Latin

Gürgenç II - 12

Total number of words is 3713
Total number of unique words is 2090
32.7 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
53.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
göni seredip duruberdi.
Soltan Sanjar bu adamyň boluşyny gedemligemi, mertligemi
haýsyna saýjagyny bir bada bilmän, kinaýaly dillendi.
-Eý, Allanyň halaýan bendesi, Horezmşa hakynda aýdan gepiň
dogrymy?
Soltanyň özüne müňkürlik edýänine birneme gahary gelen ol
adam:
-Eý, Allanyň ýerdäki saýasy, ýalan sözleýän adam ymansyzdyrdiýip, gödegiräk jogap berdi. Soltana indi bu adamyň gönümenligi,
mertligi ýarap başlady, oňa degişesi gelip, ýylgyrdy-da:
-Eý, Allanyň owadan bendesi-diýdi-Allatagala owadanlygy ikimize
deň paýlap, bizi keşpdeş edipdir. Indiden beýläk sen ýüzüňi gotur edip
görkezse, aýnadan nägile bolup ýörme-de, beýik Soltan Sanjar bilen
keşpdeş ekenligiňe buýsanyp ýaşa.
Soltanyň sözüni kinaýaly ýylgyryp diňlän ol adam diline gelen sözi
howplyrak hem bolsa gaýtarmady, aýtdy:
-Eý, beýik Soltan, men bir garamaýak adam. Şonuň üçin meniň
keşbim gotur bolsa-da, çotur bolsa-da zyýany ýok. Ýöne Allatagala
140
şeýle uly ýurda Soltan goýamaga keşbi düzüwliräk başga adam
tapmadymyka?
Deminde demir eredýän hökümdara beýle söz aýtmaga milt eden
bu adama gahary gelen Soltan degişmäni özi başlap, soňunda özüne
deglende jeza ulanmak adalatdan däldigini bilse-de, ony gorkuzmak üçin
dil ujundan syýasat etdi:
-Eý, ölümini boýnuna alyp, hökümdara dil ýetiren asy bende,
ölümiñiň öň ýanynda kimdigiňi, aslyňy aýt! Men kimi öldürenimi
bileýin.
-Sen bu meýdanda ýatan müňlerçe adamlary, kimdigini, aslyny
sorap öldüren dälsiň, ahbetin. Meni-de şeýle öldüriber. Men kim
bolanymda näme parhy bar. Saňa öldürmäge adam bolsa bolýa dälmi?diýip, ol adam çal sakgalyny sypap goýberdi. Soltan Sanjaryň tüýsi
üýtgäp gitdi. Ol bu adamy indi görýän ýaly oňa uzak dikilip galdy. Onuň
häliden bäri hökümdara adatdaky hormat-sarpasy, edep-ekramy
görkezmän, özüni tekepbirlik bilen alyp baryşynyň sebäbini düşünen
ýaly boldy. Sebäbi bolsa bu meýdanda ýatan müňlerçe adamyň ölümi
üçin Soltana bolan içindäki , daşyna çykaryp bilmedik ýigrenji, gahargazaby bolsa nätjek. Ine, soňunda-da, Soltanyň özi onuň ýüregindäki
dykyn bolup duran agyr duýgularyň ýüze çykmagyna öz sözi bilen ýol
açdy we ondan eşitmelisini eşitdi.
-Seni öldürmesem kimdigiňi aýdarmyň?-diýip, Soltan ondan
gözüni aýyrman gepledi.
-Meniň kimdigimi juda bilesiň gelýän bolsa aýdaýyn. Üst-başym
derwüşana bolmasa-da, derwüşligi ygtyýar eden şazada men.
-Şazada?! Haýsy şalygyň şazadasy?
-Häzirki sahta horezmşalaryň däl, hakyky horezmşalaryň neslinden
men. Iň soňky horezmşa Abu Abdyllah ibn Mansur hezretleriniň
çowlugy bolýan. Taryhdan habarly bolsaň biziň aslymyzy bilýänsiň.
Biziň Afrigler nesilşalygynyň düýbüni tutan Siýawuş batyryň ady
taryhdaky meşhur atlaryň biridir.
Soltan Sanjar bisowat adam bolsa-da, taryhçy alymlar bilen köp
söhbet gurany üçin taryhy, aýratyn-da, Horezminiň taryhyny gowy
bilýärdi. Söhbetdeşiniň aýdan Afrigler nesilşalygynyň höküm süren
Horezmin döwletini araplar feth edenlerinden soň ony ikä böldiler.
Jeýhundan gaýrasyndaky bölegini gadymdan gelýän nesilşalyk bolan
horezmşalar nesline galdyryp, derýadan günortasynda özbaşdak emirlik
döretdiler. Emirligiň paýtagty Gürgenjiň tagtyna öz dikmesini oturtdylar.
Asyrlaryň dowamynda iki döwlet bolup ýaşap gelen Horezmini hijri
141
385-de Gürgenjiň emiri Muhammet ibn Mämün bir döwlete birikdirip,
özüni horezmşa diýip yglan etdi. Mömünlerden soň Horezminiň tagtyna
çykanlar hem özlerini horezmşa diýip atlandyrdylar. Soltanyň söhbetdeşi
bolsa gadymy Horezminiň paýtagty Kätde höküm sürüp öten hakyky
horezmşalaryň neslinden bolup çykdy. Soltan Sanjar onuň aslyna hormat
goýsa-da, häzir öňünde duranyň hiç kimdigi üçinmi, nämemi bir hili
ýaňsyly äheňde:
-Eý, baýry Şazada, derwüşi zaman, sen aslyňy aýtsaňam, adyňy
aýtmadyň-a-diýdi.
-Eý, arypmen diýip, misginleri unudýan Soltan, sen meni ýaňsylap
sözleseň-de, men dogry jogap bereýin, çünki ikimiziň söhbetdeşligimize
şu demde Alla şaýatdyr-diýip, derwüş bir hili säginip, dowam etdi.-Meniň adym, Şa babamyz Abu Abdyllah hezretleriniň hatyrasyna
Abdylmälik dakypdyrlar. Ýöne il içinde ýörgünli adym Abdyl derwüş.
Soltan Sanjar ýaňsyly sözlänine utandy. “Arypmen diýip,
misginleri unutma”. Bu Pygamberimiz Muhammet aleýhiessalamyň
sözleri. Derwüş meni Pygamberimiziň sözleri bilen urdy” diýip, içini
gepleden Soltan indi ýüreginden gepledi:
-Eý, bagtyýar ynsan, sen hakykatdan hem bagtly ekeniň, çünki
Allatagala nesilşalygyňyzy syndyryp, seni täji-tagt belasyndan
gutarypdyr. Ýogsa bir gün gelip, bu bela seniňem boýnuňa ildirilerdi.
Onsoň senem, ynha, meniň ýaly adam gyrmaly, gan dökmeli bolardyň.
Bu gabahat işler hökümdarlaryň maňlaýyna ýazylan. Derwüş bolsaň
beýle gabahatlykdan daşdasyň. Erkin guşsuň, nirä uçaýyn, nirä gonaýyn
diýseň ygtyýar özüňde. Hökümdaryň ygtyýary bolsa özünde däl, onuň
ygtyýary syýasatyň elinde. Syýasat nämäni talap etse, ol şony etmäge
mejbur. Sen näme, meni bu ýatan adamlary öz keýpine gyrandyr
öýüdýäňmi. Ýok. Maňa galsa biriniň pişiginiň burnunam ganatjak däl.
Bu işi etmäge meni syýasat mejbur etdi, syýasat!
Abdyl derwüş bu sapar Soltan sözlerini, ýalan bolsun, çyn bolsun,
ýüreginden syzdyryp aýdanyny duýup, oňa bolan öňki garaýşyny biraz
üýtgetdi, “senden” “size” geçdi.
-Beýik Soltan, meniň maňlaýyma Siziň bilen duşuşmak, bir ömür
ýatdan çykmajak söhbetdeşlik etmek ýazylan ekeni. Men muňa örän şat.
Indi ejaza berseňiz, men ýolumy dowam etdiriberäýin. Nesip bolsa, gyş
düşmänkä Käbe-Tylla ýetip bararyn.
-Haja, zyýarata barýan diýseňiz-le! Gaty gowy, Ýoluňyz ak,
saparyňyz bihatar bolsun!
142
-Taňryýalkasyn, beýik Soltan. Şanyň dilegi Allanyň ýalkanydyrdiýip, Abdyl derwüş başyny egip, yzyna tesip, çadyrdan çykdy. Onuň
yzyndan daşary çykan Soltan depeden aşak düşüp, ulagyna tarap barýan
bu täsin adamyň arkasyndan seredip durşuna başyny ýaýkap, ýylgyryp
goýdy. Şol wagt iki serkerde bir ýigidi öňüne salyp gelip, Soltandan bäş
ädim bärde egninden basyp, dyzyna çökerdiler. Soltan geň galyp:
-Kim bu?-diýip sorady.
-Kyblaýy älem, bu Horezmşanyň ogly Atlyk bolmaly ýesirleriň
arasyndan tapdyk.
Soltan ol ýigide synçylyk bilen seredip:
-Sen hakykatdanam Atsyzyň oglymyň?-diýdi.
-Ýurduň raýatlarynyň hemmesi hem adyl patyşanyň ogulgyzlarydyr.
-Müňlerçe adamy gyrgyna berip, özi gaçyp giden patyşany sen
adyl patyşa diýýäňmi?
-Uruşda haýsy-da bolsa bir tarap ýeňilmeli bolýar. Ýeňilen tarap
aryny almak maksadynda täze söweşe taýýarlyk görmek üçin başyny
gutarmaly bolýar.
Bu gandöküşligiň esasy sebäpkäri hökmünde özüni däl-de,
Horezmşany günäkärleýän Soltan Sanjaryň oňa bolan gahary entek
köşeşmändi. Urnanyň üstüne durna diýenleri ýaly Atlygyň beren ters
jogaby ony gazap atyna mündürdi. Ol Atlyga hyrsyz nazaryny dikip:
-Bu sapar seniň kelläň gider, maňa beren gödek jogabyň üçin.
Indiki sapar “täze söweş” diýeniňi edäýse kakaňyñ öz kellesi giderdiýdi. Soňra Atlygy getiren serkerdelere garap:
-Alyp gidiň!-diýdi-de, “Kellesini alyň” diýen yşaraty etdi. “Gahar
gelende akyl gaçýar” diýenleri ýaly soltan Sanjar Horezmşanyň ogluny
ölüme buýuryp örän nädogry iş edendigini gahary gaçyp, akly gelende
duýdy. Dünýäniň iň uly beýik döwletini parasatlylyk bilen
dolandyrmagy başarsa-da, Atlygy öldürmän girewde saklap, Atsyzy
dyzyna çökermek boljakdygyna aklynyň çatmanyna gaty ökündi. Boljak
iş bolansoň, müň ökünçden ne peýda? Indi Horezmşanyň onuň iň ganym
duşamyna öwrüljekdigi, ogly üçin öç almasa ynjalmajakdygy we munuň
üçin hiç zatdan gaýtmajakdygy ikuçsyzdy. Bu zatlary serinden geçiren
soltan täji-tagtyndan, goşunyndan aýrylan gaçgak Horezmşanyň elinden
näme geler diýen pikirinden hem teselli tapyp bilmedi. Emma şu arada
bolan garaşylmadyk bir gyzykly duşuşyk Soltanyň göwnünden ähli
ünjüleri kowup, ýerine üýtgeşik bir hoşnutlyk getirdi:
143
-Kyblaýy älem, ýesirleriň arasynda bir gyz maşgala-da bar eken, ol
özüni siziň bilen duşurmagy haýyş edýär-diýip, ýesirlere gözegçilik
edýän serkerdeleriň biri soltana habar berdi.
-Gyz maşgala? Urşujylaryň arasyna nädip düşüp ýörkä ol?
-Onuň özü-de urşujy bolmaly, kyblaýy älem.
-Getiriň hany, göreli ol enaýy urşujyny.
Soltanyň huzuryna alyp gelnen erkek geýimindäki gyz
adatdakydan hem has egilip tagzym edýärkä gara baganadan tikilen
başgaby aşak gaçyp, şar gara saçlary aşaklygyna döküldi. Gyz kaddyny
rastlap, saçlaryny ýeňsesine atdy-da, jöwherli nazaryny şahana düşelen
sekide oturan soltana dikip dillendi:
-Aly hezret, Sizi rehim-şepagatly hökümdar diýip eşidýäs. Men,
bir ejiz gyza, rehimiňiz inip, ýesirlikden boşadaýsaňyz...
Bu görmegeý gyzyň husny-jemalyndan, häreminde gözelleriñ az
däldigine garamazdan, gözüni aýryp bilmän oturan Soltan:
-Sen özüň kimdigiňi, kimiň gyzydygyňy, nädip bu ýere-söweş
meýdanyna düşüp ýöräniňi aýdyp ber, galanyny soň gepleşýäs-diýdi.
Zübeýda özüniň kimdigini, kimiň gyzydygyny, Horezmşanyň eline
nähili ýagdaýda düşenini, yslamy kabul edip, Atsyzyň söýgülisi
bolanyny we bu ýere söweşe öz islegi bilen gelenini gürrüň berdi.
-Atsyzyň seni söýýäni ýalan ekeni-de, ýogsam seni taşlap
gaçmazdy-diýip, Soltan kinaýaly ýylgyrdy. Zübeýda bir hili ahmyrly
diýdi.
-Belki şeýledir.. Aly hezret. Siziň maňa rehimiňiz inmezmi...
-Meniň saňa rehimim däl, mähir-muhabbetim inip dur.
Häremimdäki ýag iýip, ýüpek geýip ýaşaýan gyzlaryň hatarynda
ýaşarsyň.
-Aly hezret, men....
-Gep tamam, Zübeýda!-diýip, soltan gyzyň gepini böldi-de, ony
getiren serkerdäni çagyrdy.
-Bu gyzy bibiňiziň goşuna alyp baryň, size keniz getirdik diýiň!
Biçäre Zübeýdanyň soňky nesibesi Soltan Sanjaryň häremine
çekäýdimikä?
Soltan Sanjar söweşde gurban bolanlar jaýlanyp, meýdan
maslykdan täzelenenden soň baş serkerdä göşüny we ýesirleri sapa
duruzmagy buýurdy. Soltanyň aýdyşy ýaly ýesirler leşgeriň gurşawynda
sapa duruzyldy.
144
Soltan çadyryndan çykyp, özüniň gyr bedewine atlandy, ýanynda
baş serkerde we baş hajyby bilen üç atly bolup giň meýdany tutup duran
sapyň öňüne geldiler.
-Horasanyň batyr bahadyrlary!-diýip, ol ilki öz leşgerine ýüzlendi.
Siziň
söweş
meýdanynda
görkezen
gaýduwsyzlygyňyz,
gahrymançylygyňyz bilen horezminlileriň üstünden ýeňiş gazandyk.
Horezmşa bolsa ine bu duran garagözli ýigitlerini taşlap gaçyp gitdi.
Soltan soňky sözüni ýesirlerde öz patyşasyna nägilelik döretmek üçin
has nygta aýtdy.-Indi Gürgenje tarap ýolumyz açyk, bize garşylyk
görkezjek tapylmaz. Gürgenji ýekeje damja gan dökmän alarys. Şol
ýerde-de ýeňiş toýuny ederis!
-Eý horezminliler!-diýip, Soltan ýesirlere ýüzlendi. -Siz, biziň
ýesirimiz hökmünde özüňize näme jeza beriljegini bilýäňizmi? Ýeňijiniň
ýesiri gul edip satmaga-da, öldürmäge-de, günäsini geçmäge-de haky
bar. Allatagala geçirimlidir. Bizem Allanyň ýerdäki saýasy hökmünde
size geçirimlilik etmekçi. Eger-de, siz bize ak ýürekden gulluk etmäge
kasam etseňiz, günäňizi geçip, goşunymyza kabul ederis. Soltan sözüni
tamamlandan, häliden gorkup duran ýesirler böwrüni diňläp durman
kasam edip, Soltanyň goşunynyň hataryna geçdiler. Şundan soň
Gürgenje ýöriş başlandy.
XIV BAP
“Oýunçy utulanyny bilse ýagşy” diýlenini edip, söweş
meýdanyndan garasyny saýlan Horezmşa Atsyz howpsuz ýerde galdyran
maşgalasy bilen hazynasyny we olaryň goragyndaky kiçi ogly Hytaýy
Hanyň başlyklygyndaky esgerleri alyp, göni Jeýhunyň geçelgesine geldi.
Özi bilen gaýdan goragyndaky ýigitler derhal atlaryndan düşüp, gämidir
sallaryň ugruna çykdylar. Aňyrdan bäri geçen, bäriden aňry geçjek
bolýan saldyr gämileri nobatda duran adamlaryň ellerinden alyp,
Horezmşany maşgalasy bilen mündirdiler, soňundan özleri-de münüp,
gaýraky kenara geçdiler. Sallaryň yzyna tirkelen atlar gyra çykanlarynda
bir silkinip, endamyndaky suwlary syçradyp goýberdiler-de ýene
eýeleriniň hyzmatyna taýýar durdy janawerler.
Horezmşa Atsyzyň haly perişandy. Ýatan ýylanyň guýrugyny
basyp, zäherini mazaly dadan Atsyz “Özüm etdim özüme, hiç kim
ynanmaz sözüme” diýip, içini gepletse-de, eden işine puşmany içine
sygman, kellesinde dürli oý-hyýallar bilen Horezminiň gadymky
paýtagty Kät şäherine gelip ýetenini-de duýman galdy. Bir wagtlar
paýtagt hökmünde dünýäniň dürli ýurtlary bilen söwda we syýasy
gatnaşykda bolan, baý bazarly, köp ilatly haýbatly şäher aradan bir
145
ýarym asyr geçip, ýönekeý bir şähere öwrülipdi. Jeýhunyň tiz-tiz joşup
durmagy zerarly golaýynda ýerleşen şähere yzygiderli zyýan ýetirlip, ol
öňkisinden has kiçelipdi. Bu kiçi şäheriň göwni giň ilaty, belent
adamkärçilikli kethudalary Atsyzyň Soltan Sanjardan ýeňilip bäri gaçyp
gaýdanyny çak etseler-de, ony özleriniň hökümdary hökmünde uly
hormat bilen garşyladylar, köne köşküň biraz abat saklanan otaglarynda
ýerleşdirdiler. Patyşalara edilýän hormat-hezzet hem kemsizz berjaý
edilýärdi.
Atsyz
soltan
Sanjaryň
derýadan
geçip,
ony
yzarlamajakdygyny, şoňa görä bu ýeriň howpsuzdygyny bilse-de,
edilýän hezzet-hormatdan lezzet alanokdy. Ençeme esgeriniň gurban
bolany, ýesirleriň arasynda ogly Atlyk bilen Zübeýdanyň galany
ýüregine sanjy bolup durdy. Şeýle-de bolsa, ol bütünleý ruhdan
düşenokdy, ýüregindäki hyjuw, bilegindäki gujur entek egsilmändi.
Soltan Sanjar bilen gaýtadan bir darkaş gurup, Horezmini özbaşdak
döwlet etmek maksadyndan el çekmek pikiri ýokdy.
Atsyz Käte gelen gününden bir hepde hiç ýere çykman dynjyny
aldy. Onuň teni-bedeni dynç alsa-da, beýnisi dyngysyz işleýärdi.
Geljekde etmeli işleriniň rejesini düzýärdi, täze goşun toplamagyň
çäresini agtarýardy, başga-da meýilleşdirýän zatlary az däldi. Oňa bu
işleri amala aşyrmak üçin ýerli emeldarlaryň obadyr şäher
kethudalarynyň ýardamy gerekdi. Şonuň üçin ol şu agzalan adamlary we
özi bilen gelen nökerleri maslahata çagyrdy. Köne köşküň öňündäki
meýdana ýüze golaý adam toplandy. Güýziň soňky aýy bolansoň derýa
boýundaky şähere eýýäm salkyn aralaşypdy. Asmany gara bulutlar
örtüpdi. Adamlar ýagyşyň ýuwaşlyk bilen çisňeýänine-de üns bermän,
Horezmşanyň gelmegine garaşýardylar. Atsyz köne köşküň garşydaky
gapysyndan çykyp geleninde adamlar onuň şalyk mertebesine hormat
goýup, baş egip, tagzym etdiler.
-Eziz Watandaşlar!-diýip adamlara ýüzlenen Atsyz, howandaryny
gören çaga ýaly damagy dolup sägindi. Ejizlänine utanyp derhal özüni
dürsäp, söze başlady. -Ata Watanymyz Horezmin hemmäiz üçin
mukaddesdir. Mukaddes zada sarpa goýmak, ony goramak elinden iş
gelýän her bir ynsanyň borjudyr. Köp zulumlary başdan geçiren, köp
jepalary çeken Horezmin atly şu mukaddes topragyň azatlygy,
özbaşdaklygy ugrundaky göreşe bil baglap, Soltan Sanjar bilen söweşe
girdik. Bilşiñiz ýaly, bu sapar biziňki şowuna bolmady. Emma bu
şowsuzlyk bizi syndyryp bilmez. Sanjar baryp, Gürgenji eýelär. Biziň
ýerimize öz dikmesini hem goýar. Ol Gürgençde köp saklanmaz, gider.
Emma mälim mukdarda goşun hem goýup gider. Gürgenji gaýtaryp
146
almagymyz üçin bize-de ýeterlik derejede goşun gerek bolar. Ine şu
meselede bize ýardam etseňiz, paýtagty duşmandan gaýtaryp alarys.
Şundan soň hem garaşsyzlyk ugrundaky göreşimizi ähli çäreler arkaly
dowam etdireris. Garaşsyzlygymyz ugrundaky bu göreşi mukaddes
saýýan her bir horezminli oňa özüniň goşandyny goşmagy gerek!
Atsyz şeýle äheňde sözüni dowam etdirip, bu ýere ýygnananlaryň
kalbynda watanperwerlik duýgusyny oýarmagy başardy. Emeldarlar,
kethudalar yzly-yzyna söz alyp, Horezmşaga goşun toplamaga ýardam
etjekdiklerine söz berdiler.
Atsyz maslahatdan soň öz jaýynda agşamara özüne has ýakyn
ýigitleriniň altysyny, ogullaryny hajyby bilen kätibini çagyryp, başga bir
maslahat etdi:
-Ýigitler!-diýdi, maslahatdaky goldawdan has ruhlanan AtsyzNesip bolsa, ýakyn arada paýtagtymyzy duşmandan gaýtaryp alarys.
Onsoň Sanjar bilen hem bir ýanly ederis. Häzir bolsa başga bir möhüm
iş bar. Gürgençdäki ýagdaýy bilmek üçin ol ýere aňtawçy ibermegimiz
gerek. Bolsa-da, bir däl, azyndan üç-dört adam ibermeli. Olar Sanjaryň
goýan dikmesiniň özüni alyp barşyny, halkyň ol baradaky pikirini
bilmeli. Soltan, hemişeki edişi ýaly, ýesir alan urşujylaryň günäsini
geçip, olary öz goşunyna goşan bolmaly. Şazada Atlygy girew
hökmünde saklaýandyr. Zübeýdany bolsa häremine alandyr. Alajy bolsa
şazadany gaçyrmagyň çäresini görmeli. Iň esasy zat Sanjaryň goşunyna
goşulan öz esgerlerimizi biz bärden baranda, biz tarapa geçmäge yrmaly.
Ine şu işleri kimler oňarar, kimleri goýbersek bolar?
Ýigitler Horezmşanyň sowalyna jogap gözleýän ýaly biri-birine
seredişdiler, nazarlary kaklyşandan gözlerindäki manydan hemmeleriniň
pikiri birdigini duýdylar. Alty ýigidiñ ekabry Atsyza ýüzlendi:
-Aly hezret, bu işe özüňiziň has ynamdar adamlaryňyzy
göýbermeli.
-Hany, kimler bar, şeýle adamlardan?
- Siz bizi özüňize has ýakyn adamlar saýyp, bize ynanyp, maslahat
salyp otyrsyňyz. Şeýle bolansoň Siziň has ynamdar adamlaryňyz biz
bolýas. Biziň altymyz hem şu işe taýyn.
-Berekella, gerçeklerim, sizden tamam hem şeýledi. Ertiriň özünde
mysapyr eşigini geýnip, iki bir, iki bir ýola düşüberiň. Işiňiz oňuna
bolsun!
***
Adamlaryny Gürgenje iberen Atsyz olardan habar gelýänçä,
goşunyň aladasyny edip başlady. “Soltan dikmesine bäş müňden az
147
esger goýup gitmez. Çünki ol meniň ir-u-giç paýtagtymy almaga
synanyşyk etjegimi bilýär. Şonuň üçin bize-de şonça goşun gerek bolar.
Eger-de, Gürgenjiň ilatyny aýaga galdyryp bolsa hem-de Soltanyň
leşgerine goşulan özümiziňkiler hem söweş mahaly biz tarapa geçseler
ýeňiş şübhesiz biziňki bolar, Sanjaryň dikmesini paýtagtymyzdan kowup
çykararys”. Atsyz şeýle oý-arzuwlar bilen gümra bolup otyrka huzuryna
ogly Il Arslan girdi. Tagzym edip, başyny galdyranynda kakasy onuň
öwzaýyndan bir möhüm habaryň bardygyny aňdy.
-Näme gep, Arslanym, eýgilikmi?
-Zübeýdany getirdiler, huşsuz...
-Huşsuz? Atlyk nä? Ýanynda Atlyk ýokmy?
-Ýok, ýeke özi. Ol derýadan geçen ýerde ýykylypdyr. “Horezmşa”
diýipdir-de, huşundan gidipdir. Onsoň derýadan bile geçen adamlar
araba salyp, bäri getiripdirler...
Atsyz ogly sözüni gutarmanka-da, gyssanyp, gapa tarap ýöneldi.
-Aly hezret pederim, siz çykmaň, ol ýerde her hili adamlar bar.
Men ony öz adamlarymyz bilen huzuryňyza getirerin.
Il Arslan aýdyşy ýaly Zübeýdany ýönekeý tagtyrowanda iki adama
göterdip, kakasynyň huzuryna getirdi. Atsyz eli bilen özüniň ýatalgasyna
yşarat etdi. Zübeýdany şol ýere ýatyryp, adamlar yzyna basyp, çykyp
gitdiler. Ýatalganyň golaýyna baran Atsyzyň gözi huşsuz ýatan gözele
düşende ýüregi bir hili jigläp gitdi.
Atsyz Zübeýdanyň ýesirlikden gaçyp gaýdanyny, derýadan hem
“Horezmşa” diýip, ony yzarlap geçenini çak edýärdi. Ol uzak ýollarda
paýy-pyýada görgi baryny görüp, ýöreninden özüni soltana äşgär
edeninde onuň husny-jemalyny gören Sanjar ony eliniň aýasynda
saklardy. Ol muny bilse-de, ony, Atsyzy diýip, özüni beýle jebri-jepalara
giriftar edipdir. Atsyz päk ýürekli bu sähraýy gyzyň wepadarlygyny,
özüni çyn ýürekden söýýädigini şu pursatda bütin durky bilen duýdy.
-Zübeýda, gözüňi aç, aýym, gözüňi aç!-diýip, Atsyz bu sözi üç
gezek gaýtalanynda Zübeýdanyň gulagyna yzygider giren tanyş, mähirli
owazdan gözleri açyldy. Ýatalganyň gyrasynda özüniň ýüzüne delminip
oturan Atsyzy gören gara gözlere ýaş indi. Ol:
-Amanmysyňyz, şahym?-diýip, mejalsyz dillendi-de, ýene gözüni
ýumdy.
-Zübeýda, Atlykdan habaryň ýokmy? Ol gaçyp bilmedimi?
Zübeýda kellesini çalaja ýaýkady. Ol ýene huşuny ýitirdi, gulagyna
gep girmedi. Atsyz “Zübeýdam, mähribanym, saňa näme boldy, gözüňi,
148
aç, aýym” diýip, gyzyň ýüzi-gözünden ogşaberesi geldi. Emma şu ýerde
duran, ýigit çykan oglundan çekinip, beýdip bilmedi. Ol:
-Arslanym-diýip, ogluna ýüzlendi. -Sen häzir git-de, şäher
häkimini tap, ol şäherdäki iň ökde tebipleriň birini tapyp bersin. Ony
özüň bilen bile alyp gel!
Il Arslan baş egip, çykyp gitdi. Şundan soň Atsyz hem içerde
galmaga takaty ýetmän daşary çykdy. Ol Il Arslan tebibi alyp gelýänçä
üç-dört gezek içeri girip, Zübeýda seredip çykdy. Atsyz üçin wagt
geçmeýärdi. Göwnüne Il Arslanyň gidenine köp wagt bolan ýalydy,
sabyr käsesi dolup barýardy. Her-nä, şol wagt Il Arslan paýtunda bir
moýsepit kişini alyp geldi. Çuw ak sakgaly döşüne düşüp duran, orta
boýly , hortap bu adam Atsyzyň patyşadygyndan habarly bolsa-da,
tagzym etmän, elleşip görüşdi. Tebibiň bolşuny Atsyz ýokuş görmedi.
Çünki onuň özi hem tebip ýaly, täji-tagtsyz patyşadan patyşa bolýamy,
diýen pikirdedi. Il Arslan kakasyna ýüzlenip:
-Hezretim, bu kişini iň ökde tebip diýip, tapyp berdiler-diýdi.
-Juda beýle-de däl, how. Ökdelik hezreti Ibn Sina bilen gitdi-diýip,
tebip kiçi göwünlilik bilen dillendi. Soňra: -Bimaryňyzy göreýin,
Allanyň eradasy bilen bizden şypa tapsa tapaýar-diýdi. Atsyz:
-Möwlana, bar umydymyz sizden, gaýrat ediň. Men siziň
sylagyňyzy ýetirerin-diýip özelendi. Tebibiň dodaklary kinaýaly
müňküldedi. Ýöne sözüni kinaýaly äheňde aýtmady:
-Biz bimarlary bejerenimizde sylag üçin däl, tebiplik borjumyzy
ýerine ýetirýäris.
Atsyz ýerliksiz söz aýdany üçin gyzardy:
-Uzur, tagsyz, bagyşlaň.
-Zyýany ýok, Aly hezret. Zaman şeýle, bermeli, bermeseň işiň
bitmeýär. Ýöne bu zat bize dahylly däl. Bimaryňyzy görkeziň.
Tebibi içeri alyp girdiler. Tebip beýhuş ýatan gyzyň ýatalgasynyň
gyrasyna baryp oturyp, onuň ýüzüne bir salym dykkatly seretdi. Soňra
gabaklaryny galdyryp gördi, eňeginden tutup, aşak çekdi, agzy
açylmady, goşaryndan tutup, damaryny barlady. Soňunda garnyna elini
ýetirip, basyp sypap gördü-de, uludan demini alyp, ýerinden turdy:
-Aly hezret, bu gyza Allanyň özi şypa bermese, meniň etjek alajym
ýok-diýdi.
-Näme üçin, tagsyz? Bejerip bolmaýan näme derdi bar?
-Özüne gaty zor salyp hereket etmegiň netijesinde içdäki
damarlaryň biri ýarylyp, köp gan gidipdir. Akan ganam içinde gatap
galypdyr. Häzir damarlaryndaky galan gan diriligi uzak saklap bilmeýär.
149
-Onda nätmeli, tagsyr, hiç alaç edip bolanokmy?
-Allanyň edenine boýun bolmaly, Aly hezret. Başga alaç ýok.
-Hiç bolmasa, ony az salym bolsa-da, huşuna getirip bolanokmy?
Meniň ondan sorajak zatlarym bar.
Tebip bir salym pikirlenip, soň jogap berdi:
-Bu mümkin. Ýöne şundan soň ol gözüni ebedi ýumar.
Atsyz entegem Zübeýdanyň ölümine boýun bolanokdy. Kalbynyň
bir ýerinde br kiçijik umyt bardy. Tebibiň “gözüni ebedi ýumar” diýeni
ony tisgindirip goýberdi. Ol indi ebedi aýralygyň gutulgysyzdygyna göz
ýetirdi. Ol:
-Tagsyr, barybir gidýän bolsa, huşuna getiräýiň, men onuň bilen
hoşlaşaýyn-diýdi. Tebip:
-Onda on sany ýassyk getirdiň-diýdi. Atsyz tebibiň gepini geň
görüp:
-Ýassyk? Ýassyk diýdiňizmi, tagsyr-diýip sorady. Tebip:
-Hawa, ýassyk diýdim-diýdi. Soňundan maksadyny düşündirdi.Bimary huşuna getirmek üçin beýnisine gan akar ýaly kellesini aşak,
göwresini ýokary edip ýatyrmaly.
Ýassyklaryň näme üçin gerekdigi düşnükli bolansoň, olar derhal
getirildi. Tebip Il arslanyň kömegi bilen ýassyklaryň birini gyzyň
kellesiniň aşagyna ikisini ýagyrnysyna, üçüsini biline, dördüsini-de
baldyrynyň astyna goýup ýatyrdy. Soňra donunyň goltuk kisesinden bir
çüýşejik çykaryp, Atsyzyň eline berdi.:
-Gepleşjek bolsaňyz ýüzüňizi ýüzüne ýakynrak edip oturyň, soň
çüýşäniň dykynyny açyp, burnuna tutuň, gözüni açandan çüýşäni aýryňda gepleşiberiň.
Atsyz daşyndan bildirmese-de, içinden uly tolgunma bilen tebibiň
aýdanlaryny etdi. Bir mahal Zübeýdanyň uzyn kirpikli gabaklary
göterilip, gara gözleri öçügsi ýyldyrady, ýöne ýene ýumuldy.
-Zübeýda, gözüňi aç, gözüňi aç, aýym, iki agyz gepleşeli. -Atsyzyň
özelenip aýdan sözleriniň täsiri bilen ýumulan gözler gaýta açyldy.
-Şahym, men ölýän, size uzak ýaş bersin...
-Ölýän diýme, Zübeýda. Alla saňa-da şypa berer, inşalla. Meni
diňle sowallaryma jogap berjek bol. Sen gaçypsyň, Atlyk näme gaçyp
bilmedimi?
-Ýok. Ony tanap biziň aramyzdan alyp gitdiler. Meni Soltan
aýalynyň goşuna iberdi, keniz diýip. Eltenlerinde aýaly “maňa däl,
özüne gerekdir. Gyz-gyrnakdan doýman geçdi ol garry öküz” diýip
hüňňürdedi. Soňra kenizlerine “Munuň üstündäkileri sypyryp,
150
geýindiriň. Şu gün bolmasa, ertir agşam çagyrar çadyryna muny” diýdi.
Bu gep gaçmak niýetimi has gaýrata galdyrdy. Şol gün gije ýarydan
aganda gaçdym. Bir ýolagçynyň Siziň derýadan geçip gidenligiňizi
aýdany biz ýesirleriňem gulagyna degipdi. Derýadan geçsem sizi
tapjagyma ynanyp, güýjümiň ýetdiginden ylgadym... Zübeýdanyň
mejalsyz owazy birden kesildi, gözleri ýene ýumuldy. Atsyz howsala
düşüp, özelendi:
-Zübeýda ezizim, gözüňi aç, aç! Zübeýda, gözüňi aç, aýym!
Atsyzyň zaryn sesi Zübeýdanyň gabaklaryny galdyran badyna
Atsyz:
-Zübeýda, Atlyk hakynda soň hiç zat eşitmediňmi?-diýdi. Zübeýda
Atsyzyň ýüzüne sessiz seretdi. Atsyz onuň bilýän zadyny aýdasy
gelmeýänini aňdy.
-Zübeýda, menden gizleme, aýt! Atlyga näme boldy? Aýt, aýym!
-Alyp gidenlerinden soň, ol ýesirleriň arasyna gaýdyp gelmedi...
Belki, başga ýerde saklaýandyrlar.
Zübeýda Atsyzyň ýüregini beter ýaralamagy islemän, Atlyk
hakynda eşidenini aýtmady. Atsyz muny duýup, ýene gaýtalap
soranynda Zübeýda gepi başga ýana sowdy.
-Şahym, siziň bilen jennetde duşuşarmykam, men yslamy kabul
etdim ahyryn..- Bu Zübeýdanyň soňky sözi boldy.
Atsyz Zübeýdanyň ebedi ýumulan gözlerine seredip oturşyna
özüniň kimdigini unutdy, iki elini ýüzüne tutup, birden möňňürip
goýberdi. Il Arslan şeýle edermen, batyr, mert pederiniň ýüreginiň beýle
ýukadygyna haýran galdy. Ogullaryň häsiýeti atalaryňka hemişe-de
meňzäp duranok. Il Arslan özüniň ýuka ýüreklikden daşda bolan
häsiýetine görä pikir ýöredýärdi. Atsyzyň agysy bolsa, diňe ýuka
ýüreklilikden däldi, yzly-yzyna urlan zarbalaryň hasraty bir merdiň
ýüregine sygardan has uludy. Şonuň üçin Zübeýdanyň ölümi itergi berip
ol partlady. Köpi gören goja tebip muňa düşünipdi.
Zübeýdany musulmançylygyň däp-dessurlary boýunça jaýladylar.
Biçäre gyzyň ykbaly Soltan Sanjaryň haremine däl-de, Horezminiň
gadymy paýtagty Kätiň gabyrystanyna çeken ekeni.
Atsyzyň kalbyny Zübeýdanyň ölüminden hem onuň aýtman giden
zady beter örteýärdi. Çünki, beýle ýagdaýda pajyganyň bellisini bilmän
çekilen hasrat, bellisini bilip çeken hasratdan hem ýaman bolýar. Emma,
Atsyz ýüreginde näçe hasraty bolsa-da, gam-gussa batyp, oturýan
adamlardan däldi. Ol ýüregine düwen işini her niçik ýagdaýda-da, amala
aşyrmaga çalyşýan, maksadyna okgunlydy. Zübeýdanyň getirilmegi we
151
onuň ölümi zerarly arasy kesilen Gürgenje ediljek ýörüş baradaky
hyýaly täzeden hyjuwlandy. Ol öz ýany bilen alyp gaýdan hazynasynyň
ýetdiginden hakyna tutma goşun toplamak üçin ogullaryny, hajybyny we
başga-da özüniň ynamdar adamlaryny şäherdir oba kethudalarynyň
ýanyna iberip, olaryň kömegi bilen goşun gullugyna girjekleriň
sanawyny düzmegi tabşyrdy. Şunda kätip Reşiteddin Watwat Atsyza
ýüzlenip:
-Aly hezret, ejaza berseňiz bu möhüm işe menem gatnaşaýyn. Hatgalam işine ýagny esgerlige girjekleriň sanawyny ýazmaga
kömekleşeýin-diýdi.
-Ýok, jenap Reşiteddin, bu azyndan bir aýa çeker. Şu wagtda siz
meniň ýanymda boluň, Meniň häzirki ruhyýetimiň dartgynly
ýagdaýynda siziň şygyrlaryňyzdan köňlüm bir-az teselli tapar.
-Bu başagaýlykda şygyr hem ýada düşenok, Aly hezret.
-Bilýän. Siz maňa köne şygyrlaryňyzdan okap berseňiz hem
bolýar.
Hakykatdan-da, Reşiteddin Watwatyň inçe duýgulara, pelsepeli
pikirlere ýugrulan şygyrlary Atsyzyň ýangynly ýüregine biraz aram
berýärdi. Şol arada Gürgenje giden alty aňtawçynyň biri dolanyp geldi.
Gidenler iki aýyň dowamynda Gürgençde assyrynlyk bilen iş alyp
baryp, ähli gerekli maglumaty toplanlaryndan soň ony Horezmşaga
ýetirmek üçin birini yzyna gönderdiler. Galan bäşisi bolsa ilatyň we
goşunyň arasynda teşwikat* alyp barmak üçin galypdylar.
Atsyz Gürgençden habar getiren ýigidi sabyrsyzlyk bilen kabul
etdi. Oňa Atlyk hakynda beren ilkinji sowalyna ol:
-Aly hezret, şazadanyň ykbalyna şehitlik ýazylan eken. Ony Sanjar
katyl etdiripdir-diýip, başyny aşak egip, jogap berdi.
-Ah! Muny Zübeýda aýtmasa-da, özüm syzypdym-diýip, Atsyz ah
çekenini özü-de duýman galdy. Ara agyr dymyşlyk düşdi. Atsyzyň
ýüregine gaýtadan çöken oglunyň hasraty durup-durup gazaba öwrüldi.
“Sanjar! Zalym Sanjar! Senden oglumyň öjüni alaryn! Hemmesi üçin
arymy alaryn! Kelläm göwrämde dursa seniň bilen hasaplaşaryn!”
Kellesinde at salýan bu sessiz haýkyryk gözlerinden ot syçradyp
goýberdi. Ar almak pikiri ony birneme köşeşdirdi. Bir salymdan soň ol
habar getiren ýigidiň gürrüňini diňlemäge durdy.
***
Gürrüňiň mazmunyna görä Soltan Sanjar Gürgenje, eýesiz öýe
giren ýaly hiç bir garşylyksyz girip barypdyr. Şäheriň kethudalary ilata
aman dileýärler, käbir köşk emeldarlary oňa ak ýürekden gulluk
152
etjekdiklerine kasam edip, öňki işlerinde goýmagy towakga edýärler.
Soltan Sanjar kethudalaryň hem, emeldarlaryň hem haýyşlaryny
kanagatlandyryp, köşgüň öňündäki meýdanda toplanan adamlaryň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 13
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.