Latin

Gürgenç II - 09

Total number of words is 3704
Total number of unique words is 2049
32.3 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
51.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
pederiniň sözüni böldi. Atsyz güldi, oňa goşulyp beýleki ogullaram
güldi.
-Aý näme, gorkagy köp kowsaň batyr bolar diýipdirler. Menem bu
zatlary göre-göre batyr boldym öýüdýän. Ýöne söweşde “gözsüz batyr”
diýenleri uzaga gitmeýär, gorkak batyr bolmaly, kelläňi duşmanyň
gylyjyndan gorap, zarba urmaly. Eý ogullarym, zamanamyz uruşlar, jeňjedeller zamanasy. Entek sizlerem mundan çetde galmarsyňyz, wagty
gelip, jeňlere girmeli, söweşmeli bolarsyňyz.
-Ol söweşiň soňy nähili boldy, kaka? Atamyz hem söweşe
goşuldymy?-diýip, Atlyk sorady.
-Soňunda Mahmudyň goşuny derbi dagyn edildi, özi gaçyp
gutuldy. Ýeňiş ataňyzyň hemaýaty bilen gazanyldy. Duşmanyň sag
ganaty güýçlidi. Ataňyz şu güýçli tarapyna hüjüme geçip, duşmany has
asgynlatdy. Şundan soň duşman goşuny ýeňlişe sezewar boldy.
Merwe gelenimizde soltan ýeňşi uly dabara bilen belledi.
Dabaradan soň ýurda gaýdarman bolanymyzda soltan eden kömegimiz
üçin uly minnetdarlyk bildirip, ataňyza, maňa-da gymmat bahaly
serpaýlar ýapdy. Egnime serpaý dony geýdirýärkä özümi bir hili
oňaýsyz duýdym. Meniň bu ýagdaýymy aňan soltan:
-Atsyz, “maňa näme serpaý” diýip gysynma. Gadym Eýranda
öýlere aýlanyp, adamlaryň odunyny aýryp berýän günlikçiler bolýan
eken. Olaryň odun aýyrýany her sapar palta uranynda ýanyndakysy
103
“hah!” diýip durýan eken. Şonda odun aýrana on teňňe, ýanynda “hah!”
diýip durana-da on teňňe berýän ekenler. Sen gylyç urmasaňam içiňden
bolsa-da “hah!” diýip duransyň-diýip, degişip güldi.
Ol bu degişmäni meniň söweşe goşulmandygymy ýaňzytmak üçin
aýtdymy ýa-da ýöne maňa degişesi geldimi, bilmedim. Emma ataňyzyň
onuñ bu degişmesini halamandygyny ýüz-gözünden aňdym. Men-ä
onuň özüni öňden halamaýardym. Eger ol maňa bir däl, müň serpaý
ýapsa-da, oňa bolan garaýşym üýtgemezdi.
Bu söweşden soň ataňyzyň abraýy soltanyň öňünde has belende
galdy, ol onuň iň ýakyn, ynamly adamlarynyň birine öwrüldi. Munyataňyzyň soltanatdaky agramyny goňşy ýurtlaryň hökümdarlary hem
bilýän bolmaga çemeli. Olaryň käbirleri soltan Sanjara haýyşlary bolsa,
ataňyzyň üsti bilen bitirmäge çalyşýardylar. Şeýle hökümdarlaryň biriSamarkandyň patyşasy Muhammet Arslan han ýanynda wezir-wekilleri,
gymmat bahaly sowgat-salamlary bilen uzak ýoly söküp, Gürgenje
geldi. Ataňyz ony kabul edeninde köşkde menem bardym. Gadyrly
salamlaşyp soraşdylar. Myhmanlaryň hormatyna giňden saçak ýazyldy.
Arslan han bir hili aladaly görünýärdi, saçak başynda-da açylyp
oturmady. Onuň bir ýumuş bilen gelendigini aňyp oturan ataňyz
oturlyşygyň soňunda:
-Gadyrly myhmanlar, bizlik ýumuşyňyz bolsa aýdyp oturyň-diýdi.
Şundan soň Muhammet Arslan han dil ýardy.
-Muhterem, gadyrdan Kutbeddin Muhammet hezretleri, biz bir
möhüm haýyş bilen geldik. Soltan Sanjar hezretleriniň biziň üstümize
ýörüş etmek üçin taýýarlyk göräýndigini eşitdik. Eger ol
Mawarannahyra goşun çekip geläýse uly gandöküşlik bolar. Sizden şu
gandöküşligiň öňüni almagyňyzy towakga edýäris. Soltany bu raýyndan
gaýtarmak diňe siziň eliňizden gelýändigini bilenimiz üçin size ýüz
tutmagy makul bildik.
-Soltan ýöne ýere üstüňize goşun çekjek däldir, sebäbi bardyr.
Sebäbini bileňizokmy?-diýip ataňyz Arslan hana dikanlap garady.
Arslan han birden jogap berip bilmän, ýanyndaky adamlaryna birbir garady. Ol kime seretse, seredeni kellesini aşak saldy.
-Aý, sebäp diýer ýaly uly bir sebäbem ýok-la-diýip ardynjyrady,
soňra-kimlerdir baryp, Soltana biziň üstümizden raýatlaryň adyndan
şikaýat edipdirler. Sebäbi şumy ýa bu bir bahanamy, bilmedik-diýdi.
-Bahana däldir, han. Soltan bir iş etjek bolsa bahana gözläp
oturmaýar. Raýatlaryň adyndan şikaýat edilen bolsa siz adalat
104
ýörelgesinden sowulansyňyz-diýip, ataňyz oňa temmi beriji äheňde
aýtdy.
-Tutuş ýurtda adalaty saklamak diňe bir hökümdaryň elinde däl,
welaýatlardaky emeldarlaryň hem adalaty bozmaklary mümkin dälmi?diýip Arslan han özüni aklamaga çalyşdy. Ataňyz bir salym oýa çümüp,
dymdy. Soňra Arsalan hana göni seredip, gepledi:
-Han, men siziň şu sözüňize jogap hökmünde bir rowaýat aýdyp
bereýin, diňläň, diýdi. Gadymda bir hökümdar ölüm düşeginde
ýatanynda ogluny ýanyna çagyrypdyr. Ol: “oglum men indi dünýäni
täzelemeli bolup durun. Täji-tagtym saňa galýar. Meni jaýlanyňdan soň
ýedinji gije düýşüňe girip ýurdy nädip dolandyrmalydygyňy
düşündirerin” diýipdir-de jan beripdir. Ogly ýedinji gün huptan
namazyny okap, pederi bilen düýşünde duşuşmak üçin hemişekisinden
irräk ýatypdyr. Emma pederi wadasynda tapylmandyr, düýşüne
girmändir. Ogul şundan soňam her gün pederiniň düýşüne girmegine
umyt edip ýatypdyr. Aýlar, ýyllar geçipdir. Ahyryn, ýedinji ýylyň bir
gijesi pederi oglunyň düýşüne giripdir. Ogly: “Kaka, näme üçin aýdan
wagtyňda, ondan soňam gelmediň? Men saňa köp garaşdym” diýeninde,
pederi: “oglum, ýurduň gaýrasyndaky uly ýabyň köprüsinde bir deşik
bar eken, raýatlarymyzyň biri şol köprüden goýunlaryny sürüp geçip
barýarka bir goýnynyň aýagy şol deşige girip gidip döwlüpdir. Men ýedi
ýyl ana şonuň jogabyny berip bilmän eglendim” diýipdir.
Ataňyz rowaýaty şu ýerinde tamamlap, Arslan hanyň ýüzüne synçy
nazaryny dikdi. Han ýüzüni aşak salyp: “Düşündim, Hezreti alylarydiýdi. Ataňyz şundan soň oňa soňky sözüni aýtdy:
-Muhterem Han, men siziň haýyşyňyzy, enşalla, bitirerin. Emma
mundan soň ähli welaýatlaryňyzdaky “köprüler” abat bolsun.
Arslan han başyny egip, ataňyza çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Iki
gün dowam eden hezzet-hormatdan soň myhmanlary ýurdyna ugradyp,
ataňyzyň özü-de Merwe-soltan Sanjaryň huzuryna ugrady. Ol özüne
ynamy bolmasa Arslan hana “Siziň haýyşyňyz, enşalla bitirerin” diýip
aýtmazdy. Ol aýdyşy ýaly sözüniň üstünden çykyp, Gürgenje sagsalamat dolanyp geldi. Soltan Sanjar bolsa Arsalan hana Horezmşanyň
haýyşy boýunça günäsini geçýändigini mälim edip nama ýollapdyr.
Soltanyň namasyny alan badyna Arsalan han ataňyza sowgat
salamlar bilen teşekkürnama iberdi.
Ine ogullarym, ataňyz şeýle ynsanperwer, diňe öz halkyna däl,
başga halklara-da elinden gelen ýagşylygyny aýamaýan beýik adamdy.
Siz şeýle atanyň nebereleri bolanyňyza buýsanmalysyňyz. Menem şeýle
105
beýik adamyň perzendiligime buýsanýaryn. Ine on ýyl bäri pederimiň
soltan Sanjara wepalylyk däbini saklap gelýärin. Ýöne... Ýönesini
sözümiň başynda aýdypdym-diýip, Horezmşa Atsyz ogullary bilen eden
söhbetini jemledi.
X BAP
Dünýewi we dini ylymlardan baş çykarýan, edebiýaty, sungaty
söýýän, arap, pars dillerini suwara bilýän, parsyda ne gözel gazallar,
kasydalar ýazýan, öz döwrüniň we geçmişdäki beýik şahyrlaryň
gazallarynyň, rubagylarynyň köpüsini ýat bilýän Horezmşa al Mälik abu
Müzaffar Jelaleddin Atsyz bir bisowat, ne ýazyp, ne okap bilýän soltan
Sanjara* özüniň aýdyşy ýaly, tagta çykanyndan bäri on ýylyň
dowamynda gulluk edip gelýärdi. Elbetde, hakyna seredeniňde bu
adalatdan däldi. Ýöne adalat güýçdedi. Egsilmez güýç kimiň elinde
bolsa adalat hem şonuň tarapyndady. Güýç eýesiniň eden ähli işi
adalatly hasap edilýärdi. Oňa seniňki däl diýilmeýärdi. Zamana şeýledi.
Emma Horezmşa Atsyzyň köşgünde aram-aram guralýan meýlisler çagy
ol güýç hem, güýçli hem unudylýardy. Ol ýerde saz-söhbet, şygryýet
höküm sürýärdi. Meýlisde muşaýyreni2 Horezmşa Atsyz özüniň parsyda
ýazan gazallary bilen başlap berýärdi. Bu günki meýlisde Horezminiň
tanymal şahyrlaryndan başga-da Ispihandan, Merwden gelen şygryýet
ussatlarynyň iküçisi bardy. Muşaýyrede şahyrlara Horezmşanyň münşisi
zeberdest şahyr Reşiteddin Watwat başçylyk edýärdi. Köşkde wezipeli
adam bolansoň ol muşaýyreli meýlislerde hemişe öňe tutulýardy. Ýogsa
ol görgüliniň daşky sypaty orta çykarar ýaly däldi. Şahyrlar “ony
Allatagala degişip ýaradypdyr” diýip, öz aralarynda gülüşýärdiler. Onuň
kep-kelte göwresiniň üstündäki ullakan togalak kellesi, köseleç gyzyl
ýüzündäki wäşilik alamatlary göreniň gülküsini tutdyrýardy. Emma
Allatagalanyň bu betnyşan göwrä şeýle üýtgeşik zehin salany haýran
galdyrýardy. Hakykatdan-da, ol şygryýetde köp şahyrlary ompa
oturdýan ajaýyp şahyr, köp ylymlardan başy çykýan bilimdan, dilewar
we ökde hatdatdy. Watwat onuň ady däl-de, lakamydy. Ýarganat diýen
manyny berýän lakamyna laýyk uçup-gonup duran çakgan, işjeň,
guramaçy adamdy. Ol ine şu meýlisde-de şahyrlaryň serdary bolan
bolup, olaryň her biriniň alkymyna baryp, muşaýirede okajak gazalyny,
aýratyn-da, Horezmşa Atsyza bagyşlanan kasydalaryny soraşdyryp
çykdy. Bu işi boldum edip, Horezmşaga ýüzlendi:
-Aly hezret, indi muşaýyreni özüňiziň täze ýazan dürdäne
gazallaryňyz bilen başlap beräýseňiz.
106
-Jenap Reşiteddin, bu sapar men gazallarymy size okatmakçy-diýip
Horezmşa ýeserlik bilen ýylgyrdy. - Sebäbi siz gazaly juda labyzly
okaýarsyňyz, meniň okan gazallarym çeperçilik taýdan siziňkiden pes
bolmasa-da, siziň okaýşyňyzyň ýanynda bir hili öçügsiräk duýulýar.
Şonuň üçin siz meniňkinäm, özüňiziňkinäm bir meňzeş äheňde okaň!
Onsoň netijesini göreris.
Reşiteddin Watwat Horezmşanyň teklibine başyny egip, onuň
uzadan gazallary ýazylan kagyzlary aldy. Soňra meýlisler eýwanyny
dolduryp oturan adamlara ýüzlendi:
-Möhterem jemagat, Horezmşa hezretleriniň teklibini eşitdiňiz. Ine
meniň elimde Aly hezretiň mübärek elleri bilen ýazan üç gazaly bar. Ilki
men size şu gazallary okap bereýin. Soňra özümkini-diýip, ol belent
owaz bilen Horezmşanyň gazallaryny labyzly okap başlady. Her gazaly
okap, bir salym dyngy bereninde oturanlaryň arasyndan “Aperin!
Aperin! Juda gözel gazal, inçe duýgulara ýugrulan” diýen seslenmeler
eşidildi durdy. Haçanda Reşiteddin Watwat öz gazallaryny okanynda oňa
hiç hili seslenme bolmady. Muňa gahary gelen Watwat Horezmşaga
ýüzlenip:
-Aly hezret, bu oturan jemagat meniň gazallaryma düşünmedi
öýüdýän-diýdi.
-Ýok, jenap Reşiteddin - diýip Horezmşa ýylgyrdy.-Siziň
gazallaryňyz meniňkiden hem näzik duýgulara ýugrulanlygy, gözellikde
taýsyz bolanlygy üçin tarypyna söz tapman haýran bolup otyrlar.
Horezmşanyň sözüni ýaňsylama diýip düşünen Watwat beter
gaharlandy.
-Aly hezret, maňa meýlisden çykyp gitmäge rugsat ediň-diýip,
gapa tarap iki ädim ädeninde Horezmşanyň “Duruň!” diýeni ony
saklady.
-Reşiteddin jenaplary, siz juda zehinli, dana adamsyňyz, şeýle
bolsaňyzam, meniň sözüme düşünmän gaharlandyňyz. Meniň
gazallaryňyz hakynda aýdanym çynym. Adamlar hakynda aýdanym size
däl-de oilara degişli-diýip, Horezmşa soňundan oturanlara ýüzlendi:
-Ezizler, dünýäde hakykat diýen zat bar. Aslynda ol hemme zatdan
üstün, hemme zatdan ýokarda bolmaly. Emma köp ýagdaýlarda ol bähbit
diýen zadyň aşagynda galyp gidýär. Häzir, şu ýerde hem şeýle boldy.
Näme üçin diýseňiz, münşüge ýaranandan patyşaga ýaranan bähbitliräk
görüldi.
Horezmşa bu sözi bilen Reşiteddin Watwatyň göwnüni göterip,
oturanlary duzlady. Emma şu pursatda hemmeleriň uly sarpa goýýan
107
ýaşuly alymy we şahyr Abul Hasan ibn Abu Aly al Horezmi gepe
goşulmadyk bolsa tas meýlisiň mazasy gaçypdy.
-Muhterem Horezmşa hezretleri, jenap Reşiteddin-diýip, ol ikisine
deňine ýüzlendi.-Meniň şygryýete düşünýändigime ynansaňyz, okalan
gazallar biri-birinden gözel, ajaýyp. Şonuň üçin öýke-kinäni goýalyň-da,
muşaýyreni dowam etdireliň. Ellerinde gazallary, kasydalary bilen
şahyrlarymyz nobatyna garaşyp durlar.
Köpçülik ýaşulynyň gepini makullap: “Muşaýyre bolsun!
Diňläliň!" diýip seslendi. Horezmşa hem ýylgyryp, başyny atdy. Şundan
soň Reşiteddin Watwat şahyrlara söz bermäge başlady. Ilki bilen gazallar
okaldy. Okalan gazallara şahyrlaryň ylhamyny joşdurýan öwgüli sözler
bilen baha berdiler. Horezmşanyň özi hem berlen bahalary başyny atyp,
makullap oturdy. Gazallardan soň kasydalara gezek ýetdi. Reşiteddin
Watwat ilkinji nobaty “Fahri Horezm” (Horezmiň buýsanjy) diýilýän
dünýä belli alym Mahmyt az Zamahşarynyň ussady alym hem şahyr
Abul Hasan Aly ibn Muhammet al Horezmi jenaplaryna berdi. Ýaşy bir
çene baran, ap-ak tegelek sakgally, nurana ýüzüne biraz gussa çaýylan
şahyr Abul Hasan ýerinden turup Horezmşaga tagzym etdi-de,
Kasydasyny okap başlady. Kasyda Horezmşa Atsyza bagyşalanan bolup,
onda Atsyza mahsus bolan, hatda bolmadyk häsiýetler göge göterip
öwülýärdi. Kasydany diňläp oturan Horezmşa Atsyz käte ýylgyryp,
kellesini ýaýkap goýýardy.
Abul Hasan Aly kasydany okap bolup, ony Horezmşa Atsyza iki
elläp gowşurdy. Horezmşanyň yşaraty bilen bir çetde duran hazynaban
üsti tylla teňňelerden doly mejimäni goýan ýerinden alyp, ýaşuly
şahyryň alkymyna getirdi. Horezmşa:
-Muhterem Abul Hasan jenaplary, kasydanyň haky üçin şu
tyllalardan penjäňize syganyny alyň!-diýdi. Abul Hasan ibn Muhammet
mejimeden birje tyllany aldy-da:
-Maňa şu hem ýeterlik, Aly hezret, çünki, men kasydany pul üçin
ýazmadym. Size bolan garaýşymy, hormatymy, söýgimi ýüregim emir
etdi, ýazdym-diýdi.
-Onuň ýaly bolsa teşekkür size, möwlana-diýip Horezmşa ýerinden
turdy, baryp ýaşuly şahyryň elini gysyp minnetdarlygyny bildirdi. Olar
ýerlerine baryp oturanlaryndan soň Reşiteddin Watwat nobatdaky şahyra
söz bermekçi bolanynda Horezmşa bir elini galdyryp, ony saklady, özi
jemagata ýüzlendi:
-Ezizler, öwgüni götermek aňsat däl. Möwlana Abul Hasan
jenaplarynyň kasydasyndaky öwgüler hem maňa ýeterlik boldy. Şonuň
108
üçin kasydabazlygy bes edäýeli. Ýöne meýlise kasyda ýazyp gelenler
tyllaly mejimäniň üstüne kasydalaryny goýup, tylladan isläninçe
alsynlar-diýip, ýeserlik bilen ýylgyrdy-da. -Ýöne ynsap bilen -diýdi.
Reşiteddin patyşanyň ýarym çyn, ýarym degişme sözüne jogap bermän
durup bilmedi, ol hem degişmä salyp şahyrlaryň bähbidi arap gepledi:
-Aly hezret, mejimeden özüňiz alyň, onda-da ynsap bilen
diýmegiňiz öýe gyssagly gelen adama “çöregiň duzuny dadyp gidiň”
diýen ýaly bolýar. Çöregiň duzuny dadan adam birje döwümden köp
almaga çekinýär. Şonuň üçin öz eliňiz bilen näçe berseňiz bular “ýok”
diýmeýär. Çünki patyşanyň elini gaýtaryp bolmaýar.
Patyşanyň huzurynda pakyrda beribermek edepsizlik bolýanyny
bilýän adamlar näçe gülesi gelseler-de, özülerini basyp, ýylgyryşyp
oňdylar. Horezmşanyň özi bolsa hezil edip güldi. Soňra:
-Jenap Reşiteddin, meniň özüm bermeli bolsam, siz men bolup,
mejimedäki tyllalary şahyrlara paýlaň. Özüňizäm ýatdan çykarmaňdiýdi.
Watwat Horezmşanyň emrine baş egip, tagzym etdi. Soňra
mejimäni hazynabana göterdip, şahyrlaryň hataryna bardy. Mejimedäki
altynlary şahyrlara paýlap berdi. Özüniň aýdyşy ýaly hiç kim “ýok”
diýmedi. Şol wagt daşardan giren köşk sahybynyň Horezmşanyň ýanyna
baryp, bir zatlar diýmegi oturanlaryň ünsüni çekdi. Horezmşa hem oňa
bir zatlar diýdi, ol baş egip çykyp gitdi.
-Ezizler!-diýip Horezmşa jemagatyň ünsüni özüne çekdi. -Bir hoş
habar geldi. Şu gün irden kerwen bilen, özüni tanatman, gelen bir agsak
mysapyryň Horezminiň fahry-buýsanjy bolan beýik allama* Abul
Kasym Mahmyt az Zamahşary hezretleri ekenligi mälim boldy. Biziň
bilişimizçe, ol hezret bir näçe ýyldan bäri Mekkeýi mükerremede
Megineýi münewerede ýaşap, araplara özleriniň arap diliniň
kadalaryndan sapak berýärdi. Indi Watana dolanmagy ygtyýar edip, ilki
bilen Gürgenje gelipdir. Men ol kişini meýlisimize alyp gelmegi
buýurdym. Bir az tagapyl etsek ol hezret bilen didarlaşmak bagtyna
miýesser bolarys. Horezmşanyň bu habaryna hemmeler begendiler.
Adamlar öz aralarynda ol kişi hakda bilenlerini, eşidenlerini biribirine gürrüň berýärdiler. Horezmşanyň iň ýakyn maslahatçysy hem
lukmany ymam Zeýneddin Ismaýyl al Jürjany Horezmşaga araplaryň az
Zamahşary hezretlerine Jarullah-(Allanyň goňşysy ýagny iň ýakyn
adamy) diýen lakam berendikleri barada gürrüň berýärdi.
Allama az Zamahşary köp garaşdyrmady. Saraýbanyň: “Fahr al
Hwarazm, al Allama, Jarullah Abul Kasym Mahmyt ibn Umar ibn
109
Muhammet al Harezmi az Zamahşari hezretleri geldi-diýen habary
ýaňlandy. Ol köşk sahyby bilen gelip girende jemagat ony ör turup, hoş
sözler bilen garşy aldy. Ol giren ýerinde aýak çekip, jemagata goluny
gursagyna goýup salam berenden soň adamlara göz aýlanynda ilki
ÿerinden turup, dik duran Horezmşaga gözi düşdi, soňra şahyrlaryň,
alymlaryň öň hatarynda duran halypasy Abul Hasan ibn Muhammet al
Horezmini gördi, gören badyna baryp, ol kişiniň elini maňlaýyna degirip
togap etdi. Şundan soň Horezmşanyň garşysyna gelip, tagzyma egiljek
mahaly Atsyz oňa iki elini deňine uzadyp, tagzymdan saklady-da:
-Siz bize däl, biz size tagzym etmeli, möwlana-diýdi.
-Ýok, Alyhezret, “Taňry nazary salmaý kişi soltan bolmaz”
diýipdirler. Siz Allanyň nazary düşen adam, size tagzym etmek
hemmeler üçin hem parzdyr-diýip, az Zamahşary ýene tagzym etmäge
synanyşdy, Horezmşa bu sapar hem ony tagzymdan saklap.
-Möwlana-diýdi.-Taryhda galan bir nusgawy hekaýat bar.
Abbasylar nesilşalygyndan bolan islam äleminiň hökümdary Mutadid
hezretleri bagda alym Sabyt ben Kurranyň elinden tutup barýarka birden
elini çekip alypdyr. Alym oňa “Näme üçin eliňizi birden çekdiňiz?”
diýip soranynda, ol hezret “Görsem meniň elim siziň eliňiziň üstünde
ekeni. Ylym menden ýokarda durýar, ahryn” diýipdir.
Mahmyt az Zamahşary “meni ýeňdiňiz” diýen manyda başyny
atyp: -Ylyma şeýle uly sarpa goýýanlygyňyz üçin size müň keren
teşekkür, Alyhezret-diýdi. Horezmşa alyma özüniň sag tarapyndan ýer
berdi. Şundan soň meýlis aýdym-sazly dowam etdi. Dutaryň, gyjagyň,
udyň bir perdeden gopýan owazlary meýlisler eýwanyny dolduryp
ýaňlananda bu gadymy nusgawy heňiň täsiri adamlaryň gözlerini
süzdürip, iki ýana yrandyrýardy. Iküç ýyllap Mekkede, Medinede ýaşap
Gurhanyň süreleriniň okalyş heňinden başka heň diňlemedik Zamahşary
hezretleri bolsa, öz halkynyň döreden aýdym-sazlaryndan aýratyn lezzet
alyp, ýuwaşja çaýkanyp otyrdy.
Bir dem saz, bir dem söhbet diýleni ýaly, arada aýdym-saza dyngy
berlende Zamahşarynyň halypasy Abul Hasan al Horezmi:
-Aly hezret-diýip, Horezmşaga ýüzlendi:-Eger makul görseňiz,
aýdym-sazyň arasynda Möwlana Zamahşariniň Şygyrlaryndan, şonuň
dek onuň “Ýagşyzadalaryň bahary” atly eserinden parçalar diňlesek.
Ýogsa bu kişi bize hemişe tapdyranok. Ony bu gün biziň meýlisimize
Alla ýetirdi
Bu teklibi barça gollady. “Dogry teklip, makul, makul” diýişdi.
Horezmşa Zamahşary hezretlerine seredip:
110
-Möwlananyň özi näme diýer-diýdi.
-Men ustadymyň we jemagatyň raýyny ýykmaga hakym ýokdurdiýip, az Zamahşary ýerinden turdy.-Men näçe şygyr, näçe parça oka,
aýt diýseňiz okaýyn, aýdaýyn. Ýöne meniň ýazuw kelamym araby. Bu
jemagatyň içinde arap dilini bilýänler köpmikä?
-Siz, Möwlana, köp wagtlap arabystanda bolanyňyz sebäpli
Horezminiň zyýalylarynyň* ýeten derejesinden bihabar bolsaňyz gerek.
Okaberiň, arap dilini bilmeýän ýok bu ýerde.
-Bu sözüňiz bilen meni juda begendirdiňiz, Alyhezret. Indi ejaza
berseňiz, ilki size bagyşlap ýazan bir kasydamy ýatdan okaýyn. Ony uly
yhlas bilen ýazanym üçin, ol setirme-setir hakydamda saklanypdyrdiýip, az Zamahşary Atsyza ýüzlendi. Horezmşa ýaňy “kasydabazlygy
bes edeli” diýenem bolsa özüniň arap dilinde nähili öwülýändigini bilesi
gelen bolmaga çemeli başyny atyp, razylyk berdi. Şundan soň
Zamahşary kasydany arap diline mahsus bolan kyraat bilen şeýle bir
labyzly okady weli arap diline düşünmeýän adam hem ony aýdymsyz
sazy diñlän ýaly diňläp, lezzet almagy mümkindi. Kasyda Horezmşa
Atsyza hem ýarady. Onda suwjyk öwgüler ýokdy, Atsyzyň hakyky
boluşy,
ynsanperwerligi,
adalatlylygy,
mertligi,
batyrlygy,
Watansöýüjiligi wasp edilýärdi. Emma sahawatlylygy hakynda kelamagyz söz ýokdy. Muny patyşanyň ýakyn nedimleriniň biri ýaranjaňlyk
edip, aýdanynda az Zamahşary şeýle diýdi:
-Alyhezretiň sahawatlylygy barçaga aýan. Men ony kasydamda
taryp etdim. Ýöne ol setirleri bu ýerde dile almadym. Sebäbi, sahawaty
taryplap, sahawatdan tamakin ýaly bolmaýyn diýdim.
Horezmşa Zamahşarynyň gepine kellesini ýaýkap gülüp:
-Möwlana-diýdi.-Tamakinçiligiňiziň ýokdygy üçin size sylagymyz
köp zat däl birje bedew at. Islän wagtyňyz onuň julawyny eliňize
tutdurarlar. Indi “Ýagşyzadalaryň baharyndan” parçalar diňläýsek.
Ondaky paýhasly pikirler paýhasymyza paýhas goşardy.
Zamahşary hezretleri Horezmşanyň we jemagatyň islegi
kanagatlandyrylýança özüniň dürdäne eseri “Ýagşyzadalaryň
baharyndan” parçalar okap berdi. Arasynda aýdym-saz bilen meýlis tä
adamlar ýadaýança dowam etdi.
XI BAP
Horezmşa Atsyz uzaga çeken meýlisden soň taşdaryny çagyryp,
gyzgyn hammamda ýuwundy-da, özüniň aram otagyna bardy. Gapynyň
öňünde häzir bolan sakçylara “Hiç kimi goýbermäň, men dynç aljak”
111
diýip, içeri gireninden şahana düşelen ýatalgasyna uzaldy. Adatda,
günuzyn iş bilen gümra bolan adamyň kellesine gerek-gerekmejek
pikirler agşam düşege geçeninde gelýär. Atsyzyň hem beýnisine köpden
bäri ornaşan, entek ile äşgär etmedik pinhan pikiri garaşylmadyk
myhman ýaly serinde ýene peýda boldy: “Ýurdy baknalykdan
gutarmaly. Horezmin meniň dogduk mekanym, göbek ganymyň daman
ýeri, ony ata Watanymy öz erkli, Garaşsyz ýurda öwürmek meniň
perzentlik borjum. Soltan Sanjar bize öz ygtyýary bilen erkinlik bermez.
Biz ony göreşip, söweşip gazanmaly bolarys. Goşunymyzy pederimiň
döwründäki ýaly soltan Sanjaryň bähbidini goramak üçin däl, öz
bahbidimiz üçin ulanmaly. Goşunymyzy onuň goşunynyň hatarynda
söweşlere sürüp pederim näme gördi? Dogry, men onuň permany bilen
pederimiň tagtyna çykdym. Ýöne bu meni ýokdan bar etdi diýen ýaly zat
däl, ahyryn! Bu atadan ogula miras galan-kanuny hakykat. Şeýle bolsada, ol meni bir ýurdyň hökümdary diýmän, özüniň serkerdeleriniň biri
hökmünde ulanyp geldi...”
Hakykatdan hem Soltan Sanjar Atsyzyň ýaşlygyndan, entek erkiniň
bekeşmediginden peýdalanyp, Horezminde emin-arkaýyn hökümdarlyk
etmegine maý bermän, ony öz ýanyna çagyryp aldy, goşunyň çep
ganatyna serkerde edip belledi. Söweşlerde görkezen edermenligi,
batyrlygy üçin ony gowy görýärdi. Aýratyn-da, Mawarannahyra ýörüşi
mahalynda Atsyzyň özüni ajalyň penjesinden sypdyrany üçin oňa bolan
mähri, ynamy has atdy. Bu waka şeýle bolupdy. 1130-njy ýylyň
baharynda Samarkandyň hökümdary Arslan han Muhammet baş göteren
garlyklaryň garşysyna soltany kömege çagyrýar. Soltan Sanjar
tabynlygyndaky ýurtda parahatçylyk ornatmak üçin goşun çekýär.
Goşun Buharanyň golaýyndaky bir meýdanda dynç almak üçin goş
ýazdyrýar. Soltan awa höwesli emirleri bilen şikäre çykýar. Ol bir ýeke
gapany kowalap, topardan biraz daşlaşanda gapdaldan iki atly çykyp oňa
hüjüm edýär. Ýeke özüniň iki adamyň hüjümine bäs gelmegi has
kynlaşan pursatda niredendir Atsyz peýda bolup, olary ýeke-ýekden
naýza bilen atdan agdarýar. Soltan bilen Atsyz atlaryndan böküp düşüp,
ýerde ýaraly ýatanlaryň üstüne gylyç ýalaňaçlap abananlarynda olaryň
biri:
-Beýik Soltan, öldürmäň, bala-çagamyz bar, şolara rehimiňiz
gelsin-diýip ýalbarýar.
-Onda dogrusyny aýt, meniň ölümim kime gerek boldy. Kim size
buýurdy.
-Öldürmeseňiz dogrusyny aýdaly.
112
-Aýt! Öldürmen.
-Bize Arslan han buýurdy. Şu işi etseňiz sylagyňyzy aňyrýany
bilen ýetirerin, etmeseňizem ýogyňyza ýanaryn diýdi...
Soltan Sanjar bu gepe haýran galyp, Atsyza seretdi:
-Bu nähili gabahatlyk! Özi bizi kömege çagyryp, ýene-de meni
öldürtmekçi bolýany nämeden-kä?!
-Kyblaýy älem, bu iki nejisiň kellesini Arslan hana “sowgat” edip
ibereli “Sowgady” açyp göreninde ýüregi ýarylyp ölmese näme üçin
beýdenini özünden sorarys.
-Ýok, men bulary öldürmen diýip söz berdim. Soltanyň sözi bir
bolmaly. Gitdik-diýip, Soltan Sanjar atyna atlandy. Atsyz hem atlanyp,
başyny galdyrmaga-da milt etmän ýatanlara başga üns bermän gitdiler.
Şikara çykyp, awy oňmadyk soltan Sanjar tas bolmasa özüniň
awlanjakdygyny, hälem bagtyna Atsyzyň wagtynda ýetip gelenini
oýlanyp, dymyp gelişine öňünden çykan emirlere-de üns bermän atynyň
başyny goşa garap burdy...
Goşun Samarkanda baryp ýetende soltan Sanjary öldürtmekligiň
küýüne düşen Arslan hanyň özüni Allatagala ölüm düşegine süýndiren
eken. Ony Soltanyň öňüne tagtarowanda getirdiler. El-aýagy ysmaz
bolup, gözgyny ýagdaýda ýatan Arslan hana Soltan bir seretdi-de,
ýüzüni kesä sowup:
-Munuň jezasyny Alla beripdir, men günäsini geçdim-diýdi.
Soltan Sanjar Arslan hana garşy baş göteren garlyklaryň
gozgalaňyny ýatyryp, Mawrannahrdan gaýdyp geleninden soň Atsyzy
öňkisinden hem gowy gördi. 1132-nji ýylyň baharynda Soltan Sanjaryň
baş göteren ýene bir ýegeni Muhammet Tapar bilen Hemedanyň
golaýynda bolan jeňde Soltanyň ýeňişine Atsyz uly goşant goşdy.
Şundan soň ol soltanyň iň ýakyn ynamdar adamyna öwrüldi. Soltan her
sapar oňaýy gelende ony öwüp arşa çykarýardy. Bu bolsa köşkdäki käbir
emeldarlary, emirleri ynjalykdan gaçyrýardy. Adaty köşk pitnelerinden
soltan Sanjaryň köşki hem halas däl ekeni. Atsyz soltana ýakynlaşdygy
saýyn pitneçiler oňa garşy hüjüme geçdiler. Olar soltanyň dürli
tarapyndan baryp, Atsyzy ýamanlap başladylar. Ilki soltan bu gep
sözlere kän bir gulak gabatmady. Emma bir nyşana garap yzly-yzyna ok
atylyberse olaryň biri degmese biriniň degmegi mümkin. Ine şunuň ýaly
emirleriň biriniň Atsyzyň aýtmadyk sözüni aýtdy diýmegi soltanyň
ýüregine ahyr kitüw saldy. Bu-da Mawarannahra ýörüş wagtyndaky
şikarda bolan waka hakyndady. Hamana Atsyz “şonda soltany men
ölümden gutardym. Gutarmasam boljak ekeni, onuň ýerine Muhammet
113
Tapar gelen bolanda men bir eýýäm ýurdumda-Horezminde bolardym”
diýenmiş. Bu gepe soltan ilki ynanmady. Emma Atsyzyň bu gepini
eşiden iki adamyň atlary tutulyp, şaýat görkezilensoň ýüregi çişdi. Ýöne
bir salymdan sowukganlyk bilen pikir öwürdi: “Atsyz ol sözi aýdan
bolsa-da, aýtmadyk bolsa-da boýun almaz. Şaýatlaram bularyň öz
adamlary. Şonuň üçin ýüzleşdirip, gelşiksiz ýagdaý döretmegiň geregi
ýok. Gowusy Atsyzy bularyň gözünden daşlaşdyraýyn, meniňem
gulagym dynsyn” diýip Atsyzy Balha kutwal (harby häkim) edip
ibermek kararyna geldi. Ol Atsyzy huzuryna çagyryp, gelen kararyny
oňa mälim edeninde Atsyz soltanyň nazaryndan onuň özüne bolan
garaýşynyň üýtgänini duýdy.
-Beýik soltanym, näme üçin meni özüňizden daşlaşdyrjak
bolýaňyz, men näme günä etdim?
-Men seni özümden däl, howp-hatardan daşlaşdyrjak bolýan.
-Ol nämäniň howp-hatary?
-Hökümdaryň gazabynyň howp-hatary.
-Men siziň gazabyňyza duçar bolar ýaly iş etmedim-ä, soltanym.
-Belki şeýledir. Şonuň üçinem seni dar agajynyň aşagyna däl,
Balha iberýän.
Atsyzy sowuk der basdy. “Maňa dar hem guran ekenler-ow” diýen
pikir kellesine uranda, dili tutulyp, soltana näme diýjegini bilmän galdy.
Soltan:
-Gaýdyber. Allaýaryň bolsun!-diýip, soltan ony kabul edendäki
sowuk nazaryny üýtgetmän ugratdy.
Atsyz özüni soltana oňaryp ýamanlandyklaryny bildi, ýöne
duşmanynyň kimdigini bilmedi. Soltany gepe gidýänlikde günäledi,
eden ýagşylyklarymyň gadyryny bilmedi diýip ahmyr çekdi.
***
“Gämiçi han boldy, biz nöker bolduk, Allanyň emrinden suw döker
bolduk” diýenleri kimin soltanyň söweşlerde sag goly, ýeňişlerine uly
goşantlar goşan serkerde Horezmşa Atsyz Balhda esgerlere azyk, atlara
ot-iýim taýýarlaýan kutwal bolaly bäri onuň soltan Sanjara bolan
garaýşy barha buza dönýärdi. Ol nähili ýol bilen bolsa-da, Horezme
gaýtmagyň kül-küýüne düşdi. Sag-aman ýurda dolanyp baraýsa etjegi
içindedi.
1136-njy ýylyň tomsunda soltan Sanjar tabynlykdan çykmak üçin
baş göteren gaznaly Bahram şanyň üstüne ýörüşi mahalynda Balha
degip geçmeli boldy. Atsyz soltany garşy almak üçin şäheriň birnäçe
kethudalary bilen galanyň derwezesiniň öňüne çykdy. Soltan leşgerden
114
ýarym çakyrym öňde kyrk-elli atlynyň öňdäki sapyň ortasynda gelýärdi.
Ol derwezä golaýlaşanlarynda Atsyz ýanyndaky adamlar bilen
atlaryndan düşüp, tagzym edip durdylar.
Tagzymda duranlaryň
garşysyna gelip, atynyň jylawyny çeken soltan Sanjar:
-Essalamu-aleýküm, Balhyň asylzada kişileri-diýdi. Tagzymda
duranlar kellelerini galdyryp:
-Waleýküm-essalam, hoş geldiňiz şähri Balha beýik Soltanymyz!diýişip, gollaryny gursaklaryna goýdylar. Şonda Soltanyň sag
tarapyndaky gara tegelek sakgally hajyp:
-Kyblaýy älem, Horezmşa jenaby alylary siziň mübärek
salamyňyzdan çetde galaýdy öýüdýän-diýdi. Atsyz onuň mekirlik bilen
uçganaklap duran gözlerinden duşmanlarynyň biri şu adamdygyny aňdy.
-Ol biziň salamymyzdan hem, merhemetimizden hem çetde
galmaz. Onuň bilen soň aýratyn salamlaşarys-diýip, soltan Atsyza
düşnüksiz ýylgyryş bilen garady. Atsyz soltanyň çotur ýüzünde peýda
bolan bu ýylgyryş ajy ýylgyryş bolmasa-da, tüýs ýürekden däldigini
duýdy. Ýöne soltan şähere girip ýerleşeninden soň aýdyşy ýaly ony
aýratyn kabul etdi. Ine şonda soltan ýüreginde saklanyp gelýän kitüwe
sebäp bolan gepi anyklamak üçin aňyrdan aýlap, gürrüň gozgady:
-Jelaletdin, (ol Atsyzy adynyň öňündäki at bilen atlandyrýardy)
men seni bäride köp sakladym. Eger şol şikarda men öldürilenimde
tagtyma çykan Muhammet Taparmy ýa başga birimi seni bir eýýäm
ýurduňa goýbererdi.
Atsyz bu gepe ilki aň-taň boldy. Birdenem kellesine bu gep ýöne
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 10
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.