Latin

Gürgenç II - 03

Total number of words is 3724
Total number of unique words is 2072
31.9 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Altyntaşyň ölümi hakyndaky habar Gazna ýetip baranda soltan
Masut gynanmagyň ýerine bir howply adamdan dynanyny kem görmedi.
Emma Altyntaşyň Gurgençde iki gerçek ogullarynyň bardygyndan,
goşun hem häzir olaryň elindediginden çekinip, döwleti olaryň elinden
almaga milt edip bilmedi. Emma indi Altyntaşyň ýerine boljak onuň
ogluna doly hökümdarlyk hukugyny bermezlige karar etdi. Şu
mazmunda ýazylan perman bilen baş wezirini we ogly Mawdudy
Gürgenje özüniň gynanjyny ýetirmek hem-de ýurda täze baştutan
bellemek üçin iberdi.
üç hepde diýende kyrk atly nökeri bilen ýetip gelen şazada
Mawdudy we soltanyň baş wezirini Gürgenjiň kethudalary, köşk
emeldarlary, Altyntaşyň ogullary hormat görkezip garşy aldylar.
Gaznalylar soltanyň adyndan we özleri merhumyň maşgalasyna gynanç
bildirip, onuň gubrynyň üstüne bardylar, aýat-töwir okatdylar. Şundan
soň köşgüň öňündäki meýdanda bolan köp adamly ýygnanyşykda
soltanyň baş weziri birinji bolup, nutuk sözledi. Ol ilki Altyntaşyň
ajaýyp feziletleri9, mertligi, tejribeli serkerde, parasatly hökümdardygy,
öz soltanyna wepalylygy barada aýdyp, yzyndan soltan Masudyň
Allanyň ýerdäki saýasydygyny, onuň adyllygyny sahawatlylygyny
nygtap, Horezmine mydama adalat gözi bilen seredýändigi, bu ýurtda
hemişe asudalygyň, bolelinligiň bolmagyny isleýändigi hakynda agyz
köpürdip gürläninden soň esasy meselä göçdi.
-Muhterem möminler, Allanyň eradasy bilen horezmşa Altyntaş
dünýäsini täzeledi. Indi şeýle tejribeli serkerde, parasatly döwlet
baştutanynyň ýerini doldurmak gaty kyn. Şoňa görä soltanymyz
Altyntaşyň işlerini dowam etdirmek, ýurdy parasatly dolandyrmak üçin
bir kelleden iki kelle ýagşy diýen hak gepe eýerip, horezmşa unwanyny
özüniň ogly şazada Mawdud hezretlerine dakyp, onuň adyndan ýurdy
dolandyrmaklyga Altyntaşyň ogly jenap Haruna ygtyýarnama berdi. Ine
şular barada meniň elimde soltanymyzyň permany bar. Şu permana
laýyklykda ýurda jar çekdirmeli.
Wezir sözüni gutaryp gutarmanka märekede gowur başlandy.
Harun bolsa kalbyndan atylyp çykan gazabyny saklajak bolup, dişini
gaýym gysyp durdy. Şazada Mawdut rejäniň düzüw däldigini aňyp, bir
elini ýokary galdyryp, märekä ýüzlendi:
9
Fezilet-gowy häsiýet, artykmaçlyk
26
-Halaýyk! Dynçlanyň! Sakawuň soňuna seret diýen gep bar. Men
Gaznada şazada, Horezminde şa bolsam-da şanyň tagtyna geçip oturjak
däl. Ol tagt gardaşym Harunyňky. Eger ol ýurdy meniň adymdan
dolandyranynda ýaman işleri etmän, ýagşy işleri etse men razy...
Şazada dile çeper adam eken, ol çyn ýüregindenmi ýa dil
ujundanmy adamlaryň ýüreginden turýan sözleri tapyp, märekäni
köşeşdirdi. Emma Harunyň gahary köşeşenokdy. Ol özüni kemsidilen,
degnasyna degilen hasap edýärdi. Hernä ol gaznalylar bilen saçak
başynda-da, Mawdut bilen ikiçäk gepleşikde-de gahar-kinesini daşyna
çykaranokdy. Sebäbi kakasynyň döwründen bäri bir dogany Gaznada
soltanyň hyzmatyndady. Soltanyň ony girew hökmünde saklaýandygyny
kakasynyň patasyna-da goýbermändiginden bildi. Ýogsa özdiýenli,
namysjaň Harun özüni kemsidiji perman üçin bu gelenleri yzyna it salyp
kowardy. Gaznalylar Gürgençde köp eglenmediler. Iküç gün demdynçlaryny alyp Gazna gaýtdylar.
***
Horezmşa unwanyny alan Mawdut daşda-Gaznada bolansoň
Gürgençde hökümdarlyk edýän Harunyň öz eli, öz ýakasydy. Onuň hem
kakasy Altyntaş ýaly özbaşdaklyga meýli ýok däldi. Arada
garaşylmadyk ýerden bir pajygaly ýagdaýyň ýüze çykmagy Harunyň
Soltan Masut bilen arasynyň düýpgöter bozulmagyna sebäp boldy.
Harunyň Gaznadaky dogany üçekden ýykylyp heläk bolýar. Bu habary
ýetirenler onuň tötänden däl-de soltan Masudyñ gizlin buýrugy bilen itip
goýberenligini ýaňzydýarlar. Öňem degnasyna deglen Harun bu habaryň
anygyna ýetmän gazaba mündi.
-Eziz adamlar, Soltan Masut biziñ gaşyşymyz ýaly, pederi soltan
Mahmyt Gaznaly kimin adalatly, hakykatçy, sahawatly soltan bolmady.diýip, bu sowuk habar mynasybetli köşge çagyran wezir-wekillerine,
serkerdelere, şäheriň kethudalaryna ýüzlendi. - Ol jaýy jennet pederimizi
Mawerannahra uruşa iberip, onuň ölümine sebäpkär boldy. Ol horezmşa
uruçda wepat bolaýsa, öz ogly Mawdudy horezmşa edip, bizi onuň
gullugynda goýmagy öňünden meýilleşdiren ekeni. Ine indi bolsa
doganymyzy-da hile bilen öldüripdir. Biz bu horluklara çydap, ýene
näme sütemleriň bolsa ediber diýip, ýaşasak pederimiziň ruhy bizi
bagyşlamaz...
Harun, entek, sözüni gutarmanka serkerdeleriň hatarynda oturan
inisi Handan:
27
-Masudyň hem, Mawdudyň hem atlaryny hütbeden aýyryp,
Horezminiň özbaşdaklygyny jar etmeli-diýip gygyrdy. Bu elbetde,
agasynyň pikiridi. Wezirleriň biri:
-Harun ibn Altyntaşy Horezmşa diýip hem jar çekdirmeli-diýip
ýerinden turup aýtdy. Oturanlaryň ählisi orta atylan teklipleri goldap
seslendiler. Şundan soň Haruna aýdara gep hem galmady.
Horezminiň garaşsyzlygy jar edilip, atlarynyň hutbeden
aýrylandygy baradaky habar Soltan Masudyň tas ýüregini togtadypdy.
Ol gaharyny kimden çykarjagyny bilmän ogly Mawduda:
-Men saňa Horezmşa unwanyny berdim, sen bär-de däl-de,
Gürgençde oturmalydyň!-diýip, ajysyny pürkdi. Mawdut:
-Men Gürgençde bolan bolsam, üçekden ýykylyp ölen doganynyň
ýerine Harun meni minaradan okladyp öldürerdi.- diýdi.
-Doganynyň ýazgydy şeýle bolsa, biziň näme günämiz bar. Alla
tarapyn bolan bu işde-diýip, Soltan elini göterip ýokara yşarat etdi.
-Olar muny siziň aýdyşyňyz ýaly düşünmändirler-de. Belki
duşmanlarymyz bu bolan pajygadan peýdalanyp, olaryň ýüreklerini
çişirendirler.
-Akylly-başly adam her gep-gybata ynanmaz. Harun hem ynanan
däldir. Çünki olaryñ inisiniñ ölüminden girew hökmünde elimizde
bolany gow-a. Ýöne oňa bahana gerek bolan bolmaly. Näme bolsa-da,
bu dönükligi bagyşlap bolmaz. Munuň bir çäresini görmeli bolarysdiýip, Soltan özüni birneme köşeşdirdi.
Harun bolsa garaşsyzlygyny jar edeni bilenem köşeşenokdy. Ol
Soltan Masutdan ar almaklygyň küýüne düşüp, goşunynyň sanyny
artdyryp başlady. Munuň üstesine Mawerannahyryň hökümdary,
gaznalylaryň ezeli duşmany Aly Tegin bilen harby hyzmatdaşlyk barada
şertnama baglaşdy. Bu şertnama laýyklykda Harun Horasana, Aly Tegin
Termez bilen Balha ýörüş etmelidiler. Emma Aly Teginiň biwagt aradan
çykmagy bu ýörüşi yza çekdirdi. Şundan soň Harun Horasana ýörüşi
üçin Jendiň hökümdary Şa Meligi, ýardama çagyrdy. Şa Melik ilki onuň
bu işini sözde goldady we on bäş müň atly esger bermägi wada etdi.
Olar bu barada ylalaşyga gol çekişmek üçin derýanyň ortasynda gämide
duşuşmalydylar. Ikisi-de Jeýhunyň boýuna bardylar. Jendden derýanyň
özi tarapdaky demirgazyk kenaryna gelen Şa Melik günorta kenardaky
Harunyň agyr leşgerini görüp, göwnüne bir çiglik gitdimi, nämemi beren
sözünden dänip, yzyna gaýdyp gitdi. Haruny başa barmadyk bu iş hem
raýyndan gaýtaryp bilmedi. Ol indi Aly Teginiň ogullaryna ýüzlendi. Öň
28
kakalary Aly Tegin bilen baglaşylan şertnamany gaýtadan güýje girizip,
olar aňyrdan Harun bäriden ýörüşe başladylar.
Harunyň çar tarapa at salyp Gaznanyň garşysyna güýç
toplaýandygyndan habar tapan Soltan Masut onuň ilkinji hereketinden
gazaplanan wagtynda dile alan çäresini tizleşdirdi. Ol bu çäräni amala
aşyrmak üçin goşunyň, gylyjyň güýjine däl-de, altyn-zeriň güýjüne
daýandy.
***
Özüniň ölüme höküm edilendiginden bihabar Harun Horasana
tarap uly ynam bilen agyr leşgeriň öňüni çekip barýardy. Ýeterli sepelän
ýaz ýagşy ýoluň tozanyny basypdy. Baharyň hoştap howasy leşgeriň
ruhyýetine gowy täsir edipdi. Daň atandan giç öýläne çenli ýol söküp
gelýän goşun düşelge üçin bir amatly ýeriň üstünden çykyp, şu ýerde
goş ýazdyrdy. Indi özüni Horezmşa yglan eden Harun üçin derhal şahana
çadyr dikildi. Onuň keýpi kökdi. Şertnama baglaşan şärigi
Mawerannahyryň hökümdarynyň eýýam Saginýany alyp, Termeze tarap
barýandygy barada habar gelip gowuşdy. Termezden soň ol derýadan
geçip, onuň bilen goşuluşar. Iki uly goşun birigip, Horasana aralaşanda
soltan Masut bu uly güýjüň öňünde durup bilsin-de!
Şeýle süýji hyýallar bilen uka giden Haryna gaýta oýanmak nesip
etmedi. Bu işi amala aşyrmak üçin öňräkden taýýarlyk görülýärdi.
Harunyň Horasana ýörüşi başlanmazyndan bir aý çemesi öň Gürgenje
Gaznadan gelen Kerwen bilen gaýdan bir söwdagär kerwensaraýda
düşlemän, köşge ýakyn ýerden jaý tutdy. Jaýyň eýesi ýeke özi ýaşaýan
ýaşuly adam ekeni. Ol öň Horezmşa Abul Abbasyň döwründe köşkde
hyzmatda bolup, ýurdy gaznalylar alansoň ony köşkden çetleşdiren
ekenler. Häzir hem onuň köşkde hyzmatdakylardan birki tanyşlary bar
eken . Söwdagär oňa gowuja eçilip, köşkdäki tanyşlarynyň biri bilen
duşurmagyny haýyş etdi. Şol günüň ertesi giç agşam ýaşuly yzyna bir
ýigidi tirkäp geldi. Ol ony patşanyň ýakyn gulamlarynyň biri diýip
tanyşdyrdy. Salam-alekden soň Söwdagär onuň taryna kakyp gördi.
-Biradar, meniň patşaňyzdan bitjek bir işim bar, eger siz şuňa
kömek etseňiz, meniňem size bir uly sowgadym bar.
-Onuň näme işdigini aýtsaňyz bitirjek bolup görerin, eger özüm
oňarmasam patyşamyza has ýakyn hyzmatda bir dostum bar şoňa haýyş
ederin.
Söwdagar bir salym dymyp bir zatlary oýlan kişi boldy. Soňra:
-Meniň işim patşaňyzyň Horasana etjek ýörüşi bilen bagly. Öňürti
ol ýörüşiň haçan başlanjakdygyny bilmeli.
29
-Ony-da şol dostumdan anygyny bilip bererin, jenap.
-Gowusy, siz onuň özüni şu ýere çagyryp getiriň. Üçümiz oturup,
meniň patşaňyzdan bitjek işimiň
maslahatyny bile ederis-diýip,
söwdagär kisesinden bir gysym tylla alyp, gulamyň eline jyňgyrdadyp
dökdi. Şunuň bilen gulamyň aýdylan teklibe gep-sözsüz razylygy
gazanyldy. Şol günüň özünde gijäniň ýaryna golaý ol dostuny alyp geldi.
Onuň “dostum” diýeni ýaşy jähetden özünden ekabyrrak gözleri ýanyp
duran hyjuwly, daýaw pyýada ekeni. Salam-älekden tanyşlykdan soň
söwdagär patşanyň endikleri, gylyk-häsiýeti barada soraşdyran boldy,
soňundan:
-Ýigitler, eger şu iş bitse, ikiňizem ömrüňiz ötýänçä, nädip
sowsaňyzam ýetýän altyna eýe bolarsyňyz-diýdi.
Bu gepden soň gulamlaryň ikisi-de, onça altynyň ýöne-möne iş
üçin berilmeýändigini aňdylar. Soňky gelen ýigit:
-Jenap, siz bize beýle uly baýlygy wada edip, näme ýumuş
buýurmakçy bolýaňyz? Aýdyň biz näme iş etmeli?
-Siz entek maňa Horasana ýörüşiň haçan başlanýandygyny
aýtmadyňyz-diýip söwdagär soňky gelene ýüzlendi. Ol:
-Ýörüş basym, baharyň girmegi bilen başlanýar-diýdi.
-Onda patşaňyza bu ýörüşi bes etdirmeli. Iş ine şu. Gulamlar bu
gepiň hakyky manysyny aňşyrman, biri-birine geň galyp seredişdiler.
Olaryň ekabry:
-Ýörüşi bes etdirmäge patyşany yrmak biziň elimizden gelmeýärdiýdi. Söwdagär gulamlaryň sadalygyna ýylgyrdy, Soňra:
-Ony yrmak diňe siziň däl, hiç kimiň hem elinden gelmez. Şonuň
üçin siz eliňizden gelýän işi edäýmeli-diýdi.
Häliden bäri edilýän gürrüňiň düýp maksadyna indi düşünen
gulamlar:
-Ýok, ýok! Bu mümkin däl!-diýişip ör gökden geldiler. Söwdagär
rahatlygyny bozman, gürrüň göýä adam däl-de serçe soýmak hakynda
ýaly parahat gürledi:
-Bu ýerde, köşkde mümkin bolmasa, goý ol ýörüşe atlansyn, şonda
birinji düşelgede ýa-da ikinji düşelgede siziň ýaly gerçek ýigitler munuň
mümkinçiligini tapar. Onsoňam siziň bu haýyrly işiňizi Hudaý hem
goldar.
-Diýýäniňiz näme, jenap, adam öldürmek haýyrly işmi?!
-Bir adamyň ölümi bilen müňlerçe adamy ölümden gutaryp bolýan
bolsa, elbetde, haýyrly hem sogaply iş. Özüňiz pikir edip görüň, Harun
Horasan goşun çekip baryp, Soltanyň goşuny bilen ganly söweş başlansa
30
näçe müňläp özüňiz ýaly ýigitler gurban bolar. Siziň özüňiziñ hem ol
ýerden aman gaýtjagyňyz belli däl. Eger siz şu işi amala aşyrsaňyz,
özüňiz bilen azyndan ýigrimi, otuz müň adamy ölümüden halas etdigiňiz
bolar. Onsoňam meniň berjegimden başga-da soltan Masut siziň ýedi
arkaňyzy ýere degmez ýaly eder. Oýlanyp görüň, hem sogap, hem uly
baýlyk.
Söwdagäriň sözleri gulamlary çyny bilen oýlandyrdy. Harunyň
goşunynda özleriniň hem dogan garyndaşlary bar. Olar bilen özleriniň
hem Horasandan sag-aman dolanyp geljekleri gumana... Eger şu işi
gizlinlikde edip bolsa, hiç kim bulardan şübhe etmez. Onsoň bütin
ömrüne ýetjek baýlyk... Bu pikirleri olary söwdagåriň teklibini kabul
etmäge ündedi. Söwdagär içerki otaga girip, iki sany daşy zer nagyşly
haltajyk alyp çykdy-da, olary gulamlaryň öňüne oklady.
-Bular hamyr ujundan petir diýen ýaly. Iş bitensoň ýene iki şunça
alarsyňyz-diýip söwdagar gulamlary ynandyrdy.
***
Ine, häzir gulamlary söwdagäriň aýdan haýyr bilen sogapdan başga
daşy zer nagyşly haltajyklardaky tylla teňňeler herekete girizipdi. Wagt
gijäniň ýaryndan agypdy. Daň atandan agşama çenli ýol söküp gelen
adamlar süýji ukudady. Harunyň çadyrynyň öňündäki iki sakçy hem
irkilip otyrdy. Gulamlar şu amatly pursatdan peýdalanyp, çadyryň arka
tarapyndan hanjar bilen dikligine dilip, aýak ujynda girdiler-de Haruny
dynçlap çykdylar.
Patyşanyň öldürilenligi daň atandan soň mälim bolup, goşunda
alasarmyk, bulam-bujar ýagdaý döredi. Harunyň inisi Handanyň katyly10
tapmak hakyndaky berk talaby boýunça birini tutup getirdiler.
Gorkusyna dili tutulyp, idilli gepläp hem bilmedik ol biçäräni Handanyň
buýrugy bilen deň ikä bolüp taşladylar. Gulamlar patşanyň ýakyn
adamlary bolansoň ilki olardan hiç kim şübhelenmedi. Emma soň
geçirilen düýpli teftişiň netijesinde hakykat ýüze çykaryldy. Katyllygy
eden gulamlara Gaznadan berlen altynlary sowmak nesip etmedi.
***
Soltan Masut göz öňünde tutan maksadyna ýetdi. Emma ol
Harundan dynany bilen Horezmden hatyrjem bolup bilmedi. Agasynyň
ýerine soltandan ygtyýarsyz tagta çykan Handan gaznalylaryň Harundan
hem beter duşmanyna öwrüldi.
Soltan Masut indi bu duşmanyndan hem dynmak üçin çäre gözläp
başlady. Onuň kakasynyň döwründen bäri hyzmatda gelýän bir dana
10
Katyl-1.adamy öldüren, ganhor. 2. Katyl etmek-öldürmek.
31
geňeşdary bardy. Soltan Mahmyt ony käbir wezirlerinden hem ileri
tutýardy. Masut ony özüne kän bir egilibermeýäni üçin halamasa-da
kakasynyň göreldesine eýerip, oňa sarpa goýýardy. Soltan Horezminli
mesele barada şu geňeşdaryna maslahat saldy.
-Mowlana, Siziň bilişiňiz ýaly Pederi buzurukwarymyzdan bize
miras galan Horezminiň özümiz bellän emiri bize tabynlykdan ýüz
öwürip, adymyzy hütbeden aýyrdy. Munuň üstesine biziň garşymyza
goşun toplap ýörüşe çykdy. Allatagala onuň bu işlerini hoş görmedi, öz
gulamlary tarapyndan öldürildi. Indi onuň ýerine bizden bidin tagta
çykan Harunyň inisi Handan agasyndan hem beter duşmanymyza
öwrüldi. Indi näme etmeli, Horezmine goşun çekmelimi, ýene gan
dökmelimi? Siz näme maslahat berýäňiz.
-Kyblaýy älem, Horezmine Siziň goşun çekmegiňiz hökman däl.
Siziň üçin Jendiň hökümdary Şa melik goşun çeker.
Geňeşdaryň bu gepine geň galan Soltan:
-Siz onuň goşun çekjekgini nirden bilýäňiz?-diýdi.
-Siz Horezmini onuň tabynlygyna berýänligiňiz barada bir
resminama gönderseňiz, bolany, başga zat gerek däl. Geňeşdaryň pikiri
Soltanyň göwnünden turdy. “Kelläň gowy işleýär garry köpek” diýip
goýdy içinden. Emma derhal razylyk bildirmedi. Aradan bir gün geçip,
geçmän geňeşdaryň aýdan resminamasyny taýýarlap, bir salamnama
bilen Jende iberdi. Namada Şa Melige özüni dynçlykperwer edip
görkezmek üçin ilki ilçiler arkaly parahatçylyk ýoly bilen Horezmini
tabynlygyna almagy maslahat berdi.
Resminamany alan Şa Meligiň gökdäki dilegi ýere düşdi. Ol
köpden bäri Horezmine onuň baý we ajaýyp paýtagty Gürgenje göz
gyzdyrýardy. Ol kanuny hökümdar Soltan Masudyň resminamasyny
ellerine berip, mertebeli adamlardan üç kişini ilçi edip, ýanynda
nökerleri bilen Gürgenje iberdi.
Ilçiler Handanyň agasynyň ölümi hem-de Horasana paşmadyk
ýörüş zerarly çekýän ezýetini ýüregine sygdyryp bilmän, kimdendir
delalat isleýän mahaly geldiler. Handan olary bir döwletli teklip bilen
gelendirler öýdüp, gowy kabul etdi. Hormat-hezzetden soň habaryny
aýtmak pursaty gelende ilçileriň baştutany ýerinden turup Handanyň
oturan tagtynyň öňüne bardy, tabşyryga görä diñe adyny aýdyp ýüzlendi:
-Muhterem jenap Ysmayl Handan, Siziň hem, biziň hem kanuny
hökümdarymyz Soltan Masut hezretleri Horezmini Jendiň tabynlygyna
berenligi hakynda ine şu permany iberipdir -diýip, ilçi resminamany
Handana iki elläp uzatdy-da sözüni dowam etdirdi. - Soltanymyz iki ýurt
32
goşulyp, bir güýçli döwlet bolsa hiç kes oňa hüjüm etmäge milt edip
bilmez, diýen pikir bilen bu haýyrly işi edipdir.
Handan resminama göz gezdirýärkä aňyrsyndan inip gelen
gazabyny zordan jylawlap oturan Handan:.
-Aýdyp boldyňyzmy gepiňizi?-diýip, gaharly gürledi. - Eger
maksat iki ýurdy goşup, bir güýçli döwlet etmek bolsa, Jendi
Horezminiň tabynlygyna geçirse bolmazmy?
Ilçi Handanyň kinaýasyna düşünmedimi nämemi:
-Resminamada Horezmini Jendiň tabynlygyna diýip ýazylan,
şonuň üçin siziň aýdanyňyz bolmz-diýdi.
-Onda bu-da bolmaz!-diýip, Handan elindäki resminamany iki
bölüp, zyňyp goýberdi.
Ilçi patyşa men diýip tagtda oturan adamyň özüni tutup bilmän,
beýle gödek hereket edenine gorkyp, ony beýikläp gepledi:
- Aly Hezret, biz meseläni parahatçylyk ýoly bilen çözmek
maksadynda huzuryňyza gelipdik. Bolmady. Indi siziň beýle jogabyňyza
soltan Masut näme diýer...
-Soltan Masut biziň üçin hiç kim! Biz bir eýýam Gaznanyň
tabynlygyndan çykdyk. Horezmin garaşsyz, özbaşdak döwlet! Size
jogap, ýurdyňyza gaýdyberiň-diýip Handan ýerinden turup, tagtyň arka
tarapyndaky gapa girip gitdi.
Ilçiler özlerine beýle hormatsyzlyk edilenine bir hili bolup, bu
ýerden tizräk ugranlaryny kem görmediler.
Handan indi Şa Meligiň gyş düşüp, derýa doňan badyna üstüne
goşun çekjegini bilýärdi. Goşun çeker ýaly ýagdaýda derýanyň
doňmagyna entek wagt bar. Şu wagtdan peýdalanyp, gowy taýýarlyk
görülse, Şa Melikden ýeňilmejegine ynanýardy.
Şa Melik ilçileriň getiren habaryny diňläp, ajy ýylgyrdy:
-Men Handanyň jeňsiz-jedelsiz boýun egmejegini bilýärdim, ýöne
sizi soltanyň islegi boýunça iberipdim. Indi Horezmine goşun çekmeli
bolýar. Soltandan hem on-onbäş müň jeňçiden ybarat ýardam soramaly.
Şa Melik bu gelen kararyny Soltana mälim etmek üçin nama bilen
çapar iberdi.
Soltan Masut Jentden gelen çaparyň getiren namasy bilen
tanyşanyndan soň geňeşdarynyň nä gadar öňdengörüji adamdygyna ýene
bir sapar ynanç hasyl etdi.
***
Derýa mazaly doňandan Şa Melik Horezmine goşun çekdi. Gyşyñ
şatlama sowugynda Asyb düzlüginde üç günläp aldym berdimli söweş
33
gitdi. Horezminlileriň ýeňilmezligi hem mümkindi. Emma Gaznadan Şa
Melige kömek üçin iberilen leşgeriň ýetip gelýänligi hakyndaky habar
Horezmiñ leşgerini ruhdan düşürdi. Goşunda jebislik gowşady. Bu
ýagdaýda dönükligiň ýüze çykmagyndan howatyrlanyp, Handan
ýeňlenini boýun alyp, söweşi togtatdy-da, assa gaçan namart diýip,
ýakyn adamlary bilen seljuklara tarap, at saldy.
Şa Melik hiç bir garşylyksyz Gürgenji eýeledi. Onuň öňünden ilata
aman diläp, duz-çörek bilen çykan ýaşulylar, oňa uzak ýyllar adalatly
höküm sürmegine doga-dileg etdiler.
Şa Mälik horezmşalaryň köşgüne girip, altyn çaýylyp nagyşlanan
tagta gözi düşende bir salym iňkise batdy. “Kimler oturmady bu tagtda,
kimlerden galmady ol. Eger oňa dili-zyban bitäýse: “beýdip men eldenele geçip, her kimiň aşagyna bir düşenimden, döwüp oda ýakanlary
gowy meni!” diýerdi”.
Şa Mälik bu tagtda özüne-de köp oturmak miýesser etmejegini
ýüregi duýdymy nämemi tagta geçip oturmady, aşakda ýerleşdi. Onuň
bu boluşyny öz adamlary hem , täze hökümdara hyzmat etmäge gelen
gürgençliler hem bir hili geň gördüler. Şa Mälige tagzym edip, dik duran
adamlar hem oturanlaryndan soň, giň eýwanyň içine göz aýlady. Özüniň
tapşyrmagy boýuna öň hatarda gürgençliler, olaryň yzynda öz adamlary
otyrdylar. Ýurt eýelerine bu ýasama hormat fatyhlaryň özlerini gowy
görkezmek üçin ulanýan hileleriniň biridi. Şa Mälik sözüni ilki
horezminlilere ýüzlenmek bilen başlady:
-Muhterem Horezminiň asylzadalary, Gürgenji azymyň sarpaly
kethudalary! Biz ýurduňyza öz ygtyýarymyz bilen däl, kanuny
hökümdarymyz Soltan Masudyň buýrugy bilen geldik. Size mälimki,
Horezmin hem Gaznanyň tabynlygyndaky ülkeleriň biri. Häzirki
soltanyň Pederi jaýy jennet Soltan Mahmyt hezretleri näçe müň gurban
berip, Horezmini aldy. Özüniň iň ýakyn hajyby-Altyntaşy oňa emir
belledi. Kakalaryndan soň tagta çykan ogullary Harun hem Handan hem
soltana dönüklik etdiler. Haruny soltan Masudyñ özi perman bilen
kanuny hökümdar edip bellän bolsa, Handan Soltanyň ygtyýarysyz
bikanun tagta çykdy, agasy ýaly ol hem Gaznanyň duşmanyna öwrüldi.
Şonuň üçin Soltan Masut Horezmini Jende berdi. Emma biziň meseläni
parahatçylyk ýoly bilen çözmekçi bolup, iberen ilçilerimize Handan ret
jogabyny berenden soň, goşun çekmeli boldy. Şeýdip, Soltanyň islegi
wysal boldy. Indi onuň adyny hütbede dikeltmeli...
Şa Meligiň köşkdäki çykyşyndan soň ady hütbä goşulan Soltan
Masudyñ özi bu mahal bakyýete göç edipdi. Onuň seljuklar bilen
34
Daňdanakandaky söweşi şowsuzlyga uçrap, Horasany elden
gidireninden soň şeýle bolupdy. Daňdanakanda gaznalylaryň üstünden
ýeňiş gazanan seljuklar Şa Meligi hem Horezminde köp oturtmadylar.
Sena 435-nji hijride seljuklar Gürgenji eýelediler. Şa Melik Eýrana
gaçdy. Şeýlelikde jepakeş Horezm elden-ele geçip, soňunda Seljuklara
tabyn boldy".
IV BAP
Ýazgy şu ýere gelende yzy köp ýokat bilen tamam bolýardy. Anuştegin depderi ýapyp oýa çümdi: “Bu gowgaly dünýäde başyňa täç geýip,
ol başyň haçan kesiljegini bilmän ýaşandan çopan telpekli kelle bilen
parahat ýaşan müň paý gowy dälmi? Bu azym şäher Gürgenç döräli bäri
oňa dikilen gözler barha köpelip, näçe-näçe aldym berdimli söweşler,
gan döküşükler bolupdyr. Mundan soň hem bolaýmagy ähtimal” Anuşteginiň öňden hem ýok däl beýle howatyryny Hüseýin hojanyň taryhy
ýazgylarynyň täsiri has güýçlendirdi.
“Bardy-geldi Ekinçi özüniň güýçli goşunyna daýanyp,
özbaşdaklyk yglan edäýse, ony-da bu ýerde saklamaz. Belki, kim
bilýär... Mälik şanyň jansyzy diýip, jezalandyrmagy hem mümkin. Has
beteri Mälik şa öz tabynlygyndaky ýurdyň elinden gitjegini bilse goşun
çekip geler. Ýene-de Horezminde gan döküşüklik bolar...”
Anuş-teginiň serinden geçen bu howatyrly pikirler onuň
ynjalygyny gaçyrdy. Ol şu gije gowy uklamady. Ertesi iş ýerine-de
hemişekisinden biraz gijräk geldi. Hüseýin hoja salam-älekden soň onuň
ýüzüne ünsli seredip:
-Şyhny hezretleri, gije gowy ýatmansyňyz öýüdýän-diýdi.
-Ýüzümden bildirýämi?
-Hä, bildirýä. Nämäniň gaýgysyny etdiňiz?
-Dogrusyny aýtsam, hojam, Siziň depderiňizi okanymdan soň onuň
täsirindenmi nämemi onda beýan edilen pajygaly wakalar ýene
gaýtalanaýmasa ýagşy, diýen howatyra düşdüm.
-Inşalla hiç gep bolmaz. Soltan biziň iberen habarnamamyzy
alandan soň, özi bir netije çykarar. Ekinçä goşuny mundan beýläk hem
güýçlendirmäge ýol bermez, tabynlykdan çykmak niýeti bolsa onuň
öňüni alar-diýip, Hüseýin hoja Anuş-teginiň howatyryny ýazdy.
Şol mahal daşarda, gapynyň öňünde turan bir goh olaryň
gürrüňiniň arasyny kesdi. “Biz jenap şyhnyny görmekçi, oňa arzymyz
bar. Bizi onuň ýanyna goýberiň!” diýen sesler eşidildi. Soňra gapyda
duran nöker gelip:
35
-Şyhny hezretleri, dört adam gelip, sizi görjek, arzymyz bar, diýip
dyzap durlar-diýdi. Anuş-tegin oňa narazy nazar bilen seredip:
-Men size haçan ýanyma adam goýbermäň diýip aýtdym-diýdi.
-Aý, öň bular ýaly dawaçylar kabul edilmeýärdi...
-Arz etmäge gelene dawaçy diýip bolmaz, goýberiň arzlary bolsa
diňläli.
Nöker çykandan dört adam girip, gollaryny gursagyna goýup,
salam berdiler. Olaryň ikisi mäş-bürünç sakgally, ikisi ýaş ýigitdi. Anuştegin olaryň salamyny alyp:
-Näme arzyňyz bar? Aýdyberiň-diýdi. Olaryň ekabyry dillendi:
-Şyhny hezretleri, biziň arzymyz Gürgenjiň puhara halkynyň arzy.
Bazarda gallanyň nyrhyny birden galdyryp goýberdiler. Bu ýagdaý
puharanyň çöregini kynlaşdyrýar.
Anuş-tegin “hmm...” diýip, bir salym dymyp durdy-da:
-Galla daýhanyň öz hususy zady. Gallany öndürmek gymmada
düşen bolsa, biziň daýhana “zadyňy arzan sat” diýmäge hakymyz ýokdiýdi.
-Wah! Jenap Şyhny, gallany gymmatladan daýhan däl, daýhandan
arzan alyp galýan gallapuruşlar!-diýip, beýleki biri özelendi.
-Şeýlemi?!-diýip Anuş-tegin sesine bat berenini duýman galdy.Eger hakykatdan hem şeýle bolsa, ynsabyň çäginden çykan bolsalar, biz
olara çäre göreris. Ýagdaý erte-birigün düzeler.
Anuş-teginiñ ynamly aýdan sözi arzaçylaryň gamaşyp duran
ýüzlerini ýagtyldyp goýberdi. Olar gaýta-gaýta hoşallyk bildirip, çykyp
gitdiler. Anuş-tegin Hüseýin hoja garap:
-Hojam, pajymanlar, öz garamagyndaky bazarlarda narh-nowa
gözegçilik etmeýärlermi?-diýdi.
-Öňler munuň ýaly ýagdaýa ýol berilmeýärdi. Gürgenjiň alty sany
galla bazarynyň hersiniň pajymany, olaryň üstünden seredýän muhtasip
ýagny reýis bar. Öňki reýis garrap işe ýarawsyz bolany üçin ýakynda
onuň ýerine täze reýis bellenipdir. Ýagdaýy şol bulaşdyran bolaýmasa.
-Bu ýagdaýy teftiş edip görmegimiz gerek, Siz şu güniñ özünde
pajymanlary-da, reýisi-de çagyrdyň.
Hüseýin hoja daş çykyp, nökerleriñ birine Anuş-teginiň buýrugyny
ýetirdi.
Öýläne golaý buýrugyň ýerine ýetirileni mälim boldy. Içeri girip,
tagzym eden nöker:
-Şyhny hezretleri, pajumanlar bilen reýis jenaplary geldiler-diýdi.
Anuş-tegin Hüseýin hoja manyly garap goýdy-da, nökere:
36
-Reýis garaşsyn, pajumanlary çagyryň-diýdi.
Içeri kelte, uzyn, orta boýly, çal, gara, sary sakgaly dürli keşpdäki
alty adam girdi. Olar gollaryny gursagyna goýup, egilip salam berdiler.
Anuş-tegin olaryň salamyny alyp, oturmaga ýer görkezdi.
-Oturuň, jenaplar. Siziň bilen gürrüň bar-diýdi. Soňra olara synçy
nazaryny aýlap:
-Bazarda gallanyň nyrhynyň beýle göterilip gitmeginiň sebäbini
haýsyňyz düşündirip berjek-diýdi.
Pajumanlar biri-birine seredişip, bir salym dymanlaryndan soň
olaryň ekabry-çal sakgal biri dillendi:
-Muhterem jenap Şyhny, biziň hiç haýsymyz hem bu ýagdaýy
düşündirip bilmeýäris. Muny jenap reýisden sorasaňyz bolardy.
-Täsin gep aýdýaňyz, jenap pajuman! Bazardaky ähli ýagdaýlara
gös-göni gözegçilik edýän adam siz. Reýis bolsa resmi ýolbaşçy. Oňa
garanda siz eliňiziň aşagyndaky zady gowy bilmeli, ahryn. Ýa beýle
dälmi?
-Şeýle, jenap Şyhny, ýöne siziň aýdyşyňyz ýaly elmiziň
aşagyndaky zady düzetmäge biziň güýjimiz ýetenok. Ýogsa,
gallapuruşlaryň daýhandan alýan bahasyny hem bilýäs, üstüne näçe
göterim goýup satylýandygyny hem bilýäs. Ýöne gallapuruşlar dilleşip,
bahany galdyranlarynda biz ony düzetjek bolanymyzda jenap reýis:
“Işiňiz bolmasyn, bu bazar, her kim öz zadyny islän bahasyndan satmaga
haky bar” diýdi. Men ol kişä: “Galla olaryň zähmet çekip öndüren zady
däl, düzgün boýunça alan bahasynyň üstüne on göterimden artyk goýup
satmaga haky ýok” diýdim. Ol: “Işlejek bolsaň meniň bilen gaýtalaşma”
diýdi.
Anuş-teginiň ýüzi gamaşdy. Ol Hüseýin hoja “Düşündiňizmi,
belanyň körüginiň nirededigine?” diýen manyda garady. Hüseýin hoja
hyrçyny dişläp, kellesini ýaýkady. Anuş-tegin gapyda duran näkere
reýisi çagyrmagy buýurdy.
Içeri giren uzyn boýly, dört oram gara sellesinden çykyp duran
sakgalsapysynyň çalarandygyna garanda sakgalynyň boýalandygy
bildirip duran saryýagyz adam goluny gursagyna goýup, salam berdi.
Anuş-tegin onuň salamyna kellesini çalarak kakdy-da:
-Jenap reýis, bazardaky gallapuruşlar bilen näme gatnaşygyňyz
bar?-diýdi. Anuş-teginiň gahar gatyşykly sowalyna reýis özüni tutup,
sowukganlyk bilen jogap berdi:
-Hiç hili gatnaşygym ýok, Şyhny hezretleri.
-Ýalan söz adamy ymandan aýyrýar. Ýalan sözlemäň!
37
-Ymanymdan ant iç diýseňizem, içeýin-diýip, ol Anuş-tegine dik
garap aýtdy. Anuş-tegin onuň aljyraman, özüni sowukganlyk bilen
tutuşyny synlap: “Bu köp çarşenbäni başyndan geçiren mekir adam
bolmaly” diýip pikirlendi we oňa dik bakyp:
-Ýok ymandan ant içmegiň geregi ýok!-diýdi.
-Jenap Şyhny, siz meni ynamsyza çykarjak bolýaňyzmy?!
-Gallapuruşlar bilen dilleşip, halkyň rysgalyndan nep görýän
adama ymanly diýip bolmaz. Men sizi wezipäňizden boşadýan. Baryň,
çykyň!
-Meni şäheriň häkimi belledi, Siziň boşatmaga hakyňyz ýok.
-Hakym bolany üçin boşadýan. Indiden beýläk bazarda görünseňiz,
mirşeplere buýuryp, zyndana taşladaryn!
Zyndan sözi täsir etdimi ýa etmişiniň paş bolanyny bildimi başga
geplemän çykyp gitdi. Reýisiň kowulanyna wagtlary hoş bolan
pajumanlar:
-Adalat etdiňiz, Şyhny hezretleri, adalat. Ömrüňiz uzak,
mertebäňiz mundan hem belent bolsun!-diýişip, alkyş baryny etdiler.
Anuş-tegin pajumanlara ýüzlenip:
-Gallanyň bahasyny galdyran gallapuruşlaryň hemmesini
bazaryňyzdan çykaryp kowuň. Olaryň ýerine ynsaply, halal adamlar
tapyň-diýdi. Pajumanlar “hop, hop” diýişip, minnetdarlyk bildirişip
gitdiler. Anuş-tegin kömekçisine:
-Hüseýin aga, şu bolan zat hakynda şäher häkimine hat taýýarlaň,
täze reýis bellesin-diýdi.
Hüseýin hoja Anuş-tegini mylakatly, ýuwaş adam öýüdýärdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 04
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.