Latin

Gürgenç II - 13

Total number of words is 3757
Total number of unique words is 2033
30.9 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
öňünde, at üstünde nutuk sözleýär.
-Muhterem jemagat! Allahym şaýat-biz Horezmine hiç haçan
basyp alyjynyň gözi bilen seretmedik. Horezmini öz penahymyzda
üstünden guş uçurman geldik. Jaýy jennet Horezmşa Kutbeddin
Muhammet (Allanyň oňa rähnetleri bolsun) bilen diňe dost däl, dogan
kimin gatnaşdyk. Onuň wepatyndan soň ogly Atsyzy öz permanymyz
bilen Horezmşa belledik. Oňa on ýyllap söweş tälimini, döwleti
dolandyrmak tärlerini öwretdik. Emma Atsyz soňky döwürde özüne täjitagty kimiň hedýe edenini, kimiň arkasyndan Horezmşa bolanyny
unutdy, hökümdarlyk mertebesini göterip bilmedi, öz howandaryna,
ussadyna dönüklik etdi. Ol bizden birugsat, ýurduň daşyndaky ilaty
çapdy, Mangyşlak bilen Jendi feth edip, bigünä musulmanlaryň ganyny
dökdi. Biz onuň bu eden işlerini ýazgaryp, ötünç soramagyny
duýduranymyzda, ötünç soramagyň ýerine biziň wekiliýetimiziň
adamlarynyň mal-mülküni musadara18 edip, baş wekilimizi katyl
etdiripdir. Mundan başgada Horasana gidilýän ýoly bekledip,
ýolagçylara azar berilmegine ýol beripdir. Derýanyň geçelgesindäki
işgärleri bolsa geçelgä gelen adamlary talamak bilen meşgullanypdyrlar.
Hat-da, olaryň maşgalalaryna göz dikilen ýagdaýlar hem bolupdyr. Hany
oýlanyp görüň, jemaga, şu gabahat işler musulmançylyga sygýamy?!
Musulmançylyk beýle-de dursun, adamçylyga-da sygmaýar! Ine, şonuň
üçin biz Horezmine ýörüş etmäge mejbur bolduk. Indi bu ýurdy adalatly
dolandyrmak gerek. Şu maksatda biz Atsyzyň taşlap gaçyp giden tagtyna
öz ýegenimiz Süleýman şahy makul gördük. Mundan beýläk ähli
Horezmin oňa itagat19etmelidir.
Soltan Sanjar sözüne dyngy berip, sözüniň nähili täsir edenini
bilmek üçin jemagata göz aýlaýar. Hiç kimden seda çykmaýar
hemmeleriň başy aşakdy. Ol sözüni dowam etdirýär:
-Kethudalar, emeldarlar! Men size ýüzlenýän, biz siziň
haýyşlaryňyzy kabul etdik. Indi siz hem biziň käbir talaplarymyzy
berjaý etmeli bolarsyňyz. Horezminiň gazaply gyşy golaýlap gelýär. Biz
gyşyň iki aýyny şu ýerde geçirmekçi. Şu iki aýyň içinde biz täze
hökümdaryňyza ýurtda tertip düzgüni, käbir döwlet işlerini ýola
goýmakda kömekleşeris, onuň wezirlerini, hajyplaryny, atabegini
18
19
Musadara-elinden almak
Itagat- boýun egmek
153
belläris. Siz hem şu iki aýyň dowamynda biziň leşgerimizi azyk, odunçöp, beýleki gerek zatlar bilen üpjün etmeli bolarsyňyz. Türkmende
myhmanyň atyna, özüne tä gidýänçä hezzet-hormat edilýändir.
Soltan sözüni soňlanynda öň hatarda duran kethudalar, emeldarlar
iki aýyň dowamynda bu agyr leşgeri azyk, atlaryny ot-iým, çadyrlaryny
odun-çöp bilen üpjün etmek ilata gaty agyr düşjegini bilselerde soltanyň
talabynyň sözsüz ýerine ýetiriljekdigine söz berýärler. Başga alaç hem
ýokdy.
Şundan soň Soltan wezir-wekilleri bilen köşge tarap ýönelýär.
Köşge gelip, ýerleşenden soň, onuň ilkinji eden işi häli Atsyzy günäläp
sözlän sözünden doly Fath-nama20 ýazdyryp, ony ähli tabynlygyndaky
döwletlere gönderýär. Şol sanda onuň bir nusgasyny täze hökümdara
itagat etmek hakyndaky permana goşup, Käte hem iberýär.
***
Gürgençden çapar gelip gideninden Atsyzyň habary bardy. Soltan
Sanjar hem Atsyzyň ýitirim bolup gitmän, şol töwereklerde bardygyndan
bihabar däldi. Belki, şonuň üçin, ol Gürgençde iki aýdan hem gowrak
wagt saklanandyr. Bu iki aý Atsyz üçin iki asyra barabar boldy. Adam
bagtyýarlyk günlerinde wagtyň nähili geçýänini bilmeýän bolsa
bagtsyzlykda adama wagtyň özi geçmän azap berýär. Emma adamyň
duýgularyndan daşarda tebigatyň kanuny esasynda geçmişden geljege
tarap birsydyrgyn akýan wagtyň sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursady
hem geldi. Ony Soltan Sanjar ýurdyna ugranyndan Gürgençde galan bäş
ýigit getirdi.
-Aly hezret, inşalla, ähli işler siziň göwnüňizdäki ýaly bolar-diýip
ýigitleriň ekabyry Atsyzy begendiren gürrüňine başlady:
-Sanjaryň goýup giden üç müňe golaý leşgeriniň üçden biri
ýesirlikden soltanyň goşunyna geçen özümiziň öňki esgerlerimiz. Olar
eger söweş bolaýsa biz tarapa geçmäge söz berdiler. Gürgenjiň ilaty
bolsa Siz bärden bardygyňyz Süleýman şahyň garşysyna aýaga galar.
Çünki şu iki aýyň içinde iki gezek salgyt salyp, ilatyň gazabyny
bokurdagyna getiripdir. Şonuň üçin köp goşun hem gerek däl bolsa
gerek.
-Sanawyňyz näçeräk boldy?-diýip Atsyz Il Arslana seretdi.
-Häzire çenli ýazylanlar üç müň töweregi, ýene-de ýazyljaklar köp.
-Onda, şu ýeterlik, iküç günüň içinde ýazylanlary toplap, goşuny
düzüň. Ýörüşe başlaýas!-diýen Atsyz ýüreginde birden peýda bolan
hyjuwyň badyna ýerinden turup gitdi. Ol otagyň içini bir aýlanyp,
20
Feth-nama-ýeňiş haty
154
eýýäm ýerlerinden turup duran ogullarynyň, ýigitleriň öňünde saklandyda: “Tizleşiň!” diýdi. Otagda ýeke galan Atsyz bir uludan demini alyp:
-Eý Alla!-diýip, seslenenini özü-de duýman galdy. Ýüreginden
atylyp çykan şu bir agyz sözde ýüreginiň jümmüşinde ýatan hasratyň
hem, armanyň hem, namysyň hem, aryň hem şu wagt dörän hyjuwyň
hem äheňi bardy.
XV BAP
Atsyz üç müňe golaý urşujydan ybarat goşun bilen gelip, Gürgenji
gabady. Wagt gijäniň ýaryndan agypdy. Galanyň ýokarsynda her ýerde
ýanyp duran çomlaryň ýagtysynda seýregiräk esgerleriň sudury
görünýärdi.
-Aly hezret,
galanyň
depesine
kemanlardan
peýkam
ýagdyralymy?-diýip, goşuna baş serkerde edip bellenen öz goragynyň
başlygy bolan Kemaleddin Aýuphan Horemşaga ýüzlendi.
Aýuphan käte häzirkisi ýaly birneme gyzmalyk edýän häsiýeti bar
diýmeseň, harby işden başy çykýan, parasatly hem-de ezber adamdy.
Şonuň üçin hem ony Atsyz Kätde toplanan goşuna baş serkerde belläp,
Mukaddam unwanyny beripdi. Atsyz şäheri, alajy bolsa, uruşsyz, gan
dökmän almak niýetindedi. Ol:
-Ýok, gerek däl-diýdi. Belki, depedäkiler horasanlylar däldir, öz
adamlarymyzdyr. Daň atýança leşger dynjyny alybersin. Daň atandan
soň olar bilen habarlaşarys. Goşunymyzy görerler, ýagdaýy Süleýman
şaha ýetirerler. Onsoň olar arkaly Süleýman bilen gepleşip göreris. Ol
ýaman adam däl, meseläni parahatçylyk ýoly bilen çözsek has gowy.
Atsyzyň bu gepi bir salymda goşunyň içine ýaýrady. Gylyç
ýalaňaçlap, jeňe girmäge gelen ýigitleriň käbirleriniň lapykeç boldy,
janyndan howp edip geleneleri bolsa birneme ýürekleri düşüşdi.
Atsyzyň Süleýman şahy ýaman adam däl diýeniniň sebäbi bardy.
Ol Horasanda soltan Sanjaryň gullugynda bolan ýyllary Süleýman şah
bilen aralary gowudy. Käte-käte awa-şikäre soltandan rugsat alyp, bile
giderdiler, käte, (ýigitçilik) göwünaçar ýerlere-de bile barardylar. Ine
şeýle duz-çörek iýişip ýören dostlary bu gün pelegiň gerdişi garşydaşlara
öwürdi.
Daň tilki guýruk bolandan çalnan surnaýyň sesi esgerleri oýaryp,
atlaryna atlandyrdy, galanyň depesindäkileri bolsa howsalaly herekete
girizdi. Aşakdaky leşgere gözleri düşenden köşge habar iberdiler.
Atsyz sag ýanynda, at üstündäki baş serkerdä ýüzlenip:
155
-Indi olara aýtjagyňy aýt!-diýdi. Baş serkerde iki elini agzyna
kernaý edip:
-Eý, Allanyň bendeleri! Ýurduň hakyky eýesi, Horezminiň täjitagtynyň sahyby Al Mälik Jelaletdin Atsyz Horezmşa hezretleri geldi.
Derwezäni açyň! Derweze ýagşylyk bilen açylsa, hiç kime hiç hili zyýan
ýetirilmez. Horezmşa hezretleri gan döküşlik etmän, parahatçylyk
ýoluny isleýär!-diýip, bokurdagyna sygdygyndan seslendi. Baş
serkerdäniň sisi depedäkilere anyk ýetip barsa-da, jogap bolmady. Ikinji
sapar, eger derweze ýagşylykça açylmasa, güýç ulanyljakdygy,
goragçylaryň hem gylyçdan geçiriljekdigi baradaky baş serkerdäniň
çasly sesi depä ýetenden soň, goragçylaryň başlygy bolsa gerek, ýogyn
göwreli biri galanyň gyrasyna gelip:
-Derwezäni açmaga biziň hakymyz ýok. Horezmşanyň
parahatçylyk isleýäni çyny bolsa, biraz sabyr ediň. Köşge habar iberildi.
Siziň bilen gepleşjek adamlar geler!-diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy.
Emma köp garaşyldy. Sabyr käsesi dolan Atsyz derwezä hüjüm etmäge
buýruk berjek mahaly galanyň depesinde bir topar geýnüwli adamlar
peýda boldy. Ona golaý bu adamlaryň öňünde zerbap donly, başy tylla
jygaly ýigit bardy. Atsyz onuň Süleýman şahdygyny görenden tanady. Ol
goşundan on ädim çemesi öňe saýlandyda, atyny kişňedip, çarpaýa
galdyrdy.
-A how, Atsyz jenaplary, beýdip, bizi gorkuzjak bolmaň! Biziň
atlarymyz hem çarpaýa galyp bilýär-diýip, Süleýman şah kinaýaly
gygyrdy. Atsyz gödek hereket edenine birneme utansa-da, jogabyny nagt
etdi:
-Onda, çarpaýa galyp bilýän atlaryňyzy münüp, söweş meýdanyna
geliň!
-Jenap Atsyz, biz siziň bilen köne dostlar hökmünde ilki salamalek edip, soň gepleşsek bolmazmy?
-Eger, salam-alek etmekçi bolsaňyz, derwezäni açyň. Men siziň
bilen köne dostlugymyzyň hatyrasyna gujaklaşyp görüşmäge-de, ak ýol
arzuwlap, ýurduňyza ugradyp goýbermäge-de taýyn.
-Hoş niýetli arzuwlaryňyz üçin sag boluň, Jelaletdin Atsyz
jenaplary! Ýöne beýik soltanymyz meni siz gelýänçäňiz Gürgenjiň
köşgüne garawul edip, goýup gidenok. Ol maňa Horezmini ykta
hökmünde hedýe etdi. Indi bu ýurduň eýesi-de, hökümdary-da men.
-Süleýman, sen bir hakykata düşün. Horezmin seniň däl, meniň
Watanym. Meniň göbek ganym daman ýer meniň üçin mukaddesdir.
Men ony hiç kime bermen! Eger ýagşylyk bilen çykyp gitmeseň, läşiň şu
156
ýerde galar. Söweşip bizi ýeňjek gümanyň ýok. Goşunyň ýarysy
horezminliler, olar söweş bolsa, biz tarapa geçer. Mundan başga-da,
bizden yşarat boldugy şäheriň ilaty aýaga galar. Şonuň üçin ojagaz
horasanlylaryň hem ganyny dökmän, ýagşylyk bilen ýurduňa git!
-Atsyz, sen hem bir zada düşün. Eger söweşde üstün çykyp, meni
öldürseň ýa-da aýdyşyň ýaly men çykyp gitsem, nirä barýan? Elbetde,
Merwe. Al onsoň, Soltan üstüňe ýene goşun çekip gelmezmi? Geçen
söweş saňa sapak bolmadymy? On müň esgeriň gyryldy. Olaryň gany
seniň boýnuňda. Özüň zordan gaçyp gutuldyň. Indiki boljak söweşde
gaçyp gutulyp hem bilmersiň. Ol sapar ogluň Atlygyň kellesi giden
bolsa, indikide öz kelläň gider. Şonuň üçin meniň gidenimden özüňiñ
gideniň gowy bolar. Pikirlenip gör!
Atsyz oglunyň ady tutulanda titräp gitdi. Gazaby gaýnap,
gözlerinden ot syçyrady. Bir peýkam bilen Süleýman şahy ýere ýazasy
geldi. Emma gepleşik mahaly muny etse namartlyk boljagyny endişe
edip, pälinden gaýtdy. Ol Süleýman şahyň soňky gepine pitiwa etmedik
ýaly bolsa-da, bu meseläni Gürgenje ýörüşiniñ öň ýanynda oýlanyp
görüpdi we munuň Süleýman şahyň aýdyşy ýaly bolmajagyna ynam
hasyl edipdi. Bu ynam soltan Sanjaryň ýanynda on ýyllap bolanynda
onuñ häsiýetleriniñ hemme tarapyna: adyllygyna, zalymlygyna
hem, geçirimliligine, şepagatsyzlygyna hem, danalygyna, kütekligine
hem, aýratyn-da bir işi etjek bolanynda ony ýedi ölçäp, bir kesýändigine
hem belet bolany üçin döräpdi.
Atsyzyň ynamy esassyz däldi. Çünki Soltan Sanjaryň Horezmine
goşun çekip gelmegi diňe Atsyzy eden etmişleri üçin jezalamak däldi,
şunuň bilen birlikde onuň goşunyny derbi-dagyn edip tabynlygyndaky
beýleki döwletlere-de göz etmekçidi, edipdi hem. Indi bolsa Atsyz
Süleýman şahy zyýan-zähmetsiz kowup, özüniň kanuny tagtyny eýelese,
Sanjaryň munuň üçin Horezmine ýene-de goşun çekmejegi bellidi.
Çünki ol Atsyzyň ir-u-giç ýurduna eýe çykjagyny bilýärdi.
-Süleýman, maňa “pikirlenip gör” diýeniňi meniň pikirlenip
görmegim gerek däl, meniň saňa aýdanymy seniň pikirlenip görmegim
gerek - diýip, Atsyz soňky iki sözüni has batly aýtdy.
Süleýman şah Atsyza jogap bermezden öň arkasyna öwrülip,
yzynda duran adamlary bilen bir salym maslahat etdi. Ol Atsyzyň
daşardaky goşunyna garanda-da, içerdäki ilatdan howp edýärdi. Şäheriň
içinde at-ýaragly adamlaryň gaty kändigini eşidipdi. Eger olar aýaga
galsa halynyň gaty teň boljagyny bilýärdi. Şonda-da, ol aňsatlyk bilen
ýan berjek däldi:
157
-Atsyz, köne dostlugymyzyň haky, men ýene bir gezek
duýdurýaryn. Bäş gün tagtda oturjak diýip, özüňi aždarhanyň agzyna
oklama. Soltanyň gazaby ýamandyr.
Muňa Atasyzyň jogaby taýyndy.
-Süleýman, menem saňa dostlarça duýdurýaryn. Özüňe-de, öýläne
çenli puryja berýärin, goş-golamyňy, ýygnap, islän derwezäňden çykyp
git. Eger şu aýdylan möhletde çykyp gitmeseň, onda sen özüňi
aždarhanyň agzyna oklaýarsyň. Bu meniň soňky sözüm!
Süleýman şah ýagşydan-ýamandan hiç zat aýtman, yzyna öwrüldide adamlary bilen ötägitdi. Ol gidenden depedäki elleri ýaragly esgerler
hem zym-zyýat boldy. Munuň sebäbi salym geçmän mälim boldy.
Galanyň içinden “Ýok bolsun seljuklar!” diýen gykylyklar eşidilip
başlady. Atsyzyň geleninden habar tapan Gürgenjiň ilatynyň aýaga galyp
ugranyny gören Süleýman şah aşak düşüp, güýçli gorag bilen köşge
tarap ýelk ýasady. Bir mahal adamlaryň şatlykly gykylygy astynda
derweze hem laňňa açyldy. Ondan sil kimin akyp çykan adamlar
“Ýaşasyn Horezmşa hezretleri!” “Ýaşasyn Aly hezretimiz!” diýip,
gygyryşyp, şatlanýardylar. Sap-sap bolup duran leşgeriň öňünde atynyň
jylawyndan çekip duran Horezmşanyň garşysyna gelip aýak çeken
jemende ilki oňa baş egip, tagzym etdi. Soňra:
-Märhäba! Hezreti alylary, märhäbo!1-diýişip ýol açdylar. Şu
demde Atsyzyň bar aladasy soltan Sanjaryň gazabyna ýene-de duçar
bolmazlyk üçin Süleýman şaha zeper ýetirmezlikdi. Atsyz adamlaryň
ortasyndan açylan ýol bilen leşgeriň öňüni çekip, şähere girdi.
Derwezeden tä köşgüň golaýyna barýança köçeleriň iki ýan tarapyny
dolduryp duran mähelläniň “Märhäbo, Aly hezret, märhäbo!”, “Ýaşasyn
Horezmşa hezretleri!” diýen şatlykly owazlary asmana çykýardy.
Köşge ses ýetim aralykda Atsyz atynyň başyny çekdi. Köşgi iki
müňe golaý atly esger gylyç ýalaňaçlap, gorap durdy.
Atsyz rejäniň düzüw däldigini duýup, goragçylara ýüzlenip
seslendi.
-Eý gardaşlar! Gylyçlaryňyzy gynyňyza salyň. Biz siziň bilen
uruşmaga gelmedik, sizi sag-aman ýurduňyza ak ýol arzuwlap,
ugratmaga geldik.
Atsyzyň ýüzlenmesi netije bermedi. Gylyçlar gynyna salynmady,
gepine jogap beren hem bolmady. Atsyz ikinji sapar has gaty seslendi:
-Eý, horasanlylar! Men Horezmşa Atsyz, size şa hökmünde
ýüzlendim. Näme, maňa ynanaňyzokmy? Patyşalaryň agzyndan çykan
158
söze Alla şaýatdyr. Onda ikilik bolmaz. Siz atyňyzdan düşüp, aýbagdaş
gurup otursaňyz hem golaýyňyza hiç kim barmaz.
Atsyzyň şu sözünden soň esgerleriň serkerdesi biraz öňe saýlanyp,
jogap berdi.
-Muhterem Horezmşa hezretleri! Esgerlerimiz gylyçlaryny gynyna
siziň sözüňiz bilen däl, meniň buýrugym bilen salarlar. Menem beýle
buýruk bermedim. Sebäbi bize goragda gylyçlaryňyzy ýalaňaçlap, jeňe
taýýar bolup duruñ diýip buýruldy.
Bu sapar Atsyzyň sesi has gaharly çykdy:
-Men Süleýman şaha biziň uruşmak niýetimiziň ýokdugyny
aýdypdym, ahyryn! Ýene näme, size jeňe taýýar bolup duruň diýýär-kä?
Eger jeň etmeli bolsa, meniň arkamda siziňkä garanda iki esse köp
leşger dur. Mundan başga-da, jeň başlansa, şäher ilatyndan bäş-alty müň
at-ýaragly adamlar häzir bolar. Onsoň ýekejäňiz hem aman galmarsyňyz.
Baryňyzyň läşiňiz şu ýerde seriler. Eger şu gandökuşlik bolmasyn
diýseňiz, häziriň özünde şäherden çykyp gitmegiňiz gerek. Bar, meniň
şu sözlerimi Süleýman şaha aýt!
Horezmşanyň sözi serkerdä mazaly täsir eden bolmaly, ol sessizüýnsüz atyndan düşüp, julawyny bir nökere berdi-de, çalt-çalt ýöräp,
köşge girip gitdi. Köp garaşmaly bolmady. Bir käse çaý içer salymdan
ýanynda bir adam bilen goragçylaryň öňünde peýda boldy. Onuň
ýanyndaky adam:
-Essalawmaleýkim, Horezmşa hezretleri! Men atabeg Ärdeşir ibn
Omar-diýip, mylaýymsyrap özüni tanyşdyrdy. -Süleýman şah hezretleri
hem parahatçylyk ýoluny saýlady. Şonuň üçin bize ýol harajadymyzy
tutmaga iki gün puryja bermegiňizi soraýar.
-Ýol harajadyňyzy ýol ugruna obalardan alyp gidiberiň. Puluňyz
bardyr, ilata iki gezek salgyt salyp alypsyñyz-a.
-Salgydyň puluny soltanymyz leşgerine paýlap berdi. Bizde
birazrak galan gaçany bolaýmasa...
-Eý atabeg! Galan-gaçanyňy bilemok, ilatdan zat alsaňyz, diňe
satyn almaly. Eger talaňçylyk etseňiz, yzyňyzdan kowgy ibererin, ýetip
külüňizi göge sowurarlar. Häzir bolsa köşgi boşadyň! Gep tamam!
Soňky iki sözden soň atabeg başga-da aýtjak zatlaryny aýdyp
bilmän, yzyna öwrülip, köşge girip gitdi.
***
Özüňden zora sataşsaň, zoruň talabyny berjaý etmeli bolýar.
Süleýman şah hem zahyr güýjüň öňünde bu ýazylmadyk düzgüne boýun
egmeli boldy. Atsyz bolsa şol günüň özünde kowlan horasanlylardan
159
boşan köşgüne dabara bilen girip ýerleşdi. Ol köşge gireninde ilkinji
eden işi-tagtyny maňlaýyna sylyp, togap etdi. Eger şu ýerde
danyşmentleriň biri bolanda onuň bu işini şeýtana sežde etmek bilen
deňärdi. Çünki dünýädäki iň biwepa zatlaryň biri bolan tagt toýlarda
pälwanlary göreşdirmek üçin goýlan baýrak kimin ortada goýlan, özüne
çekiji jadyly zat bolup, ony almak üçin ýönekeý göreş däl, ganly
göreşler häli-şindi dowam edýärdi.
Hernä, bu sapar onuň üçin gylyç ýalaňaçlap, ganly göreşe girmek
gerek bolmady. Oňa derek ötgür söz ulanyldy. Netijede “Gylyç bilen
alyp bolmaýan galany söz bilen alsa bolýar” diýen pähim hakykata
öwrüldi. Emma munuň bilen Atsyzyň köňli karar tapanokdy. Hazaräspiň
meýdanynda gurban bolan müňlerçe esgeri, ogly Atlyk, söýgülisi
Zübeýda zerarly ýüregindäki ýangynyny nädip söndürjegini, nädip ar
aljagyny oýlanyp örtenýärdi. Bu onuň häsiýetine hem täsir edip,
öňküsine garanda gyzmarak, gaharjaňrak bolupdy. Emma köşge girilen
gününiň ertesi irden gelen Süleýman şahyň hyzmatynda bolan özüniň
öňki emeldarlaryny kabul edeninde gazaba öwrülen gaharyny biraz
basyp bildi:
“Ýaşamak islegi adamy her zada mejbur edýär-ow. “Dyza çöküp
ýaşandan dik durup ölen ýagşy” diýmek her kesiň elinden gelmeýär”
diýip, içini gepleden Atsyz garşysynda baş egip duran öňki köşk
emeldarlaryny bir-bir synlaýarka:
-Ýeri, jenaplar, näme diýip geldiňiz? Siziň Süleýman şaha kasam
edip, onuň hyzmatyna gireniňizden Horezmşanyň habary ýokdur, diýip
geldiňizmi?-diýdi. Horezmşanyň gazabyndan gorkman gelen
emeldarlaryň hem bir arkaýynçylyklarynyň bardygy olaryň baştutany
mühtasibiň21 sözünden mälim boldy:
-Ýok, Aly hezret, siziň hemme zatdan habaryňyz bardygyny
bilýäris. Biziň Süleýman şahyň hyzmatynda däl-de, Horezmin
döwletiniň hyzmatynda bolanymyzdan, halkyň bähbidini arap, iş
ýerimizde galanymyzdan habaryňyz bardyr diýip, sizden hoşallyk tama
edip geldik.
Gürgenjiň muhtäsibi Osman hojanyň jogaby Atsyzy bir salym
dymdyrdy.
Bu dymyşlygyň soňunda Horezmşanyň başyny iküç gezek atany
muhtäsibiň gepiniň bir tarapdan hakdygyny boýun alanlygynyň
alamatydy. Horezmşanyň biraz ýumşanyny aňan Reşiteddin Watwat
degişmä salyp:
21
Mühtasip-bazarlaryň üstünden serediji emeldar
160
Halkyň bähbidini aran muhtäsip,
Öz gamyn hem iýen, edenden nesip-diýip, hakykatyň ikinji tarapyny hem aýdyp goýberdi. Muny
Atsyzyň özi hem bilýärdi. Emma döwlet düzüminiň dargan häzirki
ýagdaýynda bu emeldarlary öz wezipelerinde galdyrmaly boldy.
Indi gaçyp giden Abul Muzaffar an Nyşapurynyň ýerine oňa bir
dana, wepaly wezir gerekdi. Şeýle wezir edinäýse döwlet düzümindäki
kemis-käsleri düzetmegi, gündelik işleri ýöretmägi oňa tabşyryp, özi
göwnündäki harby ýörüşlere taýýarlyk bilen meşgullanmakçydy. Onuň
bütin oý-hyýaly soltan Sanjardan köýüp ýatan aryny almakdy. Emma
häzir onuň bilen darkaşa girmäge mümkinçiliginiň ýokdygy içini
ýakýardy. Içini sowatmagyň, häzirlikçe, bir ýoly onuň tabynlygyndaky
ýerlere ýörüş edip, basyp almakdy. Şeýdip onuň hem içini ýakyp,
degnasyna degjekdi.
Horezmşadan hoşallyk tama edip gelen emeledarlar eden tamalary
çykmasa-da, iş ýerlerinde galanlaryna Hudaýa şükür edip, bir çetde
durdylar.Olardan soñ Atsyzy täji-tagtyny duşmandan gaýtaryp alanlygy
bilen
mübäreklemek
üçin
gelen
Gürgenjiñ
mähelleleriniñ
kethudalarynyñ arasynda Şeýhulyslam başlyklaýyn ulamalar, şahyrlar
alymlar, Kazy-kelan we Sanjar bilen bolan söweşde Atsyzyň özünden
soň garasyny saýlap, başyny gutaran emirleriň üçüsi bardy. Horezmşa
olar bilen aýratyn görüşip soraşdy. Şonda olaryň emir Täjeddin Syddyk
diýilýäni:
-Aly hezret, Allanyň halanydyr-da, bu söweşde bize ýeňiş nesip
etmedi. Emma bize nesip etjek ýeňişlerimiz öňdedir diýip ynanýaryndiýdi. Sakgal-murtuna ýek-tük ak aralan bu salyhatly adamyň sözleri
Atsyzyň göwnüni göterdi. Ol emiriň elini mäkäm gysyp,
minnetdarlygyny bildirdi. Şeýhulyslama bir gezek gözi kakylyşan Atsyz
oňa başga seretmezlige çalyşdy. Çünki onuň nazarynda “Meniň pendimi
alman, näme peýda etdiň?” diýen igenç bardy.
Atsyz öňki döwri bolanda beýle gutlaglary saz-söhbetli meýlis
gurap, şonda kabul ederdi. Şu pursatda, ýüregi ýangynly şanyň köňlüne
meýlisem, saz hem syganokdy. Şonuň üçin ol bu gelenleri tagt
eýwanynda kabul edip, gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirdi we
pursatdan peýdalanyp, wezirli mesele barada olara sala saldy.
Kethudalar, ulamalar biri-birine seredişip, bir salym pikir alyşdylar.
Soňra gelen pikirleri barada Şeýhulyslam dil ýardy.
-Aly hezret, siziň gözleýän zadyňyz eliňiziň aşagynda-diýeninden
Atsyz soňuny aýtdyrman ýüzüni aldy:
161
-Tagsyr, men zat gözlämok, dana, tedbirkär22 adam gözleýän!
-Uzur, Aly hezret. Ýöne adam hem Allanyň ýaradan zadydyr-diýdide, ol başga geplemedi. Atsyz gödeklik edenine içinden ökünse-de,
daşyndan bildirmedi. Ol:
-Jenaplar, häzir meniň aýlawly geplere takatym ýok. Bir pikiriňiz
bolsa göni aýdyň-diýdi. Sözüniň äheňinde bolsa gödeklik edenine
ökünýäni duýulýardy. Şonyñ üçin Şehulyslam sözüniň soňuny aýtdy:
-Aly hezret, biziň size teklip etmekçi kişimiz hemişe ýanyňyzdaky,
häzirem gapdalyňyzda oturan hajybyňyz Jenap Ymam Majdeddin ibn
Muhammet. Biziň bilşimizçe danalykda, tedbirkärlikde ol kişiniň öňüne
çykjak ýokdur.
Bu teklibi hemmeler bir agyzdan makulladylar. Özi hakdaky
gürrüňe jogap hökmünde bir elini gursagyna goýup oturan hajyba göz
aýlan Horezmşa bu pikiriň şu çaka çenli öz kellesine gelmänine haýran
galdy. Ol Ymam Mejdeddin, hakykatdan hem wezirlige mynasyp adam
diýen karara gelip, Ymam Mejdeddiniň özüne ýüzlendi:
-Jenap Ymam Mejdeddin, indi söz size. Siz näme diýersiňiz.
Ymam Mejdeddin ýerinden turup, ilki Horezmşaga tagzym etdi. Soňra
özüne göz dikip, ünsli oturan adamlara ýüzlendi:
-Muhterem jenaplar, meni şeýle belent mertebä laýyk görüp, teklip
edeniňiz üçin size, siziň teklibiňizi kabul edip, maňa şeýle uly ynam
bildiren Horezmşa hezretlerine minnetdarlygym bihasapdyr. Emma örän
ýiti zehin, ötgür akyl we danyşmentligi talap edýän bu belent wezipäni
oňaryp bilmän, menem öňki wezir Abu Muzaffar kibi gaçyp
gidäýmesem ýagşy diýip gorkýaryn. Şonuň üçin, Aly hezret, sizden
haýyşym biraz sabyr etseňiz, maňa garanda has dana, has zehinli, has
tedbirkär adam tapylardy. Meni bolsa şu hajyplyk wezipämde goýsaňyz
size başym bilen ýöräp hyzmat ederin.
Patyşanyň makullan teklibini hajybyň ret etmegi köpçüligi geň
galdyran bolsa Atsyzyň gaharyny getirdi. Ol:
-Jenap Ymam Mejdeddin!-diýdi gahar gatyşykly ses bilen gepledi -Hajybyň wezipesi weziriň wezipesine garanda has ýeňil we hezil. Siz
şu hezilligi goýup, kyn işe baş goşasyňyz gelmeýär, şeýle gerek?!
Hakykatdan-da, weziriň wezipesi aňsat däl, kyn. Hökümdaryň işi
ondanam kyn. Emma beýik işler aňsatlyk bilen edilmeýär. Biziň
maksadymyz, ýolumyz beýiklige tarap. Eziz Watanymyz Horezmini
beýiklige çykarmaly. Horezmin ady äleme dolan beýik, Garaşsyz ýurt
bolmaly. Bu beýik maksada öz döwrümizde biz ýetip bilmesek, bizden
22
Tedbirkär-ähli ugurdan başy çykýan, işjeň, oýlap tapyjy
162
soňky nesillerimiziň ýetmegi üçin biz bu beýikligiň binýadyny gurup
bermegimiz gerek. Ýüreginde Watana söýgüsi bolan her bir adam şu
maksada gulluk etmelidir!
Horezmşa sözüne dyngy berip, sözüniň hajyba nähili täsir
edendigini bilmek üçin oňa ýiti nazaryny dikdi.
-Aly hezret, men weziriňiz has dana, danyşment bolsa ýurda
peýdasy köp deger diýjek boldum...
-Siz ýurduň peýdasyny däl, öz peýdaňyzy alada edýäňiz, ýogsa
sizde danalygam, danyşmentligem ýok däl. Indi gepi köpeldip oturmaly.
Şu günden başlap siz hajyp däl, büzrük wezir-diýip, Atsyz kätip
Reşiteddin Watwata seretdi-de -Jenap Ymam Mejdeddin ibn
Muhammedi weziri büzrük edip bellemek hakyndaky permany
taýýarlaň-diýdi. Soňra ýene Ymam Mejdeddine garap, - Işi oňarmadym
diýip, gaçyp gitmekçi bolsaňyz, daşa gidip bilmersiňiz, üç agajyň
aşagyna bararsyňyz. Bu meniň hökümdarlyk sözüm...
Ymam Mejdeddin Horezmşanyň sözüniň soňunda dar agajyny
diline getirenine gorkmasa-da, bir hili degnasyna degilen ýaly boldy.
Ýöne Atsyzyň bolup geçen pajygalar zerarly ruhy dünýäsiniň juda
dartgynlydygyny bileni üçin ondan kine etmedi. Ol sag elini gursagyna
goýup, edep bilen dillendi:
-Muhterem Horezmşa hezretleri, hökümdarlaryň emri wajypdyr,
oňa boýun bolmak her bir raýatyň borjudyr. Menem siziň raýatyňyz
hem-de weziriňiz hökmünde Horezmin döwletini siziň aýdan
beýikligiňize çykarmak üçin özümiň mynasyp goşandymy goşaryn,
inşalla.
Atsyzyň häliden bäri gamaşyp duran ýüzi açyldy, gözlerinde
hoşallyk alamaty peýda boldy. Ol başyny atyp:
-Teşekkür, weziri büzrük! Işiňizde rowaçlyklar arzuwlaýaryndiýdi. Horezmşanyň arzuwyna hemmeler goşulyp, täze weziri belent
mertebe bilen mübäreklediler. Adamlar dargaşandan soň şa bilen wezir
ikiçäk galyp, döwlete dahylly meseleleri maslahatlaşdylar. Soňunda
Atsyz özüniň esasy maksady bolan harby ýörüşlere taýýarlyk işini öz
üstüne alyp, gündelik döwlet işlerini weziriň boýnuna atdy.
XVI BAP
Dargan harby ulgamy dikeltmek Atsyza aňsat düşmedi. Harby
meseleler bilen meşgullanýan öňki gurama-Diwan al ard ýokdy. Diňe
onuň Gürgenji almak üçin çekip gelen üç müň esgeri bardy. Uly ýörüşler
etmek üçin bolsa uly goşun gerekdi, uly goşun toplamak üçin uly pul
gerekdi. Hazynada bolsa beýle pul ýokdy. Süleýman şaha iki gezek
163
salgyt tölän ilata üçünji gezek salgyt salmak ynsapdan däldi. Puly başga
çeşmeden tapmalydy. Pul tapylyp, işjeň, hal adamlardan ybarat Diwan al
ard dikeldilse goşun toplamakda ygtybarly daýanç boljakdy. Şonuň üçin
ilki bilen Diwan al arda ýolbaşçylyk edip biljek ygtybarly sahyp diwan
tapmalydy. Bu meseleler boýunça Atsyz bir kelleden iki kelle ýagşy
diýip, baş serkerde Kemaletdin Aýuphana maslahat saldy. Serkerde
bugdaýreňk ýüzüne gelşik berip duran gara gytyk sakgalyny sypap, bir
salym dymdy. Ol Gürgençde doglup öseni we synçylygy üçin şäheri,
onuň ilatyny Horezmşanyň özünden hem gowy bilýärdi. Şoňa görä ol
şanyň göwnünden turjak jogaby berip biljekdi:
-Aly hezret, pul meselesinde ilata salgyt salmagy nämakul
görseňiz, başga bir ýoly bar. Gürgençde meniň bilenimden müňe golaý
tüçjar baýlar bar, puly şolardan karzyna alarys. Olaryň köpleri karzyna
däl, şeýle hem bererler.
-Rast pikir aýtdyň, jenap mukaddam. Bu pikir meniň hem kelläme
gelipdi. Ýöne baýlaryň köpüsi şeýle hem bererler diýeniň nädogry.
Pukara berse berer, baýlar zorluk görmese bermez. Öz raýatymyza
zorluk etmek biziň adalat ýörelgämize dogry gelmeýär. Karzyna
beribersinler-diýip, Atsyz biraz sägindi-de:
-Diwan al arda ýolbaşçy hakynda näme pikiriňiz bar?-diýdi.
-Aly hezret, Diwan al arda emir Täjeddin Syddygy sahyp
belleseňiz ol işi aňryýany bilen oňarar, işgärlerini hem özi saýlap-seçip
alar.
-Makul. Bu meselede hem ikimiziň pikirimiz bir ýerden çykdy.
Emir Täjeddini sahyp diwan al ard edip belleýäs-diýen Horezmşa
serkerdesiniň parasatly adamdygyna içinden begendi.
***
Horezmşa bilen baş serkerdäniň bu gysga maslahatyndan soň bir
hepdäniň içinde Diwan al ard dikeldilip, baýlardan kanuny suratda
karzyna alnan puluň hasabyna töwerekdäki türki taýpalardan, ilatyň öz
içinden hakyna tutma esgerler alnyp başlandy. Bu işde sahyp diwan al
ard emir Täjeddin Syddyk öz işgärleri bilen, baş serkerde Kemaletdin
Aýuphan öz serkerdeleri bilen işjeňlik görkezip, gysga wagtyň içinde
ýigirmi müňe golaý at-ýaragly, on müňem pyýadadan ybarat goşun
toplamagy başardylar. Şol bir wagtyň özünde hünärmen ussalar galalara
zabt edende ulanylýan Manjanak, dabbabat, mataris, jamalukat we
salalym ýaly äpet gurallaryň zatlaryny baran ýerinde gurnalýan edip
taýýarlap berdiler. Bu taýýarlyga garanda Horezmşa has uly galalary
zabt etmek niýetinde ýalydy. Munuň şeýledigi tiz arada mälim boldy. Ol,
164
eýle-beýle däl, soltan Sanjaryň tabynlygyndaky ady älemde meşhur
Buhara ýörüş etmegiň hyýalyna mündi. Atsyz öňden gelýän däbe görä
harby ýörüşleriň öň ýanynda çagyrylýan mäşwereti hem çagyrmady,
özüniň wezir-wekilleri we goşun başlyklary bilen kiçiräk maslahat
geçirdi-de, ýörüşe atlandy. Munuň sebäbi düşnüklidi. Ol öňki
saparlardaky ýaly uly maslahat çagyryp, köpçülige sala salsa, oňa ýenede garşy çykjaklaryň bolmagy mümkindi. Şonuň üçin ol hiç kime sala
salman, tizräk ýüregine düwen ýörüşi amala aşyrmakçydy. Munuň bilen
ol soltan Sanjaryň degnasyna degip, biraz bolsa-da, içini sowatmakçydy
hem-de özbaşdaklyga bil baglanyny görkezmekçidi.
Horezmşany myradyna ýetirjek agyr goşly goşun güýzüň salkyn
howasynda Buharany nazarlap ýola düşdi. Öňde suwarylar*, yzda gala
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 14
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.