Latin

Gürgenç II - 11

Total number of words is 3766
Total number of unique words is 1985
31.8 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
53.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
göni garşysyna gelip aýak çeken adamlardan ürkdimi nätdimi kişňäp
çarpaýa galdy. Bu bilen Horezmşa göýä eňişini dabaralandyran ýaly
boldy. Emir adamlary bilen bile baş egip, aman diledi. Ap-ak sakgaly
döşüne düşüp duran, nurana ýüzli moýsepit kişi-Jendiň Seýhulyslamy
Atsyza ýüzlendi:
-Merhemetli Horezmşa Alyhezretleri! Ata-babalardan galan bir
hikmetli söz bar: “Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga
ýagşylyk är kişiniň işidir”. Siziň beýik we är kişidigiňiz dünýäge mälim.
Är kişiler geçirimli bolýandyrlar. Bu ulamalar siziň ärligiňize bil baglap,
Hudaýyň bir bendesiniň ganyny geçmegiňizi dileýäris.
-Hudaýyň bendesi diýeniňiz şu duran emiriňiz dälmi?-diýip, Atsyz
kinaýaly dillendi, jogabyna garaşman, sözüni dowam etdi.-Biz bu
Hudaýyň bendesiniň ganyny geçsek, onuň kesirligi, men-menligi zerarly
ýüzlerçe adamlaryň dökülen gany bizi tutmazmy? Biz şäheriň ilatyna
aman berdik, goşunymyza talaňçylygy gadanan etdik. Emma biziň
parahatçylykly teklibimizi tekepbirlik bilen ret edip, şunça adamyň
ganyna galan adamyň ganyny geçip bolmaz, muhterem ulamalar.
Özüne geçirimlilik edilmejegine gözi ýeten emir barybir ölmeli
bolsa “Ýatyp galandan atyp gal” diýilenini edip:
-Muhterem Horezmşa hezretleri, bu dökülen ganlar üçin günäkär
birinji nobatda sen, ikinji nobatda men-diýdi. Çünki, parahat oturan iliň
üstüne gylyç göterip gelmedik bolsaň, bir damja hem gan dökülmezdi.
Adamlar emiriň birden beýle Horezmşanyň ýüzüne gelenine aň-taň
boldylar, şoňunyň nähili boljagyna demlerini içine ýuwdyp garaşdylar.
Atsyz aňyrsyndan dyzap gelen gazabyny daşyna çykarmady, parahat
gepledi:
-Men gan dökmek üçin gelmändim. Iki ýurdy birleşdirip, uly,
güýçli döwlet gurmak maksadynda gelipdim. Bu siziň üçin hem, biziň
üçin hem peýdaly dälmi? Bir taýagy eliňe alyp, sähel güýç bilen döwüp
bolýar. Iki taýagy jübt tutup, döwmek her kese başartmaz. Şuňa aklyň
ýetýändir-ä, seniň.
128
-Muhterem şa, seniň hem aklyň gan dökmän ýurt alyp
bolmajagyna ýetýän bolsa gerek.
Atsyz emiriň ýüzüne synçy nazaryny dikip bir salym dymdy. “Mert
adam ekeni. Men ony indi jezalandyrsam hakykaty aýdany üçin jezalan
ýaly bolaryn” diýip, pikir öwreninden soň:
-Mert durup, köňlüňdäkini aýdyp bileniň üçin ganyňy geçdim.
Ýöne sen indi emir däl. Bir günüň içinde maşgalaňy alyp şäherden
çykyp git. Biz bu ýerde başga tertip-düzgün ornadarys-diýdi.
Emir janynyň aman galanyna içinden şükür edip, özüni gurşap
duran adamlaryň arasyndan ýuwaşlyk bilen çykyp gitdi. Şundan soň
köşk emeldarlary dyza çöküp, Horezmşaga gulluk etjekdiklerine kasam
etdiler.
Atsyz Jendiň köşgünde üç gün gözel Zübeýda bilen dem-dynjyny
aldy. Şu arada özüniň ynamdar bir hajybyny ýurda häkim belledi, onuň
ygtyýarynda serkerdesi bilen bäş ýüz atly esger galdyryp, Maňgyşlak
sary ýörüş etdi.
Maňgyşlak Atsyzyň öň görmedik ýeri däldi. Ol esasan çarwa ilatly,
dowarly, gylýal sürüli ýarym ada bolup, özüni goramak üçin at-ýaragly
toparlary hem bardy. Atsyz ol ýere pederi Kutbeddin Muhammediň
döwründe hem bir gezek iküç müň atly leşger bilen aýlanyp gaýdypdy.
Elbetde, keýpine däl, döwletiň gaznasynyň kem-kösiniň üstüni
doldurmalydy. Ýöne munuň ýaly kiçiräk ýörüşler hem Soltan Sanjardan
bidin edilmeýärdi. Soltan Horezmşa Kutbeddin Muhammede beýle
zatlara ejaza berýärdi. Horezmşa Atsyza bolsa, indi onuň ejazasy gerek
däldi, ol öz ygtyýary bilen hereket edýärdi. Horezmşanyň goşuny
Magyşlaga baryp ýeteninde uly bir garşylyk görkezilmese-de, Jendiň
emiriniň aýdany ýaly gan dökmän ýurt alyp bolmajagy bu ýerde-de belli
boldy. Şeýlelikde Magyşlagy hem Horezminiň tabynlygyna geçirip,
Atsyz Gürgenje dolandy.
Ol bu eden işiniň Soltan Sanjaryň gazabyndan çetde galmajagyny
bilýärdi. Şonuň üçin ol Magyşlakdan sürüp gaýdan gylýallaryna eýer
salyp, olara täze toplan söweşijilerini oturtdy. Şeýdip, goşunyny has
güýlendiren Atsyz öz göwnüne Horasandan ýadap gelen goşuny derbidagyn ederin öýütdi.
Horezmşanyň merkezi häkimiýeti äsgermezlik bilen özbaşdak eden
ýörüşleri hakyndaky habar Merw bilen bir wagtda Bagdada hem baryp
ýetdi. Bu habar Soltan Sanjary dergazap eden bolsa, halyf Al
Mustarşidi begendirdi. Ol özüniň seljuklaryň garşysyna göreşinde
Horezmşany ýaran edinmek maksadynda Gürgenje ilçiler bilen gymmat
129
bahaly sarpaly serpaýlar iberdi. soltan Sanjar bolsa, eden işi üçin ötünç
soramagyny talap edip, setirlerine gahar-gazaby siňdirlen nama
gönderdi.
Namany getiren çapar ony soltanyň Gürgençdäki bir ulama
adamdan goýan wekiline berip, Horezmşa bilen “gowuja” gepleşmegini
tabşyrandygyny aýtdy. Wekil namany okap görüp, kellesini ýaýkady,
özüni iki oduň ortasynda galan ýaly duýdy. Çünki, soňky döwürde
Horezmşanyň özüni alyp baryşy howplydy. Bir bahana tapsa ähli
horasanlyny yzyna it salyp kowmagy ýa-da jeza bermegi hem ähtimaldy.
Ýöne soltan “gowuja gepleşsin” diýen bolsa gepleşmän hem
bolmaýardy. Ol bir karara gelip, wekiliýetiň agzalaryny maslahata
çagyrdy.
-Jenaplar, Soltanymyz Horezmşanyň eden işlerinden gaty närazy
bolup, nama iberipdir. Men size ony okap bereýin, soň ony näme
etmelisini maslahatlaşarys-diýip, wekil haty okap berdi. Wekiliýetiň
agzalary bir salym biri birine seredişip, näme diýjeklerini bilmän
durdylar. Soňunda olaryň biri:
-Meniň pikirimçe, bu ýerde müşgul zat ýok, tagsyr. Namany eltip,
Horezmşanyň özüne gowşuryň. Onsoň özi ondan näme netije çykarsa
çykarar-da-diýdi.
-Eger, mesele namany Horezmşaga gowşurmakdan ybarat bolan
bolsa, ony getiren çaparyň özi-de gowşuryp giderdi. Soltan haty
Horezmşaga däl, bize bermegi, biziň hem şu hata daýanyp, onuň bilen
gowuja gepleşmegimizi, eden işi üçin soltandan uzur soratmagymyzy
tabşyryp goýberipdir. Şonuň üçin siziň dördüňiz, meniň bilen bäş kişi
bolup, onuň huzuryna baraly. Men namany okap berip, ony
gowşuranymdan soň aýtmaly geplerimi aýdaýyn, siziňem heriňiz bir
agyz söz bilen meniň gepimi tassyklaň. Soňunam görüberäris. Ýöne
onuň bizi sylap gepleşmejegini bilýän.
-Bizi sylamasa, soltany sylamaly bolar, biz soltanyň adyndan
gepleşeris, ahyryn-diýen wekiliýetiñ agzasyna wekil şeýle diýdi:
-Soltanymy? Öňräk men oňa soltanyň gaznasyna berilmeli pajyň
wagtynda iberilmändigini ýatladanymda, ol: “Soltanyň güzerany
Horezminiň pajyna garap duran däldir” diýip, ýüzümi aldy. Ine şondan
onuň soltany nähili sylaýanyny biläýmeli. Ýöne, jenaplar, ol bizi sylasa,
sylamasa-da, soltanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmelidiris.
Wekiliň bu sözünden soň maslahat uzaga çekmedi. Ertesi irden
Horezmşanyň huzuryna barmaklyga ähtleşip, dargaşdylar.
***
130
Horezmşa Atsyz düzgüne görä ir säher köşgüň tagt eýwanyna
geleninde ol ýerde häzir bolan wekil-wezirler ör turup, ony tagzym bilen
garşy aldylar. Ol salamlaşyp, tagtyna geçip oturdy. Onuň keýpi kökdi.
Jend bilen Mangyşlaga edilen ýörüşiň üstünlikli geçmeginiň hoşnutlygy
entek serinden gitmändi. Munuň üstesine düýnki Bagdatdan gelen ilçiler,
Halyfyň goýberen sarpaly serpaýlary onuň göwnüni göge göteripdi.
Çünki bu serpaýlar diňe bir maddy sowgat bolman, uly manyly ruhy
medet hemdi. Indi ol külli musulman äleminiň ymam-emiri halyf Al
Musterşidiň goldawyna bil baglap biljekdi. Horezmşa gün tertibindäki
meselelere geçmezinden öň goluny gursagyna goýup, bir zatlar
diýmekçi bolup duran köşk sahybyna ýüzlenip:
-Ýeri, näme gep?-diýdi.
-Aly hezret, Soltanyň wekili adamlary bilen kabul etmegiňizi
haýyş edýär.
Horezmşanyň Merwden bir adamyň gelip gideninden habary
bardy. Ýöne onuň köşge gelmänligi üçin özüne dahylly mesele bilen
gelendir öýtmändi. Indi soltanyň wekiliniň beýle irden ýene-de adamlary
bilen kabulyna gelmeginden ol adamyň ýöne ýere gelip gitmändigini
aňdy. Ol öz ýanyndan “Gelibersinler bakaly” diýip, köşk sahybyna:
-Çagyryñ, gelsinler-diýdi.
Başlaryny çalarak egip, tagt eýwanyna giren bäş kişi Horezmşanyň
oturan tagtynyň öňüne gelip, salam bilen tagzym etdiler. Hatara duran
dört kişiniň bir ädim öňünde duran wekil Horezmşaga ýüzlenip, söze
başlady:
-Möhterem Horezmşa äl Mälik Abu Müzäffär Jelaletdin Atsyz aly
hezretleri, biziň beýik soltanymyz Abul-Fath Sanjar ibn Mälikşa
hezretleri size bir nama göndermiş, ony okap bermegime ejaza
berseňiz...
-Men beýik soltanymyz kimin bisowat däl, özüm okaryn, Aberiň
bäri namany-diýip, Atsyz kinaýaly gepledi. Wekil nalaç namany iki elläp
Atsyza gowşurdy. Atsyz:
-Teşşekür, indi gaýdyberiň-diýdi. Wekil hem, onuň adamlary hem
näderini bilmän, bir hili boldylar. Şeýle gidip bilmejek wekil Atsyza
ýüzlendi:
-Muhterem Horezmşa aly hezretleri, biz namanyň jogabyny
soltanymyza ýetirmelidiris. Şonuň üçin siz ony häzir okap, ondaky
aýdylan şerti berjaý etmegiňiz gerek.
Atsyz namany okamasa-da, eýýäm onda nämeler ýazylandygyny,
ondaky şert diýenini-de çakdan bilip otyrdy. Eger ol häzir namany açyp
131
okasa, ondaky şerti berjaý edip, Jend bilen Mangyşlak üçin soltandan
gaýybana bolsa-da, ötünç sorasa ýene-de öňküsi ýaly Horezm
seljuklaryň garamagynda, onuň özü-de soltan Sanjaryň tabynlygynda
galmaly. Ýok, ol muňa razy däl. Eger-de ötünç hem soraman, başga-da
soltanyň gaharyny getirýän işleri etse, ol goşun çekip geler, ana şonda
aňyrdan ýadap gelen goşuny derbi-dagyn edip, soltanyñ özüni-de ýesir
alsa, hakyky garaşsyzlygy şonda gazanyp boljakdygyny serinde aýlady.
Ol jogaba garaşyp duran wekillere seredip:
-Jenaplar, men gaýdyberiň diýenimde gaýtmadyňyz. Indi size
gaýtmaga kömek etmeli boljak-diýdi-de, köşk sahybyna yşarat etdi.
Şanyň yşaratlaryna düşbi sahyp tagtyň sag tarapyndaky gapyny açyp, iki
eliniň on barmagyny görkezdi. Şol bada ol ýerden on sany nöker çykdyda, köşk sahybynyň bir agyz-sözi bilen wekilleriň hersiniň iki ýanyna
ikisi geçip, idirdedip alyp ugradylar. Bu edilen gödeklik gülküli däl
bolsa-da, wezir-wekiller Horezmşanyň bu işini makullap gülüşdiler.
Soltanyň wekili çykyp barýarka:
-Atsyz, bu edeniň üçin hem soltanyň öňünde jogap berersiň!-diýip
gygyrdy.
XIII BAP
Horezmşa Atsyz wekiliň aýdany ýaly eden işleriniň jogabyny dälde, jezasyny çekmeli bolaýmasa ýagşy. Ol Jend bilen Mangyşlagy feth
edeni üçin uzur soramasa-da, soltanyň bir sapar geçirimlilik etmegi
mümkindi. Atsyz onuň şeýle häsiýetiniň bardygyny bilýärdi. Atsyza
bolsa onuň geçirimliligi däl-de, Horezme goşun çekip geleni gerekdi.
Munuň üçin ol soltany has dergazap edip, uruşa mejbur etmelidi. Şeýlede etdi. Wekiliñ we onuñ adamlaryñ emlägini ellerinden alyp, özlerini
tussag etdi. Horasanyň ýoluny bekletdi, derýadan geçmäge gelen
horasanlylar geçelgede hyzmatda duran döwlet işgärlerinden horluk
baryny gördüler. Bu gabahat işleriň habary şol wagt Balhda bolan Soltan
Sanjara baryp ýetende onuň gazapdan dili tutuldy, gany ýüzüne urup
gyzardy. Şeýle-de bolsa, sowukganlylygyny ýitirmedi, gazabyny daşyna
çykarman gepledi:
-Ol biziň gulumyzyň agtygydygyny unutdymyka? Özüni kimdir
öýüdýärkä? Horemşa edip, ony men belledim. Muňa ýagşylyga
ýamanlyk diýilýär. Goşuny ýörüşe taýýarlaň! Onuň bu etmişlerini
jezasyz goýsak bolmaz. Goý, bu başgalara-da sapak bolsun!
-Kyblaýy älem, - diýip, ýaşuly emirleriň biri soltana ýüzlendi.Atsyzyň maksady hem siziň goşun çekip barmagyňyz bolsa gerek. Ol
132
jeňde üstün çykyp, doly özbaşdaklyk gazanmakçy bolýar çememde. Şu
maksatda ol güýçli goşun hem toplan bolmaly.
-Biz hem güýçsüz goşun bilen barmarys!-diýip, Soltan bu sapar
sesni biraz gataldyp aýtdy. Şeýlelikde 533-nji hijiriniň Mäherrem
aýynda soltan Sanjaryň Horezme birinji ýörüşi başlandy.
***
Horezmşa Atsyz Soltan Sanjary Horezme goşun çekmäge mejbur
edişine etdi welin, ýöne Balhdan gelen bir adamyň soltanyň uly goşun
toplany hakynda getiren habary onuň bu söweşde ýeňiş gazanjagyna
bolan öňki ynamyny biraz gowşatdy. Bu habardan öň onuň Soltan öz
tabynlygyndaky ülkäniň goşuny 20-30 müňden köp däldigini bileni üçin
uly goşun bilen gelmez diýen pikiri bardy. Emma ol, söweş täliminiň
ussady, beýik serkerde Sanjaryň özüni göz-görtele söweşe çagyrýanyň
bir ynanýan daýanjy bardygyny bilmez ýaly samsyk däldigini unudypdy.
Şeýle-de bolsa, ol serkerdeleriniň ýanynda özüni ynamly tutup, uly
söweşe taýýarlyk görüp başlady. Goňşyçylykdaky türki taýpalardan
urşujylary hakyna tutup, leşgeriniň sanyny ýene-de köpeltdi. Şundan soň
Atsyzyň köňli birneme jem bolup, irden meşweret çagyrdy. Köşküň tagt
eýwanyna ýygnanan wezir-wekiller, emirler, serkerdeler, ulamalar
Horezmşanyň etjek bolýan urşynyň zyýany bilen peýdasy barada bir
hörpden gopmadylar. Ylaýta-da ulamalar bu urşa närazylyk bildirdiler.
Atsyzyň Jend bilen Maňgyşlaga ýörüşiniň öň ýanyndaky meşweretde ol
ýörüşe garşy çykan Şeýhulyslam bu sapar hem geplemän oturyp
bilmedi:
-Aly hezret! - diýip, ol Horezmşanyň ýüzüne göni bakyp, söze
başlady - Islamda jihätden özge uruşlar ýazgarylýandyr. Musulman
musulmanyň ganyny dökse, bu günahy äzimdir. Şonuň üçin siz soltanyda, özüňizi-de bu uly günäge batyrmaň. Uruşyň öňüni almak gerek. Siz
uzur sorap, soltana bir nama ýazyň. Biz ulamalar ony alyp, soltanyň
huzuryna baraly. Ol biziň sözümizi syndyrmaz, uzuryňyzy kabul eder.
Eşitmişimize görä ol kişi geçirimli adammyşyn. Gandöküşiklik
bolmasyn. Siz hem şu sapar biziň towakgamyzy kabul ediň, Aly hezret!
Atsyz Şeýhulyslamyň sözüniň adamlara nähili täsir edendigini
bilmek üçin oturanlara göz aýlady. Adamlaryň ýüzünde üýtgeşik bir
alamat ýokdy. Olar patyşanyň jogabyna garaşýardylar.
- Möwlana - diýip, Atsyz sözüni agraslyk bilen başlady.-Men size
öňki meşweretde hem syýasata goşulyp, azara galmaň diýip aýdypdym.
Bu sapar hem şuny aýtmaly bolýan. Çünki bu uruş ýöne uruş däl, bu
garaşsyzlyk ugrundaky syýasy çäre hemdir. Men siziň aýdyşyňyz ýaly
133
baş egip, uzur sorasam, soltanyň uzurumy kabil etmegi hem mümkin.
Men onuň geçirimlidigini hem bilýän. Ýöne onsoň näme? Horezmşa
ötünç sorady, indi Horezmine özbaşdaklyk bereli diýip, bizi
tabynlygyndan boşadar öýüdýäňizmi! Asla boşatmaz. Biz öňkimiz ýaly
ýene oňa paç-hyraç tölemeli, otur diýse oturyp, tur diýse turup gün
görmeli. Indi besdir! Biz garaşsyzlygy söweşip, söweşde ýeňiş gazanyp
almalydyrys. Başga ýol ýok!
Horezmşanyň birneme gyzyp aýdan bu sözlerinden soň hörpi
basylan Şeýulyslam goldaw isläp, ulamalara garanjaklady. Emma
olardan hem seza çykmajagyny aňan Şeýhulyslam kellesini ýaýkap,
ýene Atsyza ýüzlendi:
-Eger müň-müňläp adamlaryň ganyny döküp, garaşsyzlyk
gazanjagyňyza ynamyňyz bar bolsa, görüň-dä, Aly hezret.
Aslynda ol, “Müň-müňläp adamlaryň ganyny döküp, hem
garaşsyzlyk gazanyp bilmeseňiz, özüňizden görüň” diýmekçidi. Ýöne
Atsyzyň hökümdarlyk mertbesi dilini baglady.
Atsyz hem özüne beýle garşy gidýäniň Şeýhulyslamdan başga
adam bolanynda etjegi bellidi, ýöne garşydaşynyň diniň ýurtdaky
baştutany bolany üçin oňa erbet söz hem aýdyp bilmedi.
-Nesip bolsa, Allanyň eradasy bilen garaşsyzlygy ýeňiş bilen
gazanarys, möwlana. Indi ejaza berseňiz biz emirler, serkerdeler, döwlet
adamlary bilen harby meseleleri maslahatlaşmakçy. Şonuň üçin siz
ulamalar bilen gaýdyberseňiz hem bolýar-diýip, Atsyz Şeýhulyslamy,
ulamalary ugratdy. Din hadymlaryndan başga-da, bu urşa oturanlaryň
arasynda hem garşy adamlar bardy. Emma Horezmşanyň Şeýhulyslama
beren jogabyndan soň olar söz aýtmaga milt edip bilenokdylar. Atsyz bu
adamlaryň hem köňlündäki garşylygy aýyrmak üçin ýüreginden
syzdyryp nutuk sözledi. Ol sözüniň soňyny şeýle jemledi:
-Jenaplar! Bu uruş eziz Watanymyzyň ykbalyny çözjek mukaddes
uruşdyr. Bu uruşda dökülen ganymyz hem mukaddesdir. Şonuň üçin biz
bu söweşe aýratyn aýgyt, aýratyn hyjuw bilen girmegimiz gerek. Şeýle
aýgyt, şeýle hyjuw bilen gylyç çalsak, inşalla ýeňiş biziňki bolar. Bu
ýeňiş bolsa Watanymyza garaşsyzlyk, halkymyza azatlyk getirer.
Atsyz sözüni soňlanyndan ony köpçülik goldap seslendiler. Onuň
adyna hamdu-senalar ýaňlandy.
-Teşekür, ezizler, teşekür-diýip, ol bir elini gursagyna goýup,
minnetdarlyk bildirdi. Soňra boljak söweşiň tärleri barada pikir alyşyldy.
Emirler, serkerdeler soltan Sanjaryň goşunyny paýtagta golaý getirmän,
Hazarasp galasynň eteginde garşy almagy teklip etdiler. Bu teklip Atsyza
134
hem makul boldy. Şonda häliden bäri ümsüm oturan wezir Abul
Müzäffär an Nyşapury özüniň Şeýhulislam bilen pikirdeşdigini, ýurduň
garaşsyzlygyna garşydygyny bilýän Horezmşanyñ özi hakdaky pikirini
üýtgetmek maksadynda ara goşuldy.
-Aly hezret, ejaza berseňiz men hem öz pikirimi aýdaýyn.
-Aýdyň, möhterem weziri büzrük-diýdi Atsyz.
-Aýtjak bolýanym meniň öz pikirimem däl. Ol geçmişde dünýäniň
ençeme ýurtlaryny feth eden jahangir, söweş täriniň ussady Mahmyt
Gaznalynyň pikiri. Taryhy ýazgylarda aýdylyşyna görä ol Horezmini
feth edeninde ýesir düşen baş serkerdä garap:
-Sen näçe söweşleri gören adam, hökümdaryň bolsa entek söweş
görmedik ýaş oglan. Ol bilmese-de, sen Mahmyt Gaznalyny açyk
meýdanda söweşip, ýeňip bolmajagyny bileňokmy? Seniň ýeriňe men
bolsam açyk söweşe çykmazdym. Gürgenjiň galasynda goranmak üçin
iküç müň nöker goýup, leşgeriň baryny göz ýetmez ýere çekerdim.
Duşman gelip Gürgenji gabardy. Galanyň üstündäkiler bilen atyşyp,
çapyşyp ýadan leşgeriñ üstüne dökülüp, baryny bolmasa-da ýaryna
golaýyny hatardan çykarardym. Güýji gaçan duşman söweşmäge milt
etmän ýaraşyk teklip etmäge mejbur bolardy-diýipdir.
Wezir sözüniň soňunda “soltan Sanjar hem söweş täliminde
Gaznalydan gaýra durýan däldir, açyk meýdandaky söweşde ony
ýeňmek başardarmyka” diýmekçi boldy. Emma Horezmşanyň gaharyny
getirmekden gorkup, dilini dişledi. Ol bu pikirini açyk aýtmasa-da
hemmeleri oýlandyrdy. Çünki onuň teklibinde mantyk bardy. Atsyz
köpçüligiň eden ilkinji teklibini makullany üçinmi ýa-da paýtagty
gabawa bermegi islemedimi, weziriň teklibini kabul etmedi. Ol:
-Muhterem weziri agzam, Gaznalylar döwrüniň taryhyny menem
okadym. Siziň aýdanyňyz durmuşda bolan, söweşde synap görlen usul
däl, ol bir ýöne aýdylan gep. Şonuň üçin paýtagty duşmana taşlap
çekinmek bolmaz. Biz Jeýhunyň Hazaräspyň öňündäki bentleri açyp
Soltanyň goşunynyň geljek ýoluny suwa basdyrarys. Ýolsyz ýerlerden
ýöräp, ýadap gelen goşuna duýdansyzdan hüjüm etsek, inşalla ýeňiş
biziňki bolar. Şundan soň ters pikirli adamlar bilen hem hasaplaşarysdiýdi. Weziriň ýüzi ak daşa döndi.
Horenşanyň bu sözünden soň goşuny ertiriň özünde Hazarasp
galasy tarap çekmäge karar edildi. Meşweretden soň özüniň aram
otagyna gelen Atsyza gapynyň öňünde duran goragçy:
-Aly hezret, Zübeýda “şahym maňa günortan gelip garaş” diýip,
girip, gitdi-diýdi. Atsyz kellesini ýaýkap, ajy ýylgyrdy. Içeri gireninde
135
ýatalgada gözüniň ýaşyny köýneginiň ýeňiniň ujy bilen süpürip oturan
Zübeýda gözi düşdi. Ol:
-Ýene näme diýip geldiň, Zübeýda?-diýip, gatyrganybyrak sorady.
Jogap bolmady. Atsyz ýene sorady:
-Näme boldy, näme üçin aglaýaň?
-Şahym, düýn Siziň “seni alyp gitjek däl, bu Jende eden ýörüşimiz
ýaly oýunjak söweş däl” diýeniňizden bäri meniň rahatlygym gaçdy.
Gijesi bilen uklap bilmedim...
Düýn ikisiniň arasynda şeýle gürrüň bolupdy. Horezmşanyň uly
söweşe taýýarlyk görýänini eşidip ýören Zübeýda hemişekisi ýaly
Atsyzyň aram otagyna göni girip bardy we özüni hem bu söweşe alyp
gitmegini haýyş etdi. Şonda Atsyz:
Seni alyp gitjek däl... Münejimler: “Bu söweşde siziň
nökerleriňiziň üçden biri gurban bolýar” diýip aýtdylar. Sen bu söweşde
üçiň biri bolsaň, men Zübeýdasyz galaryn diýip gorkýan. Şonuň üçin
hem seni alyp gitjek däl.
-Siz “özümem üçiň biri bolmazmykam” diýip gorkaňyzokmy?
-Ýok. Men söweş tälimini gowy bilýän.
-Meniň bilen ilki ýüzbe-ýüz bolanyňyzda “Al gylyjyñy” diýenimde
etmediňiz. Eger şonda ýere taşlan gylyjyňyzy alan bolsaňyz meniň hem
söweş tälimini nähili bilýänimi bilerdiňiz.
-Bilmänim üçin hem alyp gitjek däl. Gepiňi köpeltme, Zübeýda,
ýeriňe bar. Men ýadadym, dynç aljak-diýip, Atsyz ony zordan
ugradypdy. Atsyz onuň ýene gelip, aglap oturanyna bir hili ýüregi awap,
oňa mähirli nazar bilen seretdi, ony köşeşdirip ugratmak üçin gowy
sözler ýaňy diline gelende Zübeýda öňürtiledi:
-Şahym, meniň ýüregim bir zatlary duýýar. Meni alyp gidiň, men
size gerek bolaryn.
-Gerek bolmarsyň, Zübeýda. Ol ýerde seniň ýüregiňi
rahatlandyrmaga meniň birem wagtym bolmaz.
-Men o manyda aýdamok!-diýip, Zübeýda ör gökden geldi. Dogrusyny aýtsam, meniň ýüregim bir erbetligi duýýar. Eger goşunyňyz
derbi-dagyn bolsa, biziň taýpalara bararys. Meniň bilen barsaňyz Sizi
kabul ederler.
-Siziň taýpalaryňka barmaly bolmaz. Ýeňiş biziňki bolar!
-Hudaýdan uly geplemäň, şahym.
-Inşalla, biziňki bolar.
-Onda, meni alyp gitjek dälmisiňiz?...
136
Atsyz jogap bermän dymdy, oýa çümdi: “Pelek işidir... Bilip
bolmaz...”
-Zübeýda-diýip, Atsyz gyzyň ýüzüne bir hili düşnüksiz nazar bilen
seretdi.-Eger juda gidesiň gelýän bolsa alyp gideýin, taýýarlanyber.
Ertirden ugraýas.
Zübeýdanyň ýaşly gözleri parlap, ýüzi gül kimin açyldy. Ol
ýerinden turup tagzym etdi-de:
-Ýaşasyn Şahym!-diýip ýylgyrdy. Soňra ýene tagzym edip, guş
kimin uçup gitdi. Atsyz onuň yzyndan kellesini ýaýkap, ýylgyryp galdy.
***
Ertesi ir kernaý-surnaýlar çalynyp, nagaralar kakylyp, leşger
ýörüşe ugralýan ýere jemlendi. Horezmşa leşgeriň ruhyny götermek üçin
düýnki meşweretde sözlän nutugyny has belent ses bilen gaýtalady.
Atsyz sözüni tamamlanyndan onuň adyna hamdu-senalar ýaňlandy. Bu
leşgeriň ony doly goldaýanyny añladýardy.
-Teşekkür, gerçeklerim, teşekkür!-diýip, Atsyz bir elini gursagyna
goýup, minnetdarlyk bildirdi.
Atsyz töweregine seredeninde özi bilen bile gitmeli nedimleriň
içinde weziri Abul Muzaffar än Nyşapuryny görmedi. Ony soranynda
kätibi Reşiteddin Watwat:
-Aly hezret, siz oňa meşweretde “weziri büzrük” diýdiňiz, indi ol
büzrükligi göterip bilmän ýatan bolmaly ýa-da gorkup gaçan bolmalydiýdi.
-Näme üçin gorkýa?
-Siz meşweretde “Ýeňişden soň ters pikirli adamlar bilen
hasaplaşarys” diýdiňiz. Ol özüniň ters pikirlidigini siziň bilýäniňizi
bileni üçin gorkup gaçandyr.
-Gaçsa owarram!-diýip, Atsyz baş serkerdä “gitdik” diýen manyda
başyny atyp yşarat etdi. Baş serkerdäniň buýrugy bilen kernaý-surnaýda
“Ýörüş” heñi çalyndy.
Ýöriş başlandy. Öňde atlylar, yzynda pyýadalar, iň yzda ýükli
ulaglar we patşanyň häremi bilen hazynasy. Şeýle tertipde ýer süýşen
ýaly bolup barýan agyr goşun bäş gün diýende Hazaräsp galasynyň
etegine ýetip, goş taşlady. Horezmşanyň buýrugy bilen derýanyň bir
bendini açyp, duşmanyň geljek ýoluny suwa basdyrdylar. Şeýlelikde
garşydan gelýän goşunyň ilerlemegi üçin uly päsgelçilik döredildi. Bu
usul bilen Atsyz soltanyň goşunyny ýolsyz, çarkandakly ýerlerden
ýöredip, has ýadatmakçydy, ýadap gelen leşgere duýdansyz hüjüm edip,
ýeňiş gazanmakçydy. Emma onuň bi pikirini aňan soltan Sanjar suw
137
basan ýoluň öňünde goş taşlap, leşgere bir hepde dynç berdi. Suw
çekilibermäninden soň, gumuň içi bilen assa-ýuwaş süýşüp ugrady.
Soltanyň beýle haýal hereket edýänliginiň bir sebäbi goşuny
ýadatmazlyk bolsa, ikinji sebäbi onuň geçirimlilik häsiýetine degişli
bolup, Atsyzyň aklyna aýlanmagy üçin wagt bermekçidi. Aslynda,
soltanyň Horezme ýörüş etmekden maksady gandöküşlik etmek däl-de,
Atsyzy gorkuzyp, eden işleri üçin özünden ötünç soratmak, dyza
çökermekdi. Emma Atsyzyň soltan Sanjaryň geçirimliliginden
peýdalanmak pikiri, asla, ýokdy. Ol seljuk goşunynyň gelmegine
sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.
Atsyzdan eden tamasynyň çykmajagyna gözi ýeten soltan Sanjar
urşuň, gandöküşükligiň gutulgysyzdygyna düşünip, söweşiň tärlerini
pikirlenip başlady. Ol Horezmşanyň şu golaýda, daş diýende, ýarym
günlük aralykda bir bukuda hüjüme taýýar durandygyny bilýärdi. Soltan
goşuny saklap, serkerdeleri ýanyna çagyrdy. At üstünde döwre gurap
durup, maslahat edildi.
-Ýigitler, jeň meýdanyna golaýlap barýas-diýip, Soltan
serkerdelerine ýüzlendi.-Söweşi nähili terzde alyp barmaly? -Kimde
niçik pikir bar, aýdyň:
Soltan Sanjar adatyna görä öz pikiri taýýar bolsa-da, ilki
adamlaryň pikirini sorardy. Bu sapar hem şeýle etdi. Serkerdeleriň her
haýsysy her dürli pikir bildirdi. Bu aýdylan teklipleriň, pikirleriň hiç
biri-de soltana makul bolmandygyny onuň ýüzünden aňan baş serkerde:
-Kyblaýy älem, Siz söweş täliminiň alymy, jeň täriniň ussady. Şeýle
bolansoň iň gowy pikiri özüňiz aýdarsyňyz diýip, umyt edýäs-diýdi.
Soltan Sanjar öwgüni gowy görmese-de, baş serkerdäniň aýdany
göwnüne ýaraman durmady. Çünki, ol ýalan öwgi däldi, dogrysyny
aýdypdy.
-Meniň çak edişime görä-diýip soltan pikirini beýan etmäge
başlady. -Horezimşa biziň goşunymyzy deňinden biraz geçirip, yzyndan
hem gapdaldan duýdansyz hüjüm etmek bilen ýeňiş gazanmakçy. Nesip
bolsa biz onuň hüjümini ýeňlişe öwüreris! Munuň üçin häzir goşuny ikä
bölüň. Birinji-öňdäki bölümiň ardyny, gapdalyny naýzaly pyýadalar
eýelesin. Birinji bölüp ýöräp gözden ýitensoň, ikinji bölüm hem süýşüp
ugrasyn. Duşman birinji bölüme, goşunyň hemmesidir öýdüp, bar güýji
bilen atly hüjüm eder, pyýada naýzalylar hüjüme garşy durar,
naýzalylary gurşawundaky atlylarymyz gurşawdan çykyp, ýeñseden
hüjüme geçer. Söweş has gyzan mahaly ikinji bölüm ýetip barar. Şundan
soň, nesip bolsa, meniň ýaňky aýdanym bolar, düşnüklimi, pikirim?
138
-Düşnükli, kyblaýy älem-diýişip, serkerdeler soltanyň rejesini
biragyzdan goldadylar.
Soltan goşunyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan Atsyz goşunyň garasy
görnenden tijenip başlady. Duşmany biraz deňinden geçirip, atlylary
hüjüme goýberdi. Duşman goşunynyň hem yzyndan hem gapdalyndan
hüjüm eden atlylar özlerine gönükdirilen tikeç ýaly gür naýzalaryň
garşylygyna uçradylar. Naýzalar atlar çarpaýa galsa bokurdagyna, ýogsa
at üstündäki urşujynyň döşüne dogry gelýärdi. Bir ýagşysy döşleri
galkanlar goraýardy. Şol demde bu naýzalylaryň ardyndaky atly leşger
aýlanyp gelip, jeňe girdi. Onýança Atsyzyň naýzaly pyýada leşgeri ýetip
gelip, duşmanyň atlylaryna hüjüme geçdi. Şundan soň söweş
horezminlileriň peýdasyna agyp başlady. Emma bu ýagdaý uzaga
çekmedi. Soltanyň ýetip gelen ikinji bölümi Atsyzyň goşunyny iki
tarapdan gurşap aldy. Şundan soň söweş şeýle bir gyzdy welin, maslyk
maslyga kaklyşdy, aýak astyndaky toprak gyzyl gana boýaldy. Soňky
ýüz ýylyň içinde Horezminiň çäginde beýle ganly söweş bolmandy. Bu
söweşde Atsyzyň on müň esgeri gurban boldy, özi kyrk-elli goragyndaky
esgerleri, iki ogly Il Arslan, Süleýman şah, baş hajyby ymam Mejdeddin,
kätibi Reşiteddin Watwat dagylar bilen zordan gaçyp gutuldy. Uly ogly
Atlyk bilen Zübeýda gurşawda galdy. 533-nji hijriniň güýzünde bolan bu
ganly söweş Horezmiň taryhyna misilsiz pajyga hökmünde ýazyldy.
Horezmşa gaçandan soň Soltan Sanjar söweşi togtatmak hakynda
buýruk berdi. Soltanyň jarçysy buýrugy bokurdagyna sygdygynça
gygyryp yglan etdi.
-Heý, söweşijiler! Soltanymyz urşy togtatmak hakynda perman
etdi. Horezminliler, ýaragyňyzy taşlaň, janyňyz aman galar! Ýogsa
hemmäňiz gyrylarsyňyz-ow!
Jan şirin. Ölüp gidenden ýesir düşen gowy. Horezmliler
ýaraglaryny taşlap, teslim1 boldular. Söweş tamam boldy. Soltan Sanjar
özüniň söweşe gözegçilik eden depesinden bu meýdana seredip durşuna
ýeňiş gazananyna ýüreginde ne begenç, ne buýsanç duýýardy. Tersine,
ýüregini agyr duýgular, serini agyr oýlar gurşap aldy. “Ah, sen
näletkerde, namart Atsyz! Näme üçin sen meni beýle gandöküşiklige
mejbur etdiň! Yzyňa tirkäp gelip, gylyjyň demine beren bu müňlerçe
bendeleriň gany tutmazmy seni?! Açyk meýdanda soltan Sanjar bilen jeň
etmäge kim sen?! Gürgenjiň içinde goranyp oturanyňda munça adam
gyrylmazdy. Menem şäheriňi bir aý gabardym, iki aý gabardym, şu
arada toba edip, ýaraş teklip edeniňde, menem razy bolardym, yzyma
gaýdyp giderdim. Täji-tagtyň ýene özüňe galardy. Indi nirä gaçdyň?
139
Gürgenje baryp, bukulyp ýatjakdyrsyň, belki. Muny başda etmelidiň.
Indi peýdasy ýok. Men indi seniň bilen ýaraşman. Baryp Gürgenji hem
alaryn, tagtyňa-da öz adamymy oturdaryn. Ine, seniň eden akmaklygyň
öz bagtyňy ýatyrdy.” Soltan şeýle iç gepletmeler bilen arkasyna öwrülip,
täze dikilen çadyryna tarap gitdi.
Soltan Sanjar söweşde gurban bolanlary jaýlamak (bu işe esasan
ýesirler çekildi) we leşgere biraz dynç bermek üçin bu ýerde bir hepde
saklandy. Şol arada birnäçe täsin, täsin däl wakalar bolup geçdi. Söweşiň
tamam bolanynyň dördünji güni serkerdeleriniň biri Soltanyň çadyryna
gelip:
-Kyblaýy älem, Horezmşa Gürgenje barman, derýadan gaýra geçip
gidipdir-diýdi.
-Kim getirdi bu habary?-diýip, soltan ynanynkyraman sorady.
-Ony derýanyň geçelgesinde gören adam aýtdy.
-Nirede ol adam?
-Şu ýerde, ony siz sorarsyňyz diýip sakladyk.
-Çagyr, özüm gepleşip gňreýin-diýip, soltan bu gepiň anygyna
ýetmekçi boldy. Salym geçmän, serkerde ýüzüni soltanyňky ýaly mama
dişlän çal sakgal bir adamy yzyna tirkäp geldi. Ol adam başyny çalarak
egip salam berdi-de, “näme gepiň bolsa aýdyber” diýen manyda soltana
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 12
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.