Latin

Gürgenç II - 20

Total number of words is 1003
Total number of unique words is 689
43.4 of words are in the 2000 most common words
56.3 of words are in the 5000 most common words
61.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
wassalaryny öz baştutanlygynda birleşdirmek bilen oguzlary derbidagyn edip, soltanyñ nazarynda öz mertebesini has belende görmekligi
göz öňünde tutýardy
. Ol bu ýörüşe uly ähmiýet berýänligi üçinmi ýa-da ýüregi
atanlykda bolaýmagy mümkin bir ýagdaýy syzdymy nämemi ogly Il
Arslanyň ýanynda bolmagyny isläp, ony Jentden çagyryp aldy. Ýerinede kiçi ogly Hytaý hany galdyryp, Horasana tarap uly goşun bilen ýola
düşdi. Uzak ýoly söküp, Şähristana ýetip gelen goşun şäheriň golaýynda
goş taşlady. Horezmşa oguzlaryň garşysyna birleşik döretmek baradaky
öň başyny başlan işini indi amala aşyrmak üçin Sijistanyň, Guryň,
Mazandaranyň hökümdarlaryna çakylyk-nama ýollady. Reşiteddin
Watwatyñ galamynyň astyndan çykan namalaryň ýiti täsirli mazmuny
iberilen hökümdarlaryň hiç birini-de biparh galdyrmady. Olar ýol
taýýarlyklaryny görüp başladylar. Şu arada soltan Sanjaryň ýesirlikden
gaçyp, sag-aman termeze barandygy hakyndaky habar Atsyzy birleşen
goşuna baştutanlyk edip, oguzlary derbi-dagyn etmek niýetini puja
238
çykardy. Keýpi gaçdy. Çünki soltany onuň özi azat edip, abraý, şöhrat
gazanmakçydy. Ol bu habary has anyklamak üçin habary getiren
Mahmyt hanyň Wisak başysyny (kiçi serkerde) huzuryna çagyrtdy.
Wisak başy habaryň anykdygyna güwä geçip, soltanyň nädip gaçanyny
hem gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä öz nökerleri bilen soltana
hyzmat hem-de gözegçilik edýän Haýrylbeý atly onbaşy serkerde üç
ýylyň dowamynda soltan bilen gaty ysnyşýar, soltan hem ony özüne uly
hormat goýýandygy, gowy hyzmat edýänligi üçin gowy görýär. soltan
oňa: “Haýrylbeý, men häkimiýetimi dikeldip alsam, seni goşunyma baş
serkerde ederin. Seniň güýjiň-gaýratyň, ukybyň, edermenligiň baş
serkerdelige laýyk-diýip, onuň göwnüni göterýän eken. Bu gepe ynanan
Haýrylbeý oguzlaryň baştutany Tutubegi özüni şeýle pes derejede
goýany üçin ýaman görüp başlaýar. Beýik Soltanyň iň ýakyn adamy,
goşunynyň baş serkerdesi bolmagyň arzuwynda soltany gaçyrmagyň
ýoluny gözläp ugraýar. Şu arada oguzlar Jeýhuna golaýrak ýaýlalara
göçýärler. Bu Haýrylbeýe gözleýän ýoluny tapmaga kömek edýär. Ol
Soltan bilen ikiçäk galanynda:
-Kyblaýy älem, biziň oguzlar “Myhman üç gün ýagşy, üç günden
soň gitse ýagşy” diýýärler. Siziň bize myhman bolup geleniňize üç ýyla
golaýlap barýar. Indi siziň bu ýerden gitmek niýetiňiz ýokmy-diýýär.
Soltan bu degişmäniň aňyrsynda çyn sözüň ýatanyny duýup:
-Niýetim ýok däl. Ýöne sen-öý eýesi goýbermeseň men nädip
gideýin-diýýär. Haýrylbaý indi çyny bilen soltana ýüzlenýär:
-Kyblaýy älem, Siz Tutubegi çagyryp, oňa üç ýyl bäri aw-şikär
etmedigiňizi, ertir bir şikara çykyp, aýak ýazyp gelesiňiziň gelýändigini
aýdyň. Ol siziň sözüňizi ýykyp bilmez. Maňa adamlaryň bilen soltany
şikara aýlap gaýt diýer. Onsoň aňyrsyny görübereris.
Soltan begenjine Haýrylbeýiň elini gysyp: “Berekella! Gowy
oýlapsyň” diýýär. Şol günüň ertesi Soltan azan namazyndan soň adam
ibetip, Tutubegi çagyrtýar. Tutubeg gelip, edep bilen salam bereninden
soň:
-Kyblaýy älem, näme hyzmat?-diýip soraýar. Soltan oňa özüniň
şikar etmek islegini aýdanynda Tutubeg bir salym oýlanyp,“hemişe awşikar edip ýören adamyň öňki göwün açýan güýmenjesini küýsemegi
tebigy” diýen netijä gelip:
-Kyblaýy älem, şikar etmek isleýän bolsaňyz, Haýrylbeý adamlary
bilen Sizi islän ýeriňize aýlap gelerler-diýýär. Tutubegiň bu gepi
soltanyň gulagyna azatlygyň hoş habary bolup eşdilýär. Azan
239
namazynyň yz ýanynda alnan razylykdan soň Haýrylbeý şikar şaýyny
tutup, nökerleri bilen soltany alyp ýola düşýär.
Soltan Sanjar, Haýrylbeý we on sany nökerden ybarat awçylar
topary ikindine golaý Jeýhunyň ýakasyndaky tokaýlyga ýetip gelip,
düşleg üçin oňaýly ýerde goş taşlaýarlar. Baharyň sergin howasynda bu
ýerde ertire çenli dem-dynjyny alýarlar. Ertesi irden ertirlik
edinenlerinden soň Haýrylbeý nökerleri bäş-bäşden iki topara bölüp, her
haýysysyny bir tarapa aw kowup gelmek üçin iberýär. Diňe şundan soň
soltan Sanjar Haýrylbeýiň rejesine düşünýär.
-Kyblaýy älem, atyňyzy gorkman derýa salyberiň. Atlarymyz
ýüzgür atlar. Inşalla olar bizi derýadan alyp çykarlar-diýip, Haýrylbeý
soltany öňünden goýberýär, yzyndan özi düşýär. Emma Haýrylbeý şol
pursatda ähli zat Allanyň eradasyna baglydygyny kellesine getirenem
däldir. Onuň mertebä gyzyp, öz kowmuna dönüklik edeni üçinmi ýa-da
sanalgysy dolupmy derýanyň ortasyna baranda aty birden ýüzmesini bes
edip, özi bilen derýanyň düýbüne gidýär. Soltan Sanjaryň bolsa entek
görmeli günleri bar ekeni, ol sag-aman derýadan geçip, Termeze aşýar.
Wisak başynyň beren bu gürrüňini erteki diňlän ýaly diňlän
Horezmşa:
-Allanyň eradasy bilen bolan isler bu-diýip başyny atdy. Ol indi
üýtgän ýagdaýa görä hereket etmeli boldy. Oýlandy. Şähristandan
Nusaýa gelýänçä-de oýlandy. Şundan soň bu ýerde birinji eden işi
soltany ýesirlikden azat bolany bilen gutlap, özüniň oňa wepalylygyny,
tabynlygyny nygtap nama gönderdi. Namada soltanyň buýrugyna
garaşjakdygyna goşunyny onuň aýdan ýerine çekmäge taýyndygyny
hem ýaňzytdy. Şeýle-de, ol oguzlar meselesini birýanly etmek üçin
taýýar durmaklyga çagyryp, Mahmyt hana, Sijistanyň, Mazandaranyñ
Guruň hökümdarlaryna ýene-de namalar ýollady. Horezmşanyň,
namasyny alan Mahmyt han bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin
Habuşanda duşuşmagy teklip edip, Atsyza habar iberdi. Atsyz Habuşana
baranda bu ýere soltan Sanjaryň serkerdeleriniň biri Nejim al Mülk
Lowuhi hem geldi. Ol Atsyza soltanyň minnetdarlyk hatyny gowşurdy.
Mahmyt han hem gelenden soň maslahatda oguzlar meselesini
soltanyň iberen hatyndan ugur alyp, gandöküşlik etmän çözmeklige
karar edildi. Bu işi öz boýnuna alan Horezmşa oguzlary indi güýç bilen
däl-de, söz bilen boýun egdirmegiň ugruna çykdy. Ol bu işi amala
aşyrmak üçin ötgür sözli namalar ýazmagyň ussady, öz kätibi Reşiteddin
Watwatyň galamyndan peýdalandy. Oguzlaryň baştutany Nasretdin Abu
Sudja Tutubegiň adyna ýazylan namada soltan Sanjaryň ýesirligi barada
240
ýekeje söz hem ýokdy. Tersine, soltanyň oguzlary özüniňki hasap edip,
olaryň arasyna öz ygtyýary bilen girendigi, emma oguzlaryň soltanyň bu
merhemetine laýyk hezzet-hormat etmändikleri üçin soltanyň olary terk
edip gidendigi, häzir bolsa onuň tabynlygyndaky ähli döwletleriň
şalarynyň Termeze gelip, soltanyň daşyna üýşendikleri we özleriniň
bihasap goşunlaryny onuň ygtyýaryna berendikleri mabatlanyrylyp
ýazylandy. Namanyň sonunda Horezmşa oguzlara soltandan ötünç
sorap, oňa boýun egmeklerini teklip edýärdi. Özüniň hem beýleki şalar
bilen bilelikde soltandan oguzlaryň günäsini geçmegi haýyş etjekdikleri
ýaňzydylýardy. Şundan soň, bir tarapdan soltan Sanjaryň häkimiýetiniň
dikeldilmegi, ikinji tarapdan Horezmşanyň hatynyň täsiri bilen
oguzlaryň öňki talaňçylyk hereketleri bes edildi. “Oguz odunyň”
söndürilmeginde özüniň goşandynyň uly bolandygy üçin kalbynda
buýsanç hasyl eden Atsyz meýilleşdirip goýan nobatdaky işlerine
girişmekçidi, emma...
***
Dünýäniň işleri täsinden täsin. Hiç kim ony paýawlap ahyryna
ýetip bilmändir. Ýetdim diýende ýykylanlar hem az bolmandyr.
Horezmşa Atsyz hem şolaryň biri boldy. 551-nji hijriniň jumadylowwal
aýynyň soňky güni otuz iki ýyl hökümdarlyk eden Horezmşa Gazy Alaed-Din, Jalal-ed-Din Abul Müzäffar Hüsäm Emir al-Möminin Atsyz
altmyş bir ýaşynda Habuşanda wagty beýnisine gan urup, dünýäden
ötdi. Onuň köňlünde arzuwlary, beslän maksatlary kändi. Ol Horezmini
garaşsyz, beýik döwlet etmekçidi: Edip ýetişmese-de, özünden soňky
nesillerine şeýle döwletiň düýbüni tutup beripdi. Ondan soňky
Anuşteginler nesilşalygynyň dowamçylary Atsyzyň arzuwyndaky
dünýäniň ýaryny özüne tabyn eden öz döwrüniň iň beýik döwletini
gurupdylar.
Indiki kyssamyz şol hakda
Ikinji kitabyň soňy
2015-2017. ý.ý.
241
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20