Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11

Total number of words is 3488
Total number of unique words is 2187
26.8 of words are in the 2000 most common words
38.9 of words are in the 5000 most common words
45.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ol geçen günleri ỳatlap teatr sahnasynda oturan
Aỳtmatowa gözümi gyrpman seredỳän. Onuň
gözlerinden, ỳüzünden duỳulỳan iň inçe
duỳgularyda ỳüregime siňiresim gelỳär. Aỳtmatow
hiç bir hilesiz, gamly gözlerini bir nokada dikip,
gabaklaryny uzak wagtlap gyrpman oturỳar. Iỳdeg
görmedik gür we gaba saçyny sag eliniň
barmaklary bilen wagtal-wagtal daraklaỳar.
232
Çingiz aga ỳylgyranda şeỳle bir ỳakymly bolỳar
welin tutuş ỳalançy dünỳä gülỳän ỳaly görünỳär. Ol
özüni gaty rahat tutỳar. Hiç kim oňa ulumsy ỳada
gopbam diỳip bilmez. Dünỳä derejesindäki şöhraty
Aỳtmatowyň sada tebigatyna zyỳän berip bilmedige
çemeli. Muny bu beỳik ỳazyjy bilen sataşan her kişi
bilỳändir. Onuň ula- kiçä gaty dykgatlylygynyň özi
hem muny tassyklaỳar.
Çingiz Aỳtmatowyň aurasy-ynsanlara bolluk
bilen eçilỳän, ynsanlarda döredỳän energiỳasy
hakyndada uzak uzak söhbet edip bolardy.
Ynsanlaryň Aỳtmatowa berỳän kuwwaty hem
ägirtdi. ―Ylham çeşmäm halkdyr.‖ diỳip ỳazyjy
aỳdardy. Teatryň sahnasyna bakỳan gözleiň şöhlesi
Aỳtmatowyň
köňlüni
ỳagtyltỳardy.
Beỳik
Magtymguly hakynda sözlemek gezegi Çingiz
agamyza ỳetende zalda şeỳle bir gürrüldili el
çarpyşmalar başlady welin, häli häzirlerem o gözel
pursat göz öňümde janly görünỳär. Aỳtmatow
mikrofonyň öňüne gelensoňom uzak garaşmaly
boldy. Ol hemişeki saldamlylygy bilen sag elini
ỳüregine ỳetirip birküç gezek egilsede el
çarpyşmalar kesilmedi. Ol ỳaş ỳigit ỳaly tolgundy,
―Rahmet, rahmet‖ diỳip gaỳtalady. Ahyry iki elini
öňe uzadyp aỳalaryny açyp, doga okajak ỳaly
görnüşde durup söze başlady.o gezek Çingiz aga
Magtymguly hakynda tapylgysyz sözler aỳtdy.
Şeỳle bir manyly-maňyzly sözledi welin, her sözi
göwhere deňdi. O göwher hazynasyny ölçemäge
terezi tapylmajakdy. Millet Aỳtmatowyň diňe bir
233
ỳazyjy dälde, eỳsem ägirt pelsepeçidigine ỳene bir
gezek şaỳat boldy. Onuň dilinden şeỳle sözler
çykypdy:
―Türküstanda
18-nji
asyr
Magtymgulynyň
şygyrlarynyň
asyrydyr.‖
―Magtymguly dünỳä şygyr hazynasyna giren
şahyrdyr, şygyr bilen sözlän akyldardyr.‖
Bu beỳik ỳazyjynyň joşgunly çykyşy birnäçe
gezek el çarpyşmalar bilen kesildi. Aỳtmatowyň
köňlüne

ỳakyn
şahyrlaryň
biriniň
Magtymgulydygyna hiç bir guman galmady.
Men şeỳle bir tolgunỳardym, göwnüm
Aỳtmatowy ak ata mündürip şäher-şäher, oba-oba
aỳlamak isleỳärdim.
Aỳtmatowyň ynsan hökmünde batyr we örän
ugur tapyjy adamdygyny köpler bilỳändir.
Dogrusyny aỳtsak Aỳtmatow Sowet Soỳuzynyň
kommunistik syỳasatyna garamazdan türkçüligiňtürksöỳerligiň iň kuwwatly lokomotiwidi. Ol şo
zamanlarda türki dilde sözleỳän kowumlaryň ruhy
ỳardamçasy, köňül diregidi. Musulmanlygyna,
Türklügine we esasysy hem pukaralygyna
garamazdan Aỳtmatow SSSR-de, soňra dünỳäde
kerwenbaşy ỳazar bolan we muny ussatlyk bilen
başaran ỳeketäk ỳazyjy boldy. Indi-indi oỳlanyp
otursak SSSR-iň guran demir perdesi hem
Aỳtmatowyň gudratly galamyndan ejiz gelen eken.
Sebäbini bilmeỳärin, emma Aỳtmatow hakda pikir
edemde şaha- şaha şahly Sibir suwuny göz öňüme
gelỳär: yorulmak ỳok, gorkmak ỳok depe nedir, düz
234
nedir bilmek ỳok, gary-buzy, tupanlary bir köpüge
almak ỳok, erkin we başy dik sugun.
Aỳtmatow bir agaçdan tokaỳ bolmajagyny örän
ir bilen ỳazyjydy. Ol Dagystanly şahyr Resul
Gamzatyň, Balkar şahyry Kaỳsyn Kulynyň,
Galmyk David Kugultiniň, Gazak Oljas
Süleỳmanyň, Muhtar Şahanyň, Gyrgyz kinoçysy
Tölemiş Okeỳewiň, Türkmen Nury Halmämmediň
we onlarça edebiỳat, sungat adamlarynyň dünỳä
çykmasyna goltgy berdi.
1994-nji ỳylda Türkiỳede geçirilen Türk
Dünỳäsiniň gurultaỳynda Türk Dünỳasiniň ruhy
lideri hökmünde gurultaỳa bezeg beripdi. Men
şonda ilkinji gezek Aỳtmatow bilen ỳakyndan
tanyşmak bagtyna miỳesser boldum. Soňra 2007-nji
ỳylyň Oktỳabr aỳynda Türkiỳäniň Elazyg şäherinde
onuň bilen uzak söhbetler gurdum. Ŷazyjy
töberegindäki ynsanlara, edil öňküsi ỳaly joşgunly,
hoş duỳgular paỳlaỳardy. Men Aỳtmatow bilen
salamlaşamda onuň elini iki elim bilen gysdym.
Eger ỳüregim el bolsady, men üç elim bilen el
gysyşardym.
Dünỳä ynsanlarynyň köňlüni awlan, olara janly
umytlar beren o romanlary, hekaỳalary ỳazan o
gudratly barmaklary jan köňülden gysmak ỳaly
bagt barmyka!?
Meniň Türkmenistanlydygymy bilende gözleri
köräp başlady. ―Ooow, ỳagşy ỳagşy. Men
Türkiỳede her ädimde Türkmene bagyşlanan heỳkel
görỳärin.-Aỳtmatow gözleri bilen ỳokaryny
235
görkezdi, beỳik Harput depesinde ak atly Artyk
ogullarynyň biri bolan Balak Gazynyň ak atyň
üstünde oturan heỳkeli bulutlaryň bäri ỳanyndadyTürkmenistan neneň?‖
Biz Türkmenistan hakda gyzykly söhbet etdik.
Söhbet arasynda ol maňa gaty geň bir sorag berdi.
―Aỳtmatow diỳip bir filosofymyz bar. Duşsam şoňa
şo soragy bereỳin diỳip ỳördüm‖ diỳemde Çingiz
aga dünỳäni ỳaza öwürüp hahhahlap güldi. Soňra
men oňa obaly gyz bilen başymdan geçeni gürrüň
berdim. ―He-eỳ, söỳgüler unudyldy gitdi.‖ Ol
Türkmenistanly dostlaryny ỳatlady. Olara salam
iberdi ―Türkmenistana zar boldum. Näçe ỳyllar
boldy Türkmenistany görmedim. 2008-nji ỳylda
Magtymgula 275 ỳyl bolỳar, kompozitor Nury
Halmämmet 70 ỳäşäỳar. Olaryň ỳubileỳini
bellemeỳäňizmi? Çagyrsaňyz hökman bararyn.
Nury Halmämmediň sazlary şeỳle bir çuň weli
diňledigiňçe teşneligiň artyp, gijäniň geçeni
duỳulmaỳar.‖
Ŷeri gelende men halypamyzdan öz adynyň we
familiỳasynyň näme manysynyň bardygyny
soradym. Ol mährem ỳylgyrdyda: ―Dogrusy, geň
bir sorag, bu soragy hiç mahal özüme bermändirin.‖
Aỳyd-arapça baỳram toỳ diỳmek, Türkiỳe
Türkçesinde başga bir manydada ulanylỳar, ỳagny
degişli diỳmektir. Mat-Muhammet adynyň Orta
Aziỳada gysgaldylan görnüşüdir, iki atlylaryň
gysgaldylan bölegidir: Amanmät, Mätjuma we
beỳlekiler.
236
Aỳytmat-Muhammediň
baỳramy
ỳada
Muhammede, Muhammed ummatyna degişli
diỳmektir.
Aỳytmatowyň
eserleri
hakynda
ỳazylan
makalalar, kitaplar az däl. Aỳytmatow 20-nji asyr
edebiỳatyna köp köp täzelikler getiren yazyjydyr.
Edebiỳaty
bütin
ynsan
meselelerine
ỳakynlaşdyrmagynda Aỳtmatowyň täsiri örän
ulydyr. Ol taryhy ỳada häzirki zaman temasyna
degişli eser ỳazsa-da häzirki zamany, biziň
günlerimizi görkezjek bolup jan edỳärdi. Bu beỳik
ỳazyjynyň herbir eserinde sözüň, sözlemiň, setiriň
arasynda ỳakymly öwüsỳän pelsepe howasy bardy.
Aỳtmatow her näçe agyr ynsan tragediỳasyny
ỳazsada okyjy yaşaỳşa pugta umydyny sarsdyrman
saklanyp bilỳär, gaỳta gelejege yägşy umyt
döredỳär.
Çingiz Aỳtmatow ynsany öwreniş meselesinde
örän çuňluga giden seỳrek ỳazyjylaryň biridir.
Aỳtmatow zamanamyzyň Jelaleddin Rumysy,
Möwlanasy diỳip bileris.
Zamanamyzyň Jelaleddin Rumysy bizi örän,
örän ir yalňyz goỳup gitdi. Diňe bir Türk dünỳasi
däl, eỳsem tutuş dünỳä medeniỳeti ỳetim galdy.
Aỳtmatowyň ölümi bilen dörän boşluk bäri-bärde
doljaga meňzemeỳär.
Jaỳyn jennetde bolsun, Çingiz Agamyz.
_______
237
GARAJAOGLAN -SÖÝGİ DERÝASY
“Gumry seslim nirdesiň” atly kitaba
sözbaşy
Ol joşgunly silleriň, onda-da yşk silleriniň
birleşip, gaýnap-joşup, kenarlaryndan daşyp,
gümmür-gümmür gümmürdâp akýan söýgi derýasy.
Ol her bir aşyk- magşugyň iru-giç içmeli, ganmaly
derýasy. Diňe bir içmekmişmi, wagtal-wagtal
gözýaşlaryň gatylýan derýasy.
Ynha, Garajaoglan derýasy 400 ýyllap joş urup
akýar.
Beyik şahyr Garajaoglan 400 ýaşady.
Garajaoglan diýmek-yşk, söýgi diýmek, aýdymsaz diýmek. Garajaoglan diýmek-açyk köñül
diýmek. Garajaoglan Türk dönýäsiniñ iñ meşhur
şahyrlarynyñ biri. İñ köp aýdymy aýdylýan, iñ giñ
geografiýa ýaýran şahyr. Goşgulary ýüzlerçe dilde
okalýar. Hat-da uzak Tatarystanyñ Gazan şäherinde
ýewreý-jöhit dilinde goşgularynyñ bir golýazmasy
saklanýar. Gresiýada Garajaoglan obasy bar.
Halklar Garajaoglany başyna täç edinýärler. Şoña
görä-de şahyr ölmez-ýitmez derejä göterildi.
Türk dünýâsinde dünýâ meşhur şahyr köp bolsada Garajaoglan kimin şeýle şirin, şeýle inçe, nâzkereşmeli yşk syrlaryna şeýle çuň aralaşýan şahyr
238
az-azdyr. Garajaoglan dünýâ şygyr sungatynda az
ulanylan gizlin söýgi lirikasyny, ýagny intim
lirikany Türk şygyr senedine goşan ilkinji şahyrdyr.
Garajaoglanyň ýaşy dört ýüz bolsa-da goşgulary şu
gün ýazylan ýaly tâzeligini saklaýar, âhmiýetini,
tâsirini ýitirer ýaly dâl. Onuñ jadyly goşgularyny şu
wagtlar okan gözeller:‖Wah, Allajan meni dört ýüz
ýyl öñ ýaratsa bolmaýarmy?! Men Garajaoglany
söýýän ahyry!‖ diýýär. Biziñ hyýalymyzda
Garajaoglan Mejnun bile bir synypda yşk sapagyny
aldy.
Mejnunyñ
bahalary
dörtlükdi,
Garajaoglanyñky mydam bäşlikdi. Garajaoglanyň,
" Saçlaryň gara dâlmidir" diýen kitabyny bir goja
kişâ sowgat beremde, ol adam: "Aý, biz bir
aýagyny göre sokup oturan adam. Gara saç, gara
göz ýatdan çykandyr. Beýle kitaby ýaşlara bermeli
ekeniň‖ diýdi. Birküç günden o ýaşuly jaň edip:" O
how, Garajaoglan diýleni durşuna bir gudrat ekeni.
Kitaby elden goýup bilmesem nâdeýin?! Dogrymy
aýtsam,
Garajaoglanyň
kitabyny okamsoň,
kempirimem gyz görnüp başlady.‖ diÿip, loh-loh
edip güldi.
Eger segsen ýaşla Garajaoglanyň sözleri şeýle
tâsir edýân bolsa ýigrimi ýaşly juwanlara onuň
berýân yşkyny ölçâre gural ýokdur.
O jadyly setirler, setirler arasynda kükâp duran
söýgi atyrynyň ysy her bir okyjyny özüne bendi
edýâr.
239
Garajaoglan öz söýenine ýetibilmânsoň, dünýâ
sygman ýaşapdyr. Bir ýerde karar tapmandyr. Bir
şahyr aýtmyşlaýyn, ene göwresine sygan, dünýâ
sygmandyr. Dünýäni alan şahyra bir kiçijik Meñli
gyz nesip etmändir.
Şol aldym-berdimli duÿgular ony gaty uzaklara
atypdyr. Söÿen gyzyndan aÿra düşmek jebriniñ
üstüne Watandan, ilden aÿralyk derdi hem
goşulypdyr. Onsoñ:
Ÿat ilde öleniñ gözi ÿumulmaz.
ÿa-da:
Nije ÿyldyr ÿat illerde
İl diÿe-diÿe aglaryn.
ÿa-da:
Neneñ agyr ÿat illeriñ ölümi.
ÿaly setirler ÿürekde gaÿnap başlapdyr. Ÿöne
öñi-soñy Garajaoglan yşk goşgylary bilen tanalÿar.
Garajaoglan aýdym-saz senedimizi täze aýdymsazlar bilenem baýlaşdyran adamdyr. Ol saz
notasyna geçirlen ilkinji şahyr-aýdymçymyzdyr.
Onuñ iki aýdymy on ýedinji asyryñ ortalarynda, özi
dirikä nota ýazylypdyr. Eger şahyryñ şeýle
ýürekdeş, duýgudaş şygyrlary, sazlary bolmadyk
bolsa, saz-şygyr mekdebimiz beýle kämillikde
bolmazdy. Bu gümansyz hakykat. Biziñ halk
aýdymy diýip, lezzetli diñleýän aýdymlarymyzyñ
bir topary Garajaoglanyñkydyr diýip çaklap bileris.
Ystambylyñ bezemen köşk-saraýlarynda aýdym
aýdýan bir bagşy Garaja oglanyñ obadan gelen
pukaralygyny görüp, gaty ulumsy bakypdyr weli,
240
Garajaoglan:‖Sen köşk bagşysysyñ, bizem köşk
bagşysydyrys, ýöne köñül köşginiñ bagşysy.
Unutma, köşk-saraýy ýagmyr bozar, ýel bozar.
Köñül köşgi bakydyr. Men ölsem-de söýlenerin
dillerde‖ diýipdir.
Garajaoglanyň beýle meşhurlygynyň syry
nâmede? Elbetde, edebiýatçy alymlar onuň müň bir
sebâbini aýdýarlar. Emma, biziň pikirimizçe, baş
sebâpler henizem açylman ýatyr. Ahmet Kutsi
Tecer, Sadettin Nüzhet, Jahit Öztelli, Müjgan
Junbur, İlhan Başgöz, Sytky Soýlu, Abdyrahman
Mülkaman, Kakajan Ata, Berdimyrat Garabaÿ we
başga-da birnâçe alym Garajaoglanyň baý
döredijiligi hakda uly işler etdiler. Garajaoglanyň
sowet döwri Türkmenistanda gadagan edilen
ýyllary hem bolupdy. Emma almany suwda gizlâp
bolmaýşy ýaly, onuň belent sözli goşgulary halkyň
aňyndan öçmedi. İndi kompozitorlar saž ýazýar,
teatrlar Garajaoglan we Meňli gyz hakda oýun
goýýarlar. Orta we ýokary mekdeplerde şahyryň
döredijiligi
öwrenilýâr.Balkanabat
(Nebitdag)
şäherinde şahyryñ gözel heÿkeli dur.
Garajaoglan geñ takdyrly şahyr. Onuñ doglan
ýeri köp, mazarlary hem az däl. Ony Belgradly
hasaplanlarda bolupdy.
Şahyryñ 1606-njy ýylda doglandygyny, hakyky
adynyň Hasandygyny alymlar ýazýarlar. Aradan
çykan ýyly dürli-dürli ýazylýar.Uzak ýaşandygyna
jedel ýok. Bir maglumatda onuñ togsan alty ýaşap
ýogalanlygy
aýdylýar.
Garajaoglan
jadyly
241
goşgularyny şirin saz bilen bezäp, mähirli aýdan
soñ, Ezraýylam maýyl bolup, her gezek niyetinden
dönenmiş. Hudaý:‖Eger şu gezegem Garajaoglanyñ
janyny almasañ, öz janyñy alaryn‖diýenmiş.
Ezraýyl Garajaoglany ynjytmajak bolup, bir
owadan gyz görnüşünde gelip şahyryñ şirin janyny
alanmyş.Nirede doglup, nirede ölenligi hakda hem
dürli maglumatlar bar. Türkmenistan golýazmalar
institutynda saklanýan 793 "b" we "w"
bukjalardaky 1958-nji ýylda toplanan maglumata
görâ, Garajaoglan hâzirki Balkan welaýatynda
doglupdyr. Suratçy Meret Gylyjowyñ aÿtmagyna
görä, onuñ 1961-nji ÿylda ÿogalan garry enesi
Garajaoglan biziñ garyndaşymyzdyr diÿer ekeni we
Garajaoglanyñ köp-köp goşgylaryny ÿatdan aÿdar
ekeni. O garry ene Warkaz diÿen obada ÿaşap
geçipdir. Warkaz sözi Garajaoglanyñ ulanan
Warsak sözüne gaty ÿakynlygyna ünsüñizi çekesim
gelÿär. Garajaoglan bilen öñräkden gyzyklanyp
başlan O. Halymow şahyryñ türkmenleriñ yomut
taýpasynyñ ak atabaý bölüminiñ uzyn ak golunuñ
sakow diýen parçasyndandygyny kesgitläpdir.
Garajaoglan millet, din parhlaryny,çâklerini
aşyp, âhli adamzat üçin mahsus bolan tâmiz ynsan
duýgularyny dile getiren şahyrdyr. Ol dilimiziñ
baýlygyny, gözelligini hem kämil derejede
görkezip bildi. Garajaoglan pikir şahyry dâl, söýgiduýgy şahyry bolup ýaşaýar. Şahyr hem geçmişiñ,
hem gelejegiñ aýdymçysydyr.
242
Garajaoglan adamyň aslynyň yşkdygyny ýagşy
bilýâr.
Yşkdan ýokarda diňe Yşk bar.
-------------------------
243
NURY HALMÄMMET
Beỳik köňle syỳahat
Okyjym!
Meşhur kompozitor Nury Halmämmediň
beỳik köňlüne syỳahata çykdyň. Ŷollaryň
açyk bolsun. Men syỳahata çykamda köp
kişi öz bilỳänini maňa gürrüň beripdi. Olara,
Daỳnalylara, A.Baỳrammyrada aỳratyn
minnetdarlyk aỳdỳaryn.
244
NURY HALMÄMMET:
―Dünỳä Daỳnadan başlanỳar.‖
***
―Men
bilmen.‖
Türkmenistansyz
oňup
***
―Çeşme
gelỳär.‖
diỳlende
dutar
göz
öňüne
***
―Men enemi däl-de, dutar sapyny emip
ulaldym. Kükregimi ỳarsalar, sazdan başga
zat tapmazlar.‖
* * *
―Gargalar adamlaryň üstünden
gülỳärler.‖
* * *
245
― Duỳgulary unudyp, saz döretjek
bolỳan—köksüz agaç ỳetişdirjek bolỳana
meňzeş.
* * *
―Maňa mydama gamgyn diỳỳäler.
Ŷüregim gan içinde galdy ahyry.‖
* * *
―Öźüm hakda sazymdan oňat
aỳtjak ỳok.‖
* * *
―Joşmasaň, joşdurmarsyň.‖
* * *
―Magtymguly biz akyl ỳetirerden beỳik.‖
* * *
―Türkmen sazynyň hersiniň aňyrsynda
tutuş simfoniỳa ỳatyr.‖
* * *
―Sen patyşa-da bolup bilersiň, emma
Nury bolup bilmersiň.‖
----------246
Nury Halmämmet hakda:
D.Şostakowiç:
‖Çaỳkowskiỳ
konserwatoriỳasy saz älemine täze bir
ajaỳyp sowgat taỳỳarlaỳar.‖
* * *
Ç.Aỳtmatow: ―Şeỳle tebigy dörän saz
Türkmen halkynyň saz medeniỳetine şanşöhrat getirỳär.‖
* * *
Ŷa. Hudaỳberdi: ―Nury, sen bu dünỳä öz
asyryňdan ir gelipsiň.‖
* * *
Alty Garly: ―Nuryň sazy ỳaňlananda
sözüň geregi ỳok. Ol bar zatdan güỳçli.‖
* * *
Daňatar Öwez: ―Bu oglana beỳik gelejek
garaşỳar.‖
247
* * *
Gurbannazar Eziz: ‖Ol bu zeminiň
adamsy däl. Ol ähli zatda diňe öz sazyny
eşidỳär.‖
* * *
Aman Agajyk: ―Ol erkinligi hiç zada
çalyşmaz.‖
* * *
T.M.
Wyzgo-Iwanowa:
―Onuň
simfoniỳasy Orta Aziỳa we Gazagystan
respublikalarynyň
kompozitorlarynyň
döredijiliginde
täze
döwrüň
başlanỳanlygyny aňlatdy.‖
* * *
B.Mansurow: ―Men öz maksadyna ỳetip
bilmeỳän uly ussadyň alaçsyzlygyny
gördüm.
* * *
H.Durdyỳew: ‖Nury öz ömrüni öz sazlary
arkaly müňlerçe ỳyl uzaltdy.‖
* * *
248
Dünỳä belli balet tansçysy R.Abdy:
―Nury Halmämmediňki ỳaly arassa, çuň
sazy hiç wagt eşitmändim. Onuň ỳüregi
aỳdym aỳdardy, ol bolsa ony kagyza
geçirerdi. Nurynyň beỳikliginiň syry
şundadyr. Nurynyň ölümi-saz dünỳäsinde
soňky döwürde bolup geçen iň aỳylganç
tragediỳadyr.‖
* * *
Rejep Allaỳar: ―Nury neresse, sazy
namysy ỳaly görerdi.‖
* * *
Jemile Gurbanowa: ‖Dutaryň owazy‖milli saz medeniỳetiniň taryhyna iň ỳokary
kämillikdäki eser hökmünde girdi.‖
* *
O.Çaryỳewa: ―Nury Halmämmet -Sazyň
Magtymgulusy.‖
* * *
M. Diwanaỳew: ―Türkmen halkynyň
meşhur ogly Nury Halmämmediň ömri,
süỳnen ỳyldyz ỳaly gysga, gamgyn, garyp
249
geçse-de, ỳürekden çykan sazlary asyrlarça
ỳaşar.‖
* *
O.Oraztaganowa:
―N.Halmämmedi
diňläp, gamly oturan pursatymy
men iň
bagtly pursatlarymyň biri saỳỳan.‖
* * *
Çary Şirliỳew: ―Nury Halmämmet bilen
bir asyrda doglanymyza bagtlydyrys.‖
* *
*
Ö.Gandymow:
‖Nury Halmämmet
kinoda sazy hemaỳatçydan baş gahryman
derejesine ỳokary göteren beỳik ussatdyr.‖
* * *
Akmyrat Çary: ―Döreden zatlary ỳürege
sygar ỳaly däl.‖
* * *
Rejep Rejebow: ―Nury meniň Zöhre
ỳyldyzymdy.‖
__________
250
Daýna jennet burçy
Gündogardan günbatara baka akyp barýan
dag derýasy Sumbar öz suwunyň kuwwatyna
daýanyp, kä sag kenara, kä çep kenara agyz urup,
toprak bolsa ýuwup-eredip barýar. Kä ýerlerde
ýylçyr daşly gaýalara urlup, hökmi ýöremänsoň,
näme etjegini bilmän, bulanyk suwuny syçradasyçrada ýene hanasyna girip gidýär. Sumbaryň iki
tarapynda ak derekler, toraňňylar topar-topar, hatarhatar bolup derýanyň owazyny diňläp otyr. Derýa
bolsa her öwrümde, her inişde başga-başga sazlar
çalyp akyp ýatyr. Bu derýanyň ir baharda, ýazdagüýzde, aňzak gyşda çalýan sazlarynda-da parh
kän. Şeýle owazly-sazly derýanyň sag boýunda
kiçijik oba otyr. Hozlaryň, armytlaryň, seleňläp
oturan böwürslenleriň arasynda gurlan pessaýrak
öýleriň ýany bilen iki ýana aýlanyp-öwrülip gidỳän
ýol-ýodalaryň käbiri kiçeňräk baýyrlara, depelerede dyrmaşyp gidýär. Ol taýda-da öý gurup, gün
dolap oturanlar bar. Ho-ol uzakdaky daglaryň
251
bilinde-başynda bolsa
gögerip oturan arçalar
görünýär. Ol arçalar her adamy görenlerinde gorkagorka ýygrylýarlar. Iru-giç eli paltaly biri gelip,
sütünine palta uraýjak ýaly duýgy olary ers-mers
ösmäge goýanok.
Bu oba Daýna diýýärler.
Eger asfalt ýol bilen gitseňiz, Aşgabatdan
Gyzylarbada-Serdara iki ýüz kilometr gowrak ýol
geçmeli, soňra daglaryň arasyna siňip gidýän ýol
bilen Garrygala-Magtymgula barýaňyz. Bu
aralygam ýakyn däl, dag ýoly. Onsoň Garrygaladan
Sumbar jülgesine baka ýola düşüp, Sumbary
yzarlap ýokary gidiberýäňiz, kiçijik-kiçijik dag
obajyklarynyň deňinden geçip, ýüz kilometrlik ýoly
arkada goýaňyzsoň, soňky oba Daýna bolýar.
Sumbaryň iň dury suwuny içýän Daýnalylardyr.
Gökdepe söweşinden soň ruslar söweşde
özüni görkezenleri oňa-muňa zor bilen göçürip,
basyp alan ýerlerinde halka salgydy güýçlendirýär
hem-de Eýran bilen araçäkleri berkidip başlaýar.
Üstesine-de ýerli halkda dini başganyň gözünden
daş bolmak meýli artyp başlaýar. Daýnaly
ýaşulularyň gürrüň bermegine görä, 1882-nji ýylda
Daýna göçülip gelnipdir. Ruslar Sumbaryň sag
kenarynda o töwerege gözegçilik etmek maksady
bilen zastawa gurýarlar. Ol zastawany iýmit, odunçöp bilen üpjün etmek üçin daýhan zerurlygyny
bolsa şol göçüp baran Daýnalylaryň üstüne atýarlar.
Aýdyşlaryna görä, Daýna göçüp baranlardan salgyt
252
alynmanmyş, olar patyşa gullugyna çekilmänmiş.
Onsoň ol erkinlik ýerli halky biraz ynjaldypdyr.
Eýran tarapynda galan garyndaşlar bilen gatnaşyk
üçinem bu taýy amatly ekeni. Ol döwürler bu
jelegaýlaryň tebigaty gaty gözel ekeni. El degmedik
sümme tokaýda adamyň gujagy ýetmejek arçalar,
serwiler başyny dumanladar oturar ekeni. Ygal köp
bolany üçin tozap ýatan boş ýer görünmezmiş.
Üstesine-de bu taýdaky tokaýlaryň arçalary dürlidürliligi bilen geň galdyrýan ekeni. Miweli
agaçlaram gaty kän. Nedir Döwletow diýen bir
Daýnaly ýaşulymyz, Nury Halmämmedowyň
synpdaşy söz arasynda agzanda derek, toraňňy,
arça, serwi, igde, armyt, söwüt, alma, hoz, ülje,
alça, wişnýa, garaly, böwürslen, badam, ennap,
tuwulga ýaly irili-ownukly agaçlary agzady.
Gyrymsylar näçedir, otlar näçedir?! Akademik
Wawilow ylmy gözegçilik edenden soň, o
jelegaýlary dünýäniň gaty gadymy we iň köp dürli
ösümlikli ýeri diýip kesgitläpdir. Ösümlik
dünýäsiniň baý bolşy ýaly, o döwürleriň haýwanat
düýäsi hem gaty baý ekeni. Ýabany haýwanlar el
degrilmedik meýdanda hezil edinip ýaşapdyrlar.
Daýnalylar ol töwereklerde aýy, gaplaň, gurt, tilki,
şagal, syrtlan, doňuz, torsuk, ýabany pişik,
alajagözen, ýabany ýaby ýaly haýwanlaryň ellinji
ýyllarda-da kändigini aýdýarlar.
Daýnalylar göçüp baranlaryndan, däne ekinine
köp üns beripdirler, esasanam bugdaý bilen arpa
253
köp ekipdirler. Elbetde, o topragam däne üçin gaty
amatly ekeni.
Daýna sözüniň manysy nämäni aňladýarka?
Bu sözüň ylmy taýdan derňewine duşmadym.
Emma Daýnalylaryň özi muny däne sözi bilen
baglanyşdyrýarlar. Ol taýda däne köp ýetişensoň,
däne sözi köp agzalypdyr. Orslar bolsa däne sözüni
edil türkmenleriň aýdyşy ýaly aýdyp bilmän, dana,
daýna diýýän ekeni. Onsoň ors harbylary ol ýer
bilen bagly dürli ýazgylarda-da Daýna diýip ýazyp
başlaýarlar we ol soňra obanyň ady bolýar
galyberýär. Emma Daýnada ýaşaýan, Moskwada
ýokary bilim alyp gelen, ömrüni mekdep
mugallymy, müdiri bolup işlän ýaşulymyz Işanguly
aga Daýna sözüni başgaça düşündirdi. Ors esgerleri
ýoldan geçenden : ―Nirä barýaň?‖ diýip soraýan
ekeni. Türkmenlerem daýyma, daýymyňka diýýän
ekeni. Onsoň orslar o sözleri Daýna diýip ýazyp
başlanmyşlar.
Daýna sözüni düýpden başgaça düşündirjekler
hem
tapylar.
Daýna
obasynyň
käbir
aýratynlyklaryny hem aýdyp geçeýin.
Bu oba türkmençiligiň iň gowy däplerini
saklap otyr. Myhmansöýerlikleri çyn ýürekden.
Özleri hem örän açyk, türkana adamlar. Öz bolşuny
üýtgedip görünjek bolýanlardan däl. Men olaryň
özüni alyp baryşlarynda hiç ýasamalyk görmedim.
Özüni kiçeltme hiç ýok. Olar öz sarpasyny hem,
özgäniň sarpasyny hem saklamagy başarýarlar.
254
Başga bir ünsi çeken aýratynlyk ─ Daýnalylar örän
ýuwaş sesli sözleşýärler. Muny birinji gezek
duýaňda haýran galýarsyň. Beýle ýuwaş gepleýän
oba Türkmenistanda başga bardyr öýdemok. Bu
obada ýuwaş geplenýäniniň sebäbini, bu gylygyň
nädip döränini hiç bilip bilmedim. On kilometr
beýle ýandaky obada we beýleki ýakyn obalarda
gaýta adatydan gaty geplemek gylygy bar. Daýna
barsaň, seni ýadyrgar ýaly etmeýärler. Öňden bäri
gatnaşyp ýören ýaly ahwal döredýärler. Bu tapawut
hem seýrek duşýan bir zatdyr. Üstesine-de Daýnada
bir-birege baglylyk, birek-birege ýardam-kömek
bermäge taýýarlyk, yhlaslylyk gaty güýçli ekeni.
Beýle gylygyň nädip şu günlere çenli mizemän
saklananyna haýran galýan. Belki, Daýnalylaryň
gaty pukara ýaşaýandyklary munuň bir sebäbi
bolup biler. Özleriniň pukaralygynyň sebäbini olar
şeýle aňladýarlar: ―Daýnalylar şu günlügini tapsa,
ertiriniň gaýgysyny edýänlerden däl. Adama agyz
beren Alla azygam berer.‖
Daýnada it az, bolany hem üýreýin, topulaýyn
diýenok. Bu ahwalyň hem manysy köp. ―It eýä, är
daýa‖ diýip, türkmen aga aýdypdyr. Oba
adamlarynyň ýumşak gylykly, ýagşy niýetlidigini
şol itleriň bolşundan hem bilibermeli.
Bu obada eşekler iň köp ulanylýan ulag, özem
ol eşekleriň gaty ownuklygy geň galdyrýar.
Daýnanyň eşekleri adaty eşekleriň kürresi ýaly
görünýär. Ýük çeke-çeke tohumy ownana
255
meňzeýär. Iki flýaga suwy ýagyrnysyna alyp ỳa-da
üstüne ýüklenen odunyň aşagynda zordan görnüp,
inçe aýaklaryny sandyradyp barýan eşekleri köp
gördüm.
Daýna obasynyň baş tapawudy-bu obanyň
aýal-erkek, ähli ynsanynyň şahandazlygy. Olar
şahandazlyga uly hormat goýmany hem
başarýarlar. Şondan bolsa gerek, olar özleriniň
Daýnalydygyna çuň ýürekden guwanyp ýaşaýarlar.
Daýnada bir sygyr molasa-da aýdym ýaly eşidilýär.
Dogrusy, şu obada sygyrlaram aýdym aýdýan ýaly
görünýär. Şeýle obadan uly-uly adamlar, tutuş
ýurda, dünýä belli adamlar ýetişipdir. Olary
Daýnalylar hiç-hiç unutmaýarlar hem-de olar hakda
uly buýsanç bilen gürrüň berýärler. Daýnalylaryň,
ähli Türkmeniň iň beýik buýsançlarynyň biri hem
Nury Halmämmetdir. ―Men Nury Halmämmediň
obasyndan‖ diýmek, iň bagtyýar sözleriň biridir.
Ynha, şu obada Atanepes bagşynyň üç ogly,
bir gyzy ýaşaýardy. Olaram aýdym-saza ýakyndy.
Atanepesiň Annahal diýen ogly has meşhur
bagşydy.Oňa Bilbil bagşy hem diỳer ekenler.
Atanepesiň gyzy Artykgül daýza bolsa zenan
aýdymlaryny aýdýan ekeni, arasynda goşgy okaýan
ekeni. Artykgül daýzanyň özi hem goşgy düzýän
ekeni. Onuň goşgularyny obadaşlary häli-häzire
çenli aýdyp berýärler.
Keminäniň adyna berilýän ―Salma gözüňden‖
diýen goşguda aýdylýan ―Daýnanyň öňüniň beýik
256
arçasy‖ diýen setirler hem aslynda Artykgül
daýzanyň düzen goşgusy bolmaly diýip Daýnalylar
aýdýarlar. ―Kemine 1770-1840-njy ýyllarda ýaşap
geçen adam, Daýna obasynyň bolsa o zamanlar ady
ýokdy, ýaşaýjysyz bir ýerdi. Daýna 1882-nji ýylda
göçüldi ahyry‖ diýip, Daýnalylar öz ynamly
delillerini aýdýarlar.
Şahyr hem aýdymçy Artykgül daýzanyň
Hangül diýen gyzy bar ekeni. Hangül orta boýly,
boýy bilen deňeçer gara saçly, ullakan ala gözli,
bugdaýreňk, örän mährem bir gyz bolup ýetişipdir.
Umuman hem, Sumbaryň suwuny içenleriň
özboluşly bir gelşikliligi, sagdyn görünmesi,
mylaýymlygy bar. Hangüliň üýtgeşik bir gözelligi
diňe ol obada däl, beýleki obalarda-da bilnipdir.
Onsoň öýlenmedik ýigitleriň baş arzuwy – Hangüle
öýlenmek bolupdyr. Mynasyp hem, mynasyp däl
hem Hangüli duluna geçirmäge meýil edipdir.
Näme bolany belli däl, ýöne soňunda, Aý bölegi
ýaly Hangüli Hanmämmet diýen bir ýigide
durmuşa çykarýarlar. Hanmämmedi görenler onuň
bir gözi güllüdigini, şoňa görä Hanmämmet kör
diýlen
lakamlydygyny
aýdýarlar.
Emma
Hanmämmediň
gözüniň
öýlenmänkämi
ýa
öýlenenden soň gülli bolanyny bilýän ýok. Her
niçik bolsa-da obadaşlar Hanmämmedi şeýle gözel
Hangüle mynasyp görmändirler.
Hangüliň gözelliginiň ýanynda Hanmämmediň
kemsinýänligi belli bolupdyr. Bir-birege bal bilen
257
ýag ýaly gatyşyp gidibermänini ýaşlaryň özi hem
duýupdyr.
Şonda-da türkmen gelin-gyzlarynyň gadymdan
gelýän däplerine görä, syr bermezlik, özüňi
mydama elde saklamak endigi Hangülde-de bar
ekeni. Olaryň ilkinji perzendi Baýly, soň Artykgül,
Aşyrberdi, Begmämmet dünýä inýär. Çaga dograny
üçin Hangülüň gözelligi kemelmeýär, gaýta oňa
täze bir gözellik suwy çaýylan ýaly bolýar. Elbetde,
gözellik ähli ýerde söýülýär, ähli ýerde göriplik,
görübilmezlik, gözellige çirk ýetirjek bolmak ýaly
duýgulary hem döredýär. Hanmämmet bilen
Hangülüň ojagyna ýaman niýet bilen bakanlaram
tapylyp başlaýar. Emma bäşinji çaga ─ Nurynyň
dünýä inmegi bu ikisini ysnyşdyrýar. Ikisi bir ogluň
üstünde kökenek bolýarlar. Öýlenen günleriniň yz
ýanynda Hanmämmetde dörän gabanjaňlyk hem
ýitip gidýär. Är-aýal bir-birege şeýle bir öwrenişýär
weli, hat-da bir-biregiň ýüz keşbi hem ünsden
düşüp gidýär. Şol günleriň birinde oba toýunda
gelin-gyzlar bir öýe üýşüp, gopuz çalýarlar, läledir
öleň aýdýarlar, birki sany gyz heňli goşgy okaýar.
Bularyň arasynda oturan Hangülem birden
joşanyny duýman galýar. Hangülüň ýüreginde
gaýnaý-gaýnaý mumyýa dönen, möwjügen
duýgular şeýle bir owaz bilen, şeýle bir näz bilen
akyp-çogup başlady.
Agaç başynda durdum,
258
Düýbünde duzak gurdum,
Näkes ýaryň derdinden,
Hem agladym, hem güldüm .
Gyzlar-gelinler ilki sesini kesip Hangüli
diňlediler, soňra onuň sesine ses goşup bile aýdyp
başladylar. Gyradan ―Berekella Hangüljan‖
diýýänlerem bar.
Dutaryň perde-perde,
Her perdesi bir ýerde,
Ýagşy gyz ýaman ýerde,
Wah, ýandym-la şol derde.
Hangülüň ýüzi gyzardy, gara gözlerinde ýaş
buldurap-buldurap, ahyrda, Hangül läle bendini
soňlaman sesini kesdi-de ýaglygynyň ujuny ýüzüne
tutup sessiz aglady. Onuň agysy dabarany kesdi.
Öýdäkileriňem keýpi bozuldy. Hangüle göwünlik
berdiler. Az salymdan Hangül gözýaşlaryny
süpürip, ýüzünden ýaglygyny aýyrdy. Hangül
aglanda-da owadandy.
─Maňa näme bold-a?! Siziňem keýpiňizi
bozdum. Aglanymy bilmän galaýypdyryn.
─Begenjiňe aglansyň-da gyz.
259
─Biz seni läle kakmany ýatdan çykardyňmykaň
öýdüp ýörüs. Tüweleme, sen Hangüllügiňi
görkezdiň.
─Artykgül daýzaň gyzy bolarda ýatdan
çykararmy?! ―Zehin eneden, kuwwat atadan‖
diýipdirler.
─Her näme diýseňiz-de bu agy syrly agy.
Hangüljan, gizleseň gizläber syryňy. Seň ýüregiň
ýangynlydygyny sesiň aýdyp dur. Näme üçin
ýanýanyny bütin il
bilýä.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.