Latin

Gürgenç II - 06

Total number of words is 3642
Total number of unique words is 1942
31.5 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dileg etdiler. Adatda köpüň dilegi kabul bolýardy. Bu sapar onuň kabul
bolmandygynyň sebäbini dilegçiler nirden bilsin...
Bellenilen möhlet-bir hepde geçenden Horezmşa Anuş-tegin
Garçay hezretleriniň agyr keselden soň aradan çykanlygy yglan edildi.
Bu ajy habary çuňňur gynanç bilen kabul eden Gurgenjiň ilaty
kakasynyň ýerine Horezmşa edip, Kutbeddin Muhammediň
bellenmegini oňlady, makul tapdy. Bir hepde “şalyk süren” Anuş-tegin
hezretlerini Horezmşa hökmünde uly hormat bilen jaýlanlaryndan soň
Kütbeddin Muhammedi Horezmiň tagtyna çykaryp, başyna täç
geýdirmek dabarasy başlandy.
Köşküň tagt eýwanyna ýygnanan emirler, wezir-wekiller,
serkerdeler, şäheriň mähelleleriniň kethudalary, kazy-kelan, ŞeýhulIslam dagylar sap bolup durdylar. Bellenilen wagtda garşydaky
nagyşlaryna altyn çaýylan belent gapynyň iki ganaty-da deňine açylyp,
Kutbeddin Muhammet girip geldi. Ol jemagatyň garşysynda aýak çekip,
başyny egip, salam berdi. Şundan soň Şeýhil-Islam onuň sag elinden
tutup, tagta eltip oturtdy. Onuň yzysüre giň ýalpak altyn mejimäniň
üstünde getirilen lowurdap duran göwher gaşly jyga sanjylan dört oram
ak ýüpek selläni Şeýhul-Islam eline aldy we “Bismilahyrrahmany
rahym” diýip, Kütbeddin Muhammediň kellesine geýdirdi 1 Şol bada
“Mübärek bolsun! Täji-tagtyňyz berkarar bolsun!” diýen şowhunly
sesler köşküň tagt eýwanyny dolduryp ýaňlandy... Bu waka hijri 491-de
Mäharrem aýynyň bir sähetli güni bolup, ine şundan hem Horezminde
234 ýyl höküm süren Anuş-teginler nesilşalygynyň başyny başlan
Horezmşa Kutbeddin Muhammediň 30 ýyllyk hökümdarlyk döwri
başlandy.
***
Taryhda wagt däl-de, wakalar yz galdyrýan eken. Horezmşa
Kutbeddin Muhammediň 30 ýyllap şalyk süren döwründe kän bir
66
üýtgeşik wakalaryň bolmanlygy üçinmi, döwrüň taryhçylary 30 ýyla
laýyk uly ýazgy galdyrmandyrlar. Şeýle-de bolsa, bar bolan
maglumatlaryň mantygyndan gelip çykýan taryhy hakykatyň çägindäki
wakalary çeper hakykat hökmünde kabul etmeli bolýar.
***
Kutbeddin Muhammet entek ýaş bolmagyna garamazdan özüniň
salyhatlylygy, daş sypatynyň haýbatlylygy, sözläninde hökmürowanlyk
äheňi bilen Ekinçiniň döwründen galan wezir-wekilleriň, beýleki köşk
emeldarlarynyň sustuny basyp, özüne tagzym etdirmegi başardy. Onuň
bu başarnygy başyna täç geýdirlen güni bolan ilkinji duşuşykda-da ýüze
çykypdy. Şonda ol köşküň tagt eýwanyny dolduryp oturanlara ýüzlenip:
-Muhterem jemagat! - diýip, başlan sözüne 1biraz dyngy berip,
yzyny salyhatlylyk bilen dowam etdirdi. -Men şu gün Allanyň eradasy
bilen Horezminiň tagtyna çykdym. Ýurdy adalat ýörelgeleri esasynda
dolandyrmak wezipesini öz boýnuma aldym. Men bu mukaddes
wezipäni ynsabymyň, ymanymyň gözegçiligi astynda päk ýürek bilen
ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary ederin. Emma ýurdy asuda, abadan
saklamak, raýatlaryň parahatlygyny, bähbitlerini goramak, daşardan
ýurda çozuş bolan ýagdaýynda duşmana berk gaýtawul bermek we
beýleki ýüze çykan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek diňe
patyşanyň ýeke özüne bagly bolman, döwlet gullugyndaky ähli
adamlaryň işine yhlaslylygyna, erjelligine, päk ýürekliligine hem
baglydyr. Şonuň üçin her ugryň öz weziri, öz sahyby öz işine gara
kellesi bilen jogap bermelidir. Men goşun serkerdelerini, olar bilen iküç
ýyl bile islänim üçin gowy tanaýan, ýöne köşk emeldarlarynyň köpüsini
tanamak. Elbetde, olar hem gowy işleri bilen özlerini bize tanadarlar.
Ýene bir zat: -emeldarlardan, serkerdelerden kimem bolsa özüniň
bikanun het-herekedi bilen halkyň ýa-da goşunyň arasynda döwletden
närazylyk döretse, döwletiň duşmany hökmünde aýawsyz
jezalandyrylar.
Tagtynda arkaýyn gürläp oturan Kutbeddin Muhammediň soňky
gepi has täsirli bolan bolmaga çemeli adamlar biri-birine manyly
seredişip goýdylar. Şundan soň Horezmşa esasy meselelere geçdi. Ol ilki
bilen goşunda tertip-düzgüni berkleşdirmek we onuň üpjünçiligini
gowulandyrmak meselesine ünsi çekdi. Soňra daýhançylyk,
hünärmentçilik, söwda-satyk, ýurtdan alyp gidilýän we getirilýän
harytlar, ilatdan alynýan salgyt, şäherdir obalaryň abadançylygy, metjitmedreseleriň işi, ylym we bilim, edebiýet we sungat ýoly ugurlar barada
67
togtalyp, olary ýene-de ýokary götermek boýunça wezipeler goýup
gepledi. Ol sözüniň soňunda baş wezire ýüzlenip:
-Muhterem weziri büzrük, meniň ähli het-hereketlerime, ýaňy
aýdyşym dek özümiň ynsabym, ymanym gözegçilik eder. Şu aýdylan
ähli işlere bolsa siz gözegçilik edersiňiz. Onda-da Ekinçi ibn Koçkar
hezretleriniň döwründäkiňizdenem güýçliräk gözegçilik etmeli
bolarsyňyz.
Ady tutulan baş wezir ýerinden turup, bir elini gursagyna goýdy,
baş egip, ýene ýerinde oturdy. Horezmşanyň täsirli nutugyndan soň ilki
ony ýaş görüp, şalygy oňararmyka diýen pikirdäki adamlaryň
müňkürligi zym-zyýat boldy, hemmeleri onuň hakyky hökümdar bolup
biljekdigine göz ýetirdiler. Dabaranyň soňunda Şeýhul-islam horezmşa
Kütbeddin Muhammediň tagtynyň berkarar bolmagyny, ýurdynyň
asudalygyny dileg edip, Gurhany kerimden uzyn bir aýat okady. Şundan
soň adamlar “Indi patyşadan gönendik” diýişip, kanagatlanma bilen
dargaşdylar.
Kutbeddin Muhammet özüni-de az tolgundyrmadyk dabaradan
çykyp, onuň üçin tolgunyp oturan ejesiniň huzuryna geldi. Ejesi
ýerinden turup, ony bagryna basdy, gujagyna gysyp, mähirli sözler bilen
gutlady, dilegler etdi. Kutbeddin ejesiniň gujagyndan çykyp, onuň
öňünde dyza çökdi, ellerini tutup ogşady. Ejesi oglunyň başyndaky täji
görüp, ertirden tolgunan kalby karar tapdy, tolgunmanyň ýerini buýsanç
duýgulary eýeledi. Eýsäm, ykbalyň bu öwrümine onuň kalby
buýsançdan dolmasynmy. Gul bilen gyrnakdan dörän çagany öňüne alyp
başyny sypap oturanynda şu başa wagty gelip täç geýdiriljegi mähriban
enäniň ýedi ýatyp turanda huşuna geljek zatmydyr.
-Tur, oglum. Patyşalar dyza çökmeýärler-diýdi.
-Patytşa men diýip, enäniň öňünde dyza çökmeýän ogul
haramydyr. Men halal perzent, ahyryn! Şeýle dälmi eje?-diýip,
Kutbeddin aýaga galyp, ejesiniň mähirli gözlerine görejini dikdi.
-Elbetde, oglum. Sen kakaň bilen ikimiziň perzent hakyndaky
arzuwlarymyzdan, Allatagaladan eden dileglerimizden dörän perzentsiň.
Şonuň üçin hem Alla saňa şeýle belent mertebäni miýesser edendir.
Kutbeddin Muhammet käbesiniň huzuryndan çykyp, aýalynyň
tamyna geçdi. Onuň kakasynyň alyp beren bu aýalyndan entek perzent
ýokdy. Kutbeddin otaga girende aýaly äwmezlik bilen ýerinden turdy.
Äriniň başyndaky täje ümläp: “Mübärek bolsun!” diýip ýuwaşja
dillendi. Bu aýal görünişinden ýuwaş äwmezek bolsa-da, içi pikirlidi. Ol
68
äriniň patyşa bolanyny halap duranokdy. Sebäbi, indi onuň ýeke özüniň
äri bolmajagyny bilýärdi.
Kutbeddin hiç zat diýmän çykyp gitmezlik üçin:
-Erte, indin köşge göçürerler, jaý taýýarlap ýörler. Senem zatlaryňy
serenjamlap goý-diýip, çykyp gitdi.
***
Belent mertebe adama belent ruh, täze güýç, täze başarnyk
bagyşlaýar. Kutbeddin Muhammediň öňdenem güýç-gaýratdan, pähimparasatdan kemi ýokdy. Täji-tagtyň eýesi bolanyndan soň onuň
ruhuýetiniň, güýç-kuwwatynyň has ýokary galmagy tebigy ýagdaýdy.
Indi ol ýurduň, raýatlaryň asudalygy, geljekki ykbaly barada
jogapkärçilik duýgusy bilen ýaşaýardy. Ýurtda asudalygy saklamak iň
esasy wezipedi. Bu bolsa ähli işlerde, ähli ýerde adalatlylygyň
saklanmagyna baglydy. Adalatlylygyň bozulan ýerinde närazylygyň
döremegi ikuçsyzdy. Munuň netijesinde asudalygyň bozulmagy
ähtimaldan daşda däldi. Şonuň üçin döwlet emeldarlarynyň arassa, halal,
adalatly adamlar bolmagy döwletiň binýadynyň berkligini, ýurduň
asudalygyny saklamakda örän möhümdi. Bu pikirleri kellesinde aýlaýan
şa Kutbeddin Muhammet işi ilki köşk emeldarlaryny ýekän-ýekän
öwrenip, kimiň kimdigini bilip almakdan başlamaly diýen karara geldi.
Munuň bilen ol adaty köşk pitneleriniň öňüni alyp, köşkde agzybirlik
ornatmakçydy, eger pitneçilige meýilli adamlar bar bolsa, olary köşkden
daşlaşdyrmakçy, has howplyragy anyklansa ýok etmekçidi. Emma bu iş
aňsat däldi. Çünki häzir onuň üçin köşgüň içi töweregiňi saýgaryp
bolmaýan ümürlikdi. Indi oňa bu ümürligi dargadyp, ähli zady aýylsaýyl etmäge kömek berjek ynamly adam gerekdi. Onuň bagtyna şeýle
adamy uzak gözlemeli däldi. Ol şu ýerdedi. Ol pederiniň kömekçisi Hoja
Huseýin al Horezmidi. Ol häzirem öz ýerinde şyhnynyň edarasynda
arza-şikaýatlary kabul edip, geljekki şyhny üçin maglumat toplap otyrdy.
Kutbeddin Muhammet adam iberip, ony köşge çagyrtdy. Huseýin
hojanyň özi hem şeýle çakylyga garaşypdy, has dogrusy ýüregi
syzýardy. Ýöne näme mesele boýunça çagyrjagyny çaklap görse-de, bir
pikire gelip bilmändi. Çünki ol Kutbeddin Muhammediň häsiýetine
ýetik däldi. Ony kä wagtlar kakasynyň ýanyna gelende görýärdi, biraz
söhbetdeş hem bolupdy. Göräýmäge akyl-parasatly, ýumşak häsiýetli
ýigitdi. Emma käbir adamlar hakynda “At münse atasyny tanamaz”
diýenleri ýaly ol hem patyşalyk tagtyna münenden soň häsiýetini
üýtgemezmikä?... Allanyň emri blen goýun gurda öwrülse häsiýeti
üýtgemezmi. Emma Huseýin hojanyň ony gurda meňzedesi gelmedi.
69
Haýwanlaryň şasy ýolbarsa meňzedesi geldi. Ýolbars hem daşyndan
göräýmägä ýuwaş haýwan. Onuň ähli güýji-kuwwaty, gahar-gazaby
içinde. Onuň şol içindäki gizlin güýç-gudraty ýüze çykanda ýolbarsdygy
göze görünýär. Ine häzir ol özüniň ýolbarsa meňzedesi gelýän adamyň
garşysynda otyr, özäm ikiçäk. Kutbeddin Muhammet ony adatdaky ýaly
köşgiň tagt eýwanynda däl-de, özüniň hashanasynda kabul etdi. Ol:
-Muhterem Huseýin hoja-diýip, salam-alek soraşylandan soň
ýaşula ýüzlendi. -Siz jaýy jennet Pederimiziň diňe işgäri bolman, onuň
ýakyn dosty hemdiňiz. Pederimiz size dost hökmünde ýürekden
ynanýardy hem gadyr goýýardy. Menem sizi dost tutunsam, menden
dostlygyňyzy aýamarsyňyz diýip umyt edýärin.
-Aly hezret, elbetde, men gadyrdan dostum Anuş-tegin
hezretleriniň oglundan dostlugymy aýamaryn. Emma Horezmşa
hezretlerine dost bolmak mümkin däl. Çünki patyşalaryň dosty
bolmaýar.
Kütbeddin Muhammet ýaşulydan beýle jogaba garaşmandy. Ol
“pederim ony dogry sözli adam diýýärdi. Onuň aýdýany kimin eken bu
adam” diýip, içini gepletdi-de, oňa ýylgyryp garady. Huseýin hoja hem
beren jogaby üçin beýle mylahatly ýylgyryşa garaşmandy. Ol gaharlanar
ýa-da öýkelär diýip pikir edipdi.
-Ýaşuly, kakam sizi dogry sözli adam diýýärdi. Dogry sözli
bolmak gowy, emma häzirki maňa beren jogabyňyz dogry däl, has
dogrusy maňa degişli däl. Sebäbi, meniň size teklip edýän dostlugym
patyşanyň ýönekeý raýat bilen dostlugy däl-de, ogulyň ata dosty bilen
dostlugy. Eger siz şeýle dostlygy hem ret edýän bolsaňyz, meniň
zorlugym ýok, çünki zorluk bilen dost bolup bolmaýar. Ýöne siz
pederimiň dosty hökmünde maňa tüýs ýüregiňizden birazrak kömek
etseňiz sizden juda minnetdar bolardym.
Patyşanyň özüni ulumsylykdan şeýle daşda tutuşy we ýürekden
syzdyryp aýdan sözleri Huseýin hoja gaty täsir etdi. Ol özüniň gödegräk
jogap berenine ökündi.
-Aly hezret, meni dogry düşünmegiňizi haýyş edýärin-diýip, ol
gödekligini ýuwmarlamaga başlady. -Men sözümiň başynda dostumyň
oglundan dostlugymy aýamaryn diýmek bilen sizden dostlugymy
aýamajagymy aýtdym. Soňunda patyşalaryň dosty bolmaýar diýmegim
bolsa patşanyň hakyky dosty kanundyr, onuň kanundan başga dosty
bolmaly däldir. Kanuny bozan adam kimem bolsa jezalandyrylmaly
diýdigimdir.
70
Kutbeddin Muhammet Huseýin hoja synçy nazaryny dikip, bir
salym dymdy. Bu dymyşlyk hojanyň ýüregine howsala saldy, ýolbarsy
ýadyna düşürdi: “Alla janlarym, ýolbarsy gyjyndyraýdymmy?” diýip,
sakawyň soňuna garaşdy.
-Muhterem hoja, kanuny bozan adamyň jezalandyrylmalydygyny
diňe hojalar däl, patyşalar hem bilýär-diýip, Kutbeddin Muhammet
kynaýaly ýylgyranda Huseýin hoja soňky sözüni nädogry aýdanyny,
patyşa ýönekeý bir zatda akyl öwreden ýaly bolanyny aňdy, indi uzur
soramaly boldy:
-Aly hezret, meni bagyşlaň, men bir...
-Bolýa-da, bu gepi goýaly, hojam, esasy meseläni gepleşeli-diýip,
Kutbeddin Muhammet hojanyň sözüni kesdi. Huseýin hoja patyşanyň
özüne “hojam” diýip, dostana sözlänine göwni göterilip, ýüzi açyldy.
Horezmşa sözüni dowam etdirdi.
-Siz dostuňyz Anuş-tegin hezretleriniň oglundan dostlugyňyzy
aýamajagyňyz çynyňyz bolsa, oňa döwlet işinde zerur kömegiňizi hem
aýamarsyňyz, ahbetin!
-Aly hezret, menden näme kömek gerek bolsa başym bilen ýöräp
ederin.- diýip, Hüseýin hoja ýerinden turup, bir elini gursagyna goýup,
başyny egdi.
-Oturyň, hojam, sag boluň! Kömegi başyňyz bilen däl, aýagyňyz
bilen ýöräp etseňiz hem bolýar-diýip, patyşa degişip ýylgyrdy. Huseýin
hoja oturanyndan soň ol köşgüň özüne nätanyş ýagdaýy barada gürrüň
edip, hojadan emeldarlaryň häsiýetlerini, niýetlerini ýagny kimiň
kimdigini aýyl-saýyl etmäge kömek bermegini haýyş etdi. Haýyşynyň
soňunda:
-Adatda patyşalaryň köşki pitnäniň öýjügi bolýar. Biziň
köşgümizde hem pitneçilige meýilli adamlaryň bolmagy ähtimal, hojam.
Eger şeýle adamlar bar bolsa, köşki olardan arassalamaly. Köşkde
agzybirlik, asudalyk höküm sürse, ýurtda hem agzybirlik, asudalyk
bolýar-diýdi. Huseýin hoja birden jogap bermedi, bir salym dymdy. Ol
öň diwanda işläni üçin köşk emeldarlarynyň köpüsini tanaýardy,
käbirleriniň hüý-häsiýetine hem ýetikdi. Emma häzirki wagtda olaryň
näme niýetleriniň, näme pikirleriniň bardygyny ol nirden bilsin. Muny
bilmek üçin olaryň içinde bolmagy gerek. Ol bu hakda dil ýaranynda
Horezmşa onuň pikirini makullady.
-Muhterem hojam, sizi pederimiziň ýerine şyhny bellemek niýetim
bardy. Indi bu işi wagtlaýynça özümiz amal edip durarys. Sizi bolsa
71
maksadymyza laýykykda büzrük hajyp wezipesine geçirip, köşge
getireris.
Huseýin hoja ýerinden turup, tagzym etmek üçin gozgananynda
Horezmşa:
-Oturyň hojam, gerek däl. Bir zat gaýtalanyberse ähmiýeti gaçýardiýdi. Horezmşa Kutbeddin Muhammediň kiçi göwünliligi Huseýin
hojanyň göwnünden turdy, oňa bolan hormaty has artdy.
Duşuşyk uzaga çekmese-de, birnäçe möhüm meseleler ara alyp
maslahatlaşyldy. Patyşa hojanyň beren maslahatlary üçin minnetdarlyk
bildirip, ony hormat bilen ugradyp goýberdi.
***
Huseýin hojanyň baş hajyp wezipesine bellenilip, köşge
getirilmegi emeldarlaryň köpüsine ýokmady. Baş wezir Omar al
Nyzamy bolsa Huseýin hojany halamaýanlaryň hatarynda däldi. Ol
hojany dogry sözli halal adam bolany üçin hormat edýärdi. Onuň özü-de
halal, hakykatçy, şahyr terbigatly adamdy, parsyda, türkide gazallar hem
ýazýardy. Huseýin hoja onuň gowy adamdygyny, oňa ynansa
bolýandygyny patyşa aýdypdy. Emma bu gowy adam sähel zady
göwnüne alýan, öýkeçiräk häsiýete eýedi. Ol Horezmşanyň Huseýin
hojany oňa maslahat salman şeýle ýokary wezipä çekenini özüne
hormatsyzlyk hasap edip, iküç gün içini hümledip gezdi. Ol öýkesini
patyşanyň özüne aýtmaga milt edip bilman, Huseýin hoja bilen ikiçäk
duşanlarynda oňa dil ýardy:
-Biradary eziz, men sizi juda hormat edýärin, siziň köşge
geleniňize biçak begendim. Emma Horezmşa hezretleriniň siz barada
weziri büzrük hökmünde maňa maslahat salmanlygy göwnüme geldi.
Dogrusy bu baş wezire hormatsyzlyk, pisint etmezlik boldy. Men büzrük
wezir hökmünde waly Ekinçi ibn Koçkara, Horezmşa Kutbeddin
Muhammede däl, ata Watanym Horezmin ýurdyma hyzmat etdim. Indi
biziň hyzmatymyz Horezmşa hezretlerine gerek däl bolsa, ol hezretden
dynç almaga rugsat sorajak.
Huseýin hoja büzrük weziriň öýkesini ýazmak üçin oňa mylakatly
ýylgyryp garap, delilli sözler aýtmaga çalyşdy:
-Gadyrdan weziri agzam, siz nähak edýäňiz. Horezmşa
hezretleriniň men barada siz bilen maslahatlaşmanlygy meniň hatam,
men oňa siz barada ilki aýtmandyryn. Ol hezret sizi gowy tanamanlygy,
nähili adamdygyňyzy bilmänligi üçin maslahat salmandyr. Ýaňy
ýakynda men siz hakda Aly hezrete aýtdym, düşündirdim. Mundan
beýläk Aly hezret siziň hormatyňyzy ýerine goýar. Şonuň üçin gitjek72
goýjak diýen gürrüňi etmäň. Ýaş patyşamyza, häzirki wagtda ikimiziň
hyzmatymyz, kömegimiz juda zerur.
Huseýin hojanyň sözlerinden soň büzrük wezir bir salym oýa
çümdi, köşeşen bolmaga çemeli, kellesini galdyryp:
-Hä, patyşamyz entek ýaşlyk edip, käbir işlerde hata goýberäýmegi
ahmal, oňa dogry ýoly salgy berip durmaly bolar-diýdi.
Omar al Nyzamy bilen Huseýin hojanyň arasynda bolan gürrüňiň
ertesi büzrük wezir hemişekisi ýaly irden köşge işe geleninde özünden
hem öň hökümdara salama gelen emeldarlaryň tagt eýwanyndan çykyp
barýanlaryny görüp: “Täze patyşanyň göwnüni awlajak bolýanlar
köpeldow” diýip hüňürdedi. Ol hem köşgüň tagt eýwanyna girip,
Kutbeddin Muhammede adatdaky patyşalara edilýän tagzymy berjaý
edeninden soň kellesini galdyryp, salam bereninde patyşanyň özüne bir
hili manyly ýylgyryş bilen garap oturanyny gördi. Ol bu manyly
ýylgyryşyň sebäbini şol bada duýdy. “Hah, zaluwat, düýnki gürrüňi
eýýäm ýetiripdir-ow” diýip içini hümletdi. Onýança patyşa:
-Waleýkim essalam, salamatmysyňyz, muhterem weziri agzam?diýip soraşdy. Soňra oňa mylakatly nazar bilen, garap:
-Muhterem weziri agzam, bizden bir hata geçipdir, munuň üçin
sizden uzur soramakçy bolýan-diýdi.
-Aly hezret, patyşalar raýatyndan uzur soramaýarlar, çünki olar has
beýikdedirler.
-Ýok, weziri agzam. Dünýäde hakykatdan beýik närse ýokdyr. Ol
patyşalardan hem beýikdir. Men şu hakykatyň hatyrasyna sizden uzur
soraýaryn, çünki siziň bizden närazylygyňyz hak, biziňki nähak
bolupdyr.
Horezmşanyň bu sözünden soň büzrük weziriň köňlündäki kitüw
bätamam aýryldy.
-Aly hezret, siz hem meni bagyşlaň. Adam garradygy saýyn ýüregi
ýukalýan ekeni...
-Ýüregi ýukalsa-da akly, danalygy goýalýandyr, möhterem weziri
agzam-diýip, patyşa weziriň sözüni böldi. -Biz siziň we Huseýin
hojanyň
danalyklaryňyzy,
durmuş
tejribeleriňizi
döwletimizi
dolandyrmakda peýdalanarys. Siz we Huseýin hoja meniň iki ganatym
bolarsyňyz. Guş hem iki ganaty bolmasa asmana göterilip uçup
bilmeýär.
Büzrük wezir Omar al Nyzamy onça-munça hoşamatlara ynanýan
adam däldi. Ýöne şeýle bolsa-da, özüni monça bolan kimin görkezdi.
73
-Muhterem weziri agzam, bu günki işi nämeden başlasak makul?
Siziň taýýarlan näme meseleleriňiz bar?-diýip, Horezmşa resmi äheňde
sorady.
-Aly hezret, mesele hem bar, ýöne ilki sizi gutlamak üçin
Horasandan emir Dadbek Habaşiniň iberen wekillerini kabul etseňiz
gowy bolardy.
-Biziň häzir olaryň gutlagyna zerurçylygymyz ýok. Başga möhüm
mesele bolsa ilki şoňa seredeli.
-Aly hezret, size uly hormat goýup, mübäreklemek üçin uzak
ýoldan gelen myhmanlary garaşdyryp goýsak, bir hili bolaýmasa.
-Siz näme, olaryň diňe bizi gutlamak üçin gelmändiklerini
bilmeýäňizmi! Meniň gaharym gelýäni tagta çykanymyza entek doly bir
aý hem bolanok. Alty aýdan dagydan gelenlerinde bolmaýarmy!
Büzrük wezir şundan soň özüniň sadalygyna, gutlagyň aňyrsynda
patyşanyň gaharyny getirýän zadyň bardygyny aňdy. “Eý Omar, Omar,
garrap pähimiň kütelipdir. Şujagaz ýönekeý zada-da aklyň ýetenokmy”
diýip içini hümletdi. Horezmşa Kutbeddin Muhammet hem Dadbek
Habaşa bolan gaharyny ýüze çykarsa-da, “Nämä gaharyň gelýär. Ol
eden hyzmatynyň hakyny soraýandyr, bermezlige hakyň ýok” diýip içini
hümletdi. Bu iç hümletmelerden soň dymyşlygy büzrük wezir bozdy:
-Aly hezret, siziň ýaňy adam garradygy saýyn akly goýalýar
diýeniňiz maňa degişli däl öýüdýän. Men ol wekilleriň gelmeginiň düýp
maksadyny siz aýdýançaňyz pähimlemändirin.
-Onda, siziň teklibiňiz boýunça ilki wekilleri kabul edeli, ana
şonda olaryň gelmeginiň asyl maksadyna göz ýetirersiňiz.
Şu pursatda büzrük wezir özüni nalajedeýin, ukypsyz, eýeleýän
belent wezipesine nälaýyk adam ýaly duýdy.
-Muhterem weziri agzam, indi wekilleri kabul edýän bolsak, ähli
hadymlar ýygylsyn. Olary adatdaky düzgüne görä dabaraly kabul edeli.
-Emriňiz bir sagada berjaý ediler, Aly hezret-diýip büzrük wezir
ýene bir gezek tagzym bilen tagt eýwanyndan çykdy. Çykan ýerinde-de
baş hajyp Hoja Huseýin gabat geldi. Salam-alekden soň baş wezir:
-Düýünki eden gürrüňimizi ýetiren ekeniňiz-ow-diýip, kellesini
ýaýkady.
-Näme, ýetirip ýaman edipdirinmi?
-Bir hasapdan ýamanam etmänsiňiz. Patyşamyzyň meniň
öýkelegiräk häsiýetimiň bardygyny bilip goýany gowy bolupdyr.
-Hä, şeý diýiň-de. Ýogsa, siz maňa minnetdar bolmakdan ötri,
kelläňizi ýaýkap, nägile boljak bolýaňyz.
74
-Ýok, ýok! Muhterem Hoja, sizden nägile bolamok. Kelle
ýaýkamak meniň gowy däl endiklerimiň biri. Ine siziňem gije galýan bir
gowy däl endigiňiz bar eken, şol sebäpli siz häzir Aly hezretleri bilen
duşup bilmeýäňiz-diýip büzrük wezir degişip güldi.-Aly hezret maňa bir
sagada ähli hadymlary ýygmagy tabşyrdy. Özi oňa çenli hashanasyna
çykan bolmaly.
-Näme, meşweret13 geçirmekçimi?
-Ýok, Horasandan gelen wekilleri dabaraly kabul etmekçi.
Eşidensiňiz Horasandan kyrk atlynyň goragynda iki wekil gelenini?
-Hä, eşitdim, habarym bar.
Büzrük wezir Huseýin hoja bilen gürrüňini gutaryp, patyşanyň
buýrugyny ýerine ýetirmäge girişdi. Ol köşk sahybyny ýanyna çagyryp,
ähli emeldarlary tagt eýwanyna ýygnamagy tabşyrdy, özi diwana baryp,
köşkden daşardaky döwlet işine dahylly kişilere adam iberdi. Şeýlelikde
bir sagadyň içinde ähli hadymlar tagt eýwanyna ýygnandy. Horezmşa
hem adamlary uzak garaşdyrmady. Onuň gelýänligini yglan eden
saraýbanyň sesi ýaňlananda eýwandaky şowhun ýatyp, adamlar tagzyma
taýýar bolup durdylar. Salyhatly ädimläp, girip gelen Horezmşa özüne
tagzym edip duran jemagata salam berip, tagtyna geçip oturdy. Şundan
soň öz mertebesine görä tagtyň sag we çep tarapynda duran emeldarlar
hem dyz epip ornaşdylar. Horezmşa özüniň sag tarapynda oturan büzrük
wezire baş atyp, “başlaberiň” diýen yşaraty etdi.
-Muhterem emirler, begler, ulamalar-diýip, büzrük wezir söze
başlady. -Size mälim bolsunki, bu ýygnanyşygymyzyň sebäbi
Horasanyň emiri Dadbek Habaşy jenaplarynyň adyndan biziň
hökümdarymyz Kutbeddin Muhammet Horezmşa hezretlerini
Horezminiň tagtyna çykmagy mynasybetli gutlamak hem-de sowgatsalamlaryny gowşurmak üçin gelen wekilleri dabaraly ýagdaýda hormat
bilen garşylamakdyr.
Büzrük wezir sözüne dyngy berip, eýwana esewan etdi. Hiç
kimden seda çykmady. Bu dymyşlygyň närazylyk alamatydygyny şa-da,
wezir-de duýdylar. Kimdir biriniň horasanlylaryň diňe Horezmşany
gutlamak üçin gelmändiklerini, olaryň Horezminiň gaznasyna we
degnasyna degýän talaplarynyň hem bardygy barada gep ýaýradandygy
belli boldy. Şonuñ üçin bu adamlaryň wekilleri ýerlerinden turup,
hormat ilen garşy almajaklary ýa-da ýarysynyň turup, ýarsynyň turman
bir gelşiksiz ýagdaýyň ýüze çykmagy ähtimal diýen pňikir bilen şeýle
ýagdaýyň öňüni almak üçin Horezmşa oturanlara ýüzlendi:
13
Meşweret-ýygnak, geňeş
75
-Muhterem jenaplar, “Myhman ataňdan uly” diýen ata-babadan
gelýän nakyl bar. Şoňa görä olary hormat bilen kabul edeli. Bizi
gutlamak üçin gelen bolsalar, gutlagyny diňläli, sowgat-salamy bar bolsa
ony-da gaýtarmaly, alaly. Onsoň bizden näme talaplary bolsa inçelik
bilen jogap berip, sag-aman yzyna ugradaly. Soňra-da öz bilenimizi
edibereris.
Horezmşanyň sözleriniň manysyny, äheňindäki kinaýany duýan
adamlar patşanyň hem özleri bilen pikirdeşdigini düşündiler. Şundan soň
Horezmşa wekilleriň hormat bilen garşy alynjakdygyna ynanç hasyl
edip, olary teklip etmegi buýurdy. Patyşanyň kabul etmegine düýnden
bäri garaşyp ýatan wekiller bu gün kabulhana gelip otyrdylar. Köşk
sahyby çykyp, olary içeri teklip etdi.
-Essalamu-aleýküm!-diýip, gapydan içeri ätlän iki sany elleri ýol
torbaly daýaw pyýada Horezmşa oturan tagtyň öňüne gelip, torbalaryny
ýerde goýdylar-da, tagzym etdiler. Olaryň biri gara gytyk sakgaly,
beýlekisi ösgüniräk çal sakgaly kişilerdi. Tagzymdan başlaryny
galdyranlaryndan soň çal sakgally wekil:
-Muhterem Kütüb-äd-Din Muhammet horezmşa Aly hezretleri!diýip söze başlady. -Siziň Horezminiň tagtyna çykmagyňyz mynasybetli
biziň beýik emirimiz, Horasan ýurdynyň hökümdary Dadbek Habaşi
hezretleri özüniň mähirli gutlagyny we sowgat-salamlaryny size
gowşurmak üçin bizi Horezmine iberdi.- Wekil sözüne dyngy berip
goltugyndan naý şeklinde dolanan, bir ujy zer gotazly gutlagnamany
çykardy.- Ejaza berseňiz özüm okap bereýin - diýip, Horezmşanyň
başyny atanyndan soň okap başlady:
-Gadyrly, gymmatly inimiz Kutub-ed-Din Muhammet horezmşa,
biz kim, Horasan ýurdunyň hökümdary Dadbek Habaşi agaňyz, sizi,
Horasandan biziň uçuran Döwlet guşunyň başyňyza gonmagy bilen
Horezmin ýurdynyň täji-tagtyna eýe bolmagyňyz mynasybetli çyn
kalbymyzdan mähirli mübärekbad edýäris. Indilikde Horezmin ülkesiniň
Horasan
döwletiniň
howandarlygynda
bolmagy
ýurdyňyzyň
asudalygyny berkarar edip, üstüňizden guş uçmaz...
Gutlagnamanyň yzy-da şeýle howaýy-dabaraly sözlerden ybarat
bolup, wekil ony barha belent ses bilen labyzly okamaga çalyşýardy.
Horezmşa bolsa gutlagnamada Habaşiniň özüni “aga” ony “ini” diýip
atlandyrmagynda “Sen meniň garamagymdaky adam, maňa doly boýun
egmelisiň” diýen manylaryň bardygyny aňyp, içinden gaharlansa-da,
gaharyny daşyna çykaranokdy, çykarmaga-da hakynyň ýokdugyny
duýýardy. Çünki, özüniň Horezminiň tagtyna, gutlagnamada ýatladylan
76
“Horasandan uçurlan döwlet guşunyň” sebäp bolandygy dogrudy. Emma
Kutbeddin Muhammet hem beýleki taçdarlar ýaly özüne edilen
hyzmatyň, ýagşylygyň ýatladylmagyny islänokdy. Aýratyn-da,onuň üçin
özüni bergidar duýmagy halanokdy. Taryhda näçe täçdarlar özüni tagta
çykaran adama bergidarlyk duýgusyndan dynmak üçin şol adamyň özüni
ýok edipdirler. Eýranyň meşhur şalarynyň biri Kir hem şeýle edipdir.
Eýranda däbe görä tagta dalaşgärleriň münen atlaryny atbakarlary idip,
paýtagtyň baş meýdanyna çykýan ekenler. Şonda kimiň aty ilkinji
kişňäp, çarpaýa galsa şol adam şa bolýan ekeni. Şalyga dalaşgärleriň
meýdana çykmaly gününden bir gün öň Kiriň atbakary oňa “Sahyp, siziň
atyňyz ilkinji bolup kişňär, siz şa bolarsyňyz” diýipdir.
Kir şol wagt “bu bir ýagşy dilegdir-dä” diýip kän bir ünüs
bermändir. Ertesi irden ähli dalaşgärler jylawynda atbakarlary bilen
meýdana gelip, hatar durýarlar. Baş eminiň: “Julawdarlar, atlaryň
jylawuny goýberiň!” diýen sesi eşidilenden Kiriň atbakary jylawy
goýberen badyna at kişňäp, çarpaýa galýar. Şeýdip şa bolan Kir
atbakaryny çagyryp:
-Sen bu boljak işi nädip öňünden bildiň?-diýip soraýar.
-Kyblaýy älem, atyňyzy özüm kişňetdim. Men gijesine bir baýtaly
ýatyryp, onuň farjine sag elimi sokup ýatdym. Ertesi meýdana atyňyzy
çep elim bilen idip bardym. Eminiň buýrugy eşidilenden çep elimi
jylawdan aýryp, sag elim bilen atyň tumşugyny sypap goýberdim.
Baýtalyň ysyny alan at kişňäp, çarpaýa galdy-diýip, atbakar öz başyna
ýeten syry açypdyr.
Horezmşa Kutbeddin Muhammet bu taryhy biläýende-de, onuň
bergidarlyk duýgusyndan Kir kimin dynmaga mümkinçiligi ýokdy.
Onuň algydary eliniň aşagynda däldi, has belentdedi. Şonuň üçin ol diňe
berip oňmalydy. Emma beresi gelenokdy, özü üçin däl, ýurdyň bähbidi
üçin beresi gelenokdy. Galyberse-de, ol Horezminiň tagtyna eýe
bolmagyny pelek işidir, ykbalyma ýazylandyr, Dadbek Habaşy bolsa
Allanyň eradasyny ýerine ýetirijidir diýip düşünýärdi. Onsoňam ýaňy
ýakynda özi Ispyhanyň tabynlygyndaky ülkäniň häkimi bolup, Soltanyň
öňünde gol gowşuryp duran adamyň indi ülkesini özbaşdak eden bolup,
Horezmine-de agalyk etjek bolýanyna pisindi oturanokdy.
Wekil gutlagnamany okap bolup, ony öňküsi ýaly dolady-da, iki
elläp Horezmşanyň eline berdi. Soňra torbasyndan çykaran gymmat
bahaly zerbap dony, ýakut, zümret daşlar bilen bezelen gaýyş kemeri
eline alyp, Horezmşaga ýüzlendi:
77
-Hezreti Alylary, Size emirimiz Dadbek Habaşi hezretleriniň
hormatynyň nyşany bolan şu teberrik sowgatlary gowşurmaga ejaza
beriň!
Ol tagtyndan turup özüniň golaýyna gelen Horezmşanyň egnine
dony geýdirip, kemeri biline dakdy, soňra:
-Hezreti Alylary, bagtyňyz, ykbalyňyz şu zerbap don ýaly hemişe
ýalpyldap dursun. Bu keramatly daşlar bilen bezelen kemer bolsa
biliňize egsilmez kuwwat bersin!-diýip tagzym bilen yza çekildi.
Horezmşa tagtyna oturanyndan soň ikinji wekil öz torbasyndan zer
seçekli namazlyk halyny alyp, Horezmşanyň aýagynyň aşagyna ýazup:
-Hezreti Alylary, şu namazlyk halynyň üstünde okan her bir
namazyňyz Allatagallanyň dergähinde müň bolup kabul edilsin-diýdi.
Soňra goltugyndan gutlagnama ýaly dolanan kagyz çykaryp, ony iki
elläp Horezmşanyň eline berdi:
-Hezreti Alylary, eliňizdäki iki nusgada ýazylan Horasan bilen
Horezminiň hyzmatdaşlygy, gatnaşyklary dogrusynda ýazylan
şertnamadyr. Onuň bir nusgasyna möhüriňizi basyp, ony we onda
görkezilen närseniň ýarysyny bizden berip ibermelidigiňizi emirimiz
Dädbek Habaşy hezretleri size duýdurmagy bize tabşyryp goýberdidiýip wekil tagzym edip yza çekildi. Horezmşa wekiliň soňky sözlerine
dişini gysyp zordan çydady, emma syr bildirmedi. Ol berip goýbermeli
diýen närsäniň möçberini bilmek üçin şertnamanyň birini açdy, ondaky:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 07
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.