sataşdyraýyn diýen ekeni-dä...
-Onda ol maňa ýamanlyk etjek bolup, ýagşylyk edipdir.
-Indi sizem maňa ýamanlygy rowa görmeýän bolsaňyz, meniň
teklibime razy bolaýyň.
Anuş-tegin bilen Hüseýin hojanyň biri-birini sulhy almagy üçin
aralarynda bolan şu gysga gürrüňiň özi ýeterlik boldy. Çünki olaryň
ikisi-de adamy bir görende tanaýan pähimdar adamlardy.
Hoja Hüseýin Anuş-teginiň teklibini kabul edip, şol günüň özünde
işe başlady.
Anuş-tegin ilki Soltanyň, tabşyrygy boýunça ilatdan öndürilýän
salgyt we Ispyhana iberilýän paç bilen gyzyklandy. Bu hakda Hoja
Hüseýine diwandan soňky iki ýylyň maglumatyny getirmegi haýyş etdi.
Hoja Hüseýin Anuş-tegine ýaýdanybrak seredip:
-Ony maňa bererlermikä, Walynyň özünden soraman bermezler
öýüdýän-diýdi.
13
-Sorasalar sorasynlar. Ýöne Soltanyň maňa beren ygtyýarlylygy
boýunça bermeli bolarlar. Şuny düşündiriň-diýip, Anuş-tegin nämäniňdir
bir zadyň pikirini edýän ýaly bir salym dymdy-da soň:
-Hojam, siz bu ýeriň adamlaryna ýetik bolmaly, Walynyň özi nähili
adam?-diýdi.
-Ekinçi iban Koçkarmy?... Dogrymy aýtsam men oňa ýetik däl. Bir
hili düşnüksiz adam. Ýöne käbir adamlaryň aýtmagyna görä ölemen
humarbazmyşyn.
-Bäh, döwletiň puluny humara utduryp ýörenokmyka özi?
-Ýok. Ol örän ökde hümarbazmyş, humar oýnap utduran wagty
ýokmyş.
-Onda oýunda bir karam ýollary bardyr, ýogsa birde bolmasa birde
utulmaly, ahyryn.
-Bilmedim, belki şeýledir.
-Aý näme bolsa şol bolsun. Biz öz işimiz bilen bolaly. Siz baryp
gaýdyň.
Anuş-teginiň şu sözünden soň Hoja Hüseýin diwana ynam bilen
bardy. Ony görenden öňki işdeşleri:
-Oho! Hojam! Geliň, geliň! Sizi-de görmek bar ekenow-diýişip,
ony şowhun bilen garşy aldylar. Hoja Hüseýini bu ýerde dogry sözlüligi,
mertligi üçin köpçülik hormat edýärdi. Adatda dogry sözi aýdyp
bilmeýän, saly gowşak adamlar dogry sözli adamyň mertligine ten
bermeli bolýarlar.
-Täze işiňiz mübärek bolsun, hojam!-diýişip, onuň bilen
görüşýärkäler gutladylar. Arasynda degişgeniräk biri:
-Hojam, “dogry söz ataňa-da ýokmaz” diýenleri ýaly bu gelen
mutassaryf bilen oňuşarmykaňyz-diýdi.
-Mutassaryf jenaplary meniň ýaly dogryçyl adamy gowy görýän
ekeni. Men oňa: “meni size hödürlän adam sizi bir çatakçy bilen
sataşdyrmakçy bolupdyr” diýsem, ol: “Ol adam maňa ýamanlyk etjek
bolup, ýagşylyk edipdir” diýdi. Onuň şu sözüne garanda men onuň bilen
oňuşaryn öýüdýän. Bu gürrüňiň üstüne diwanyň başlygy-baş kätip girip
geldi. Ol Huseýin hojany görenden gaşy çytylsa-da, görüşüp soraşdy.
-Şyhny jenaplarynyň ýanyna işe geçipsiňiz diýip eşitdik. Işiňiz
oňuna bolsun!-diýip, baş kätip, çyn ýürekden bolmasa-da, ýagşy dileg
etdi. Soňundan-näme hyzmat, hojam?-diýdi. Huseýin hoja Anuş-teginiň
haýyşyny aýtdanynda onuň ýüzi gamaşdy. Bir salym dymyp durdy-da:
-Men ol jenabyň bu haýyşyny bitirip bilmeýän-diýdi.
14
-Mütassarif jenaplary “haýyş bilen iş bitmese Soltanyň maňa beren
ygtyýarlygy esasynda talap etmeli bolýar” diýdi. Siz muňa näme
diýjeksiňiz?-diýip, Hüseýin hoja baş kätibe sowal nazary bilen dikildi.
Baş kätibiň ýüzünde kinaýaly ýylgyryş peýda boldy:
-Talap etmeli bolýar diýdi diýseňiz-le-diýip, kellesini ýaýkady.
-Bolýar, men Waly hezretleri bilen gürleşip göreýin. Ber, diýse iküç
günüň içinde nusgasyndan göçürüp bereris. Hüseýin hoja iş ýerine gelip,
diwanda bolan gürrüňi aýdanynda Anuş-tegin:
-Bolýar, iküç gün garaşmaly bolsa garaşaýarys-diýdi. Şol günüň
ertesi Anuş-tegini Ekinçi Ibn Koçkar huzuryna çagyrtdy. Anuş-tegin bu
çakylygyň sebäbini öz ýanyndan çak edip bardy. Çaky-da dogry bolup
çykdy. Salam alekden soň Ekinçi:
-Jenap Anuş-tegin! Siz Horezmine bizi teftiş5 etmek üçin
geldiňizmi ýa-da ýurdy dolandyrmakda bize kömek etmek üçin
geldiňizmi?-diýip, kinaýa gatyşykly gahar bilen aýtdy. Anuş-tegin ýolda
eden çakyna görä şeýle soragyň jogabyny hem taýýarlap gelipdi:
-Muhterem waly hezretleri, Men Horezmine Soltanymyz Mälik
şanyň permany bilen mutassarif we şyhny hökmünde geldim. Mutassarif
we şyhnynyň wezipesine nämeler degişli bolsa, şony etmek meniň
borjum. Ilatdan alynýan salgyt bilen Ispyhana iberilýän paç baradaky
maglumat bilen Soltanymyzyň özi gyzyklanyp otyr. Ol maňa
baranymdan bu maglumatlary alyp, ibermegimi tabşyrdy.
Ekinçi ibn Koçkar bir salym geplemän, oýa çümüp durdy-da,
soňunda:
-Onuň ýaly bolsa, ol maglumaty Soltanymyza meniň özüm
ibererin, Siz bolsa azara galmaň-diýdi.
-Waly hezretleri, Soltanymyz bu işi maňa tabşyrdy-diýip Anuştegin çürt-kesik aýtdy. Anuş-teginiň bu sözi Ekinçiniň ýüzüni has
gamaşdyrdy. Ol:
-Biz Soltanymyzyň nazarynda ynamdan gaçdykmykak? Näme
sebäpden beýle maglumat soraýarka?-diýip, Anuş-tegine sowal nazary
bilen seredip aýtdy.
-Soňky wagtda Horezminden barýan pajyň mukdary öňküsine
garanda ençeme kemelipdir. Belki şonuň üçindir. Ýöne men
Soltanymyzyň size çigit ýaly-da müňkürligini duýmadym.
5
Teftiş-derňew
15
-Hmm...-diýip, Waly bir salym dymdy, onda bu ýagdaýy men
sahyp harajdan6 anyklaryn, soň size netijesini aýdaryn-diýip, Ekinçi
göýä bu ýagdaýy öň bilmeýän ýaly etdi.
-Waly hezretleri-diýdi Anuş-tegin çynlakaý aheňde-Sahyp harajy
häzir çagyrtsaňyz, ondan meseläni anyklap, sanma-san hasabat iberip
oturman, Soltanymyza pajyň kemelmeginiň sebäbini habar beräýerin.
Bu aňsat we tiz bolýan iş.
Ekinçi ibn Koçkar Anuş-teginiň bu teklibini, teklibem däl söz
äheňine garanda talabyny ret etmäge sebäp tapyp bilmedi.
-Bolýa, çagyraýarys-diýip, gaharlyrak aýtdy-da, gapyda duran
nökerleriň birini çagyrdy, oňa:
-Sahyp harajy, eger daş ýere gitmedik bolsa, çagyryp getir-diýdi.
Onuň “eger daş ýere gitmedik bolsa” diýenine Anuş-tegin düşündi,
emma aýratyn äheň bilen aýtsa-da, nöker düşünmedik bolara çemeli,
derhal çagyryp getirdi. Ekinçi nökeri gözi bilen iýäýjek bolup seretdi.
-Jenap sahyp-diýip, ol oňa köp manyly garap ýüzlendi-mutassaryf
jenaplary soňky ýylda Yspyhana iberilen paç meselesi bilen
gyzyklanýar. Näme onuň öňki ýyllara garanda tapawudy ulumy?
-Tapawudy esli bar, Waly hezretleri.
-Bardyr. Meniň huşumdan göterilipdir, ýadyma indi düşdi, Jenap
Anuş-tegin, geçen ýyl derýa joşanda köp ekinleri suw basyp, ilatdan
salgyt gaty az alyndy. Şeýle dälmi sahyp?-diýip, Ekinçi sözüni
tasdyklatmak üçin sahyp haraja ýüzlendi. Sahyp haraj köňlünde
şeýtanlyk ýok adam bolmaga çemeli, gönüsinden geldi.
-Dogry, ýöne harby harajatlara, goşuny güýçlendirmäge-de köp pul
goýberildi. Ekinçiniň ýüzi üýtgäp gitdi. Tas bolmasa Sahyp haraja
“Akmak, nadan” diýip gygyrypdy. Bu sözleri daşyna çykmasa-da, içinde
ýaňlanýandygy ýüzünden, garaýşyndan bildirip durdy.
-Olam dogry, jenap mutassaryf - diýip Ekinçi Anuş-tegine
ýüzlendi, sahyp haraja bolsa “gidiber” diýen yşaraty etdi. Ýurdyň
daşynda tajawuzkär7 göçmençi taýpalar köpeldi. Olaryň hüjümini
gaýtarmak üçin güýçli goşun bolmasa bolanok. Ýogsa olar basdyryp
girip, ilaty talap, weýrançylyk edýärler. Şonuň üçin harby harajatlara,
goşunyň üstüni ýetirmek üçin biraz serişde goýberildi. Ýöne biziň bu
tedbirimizi Yspyhanda başgaça düşünmekleri mümkin.
-Näme üçin başgaça düşünmekleri mümkin?
6
7
Haraj-salgyt, sahyp haraj- salgyt gullugynyň başlygy
Tajawuzkär-diýdimzor
16
-Horezmin, ozaldan özbaşdaklyk üçin göreşip gelen ýurt.
Gaznanyň tabynlygynda bolanynda-da, garaşsyz bolmak üçin köp
tagalla edilen. Taryhyň bu sapagy Yspyhanda-da unudylan däldir. Şonuň
üçin siz Soltana iberjek habaryňyzda ekinleri derýa joşup, suw
basanlygy sebäpli ilatdan alynýan harajyň has kemelendigini görkezip,
goşun hakynda agzamasaňyz, maňa uly ýagşylyk etdigiňiz bolardy.
Mylaýymdan-mulaýym äheň bilen aýdylan bu sözler Anuş-teginiň
köňlüni birneme ýumşatdy. Şonuň üçin ekinçini köşeşdirmekçi boldy:
-Waly hezretleri, eger men siziň aýdanyňyzy etsem, Soltanymyza
hyýanat etdigim bolar. Ýöne men goşuny güýçlendirmek üçin
goýberilen puluň, barha köpelip, güýçlenip barýan, göçmençilerden
goranmak üçindigini delillendirip ýazaýyn.
-Mälik şa siziň deliliňize ynanarmyka?
-Men ýazsam, ynandyryp ýazaryn, arkaýyn bolaýyň. Anuş-tegin,
hakykatdanam, Ekinçi ibn Koçkaryň goşuny diňe göçmençileriň
garşysyna
göreşmek,
ýurdy
talaňçylykdan
goramak
üçin
güýçlendirýändigine kän bir ynanmasa-da, ony köşeşdirmek hem-de
özüne duşman gazanmazlyk üçin aýtdy. Ekinçi ibn Koçkar bolsa Anuşteginiň sözlerinden onuň özüne ýamanlygy ýokdygyny duýan ýaly
boldy. Şonuň üçin onuň bilen hoşlaşýarka minnetdarlyk bildirdi.
Anuş-tegin iş ýerine gelýänçä ýolda Ekinçiniň harby harajatlara
gereginden köp pul goýbermeginiň düýp sebäbi onuň özüniň aýdyşy
ýaly bolman, özbaşdaklyga meýil edýanliginde bolaýmasa ýagşy diýen
hyýallara bardy. Ol iş ýerine gelip, Ekinçi bilen bolan gürrüňi kömekçisi
Huseýin Hoja aýdyp berdi. Soňunda:
-Men ilki maglumat soranymyzy onuň gaty göreniniň sebäbini
düşünmedim. Dogrymy aýtsam ogurlyk dagy barmyka diýbem güman
etdim. Görüp otursam, onuň gorkusy başga zatdan ekeni.
-Näme, indi siz ony Soltandan gorajak bolýaňyzmy?-diýip,
Huseýin hoja Ekinçiniň goralmagyny islemeýändigini äheňinden
bildirdi.
-Eger onuň özüniň aýdyşy ýaly göçmençileriň hüjümünden
goranmak maksadyndan başga maksady bolmasa, Soltanymyzyň
ýüregini çişirip oturmaýyn diýýän.
-Muhterem şyhny hezretleri, beýle güýçli goşun toplar ýaly alyp
ýatan güýçli ýagy ýok. Ýurduň daşyndaky ygyp ýören taýpalaryň
hüjümini gaýtarmak üçin goşunyň öňki güýji hem ýeterlik. Başga bir
patşalykdan Horezmine ýörüş etmäge hiç kim het edip bilmez. Sebäbi ol
17
beýik soltanlygyň terkibinde8. Meniň pikirimçe onuň maksady başga.
Özi-de size aýdypdyr-a, “Horezmin hemişe özbaşdaklyk üçin göreşip
gelen ýurt” diýip. Onuň özü-de özbaşdaklygyň hyýalynda bolaýmasyn.
-Onda näme maslahat berýäňiz?
-Meniň maslahatym: hakykaty ýaşyryp ýa-da ýuwmarlap oturmaň.
-Ýok. Ýaşyrmak maksadym ýok. Ýöne Soltanymyz Ekinçiniň bu
işini özüne garşy pitne diýip düşünse goşun çekip gelip, gan döküşüklik
bolaýmasa ýagşy, diýip görkýän.
-Onuň ýaly bolmaz. Meniň eşidişime görä Mälik şa sowuk ganly
adam bolmaly. Siziň iberjek bu habaryňyz üçin däl, eger Ekinçi
özbaşdaklyk yglan etse, ana şonda goşun çeker.
Anuş-tegin dymyp, oýa çümdi. Huseýin hojanyň diýenleri
hakykata has ýakyn. Emma Ekinçä-de maglumaty oňa zyýansyz edip,
ýazmaga söz berdi. Nätmeli? Ol bu sowalyna jogap tapyp bilmän
alasarmyk ýagdaýda galdy. Uzak wagt iki göwünli bolup, ýaýdanjyrap
gezip bolanok, soltanyň sargan maglumatyny tiz goýbermeli.
Huseýin hoja Anuş-teginiň uzak dymmagynyň sebäbini özüçe
düşünip, oňa aladaly ýüzlendi:
-Şyhny hezretleri, eger meniň gepim size makul bolmadyk bolsa...
-Ýok, Siz dogry gep aýtdyňyz. Men başga zat hakynda pikirlenip
otyryn. Biz Soltanyň soran maglumatyny kän eglenmän ibermegimiz
gerek. Siz ýagdaýy bolşy ýaly görkezip, nama taýýarlaň, ýöne harby
harajatlara köp serişde goýbermeginiň sebäbini Ekinçiniň aýdanyna
güwä geçip däl-de, onuň aýtmagyna görä diýip ýazyň. Ony Soltanyň özi
nähili düşünse düşünibersin.
Anuş-teginiň bu gelen karary Huseýin hojanyň hem göwnünden
turdy:
-Hop, Şyhny hezretleri, namany şu günüň özünde, Soltanymyza
hämdu-senalar bilen aýdyşyňyz kimin taýýarlaryn.
Şol günüň ertesi Huseýin hojanyň taýýarlan namasy Anuş-teginiň
möhri basylyp, ýörite çapar bilen İspihana iberildi. Indi Soltanyň oňa nä
derejede üns berjegine garaşybermelidi.
-Hojam, Soltanymyz namany alandan soň näme çäre görer
öýüdýäňiz?-diýip Anuş-tegin howatyrly sorady.
-Eger Ekinçiniň deliline ynansa hiç hili çäre görmez. Eger
ynanmasa... bilmedim. Belk onuň özüni bir bahana bilen Ispyhana
çagyryp aldyrar.
8
Terkip-düzüm
18
-Dogry. Şeýle etmegi mümkin. Onsoň ol ýerde oňa näme çäre
görse görer.
-Emma... emma Ekinçi barsa jezalandyryljagyny aňyp, barmazlygy
mümkin. Şunuň ýaly ýagdaý Horezminiň Gazna tabynlyk wagtynda hem
bolupdy. Soltan Mahmyt Gaznalynyň Horezmine goýan dikmesi
Altyntaş özbaşdaklyga meýil edip, goşun toplap başlanyndan habardar
bolan Soltan Mahmyt ony bir bahana bilen Gazna çagyrýar. Emma
Altyntaş barsa jezalandyryljagyny bilip, barmaýar.
-Onsoň näme bolýar?
-Ondan soň bolan zat kän. Häzir Size gürrüň bersem köp wagt
gerek.
-Hojam, biz nesibämiz çekip gelen ýurdumyzyň geçmişini bilsek
gowy. “Geçmişi bilmedik geljegi-de öňünden görüp bilmez” diýipdirler.
Şonuň üçin siz maňa Horezminiň taryhyndan birneme sapak berseňiz,
Sizden biçak minnetdar bolardym. Siz ýurduň taryhyna belet bolsaňyz
gerek.
-Juda belet bolmasamam, azda-kände bilýän. Ýöne Siz Horezminiň
gadymyýetini bilmekçi bolsaňyz, ony köne kitaplardan taparsyňyz.
Horezminiň döwlet hökmünde taryh meýdanyna çykmagy miladydan
öňki müň ýyllyklardan gaýdýar. Beýik Watandaşymyz Aburaýhan
Muhammet ben Ahmet al Biruny özüniň “Asar al-bakyýa” atly
kitabynda gadymda Horezminde höküm süren Horezmşalaryň üç ýüzden
hem böp bolmagyny aýdyp, olardan ýigrim biriniň atlaryny getirýär.
Ýakyn geçmiş barada bolsa ýagny Mämünler nesilşalygynyň
syndyrylyp, Horezmin Gaznanyň tabynlygyna geçen wagtyndan
beýlesindäki wakalar beýan edilen bir depder bar mende. Ony öz
döwründe köşk şahyrlarynyň biri parsyda nazm bilen ýazypdyr. Men
ony kyssada öz dilimize öwürdim. Isleseňiz şu depderi bereýin, isleseňiz
özüm gürrüň bereýin.
Anuş-tegin Huseýin hojanyň aýdan depderini alyp, ony işden soň
agşamlaryna höwes bilen gyzygyp okady. Depderiň başky setirleri
Allanyň adyna adatdaky hämdu-senalardan ybarat bolup, wakalaryň
beýany şeýle başlanýardy.
III BAP
"Alkyssa sene 408 safarda Soltan Mahmyt Gaznalynyň eradasy
bilen onuň ýakyn hajyplarynyň biri emir Altyntaş Horezminiň tagtyna
çykdy. Oňa Horezmşa unwany berildi. Täji-tagta eýe bolan adam tiz
üýtgeýän bolmaga çemeli, Altyntaş hem ýaňy ýakynda Soltanyň öňünde
gol gowşuryp duran gulamdygyny unutdy. Ol indi hakyky hökümdarlara
19
mahsus bolan endiklere, häsiýetlere eýe bolup başlady. Ol
horezmşalardan galan altyn nagyşly tagtda oturup, köp zatlara göwün
ýüwürdýärdi: “Men şunça ýyllap Soltan Mahmyda gol gowşuryp hyzmat
etdim. Onuň igenjine-de, käýinjine-de çydadym. Indi Alla maňa şu täjitagty rowa gören bolsa, mundan soň men özbaşdak, garaşsyz hökümdar
bolmaly. Hörezmin öňde-de özbaşdak gudratly döwlet bolupdyr. Men
onuň öňki gudratyny dikeltmegim gerek. Munuň üçin güýçli goşuna eýe
bolmaly. Ondan soň Soltan Mahmyda "aňyrrakda gez gözüňe çybyk
deger” diýse bolar. Emma häzir muny aýdyp bolmaýar. Öňürti güýçli
goşun toplamaly, goňşy ýurtlaryň birkisi bilen dostluk şertnamalaryny
baglaşmaly... Altyntaşyň hyýalyny salama gelen serkerde Arslan Jazyp
böldi:
-Aly hezret, bir hili aladaly görünýäňiz, nämäniň aladasyny
edýäňiz-diýip, ol şalara edilýän adatdaky tagzymdan soň sorady.
Altyntaş serkerde göýä onuň içindäkini bilen ýaly oňa şübheli seretdi.
“Soltan muny ýöne ýere meniň ýanymda goýup giden däldir. Muňa
ynanyp içiňdäkini aýdyp bolmaz” diýen kellesine gelip geçen pikirden
soň:
-Ýurduň baştutany bolandan soň onuň aladasyny etmän bolýamy.
Biziň esasy aladamyz halkyň parahat durmuşyny saklamak, ony
töwerekdäki göçmençileriň hüjüminden goramak. Munuň üçin güýçli
goşun gerek. Häzir biziň ygtyýarymyzdaky Soltanyň goýup giden ojagaz
leşgeri bilen goranyp bolmaýar. Soltanyň goşuny bolsa daşda. Şonuň
üçin özümiz goşun toplamaly-diýip, sözüniň serkerdä nähili täsir edenini
bilmek üçin oňa synçy nazaryny dikdi. Serkerde Arslan Jazyp içindäkini
daşyna çykarýan adamlardan däl ekeni. Ol:
-Siz şeýle karara gelen bolsaňyz yzyny Alla oňarsyn-diýdi. Içinden
bolsa “Onuň bu işi soltana ýararmyka? Adatda bir güýçli goşunyň eýesi
başga ýerde ýene bir güýçli goşunyň döremegini halamaýar-a, onda-da
öz garamagyndaky ýurtda” diýip, gyjyndy. Arslan Jazyp Altyntaşyň täze
toplajak goşunyny onuň ygtyýaryna bermejegini bilse-de synamak üçin
sorady:
-Aly hezret, güýçli goşuna örän tejribeli serkerde-de gerek bolar.
Bu ýurtda şeýle serkerde tapylarmyka?
Altyntaş Arslan Jazyba garap, kinaýaly ýylgyrdy:
- Güýçli goşuna tejribeli serkede-de bar-a.
Arslan Jazyp özüni nazarda tutup aýdylan söze düşünse-de,
düşünmedik bolup:
20
-Siz şeýle güýçli goşun toplasaňyz, biziň bu ýerde geregimiz ýok.
Men öz esgerlerim bilen ýurda gaýdybersem-de bolýar - diýdi.
-Ýok! Men sizi hiç ýere goýbermen. Goşuny bile toplarys.
Arslan jazyp Soltanyň halamajak işine özüniň goşulmagyny
islemese-de, “Patyşanyň emri wajyp” diýen öňden gelýän kanuna boýun
egmeli boldy.
Altyntaş aýdanyny edip, töwerekdäki türki taýpalaryñ, Horezmiň
men diýen edermen ýigitlerinden goşun gullygyna çekip başlady.
Gürgenjiň gylyç, galkan, naýza, keman, peýkam ýasaýan ussalary gijegündiz körük basyp, ýarag ýasadylar. Bu işleriň başynda Altyntaş Arslan
Jazybyň özüni goýdy. Bu işler barada Gazna habar ýetiräýmesin diýip
onuň özüne bildirmän, berk gözegçiligiň astyna aldy.
Bir ýyla ýetip ýetmän Altyntaşyň göwnündäki goşun toplandy.
Arslan Jazyp kyn işden eli boşap, indi arkaýyn uly goşuna serkerdelik
ederin diýen wagty Jeýhuna gark bolup, dereksiz ýitdi..."
Anuş-tegin ýazgynyň şu ýerine gelende tisginip gitdi, özüni Arslan
Jazybyň, Ekinçini Altyntaşyň ýerinde goýup, göz öňüne getirdi. “Juda
meňzeş ýagdaý, örän ogşaş waka. Taryh gaýtalanaýmasa ýagşy” diýip
içini gepletdi. Depderi ýapyp, bir salym dymyp oturdy. Onuň oýa çümüp
oturanyny gören mährem aýaly garşysyna gelip çökdi-de ýuwaşlyk bilen
elinden depderi aldy:
-Okap ýadadyňyzmy?-diýdi. Anuş-tegin:
-Ýok, ýadamadym. Bu dünýäniň işlerine haýran galyp otyryn.
Durmuşda arasyna asyrlar düşse-de biri-birine juda meňzeş wakalar
bolýan ekeni-diýdi.
-Bolsa bolsun, onuň size näme dahyly bar. Irräk ýatyp, dynjyňyzy
alyň, güni bilen işiňizde-de ýadaýaňyz, ahyryn - diýip, aýaly depderi
bermän turup gitdi. Anuş-tegin aýalynyň mähribanlygyny ret etmäge
göwni bolman, huptan namazyny okap ýatylýan otaga geçdi. Emma
uzak wagt uklap bilmedi. Okan wakalarynyň soňy nähili bolarka diýip,
özüçe çaklady. Olary häzirki ýagdaýa deňeşdirip, özüniň Ekinçi bilen
aragatnaşygynyň soňuna göz ýetirjek bolup gördi. Birdenem kellesine
Altyntaşyň Arslan Jazyba ulanan çäresini Ekinçi-de ulanaýmagy
mümkin diýen pikir geldi. Ýene “Ýok, ol beýle işi edip bilmez.
Onsoňam Soltana nama baryp ýeten bolsa ony tizarada ýygnar” diýip,
ýüregi düşüşdi.
Ertesi Anuş-tegin işinden ýadap gelse-de, şamlyk naharyndan soň
depderi ýene eline aldy, wakalary yzarlap ugrady:
21
"Serkerdeleri ýitirim bolandan soň onuň esgerlerinden ikisi
gaçdylar. Olaryň gaçany köşge iki günden soň mälim boldy. Ýogsa
yzlaryndan kowgy iberip, tutup getirerdiler. Gaçaklar sag-aman Gazna
ýetip bardylar. Şeýlelikde Altyntaşyň goşuny, serkerde Arslan Jazybyň
ýogalany hakyndaky habarlar Soltan Mahmyda ýetip bardy.
Horezminden gelen garaşylmadyk bu habar ýaşy bir çene baran
soltany öňküleri ýaly derhal ýaraga ýapyşmaga ündemedi, tersine
birneme ejizleden ýaly etdi:
-Ýa Alla, bu adamlary nä tüýsli edip ýaratdyň! Düýn öňümde
dyzyna çköp, tagzym edýän gulamym bu gün özüni şa saýyp, bizden
bidin güýçli goşun toplapdyr. Kimiň garşysyna?! Töweregindäki
taýpalaryň garşysynamy? Ýok, olaryň garşysyna meniň goýup gaýdan
esgerlerim hem ýeterlikdi. Serkerde Arslan Jazybyň derýa gark
bolmagynda-da onuň eli bolmaly. Bu şübhesiz-diýip, zeýrenip oturan
Soltany tagtyň töweregindäki wezir-wekiller eýle däldir, beýle däldir
diýişip, köşeşdirmäge çalyşdylar. Soňunda wezileriň biri:
-Kyblaýy älem, Altyntaşyň özüni bir bahana bilen çagyryň.
Geleninden soň ony näme etseňiz ygtyýaryňyz-diýdi. Soltan Mahmyt
Altyntaşyň geljegine gaty bir ynamy bolmasa-da, agtyklarynyň birine
toý edýändigini aýdyp, toýa çakylykçy hökmünde bu maslahaty beren
weziriň özüni iberdi. Uzak ýoly söküp, Gürgenje baryp ýeten weziri
Altyntaş hormat bilen garşy aldy. Hezzet baryny etdi. Emma gezek
çakylyga gelende ony ret etdi.
-Muhterem jenap wezi r- diýip, ol mylaýymlyk bilen söze başlady.
-Men siziň bilen Gazna gidip biljek däl. Eger şeýle toý bar bolsa, toýy
oňuna bolsun - diýmek bilen ol hiç hili toý ýok, bu bir bahana diýen
manyny ýaňzytdy. Soñunda dogrusyny aýdyp gepleşeli. - Soltanymyz
meniň goşun toplanymy eşidip, ony başgaça düşünen bolmaly. Men
goşuny biriniň üstüne ýörüş etmek üçin toplamadym. Ony Horezminiň
üstüne ýörüş etjeklerden goranmak üçin topladym. Meniň şu sözlerimi
soltanymyza ýetirmegiňizi sizden towakga edýärin.
Ine şu sözler bilen Altyntaş Horezmiň güýjini mälim edip, weziri
Soltana sowgat salamlar bilen ugradyp goýberdi. Wezir Gazna ýetip
gelende Soltan Mahmyt agyr dert bilen düşekde ýatyrdy. Ol:
-Altyntaş gelmedimi?-diýip, wezire getirip bilmediň diýen manyda
ýaman gözi bilen garady. -Ol meniň çakylygymy ret etmäge niçik milt
edip bildi. Sag-aman ýerimden galsam, onuň bilen hasaplaşaryn-diýdi.
Emma ýerinden galmak oňa nesip etmedi, özüniň köp ganly gowgalar
salan dünýäsi bilen hoşlaşdy.
22
Soltanyň ölümi hakyndaky ajy habar Altyntaşyň gulagyna buşluk
bolup degdi. Çünki, Soltanyň çakylygyny ret edişine etdi welin, munuň
soňunyň nähili boljagyny bilmän howatyrdady.
Taryhda boşap galan tagt üçin göreşler, jedelli jeňler sanardan
köpdir. Soltan Mahmyt Gaznalydan galan tagta eýe çykmak üçin onuň
ogullarynyň arasynda göreş başlandy. Bu göreşde Altyntaş şazadalaryň
hiç haýsysynyň tarapyny çalmady. Eger biriniň tarapyny çalsa beýlekisi
oňa duşman boljakdy. Eger ol tagta çykaýsa has howply duşman
gazanjakdygyny bilýärdi. Hernä bu göreş uly bir gandöküşükliksiz
uzaga çekmän çözüldi. Öz diýenli, gujurly, mekirlikden hem paýly
şazada Masut agasy Muhammetden tagty gaýtaryp aldy. Indi ol şazada
däl, Soltan Masut bolup, ýurda hökümdarlyk edip başlady. Entek onuñ
taryha nähili hökümdar hökmünde girjegi belli bolmasa-da, pederiniñ
görelbesine eýerp, ylma, edebiýata, sungata sarpa goýýandygy bellidi.
Kakasynyň döwründe Gürgençden gelen horezmli beýik alym
Aburaýhan al Biruna howandarlyk edýärdi.
Altyntaş Soltan Mahmydyň döwründe onuň köşgünde ýakyn
adamlarynyň biri bolup işleýärkä şazada Masudyñ häsiýetlerine belet
bolupdy. Ol özüniň tejribeli serkerde, parasatly syýasatçydygyny
Masudyň hem bilýändigini nazarda tutup, oňa şu ugurlarda halypalyk
etmekligiň hyýalyna mündi. Şu hyýal bilenem ýaş Soltana maslahat
hökmünde nama gönderdi. Nama ýetip gelende Masut köşgünde wezirwekilleri bilen maslahat geçirip otyrdy. Saraý sahyby girip, Horezmden
çapar gelenini habar bereninde Masut Altyntaşdan gutlag bilen sowgatsalamlara garaşýan bolsa-da:
-Näme habar bilen gelipdir?-diýdi.
-Size horezmşa Altyntaşdan sowgat-salamlar bilen bir nama
getiripdir - diýen sahyba çaparbaşyny çagyrmagy buýurdy. Kyrk atly
çaparyň baştutany girip, tagzym bilen iki elläp namany uzatdy. Namany
okaýarka Masudyň ýüzünde kinaýaly ýylgyryş peýda boldy. Nedimler
soltanyñ ýüzündäki manydan namada möhüm gepiň ýokdygyny aňdylar.
Masut Altyntaşyň akyl öwredýänini kinaýalap ýylgyrypdy. Altyntaş
bolsa Masuda gutlaglar bilen hemdu-senalardan soň dogry maslahat
berip, şeýle sözleri ýazypdy: “...Mawerenahyryň hökümdary Aly Tegin
biziň ganym duşmanymyz. Duşman hiç haçan dost bolmaz. Şeýle-de
bolsa, onuň bilen şertnama baglaşyp, ýakynlaşmak gerek. Bu juda zerur.
Balh, Taharystan, Saganian, Termez, Kuwadian, Huttal welaýatlaryny
goşun bilen üpjün etmek gerek. Çünki, ol bu goragsyz welaýatlara çem
gelen wagty çozup talar. Kaşgaryň hany Kadyrhan bilen hem arany
23
sazlamak gerek. Jaýy jennet Pederiňiz ony tagta çykarmak üçin köp
alada etdi. Indi onuň bilen dostlugyň berkleşmegi üçin ony goldamaly.
Ol bize hakyky dost bolup bilmese-de iş ýüzünde gowy gatnaşygy
saklasak başgalary bize garşy küşgürmez...”
Masut namany ilki okanynda ony kinaýa bilen kabul eden bolsa-da
Altyntaşyň maslahatlaryny amal etmegi ýüregine düwdi. Aradan köp
wagt geçenden soň Kaşgara özüniň ynamly, mertebeli adamlaryndan
ilçiler iberdi. Ilçiler Kadyr hana Masudyñ tagta çykanyny habar bermek
bilen onuň aralaryndaky dostlygy has berkleşdirmegi isleýändigi, munuň
üçin Kadyr hanyň gyzyny Masudyň özüne, ogly Bogra teginiň gyzyny
Masdyň miras düşer ogly Mawduda soraýandygyny aýtmalydylar. Kadyr
han ilçileri güler ýüz bilen garşylap, Masudyň tekliplerini hoşallyk bilen
kabul etdi.
Şeýlelikde Soltan Masut Kadyr han bilen arany sazlap aldy. Indi
onuň esasy ünjüsi Mäwaranahyr hökümdary Aly Tegindi, dogrusyny
aýdanda, diňe olam däl, güýçli goşunyň eýesi Altyntaş hemdi. Elbetde,
goşuny näçe güýçli bolsa-da ol Gazananyň üstüne ýörüş etmäge milt
edip bilmez. Ýöne goşunyna daýanyp, islän wagty garaşsyzlygyny yglan
eder. Üstüne goşun çekjegiňi bilse-de, başga döwletler bilen garşyňa
şertnama baglaşar.
Kakasy Soltan Mahmyt hem şu ýagdaýlaryň ýüze çykmagyndan
howatyr edýärdi. Eger ony Gazna çagyryp alyp, ýoguna ýanyp bolsady
bir ünjiden dynardy. Emma ol gelmez. Kakasy çagyranda-da gelmedi.
Eger gelse Horezmine gaýdyp barmajagyny bilýär, bileni üçinem
gelmez. Şonuň üçin onuň Aly Tegin bilen ýakynlaşmagynyň öňüni alyp,
özi arany sazlamaly. Emma Solatan Masudyñ bu arzuw-hyýaly amala
aşmady. Aly Tegin onuň bilen kes kelläm ylalaşyga barmady. Çünki
Masut agasy Muhammet bilen tagt üçin göreşip ýöreninde Aly Teginden
kömek sorap, oňa Huttaly bermegi wada beripdi. Emma tagta
çykanyndan soň ol wada unudyldy. Şundan soň Aly Tegin guýrugyna
basylan ýylana döndi. Aly-Tegin bilen arany sazlap bolmajagyna gözi
ýeten Soltan Masut indi başga ýol tapdy. Ol bir okda iki towşany
almakçy bolup, Altyntaşa Mawaranahyra ýörüş etmegi teklip etdi.
Özüniň hem bäş müñ atly goşun berjegini duýdurdy. Horezm resmi
taýdan Gaznanyň tabynlygynda bolansoň bu teklip buýruga barabardy.
Şeýle bolsa-da Altyntaş ony ret edip bilerdi, emma hökümdarlara
mahsus bolan ýer-ýurt, olja, ýesir almak islegi oňa-da ýat däldi. Şoňa
görä-de, ol Soltan Masudyñ teklibini höwes bilen kabul etdi.
Horezminiň gazaply gyşy çykyp, baharyň mylaýym ýelleri öwsüp
24
başlanynda Altyntaş Mawranahyra goşun çekdi. Aly Tegin Buharanyň
goragyny gazylara tabşyryp, Arkyň goragyna 150 gulamy goýdy. Özi
esasy goşuny bilen Dubusi tarapa çekildi. Altyntaşyň leşgeri Buharany
gabanynda gazylar hem ilat hem aman diläp, teslim boldylar. Arkyň
goragçylary bolsa peýdasyz garşylyk görkezdiler, olaryň segseni heläk
bolup, ýetmişi ýesir düşdi. Ark hem alyndy. Emma Dubusydaky esasy
goşun bilen söweşde Altyntaş agyr ýaradar boldy. Ony söweş
meýdanyndan çadyryna getirdiler. Bir salymdan özüne gelip, gözüni
açan Altyntaş:
-Söweş gidip durmy?-diýip sorady. Onuň baş ujunda oturan wezir:
-Gidip dur, Aly hezret, duşman haýallap başlady, nesip bolsa...
-Onuň ýaly bolsa jeňi togtadyň, şunça gan döküleni ýeter-diýip
Altyntaş weziriň sözüni böldi. Onuň bu gepi wezire-de makul boldy. Ol
şu ýerde duran hajyplaryň birine:
-Eşitdiňizmi, Şanyň emrini derhal leşgere ýetiriň!-diýdi. Söweş
togtadyldy. Ýeňip barýan goşunyň birden söweşden el çekmegi diňe öz
urşyjylaryny däl, duşman tarapyny hem geň galdyrdy.
-O tarapdan adam çagyryň, ýaraşygyň ýoluny ediň-diýip, naýynjar
görnüşde ýatan Altyntaş wezirine ýüzlendi. Aly Tegin Gazna bilen
ylalaşyk etmese soltan Masut ony parahat goýmaz. Bu sapar bizi
goýberen bolsa, indiki sapar özi goşun çekip geler. Şony Aly Tegine
düşündirmek gerek.
Altyntaşyň soňky sözüniň äheňinden özüniň goşun çekip gelenine
ökünýändigi bildirip durdy. Wezir hökümdarynyň agyr ýaralydygyny syr
tutup, Aly Teginiň weziri bilen ikiçäk duşuşyk gurady.
-Muhterem kärdeş, biz siziň üstüňize öz ygtyýarymyz bilen goşun
çekip gelmedik. Bu soltan Masudyñ buýrugy bilen Boldy. Munuň hem
sebäpçisi siziň hökümdaryňyz Aly Tegin hezretleriniň özi. Ol soltan
Masudyñ ylalaşyk hakyndaky tekliplerini ret edip, arada duşmançylyk
döretdi. Indi size maslahatymyz: hökümdaryňyzy Gazna bilen ylalaşyk
etmäge yryň. Bu işde horezmşa Altyntaşyň araçy boljakdygyny aýdyň.
Ýogsa soltan Masut sizi parahat ýaşatmaz.
Aly Teginiň weziri kärdeşiniň sözlerini üns bilen diňläp,
maslahatyň dogrudygyna ynanç hasyl etdi we ony hökümdary Aly
Tegine ýetirjekdigine söz berdi. Aly Tegin häzirlikçe başga çykalga
bolmanyndan soň bu teklip bilen razylaşyp, Altyntaşyň karargahyna
ilçilerini iberdi. Ýagdaýynyň gowy däldigine garamazdan Altyntaş
ilçileri kabul etdi. Ýaraşyga gol çekildi. Gazna bilen hem ylalaşyga
gelinýän boldy. Şundan soň Aly Tegin Saginýana gaýtdy. Horezme
25
Altyntaşyň özi däl-de, jesedi geldi. Ony patyşalara mahsus bolan däpdessur bilen uly hormat görkezip jaýladylar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 03
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.