Latin

Gürgenç II - 14

Total number of words is 3708
Total number of unique words is 2151
30.4 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
50.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
diwarlaryny ýumurýan äpet gurallaryň zatlary we azyk, iým ardylan alty
tigirli düýe goşulan arabalar bilen pyýada goşun ýeri sarsdyryp barýardy.
Goşunyndan göwni hoş Atsyz atyny öz maýdalyna goýberip, hyýal
derýasynda ýüzüp barýardy: “Bu dünýäde hemme zadyň hasap-hesibi
bolmaly. Hasaply dünýä diýip ýöne ýere aýdylmandyr. Biriniň ary
birinde köýmeli däldir. Eger köýdürse ary köýeniň özi namyssyz
biheppedir. Men arymy köýdürmen. Söýgüli perzendim Atlygyň bir jany
üçin Sanjaryň janyny müň gezek alaryn” diýip içini gepledip barýan
Atsyz Buharany Horezmşanyň basyp alandygy hakyndaky habaryň
soltan Sanjara nähili täsir etjegini göz öňüne getirmäge çalyşýardy. Ol
göz öňüne getiren zatlaryny amala aşyrmak üçin nazarlan menziline
tizräk ýetmäge näçeler howlugsa-da, atlaryň, pyýadalaryň ganaty
ýoklugy sebäpli uzak ýoly ýakyn etmegiň mümkinçiligi hem ýokdy. Bir
ýagşysy, onuň uçgur ganatly hyýal aty bardy. Ol şol hyýal atyna atlanyp,
islän ýerine göz açyp ýumasy salymda baryp, islän işini edip bilýärdi.
“Dag başy dumansyz bolmaz, är başy hyýalsyz” diýenleri dek ol dürli
hyýallara gümra bolup, menzile ýetenini hem duýman galdy. Şeýlelikde,
534-nji hijriniñ güýzünde Horezmşanyň goşuny Buharany gabady.
Buharanyň soltan Sanjar tarapyndan goýlan walysy Zäňgi ibn Aly
Horezmşanyň öz üstüne goşun çekip gelýänini birje gün öňünden bilip
galdy. Ol gudratly soltanyň tabynlygyndaky şäheriň üstüne goşun çekip
gelmäge hiç kim milt edip bilmez diýip pikir edýärdi. Bolsa-da, ýaňy
ýakynda soltan Sanjaryň zarbasyna uçran Horezmşanyň bu işe neneň het
edenine haýran galýardy. Haýran galsa-da galmasa-da, indi onuň
goranmak çärelerini görmekden özge alajy ýokdy. Ol galanyň depesine
bar güýjüni çykardy. Okýaýçylar, daş atyjylar hüjüm başlansa garşy
herekete şaý bolup durdylar. Bulardan başga-da, uly demir gaplarda gara
165
ýaglary we oňa batyryp, otlap duşmanyň üstüne oklanýan zatlar hem
ýokary çykaryldy. Depedäkiler “degmedige degme” diýlenini edip,
horezminlileriň hüjümine garaşýardylar. Horezmşa bolsa walynyň
wekilleriniň aman diläp gelmegine garaşýardy. Emma wekillere derek ak
kagyz dolanan bir peýkam Atsyzyň atynyň aýagynyň golaýyna gelip,
ýere sanjyldy. Horezmşanyň yşaraty bilen kätip Reşiteddin Watwat
atyndan böküp düşüdi-de, peýkamy çekip alyp, oňa dolanan kagyzy
Atsyzyň eline berdi. Atsyz kagyzy açyp, ondaky ýazga göz gezdirýärkä
gaharyna ýüzi gara bagyra döndi, gözlerinden gazap uçgunlary syçrady.
Horezmşany beýle dergazap eden ýazgynyň mazmuny şeýledi: “Eý,
özüni Horezmşa atlandyryp ýören Mälik şanyň gulunyň neberesi, sen
juda hetdiňden aşanyňy bileňokmy?! Men soltanymyza seniň goşun
çekip gelýäniň hakynda habar iberdim. Ol tiz arada ýetip geler. Eger
janyň gerek bolsa, yzyňa tirkäp gelen bendeleriň ganyna galmajak
bolsaň, gelen yzyňy tozan basmazdan yzyňa dolan! Buharanyň walysy
emir Zäňgi ibn Aly”
Horezmşa: “Men seniň emir bolsaň emiňi bererin” diýip, elinde
titräp duran kagyzy dört epläp, goltuk kisesine saldy-da, hüjüme
taýýarlyk görmäge buýruk berdi. Oňa görä muhandisler, ussalar zabt
ediji gurallary gysga wagtyň içinde gurnap, hüjüme taýýar etdiler. Şol
bada-da, goşunyň ýörite bölümi ol sülsatlary öňe sürüp, hüjüme başlady:
Manjalykçylar ýol ugruna ýygnap gaýdan äpet daşlaryny gala diwarynyň
bellenen ýerini nazarlap atsalar, matarysçylar we jamalukçylar güýçli
urgy bilen diwary bir çetden opurýardylar. Salalamçy bölümiň urşujylary
bolsa, salalam-merdiwanlaryny gala diwaryna diräp,
ýokary
dyşrmaşýardylar. Hüjüm başlanandan ýokardakylar hem garşy herekete
geçip, duşamnyň üstüne peýkamlary, kelle ýaly daşlary ýagdyryp
ugradylar, munuň üstesine gara ýagyň ýanýan ysyny kükedip, alawly
tokgalary inderýärdiler. Togalanyp gelýän otlaryň kä birleri zabt
gurallarynyň üstüne düşüp, ýanyp başlanyndan haýdan-haý öçürýärdiler.
Merdiwanlardan ýokary dyrmaşyp barýanlary ot degeni merdiwan bilen
bile aşak gaýyp gaýdýardy. Emma bir merdiwanyň ýerine ikisi
dikeldilip, hüjüm has hyjuwly gidýärdi
Gykuw, zenzele asmana çykyp, söweş barha gyzýardy. Bu aldymberdimli jeň aram-aram arakesme bilen bir hepdä golaý dowam etdi. Şol
arada zabt gurallarynyň ezberlik bilen işledilmeginiň netijesinde gala
diwarynyň uly bir bölegi ýykylyp, geçelge emele geldi. Ondan ilki
pyýadalar geçip atly goşun üçin derwezäni açdylar. Şähere eňen leşger
köçelere ýaýrap, ilata talaň salyp ugrady.
166
Şähere leşgerden soň girip, goragyndaky iküç ýüz atlynyň öňünde
köşge tarap barýan Horezmşanyň birinji maksady peýkama dolap, iberen
haty üçin waly Zäňgi ibn Aly bilen haklaşmakdy. Emma köşgiň
öňündäki meýdanda duran ak sakgally, ak geýnüwli ulamalara gözi
düşende kalbynda öç ody biraz peselen dek boldy. Atsyz olara golaýrak
baryp, atynyň başyny çekdi. Emma atdan düşmedi. Onuň öňüne
ulamalaryň özleri gelip, çalarak baş egdiler. Sap bolup duran ulamalaryň
içinden has salyhatly, eli gymmat bahaly hasaly biri Horezmşaga göni
bakyp ýüzlendi:
-Muhterem Ala-ad-din Abul Müzäffär Atsyz Horezmşa hezretleri,
Men Buharaýy şarifiň Şeýhulyslamy Bahaweddin Usman ibn Omar
Buharydyrmen. Biz şu şähri azymyň ulamalary bolup, sizden etjek
birinji towakgamyz: ilata aman beriň we talaňy bes etdiriň!
Şeýhulyslamyň buýruk äheňindäki ýüzlenmesine Atsyzyň myrryhy
atlandy we jogaby-da şoňa laýyk boldy:
-Muhterem jenaplar, eger siz ilata aman dilejek bolsaňyz, galadan
daşarda, uruşdan öň dilemeli ekeniňiz. Ine şonda, uruş hem bolmazdy,
gan hem dökülmezdi. Indi, siz aýtmasaňyzam dynç ilatyň ýekejesine-de,
tyg çekilmez. Talaň diýeniňiz bolsa erte-indin bes ediler. Alys ýoluň
tanabyny çekip gelen leşger yzyna boş gaýtsa bolmaz, ahryn. Ulamalar
ýüzlerine urlan ýaly bolup, biri-birine “bu nähili boldy?” diýen manyda
seredişdiler. Atsyz olary mylaýymlyk bilen ýene-de çüýledi:
-Jenaplar,
birinji
towakgaňyzyň
jogaby
sizi
kanagatlandyrmandygyny bilýän. Nätjek, ýagdaý şeýle. Indi ikinji
towakgaňyz bolsa, ony-da aýdyberiň.
Horezmşanyň kinaýasy beýlekilere degmese-de, hökümdarlar bilen
dogry durup sözleşip öwrenen Şeýhulyslama gatyrak degdi. Ol
arkasynda dil ýetirilmez dini-yslam duransoň gorkman, Horezmşaga dik
gepledi:
-Muhterem Horezmşa hezretleri, indi sizden etjek towakgamyz
ýok. Ýöne jogap berseňiz bir sowalymyz bar.
-Aýdyň sowalyňyzy, diňleýän.
-Sowalymyz şeýle: Bütin musulman äleminde “Buhara kuwwaty
yslamy din-ast” diýip tanalýan bu mukaddes şäherden näme almaly
kasdyňyz bar, näme maksatda geldiňiz?
Atsyz Şeýhulyslamyň özüne beýle gödek äheňde sowal bermäge
milt edenine içinden dergazap bolan bolsa-da, din wekiline çäre görüp
bilmejegi üçin gaharyny daşyna çykarman, ajy ýylgyrdy:
167
-Tagsyz, siz meniň näme maksatda gelenimi öz gözüňiz bilen
görüp dursyňyz. Kast meselesine gelsek, harby ýörüşler, adatda kast
almak üçin däl, ýurt almak üçin edilýär. Ýöne bizi bijaý sözler bilen
garşy alany üçin walyňyz bilen haklaşmaly bolýas. Ol köşgüň haýsy
burçynda gizlenip ýatan bolsa-da, ony taparys.
Şeýhulyslam sowalyna laýyk jogap alanyndan soň, hökmürowan
kişi bilen mundan artyk dikleşmegiň howplydygyny duýup, hörpünden
düşdi. Ol:
-Aly hezret, waly köşkde ýok. Biz hem ony ol ýerden tapmadyk.
Tapan bolsak ony-da siziň öňüňize alyp çykyp uzur soratmakçydyk.
Atsyz Şeýhulyslamyň “uzur soratmakçydyk” diýeninden peýkamda
iberilen hatdan bu selleli kelleleriň hem habary bardygyny aňdy. “Ah, bu
akja selleleri aşagyndaky gara kellelerden azat edäýmeli weli, düzgüne
dogry gelenokda” diýip, içini gepleden Atsyz:
-Jenaplar! Biz köşge geçmekçi, eger atlaryň aýagynyň aşagynda
galmajak bolsaňyz, ýoldan aýrylyň!-diýdi. Bu gödek buýruk olaryň
peýkamda iberilen hata dahyllydygynyň jogabydy.
Ulamalar Horezmşanyň gazaba münenini görüp, derhal bir gyra
çekildiler. Atlylar hasyrdaşyp olaryň deňinden geçip gitdiler. Horezmşa
köşgüň girelgesiniň öňüne ýetip, atynyň başyny yzyna öwürdi. Ol:
-Ýigitler!-diýip, nökerlerine ýüzlendi.-Buharany aldyk. Indi, onuň
köşgüniň içini bir barlap göreli, kim bar, kim ýok. Ýöne içerde, kim
bilýä, gireniň kellesini almaga gylyç ýalaňaçlap duranlar bolaýmagy
hem ahmal. Şonuň üçin bizem ätiýajy elden bermän gylyç ýalaňaçlap
gireli. Hol ýüzbaşynyň ýigitleri atlara seredip galsyn, başgaňyz meniň
bilen ýörüň!
Horezmşa atyndan düşüp, gylyjyny gynyndan sogranyndan iki
ýüze golaý nökerler onuň göreldesine eýerip köşge eňdiler. Bir sagada
golaý wagtyň içinde nökerler köşgüň ähli otaglaryny häremhanadyr,
aşhanalaryny, hammamlaryna çenli barlap çykdylar. Hemme ýer
kimsesiz bom-boşdy. Ýöne köşgüň bagyna aýlanan nökerler ol ýerden
orta ýaşlaryndaky köseleç bir adamy tapyp, Horezmşanyň ýanyna
getirdiler. Bu wagt Atsyz tagt eýwanynda hajyplary bilen diwarlardaky
altyn çaýylan islimi nagyşlary synlap ýördi. Ol tutup getirlen adama
boýdan-başa göz aýlap:
-Sen kim?-diýdi. Ol adam:
-Maňa beýle sorag berýäniň kimdigini bilsem, dogry jogap bererindiýdi. Atsyz bu adamyň gep uruşyna täsin galyp, ýylgyrdy:
-Men Horezmşa Atsyz. Indi, dogry jogap berjekmi?
168
Horezmşa adyny eşiden ol adam iki epilip tagzym etdi.
-Uzur, Aly hezret. Men sizi tanamandyryn. Men şu köşgüň
bagynyň bagbanydyryn . Ismi şeribim Çakyr Çakany.
-Üýtgeşik adyň bar eken, Çakany. Şahyrana tagallusa meňzeş.
-Dogry meňzetdiňiz, Aly hezret. Bu bendäniň aram-aram şygryýet
bossanyna girip çykýan adaty hem bar.
-Hä, şahyrçylykdan hem habarym bar, diýsen-e
-Buharaýy şerifde şahyrçylykdan habary ýok adamyň özi ýok, Aly
hezret. Bazardaky restelerde söwda edip oturan bakgallaryň bary
gazalhan. Eger gazalyny diňlejek adam bolsa bir kadak halwamy,
nabatmy berip, okap berýärler.
Atsyz bagbanyň gepine hahaýlap gülüp goýberdi, soňra:
-Hany, onda şahyr Çakany, bir gazal okap berseň, senden hiç zat
talap etmän, mugtuna diňläli-diýdi.
-Aly hezret, meniň gazallarym diňe parsyda. Düşünseňiz okaýyn.
-Sen näme, Horezmşa Atsyzyň parsyda-da, türkide-de, şygyrlar
ýazýanyny, arapçany-da suwara bilýänini eşitmänmidiň?-diýip, Atsyz
degişme äheňinde aýtsa-da, munuň hakykatdygyny aňan bagban:-Uzur,
Aly hezret, uzur. Täçdar kişileriň arasynda siz kimin talyby ylymlar
seýrek. Beýik soltan diýýänimiz Sanjar hezretleri hem hat-sowatdan
daşda diýip eşidýäris. Şeýle bolansoň siziň hem edebiýat, dil ýaly zatlar
bilen meşgullanmaga wagtyňyz ýokdur öýdüpdim diýdi..
-Seniň soltan Sanjaryň bisowatdygyny eşidip, Horezmşanyň onuň
tersidigini eşitmändigiň gaty geň.
-Aly hezret, beýik adamlaryň feziletlerine garanda kemçilikleri tiz
we giň ýaýraýar. Munuň geňliginiň sebäbi şudur.
-Bu gepiň dogry, şahyr Çakany. Ýöne näme üçin sen gazallaryňy
diňe parsyda ýazýarsyň, sözleýşiň-ä türki, ýa milletiň parsmy?
-Ýok, Aly hezret. Aslym türki kowmdan. Gazallarymy parsyda
ýazýanymyň sebäbi parsy şygryýet dili, türki dil şygryýete kän bir
gelenok.
-Bu gepiň ýalan şahyr. Diňle:
Läli lebiň balyndan dadan kişi beýhuşdyr,
Soňra huşa gelenden perwazy23 belent guşdyr.
Hany şy bendi parsyga öwrüp gör, şunuň ýaly sazlaşykly äheň
berermikä? Her diliň öz gözelligi bar, şahyr.
-Uzur, Aly hezret, uzur...
23
Perwaz-uçuş
169
-Sen “uzurdan” başga söz bilmeýän bolsaň bu mowzugy goýaly.
Indi möhüm işlerden gepleşeli. Sen şu köşkde köpden bäri işleýän
bolsaň bilýänsiň, waly Zäňgi ibn Aly diýenleri nähili adam?!
-Aly hezret, siziň bu sowalyňyza jogap bermezden öň sizem meniň
bir soragyma jogap berseňiz, onsoň men onuň nähili adamdygyny
aýdaýyn.
-Be, täsin-täsin gürrüň edýäň, şahyr. Hany, ber soragyňy.
-Aly hezret, siz köşk emeldarlaryňyz bilen ýygnak edip, söz sözläp
duranyňyzda birini üsgülewik tutup, üsgürse näderdiňiz?
-Men ol üsgürip bolýança garaşardym, soň dowam ederdim
sözümi.
-Waly ibn Aly beýitmedi. Ýakynda bir ýygnagynda meni
üsgülewük bogup, dört-bäş gezek üsgürdm. Ol şol watyň özünde “meniň
gepimi böldüň” diýip, ýalaňaç tenime näçe üsgüren bolsam şonça gamçy
urdurdy. Ine şundan biliberiň onuň nähili adamdygyny.
-Bäh! Şeýle adam diýsene. Gysynma şahyr, ondan seniňem aryňy
alarys. Indi, ony tapmaly. Nirede gizlenip ýatyrka?
-Aly hezret, onuň kuhandizden başga barara ýeri ýok. Ol ähli
emeldarlary, häremi bilen şol ýerde bolmaly.
-Ä-hä! Özümem şeýle pikir edipdim-diýip Atsyz baş serkerde
Aýuphana ýüzlendi - zabt ediji sülsatlary kuhandyza tarap sürüň,
diwarlaryny kül-peýekun ediň! Erte özüm hem bararyn. Aýuphan
ellerini gursagyna goýup, baş egdi-de, şanyň şahsy hyzmatyndaky we
goragyndaky nökerlerden başga egserleri hem alyp köşkden çykdy.
-Şahyr, senem bagyňa baraý. Şu töwerekde bolsaň entek
duşuşarys-diýip, Atsyz bagbana jogap berip goýberdi. Horezmşa
kuhandizi iküç gün bäri alyp bolmajagyny çaklap, biraz dynç almak üçin
nedimleri we nökerleri bilen köşkde galdy. Agşama golaý harç-harajatlar
getirilip, köşgiň aşhanasyndaky gazanlar ataryldy.
***
Horezmşanyň buýrugy bilen kuhandize öýle başlanan hüjüm
agşama çenli dowam etdi. Hüjümiň garşysyna hiç hili gaýtawul
berilmese-de, manjalyklardan atylan daşlaryň diwaryň az-owlak
ýerlerini gädenini diýmeseň, başga bitirlen uly bir iş bolmady. Öňdenem
ýadaw hüjümçiler şu ýerde-kuhandiziň öňündäki meýdanda şamlyk
edinip, şu ýerde-de ýatdylar. Daň atyp, esgerler ýaňy örüp başlan mahaly
goragyndaky atlylary bilen Atsyzyň peýda bolmagy hemmeleri aýaga
galdyrdy. Horezmşa kuhandizi gözden geçirýärkä onuň diwarynyň gaty
berkdigine, buýruk bereninde aýdyşy ýaly ony külpeýekun etmegiň
170
aňsat däldigine düşünse-de, düýnki edilen hüjümiň netijesi üçin baş
serkerde Aýuphana närazylyk bildirdi. Ol ähli zabt ediji grallary işe
salyp, kuhandiziň garşydaky diwaryny doly ýykmaga, eger şundan soň
hem kuhandiziñ içindäkiler çykyp, teslim bolmasalar onuň özüni-de
ýykmaga buýruk berdi.
Şundan soň kuhandiziň öňündäki ýer hakyky jeň meýdanyna
öwrüldi. Dört tigirli arabalarda daşardan daşalýan äpet daşlaryň
manjanyklardan atylandaky zarbasyndan, matarys bilen jambulagyň
güýçli urgusynyň zarbyndan kuhandyzyň diwary sarsyp ugrady. Hüjüme
Horezmşanyň özi başçylyk edip duranyndanmy zabyt barha güýjeýärdi...
Iki gün dowam eden hüjümiň netijesinde kuhandiziň garşydaky
diwarynyň esli bölegi ýumrulyp, içindäki köşkpisint jaýa giň ýol açyldy.
Bir geň galdyran zat ne hüjüm wagtynda, ne indi-de, aman diläp gara
beren adam bolmady. Hörezmşa ýanynda duran baş serkerde Aýuphana
garap:
-Bu jaýyň içindäkiler, entegem soltan Sanjaryň gelerine garaşyp
ýatyrmykalar?-diýdi.
-Aly hezret, göwnüme bolmasa, ol ýerde adam ýok ýaly.
-Goýsan-a, ol bagban bizi aldan-a däldir?
-Belki, aldandyr. Waly Ibn Aly biziň ünsümizi Kuhandize sowup,
özi başga tarapdan gaçyp gutulmak üçin ol adamy ýörite goýup giden
bolaýmasyn, Aly hezret.
-Aý ýog-a! Onda biz kimsesiz ýere iki günläp hüjüm edip, biderek
sunça güýç sarpladykmyka? Hany, manjanaklaryň birini ileri sürüp,
jaýyň gapysyna tarap birki daş atyp görüň, näderkä.
Manjanykdan atylan birinji daş jaýyň iki ganatly belent gapysyna
baryp gütläp gidenden ol pagyş-para bolup gitdi. Ine şundan soň içerden
uwlaşyp ýaş çagalar, aýal-gyzlar, olaryň yzyndan ak, gök selleli, çal,
gara sakgally, eginleri gymmat bahaly donly adamlar çykyp ugrady. Olar
at üstünde hatar duran Horezmşa dagylaryň alnyna ýetip ýetmän,
maňlaýlaryny ýere berip, aman dilediler. Atsyz ýaprylyp ýatan aýalerkek ulularyň arasynda aglaşyp duran çagalara dözmedimi nämemi
Aýuphana:
-Aýallary çagalary bilen goýberiň, bu sellelileri meniň ýanyma
köşge eltsinler. Özüň baş bolup, kuhandiziň içini döküň. Hazyna-da,
atýaragam şu ýerde bolmaly. Baryny olja alyň-diýdi-de, atynyň başyny
yzyna öwrüp, köşge tarap sürdi. Goragyndaky, hyzmatyndaky nökerler
hem onuň yzyna düşdiler. Atsyz ýol ugruna Buharanyň kemsesiz bomboş köçelerini synlap baryşyna talaňa düşen adamlaryň öýlerini içinden
171
temmeläp, daşary çykmaga gorkup oturandyklaryny aňdy, özüni bir hili
günäkär ýaly duýdy. Dynç oturan ilatyň talanmagyna wyždany gynansada, nökerlerine bu işi gadagan edip bilmedi. Sebäbi uzak ýoluň azaryny
çekip gelenler ýöne ýere däl, olja tama edip gelýärler. Onsoňam, talaň
diýilýän zat basybalyjylygyň aýrylmaz häsiýeti bolsa, nätjek.
Atsyz köşgüň öňüne gelip, atyndan düşeninde gün öýleden agypdy.
Ol çaý-suwa-da seretmän, täret kylyp, peýşin namazyny okady. Atsyz
namazdan soň okalýan dogalary, okap, dileglerini edip, aram otagyndan
tagtly eýwana çykanynda özüniň aýdan sellelilerini getiren ekenler. Olar
Horezmşaha gözleri düşenden iki epilip, başlaryny galdyrman durdylar.
Atsyz ýeňijiniň buýsançly sesi bilen:
-Kelläňizi galdyryň, jenaplar. Siziň “mübärek” didaryňyzy görelidiýdi. Olar kellelerini galdyrsalar-da, gözleri aşak goýberilendi. Atsyz
aýak üstünde olary synlaýarka bu ýigirmä golaý adamyň haýsynyň
Zäňgi ibn Alydygyny biljek bolýardy. Hatara duran adamlaryň
ortaragynda duran, sellesiniň maňlaýy sadap ýaly ýakut daşly gara
sakgally, gara meňiz adamda nazary eglenen Atsyz “megerem Waly Ibn
Aly şu bolsa gerek” diýip çaklady. Ol:
-Jenaplar, kelleleriňizi galdyrdyňyz, indi gözüňizi-de galdyraýyňdiýdi. Gabaklary galdyrylan gözleriň käbirinde asudalyk bolaýmasa,
köpüsinde gorky alamaty bardy. Atsyzyň Waly diýip çaklan adamynyň
gözleri bolsa bijaý oýnaýardy. Atsyz oňa nazaryny dikip:
-Jenap Waly, bir ädim öňe ädiň-diýdi. “Ol meniň Walydygymy
nädip bildikä?” diýip haýran bolan Zäňgi ibn Aly injigi sandyrap bir
ädim öňe çykdy. Horezmşa elini goltugyna sokup, dört eplenen kagyzy
çykardy-da, ony Waly Ibn Alya güjeňleýän ýaly edip görkezdi-de:
-Jenap Zäňgi ibn Aly, maňa peýkamda gönderen bu “salam
hatyňyzy” ýeke özüňiz ýazdyňyzmy ýa bu jenaplaryň hem mundan
habary barmy?-diýdi. Waly Ibn Aly ilki näme diýjegini bilmän aljyrap
sägindi. Emma Horezmşanyň özüne dikilen ötgir nazaryna döz gelip
bilmän jogap bermeli boldy:
-Maslahatlaşyp ýazypdyk...
Beren jogabyndan Atsyz bu adamyň baryp ýatan namartdygyny,
eden günäsi üçin jähennem öýüne gitmeli bolsa özi bilen egindeşlerini
hem süýräp gitmekçidigini aňdy. Onuň yzynda duranlaryň biri saklanyp
bilmän, lak atdy: -Dogrusyny aýdyň, jenap Waly! Waly kellesini aşak
salyp geplemän duruberdi. Atsyz lak atana garap:
-Walyňyz-a aýtjak däl öýüdýän, dogrusyny siz aýdaýyň-diýdi.
172
-Horezmşa hezretleri, dogrusy Walynyň aýdyşy ýaly däl, ol haty
özi ýazyp, bize okap berdi we ony size iberjekdigini aýtdy.
-Onsoň siz makulladyňyzmy?
-Ýok, makullamadyk.
-Näme diýdiňiz?
-Hiç zat diýmedik, dymdyk.
-Dymmaklyk razylygyň alamaty-da.
-Ýok, Aly hezret. Biziň dymmagymyz närazylygyň alamatydy.
-Närazylygyňyzy dymman, dil bilen aýdyp bilmediňizmi?
-Aýdyp bilmänligimiziň sebäbini şu bagda bagbanymyz bar,
şondan soraň, aýdar. Men aýtsam ynanmazlygyňyz mümkin.
-Ol eýýäm aýtdy. Diýmek, gamçydan gorkypsyňyz-da.
-Munuň ýaly-da gamçy bilen gutulsak hiç-le. Biz kellämizden
gorkdyk. Bala-çagamyz bar ahryn.
-Düşündim - diýip, başyny atan Atsyz gapyda duran nökerlere:
-Bagbany çagyryň - diýdi. Bagban gapynyň aňyrsynda duran
ekenmi, nöker gapyny açyp, çykjak bolanda, ol içeri girdi. Horezmşa:Bä! Şahyr, adyňy tutanymy eşidip, uçup geldiňmi?-diýdi.
Bagban ilki tagzym edip, soň dillendi:
-Aly hezret, bilesigelijiligim goýmady, Waly dagyny getirenlerini
eşidip, näme gep bolarka diýip, gelip durdym.
-Näme gep bolarka diýip gelen bolsaň, öňürti gepi senden eşideli.
Men saňa “Walydan aryňy alyp berýän” diýip, söz beripdim, aýt, näme
edeli?
-Aly hezret, size öň gürrüň berenim: meniň ýalaňaç tenime alty
gamçy çekdiripdi. Menem şondan köp urjak däl. Ony ýalaňaçlap, maňa
bir gamçy bersinler.
-Ýok, şahyr, waly kişini ýalaňaçlap, biabraý etmäli. Onuň
mertebesine laýyk “abraýly” bir jeza bereli. Şeýtsek onda seniňem,
meniňem arymyz köýmez-diýip, Atsyz nökerlerine-alyp çykyň gözden
daşyrak ýere!-diýdi. Özüniň ölüme buýrulanyny düşünen Waly tapba
dyzyna çöküp, ýalbarmaga başlady:
-Aly hezret, meniňem bala-çagam bar, rehim ediň. Men bir
akmaklyk edipdirin, günämi ötüň, bagyşlaň...
-Diňe özüme dil ýetiren bolsaň bagyşlardym. Sen meniň aslyma,
atama dil ýetirdiň. Seni bagyşlasam atamyň ruhy ynjalmaz-diýip, Atsyz
elindäki kagyzy dört bölüp onuň ýüzüne urdy-da, - alyp çykyň!-diýdi.
Bagyşlanmajagyna gözi ýeten Waly alyp çykyp barýarkalar:
173
-Atsyz, bu eden işleriň üçin soltan seniňem kelläňi ýerinde
goýmaz...- diýip gygyryp gitdi.
Indi Atsyz bu duran adamlaryň hem ykbalyny çözmelidi. Haýsy
köşkde bolsa-da, emeldarlar hökümdaryň guly. Hökümdar näme etse,
näme aýtsa onuň garşysyna gitmek howply bolup, bu howpdan
goranmak üçin emeldarlar ýaranjaňlyk bilen iň akmakana işleri hem
makyllamaga mejbur bolýarlar. Emma waly Zäňgi ibn Alynyň bu duran
emeldarlary onuň bijaý mazmunly hatyny Horezmşaga ibermegini
ýaranjaňlyk edip makullamandyrlar. Söz bilen bolmasa-da, dymmaklyk
bilen närazylyk bildiripdirler. Waly muňa düşünse-de, bosagada
Horezmşanyň goşuny injigini sandyradyp duransoň, öz emeldarlaryna
gazabynyň güýjüni görkezmäge boguny ysmandyr.
Atsyz häzir bolup geçen gep-sözden soň bu bendeleriň hiç biriniň
hem waly Ibn Alynyň tarapdary däldigini aňdy. Eger özleriniň başy
aman galsa ondan dynandyklaryny kem görenokdylar. Hatda, onuň
kysmatyna hiç biriniňem ýüregi awamadygy ýüz-gözlerinden görnüp
durdy. Şoňa görä Atsyz olara dostana äheňde ýüzlendi:
-Jenaplar, biziň Buharadaky işimiz ahyryna ýetdi. Nesip bolsa,
biraz dem-dynjymyzy alyp, erte-indin Horezmine gaýdarys. Ýurdy
dolandyrmak siziň özüňize galar. Kim haýsy wezipede bolsa öňkiňiz
ýaly işiňizi dowam etdiriberiň. Walysynyň pälinden tapandygy
hakyndaky habar soltan Sanjara ýetip barandan ol sizi walysyz goýmaz,
birini iberer. Şoňa çenli özüňiz ýurtda tertip-düzgüni saklap
dolandyryberiň.
Horezmşadan beýle geçirimlilige, sahawata garaşmadyk bu
adamlar öz wezipelerinde galanlary üçin basybalyjyny adalatlylykda,
sahawatlylykda Haruna deňäp, onuň adyna hamdu-senalar aýtdylar.
Atsyz emelinde galanlaryň begenjini synlaýarka “bu adamlara
emel berseň, ynsanlyk mertebesini hem unudyp, aýagyňy ýalamaga-da
razy boljaklar” diýip, olara bolan ýirgenjini ýüze çykarmajak bolup,
sowugyrak ýüzlendi:
-Jenaplar, indi işli işiňize baryberiň.
Horezmşadan beýle ýakymly söz eşiden emeldarlar iki epilip, götin
basyp çykyp gitdiler.
Olar çykandan daşarda duran nökerleriň serkerdesi içeri girip,
Horezmşaga tagzym etdi-de
-Aly hezret,daşarda iki zenan siziň ýanyňyza goýberilmeklerini
haýyş edip durlar -. diýdi.
-Ýaşmy, garrymy?
174
-Ýüzleri ýaglyklary bilen örtülen, diňe gözleri açyk. Şonuň üçin
ýaşyny bilip bolanok.
-Sen onda olaryň zenandygyny nirden bildiň. Belki, olar aýal
geýmini geýnip, meni öldürmäge gelen adamlardyr. Senem olary meniň
ýanyma goýberjek bolýarsyñ.
Serkerde patyşanyň huzurynda uly ýalňyş goýberen ýaly bolup,
gorkdy, ýüzi agyp-döndi:
-Aly hezret, beýle däldir... sesleri, owazy aýalyňky. Ýöne türkini
çalgyrt gepleýär, pars bolaýmasalar...
-Goýber, hany, göreli. Näme arzlary bolsa eşideli.- diýip, Atsyz
güldi. Şundan soň serkerde patyşanyň öňki aýdany degişmedigini
düşünip, biraz ynjaldy. Ol tagzym edip, çykdy-da, iki zenany tirkäp
geldi.
-Hany, müslimeler, ýüzüňizi açyň, siziň kimdigiňizi bileli-diýip,
Atsyz tagzymdan başlaryny göteren zenanlara ýüzlendi. Olar biri birine
bir seredip aldylar-da, ýuwaşlyk bilen ýüzlerini örtüp duran ýaglygy
aýyrdylar. Ine şonda, köpden bäri beýle del gözellere sataşmadyk,
Atsyzyň gujurly göwresiniñ damarlarynda akýan gan joşa gelip,
gözleri gyzlaryñ jemalyna bir dem dikildi.
-Näme arzyňyz bar, gyzlar? Çekinmän aýdyberiň-diýdi. Gyzlar
ýene biri-birine seredip, “sen aýt-da, sen aýt” diýen manyda biri birini
dürtdiler. Soňra olaryň biri serkerde ýigidiň aýdany ýaly çalgyrt dillenip,
özleriniň Buharanyň bazaryndan Walynyň häremine satyn alnan
gyrnaklardygyny, ýaňy kuhandiziň öňünde aýallar goýberilenden soň
barmaga ýerleri bolmany üçin bäri Horezmşanyň häremine
alynmaklaryny isläp gelendiklerini aýtdy.
Şeýlelikde Atsyzyň Buharadan alyp gaýdan oljalarynyň sanawuna
iki sany ajaýyp gözel hem goşuldy.
XVII BAP
Horezmşa Atsyz Buharadan sag-aman ýurda dolanyp geleni üçin
köşküniň meýlisler eýwanynda aýdym-sazly, şagalaňly meýlis gurady.
Meýlise döwlet işgärleri, paýtagtyň mähelleleriniň kethudalary,
serkerdeler, alymlar, şahyrlar, sazandalar, göýendeler, rakkasalar
çagyryldy. Meýlisler eýwanynyň mähellesi ýetikdi, hemmeler aýak
üstündedi, Horezmşanyň gelmegine garaşýardylar. Köp garaşmaly
bolmady. Köşk sahybynyň:
-Horezmşa Gazy Ala ad-Din Abul Muzäffar Jelaletdin Atsyzhezretleri teşrif* eýleýär-diýip, yglan edeninden meýlisler eýwanyny
doldurup, dabaraly saz ýaňlanyp başlady we garşydaky altyn suw berilip
175
nagyşlanan belent gapynyň iki ganaty hem deňine açylyp, Horezmşa
saldamly gadamlar bilen girip geldi. Ol adatdaky tagzymdan başyny
galdyran jemagata kellesini gaýta-gaýta atyp, salam berdi. Meýlisler
eýwanynyň öň tarapy ini on-onki geze golaý biraz belendiräk bolup, ol
ýer hökümdar bilen ýokary wezupeli adamlar üçin niýetlenendi.
Horezmşa ýerine geçenden onuň sag tarapyndan wezirler, hajyplar, çep
tarapyndan beýleki ýokary wezipeli adamlar ýer aldylar. Şazadalar-Il
Arslan, Süleýman şah, Hytayň-han aşakdaky birinji hataryň sag
tarapynda ýerleşdiler.
Horezmşanyň wagty hoşdy, keýpi kökdi. Bu onuň gülüp duran
gözlerinden, nurlanyp duran ýüzünden bilinip durdy. Onuň wagty
hoşlygynyň sebäbi hemmelere düşnüklidi. Buharanyň diwarlaryny
ýumryp, olja baryny alyp gaýdan Atsyz soltan Sanjardan biraz bolsa-da,
aryny alan ýaly bolup, içini sowadypdy. Entek ol munuň bilen
kanagatlanmakçy däldi. Täze-täze ýörüşler edip, ýer ýüzüne Horezmini
gudratly, öz ygtyýarly döwlet hökmünde görkezmekçidi. Serindäki bu
hyýallar ruhuny howalandyrypdy.
Dabaraly saz soňlanandan Atsyz:
-Muhterem jenaplar!-diýip oturanlara ýüzlendi. - Bolup geçen
wakalardan hemmäňiziň habaryňyz bar. Biziň ýurdumyzyň garaşsyzlygy
ugrunda äden ädimimiziň biri soltan Sanjaryň gazabyna duçar boldy.
Allanyň eradasy bilen elimizden giden döwletimizi, täji-tagtymyzy
gaýtaryp aldyk. Şundan soň Buhara eden ýörüşimiz “Ýykylan göreşden
doýmaz” diýleni däl-de, tabynlyga boýun däldigimiziň, özbaşdaklyga
synanyşygymyzyň subudydyr. Biz mundan beýläk hem soltan Sanjaryň
görkezmesi bilen däl, öz ygtyýarymyz bilen hereket ederis. Garaşsyzlyk
ugrundaky göreş ata Watanymyz Horezmin doly özbaşdak, beýik döwlet
bolýança dowam eder!
Şeýle belent äheňde gürlän Atsyz sakynyň bulguryna guýan meýini
başyna çekdi. Hemmeler patyşanyň göreldesine eýerdiler. Naznygmatdan doly saçaklara dürli naharlar çekilip başlandy. Belentden
ýaňlanýan aýdym-sazlaryň, gözel rakkasa gyzlaryň näzli rakslarynyň
täsirinde bulgurlar göterilip, meýlis gyzanyndan gyzdy. “Kä saz, kä
söhbet” diýleni dek aýdym-sazlaryň arasynda şahyrlar gazallaryny,
Horezmşaga bagyşlanan kasydalaryny okadylar. Şagalaňly meýlis ýary
gijä golaý sowuldy.
Meýlisde süzülen meýleriň, aýdym-sazdyr ajaýyp rakslaryň
täsirinde keýpi göterilip, özüniň aram otagyna gelen, men diýen
ýaşyndaky hökümdaryň köňli nämäni küýsär öýüdýäňiz... Ol küýsän
176
närsesi-Buharadan alyp gaýdylan gyzlaryň birini çagyrtdy. Gapydan
girip, tagzym eden gyza nazary düşende Atsyz täsin bir ýagdaýa düşdi.
Wagt bilen mekanyň dogry gelenligi sebäplimi hakydasy oýanyp,
gulagynyň düýbünde “Şahym, siz maňa “Sen yslamy kabul etseň,
menem seni kabul edýän diýmediňizmi?” diýen gaýypdan gelen dek
owaz ýaňlandy. Ol owaz onuň häki küýsegini yza serpikdirdi.
Tagzymdan başyny galdyryp duran gyz oňa şu owazyň eýesi-Zübeýdany
ýatlatdy. Edil şu günki ýaly, meýlisden gijäniň ýarynda aram otagyna
gelen mahaly duýdansyz gelip giren gyzyň gözellikde tenha keşbi göz
öňünde janlandy. Onuň şol wagtda aýdan sada, gönümel gepleri
gulagynda tekrar ýaňlandy. Ol häzir meýiň keýpi bilen dörän küýsegine
ýol berse, ony diýip şirin janyny gurban eden gyzyň hatyrasyny,
ýüreginde saklanýan ýagty ýadygärligini depelän ýaly boljagyny duýup,
garaşyp duran gyza “Gaýdyber” diýen manyda elini salgady. Haýran
gaalmakdan kibtini kakan gyz dodagyny burup, çykyp gitdi. Atsyz özüni
ýatalgasynyň gyrasyna goýberdi. Ol tirseklerini dyzlaryna diräp, iki eli
bilen kellesini tutup oturşyna Zübeýdanyň soltan Sanjaryň häreminde-de
gül ýaly ýaşajykdygyny bilse-de, ilkinji söýgüsini gadyrlap, paýypyýada ýesirlikden gaçanyny, ýollarda gören azarlary zerarly heläk
bolanyny ýatlap, gözlerine ýaş aýlandy. “Jaýyň Jennetde bolsun, ezizim”
diýip, uludan demini aldy-da, çykarnyp, ýerine uzaldy. Elbetde, patyşa
kişi şahsy duýgularynyň girdabynda uzak galup bilmez. Oňa garaşýan
örän uly syýasy meseleler, döwlet işleri bar. Ol şu meselelere isleseislemese-de dolanmaly boldy. Şundan soň ol şahsy duýgularyna berlip
oturan Atsyzdan döwlet işleri we syýasy meseleler barada pikir
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 15
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.