Latin

Gürgenç II - 17

Total number of words is 3781
Total number of unique words is 1995
32.6 of words are in the 2000 most common words
45.7 of words are in the 5000 most common words
53.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Nyzametdin hajyp Horezmşanyň gaty syr saklanmaly bir zat
aýtjakdygyny aňyp, oňa köp manyly seretdi-de:
-Aly hezret, saljak maslahatyňyz diňe ikimiziň aramyzda galmaly
bolsa, men ony özüm bilen gabyryma alyp giderin-diýip, edep bilen
başyny egdi. Atsyz hajybyndan synçy nazaryny aýyrman, pikirini beýan
etdi. Horezmşanyň matlabyny aňan hajybyň içinde niçik harasat turan
bolsa-da, daşyndan hiç zat bildirmedi. Ol:
-Aly hezret, siz şu işi makul gören bolsaňyz, men adam taparyn.
“Gyzyl görse Hydyr hem gyzar” diýipdirler. Altynyň etdirmejek işi ýok.
Köpräk eçileris-diýdi.
XIX BAP
Edip Sabyr Merwden çykan kerwen bilen nirede sen Horezmin
diýip ýola düşdi. Onuň bagtyna kerwenbaşy sungata, şygryýete sarpa
goýýan, sowatly hem-de Edip Sabyryň at-owazasyny eşiden, onuň
şygyrlarynyň birnäçesini ýat bilýän adam eken. Ol ýol boýy şahyry
hormatlap, onuň bilen söhbetdeş bolup geldi. Şeýlelikde Edip Sabyr
uzak ýoly söküp, Nowruz baýramçylygynyň başlanan güni ikindinara
kerwen bilen Gürgenjiň gündogar derwezesinden girdi. Uzak ýoluň
ýadawlygyndan başga-da, Üst-başynyň tozandygy, sakgal-murtunyň
ösenligi sebäpli köşge baryp, görnüş bermäge çekinip, şu gije
kerwensaraýda düşlemegi makul gördi. Ol atyny we goşuny
kerwensaraýyň hyzmatçysyna tabşyrdy-da, ajygany hem suwsany üçin
beýleki işleri soňuna goýup, şamlyk edinmek üçin kerwensaraýyň
garbanyşhanasyna girdi. Giren ýerinde ony eli kündük legenli hyzmatçy
ýigit garşy alyp, elini ýuwdyrdy. Iýjek, içjek zatlaryny sorap, oturmaga
ýer görkezdi. Edip Sabyr jaýlaşyp oturansoň töweregine göz aýlady.
Eýwan ýaly bu uly jaýyň içini ýokardan asylan birnäçe panus-çyralar
ýagtyldýardy. Bir giden ululy-kiçili sekilerde çaý içip, nahar edinip
oturan adamlaryň özara gürrüňinden, gülküsinden dörän gowur howada
ýakymsyz ýaňlanýardy. Edip Sabyryň buýran nahary bilen çaýyny
getiren hyzmatçy ýanynda gelen iki adama-da onuň oturan sekisinden
ýer görkezdi. Gelenleriň ikisi-de sakgal-murtsyz ýüzlerini gara tüý basan
ýaş ýigit bolsalaram sakgaly çalaryp ugran Edip Sabyra edep bilen salam
202
bermäge derek başlaryny çalarak atyp, üm-süm ýerleşip oturyberdiler.
Ysmaýylylara meňzeş at ýüzli daýow pyýada bolup, biriniň çep gaşynyň
üstünde kiçiräk çandyk bardy. Ýüzleri hyrsyzdy, gözleri alady.
Kellelerindäki gara baganadan tikilen başgaplarynyň ýokarsy
galandarlaryňky ýaly süýridi. Eginlerindäki düýe ýüňünden dokalyp
tikilen mele reňkli çäkmenlerine garanda garyp-gasara meňzemeýärdiler.
Olaryň üst-başlarynyň, ýüz-keşpleriniň meňzeşligi ekiz taýlar bolaýmasa
diýdirýärdi. Hyzmatçy olaryň öňüne naharsyz bir çäýnek çaý bilen iki
käse getirip goýdy. Olar käselerine guýnan çaýlaryny göwünli-göwünsiz
ellerine alyp, ýöne bir güýmenje üçin her mahal bir owurtlap oturdylar.
Şuňa garanda olar bu ýere naharlanmaga ýa-da çaý içmäge däl-de, başga
bir iş bilen gelene meňzeýärdiler.
Bir mahal garbanyşhananyň gapysyndan aýratyn geýnüwli bir
adam gelip girdi. Gara gyrçuw sakgally, orta boýly, orta ýaşlaryndaky bu
adam giren ýerinde durup, birini gözleýän ýaly jaýyň içine dykkatly göz
aýlady. Gözi Edip Sabyryň golaýynda oturan ýaňky ýigitlere düşende
ýitigini tapan ýaly ýüzi açylyp, assa ýöräp olaryň ýanyna geldi.
-Ýigitler, sizler talaban dälmi?-diýip sorady.
-Talaban bolmasagam hakyny berseňiz talabanyň etjek işini
ediberýäs-diýip, ýigitleriň biri jogap berdi.
-Onuň ýaly bolsa meniň bilen ýörüň, edilmeli işi ýerinde
görkezerin-diýip, ol adam ýigitleri yzyna tirkäp alyp gitdi. Olaryň
arasynda bolan gürrüňi eşidip duran hyzmatçy Edip Sabyr bilen
hasaplaşýarka:
-Eý toba, talaban gerek bolsa, Gürgenjiň bazarlarynda isläniňçe
bar-a, bu ýerden talaban gözlemek nämä gerekkä?-diýdi.
-Bazardakylara pisindi oturan däldir-dä-diýdi Edip Sabyr.
-Pisindi oturman näme, ol ýerde bular ýalylary sapana salyp atyp
goýberýänlerem az däl. Ol adama diňe şular gerek bolmaly. Çünki, ol
düýnem gelip, adamlara bir laý göz aýlap gitdi. Ine bu gün tapyp alyp
gitdi. Olara buýruljak iş bazardakylaryň elinden gelmeýän başgaça iş
bolmaly.
Edip Sabyr hyzmatçynyň gepine kän bir üns bermän, iýen-içeniniň
puluny töläp, çykyp gitdi. Ol garbanyşhanadan çykyp, kerwensaraýyň
myhman otaglaryndan özüne bir gijelik ýer aldy. Ondaky ýumşak
ýatalga gözi düşende ýadawlygy zerarlymy ýatmakdan başga zady
islemän, üstki geýimlerini çykarnyp gyşaran badyna uka gitdi. Ir ýatyp
mazaly dynjyny alan Edip Sabyr irden turdy, kerwensaraýyň
hammamynda ýuwunyp, sakgal-murtyna timar berdi. Egnine täze ak
203
ýüpek ýektaýyny, başyna dört oram ak ýüpek sellesini geýdi. Bu ak
eşikler, ýaňy çalaryp ugran sakgal-murty bilen utgaşyp, bugdaýreňk
ýüzüne özboluşly nuranalyk bagyşlap durdy. Ol kerwensaraýyň
atbakaryna iküç gün atyna seredip durmagy haýyş edip, köşge tarap
pyýadalap ugrady. Kerwensaraý bilen köşgiň arasy pyýada kişä ýarym
sagatlyk ýol ekeni. Ol şu ýarym sagadyň içinde Gürgenjiň ir ertirden
durmuş gaýnaýan köçelerini synlap barşyna köşgüň öňündäki meýdana
gelenini hem duýman galdy. Garşysynda horezmşalaryň nesilden nesile
miras bolup gelýän haýbatly, kaşaň köşgi howalanyp durdy. Köşgüň
peştakyna, küňrelerine ýasalan gök syrçaly ajaýyp nagyşlar, peştakyň
ortasyna ýazylan Gurhanyň käbir aýatlary bilen utgaşyp, ýaşyl
baglardaky ak gülleriň çemenzaryny ýatladýardy. Edip Sabyr köşgüň
islimi nagyşlar oýulyp bezelen iki ganatly belent gapysynyň öňüne gelip,
gapynyň iki ýan tarapynda duran elleri naýzaly serbazlara ýüzlendi:
-Ýigitler, men Merwden geldim. Horezmşa hezretlerine
Soltanymyzdan salam getirdim.
-Bir salym garaşyň-diýip, gapynyň sag tarapynda duran nöker
gapdalyndaka naýzasyny berip, içeri girip gitdi. Naýzany alan nöker iki
ädim süýşip, içeri gideniň ýerinde durdy. Onuň gapdalyndakylar hem
süýşip, hatary doldurdylar. Içeri giden nöker gaýdyp, çykanynda şol
hatardaky nökerler öz ýerlerine geçip, oňa ýerini boşatdylar. Ol
ýoldaşyndan naýzayny alyp ýerine geçip durdy-da, Edip Sabyra garap:
-Jenap, biraz sabyr ediň, bir salymdan Nyzametdin hajyp çykyp,
siziň habaryňyzy alar-diýdi.
Edip Sabyr Horezmşanyň köşk emeldarlarynyň Reşiteddin
Watwatdan başgasyny tanamaýardy. Watwat bilen birki gezek
Ispyhanda, Merwde duşuşypdy, goşgy-da okaşypdy. Nyzametdin
hajybyň we ýene birki emeldarlaryň atlaryny eşidipdi. Nyzametdin
hajyby bolsa Horezmşanyň iň ynamdar kişisi diýip, Merwiň köşgünde
gürrüň edýärdiler. Soltanyň Horezmine ikinji ýörüşinde hem ol
töwellaçylara baş bolup gelip, Gürgenji basgydan gutaran eken.
Köp garaşmaly bolmady. Içerden çykan adamy Edip Sabyr
görenden tanady. Ol düýn agşam kerwensaraýdaky garbanyşhana
talaban gözläp baran adamdy. Edip Sabyr oňa elini gursagyna goýup
salam berdi-de:
-Muhteren Nyzametdin hajyp jenaplary, men şahyr Edip Sabyr,
Soltanymyzyň emri bilen ýurdyňyza wekil bolup, geldim-diýdi.
Nyzametdin hajyp Edip Sabyryň özüni tanamasa-da, onuň soltan
Sanjaryň köşgündäki iň meşhur şahyrdygyny bilýärdi, şeýle-de onuň
204
golaýda soltanyň gazabyna uçrap, köşkden çetleşdirilendigini hem
eşidipdi.
-Oho! Edip Sabyr, meşhur şahyr Edip Sabyr! Marhabo! Hoş
geldiňiz!-diýip, Nyzametdin hajyp şahyry mähirli garşylady.-Haçan kim
bilen geldiňiz?
-Düýn Merwden gelen kerwen bilen geldim. Siz kerwensaraýyň
garbanyşhanasyna talaban gözläp baranyňyzda men şol ýerdedim,
naharlanyp otyrdym.
-Edip Sabyryň jogaby Nyzametdin hajyba näme üçindir erbet täsir
etdi, onuň ýüzi üýtgäp gitdi bu ýagdaý şahyryň nazaryndan sypmady,
ýöne ol wagt munuň sebäbini pikirlenip görmäge pursat ýokdy. Hajyp
oňa ýene mähribanlyk görkezen bolup:
-Näme üçin şonda maňa özüňizi tanatmadyňyz? Men sizi şol
wagtyň özünde köşge alyp gaýdardym-diýdi.
-Şol wagt men siziň Nyzametdin hajypdygyňyzy nirden bileýindiýip, Edip Sabyr ýylgyrdy.
-Hä, hawa-diýip, hajyp ýylgyran boldy. Edip Sabyr hajypda bir
hili ünjüniň döränini, ýöne muny bildirmejek bolýanyny aňdy.
Şu gysga tanyşlykdan soň Nyzametdin hajyp Edip Sabyry köşge
alyp girdi. Bu wagt Horezmşa Atsyz emeldarlary bilen gündelik işler
barada her günki geçirýän ertirki ýygnagyndan soň tagtyndan düşüp
aşakda baş weziri Ymam Mejdeddin bilen satranj oýnap otyrdy. Satranj
tagtasyna dikilip, oýa çümüp oturan Atsyz birden janlanyp, bir göçüm
etdi-de:
-Indi-hä utulanyňyzy boýun almaly bolarsyňyz, jenap Mejdeddin!diýip güldi.
-Entek howlukmaň, Aly hezret. Ine bu göçümden soň näme
diýersiňiz-diýip, Ymam Mejdeddin garaşylmadyk göçüm etdi. Şanyň
gaşy çytyldy. Ol indi utup bilmejegine, eger oýny dowam etdirse
utulaýmagy-da ähtimaldygyna gözi ýetip, ýeserlik bilen ýylgyrdy-da:
-Bu sapar dürreň24 bolaýsyn-diýdi. Patyşanyň oýny dowam
etdirmekden boýun gaçyrýanyna içinden gülen baş wezir:
-Siz näme diýseňiz şol. Patyşanyň emri wajyp-diýip ýylgyrdy.
Weziriň ýylgyryşyndaky kinaýany duýan Atsyz bir hili boldy. Edil şol
mahal gapydan giren Nyzametdin hajyp:
-Aly hezret, size hoş habar getirdim. Horasan şahyrlarynyň serweri
Edip Sabyr jenaplary geldi-diýdi.
-Edip Sabyr? Nirde ol?
24
Dürreň-huruş
205
-Şu ýerde, kabulhanada.
-Soltanyň köşgünden kowulany çyn ekeni-dä. Indi näme, bizden
başpena sorap gelipmi?
-Ýok, ol soltanyň wekili hökmünde gelipdir, Aly hezret.
-Şeýlemi, çagyryň hany, özi näme diýer.
Nyzametdin hajyp gapyny açyp:
-Şahyr, geliberiň-diýdi. Edip Sabyr gelip, şalara edilýän adatdaky
tagzymy berjaý edenden soň:
-Essalam-u-aleýkim, Horezmşa hezretleri, essalam-u-aleýkim
weziri agzam jenaplary-diýip, ellerini edep bilen gursagyna goýdy.
Atsyz salamy alyp:
-Hoş gördük, hoş geldiňiz Horezmine, möwlana Edip Sabyr-diýdi.
Edip Sabyr özüne Horezmşanyň uly ulamalara aýdylýan möwlana sözi
bilen ýüzlenenine ruhy göterilip, dilewarlyk etdi:
-Muhterem Horezmşa hezretleri, Horezmine myhman bolup
gelmek meniň iň uly arzuwymdy. Emma ykbalyma sürgün bolup gelmek
ýazylan ekeni.
-Näme üçin beý diýýäňiz, Nyzametdin hajyp sizi wekil bolup
gelipdir diýd-ä.
-Aly hezret, bu resmi taýdan şeýle, hakykatda bolsa men sürgün
edildim. Muňa permanyň ýerine ýazylan bir setir şu hat hem güwä
geçýär-diýip, Edip Sabyr sellesiniň gatynyň ýokarsyna gysdyrlan irimçik
naýça ýaly oralan kagyzy alyp, Horezmşaga berdi. Atsyz kagyzy açyp,
ondaky “Edip Sabyr Horezmine wekil edip iberildi” diýýen sözlere gözi
düşende kellesini ýaýkap güldi-de:
-Aýdýanyňyz dogry ekeni. Ýöne siz sürgün edildim diýip
gamlanmañ, möwlana. Biz sizi iň gadyrly myhman hökmünde saklarys.
Köşgümiziň gapysy siz üçin hemişe açyk. Meýlislerimize gatnaşyň,
muşaýralarda şahyrlarymyz bilen goşgy okaşyň. Biziň Reşiteddin
şahyrymyz üçin siziň gelmegiňiz üýtgeşik waka bolar. Öňräk biri oňa
“Siziň şyryýetiñiz gowy, emma Edip Sabyryň derejesinde däl” diýipdir.
Ol bu gepe çişse-de, şondan bäri şygyrlaryny has syntgalap taraşlaýardiýip, Atsyz Edip Sabyryň göwnüni hoşlady.
-Aly hezret, Siz hem şygryýetde köplere gaýra dur duýen şahyr
ekeniňiz. Merwde-de Siziň gözel gazallaryňyzy ýat bilýänler bar-diýip,
Edip Sabyr Atsyzyň “Sen özüň” diýen redifli gazalyny ýatdan aýdyp,
ahyrky:
“Iki gara zülpleri şamardyr jan kastyna,
Kim halas eýlär meni, halasgärim sen özüň”206
-diýen bendini gaýtalap, has joşgunly aýtdy. Horezmşa Atsyz
özüniň döwlet işlerini öwenlerinde kän bir halamasa-da, şygyrlary
öwülse monça bolardy. Ýakyn adamlary onuň şalyk şöhratyndan
şahyrlyk şöhratyny ileri tutýandygyny bilýärdiler. Edip Sabyr onuň bu
häsiýetini bilipmi bilmänmi bir gazalyny ýat aýdyp hem öwüp, oňa
ýarandy. Atsyz:
-Ha, ýaşlykda ýazylan yşky gazallardan bu. Siziň hem yşka köýüp
ýören çaglaryňyzda eliňize düşen bolmaly bu gazal, ýogsa ony şeýle ýat
beklemezdiňiz-diýip degişdi.
-Ýok, Aly hezret, Siziň gazallaryňyz yşk heseri ýok ýüreklerde
hem yşk oduny ýakýar-diýip, Edip Sabyr öwgüsiniň üstüni ýetirdi.
-“Derdi ýok, eşek, yşky ýok kesek” diýipdirler. Ýüreginde yşky
ýok ynsan barmyka, beri?
-Bar, Aly hezret. Gury kesekleriň üstünede joşgun bulakdan süýji
suw aksa, olaryň göwsünde hem giýa gögerip, al-ýaşyl öwüsip başlaýar.
Siziň gazallaryňyz hem şol gury keseklere jan bagyşlaýan bulak suwy
kimindir-diýip, Edip Sabyr Horezmşaga özüni aldyrdy. Bu öwgülerden
göwni al asmana göterlen Horezmşa Edip Sabyra hoşallygyny bildirip,
hajyba ýüzlendi:
-Jenap Nyzametdin, Merwiň öňki wekiliniň jaýy boş duran
bolmaly. Özüňiz baş bolup, Şahyry şol ýerde ýerleşdiriň. Ähli gerekýarak zatlar bilen üpjün ediň, hyzmatyna adam goýuň.
-Hop, hop, Aly hezret, aýdyşyňyz ýaly ederis-diýip, Nyzametdin
hajyp Edip Sabyr bilen yzyna basyp çykyp gitdiler. Häliden bäri ýeke
agyz hem geplemän Edip Sabyry synlap oturan baş wezir ymam
Mejdeddin:
-Aly hezret, gözleri bir hili bijaý bu adamyň-diýdi. Özüni
Soltandan öýkeli edip görkezip, siziň ynamyňyza girjek bolýana
meňzeýär. Mundan onuň maksady näme-kä?
-Siz nä, onuň gaýry bir maksady bardyr öýüdýäňizmi?
-Belki bardyr, Aly hezret. Soltanyň wekil diýip ibereni jansyz
bolaýmasyn.
-Aý ýok-leý. Sizem ýok ýerden wehim tapýaňyz. Onuň soltandan
öýkelidigi çyn. Aradaky bir meýlisde bir goşgysy üçin soltanyň
gazabyna uçrap, köşkden kowlanyny özüňizem eşitdiňiz, ahyryn.
Ymam Mejdeddin patyşanyň gepi bilen içinden ylalaşmasa-da, öz
pikirini ýene-de gaýtalamagy uslyp bilmedi. Ol:
-Belki, men ýalňyşýandyryn-diýdi.
***
207
Horezmşanyň özüne hoşmeýilligini gazanan Edip Sabyr ähli
amatlyklary bolan jaýda ýerleşip, atyny alyp gaýtmak üçin
kerwensaraýyň athanasyna bardy. Giň howlynyň içinde ellä golaý at we
atlaryň töwereginde birnäçe adamlar bardy. Olaryň edýän gürrüňlerine
garanda at söwdasy edilýärdi. Bu ýere bazardan gaýdan, käte gyssagly
satyljak atlar hem getirilýän eken. Edip Sabyr atynyň ýanyna barandan
iki daýaw pyýada gelip, salam berdiler. Edip Sabyr olary gözi düşenden
tanady. Olar düýn garbanyşhanadan Nyzametdin hajybyň talaban diýip,
alyp giden ysmaýylylara meňzeýän adamlarydy. Olaram ony tanadylar.
-Jenap, düýnem size gabat gelipdik, şeýle dälmi?-diýip, olaryň biri
söz açdy. Edip Sabyr:
-Hawa, garbanyşhanada bir sekide oturypdyk-diýdi.
-Atyňyz tüweleme, daýaw at ekeni, satjak dälmisiňiz?-diýip,
gaşynyň üsti çyndykly sorady. Edip Sabyryň atyny satmak pikiri ýokdy.
Emma oňa indi atyň geregi hem ýokdy. Çünki onuň bu ýerde näçe wagt
boljagy belli däldi. Şonuň üçin ol:
-Aý, bilmedim-de, satjak pikirim-ä ýokdy-diýip, ikuçly gepledi.
-Bize siziňki ýaly uzak ýola münmäge iki sany daýaw at gerek.
Eger siz sataýsaňyz, ikinjisini öňümizdäki bazar güni bazardan saýlap
alardyk. Bu ýerdäki satlyk atlaryň arasynda biziň diýen atymyz ýok
ekeni-diýip, ol Edip Sabyry yryp boljagyna ynanyp, mylaýymsyrap
gepledi.
-Uzak ýola münmäge diýdiňizmi, nirä gitmekçi bolýaňyz?-diýip,
Edip Sabyr gyzyklandy.
-Merwe gitmeli biz.
-Näme, ol sizi alyp giden jenabyň ýumşyny eýýäm bitiräýdiňizmi,
ýa hakyny ylalaşmadyňyzmy?-diýip Edip Sabyr bilesigelijilik bilen
sorady.
-Ýumuş bu ýerde däl, Merwde-diýeninden ýoldaşy oňa ýaman gözi
bilen garady. Bu garaýyş Edip Sabyryň ünsünden sypmady. Diýmek,
aýdylmaly däl zat dilden sypdy. Ine şonda Edip Sabyryň göwnüne bir
şübhe aralaşyp, ilki soltan Sanjaryň “Ýykylan göreşden doýmaz, Atsyz
menden aryny almak üçin hiç zatdan gaýtmaz” diýeni ýadyňa düşdi
hem-de Nyzametdin hajyba “Siz kerwensaraýyň garbanyşhanasyndan iki
talabany alyp gideniňizde menem şol ýerdedim” diýeninde onuň
ýüzüniň üýtgäp gideni göz öňüne geldi. Onsoňam, garbanyşhananyň
hyzmatçysynyň “olara buýruljak iş bazardaky talabanlaryň elinden
gelmeýän başgaça iş bolmaly” diýeni gulagynyň düýbünde gaýtadan
208
eşidilen ýaly boldy. Ine şular Edip Sabyry şübhesiniň esassyz däldigine
ynandyrdy. Ol özüniň soňky sözüne garaşyp duran “talabanlara”:
-Ýok, ýigitler, pikirlenip gördüm, aty satsam boljak däl eken diýdide, atyny gazygynda galdyryp, athanadan çykdy. Onuň kellesinde “Jana
kast, jana kast, soltanyň janyna kast!” diýen pikir at salýardy. Ol
athanadan çykyşyna göni kerwensaraýdaky kerwenbaşynyň bolýan
otagyna bardy. Kerwenbaşy bir zatlaryň hasap-hesibini edip, depderine
ýazyp oturan eken. Edip Sabyra gözi düşenden:
-Geliň, şahyr, geliň!-diýdi. Salam-alek alyşanlaryndan soň ol:
-Şahyr, bir hili aladaly görünýäňiz, menlik ýumuşyňyz çykdymy?diýip, mähribanlyk bilen sorady.
-Hawa, gadyrdan, özä örän uly ýumuş.
-Nähili ýumuş bolsa-da aýdyberiň. Siziň bizden bitmejek
ýumşuňyz bolmaz-diýip, kerwenbaşy garaýañyz ýüzüne gelşik berip
duran birlän-ikilän ak alalan sakgalyny sypap goýberdi. Edip oňa
minnetdarlyk bilen bakyp:
-Onda maňa bir kagyz bilen galamyňyzy berip duruň, ýumuşymy
soň aýdaryn-diýdi.
Kerwenbaşy şahyryň syrly gep uruşyna geň galmak bilen
ýylgyryp, depderiniň soňky sahypasyny ýyrtyp aldy-da galam bilen
onuň öňünde goýdy. Sabyr kagyza şeýle sözleri ýazdy: “Kyblaýy älem,
siziň “ol aryny almak üçin hiç zatdan gaýtmaz” diýeniňiz bisebäp däl
eken. Gürgençden sizi görmäge gytyk gara sakgally iki adam barar. Olar
biri-birine gaty meňzeş, biriniň çep gaşynyň üstünde çandygy bar.
Şolardan ägä boluň!” Edip Sabyr haty kerwenbaşa berip:
-Muny soltana gyssagly ýetirmeli, gadyrdan. Kerweniň
goragyndaky nökerleriň birini şu bu gün Merwe ugradyň. Soltan bu
hyzmatyňyz üçin sizden juda minnetdar, hatda karyzdar bolar-diýdi.
Hatyň mazmuny bilen tanyşyp, manysyna düşünen kerwenbaşy ony dört
epläp goltuk kisesine saldy. Ol Edip Sabyryň soltanyň garşysyna guralan
bu pitnäni nädip anyklanyny bilesi gelip dursa-da, oňa hiç bir soragsowal bermän:
-Arkaýyn bolaýyň, gadyrdan, haty gizlinlik bilen şu gün
ýetişmesem ertir irden ugradaryn-diýdi. Edip Sabyr kerwenbaşa
minnetdarlyk bildirip, onuň ýanyndan çykyp gaýtdy. Ol bu pitne
baradaky oý-pikirlere çolaşyp gelişine ýary ýola ýetende aty ýadyna
düşdi. Ol kellesini ýaýkap, özüne-özi bir zatlar diýip hüňňürdedi-de
yzyna gaýtdy, kerwensaraýyň öňüne geleninde ol ýerden çykyp gelýän
ýaňky “talabanlara” ýene gabat geldi. Olaryň biri:
209
-Ýaşuly, atyňyzy bize satanyňyzda, aýdan bahaňyzy berip alardyk,
öňümizdäki bazar güni-de siziň atyňyza taý geljek birini tapardyk-diýdi.
Ine şonda Edip Sabyryň kellesine tötänden bir pikir geldi. Ol
“talabanlara” gülümjiräp garady-da:
-Biziň ata ýaman gözüňiz gitdow, ýigitler. Indi ony size bermesem
boljak däl öýüdýän-diýdi. Begenjine “talabanlaryň” ikisi-de deňine “Aý,
ýaşa ýaşuly!-diýip, yzyna dolandylar. Athanada atyň söwdasy edilende
Edip Sabyr bahasyny bilkastlaýyn has ýokary göterip aýtdy. Ýaňy
“aýdan bahaňyzy berip alardyk” diýenlerinden soň “gaýt-paýt” diýip
durmadylar-da Edip Sabyryň aýdan bahasyny altyn dinardan sanap
berdiler. Edip Sabyr atynyň maňlaýyndan bir sypady-da, athanadan
çykyp, ýene kerwenbaşynyň otagyna bardy. Onuň gaýdyp gelenine geň
galan kerwenbaşy:
-Hä şahyr, ýene näme gep?-diýdi.
-Haty maňa bir berip duruň, bir goşmaly zat bar-diýen Edip Sabyr
Kerwenbaşynyň goltugyndan çykaryp beren dört eplenen kagyzy açyp,
öňki ýazan hatynyň yzyna “Olaryň biri meniň atymy münüp barar,
atymy siziň seýsiňiz tanaýar” diýip ýazdy. Hata goşulan bu sözleri okap,
haýran galan kerwenbaşy:
-Şahyr, näme atyňyzy olara berdiňizmi?-diýip sorady.
-Ýöne bermedim, satdym. Sebäbi olar keşbini özgerdip barmaklary
mümkin. Çandyklysy başgabyny çümre geýse çandygynyň görünmän
galmagam ähtimal. Şonuň üçin at has ygtybarly belgi-diýip Edip Sabyr
kerwenbaşa ýeserlik bilen gülümjiräp garady-da:
-Şu sapar menem söwdagärlik etdim, aty has gymmat satdym.
Aýdan bahamy berip aldylar. Pullary köp bolmaly. Etjek “ýumuşlary”
üçin gowuja eçilendirler-diýdi. Kerwenbaşy kellesini ýaýkap:
-“Pul bilen gurup-da bolýar, ýykyp-da” diýenleri biziň döwrümize
dogry gelip dur. Bu pul diýen zadyň ýowuz güýjüniň ýa-da umuman
özüniň ýok bolýan zamany-da bolarmyka, şahyr?-diýdi. Edip Sabyr:
-Allanyň musulmanlara wada beren jennetinde bolaýmasa, bu
ýalançy dünýäde bolmaz-diýip, ahmyr bilen gepini tasdyklap, başyny
atdy. Bir salym bu dünýäniň işleri hakynda pelsepe otaryp
oturanlaryndan soñ Edip Sabyr kerwenbaşy bilen hoşlaşyp,köşge
gaýtdy.
Köşkde oňa geleli bäri duşup bilmän ýören Reşiteddin Watwat
garaşyp oturan eken. Iki şahyr biri-birine gözleri düşenden gyjaklaşyp
görüşip, balyk suwa giren ýaly bolup gitdiler.
XX BAP
210
Gürgençde iki şahyr duşuşyp, balyk suwa giren ýaly bolup giden
bolsalar, Merwde Nyzametdin hajybyň iberen iki “talabany” suwdan
çykarlyp taşlanan balyk ýaly dodaklary bir damja suwa zar tebsirenip,
elleri arkasyna daňylgy ýatyrdylar. Olary ele salmak üçin soltan Sanjar
Edip Sabyryň hatyny alan badyna on sany ýasawul bilen özüniň seýsini
şähere girilýän derwezede goýupdy. Aradan üç gün geçip-geçmän
garaşylýan “myhmanlar” peýda boldy. Başgaplary çümre geýleni üçin
kimiň maňlaýy çandyklydygyny bilip bolmady. Ine şonda Edip Sabyryň
aty ygtybarly belgi boldy. Seýis oňa gözi düşenden tanap, ýasawullara
üm edip goýberdi. Şeýdip ele salnan “talabanlary” şyhnynyň özi sorag
etdi. Olar rehimsiz gynamalara çydaman soltanyň janyna kast etmek
üçin gelendiklerini boýun alanlaryndan soň ölüme höküm edildiler.
Soltan Sanjar Edip Sabyryň hatynyň mazmuny bilen tanyşanynda
tutuş endamyny gurşan gazap oduny söndürip bilenokdy. Ol janyna kast
etmäge gelenleri jezalandyrany bilenem köşeşmedi. Çünki esasy kast
ediji entek jezadan daşdady. “Ah, sen Atsyz, Atsyz! Seni şeýle gabahat
işe el urar diýseler ynanmazdym. Men seni öz inim ýaly görýärdim.
Şonuň üçin bolsa gerek-näçe gezek seniň etmişleriňi, günäleriňi
bagyşladym. Ýagşylyklarymy bilmediň-ä...” diýip, ol içini gepledýärkä
birden Atsyz oña: “Meniň oglumy öldüreniňi ýadyňa sal! Şumy maňa
eden ýagşylygyň? Adatda uruşda ýesir düşenleri öldürmeýärler. Sen
meniň bagrymy köýdürmek üçin bu kadany bozup oglum Atlygy
öldürdiň. Ogulyň ölümi ata üçin nähili agyr hasratdygyny sen biperzent
bolansoň bilýänem dälsiň” diýen ýaly boldy. Şonda ol tisginip ýerinden
turup gitdi. “Ýok! Geçmişde näme bolan bolsa-da sen meniň janyma
kast etmegiň aýylganç dönüklikdir. Men muny hiç haçan bagyşlaman.
Şu sapar Horezmine baraýsam, seniň Gürgenjiň bilen goşup külüňi ýele
sowraryn!” diýip içini gepleden Soltan Sanjar şu mazmunda bar gahargazabyny kagyza döküp, Horezmşaga iberdi.
***
Merwden Soltanyň namasyny alyp gaýdan çapar geleninde
Horezmşa köşgünde wezir-wekilleri bilen gündelik döwlet işleri barada
maslahat geçirip, oturdy. Ol eli naý şeklinde dolanan kagyzly giren köşk
sahybyna “Näme habar?” diýen manyda seretdi.
-Aly hezret, Merwden çapar geldi, soltan size nama iberipdir-diýip,
köşk sahyby iki elläp namany Atsyza gowşurdy. Munuň gowulyga
däldigini ýüregi duýan Horezmşa dolanan kagyzy ýazyp, oňa göz
aýlanynda ýüzi agaryp gitdi. “Syr açylypdyr! Indi nätmeli?” diýen pikir
kellesine urdy. Patyşanyň ýüzüniň üýtgänini gören emeldarlaryň hiç biri,
211
özi aýdýança, soramaga milt etmedi. Atsyz hatyň näme hakdadygyny
aýtmasa, adamlar her hili çaklamalar bilen gepi ulaldyp goýbermekleri
mümkindigini oýlap:
-Aý, bu Soltanyň gözi paçdan doýman geçdi-diýdi-de, syr
bildirmejek bolup, maslahaty dowam etdirdi. Emma onuň dowamy
patyşanyň keýpi bolmany üçin hemişekisi ýaly janly geçmedi.
Maslahatdan soň Atsyz özüniň aram otagyna baryp, ýatalgasyna
gyşardy-da, pikire batdy: “Soltan öňünden habardar edilipdir, ýogsa bu
iş amala aşaýmalydy. Kim? Hajyp kime syr bildirdikä?” Birden baş
wezir Ymam Mejdeddiniň Edip Sabyr barada aýdany ýadyna düşdi.
“Edip Sabyr? Ol nirden bilsin? Ýa-da hajyp oňa Soltandan arly bolany
üçin aýdaýdymy-ka?...” Bir ýagşysy, ysmaýylylar bilen özümiň
gepleşmedigim. Olara özlerini kimiň goýberendigini aýtdyrandyrlar,
elbetde. Şeýle bolsa, ol bu işden habarsyzdygyny aýdyp, özüni aklamagy
mümkin. Ýöne Soltan gury söze ynanmaz, ony ynandyrmak üçin hajyby
jezalandyrmaly bolýar... Aý ýok, bolmaz. Näme bolman, täji-tagty
saklamak üçin hajyp däl, süýtdeş aga-inisini hem öldürýärler. Onsoňam
syryň açylmagyna hajybyň özi sebäpçi bolan bolsa, ol jezaga laýyk?
Atsyz şeýle iç hümletmeler bilen esli ýatandan soň dikelip, elini iki
gezek çarpdy. Gapynyň aňyrsynda duran iki nökeriň biri girip, elini
gursagyna goýup, baş egdi. Atsyz: -Nyzametdin hajyby çagyryň!-diýip
buýurdy.
Ertirki maslahatda Nzametdin hajyp ýokdy. Ol patyşanyň özünden
jogap alyp, öz şähsy işi bilen bir ýere gidipdi. Ol ýaňy öýüne gelip, bir
çäýnek çaýy öňüne alan wagty Horezmşanyň çakylyk habary bardy.
Patyşany garaşdyryp bolýamy, çaýam, çäýnegem el degirilmän, duran
ýerinde galdy. Ol öýi köşkden daş bolmansoň, hemişekisi ýaly
pyýadalap ýetip bardy. Horezmşanyň öwzaýy bozukdy. Muny hajyp
otaga giren badyna salam bilen tagzymdan hem öň aňypdy.
-Geliň, geçiň-diýip, ýatalgada aýagyny aşak sallap oturan Atsyz
hajyba özüne golaý ýerden oturmaga ýer görkezdi. Bir bimazalygyň
bardygyny duýup, ýüregine bükgüldi giden hajyp görkezilen ýere çökdi.
Atsyz oňa hyrsyz seredip:
-Jenap Nyzametdin, Merwe iberen ysmaýylylaryňyz ele düşüpdir.
Kimdir biri soltany öňünden habardar edipdir. Siz kime dil ýardyňyz bu
hakda?-diýdi. Bu habar bir bada hajyby aljyratdy.
-Aly hezret-diýdi özüni dürsän hajyp-Ýadyňyzda bolsa, siz maňa
“diňe ikimiziň aramyzda galmaly bir gep bar diýeniňizde, men “ony
özüm bilen gabryma alyp giderin” diýipdim ahyryn.
212
-Şeýle diýen bolsaňyzam, gabyryňyzdan öň soltan Sanjara baryp
ýetipdir. Kim siziň bu işe baş goşanyňyzdan habarly bolup biler? Bir
oýlanyp görüň-diýip, Atsyz hajyba biraz purja berdi. Nyzametdin hajyp
bu iş bilen bagly eden işlerini bir başdan göz öňüne getirýärkä Edip
Sabyryň kerwensaraýyň garbanyşhanasynda ysmaýylylar bilen oturany
we bu hakda soň özüne aýdany ýadyna düşüp, tapmaçany tapan kimin:
-Aly hezret, bu Edip Sabyr bolaýmasa-diýip, goýberdi.
-Ä-he! Ahyr boun aldyňyz-a. Siz ony-da soltandan arly saýyp,
“Seniňem aryň alynýa” diýensiňiz, şeýlemi?-diýip, Atsyz hajyba synçy
nazaryny dikdi.
-Aly hezret, diýýäniňiz näme! Men däli ýa baryp ýatan samsyk dälä! Ölsemem beýle sözi aýtman, ahyryn-diýip hajyp ör-gökden geldi.
-Onda näme sebäpden onuň adyny aýtdyňyz?
-Aýdanymyň sebäbi başga weçden, Aly hezret-diýip hajyp Edip
Sabyrdan güman edýäniniň sebäbini aýdyp berdi. Atsyz barybir onuň
gepine doly ynanmady.
-Näme bolan bolsa-da, syr açylypdyr. Soltan hatynda Gürgenjiň
bilen goşup, baryňyzyñ külüňizi ýele sowraryn diýipdir. Hany aýdyň,
indi nätmeli-diýip, Atsyz hajyba soragly dikildi. Nyzametdin hajyp
patşanyň nazaryndan gözüni sowup:
-Bilmedim, Aly hezret. Alanyň halany bolar-da-diýdi.
-Allanyň halany bolýan bolsa, meniň bu işden habarym ýok. Olara
bolsa kimiň iberenini aýtdyrandyrlar, elbetde. Şeýle bolansoň, bu işi
guran adamy ýagny Sizi jezalandyryp, tutuş Gürgenç bilen barymyzyň
külümiziň ýele sowrulmagyndan gutulsa bolar. Jenaýatçy jezalansa
soltan köşeşer.
Nyzametdin hajybyň ýüzi ak esgä dönse-de, özüni ýitirmedi:
-Aly hezret, bir meniň ölümim bilen ýurt hem siz aman galsaňyz,
men ýazgydyma boýun bolmaly bolaryn... Eger başga alajy bolmasadiýen hajybyň soňky sözünde owazy biraz sandyrap çykdy.
Atsyzyň ýüregi dilnip gitdi. “Ýok, munuň kimin mert adamy nähak
jezalap bolmaz. Başga alajyny tapmaly” diýen pikir bilen kellesine
başga alajy hakyndaky pikir hem ylahydan gelen ýaly boldy.
-Ezizim Nyzametdin-diýdi - Siziñ mertligiňizi, meniň üçin
janyňyzy hem gaýgyrmajagyňyzy bilýärdim. Muňa häzir ýene bir gezek
göz ýetirdim. Men size beýle nähak jeza bermäge dözýän zalym
däldirin. Munuň başga alajyny ederis. Birinji alajy siziň ysmaýylylar
bilen gepleşeniňiziň şaýadyny ýok etmeli. Şaýat ýok bolsa, günäkärem
ýok. Nyzametdin hajyp bolup, ysmaýylylar bilen gepleşen başga adam
213
bolmaly. Bu iş soltan bilen biziň aramyzy bozmak, arada duşmançylyk
döretmek maksadynda gara hytaýlaryň guran nejis hilesi bolmaly.
Nyzametdin hajybyň ýüzüne gan, gözlerine ýaş indi. Ol ýerinden
turup, Atsyzyň aýagyna ýykyldy. Atsyz:
-Beýitmäň, turuň, Nyzametdin! Günäsi geçilen günäkärler aýaga
ýykylýar. Bu işde esasy günäkär siz däl, men ahyryn-diýdi. -Ýöne men
soltan Sanjaryň aýagyna ýykylman. Oňa derek hoşamatyny ýetirip hat
ýazarys-diýip, sözüniň soňuna goşdy. Horezmşa aýdyşy ýaly, ýokardaky
deliller bilen özüni aklap, wepadarlygyny nygtap, hoşamaý sözlerden
ýüküni ýetirip, Soltana nama ýazdy. Namasynyň soňuna soltandan gelen
hata jogap hökmünde aşakdaky bir bent şygry hem goşdy.
Hökümdaryň bedewi bolsa-da ýeldek ýüwrek,
Meniň atym hem entek agsamany bilenok,
Siz bäri gelseňiz, menem giderin o ýana,
Şeýle-de şalara bu dünýä darlyk edenok.
***
Soltan Sanjar Atsyzyň hatynda özüni aklamak üçin getiren deliline
ynanjaňlyk häsiýetine görä bir göwni ynsa-da, bir göwni ynanmady. Bu
iki göwünlilik hem-de hatyň soňundaky Siz bäri gelseňiz, men o ýana
giderin diýenini gaçaryn gaçaryn diýen manyda düşünen soltan
Horezmine ýörüşden saklandy. Emma goşgudaky ol setir soltanyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 18
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.