Latin

Gürgenç II - 15

Total number of words is 3700
Total number of unique words is 2076
29.4 of words are in the 2000 most common words
43.0 of words are in the 5000 most common words
50.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ummanyna çümen Horezmşaga öwrüldi. Ol solran Sanjaryñ Buhara
sebäpli atlanan gazabyny, wagtdan utmak üçin, köşeşdirmelidi. Şonuñ
üçin oña öňküsi ýaly tabynlygyny, wepalylygyny beýan edip,
säwgatnama ibermekligiň pikirini etdi. Ertesi şeýle mazmundaky
säwgatnamany diňe soltan Sanjara däl, Bagdada halyf al Muktafi
hezretlerine hem iberdi. Halyfa iberen namasynda özüniň Horezminiň
hökümdary derejesini tasdyklaýan perman çykarmagyny haýyş etdi.
Şeýle perman çykarylsa bütin musulman äleminde Horezminiň we onuň
hökümdary Horezmşa Arsyzyñ abraý-mertebesi has belende göteriljekdi.
Şonuň üçin Atsyz Halyfyň permanyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.
Seljuklaryň garşysyna özüne ýaran isleýän halyf al Muktafy Atsyza
isleýän permany bilen gymmat bahaly serpaýlar hem iberdi.
***
177
534-nji hijriniň gazaply gyşy geçip, baharyň sergin şemaly öwsüp
başlady. Tebigaty ukudan oýaryp, zemin üzre janlanyşy emele getirýän
bu pasyl ýigit-gyzlaryň kalbynda ýaşlyga mahsus duýgulary oýarýan
bolsa, hökümdarlaryň köňlünde täze-täze ýurtlary eýelemek, söweşlerde
şan-şöhrat gazanmak barada hyýallary ganatlandyrýar. Horezmşa
Atsyzyň köňlünde hem şeýle hyýallar ýok däldi. Emma, ýokarda
agzalan meýlisden soň gijesine düzen rejelerini, etsem-petsemlerini
amala aşyrmaga sebitde dörän syýasy ýagdaý ýol berenokdy.
Gündogardan süýşüp gaýdan gara hytaýlar ýol ugruna uýgurlary,
gyrgyzlary boýun egdirip, Mawrannahryň ýerlerine aralaşdylar. Olaryň
garşysyna söweşe çykan Samarkandyň hökümdary Mahmyt Arslan
şahyň goşuny Hojandyň golaýynda derbi dagyn edildi. Atsyzyň
göwnüne gezek Horezmine gelen ýalydy. Eger şeýle bolaýsa, olara
gaýtawyl bermäge Horezmşanyň entek gurbaty çatjak däldi. Şonuň üçin
ol bu belanyñ öňüni almalydy. Syýasy pirimlerden bihabar däl Atsyz
käbir çäreleri ýüregine düwüp, irden köşgüň tagt eýwanyna geleninde,
ony, eýýam bu ýere ýygnanan döwlet işgärleri çuňňur tagzym bilen
garşy aldylar. Horezmşa tagtyna geçip oturanyndan emeldarlaryna
ýüzlenip, söze başlady:
-Jenaplar! Sebitde dörän häzirki ýagdaýdan hemmäňiziň habaryňyz
bar. Al hytalar diňe Mawrannahyr bilen çäklenmez, olar Horezmine hem
hüjüm etmekleri ähtimaldan daşda däl. Şonuñ üçin Watanymyzyñ
goranmak kuwatyny has artdyrmagymyz gerek. Bu möhüm işe sizlerden
başlap her bir hozezminliniñ öz goşandyny goşmagy zerur. Ine şonda hiç
bir ýagy ýurdymyzyñ serhedinden geçip bilmez, geçäýse-de derdi dagyn
ediler. Horezmşa şu gysga sözünden soñ her emeldara bu ugurda etmeli
işini, görmeli tedbirlerini tabşyrdy. İrden başlanan ýygnanyşyk başga-da
döwletiñ, ýurdyñ gündelik meselelirini ara alyp maslahatlaşmak bilen
tamamlandy. Emeldarlar dargaşanlaryndan soñ munçisi Reşiteddin
Watwat bilen ikişäk galan Atsyz irden ýüregine düwüp gelen ikinji bir
pikirini ýüze çykardy:
- Jenap Reşiteddin, ýurdymyzyň çäginde uruş bolmazlygy üçin al
hytalaryň ünsüni Horasana sowmagyň ugruny tapmalydyrys. Ine şonda,
olar soltan Sanjaryň gudratly goşunynyň zarbasyna uçrap, derbi dagyn
bolsalar, bizden bu howp aýrylar - diýip, Atsyz munşisine "Muny nädip
edip bolýar?" diýen manyda seredip biraz sägindi-de:-Jenap Reşiteddin,
siz diňe zehinli şahyr däl, syýasatdan hem gowy baş çykarýan adam.
Syýasat babatdaky zehiniňizi işe salyp, al hytalaryň hökümdary özüni
178
Gurhan diýip atlandyrýan Eluý Ta-şie hem bir gowy nama taýýarlaň.
Meniň näme hakda aýdýanyma düşünýäňizmi?- diýdi.
-Düşündim, Aly hezret. Gur hana iberiljek namany ertire çenli
taýýar ederin - diýip Watwat baş egdi. Reşiteddin Watwat aýdylmadyk
söze-de düşünýän adamdy. Şonuň üçin Atsyz oňa Gur hana ýazylmaly
namanyň mazmunyny aýdyp oturmady. Onuň üçin Horezmşanyň
sözüniň başynda “Al hytalaryň ünsüni Horasana sowmagyň ugruny
tapmalydyrys” diýeni ýeterlikdi. Gara-hytaýlaryň hökümdary Eluý Taşie iberilen namany onuň örän inçelik bilen ugruny tapyp ýazandygy
öwgä mynasypdy. Emma atylan ok hemişe-de nyşana degiberenok-da.
Degmese-de zyýany ýok welin, gaýdyp özüňe degse ýaman. Gur han
Horezmşanyň hatyna jogap hökmünde Horasana däl-de, Horezminiň bir
çetinden girip, talaň saldy. Horezmşa Atsyz indi bu güýçli ganym bilen
dostlaşmagyň ugruny gözläp başlady. Ahyr soňunda ähli zadyň ugruny
tapýan, gadymdan gelýän serişde-pulyň güýjüne daýanmaly boldy. Ol
Gur hana ilçiler iberip, ýylyna 30 müň altyn dinar tölemäge borçlandy.
Şeýdip, Eluý Ta-şi atly gaýrydiniň “dostlugyny” altyna satyn aldy. Indi
oňa Mawrannahyr tarapdan howp ýokdy, şeýle bolansoň, onuň özi
Horasan üçin howpa öwrüldi. Indi diňe oňaýly pursat gerekdi. Şeýle
pursat hem uzak garaşdyrmady. 536-njy hijriniň Sapar aýynyň 5-inde
Samarkandyň golaýyndaky Katawan düzlüginde gara-hytaýlar bilen
söweşe giren soltan Sanjaryň ýüz müň adamly leşgeri derbi-dagyn
edildi. Soltanyň özi altmyş sany nökeri bilen zordan gaçyp gutuldy.
Adamyň başyna näme bela gelse, men-menlikden gelýär. Soltan
Sanjar hem belany öz dilinden, men-menliginden tapdy. Ol bu uruşa alty
aý taýýarlyk görüp, öz güýjüne çendenaşa ynanypdy. Ol tabynlygyndaky
ýurtlardan hem leşger alyp, toplan ägirt uly goşunyny ýene bir gezek
gözden geçirip, keýpi kök halda oturan mahaly Gur hanyň çapary
getiren haty gowşurdylar.
-Bu näme, diňe bir namamy? Biziň mertebämize laýyk sowgatsalamy ýokmy, ol gaýrydiniň?!-diýip, Soltan gaharly sorady.
-Başga zady ýok, Kyblaýy älem - diýip, haty alyp giren köşk
emeldary jogap berdi. Hemişe haýsy ýurtdan nama gelse, ýanynda
sowgat salamy bolýany üçin Gur hanyň namany sowgatsyz iberenini
özüne hormatsyzlyk diýip düşünen soltanyň gahary has güýçlendi. Ol:
-Hany, namany getiren çapary çagyryň!-diýip buýurdy.
-Çapar namany beren badyna yzyna dolandy, garaşmady, Kyblaýy
älem.
179
-Diýmek, namanyň mazmuny başgaça. Hany, namany oka,
bakaly!-diýip, Soltan münşisine ýüzlendi. Nama şol döwrüň halkara
gatnaşyk dili bolan arapça ýazylan bolup, mazmuny şeýledi:
-Muhterem beýik Soltan Sanjar hezretleri! Men kim, al-hytalar
hökümdary Eluý Ta-şi Gur han, Size ehtiram bilen ýüzlenýärin. Siziň
Mahmyt Arslanyň ýüz tutmagy bilen Mawarannahrda güzeran geçirip
ýören garluklary Arslan hanyň zulmuna çydaman baş göterenligi üçin
olary jezalamakçy bolýandygyňyz bize mälim boldy. Sizden garluklaryň
günäsini geçmegiňizi towakga edýäris. Eger-de, biziň towakgamyzy
kabul etmän, garluklaryň üstüne ýörüş etseňiz, biz olary goramaklygy
özümiziň borjumyz hasap edýäris...
Soltan Sanjar arapça okap, ýazyp bilmese-de, sözlerine doly
düşünýärdi. Ol namanyň soňky jümlesini eşideninden öňki gahary
gazaba öwrüldi:
-Boldy, saklan!-diýip, münşiniň sesini kesdi.-Bäh! Bu Gur ham
diýýänleri biziň güýç-gudratymyzdan bihabar ýaly-la. Bihabar bolsa,
ony habardar edeli-diýen Soltan münşisine kagyz, galam getirdip, Gur
hana şeýle mazmunda nama ýazdyrdy: “Jenap Eluý Ta-şi! Siziň bize
ýazan namaňyzdan ganly söweşiň ysy gelýär. Siziň beýle mazmunda
nama ibermegiňiz, biziň güýç-gudratymyzdan bihabardygyňyzy
görkezýär. Bilip goýuň, biziň goşunymyzyň sany bihasapdyr,
söweşijilerimiziň gylyçbazlykda taýy ýokdyr, okýaýçylarymyzyň atan
peýkamy gyly deň ikä bölýändir. Eger şeýle gudratly goşunyň zarbasyna
uçrap, derbi dagyn bolmajak bolsaňyz, haýal etmän Islam dinini kabul
edip, musulman bolun! Biziň ýaraşyk şertimiz şudyr”.
Namany alyp baran ilçini Gur han gowy kabul etdi. Emma
namanyň mazmuny bilen tanyşanyndan soň bütinleý üýtgedi. Ajy
ýylgyryp, çalgyt türkide kinaýaly gepledi:
-Be! Peýkam atdy, gyl iki böldi bar. Bu zor-zor! Muny şunda synap
gördi bar-diýip, ilçiniň sakgalyny syrmagy buýurdy. Ilçi özüne tarap
gelýän eli päkili adamy görende, onuň näme etjegini aňyp, sakgalyny iki
eli bilen tutdy-da:
-Ýok. Ilçi el degirilmezdir. Bu bütin dünýäde kanundyr-diýip
jibrindi.
-Ilçi ölüm ýok. Bu kanun bar. Sakgal syrdy kanun ýok-diýip
Gurhan dellege ümläp goýberdi. Iki adam bolup, tutup, ilçiniň sakgalyny
syrdylar. Onýança Gur han taýýarlap oturan bir iňňäni onuň eline berip:
180
-Siz şu iňňe bilen sakgal tary sanjyp bildi, biz Yslam dini kabul
etdi-diýdi. Aljyraňňy ýagdaýa düşen ilçi edip bolmajak işi boýun alan
ýaly kellesini ýaýkady. Gur han:
-Sen iňňe bilen edip bilmedi, niçik peýkam gyly iki böldi bilsindiýdi.
Şu gysga duşuşykdan soň Gur han ilçini uzak saklaman yzyna
gaýtaryp goýberdi. Sakally giden ilçisiniň sakgalsyz gelenini gören
soltan Sanjar gazap atyna münüp, gara hytaÿlaryñ üstüne goşun çekdi.
Netijesini-de, ýokarda aýtdyk.
Sebitde dörän bu ýagdaýdan soň amatly pursata garaşyp ýören
Horezmşa Horasana ýöriş başlady. 536-njy hijriniň Rabbigylawal
aýynyň başynda Serahsy gabady. Adatda Atsyz gabalan galany, alajy
bolsa, gan dökmän almagyň aladasyny edýärdi. OL Serahsa-da hüjüm
etmän, aman diläp geljek wekillere garaşdy. Bir mahal galanyň
depesinde iki adam peýda boldy. Olar galanyň düýbünde duran agyr
leşgere seredip durdylar-da, birden yzyna dolandylar. Şundan köp wagt
geçmän, galanyň derwezesi açylyp, ondan üç atly çykdy. Olaryň ikisi
üstündäki geýimine garanda nöker bolup, olaryň öňünde gelýän ak
selleli, zerbap donly, çuw-ak sakgallynyň ulama kişidigi belli bolup
durdy. Olar Horezmşanyň çadyrynyň golaýynda atlaryndan düşüp, iki
ýan tarapyndaky emeledarlarynyň ortasynda duran şahana geýnüwli
başy tylla jygaly Atsyzyň garşysyna gelip, tagzyma eňildiler. Tagzymdan
başyny galdyran ulama kişi sag elini gursagyna goýup, Horezmşaga
ýüzlendi.
-Muhterem Horezmşa Ala-addin Atsyz hezretleri! Men kim, ymam
Abu Muhammet az Zyýady, Serahsyň ähli ulamalarynyň adyndan
şäheriň ilatyna aman diläp huzuryňyza geldik. Siziň Hörasan ülkesine
gadam basan çagyňyzdan at-owazaňyz ýurdyň külli künjeklerine
ýaýrady. Serahslylar hem siziň şepagatly, adalatly hökümdardygyňyza
ynanç hasyl edip, siziň üçin ähli gapylary açyp goýdylar.
Atsyz ymamyň sözlerine hoşallyk bildirip, hormat bilen çadyryna
teklip etdi. Oturmaga öz garşysyndan ýer görkezdi.
-Möwlana, siziň şäheriň ymamy, ilatyň wekili hökmünde biziň
huzurymyza gelmegiňiz parahatçylygyň nyşany-diýip, Atsyz mylakatly
äheňde söze başlady.-Biziň Serahysyň parahat ilatyna zyýan-zeper
ýetirmek niýetimiz ýok. Ýöne döwlet emeldarlary, tuçjar baýlary bilen
didarlaşmak islegimiz ýok däl. Biziň adamlarymyz şu adamlar bilen
duşuşmaga baranlarynda hiç hili garşylyk bolmasa, biz tarapdan hem hiç
181
hili ýamanlyk bolmaz. Eger-de biziň adamlarymyzyň talabyna garşylyk
görkezilse soňy gowy bolmaz.
Ymam az Zyýady Horezmşanyň soňky aýdan “talap” diýen
sözüniň manysyna gowy düşündi. Bu “talabyň” ýerine ýetmegi üçin
ymamdan Serahsyň içi-daşy barada gerekli maglumatlary aldy. Soňra öz
adamlaryny “talaby” ýerine ýetirmek üçin ymama goşup şähere ugratdy.
Horezmşa Serahsdan aljagyny alyp, bu ýerden ugrady. Ol Soltan
Sanjaryň gara hytaýlar bilen söweşde ýeňlişe sezewar bolanyndan soň
Merwde däl-de, Termezdediginden peýdalanyp, gelip Merwi hem
gabady. Horemşanyň uly goşun bilen gelenini gören merwliler onuň
ýanyna aman diläp, şäheriň tanymal ulamalarynyň birini iberdiler.
Galanyň daşynda goş taşlap ýatan sansyz leşgeri gören ulama
Horezmşanyň çadyryna iki epilip girdi. Atsyz ol kişini hormatlap garşy
aldy. Özüni “ymam Ahmet al Baharzi” diýip tanyşdyran ulama Merwiň
ilatynyň adyndan ýüzlenip gepledi:
-Horezmşa Abul Muzäffar Ala-ad-din Atsyz hezretleri! Şähri-azym
Merwiň ilaty Siziň bu mukaddes topraga gelmegiňizi gutlap, özleriniň
hoşallyklaryny bildirýär...
-Muhterem Ahmet al Baharzy! Siz ymam kişi. Size ýalan sözlemek
gelişmeýär-diýip, Atsyz ymamyň sözüni böldi. Aň-taň bolan ymam
näme diýjegini bilmän:
-Men ýalan sözlemedim-diýdi.
-Şu sözüňiz bilen siz ikinji gezek ýalan sözlediňiz.
-Aly hezret, men düşünmedim. Men näme diýip ýalan sözledim?
-Jenap al Baharzy, özüňizi sadalyga salmaň. Kim basybalyjynyň
ýurdyna gelmegini gutlap, hoşallyk bildirýär? Siz şu aýdanyňyzyň
tersine-Merwiň ilaty bir gudrat bilen sizi ýer ýutmagyny dileýär diýen
bolsaňyz ynanardym.
Ymam al Baharzy Horezmşadan beýle söze garaşmandy. Çünki, şa
basybalyjy bolsa-da, oňa hoşamaý sözler bilen ýüzlenmeklik zamananyň
däbine öwrülipdi. Şoňa görä şalar hem hoş sözler bilen ýüz tutup gelen
ilatyň wekilini sylag-sarpa bilen kabul edýärdiler. Horezmşa bolsa bu
kadadan ýüz öwürdi. Şonuň üçin al Baharzy töwekkel edip, oňa başgaça
ýüz tutdy:
-Ala-ad-din Atsyz hezretleri, Men siziň huzuryňyza ýeke özüm
üçin aman diläp gelmedim. Merwiň ilaty uly howpyň garşysynda
duransoň men şeýle sözler bilen Siziň ýüregiňizde şepagat duýgusyny
oýarmak isledim.
-Meni şepagatsyz diýip, size kim aýtdy?
182
-Beýle sözi aýdan adam ýok. Ýöne hakykatyň hatyrasyna aýdanda,
şalar bir ýurda leşger çekip gelse, şepagatsyz hem bolup bilýärler.
Atsyz yman al Baharzynyň hökümdaryň gazabyndan gorkmaýan,
dogruçyl adamdygyna sarpa goýup, mylakatly sözledi:
-Möwlana Ahmat al Baharzy, siz indi dogry söz aýtdyňyz. Dogry
söze gaharlanmak adalatdan däldir. Indi, biziň hem şepagatsyz bolup
bilmezligimiz üçin şäheriňiziň ilaty meniň siziň bilen goşup goýberjek
adamlarymyň talaplaryny, garşylyk görkezmän, ýerine ýetirmekleri
gerek. Şeýle-de, girew hökmünde meniň huzuryma Hänäfiýa
meshebiniň fakyhy Abul Fadla al Kermany bilen dört-bäş tanymal ulama
adamlary ibersinler.
Ymam al Baharzy Horezmşanyň girew hakyndaky talabynyň
soňunyň gowulyga eltmejegini bilse-de, dil ýarmady. Çünki diliniň
ujunda duran, aýtmaly sözüniň hem gowulyga eltmejegini bildi, dymdy.
-Möwlana, näme dymdyňyz, ýa meniň gepim gulagyňyza
ýakmadymy?
-Ýok, Aly hezret. Gep meniň gulagymda däl...
-Onda nämede?
-Aly hezret, şu girew diýen meseläňiz ol ulamalara ýokuş
degäýmese. Onsoňam olar ilatyň iň sarpaly adamlary.
-Şol ilatyň sarpaly adamlary biziň elimizde bolsa, biziň
adamlarymyz hem ol ýerde howpsuz bolar. Şonuň üçin girew gerek.
Girewsiz bolmaz.
Ymam Baharzy bu sapar Horezmşanyň sözüne gaýtawul berip
bilmedi. Ol bir elini gursagyna goýup, baş egdi-de, gaýtmaga rugsat
sorady.
-Siz näme, aýry gitmekçimi? Biziň adamlarymyzy alyp gitmejek
bolýaňyzmy?-diýen Horezmşanyň sowalyna ymam al Baharry bir hili
düýrükdi.Ýöne salym geçmän jogap berdi;
-Aly hezret, men öňräk baryp, ilata siziň talaplaryňyzy
düşündirsem gowy bolar.
Atsyz ymamyň yzyna duşmanyň adamlaryny tirkäp barmaga
ilatdan çekinýändigini aňdy.
-Makul. Öňünden düşündirseňiz has hem gowy. Gaýdyberiň.
Basym biziň adamlarymyz hem bararlar. Olary gowy garşy alsynlar,
aýdylan ulamalary hem biziň huzurymyza ugratsynlar.
Horezmşa bu sözleri buýruk äheňinde aýtdy. Ymam ol Baharzy
sözsiz baş edip çadyrdan çykdy-da daşarda duran iki nökeri bilen
183
atlanyp, şähere tarap ugrady. Öz maýdalyna goýberilen atyň üstündäki
Ymam agyr oýlaryň girdabynda iki ýana yraň atyp barýardy.
***
Ymam al Baharzydan soň ara biraz salym salyp, şähere giren ýüze
golaý horezminlileri Merwiň ilaty, elbetde, güler ýüz bilen garşy almady.
Ýöne garşylyk hem görkezmedi. Köçäniň iki ýan tarapyny dolduryp
duran adamlaryň sowuk nazaryna gözleri düşen horezminliler Ymam al
Baharzynyň düşündirişi (eger düşündiren bolsa) bu adamlara täsir
etmändigini duýdular. Horezminliler köşgüň öňündäki meýdana ýetip,
atlarynyň başyny çekdiler. Meýdanda-da mähelle az däldi. Olaryň
arasynda Ymam Baharzy görnenokdy. Şol wagt köşkden birnäçe adam
çykyp, horezminliler tarapa ýörediler. Horezminlileriň baştutany Nedir
sary diýen ýüzbaşy
serkerde özlerine tarap gelýänleriň köşk
emeldarlarydygyny aňsa-da görüşmek üçin atyndan düşmedi. Ol
adamlar atlylaryň öňüne gelip aýak çekdiler, salam berdiler. Nedir
ýüzbaşy başyny atyp salam alan boldy. Gelenleriň arasyndan kellesi
gök-mawy selleli, uzyn boýly, gyrma çal sakgally adam özüni soltan
Sanjaryň köşkde goýup giden ygtyýarly hajyby diýip tanyşdyrdy-da:
-Bizden näme talabyňyz bar?-diýdi. Nedir ýüzbaşy:
-Horezmşa Ala ad-din Atsyz hezretleriniň birinji talaby Abul Fadla
al Kermany jenaplaryny, onuň ýany bilen dört-bäş ulamany Aly hezretiň
huzuryna ibermelisiňiz-diýdi. Hajyp jogap berip ýetişmezden öň
märekäniň içinden öňe saýlanan boýdan-başa ak geýnen, ak sakgally,
nurana moýsepid kişi:
-Gulagyma biziň adymyz çalnan ýaly boldy. Bizden näme
isleýärler-diýdi. Nedir ýüzbaşy bu kişiniň al Kermanydygyny aňyp, oňa
ýüzlendi:
-Möwlana, Sizi Horezmşa hezretleri huzuryna çagyrýar. Ýanyňyza
dört-bäş ady belli ulamalary hem alyp, Aly hezretiň huzuryna
barmagyňyz gerek. Meniň ýigitlerim sizleri atlaryna mündürip, özleri
jylawyňyzda bararlar.
-Çakylygy üçin taňryýalkasyn. Biz ol kişiniň huzuryna barmarys.
-Möwlana, hökümdaryň sözüni syndyrmak gowulyga eltmez-diýip,
Nedir ýüzbaşy haýbat atdy. Al Kermany hem haýbata laýyk jogap berdi:
-Horezmşa meniň hökümdarym däl. Meniň hökümdarym tenha
Alla. Meniň şu sözümi hökümdaryňyza baryp aýdaýyň-diýip, ol
märekäniň içine aralaşdy. Ýüzbaşy ýigitleriniň ikisine ony getirip ata
mündürmegi buýurdy. Iki ýigit atlaryndan düşüp, ol kişini märekäniň
184
içinden çekip çykarmakçy bolanlarynda, Aly ibn Yshak al Musawi diýen
şerif:
-Halaýyk! Gozganyň! Duşmana möwlanamyzy bermeris!-diýip
bogazyna sygdygyndan gygyrdy. Ine, şunda turdy bir gopgun, märeke
tüweleýe, tupana dönüp, horezminlileriň üstüne çozdular. Al Kermanyny
ele aljak bolan iki ýigit urgynyň zarbyndan ýer ýazylyp, aýak astynda
galdy. Atlylaryň gylyjyny gynyndan sogrup ýetişmediklerini atdan çekip
alyp ýençdiler. Eli ýalaňaç gylyçlylar goranyp, derwezä taraň ata gamçy
basdylar. Jany aman galan horezminliler çykandan derwezäni berk
ýapdylar. Derwezäniň gapdalyndaky basgançaklardan galanyň üstüne
çykan bir topar adamlar ellerini galgadyp:
-Eý, horezminli itler! Güm boluň mukaddes Merwiň topragyndan!
Näçe aýlap gabasaňyzam size derweze açylmaz!-diýip, gygyryşdylar. Bu
bolan zatlary akyl gözi bilen synlan käbir parasatly ýaşulylar bolsa: “Eý
nadanlar öz başyňyza belany satyn aldyňyz-a. Galalary ýumuryp,
külpeýe-kül edip ýören Horezmşa siziň bujagaz derwezäňiziň külüni
çykarar. Içeri giribem başyňyza itiň gününi salar”diýdiler. Şeýle-de
boldy. Şäherden gaçyp çykan adamlaryndan içerde bolan wakany eşidip,
dergazap bolan Atsyz galanyň üstündäkileriň gykylygyna beter
gazaplanyp, hüjüme buýruk berdi.
Urşujylar sülsatlary işe düşürip, derwezäni zabyt edip başladylar.
Ujuna demir gaplanan ýogyn pürsleriň bat bilen urulýan zarbyna
derwezäniň uzak durup bilmejegi belli boldy. Her sapar urlanda derweze
sandyrap, yza süşen ýaly bolýardy. Hüjüm ýarym güne-de ýetmedi.
Derweze, bir mahal, çagşap arkan gaýtdy. Leşger böwedi açylan suw
ýaly şaglap, şähere indi. Köçelere dolan esgerler ak diýmän, gara
diýmän talaňa başlady. Horezmşa Atsyzyň özi bolsa goragyndaky
ýigitleri bilen goragsyz köşki eýeledi. Ýigitleri köşküň içini dörüp, iki
sany sandyk bilen bir goja kişini onuň ýanyna alyp geldiler. Soltan
Sanjaryň tagtynda oturan Atsyza gözi düşen goja tagzym etmäge derek,
hyrçyny dişläp, kellesini ýaýkady. Onuň boluşyna Atsyzyň gahary
gelmedi. Mert adama meňzeýä diýip pikir etdi-de:
-Ýaşuly, özüňden özgesi gaçypdyr-a, sen nämä gaçmadyň?-diýdi.
-Bilmedim, näme üçin gaçmanymy. Belki, özüme ynanylan şu
amanady taşlap gidip bilmänim üçindir-diýip arkaýyn, aljyraman jogap
berdi. Ol:
-Hazynabanmy sen?
-Hawa.
-Bu sandyklarda näme bar?
185
-Altyn-kümüş.
-Bä! Soltan bu baýlygyny saklmaga ýaşyrak adam tapmadymyka?
-Ýaş ýigitler altyn-kümüşe höwesli bolýar. Meniň ýaly aňyrsy
görünip duran goja kişilere altyn-kümüş gerek däl. Soltan şuny bilýär.
Bu gepiň bir gyrasy Atsyzyň özüne degse-de, ol:
-Hany onda, sandyklaryň açarlaryny ber, göreli. “Ýagşyny gören
sogap” diýýärler-diýdi.
-Açarlary size bermäge meniň hakym ýok. Olary diňe Soltanyň
özüne berýän-diýip, çüw ak, uzyn sakgalyny tutamlap göýberdi.
-Bermeseňiz, barybir, basyp alarys. Onýança özüňiz beriberiňdiýip Atsyz gülümjiräp aýtdy. Hazynaçy:
-Basyp alsaňyzlar men günäkär bolmaýan-diýdi. Atsyz kellesini
ýaýkap güldi, soňra gojanyň ýanynda duran iki ýigide garap:
-Açarlary basyp alyň, ýaşuly soltanyň öňünde günäkär bolmasyndiýdi. Ýigitleriň biri gojanyň ellerini tutdy, beýlekisi kislerini dörüp,
açarlary aldy. Atsyz sandyklary açdyryp, gözden geçirdi-de, olary
tugrasy bilen möhürletdi. Elbetde, möhürläp goýup gitmek üçin däl,
ýolda el urulmazlygy üçin etdi. Merwde diňe altyn-kümüş,
gymmatbahaly oljalar alynman, altyn-kümüşden hem gymmatly, iň
gymmatly zat hasaplanylýan kelleler hem alyndy. “Egilen başy gylyç
kesmez” diýen nakyla eýermedik Äli ibn Muhammet ibn Arslan,
Ibrahym al Märmezi, Ali ibn Ishak äl Müşäwi kibi ulamalaryň hem
egilmedik başlary gitdi.
***
537-nji hijriniň baharynyň ýakymly şemaly öwsüp, Horezmiň
baglarynda miweli agaçlaryň başlary al-elwan güllere bürendi.
Tebigatyň gyş ukusyndan oýanan bu pillesi ösümlik dünýäsinde şeýle
ajaýyp janlanyş döretmek bilen ynsan kalbynda hem täze-täze arzuwhyýallary oýarýar. Bu ýagdaý Horezmşa Atsyzyň ýüregindäki täze
ýörüşler we ýeňişler hakyndaky arzuwlaryny oýaryp, Nyşapura tarap
goşun çekdi. Baharyň sergin howasynda ýeňil süýşüp barýan agyr goşun
Nyşapuryň golaýyndaky Aby Baýrek obasynda goş taşlady.
Atsyz bu ýerde durup, Nyşapuryň ilatyna özüniň taryhyň
sahypalaryndan ýer alan meşhur namasyny ýollady. Namada: “Allanyň
eradasy bilen biziň ykbalymyza her gün ýagşylyklar etmek ýazylan. Biz
muňa minnetdarlyk hökmünde özümiziň adalat nurumyz bilen ýer
ýüzünden zulum tümlügini ýok etmäge, hem-de bimöçber
mähribanlygymyzyň saýasynda parahatçylyk ornatmaga çalyşýarys”
diýen setirlerden soň saltan Sanjaryň ýeňlişe sezewar bolanlygyny
186
özünden ýagny Horezmşadan ýüz öwrenligi sebäpli diýip düşündirýär.
Soňunda Nyşapuryň ilatynyň betbagtlyga sezewar bolmazlygy üçin
özüne sözsüz boýun egmekligi we adyny hütbä goşup, adyndan pul
zikkelemekligi talap edip, şular barada şertnama baglaşmak üçin özüniň
huzuryna ulamalary, kethudalary ibermeklerini nygtaýar.
Horezmlileriň Merwde eden weýrançylygyndan habarly
Nyşapuryň ulamalary, kethudalary Horezmşanyň talaplaryny berjaý
etmäge boýun boldular. Emma hatyplar metjitlerde Atsyzyň adyny hütbä
goşup okanlarynda ilat köpçüligi närazylyk bildirip, gopgun turuzdy.
Ulamalar adamlara beýle närazylygyň soňy erbet betbagtçylyga eltjegini
düşündirip, tas bolmasa, gozgalaňa öwrüljek galmagaly ýatyrdylar. Bir
ýagşysy, bu närazyçylyk sebäpli dörän gopgunyň habary, Horezmşaga
ýetirilmedi. Ýetirilen bolsa-da, geçirimlilik eden bolmaga çemeli. Ýöne
onuň Nyşapurdan boş gaýtmajagy bellidi. Ol şäherdäki soltan Sanjaryň
adamlarynyň emläklerini musadara* etmek barada buýruk berdi. Buýruk
ýerine ýetirilende alnan puldyr gymmat bahaly zatlaryň möçberi az
däldi.
Nyşapurdan söweşsiz ýeňiş gazanyp gaýdan Horezmşa Atsyzyň
wagty hoşdy, keýpi kökdi. Ol indi özüni soltan Sanjara tabynlykdan
bütinleý azat, özerkli hökümdar hasaplaýardy. Onuň Horasana
ýörüşlerindäki üstünliklere özüniň köşk şahyry Reşiteddin Watwat:
Mälik Atsyz aldy şalyk tagtyny,
Seljuk nesli ýitirdi öz bagtyny-diýen setirler bilen başlanýan kasyda bagyşlady. Kasydany
Horasan ýeňişlerine bagyşlanan meýlisde okap berip, Horezmşadan bir
goşowuç altyn aldy.
Döwlet işlerinden soň şeýle meýlisler gurap, meýler süzüp,
näzenin rakkasalaryň ajaýyp rakslaryna tomaşa edip, ýürekleri joşa
getirýän aýdym-sazlary diňläp, parahat ýaşamaga ýetýän zat barmy!
Emma döwür asudalygyň, parahatçylygyň uzak dowam edýän
döwri däldi. Parahatçylyk bagşynyň çaý owürtlamak üçin aýdymyna
dyngy berişi ýalydy, bir sellemden ýene dowam edýän aýdymlar dek
jeň-jedeller başlanýardy. Bu ýagdaýdan Horezm hem çetde däldi.
Horezmşa Atsyz soltan Sanjaryň Merwe gelip, häkimiýetini
dikeldenini, Nyşapurda onuň adyny hütbeden aýyrdyp, ýene öz adyny
goşduranyny eşideninde ýüregine howatyr aralaşdy.
Soltan Sanjar onuň ejize ganym bolup, özi ýok mahaly ýurdyny
tozduranyny, hazynasyny alyp gidenini, elbetde, bagyşlamaz. Ol ir-u-giç
ar almak üçin Horezmine ýörüş eder. Nätmeli? Söweşe taýýarlyk
187
görmelimi? Soltan bäri ýeňilip gitmek üçin gelmez. Ol örän uly güýç
bilen geler. Bu oý-endişelerden başga-da, Soltan Sanjaryň Horezmine
birinji ýörüşindäki söweş Atsyzyň ýadyndan çykmandy. Eger uruş etse,
şol sapardaky ýaly, uly ýitgiler bilen ýeňilmegi ähtimaldan daşda däldi.
Ol sapar gaçyp, başyny gutarypdy. Bu sapar jeňe girse soltan indi ony
gaçyrmaz. Atlygy edişi ýaly depesinden gylyç inderip, deň ikä boldürer.
Atsyz tisginip gitdi. Göýä bu zarlar hyýalynda däl-de, häzir bolaýjak
ýaly duýuldy.
Atsyzyň beýle ejizläniniň sebäbi-günäsi boýnundady. Günäli
adamyň batyrgaý hereket etmäge erki ýetmese gerek.
Ol meşweret çagyryp, masalahat salmakçy boldy. Ýene bu
pikirinden gaýtdy. Çünki bu meselede hiç kimden degerli maslahat
çykmajagyny bilýärdi. Ol soňunda, soltan Sanjar ýörüş edäýse ykbalyny
Gürgenjiň berk galasyna tabşyrmak kararyna geldi. Ýöne bu gelen
kararynyň ýeke-täk çykalga däldigine göz ýetiren Atsyz başga çärä
ýagny soltan bilen ýaraşyk çäresini gözläp başlady. Ol soltan Sanjaryň
geçirimlilik, sahawatlylyk häsiýetine bil baglap, onuň gazabyny birneme
gowşatmak maksadynda, münşisine-de aýtman, öz eli bilen bir nama
ýazdy. Emma diňe bir nama bilen soltany ýaraşyga razy edip
bolmajagyny oýlanyp, oňa täsirini ýetirip biljek emirleri ele almagyň
pikirini etdi. Ol şu pikir bilen özüniň ynamdar hajyby Nyzametdin
Baýdary huzuryna çagyryp, oňa maslahat saldy. Hajyp:
-Aly hezret, emirleri ele almagyň iň ynamly serişdesi-gymmat
bahaly sowgatlardyr.Soltanyň özüne ýakyn emirlerinden ikisini ele
alsak, olar ony ýaraşyga yrarlar-diýdi. Atsyz hajyba närazy nazaryny
aýlady:
-Näme, seniň şu aýdanyňa meniň aklym ýetmeýändir, öýüdýäňmi?
Gep: şu sowgatlary nädip, nirede bermekde. Olaryň eýle-beýle sowgada
göwünleri dolmaz. Köp sowgady hem düýä ýükläp eltip bolmaz.
-Uzur, Aly hezret, siziň akyl-parasadyňyz meniň kimin on adamyň
aklyndan zyýadadyr-diýip, ýaramsaklyk eden hajyp, kellesine gelen
soňky pikirini aýtmaga-da çekinip dymdy.
-Başga degerli pikiriňiz ýokmy, hajyp? Sizi juda ugur tapyjy adam
diýip, maslahat salyp otyryn-diýip, Atsyz söhbetdeşini birneme
ruhlandyrdy. Hajyp:
-Aly hezret, siz men hakda şeýle pikir edýän bolsaňyz, häzir
kelläme gelen pikirlerimi beýan edeýin, onsoň degerli ýa degersizdigini
özüňiz kesgitlärsiňiz-diýdi.
-Hany, aýdyň bakaly.
188
-Aly hezret, birinji aýtjagym sowgat meselesi. Ony siziň
aýdyşyňyz ýaly düýä ýükläp eltip, bolmaýar. Şonuň üçin sowgatlary,
bahasy on düýäniň ýüküne deň, jübüde ýerleşýän gymmatlyklardan
etmeli.
-Meselem nämelerden etmeli?
-Iki sany altyn sapaga düzülen otuz iki ýakut daşdan tesbi. Iki
sany-da şänik ýaly göwher gaşly tylla ýüzük. Bu zatlary gowşurjak
adam soltan gelip, şäheri gabamazdan öň şähere golaý obalaryň birine
baryp, garaşmaly.
-Berekella! Ine bu aýdanyňyz hakyky degerli pikir-diýip, Atsyz
hajybyň göwnüni göterdi. Hajybyň aýdan bu pikiri Atsyzyň kellesinde
bir eýýamdan bäri taýýar durdy. Hajyby çagyryp, maslahat salmagynyň
sebäbi bolsa bu işi amala aşyrmaklygy onuň özüne tabşyrmakçydy.
-Indi esasy mesele bu işi amala aşyrmakda, jenap hajyp. Meniň
pikirimçe ýurdumyzy weýrançylykdan halas etmek üçin şeýle ajaýyp
çäräni oýlap tapan adamyň özi ony amala aşyrmagyň hem hötdesinden
gelse gerek. Siz nähili pikir edýäňiz?-diýip Atsyz ýeserlik bilen çalarak
ýylgyrdy.
-Hökümdaryň emri wajyp, Aly hezret.
-Berekella! Indi gep beýle: Meniň tanaýan soltanyñ emirlerinden
Burga tegin , Bargudar Gaýly diýenleri bolmaly. Siz şolaryň biri bilen
gepleşiň. Beýlekisini özi yrar. Aýdan sowgatlaryňyz iküç güne taýýar
bolar. Sizem taýýarlygyňyzy görüberiň, soltan hem köp garaşdyrmaz. Ol
eýýam ýola çykan bolmaly. Gideniňizde ýeke gitmäň, ýanyňyza ynançly
bir ýa iki adam alyp gidersiňiz. Haçan taýýar bolsaňyz, ak pata berip,
ugradarys.
Hajyp Horezmşanyň huzuryndan çykanynda gerdenine agyr ýük
ýklenenini duýup, bir uludan demini aldy.
XVIII BAP
Soltan Sanjar on ýyllap özüniň hyzmatynda bolan çaglarynda
Atsyzy gowy görýärdi. Şonuň üçin ol näme etse-de, töweregindäki
wezir-wekilleri näçeler ýamanlasalar-da, oňa garşy çäre ulanmaýardy.
Çünki, gowy gören ýürek eýle-beýle zat üçin ýaman görüp bilmeýärdi.
Belki, bu Mawarannahyrdaky şikarda bolan wakanyň täsiridir. Şonda
özüni ölümden halas eden Atsyza ýüreginde bergidarlyk duýgusy bilen
bile mähribanlyk duýgusy hem döräpdi. Wagtyň geçmegi we wakalaryň
gapma-garşylygy bilen assa-ýuwaş sönen şol duýgunyň kiçijik bir
uçguny saklanyp galan bolsa gerek, şonuň üçin onuň Buhara eden
ýörüşini ogly Atlygyñ öldürilenliginiñ ary hasap edip, bagyşlapdy.
189
Horezmine eden birinji ýörüşinde-de, eger Atsyz eden-etdilikleri üçin
ötünç soran ýagdaýynda şol bolan weýrançylyklar ýüze çykmazdy. Indi
Atsyzyň bu saparky eden-etdiligi-özi ýoklugynda ýurduny tozduryp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 16
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.