Latin

Gürgenç II - 07

Total number of words is 3751
Total number of unique words is 2088
32.5 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
“Adymyzy hutbä goşmak bilen ýylda otuzmüň altyn dinar paç...” diýen
setirlere gözi düşende tas gaharyny ýüze çykarypdy, ýene özüni basdy.
“Işdäsi ýaman däl ekeni bu Habaşi diýenleriniň. Öň Ispyhana-da munça
paç tölenen däldir. Hany, bizem bilenimizi ediberäli, soňunam
görübereris” diýip, içini hümleden Horezmşa wekillere garap,
makullaýjy manyda başyny atdy. Soňra elindäki kagyzlary tagtyň sag
tarapynda oturan büzrük wezire berip, köşk sahybyna buýurdy:
-Wekillere serpaýlar ýapylsyn! Emir Dadbek Habaşi hezretlerine
niýetlän sowgadymyz hem getirilsin!
Salym geçmän öňden taýýarlap goýlan sowgatlary getirdiler.
Wekilleriň egnine düýe ýüňünden nepis dokalyp tikilen çäkmenleri
atdylar. Emire niýetlenen ýalpyldap duran sur baganadan tikilen içmegi
ak ýüpek mata düwüp çal sakgally wekiliň eline berdiler. Şundan soň
Horezmşa wekillere ýüzlendi.
-Muhterem biradarlar, Biz sizi mümkinçiligimize görä hezzet
etdik. Ýapan serpaýlarymyz az bolsa-da, köpüň ýerinde görüň. Dadbek
hezretlerine niýetlän bu kiçijik hedýämizi uly sowgat hökmünde kabul
78
etmegini haýyş edýänimi we köp-köp dogaýy salamlarymyzy ol hezrete
aýdyň. Ýöne siziň şertnamada görkezilen närsäniň ýarysy diýeniňizi size
berip goýbermäge häzir biziň mümkinçiligimiz ýok, ony ýygnamak üçin
köp wagt gerek. Şonuň üçin siz häzir gaýdyberiň. Nesip bolsa ýylyň
aýagyna çenli ýarysyny däl, barysyny-da berjek bolarys. Indi size rugsat,
ýoluňyz ak bolsun!
Wekiller bir bozaryp, bir gyzaryp, biri-birine garadylar, soň çal
sakgally wekil Horezmşa ýüzlenip:
-Aly hezretleri, bizi boş gaýtarsaňyz, emirimiz Dadbek hezretleri
bir hili görmezmi?-diýdi. Horezmşa çalarak ýylgyryp, arkaýyn gürledi.
-Ýok, bir hili görmez. Emiriňiz örän sabyrly, beýik adam. Ol biziň
ýagdaýymyza düşüner, ýylyň aýagyna çenli sabyr eder. Sizi, ýol
harajadyňyzy, berip, ugradarlar. Ýoluňyz ak bolsun!
Horezmşanyň bu sözünden soň wekillere aýdara zat galmady. Olar
däbe görä başlaryny egip, götin basyp, çykyp gitdiler. Wekiller çykandan
eýwanda janlanyş başlandy. “Berekella, Aly hezretleri, oňardyňyz!”
diýip biri seslendi. Emma başga biri: “Aly hezretleri, häzir-ä
oňaryşyňyza oňardyňyz, ýöne ýylyň aýagy-da geler alty-ýedi aýdan”
diýdi.
Horezmşa tagtyndan turdy, bir elini galdyrdy, gowur ýatdy:
-“Almany asmana at, ýere düşýänçä ýa pelek” diýipdirler. Ýedi aý
hem az möhlet däl. Meniň pikirimçe şu wagtyň içinde Mälik şanyň
ogullary Ispyhanda Barkýaruk, Merwde Sanjar birigip, Horasany
Habaşa berip goýmazlar.
Horezmşanyň bu delili adamlary kanagatlandyran bolmaly, köpleri
başlaryny atyp, “Dogry, Aly hezretleri hak aýdýa” diýişdiler. Şundan soň
Şanyň rugsady bilen baş hajyp we büzrük wezirden başga adamlar işliişine dargaşdylar. Horezmşa olaryň ikisi bilen döwletiň öňünde duran
möhüm meseleler barada uzak oturyp maslahatlaşdy.
VII BAP
Kutbeddin Muhammet başyna täç geýeli bäri-indi ýarym ýyldyr
Ekinçi ibn Koçkardan galan birneme çagşan döwlet arabasyny düzedip,
özüniň çygyryndan ýöretmek üçin işden başga zada üns bermän ýaşady.
Tagta çykan güni eden çykyşynda ähli ugurlar boýunça döwlet
emeldarlarynyň öňünde goýan wezipeleriniň aglabasynyň berjaý
edilmegini gazandy. Baş hajyp Huseýin hojanyň kömegi bilen köşgi
käbir napäk adamlardan arassalady. Şundan soň biraz arkaýynlaşyp,
maşgalasyna, şahsy durmuşyna özüniň ruhy lezzet alýan ugurlaryedebiýata, sungata, ylyma hem üns berip başlady. Her wagt köşkde
79
guralýan meýlislere ol şahyrlary çagyryp muşaýyralar14, alymlary
çagyryp ylmy söhbetler geçirýärdi. Bu meÿlislere gatnaşýan alymlara,
şahyrlara aÿratyn hormat görkezip, olaryň döredijiligine hemaýat
edýardi.
Aýratyn-da, ol Horezminiň buýsanjy bolan beýik alym Abul
Kasym ibn Umar Mahmyt az Zamahşariniň sarpasyny has belentde
goýýardy. Alym bir näçe wagt Mekgede, Medinede bolup, Watanyna
gaýdyp geleninde Gürgençde ony uly dabara bilen garşy aldy. “Zer
gadryny zergär biler” diýenleri dek ylmyň, sungatyň şygryýetiň gadryny
şu ugurlara dahylly adam bilýär. Horezmşa Kutbeddin Muhammet bu
ugurlara gaty bir degişli adam bolmasa-da, ol şu ugurlaryň muştagydy.
Şonuñ üçin olara howandarlyk edýärdi. Ol kakasynyň döwründe
Merwde medresede tälim alan ýyllary şahyr tebigatly adam bolansoň
edebiýata aýratyn yhlas goýupdy. Ol nusgawy we öz zamanasynyň
meşhur şahyrlarynyň köp gazallaryny ýatdan bilýärdi. Özü-de dürli
tahaluslar bilen gazallar ýazýardy. Merwden geleninden soň harby
gullukda wagtynyň bolmanlygy, soňam patşalykda işleri ýola goýýança
uly aladalar bilen bent bolanlygy sebäpli ylhamdan daşlaşan arasy ýene
ýakynlaşypdy. Bu hem sebäpsiz däldi.
Musulmanlaryň iň dabaraly geçirilýän Gurban baýramy ýetip
gelipdi. Ertirden başlap baýramçylyk şagalaňy başlanýardy. Köşgüň giň
bagynyň içinde häremdäki gyzlar üçin Gürgenjiň meýdanlaryndaky ýaly
hiňňildikler hem guruldy. Şonda Kutbeddin Muhammediň köñlünde edil
ylahydan buýruk bolan ýaly häremhanada Ekinçiniň döwründen bäri
saklanýan gyzlara baýram mynasybetli sowgat etmek islegi döredi. Kä
mahal köşgüň uzyn dälizlerinde gabat gelýän käbir gyzlaryň özi geçip
gidýänçä tagzyma egilip duranlaryny görýärdi. Emma işiniň köplügi
sebäpli olara kän bir üns bermeýärdi. Indi eli birneme boşan, işinden
göwni dok, hökmürowan ýaş ýigidiň aýal-gyzlar bilen gyzyklanmagy
tebigydy. Şol gün irden harem agasyny çagyrtdy.
-Lepbeý, Aly hezretleri-diýip, aýallaryňky ýaly inçe ses bilen
dillenen bu köse adamy synlaýarka Horezmşanyň oňa rehimi geldi. “Bu
görgülini haremhana gözegçi etmek üçin biçenlerinden soň sesi
üýtgedimikä?” diýip içinden öz-özüne sowal beren Horezmşa
garşysynda iki epilip duran adama ýüzlendi:
-Haremhanada näçe gyz bar?
-Aly hezretleri, häzir ýedi gyz bar, öň sekizdi. Biri siziň jübti
halalyňyza Melikämize kenizlige berildi.
14
Musaýyra-goşgy okaşmak
80
-Ony bilýän. Sen şol gyzlaryň kimlerdigini, nireden, nädip hareme
düşendiklerini aýdyp berip biljekmi?
-Lepbeý, Aly hezretleri, aýdyp bereýin-diýip haremagasy gyzlary
ýekän-ýekän taryplap, olar hakda Horezmşanyň islän maglumatyny
berdi. Olaryň içinde Zülpizer atly bir gyzyň ykbaly Horezmşany has
gyzyklandyrdy. Haremagasynyň aýtmagyna görä Zülpizer şu ýerliGürgençli bir baýyň gyzy ekeni. Onuň humarbaz kakasy Waly Ekinçi
ibn Koçkar bilen humar oýnap, köp mukdarda karzdar bolýar. Ekinçiniň
talap etmegi boýunça karzyny töläp bolýança gyzyny girewe goýýar.
Tölejek bolup, bar zadyndan aýrylýar. Soňuna çenli töläp bilmänem
dünýäden ötýär. Onuň yz ýanyndan Waly hem aradan çykýar. Gyz öz
islegi bilen haremde galýar.
-Dagy, nirä barsyn-diýip, haremagasy sözüni soňlajak boldy-da, bir
zat ýadyna düşen ýaly ýene dowam etdi.-Ol üýtgeşik häsiýetli gyz. Men
onuň özüniň keç ykbalyndan nalanyny hiç eşitmedim. Gaýtam gyzlaryň
içinde iň şohy. Özem mert, bir sözli. Şahyrlykdan hem habary bar. Kä
mahal gyzlara ýazan gazallaryny okap berip oturanyna duş gelýän.
-Bäh! Gazalam ýazýa diýsene. Ertir gyzlara baýram mynasybetli
sowgat etmekçi. Şonda göreris ol üýtgeşik gyzy-da. Indi gaýdyber.
Sowgat barada öňünden aýdyp begendirip bilersiň gyzlaryňy-diýip
Horezmşa haremagasyna rugsat berdi. Haremagasy iki epilip, götin
basyp çykyp gideninden soň Kutbeddin Muhammet onuň taryp eden
gyzyny göz öňüne getirjek bolup, gözlerini ýumdy. Göz öňüne ýylgyryp
duran şähdiaçyk bir sahypjemal geldi. Ertir oňa beýleki gyzlaryňkydan
üýtgeşik sowgat etmekligi ýüregine düwdi. Ol köşk sahybyny çagyryp,
bir gowy zergäre alty sany ýakut gaşly, bir sany-da göwher gaşly
gulakhalka buýuryp gelmegi tabşyryp, soňundan:
-Gulakhalkalar ertir azana taýýar bolsun. Puluny häzir hazynadan
alyp gidiň-diýdi.
Patyşanyň emri wajyp. Zergär gijesine-de işläp, gulakhalkalary
aýdylan wagtyna taýýar etdi. Köşk sahyby olary getirip, Horezmşanyň
özüne gowşurdy.
Guşluga golaý hiňňildik uçmaga çykan gyzlar Horezmşanyň
gelýän habaryny eşidip, hatara durdylar. Patyşanyň garasy görünenden
tagzyma egildiler. Kutbeddin Muhammet gyzlaryň öňüne gelip:
-Baýramyňyz mübärek bolsun, gyzlar! Katdyňyzy göteräýiň.
Gyzlar dikelseler-de, patşanyň ýüzüne seretmäge milt etmän, gözlerini
aşak salyp durdylar. Emma hataryň başynda duran sahypjemal gyz mähir
doly gözlerini gyrpman patşanyň ýüzüne seredip durdy. Kutbeddin
81
Muhammet “Megerem Zülpizer sen bolsaň gerek” diýip içini gepledip
onuň deňine geldi. Gyz bir elini arkasyna tutup, nämänidir gizläp durdy.
Muňa üns beren Kutbeddin Muhammet:
-Aý gyz, arkaňa tutup duran eliňde näme bar? Hanjar dälmi, maňa
süýkast* etjek dälmi?-diýip ýylgyrdy.
-Ýok, Aly hezret, hanjar däl. Men size bagyşlap kasyda ýazdym.
Entek size kasyda ýazan köşk şahyrlary ýokdyr. Şonuň üçin size birinji
kasydany özüm ýazmagy isledim. Diňleseňiz okap berjek.
-Men öwgüleri gowy görmeýän. Şonda-da diňläýin, okaý. Gyz
şirin owazy bilen kasydany şeýle bir labyzly okady welin, öwgüleri
gowy görmeýän diýen Kutbeddin Muhammet pagyş-para eredi.
Kasydanyň soňundaky:
-Biçäre Zülpizer kasyda ýazyp,
Maksada ýetmeýin gitmesin tozup-diýen setirleriñ gizlin manysyna düşünen Horezmşa “Sen
maksadyňa mynasyp gyz” diýip içini gepletdi. Gyzyň uzadan kagyzyny
alýarka:
-Berekella, Zülpizer! Sen hakyky şahyr ekeniň. Kasydanyň hakyny
soň bererin. Häzir bu saňa baýram sowgady-diýip, göwher gaşly gulak
halkany onuň eliniň aýasyna goýdy. Soňra beýleki gyzlara-da
sowgatlaryny gowşurdy. Patyşadan sowgat alyp, monça bolan gyzlar:
-Teşekkür Size Aly hezret! Ömrüňiz uzak bolsun!-diýişip, alkyş
aýtdylar. Kutbeddin Muhammet şu tapda gyzlar bilen bälçireşip, olar
bilen, aýratynda Zülpizer bilen hiňňildik uçasy geldi. Emma bu mümkin
däldi. Patyşalyk mertebesi muňa ýol bermeýärdi. Ol gyzlar bilen başyny
atyp, Zülpizer bilen bolsa gözler arkaly hoşlaşdy.
***
Zülpizer Gürgenjiň atly baýlarynyň biri Syddyk söwdagär diýeniň
iki oguldan soň bolan ýeke-täk gyzydy. Çaganyň daşky görnüşi göze
ýakymly bolsa ol artygyrak söýülýär. Zülpizer hem çagalygynda-da göze
ýakymly hoşroý keşbi bilen ata-enesiniň artykmaç söýgüsinden
peýdalanyp, biraz lälik, öz diýenli, agalarynyň abyr-zabyryndan özüni
gorap bilýän, dili duzlyja bolup ösdi. Uly gyz çykanynda çagalykdaky
häsiýetleri üýtgäp, edaly, haýaly gözellikde tenha sahypjemala öwrüldi.
Ol daşyndan ýuwaş, äwmezek görünse-de, içki dünýäsi joşgun, özüne
ynamy güýçlidi. Kakasy ony ogullaryndan hem gowy görýärdi.
Ogullarynyň garagollugy, özüne olardan hakyky hormat görmeýänligi
üçin birneme kinelidi. Emma perzent perzent bolýar. Iň ýaman diýen
perzendiň hem ölümi ata-ene üçin juda uly urgy bolýanyny Syddyk baý
82
iki oglunyň derýa gark bolanynda duýdy. Bu ajy aýralyga döz gelip
bilmän aýaly hem dünýäsini täzeledi. Zülpizer başlaryna düşen bu
külpetden ýüregi näçe gysylsa-da, mert durdy. Emma kakasy hasratyny
basjak bolup, äfýun çekip başlady. Neşe onuň ýaşlykdaky humarbazlyk
endigini oýardy. Ol oýunda ähli zady, hat-da hasratyny-da unudýardy.
Şonuň üçin günde humar onamaga gidýärdi. Zülpizer kakasyndan nirä
gidip gelýänini soramagy biedeplik saýyp soramaýardy.
Bir güni ony özi ýaly humarbaz Waly Ekinçi ibn Koçkar bilen
duşurdylar. Bu duşuşyk tötänden bolan ýaly bolsa-da, Walynyň
tabşyrygy bilen öňden oýlanylyp, guralan bolmagy hem ähtimaldan
daşda däldi. Ine şundan soň onuň işi gaýdyp başlady. Ekinçi bilen näçe
sapar oýnasa-da, utan sapary bolmady. Şeýdip ol bar baýlygyny utduryp,
uly bergä-de batdy. Waly bergisini töleýänçä gyzyny girewe goýmagyny
talap etdi. Şundan soň Syddyk baý “Bagrynda daş, gözünde ýaş”
diýilýän ýagdaýda gyzynyň ýanyna geldi.
-Zülpizer, gyzym, meniň ýeke-täk halasgärim sen. Sen meniň
aýdanyma razy bolmasaň, kakaňy zyndana taşlaýarlar-diýip, bassyrbussursyz bolan wakany gürrüň berdi.
Zülpizer garaşylmadyk bu aýylganç ýagdaýyň öňünde ilki aljyrady,
soň kakasyna gaty gahary geldi. Şonda-da oňa igenmedi, mertlik etdi,
ýöne:
-Sen onsoň bergiňi nädip tölejek, nädip meni girewden alyp
çykjak?-diýdi.
-Meniň söwdagär dostlarym bar. Howlymyzy girewe goýup,
olardan pul alaryn, alan pulumy dolanyşyga goýbererin, gelen peýdadan
bergimi üzüp, seni girewden çykaryp alaryn gyzym. Alty aýdan aňry
geçmez.
Zülpizer kakasyna dözmedi, alty aý uzak müddet däl diýip,
girewde oturmaga razy boldy.
Zülpizer haremhanadaky gyzlar bilen tiz-iküç günüň içinde
öwrenişdi. Olar bilen öňden boýdaş ýaly bolup gitdi. Ol özüniň ruhan
güýçliligi sebäpli başyndan geçen külpetleri bildirmän, şähdaçyk,
şadyýan görünýärdi. Emma aradan bir hepde geçip, geçmän parahat
gezip ýören gyzyň rahatlygyny bozan bir ýakymsyz waka boldy. Gijäniň
ýaryna golaý orta ýaşlaryndaky bir aýal gelip, Zülpizeri haremhanadan
çagyryp çykdy-da, elinden tutup, uzyn däliziň ugry bilen alyp gidip
ugrady. On ädim çemesi ýörelenden gyzyň göwnüne güpbe bir güman
geldi-de, takga togtady, elini ol aýalyň elinden çekip aldy.
-Näme durduň? Ýör, tizräk!
83
-Nirä barýas?
-Saňa Waly hezretleri garaşyp otyr.
-Şeýlemi?!
-Hawa, seniň bagtyň getirdi.
-Maňa onuň ýaly bagt gerek däl! Waly hezretleriňe baryp aýt, men
haremhanadaky gyrnaklaryň biri däl. Men girewe goýlan baýyň gyzy.
Kakam Waly bilen üzlüşensoň men bu ýerden gidýän. Eger ol meni öz
günüme goýmajak bolsa üstünden Soltana arza goýbererin. Şonda onuň
humarbazdygynyň hem üsti açylar. Soltan hem humarbaz walyny aýap
oturmaz-diýip, Zülpizer gahar bilen yzyna öwrülip gitdi. Şundan soň oňa
ýüzüň üstünde burnuň barmy diýen bolmady.
Aradan köp wagt geçmän, pelegiň çarhynyň aýlanyşy köp zatlary
üýtgedip goýberdi. Zülpizeriň kakasy-da, waly-da yzly-yzyna dünýäsini
täzelediler. Walylygyň ýerine şalyk döredilip, ýurdyň tagtyna Horezmşa
unwany bilen täze patyşa çykdy.
Bu patyşanyň kimdigi, nähili adamdygy hemmeleriň hatarynda
haremhanadaky gyzlary hem gyzyklandyrýardy. Gyzlaryň käbirleri ony
görmek üçin köşgüň uly dälizine bir bahana bilen çykyp, patyşanyň şu
ýerden geçerine garaşýardylar. Haçanda onuň däliziň aňyrky başyndan
salyhatly ädimläp gelýänini görenlerinde ol geçip gidýänçä tagzyma baş
egip duran gyzlar göz astyndan seredip, ony synlap galýardylar. Şondan
soň görenler görmediklere onuň tarypyny ýetirip, gyzlaryň arasynda uly
gürrüň edildi. Gyzlaryň biri: “Patyşamyz şeýle syratly, owadan ýaş ýigit
bolsa-da, onuň birje, özem görmeksizräk aýaly, barmyş. Ondan çagasy
ýokmyş” diýip, niredendir eşidenini aýtdy. Zülpizer hem beýleki gyzlar
ýaly bilesigelijilikden mahrum gyz däldi. Ol gürrüňi edilýän bu ýaş
patyşany öz gözi bilen görmegi isläp, onuň geçýän wagty, geçýän ýerine
çykdy. Ol uzun däliziň aňry çetinden gelýän patyşa özüniň deňine
golaýlanda tagzyma eňilmezinden öň bir bakyşda onuň göze ýakymly
keşbini kalbyna möhürläp aldy. “Eşiden deň bolmaz gören göz bilen”
diýleni dek, ony öz gözi bilen gören Zülpizeriň oňa içi imrenmän
durmady. Şundan ol haremhananyň bir çetinde duran uly aýnanyň öňüne
gelip, öz keşbini synlady. Aýnadan oňa gözellikde taýsyz bir sahypjemal
ahmyrly garaýyş bilen bakyp durdy. Ol öz-özüne göwünlik berip:
-Hiç zatdan ahmyr çekme, eý sahypjemal, sen şu hüsni-jemalyň, şu
akyl-huşuň bilen melike bolmaga haklysyň-diýdi içinden. Şundan köp
wagt geçmän, harem agasynyň Nowruz baýramy mynasybetli
Horezmşanyň gyzlara sowgat etjekdigini, sowgatlary gowşurmak üçin
ertir özüniň geljekdigini aýdanynda Zülpizeriň ýüregi atygsap gitdi.
84
Göýä onuň arzuwyna tarap ýol açylan dek boldy. Iň aňsady, elinden
gelýäni kasyda ýazmakdy. Ol gijesi bilen oturup Horezmşanyň şanyna
ýüz setirden ybarat kasyda ýazdy.
Horezmşa Kutbeddin Muhammet bagdan-gyzlaryň ýanyndan
gaýdyp gelende özüni başga bir dünýäden gelen ýaly duýdy. Ol elindäki
kasyda ýazylan kagyzy açyp, ünüs bilen okamaga durdy. Gözleri
kagyzdaky setirleri yzarlaýarka sözleri Zülpizeriň ýakymly şirin owazy
bilen gulagynda ýaňlanýardy.
Kasyda çeperçilik taýdan kämil bolmasa-da, ýürekden çykan sözler
ýürege baryp ornaşýardy. Kasydanyň özündenem ony ýazanda galam
tutan näzik barmaklar ezizdi oňa.
Şu tapda ol şu näzik barmaklardan tutasy, olary ýekän-ýekän
ogşasy geldi. Bu islegini amala aşyrmak onuň üçin kyn zat däldi. Emma
patyşalaryň hem islän zadyny islän wagty amala aşyrmaga ejizleýän
wagty bolýar. Sebäbi patyşalyk salyhatlylygy olar üçin islegden
möhümdir. Şoňa görä Kutbeddin Muhammet hem biraz sabyr etmeklige
karar berdi. Aradan bir hepde geçdi. Ol döwlet işleri bilen näçe bent
bolsa-da, hyýalynyň bir çetinden Zülpizeriň keşbi aýrylmady. Iňrik
garalyp, has hanasynda şemler ýakylanda hantagtynyň üstündäki kagyzgalama, şol ýerde oralyp ýatan Zülpizeriň kasydasyna gözi düşüp,
kalbynyň töründe ýatan gizlin küýseg, arzuw gazal setirlerine öwrülip,
guýulyp gelip başlady. Oturup ýazdy. Köpden bäri gazal ýazmadyk
Kutbeddin Muhammet bu gazalynyň şeýle aňsat, tiz ýazylanyna haýran
galdyy. Ol gazaly gaýta okap çykyp: “Ine Zülpizeriň kasydasyna jogap”
diýip içini gepletdi we ony şy wagtyň özünde çagyrasy geldi. Ýöne bu
mahal gije bolansoň, çagyrsa gyzyň göwnüne başga zat geler öýdüp,
goýbolsun etmekçi boldy. Emma bu sapar onuň islegi endişesinden
güýçli çykyp, Zülpizere adam iberdi. Bir hepde bäri bu çakylyga
intizarlyk bilen garaşan, indi tamasyny üzere gelen gyz ýüreginiň
urgusyna demi içine sygman gapydan girip geldi. Kutbeddin Muhammet
ony elinde gazaly bilen otagyň ortasynda dik durup, garşy aldy. Zülpizer
onuň garşysyna gelip, tagzyma egildi. Kutbeddin Muhammet gyzyň
eňeginiň aşagyndan bir eli bilen göterip, başyny ýokary galdyrdy. Şonda
şanyň göreçlerine göni sereden gyzyň şahla gözlerinde bir enaýy ot
lowurdaýardy. Bu ot, oňa gözi düşen Kutbeddin Muhammediň bütin
endamyna tutaşdy. Şunda gyzy çekip alyp bagryna basasy,
ýaňaklaryndan ogşasy geldi. Emma birden beýle herekete geçmeklik
gödeklik bolaýmasyn diýip saklandy. Ol elindäki gazal ýazylan kagyzy
güjeňlän ýaly tutup görkezdi:
85
-Zülpizer, ine, seniň kasydaňa jogap ýazdym, okap görjekmi?diýip, kagyzy gyzyň eline berdi.
Çykdy kalbym älemine, ýar, yşkyň kuýaşy,
jilwelendi gözlerimde jady çeşmiň garaýşy.
Hiç muhabbet bülbüline ýokdy köňlümde äşiýan15,
Men ýesiriň, eý gözel, gelmez eradam berdaşy...-diýen setirleri tolgunyp okan gyzyň bagtyýarlykdan gözleri
parlap, ýaňaklary elwan öwüsdi. Ol gazaly soňuna çenli okap,
begençden ýaşaran gözlerini Kutbeddin Muhammede dikdi-de:
-Aly hezret, şu gazaly maňa ýazdyňyzmy?-diýdi.
-Başga kime ýazaýyn, elbetde saňa ýazdym, Zülpizer.
Mylaýym, mähirli äheň bilen aýdylan bu jogap, gyzy dyzyna
çökerdi. Ol Kutbeddiniň ellerini, eliniň aýasyna alyp, ogşaýardy,
maňlaýyna degirýärdi. Kutbeddin Muhammet gyzyň göz ýaşlary daman
elleri bilen ony goltugyndan göterip, aýaga galdyrdy:
-Näme üçin beýtdiň, Zülpizer? Sen däl, men seniň öňüňde dyza
çökmeli. Çünki sen meniň birinji muhabbetim, ilkinji söýgüm. Söýgüni
dyza çökermeýärler, onuň öňünde dyza çökýärler. Çünki söýgi
dünýädäki ähli zatdan beýikdir...
Adamyň tebigaty täsin. Käte iň arzyly zada-da şübhe bilen
garalýar. Zülpizeriň hem arzyly duşuşygyň başyndaky tolgunmalar,
guwançlar biraz ýatyşansoň Patyşanyň bu belentperwaz sözleriniň
aňyrsynda näme maksadynyň bardygyny bilmän, köňlünde bir hili
ynamsyzlyk döredi. “Ol meni oýnaş hökmünde saklajak bolaýmasyn.
Muny anyklamagym gerek” diýip içini gepletdi-de:
-Aly hezret, söýgi ähli zatdan beýikdir diýdiňiz, mukaddesdir hem
diýmediňiz-diýdi.
-Dogry, söýgi hemmezatdan beýikdir hem mukaddesdir...
-Ol şäri bolanda mukaddesdir, Aly hezret. Men söýgimiziň diňe
şäri söýgi bolmagyny isleýän. Maňa naşäri söýgi gerek däl, şahym.
Kutbeddin Muhammet Zülpizeriň köňlünde dörän şübhäni aňdy.
Onuň öz pikirini batyrgaýlyk bilen aýdanyny hem ýaman görmedi.
-Biziň söýgimiz şäri hem mukaddes bolar, Zülpizer. Göwniňe
başga zat gelmesin. Sen meniň şäri, nikaly aýalym bolarsyň, maňa
dogumly, gerçek ogullar, özüň ýaly gözel gyzlar dogrup berersiň.
Zülpizeriň uýalyp aşak bakan gözlerine, ýüzüne hakyky bagtyň
nury çaýyldy. Ol başyna bagt guşunyň gonanyna ynam hasyl etdi.
VIII BAP
15
Äşiýan-gonalga, mekan
86
Horezmşa Kutbeddin Muhammediň synan Syddyk baýyň ýetim
galan gyzyna öýlenendigi, dabaraly toý edilmese-de, bütin Gürgenje
ýaýrady. Köp adamlar: “Ýetim gyzyň bagty getiripdir” diýseler, “Patyşa
bolanyna bir ýylam bolman eýýäm azyp başlapdyr” diýenler hem
tapyldy.
Patyşalaryň, baýlaryň şerigata esaslanyp, aýal üstüne aýal
almaklary adaty bir zat hasaplansa-da, käbir adamlaryň nazarynda
azgynlykdy. Emma Kutbeddin Muhammediň halkyň arasynda
tarapdarlary köpdi. Ol özüniň adalatlylygy, halkperwerligi, işjeňligi
bilen özüni aldyrypdy. Onuň özi-de bir sapar muhtäsip,* şäher häkimi
we beýleki degişli adamlar bilen Gürgenjiň bazarlaryny aýlanmaga
çykanynda halkyň özüne garaýşynyň oňaýlydygyny duýdy. Şonda üçdört sany ak sakgally moýsepid adamlar onuň öňünden çykyp
sakladylar. Horezmşa bir elini gursagyna goýup, olara salam berdi. Şol
bada satyjylardyr alyjylardan bir topar adam patyşany görmek, onuň
sözlerini diňlemek üçin olary gurşap aldy. Öňünden çykan ýaşulularyň
biri:
-Aly hezret, “Patyşanyň gadamy düşen ýere bereket inýär” diýen
gadymdan gelýän hikmetli söz bar. Bu hak aýdylan hikmet. Siz birinji
sapar bazarlara aýlananyňyzdan soň bazarlarymyza bereket inip nyrhnowa arzanlap gitdi. Biz siziň adalatly hökümdardygyňyzy bilýäris.
Siziň pederiňiz Anuş-tegin hezretleri şyhny wagtynda köp adalatly işler
etdi. Jaýy jennetde bolsun! Adama ýagşy-ýaman häsiýetler atadan
geçýär. Size-de adalatlylyk pederiňiden geçendir. Adalatly şalar hemişe
halkynyň aladasy bilen bolup, halky üçin elinden gelenini edýärler.
Biziň hem sizden tamamyz uly. Biz size şu pirli bazarda bir gowy dogadilegler etmek üçin öňüňizden çykdyk. Hany, eliňizi galdyryň, omin!diýip, Horezmşanyň ömrüniň uzak, täji-tagtynyň berkarar, işleriniň
rowaç bolmagyny dileg edeninde beýleki ýaşulular bilen deňine
töwerekde olary gurşap duran adamlar hem “omin” diýişip, dilege
goşuldylar.
-Taňyrýalkasyn,
muhterem
moýsepidler-diýip,
Horezmşa
ýaşulylara, soňra: - hemmäňize-de teşekkür, eziz adamlar-diýip
töwerekde duranlara minnetdarlyk bildirdi.
-Allanyň eradasy bilen Horezmşa adyny alanymyzdan soň
Horezmin ýurdynyň we onuň halkynyň ykbalyna jogapkärdiris.. Şonuň
üçin siz aýtsaňyz hem, aýtmasaňyz hem, ýurdyň we halkyň aladasy bilen
bolmak biziň borjumyzdyr. Ýakynda hyraç hakynda täze kanun kabul
etmekçi. Onda daýhanlara birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutulýar.
87
Bazarlarda-da daýhanlara öndüren önümlerini satmaklary üçin oňaýly
şertler bolmaly. Bazarlarymyzda gowy söwda resteleri bar. Ýöne olar
söwdagärler, hünärmenler üçin edilipdir. Daýhanlar üçin hem şolar ýaly
üsti saýawanly hatarlar ederis. “Ýurdy bazaryndan tana” diýen gep bar.
Biziň ýurdymyza dünýäniň çar künjünden söwdagärler, jahankeşdeler
gelýärler. Gelenler bazarlarymyza at däkyp gitmezligi üçin olar abat we
arassa bolmaly-sözüniň şu ýerine gelip, ol bir dem säginen mahaly
märekäniň çeträginde duran biri:
-Horezmşa hezretleri, gul bazary hakynda aýtmadyňyz-a, ony has
abatlamak gerek-diýip kinaýaly seslendi. Onuň äheňinde Horezmşanyň
gelip çykyşyna yşarat bardy. Muny köpçülik duýdy. Halkdan aslyňy
gizlejek gümanyň ýok. Anuş-tegin Horezmine şyhny bellenip geleninde
onuň asly bilen gyzyklanyp, ýaşlygynda gul bolandygyny anyklapdylar.
Horezmşa birhili oduksa-da, syr bildirmedi, arkaýyn gürledi:
-Düşnükli. Bu sözüň bilen sen biziň aslymyza yşarat edýäň dälmi?
Biz aslymyzy hiç kimden gizlejek bolmadyk, onuň üçin kemsinmeýäris
hem. Çünki gul diýilýäni başga toprakdan ýaradylan däl. Ol hem öz
ýurdynda azat, erkin adam bolan. Ol basybalyjylygyň, zoruň ejize
zulmunyň netijesinde gul bolan. Şeýle bolansoň gul ýaman, asylzada
ýagşy diýip aýtmaga näme esas bar? Asylzadalardan çykan zalymlar,
ýaman adamlar ýokmy? Gullardan çykan adalatly, ýagşy kişiler azmy?
Ýaňy şu ýerde biziň pederimiziň şyhny hökmünde nähili adalatly adam
bolandygy aýdyldy. Diýmek, asly gul bolan adam hem halkyň söýgüsine
mynasyp bolup biljek ekeni. Ýöne sen aslyň kim bolsaň hem ýurduň
patyşasynyň mertebesini kemsitjek bolanyň üçin jeza çekmeli bolarsyň.
Tutuň ony!-diýeninden märekede gowur turdy. Adamlar ony näletläp,
urup başladylar. Horezmşa bir elini galdyryp: “Adamlar! Köşeşiň” diýdi.
Gowur ýuwaşady. “Ol nejisi öldürmeli! Dara asmaly!” diýen sesler
gaýtalandy. Patyşanyň sakçylaryndan ikisi ony adamlaryň arasyndan
çykaryp alyp gitdiler. “Aly hezret, ony hökman dara çekmeli!” diýip,
biri batly seslendi.
-Dara çekerismi, başga jeza bererismi, entek teftiş* edip göreris.
Çünki ol adam oýlanman, agzyna gelenini şeýle aýdyp goýberen däldir.
Ony öjükdiren, belki mejbur eden adamlar bolmaly. Eger ony dara
çekmeli bolsa şol adamlar bilen bile çekmeli. Sebäbi ýandagy köki bilen
aýyrmasaň, üstüni aýranyň bilen ýene ösüp çykýar. Dogrymy? Ýa-da
Horezmşa bir agyz söz üçin bir däl, birnäçe adamy jezalandyrmakçy
bolýar, bu adalatdan däl diýen pikiriňiz bolsa-a aýdyň, adamlar!
88
Hiç kimden seda çykmady. Ýaňyja “asmaly”, “öldürmeli” diýip
dyzap duran adamlaryň beýle lam-jim bolup duranlaryna haýran galan
Horezmşa garşysynda duran ýaşulylara sowal nazary bilen garady.
Ýaşulularyň biri:
-Aly hezret, köp adamyň jezalanmagy gowy däl. Sebäbi köpüň
içinde günälem gider, günäsizem. Bu duran adamlaram köpüň içinde
biziňem dogan-garyndaşlarymyz bolaýmasa ýagşy diýen ýaly dymyşyp
durlar öýüdýän-diýdi.
Horezmşa özüne nädogry düşünen adamlara gaýtadan
düşündirmäge çalyşdy:
-Muhteremn jemagat, günäsiz adamy jezalandyrmak zalymlykdyr.
Günäli adamy jezalamak bolsa adyllykdyr. Çünki, jenaýat jezasyz galsa
adalatyň ýoýuldygydyr. Biz hiç haçan bigünä adama jeza bermeris.
Ýadyňyzda bolsa, tagta çykan günümiz köşkde sözlän nutugymyzda
“Meniň ähli hereketlerime ymanym we ynsabym gözegçilik eder”
diýipdim. Häzirem biz şol iki gözegçiniň göz astyndadyrys. Olar bize
hakykatyň ýolundan gyşarmaga idn bermez. Emma başga bir zat bar.
Eger-de teftiş mahaly ol adamyň meslekdeşleriniň ýaman niýetleri ýüze
çykarylsa ol jezadan çetde galmaz. Çünki, ýaman niýet bir gün gelip,
herekete geçer, ýurtda agdarylyşyk etmäge synanyşylar. Şonuň üçin biz
bu zadyň öňüni almalydyrs. Özüni, täji-tagtyny gorap bilmeýän patyşa
emelsiz biçäredir.
Şundan soň adamlar patyşanyň sözüni makullap, dumly duşdan
seslendiler. Horezmşa:
-Indi bize ýol berseňiz, beýleki bazarlary hem aýlanyp göreli-diýdi.
Adamlar dargaşdy. Horezmşa şol güni paýtagtyň ähli bazarlaryna
aýlandy. Gözüne ilen kemçilikleri düzetmekligi ýanyndaky muhtäsip
bilen şäher häkimine tabşyrdy. Bazarlaryň birin-de ýene bir topar adam
ony gurşap aldy. Alkyş etdiler, arzlaryny aýdanlar hem boldy. Olaryň
arasyndan bir daýhan adam Horezmşanyň öz göwnünde hem bar bolan
meseläni gozgady:
-Aly hezret, men Jeýhunyň gaýrasynda Gürgenjiň dogrusyndaky
obalaryň birinde ýaşaýaryn. Biziň obalarymyz giden bag-bakjalyk. Egerde bäri atly arabaly geçer ýaly bir köpri gurulsa, biz Gürgenjiň
bazarlaryny galla, ir-iýmiş bakja önümleri bilen ýene-de baýadardyk.
-Hak gepi aýtdyňyz, biradar. Bu mesele biziň hem ýadymyzda bar.
Derýadan gaýykda, salda köp zat geçirip bolmaýar. Şonuň üçin köpri
gerek. Mämünler döwründen başlap, Jeýhuna birnäçe gezek köpri
gurupdyrlar. Emma olar ýönekeý bir zat bolup, derýanyň joşgun
89
akymyna uzak wagt berdaş berip bilmändir. Indiki guruljak köpri has
berk, has çydamly bolmaly, Biz bu meseläni muhandisler* bilen
maslahatlaşyp göreris. Köpri gurular!
***
Horezmşa Kutbeddin Muhammediň “Demiri gyzgynynda ýenç”
diýenleri ýaly ýadyna düşen işi gaýra goýman amal edýän häsiýeti
bardy. Ol bazarda köpri hakda gozgalan gürrüňi köşge gelip,
muhandisler we gurluşyk hünärmenleri bilen dowam etdirdi.
-Aly hezret, ejaza berseňiz men öz pikirimi aýdaýyn-diýip, söz
alan baş muhandis teklibini beýan etdi. -Häzir bahar aýy, derýanyň has
joşup akyp duran wagty, oňa sütün kakyp, siziň aýdan berk köprüňizi
gurup bolmaýar. Şonuň üçin häzirlikçe, gämiler geçjek mahaly ortasy
açylýan, ýene gaýym sepleşýän sal-köpri guraýaly.
-Ony nädip gurjaksyňyz, görnüşi nähili bolar?
-Aly hezret, ýurdumyzda uzynlygy kyrk geze golaý boý derekler
näçe diýseňiz bar. Şolardan bir müň iki ýüz töweregi derek alyp, olary
ýigrimi bäş gezden gyra deň kesip, keseligine biri-birine demir bilen
sepläris, iki ýan gyrasyna-da germew ederis. Ony suwa taşlap derýanyň
iki kenaryna kakylan sütünlere zynjyr bilen daňarys. Şeýlelikde atly,
arabaly geçibermeli ini ýigrimi bäş gez köpri bolar.
-Ýagşy, makul. Muny häzirlikçe diýdiňiz, müdümilik köprüni
nähili gurjaksyňyz?
-Aly hezret, Ata-babalaryň döwründen bäri sütünleriň üstüne
gurulýan köprüden başgaça “asma köpri” diýilýäni hem bar. Şeýle köpri
Bagdatda Tigir derýasynyň üstüne gurulypdyr. Eger ejaza berseňiz
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 08
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.