Latin

Gürgenç II - 05

Total number of words is 3707
Total number of unique words is 2050
33.2 of words are in the 2000 most common words
46.5 of words are in the 5000 most common words
54.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýoldaşynyň “Gürrüňi edilmeli däl zatlar” diýeni Anuş-tegini özüne
çekdi, bilesigelijiligini oýardy. Ol Omar Haýýamyňka bararman boldy.
Bardylar. Omar Haýýamyň maşgalasy ýokdy. Ol özüniň bazardan satyn
alan Saýyda atly gözel gyrnagy we bir bagbany bilen ýaşaýardy. Saýyda
naharyna ökde ekeni, juda tagamly naharlar taýýarlap berdi. Omar
Haýýamyň rubagylarynyň esasy mowzugy bolan gülgün reňkliden hem
biraz süzdüler. Emma Omar Haýýamyň ýolda beren wadasyndan derek
bolmady. Anuş-tegin hem ahyr özi dil ýarar diýip, çydap garaşdy. Omar
Haýýam myhmanynyň ýüzüne bakyp, pikirini okady, onuň sabyrsyzlyk
bilen garaşýanyny bilse-de saklandy.
Dogrusyny aýdanda, ýolda ol gepiň dilinden sypanyna ökündi.
Şonda diline erk edip bilmändiginiň sebäbi-de ylmyň, alymlaryň
howandary, Omar Haýýam başlyklaýyn alymlaryň asman jisimlerini
öwrenmekleri üçin ajaýyp resedhana gurduryp beren, ol ýerde işlemek
üçin ähli şertleri döredip goýan, şeýle ylymperwer, beýik hökümdaryň
bir jelebiň elinden namyrat gidenligini içine sygdyryp bilmänligi bolsa
gerek. Indi bolsa öz öýünde isýankär duýgulary köşeşip, özi
aýtmyşlaýyn gürrüňi edilmeli däl, zatlaryň gürrüňini etmegi islänokdy.
Emma gürrüň etmese-de, Anuş-tegini aldadygy boljakdy. Şonuň üçin
Omar Haýýam:
-Ezizim Anuş-tegin-diýip, söze başlady. Bilýän nämä
garaşýandygyňyzy. Ýöne meniň size gürrüň berjek diýen zadym iki
adamyň arasyndaky örän gizlin syr. Men ony size gürrüň bersem ol üç
adamyň arasyndaky syra öwrüler. Eger ol şundan aňry geçse meniň
51
kelläm gider. Şonuň üçin siz şu gürrüňiň şu ýerde, ikimiziň aramyzda
galjakdygyna söz bermegiňiz gerek.
-Möwlana, eger dostuň saňa ynanyp syryny aýtsa, senem ony äşgär
etseň diňe dostuňa däl, ynam diýilýän mukaddeslige hem dönüklik
etdigiň bolar. Men entek hiç kime, hiç haçan dönüklik etmedim. Mundan
beýlägem etmerin. Meniň ynamym kämildir.
Omar Haýýam Anuş-teginiň sözünden kanagatlanyp, oňa ýylgyryp
garady-da:
-Siz ömrüňizde näçe gezek söýdüňiz?-diýip,Anuş-tegini geň
galdyran sowal berdi.
-Möwlana, siz söýgi möwsümi bolan ýaşlyk döwründe meniň kim
bolandygymy ýatdan çykaraýdyňyz öýüdýän...
Omar Haýýam myhmanyny ynjydanyny duýdy.
-Ezizim Anuş-tegin, meni bagyşlaň, size ýerliksiz sowal beripdirin.
Ýöne men söýginiň lezzeti bilen azaby hakynda siziň bilen dertleşip,
hälki gürrüňi edilmeli däl diýen wakalara geçmekçidim...-diýip, biraz
säginip, dowam etdi.
-Men ony Buhara hakany Şäms ol Mülükiň hyzmatynda mahalym
duşurdym. Ol on alty ýaşyndaky gözellikde tenha, ýaşyna garamazdan
kämillige ser uran, göze doly görünýän gyzdy. Ol hakanyň süýtdeş
dogany Hyzyr Hanyň gyzy bolansoň özüni erkin hem läligiräk alyp
barýardy.
Häliden haýran bolup oturan Anuş-tegin gürrüň diňe şu ýere
ýetende onuň kim hakdadygyny aňdy Şunda özlerini Soltanyň ýatan
jaýyndan gözi bilen ümläp çykaryp goýberen aýalyň Omar Haýýama
üýtgeşik nazar bilen seredeni göz öňüne geldi. Şundan soň gürrüňiň
dowamyny has gyzyklanyp diñläp başlady.
-Tebigatyň we adamyň näzik duýgularynyň oýanýan bahar aýydy.
Men hakanyň derýanyň golaýyndaky mülkünde dynç alýardym. Ol hem
hyzmatkärleri bilen şol ýerde ekeni. Bir güni ol guşluga golaý meniň
ýanyma geldi-de:
-Omar jan, meniň bu ýerde ýüregim gysýar, bile atda gezelenje
gitmeýäsmi?-diýip, birhili jadylaýjy ýylgyrdy. Men bir bada näme
diýjegimi bilmän ýaýdandym, soňra:
-Meniň çapyksuwarlygymyň ugry ýok, siz meni birinji öwrümde
ýitirersiňiz-diýdim.
-Biz saňa ýuwaşyrak at tapyp bereris. Onsoňam bilip goý, men
haýyş etmän buýuryp hem bilerin.
52
Ol bu sözi bilen özüniň hökmürowan melikedigini ýatlatdy. Maňa
bolsa “Hop, melikäm, men hyzmatyňyza taýýar” diýmekden özge çäre
galmady.
Gitdik. Atlaryň başyny deň tutup, gürleşip, uzaklara gitdik. Uly
öwrüm edip, gaýdyşynymyz ýolumyz bir saýyň üstünden dogry geldi.
Ondan geçip barýarkak gyra golaýlaşanymda Melike atdan suwa
ýykylyp düşdi. Men bu wagt gyra çykypdym. Derhal donumy çykaryp
zyňdym-da melikä kömek bermäge howlukdym. Ýöne maňa suwa
düşmek gerek bolmady, melike gyra ýetip, elini uzatdy, men çekip
aldym. Soňra atlar gaçyp gidäýmesin diýip, Olary gyrymsy agaçlara
daňyşdyryp, yzyma öwrülenimde ilki gözüm gyrymsy agaçlara serilen
melikäniň geýimlerine, soňra ýumşak maýsalaryň üstüne ýazylan meniň
donumyň üstünde çuw ýalaňaç ýatan onuň özüne gözüm düşüp, aňalyp
galdym. Beýle-de uýatsyzlyk bolar eken-ow diýip, dodagymy diýledim.
Ol:
-Nämä aňalyp dursyň, gel meniň ýanymda ýat-diýdi, soňra meniň
entegem gozganman saňalyp duranyma gaharlyrak äheňde:
-Sen “Çakylyga jogap ber” diýen hadysy bileňokmy?-diýdi.
-Ýok melikäm. Beýle iş etsek bolmaz...
-Näme bolman, sen ýazgyt diýen zada ynanaňokmy? Adamyň
ykbaly, ähli edim-gylymlary maňlaýyňa ýazylýan bolsa, ferjä-de1 oňa
dahyl boljak her bir erkegiň ady ýazylandyr. Men onda seniň adyňy
gördüm, gel...
Meni, ygtyýarymy elimden alan bir güýç, oňa tarap çekdi. Boljak
iş boldy. Men biraz aljyranym hem-de tejribesizligim zerarly onuň
bakyradygyny ýa-da däldigini hem bilmedim. Belki, onuň özi
aýtmyşlaýyn ol ýere ady ýazylanlaryň biri menden öňürtendir. Ol guran
geýimlerini geýdi. Atlarymyza atlanyp, ýola düşdik. Onuň keýpi kökde,
özi gepläp, özi gülýärdi, ýylgyrýardy. Men bolsa ömür garaşmadyk bu
bolan işden henizem özüme gelibilmän, aljyraňňy ýagdaýdadym. Biziň
duşuşyklarymyz günde, günaşa şol “ýazgytda ýazylan” ýerde dowam
etdi. Men oňa barha öwrenişýärdim. Dogrusyny aýtsam ony söýüpdim.
Bir güni ýatdan çykmajak üýtgeşik bir waka boldy. Biz hemişeki, melike
aýtmyşlaýyn ýazgytdaky ýerimizde söýüşmegiň lezzetinden serhoş
bolup ýatyrkak, men kimdir biriniň bize dikilen nazaryny ylahy duýgym
bilen duýup, öwrülip seretdim. Bizden on bäş ädim çemesi aňyrda,
gyrymsy agaçlaryň arasynda gözleri ýanyp duran ýolbarsa gözüm düşüp,
inim tikenekläp gitdi. Meniň tisginenimi duýup, melike kellesini
galdyryp seretdi, ýolbarsy gördi. Emma gorkmady. Ol: “Bu Türanyň
53
şasy adamlar meniň mülkimde näme işleýärkä diýip görmek üçin
gelendir”-diýip ýylgyrdy. Men bu näzik göwrede şeýle batyrgaý ýüregiň
bardygyna haýran galdym. Özüm bolsa içimden bilen dogalarymy okap,
gorkup ýatyrdym. Hernä, ýolbars dok ekeni, ol bir salym bize seredip
durdy-da, yzyna öwrülip gitdi. Men Hudaýa şükürler etdim1.
Ähli eşretli döwranlaryň hem bir gün gelip, sowulyşy kimin biziň
bagtly günlerimiz hem ömürlik däl eken... Şemis al Mülük dogany
Türkan melikäni Mälik şaga aýallyga berip, özü-de onuň tabynlygyna
geçdi. Şundan soň melike meniň üçin asmandaky el betmez aýa döndi.
Meni-de Mälik şanyň weziri, özüniň danalygy, ökde syýasatçydygy
bilen şöhrat gazanan Nyzam äl Mülk iküç alymlar bilen Ispyhana alyp
gaýtdy. Bu ýerde ylmy işlerimi has gowy ýola goýdym. Meniň haýyşym
boýunça Mälik şanyň emri bilen resedhana11 gurup berdiler. Meniň
ýolbaşçylygymda resedhanada hem işler gowy gidýärdi. Mälik şa biziň
ylm0y işlerimize uly üns berýärdi, maddy taýdan höweslendirýärdi. Bir
gün Mälik şa men başlyklaýyn resedhanada, kitaphanadyr medresede
işleýän alymlary, müderrisleri köşge çagyryp, meýlis etdi. Hezzethomatdan soň hemmämize serpaý ýapdy. Soňra şadyýan ýylgyryp:
11
Resedhana-abserwatoriýa
54
-Alymlarymyzyň baştutany, feýläsüf şahyr Abul Fatyh Omar ibn
Ibrahym al Haýýam jenaplaryna aýratyn bir sowgadymyz bar-diýdi-de,
hyzmatda duran hadymlara “getiriň” diýen yşarat etdi. Getirdiler. Oňa
56
gözüm düşende inim tikenekläp gitdi. Ol saý boýunda melike bilen
ýatanymyzda üstümize gelen ýolbarsyň derisi ýaly şiriň derisidi.
-Muhterem Omar Haýýam, men siziň hemişe şir ýürekli, şir kimin
gujur-gaýratly bolmagyňyzy arzuw edip, şu şir derisini sowgat bermegi
makul bildim-diýip, Mälik şa ony hadymyñ elinden alyp, maňa
gowşurdy. Men tagzym edip, minnetdarlygymy bildirdim. Ýöne özüme
ýolbars derisiniň sowgat berilmegi Mälik şanyň özüniň pikiri bolman,
mekir melikäniň maslahaty bilen bolandygyny derä gözüm düşenden
aňypdym. Melike bu deri bilen maňa geçen günlerimizi
ýatlatmakçydy12. Görýäňizmi bu şetdat aýalyň elinden her zat geler.
Onuň serkerdebaşy Aýýubi bilen tirkeşip ýörmegi-de, ýöne ýere däl
bolmaly...
Omar Haýýam gürrüňini şu ýerine gelende kesdi, dowamyny gybat
bolaýmasyn diýen pikir bilen bolsa gerek aýtmakdan saklandy.
Aýtmasa-da aňyrsy düşnüklidi.
Anuştegine Omar Haýýamyň özüne eden hezzet-hormatyndanam
bu beren gürrüňi has täsirli boldy. Ol bu dünýäniň beýle işlerine haýran
galyp oturşyna Omar Haýýamyň rubagylarynda teswir edilen dünýäniň
beýleki işleri barada-da eşidesi, diňläsi geldi. Omar Haýýam
myhmanynyň haýyşyny ýerde goýman, täze ýazan rubagylaryndan
birnäçesini okap berdi. Anuş-tegine aýratyn-da onuň:
Jahana ýetsedi mendäki kuwwat,
Bu harap düzgüni ederdim berbat.
Ýaňadan gurardym şeýle bir dünýä,
Adamlaň maksady bolardy myrat-diýen rubagysy has ýarady. Çünki bu setirler onuň häzirki ruhy
halaty bilen kybapdaşdy. Anuş-tegin Omar Haýýama myhmandarçylygy
üçin minnetdarlyk bildirip, onuň bilen hoşlaşdy.
***
Mälik şanyň ölümi Anuş-tegine agyr degdi. Çünki ony-ýönekeý bir
guly terbiýeläp, gadyrlap, uly wezipeler beren, şu güne çenli arkasynda
dag ýaly bolup duran howandaryndan aýrylypdy. Indi onuň mundan
beýläkki ýagdaýynyň, işiniň nähili boljagy belli däldi. Bir ýagşysy, waly
Ekinçi ibn Koçkar bilen soňky döwürde aralary sazlaşypdy, düşünişip
işleşýärdiler. Ekinçiniň özü-de ýaman adam däldi, kişä ýamanlygy
ýokdy. Şonuň üçin ondan bir zyýan ýeter diýip howatyr etmese-de
Omar Haýýamyň melike bilen söýgi başdan geçirmeleri Moskwada 2008-nji ýylda Eskimo neşirýaty tarapyndan
çap edilen “Omar Haýýam” rubagylar kitabynyň yzynda Leo Ýakawlewiň ýazan “Omar Haýýamyň syry” atly çeper
terjimehalyndan alyndy
57
12
bolýardy. Emma bäride tagtyň töwregindäkileriň, melikäniň özüniň hem
oňa garaýşy näbellidi. Ol şeýle alasarmyk oýlar bilen Målik şanyň
jaýlanyş merasymy gutarýança YspYhanda galdy. Mälik şa patyşalara
mahsus bolan düzgün boýunça örän köp adamyň gatnaşmagynda
jaýlandy. Şundan soň Anuş-tegin Horezme gaýtmaly boldy. Emma
döwlet başynda oturan melikäni görmän, özi barada habarly etmän
gaýdybermek düzgüne dogry gelmeýärdi. Melike bolsa matamda ýas
tutup otyrdy. Garaşmalydy. Aradan bir hepde geçip-geçmän melike
zerur işli adamlary kabul edip başlady. Anuş-tegin hem melikäniň
huzuryna girmek üçin köşge barýarka nätanyş, onda-da aýal
hökümdaryň özüni nähili kabul etjegi, iş meselesiniň nähili boljagy
baradaky oýlary ädimlerini öňe däl-de, yza çekýän ýalydy. Onuň
bagtyna köşkde, resedhananyň işi boýunça diwana gelen Omar Haýýam
sataşdy. Ol Anuş-teginiň howatyrly görnüşinden melikäniň kabulyna
gelenini aňdy. Ol:
-Näme beýle howatyrly görünýäňiz, dostum, ýa melikeden
görkýaňyzmy?-diýip, degişip ýylgyrdy.
-Melikäňiz öň kim bolan bolsa-da, häzir hökmürowan, şonuň üçin
çekinmänem duramok.
Omar Haýýama-da melikäniň huzuryna girmäge bahana gerek
bolsa gerek, ol:
-Çekinýän bolsaňyz, özüm bile girip tanyşdyraýyn-diýdi.
-Şeýitseňiz-ä gowy bolardy, möwlana-diýip, Anuştegin haýyş
äheňinde dillendi. Olar tagt eýwanynyň tylla çaýylyp islimi nagyşlar
bilen bezelen belent gapysynyň öňüne baranlarynda ol ýerde duran
nöker Omar Haýýamy tanap salam berdi. Ol gulluga iküç ýyllykda gelen
bolmaga çemeli, sebäbi on bäş ýyl öň Horezmine giden taşdar Anuştegini tanamady. Nöker:
-Jenaplar, melikämiziň huzuryna ikiňiz bile girmekçimi, ýa
aýrymy?-diýip sorady. Omar Haýýam bile girmekçidiklerini aýtdy.
Nöker içeri girip, Omar Haýýam ýanynda bir adam bilen kabul
edilmegini soraýandygyny aýdanymda melikäniň gaşy çytylsa-da, rugsat
berdi. Anuş-tegin bilen Omar Haýýam içeri girip, tagtda däl-de,
gapdaldaky oturgyçda oturan melikä baş egip, salam berdiler. Düzgün
boýunça tagt eýesi bolmadyk, täçsiz hökümdara patşalara edilýän
tagzym edilmeýänligi üçin şeýitdiler. Melike ýerinden turup, ýüzünde
bir hili kinaýa bilen olary ýekän-ýekän gözden geçirdi, soňra Omar
Haýýama ýüzlenip:
-Möwlana, näme arz bilen geldiňiz-diýdi. Omar Haýýam:
58
-Melikäm, ýoldaşym Horezminiň şyhnysy hem mütässerifi Anuştegin Gärçistany jenaplaryny, onuň haýyşy boýunça siziň bilen
tanyşdyrmaga alyp geldim-diýeninde melikäniň ýüzünde ajy ýylgyryş
peýda boldy:
-Men bilýän-ä bu guly. Taşdar mahaly Mälik şanyň ýatagyna
gyzlary, müşk-anbar sepip, eltip berýärdi-diýdi.
Anuş-tegin gaty erbet boldy. Bir bada näme dijegini bilmän dili
tutuldy. Emma salym geçmän özüni ele aldy. Tas bolmasa “müşkianbaryň güýji bilen Soltana deşik teňňesini geçiren biri hem bolan eken”
diýipdi. Emma beý diýse Omar Haýýama beren sözüne dönüklik etjekdi.
Onsoňam, onuňam özüniňem başlaryna näme belalar geljegini oýlanyp,
dilini dişledi. Soňra:
-Melikäm, nähak aýtdyňyz. Men onuň ýaly iş edemok. Gaýtam,
gyrnaklaryň abhanasyna müşk-anbar goýmanym üçin soltandan gep
eşitdIm-diýdi. Melike:
-Ony-da bilýän. Heremde aýallar: soltan Anuş-tegini Horezmine
müşki-anbar üçin pul ýygnamaga iberdi-diýip gürrüň edýärdiler-diýip,
sypaýysyrap ýylgyrdy. Soňra:
- Bu ýerde başga işiňiz bolmasa gaýdyberiň, işiňize baryň-diýdi.
Anuş-tegin baş egip, çykjak mahaly Omar Haýýam “men hem
gaýdyberäýinmi?” diýen manyda melikä garady, ol başyny atdy. Omar
Haýýamyň eden tamasy çykmady. Ol içinden “Melike meniň bilen
ikiçäk galmaga Aýýubiden çekinýän bolmaly” diýip, Anuş-tegin bilen
bile çykyp gaýtdy. Anuş-tegin ýoldaşynyň şu mahal kalbynda dörän
duýgularyny aňsa-da, bu hakda gürrüň gozgamady. Omar-Haýýam hem
içindäkini daşyna çykarman dymyp barýardy. Ol mundan bir sagat öňki
şähdi açyk, gürrüñçi Omar Haýýam däldi. Olar bir çatryga ýetenlerinde
aýrylyşmaly boldular. Omar Haýýam melikäniň özüne biparh seredenine
göýä Anuş-tegin günäkär ýaly onuň bilen sowuk-sala hoşlaşdy.
Anuş-tegin Horezme gaýtmak üçin melikeden rugsat bolanyndan
soň Ispihanda uzak saklanmady. Tizara ýol şaýyny tutup özüniň iki
hyzmatkär-nökeri bilen üç atly bolup, ýola düşdiler. Olar özlerinden bir
gün öň Gürgenje ugran kerweniň yzyndan ýetmek üçin atlaryny mazaly
haýdap, üçünji güni kerwene goşuldylar. Şeýlelikde güýz aýynyň
tomusdan parhly salkynrak howasynda kerwen bilen uzak ýoly söküp
Gürgenje ýetip geldiler.
***
Anuş-tegin Ispihandan geleninden öz işini öňküsi ýaly erjellik
bilen dowam etdirdi. Emma Ekinçi ibn Koçkar bilen aralary öňküsinden
59
barha daşlaşýardy. Munnuň sebäbi Anuş-tegine düşnüklidi. Ekinçi Mälik
şanyň aradan çykmagy bilen özüni has erkin duýup başlady. Şuňa çenli
güýçli hökümdaryň hökmürowanlygynyň labyry onuň üstünden basyp
durany üçin özbaşdak hereket edip bilmeýärdi. Öň Anuş-tegin bilen
arasynyň gowulygy hem onuň Mälik şanyň adamy bolany üçindi. Indi
köpden bäri ýüreginde besläp ýören matlabyny ýüze çykarsa-da bolman
durjak däldi. Ol şeýle-de etdi, özüni horezmşa diýip atlandyrdy.
Horezmşa hökmünde sebitdäki syýasy meselelere-de gatyşyp, käte güýç
ulanyp hem başlady. Öň waly diýip atlandyrylýan döwründe döwlet
derejesindäki işleri egindeşleri, emirler bilen maslahatlaşyp, edýän
bolsa, indi hiç kimden geňeşmeýärdi. Onuň beýle tiz howalanyp gitmegi
käbir emirleriň närazylygyna sebäp boldy. Adatda öz içiňde agzybirlik
bozulsa, mundan daşardakylar peýdalanmagyň ugruna çykýarlar. Mälik
şanyň ölüminden soň özbaşdaklyk yglan eden Horasanyň häkimi emir
Dadbek Hebeşi Horezmdäki ýagdaýdan habar tapyp, Ony özüne tabyn
etmek maksadynda çäre gözläp başlady. “Gözlän tapar” diýilişi ýaly ol
oýlap tapan çäresini amala aşyrmak üçin Horezme adam iberdi.
Bir güni agşamara Anuş-teginiň öýüne iki nätanyş adam geldi.
Gelenleriň biri 40, beýlekisi 50 ýaşlar töweregindäki, gyrçuw sakgalmurtyna entek ak aralamadyk, daýaw, geýnüwli pyýadalardy. Anuş-tegin
olaryň ýadaw görnüşinden şu gün Merwden kerwen bilen gelen
adamlardygyny aňdy. Ýöne näme maksatda gelendiklerini çakdanam
bilip bilmedi. Salam-alekden soň gelenleriň ekabry:
-Muhterem Şyhny hezretleri, bizi myhman alarsyňyz diýen tama
bilen öňünden habar etmänem göni geliberdik-diýdi.
-“Gelen döwlet” diýipdirler, hoş geldiňiz, geçiberiň-diýip, Anuştegin olary myhman hökmünde öýüniň törüne geçirip, hezzet hormat
etdi. Olaryň bolup oturşyndan bir möhüm gepiň bardygy duýulýardy.
Ýöne oňa derek Anuş-teginiň ogly Muhammet barada söz açdylar. Olar
hamana Muhammedi gowy tanaýan ýaly biri alyp biri goýup öwüp
başladylar.
-Şunuň ýaly ylymly, edermen ogly bar adamyň armany bolmaz,
jenap Anuş-tegin-diýip, Myhmanlaryň ekabry soňundan: -Ol sizden aýry
ýaşaýarmy, görnenok-la?-diýip sorady. Anuş-tegin:
-Ýok, ýeke ogul aýry ýaşarmy. Ol gullukda eger bir ýere gitmedik
bolsalar geler öz-ä-diýdi. Şundan soňam, naharyň omyny edilenden
soňam myhmanlar öz habarlary barada dil ýarmadylar. Ahyr sabyr käsesi
dolan Anuş-teginiň özi habar sorady:
60
-Myhmanlar, indi özüňizi tanyşdyraýsaňuz, onsoňam menlik näme
ýumuşyňyz bolsa aýdyp oturyň, çekinmäň-diýdi. Olar çekinmegiň näme
zatdygyny bilýän adamlar däldi. Ýöne orta atyljak mesele örän möhüm
bolany üçin öý eýesiniň özi habar soraýança garaşypdylar. Çünki
garaşdyryp aýdylan gep has täsirli bolýar.
-Hormatly jenap Anuş-tegin, biz bäri ýöne-möne ýumuş bilen
gelmedik. Bize özüne özi Horezmşa diýip at dakyp, sebitde
bulagaýçylyk edip ýören Ekinçini aýyryp sizi Horezminiň tagtyna
çykarmak wezipesi tabşyrylan-diýip, myhmanlaryň ekabry söze başlady,
beýlekisi onuň sözüni dowam edip:-Horezminiň tagty, horezmşa unwany
Ekinçi ibn Koçkara däl, size mynasyp-diýdi.
Ýedi ýatyp turanda-da oýuna gelmejek bu habar Anuş-tegine
gündiziň güneşli güni ýyldyrym çakan ýaly boldy. Birdenem köňlünde
bir şübhe döredi. Myhmanlaryna seredip ajy ýylgyrdy, kellesini ýaýkap:
-Gaty täsin gürrüň edýäňiz, ýigitler!-diýdi. -Meniň tagt dawam
ýok, hiç haçanam bolmandy. Eger Ispihana Ekinçiden başga horezmşa
gerek bolsa ony başga ýerden gözläň.
Myhmanlar
bu
gepden
soň
Anuşteginiň
özlerine
ynanmaýandygyny aňdylar. Olar biri-birine manyly seredişip, kelle
kakyşanlaryndan soň ekabry dillendi:
-Jenap Anuş-tegin, siz bize nähak ynanmazlyk edýäňiz. Gepimiziň
hakdygyna Gurhany Kerimden ant içmeli bolsa-da içeli.
Gurhan agzalandan soň Anuş-teginiň göwnündäki şübhesi biraz
aýrylan ýaly boldy. Ol: “Göreýin, hany, soňunda näme diýerkä” diýip,
içini gepletdi-de:
-Ant içmek gerek däl, aýdyberiň-diýdi. Myhman sözüni dowam
etdi.
-Onda açykçasyna gürleşeli. Ekinçiden başga Horezmşa siziň
aýdyşyňyz ýaly Ispihana däl, Merwe gerek. Häzir Ispihanda başbaşdaklyk. Horasan Ispihanyň tabynlygyndan çykyp emir Dadbek
Hebeşiniň başçylygynda özbaşdak döwlet boldy. Indi Horasan bilen
Horezmin birleşse onuň öňünde durup biljek güýç bolmaz. Iki ýurdy
birleşdirmek üçin Horezminiň başynda şu maksada eýerýän adam
bolmaly. Emirimiz Dadbek Hebeşi şeýle adam hökmünde sizi nazarda
tutýar. Munuň birinji sebäbi, ol sizi Mälik şanyň köşgünde hyzmatda
wagtyňyzdan bäri tanaýan ekeni. Siziň ýüregi arassa, dostlaryna wepaly
adamdygyňyza göz ýetiripdir. Ikinji sebäbi, siz işiňize erjelligiňiz,
adalatlylygyňyz, ynsanperwerligiňiz bilen halkyň arasynda uly abraý
gazanypsyňyz. Eger siz Horezmşa hökmünde tagta çyksaňyz halk hem
61
sizi iki elläp goldar... onsoňam emirimiz Dadbek ogluňyz Muhammet
barada hem gowy sözler aýtdy. “Mert, edermen ýigit bolmaly ol” diýdi.
Daşarda at aýagynyň sesi eşidildi. Myhman howatyrlanyp, sözüni
kesdi. Anuş-tegin:
-Howatyr etmäň. Bu gelen Muhammet bolmaly, käte şunuň ýaly
gullukdan giç gaýdýar-diýdi. Myhman sözüni dpwam etdi.
-Muhammediň sözümiziň üstüne gelmegi, işimiziň oňjagynyň
alamaty, jenap Anuş-tegin. Çünki işimiziň bir tarapy Muhammede hem
degişli.
-Muhammede nämesi degişli?-diýip, Anuş-tegin geňirgäp sorady.
Myhman jogap bermezinden öň ýoldaşyna manyly seredip aldyda, dogry
jogaby soňa goýup, başga göçüm etdi.
-Aý näme, Alla nesip etdirse, sizden soň Muhammet, ondan soň
agtyklaryňyz, çowluklaryňyz Horezminiň tagtyna çykyp, asyrlar aşa
Anuş-teginler nesilşalygy gider oturar.
Myhmanyň bu sözüne Anuş-tegin ýylgyryp, kellesini ýaýkady. Şol
wagt atyny ýerleşdirip, öýe giren Muhammet bu nätanyş myhmanlaryň
kakasy bilen edip oturan bir möhüm gürrüňiniň üstüne gelenini aňdy. Ol
myhmanlar bilen görüşip soraşanyndan soň, gaty ýadawlygyny aýdyp,
uzur sorady-da, dynç almaga öz otagyna gitdi. Myhmanlar onuň gidenini
kemem görmediler. Ilki kakasyny yrsalar, kakasy ogluny yrar öýütdiler.
-Jenap Anuş-tegin-diýip, myhman Muhammediň gelmegi bilen
kesilip galan sözüni dowam etdirdi. -Size, geljek nesilleriňize şeýle
beýik ykbala ýol açyp bermegi Alla biziň emirimiz Dadbek Hebeşiniň
gursagyna salan bolsa bidiñizmi! Size-de bu ykbaldan gaçyp gutulma
ýok bolsa gerek.
Myhmanlar bilen edilen gürrüňiň dowamynda Anuş-teginiň olar
baradaky şübhesi aýrylypdy. Olaryň synçy däl-de, öz bähbidini araýan
hökümdarynyň buýrugy bilen gelendiklerine göz ýetirdi. Bularyň hem
hökümdarynyň hem gaýgysy Anuş-teginler nesilşalygyny döretmek dälde, Horezmini Horasana tabyn etmekdi. Indi oňa arkadaýanjy,
howandary Mälik şadan soň Horezminiň kime tabyn bolanynyň kän bir
parhy ýokdy. Eger ykbalynda Horezminiň tagtyna çykmaklyk bar bolsa
tabynlyk hem uzaga gitmez.
Anuş-teginiň dymyp, oýlanyp oturanyny razylyk alamaty diýip
düşünen myhmanlaryň ekabry ýene-de söz açdy:
-Jenap Anuştegin, täji-tagt diýilýän zat, diňe Allanyň nazary düşen
adama miýesser bolýandyr. Sizem Allanyň nazary düşen adamlaryň biri
bolmaly.
62
-Ýeri, şeýle ekeni-dä, ýöne biriniň eýeläp oturan tagtyny diňe
Allanyň nazary bilen alyp bolmaz-diýip, Anuş-tegin çalarak ýylgyryp,
myhmana synçy nazaryny dikdi.
-Siz meseläniň o ýanyny gaýgy etmäň, bu işde Allatagalaga kömek
etjekler bar. Muhammet hem biraz kömekleşip goýberse iş hamyrdan gyl
sogurlan ýaly biter.
Anuş-tegine myhmanyň soňky gepi ýaramady. Ol kellesini ýaýkap:
-Meniň oglum katyllyga goşulmaz-diýdi.
Myhman soňky gepini sähel öňräk aýdyp, Anuş-tegini üşendirenini
duýdy. Emma indi gaýtmyşym etse-de boljak däldi.
-Jenap Anuş-tegin, “Janyňy gaýgyrsaň janana nirde” diýipdirler.
Janan sizdenem beter Muhammede gerek. Siziň ýaşyňyz ötüşip barýar,
Muhammet ýaş ýigit. Sizden miras galjak Horezmşa ady bilen, Alla
miýesser etse, uzak ýyllar höküm sürer. Muhammet özüniň şeýle parlak
geljegi üçin bu işe birazrak baş goşmaly bolar. Beýle diýdigim,
Ekinçiniň gol-aýagyny daňyp bermeli diýdigim däl. Ol indi iküç ýyl bäri
Ekinçiniň golaýynda gullukda. Ol onuň ähli hereketlerine, endiklerine,
meýillerine belet bolmaly. Ol haçan nire ýa-da şikara gidýär, kimler
bilen gidýär, näçe günlik gidýär. Ine şu zatlardan bizi habardar edip
dursa bolany. Onsoňam, jenap Anuş-tegin, Ekinçini aradan aýyrmak
üçin gylyç ýa hanjar ulanmak hökman däl. Waly hezretleri bir bagtsyz
hadysa zerarly dünýäsini täzelemegi-de ähtimal.
-Munyňyz hem katyllygyň bir görnüşi-dä-diýen Anuş-tegine
myhman ajy ýylgyryş bilen garady:
-Eýsäm nätmeli? Baryp, Ekinçiniň özünden “Tagtyňyzy bize
beriň” diýip haýyş etmelimi?
Anuş-tegin söhbetdeşiniň ajy kinaýa bilen aýdan bu gepine bir
bada jogap tapmady, soň:
-Özüňiz görüň-dä... Maňa galsa onuň özü-de, tagty-da gerek däldiýdi. Bu gepe beter jany ýanan myhman janygyp dillendi:
-Size gerekmese Muhammede gerek, geljekki nesilleriňize gerek!
Adam yzynda galjak nesilleriniň ykbalyna biparh bolmaly däl-ä. Siz nä
şuňa düşüneňizokmy?!
Anuş-tegin özüniň hem islemän durmadyk zady üçin mundan
soňam nyrh kesişip oturmagy islemän:
-Düşünýän. Şonuň üçin ýaňy “özüňiz görüň-dä” diýdim-ä-diýdi.
Şundan soň myhmanlar uzak eglenmediler. Meseläni çözüldi hasap edip,
gaýtmak üçin rugsat soradylar.
63
Myhmanlaryny ugradan Anuş-tegin hemişekisinden gijiräk ýatsada dürli oý-hyýallaryň ummanynda ýüzüp, uzak wagt uklap bilmedi.
***
Şol günüň ertesi irden çaý başynda oturan kakasyna salama gelen
Muhammede Anuş-tegin:
-Gel oglum, özüňem maňa ýakynrak otur, bir möhüm gep bardiýdi.
Muhammet kakasynyň görkezen ýerinde oturdy-da:
-Möhüm gep diýýäniňiz gijeki myhmanlaryňyzyň gepi bolsa men
ony bilýän, kaka-diýip, ýeserlik bilen ýylgyrdy.
Muhammediň gepini geň-taň gören Anuş-tegin oňa çiňňerilip
seretdi-de:
-Sen ony nirden bilýärsiň?-diýdi.
-Men myhmanlaryňyza nazarym düşenden olaryň horezminli
däldigini, ilerden gelen adamlardygyny aňdym. Häzir goşunyň içinde-de
olaryň adamlary bar. Ekinçiden närazy emirler bilen olaryň bir hyşywyşylary bardygyny men duýýan. Maksatlary Ekinçini agdarmak
bolmaly. Başga gürrüňiň beýle gizlin bolmajagy belli. Ol adamlaryň
siziň ýanyňyza gelmegi bolsa, siz Ekinçiden soňky ikinji emeldar.
Abraýyňyz halkyň arasynda onuňkydan zyýada. Şonuň üçin agdarlyşyk
bolaýsa sizden başga tagta çykarmaga mynasyp, halkyň goldajak adamy
ýok.
Oglunyň beýle duýgurlygyna, parasatyna ýüreginde buýsanç dörän
Anuş-tegin Muhammede atalyk mähri bilen seredip:
-Tüweleme oglum, akyl-paýhasyňa göz degmesin-diýdi.
Ataly-ogul çaýyň başynda mundan soň boljak-goýjak ýagdaýlary
bir salym ara alyp maslahatlaşanlaryndan soňra Muhammet gullugyna
ugrady.
VI BAP
Gürgenjiň howasynda bir üýtgeşikligiň bardygy duýulýardy.
Asmany kä gara bulutlar, käte ak bulutlar gaplasa-da ýagman geçýärdi.
Göýä tebigat jemgyýetde bir üýtgeşikligiň boljakdygyny öňünden
duýdyrýan ýalydy. “Bulut ýagmaz, buýruk ýagar” diýenleri dek
ýokardan buýruk boldymy nämemi adaty güýzde juda seýrek bolýan
hadysa-gök gümmürdäp, ýyldyrym çakyp, şeýle bir çagba guýdy welin,
daş-töwerek göýä derýa joşup suw alana döndi. Birden başlanan çagba
birdenem dynyp, şeýle bir harasat turdy welin, ejizräk agaçlar garçyldap
jomurlyberdi. Ine şu harasat güni döwülip ýykylan diňe agaçlar bolman,
şikarda ýören Horezminiň walysy Ekinçi ibn Köçkar hezretleri hem
64
atyndan ýykylyp heläk boldy. Onuň ýanyndaky emirleriň aýtmagyna
görä at birden turan harasatdan ürküp, çarpaýa galanynda ýykylan
Ekinçiniň bir aýagy üzeňňide galypdyr. Aty ony süýräp ençeme ýere
çapypdyr. Ana şonda kellesi ýerdäki daşlara degip ýarylypdyr. Şol günüň
ertesi Ekinçini walylyk derejesine laýyk hormat bilen jaýladylar. Emma
onuň on iki ýaşyndaky ogly Togrul-tegin kakasynyň namazyna gelen
emirleriň, köşk emeldarlarynyň ýüzünde gynanç alamatlaryny görmedi.
Muny synlan duýgur oglan kakasynyň ölüminiň guralandygyny aňdy. Ol
bu ýagdaýda geljekde tagta dawagär adam hökmünde özüniň hem
janynyň howp astyndadygyny ejesine duýdurdy we şol güni Gürgençden
gizlin çykyp gitdiler.
Waly hezretleriniň ýykylan şol harasat güni onuň boşan tagtyna
eýe bolmaly Şyhny hezretleri hem ýykylypdy. Munuň birinjisinde adam
eli ýok däl bolsa, ikinjisi Allanyň eradasy bilendi. Ekinçi hakyndaky
habary hemmeden öňürti kakasyna ýetirmek üçin howlugyp öýüne gelen
Muhammet garaşylmadyk elhenç ýagdaýyň üstünden düşdi. Kakasy
ölüm düşeginde demini sanap ýatyrdy. Muhammet hassanyň baş ujyna
çök düşüp:
-Kyblam, pederim, size näme boldy-diýeninde Anuş-tegin
gözlerini mejalsyz açyp, zordan dillendi:
-Allanyň halany boldy. Saňa uzak ömür bersin...
Bu onuň soňky sözi boldy. Ol ogluna garaşyp ýatan ekeni, çala
açyk agzyndan soňky demini üfläp goýberdi-de, jan berdi.Muhammet
her näçe merdem bolsa-da, duýdansyz gelen ölümiň garşysynda bir bada
aljyrady. Ýerinden turup, häzir bolan ejesini gujaklap, onuň agysyna
goşuldy. Edil şo mahal içeri iki emir bilen öňräk öýlerine myhman bolan
horasanly gelip girdi. Anuş-tegini täji-tagt bilen gutlamaga gelen bu
adamlar öýdäki ahwalaty görüp, aň-taň boldular. Olar bir salym
başlaryny egip, duýgudaşlyk bildirip durdylar. Soňra Muhammede
göwünlik berip, biraz köşeşdirenlerinden soň beýleki otaga geçdiler. Şu
ýerde horasanly garaşylmadyk bu ýagdaý zerarly kellesinde dörän
pikirini mälim etdi.
-Biradary ezizler, Anuş-tegin hezretleriniň ölümi biziň üçin agyr
ýitgi boldy. Emma şeýle bolsa-da, başlan işimizi ahyryna ýetirýänçäk
hezretiň ölümini syr saklamagymyz gerek-diýip, soňundan Muhammede
ýüzlendi:
-Pederiňizi nätseňizem bir hepde saklamaly. Siz bolsa nähoşlap
ýatan pederiňiz Horezmşa hezretleri aýaga galýança onuň wezipesini
ýerine ýetirersiňiz. Bir hepdeden soň pederiňiz horezmşa hökmünde uly
65
hormat bilen jaýlanar we atadan ogula miras hökmünde täji-tagt size
galar.
Horasanlynyň bu gepi emirlere hem makul boldy. Şeýlelikde şu
ýerde özara gelnen karar boýunça şu güniň özünde aradan çykan waly
Ekinçi iban Koçkaryň ýerine şyhny Anuş-tegin Garçistany horezmşa
edip bellenendigi barada çar tarapa jar çekdirildi. Anuş-tegini halk
hakykatdan hem gowy görýän ekeni, bu bahary bazarlarda, köçelerde
uly şatlykly şowhun bilen garşy aldylar. Emma häzir onuň nähoşlap
ýatany üçin ýerinde ogly Kutbeddin Muhammediň oturandygyny
eşidenlerinde gaýgyrdylar, hassanyň tizräk sagalyp, aýaga galmagyny
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 06
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.