Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19

Total number of words is 3571
Total number of unique words is 2101
31.4 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
*
Nury soňky gezek hassahana düşende iň
janserek bolanlaryň biri kompozitor Daňatar Hydyr
bolupdyr. Gyt derman tapmalymy, ökde dogtor
433
gözlemelimi ỳa-da täzeje soỳlan göle bagryny
tapyp getirmelimi, garaz, name ỳumuş bolsa,
ỳürekden bitirjek bolup ylgapdyr. Nurynyň aỳaly
puluny berjek bolsa-da almandyr. Onsoň muny
aỳaly Nura aỳdanda, Nury: ‖Daňatarlaryň
barlygy üçin daň atỳa-da, bolmasa adamzat
garaňky tümlükde galardy.‖ diỳipdir.
*
*
*
Nury kompozitorlaryň döredijilik öýlerinde
ýaşap-işlemäni gowy görýär. Iwanowoda dynç
alýarka, garga gaty kän ekeni. Ol gargalary içgin
synlapdyr. ―Gargalar adamlaryň üstünden gülýär‖.
*
*
*
―Wah, Nury diýsene! Ol joşgunly ýazmany
söýýärdi. Üns berseň, ähli sazynda içki joşgun
güýçlüdir. Ol heň-melodiýa tapmaga ökdedi.
Heňem-simfoniýanyň maňzy-da. Nury suratam
gowy çekýädi. ―Kompozitor bolmasam, hudožnik
bolardym‖ diýýädi. Kämahal dirižýorlyk etjek
bolubam dyzaýardy. Ol ökde pianistdi. Dutaram
çalýardy‖. Bu Orazgeldi Berdiýewiň ýatlamasy.
*
*
*
434
―Nuryny hem, meni hem Magtymguly
baýragyna hödürlediler. Ýöne
ikimize-de baýrak bermediler. Onsoň bir-biregi
göremizde ýaňsylap: ―Salam, laureat‖ diýşerdik.
Nury türkmeniň ýüregini saza geçirdi. Onda beýik
millilik bar. Ol aşaky dodagyny köp çeýnärdi‖. Bu
heýkeltaraş
Gylyçmyrat
Ýarmämmedowyň
ýatlamasy.
*
*
*
Nurynyň edähetleri hakda köp gürrüňler
bar. Ol ýöräp barýarka barmaklaryny klawişe
basýan ýaly edýän ekeni. Sag elini ýokary
galdyryp, süýem barmagyny açyp-ýumýan ekeni.
Köçeden barýarka birden durup, az salymdan ýene
ýöräp gidýär. Dodagyny sessiz hereketlendirýär.
Oturylyşykdan sessiz, birden turup gidip, pianino
çalỳar. Asmana – jaýyň potologyna bakyp, göz
gyrpman ýatỳar, birden böküp tutup, galama ýa-da
pianino ýapyşỳar. Janygyp bir zatlar diýersiň, o
saňa seredýänem bolsa, seni görmez, eşitmeş.
Kämahal gujaklaşyp salamlaşar, käte seni görmän
deňiňden geçer gider...
*
*
*
435
Nury pyýada ýol bilen barýarka, öňden
barýan bir ýaşulynyň hiňlenip barýanyny eşidýärde, şo ýaşulynyň ädimine görä ýöräberýär hem-de
diňleýär. Ýaşuly uzak ýöreýär. Nury-da yzynda.
Ahyry, o ýaşuly ―Hajy golagy‖ hiňlenip barýarka
özüne gelýär we yzyna garap: ―Inim, nirä geldimäý men?‖ diýýär. Nury bolsa ―Hajy golaga‖ diýýär.
*
*
*
Suwly Ýaran diýen hudožnik Ierusalimde
bir restoranda otyrka Nurynyň sazy ýaňlanyp
başlaýar. Onsoň Suwly her gün şo restorandan
nahar iýipdir. Her günem Nurynyň sazlaryny
diňläpdir. ―Onuň sazyny diňläp, Türkmenistany
gören ýaly boldum. Amerikada-da, Germaniýadada Nuryny gowy diňleýärler‖.
*
*
*
Bir oturylyşykda bir kompozitor: ―Meniň
sazlaryma halk düşünenok. Ýene elli ýyldan
menden beýik kompozitor bolmaz diýipdir. Adatça,
öwünjeň adamlary görende dymýan Nury: ―Sen
kompozitor däl, hasapçy. Her nokady nirä
436
goýjagyňy hasaplap, duýgyny ýatdan çykarýaň.
Joşmasaň joşdurmarsyň. Ol-a ellimiş yzyna ýene
bir noly tirkeseňem seni diňlän bolmaz . Duýgusyz
saz impotentdir ‖ diýipdir .
*
*
*
Nurynyň her aýdym - sazynyň bir kitaplyk
taryhy bar. Artist Çary Seýitli ―Ofiser walsy‖
kinosy hakda ýatlaýar: Nury bilen Leningrada, kino
ses ýazdyrmaga gitdik. Nury pianinoda dürli
sazlary çalyp otyrka, gapydan birküç kişi jyklap,
çekinjeň giripdir. ―Ýaňy bir saz çaldyňyz weli,
şony, kyn görmän, gaýtalap beräýiň-dä‖. Nury
haýsy sazlygyny bilmändir. Onsoň çalan
sazlaryndan bölejik çalyp, ahyry, ―Magtymguly
odasy‖ diýen sazyny çalyp başlanda, ýaňky ors
işçileriniň biri gözýaş döküp başlapdyr.
Soň Nury maňa ―Magtymguly odasyny‖ çalyp
berjek bolanda: ―Çaryjan, gel saňa ―Ors agladan‖
sazymy çalyp bereýin‖ diýdi. Nuryny hakyky
görnüşinde görmek islän ony ýa saz çalyp otyrka,
ýa-da öz sazy çalynýarka görmelidi. Ol şonda büsbütin başga adam bolýardy.
Annaberdi Atdan pahyr ―Ýaşynda‖ diýip bir
aýdym aýdardy. Şo aýdymyň hem öz taryhy bar...
437
Onsoň Leningraddakak Nury uly bir
kompozitora jaň etdi. Aňyrdan: ―O-ow, Nuryşka,
meniň Mosartym, nireden çykdyň? Sen nirede?
Näme üçin gelýän diýip duýdurmadyň? Täze
sazlaryňy diňläsim gelýä, meniň Mosartym‖ diýen
ses geldi.
Nury diýlen edil çaga ýalydy. Bozulmadyk
reňk diýip bir söz bar-a. Ana, Nury şo bozulmadyk
reňkdi-dä.
*
*
*
Nury beýik hudoźnik, portretçi Durdy
Baýramow bilen häsiýetdeş ekeni. Olaryň ikisi hem
ullakan çaga diýilýänlerden. Durdy Baýram
Nurynyň portretini çekip başlapdyr. Nury hem
sessiz gelip oturyp gidýän ekeni. Ol irmän-arman
on gün gatnapdyr. Durdy Baýram indi galan işi özi
etjekdigini, gelmese-de boljakdygyny aýdypdyr.
Bir hepde geçensoň: ―Durdy suraty nätdikä?‖ diýip
gelse, Durdy hälki suratyň ýüzüni gazap otyr ekeni.
Nury birgeňsi, öz ýüzi gazalýan ýaly bolupdyr.
Durdy bolsa hiç zada bakman, suratyň ýüzündäki
reňki aldygna gazalapdyr. Nury o suratda göwni
ýeten ýerjagazlary ýatlap gynanypdyr. Durdy
Baýram: ―Täzeden başlaýas‖ diýipdir. Onsoň Nury
ýene on günläp gatnap başlapdyr, üstesine-de indi
Nurynyň dik duran görnüşini çekensoň, Nury uzak
438
gün dik durmaly bolupdyr. Ol şonda-da ses-üýnsüz
gelip gidipdir. Şeýdip portret dünýä gelipdir. Durdy
Baýram ýatlaýar: ―Nury suratyň, reňkiň sazyna-da
örän oňat düşünýärdi. Sergi bolsa, hökman gelerdi.
Her kim onuň suratyny çekesi gelýärdi. Mämmet
Mämmet pahyr, Ýarly Baýram, Almämmedow,
beýlekiler Nuryny çekendirler.
Onsoň ýene bir gyzykly waka boldy. Dürli
ýurtlaryň hudožnikleri Hindistanda duşuşdylar.
Menem bardym. ―Her kim öz ýurdunyň aýdymyny
aýtsyn‖ diýip haýyş etdiler. Menem ömrüme aýdym
aýdan adam däl. Türkmen bolup dymyp durmak
hem aýp. Nuryjanyň ―Aýnasyny‖ gaty gowy
görýädim. Şony aýtdym weli, hezil edip el
çarpdylar. Soň muny Nura aýtsam, güldi. ―Aýnany‖
Hindistana ýetiripsiň-dä‖ diýdi‖.
*
*
*
―Bir gün Moskwa baranda, Nurynyň şeýle
bir duýgulary joşupdyr. Ol myhmanhana sygman,
türkmen oglanlarynyň ýaşaýan umumy ýaşaýyş
jaýlaryna aýlanyp, oglanlary birme-bir gujaklap,
gözlerini ýaşardyp: ―Meniň türkmenjiklerimiň
gelşiklidiklerini! Türkmenler iň owadan halkdyr‖
diýipdir. Nury Allaberdiniň gürrüňinden.
439
*
*
*
―Ömür
dawasy‖
oýnunda
―Duman
eglenmez‖ diýen aýdyma hiňlenýärdim. Nury
Halmämmet oýna iki gezek gelip, şo hiňlenmäni
diňläpdir. Oýundan soň otagymda ýüzümiň reňkini
ýuwup durkam, biri arkamdan gelip gujaklady.
Görsem, Nury. Neresse: ―Şo heňi oňardyň‖ diýdi.
Nury Allaberdiniň gürrüňinden.
*
*
*
Ŷazyjy Hojageldi Nurmyrat ýatlaýar: ―Nury
bilen Moskwada bir wagtrakda okadym. Nury ýaly
zehinli, Nuryňky ýaly ýumşak ýürekli görmedim.
Bir gün on birinji mikroraýondaky öýüne barsam
ýeke özi ekeni. ―Hiç gelmeýäň-le‖ diýdi. ―Saňa saz
ýazmaga azar bermejek bolýan‖ diýdim. ―Sen azar
bermeseňem, meni öz günüme goýanoklar. Meni
alyp ýatjaklar. Başga ýere gidip işlejek bolýan, ýada çyrany öçürip oturýan. Sen geleňde çyra
bolmasa-da şeýdip kaksaň bolar.‖ Onsoň ol gapyny
nähili kakmalydygyny öwretdi. Umuman, Nury uly
filosofdy. Oňa işlemäge şert döreden bolsalar,
häzirki goýan sazlaryndan on esse köp goýardy‖.
*
*
*
440
Nury bir gün Pöwrizede dynç alỳarka, gijäniň
bir wagty oỳanyp, ukusy tutman, ỳekesiräp
başlaỳar. Göni şo taỳdan Aşgabada pyỳadalap
gaỳdyberỳär.
Ŷolda bir köpek muny ep-esli ỳere çenli
kowalap süllümbaỳ derledỳär. Garaňkyda büdräpsürçüp, aỳaklaryny gara gan edỳär. Daň atypatmanka öỳüne gelỳär. Nurynyň aỳak üstünde
zordan durşuny gören aỳalynyň ỳüregi ỳarylaỳjak
bolupdyr. Şonda Nury: ―Her gün giç gelỳäň diỳip
zeỳreneňsoň, şu gün bir ir geleỳin diỳdim.‖
diỳipdir.
*
*
*
Köçeleriň birinden ak saçly bir zenan agras
ýöräp barýarka, ―Hanha, Nurynyň söýen gyzy‖
diýdiler. ―Hany, güler ýüzlerimiz?! Hany, söýer
gözlerimiz?!‖ O zenanyň gözlerinde Nurynyň keşbi
doňup galypdyr. Ol bir golunda agtygyny,
ýüreginde Nury hakda eziz ýatlamalary göterip
barýardy.
*
*
*
441
Kinorežissýor Halmämmet Kakabaýew
ýatlaýar: ―Men ―Ýeňi ýoluk‖ filmimiň ssenarisini
Nura okatdym. ―Bu men hakda. Bu meniň
ykbalym. Men muňa şeýle gowy saz ýazaýyn‖
diýdi. Biz kinony surata düşürip ýörkäk, Nury
hassahana düşdi. Bir baramda: ―O kinonyň sazy
kellämde ýazylgy. Bir özüme gelsem, hassahanadan
çyksam, gül ederin. Maňa üç günjük ýeterlik‖
diýdi. Yz ýanyndanam ýogalaýdy, pahyr‖.
*
*
*
Nurynyň ýetimhanadan bäri ýoldaşy, belli
kinorežissýor Kakow Orazsähedow: Nuryjan gowy
oglandy-la. Bir ýazyksyz, gamgynja ýylgyrmasy
bardy. Çekinjeň, utanjaň. Gaty sözlemezdi.
―Japbaklary‖ (kinony) ýazga geçirmek üçin,
Moskwa gitdik. Saz taýýar däl. ―Nuryjan, bu bolşuň
bolmaýa‖ diýsem, şo gün agşam myhmanhana hem
gelmedi. Bizem gaty gyssanýas. Ertiri geldi weli,
janyny aljak-da. O bolsa rahat.
Oglanlara tabşyrdym: ―Nätseňiz ediň-de saz
ýazdyryň‖ diýdim. Nurynyň otagyndan telefony
aýyryp, ýeke özüniň daşyndan gulplap goýduk.
Uzak güni iş bilen selpäp, agşamlyk gelsek, gapy
açyk, içerde şadyýan sesler eşidilýär. Girsek,
Nurynyň birküç sany Moskwaly dosty giň saçagyň
başynda şady-horram boluşyp otyr. Nury öz
442
krowatynda diwara bakyp uklap ýatyr. Meniň
ýüzüm agyr bolansoň, oturanlaryňam keýpi gaçdy.
Men näme etjegimi bilmeýärdim. Saz bolmasa
kinony wagtynda tabşyryp
boljak däldi.
Birsalymdan Nury oýandy. Ol turşuna pianinonyň
başyna geçdi-de ―Japbaklardaky‖ aýdym-sazlary
çalyp başlady. Meniň ýüzüm açyldy. Myhmanlar,
işe azar bermejek bolup, turdular. Menem olary
ugratmaga çykdym. ―Ýör, bile gideli. Öz ýaşan
umumy ýaşaýyş jaýyňy gör. Oturaly. Nura azar
bermeseň ýagşy‖ diýdiler. Şeýdip, men ertir irden
myhmanhana dolanyp geldim. Görsem, otagda nota
ýazylan kagyzlar dagaşyp ýatyr. Nurynyň özi
maňlaýyny klawişlere goýup, uklap ỳatan ýaly.
Meniň gelenimi görüp zordan başyny göterdi.
Ukusyzlykdan
ýaňa
gözleri
açylanok.
―Japbaklaryň‖ sazyny uzak gije uklaman ýazypdy.
Elbetde, öň kellesinde-de bişendir-le.
*
*
*
Hojaguly Suwhangulyýew:‖Nuryjan ýüpek
ýaly ýumşak, öwlüýä ýaly geçirimli oglandy. Onuň
saza yhlasy aýdar-diýer ýaly däldi. Men oň bilen
sazçylyk uçilişede bile okadym, bir ýyl bir otagda
ýaşadym. O bizi gijeler ýatyrmazdy. Yşyk ikä çenli
ýanyp, soň öçürilerdi. Bizem hüňür-hüňür edip
Nura igenerdik. Ol bir ýerlerden dutar tapyp, ýene
bir gün mandolin, gitar getirip, şo tirňildeder oturar.
―Bizar etdiň ho-ow, goý şunyňy!‖ diýýäs weli,
ýumşajyk ses bilen ―Bolýa, bolýa‖ diýýä. Ýaňy
443
uklansyň weli, ýene tirňilledip ukudan oýarýady.
Onsoň sagat ikide elektrik öçürilýä weli, bu bir
ýerden ýag çyra tapyp, krowadyň bir burçunda saza
güýmener oturardy.
So-oň soň: ―Bä-äỳ, Nuryjan, uçilişede heläk
edýädiň-äý‖diýsem, ―Wah, saz gural köp öwrenseň,
saz ýazmak aňsat bolýa. Saz çalyp bilmän saz
döredýänler kompozitor däl-de kempozitor bolýa‖
diýip ýylgyrdy.
*
*
*
Nurynyň çagalyk dosty Atamyrat Gurbanow
ỳatlaỳar: Baỳly aga odun ỳygardy, menem Nury
bilen bile eşeklije daşardym.Kiçijikkä bezzatjady.
Arçadan birhili edip gopuz ỳasardy, onam oňly
çalyp bilmän, şo tirňildeder ỳörerdi.Ŷogsa oňa
gopuz çalmany aỳdan, öwredenem ỳokdy. Baỳly
aga dutara ezberdi. Ol dutar çalyp başladygy, Ňury
dutar sapyny sormany söỳerdi. Bolsa bäş-alty
ỳaşyndadyr-da. So-oň, ulalansoň, dutar öwrenip,
Moskwada okap ỳorkä gelende Baỳly aga bilen
garşyma-garşy oturyp dutar çalardy.
Nury Bäherden ỳetimhanasyndan Baỳramala
äkidildi diỳilỳän dogry däl. Ol Baỳly agaň bir
şarpygyndan öỳkeläp, ỳaňy bäşinji klasa geçende
öỳden gaçdy, gara şalona (ỳük otlusyna) münüp
gidiberipdir. Muny Baỳramalyda görüp milisỳa
444
tabşyrypdyrlar.
beripdirler.
Olaram
Nuryny
ỳetimhana
Men Nury bilen soňam gatnaşdym.On birinji
mikroraỳondaky bir komnatlyja öỳüni alansoň, men
köneje diwanymy eltip goỳdum. Garypja öỳi
bardy.Gündizleri ỳatardy, keỳp çekerdi.Gijäniň bir
wagty
turup
saz
ỳazardy.
Pianinosyny
gümmürdeder oturardy. Onsoň goňşy çydajakmy?!
Ses azrak çyksyn diỳip, diwara köne ỳorganam
çüỳläpdik. Şonda-da ses geçỳärdi. Mende Nuryň
suraty kän.
* * *
Meşhur aỳdymçy Myrat Diwanaỳew ỳatlaỳar:
Bir gezek öỳüne barsam, Nury kellesini tutup otyr.
Sebäbini soradym. ―Öten agşam uzak gijäni ỳatman
geçirdim.Bir sazyň bölejigini sazlajak bolup,
müň dürli synanyşyk etdim, hiç bolmady. Şu
mahalam şo saz beỳnimi gyjyklap dur. Halys
öldürdi-dä. Diňleỳji akyp duran sazy diňläp, saz
dörände-de
aňsatja akyp çykỳandyr öỳdỳän
bolmagy mümkin.‖ diỳdi.
* * *
Hudoźnik Muhammet Berdiỳew ỳatlaỳar:
―Nury neresse hassahana düşdi. Soramaga
bardym.Ondan-mundan gürrüň edip otyrkak, Nury
onbirdäki jaỳyndan zeỳrendi. ‖Hem özümi heläk
445
edỳän, hem goňşulary köseỳän. Jaỳymy
düzedibilmän ỳörün.‖ diỳdi. Onsoň biriniň jaỳ
çalyşỳandygyny aỳtsam, şo taỳdan göni
jaỳ
çalyşỳanyňka bile alyp gitdi.O jaỳam demirỳola
ỳakyn ekeni welin, ―Bu jaỳy alsam, wokzalda ỳaşan
ỳaly bolaryn.‖ diỳip göwnemedi. Biçäre ölerin
öỳtmeỳän ekeni. Soň ỳene birki günden barsam,
―Bä-äỳ, bularyň göripligini. Ŷaňy Moskwadan bir
dostum jaň edỳär. Bir konkursda Sowet Soỳuzy
boỳunça meniň bir sazym ikinji ỳer alypdyr, üç aỳ
öň habar edipdirler. Maňa bolsa bir sözem
aỳdanoklar.Wah,bularmy...?! Boỳnumdan ỳokarym
abat galsa bolỳa.‖diỳdi. Nury şo wagtky uly
ỳolbaşçynyň adyny tutup käỳindi. Sähel gündenem
özi gidiberdi-dä.
* * *
-- Sen mydama gyzyl köỳnek geỳmäni
halaỳaň, Nury. Gyzyl reňki söỳỳäň öỳdỳän?
--Öküzlerden goranmak üçin gyzyl köỳnek
geỳmeli bolỳan.
*
446
*
*
Geleňde aglarsyň, gideňde gan aglarsyň
Gün geçirmek, günemma dolamak barha
kynlaşdy. Nury ähmiýetsiz kinolara-da saz ýazyp
başlady. Multfilmlere-de ýazdy. Bir döwüm çörek
üçin ýazdy. Ony eýerläp münen umytsyzlyk,
çuňňur göwniçökgünlik Nuryny gije-gündiz
çekeleý-çekeleý, çeýneý-çeýneý gaty heläk edýärdi.
Beýnisinde toplanan owazlar daşary çykasy gelip,
bir şekle giresi gelip dyzaýardy. Nury, diňe Nury o
owazlary diňleýärdi. O owazlaryň öňki sazlaryndan
beýikligini Nury mese-mälim duýýardy. Onsoň
Nuryda özüňi aldamak, özüňi bilmezlik ýaly bir
ahwal döredi – ol başyndaky sazlary diňläp, o
sazlary ile beren ýaly, ilem ony diňläp hezil
edinýän ýaly aldawly ahwal döredi. Hakykatda weli
Nurynyň beýnisinde ýaňlanýan saz nota geçmedi.
Olary diňe Alla diňläp bilýärdi, bendesine
ýetmeýärdi.
Sallahhanasy boşap galdy. Hat-da ―Aýalym
bilen uruşdym, biraz seňkide ýaşaýyn‖ diýen
bahana bilen gelýän ýarymtanyşlaram bu öýi
unutdylar.
─Bu nähili bold-aý? Nury diýip gapyny açýan
ýog-a. Hany, ol, men dost diýip ýörenler ?
Bu sorag jogapsyz galdy. ―Özüni halas etmekgark bolýanyň öz işi‖ diýleni boldy. Sowet düzgüni
diňe käýemäge ökdedi, halas etmelidigini
bilmeýärdi, sowet terbiýesini alan adamlaryňam
köpüsinde şo endik bardy.
447
Ähli kişiniň, bütin halkyň gözüniň alnynda
Nury eräp-çüýräp, gözden ýitip barýar. Oňa umyt
berip biljek, ony gaflat ukusyndan oýaryp biljek,
ony batgadan sogrup biljek, ony ynandyryp biljek
bir şahsyýet tapylmandyr.
Edebiýat, sungat adamsy näzik bolýar,
goragsyz hem tiz ynjaýan bolýar. Şony bilip, olara
başgarak göz bilen bakan döwlet adamsy hem
tapylmandyr.
Şo döwür Gaýgysyz Atabaý bolan bolsady!
Hi, Nury ýaly kompozitory gam-hesretiň,
göwnüçökgünligiň eline berip goýberermidi?! Asla,
asla, ýok. Biz ýüz million, iki ýüz million ilatly
halkam däl ahyry. Biri gitse, ýene biri dörär ýaly.
Nurynyň
ömrüniň
soňky
ýyllarynda
Türkmenistanda bary-ýogy iki million türkmen
bardy. Onsoň döredijilik adamsyna bütinleý
başgaça bakylmaly dälmidir?!
Kompozitor diýeniň
pomidor däl ahyry.
ekseň
bitip
duran
Rus halkynyň Güneşi hasaplanýan Puşkin
bilen bagly bir wakany şu taỳda okyjy ýatlasa kem
bolmaz.
Puşkin
otuz
ýaş
töwereginde
Nury
Halmämmediň düşen ahwalyna düşýär. Özüni
geldi-geçerlige urýar, arak-şerap, kart bilen gününi
geçirip başlaýar. Muny köpler duýsa-da diňe dosty
P.Ýa. Çaadaýew (1794-1856) Puşkini halas etmäge,
448
Rus we dünýä medeniýetiniň hatyrasyna halas
etmäge aýaga galýar. Çaadaýewiň şöhraty we
zehini Puşkinden pes bolsa-da, onda berk erk we
diýenetdiriji ruh bar ekeni. Çaadaýew başy dik,
özüne ynanýan, öňden görüji, ýüregi çaga ýaly päk.
Çaadaýew Puşkini çüýräp, ỳok bolup gitmekden
alyp galýar. Puşkin onuň pikirlerinden goranyp
bilmeýär, ahyrda o pikirlere baş egýär.
Ynha, 1829-njy ýylda Çaadaýewiň Puşkine
ýazan meşhur haty: ―Meniň dostum! Sizi
zamananyň syrlaryna aralaşan ýagdaýda görmek –
meniň şeýle alawlaýan arzuwymdyr. Öz döwrüne
we özüniň nämä derkarlygyna düşünmeýän genial
adamy ahlak dünỳäsinde synlamak ýaly ejir ýokdur.
Akyllara soltan bolmaly adamyň özi özüni ýaramaz
gylyklaryň holtumyna we pis gorplara taşlanyny
göreňde, özüňi öňe gitmeýän, doňdurylan hasap
edýärsiň. Bu adam meni öňe äkitmegiň ýerine,
näme üçin meniň öňe gitmegime päsgel berýär
diýip oýlanýarsyň. Men Siz hakda oýlanamda,
hakykatda-da her gezekde şeýle bolýar. Men bolsa
Siz hakda tiz-tizden oýlana-oýlana halys
surnukdym.
Haýyş edýän, meniň öňe gitmegime päsgel
bermäň ahyry. Eger ýagty jahanda bolup geçýänleri
öwrenmäge Siziň sabryňyz ýetmeýän bolsa, onda
öz-özüňize çümüň hem-de Siziňkä meňzeş her bir
köňülde hökmany bolýan şol yşygy öz şahsy
köňlüňizden tapyň. Dünýäde azaşan, pukara
449
Russiýa üçin Siziň
biljegiňize ynanýaryn.
tükenmez
eşret
getirip
Dostum, öz ykbalyňyzy aldamaň‖.
Çaadaýew Puşkine: ―Siz gyzma‖ diýýär. Ýene
bir ýerde bolsa: ―Jenap Naşokiniň aýdyşyna görä,
Siz çydap bolmajak derejede ýalta adam‖ diýýär.
―Jemgyýeti öňe gitmäge iterýänler, hakykat bilen
ýalanyň arasynda ýaýdanyp duranlar, ỳagny ỳüp
üstünde oýnaýan darbazçylar däl-de, eýsem
tutanýerli adamlar‖ diýýär.
Çaadaýew bu mert, batyr hereketi bilen
Puşkini we onuň mundan beýläkki döreden genial
eserlerini halas etdi. Muny Çaadaýewiň S.P.
Şewyrewe ýazan haty tassyklaýar: ―Puşkin meniň
dostlugyma buýsanýardy, onuň özüni we
duýgularyny ölümden halas edenligimi, onda belent
söýgi oýaranlygymy aýdýardy...‖
Haýp ýeri, Nury Halmämmet ýaly beýigimizi
halas etmäge türkmende Çaadaýew tapylmandyr.
Nury ömrüniň soňky ýylynda ukudan oýanan
ýaly bolupdyr. Onda birgeňsi aljyraňňylyk,
gyssanmaçlyk döräpdir. Ony etjek, muny etjek
diýen sözi köp gaýtalap başlapdyr. Hä bir tema, hä
başga bir tema topulypdyr. Şol günler ol sag
böwrüniň agralýandygyny duýupdyr, känbir
ähmiýet bermändir. Bir gezek aýnada özüne siňe
seretse, reňki öçükligini görýär. Oňa: ―Nury, janyň
sagmy? Birhili, horlanýanyň ýaly-la‖ diýýän
450
köpelýär. Iýeni siňmän başlaýar. Bir az wagtdan
çişip, o çiş aýrylman saklanýar.
Garyplyk aýrylmaz kesel bolup ýapyşýarka,
üstesine hassalygam Nura gaty berk darap başlady.
Emma ejesi öleni bäri süýji söz eşitmedik Nury
derdinden zeýrenmedi. Gaty sowukganly garşylady.
Hernäçe merdem bolsa, barha kuwwatdan
gaçýanyny ädimsaýy duýdy. Ol Gurbannazar bilen
bileje
gezen günlerini köp ýatlap başlady.
Paltolarynyň ýakasyny galdyryp, ýuwaşja ýöräp
Karl Marks köçesinden geçerdiler. Dünýä bilen
baglanyşygy ýok ýaly, dünýä gowgasy ýele
ýanyndanam geçmeýän ýaly, şeýle rahat ýörärdiler.
Olar söz bilen däl, göz bilen, duýgy bilen
düşünişerdiler. Hat-da bir-biregi göz bilen däl,
ýürek bilen görerdiler. ―Gabaklaryňy ýörme, köňül
göz bolsun‖.
―Entek ir-le. Entek ediljek iş kä-än. Garynjada bolsam, köňlümde piliň göterip bilmejek ỳüki
bar. Şo ỳüki bir halkyň köňlüne guỳup ỳetişsem.
Eger ỳüregimi boşadyp ỳetişsem, o sazlara dar
agajy-da aglasa gerek.‖
Nury soňky gezek Leningrada – Sankt
Peterburga döredijilik öýüne gidip gelenden soň,
özüni has agyr duýup başlady. Garyn, dogrusy
bagyr has çişip, çiş aýrylmady.
Nurynyň agyr kesele uçranlygyny bütin şäher,
şol sanda döwletiň, partiýanyň başynda oturanlaram
eşitdi. Oňa ýalandan hormat görkezip başladylar.
451
Radioda onuň sazlaryny, aýratyn, Nurynyň özüniň
çalan sazlaryny tiz-tizden eşitdirdiler. Nurynyň tiz
öljekligi belli bolanda, iş işden geçensoň, ah-wah
diýýän köpeldi. Şo mahal ähli kişi oňa dost, ähli
kişi oňa garyndaş boldy. Ölmezinden ýedi-sekiz aý
öň oňa ―Türkmenistanyň sungatda at gazanan
işgäri‖ diýen at beren boldular. Öň, has öň
niredediler???
Nury: ―Bular meni rahat ölmäge-de goýjak
däller‖ diýip oýlandy. Ol mejbur ýagdaýda
hassahana girmeli boldy. Hassahanada oňa rahatlyk
bermeýärdiler.Gelýänler barha köpelýärdi. Nurynyň
haly hem barha peselýärdi.
Şonda bir türkmen zenany geldi. Onuň gyňaç
aşagyndan görünýän saçlaryna ýaňy ak düşüp
başlapdyr. O zenan ýol-yz bilmeýärdi. Töwerege
çekinjeň garap, assa ýöräp, sorap-sorap, ahyry,
Nurynyň ýatan otagyny tapdy. Gapa el degribilmän
birsalym durdy, soň eşidiler-eşidilmez kakdy. Jogap
bolmady. Koridordan geçip barýan ak halatly
zenan: ―Giriber, ýeke özi bolaýmasa‖ diýdi.
Gyňaçly zenan gapyny emaý bile açdy. Krowatda,
ak örtileriň arasynda solgun ỳüzli Nury ýatyr. O
zenan krowada ýakyn geldi.
─Nury, ýagdaýlaryň ýagşymydyr? Derman-däri
peýda berýämi?
─Ýaman däl. Gel, oturaý şo oturgyçda.
452
─Menem, gaty görseňem, gelendirin. Gözläpgözläp, zordan tapdym. İl gözüne düşäýmäýin
diýibem çekinýän.
─Wi-i, sen Gurbanjemal ýaly-la – Nury ony şu
mahal tanap, ýüzüne bir ýakymly reňk ýaýrap
gitdi.―Meniň ilkinji söýgim. Senem geläýdiňmi?‖
--Ŷagdaỳlaryň nähili?
─Seňki gowy bolsa, biziňki gowy bolar. Kesele
ýan bermegin, Nury.
Nury siňe-siňe baksa-da, Gurbanjemal oňa
dumanly göründi. O geçen günler, tozanly maşynda
ýylgyryp bakylan pursatlar, Gurbanjemallaryň
köçesinden mukaddes köçe görmän, ikiýana gatnan
sagatlary, bary-bary gaty uzakda, duman içinde
galypdyr. O günlerden soň, Nury näçe gyz, näçe
gelin bilen tanyşdy, görüşdi, aýrylyşdy. Bary yzda
galypdyr. ―Sowuldy yşgyň bazary‖. Sowulan diňe
yşkyň bazarymyka? Ömür soňky demini alýana
çemli. Eger Bäherden ýaly ýerden ýörite gelen
bolsa, munuň aňyrsynda ömrüň nokady görünýän
bolsa gerek.
Otaga dogtor girdi. Gurbanjemal gaýtmaly
boldy. Ol hoşlaşyp, yzyna garaý-garaý çykyp gitdi.
Nuryny iň soňky gezek görýändigini, şeýle-de bolsa
özüniň çäresizligini duýa-duýa çykdy. Aglamady,
emma gözýaş bolup çykmadyk nem Gurbanjemalyň
ýüregini ýaka-ýaka gowurdy.
Nury krowatynda oturmak isledi.
453
─Siz ýatyň, ýatyň.
─ Men birküç günden ömürlik ýatmaga gidýän,
jigim. -Nury gamly ỳylgyrdy.
─Beý diýmeseňiz-le .
─Men ölýänime gynanamok. Başym owazdan
doly, jigim. Ýetişmedim. Şo owazlary özüm bilen
äkidýänime gynanýan.
Gijara Atageldi Garýagdy geldi. Nury
ýerinden turmak isledi. Onýança Atageldi tiz baryp,
Nuryny ýatan ýerinde gujaklady. Gujaklady, emma
kölege gujaklan ýaly boldy.
─Atageldija-an! ─O sesde ähli many, ähli duýgy
jemlenipdi. Bileje geçiren günleriniň ýakymly
ýatlamalary ikisiniňem ýüreginde dykyn alyp
durdy. Ol Atageldi Garýagdyny nähili gowy
görýärdi, oňa neneňsi buýsanýardy. Diňe
Atageldiniň sesi üçin entek näçe aýdymlar
ýazjakdy. Nurynyň şol owadan, paýhasly
gözleriniň, göreňde nebsiňi agyrdyjy, gamgyn
gözleriniň öçüp, başga bir düşnüksiz reňke
boýalandygyny Atageldi hesretli synlady.
Başga-da köp-köp kişi Nura göwünlik berip
gidýärdi. Dogrusy, Nury bu göwünlige mätäç däldi.
―Ölüm geldimi – kabul edäýmek galýar‖.
Ol çagalary bilen hoşlaşdy. Mertligini mesemälim görkezdi. Hamana, bir aýlyk dynç almaga
gidỳän ýaly, özüni gaty rahat tutdy. Soň ýagdaýy
454
has agyrlaşyp başlady. Nury şeýle bir suwsady.
Ýüregi Daýnanyň suwuny isledi. ―Daýnanyň
suwuny içsem dertden açylaýjak ýaly‖. Ol öz
ýanyna hiç kimi goýbermezligi haýyş etdi. Näçe
wagtdan bäri beýnisi agyrydan ýaňa ýarylara
gelipdi. Beýnide toplanan owazlar, şekile giren
sazlar erkinlige çykasy gelip, notalara gonasy gelip
dyzap başlady. Olaryň möçberi, kuwwaty, şirinligi
Nurynyň döreden sazlaryndan has köpdi, has
güýçlüdi. Nury çydap bilmän, iki eli bilen kellesini
tutup ýatdy.
Göwresindäki çagany dogrup bilmän ýatan ene
ýaly kösendi.
Nury bir gije-gündizi şeýdip geçirdi, ikinji gije
birden başy boşap galdy. O sazlar, o owazlar durna
öwrüldi-de uçup gitdiler.
Asmandan durnalar hatar-hatar geçip başlady.
Olaryň arasyndan bir durna kelemenläp gaýtdy.
-- Näme üçin, ne sebäpden beýle boldy? ─Nury
tümlüge bu soragy berdi.
─Sebäbi sen ýetim, sen garyp. Ýadyňdamy, ýigit
döwrüň şöhrat atyna müneňde bir kişi saňa nesihat
beripdi? ─Tümlük seslendi.
─Ýadymda. ―Çeýnäp-çeýnäp zyňarlar, batga
batyrarlar‖ diýipdi. Wsýo. Kones. (Boldy.
Gutardy.) Nury soňky iki sözi eşidiler derejede
pyşyrdap bildi: Boldy. Gutardy.
455
Bu onuň iň soňky sözi boldy.
Ol aňynda dört ýaşlyja oglana öwrüldi: ―Bir
ýerlerden ejesi geldi. Egninde şo-ol birmahalky
keteni köýnegi. Nury o köýnegiň mukaddes ysyny
aldy. Ejesi Nura ýylgyryp bakdy, gelşine onuň
elinden tutdy-da alyp gitdi.
─Ýör, oglum, sen ýetimem bolmarsyň, garybam
bolmarsyň.
Şo mahal Nury ejesini görjek bolup gözlerini
açdy.‖
Aýaly krowatyň ýanynda oturşyna ―Nury!‖
diýip seslendi. Jogap bolmady. Üçünji awgustdan
dördünji awgusta geçilen gije daňdan bäş töweregi
Nurynyň demi kesildi.Ŷyl bir müň dokuz ỳüz
segsen üçdi.
Nurynyň gözleri açyk galdy.
Garyp dogdy, garyp öldi.
Nurynyň duşmanlary begenendir öýdýänsiňiz?
Ŷok. Olar gelejekki Nurylaryň ýoluna garym gazyp
başagaýdylar.
Meşhur artistimiz Baba Annan Nuryny
jaýlamak meselesinde ähli işlere baş boldy. Nuryny
öýüne getirmek üçin hassahana baranda Baba
Annan Nurynyň gözi açyk ýatyşyny görüp, boýurboýur ýaş dökdi, gözýaşly eli bilen Nurynyň
gabaklaryny sypady. Gözler ýumulasy gelmedi.
Baba Annan muňa has beter bozuldy, ýene sypady.
456
Ahyry, bir gözi ýumuldy, beýleki gözi sähel
açyklygyna galdy.
Baba Annan bu gün hem ylgaýardy, hem
gözýaşlaryny ýollara seçeleýärdi. Häzirki ―Jennet‖
bazarynyň ýanynda maşgalasynyň ýaşaýan dördünji
gatdaky jaýynda Nury bilen hoşlaşdylar.
Birmahallar Nury bilen iki bolup bir pianinoda saz
baryny çalyşan kompozitor Rejep Rejebow gözýaş
dumanynyň içinden Nura bakdy weli, Nurynyň
açyk gözüni görüp, tas özünden gidipdi. O göz
―Rejepjan, Rejepjan!‖ diýip ýalbarýan ýalydy. Baba
Annan ikiýana ylgaýar. Awgustyň jokramasy-da
depäňi deşip barýar. Atageldi Garýagdy birmahallar
Nurynyň: ―Atageldijan, kelläň üşär, al şu papagymy
geýäý‖ diýip, öz başyndan çykaryp beren papagyny
geýip, bir gyrada doňup dur.
Ýene-ýeneler, pylany-pylanylar hoşlaşmaga,
soňky ýola ugratmaga geldiler.
Elbetde, Türkmenistanyň baştutanlary bu
matama goşulmadylar. Elbetde, Nuryny jaýlamak
işi hem döwlet derejesinde guralmady. Adaty bir
şahsyň ölümi ýaly gördüler.
Mähelle-de aňrybaş köp däldi. Nurynyň ýatan
tabydyny dar podýezden aşak düşürmek ýeňil
bolmady. ―Bu jaýlar adam ýaşamak üçin salnana
meňzänok‖ diýip Baba Annanyň hüňürdisi agy
sesleriniň arasyndan eşidilip gitdi. Adam mydama
gapyl ýaşaýar. Ýene sekiz ýyldan Baba Annanyň
özi hem Nurynyň yzyndan gider. Baba Annanyň
457
jesedi hem podýezden düşürilende onuň häzirki
aýdan sözlerini başga biri gaýtalar.
Daşarda ―Keç pelek‖ sazy öňkülerdenem has
gamgyn ýaňlanýardy. ―Bu saz Nurynyň öz
matamynda çalnar öýtmändik‖ diýip Baba Annan
oýlandy.
Soň-soň: ―Nury ―Keç pelegi‖ özüm üçin
ýazdym‖ diýerdi‖ diýen gürrüňler ýaýrady.
Tabydy göterip ugranlarynda agy sesleri
güýçlendi. Aýratynam zenanlar ýüreklerini agy
bilen eredip tükedäýjek bolýardylar. Aýallar
erkeklere garanda Nura gowy düşünýärdiler.
Olaryň arasynda Nuryny gizlin-gizlin söýenler,
Nurynyň sazyna meýmiräp, öz söýgülerini Nura
duýduranlar, Nuryny daşyndan söýüp ýörenler,
Nurynyň sazyny zenan näzikligi bilen duýup, oňa
çuňňur hormat goýup ýörenler bardy. Häzir olar il
bilen bile aglap, ýüreklerini gowzatsalar-da, soňra
öýlerine baranlarynda, gelejekki günlerde Nurynyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.