Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10

Total number of words is 3560
Total number of unique words is 2085
24.4 of words are in the 2000 most common words
34.0 of words are in the 5000 most common words
38.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
üçin dik durdy. Biz salamlaşdyk. Men o ỳaşulynyň
ỳüzüne dikarynlap bakmakdan utandym.Ŷere
ỳazylan örän nepis türkmen halylaryny synladym.
Saglyk-esenlik soraşmadan soň ol gol astyndaky
kagyzlaryň birini ele aldy-da okap başlady.
-Hawa, Orazdurdy Gurbanowiç Ŷagmyrow,
1947-de doglan.Ŷaşrak ekeniň.
Täçmuhammet Gurbanow şobada söz açdy.
-Anna Ŷollyỳewiç, işläberse alyşar gider.
A. Ŷollyỳew meni synlap, soňra aşak bakyp
az salym oturdy.
-Boỳdaş, bi, gelnimiz
bilen oňşugyň
gowumy?
-Ŷagşy.
-Hawa, bi edaranyň nähili derejededigini
özüň gowy bilỳäň.Gije-gündiz işlemeli-dä.Jaỳyň
ỳok ekeni weli, bizi gaty gyssamagyn.Şu mahal jaỳ
bersek, maşgala sanyňa görä bir otagly alarsyň.
210
Ŷöne üç-dört çaga bolansoň alsaň, köşk ỳaly jaỳ
alarsyň.-Soňra A. Ŷollyỳew hökümet başlygy B.
Ŷazgulyỳewe jaň edip, ỳanyna barmaga rugsat
diledi. Hökümet başlygynyň kabulhanasynda epesli wagt garaşdyk, ahyry, çagyrdylar. Hökümet
başlygy stol başynda oturan ỳerinden göwünsiz el
uzadyp salamlaşdy. Men hakda ỳazgyly kagyza göz
gezdirdi.
-Bu ỳigidem içmäni goỳup düzelişer-dä—
diỳip hökümet başlygy Ŷollyỳewe bakyp goỳberdi.
-Hawa, hawa, düzelmeli.Maşgala bilen
bolmaly-diỳip Ŷollyỳew maňa göz gytagyny aỳlap
goỳberdi. Men gaty oňaỳsyz halda galdym.Asla,
içgi içmesem näme.Hökümet başlygy‖Bolỳa‖
diỳensoň, biz kabinetden çykdyk.
Men hökümet jaỳyna ışe alynỳanlygym
hakdaky haty neşirỳatyň direktoryna gowşurdym.Ol
haty ünsli okady.
-Bizden gaçỳaň-da. O taỳlarda tanşỳň bar
bolsa, bize-de göz-gulak bolgun.Unutmaweri.Abraỳ
al, has uly wezipelerem nesip etsin.
Soňra Kyýas agamyz bilen hoşlaşmaga
bardym. Ol ör-gökden geldi. Maňa has hem gorkuly
bakdy. ‖Hä-ä,özüň kegebeşnik ekeniň-ow.Bolmasa
o taỳlaryk kim alsyn seni?! Sen meni goldagyn,
men saňa hiç ỳamanlyk eden däldirin. Maňa beren
sözüňi unutmagyn.‖
* * *
211
Men hökümet jaỳynda ilkinji iş günümde
ilden ir baryp,kürsimde oturdym.Owadan, giňiş
stol,kabinetiň lowurdyly parketi, gyzyl agaçdan
ỳasalan gapynyň peşenesi
meniň göwnümi
galkyjakladỳardy.Az salymdan Täçmuhammet aga
geldi. Ondan-mundan gürrüň edip başladyk.
Neşirỳatdaky tanyşlaryny soraşdyrdy.Gepiň gezegi
gelende ol maňa gaty gowy maslahatlar berdi.
Gowuja geỳinmelidigimi, abraỳyma zeper ỳetjek
ỳerlere barmaly däldigimi, gowuja işläp ỳörsem, bu
işden bereket tapjagymy aỳtdy.Bir salymdan bir
zenan geldi-de günortan naharynda nämeler
iỳesimiz gelỳänini ỳazyp alyp gitdi. Täçmuhammet
aga kararlar çap edilen bir kitapça berip, terjimäniň
ỳollaryny öwrenmegimi isledi.
Kabinete ne gelỳän, ne jaň edỳän bar.
Günortan naharyna gitdik.Işgärleriň, aỳratynam,
aỳallaryň geỳnişini görüp, öz eşiklerimden utanyp
başladym.
Naharhanada
heniz
görmedik
naharlarymyň känligi belli boldy.Örän tagamly we
bol guỳlandy. Soň eşidip ỳörsem, ỳörite bir uly
hojalyk hökümet naharhanasy, partiỳanyň merkezi
komitetiniň naharhanasy we işgärleri üçin mal
bakỳan ekeni. Okyjym meniň aỳtjaklarymy
bagyşlasyn, SSSR zamanynyň tämiz tualetini hem
men ilkinji gezek hökümet jaỳynda gördüm. Şu
taỳda SSSR-iň soňky ỳyllarynda eşiden gürrüňimi
hem ỳatlaỳyn: ―SSSR bilen beỳleki ỳurtlaryň
arasyndaky tapawut nämede?‖ diỳip sorag
berenlerinde, jogap şeỳle bolupdyr: dünỳäniň ähli
212
pisligi SSSR-iň tualetlerinde jemlenipdir. Tualetmilletiň medeniỳetini görkeziji zatlaryň biridir
diỳlip ỳöne ỳere aỳdylmaỳar ahyry.
Onsoň ỳene kabinete geldim. Kitapçany okan
bolỳan, belet zatlarymlygy üçin, gyzygy ỳok.Bir
görsem, başym egilip-egilip gidỳär. Asyl,irkilỳän
bolsam nätjek. ―Işe gelen günüm uklap otursam,
menden işgär bolmaz.‖
Garşyma baksam,
Täçmuhammet aga-da meỳmiräp, gözlerini süzüp
otyr. Bolsa-da ukyny ỳeňmegi başardym. Az
wagtdan Täçmuhammet aga gözlerini açdy, turdyda çaỳ demledi. Biz çaỳ başynda lezzetli gürrüňler
etdik. Şeỳdibem günümiz geçdi.Birküç günden
Täçmuhammet aga keselledi. Men kabinetde ỳeke
galdym. Iş ỳok, gün geçirmek kyn boldy.Baraỳyngeleỳin diỳsem, bu taỳda hiç kimi tanamaỳaryn. Bu
edaradaky adamlar ulumsyrak, sowugrak, birbirege ynamsyzrak görünỳär.Üstesine-de, işgärleriň
ỳüzde segsenden gowragy başga milletden bolany
üçin, tanyşlyk açmak kyn görünỳär.Başga millet
diỳỳänim düỳbünden başga millet.
Ynha, şeỳdip hökümet jaỳynda işläp
başladym. Men işde peỳdalanar ỳaly, gymmatly
sözlük bolan:‖Türkmen diliniň sözlügini‖ öỳden
getirip, stolumyň bir ỳanynda goỳdum.Üỳtgeşijek
bir ruçkamy hem çekmä salyp goỳdum. Ertir
gelsem, ne kitap bar, ne-de ruçkam. Men hökümet
jaỳynda
ogurlyk
bolup
biljegine
hiç-hiç
ynanmadym. Soň-soň eşidip ỳörsem, telpegini,
paltosyny, gymmat atyryny… ogurladanlar az däl
213
ekeni. Kabinetdäki telefon apparatyny-ha gaty köp
ogurlapdyrlar. Haly düşekçäniň ogurlananyny
bilỳän. Şondan soň mende hökümet jaỳy hakda
başga düşünje döräp ugrady.
Edara işiniň azlygyndan peỳdalanyp,
ỳazyjylyk işime köp üns berip başladym. Kemkemden edara işgärleri bilen tanyşdym. Meniň
hekaỳajyklarymy,
powestlerimi
okansoň,
Täçmuhammet aga meniň aỳratyn goldawçym
boldy. ―Sen uly ỳazyjy bolup bilersiň‖ diỳip höwes
döretdi.‖Bar aladalary bir ỳana taşla-da ỳaz‖ diỳip
maslahat berdi. Bir gün bolsa, edaranyň kiçi mejlis
zalyny görkezdi-de: ―Şu taỳyk gelip ỳazsaň,
telefonam azar bermez.‖ diỳdi.Hökümet jaỳynyň
gapysyny polis goransoň, daşardan gelỳän hem
ỳokdy. Bir gün bolsa, Täçmuhammet aga meni bile
alyp gidip, şäher çetindäki haryt bazasyndan on iki
sany çäỳnek hem käse alyp berdi.O döwürler beỳle
harytlar gaty gytdy we gaty gymmatdy.Onuň maňa
her ädimde berỳän maslahatlary hem gaty
gymmatlydy. Kerwensaraỳ ỳaly,
hökümet
jaỳyndan gelip-geçip duran işgärleriň arasynda
Täçmuhammet aga iň köp işlän işgärleriň biridi.
Men bu goldawy örän gowy ulandym we hiç
mahal ỳadymdan çykaryp bilmerin.Edara işi ỳok
diỳäỳmelidi. Şoňa görä, aldygna
hekaỳa
ỳazyardym, dürli kitaplar okaỳardym. Men bu
edaradaky
işgärleriň

ỳaşy
diỳsemem
boljak.Uzak-yzak ỳyllar bu taỳda işläp, Moskwa
bilen
köne
gatnaşyklaryny
pugtalandyryp,
214
garyndaşlaryny, pikirdeşlerini wajyp wezipelere
geçirişip,özlerini örän arkaỳyn duỳỳan türkmen
däller gaty köpdi. Olaryň arkasynda kommunist
ỳolbarslar direnişip durdy.Ŷeri gelende aỳtsam,
Kommunistik partiỳanyň merkezi komitetinde-de
türkmen däller gaty kändi. Ähli ỳazgylar rus dilinde
alnyp barylỳardy. Türkmençä geçirmek işi, ỳa
gelen ỳazgy türkmençe bolsa, ony rusça geçirmek
işi bize baglydy. Arz-şikaỳatlar, köplenç,
türkmençe gelỳärdi, şolary rusça geçirmek işi hem
bize düşỳärdi. Şu taỳda bir arza bilen bagly bir
ỳagdaỳy aỳdasym gelỳär.Gazanjygyň döwlet
maldarçylyk hojalyklarynyň birinden gelen arzada
direktoryň özüniň bäş ỳüz goỳny barlygy, döwlet
mallary üçin gelỳän iỳmi öz mallaryna berỳänligi,
galanyny hem satỳanlygy aỳdylỳardy. Bir ay geçipgeçmänkä gaỳtadan arza geldi.‖Siziň barlaga gelen
işgäriňiz Pylany Pylanyỳew gelşine direktoryň
myhmany boldy. Üç gün iydi-içdi, berlenje parany
jübüsine dykdy-da gaỳtdy.Şol işgäriňizi ibermäň.Ol
öňem biziň direktorymyz bilen gara işlere goşulyp
ỳör.‖ Ŷigrimi gün geçmänkä, üçünji arza geldi.
‖Siz
ikinji gezegem
Pylany Pylanyỳewi
ugratdyňyz.O barlagçy işi bulaşdyryp gidỳär. Bu
arzanyň kopiỳasyny Kommunistik partiỳanyň
merkezi komitetine ugratmaga mejbur etdiňiz.‖
Ŷyl geçdikçe hökümediň sarpasy gaçỳanyny
duỳup başladyk.Öňler hökümet jaỳyna işe gelenler
birküç ỳyldan ulurak wezipelere çekilỳän bolsa,
indi beỳle waka gaty seỳrekleşdi. Hojalyk bilen
215
bagly işleriň köpüsini kommunistik partiỳa öz
üstüne alyp başlady. Jogap bermeli bolanda,
bitmedik işler üçin hasap bermeli bolanda partiỳa
gyra çekilỳärdi hem-de günäkär hökmünde
hökümedi kesekleỳärdi. Şoňa görä, öňden bäri
dowam edỳän iki häkimiỳetlilik soňky ỳyllar hasam
güỳçlendi. Bu tutuş SSSR-iň çäginde şeỳledi we
SSSR-iň dargamagynyň müň bir sebäbiniň biridi.
Günüm çaga pişiginiň güni ỳalyka, hökümet
edarasynyň kärdeşler birleşiginiň ỳygnaklarynyň
birinde
meni
işgärleriň
sosial-üpjünçilik
meselelerine garaỳan bölüme başlyk bellediler.Bu
esasy işiň ỳany bilen işlenmelidi. Işgärlere
paỳlamak üçin gelỳan azygy deňje paỳlamalydy,
işgärler, şol sanda bu edaradan pensiỳa çykanlar
ỳogalsa, olaryň maşgalalaryna her tüỳsli ỳardam
bermelidi.
Bu
jemgyỳetçilik
wezipesine
saỳlanmagym bilen meniň öňküje rahat günlerim
ỳat boldy. Her gün ỳüzlerçe jaň gelip başlady.
Edarada dul zenan gaty kändi, olaryň ynjyk
göwnüni tapaỳmak aňsat-aňsat iş däldi. Olar her
pursatda wezipeden peỳdalanmany öwrenen
adamlardy. Sähelçe bahana bolsa, başlyklara arz
etmäni öwrenipdiler. Olaryň näzini çekmäni
öwrenen başlyklaram az däldi. O gowgalar bir
ỳana, ỳogalanlary jaỳlamaga kömek bermek hem
bir ỳana boldy. Bilmedim, nämeden boldy, ỳöne şo
ỳyllar pensiỳonerler tiz-tizden ỳogaldy. Olaryňam
tas ählisi diỳen ỳaly türkmen däller, diỳmek, öňki
ỳyllaram hökümet jaỳynda türkmen däller köp
216
işläpdir.Türkmenler ỳogalsa garyndaş, goňşy eỳelik
edỳär. Türkmen däller ỳogalsa habar alỳan az.
Onsoň jaỳlamagyň ähli garamaty meniň
boỳnumdady. Son-soňlar men öźümi gölegçi
edarada işleỳän ỳaly duỳdym. O ỳyllar men
döredijilikden sowaşyberdim. Täçmuhammet aga
üçinem rahatlyk bozuldy. Onuň nahardan gelip, onon bäş minut lezzetli irkilmesini dyngysyz telefon
jyrryldylary kesỳärdi.
Şol günleriň birinde hökümet
başlygy
Ŷazgulyỳew Ŷokary Şowetiň mejlisinde doklad
etmeli boldy. Onuň dokladlaryny rus dilinde
taỳỳarlaỳan Kozlowskiỳ diỳen biri gazetlerden,
köne dokladlardan kesilip alnyp, kagyza ỳelmenen
doklady getirip gitdi. Ol öylän getirdi. Mejlis hem
ertir ir sagat onda başlanỳardy. Dadymyzy ỳetirjek
ỳerimiz ỳok. Kyrk-kyrk bäş sahypalyk doklady
terjime etmekden beter, diňe maşynkada ỳazmak
üçinem ep-eslije wagt zerurdy. Iş dolandyryjynyň
orunbasary örän gowy ỳol tapdy:‖ Bu gije ỳarysyna
çenli işlemeli, daňdan ỳene dowam etmeli, terjime
edilen sahypalary, maşynkada ỳazylmasa-da,
dokladça eltip beribermeli.‖ Iş aỳdylyşy ỳaly edildi.
Dokladça suw eltilen ỳaly edilip, yany bilen
terjime edilen sahypa hökümet başlygynyň gol
astyna goỳlup gaỳdylỳardy. Şol başagaỳlykda
sahypalary tribuna gatnadỳan zenan öň okalan bir
sahypany ỳene alyp gitse nätjek?! Mejlisden soň bir
gowga turar öỳdüp howatyrlandyk, Ŷok,
imisalalyk. Öň okalan sahypany ỳaňadan okan
217
hökümet başlygy hem, beỳlekiler hem hiç zat
duỳmadylar ỳa-da duỳmadyksyran boldylar.
Dogrusy, duỳmadylar öỳdỳän. Sebäbi, uky
tutduryjy, birsydyrgyn doklad köpleri irkilmäge
mejbur eden bolsa gerek. O ỳyllar ỳygnakda
uklamak täzelik däldi.
Ŷene bir gezekde bolsa, hökumediň başlygy
deputat hökmünde öz saỳlawçylary bilen
duşuşmaga gitmeli boldy. Uçaryň uçmagyna üçdört sagat galanda başlygyň kömekçisi Kozlowskiỳ
kabinetimize girdi.
-Gaty arkaỳyn otyrsyňyz-la? Birki sagatdan
başlyk uçỳar. Saỳlawçylar bilen duşuşỳar.Derrew
doklad taỳỳarlaň.
Hemişe rahat bolan Täçmuhammet aga bu
ahwala gaharlandy.
-Biz awtomat däl. Düỳn aỳdanyňyzda dünỳä
ỳumrularmydy? Şu mahal ỳetişmeris ahyry. Başlyk
kagyzsyz sözläỳsin.
-Başlygyň näme etjegini siz kesgitlemeli däl.
Meňki duỳdurmak. Ŷetişmeseňiz özüňizden görüň.Kozlowskiỳ gapyny batly ỳapyp çykdy gitdi.
Men amatly çykalga tapdym.‖Ölüşiňe görä
gömüşim bar.‖ Köne gazet sahypalaryny
dörüşdirdim-de, gerekli ỳazgylary seçip, birki
abzasy hem ỳazdym-da maşinistka berdim. Bir
sagat geçmänkä doklad hökümet başlygynyň
elindedi.
Hökümet diỳen söz
bilen halys
öwrenişipdirin. Indi o söz mende ỳagşy duỳgy
218
oỳarmaỳardy, gaỳta, birhili göwnüçökgünlik
berỳärdi. Üstesine, medeniỳet bölüminde işläp
giden bir tanşym duşanda aỳdan sözleri meni köp
oỳlara batyrdy: ‖Oraz, sen gaty ynanjaň adam.
Beỳle
ynanjaňam
bolma.
Ho-ol
Pylany
Pylanyỳewna diỳlen bardyr-a, ana, şoň bilen uly
mejlis zalynda iki ỳyl duşuşyp gezdim. Halkyň
saỳladym diỳỳän deputatlarynyň uly-uly gürleỳän
mejlis zaly-da. Onsoň bu dünỳäniň nähilidigini
oỳlanyber.‖ Men bu sözlere birbada ynanjagymyynanmajagymy
bilmedim.
Emma
soň-soň
ynanmaga mejbur boldum.
* * *
Men kärdeşler birleşigindäki jemgyỳetçilik
wezıpämden sypmagyň ỳollaryny gözläp başladym.
Dürli bahanalar tapdym, bolmady.Ahyry, edaranyň
partyỳa guramasynyň sekretary, biziň gowy
dostlarymyzyň biri, dürslükde, päklikde öňüne
adam geçirmejek
Orazguly Allaỳardan haỳyş
etdim.
Indiki saỳlawlarda meniň adymy
aỳyrdypdyr. Men şeỳdip ỳene öňki rahat günlerime
dolanyp geldim. Döredijilik üçin ỳene beỳik
mümkinçilige eỳe boldum.Meniň ornuma saỳlanan
täze kişi pensionerleri jaỳlamany dowam etdirip
başlady.
Edara işimiz öňküdenem azalỳardy. Sebäbi,
Kommunistik partiỳanyň merkezi komiteti we onuň
ỳerlerdäki bölümleri hökümet sistemasynyň el219
aỳagyny güỳlüp goỳdular-da,aldygna gamçylap:
‖Ylga‖ diỳip gyssadylar. Şoňa görä, hökumede we
ỳerli häkimiỳetlere ỳüz tutỳanlar seỳrekledi.
Hökümet kararlary,düzgünnamalar az kabul edilip
başlandy.
Ŷazgulyỳew TSSR Ŷokary Sowetiniň
Prezidiumynyň
başlyklygyna
geçirilensoň
(gazetlerde ―saỳlanansoň‖ diỳen söz ulanylỳardy),
hökümet başlygy tiz-tiz çalşyp başlady.Her gelen
başlyk hökümet jaỳyna öz adamlaryny getirjek
bolup dyzaỳar.Onsoň işgärleriň bir topary öňden
bäri işläp gelỳän, uly wezipä dyzamaỳan ỳa-da
dyzasa-da geçip bilmeỳän adamlar boldy.Beỳle
adamlar hernäçe başlyk çalşygy bolsa-da,öz
orunlarynda galdylar, edara işiniň agramly bölegi
olaryň boỳnuna düşỳärdi. Her gezekki başlyk
çalşygyndaky harasatda olary halas eden, ozaly
bilen, olaryň uly tejribesi boldy.
Başga bir hakykatam göze dürtülip durdy: öz
milletini gizleỳjiler, kim başlyk bolup gelse-de, olar
aman galỳardylar. Olara dişi geçỳän ỳokdy.
Işgärleriň beỳleki bir topary—täze başlygyň
gelmegi bilen gelỳän, gitmegi bilen kowulỳan
işgärlerdi. Olaryň özüni alyp barşy, umumy
adamkärçilik sypatlary, köplenç, geldi-geçerdi.
―Men hökümet jaỳynda işleỳän. Meniň hukugym
beỳlekilerden
artykdyr‖
diỳip
oỳlanỳanlar,
kämahal, ilkinji seresapsyz ädimde gömülgi
minanyň üstünden basyp, kül bolỳarlar. Işgärleriň
biri söwda bazasynda oturanlaryň arkasynda
220
kommunistik partiỳanyň mafiỳasynyň duranyny
güman etmän, bazadaky gyt harytlardan almakçy
bolupdyr. Bazanyň işgäri şobada öź mafiỳa atasyna
jaň edipdir.Hökümet jaỳynyň işgäri bir sagat içinde
işden kowuldy. Bir söwda bazasynda işleỳän
tanşym maňa ỳüregini açyp şeỳle diỳipdi:‖Biz kimi
satyn almalydygyny örän ỳagşy bilỳäris. Satyn
alynmaỳan adam ỳok,ỳöne berilỳän parany az
görỳän bar.‖
* * *
Günleriň birinde men edaranyň rus dilindäki
ỳazgylara seredỳän işgäriniň ỳanyna iş meselesi
bilen barmaly boldum. O zenan tiz hereketli,
elmydama şähdaçyk we ỳylgyryp ỳören,ỳaşy
elliden agan, özüni Baltika milletlerinden diỳip
tanadỳan bir zenandy. Ol meniň kabinete girenimi
görenden, ỳerinden turup, maňa ỳer görkezdi,
emma özi oturmady.
-Orazik! Seni ỳazyjy diỳdiler.Gynandym. Bu
içgysgynç
jaỳda
ỳaşajyk
başyňa
çüỳräp
gidersiň.Ŷnha, biz çüỳredik ahyry. Ne oňly är
tapdyk, ne joşgunly ỳaşadyk. Arada bir dul joram
gijara köçä çykyp durupdyr.Görmegeỳje bir erkek
deňine gelende:‖Bagyşlaň, Siz meniň şifonerimi
süỳşürişmäge kömek edäỳiň-dä.‖ diỳipdir weli, o
adam onuň yzyna düşüp gaỳdyberipdir. Onsoň uzak
gije şifoner süỳşürişipdir. Şondan bäri islän wagty
şifoner süỳşürip bilỳär. Görỳämiň, dünỳäde bagtly
221
aỳallar bar. Bu taỳda, öźüň bilỳäň, erkek tapyp
bolar ỳaly däl. Men her gije köçä çykyp durỳan.
Birje erkegem duşanok. Hi, meni zorlajak erkek
tapylmazmyka diỳibem dileg edỳän. Peỳdasyz.-O
zenan jak-jaklap gülỳär-Dogrudanam, bu edarada
erkek ỳok.Men erkek diỳip ỳörenlerem, öz
aỳalynyn ỳanyna barjak bolsalar başlykdan rugsat
dileỳär. Ha-ha-ha. Bir topar ỳaranjaň we hapa
adamlar.-Soňra ỳanymda oturdy-da ỳuwaşja sözläp
başlady- Men edebiỳatçy bolamsoň, ỳazyjynyň
ỳagdaỳyny gowy bilỳän. Saňa gaỳnap duran
durmuş gerek. Sen entek ỳaş. Saňa gül ỳalyja
gelinjikler gerek.Bu taỳda bolsa kim bar?! Baryny
hem başlyklar gapyp alỳar.
-Dogrudanam soňky wagtlar aỳallar üçin
amatly pursatlar döreỳär diỳỳärler.
-Elbetde. Emma, Gapurow (Türkmenistan
kompartiỳasynyň merkezi komitetiniň köp ỳyllar
birinji sekretary bolup, ondan öňem uly
wezipelerde işlän adam) aỳallary ỳörite Çaryỳewiň
(hökümediň
başlygy)
üstüne
küşgürỳär.Öz
garşydaşlaryny batgada basmak üçin amatly ỳol.
Çaryỳew bolsa, heleỳden oňmadyk, ỳubkaly görse
aslyşyp ỳör. Bilỳänsiň-le?
-Eşitmändim.
-Görỳän weli sen köp zatlardan bihabar ỳalyla. Swetanyň Çaryỳewi ele alşyny eşitdiňmi?
-Ŷok.
222
-Diňle.Ŷazyja derkar bolar.Umuman, sen
ỳokarlarda näme bolup geçỳänligi hakda gyzykly
roman ỳazmaly.Näçe diỳseň materiỳal bar.
-Hany, Swetanyň oỳunlary hakda aỳdyp
bersene!
-Hä-ä, gyzyklymy? Görseň bizem ỳazyjylarça
gürrüň bilỳändiris. Sweta, nahalka, gaty gidỳär.
Çaryỳewe işlemäge wagt berenok. Swetany haçan
gözleseň, Çaryỳewiň ỳanyndadyr. Beỳtmeli däl.
Erkegi zorlasaň bolmaz. Erkegiň özi dyzar ỳaly
etmeli. Çaryỳew işe gelen güni Sweta kagyzlaryny
eline alyp, Çaryỳewiň kabinetine giripdir. O haram
gaty owadan-da. Muny gören Çaryỳew
eräp
başlapdyr. Sweta oňa gaty ỳakyn baryp, Çaryỳewiň
elini garsa alagada öz göwsüniň üstünde goỳupdyr
weli, Çaryỳew guljagaz ỳaly meỳmıräp durmuş.
Muny Swetanyň özi gürrüň beripdir. Ol örän
geplemsek aỳal ahyry.
Gürrüňiň şu ỳerine ỳetende kabinete bir
zenan girdi weli, ol şobada gepini üỳtgetdi.
-Orazik, seniň işleriňi biraz soňrak okamasak
wagt ỳok.
-Gaỳrat ediň, Bary-ỳogy bir sahypa.
-Şeỳledir, öz-ä. Hany, göreỳin.- Ol kagyzy tiz
okap, ‖Normalno‖ diỳip maňa uzatdy. Men şo
günden başlap mafiỳa degişli bir roman ỳazmagy
niỳet edindim we material toplap başladym. Şo
sebäpli men ỳuwaş-ỳuwaş Sweta diỳlen zenana
ỳakynlaşmaga başladym. Hakykatda-da, Sweta gaty
owadan we özüne çekijidi. Ol hökümet edarasynda
223
giźlin bölümiň müdiri bolup işlese-de, onuň şeỳle
agzy ỳellidigine, ilkinji tanyşlygymda göz
ỳetirdim.
Onuň
hökümet
başlygy
bilen
ỳakynlyklaryny
ỳa-da
hökümet
başlygyny
garalamak üçin ulanylỳan aỳaldygyny tassyklapinkär edip bilmerin. Ŷöne onuň kabinetinde bolan
uzak-uzak söhbetlerden iki pursat hakda aỳdasym
gelỳär. Ol bir gürrüňe gyzsa, gaty köp zadyň
başyny agyrdỳardy. Men bir gezek gürrüňi
Çaryỳewiň üstünden eltdim weli ,Swetanyň ỳüzi
ỳagtyldy, sähel ỳylgyryp sözledi.
- Çaryỳew
jentlmendir. Ol bujagaz
erkejikleriňe meňzemez. Sen ỳaş bolsaň-da
aỳdaỳyn, ol aỳalyň gadryny bilỳär. Men bir gezek
koridorda bilgeşlin onuň öňüne geçip ỳörän
boldum. Maňa ―Swetajan! Sen gelinleriň
patyşasysyň‖ diỳdi. Umuman, ol gowy adam. Eger
ondan bir haỳyş etmeli bolsa maňa aỳdaỳgyn.
Men oňa ỳigitleriň biriniň adyny, telefonuny
berip, hökümet jaỳyna işe ỳerleşdirmegini haỳyş
etdim. Birki günden Sweta ol oglan bilen görüşdi
we dokumentleri taỳỳarlap, hökümet başlygyna
bermekçi boldy. Şonda ol maňa duşanda:
‖Orazik,men işi bitirerin, ỳöne ol oglan maňa
sowgat taỳỳarlaỳarmy?‖ diỳdi. ―Elbetde, elbetde.‖
Şondan bir hepde geçip-geçmänkä Sweta
edaradan uçdy gitdi. Edarada o hakda hyşy-wyşy
köpeldi: ―Sweta öz işgäriniň fransuz atyryny
ogurlapdyr we tutulypdyr.Şonuň üçin işden
kowlupdyr.‖
224
Hökümet başlygy Çaryỳewiň özi hem uzak
işlemän, wezipäni tabşyrdy. Onuň tiz gytjekdigini
wezipä gelen güni aỳdanlaram bolupdy. Adatça,
täze başlyk işe başlanda işgärler bilen tanyşỳar,
kimiň näme iş bilen meşgullygyny öwrenỳär.
Onsoň bir topar bolup bizem Çaryỳewiň kabinetine
girdik. İşgärleriň biri Çaryỳew bilen elleşende;
‖Salowmaleỳkim‖ diyäỳmezmi?! Çaryỳew bu sözi
halaman, agzyna öỳkünip, bir salym diliniň keỳpini
gördi. Biz bolsa Çaryỳewi tanap başladyk. Biziň
aramyzda hökümet başlygynyň maslahatçysy
wezipesini eỳeleyän, hakykatda bolsa hepdede bir
gezek edarada görnüp gidỳän, gözleri zordan
ỳoluny saỳgarỳan ỳaşuly Juma Köỳnekow bardy.
-Maňa maslahatçy gerek däl. Meniň aklym
ỳerinde. Häzir men başlyk, men gol çekỳän. Galam
meniň elimde.
Oturanlar Çaryỳewiň bu seresapsyzlygyna,
üşüksizligine gaty geň galdylar, sebäbi Juma
Köỳnekowy respublikanyň iň ỳokary ỳolbaşçysy
M. Gapurowyň goldaỳanlygyny edara işgärleriniň
ählisi bilỳärkä, hökümet başlygynyň bilmezligi,
dogrudanam, geňdi.Köỳnekow sowukganlylygyny
saklap sözledi.
-Siz bu meselede merkezi komitet bilen
maslahatlaşsaňyz diỳip haỳyş edỳän.
-Bu meselede merkezi komitetiň geregi ỳok.
Maňa maslahatçy gerek däl. Gutardy.
Biz kabulhanadan çykyp barỳarkak, özara
gürrüňlerde Çaryỳewiň öz aỳagyna özi palta
225
urỳanlygy hakda, beỳle
hereket edip uzaga
gitmejekligi hakda aỳdyşdyk. Soňunda, Çaryỳew
Köỳnekowy işden aỳyrmanka, özi kürsini
boşatmaly boldy. Bu hakykat başga bir zady hem
ỳada salỳar: hökmürowan kommunistik partiỳanyň
merkezi komiteti etjegini edỳär, emma özüni hiçhiç günäkär saỳmaỳar. Bir mysal: Merkezi
komitetiň birinji sekretary ençeme ỳyl birinji bolup
oturyp bilỳär, ỳöne şo döwür içinde birnäçe
hökümet başlygy çalyşdy.
Ŷolbaşçy mertligini, terbiỳeliligini, onuň
halka
we
özüne
hormat
goỳỳanlygyny
alamatlandyrỳan zat hökmünde wezipeden öz
meỳliňe çekilmek (otstawka) däbi sowet
sistemasynda ỳokdy. Gaỳta, kiçijik wezipejiginden
aỳrylany üçin infarkt bolanlary köp gördük. Şol bir
wagtda-da gije-gündiz arak içip, hökümet jaỳynda
işläp ỳörenleri az görmedik.
1985-de
Türkmenistan
hökümetine
Saparmyrat Ataỳewiç Nyỳazow ỳolbaşçylyk edip
başlady. O hakda başga bir kitapda giňiş gürrüň
bermek niỳetim bar.
Hökümet jaỳy—özboluşly bir kerwensaraỳdy:
oňa altyn-kümüş ỳükli kerwenem gelỳär, o kerweni
talajak bolỳan, ỳüzi perdeli garakçylaram gelỳär.
Dogrusy, o ikisiniň çaknyşygyny perwaỳsyz
synlaỳjylaram gelỳär.
Garaz, mafiỳa hakda bir roman däl, on roman
ỳazmaga-da maglumat ỳetikdi.Netijede, mafiỳa
hakda ―Duman daganda‖ diỳen romanymy hökümet
226
jaỳynda oturyp ỳazdym. O roman bir ỳylda iki
gezek, 57 müň sany çap edildi, şo ỳyl hem satylyp
gutardy.
Umuman, hökümet jaỳynda gybat, hyşywyşylar, wezipe üỳtgemelerine görä hereket etmek
gaty güỳclidi, zyna işlerem az däldi.O taỳda
otursaň, wezipelileriň kim bilen dostlugyny,
duşmanlygyny, kimiň iş bitirip bilỳänligini, uly
wezipelilere garanda kiçi wezipedäkileriň has köp
iş bitirip bilỳändigini synlasa bolỳardy.
Men hökümet jaỳynda on iki ỳyl işläp, gaty
köp zatlary hakyky görňüşinde görmegi öwrendim.
Wakalara gaty ỳakyndan we uzakdan, belentden
bakmagy, beyleki wakalar bilen deňeşdirmegi
öwrendim. Yalan bilen çynyň arasynyň gaty
ỳakynlygyna, ỳalana köp hormat goỳulỳanyna göz
ỳetirdim.
Durmuş—kitaplarda ỳazylanyndan müň esse
çylşyrymly we çuň diỳlenine ynandym.Ŷene bir
hakykatyň
üstüni
açdym:
biz
özümize
ynananymyzdan özgäniň ỳalanyna ynanmany endik
edipdiris. Işiň hakyky ỳagdaỳy bilen o hakdaky
gepiň arasynda dag ỳatanyny, her derỳanyň
aşagyndan başga bir derỳanyň akỳanyny görmäni
öwrendim. Her bir zada mukaddeslik berip
ỳörmegiň gabahatlygyna göz ỳetirdim.Hiç zat
görnüşi ỳaly däl ekeni.
Hökümet jaỳynda işleseň, adamlary has gowy
tanamaga mümkinçilik köplügini aỳdasym gelỳär.
227
Eger ömrüň ỳyllaryny, tejribe berşine görä,
ỳagny durmuş sapaklaryny öwredişine görä, ikä
bölmeli bolsa, hökümet jaỳynda işlän ỳyllarymy bir
ỳana, galan ỳyllary hem bir ỳana bölerdim.
_________________
Hajy Bekdaş Weli
(Heniz çap bolmadyk ―Hajy Bekdaş Weli‖
kitabyndan)
Hajy Bekdaş Weli XIII asyryň türkmen-türk
klassygy, beýik ynsanperwer filosof hem-de alym.
Magtymguly Pyragynyň ruhy halypalarynyň biri
bolan bu ynsanyň Ynsançylyk ylmynda örän çuň
pelsepelere ýeteni belli. Ynsan Hukuklarynyň
Deklarasiýasy 1948-nji ýylda kabul edilen bolsa,
Hajy Bekdaş Weli o prinsipleri, o ýörelgeleri 700
ýyl öň aýdyp-ýazyp gidipdir. Türkmenistanda
nähak unudylan, ady nätanyş eşidilýän bu ägirdi
nesiller tanamalydyrlar. Hajy Bekdaş Welini
tananlar oňa ýürek berýärler, ol biziň günlerimiziň,
gelejegimiziň Beýik Ynsany. Oňa patyşalaryň,
serkerdeleriň leşger tartyp alyp bilmedik galalaryny
gylyçsyz-gansyz,
topsuz-tophanasyz
alan
Gahryman diýýärler.
228
Hajy Bekdaş Weliniň diňe dörtce setirini
okasaňyzam, onuň neneňsi beyik insanlygyny
duyarsyňyz:
Yssylyk otdadyr, o sajda däldir.
Keramat başdadyr, o täçde däldir.
Hernäme gözleseň, özüňden gözle.
Kudusda, Mekgede, o Haçda däldir.
Kim aýdypdyr, nesil patyşaňky, han-serdaryňky
diýip?! Nesiller şahyrlaryňky, alymlaryňky, halka
hyzmat eden Gahrymanlaryňkydyr.
Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri
Ynjasaň-da ynjytma.
Geliň, janlar, bir bolalyň,
Iri bolalyň, diri bolalyň.
Duşmanyňyzyň hem ynsandygyny unutmaň.
Aýal-gyzlary okadyň.
Hiç bir milleti we ynsany aýplamaň.
Her näme gözleseň, özüňden gözle.
Keramat başdadyr, o täçde däldir.
Gördügiňi ört, görmedigiňi söýleme.
Eliňe, diliňe, biliňe eýe bol.
Ylymdan gidilmeýän ýoluň soňy tümlükdir.
Ylym ähliniň ilkinji basgançagy edepdir.
Özüňe agyr geleni özgä ýükleme.
Ylalaşyk tap. (Gözle, tap.)
Asyllynyň aslyny söýmesi geň zat däldir.
229
Iman bir hazynadyr.
Rahmanyň asly iman,
şeýtanyň asly şübhedir.
Köňül beýik bir şäherdir.
Gök aglar – ýer güler.
Jan – bossan, magryfet--suwdur. Teşne
bossana suw näme edýän bolsa, magryfetem jana
şeýder.
Magryfetli köňül – Allanyň uly hazynasy we
nazargähidir.
Her kime kapyrdan-da has ýaman üç duşman
bardyr:birinjisi–nebsewürlikdir,ikinjisi ulumsylyk
we egrilik, üçünjisi – ýalançylyk we hilegärlikdir.
Döwlet – edep, akyl we gözel ahlakdyr.
Ýerde agajy dik tutýan kökdür.
Öz aýplaryny gören kişi hiç kimiň aýbyny dile
getirmeli däldir.
Döwletli kişi–janyny gaflatdan oýaran, halyny
bilen kişidir.
Akyl Aýa, magryfet Güne, ylym Ýyldyza
meňzär.
Maksada sabyr bilen ýetiler.
Aýaga galksaň, hyzmat üçin galk. Sözleşseň
hikmetli sözleş. Otursaň hormatly otur.
230
Aỳtmatow-Zamanamyzyň
Jelaleddin Rumysy.
(Nekrolog ỳerine)
1983-nji ỳylda beỳik klassik şahyrymyz
Mahtymgulynyň dünỳä inmeginiň 250 ỳyllygy
SSSR-iň çäklerinde şeỳle hem şol sanda Aşgabatda
uly dabara bilen bellenilỳärdi. Aşgabatdaky
dabaralara dünỳäniň köp ỳerinden şahyr, ỳazyjy,
alym geldi.
Biziň bagtymyza Aşgabada Çingiz Aỳtmatow
geldi. O döwürler ỳazyp-pozỳän ỳaşlaryň köpüsi
Aỳtmatowçylardy. Aỳtmatow dünỳaniň bir ỳerinde
bir söz aỳdan bolsa ony ỳere degirmän tapyp alyp,
çeỳnäp-çeỳnäp ỳuwudỳardyk.
Aỳtmatow Aşgabada gelen myhmanlaryň
arasynda iň şöhratlysydy. Men ony dykgatly
synlap, iň bir owunjak hereketinide gözden
sypdyrmajak bolup çälyşỳardym, ony tutuşlygyna
gözlerime surat edip çekỳärdim. Dogrusy, biziň her
nepesimiz Aỳtmatowyň eserleri bilen baglydy. O
döwür anekdot ỳaly bir gürrüňem aramyzda köp
gezỳärdi: dostlarymyzyň biri öỳlenỳärmiş we
ỳanyna gelin salynanda salam -selimden öň ol:
―Sen Aỳtmatowyň
haỳsy eserlerini has köp
söỳỳäň?‖ diỳip sorapdyr. Gelin bolsa: ―Men-ä diňe
―Köşek Gözli‖ hekaỳasyny okadym.‖ diỳỳär.
Öỳlenỳän ỳigit birden gaharlanypdyr. ―Nika
gyỳylmadyk
bolsa,
saňa
öỳlenmezdim.
231
Aỳtmatowyň eserleriniň ählisini okaman bu
dünỳäde ỳaşamak bolarmy?‖ diỳipdir.
Aỳtmatow familỳasy agzalsa, başga bir geň
wakada meniň ỳüregimi elendirỳär. Uniwersitetde
okaỳarkak bizi Tejende pagta ỳygmaga äkiderdiler.
Şonda oba gyzlarynyň birine aşyk bolupdyryn.
Emma ol gyz meniň yşk duỳgylaryma äsgermezlik
edỳärdi. Tolguna-tolguna ỳazan yşk hatlarym
jogapsyz
galỳardy.
Şol
günleriň
birinde
Aỳtmatowyň örän owadan we ỳaş suratyny bir
jurnalda gördümde ony emaỳ bilen gyrkyp alyp,
nobatdaky söỳgi hatymyň bir burçüna ỳelmedim.
―Ynha, gör men nähili gelşikli ỳigit. Beỳle gelşikli
ỳigidi söỳmän durup bilermiň?‖ Oba
gyzy
Aỳtmatowy nä bilsin diỳip pikir edỳärdim? O gyz
suraty görenden hoş bir jogap hatyny ỳazar diỳip
umyt edỳärdim. Bu gezek jogap garaşanymdanam
tiz geldi. Şeỳle bir jogap geldi welin, gelmese has
gowy bordy. ―Oraz! Meniň hakyky söỳgülimiň
suratyny iberipsiň, minnetdarlyk bildirỳärin. Maňa
ỳazan hatyň, meniň ỳazan hatym iň soňky hat
bolsun!‖
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.