Latin

Gürgenç II - 04

Total number of words is 3745
Total number of unique words is 2023
31.9 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
52.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Emma onuň şu günki özüni alyp barşyny görüp, gerek ýerinde aýgytly
hereket edip bilýändigine göz ýetirdi.
***
Ýolbaşçylar hemişe halkyň dykkat merkezinde bolansoň ola-her
bir eden işi, äden ädimi ilatyň ünsünden sypmaýar. Anuş-teginiň hem
reýisi işinden kowup, bazardaky ýagdaýy düzedenligi Gürgenjiň ilaty
tarapyndan örän adalatly iş hökmünde kabul edilip, halk arasynda oňa
uly abraý getirdi. Emma bu ýagdaýy ýokdurmadyk, görüp bilmedik
adamlar hem ýok däldi. Şeýle adamlaryň täsiri bilenmi ýa-da özüni
hasap edilmedik saýypmy, Ekinçi ibn Kňçkar Anuş-tegini huzuryna
çagyrdy. Anuş-tegin bu çakylygyň sebäbini duýany üçin özüni Ekinçi
bilen gepleşmäge taýýarlanyp bardy.
38
Adatdaky salam-halekden soň Ekinçi ýanyndan oturmaga ýer
görkezdi. Ilki bilen saglyk-amanlyk, işleri barada soraşdyryp, soňundan
esasy gürrüňe geçdi:
-Hormatly Anuş-tegin, arada bazarda dörän bir ýagdaý barada
bizden geňeşmän, gyssagly çäre görüpsiňiz. Şular ýaly işler bolsa, bile
maslahatlaşyp etsek gowy bolmazmy?-diýip, ol Anuş-tegine göz
astyndan synlap seretdi. Bu ýagdaý barada birneme ýüregi çişen Ekinçi
Anuş-tegine gatyrak degmegi mümkindi. Emma golaýda Yspyhana
iberilen habarnamada özi hakda Anuş-teginiň beren sözi ýadyna düşüp,
gatyrganyp bilmedi. Anuş-tegin hem oňa sypaýylyk bilen beren
soragyna laýyk mazmunda jogap berdi:
-Waly hezretleri, bu bir uly bolmadyk, Şyhnynyň wezipesine
degişli, özi çözüp biljek mesele bolansoň sizi biynjalyk etmedim.
-Belki, bu gepiňiz dogrudyr, jenap Şyhny, ýöne şäheriň häkimine
buýruk äheňinde ýazan hatyňyzy nähili düşünmeli?
-Birinjiden, ýazylan hat buýruk äheňinde däl, resmi teklip. Bu
hakda ol bize närazylyk bildirip, size arz eden bolsa onda ol şol napäk
reýisiň tarapyny çaldygy bolýar.
-Ýok, beýle däl, jenap Anuş-tegin. Ol siziň hatyňyz boýunça täze
reýis belläpdir. Ýöne ol hat ýazmazdan öň oňa şeýle ýagdaý bar bazarda
diýip, habar etmäniňizi bir hili görüpdir öýdýän.
-Hä, düşnükli. Jenap häkim şäherdäki işlere özüm jogap berýän
diýip, meniň gatyşmagymy islemändir. Ýöne, Waly hezretleri, şol bolan
ýagdaýy özi düzeden bolsa adamlar meniň huzuryma arz edip
gelmezdiler. Onsoňam, men şyhny hökmünde tutuş Horezmindäki tertipdüzgüne Soltanyň öňünde hem-de siziň öňüňizde jogap berýärin.
Ekinçi ibn Koçkar Anuş-teginiň sözüni dogry tapdymy ýa-da
“hem-de siziň öňüňizde” diýeni ýaradymy, bu mesele barada başga
gürrüň gozgamady. Bir salym gündelik işler, ýurtdaky ýagdaýlar barada
umumy söhbetdeşlikden soň Anuş-tegin bilen mylakatly hoşlaşdy.
***
Anuş-teginiň huzuryna arz we şikaýat bilen gelýän adamlaryň sany
barha köpelýärdi. Soňabaka bu gelýän adamlary kabul edip, arz
diňlemäge mümkinçiligi bolmansoň ikinji kömekçi almaly boldy.
Hüseýin hojanyň hödür etmegi bilen Nasyr atly bir ýaş ýigidi işe alyp,
oňa gapysy göni köçä çykýan bir otag berdi. Onuň wezipesi arz etmäge
gelen we şikaýatçy adamlaryň ýüz tutmalaryny aýry-aýry kagyza ýazyp
alyp, işiň soňunda olary Anuş-tegine berýärdi.
39
Nasyr daşyndan göräýmäge çalasyn, güler ýüzli, mylakatly ýigitdi.
Bir hepde geçip geçmän işine-de jür boldy. Anuş-tegin onuň şu
häsiýetleri üçin adyny Nasyr beg diýip, hormat bilen tutýardy.
Arada bir gün çäş wagty Nasyr Anuş-teginiň huzuryna girdi. Anuştegin Huseýin hoja bilen haýsydyr bir mesele barada maslahatlaşyp
otyrdy. Nasyr olaryň sözüni bölmän edep saklap, giren ýerinde durdy.
Anuş-tegin onuň işini goýup geleniniň ýöne ýere däldigini aňyp, oňa
tarap öwrüldi-de:
-Hä, Nasyr beg, näme gep?-diýdi. Nasyr:
-Şyhny hezretleri, bir adam geldi. Sizi görmekçi bolýa. Men näme
arzyňyz bolsa aýdyň, ýazyp alyp, şyhny hezretlerine berýän diýsem, ol:
“Siziň jansyz kagyza ýazjak dört keleme sözüňiz bolanok. Men özüm ol
kişini görmesem bolmaýar. Ýüregimden çykaryp aýtjak sözlerim bar,
meni onuň ýanyna giriziň!” diýip, dyzap dur-diýdi. Anuş-tegin:
-Meni juda göresi gelýän bolsa alyp geliň, belki bir üýtgeşik arzy
bardyr-diýdi. Nasyr “hop, ýagşy” diýip, yzyna öwrülenden Hüseýin
hoja:
-Nasyr, saklanyň-diýdi, soňra Anuş-tegine ýüzleni:
-Şyhny hezretleri, ol bir ýaman niýet bilen gelen adam bolmasyn.
Kabul etseňizem, ýanyny barlap girizsinler-diýdi.
Hüseýin hojanyň gepine Anuş-teginiň gülküsi tutdy, gülüp diýdi:
-Hojam, siz gaty ätýaçly adam-ow. Ol adamyň meni öldürmek
niýeti bolsa, ol bu işi ýolda-yzda ýeke gelýärkäm ederdi. Bu ýerde,
gapymda nökerler durka, siz, Nasyr beg barka bu işi edip bilmejegine
akly ýetýändir, ahyryn.
-Şonda-da, ätýajy elden bermeli däl, Şyhny hezretleri-diýip,
Hüseýin hoja, soňunda Nasyra ýüzlendi.-Nökerlere aýt, ýanyny gowy
barlasynlar.
Anuş-tegin ýylgyryp, kellesini ýaýkap goýdy.
Bir salymdan Nasyr gaharynamy ýüzi çym gyzyl, çala agaran
gytyk sakgaly, 60 ýaşlaryň töweregindäki daýaw adamy alyp geldi.
Gelen adam gapydan giren ýerinde aýak çekip, sowuk-sala salam berdi.
Anuş-tegin onuň boluşuny bir hilliräk görse-de salamyny alyp, oturmaga
ýer görkezdi. Soňundan:
-Hany, aýdyberiň ýürekden çykaryp aýtjak arzyňyzy-diýip, onuň
daşarda Nasyra aýdan sözüni ýaňsa alyp ýatlatdy. Ol:
-Jenap Şyhny, il içinde sizi adalatyň diregi, puharanyň howandary
diýip öwýänlerine ynanyp gelipdim. Emma görsem başgaça ekeni.
Gapyňyzda duranlar bar ýerimi barlap, pul-sul tapmansoň, jübimde ýeke
40
bir çakgym bardy, şony-da peýda bilip aldylar. Gapysynda şeýle
talançylar duran dergähde arzymy aýdanym bilen netije çykmasa gerek
diýip, arzymy aýtjagymy-da, aýtmajagymy-da bilmän otyryn-diýdi.
Anuş-tegin bu adamyň ýanyny barlanlaryna gahary gelip, “bulary
menem bir duzlaýyn” diýen pikir bilen aýdan sözlerini gaty görmedi.
-Ýaşuly, gep uruşyňyza garanda siz gaty ýeser adama meňzeýäňiz.
Siz ýanyňyzyň barlananyny talaňçylyk däldigini gowy bilýäňiz. Sizden
şübhe edileni üçin bagyşlap bilseňiz bagyşlaň.
Anuş-teginiň belent başy bilen ötünç soranyna ol adamyň ýüzi
ýagtylyp gitdi. Söz äheňi-de bütünleý özgerdi:
-Muhterem Şyhny hezretleri, sizem meni bagyşlaň. Özüňden
şübhelenseler adama gatyrak degýä-dä. Birneme biderek gepläýdim,
günämi geçiň. Indi arzymy aýtsam, men şäheriň sabynçylar
mähellesinde ýaşaýan, maňa Salyh sabynçy diýýärler. Beýleki
mähelledeşlerim ýaly sabyn bişirip satýan. Meniň bir zalym goňşym
bar...
Ol şeýle diýeninden Anuş-tegin onuň sözüni böldi:
-Salyh aga, goňşy dawasyny mähelläňiziň kethudasy çözýär. Siz
şoña ýüz tutmaly ekeniňiz.
-Ýok, Şyhny hezretleri, ol mähellede çözülýän goňşy dawasy däl.
Siz gepimi soňuna çenli diňlän, eger gepim biderek bolsa çykaryp, kyrk
gamçy urdursaňyzam, men razy.
Anuş-tegin onuň soňky sözüne çalarak ýylgyryp:
-Onda aýdyň, diňläli-diýdi. Salyh sabynçy ykjamlanyp söze
başlady.
-Size aýtsam, Şyhny hezretleri, meniň ol goňşyma Tarkan täjir
diýýärler. Pederi aýrylansoň ata kesbini taşlap, täjirçilige başlady.
Ganymat baýanyndan soň bir gul bir gyrnak satyn aldy. Ol ine şondan
soň tomaşa başlandy. Ol gulyny-da, gyrnagyny-da günde iki gezek waýwaýladyp gamçy bilen saýýar. Men bir ýüregi ýuka adam, şol bendeleriň
waý-waýlap aglanlaryna gyýylyp erbet bolýan. Biz goňşular bolup, oňa
sen näme beýdýärsiň, bu bendeleriň näme günäsi bar diýsek, ol: “näme
guly diňe günäsi bolsa urmalymy, men islän wagtym urjak, islesem
öldürjek, siziň näme işiňiz bar” diýýär. Ýene bir goňşym bar, olam idilli
adam däl, ol oňa: “Ursaň agzyna esgi dykyp, sesini çykarman ur. Olaryň
sesinden biziň gulagymyz kamata geldi-le” diýdi. Onda Tarkan näme
diýýär diýseňiz-ä: “Men olaryň waý-waýlaýan sesinden lezzet alýan”
diýýär.
41
-Bäh, şonuň ýaly adamam bolýamy?!-diýip, Anuş-tegin kellesini
ýaýkady. Hüseýin hoja:
-Bolýa, Şyhny hezretleri. Ol şeýle kesel. Birine azap berip, şondan
lezzet alýan keselli adamlar bolýar-diýdi.
-Biz onuň keselini örän gowy edip bejereris, gaýdyp eline gamçy
almaz ýaly bolar-diýip, Anuş-tegin Salyh sabynça garady. -Başga aýtjak
zadyňyz barmy?
-Ejaza berseňiz, men esasy gepimi indi aýtjak.
-Hany onda ony-da diňläli-diýip Anuş-tegin sabynça has gyzygyp
garady.
-Şyhny hezretleri, gulam, gyrnagam, biziň hemmämizem Allanyň
ýaradan bendeleri. Şeýle bolansoň gul eýesi-adam, gul bolsa haýwan
däl, ahyryn. Şerigatda haýwana-da azar bermek bolanok. Onda: “Şerigat
isleseň öldür ýylany, hakykat isleseň agrytma jany” diýilýär. Emma
muňa garamazdan, ýurtdaky gul eýeleriniň arasynda Tarkan täjir ýalylar
gullaryny urup azar berip, islese sähelçe günäsi üçin öldürip hem
bilýärler. Bu ýagdaýlar ynsanperwerlik diýilýän ýörelgä düýbünden
dogry gelmeýär. Eger guluň şeýle agyr günäsi bolsa ony-da kazyýetde
günäsini anyklap, soň öldürse başga gep. Şonuň üçin, Şyhny hezretleri,
gul bilen gul eýesiniň gatnaşyklary barada bir adalatly kanun çykarylsa
juda sogaply iş bolardy.
Anuş-tegin bu adamyň gepini diňleýärkä ýönekeý sabynçynyň fikh
ugrunyň adamy ýaly pikir ýöredişine haýran galyp:
-Salyh aga, siz sabynçy däl-de, fikhden ders berýän müderris
bolaýmaň ýene-diýip Anuş-tegin ýylgyrdy.
-Şyhny hezretleri, meniň üstümden güljek bolmaň, men bu gepleri
janym ýanandan aýdýan...
-Nädogry düşünmäň, men siziň üstüňizden güljek bolamok. Siziň
fikhçiler ýaly gepläniňiz üçin aýtdym, Salyh aga.
-Onda zyýany ýok. Men nädogry düşünipdirin. Indi fikh
meselesine gelsek. Men medresede okanymda fikh sapaklaryna aýratyn
gyzyklanýardym, fikhsynaş bolmak niýetim hem ýok däldi. Ýöne maňa
medresäni gutarmak nesip etmedi. Pederimiz gaýdyş bolup, güzeran
üçin onuň kärini ýöretmeli boldym. Ine şonda durmuş bilen ýüzbe-ýüz
bolup, bir hakykata göz ýetirdim. Durmuş fikh däl ekeni ýagny ol fikh
kadalary boýunça däl-de, adamlaryň islegi boýunça dowam edýän ekeni.
Islegler bolsa dürli-dürli. Meniň goňşym Tarkan täjiriň özi ýaly
adamlara azap bermek ýaly islegleri gandallaýan kanun gerek, Şyhny
hezretleri.
42
Anuş-tegin bu adamyň gürrüňini diňledigi saýyn onuñ
adalatperwer, ynsanperwer, hakykatçydygyny aňyp, oňa bolan hormaty
artýardy.
-Salyh aga, menem siziň pikirleriňize goşulýaryn. Ýöne häzir siziň
aýdan kanunyňyzy çykarmak meniň elimden gelmeýär, Ol patyşalara
degişli mesele. Siziň goňşyňyz ýaly adamlara azap berip, lezzet almak
diýen zat juda gadym zamanlarda-da bolupdyr. Onda-da ýek-tük adam
däl, döwlet derejesinde Gadym Rimde gullary tomaşa meýdanyna
çykaryp, biri-birini öldürýänçä uruşdyryp, çepek çalyp alkyşlapdyrlar.
Bu “tomaşa” gatnaşan müňlerçe adamyň içinden “Bes ediň, bu aýylganç
tomaşany!” diýen birje rehimdar adam tapylmandyr. Indi siziň
goňşyňyza gelsek, siziň aýdan kanunyňyz bolmasa-da, onuň ýaly adama
degmeli däl diýen kanunyň hem ýokdygyndan peýdalanyp, ony gaýdyp
eline gamçy almaz ýaly ederin. Siz şuňa razymysyňyz?
-Elbetde razy, şyhny hezretleri, ýöne siz ony nädip, eline gamçy
almaz ýaly edersiňiz?
-Biraz şu ýerde sabyr etseňiz, görersiňiz nädip etjegimi-diýip,
Anuş-tegin ajy ýylgyrdy, soňra Nasyra ýüzlendi:
-Nasyr beg, Mirşephana baryp, iki sany mirşep, ýa-da ýasawul
alyp, sabynçylar mähellesinden Salyh agaň aýdan adamyny alyp geliň.
Gamçysyny-da alyp gaýdyň.
-Hop, Şyhny hezretleri-diýip, Nasyr çykyp barýarka yzyna
öwrülip, Sabynça ýüzlendi-Ady Tarhan diýdiňizmi?
-Tarhan däl, Tarkan, Tarkan täjir-diýip Salyh sabynçy has hejjikläp
düşündirdi. Nasyr buýrugy ýerine ýetirmäge gitdi. Salyh sabynçy bir hili
oňaýsyzlanan ýaly ardynjyrap:
-Şyhny hezretleri, ejaza berseňiz, menem gaýdyberäýin-diýdi.
-Görjek dälmisiňiz, nädip eline gaýdyp gamçy almaz ýaly
edişimizi.
-Gaýdyberäýin, görmegim hökman däl. Soň eşiderin nädeniňizi...
-Gözel göwnüňiz, gaýtsaňyz bizden rugsat.
Salyh sabynçy elini döşüne goýup, edep bilen çykyp gitdi. Anuştegin kellesini ýaýkap, ýylgyrdy:
-Görýäňizmi, hojam, adamlar nähili. Ol adalatçy, hakykatçy bolsada gorkagrak ekeni. Goňşysy bilen ýüzbe-ýüz bolmaga mertligi ýetmedi.
***
Nasyr iki ýasawula baş bolup, Tarkan täjiriň öýüne bardy. Olar
Tarkanyň howluda gyrnagyny waý-waýladyp, gamçylap duranynyň
43
üstünden düşdüler. Tarkan gelenlere tarap öwrüleninden ýüzin ýatan
gyrnak hasyr-husyr turup gaçdy-da içeri sümüldi.
-Tarkan täjir diýýänleri sizmi?-diýip, Nasyr oňa hyrsyz seredip
sorady.
-Edil özi. Näme gerek bolsa aýdyberiň, matamy, halymy ýa-da...
-Bize siziň hiç zadyňyz gerek däl, özüňiz gerek, şonuň üçin siz
häzir biziň bilen ýöremeli-diýip, nasyr onuň sözüni kesdi.
-Nirä ýöremeli, näme üçin ýöremeli?
-Ony baranda bilersiňiz.
-Men hiç ýere barjagam däl, biljegem däl.
Nasyr ýasawullara “alyp çykyň” diýen manyda ümledi. Iki daýaw
pyýada onuň iki ýanyna geçäge-de injiginden tutup, idirdedip ugradylar.
Nasyr onuň elindäki gamçyny kakyp aldy. Garaşylmadyk bu hereketlere
aňy uçan Tarkanyň özelenip soraýan sowallaryna-da jogap bermän
şyhnynyň huzuryna eltdiler. Diňe şonda Nasyr ony içeri alyp
girmezlerinden öň “Bu ýer Şyhny hezretleriniň karargähi, seni ol kişi
çagyrdy” diýip aýtdy.
Tarkany içeri salanlaryndan ol gaharyna salam bermegi-de unudyp:
-Jenap Şyhny, bu nä zorluk, näme üçin meni bu ýere mejburlap
getirdiler?!-diýip, Anuş-tegine garanda ýaşulyrak görünýän Hüseýin
hoja ýüzlendi.
-Sizi bu ýere getirmegi men buýurdym-diýeninden Tarkan Anuştegine ýalta seretdi, Hüseýin hojany şyhnydyr öýdüp, ýalňyşanyna
düşündi. Barybir edep saklap, hormat görkezmedi.
-Näme üçin buýurdyňyz, näme sebäpden?
-Siziň bir üýtgeşik gamçyňyz bar diýip, eşitdik. Ony nämede
ulanýanyňyzy bilmek üçin buýurdym.
Tarkan indi bu ýere getirleniniň sebäbini düşünen ýaly boldy. Ol
Nasyryň elindäki gamçysyna garap goýdy.
-Şu gamçy siziňkimi?
-Hawa meniňki...
-Ony nämede ulanýanyňyzy aýdyp beriň, hany.
-Aý, kä wagt abaý-syýasat üçin gullara birki gamçy çalaýan.
-Şyhny hezretleri, rugsat ediň, men aýdaýyn-diýip, Nasyr ara
goşuldy.-Biz baranymyzda bu adamyň, “abaý-syýasat üçin” diýeniniň
üstünden düşdük. Ol howlusynda bir gyrnagy ýüzin ýatyryp, şu gamçy
bilen waý-waýladyp urup duran ekeni.
-Näme, ursam men öz gyrnagymy urýan, urmaga hakym ýokmy?
-Näme günäsi üçin?-diýip, Anuş-tegin oňa hyrsyz seredip sorady.
44
-Hökman günäsi bolsa urmalymy, guly, gyrnagy günde birki gezek
urup durmasaňyz, olar hetdinden aşyp gidýärler.
Anuş-tegin Garçystanda gul mahaly iýen taýaklary ýadyna düşdi.
Emma onda bigünä däldi, ýaşlygynda garagolrakdy.
-Tarkan-diýip ol gaharly seslendi. Adamy, ol gulmy, gyrnakmy
günäsiz ýere urmak günädir. Günäli adamy bolsa urmak sogapdyr. Biz
şu sogaby gazanmak üçin saňa, özäm ýalaňaç arkaňa kyrk gamçy
buýurýaryn. Eger şu işiňi ýene gaýtalasaň ýüz gamçy buýurýan!-diýip,
ýasawullara garady. -Alyp çykyň bazara eltip, sezaýy edilýän ýerde
uruň, başgalara-da, sapak bolsun!
-Jenap Şyhny, jenap Şyhny! Bu bolýan zat däl! Üstüňizden Waly
hezretlerine arz ederin.
-Walydan soň, Soltana-da arz edäý!
Ýasawullar Tarkan täjiri idirdedip alyp çykyp gitdiler. Anuş-tegin
özüne makullaýjy nazar bilen garap oturan Hüseýin hoja ýylgyryp diýdi.
-Hojam, gul gullaryň arkasyny tutmasa bolmaz ahyryn.
Hüseýin hoja bu gepiň manysyna düşünmän seretdi.
-Hojam, meniň gepime düşünmediňiz, men size aýtsam,
garşyňyzda oturan, şyhny hezretleri diýenleri hem ýaşlygynda gul
bolupdy. Allanyň keremi bilen indi döwletiň bir mertebeli adamy
hökmünde hondan bärisi bolup, adamlara jeza-taýynlap otyr-diýip,
Anuş-tegin özüne haýran galyp garap oturan Hüseýin hoja seredip
ýylgyrdy.
-Siziň yjtymagy gelip çykyşyňyzdan meniň habarym ýoklygy hak,
Şyhny hezretleri. Şonuň üçin ilki gepiňize düşünmän seretdim. Men size
bir hakykady aýdaýyn, biziň hemmämizem Allanyň guly. Ol islese
kimidir öz gulunyň guly edýär, islese ol gula siziň kimin belent mertebe
berýär. Hemme zat Allanyň eradasy bilendir. Alla size mundanam belent
mertebeleri taýynlap goýan bolsa näbildiňiz.
***
Gürgenjiň ilaty Anuş-teginiň ýene bir aýgytly hereketiniň şaýady
boldy. Mämünler nesilşalygynyň döwründen bäri Horezminiň çäginde
kerwen ýollarynyň howpsuzlygy doly üpjün edilipdi. Emma “çöl börüsiz
bolmaz” diýenleri ýaly arada bolan bir ýaramaz waka Anuş-tegini gylyç
dakdyryp ata çykardy. Çynma-çyndan gelýän kerwen Horezmiň çägine
girip, bir boşlaň ýerde düşlemek üçin goş ýazdyrýar. Bir mahal sen ýok,
men ýok, derlikçäniň üstünde ýanbaşlap çaý içip oturan kerwenbaşyny
üç pyýada gelip elini arkasyna daňyp başlaýar. Aň-taň bolan
kerwenbaşy:
45
-Edýäniňiz näme, ýigitler?!-diýip, olara dikanlap seretse,olar
kerweniň goragyndaky nökerlerden bolsa nätjek! Töweregine göz
aýlanynda nökerleriň beýlekileri hem onuň adamlaryny daňyp
ýörenlerini görýär.
-Düşnükli-diýip, bularyň maksadyny aňan kerwenbaşy:
-Hany, meniň ýanyma baştutanyňyzy çagyryň, belki ylalaşarysdiýdi. Olar kerwenbaşa jogap bermän, biri-birine seredişdi.
-Näme dursyňyz, çagyryň ony! Men size peýdaly teklip etjek
bolýan-diýip, kerwenbaşy dogumly gepledi. Olaryň biri:
-Peýdany özümiz taparys-diýip, ajy ýylgyrdy.
-Dar agajynyň aşagynda seniň isleýän peýdaň ýok. Bar çagyr
başlygyňy!
Kerwenbaşynyň dar agajyny ýatladany täsir etdimi nämemi,
beýleki biri ýaňky ajy ýylgyrana:
-Bar çagyryp gel. Näme diýjekkä eşideli- diýdi.
Giden bir salymdan başlyk diýenleri bilen tirkeşip geldi.
-Sen nökerbaşy bolsaň, men kerwen başy. Ikimiziň derejämiz deň.
Şeýle bolansoň, sen näme meni özüň gelip daňman, garamaýaklaryňa
daňdyryp, derejämi peseldip ýörsüň?-diýip, kerwenbaşy kinaýaly
ýylgyrdy. Şeýle gözgyny ýagdaýynda birjigem aljyraman, sowukganlyk
bilen şeýle kinaýaly gürrüň tapýan kerwenbaşynyň mertligine telpek
goýaýmalydy.
Nökerbaşy diýilýäni ýüzüniň deň ýarysyny timarlanmadyk gara
sakgal basan daýaw garaýagyz pyýada kerwenbaşa geň galyp, bir salym
seredip durdy-da:
-Meni şu gepi aýtmak üçin çagyrdyňmy?-diýdi.
-Ýok, başga gepim bar. Gowuja diňle. Men siziň maksadyňyza
düşündim. Siz kerweni talamakçy. Bizi öldürmek niýetiňiziň ýokdygyda bir ýagşy. Onuň ýaly ýaman niýetiňiz bolanda bizi daňyp oturman bir
eýýäm gylyçdan geçirerdiňiz. Ýöne siz kerweni talap, nirä gitseňizem iru-giç baryňy tutup, dardan asarlar. Gowusy ylalaşaly. Siz maňa aýdyň,
kerweni talap, näme iş etjeksiňiz?
Kerwenbaşynyň sözi täsir etdimi ýa-da göz öňüne dar agajy
geldimi, nökerbaşy biraz gowşady:
-Dogrymy aýtsam, tomusyň jöwzaly yssysynda, gyşyň aňzak
aýazynda kerwen bilen çöl söküp, sähra söküp ýöremek jana degdi.
Atlarymyzam garrap lagşady. Şonuň üçin bir gowy at-ýarag edinip,
Gürgençde Ekinçi ibn Koçkaryň goşunynyň hataryna girmek isleýäris.
46
Ol ýerde iýmek-içmekden kemiň ýok, onsoňam aýda esger haky hem
berilýärmiş.
-Düşündim. Ýöne siz kerwenden alan zatlaryňyzy hiç bazarda-da
satyp bilmersiňiz. Sebäbi siziň söwdagär däldigiňizi, harytlaryň bolsa
talap alnandygyny bilerler, şeýdibem tutularsyňyz. Gürgençde biziň
kerweniň gelerine garaşýan ýerli täjirler bar. Biz olara zatlarmyzyň bir
bölegini geçirip puluny alansoň, siz ýigirmi adammy, ýigirmiňize-de atýaraga ýeter ýaly puly özüm bererin...
Nöker başy kellesini ýaýkap, ajy ýylgyrdy:
-Heý kerwenbaşy, sen näme bizi samsykdyr öýüdýäňmi. Sen
Gürgenje baransoň pula derek dar agajynyň ýüpüni boýnumyza
ildirdersiň. Tapdyň sen gury gepiňe ynanjak akmagy!
-Gyzyberme, sakawuň soňuna seret. Gury gepe ynanmajagyňyzy
bilýän. Şonuň üçin size zamun hökmünde öz adamlarymyzdan onusyny
goýup gidýäs, Özüňizem olar bilen bir hepde, aňry barsa on gün şu
ýerde iýip içip ýatyberiň. Şu möhlet içinde biz puly jemläp birimizden
berip goýbereris. Puly alanyňyzdan soň sizem zamunlary goýberersiňiz.
Niçik, şeýtsek bolmaýarmy?
Nökerbaşy ýanyndakylara “bu gepi nähili görýäňiz” diýen manyda
garap dymdy. Bir salym dymyşlykdan soň nökerleriň biri başyny atdy,
beýlekileri-de oňa eýerdi. Nökerbaşynyň özüne-de makul bolan bolsa
gerek:
-Onda sözüňiz sözmi?-diýdi.
-Sözüm söz. Ýogsa-da siziň başga çykalgaňyz ýok.
-Bir çykalgamyz bar. Eger üstümize gelýän esgerleriň garasy
görünäýse adamlaryňyzyň onusynam şol demde gylyçdan geçireris.
-Düşnükli. Biz adamlarymyzy pula çalyşmarys, arkaýyn bolaýyň.
Nökerler daňan adamlaryny boşatdylar. Kerwenbaşy on adamy zamun
galdyryp, goragsyz ýola düşdi. Horezminiň çäginde ýollar hatarsyz
bolany üçin goragyň geregi hem ýokdy.
Kerwen üç günde Gürgenje gelip ýetdi. Tibbi gözden geçirişden
soň kerwensaraýa ýerleşdiler. Kerwenbaşy haýal etmän şyhnynyň
huzuzryna bardy. Anuş-tegin kerwenbaşynyň habaryny diňläp, gaty
dergazap boldy. Çünki onuň şyhnylyk döwründe kerweniň talanmagy öz
abraýyna-da zeper ýetirýärdi.
-Men olaryň ýigrmisini-de bir dara asdyraryn!
-Şyhny hezretleri, siz häzir olaryň üstüne esger iberseňiz, esgeriň
garasy görünenden biziň adamlarymyzy öldürerler. Olaryň aýdyşyda
şeýle. Şonuň üçin biraz sabyr ediň. Men pullary jemläýin-de birimizden
47
berip goýbereýin, olar zamunlary boşatsynlar. Onsoň Gürgenje at-ýarag
almak üçin gelenlerinde tutaýmaly-diýen kerwenbaşyň aýdan sözüne
şyhnynyň kinaýaly ýylgyrýanyny görüp, bir hili boldy, samsyklaç gürrüň
edenine düşündi.
-Jenap, siz gaty degişmeçi ýa-da örän sada adam bolmaly.
-Uzur, Şyhny hezretleri. Men degişmeçi-de däl, sada-da däl.
Biderek geplänimi soň düşündim. Elbetde, olar at-ýarag almak üçin
Gürgenje gelmezler. Ýöne men bu gepi olaryň elinde galan
adamlarymyň janyny saklamak üçin aýdan bolsam gerek.
-Berekella, ýalňyşyňyzy düşünipsiňiz. Siz adamlaryňyzyň jany
barada howp etmäň. Biz olara zeper ýetmez ýaly tedbir ulanarys. Siz
puly on günden bäride berip goýbermäň. Biz şu wagtdan peýdalanyp,
olaryň üç tarapyna-da daşdan aýlap, esger taşlarys. Olar puly alansoň
haýsy tarapa gitselerem ele düşerler.
-Taňryýalkasyn, Şyhny hezretleri! Alla size uzak ömür bersin.
Mertebäňiz egsilmesin. Siz meseläni hemme taraplaýyn oýlanyp, ölçerip
çözýän ýiti zehinli adam ekeniňiz...
-Goýsaňyz-la, jenap. Bu bir çözmesi kyn mesele däl-ä. Munuň üçin
iliňkiden artyk zehin, parasat gerek däl-le.
Anuş-teginiñ bu gepi kerwenbaşa gyjalat berdi. Ol onuň öwgüni
gowy görmeýänini aňdy. “Horezmin şyhnydan gönenipdir. Örän
parasatly, adalatly adama meňzeýär” diýip, içini gepleden kerwenbaşy
Anuş-tegine minnetdarlyk baryny aýdyp hoşlaşdy. Kerwenbaşy
gideninden soň Anuş-tegin hem bu wakadan Walyny habardar etmek
hem-de ondan esger almak üçin köşge gitdi.
Aradan on gün geçdi. Kerwenbaşy şyhnyny habardar edip, bir
adamyndan talaňçylara puly berip goýberdi. Pul baryp gowuşanyndan
zamunlar azat edildi. Şonça pula eýe bolan talaňçylar. Anuş-teginiň çak
edişi ýaly at başyny yza tarap tutdurdylar. Emma olaryň heşelle kakyşyp
gidişleri uzaga barmady. Degre-daşy gabalyp tutuldylar. Nebsiň,
açgözlügiň ündewi bilen uzak ýoldan duzemek bolup gelen
hemralarynyň ellerini arkasyna daňan bu adamlaryň indi öz elleri
daňylyp, at öňünde sürülip baryşlaryna “Ýakma bişersiň, gazma
düşersiň” diýen halk nakyly ýatlaryna düşen bolsa gerek.
Anuş-tegin aýdyşy ýaly etdi. Gürgenjiň uly meýdanynda uzuny
kyrk geze golaý dar gurduryp, talaňçylaryň ýigrimisinem şol dardan
asdyrdy. Ýaman adamlara sapak hökmünde berlen bu jezany Gürgenjiň
ilaty adalat hökmünde makullady. Çünki ýamana berlen jeza, ýagşa
berlen sylag ýaly adalatyň bir görnüşidir.
48
Anuş-tegin Horezme Şyhny we mütassarif bellenip, geleninden
bäri geçen on bäş ýyla golaý wagtyň içinde şyhny hökmünde ýurtda
tertip-düzgüniň berkemegi, arza-şikaýatlaryň adalatly çözülmegi,
mütassarif hökmünde bolsa girdeji-çykdaýjylaryň deňagramlygyny
gazanmak ugrunda köp we netijeli işler etdi. Şonuň üçin onuň halkyň
arasynda abraýy has belende galdy. Halkyň şeýle sarpa goýýan adamyna
ýurduň walysy Ekinçi ibn Koçkaryň hem hormat goýmazlygy mümkin
däldi. Diňe hormat däl, soňky wagtda oňa uly ynam hem bildiripdi.
Adamyň işi oňuna bolup, il içinde hormata mynasyp bolsa kalbyna
ruhybelentlik, tenine gujur-gaýrat ylahydan inen ýaly bolýar. Şonlykda
Anuş-tegin hem belent ruh we gujur-gaýrat bilen il-ýurt bähbitli işlerini
depginli dowam etdirdi. Döwlet gelse goşa-goşadan diýilişi ýaly, Anuşteginiň Merwde tälim-terbiýe alyp ýören ogly Kutbiddin Muhammet
medresäni tamamlap, öýüne özi bilen uly şatlyk alyp geldi. ýigrmi ýaşa
dolan syratly, görmegeý, parasatly, edermen ogul ene-atasynyň buýsanjy
hem guwanjydy. Muhammet diňe daş görnüşi bilen däl, baý içki dünýäsi
bilen hem tapawutlanýardy. Ol edepli, salyhatly, edebiýaty, sungaty
gowy görýän, pelsepeden beýleki dünýewi we dini ylymlardan hem
başy çykýan arap, pars dillerini-de bilýän ylymly şahsyýetdi. Onuň
tarypyny eşiden waly Ekinçi ibn Koçkar ony köşge öz ýanyna işe aldy.
Ilki ol walynyň kömekçisi we maslahatçysy bolup hyzmat etdi. Soňra,
aradan bir ýyl geçip geçmän harby hyzmata, ýokar serkerdelik gullugyna
çekildi. Şu arada Anuş-tegin ony öýerdi, öz başyna öýli-işikli etdi.
V BAP
Wagt diýip atlandyrylýan Dünýädäki iň şepagatsyz zadyň
geçmişden geljege tarap ýel kimin öwsüp geçenini adam duýman galýar.
Şalara-da, gedaýlara-da deň daraýan wagt özüni jahan soltany
hasaplaýan Mälik şany-da geçmişe ugratdy. Demini sanap ýatanynda
onuň bilen didarlaşmak Anuş-teginiň nesibesinde bar eken. Ol soltanyň
çagyrmagy boýunça Ispihana geleninde onuň ölüm düşeginde ýatanynyň
üstünden çykdy. Soltanyň ýakyn adamlarynyň biri bolany üçin ony
hassanyň ýatagyna goýberdiler. Içeri gireninde Soltanyň başujynda
özüniň köne tanyşy Omar Haýýam bilen iki sany tebibiň oturanyny
gördi. Ol ýuwaş gelip, Haýýamyň ýanyna çökdi. Kelle kakyp olar bilen
sessiz salamlaşdy. Soňra gözleri ýumuk soltana ýüzlenip: “Kyblaýy
älem, men geldim, men Anuş...” diýip ýuwaş dillendi. Soltan gözüni çala
açyp seretdi, ony tanady, bir zatlar diýmekçi bolup, dodaklary
müňküldedi, emma aýdyp, bilmedi, gözleri ýene ýumuldy, şonda
49
agzynyň bir burçyndan ak köpük çogup çykdy. Omar Haýýam el
ýaglygy bilen köpügi sürtüp aýyrdy. Ol Anuş-tegine manyly garap:
-Beýle köpügiň üçünji ýola çykyşy-diýip pyşyrdady. Anuş-tegin
onuñ sözünden we özüne manyly garaýşyndan soltanyň zäherlenenini
aňdy. Zäherlenen adamyň agzyndan ak köpük gelýänini ol bilýärdi, “Bu
işi kimiň etmegi mümkin” diýip, iç gepledip, iňkise gitdi. Şol wagt
Soltanyň kiçi aýaly melike Terkan, 8 ýaşly ogly şazada Nasyretdin
Mahmut hem-de serkerdebaşy Aýup al Kazwin dagy geldiler. Melike
Omar Haýýama bir hili seredip, gözi bilen “gidiberiň” diýen yşaraty
etdi. Anuş-tegin Omar Haýýam bilen soltanyň ýatagyndan çykanlarynda:
-Möwlana, bu işi kimiň etmegi mümkin?-diýip sorady.
-Soltanyň ölümi kime bähbitli bolsa şonuň...
Omar Haýýamyň soňuny aýtmadyk jogaby Anuş-tegini has
gyzyklandyrdy. “Kimiň bähbidi bolmagy mümkin... Adamyň ölüminden
hem bähbit araýan kim-kä? Kimem bolsa täji-tagta göz dikýän kimse
bolmaly. Ähli belanyň körügi-täji-tagt! Bäş günem bolsa oňa eýe bolmak
üçin hiç zatdan gaýtjak däller-ow!” diýip içini gepledip, oýa çümüp
barýan Anuş-tegini Omar haýýamyň:
-Ýene iküç sagatlyk ömri galdy-diýeni özüne getirdi.
Soltanyň bu dünýäni terk etmegi Omar Haýýamyň Anuş-tegine
aýdan möhletinden hem öňräk ýüze çykdy. Bu wagtda olar köşkden uzak
bolmadyk bir kahwahanada kahwa içip, gürleşip otyrdylar. Bir mahal
daşardan howlugyp giren bir adam:
-Eşitdiňizmi, Mälik şa wepat bolupdyr. Onuň ýerine kiçi ogly
şazada Nasyretdin Mahmut tagta çykarlypdyr. Şazadanayň entek ýaşlygy
zerarly döwlet ygtyýarlylygy ejesi melike Terkana berilipdir...-diýip,
sözüni gutarmanka, oturanlaryň biri:
-Biderek gürrüň tapma how, gulagyňy keserler!-diýdi. Ýene biri:
-Diliňi keserler!-diýdi.
-Eý, biderek däl, ynanmasaňyz daşary çykyň! Eýýam köçelere,
bazarlara bu hakda jar çekilip dur. Men öz gulagym bilen eşitdim-diýip,
gelen adam ynandyryp aýdansoň, gowur başlandy, her kim bir zat diýdi.
“Näme üçin, uly ogly Bark Ýaruk barka ýaş çagany tagta
çykarypdyrlar?” diýenler köpçülikdi.
Omar Haýýam Anuş-tegine “Ine ýaňy maňa beren sowalyňyzyň
anyk jogaby” diýen manyda seretdi.
Olar kahwahanadan çykyp köşge baranlarynda häzir bolan wezirwekiller, beýleki köşk emeldarlary matam görnüşinde aýak üstünde
durdylar. Serkerdebaşy Aýup al Kazwin soltanyň ýatan jaýyna girip50
çykyp, baş wezire bir zatlar diýýärdi. Anuş-tegin bilen Omar Haýýam
çetiräkde duranlary üçin ýuwaş gepleýän serkerdebaşynyň nämeler
diýeni olara eşidilenokdy. Omar Haýýam Anuş-tegine ony ümläp
görkezip: “Pitnäniň başynda duran şu adam bolmaly” diýip pyşyrdady.
Anuş-tegin oňa ünsli seredip, keşbini ýadynda saklady. Ol: “Şeýle
adamlardan ägä bolmaly” diýip içinden özüne öwüt beren boldy.
Agşama golaý köşk emeldarlaryndan başga adamlar dagaşdylar.
Omar Haýýam daşary çykanlarynda Anuş-tegini öýüne myhmançylyga
çagyrdy. Anuş-tegin:
-Sag, boluň, möwlana. Men bolýan ýerime baryberäýin. Sizem
dynjyňyzy alyň. Entek, soltanymyzyň jaýlanyş merasymlarynda
duşarys-diýdi. Nämedir ýüregine sygman içini hümledip barýan Omar
Haýýam:
-Barsaňyz, gürrüňi edilmeli däl zatlary gürrüň beräýjekdim-diýdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 05
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.