Latin

Gürgenç II - 08

Total number of words is 3742
Total number of unique words is 2102
31.5 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
birkimiz gidip, onuň gurluşyny öwrenip gelsek, bizem Jeýhunyň üstüne
şeýle köpri gurardyk.
Horezmşa baş muhandisiň teklibini makullap:
-Onda haýyr işi gijä goýman sal-köprüň gurluşygyny başlabermelidiýdi. Bagdada-da näçe adam ibermegi makul görseňiz, ertiriň özünde
iberiň, öwrenip, tarhyny16 çyzyp getirsinler. Sal-köpri diýeniňizi bolsa
ekin-dikiniň bişip ýetişýän döwri-güýze çenli gurup gutarmak gerek. Ine
şonda, Jeýhunyň gaýrasyndaky daýhanlara ýetişdiren önümlerini
Gürgenjiň bazarlaryna getirip satmaklaryna uly kömek etdigimiz bolardiýdi. Soňra sag tarapynda oturan baş wezire ýüzlendi:
-Weziri agzam jenaplary, köprüñ gurluşygyna, Bagdada gitjekleriň
ýol harajadyna näçe pul gerek bolsa hasaplap, hazynadan alyp beriň.
Horezimşa bu meseläni gutarnykly gepleşip, adamlara jogap berdi.
16
Tarh-taslama
90
***
Horezmşa Kutbeddin Muhammet bazarda adamlar bilen
söhbetdeşlik mahaly bir ýalňyşlyk goýberdi, muny şol wagt özü-de
duýmady. Ol mertebesine dil ýetiren adamyň meslekdeşleri barada hiç
zat aýtmaly däldi, aýdyp olary ägä etdi. Ol bazardan gelip, ol ýerde
gozgalan köpür gurmak baradaky mesele boýunça köşkde muhandisler
bilen maslahat geçirýän wagty köşkden daş bolmadyk bir öýde-de ona
golaý adam gyssagly ýygnanypdylar.
-Ol haramzadany haýsyňyz küşgürdiňiz, kim?!-diýip, ýygnanlaryň
ekabry gaharly gygyrdy. Ol soragyny iküç ýola gaýtalasa-da hiç kim
boýun almady. Bular Kutbeddin Muhammet tagta çykan güni howp
edip, Gürgençden gizlin çykyp giden Ekinçi ibn Koçkaryň ogly Togrul
teginiñ tarapdarlarydy. Olaryň maksady Ekinçiniň ýerine entek kämillik
ýaşyna-da ýetmedik oglany oturdyp, ýurdy özleri dolandyrmakçydylar.
Emma bu işi şol wagtda amala aşyrmagyň mümkinçiligi bolmany üçin
“Indäm bir pelle” diýişip, nähili ýol bilen bolsa-da Togrul tegini getirip,
tagta çykarmagyň hyýalynda ýören adamlardy.
-Al indi, bu gün erte ony sorag ederler, sorag edende-de, ýöne
möne edip etmezler. Olam gynaga çydaman baryñy satar. Men-ä ol
tanamaýar, oňa derek meni siziň hemmäňiz tanaýarsyňyz. Meni-de
biriňiz bolmsa biriňiz satarsyňyz. Şonuň üçin häziriň özünde
Gürgençden garaňyzy saýlaň. Togrul teginiň ýanyna baryň. Indi olam
ýigit ýetdi, oňa goşun toplamaga kömek ediň!-diýip, olaryň ekabry
buýruk beriji äheňde aýtdy...
Bu buýruk hökman ýerine ýetiriler, çünki jan şirin. Horezmşa bolsa
goýberen ýalňyşy sebäpli duşmanlaryny ele salyp bilmez. Tutulanyň
ýeke özi jezalandyrylar.
***
Ikindä golaý köpri baradaky ýygnak gutarandan soň Horezmşa
dynç almak üçin gaýtmakçy bolup duran mahaly nirdendir gelen ilçileri
garşylamak üçin giden baş hajyp Huseýin hoja geldi. Onuň şähdi
açykdy. Bir hoşhabar bilen gelendigi bildirip durdy. Ol patşa salam bilen
tagzym etdi-de:
-Alyhezret, siziň welilikden hem habaryňyz bar bolmaly-diýdi.
-Beýle diýmegiňiziň sebäbi näme, hojam?
-Ilçiler Ispyhandan geldiler. Siziň Horasandan gelen Habaşynyň
wekillerini ugradanda aýdan sözüňiz yjabat bolupdyr.
-Bäh! Mälik şanyň ogullary Habaşynyñ ýoguna ýanypdyrlar-da
onda.
91
-Şeýle bolupdyr. Soltan Barkýaryk Sizi Horezminiň kanuny
hökümdary diýen permany berip goýberipdir ilçilerden. Men olary
“dem-dynjyňyzy alyberiň” diýip ýerleşdirip gaýtdym. Ertir olary
dabaraly ýagdaýda kabul edersiňiz.
- Getiren hoş habaryňyz üçin teşekkür, hojam-diýip Huseýin hoja
bilen hoşlaşdy. Ol bu hoş habardan wagty hoş bolup öýüne geleninde
oňa ýene bir şatlyk garaşýan eken. Aýaly Zülpizer utanypmy ýa-da
näzlenipmi göni aýtmaly sözüni boýnundan gujaklap, gulagyna çawuş
çakdy. Kutbeddin Muhammediň ýüzi ýagtylyp, gözleri nurlanyp gitdi.
Ol aýalyny gujagyna alyp, ýaňaklaryndan ogşaýarka:
-Eger ogul bolsa, ol meniň mirasdüşerim bolar, täji-tagtymyň eýesi
bolar...
-Eger gyz bolaýsa ýaman görersiňizmi?
-Ýok, ýok. Gyzym bolsa, ol meniň mähribanym bolar. Gyz oglan
ogula garanda pederine has mähriban bolýandyr. Öleniňde üstüňde zarzar aglajak hem şoldur.
-Hökümdarym, ölümden sözlemäň. Siz hiç haçan ölmäň! Ölüm
ýaman, men gorkýan.
. Çaganyň gepini aýtdyň, Zülpizer. Hiç haçan ölmeýan adam
bolmaýar. Onsoňam ölüm diýilýän zat seniň oýlaýşyň ýaly ýaman däl.
Ol hem Allanyň ýer ýüzüne iberen zerur zatlarynyň biri. Ölüm-täzeleniş
diýmekdir. Onuň bilen dünýä, ýagny adamzat we ähli mäwjudat
täzelenip, ýaşaryp durýar. Onsoňam adamlar bu bäş günlük ömürinde-de
biri-biri bilen oňuşanoklar. Eger-de ýaşaýyş ebedi bolsa, onda nähili
bolar, gaty aýylgançlyklar bolar, Zülpizer.
Zülpizer bu hakda hiç haçan oýlanyp görmän ekeni. Ol adamsynyň
aýdanlaryny ykrar etse-de, bu mowzukdan daşyrakda bolanyny kem
görmedi:
-Hökümdarym, siziň aýdanlaryňyz hak, ýöne men ony boýun
alasym gelenok. Gowusy, gowy zatlar hakynda, nazm, gazal, sungat
hakynda sözleşeli. Men siziň depderleriňiziň arasyndan talyplyk
ýyllaryňyzda ýazan gazallaryňyzy tapyp okadym. Juda gözel gazallar
ýazan ekeniňiz.
-Aý ýok-la, olar ýöne bir maşklardy-leý
-Ýöne-möne däl.
Janyma melhem meniň, janan seniň bakyşlaryň,
Bakmasaň azar maňa yşk odyna ýakyşlaryň-
92
-diýip başlanýan gazalyňyz galamyňyzyň kämildigini bildirip dur,
şahym. Bu kämil ýazylan gazaly merwli bir kämil gözele bagyşlan
bolsaňyz gerek. Şeýle dälmi?
-Ýok, şeýle däl. Men ähli gazallarymy hyýalymda ýaşaýan bir
kämil gözele bagyşlap ýazypdym. Indi ol gözel hyýalymdan aýrylyp,
öýümize düşdi oturyberdi-diýip, Kutbeddin Muhammediň mylaýym
ýylgyrmagy Zülpizeriň ýüzüne bagtyýarlyk nuryny çaýdy. Aýalynyň
keşbindäki bagtyýarlyk alamatyny gören Kutbeddin Muhammediň hem
göwün guşy al asmana göterildi.
***
Bagtyýar adamlar wagtyň geçenini duýmaýarmyş diýÿärler. Emma
Kutbeddin Muhammet aýalynyň hamylasynyň aý-gününiň dolmagyna
howlukdygyça wagt geçmeýän ýalydy.
Wagt geçirmek üçinmi ýa-da köňli şikar isläpmi Horezmşa emirşikär başlyklaýyn ýigrimi adam bilen Gürgençden daş bolmadyk
tokaýlyga awa çykdy. Jeýhunyň boýlary giden gyrymsy we iri tokaýzar
bolup, bu ýerlerde awdan köp zat ýokdy. Kutbeddin Muhammediň tagta
çykaly bäri bu ilkinji şikäridi. Ýöne öň Ekinçiniň döwründe aram-aram
özi ýaly serkerdeler bilen bu ýerlere awa çykýardylar. Şonuň üçin ol bu
ýerlere beletdi.
Käte, adamyň köp garaşan zadynyň garaşmadyk mahaly ýüze
çykaýmasy hem bolýar. Horezmşanyň hem awa kellesi gyzyp, çar tarapa
at salyp ýören mahaly yzyndan buşlukçy geläýmezmi, ol şol badada
atynyň başyny Gürgenje tarap burdy. Awçylaryň hemmesi-de patyşanyň
yzyna düşdiler. Olar şähere ýetip gelenlerinde galanyň üstünde çalynýan
goşa-goşa kernaý-surnaýlaryň owazy al asmana galýardy. Bu patyşanyň
oglunyň-mirasdüşeriniň dünýä inenini dabaraly buşlamagyň alamatydy.
Köşküň öňündäki meýdana toplanan jemagatyň şadyýan şowhuny hem
ýer-zemini tutýardy. Ýigrimi atlynyň öňünde gelýän Horezmşany gören
jemagatyň şowhuny ýene-de belende göterildi: “Ogul mübärek,
Alyhezret! Ýaşasyn biziň adyl şamyz!” diýen sözler gaýta-gaýta
ýaňlanýardy. Horezmşa bir elini gursagyna goýup, başyny egmek bilen
adamlara minnetdarlygyny bildirýärdi.
Kutbeddin Muhammet tolgunmadan gözleri ýaşaryp, köşküň özi
ýaşaýan bölümine geleninde Zülpizeriň hashanasyndan çykýan bäbegiň
“Iňňä-iňňäsini” eşidip, ýüregi jigläp gitdi. Ol gapyny ýuwaşja açyp, içeri
esewan edeninde giň nagşynkär ýatalgada per düşekleriň üstünde gül
ýaly açylyp ýatan aýaly Zülpizere, onuň ýanynda oturan käbesine,
ýatalganyň aýak ujynda gar ýaly akja mata gundalan bäbegi diňdirjek
93
bolup, elinde iki ýana yralap duran enekä gözi düşdi. Ol bosagadan
ätläninden çaga göýä kakasynyň gelenini duýan ýaly sesini tapba kesip,
hemmäni haýran galdyrdy. Enege başyny egip tagzym etdi-de, bäbegi
kakasynyň eline berdi. Kutbeddin Muhammet özüne uçganaklap duran
gözlerini diken bäbegi synlaýarka:
-Tüweleme
dogumlyja-diýdi
tolgunyp.
Soňra
çaganyň
maňlaýyndan ogşap,-Alla saňa uzak ömür, egsilmez bagt bersin oglum!diýip, bäbegi enekä gaýtaryp berdi. Onýança ýerinden turup onuň
garşysyna gelen käbesi:
-Ogul mübärek, oglum!-diýdi.
-Sizede agtyk mübärek, Käbäm!-diýip, ejesiniň ellerini ogşady.
Soňra Zülpizeriň ýatalgasynyň bir çetine baryp oturdy, aýalynyň bir elini
tutup, ýuwaşja gysdy:
-Ogul dogurmak kyn ekenmi Zülpizer?
-Aňsadam däl eken, şahym-diýip, Zülpizer adamsynyň mähirli
ýylgyryp beren sowalyna gülümjiräp jogap berdi.
IX BAP
Ony dogran zenanyň aýdany deý dünýä inmegi aňsat bolmadyk
adam Allanyň eradasy bilen dünýä indi. Ýaş çaga uly ady göterip bilmez
diýen yrym bilen ilki oňa ýönekeýje Atsyz diýen ady dakdylar. Taryha
bolsa Al Mälik Abu Müzäffär Ala ad-Din Jelal ad-Din Atsyz diýen at
bilen giren Anuş-teginler nesilşalygynyň zeberdest şalarynyň biri bolan
bu adam Horezminiň garaşsyzlygy ugrunda aýgytly göreşler alyp bardy.
Emma... Emmasyny soň beýan ederis, häzir bolsa beýany bir başdan
başlabereli.
Dünýä inen güni ony eline alyp: “Ömrüň uzak bolsun, bagtyň,
ykbalyň hiç haçan egsilmesin, oglum!” diýip, maňlaýyndan ogşan
pederi, ol 29 ýaşa ýetende, dünýäsini täzeledi. Otuz ýyllap adalatly
höküm süren, ylymly, ötgür zehinli pederiniň terbiýesini alan, onuň
durmuş ýoluny özüne sapak edinen mirasdüşer ogul sene 522-nji hijride
Horezminiň tagtyna oturdy. Pederi ony öz wagtynda özi tälim alan
medreselerde okadyp, bilimli, ylymly, hemme taraplaýyn kämil ynsan
edip ýetişdiripdi, Öýli-işikli edipdi. Ömüriniň soňky ýyllarynda ondan
bolan alty ýaşly iki ogul agtygy-Il Arslan bilen Süleýman şahy, her
haýsyny bir dyzynda oturdyp, söýgülemek nesip edipdi oňa. Bir sapar
atasynyň sag dyzynda oturan Arslanjyk onuň indi mazaly agaran
sakgalyny sypap:
-Ata, sen patyşamy?-diýip, atasynyň ýüzüne garamyk ýaly
garagyny dikdi.
94
-Ýok, men çopan, oglum.
-Sen goýun bakaňog-a.
-Men adamlary bakýan.
-Näme berip bakýaň?
-Adamyň iýýän zatlaryny.
-Aldaýaň, sen çopan däl, patyşa.
-ony saňa kim aýtdy.
-Ejem aýtdy. Enekämem aýdýa.
-Bäh, olar bilýän ekenow meniň patşadygymy.
-Patyşa bolsaň gowymy?
-Özüň gowy bolsaň gowy.
-Onda menem patyşa boljak, ata.
-Ata, menem boljak patyşa-diýip, çep dyzynda oturan
Süleýmanjyk çasly seslendi. Entek sada düşünjeli, päk ýürekli bu
oglanjyklaryň sözleri Kutbeddin Muhammedi iňkise batyrdy: “Bir zada
iki adamyň göz dikmegi arada erbet duşmançylygy döredýändigi
ikuçsyz. Ylaýta-da ol zat täji-tagt bolsa. Häzir onuň öňünde, iki dyzynyň
üstüne sygyp oturan bu oglanjyklar erte ulalyp, ata çykanlarynda bir
ýurda sygarlarmyka? Ýa-da täji-tagt dawalaşyp, biri-birine gylyç
götermekden hem... Ýok, Alla saklasyn!”
-Ata, geplesene, nämä gepläňok?-diýen Arslanjygyň sesi onuň
pikirini böldi. Ol:
-Iki adam deňine patyşa bolup bolmaýar. Siziň biriňiz patyşa
bolsaňyz biriňiz onuň kömekçisi bolmaly. Şeýdip agzybirje ýaşamaly.
Ana şonda hemme zat gowy golýa-diýdi.
Atasynyň bu pendi ulalanlarynda olaryň hakydasynda
saklanarmyka?...
***
Atsyzyň kakasynyň dyzynda oturan iki oglundan başga-da iki
ogul-Il Kutlug (oňa Atlyk hem diýilýärdi) atly iň ulusy, Hutaý han diýen
iň kiçisi hem bardy.
Dört ogluň kakasy bolan Atsyzyň özü-de entek kakasynyň
ygtyýaryndaky oguldy, inileri Ýusup we Inal-Tegin bilen kakasynyň
hyzmatyndady. Ol diňe kakasynyň däl, Horezm indi Merwiň
garamagyndaky ülke bolany üçin soltan Sanjaryň hem hyzmatyndady.
Merwden kakasyna berilýän tabşyryklaryň köpüsini ol ýerine ýetirýärdi.
Bu bolsa oňa birneme ýokuş degýärdi. Ahyryn, bir gün, ol
göwnündäkini diline çykardy:
95
-Biz haçana çenli Merwe paç bermeli? Haçana çenli Soltan
Sanjaryň aýdanlaryna “lepbeý” diýip gezmeli, kaka?! Horezmin
geçmişde garaşsyz beýik döwlet bolan. Biz onuň beýikligini gaýtadan
dikeltmegimiz gerek.
Kütbeddin Muhammet men diýen ýigit ýaşyna ýeten oglunyň
ýüzüne dykgatly seretdi. Atsyzyň göwnünde beýle arzuwyň, niýetiň
bardygy ony bir hili geň galdyrdy. Çünki onuň özi Soltan Sanjara juda
wepaly bolup, Soltanyň garşysyna gitmek diýen zat hiç haçan serine
gelmändi.
-Gatyrak gidýäň-ä sen. Eger Soltan biziň şeýle niýetimiziň
bardygyny bilse, näder öýdýäň, biziň ýogumyza ýanar. Eger şu niýeti
amala aşyrjak bolup, herekete geçsek, Horezminiň külüni göge sowurar.
Şonuň üçin bu pikiriňi seriňden aýyryp taşla, oglum.
-Men bu işi häzir edeli diýmedim-ä, käkä. Assa-ýuwaş güýjimizi
deňläli, belki onuňkydan hem agdygyrak ederis. Onsoň...
-Bes et!-diýip Kutbeddin Muhammet Atsyzyň sözüni böldi.-Bize
beýle mümkminçilik bermezler. Bu ýerde Soltanyň, gör, näçe jansyzy
bar. Biz goşuny gereginden artyk güýçlendirip başlasak derhal oňa habar
ýetirerler. Bardy-geldi güýjiňi deňäp, meýdana çyksaň, bu söweşde näçe
müňläp adamlary gyrgyna bermeli bolar. Şeýle ýitgi bilenem ýeňiş
gazanyp bilmesek, häzirkimizden hem beter güne düşeris. Soltanyň
mährinden mahrum bolarys. Dostumyz duşmana öwrüler. Häzir bolsa
soltanyň howandarlygynda ýurdymyz asuda. Hiç kim oňa göz dikip
bilmeýär, Soltanyň güýç-gudratyndan çekinýärler. Şonuň üçin uly
gandöküşligiň öwezine geljek garaşsyzlyk gerek däl. Men-ä öz
döwrümde seniň aýdanyňa ýol bermen. Menden soň saňa-da ol işi
maslahat bermeýärin.
***
Horezmşa Kutbeddin Muhammediň ogly Atsyz bu maslahaty
ümsüm oturyp diňläpdi. Emma horezmşa Atsyz bolsa bu maslahaty
düýbünden unutdy. Onuň gije-gündiz oý-hyýaly özbaşdaklyk we
beýiklikdi. Ol bu pikirini yzly-yzyna ýigit ýetip gelýän ogullarynyň hem
beýnisine siňdirmeklige çalyşýardy:
-Biz ömrümiz ötýänçä Soltan Sanjara gulluk edip gezmeris,
ogullarym. Men ony ilkinji sapar görenimde şeýle adama paç berip,
gulluk edip ýörenimize haýpym geldi. Biz onuň bilen ir-u-giç bir ýanly
ederis-diýip, ol entek Soltan Sanjar bilen çaknyşyp görmedik wagtynda
çalarak güpläpdi.
96
-Kaka, soltan Sanjara ilki haçan duşdyňyz, ol nähili adam eken?diýip, kiçi ogly Hytaý han bilesigelijilik bilen sorady. Atsyz soltan bilen
şol ilkinji duşuşygy ýadyna düşüp, kinaýaly gülümjiredi:
-Haýsy ýyldadygy şu wagt ýadymda ýok, öz-ä tomsuň jöwzasy
gaýdyşyp güýzüň başlanan bir güni pederim meni huzuryna çagyrdy,
ýüzüme dykkatly seredip durdy-da:
-Oglum Atsyz, sen indi başga hökümdarlar bilen duşuşyp,
gepleşikler geçirmäge ýaraýan ýaşa ýetdiň. Şu ugurda saňa ilkinji
tabşyrygym: Merwe her ýylda berilýän pajy eltersiň hem-de bir mesele
boýunça gepleşip gelersiň. Mesele diýýänim, özüňiň hem habaryň bar,
ilerimizdäki göçmençiler biziň çetiräkdäki obalarymyza çozuş edip,
alamançylyga başladylar. Biz şolaryň üstüne goşun çekip, temmisini
bermesek bolmaýar. Ine şuňa soltanyň razylygyny almaly bolýar diýdi
kakam. Men pederimiň şunuň ýaly işde-de soltana tabynlygyny
görkezýänine gaharym gelip:
-Muňa soltanyň razylygy näme gerek, kaka!-diýdim-Maňa goşuny
beriň, özüm olary Horezmin tarapa gaňyrlybam seretmez ýaly ederin.
Pederim maňa ýaman göz bilen garady:
-Häläm ýagşy “Kül ederin”, “Külüni göge sowraryn” diýmediň.
Birneme şepagatly geplediň-diýdi kinaýa bilen. Soňra:
-Sen ýene meni soltanyň garşysyna gozgajak bolýaňmy?! Ol ýerler
soltanyň gol astyndaky ýurtdygyny bileňokmy?! Ondan birugsat ol ýere
goşun çekmeklik ony hasap etmezlik bolýar-a. Sen şuňa düşüneňokmy?!
Bar, ýol şaýyňy tut-da, ýola düşüber-diýip, bir dem sägindi, soňra:
-Sag-aman baryp gel, ýoluň ak, ýoldaşyň hak bolsun!-diýdi. Şol
günüň ertesi irden pederimiň ak patasyny alyp, ýanymda on iki sany
nöker bilen ýola düşdüm. Merwe ýetip barýançak men bir näçe güniň
dowamynda soltan bilen duşuşanymda özümi nähili alyp
barmalydygym, nähili edep saklap gepleşmelidigim barada oýlanyp,
barşyma, entek onuň bilen ýüzme-ýüz bolmankam, onuň dabarasy dag
aşan beýik soltan diýen ady sustumy basýardy. Emma onuň huzuryna
girip, tagzymdan başymy galdyranymda, öň göz öňüme getirýänim: giň
maňlaýly, nurana ýüzli, haýbatly soltana derek garaýagyz ýüzüni mama
dişlän bir adama nazarym düşdi. Şonda “beh, beýik soltan diýýänleri
şumy” diýip, içimi çekipdirin. Ol meni gowy garşy aldy:
-Hä, geldiňmi Kutbeddiniň zürýady. Kakaň saňa dakmana at
tapman Atsyz diýäýipdir öýüdýän-diýip degişdi. Soňra saglyk amanlyk
soraşdy. Ýurdyň ýagdaýyny, ilatyň güzeranyny, bu ýylky ekin-dikin,
alynýan hasyla çenli sorady. Söhbetimiziň soňunda pederimiň sargap
97
goýberen meselesini aýdanymda Soltan bir salym dymyp, oýa çümen
ýaly bolup oturdy. Soňra kellesini galdyryp, maňa seretdi-de-:
-Ol milleti men özüm jylawlaryn, kakaň ol ýere goşun çekip,
gandöküşlik edip ýörmesin. Ýakyn günlerde maňa onuň kömegi gerek
bolar. Şonuň üçin goşunyny bäri, Horasana çekmeli bolar. Gerek
wagtynda habar ederis-diýdi.
Merwde üç gün dem-dynjymyzy aldyk. Gaýtmak üçin soltandan
rugsat soramaga onuň huzuryna girenimde, ol güler ýüz bilen rugsat
berdi, kakama salamyny ýetirmegimi sargady. Soňra:
-Şazadanyň serpaýyny getiriň!-diýip buýruk berdi. Bir gymmat
bahaly dony getirip, egnime geýdirdiler. Don näçe gymmat bolsa-da
meniň elten otuz müň dinardan ybarat pajyň ýanynda hiç zat däldi.
Şeýle-de bolsa, men däbe görä, serpaý üçin minnetdarlyk bildirip,
tagzym etdim. Şundan soň soltanyň ak patasyny alyp, ýola düşdik.
Ýurda gaýdyp gelenimden pederime Merwde bolan gep-gürrüňleri,
Soltanyň bizden harby kömek soramakçydygyny aýdyp berdim,
salamyny gowşurdym, haçanda Soltanyň görnüşine, keşbine pisindimiň
oturmandygyny aýdanymda pederim:
-Adamyň daşky görnüşine garap baha berip bolmaýar-diýip,
pederim kellesini ýaýkap gülümjiredi:
-Sen ýalňyşýaň, oglum. Soltan Sanjar bütin dünýäde parasatly
hökümdar, söweş tälimini bäş barmagy ýaly bilýän ezber serkerde
hökmünde tanalýar. Ol örän erjel, gaýduwsyz, batyr adam.
Pederimiň soltan Sanjara beren bahasyny ümsüm diňledim, emma
içimden onuň aýdany bilen razylaşmadym:
-Taryp edişiňiz ýaly soltan söweş talimini bäş barmagy ýaly bilýän
beýik serkerde bolýan bolsa sizden näme üçin kömek sorajak bolýar?diýdim.
-Söweş tälimini bäş barmagy ýaly bilýän ýeke soltanyň özi däl,
ahyryn! Onuň garşydaşlary hem bu ugurdan gömük däldirler. Onsoňam,
söweşde ýeňiş gazanmak üçin goşun güýjüň hem ýeterlik bolmaly.
Şonuň üçin ol saňa “Goşuny bäri çekmeli bolar” diýipdir.
Pederimiň bu sözünden Horasana goşun çekip gitmäge taýyndygy
bilinip dursa-da soradym:
-Eger çagyrsa gitjekmisiňiz?
-Soltan kömege çagyrsa gitmän bolýamy, gideris. Bu birinji sapar
däl, sen entek ýaş wagtlaryňda Seljuklylaryň arasyndaky çaknyşyklarda,
beýleki garşydaşlary bilen bolan uruşlarda soltana kömege baran
wagtym az bolmady-diýip, soňunda Togrul Teginli wakany ýatlatdy.
98
-O nähili waka, kaka?-diýip, atasy hakyndaky gürrüňleri juda
gyzygyp diňläp oturan Hytaý han ýene sorag berdi.
-Sen meni ýene gepletjeg-ow. Bolýa, şu wakany hem aýdyp
bereýin, oňa çenli huptan namazynyň wagty hem bolar-diýip Atsyz
gürrüňe başlady:
-Togrul Tegin diýen adam ataňyzdan öň Horezmine hökümdarlyk
eden Ekinçi ibn Koçkar atly adamyň ogly. Ol ataňyz tagta çykan güni
özünden howp edip, Gürgençden gaçyp gidýär. Ýyllar geçip, ol özüne
goşun toplaýar. Ataňyz leşgeri bilen Horasana soltana kömege
gideninden peýdalanyp, ol ýurda girýär, Gürgenji gabaýar. Ol galanyň
üstünde duran nökerlere ýüzlenip:
-Eý biradarlar! Men Horezminiň öňki kanuny hökümdary Ekinçi
ibn Koçkaryň ogly Togryl Tegin iben Ekinçi. Horezminiň tagty maňa ata
miras bolmaly. Kutbeddin Muhammet kanuny patyşa däl. Ol Mälikşanyň
gulunyň ogly. Derwezäni açyň! Men tagta çyksam halkymy hemme
taraplaýyn goldaryn. Eşretli durmuşa ýetirerin!-diýip sesiniň ýetdiginden
gygyrypdyr.
-Aý, seniň kakaňdan-a gowulyk görmändik, Senem şondan artyk
bolmarsyň. Derweze saňa açylmaz. Wagtyň barynda gelen ýoluň bilen
gaýt, ýogsam Horezmşa Kutbeddin Muhammet hezretleri ýetip gelse
külüňizi çykarar-diýip, galanyň üstünde duranlaryň biri jogap beripdir.
Şundan soň ol şäheri güýç bilen almak üçin synanyşyp başlapdyr.
Bu habar ataňyza Horasandan gaýdyp gelýärkä ýolda ýetipdir. Ol
Togrul Tegin uly goşun bilen gelen bolsa özümiziň güýjümiz ýetmez
diýen pikir bilen soltandan kömek sorap, yzyna Merwe çapar
ugradypdyr. Emma kömegiň gelerine garaşman Gürgenje tarap haýdap
gaýdýar. Şähere golaýlap geleninde goşuny saklap bir emirini ýanynda
iki nöker bilen Togrul Tegine ilçi edip iberýär. Ilçi Togrul Tegine
Horezmşanyň gandöküşlik bolmazlygy üçin gabawy aýryp, ýurtdan
çykyp gitmegini teklip edýändigini aýdanynda Togrul Tegin: “Eger
Kutbeddin Muhammet gandöküşligiň bolmazlygyny hakykatdan hem
isleýän bolsa, özi maşgalasyny alyp, ýurtdan çyksyn. Horezminiň tagty
maňa ata miras, onuň haky ýok” diýýär. Ilçiniň alyp gelen bu
habaryndan soň söweşe girmekden özge çäre galmaýar. Ataňyzyň
goşuny Togrul Teginiňkiden azrak hem bolsa, esgerleriniň
gaýduwsyzlygy, özüniň jeňde gatnaşyp, görkezen batyrgaýlygy
duşmanyň goşunyny ýeňlişe sezewar edýär. Togrul Tegin derbi dagyn
bolan leşgeriniň aman galanlary bilen gaçyp, ýurtdan çykyp gidýär.
Şundan soň ataňyz soltana ikinji çapar gönderip, kömegiň gerek
99
däldigini, duşmany öz güýji bilen ýurtdan çykaryp kowandygyny habar
berýär. Togrul Teginiň üstünden gazanylan bu ýeňiş ataňyzyň abraýyny
soltanyň nazarynda ýene-de belende göterýär.
-Onsoň näme bolýar, kaka?-diýip, Hutaý han ýene sorag berdi. Ata
çykmaga ýarap barýan oglunyň ýaş çaganyň soragyna meňzeş sorag
berşine Atsyz kellesini ýaýkap güldi-de:
-Onsoňmy, onsoňam bolan zat kän. Häzir bolsa huptan namazynyň
wagty boldy, hany turuň!
Horezmşa Atsyz ogullarynyň öňünde ymam bolup, huptan
namazyny okap, soňky sejdeden başlaryny göterenlerinden soň yzyna
öwrüleninde hatar oturan biri-birinden dogumly dört ogluna seredýärkä
birden dörän buýsanjyny kalbyndan kowup bilmedi. Ol:
-Astagfurylla, astagfurulla-diýip, ýakasyny tutup, içine tüýkürdi,
soňra namazyň yzyndan okalýan aýatlary okap, Allatagala hamdusenalar aýtdy. Şazadalar atalary hakyndaky gürrüňiň dowamyny
diňlemegi isläp, gozganman oturdylar.
-Kaka, ýaňy ondan soňam bolan zat kän diýdiňiz, şolardanam
birazrak gürrüň beräýseňiz-diýip, bu sapar kakasyna Il Arslan ýüz tutdy.
Atsyzyň özü-de ogullarynda aslyna bolan buýsanjy artdyrmak üçin
pederi hakyndaky gürrüňi dowam etdirmekçidi.
-Bolýa, ogullarym, gije uzak, men size isläniňizçe gürrüň bereýin,
ýöne gulagyň garny ýok, ony doýryp bolmaýa - diýip, Atsyz
gülümjiredi.
-Bu gün gulagymyz çalarak doýsa-da bolýa, kaka-diýip, Hytaý han
bälçiredi.
-Tüweleme, sen şu gün mendenem köp geplediň. Atlyk bilen
Süleýman şah ýeke agyz hem geplänoklar, olaryňam gep paýyny sen
alaýypsyň öýüdýän-diýip, Atsyz kiçi ogluna degişdi. Uly ogly Atlyk:
-Süleýman şah bilen ikimiz gepländen diňlän gowy diýip otyrysdiýdi. Atsyz başyny atyp ýylgyrdy:
-Tüweleme, bu salyhatlylygyň alamaty. Indi men size Horasana
baryp, soltan bilen duşuşyp gaýdanymdan soň bolan wakalary gürrüň
beräýeýin. Men Horasandan gelenimden soň aradan bir aý geçipgeçmän, pederim:
-Atsyz, Soltan kömege çagyryp, çapar gönderipdir. Meniň bilen
gidermiň?-diýip, ýüzüme dykgatly seretdi. Men:
-Patyşalar soramaýarlar, emir edýärler dälmi, siz emir etseňiz,
emriňizi berjaý etmek meniň borjum-diýdim. Pederim:
100
-Berekella, gepiň-ä tapyp aýtdyň-diýdi. -Seni alyp gitmekçi
bolýanymyň sebäbi: sen indi ýigit ýetdiň, söweş tälimini öwrenmegiň,
jeň diýen zady gözüň bilen görüp, ýüregiňi beketmegiň gerek. Çünki sen
menden soň köp söweşler etmegiň mümkin.
Pederim aýtmasa-da, bu meniň arzuwymdy. Söweşlere
gatnaşasym, gahrymanlyk görkezesim gelýärdi.
-Kaka, kim bilen, nirede söweş ediljek?-diýip, bilesigelijilik bilen
soradym. Pederim kellesini ýaýkap:
-Muny menem bilemok. Soltan öňem öňünden aýtmaýardy.
Aýdylan ýere barandan soň bileris.
-Barmaly ýerimizi bilýänsiňiz-le, kaka.
-Bilýän, ony aýdyp goýberipdir. Merwden soňam ýene şonça ýol,
Sawe şäherinden bir günlik bäridäki ýer. Şeýdip, 513-nji ýylyň
tomsynda agyr goşun bilen ýola düşdik. Birnäçe günüň dowamynda
uzak ýoly söküp, menzile ýetip baran goşunymyz öňümizden çykan
soltanyň adamlarynyň görkezen ýerinde goş taşlady. Bu ýere Merwden
soňam iki hepde ýol ýöräp geldik. Pederim bilen meni Soltanyň çadryna
alyp gitdiler. Onuň goşuny hem çadyrynyň öňündäki uly meýdany tutup
ýatyrdy. Şahana bezelen çadyryň töründe aramkürsüde oturan Soltan
Sanjar bizi gyzgyn garşylady, mähirli soraşdy, soňunda maňa üm edip,
pederime:
-Bu dogmaňam alyp gaýdypsyň-ow. Dogry edipsiň, jeň görsün,
gan görsin, bekesin. Häzir munuň tüýs gylyç oýnatmaly wagty-diýdi.
Soňra naz-nygmatly saçagyň başynda soltan bilen pederim gürrüňi
dowam etdirdiler. Menem ýaňy Atlygyň aýdany ýaly gepländen diňlän
gowy diýip, olaryň gürrüňini üns berip diňläp oturdym. Soltanyň
pederime berip oturan gürrüňinden onuň garşydaşy ýat bir kimse
bolman, özüniň ýegeni Soltan Mahmyt ibn Muhammetdigini aňdym .
Seljuklaryň biri-biriniň ganyny dökmäge taýýardygyna ilki
düşünmedim, bir salymdan Soltanyň gürrüňiniň arasynda:
-Soltan Mahmyt soňky wagtda bizi äsgermän, gaty hetdinden aşdy.
Ol özüniň soraýan sebitleri bilen kanagatlanman, merkezi häkimýeti
eýelemek hyýalyna münüp ýöräni maňa mälim boldy. Şonuň üçin oňa
bir göz görkezip goýmasak bolmady-diýeninden soň mesele aýdyň
boldy.
Biz şol ýerde üç gün bolduk. Şu wagtyň içinde soltan bilen
pederim iki goşunyň hem serkerdelerini çagyryp, ertirki söweşiň rejesini
ara alyp, maslahatlaşdylar. Her iki goşunyň sag, sol ganatlaryna, merkezi
toparlaryna başçylyk etmeli serkerdeleri bellediler. Ätýaçlyk toparlar
101
nirede bolmaly, biziň Horezminiň goşuny haýsy tarapdan hüjüm etmeli,
gepiň gysgasy, söweşi alyp barmagyň ähli tärini biçip goýdylar. Maňa
bolsa hiç bir emel ýetmedi, hiç bolmasa on başy edip hem goýmadylar.
Meşweret gutaransoň men pederime närazylygymy bildirenimde, ol:
-Bu sapar sen söweşe gatnaşmarsyň. Soltanyň söweşe gözegçilik
edýän depesinde senem jeňiň gidişini, uruşyjylardan kimiň nähili gylyç
uruşyny, naýza işledişini synlap durarsyň, öwrenersin-diýdi.
-Men bu zatlary harby maşklarda öwrendim, ahyryn-diýdim.
-Maşk başga, söweş başga!-diýip pederim bir salym dymdy-da:
-Bardy-geldi, jeňde kazam ýetse, täji-tagtyma sen eýe bolarsyň.
Soltan eglenmän sen hakda perman çykarar. Onuň bilen bu hakda
gepleşildi. Pederimiň bu sözüne bir hili boldum:
-Ýok, kaka, beýle diýme! Gowysy senem söweşe girme-diýdim.
-Girmesem bolmaýar. Soltanyň özü-de, leşger bir neme asgynlyk
etjek bolsa urşujylaryň ruhuny götermek üçin söweşe girýär-diýip,
pederim bu gürrüňe nokat goýdy. Men gol gowşuryp pederimiň
çadyryndan daş çykdym. Günuzyn zemine gyzgyn howruny pürkup,
indi gözýetimiň aňyrsyna çümüp barýan Günüň al elwan şapagy entek
jahany ýagtyldyp durdy. Howanyň yssysy gündizkisinden biraz tapawut
edýärdi. Bu-da demirgazykdan ýuwaşja öwüsýän şemalyň hasabynady.
Gözýetime çenli meýdany tutup ýatan leşger şapagyň ýagtysynda örän
uly güýç bolup duýuldy maňa. Öz çadyryma tarap barýarkam leşger
tarapa ýene göz aýlap; “bu güýç bilen dünýäni zabt etse bolar” diýip
içimi gepletdim.
Emma ertesi söweş meýdanyna çykanymyzda garşymyzdan ýer
süýşen ýaly bolup gelýän sansyz leşgere gözüm düşende, dünýäni zabt
etmek bärde dursun, garşydan gelýän goşunyň üstünden ýeňiş gazanmak
hem hylalla bolup duýuldy maňa. Men pederimiň aýdyşy ýaly soltanyň
gözegçilik depesindäki adamlaryň arasyndadym. Hemmämiz at
üstündedik. Pederimiň özi bolsa goşuny bilen yzdady. Bu bolsa meniň
pederim üçin howatyrymy birneme kösdiripdi.
Garşydan gelýän leşger ses ýetime gelip aýak çekdi. Soltan
ýanynda duran hajybyna:
-Ol gepleşmekçi. Baryň. Eger gandöküşligi islemeýän bolsa,
pälinden gaýdanyna kasam etsin hem-de biziň we Horezminden çagyran
leşgerlerimiziň ýol harajady üçin otuz müň dinar tölesin-diýdi. Hajyp
Soltana baş egip, ýanynda iki adam bilen garşydaky goşun tarapa at
salyp gitdiler. Bardylar. At üstünde durup, gepleşdiler. Emma köp
102
saklanmadylar, ýene at salyp yzyna dolandylar. Hajyp gelip, at üstünde
soltana başyny egip, habaryny aýtdy.
-Kyblaýy älem, soltan Mahmyt maňa seniň bilen gepleşmeýän,
soltanyň özi gelsin-diýdi. Soltan Sanjaryň gaharyna ýüzi üýtgäp gitdi.
-Ýene näme diýdi?!-diýip, boguk ses bilen gygyran soltan, göýä
hajyp günäkär ýaly, ony gözi bilen iýäýjek boldy.
-Meniňem soltanyňa aýtjak zatlarym bar, özi gelsin-diýdi.
-Men barmalymy. Ol deýýusyň ýanyna! Ine barmaly bolsa bararys.
Söweş nagaralary kakylsyn!-diýip Soltan belent ses bilen emir etdi.
Kernaý çalynyp nagaralar kakylanda leşger öňe ömzady. Hä diýmän iki
tarap garpyşdy. Ine şonda meniň gözümiň öňünde jeň diýilýän, söweş
diýilýän elhenç hadysa peýda boldy. Gylyçlaryň şarkyldysy, urşujylaryň
gohy, ahy, çirkin sesler gulagyňy kamata getirýärdi. Käbir kelleleriň
göwresinden pyzylan kädi ýaly togalanyp gidişine gözüm düşende
söweşlerde gahrymançylyk görkezmek baradaky öňki islegimden öz
kellämi aman saklamak islegi rüstem geldi.
-Çyndanam gorkduňyzmy, kaka?-diýip kikirdäp gülen Hytaý han
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 09
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.