Latin

Gürgenç II - 18

Total number of words is 3682
Total number of unique words is 2070
31.6 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
düşünişi ýaly däldi. Horezmşa gaçyp däl, ýurt almaga gitmekçidi. Ol
şeýle-de etdi. Ine şu hem soltanyň sabyr käsesini doldurdy. Atsyzyň
Syrderýa boýlaryna, Jende ýörüş edip, ol ýerleri ýene-de basyp alandygy
hem-de Edip Sabyryň derýa akdyrylandygy hakyndaky yzly-yzyna gelip
gowşan habarlar soltan Sanjary üçünji gezek Horezme ýörüşe
atlandyrdy. 542-nji hijriniň jumadylahyr aýynyň aýagynda ýetip gelen
Soltanyň goşuny paýtagt Gürgenje geçmän ýol ugrundaky Hazarasp
galasyny gabady. Munuň sebäbi Horezmşanyň paýtagtda däl-de,
Hazaräspdedigini jansyzlar habar beripdiler. Soltan Hazaräspiň gaty berk
galadygyny, ony almak aňsat däldigini bilýärdi. Şeýle-de bolsa, galalara
zabt edýän sülsatlarynyň kämildigine, zordygyna daýanyp, hüjümi
başlap goýberdi. Manjanyklardan atylýan äpet daşlaryň gala diwaryna
baryp degendäki gürpüldisi, galanyň depesinden ýagylýan peýkamlaryň
galkanlara gelip degendäki tarkyldysy, adamlaryň gykylygy gulaklary
kamata getirip, gopgun, alazenzele turuzýardy. Şeýle ýagdaýdaky dörtbäş sagatlyk hüjüm, arasynda iküç sagatlyk arakesme bilen gün batyp,
garaňky gatlyşýança dowam edýärdi. Bu aldym-berdimli pursatlarda-da
şahyrlaryň öz şalaryny öwüp şygyr düzüşleri haýran galdyrýar. Soltan
214
Sanjaryň köşk şahyry Muhammet ibn Aly Enweri parsça Hazaräsp müň
at diýen manyny berýän galanyň ady bilen söz oýny edip:
Eý, şahu-jahan Sanjar, bütin Jahan seniňkidir.
Hak eradasy bilen bagt we zaman seniňkidir.
Algyn bu gün zabt eýläp Hazaräspi.
Erte müň at bilen hazar mekan seniňkidir-diýip ýazan şygryny ýaýyň okuna baglap, gabawdaky galanyň
içine atýar. Şol wagtda gabawdakylar bilen bile bolan Reşiteddin Watwat
Enweriniň bendine:
Eý, şahym Atsyz, bolsa-da duşmanyň gahryman Rüstem,
Alyp bilmez Hazaräspiň müň atyn dål, bir eşek hem-diýen beýt bilen jogap ýazyp, Sanjaryň goşuna peýkama daňyp
atýar. Watwatyň beýtine gahary gelen Soltan Sanjar:
-Hazaraspda şygyr düzýän bir eşegiň bardygyny bildik. Ony
şygrynda aýdyşy ýaly bir däl, şahyrlygy üçin iki eşegiň ýerine alyp
müneris-diýdi. Soltanyň gepine ýanyndakylar baş atyp, ýylgyryşdylar.
Emma Hazaräspi almak aňsat bolmady. Gabaw iki aýa golaýlap
barýardy. Şäher bolsa entek-entekler teslim boljaga meňzemeýärdi.
Ýöne galanyň üstündäki urşujylaryň peýkamlary saplandymy nämemi
öňküsi ýaly depeden ok ýagdyrylmaýardy. Manjanyklardan ýagdyrylýan
daşlar bolsa galanyň bir künjüni mazaly opurypdy. Diňe manjanyklar
däl, beýleki zabt ediji sülsatlar hem işe girizilip, hüjüm gün-günden
güýçlenýärdi. Salalim diýen uzyn merdiwanlar gala diwaryna goýlup,
olardan ýokary dyrmaşýan urşujylar uly bir garşylyk görmän, galanyň
depesine çykyp ugradylar. Depedäki gylyçlaşmada-da horasanlylar
rüstem gelip başlady. Mahlasy, soltan Sanjaryň gaban galasyny almadyk
sapary bolupmy näme, Hazaräsp hem şolaryň biri boldy. Emma galany
alany bilen esasy almalysy-Horezmşany ele salyp bilmedi. Atsyz galada
ýokdy. Ol galanyň gaýra diwarynyň düýbinden başlanyp, derýa golaý
ýerden çykylýan ýer asty ýoly arkaly çykyp gidipdi. Soltan bu ýerde
şeýle ýer asty ýolunyň bardygyna haýran galyp, onuň haçan
gazylandygy bilen gyzyklandy. Aýtmaklaryna görä, bu ýer asty ýoly
öňki patyşalaryň döwründe gazylan bolup, onuň girelgesi we çykylýan
ýeri gizlenip saklanýan ekeni. Şonuň üçin ony köpçülik bilmeýän eken.
Atsyz galanyň alynjagyna gözi ýetensoň janpenalary bilen şu ýol arkaly
derýanyň golaýyndan çykyp ätiýaçdan taýýar edilip goýlan gämi bilen
Gürgenje gidipdi. Atsyzyň ugurtapyjylygyna telpek goýan soltan Sanjar
goşuny Gürgenje çekmeli boldy.
***
215
Atsyz soltan Sanjaryň Hazaräspi alanyndan soň ony yzarlap
Gürgenje goşun çekjegini bilse-de, galanyň üstüne leşger çykaryp,
goranmak çäresini görmedi. Sebäbi depeden durup, näçe peýkam
ýagdyranyň bilen soltanyň şäheri alman gaýdyp gitmejegi bellidi. Şonuň
üçin ol beýle ok atyşyp, soltanyň beter gaharyny getirenden, hiç hili
garşylyk görkezmän, onuň geçirimlilik häsiýetinden peýdalanmagy
makul gördi. Emma özüne makul bolan zadyň soltan Sanjara makul
bolmasa nätjek? Ol bu “nätjege” jogap tapmak üçin birentek kelle
döwdi. Soňra “bir kelleden iki kelle gowy” diýenlerini edip, baş weziri
ymam Mejdeddine maslahat saldy. Köp gören goja wezir:
-Aly hezret, Sanjary ähtinden gaýtarmak her kesiň elinden gelmez.
Bu işi diňe Ahu-puş25 oňarmagy mümkin. Ony keramatly adam
hökmünde Horasanda-da sylaýarlar-diýdi. Il içinde ýörgünli ady Ahupuş bolan bu piriň näme keramaty bardygyny hiç kim bilmese-de oňa
keramatly, ylahy güýje eýe şahsyýet hökmünde uly sarpa goýulýardy.
Onuň hakyky adyny iň ýakyn adamlary biläýmese, halkyň arasynda
bilýän ýokdy. Onuň Ahu-puş adyny götermegine keýgiň (ahunyň)
derisinden tikilen geýim geýip, diňe keýgiň eti bilen naharlanýarmyş
diýen il içindäki gürrüň sebäp bolupdy. Pir şäherden kyrk çakyrym
töweregi daşda, gyryň eteginde, uly howluly jaýda sopulary bilen
ýaşaýardy. Horezmşa birki sapar şikärden gaýdyşyn piri zyýarat edipdi.
Atsyz “hakykatdan hem soltana piriň sözi geçmegi mümkin” diýen
netijä gelip, weziriň maslahatyny makullady. Ol wezirine ýüzlenip:
-Jenap Mejdeddin, siziň pikiriňiz makul. Häziriň özünde pire
tagtyrowanly araba bilen adam iberiň-diýdi-de, biraz säginip-gowusy
özüňiz baryň. Meniň adymdan näme mesele hakda çagyrýanymyzy
düşündiriň. Gan döküşikligiň öňüni almaklygyň uly sogapdygyny pir
düşüner, çakylygymyzy ret etmez-diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
-Emriňiz berjaý ediler, Aly hezret-diýip, ymam Mejdeddin gol
gowşuryp şanyň huzuryndan çykdy.
***
Hazaraspdan ir bilen ýola düşen leşger dördünji güni gijara
Gürgenje ýetip gelip, galanyň eteginde goş ýazdyrdy. Ertire çenli demdynjyny alan urşujylar hüjüme geçmek üçin irden zabt ediji sülsatlaryny
gurnap başladylar. Ýöne galanyň depesinde hüjüme gaýtawul berjek,
garşylyk görkezjek ne ýaýçylar, ne beýleki urşujylar bardy, hiç kim
görnenokdy. Göýä Gürgenç tutuşlygyna göçüp giden ýalydy. Adatda
goranýan galanyň depesinde bolýan garşylyk güýçleriniň ýokdugyndan
25
Ahu puş-piriň lakamy. Manysy-Keýik derisi
216
soltan Sanjar özüçe netije çykardy. Salym geçmän, soltanyň gelen
netijesiniň dogrudygy mälim boldy: Galanyň garşydaky derwezesi
jygyldyly uly ses edip açyldy-da, içerden ona golaý ak sakgally ýaşuly
adamlar çykdy. Olaryň öňünde kellesi adatdaky ak däl-de, mawy-asman
reňkindäki selleli, egninde ýalpyldap duran mele reňkli, ýeňi tirsegine
çenli bolan uzyn eşikli, sakgaly beýlekileriňiden has uzyn-döşünden
hem geçen moýsepit kişi bardy. Onuň yzyndakylaryň elleri boş däldi.
Saçak göteren ýaly iki elläp öňlerinde tutup gelýän zatlarynyň gabarasy
sakgallarynyň ujuna degjek-degjek bolup durdy. Olar gönüläp, Soltanyň
depesi altyn aýly çadyryna tarap geliberdiler. Çadyrynyň öňünde birnäçe
emeldarlary bilen duran soltan Sanjar olary gören badyna olaryň aman
dilemäge sowgat-salam bilen gelýän wekillerdigini aňyp, öz içinden:
“Atsyz ýene-de sapalak atýar-ow. Gelibersinler bakaly, menden mazaly
jogabyny alarlar” diýip goýdy. Emma wekiller has golaýlap gelenlerinde
olaryň öňündäki kişiniň egnindäki eşiginiň keýigiň derisidigini görüp
onuň ady äleme ýaýran keramatly pir Ahu-puşdygyny çak eden Soltanyň
hörpi birneme peseldi. Soltan Sanjar Ahu-puş atly piriň adyny, onuň
bilen baglanyşykly il arasyndaky rowaýatlary ençeme gezek eşideninden
kalbynda oňa hormat-sarpa hasyl bolupdy. Şoňa görä Soltan wekilleri
güler ýüz bilen garşylady. Ahu-puş baş egip tagzym etmekçi bolanynda
Soltan muňa ýol bermedi:
-Ýok, ýok! Pirim, siz bize däl, biz size tagzym etmeli. Siziň
keramatyňyz şalaryň gudratyndan güýçlidir-diýdi. Soňra elleri boş
bolmansoň diňe baş egip salam beren beýleki ýaşulularyň salamyny
alyp, öz ýanyndakylara “ellerindäkileri alyň” diýen yşaraty etdi. Elleri
boşan ýaşulular tagzym berjaý edip, bir çete çykyp durdylar. Soltan
Sanjaryň nazarynda adynyň, mertebesiniň belentdigine göz ýetiren pir
sözüniň geçjekdigine ynam edip, dilewarlyk bilen söze başlady:
-Eý, Şahu-Jahan, Isgenderi zaman, külli musulman äleminiň
hökümdary soltan Sanjar ibn Mälik şa hezretleri! Biz Siziň haýrusahawatyňyza, adalatu-diýanatyňyza, beýik ynsanlara mahsus bolan
belent adamkärçiligiňiz bilen ynsanperwerligiňize, çyn musulmana
mahsus geçirimliligiňize bil baglap, şu şahri-azym Gürgenjiň ilatyna
aman diläp geldik.
Soltan Sanjar Piriň öwgüli sözlerine kän bir pitiwa etmese-de, ony
ynjytmazlyk üçin hoşamaý gepledi:
-Muhterem Piri-sagadat! Siz Horezmşa Atsyz diýen kimsäniň biziň
garşymyza eden etmişlerinden bihabar bolsaňyz gerek. Onuň
etmişleriniň tygy etimizden geçip, süňkümize ýetensoň, goşun çekip
217
geldik. Ähdim ony Gürgenji bilen goşup, ýer bilen ýegsan etmekdi.
Emma... Indi siziň sözüňizi syndyrmak bize uslyp däl. Şonuň üçin siziň
Gürgenjiň ilatyna aman bermek hakyndaky dilegiňizi kabul edýäs. Ýöne
Horezmşa Atsyz barada gürrüň başga. Biz onuň öňem iki gezek eden
etmişlerini bagyşladyk. Bu indi üçünji sapar. Onuň bu saparky etmişleri
asla bagyşlar ýaly däl!
Soltan Sanjar sözüni soňlanyndan bir çetde duran wekilleriň
ekabry orta süýşip, soltana ýüzlendi:
-Kyblaýy älem, ejaza berseňiz maňa Horezmşa hezretleriniň size
ýetirmegimi tabşyran sözlerini aýdaýyn-diýip, ol elini gursagyna goýup
başyny egdi.
-Ýene nähili sapalagy bar-ka, aýt bakaly-diýeninde soltanyň sesi
gaharly çykdy. Wekil ýene bir gezek baş egip, söze başlady:
-Kyblaýy älem, Horezmşa hezretleri size sadyklygyny,
tabynlygyny, size hiç bir ýamanlygynyň ýokdygyny gaýta-gaýta
nygtaýar. Siziň janyňyza kast etmek üçin ysmaýylylaryň iberilmegi
aramyzda duşmançylyk döretmek üçin gara-hytaýlaryň eden hiýlesi
bolmaly. Bu hakda size iberilen namada hem Horezmşanyň öz eli bilen
ýazylypdy.
-Besdir!-diýip Soltan wekiliň sözüni böldi.-Edip Sabyry kim derýa
akdyrdy?! Ony-da gara-hytaýlarmy?!
Wekil Soltanyň gazaply soraglaryna birneme aljyrajak bolup
sägindi.
-Näme dymdyň? Jogap ber meniň soragyma!-diýip, soltan öňkiden
hem gaharly seslendi.
-Kyblaýy älem, men size Horezmşa hezretleriniň aýdanlaryny
aýtdym. Edip Sabyr hakynda ol hiç zat diýmedi. Ýöne biziň
eşitmişimize görä, Edip Sabyr Reşiteddin Watwat bilen iki şahyr bolup,
Jeýhunyň boýlaryna atly seýle çykanlarynda gyrada tolkunlara tomaşa
edip duran Edip Sabyryň atynyň aýagynyň aşagy opurylyp, aty bilen
joşgun suwyň aşagyna gidýär. At janawar ýüzüp gyra çykýar. Edip
Sabyryň ajaly ýeten eken, çykyp bilmeýär. Ýazgytdyr-da, Kyblaýy älemdiýip, wekil ýene-de baş egip, ýoldaşlarynyň hataryna geçdi. Soltan
Sanjaryň bu gepe ynanmandygy ýüzünden belli bolup durdy. Ol:
-Ýazgyt diýeniň, Horezmşanyň eli bilen ýazylan bolaýmasyn!diýdi.
-Kyblaýy älem-diýip, wekilleriň başga biri öňe çykyp tagzym bilen
soltana ýüzlendi.-Horezmşa hezretleriniň özi şahyr bolansoň şahyr Edip
Sabyra juda uly hormat goýýardy. Onsoňam,
218
Bu jahan içre bizden ýagşylykdan özge mülk galmaz,
Dünýä mülkin berseň-de ýagşylygyň ornun almaz-ýaly beýtleri ýazan Horezmşa hezretleri özi kimin şahyr adama
ýamanlyk edip bilmez, ahyryn.
-Dil başga ýürek başga, ýaşuly-diýip, soltan bu sapar birneme
gahardan düşüp gepledi. - Dile gelen zatlaryň hemmesi-de ýürekden
çykýan däldir. Mundan beýläk men Horezmşaňyzyň sözüne-de, özünede ynanmaýaryn. Siz wekiller şaňyzyň ol işine-de bu işine-de bir weç
tapyp ony aklajak boldyňyz. Al, onuň biziň garamagymyzdaky Jende,
Seýhun boýlaryna ýörüş edip, ol ýerleri basyp alandygyna näme
diýjeksiňiz? Muňa delil tapyp bilmeseňiz gerek! - Sözüniň soňunda
Soltan ýene gahara mündi. - Ol ýerinde parahat oturyp bilenok. Haçan
görseň at üstünde, oňarsa Horasany-da biziň elimizden alaýjak!
Soltan sözüne dyngy berenden pir oňa ýüzlenip:
-Kyblaýy älem, ýerinde parahat oturmak biziň ýaly terkidünýä
kişilere mahsusdyr, şalara mahsus däldir-diýdi. Soltan piriň sözüniň
özüne-de degişlidigini düşünse-de, gaharyny oňa dälde, Horezmşaga
gönükdirdi:
-Pirim, siziň towakgaňyz bilen biz Gürgenjiň ilatyna aman berdik.
Derwezäni açsynlar. Leşger şähere girmez, ýöne meniň janpenalarym
girip, Horezmşany köşgünden boýnuna ýüp salyp, biziň öňümize
getirerler.
-Kyblaýy älem-diýip, Ahu-puş salyhatlylyk bilen Soltana ýüzlendi:
-Şalar Allatagalanyň nazar salan kişileridir. Şonuň üçin patyşanyň
her bir sözüne Allanyň özi şaýatdyr. Siz Allanyň şaýatlygynda Gürgenjiň
ilatyna aman berdiňiz. Indi Gürgenjiň ilaynyň bir adamyny boýnuna ýüp
salyp, alyp çykyp, jezalasaňyz Size Allanyň gahary gelmezmi?
Soltan piriň sözüne aň-taň bolup oňa seretdi. Pir:
-Kyblaýy älem, Horezmşa häzir Gürgenjiň ilaty bilen bile, ol hem
ilatyň biri hasaplanýar-diýip, pikirini mantyk bilen esaslady.
Soltan Sanjar piriň Allany orta goýup, aýdan sözünden soň näme
diýjegini bilmän, iki tarapyndaky emirlerine, emeldarlaryna göz aýlady.
Olar hem lam-jim bolup durdylar. Çünki, pir aýtmyşlaýyn Allanyň
şaýatlygynda aýdylan sözüň garşysyna söz aýtmaga hiç kim milt edip
bilenokdy. Dowam edýän dymyşlykda hemmäniň ünsi Soltana, has
dogrusy onuň agzyna gönükdirilendi. Bu agyzdan çykjak söze
sabyrsyzlyk bilen garaşylýardy. Soltan ahyry dillendi:
-Wekiller! Baryp şaňyza aýdyň: biz onuň günäsini däl, ganyny
geçdik. Günäsini ýuwmak üçin leşgerimiziň almaly oljasyny artygy
219
bilen getirsin, soňundanam bize, tabynlygyny, sadyklygyny beýan edip,
gelip aýagymyza ýykylsyn! Soltanyň şerti aňsat bolmasa-da, wekiller
üstlerinden dag agdarlan kimin ýeňil dem alyp, Soltana tagzym etdiler.
Soltanyň golaýynda duran pir hem elini gursagyna goýup, baş egdi.
Soltan oňa garap, sowugrak äheňde: “Sizem, gaýdyberiň” diýdi. Pir bu
sowuk äheňiň sebäbine düşündi. Çünki ol onuň äht edip gelen işlerini
amala aşyryp bilmediginiň sebäpçisidi. Pir bilen wekiller galanyň
derwezesiniň aňyrsyna geçenlerinden soň soltan bu gelip giden
adamlardan humarda utulan ýaly bolup, ahmyr bilen dişini gyjady.
Töweregindäki emirler, emeldarlar soltanyň lapykeçligini ýazmak üçin
bolsa gerek, ony parahatçylyksöýüji, ynsanperwer, adalatly,
geçirimlilikde taýsyz, duşmanyny hem dosta öwrüp bilýän danalaryň
danasy diýip, dumly-duşdan öwgüsini ýetirdiler. Şundan soň bu
hoşamatlara ynanan soltanyň keýpi ýerine gelip, olary çadyrynda
ýazylan saçak başyna teklip etdi. Ertirlik üçin ýazylan bu saçak galanyň
derwezesiniň jygyldyly uly ses edip açylmagy bilen el degirilmän
galypdy. Indi ol ertirligiň wagty geçeni üçin günortanlyk bolupdy.
Soltanyň işdäsi ýokdy. Ol saçakdaky dürli naz-nygmatlaryň her birinden
azajykdan dadyp oturşyna Ahu-puş piriň sözi bilen Atsyzy jezasyz
goýup gitjegine ahmytrynyň ýok däldigini diline çykardy:
-Men bu Atsyz diýen adamyň häsiýetine düşünmän geçdim.
Kakasynyň wepatyndan soň ony Horezmşa belläp, täji-tagtyň eýesi
etdim. On ýyllap biziň hyzmatymyzda bolanynda şeýle bir edepekramly, pespäl, söweşlerde batyr, meniň üçin janyny hem
aýamajakdygyny näçe gezek görkezen wepadar dost, mähriban inim
ýalydy. Men hem ony gowy görýärdim. Ony maňa näçe ýamanlasalarda, ynanmazdym, mährim sowamazdy. Emma Horezmine gideninden
soň üýtgäp ugrady, biziň garşymyza açykdan açyk hereket edip başlady.
Bu hereketleri üçin ötünç sorasa, öňki iki saparky ýörüşi etmezdik.
Emma ol ötünç soramaga derek öňümize leşger bilen gylyç ýalaňaçlap
çykdy. Derbi-dagyn boldy, gaçdy. Ýene biziň goýup giden adamymyzy
kowup, täji-tagtyna eýe boldy. Biz muny bolaýmaly iş diýip bagyşladyk.
Ikinji saparam goşun çekip gelip, hiç zat etmän, geçirimlilik edip gaýdyp
gitdik. Ine indi üçünji saparam şeýle bolup dur. Bu näme, biziň
emelsizligimiziň nyşanasymy ýa Allanyň eradasymy? Ýogsa
ýamanlygyň jezasy bolmaly, ahryn! Soltan sözüne dyngy berende
emirleriň biri:
-Kyblaýy älem, danyşmentler: “Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işi,
ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işi” diýipdirler. Siz şu sapar hem är
220
kişiniň işini etdiňiz. Şonuň üçin Horezmşa jezasyz galdy diýip ahmyr
etmäň-diýdi. Soltan emire garap ajy ýylgyrdy. Onuň akjaryp görnen
endigan irimçik dişleri mama dişlän garameňiz ýüzünde bulutly gijede
aý çykan ýaly boldy. Ol:
-Är kişi boljak bolup, ähli ýamanlyklary jezasyz galdyrsak,
dünýäni ýamanlyklar basyp gitmezmi?-diýdi.
Edil şu wagt Horezmşanyň galanyň derwezesinden çykan habary
emiri soltanyň kyn sowalyna jogap bermekden gutardy. Oturanlaryň
hemmesi soltan bilen çadyrynyň öňüne çykdylar. Görseler, galadan
çykyp gelýän diňe Horezmşanyň özi däl eken, onuň on-onbäş ädim
öňünde iki nöker üsti gaba horjunly daýaw gatyry her haýsy bir
ýanyndan tutup, idip gelýärdiler. Horezmşa taýak atym aralyga gelip,
atynyň başyny çekdi. Gatyry idip gelýän nökerler bolsa soltanyň duran
ýerinden bäş ädim bäri-de dyzlaryna çöküp tagzym etdiler. Olaryň biri
tagzymdan başyny galdyryp soltana ýüzlendi.
-Kyblaýy älem, horjundaky tyllalar leşgeriňiziň olja paýy. Ony
kabul etmegiňizi Horezmşa hezretleri towakka etdi, bu-da ol hezretiň
size ýazan söwgatnamasy-diýip, goltugyndan çykaran, bir tarapy gotazly
kagyzy soltana tarap uzatdy. Şol bada soltanyň münşisi söwgatnamany
aldy. Soltan dyzyna çöküp oturan nökerlere eli bilen “turaýyň” diýen
yşaraty etdi. Nökerler turup bir çete çykyp durdylar. Şundan soň soltan
entegem at üstünde oturan Atsyza nazaryny dikdi. Ol onuň atyndan
düşüp, gelip aýagyna ýykylmagyna garaşdy. Emma Atsyz özüne seredip
duran Soltana bir elini gursagyna goýup, başyny egdi-de, atynyň başyny
yzyna dolap, sürüp gitdi. Horezmşanyň bu bolşuny soltandan başgalar
hem heýwere gödeklik hasap etseler-de onuň soltana eden täsiriniň ýüze
çykmagyna garaşyp, hiç kim dil ýarmady. Elbetde, bu ýagdaý soltana-da
gowy täsir eden däldir, ýöne ol syr bildirmän ajy ýylgyryp, kellesini
ýaýkady-da:
-Geçen sapar ony aýagymyza ýykyp, ýer ogşadanymyz degnasyna
gaty degen ekeni, şonuň yzasy ýüreginden henizem çykmandyr. Onuň
häzirki boluşy şonuň alamaty bolsa gerek-diýdi. Dagy näme diýsin. Ol
aman berdi, indi ony yzyna alyp bolmaýar, hökümdaryň sözi bir bolýar.
Bu ýazylmadyk kanun. Soňra ol söwgatmamany okamagy buýurdy.
Horezmşa Atsyz söwgatnamada ýaňky eden gödekliginiň tersine soltana
sadyklygyny, tabynlygyny nygtap, onuň adyllykda, sahawatlylykda,
ynsanperwerlikde, geçirimlilikde, danalykda taýsyz hökümdardygyny
wasp edip, adyny arşa göteripdi.
221
Soltan Sanjar söwgatnamany ahyryna çenli dodagynda kinaýaly
çala ýylgyryş bilen diňläp, soňunda elini siltäp goýberdi-de:
-Bu-da Atsyzyň nobatdaky şapalagy bolsa gerek-diýdi. Ýöne
diýse-de söwgatnamadaky öwgüler hoş ýakan bolmaga çemeli murtuny
sypap buýsançly ardyndy. Şol wagt galanyň gaýra tarapynda bir süri
goýny öňlerine salyp sürüp gelýän iki atly göründi.
-Söwüş gelýär! Söwüş!-diýen leşgeriň arasyndan çykan seslere
soltan ýylgyryp:
-Atsyz atyndan düşüp, aýagymyza ýykylmaly borjuny ýadyndan
çykaran bolsa-da, myhmana söwüş etmek borjuny ýadyndan
çykarmandyr-diýdi. Şol arada bolsa täsin bir ýagdaý soltany-da,
beýlekileri-de geň galdyrdy. Sürüniň öňi leşgeriň goşunyň bir çetine
ýetenden, ony sürüp gelýän adamlar atlarynyň başyny yzyna aýlap,
gamça basdylar-da, ýüzün salyp gaçdylar.
-Bä! Olar näme beýtdiler?-diýip soltan ýanyndakylara garady.
Emirleriň biri:
-Goýunlara goşup, bizäm soýup iýäýmesinler diýip gorkup
gaçandyrlar-a - diýdi. Bu gepe soltandan başga hemmeleri pakyrda
berdiler. Soltan çalarak ýylgyrsa-da, soňunda gaşyny çytyp: - Olaryň
beýle etmekleriniň bir manysy: “Alyň, zakgunyňyza iýiň!” diýdikleri
dälmi-kä? Ýa-da bizi duş geleni tutup, gul edip alyp gidýän zalym saýyp
gaçdylarmy-ka? Eger şeýle pikir eden bolsalar biziň peýdamyza däl.
Halkyň içinde zalym diýip däl-de, adyl diýip, tanalmak üçin çalyşmak
gerek-diýdi. Soňra soltan duran ýerinden bäş ädim öňe ädip, çadyrynyň
öňündäki uly meýdany tutup ýatan leşgere elini galdyryp ýüzlendi:
-Gerçeklerim! Gylyjyňyz gana boýalman, pyçaklaryňyz söwüş
soýup gana boýalsa oňa şükür ediň! Indi gazanlary ataryp, ýaraşygyň
toýuny toýlabermeli!
Soltanyň bu sözünden soň Gürgenjiň galasynyň daşynda sazsöhbetli toý tutuldy. Bir gije-gündiz dem dynjyny alan leşger ir säherde
Horasan sary ýola düşdi.
XXI BAP
542-nji hijriniň muharram aýy horezminliler üçin parahatçylygyň
berkarar edilen haýyrly aýy boldy. Seljuklar Gürgenjiň gabawyny aýryp,
ýurduna gidenlerinden soň şäherde durmuş öňküsi ýaly gaýnap joşdy.
Bazarlarda azyk harytlary dürli ir-iýmişler bolelin boldy. Bakgallaryň
dükanlarynda söwda, hünärmenleriň ussahanalarynda iş gyzgyndy. Dürli
ýurtlardan gelýän kerwenlere ýol açyldy. Şäheriň ilaty arkaýyn, parahat
222
ýaşap başlady. Köşkde bolsa köpden bäri unudylan aýdym-sazly,
muşaýyraly meýlisler guraldy.
Häsiýetine görä parahat oturyp bilmeýän Horezmşa Atsyz jeňjedellerden ýadan bolmaga çemeli, täze ýörüşler barada entek pikir
edenokdy. Şu arada ýaraşygyň hatyrasyna hem-de dostlugy berkitmek
maksadynda soltan Sanjaryň ilçilerinden iberen gymmat bahaly
sowgatlary özüne goýlan belent sarpa hökmünde kabul eden
Horezmşanyň kalbynda buýsanç yşygyny ýakdy. Aslyýetinde bolsa bu
sowgatlar garagol çagany tertiplije oturtmak üçin berilýän oýnawaçlaryň
ýerinedi.
Barybir Atsyz öz döwrüniň köp şalaryna mahsus bolan ýörüşler
etmek, ýurt almak endiginden el çekenokdy. Ol ýurduň daşyndaky
göçüp-gonup ýören taýpalaryň üstüne aram-aram ýörüşler edýärdi,
müňläp atdyr düýeleri olja alyp, goşunynyň ulag üpjünçiligini kemsiz
etmäge çalyşýardy. Atdyr ýarag taýýar bolsa, oňa eýe çykjak ýigitler az
däldi. Şeýlelikde wagtyň geçmegi bilen uly goşun toplandy. Indi köpden
bäri özüni biynjalyk edip gelýän Jendli meseläni çözmelidi. Muazzämati sugur-i Yslam ýagny Yslamyň beýik serhedi hasaplanýan Jend gara
hytaýlaryň çozuşy zerarly elden gidipdi. Ony gaýtaryp almasa
Horezmşanyň köňli aram tapjak däldi. Jentde oturan gara hytaýlaryň
dikmesi Kemaletdin ibn Arslan han Mahmyt bilen aralarynda dostlukly
gatnaşyklar hem ýok däldi. Emma ortada ýer-ýurt durka dostluk
nämemişin. Şoňa görä Atsyz Kemaletdinden Jendi gaýtaryp almagyň
küýüne düşdi. Soňky döwürde ol harby meseleler boýunça uly meweret
çagyryp, köpçülige maslahat salyp oturmaýardy. Baş wezirini,
hajyplaryny, serkerdeleri çagyryp, meseläni çözerdi-de, herekete
geçibererdi. Emma bu sapar işiniň oňuna bolmagy üçinmi nämemi,
köpüň patasyny almagy makul bilip, 547-nji hijriniň muharram aýynyň
başynda uly meşweret çagyrdy. Köşküň tagtly eýwanyna ähli döwlet
işgärleri, serkerdeler, harby hünärmenler, ulamalar, paýtagtyň
mähelleleriniň kethudalary ýygnandylar. Mäşweretiň näme hakdadygyny
Horezmşanyň ýakyn egindeşlerinden başga bilýän adam ýokdy. Şonuň
üçin köpçülik meşweretiň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşyp,
gözleri şanyň girip geljek gapysyndady. Bir mahal garşydaky
nagyşlaryna gyzyl çaýylan iki ganatly belent gapy açylyp, köşk
sahybynyň: “Gazy Ala-addin Abul Muzäffar Husäm Amir al-Möminiň
Horezmşa hezretleri” diýen sözleri ýaňlanandan Atsyz gelip girdi. Oil
tagzymdan soň başlaryny galdyryp, aýak üstünde duran jemagata bir
223
elini gurasagyna goýup salam berdi-de, tagtyna geçdi. Adamlar hem öz
mertebelerine görä duran ýerlerinde ýerleşdiler.
-Möhterem jenaplar! Biz ata Watanymyz Horezmiiň serhetlerini
giňeltmek, kuwwatyny artdyrmak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak
ugruynda köp tagallalar etdik. Emma bu gowgaly dünýäde bu gün
eliňdäki ýer-ýurt erte başga biriniň eline geçýär duruberýär. Biziň
garamagymyzdaky Ummat-i buka-i dünýä ýagny dünýäniň möhüm
mekany hasaplanýan Jende we Seýhun boýlaryna häzir gara hyýatlaryň
dikmesi Kemaletdin ibn Arslan han eýelik edip otyr. Onuň bilen aramyz
ýamanam däl. Dostluk-doganlyk hakda agyz dolduryp aýdyşsak hem ol
Jendi bize şeýle gaýdyp bermez. Şonuň üçin biz Kemaletdin bilen bile
Sygnak taraplara ýörüş edip, şol ýerleri oňa alyp bersek, öwezine Jendi
alarys. Biziň şu pikirimizi nähili görýärsiňiz?-diýip, Horezmaş sözüne
dyngy berdi. Şol bada jogap beren bolmady. Özara pikir alyşýan
adamlaryň arasyna ýuwaş gowur düşdi. Atsyz sabyr edip garaşdy.
-Aly hezret, meniň pikirimçe Jendden aňry geçmegiň geregi ýokdiýip, birinji bolup, Sahyp Diwan al-ard emir Täjeddin Syddyk pikir
bildirdi. Atsyz emiriň teklibiniň manysyna düşünip, çalarak ýylgyrdy-da
oturanlara ýüzlendi:
-Jenaplar, emir Täjeddiniň teklibine düşündiňizmi?
Şeýhulyslam bilen pyşyrdaşyp gepleşen kazy-kelan dillendi:
-Emiriň teklibi düşnükli, Aly hezret. Emma şeýdilse gara hytaýlar
sag bolsun aýtmaz. Bir uly gandöküşlik bolaýmasyn soňunda.
-Aly hezret, ejaza ediň-diýip, kethudalaryň biri ýerinden turdy.
-Biziň eşitmişimize görä Kemaletdiniň özi gara hytaýlardan
hakyna goşun alyp, Jende ýörüş edipdir. Indi hakyny alan gara hytaýlara
hak berjek adam bolmasa olaryň bu işe goşulasy ýok.
Meşweretde başga-da teklipler orta atyldy. Soňunda diňe Jendemi
ýa-da Sygnagadamy, bellisini etmekligi Horezmşanyň özüne goýup,
ulamalar ýörüşe ak pata berdiler.
Açyk söweşde ýitgileriň köp bolýandygyny tejribesinde göre-göre
gelýän Horezmşa Kemaletdini gapyllykda basmagy meýilleşdirdi. Baş
serkerde Kemaletdin Aýuphan bilen ikiçäk oturyp munuň maslahatyny
etdi.
-Biziň goşunymyz ýola çykyp-çykman oňa habar ýetiriler. Onuň
bäride jansyzlarynyň bardygy şübhesiz. Habar ýeten badyna-da gara
hytaýlary çagyrar, özü-de söweşe taýýarlanar. Munuň öňüni almak üçin
näme iş etmeli?-diýip, Atsyz Aýuphana soragly nazaryny dikdi.
Aýuphan hökümdarynyň häsiýetine beletdi. Ol özüniň eýýam
224
meýilleşdirip, kesgitläp goýan zadyny synamak üçin soraýardy. Häzir
hem şeýledigini bilen Aýuphna gözlerini ýeserlik bilen güldürip:
-Siziň şu meýilleşdirip goýan işiňizi edäýmeli, Aly hezret-diýdi.
Atsyz baş serkerdesiniň ýeserligine ýylgyryp:
-Seniň başga teklibiň ýokmy? Belki meniňkiden üýtgeşigräk
teklibiň bardyr-diýdi.
-Ýok, Aly hezret.
-Onda bizden wekil bolup barjak serkerdeleriňden bäş adam
taýynla. Olar biziň dinsizleriň ýurdy Sygnaga bilelikde ýörüş etmek
baradaky teklibimizi Kemaletdine ýetirsinler we jogabyny alyp
gelsinler-diýip, Horezmşa baş serkerdä gitmäge rugsat berdi. Şanyň
huzuryndan çykan baş serkerde şol wagtyň özünde buýrugy ýerine
ýetirmegiň ugruna çykdy.
Kemaletdiginiň Gürgençde jansyzynyň bardygy barada
Horezmşanyň aýdany dogrudy.Olar birem däl ikidi. Olar golaýda köşkde
uly meşweret bolanyny eşidip, onda näme mesele garalanyny jikme-jik
bilmek üçin köp iş etdiler. Bildilerem, ýöne köp wagt ýitirdiler. Olaryň
biri toplan maglumaty bilen Kemaletdin ibn Arslan hanyň huzuryna
baranda Horezmşanyň goşuny hem Jende golaýlap barypdy.
Kemaletdin jansyzynyň maglumatyny diňläp bolansoň:
-Sygnaga bilelikde ýörüş etmek meselesi boýunça wekilleri gelip,
meniň razylygymy alyp gitdiler. Meşweretde-de bu gürrüňi
Horezmşanyň özi aýdan bolsa niýeti dogrudyr, dagy näme?-diýdi.
-Ýok, han hezretleri, olaryň niýetleri başga. Bäri gelýän goşun
Sygnaga däl, diňe Jendi nazarlap gelýär-diýip jansyz janygyp gepledi.
-Sen muny nämä esaslanyp aýdýaň?-diýip, Kemaletdin gaharlanyp
sorady. Edil şu pursatda ejaza sorap, gapydan giren serkerdeleriň biri
Kemaletdine ýüzlenip:
-Han hezretleri, horezminlileriň bir uly leşgeriniň bize-Jende tarap
gelýändigi hakynda habar geldi-diýdi. Aň-taň bolan Kemaletdin ýanynda
duran emeldarlaryna howsalaly göz aýlady-da, jansyza garap:
-Sen goşun üstümize gelensoň habar getirip ýörmiň, öňräk
nirdediň?!-diýip azgyryldy.
-Meşweretde bolan gep-sözleriň änigine-şänigine ýetýänçäk köp
wagt gitdi, Han hezretleri. Ýetişibildigimizden...
-Haramzada! Bihepbe! Menden alan dinarlaryňy iş bilen
ödemediň, indi kelläňi berip ödärsiň!-diýip, jansyzyň sözüni bölen
Kemaletdin gahar bilen elini iki gezek çarpdy. Gapynyň aňyrsynda
duran nökerleriň ikisi girenden:
225
-Alyp çykyň muny, kellesini alyp, göwresini ýeňlediň!-diýdi.
Nökerleriň ikisi iki ýandan dyzyna çöküp duran jansyzyň çigininden
şapba tutup galdyranlarynda ol:
-Han hezretleri!-diýdi Kemaletdine ýüzlenip:-Meniň kelläm siziň
kelläňiziň ýanynda hiç zat. Ony alybersinler. Ýöne meniň getiren
habarym siziň kelläňizi gutarmak üçindir. Kelläňizi gutaryň, wagty
geçirmäň.
Kemaletdin bu sözden soň özüni ölümhowpundan ägä eden adamy
öldürtmekçi bolýanyna düşündi:
-Goýberiň ony!-diýdi. Nökerler baş egip, çykyp gitdiler. Ara bir
salym dymyşlyk düşdi. Kemaletdiniň töweregindäki howsala düşen
adamlar onuň sözüne sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Ol dymyşlykda
pikirini jemlän kimin adamlara aýgytly garap:
-Jenaplar!-diýdi.-Biz bäş müň töweregi goşunymyz bilen
horezminlileriň garşysyna durup bilmeris. Şonuň üçin gan döküşlik
etmän, bu ýerden garamyzy saýlalyň. Goý, Horezmşa gelsin,
garşylyksyz galany alsyn, maksadyna ýetsin. Ol bu ýerde uzak durmaz,
gider. Onýança bizem goşunymyzyň üstüni dolduryp, täze güýç bilen
dolanarys. Onuň goýup giden adamlaryny gylyçdan geçirip, ýene-de
ýerimize eýe bolarys.
Kemaletdin şu maksat bilen goşunyny, goş-golamyny alyp, Jendi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 19
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.