Latin

Gürgenç II - 01

Total number of words is 3711
Total number of unique words is 2029
32.0 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
GÜRGENÇ
(taryhy roman)
Ikinji kitap
Anuş-teginler nesilşalygynyñ döwri
I BAP
Emir Bilge-tegin Garçystanyň hoş howaly dag eteklerinde şikär edip,
gaýdyp gelýärkä ýoly şu ülkedäki bir zemindaryň howlusynyň üstünden
düşdi. Zemindar Horasanyň atly emirleriniň biri Izzetdin Omar Bilgetegini öňden tanaýanlygy üçin hormat görkezip, onuň öňünden çykdy.
Gadyrly salamlaşyp-soraşyp, öýüne teklip etdi. Emiriň ýanyndaky
ýigitleri myhmançylyga göwünsiz däl bolsalar-da, onuň özi wagtynyň
ýokdygyny aýdyp uzur sorady. Soňundan:
-Saçak çykarsalar duz dadyp geçeli-diýdi. Öý eýesi:
-Anuş, saçak alyp çyk!-diýip sesleneninden salym geçmän içerden
saçak göterip çykan garamyk ýaly gara gözleri oýnaklap duran, on altyon ýedi ýaşlaryndaky gelşikli ýigidekçe nämesi bilendir Bilge-teginiň
ünsüni özüne çekdi. Ol at üstünden eňilip, özüne tutulan çöregiň duzuny
dadýarka oňa has gyzyklanyp seretdi. Soňra öý eýesinden: - Öz
dogmaňyzmy bu oglan?-diýip sorady.
-Ýok, öz dogmam däl, Öňräk bir bamýanly guldardan satyp
alypdym - diýen öý eýesiniň jogabyndan soň Bilge-teginiň kellesine
özüçe bir akylly pikir geldi: “Soltana mundan gowy sowgat bolmasa
gerek. Men muny näçä berse-de alaýyn”. Oglan emiriň ýigitlerine-de
çöregiň duzuny dadyryp, içeri girip gideninden Bilge-tegin öý eýesine
ýüzlenip:
-Ýaşuly, eger şu guluňyzy maňa satsaňyz, meni biçak
begendirerdiňiz-diýdi welin, zemindaryň içini ot alana döndi. Ol emiri
Anuşa göz diker diýip hiç oýlamandy. Oňa Anuş hakynda dogrusyny
aýdanyna gaty puşman etdi. “Wah, munuň şeýle niýetiniň bardygyny
bilsem öz dogmam diýmezmidim” diýip, ahmyr bilen içini gepletdi.
Ýöne ol özüňden zoruň raýyny gaýtaryp bolmaýanyny gowy bilýärdi.
Şoňa görä:
- Gul söwdasy at üstünde durup edilýän däldir. Eger aýdanyňyz
çynyňyz bolsa, içeri girmeli bolarsyňyz. Onsoň ol söwdany saçak
başynda ederis - diýip, zoraýakdan ýylgyrdy.
1
-Biz çöregiňiziň duzuny datdyk, şuny öýüňize girdi hasap edäýiň.
“Dostuňy egleme nepden galmasyn, duşmanyňy egleme syryň bilmesin”
diýipdirler. Sizem bizi eglemäň, rugsat beräýiň-diýip, Bilge-tegin bir
goşowuja golaý tylla salnan haltajygy öý eýesine oklady. Zemindar
haltajykdaky puluň Anuşy alan bahasyna ýetýänini, ýetmeýänini hem
oýlanyp durmady-da, ony kisesine salyp: “Anuş!” diýip gygyrdy. Oglan
içerden ylgap çykdy, gol gowşuryp hyzmata taýýar durdy.
-Anyş - diýip, zemindar oglana ýüzlendi - Men seni şu jenaba
berdim. Bu kişi patyşalykda belent mertebeli adamdyr. Sen ol hanedanda
gül ýaly ýaşarsyň.
-Gul hiç ýerde-de gül ýaly ýaşamaz. Men gul bolanymsoň kimiň
guly bolanymyň tapawudy ýok-diýip, Anuş gara gözlerini bulduradyp
dillendi.
-Oho! Dili duzlyja ýaly bu oglanyň-diýip, Bilge-tegin kellesini
ýaýkap gülümjiredi. Zemindar:
-Ýok, jenap Izzetdin, Anuş edepli, dili süýji oglan. Ýöne häzir
maňa öýke edip, gepläýdi öýüdýän. Ol maňa juda öwrenişipdi-diýdi.
-Bolýa-da, görübereris. Asly nireden munuň?
-Asly oguzlaryñ Bekdili urugyndan.
-Hä, Türkmen diýseňiz-e. Men olary bilýän-diýip, Bilge-tegin
zemindara başyny atdy. Soňra Anuşa garap:
-Eý bekdili, biziňkide saňa garaşýan agyr zähmet ýok. Özüň
akyllyja bolsaň, gul ýaly däl, gül ýaly ýaşarsyň-diýdi.
Anuş geplemedi. Ony emiriň ýigitleriniň biri atynyň syrtyna aldy.
Şeýdip Anuş Horasanyň mertebeli emirleriniň biri Bilge-teginiň
hanedanyna düşdi. Akylly-huşly, edepli-ekramly, iş bolsa aýtdyrman
özünden bilip edýen oglan tiz wagtyň içinde özüni aldyrdy. Munuň
kimin parasatly hyzmatkäri emir Bilge-tegin elden çykarasy-da
gelenokdy. Ýöne täze tagta çykan soltana ýaranmak hem gerekdi. Ýurtda
hökümdar çalyşsa köşk remeldarlary täze hökümdara ýaranmak üçin
elde baryny edýärdiler. Kakasy Alp Arslanyň Wepatyndan soň tagta
çykan Mälik şanyň üstüne-de sowgat baryny ýagdyrdylar. Emir Bilgeteginiň sowgady hemmesiniňkiden üýtgeşik boldy. Nobatdaky kabul
edişlikde Bilge-tegin köşge Anuşy alyp bardy. Köşgüň meýlisler eýwany
dürli hili geýnüwli, salyhatly adamlar bilen doludy. Hemmeleri aýak
üstündedi. Anuş tebigaty boýunça juda bir çekinjeň, ýygra-da däldi.
Şeýle-de bolsa ol öň bular ýaly jemagatyň arasyna düşüp görmäninden
bolsa gerek, sussy basylyp, özüni biraz oňaýsyz duýdy. Ikibir, üçbir
özara gürrüň edişip duran adamlaryň ünsüniň ýarysy söhbetdeşinde
2
bolsa, ýarysy garşydaky soltanyň girip geljek kuhy nagyşlaryna altyn
çaýylan iki ganatly belent gapydady. Bir mahal köşk sahybynyñ:
-Kyblaýy älem, soltan Mälik şa hezretleri teşrif1 edýär!-diýen batly
sesi ýaňlanandan gowur ýatyp, suw sepilen ýaly boldy. Jemagatyň gözi
dikilen garşydaky nagşynkär gapynyň iki ganaty-da deňine açylyp, girip
gelen başy tylla jygaly, şahana geýnüwli soltana hemmeler egilip,
tagzym etdiler. Soltan başyny atyp salamlaşanyndan soň ýerine geçdi,
emma oturmady, adamlara hormatsyzlyk bolmasyn öýden bolsa gerek,
sowgatlary duran ýerinde kabul etdi. Gezek Bilge-tegine ýetdi. Ol Anuşy
elinden tutup, soltanyň öňüne eltdi-de:
-Eziz Soltanym, men size şu dogmadan gowy sowgady oýlap tapyp
bilmedim. Ony kabul etseňiz meniň depäm göge ýeterdi-diýip, başyny
egdi.
Mälik şanyň Anuşa synynyň oturandygyny oňa seredip, gülümjiräp
duran gözlerinden aňsa bolýardy.
-Bu dogmaňyzyň ismi-şeribi nedir, beg?-diýip Mälik şa Bilgetegine garady.
-Ismi Anuş, Soltanym.
-Anuş. Gowy. Biz indi ony Bilge-teginiň hedýesi bolany üçin
Anuş-tegin diýip atlandyrarys. Görnüşinden şeýle ada mynasyp oglan
bolmaly.
Soltanyň sözüni meýlisler eýwanyna ýygnanan adamlar bir
agyzdan goldap “mynasyp, mynasyp!” diýşip seslendiler. Anuşyň özi
bolsa Soltanyň dilinden şeýle hoşamaý sözleri eşidenine begenjine iki
bolup bilmän, yzly-yzyna üç gezek tagzym etdi.
Durmuşda gabat gelýän adamlaryň käbirini göreniňden sulhyň
almaýar. Käbir adam bolsa göreniňden nämesi bilendir göwnüňe
ýaraýar, gözüňe yssy basylýar. Anuş hem nämesi bilendir Mälik şanyň
göwnüne ýarady.Ýogsa ol onuň adynyň soňyna begleriň, begzadalaryň
atlarynyň soňuna goşulýan “tegin” goşulmasyny goşmazdy. Ýaňyja
Soltanyň sözüni makullap, “mynasyp, mynasyp” diýip seslenen
adamlaryň käbirleriniň öz ýanyndan “gula şeýle at mynasypmyka”
diýenleri hem boldy.
Kim näme diýse-de Mälik şanyň köşgüne düşen Anuş Soltanyň
eradasy bilen Anuş-tegin boldy duruberdi. Ol şol günki saz-söhbetli
meýlise-de gatnaşyp, hyzmatda durdy.
Anuş-tegin köşk durmuşy, ondaky tertip düzgün bilen tiz
öwrenişdi. Ol özüniň göze ýakymly daşky sypaty, sypatyna laýyk
1
Teşrif etmek- gelmek
3
hoşgylawly häsiýeti bilen köşk emeldarlarynyñ hem göwnünden turdy.
Soltan bolsa onuň adyny köpçülikde ýa-da kesesinden “Anuş-tegin”
diýip tutsa, ikiçäk duşanynda gowy görüp “Anuş” diýip tutýardy. Anuştegin özüniň ziýrekligi, pähimdarlygy, çakganlygy, edep-ekramy bilen
bir ýyla-da ýetmän Soltanyň ynamyna girdi. Ol ony gowy gördi, öýliişikli etdi, ony taşdar2 wezipesine belledi. Bu wezipe köşkdäki abraýly
wezipeleriň biri hasaplanýardy. Oňa has ynamly adam bellenilýärdi.
Çünki taşdar patşanyň özüniň suwa düşünýän obhanasynyň abatlygyna,
suwa düşünende ähli gerekli zatlaryň ýerbe-ýer bolmagyna hem-de
ýuwunanynda hiç bir kemçiligiň bolmazlygyna jogap berýärdi. Mundan
başga-da ol köşkdäki beýleki obhanalaryň hem işleýşine, bir söz bilen
aýdanda tutuş hammam hojalygyna jogap berýärdi. Anuş-tegin bu
wezipä belleneninden soň soltanyň has ýakyn adamlarynyň birine
öwrüldi. Adatda şalaryň köşki pitneniň, hiýleniň, mekirligiň, görüpligiň
öýjügi bolup, ol ýerdäkiler öz bähbitleriniň ýolunda birek-birege al
salmak, görüplik etmek ýaly pişelerden gaýtmaýardylar. Anuş-tegin
entek köşk durmuşynyň bu gizlin taraplaryny bilmeýärdi. Ol taşdarlyga
belleneninde, öňräkden bäri köşk hyzmatynda gelýän alym, şahyr hemde köşk lukmanlarynyň biri hasaplanýan Abul Fath Omar al Haýýam:
-Inim gaty äge bol. Indi saňa kömek etjeklere garanda aýagyňdan
aljaklar köpeler-diýdi. Şol wagt bu söze känbir pitiwa etmedik Anuştegin aradan köp wagt geçmän, alymyň gepiniň biderek däldigine göz
ýetirdi. Ol bir güni öz hataryndaky nedim bilen öz ara söhbetdeşlikde
diline erk edip bilmän, Soltan hakynda aýdylmaly däl gepi aýtdy. Bu gep
şol günüň özünde soltanyň gulagyna baryp ýetdi.
Mälik şa özüne gelip aýdylan dürli gybatlara känbir
ynanybermeýärdi. Ol pederi Alp-Arslan soltanyň döwletinde sahyp
habar wezipesiniň ýokdygyny bilýärdi. Soltandan näme üçin sahyp
habar bellemeýändigini soranlarynda ol: “Meniň garşydaşlarym pul
berip, sahyp habar bilen dostlaşsalar ol maňa dostlarym hakynda erbet,
duşmanlarym hakynda gowy habarlary ýetirer. Ýaýdan yzly-yzyna
atylan peýkamlaryň nyşana biri degmese biri degişi ýaly bu habarlaryň
hem biri bolmasa biri ynandyrar. Onsoň dostlarym menden daşlaşyp,
duşmanlarym ýakynlaşar. Soňunda-da duşmanlarym dostlarymyň ýerini
eýelär. Munuň netijesinde gelip çykan ýagdaýy hiç kim düzedip bilmez”
diýipdi. Pederiniň bu sözi ýadynda bolany üçin Mälik şa Anuş-tegin
barada ýetirlen gepe-de ynanman, ony barlap görmek üçin özüni
çagyrtdy. Anuş-tegin hemişekisi ýaly soltanyň huzuryna arkaýyn girip,
2
Taşdar-köşk hammamlaryna jogapkäri
4
güler ýüz bilen tagzym etdi. Emma Mälik şanyň hursyz seredýän
gözlerine nazary kaklyşanda aljyrap tas özüni ýitiripdi. Hemişe özüni
ynamly tutýan Anuş-teginiň aljyranyny görüp, Mälik şa “günäsini bilýän
bolsa gerek” diýip pikirlendi. Ol öňküsi ýaly dostana “Anuş” diýmän,
kinaýaly äheňde:
-Jenap Anuş-tegin, sen indi uly mertebeli adam bolan bolup, özüňi
şu mertebä çykaran adamyňam gybatyny edip başladyňmy?-diýdi. Anuştegin ilki soltanyň näme diýjek bolýanyny aňlamady, soň birden düýn ol
nedime aýdan gepi ýadyna düşüp, çym gyzyl boldy. Başga biri bolanda
gorkusyna çuw ak bolardy, ol utanjyna gyzardy. Soltan bu ýagdaýy
syzdy. Diýmek Anuş-teginiň gorkar ýaly günäsi ýok.
-Kyblaýy älem, meni bagyşlaň. Men ol gepi ýamanlyga
aýtmadym...
-Bilýän ýamanlyga aýtmadygyňy-diýip, Soltan onuň sözüni böldi.Ýogsam seni bu ýere çagyryp oturmazdym, köşkden yzyňa it salyp
kowardym. Hany eden gürrüňiňi sözme-söz aýt. Ony maňa ýetiren adam
dogry aýdypmy ýa özünden üstüne goşupmy. Mälik şa Anuş tegini üç
ýyl bäri synap, onuň ýüreginiň arassadygyna, dogry sözlüdigine göz
ýetiripdi. Şonuň üçinem onuň aýtdy diýen gepiniň başyna ynansa-da
soňuna ynanmandy. Çünki onuň soltanyň degnasyna degýän beýle söz
aýtmagy mümkin däldigini bilýärdi.
-Kyblaýy älem men melikelerimizi biçak hormat edýän. Şonuň
üçinmi men iki melikemizem biri birinden gözel, dana zenanlar, şonuň
ýaly aýallary bolubam soltanymyz ol “gara kişmiş” diýen gyrnak bilen
bolaýýar diýdim.
-Başga bir söz aýtmdyňmy soňunda?
-Başga söz aýdan bolsam, dilimi kesiň, soltanym.
Mälik şa soňky degnasyna degýän sözi şugulçy Anuş-tegine
ýamanlyk etmek maksadynda özünden goşandygyna göz ýetirdi. Şeýlede bolsa Mälik şa bir üýtgeşik “jezanyň” üsti bilen oňa näme üçin beýle
edilýänini düşündirmek isledi. Ol ýanynda duran jaňy alyp, kakdy,
gapňynyň aňyrsynda duran iki sakçynyñ biri girdi. Soltan:
-Muny zyndanyň aýratyn otagyna salyp gaýt-diýdi. Özüne beýle
jeza beriler diýip garaşmadyk Anuş-tegin soltana naýynjar seredeninde
onuň çalarak ýylgyryp, ýüzüni kese sowanyny gördi. Ol gynanyp däl,
geňirgenip sakçynyň öňüne düşdi. Ol zyndana barýarka soltanyň özüne
jeza berip, hem-de ýylgyrany hakda oýlanyp, sebäbine düşünmedi:
5
Anuş-teginiň zyndana ugradylany guşluk wagtydy. Günortana
golaý Soltan sakçyny çagyryp, Anuş-teginiň iň gowy görýän naharyny
sorap gaýt-diýdi. Zyndana baryp gelen sakçy:
-Kyblaýy älem, onuň iň gowy görýän nahary palaw eken-diýdi.
-Onda, aşpezlere aýt, oňa günde üç wagtyna diňe palaw bersinler,
başga nahar bermesinler-diýip tabşyrdy.
Anuş-tegine on günüň dowamynda üç wagtyna palaw geldi durdy.
Onunjy gün Soltanyň aýtmagy boýunça ondan “ýene palaw getirelimi ýa
mäşewe içjekmisiňiz?” diýip soradylar. Palaw ýüregine düşen Anuştegin “Mäşewe mäşewe” diýip, iki gezek gaýtalady. Bu hakda soltana
aýdanlarynda, ol:
-Indi ony meniň huzuryma getiriň-diýdi.
Anuş-tegin soltanyň huzuryna girenden dyza çöküp:
-Kyblaýy älem, men hemmesine düşündim. Palawyň arasynda
mäşewe bolmasa-da boljak däl eken-diýdi. Soltan hezil edip güldi.
Soňundan:
-Düşünen bolsaň, işiňe baryber-diýdi. Soltanyň huzuryndan çykyp
gaýdan Anuş-tegin hökümdaryň bu oýnyna düşündim diýse-de, özüniň
öňki ahlak düşünjesine sadyk bolup galdy. Ýöne ol ähli zada erki ýetýen
adam üçin hiç zadyň serhedi ýokdygyna soň göz ýetirdi. Şeýle bolsa-da
ol soltanyň özüni ýamanlan şugulçyny ýok edenine minnetdar boldy.
Bu wakadan soň köşkde sataşan Omar Haýýam Anuş-tegin bilen
“habarym bar” diýen manyda ýylgyryp görüşdi, oňa mähirli nazar bilen
seredip durşuna:
Ömür bäş günlikdir, biz muny bildik,
Köňül isläp, käte günä hem kyldyk,
Dünýä lezzetlerin datmasak, Taňrym,
Bu ýagty jahana näme üçin geldik?- diýdi.
Anuş-tegin Haýýamyň bu rubagysynyň üsti bilen näme diýjek
bolýanyna düşündi. Ol:
-Dünýä lezzetlerini datmaklygy soltanymyza siz öwreden ekeniňizde-diýip, gülüp degişdi.
-Ýok, tersine. Soltanymyz maňa öwretdi. Isleseňiz soltanymyzdan
öwrenenimi Size-de öwredeýin-diýip, Omar Haýýam degişmäni dowam
etdirdi.
Şeýdip, alym bilen taşdar bir salym degişip gürleşip durdylar.
Omar Haýýam Anuş-tegini soltanyň ýakyn adamy bolany üçin däl,
göwni açyklygy, sadalygy üçin hormat edýärdi. Anuş-tegin bolsa Omar
Haýýamyň ylmy işlerine düşünmese-de, ajaýyp rubagylaryny gowy
6
görýärdi, rubagylardaky pelsepä ýugrulan pikirlere aňryýany bilen
düşünýärdi. Şonuň üçin oňa alym Omar Haýýama garanda, şahyr Omar
Haýýam has ýakyndy, ýakymlydy.
Mälik şa Anuş-tegini ýene-de öňküsi ýaly gowy görüp, adyny
“Anuş” diýip tutýan boldy. Anuş-tegin hem soltanyň merhemetini
gazanmak üçin elinde baryny edýärdi. Ýyllar geçýärdi. Onuň ýalňyz
ogly Muhammet hem dil açyp, dünýäni tanap başlapdy. Anuş-tegin
oglunyň özi ýaly bilimsiz-sowatsyz bolup durmuşda kösenmezligi üçin
ony sowatly-bilimli adam edip ýetişdirmekligi isleýärdi. Şoňa görä
ogluny bäş ýaşynda köşkde şa nesliniň çagalary terbiýelenýän, hat-sowat
öwredilýän ýatarlaýyn tälimhana tabşyrdy. Muhammet özüniň entek
gaty ýaşdygyna garamazdan gaty zirekligi we zehinliligi bilen moýsepid
mugallymyny haýran galdyrýardy. Bir gün mugallym köşküň
dälizleriniň birinde Anuş-tegine tötänden sataşanynda salam älekden
soň:
-Jenap Anuş-tegin, tüweleme ogluňyz Muhammet örän zehinli,
geljekde ol uly alym bolar, enşalla-diýdi. Ogly hakynda öwgüli söz
eşidip, begenen Anuş-tegin:
-Alym bolsa bolsun, ýöne zalym bolmasyn-diýip, ýylgyrdy.
-Siziň bilen biziň neslimizden zalymlar çykmaz, çünki biz
garamaýaklar. Zalymlar şalaryň neslinden çykýar.
-Beý diýmäň, ustad. Biziň soltanymyzda zalymlyk ýog-a.
-Soltanymyz adalatyň nusgasy. Men şalaryň neslinden bolan käbir
zandy ýamanlara täji tagt miýesser edäýse, tagtyna buýsanyp, zalymlyga
el urýarlar. Men şonuň ýalylary aýtdym.
Garamaýagyň zürýady bolan okuwçysynyň erte tagta çykyp, otuz
ýyllap hökümdarlyk etjegini bu bende şu wagt nirden bilsin. Bu zat
Anuş-teginiň hem ýatsa-tursa oýuna geljek zat däldi. Emma ykbalyň
öwrümleri taryhda Anuş-teginler nesilşalygy diýilýän gudratly
nesilşalyga ýol arçap goýan bolsa nätjek! Munuň ýaly beýik işlere bir
kiçijik zadyň sebäp bolmagyna näme diýjek! Ýa-da bu hem ykbalyň
oýunymyka?! Oýunymy, çynymy şol günüň ertesi Anuş-teginiň
garaşmadyk zady ýüze çykdy. Ony irden Mälik şa çagyrdy. Ol soltanyň
huzuryna girip, tagzymdan soň başyny galdyranynda şanyň ýüzüniň
gamaşykdygyny gördi. “Be ýene näme boldyka” diýip, howatyrlanan
Anuş-tegin soltanyň sözüne garaşyp durdy. Soltan oňa bir hili kinaýaly
nazar bilen garap:
-Anuş, haremdäki gyzlaryň teninden deriň ysy gelýär-ä, näme üçin
beýle?-diýdi. Anuş-tegin bir bada Soltanyň sözüniň nireden öwrüm
7
edýänine düşünmedi. Çünki her günem arassa çeşme suwuna ýuwunýan
gyzlaryň teninden deriň ysynyň gelmegi mümin däldi. Birdenem
kellesine uran pikirden Soltanyň sowalynyň manysyna düşündi. Onuň
düşünişi ýalam bolupdy. Öten gije Soltanyň aramgähine çagyrlan “Gara
kişmiş” diýilýän gyzyň teninden hemişeki müşküň ysy gelenokdy. Muňa
keýpi gaçan Soltan: -Aý gyz, sen meniň müşküň ysyny gowy görýänimi
bileňokmy?-diýip sorady. Gyz:
-Bilýän, soltanym, ýöne biziň abhanamyzda indi müşkem ýok,
anbaram. Olar diňe meliklerimiziň abhanasynda bar-diýip, başyny egip
jogap berdi. Soltan bu gije müşküň ysysyz oňmaly boldy. Ertesi Anuştegini çagyranynyň sebäbi-de şoldy. Anuş-tegin:
-Kyblaýy älem, bu kemçilik üçin meniň uzur soramakdan başga
alajym ýok. Soňky wagtda müşküňem, anbaryňam bahasy gaty göterilip
gitdi, pul ýetirip bolanok-diýip, başyny egdi.
-Diýýäniň näme! Mälik şanyň hazynasynda pul ýokmy?!
-Hazynaňyz egsilmezdir, Soltanym. Ýöne hammam hojalygy üçin
pul Horezminden gelýän paçyň hasabyndan berilýär. Soňky wagtda
Horezminden gelýän paç kemelipdir, öýüdýän.
-Näme sebäpden kemelýärmiş! Ol ýerde oturan biziň dikmämiz
Ekinçi ibn Koçkar nirä seredýärkä?!-diýip Soltan gaharly gepledi. İne
şonda, köpden bäri ýüregine düwüp ýören niýeti huşuna gelip, Anuştegine üns bilen bir salym seredip durdy. Anuş-tegin Soltanyň özüne
näme üçin beýle seredýäniniň sebäbine düşünmän bir hili boldy. Munuň
sebäbi bolsa Soltanyň şol niýetiniň amala aşyrylmaly sähedi edil şu wagt
diýen karara gelmegidi. Gahary gowşan Mälik şa:
-Biz seni taşdarlyk wezipäňden boşadýarys, Anuş - diýdi, Anuşteginiň ýüzüniň üýtgänini görüp, ýylgyrdy. - Ýüzüň üýtgäp gitdi-le,
Anuş. Düşünýän, wezipeden aýrylmak aňsat däl. Ýöne kiçi zadyňy
ýitirip, uly zada eýe bolmak has ýakymly däl-mi? Biz seni Horezmine
mütassärif3 hem-de şyhny4 edip bellemek kararyna geldik. Bu hakdaky
perman şu gün taýýar bolar. Sen ýol şaýyňy tutuber. Seni gowy garşylap
almaklary üçin perman Gürgenje senden öň barar.
Ýedi ýatyp turanda oýuna-küýüne gelmejek bu habar Anuş-tegini
bir bada aljyratdy. “Patyşanyň emri wajyp” diýilýän düzgün boýunça
onuň kararyna razylyk soralmaýan bolsa-da Anuş-tegin:
-Kyblaýy älem, men onuň ýaly uly wezipeleri oňararmykam?diýdi.
3
4
Mütassarif- maliýe işleri nazyry
Şyhny-içeri işler (polisiýa) başlygy
8
-Oňarjagyňy bilenim üçin hem-de saňa ynananym üçin iberýän. Ol
ýerde maňa özümiň ynamdar adamym gerek. Ekinçini men daşyndan
tanasam-da, içki dünýäsini bilemok. Belki ol gowy adamdyr, belki... Ine
şu “belki” üçinem seni ibermeklige karar etdim, Anuş.
Ine şu sözlerden soň Anuş-teginiň Soltana tagzym edip,
minnetdarlyk bildirmekden özge çäresi galmady.
Anuş-tegin Soltanyň huzuryndan çykyp, öýüne bir hili ýagdaýda
geldi. Ol durmuşyndaky bu öwrüme begenjegini-de, gynanjagyny-da
bilenokdy. Ol soltanlygyň paýtagtynda, hökümdaryň howandarlygynda
öwrenişen işinde işläp ýörenini kem görenokdy. Emma adam tebigaty
boýunça hemişe aşak däl, ýokara ymtylyp ýaşaýar. Nätanyş ülkede,
nätanyş adamlaryň arasynda bolsa-da, özüne ýokary wezipeli işler
garaşýandygyna kalbynda buýsanja meňzeş bir duýgy hem döredi.
Anuş-tegin jaýa girip, ýaz geýilýän ýektaýyny çykaranyndan aýaly
elinden alyp, gazyga ildirdi-de, onuň ýüzüne ünsli garap: -Begim, seriňiz
aladaly görünýär-ä, näme gep boldy?-diýdi: Aýaly durmuş guranlarynyň
ilkinji gününden başlap, oňa “begim” diýip ýüzlenýärdi. Muhammet
dogulandan soňam iller ýaly “kakasy” dagy diýmän, şol bir sözüni
üýtgetmedi. Anuş-tegin alynyň agzyndan “begim” diýen sözi ilki
çykanynda gülüp:
-Aýdýanyň näme, guldanam bir beg bolarmy?-diýipdi. Şonda
gelni:
-Siz soltanyň guly bolsaňyzam meniň begimsiz-diýip jogap berdi.
Şondan soň Anuş-tegin hem aýalyna “hanym” diýip ýüzlenýän boldy.
Anuş-tegin sowalyna jogap talap edip, gozganman duran aýalyna
ýylgyryp garap:
-Aýallaryň ýüregi duýgur bolýar. Bir gep bolanyny duýup soradyň
öýüdýän. Otur, aýdyp bereýin-diýip, Anuş-tegin ýazylyp duran saçagyň
başyna geçdi. Onuň garşysyna geçip oturan aýaly demli duran
çäýnekden bir käsä çaý guýup uzatdy. Anuş-tegin aýalynyň elinden
käsäni alyp, beriljek gürrüňe onuň sabyrsyzlyk bilen garaşýanyna
garamazdan, gyzgyn çaýy howlukman içdi. Soňra Soltan bilen edilen
söhbedi başdan-aýak gürrüň bermegi aýalyny iňkise batyrdy. Öwrenişen
gül ýaly durmuşyny, taşdaryň aýaly hökmünde sylanýan ýerini taşlap
gitmeklik oňa ýokuş degýärdi.
-Begim, şol müşk diýen artyby jübiňizden alyp goýaýsaňyz hem
boljak ekeni-diýip, ol ahmyrly gepledi.
-Gep diňe müşkde däl, hanym. Soltan öňdenem Horezmine özüne
ynamdar adamy ibermekligiň pikirini edip ýören ekeni.
9
-Soltanyň sizden başga ynamdar adamy ýokmydyr?
-bardyr, ýöne olaryň içinden meni saýlapdyr-da, nätjek...
-Onda Muhammet janyň okuwy, terbiýesi niçik bolar, begim?
-Häliden bäri menem şonuň pikirini etdim. Eger ony alyp gitsek, ol
ýerde bu ýerdäki kimin okuw, terbiýe üçin mümkinçilik bolarmy,
bolmazmy. Şonuň üçin häzir oglany okuwyndan goýmaly, düşündireris,
ol indi uly oglan düşüner. Aýalynyň bu pikiri bilen razylaşmakdan başga
alajy galmady. Şundan soň Anuş-tegin iküç günüň içinde uzak ýola
taýynlanyp soltanyň huzuryna bardy. Mälik şa oňa edilmeli-goýulmaly
işleri sargap, soňundan ak pata berdi. Soltanyň ak patasyndan ruhlanan
Anuş-tegin nirde sen Horezm ýurdy diýip, aýaly bilen özlerini eltip
gaýtmak üçin berkidilen nökerler goragynda ýola düşdi.
II BAP
Horezm. Ady äleme dolan baý ülke. Emma Anuş-tegin üçin ýat,
nätanyş diýar. Adam özüniň dogduk mekanyndan, bagrynyň badaşan
topragyndan özge ýere, nätanyş adamlaryň arasyna düşeninde ony bir
hili ýalňyzlyk duýgusy gurşap alýar. Anuş-tegin hem şeýle duýgyny
başdan geçirýärdi. Ýogsam ony, soltanyň iberen permany esasynda köşk
emeldarlary uly hormat bilen garşy alypdylar, Horezmşalaryň neslinden
galan kaşaň jaýlaryň birinde ýerleşdiripdiler, hyzmatyna adam, aşpez
hem goýupdylar. Anuş-teginiň özi hem bir hyzmatkärini, aýaly hem bir
kenizini alyp gaýdypdylar. Ýaşamak üçin hiç bir kemçilik bolmasa-da
ony şol ýalňyzlyk duýgusy terk edenokdy. Emma gelen gününiň ertesi
dünýäniň beýik şäherleriniň biri hasaplanýan gözel Gürgenje aýlanmaga
çykanynda ol duýgy zym-zyýat boldy. Anuş-tegin öň Gürgenjiň
tarypyny köp eşiden bolsa-da, ony soltanylygyň paýtagty Ispyhança
ýokdur öýüdýärdi. Gürgenç ony özüniň kaşaň ymaratlary, peştaklaryna
tylla suwy çaýylan kuhy nagyşly medresedir, metjitleri, köşkleri,
aýratyn-da biçak baý bazarlary, bazarlardaky dünýäniň dürli
ýurtlaryndan getirlen harytlary bilen alyjysyndan köp satyjylary, dürli
dillerde sözleşýän hyryn-dykyn adamlary, diňe horezmde bitýän şirinşeker gawunlary, ir-iýmişleri, sanardan köp dürli hünärmentçilik
ussahanalary, başga-da ajaýybatlary bilen haýran galdyrdy. Ine şundan
soň Anuş-tegin Gürgenjiň at-owazasyna laýyk beýik şäherdigine göz
ýetirdi. Gürgenjiň gözelligi Anuş-teginiň göwnüni göterip, wagtyny
hoşlapdy. Emma ýurdyň walysy Ekinçi ibn Koçkaryň boluşy birneme
gaharyny getirýärdi. Ol göýä Anuş-teginiň geleninden bihabar kimin ne
adam iberip çagyrýardy, ne özi habar tutýardy. Anuş-tegin iki goçyň
kellesi bir gazanda gaýnamajagyny bilýärdi. Şeýle-de bolsa, ol özüniň
10
mütässäriflik we şyhnylyk wezipelerine hormat goýmagy ondan talap
etmäge özüni hakly hasaplaýardy. Ýöne muny Ekinçiniň ýüzüne açyk
aýtman, gep arasynda duýdurmagy ýüregine düwüp, köşke bardy
Horezmşalardan galan zynatly tagtda oturan Ekinçi ibn Koçkara
Anuş-teginiň gelenini habar berenlerinde ol çalaja ýylgyryp, “girsin”
diýen yşaraty etdi. Ol Anuş-teginiň adyny eşitse-de özüni öň görmäni
üçin ony soltanyň hyzmatynda ýören adatdaky gullaryň biridir-dä, ol
indi kimem bolsa meniň işime gatyşyp bilmez diýen pikirdedi. Emma
onuň özüne gözi düşeninde adatdaky gullaryň biri däl-de, begzada
sypatly, akyl parasaty ýüzi-gözüne çaýylyp duran, erk-eradaly
adamdygyna ten bermeli boldy. Ekinçi tagtyndan düşüp geleniň
garşysyna ýöräp gelýärkä:
-Märhäba märhäba! Muhterem Anuş-tegin Garçystany!-diýip,
şowhynly garşy aldy. Anuş-tegin garşysynda elini uzadyp duran gür gara
sakgal-murtly, gyzyl ýüzli daýaw adamyň mylaýym ýylgyryşynyň
aňyrsynda inçe mekirligiň bardygyny duýdy. Görüşüp, soraşanlaryndan
soň Ekinçi:
-Hoş gördük. Horezmine geleniňizi, jenap Anuş-tegin-diýip,
ýasama ýylgyrdy.
-Hoş görseňizem, görmeseňizem biz soltanymyzyň emri bilen
geldik-diýip, Anuş-tegin kakdyryp gürledi.
-Menden biraz kinelidigiňizi bilýän. Bagyşlarsyňyz jenap Anuştegin. Soňky wagtda iş-teşwiş şeýle bir köpeldi welin hiç ýetişip
bilemok. Soltanymyz sizi maňa kömekçi edip iberip, örän gowy iş etdidiýip Ekinçi ibn Koçkar Anuş-tegini mütassarif we şyhny hökmünde
däl-de, özüne kömekçi hökmünde ykrar edýändigini duýdurdy. Anuştegin wezipä, mertebä çapýan adam däl bolsa-da, Ekinçiniň soňky
söziniň degnasyna degeni üçin:
-Meniň mütassariflik we şyhnylyk işimde siz näçe kömek etseňiz
menem size şonça kömek ederin-diýdi. Ekinçi ibn Koçkar Mälik şanyň
ogly Sanjaryň iň ýakyn adamlarynyň biri bolany üçin başda “dagdan
arkasy baryň daşdan ýüregi bolýar” diýenlerini edip gürlänem bolsa,
birden Anuş-teginiň arkasynda Soltanyň özüniň durandygy ýadyna
düşüp, entek oglundan atasynyň güýçlidigini aňan bolmaga çemeli
soňky sözüni ylalaşyga ýazdy.
-Birden iki ýagşy diýenleri ýaly ikiläp her niçik iş bolsa-da,
hötdesinden geleris, enşalla.
Anuş-tegin Ekinçiniň derrew gaýtmyşym edenine çalarak
ýylgyryp, onuň sözüni tasdyklaýan kimin başyny atdy. Şundan soňky
11
aralarynda bolan söhbetdeşlik mylakatly geçdi. Agşamky şahana
meýlisde bolsa Anuş-tegin Ekinçiniň sag gapdalyndan ýer aldy. Meýlisiň
Mälik şanyň köşgündäki meýlislerden hem artyk bezelendigi, ortadaky
naz-nygmatlaryň şeýle bol-köllugi, sazandalaryň, rakkasalaryň köplügi
Anuş-tegini haýran galdyrdy. Ol “Pajyň pullary ine nirä gidýän ekeni.
Ekinçi ibn Koçkar diýenleri Soltanymyzyň tersine şeýle eli açyk, jomart
häsiýetli adam bolsa gerek” diýip pikirlenip oturdy. Anuş-teginiň
“Soltanymyzyň tersine” diýeniniň sebäbi Mälik şa tygşytlylygy gowy
görýän birneme gatyrak adamdy. Ol Meweranahyra ýöriş edip, ýeňiş
gazananda özünden öňki patşalaryň edişi ýaly ýeňiş toýuny bermän
esgerlerini we ol ýeriň adamlaryny öýkeledipdi. Anuş-teginñ özü-de
gatnaşan bu ýörüşi ýatlap öz ýanyndan: “Halkyň, döwletiň peýdasyna
bolsa gatylyk hem şunuň ýaly jomartlykdan gowudyr” diýip goýdy.
Meýlis gijäniň ýaryma golaý sowuldy. Anuş-tegin Ekinçi bilen
hoşlaşýarka:
-Şeýle meýlisler ýygy-ýygydan guralýarmy-diýip sorady.
-Ýok. Aýda iküç sapardan köp däl. Bu günki meýlis bolsa Siziň
gelmegiňiziň hormatyna guraldy-diýip Ekinçi mylakatly ýylgyrdy.
Anuş-tegin juda bir sada-da adam däldi. Özüne mahsus birneme
mekirligi-de, ýeserligi-de bardy. Ol Ekinçi ibn Koçkaryň özüne
görkezýän hormatynyň, mylakatynyň ýasamadygyny, soltandan
çekinýändigi üçindigini bilýärdi. Ekinçi bolsa Soltanyň Anuş-tegini diñe
mütassarif we şyhny hökmünde däl, başga-da gizlin tabşyryklar bilen
iberendir diýip güman edýärdi. Indi ol öňküsi ýaly erkin, näme iş etse
edip bilmejegi üçinem Anuş-tegini iç-içinden halanokdy. Anuş-tegin
muny bilýärdi. Ol özünden uly wezipeli adam tarapyndan
halanmaýanlygy ýagdaýynda-da arkasynda has uly adamyň durandygy
üçin batyrgaý işe girişibermeli diýen pikire geldi. Ol işiniň guramaçylyk
tarapyny waly Ekinçi bilen maslahatlaşyp, özüne berlen köşk pisint
jaýyň boş duran bir gapdalyny edara edindi. Ekinçi oňa öňki Şyhnynyň
ygtyýarynda bolan nökerler toparynyň üstüni ýene-de dolduryp berdi.
Indi işe başlamak üçin özüne bir kömekçi-kätip gerekdigini Ekinçä
aýdanynda ol öň özüniň diwanynda işläp giden Hoja Huseýin äl
Horezmi diýen adamy teklip etdi. Şyhny hökmünde ýurtdaky tertipdüzgüne jogapkär bolany üçin mirşepler topary hem onuň ygtyýaryna
berildi. Şeýlelikde Anuş-tegin işi kätiplige hödürlenen Hoja Hüseýin
bilen tanyşlykdan başlady. Gapysynda goýan nökerleriň birini iberip, ol
kişini çagyrtdy. Hoja Hüseýin äl Horezmi diýen orta boýly, gysgarak
goýlan ak sakgal-murty ýüzüne nuranalyk berip duran, ýaşy ýetmişe
12
golaýlan hem bolsa, entek gurbaty egsilmedik adam ekeni. Huzuryna
salam berip giren gojany görenden Anuş-tegin ýerinden turup, onuň
bilen iki elläp görüşüp salamlaşdy, soraşdy. Soňra oturmaga ýer
görkezip, özü-de oturdy.
-Horezmine hoş gelipsiňiz, işiňiz oňüna bolsun-diýip, Hoja
Hüseýin ilki dillendi.
-Taňyrýalkasyn, ýaşuly. Biziň işimiziň oňuna bolmagy üçin şu
eden dilegiňiz bilen bile kömegiňiz hem gerek-diýip, Anuş-tegin ýaşula
ýylgyryp seretdi.
-Meniň kömegim?-diýip, Hoja Hüseýin geňirgenip, sägindi, soňra:
-Men size näme kömek edip bilerin?-diýdi.
-Men sizi özüme kömekçi-kätip edip işe almakçy bolýan.
-Aý ýok. Siz nädogry edýäňiz. Meniň ketdelere ýaramaýan käbir
edehädim bar.
-O nähili edehät?-diýip Anuş-tegin geň galyp sorady.
-Men dogry zady dogry, nädogry zady nädogry diýip, kimem bolsa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gürgenç II - 02
  • Parts
  • Gürgenç II - 01
    Total number of words is 3711
    Total number of unique words is 2029
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 02
    Total number of words is 3733
    Total number of unique words is 1927
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 03
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2072
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 04
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2023
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    52.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 05
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2050
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 06
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1942
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 07
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2088
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 08
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2102
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 09
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2049
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 10
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 2059
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 11
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 1985
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 12
    Total number of words is 3713
    Total number of unique words is 2090
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 13
    Total number of words is 3757
    Total number of unique words is 2033
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 14
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2151
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 15
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2076
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 16
    Total number of words is 3693
    Total number of unique words is 2082
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 17
    Total number of words is 3781
    Total number of unique words is 1995
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 18
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 2070
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 19
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2088
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    51.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gürgenç II - 20
    Total number of words is 1003
    Total number of unique words is 689
    43.4 of words are in the 2000 most common words
    56.3 of words are in the 5000 most common words
    61.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.