Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02

Total number of words is 3376
Total number of unique words is 2136
22.4 of words are in the 2000 most common words
32.9 of words are in the 5000 most common words
38.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
söỳgi reňkinde.
.
***
Ÿalňyz galdym sensiz-sensiz.
Ÿürek aglar sessiz-sessiz.
***
Gözleriň bilen meni diňle, söỳgülim! Sen şeỳle
bir näzik weli, seni özümden gabanỳan.
***
" Âhli deňizleň suwy syýa bolsa, saňa hat
ýazyp tüketsem," şonda duýgularym egsilermikä?!
***
Gündiz Gün bolup, gije Aỳ bolup, ỳoluňa
yşyk berdim,köňlüňe yşk berdim. Maňa bolsa
ỳumruk ỳalyja ỳürek gerek, ỳüre-ek!
***
Üşân şemal ak maňlaýyňy sypap-sypap ýylyndy.
***
Eýjejigim! Patyşa bolaýyn diýseň, guluň-a bar.
23
***
Çigildem gary dilip çyksa, sen ỳüregimi
dilip çykdyň.
***
Janym jan öýünden çykansoň, sen ýadymdan
çykarsyň.
***
Meniñ söýgim bulut satyn alanyñka döndi:
Ne ýüregim galdy, ne söýgim.
***
Ýyldyrym bolup gel,sil,tüweleý bolup gel! İň
gowusy,özüň bolup gel!
***
Durmuş meni saýgylap-saýgylap, demir
darak bilen daraklap,sümek edip sozdy. İkde egripegrip, ýumak edip taşlady. Jana-janym!Menden bir
kilim doka, belki ýörâňde aýajyklaryñ galtaşar.
***
Sen ỳüregime urlan
hanjardanam beter
bolduň. Hanjary sogrup bolỳar.Sen ölemde-de
ỳüregimden sogrulmarsyň.
***
Sen ýola çykdygyň, garşyňdan çykan şemal
ýüzüňi sypaýar. Men şo ötegçi şemalça-da
bolmadym.
***
Akja
gar
tozgajyklary
söýgülimiň
ýaňajyklarynda yz goýup gitdi.
***
24
Meni söýmân şunça ýakyp-ýandyrýaň, eger
söýen bolsaň dagy külüm ýele sowrular giderdi.
***
Ýazda geler, güýzde geler öýdüp garaşagaraşa ömrüñ gyşyna ỳetdim.
***
"Henizem
gözleriňde
ýyldyrym
çakýarmy?"diýip ýazypsyň.Hawa,heniz-henizlerem
ýyldyrym çakýar,ýöne diňe özümi ýakýar.
***
İkimiz boş lifte münenmizde bir ses geldi:İki
adamlyk lifte dört bolup münýâňiz.
***
Biz jandan söýüşdik. Duýdansyz ýagyşda
ezilen saçlaryň gözümde şekil bolup galypdyr. İndi
ýagyş ýagdygy şo saçlar ezilýândir öýdüp gorkýan.
***
"Aýalaryň
şeýle
gyzgyn."
diýýâdiň.
Ýüregimiň howry aýamdan çykýar.
***
Aglama, aglama! Ajy ýaşlar gözleriň
garasyny solduraýmasyn.
***
Oýmak ýaly ýüreklije guş dünýâni aýlanyp
çykarmyş. Biz, ýüreklerimiziň ululygy üçin uçup
bilen dâldiris.
***
Uzyn boýly diýseň, boýuma guwandym,
akylly diýseň, aklyma guwandym. Saňa bolsa
düỳpden başga zat gerek ekeni.
25
***
Seni söỳỳänim üçin dara çekjek boldylar.
Dar agajy gysga geldi.
***
Gel diýdiň–geldim, git diýdiň–gitdim, dur
diýdiň–durdum. Indi diňe öl diyerňe garaşyp ýörün.
***
Hemmeler: "Söýýâniň
gowy gyz"
diýýâr."Seni söýýârmi?" diýen bolmady.
***
"Gözellik bir başga, söýgi bir başga." diýip
öwretdiler. Ikisini bir gyzda görüp aklym çaşdy.
***
Uzak ýyllardan soñ tötänden duşdy
weli,mañlaýynyñ ýygyrdyny, saçlarynyñ çalyny
gizläp bilmän kösendi. Ol meni ýigrimi ýaşly
durkumda gördi öýdýän.
***
Seniň gözleriňe bakan başka dünýâni görmez.
***
Bu dünỳäde ỳakanyň üçin o dünỳäde meni
jennete, seni dowzaha atarlar. Senden aỳrylmajak
bolup, dowzahda
bile ỳanaryn.Külümiz bir
birleşsin.
***
Gelsene!Seni agladan ýalňyzlygyň özüni
agladaỳyn. Bir, gelsene!
***
Özüňe meniň gözlerim bilen bakyp gör.
Şonda meni söýmân bilermikâň?!
26
***
–Men saňa şem bolaýyn. Ereý-ereý yşyk berip,
köñlüñe damaýyn.
–Menem saňa gije bolaýyn.Yşk duralgasy
gijedir.
***
Golaý gelme, gözel! Ŷürekden çykýan alow
saçlaryňa çabyraýmasyn.
***
Sen bagtly ekeniň.Gury ýaprak ýaly lowlap
ýandyň tükendiň.Men bolsa, kömür közi ýaly,
ömrüm boýy körâp durun.
***
Sesi duýýan iň nâzik güle mimoza diýýâler.
Aýtjak sözlerimi öňünden
duýýan söýgülim
mimozadanam nâzik.
***
Yşgy ýeňen ýokmuş. Senem ýeňjek bolup
kösenme.
Köseme!
***
Ömrüm bahar küỳsäp geçdi.Munça ỳylda
birje bahar gelmedi.Bahar gelse, umydym bar, sen
gelersiň.
***
Güllerde-de betbagty bar. Güỳz gülleri hazan
ỳelleri üçin gülleỳär.
27
***
Sen
maňa
ganatsyň,
kuwwatym
sensiň.Uçurmany başardyň, ajap ýere gondurmany
hem başararsyň.
***
Soňky sargydymy kabul et!"Göz ýaşyna gark
bolup ölen barmy?‖diỳseler, bar diỳgin.
***
Ne
söz tapýan aýtmaga, ne göz tapýan
bakmaga.Men doňňara daşdan ýasalan yşk
heýkeline öwrüldim.
***
Uzak ỳyllardan soň duşuşdyk.
Hany, o gül ỳüzlerimiz?!
Hany, güler gözlerimiz?!
Diňe öpülmäni üçin teşne dodaklar öňki.
***
Men bagtlymy, sen bagtly-bilebilmeris. Ýöne
bagtly
görünmekden
utanyp,
bir-birege
görnübilmân ýörenimiz hakdyr.
***
Sözlejekle, ýöne âhli sözler ejiz gelýâr.
Gowusy, "gara-gara gözler bilen gözleşmeşek
oýnaşaly."
***
Sen gideliň bâri bir ýerde kararym ýok.Gara
garalylar gamgyn gözleriň bolup bakýar, narlar
seniň utanjaň ýaňaklaryň bolup gyzarýar.
28
***
Saňa aýdybilmeýân sözlerimi guşlaryň
jürküldisinden, şemalyň şuwwuldysyndan aňyp
bilersiň. Özge bolmasa, gapyňyza bak:ak garyň
ýüzüne
ganly
gözýaşlary
seçelendirip,
ýüregimdäkini ýazyp gidendirin.
***
O-uf,o-ouf!O gözleri görelim bâri,bulanyk
suwdaky balyga döndüm.
***
Aramyzdaky bu demir gözenek nâme?! Sen
tussagmy, men tussag?
***
"Meni iň soňky gezek görýâň, tüweleý kimin
göterilýân, maňa bir söz aýt!"diýsem,"Men seni iň
soňky gezek görýân"diýdi.
***
-Nâzlim! Akja kepderi bolsaň, üstümden
uçup geçeweri.
–Ýok,kölegâmem saňa galtaşmaz.
***
Gollar göwrâ saralanda, dodak dodaga
ýetende Garajaoglan: "Üç gije daň atmasady"
diýipdir.Ýok, alty aýlyk gije gelmese bolmaz.
***
Aýdybilmân, aýdybilmân, ahyry, bir söz
aýtdym. Aklyň dâl, gözel duýgularyň
jogap
bersin.Gaýmak, bal aksa-da, seni bagtyýar etjek şo
birje sözdür.
***
29
"Söýýâniňi subut et" diýýâň. Ýürejigimi
aýaňda oýnap otyrkaň, başga nâme aýdaýyn?!
***
Ýürek diýlen nâmeligini seniň sözleriňden
añyp başladym."Ýürek bir deňizdir, dildir onuň
kenary".
***
Meniň söýgim jokramadan soň, güwläp
inen
ýagyş
ýalydyr.
Gaýra
çekilme!
Gowusy,ýürejigimiň
saýasynda
myssylda-da
duruber.
***
―Iň agyr zat näme?‖ diỳip, akyldardan
soradym. ‖Garabagt söỳginiň ỳatlamalary‖ diỳdi.
Men bu ỳüküň aşagyndan nädip çykarkam?!
***
İkimiz assaja ýörâp ýörüs. Aýak astynda-da,
asmanda-da erik gülleri. Dünýâde diňe erik
gülleriniň barlygyna, diňe ikimiziň söýüşýânimize
şumahal göz ýetirdim.
***
Heniz-henizlerem dört barmajygyň bilen
agzymy beklâp,"Ýuwaşş"diýip mâhrem pyşyrdap
dursyň.
***
Ejemiň dogran güni-göwrâmiň dogan güni,
saňa duşan günüm – yşkymyň dogan güni.
***
Gidýâmiň? Şeýle bolsa, jesedimi guş-gurtlar
çekelâp durmasyn, üstüme gum sürüp git.
30
***
Seni söýelim bâri jaýryk-jaýryk aýna
döndüm: ne maňa bakýan bar, ne men ile bakýan.
***
Ellerimi
biliňde
çigip,
şeýle
bir
gujaklasammm, howurly demlerimi ýüzüňe
çabradyp, şeýle bir öpsemmm!!!
***
Gyzyl-gyzyl közleri asmana
sowurỳan
wulkan men, ỳogyn-ỳogyn agaçlary kökünden
goparỳan tupan men. Söỳgülim bolsa maňa duman
diỳỳär.
***
Düýpsüz deňizde ỳüze-ỳüze gelip, seniň
meleje gözleriňde gark boldum gitdim.
***
Allajan meni ýakmak üçin seniň gözleriňi
alowdan ýasandyr.
***
Ýoluňa köpri bolup düşeleýin. Sâginmân
bas-da geç, ganym fontan bolup atylsyn.
***
Aýralyga akyl çydasa-da duýgularym hem
tenim meni gowrup-ỳakyp barýar.
***
Tutuş göwrâm ýürekdir, seresapja bolaweri.
***
Ýeke-tâgim! Sen gideňde asmanam bile
aglaşdy. Şondan bâri her ýagan ýagyş ýaralaryma
şerebe bolup siňýâr.
31
***
Meniň ýaly betbagt yokdur: ýer ýüzüniň,
dag başynyň gary eredi, akdy gitdi. Emma
saçymdaky gar, indi näçe ỳyldyr, şo doňup ỳatyşy.
***
Bu deňizler gözleriňe sygýan bolsa, bu daglar
göwsüňde orun tapýan bolsa, zerre ýaly, men,
biçârâ, ýer tapylmazmy?!
***
Sen gözleriňi lezzetli ýumup:"Bir söz
aýtsana!" diýýâň.Gyzgyn posalar sözüň nokadydyr,
dünýâm!
***
Sen gidersiň. Bagtly ýere gitseň ýagşy.Emma
dili bilen bal akdyryp, gözi bilen gaýa goparyp
ýören ýylmanajyk köçe jalataýyna aw bolarsyň
öýdüp demigýân.
***
Ikimize bu dünýâ dar bolýar! Aý ýüzünde
aýdym aýdyşýp,ýyldyzdan-ýyldyza böküşip ýörsek
bolmaýamy?!
***
"Gözýaşlarymyň her damjasynda adyň bar"
diýdiň. O damjalaryň suwlan çynarynyň her
ýapragynda şekliň bolar, armanlym!
***
Ŷadyňdamy,üç
deregiň
arasynda
duşuşỳadyk. Arada o derekleri gözỳaş bilen
suwardym.
32
***
Meniň hatymy okap durkaň,arkaňdan baryp
saçlaryňy sypasam, asmana uçarmykaň öýdýân.
***
Ikimiz ýagyş astynda galyp, suwdan çykan
ýaly ezildik. Şonda üýalyp, göwsüňe ýelmeşen
köýnegiňi galdyrjak bolşuň göz öňümden gidenok.
***
Ýyllar geçer, bu derýadan nâçe suwlar akar.
Bir gün meniň oglumy görüp: "Edil kakasynyň
gözleri-dâ" diýip, gama batsaň gerek.
***
Dünýâniň
beỳle sowuklygy ikimiziň
ýalňyzlygmyzdandyr.
***
Ýörsene, ýörsene! Bu dünýâde gorkupçekinip ýaşap bolmaz.Ýör, tupan-tüweleýlere döş
gereli. Yşgymyzdan güýçli barmy, göreli!
***
Şeýle garyp men, gaty garyp men: başyma
gar ýagýar,garyň garasy ýagýar.
***
Ikimiziň çeken hesretimizi ýyldyzlaram
çekip bilmez.Arman, soňy puç boldy.Hanha, indi
herimiz biriniň kölegesine öwrülip gitdik.
***
Ýer Asmany söýýâr, Aý Yyldyzy söýýâr.
Sen kimi söýỳäň?
***
33
Wah, saňa aýdybilmeýân sözlerimi bir
duýsaňdyň!
***
- Söýeniň ýalanmy? O gözýaşlar ýalanmy?
-Ölümden özgesi ýalan.
-Ýalan!
***
Dünýâni sowuk alar diýseler ynanaryn,
sebâbi buza dönen ýüzüň kiçijik dünýâmizi
doňdurmaga ýeter.
***
Leýli bilen Mejnun gelse, Şasenem Garyby,
Zöhre Tahyry bilen, menem seň bilen barsam.
Ynanaỳ, olar biziň yşgymyza lowlap-lowlap
ýanarlar.
***
"Seni söýen öldi"diýseler, janyň çykar.Seniň
diriligiňi islâp ýaşap ýörün.
***
Leýli gyz! Meni ne hallara saldyň?! Nirden
gelip, nirâ barýany belli bolmadyk buz üstündäki
aýa döndürdiň.
***
Ýene güýz ýelleri öwüsdi.Ýene saçlaryňy
sypasy gelip ikiýana çarp urdy. Tapmansoň, ýene
uwlap-uwlap gitdi.
***
–Diňle, şo-ol öňki aýdymlar!
–Wah, aýdymlar öňkü-le...
***
34
Gözleriň meni aldanok,emma beýle dymmak
bormy?! Hudaý "Söýüşiň" diýip dil berenmiş
ahyry.
***
Söýgi diýmek--aýak ýalaň köze basmak
ekeni.Wah, men seni söýmedik günlerime bir
dolanyp barsam?!
***
Aýdan-Günden belent ýyldyzda ornuň bar,
gözelim! Yere inip, gadryň gaçyryp ýörme!
***
Ŷunus Emre: "Gel, gör,meni yşk neýledi?!"
diýipdir.Ŷeke-tâgim,yşgyň meni neýlânini görer
ýaly bolmady.
***
O gün çölde ýaz günüdi.Ene keýik seni
görüp saklandy.Gözleriňe gözi düşüp,ýiten
owlagydyr öýdüp,zaryn-zaryn mâledi.
***
Süỳem barmajygyň bile gaşlarymy sypapsypap,burnuma emaýja basyp, "Oýansana..."diýip
pyşýrdamaň bardy. Bize nâm boldy,nâm boldy?!
***
Soltanym! Aý-Ýyldyza hökmüň ýöreýârkâ,
bu gözýaşlar nâme?!
***
Kösâber,kösâber. Her gyşyň soňy bahardyr,
unutma!
***
35
Ýok, ölsemem aglaman! Ereý-ereỳ topraga
siňer giderin.
***
Dilim dymyp, gözlerimi sözlederin. Gözlerim
saňa erk eder.Emaý bile çeke-çeke seni alnyma
getirer. Şonda-da dymyp bakaryn.Ahyry, sen
sözlârsiň, bilbil bolup saýrarsýň.Ynanaý, men
şeýderin.
***
Deňiz-derýalary
aşyp,
saňa
suwsap
geldim.Seni şeýle bir göresim geldi. Gördügim-ölesim geldi.
Meniň ykbalym neneň bolarka?!
***
…Soňra tiz ukladyň.Myssyldyňa guwandym
oturdym.Men gije soltanynyň sakçysy boldum.
***
Barlygymy görmediň, ỳoklugymy hem
bilmersiň. Gözlerimi açyp ölmeli boldum. Sen
jesedime bir baş egseň, gözlerim ỳumulardy.
***
Damarymda
gan
bolup
aýlanýan
sensiň.Rehmiň insin.Beýle tiz aýlanma: uçursaň,
gonmany bilmerin.
***
Ýer planetasynyň hakyky ady Söýgimiş. Hut
Söýgi bolany üçin Adamzat bu toprakda düşlânmiş.
***
Adam ata bile How ene söýüşmedik bolsa, bu
dünýâ nâderdikâ?!
36
***
Eý,meni söýen!
Eý, meniň söýenim!
Menden habaryňyz barmy?!
***
Biwepany söýmek has ejirli ekeni.
Ýürejigimi sakgyç edip çeýneýâr.
***
Aýdan,Günden gabanyp gezdigim! Bulutlara
garyşyp gidiberipsiň-le?
***
Seniň saçlaryň hoşboý ysy burnumy tütedip
dur.Onsoň her çybşylda sen gelýânsiň öýdüp
bakýan.
***
Sen meniň öňki-soňky bagtymsyň. Heniz
söýülmâniň sesiňden duýlup dur. Heniz öpülmäni
üçin dodajyklaryñ teşne görünýär. Gözleriňde öz
şeklimden özgâni görmedim.
Gel,o bugdaýreňk maňlaýyňy, ýaňaklaryňy
mâhrim bilen möhürlâýin!
***
Janam berme,sözem berme! Maňa umyt
ber,umy-yt!
***
"Söýýâň"
diýip
günâleme.Gül-gül
açylyp,ganat baglap uçasyň gelmeýâmi?!
***
–Bulutlaram seni görse, ýagman geçip bilmez,
mâhribanym!
37
–Buluda tâsiri ýetjek ertekidâki gyzy
uzagrakdan gözle.Men ýigrimi birinji asyrda
ýaşaýan.
–Wah,beý diýmâweri!Alla size gudrat baryny
bagyşlapdyr.Ol-a
bulutmyş,emr
etseň,daglar
emedeklâp gelip, aýagyňa ýykylar.
***
Saňa garaşyp, gijâm gündize döndi. Aýaz
pyşyrdap, şemal şuwwuldap bir zatlar diýdi.Men,
biçâre, ömürlik ýalňyzlygyň ilkinji gijesini
geçirenimi soň-soň bilip galdym.
***
Meňki ýaly söýgâ indi duşmarsyň. Beýle
söỳgi üçin meňkiçe ýürek gerek, ỳüre-ek!
***
Şo-ol ýalňyz tut henizem dur, şol aryjak
henizem akýar, bileje oturan çal daşymyz henizem
güberip ýatyr. Meniň saçlarymy bolsa diňe şemal
oýnaýar.
***
Gury
çeşme
başynda
uzak-uzak
agladyň.Arada çeşme göz açdy.Ol akýan
gözýaşyňmy, ýa dury suwmy?
***
Şalara,soltanlara egmedik başymy sen egdiň,
belent köňlümi sen ýykdyň. Indi nâtjek?!
***
38
Ŷüregimden syzyp çykỳan ỳaşlar gözlerimde
bugarỳar. Senem agla.Men gözỳaşlaryňa garyşyp
kalbyňdan çykar giderin.
***
Asmanda gaỳyp ỳören bürgütkäm ganatlarymy
sen gyrdyň, zalym!
***
Seniň enaýyja ýaňajyklaryň gülsemmigülmesemmi diýýâr. Birgeňsi dodajyklaryň
öpsemmi-öpmesemmi diýýâr. Meni şo durkuň aşyk
edýâr.
***
Ýaňyja dogan Güne gabak aňyrsyndan
bakýaň. Men bolsa, Gün ýaly maňlaýyňa göz
sürtesim gelýâr.
***
Sen bir bakaňda, bileje geçiren üç ýylymyz
ýada düşdi.
***
Beren güllerimi dâli derýa taşladýň.O
güllerden has eziz, has mâhrem köňül beripdim,
ony nirâ taşladyň, zalym?!
***
Sen-duruja güýz suwy.
Men-o suwda akyp barýan sary ýaprak.
***
Günâni özüňden gözleseň, günâkâri tiz
taparsyň. Gel, günâni özümizden gözlâp göreli.
***
39
Men hiçkime aşyk bolubilmân geçer
gidermikâm?! Ýa mende, ýa gözellerde
bir gep
bar.
Hi beýle-de betbagtlyk bolarmy?!
***
Seniň yşkýňdan ölâýsem, sargydym: meni
demire gaplap jaýlaň. Bolmasa, o biýz kepeni
ýyrtyp-süýrâp, gapyňa geler duraryn.
***
İkimiz deňiz kenarynda kofe içýârdik. "Seniň
saçlaryň kofedenem gara" diýip ýylgyrdym.Sen
bolsa dymdyň. Şonda: "Biziň ykbalymyz has
gara"diýen bolsaň, ýerine düşjek ekeni.
***
Yşgym egsilmese, ýanardag ýaly partlar
duraryn.
***
Rahatlan,janajanym!Durmuşyň
tükenmez
gowgasyna janyňy ýakma! Gel, oýigitlik-gyzlyk
günlerimizi ýatlaşaly!
***
Ejem, biçâre, gelejekki gelnim geýer diýip,
gülli jorap ördi. Gonjuna-da seniň adyňy ýazypdyr.
İndi men ejeme nâme jogap bererin?!
***
Gel, gel, sözleşeli! ―Haýsy dilde sözleseň-de,
yşkdan sözleseň düşünerin.‖
.
***
.Jesedim güle öwrülip, mazarymda gögerse, o
gülleri bir suwlawergin.
40
Meni ikinji gezek öldürme!
***
Bu söýgüden maňa ýeten--hesretli ýatlamalar
boldy.
***
Sen geleňde köşk-saraýdym.
Haraba döndüm, saraýdym.
***
Gül satýanam, aşygam: ‖Gülümi alýan ýok‖
diýip nalady.
***
Indi gelme!
Seni gözleý-gözleý, ýüregimi bölek-bölek
böldüm. Bir bölekdenem seni tapmadym.Indi
gelme!
***
-Näçe ýaşansyñ?
-Näçe gözel gören bolsam, şonça.
***
Men bir eýjejik gözel görsem: ‖Wah, Allajan,
meni näme üçin BU GÖZELE taý etmedikä?‖
diýýän.
***
Wah, o solan gülleriñ yslary gamgyn.
***
Malym,döwletim elden gidýâr diýýäň. Seňki
ýagşy-la. Meniň yşgym elden gidýâr, yşgy-ym!!!
***
--Hany,gelmejekdiň-le?! Dünýâni terk edip
gitjekdiň-le?!
41
--Wah, men gelmedim, jesedimi getirdim.
***
Dogrymy aỳtsam, ―Mejnun bilen bir synpda
yşk sapagyny okaşdym.‖ Ol dörtlük alardy, meňki
bäşlikdi.
***
Tanasalar bir nyşandan,
Tanarlar meni yşgymdan.
***
Ölümim bir ýürege, bir yşga jan bermese, ölüp
oturasy iş ýok.
***
Ÿadyňdamy!?
Ak garly basgançaklardan
aỳakỳalaň ylgapylgap düşüpdiň. Basanyňa begenip, sowuk garlar
eräpdi. Ÿadyňdamy?!
***
Söỳdügine zar bolanyň, ölende gabry dar
bolar.
***
Soňky sözüm şeỳle bolar: ‖Allajan!
Söỳgülime dowzahda duşursaňam razydyryn. Bir
ỳanan iki ỳanmaz.‖
***
Wah, gül ömrüm köỳdi! Niredekä? Niçikkä?
Ŷatlaỳarmyka? Her säherde üç soraga jogap gözläp
ömrüm köỳdi.
***
Ŷagmyr bolup gel!
42
Ŷagmyr bolup
gel! diýdiň. Men diňe
Ýagmyr dâl, ORAZ ÝAGMYR bolup geldim.
***
AŞYK OKYJYM!
Aşyklaryň bu mukamy tükenmez.
Ony özüň dowam edeweri!
__________
WATAN
MUKAMY
Dünýä inemde enem Watanymdy.
Dünýä aklym ýetende Watanym Watan boldy.
***
Dogsam, sende dogsam, Watanym!
Ölsem, sende ölsem, Watanym!
***
Göbek ganym daman ýeri, ata-enemiñ ömür
süren ýeri ýa-da ölemde jesedimiñ topraga garyşjak
ýeri...Watanym diýýän kän. Watan düşündürülmän
duýulýandyr.
***
Gel, tapmaça tapyşaly.Bir ýany dag, bir ýany
deñiz, bir ýany derýa, bir ýany çöl-beỳewan,
üstünde Güneş, astynda altyn kimiñ Watanydyr?!
Bilmediñ. O meniñ Watanym.
43
***
Watan! Ogul-gyzyña bir nesihat aýdawer: Ýer
şary meniñ Watanym diýýänleriñ niýetini bilsinler.
***
Watan üçin baş goýan atalarymyñ süňkleriniñ
ýanynda bu daglar nämejik?!
O dökülen ganlaryñ ýanynda bu derýalar
nämejik?!
***
Gara kişmiş ýaly garagözelek ogullaryñ barka
ýoluñ gara bolmaz, Watan! Gylyjyñ döwri geçen
bolsa, gylyçdan ýiti akyl keser.
***
Başyñda Watanyñy, gerdeniñde ene-atañy
ömürlik götermejek bolsañ, adyña Adam dakdyryp
nätjek?!
***
―Watan, Watan‖ diýip döşüne urup ýöreni
Watan söýmez. Hakyky watançynyñ söýgüsi
ýüregiñ örän çuñundadyr.
***
Ynsan gözi ähli zada öwrenişip barýar. Emma
Watan bile hiç-hiç öwrenişmeli däldir. Ol bu Watan
her salymda elden gidäýjek ýaly duýgy bilen
ýaşamalydyr.
***
Watanyñ gadry Watansyzy göreñde belli bolýan
ekeni.
***
44
Watandan aýra düşen beýik bagşy Kiçi Garly
ölmezinden öñinçä araçägiñ tikenli simleriniñ añry
çetine gelip: ―E-eý, adamlar, razy bolaweriñ ho-oow! Jesedim ýat ỳurtda galmaly boldy ho-o-ow!‖
diýip bagyra-bagyra gidipdir. Ölüm ýassygyndaka:
―Ýüzümi Watana bakdyryp jaýlaweriñ.‖ diýipdir.
***
Watan rahatka gahryman kän. Oglum! Watan
howp astyndaka sen gahryman bolmalysyñ. Eneñ
seni şo gün üçin dograndyr.
***
Jan diýlen göze görünýän zat däl diýýäler.
Duraweri, Watan topragny aýaña al-da bak: Eger
Adam bolsañ janyñ şodyr.
***
İñ belent, iñ çuñ duýgy Watan duýgusydyr.
Beýle belentligiñ, beýle çuñlugyñ bolmasa, Watan
meñki diýip ýörme!
***
Ganatsyz uçýan bolsañ Watanyñ barlygydyr.
Watan hesretini duýjak bolsañ, uzak-uzak ýurtlara
git. Ŷumşajyk tüýjagazlaryñam özge ỳurtda tikentikendir.
***
Magtymguly: ―Ursa, sökse horlasa-da il ýagşy‖
diýipdir. Wah, käşgä uran, horlan il bolsa.
***
Ähli zat hiç gymmaty ýok ýaly, adaty ýaly
görünýär: Ýandak küdesine çykyp hekgerip duran
geçi, sessiz akyp ýatan ýapjagaz, oýuk-oýuk bolup
45
owranyp başlan asfalt ýol, köweginden gara şepbik
sarkdyrỳan garry tut...Emma bu şekilleri ýat ýurda
düşeñde ýatlasañ, şeýle bir mukaddesleşỳär,
ýüregiñ dilim-dilim dilinýär.
***
Watanymyñ şekli ýüregime çyzylan. Ýüregimi
görmeseñ, Watanymy tanap bilmersiñ.
***
Yza galýañ diýdiler. Bir Watan üçin jan
çekmegiñ geregi ýok diýdiler.Indi birnäçe Watan
birleşip, täze Watan döreýär diýdiler.
Sözläberiñ. Emma adamda bir ýürek bolsa, bir
Watan boljagyna gümanym ỳokdur!
***
Ähli ýerde şol bir şemal öwüsýänem bolsa, her
kimiñ öz Watanynda onuñ şuwwuldysy başgabaşga eşidilýär.
***
Alla bir, Watan bir, Ene-atañ bir. Özgeler soñkysoñky birliklerdir.
***
Ähli zatda Watan bar. Guş diýjeksiñ, guşuñ
Watany-onuñ ganaty diýýäler.
***
Watanyny güle deñeýänler bar, ýüregine-janyna
deñeýän bar. Ýöne bir zat belli-ähli zatdan geçip
bolsa-da, Watandan geçip bolmaýar.
***
46
Geçmiş gahrymanlar, meşhur ogul-gyzlar
Watanyñ kökleridir. Köksüz agajyñ çüýreýänini
unutmalyñ.
***
Watan seniñ geleniñi, gideniñi bilmez, näme
bereniñi biler, sen ondan hiç zada garaşma. Watan
ömrylla algydardyr.
***
-Watany taşladym, heziller edindim. Göwnüm
hiç zat küýsänok.
-Ýalan. Her näçe gizleseñem, göz
owasyndaky ýygyrtlardan gam jyklap dur. Ajy
ỳaşlar aka-aka kirpikler inçelip-owranyp gidipdir
ahyry, oña näme diýersiñ?!
***
Watansyzyñ ömri kelte diýýäler.
***
―Garypja Watanyñ bar, nämä guwanýañ?!‖
diýdiler. Garyp bolar, baý bolar, emma Watan
Watanlygyna galar.
***
Dogrymy aýdaýyn: Watanymda asmandan akyp
barýan bulutlaram başga-da.
***
Watanymyñ her gysym topragynda, her damja
suwunda meniñ bir zerrejigim bar.
***
Watana sygmadyk, dünýä sygmaz.
***
Watan duýgulardan düzülýän däldir-dä.
47
***
Jahana sygman, dolup-daşyp ýörenleriñ Watany
niredekä?
***
Äpet buz üstünde akyp barýan ak aýydan sorañ,
bakaly, ―Watanym ýok‖ diýermikä?!
***
Watan ynsan bedeni ýaly näzik: bir ýerine tiken
çümse, tutuş beden syzlaýar.
***
Gel, düşüñişeli!Watan diýlen şu adamlar bilen
Watandyr. Onsoñ adamlary ynjytsañ, Watany
ynjytdygyñ-da.
***
Watanperwerlik-Watanyñ dostuny-duşmanyny
tanamakdan başlanýar. Dost, duşman bir-birege
şeýle meñzeş, şeýle ýakyn, iñ kyny hem dostuñ
duşman, duşmanyñ dost wagtlary kän.
***
Ýarag gezäp, leşger sürüp gelen duşmandan
gorkma. Eli gülli, güler ýüzli, jady dilli duşmanda
oýun kän.
***
Meniñ kalbym Watan kalby bile deñine
gürsüldeşýär.
***
Watan derdinden özge dertler ho-ol geçip barýan
bulut ýaly.
***
48
Watan topragy- atalarymyñ süñklerinden döredi,
o topragy al ganymyz bilen suwardyk, enelerimiz
göz ýaşlary bilen ýuwdular.
***
Bir ata-ene perzendine: ―Watandan uzaklaşmañ‖
diýip pent etdi.Başga bir ata-ene bolsa: ―Gidiñ,
dünýä ýaýrañ. Her ýurtdan Watanyñyza bähbit
arañ‖ diýdi.
***
Gülala güllük döwürde Watan barlygy hem
duýulmazlygy mümkin. Bagtam uçansoñ duýulýar
ahyry.
***
Şuny hiç-hiç unutmagyn: Watan eşretinden
datmaly bolanda, bizi gözlemezler. Watan üçin
ölmeli bolanda gezek bize ýeter. Hak berilýän
däldir, hakyñy özüñ almalysyñ.
***
Gardaşym! Watan sözi kän bir dile alynmaz. Ol
ýüregi ỳaglaýan içki duýgudyr. Bir garryja mama:
―Köp käkeleýän towuk az guzlagyçdyr‖ diýerdi.
***
Bu Watandan kimler gelip geçmedi?! Watany
dagdan belende göterenlerem, Watany ýandakdan
pese düşürenlerem boldy. Pesi peseltmeseñem,
beýgi beýgeldewer.
***
Watana diñe sen hyzmat eden ýaly bolýañ-la.
Gel, o adyl terezide hyzmatyñy ölçäli.Gördüñmi?
Sen nirede, il nirede?!
49
***
Men ömrümi bir ajaýyp söz gözläp geçirdim. O
söz, edil ene sözi ỳaly, sözleriň şasy bolmalydy,
elmydama täze-ter, mukaddes hem keramatly
bolmalydy. Muña watan sözi laýyk geldi.
***
Millet
bolup
toplanmasak-üýşmesek,
gaýnaşmasak-bişmesek, Watan Watan bolmaz.
***
Her kişi duran ýerinde daşyñ ýagyny çykaryp
dursa, bu Watan sarsmaz bolar.
***
Saklanaweri! Gol çekişme! El gysyşma! Watan
haky köýýän bolaýmasyn!? Sen mert durmasañ,
kim durjak?!
***
Watanyñ daglary ýumrulyp beýgelse-de Watan
sarsman durmalydyr.
***
Ýer ýüzünde baky diýen söz diñe Watana
degişlidir.
***
Mejnunyñ Leýlini söýşünden has güýçli
söýdügim, Watan! Ahyrda ýakasyz, ýeñsiz bir
köýnejik, gapysyz, penjiresiz bir öýjük berseñ
razydyryn.
***
Watan! Seniñ ogullaryñ, gyzlaryñ kimsi Dag
bolup dur, kimsi Derýa bolup akýar. Ho-ol asmanda
Bürgüt bolup sakçylyk çekýäne-de bak.
50
***
Dymýañ diýip öýkeleme, Watan! Jeýhun bolup
joşýan duýgularym ýüregimi hem goparyp alyp
çykasy gelýär.
***
Aýry-aýrylykda hiç zat Watan däl. Ählisi
jemlenýär weli, mukaddesleşýär duruberýär.
***
―Ömürlik hoş gal, Watan!‖ diýmekden ajy söz
barmyka?1
***
Bu kiçijik Ýer planetasyndan näçe ynsan gelip
geçdi?! Neneñsi söýgüler, neneñsi gowgalar bolup
geçdi?!
Şundan soñ sende Watan gamyndan başga gam
galarmy?!
***
Bir kişi öz Watanynyñ, öz milletiniñ örän
gadymylygyndan söz açdy. Dogrudyr. Ýöne şu
günüñ hem ertiriñ bolmasa, Adam atadan öñ
döräňde näme?!
***
Enem kimin mährem barmy?! Enem kimin zar
aglajak kimim bar?! Elbetde, Watanym.
***
Gözel Watanym! Bir gysym topragyñ kemmi?
Al, ýürejigimi! Saña toprak bolubilsem armanym
näme?!
***
51
Atalarym buzly deñizlere, ýakyp-ýandyrýan
topraklara çenli baryp, ahyry, şu taỳda Watan
tutdylar.
***
Watanda hiç kem ýok. Bar bela özümizde.
***
Dünýä Watanymy tanamasa, beýik meşhurlyk
gelmez. Emma nädip tanatmaly?Ýok, ýok! Baýlyk
gutarar, ahyrda akyl ýeñer. Aklymyzy almaza
çalmaly, arşa ýetirmeli.
***
Watana hyýanat etmek-öz oturan şahañy
kesmek.
***
―Men Watançy! Men Watançy!‖diýip ala
şowhun turuzýañ weli, heniz hiç bir synagdanam
geçmänsiñ.
***
Watan üçin üç ogly şehit beren ene öýde burulyp
ýatyr, ogluny esgerlige-de dözmeýän ene bolsa il
öñünde öwüt berýär.
***
Watany elden berseñ, şirinden-şirin ene diliñ
bolarmy, ata-eneñ uýan dini galarmy, aýal- gyzlañ
namysy, ýigitleriñ mertligi, geçmişiñ pelsepeli
paýhasy... tapylarmy?! Gysgasy, janyñda jan,
damarda gan, milletde san galarmy?!
***
52
Bilbil owazyny eşiden Watansyz: ‖Bilbil
aglaýar‖ diýdi, Watan gujagyndaky:‖Bilbil
saýraýar‖ diýdi.
***
Sözden gadyr, gözden mähir, akyldan adalat
ýitdimi-Watan öýkelidir.
***
Dünýä hernäçe gowulyga baka ösübersin,
ýamanlyk ýiter öýtme! Watany ýamanlardan
goramak seniñ boýnuñdadyr.
***
Goýun ýalñyz guzujygyny ýalap-ýalap: ―Balam,
akyllyja bolgun‖ diýip öwüt berýär. Möjek bäş
güjügini onda-munda taşlap, ―Baş çaramasañyz
garagyñyz çyksyn!‖ diýip hemle urýar. Watan bolsa
olaryñ ählisini gujagynda göterýär.
***
O adamyñ ömri ýat ýurtda geçdi. ―Ölmänkäm
Watanymy bir görsem, dag-düzüne aýlansam,
topragyny gözlerime sürme etsem!‖diýip arzuw
etdi. Ahyry, Watana geldi. Aglady, aglady. O ýany,
bu ýany teşnewi gezdi, gördi. Ne dost galypdyr, ne
tanyş. Aryklar gömülip, täzesi çekilipdir, binalar
ýykylyp, başgasy gurlupdyr. Oglanlykda hiññillik
uçan tutlary hem bireýýäm ojakdan geçirilipdir.
―Wah, gelmänler geçsem bolmaýamy?! Kyrk
ýyllap köñlümde beslän Watanymy görjekdim. Bu
Watan indi ýat göründi. Men şu pursatdan başlap
Watansyz galdym‖ diýip, öñküden has agyr hesret
çekdi.
53
***
-Watansyzam bolsa, syganlar ýaşap ýör-ä.
-Ne ýaşamak?! Ömür sergezdanlykda köýýär.
***
Dünýäme saýa salýan beýik çynarsyñ, Watan!
Watanym! ―Güller gözelligi senden öwrendi.‖
Ähli bagtyñ köki sende.
***
Watansyz galdym diýme, atsyz-sorsuz, dilsizdinsiz ýitdim gitdim diý!
***
Duşman göni ýoldan gelgiç däldir. Beýik
çynarlary içinde dörän kiçijik gurçuk ýykýar.
***
Bu Watanda ählimiz akylly, ählimiz batyr,
ählimiz arassa. Ha-ha-ha-a!
***
Watan kanunlary tokaý kanunyna meñzese
bolmaz. Tokaýda haýal ösen agaç çüýreýär, has tiz
öseniñ başyny ỳel alýar.
***
Bir akyldar:‖Agaçlaryñ şahalary uruşýar, kökleri
öpüşýär.‖diýipdir. Watan perzendi o köklere
meñzesedi.
***
―Watan!‖ diýip hernäçe bagyrsañam, sesiñ
añyrsynda ýürek görünmese, ol çirkin owazdyr.
***
Ynsan
mukaddesligi
ýitse,
Watan
mukaddesligini gözläp ýörme!
54
Bu kitaplar ýiter gider, bu şöhratlar unudular.
Birje sözüm Watana ýaramly bolup galsa
razydyryn.
***
Ŷat ỳurtda gül içinde ỳatandan, Watanymda
ỳüzümi ỳandak bilen süpüreỳin.
***
Bulutlar damja, damjalar çeşme, çeşmeler
birleşip bulak bolýar. Bulaklar derýa, derýalar
birleşip deñiz bolýar. Deñziñ asly bir damjadyr.
Watan hem bir gysym toprakdan başlanýar.
***
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.