Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01

Total number of words is 3654
Total number of unique words is 2143
23.9 of words are in the 2000 most common words
32.1 of words are in the 5000 most common words
37.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ORAZ ŶAGMYR
DAGLAR ŶUMRULYP
BEŶGELŶÄR
Ankara -2007
ORAZ ŶAGMYR
1947-nji ỳylyň awgust
aỳynyň 15-ne dogdy.
Kitaphanaçy, traktorçy, mugallym bolup işledi.1972-nji ỳylda
Magtymguly uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiỳaty
bölümini tapawutlanan diplom bilen tamamlady. Esgerlik
borjuny ýerine ýetirdi. Neşirỳatda, hökümet jaỳynda, Edebiỳat
hazynasynda işledi. Uzak ỳyllar Magtymguly jemgyỳetiniň
jogapkär kätibi boldy.
Türkmen romanynyň taryhynda sekiz aý içinde iki
gezek çap edilen ve elli ýedi müňüsi satylan diňe ―Duman
daganda‖ romanydyr. Ol ―Magtymgulynama‖, ‖Gaz koroly‖,
‖Nury Halmämmet‖, ‖Diňe Gaýgysyz Atabaý‖, ―Daglar
ýumrulyp beýgelyär‖ atly romanlaryň we ençeme hekaỳalar
kitaplarynyň awtorydyr. Edhem diwana, Garajaoglan, Ŷunus
Emre, Jelaleddin Rumy, Hajy Bekdaş Weli, Atatürk, Gurt
Ŷakup, Magtymguly bilen bagly makalalar we kitaplar ỳazdy.
Türkmen bagşylaryny şöhratlandyrmak üçin dabaralar gurady.
Köp şahyryň ỳubileỳini geçirdi. Garajaoglanyň gadagan
ỳyllarynda: ‖Garajaoglany kim zyndandan çykarar?‖ diỳen
makala ýazdy.
Türkiỳede, beỳleki türki döwletlerde çeper eserleri we
ylmy makalalary çap edildi.
Oraz Ŷagmyr, Türk dünỳäsine hyzmatlary üçin, 1999njy ỳylda Türkiỳe respublikasynyň Prezidentiniň Halkara
―Liýakat‖ baỳragyna, Garajaoglany dünỳä tanatmakdaky uly
işleri üçin 2005-nji ýylda Tarsus Bäş Altyn baỳragyna, 2009njy ýylda Türkiýe Ýazyjylar Birleşiginiň ―Beýik Baýragyna‖
mynasyp boldy. Edebiýat ýaryşmalarynda baýrakly orunlary
eýeledi.
Ŷazyjy Aşgabatda ýaşaýar, häzirki wagtda ekologiỳa
hakda roman ỳazỳar.
2
…Ŷene bir gün
…Ŷene bir gün uniwersiteti tamamladyk.
Ŷazyp-pozỳanlar Aşgabatda galarmen boldy.
Aşgabatda ỳaşajak bolsaň bir sümelge gerekdir,
güzeran dolamalydyr diỳip kelle agyrdỳan ỳokdy.
Özümiziň nirä baş sokỳanymyzy soň-soň duỳup
galdyk.
Oraz Ŷagmyr-a harby gulluga gitdi. Özgelerem
paỳtagtyň muşakgatlaryna maňlaỳ urup başladylar.
Atamyrat Atabaỳ aramyzda iň keltämiz, iň
ekabyrymyz, o döwür iň şöhratlymyz, üstesine-de
iň şohumyz. Ol şeỳle bir anekdotlar aỳdỳar weli,
gülüp içiň gyrylỳar. Elbetde, pukaralygy bar. Her
niçigem bolsa töwerekdäkilere görä Atamyradyň
pukaralygy
ylalaşarlyk.
Ol
şahyra
Bibi
Orazdurdyỳewa öỳlenensoň baỳar öỳtdük. Sebäbi
Bibi baỳ maşgalanyň gyzydy. Gaỳta, tersine boldy.
Atamyradyň gan ỳuwdup gazananjalaryny Bibi
üỳtgeşik köwüş almaga we taksili gatnamaga
sowurỳardy.
Bibi
köwüş
keselinden
saplandymyka? Taksi keseli nädendir öỳdỳäňiz?!
Onsoň ỳene bir gün Atamyrat ejesi biçäräniň
başyndan gum sowrup, pomidor, ot satyp toplanja
pullaryny alyp gaỳdyp, Aşgabadyň ilersindäki
baỳyrlykda Nahalstroỳ diỳen ỳerden üç otagly,
bagly, bakjaly howly aldy. O howly şahyr Kakabaỳ
Gurbanmyradyň bir günde gurnup giren külbesiniň
beỳle ỳanynda ekeni. Şeỳdip iki şahyr goňşy boldy.
3
Emma
goňşylar
bir-birinden
örän
uzak
häsiỳetlidiler. Kakabaỳ diỳlen ỳigit ỳetimligiň,
horlugyň demir dyrnagyndan çykyp gelen, örän
okumyş hem dogry sözlüligi kesp-kär edinen kişi.
Ol aỳalynyň törpüsine çydap, aç oturybilỳär, ỳöne
pul tapsa-da gidip kitap satyn alỳar. Onsoň mydama
arzan çilimiň ajy tüssesine bogulyp, kitap okap
ỳatyr ỳa-da bir setir goşgy üçin bütin gijäni ukusyz
geçirỳär.
Kakabaỳyň
bilimi
edebiỳat
ensiklopediỳasy ỳaly bir zat. Onuň dil bilşi bir
kişiniňkiden artygrak, şỳgyr we kyssa terjimeleri
görelde
alarlyk.
Şonda-da
onuň
şöhrat
rowaçlygynyň ugry ỳok. Kakabaỳyň özi hem
nirdesiň şöhrat diỳip ỳüwrüp ỳorenlerden däl.
Umuman, Kakabaỳ gepleşmäge-tirkeşmäge şeỳle
bir ỳakymly bolmasa-da ondan gybat sözüni, ỳalanỳaşryk sözleri eşitmersiňiz. Ol başyna düşeni
mertlik bilen çekmäni çagalykdan öwrenen adam.
Aỳalynyň ökde bişirỳän, etsiz, noỳbasyz diňe gyzyl
burçly unaşyny içip, şükür edip bilỳär.
Atamyradyň bolsa goşgylary barha rowaç
alỳardy ỳa-da onuň özi her ỳollar bilen itergi
berỳärdi. Ö döwürler Atamyrat şöhrat atyna
münmedigem bolsa, guỳrugyndan aslyşypdy.
Şygyrlar kitaby hem çap edildi. Şygyra gezek
gelende Atamyradyň örän ỳatkeşligi belli.
Esen Nazar kursdaşymyz. Şygyr ỳazan bolỳar,
makalalary çap edilỳär. Öỳlenibilmän ỳorensoň, ol
ömrylla öỳlenibilmejek ỳaly duỳguda ỳaşaỳar. Oňa
her kim bir gyz hödürleỳär: kim küỳkini, kim
4
gaỳkyny. Esen, biçäre, körem bolsa öylenjek-le
weli, ony bir gören gyz şobada ret edäỳỳär.
Nämedenligini hiç bilip bilmedik. Onsoň
obadaşlary ony bir ekabyr gyza öylendirmegi
başardylar. Maşgala düzelip gitdi, emma Esen
Nazar indi öỳlenenine gije-gündiz ökünip ỳaşaỳar.
Önsoň ỳene bir gün ol bir akyldar aksakala duşup:
―Ŷaşuly, öỳlenseň gowumy, öỳlenmeseň?‖
diỳipdir. Ŷaşulam şobada ―Ikisem ỳaman‖ diỳip
jogap beripdir.
Esen haỳyş etmeli bolsa, hiç çekinip durmayar.
Bir gezek obadan baỳja biri sataşanda: ―Agam, elli
manat kömek etsene‖ diỳipdir weli, obadaşy otuz
manat uzadypdyr. Esen puly sanap: ―Bi-ỳä otuz
manat ekeni weli, ỳigrimisini soň berersiň-dä‖
diỳenmiş diỳip oglanlar gülüşỳär. Esen örän ỳuka
ỳürek. Başym agyrỳa diỳdigiň, üstüňde kökenek
bolỳa. Köplenç, kelle agyry ỳitip gidensoňam, ahwah diỳip, ỳaňadan kelle agyry döredỳär.
Pukaraçylyk bolansoň, karz-kowal almaly bolỳar.
Şonda oglanlaryň ählisi Esene tarap eňỳär. Karza
barany boş goỳbermeỳär. Ŷöne yz ỳanyndan özüniň
diläỳmesi, ỳa ―karz alanyň ỳadyňdadyrla‖ diỳip uly
iliň içinde aỳdaỳmasam bar. Muny seni
masgaralamak üçin däl-de, Eseniň ba-ar bolubilşidä.
Karz berse-de berỳär weli, Eseniň soň gaty
birahat gezişini duỳan Oraz Ŷagmyr: ―Pylany
Esene bergim bar weli beribilmerin öỳdỳär‖ diỳip
Eseniň ỳanynda gürrüň eden bolỳa. Onsoň az
5
salymdan görseň, Esen ỳa şo bergidara jaň edip
durandyr, ỳa göni şonuň ỳanyna büküdip gidendir.
Käbir adamdan bergisini gaty kyn alsa-da ỳene şo
adam dilege gelse, Esen durubilmeỳär. Esen-dä.
Bir ỳyl diỳlende Oraz Ŷagmyr esgerlikden
dolandy. Bir ỳylda üỳtgeşme bary bolupdyr. Hälki
Esen Aşgabat obkomynyň ―Oktỳabryň ỳalkymy‖
gazetine işe geçipdir. Birgeňsi şadyỳan bolupdyr.
Ŷumorlyja sözläsi gelip dur. Uly oblastyň köp
ỳerini gezensoň, gözi açylyp baslapdyr. Ol Kaka
raỳkomyna barşyny gürrüň berỳär: Birinji sekretar
günortan naharyna öỳüne çagyrypdyr. O döwrüň
birinji sekretary-da, näçe galplyk edeỳin diỳse
edibilỳär. Ynha, onsoň pukaraja Esen Nazar gat-gat
ỳazylan türkmen halyly otaga aỳak basỳar. Egineşigi köneje, hat-da jorabynyn hem her ujundan,
syçan jyklaỳan ỳaly, başam barmak görnüp dur.
Onsoň dürli-dürli naharlar, örän üỳtgeşik arakkonỳaklar saçaga goỳulỳar. Eseniň ömründe
görmedigi-dä. Börek bilen çyg gaỳmagy garyp
ỳetim garna urỳar-urỳar. Birinji sekretaram ỳeser
ỳylgyran bolup, aldygna konỳak guỳup berỳär.Ind-ä
wagty gelendir diỳende söze başlaỳar.
-Esen Nazarowiç raỳonymyz hakda gowuja
makala ỳazaweri. Menem seň ỳaly ỳetim
oglandyryn. Bir gaỳrat edersiň-dä. Gadryňy
bilerin.-- Esen özünden näme talap edilỳänine kän
bir göz ỳetirip baranok. Ŷöne ―Hawa-la‖ diỳỳär-de
ỳene gaỳmakly börege ỳapyşỳar. Kimiňkide
oturanyny unudyp: ―Şu gaỳmag-a gaty üỳtgeşik
6
ekeni. Stakany näçeden satylỳarka?‖ diỳỳär. Emma
jogap ỳerine ajy ỳylgyryş görỳär.
Öỳlän birinji sekretaryň ―Wolgasy‖ Eseni
Aşgabada, umumy ỳaşaỳyş jaỳyna getirỳär. Şofer
ep-eslije sumkany hem Eseniň goluna berỳär.
Serhoş gelen Eseni hemişeler
gaharly
garşylaỳan aỳaly hem sumkadaky zatlary görüp
sesini kesäỳipdir. Eseniň bolsa birinji sekretara
näme wada bereni bireỳỳäm ỳadyndan çykyp
gidipdir.
Esen hakda ỳarym çyn-ỳarym ỳalan gep kän. O
hakda anekdotlaram köp ỳasaldy. Ynha biri; Esen
dördünji etaźdaky öỳüne içgili gelỳämiş weli, bir
gün aỳaly onuň golundan tutupdyr-da eỳwanyň
açyk penjiresine baka çekipdir.
-Esen! Ŷa sen bök, ỳa men bökjek. Bi içgili
durmuşdan bizar boldum.
Eseniň serhoşlygy şobada uçupdyr. Dördünji
gatdan böküp aman galmajagy belli.
-Enejan, soň bökäỳeỳin-le?
-Sen-ä erkegem däl ekeniň. Çekil, özüm bökjek.
-Enejan, bökme. Sen gitseň,çagalara seretjek
ỳok. Özüm-ä böküp bilmerin weli, gowusy, sen
meni zyňaỳsana.
Atamyradyň: ―Eseniň häsiỳetini doly görkezip
bilen ỳazyjy klassyk bolỳa‖ diỳmesi bar.
…Ŷene bir gün Oraz Ŷagmyr esgerlikden gelip,
Aşgabada göçermen bolup, oglanlardan jaỳ
soragyny edip başlady. Atamyrat bilen Bibi öz
jaỳlaryndan bir otagy bermäge razy. Onsoň Oraz
7
obadaky gelnini getirip, şo taỳda ỳaşap başlady. Üç
aỳdan soň beỳle ỳandaky boş ỳerden bir günde
kiçijik bir hütdük gurnup, şo günem göçdi. Sebäbi
jaỳyňy örän tiz salmasaň, polisiỳa buldozer getirip,
kerpiçleriňi owradyp gidỳärdi. Jaỳyňda otursaň
bolsa, polisiỳa bilen gizlin söwdalaşyp, para berip
bolỳardy.
Ynha, onsoň mart aỳynda bir günde salnan jaỳda
peç ỳakyp, Oraz bilen gelni ỳatỳar weli, öl suwag,
öl toprak bugaryp, damyp, ỳorganlar öl- myjjyk
bolỳar. Ir bilen oỳananlarynda saçlarynyň ỳuwulan
ỳaly çyglygyna düşünmän hayran galỳarlar.
Şeỳdip üçünji bir goňşy peỳda bolỳar.
…Ŷene bir gün şahyr Nobatguly Rejep o
jelegaỳlarda gorünỳär. Ol örän çepiksiz, çala
serhoşyň ỳöreỳşi ỳaly daỳanyksyz ỳöreỳär.
Kiçeňräk gözleri bolsa ähli kişä gümanly garaỳar.
Belki, şonuň üçindir, Nobatguly özüniň tapylgysyz
şygyrlaryny gözüni ỳumup okaỳar. Onuň ỳygyrtỳygyrt jalbaryny, penjegini görüp, şeỳle beỳik
şahyryň nädip şeỳle geỳnip bilşine köpler haỳran.
Şahyrlyk babatda Atamyrat bilen Nobatguly
gizlin bäsdeş bolsalar-da Nobatgulynyň Aşgabada
göçüp gelmesini Atamyrat ikelläp goldady. Ŷöne
Nobatguly bir günde salynỳan jaỳda ỳaşamakçy
däldi. Taỳỳar jaỳ almaga-da puly ỳetmedi. Onsoň ol
birki gün Aşgabatda dost-ỳarlar bilen arak içişip,
goşgy okaşyp, obasyna baka ỳom-ỳok boldy.
Bir ỳyldan geldi-de Atamyratlaň goňşusy bolan
meşhur sazanda Akmyrat Çarynyň üç otagly jaỳyny
8
satyn aldy. Bu töwerekdäki ähli jaỳlar ỳaly bu jaỳ
hem dokumentsizdi. Onsoň Nobatguly dünỳä ỳaly
giň ejesini we çagalaryny getirip, täze goňşy boldy.
Nobatguly oglanlaryň arasynda ỳiti pikirliligi bilen
tapawutlanỳar. Şol bir mesele hakda dokuz pikir
aỳdylan bolsa, ol onunjy pikiri aỳdyp bilỳärdi we
onuň pikiri has originaldy. Şeỳle-de bolsa onuň
özüni alyp barşyndaky bärden gaỳtmalar, ỳüz
hamynyň aşa daỳhanlaçlygy Nobatgulynyň belent
pikirleriniň ägmiỳetini kähalat gowşadỳar.
Oglanlar üỳşüp-üỳşüp uzak gije söhbetler
gurỳar. Hökman jedeller ara düşỳär. Her kim öz
pikiriniň dogrylygyna gaty berk ynanỳar. Öz ỳazan
goşgularyny okap bolduklary, ozaly bilen, özleri öz
goşgusyny öwüp başlaỳar. Beỳle öwünjeňlik olaryň
arasynda kabul edilen. Diňe Kakabaỳ kiçi
göwünliligini saklajak bolỳar. Olam, edil beylekiler
ỳaly, goşgusyna bir pikir aỳdylaỳsa, öwgi bolmasa,
örän gazaply daraşỳar. Mahal-mahal bir-biregiň
şygyrlaryny kül edişlik bolỳar. ―Seniň goşgularyň
bir köpük‖ diỳeniň özi hem şeỳle baha alỳar.
Kähalatda: ―Seniň özüň ne poh‖ diỳen derejä çenli
pese gaçylỳar. Emma gowy tarapy tiz, şobada
ỳumşaşyp, ỳene arak içişỳärler.
…Ŷene bir gün bu goňşylaryň iki-üç öỳ beỳle
ỳanyndaky bir sümelgäni heỳkeltaraş Täçmyrat
Çaryỳew satyn aldy. Täçmyrat hä diỳmän Baỳram
Lallyk diỳen güỳçli hudoźnigi boş ỳerden jaỳ
salşyp göçürip getirdi.
9
Täçmyrat türkmeniň gadymy klassyk ỳaşaỳyş
durmuşyny örän gowy bilỳär. Özem giň adam,
sözüň agramyny, reňkini, ornuny gaty gowy bilỳär.
Ona derek Baỳram gaharly, içse hasam gaharly. Ol
bir gezek serhoşka birine ―Dişiňi owradaryn‖ diỳdi
weli, şonda Täçmyrat: ―Owratsaňam çörek
çeỳnärlik goỳarsyň ahyry‖ diỳip ara düşdi.
Gowy zady Täçmyradam, Baỳramam öwünmäni
bilmeỳärdiler. Onsoň şahyrlaryň öwünişip, pelpelleşip oturyşlary olara ỳaramaỳardy. Bir
oturylyşykda Atamyrat: ―Öwünip aỳtdygym dal,
Magtymgulyňky ỳaly goşgulary näçe diỳseň ỳazyp
bilỳän‖ diỳdi weli, Täçmyrat ỳylgyrdy-da: ―Atam,
maladys. Hälem ỳazdym diỳmediň‖ diỳdi. Emma
Atamyrat badyny gowşatmady. ―Seniň oỳnuňam
bolsa, meniň çynym. Ölülerden Magtymguly.
Dirilerden özüm. Goşgy ỳazyşmakda nähili şahyryň
bolsa cykar orta!‖ diỳdi. Şonda beỳle ỳanda
gyşaryp ỳatan Nobatguly dikelip: ―Atam, meni
hasap edeňokmy?‖ diỳende Atamyrat ỳylgyryp:
―Seniň ölüligiň, diriligiň belli däl-ä‖ diỳdi.
Ŷeri gelende ỳene bir wakany gürrüň bereỳin.
Atamyradyň, Nobatgulynyň, Agageldiniň özlerini
klassyk hasaplap ỳörşüni geň gören biri: Siz
klassyk bolỳan bolsaňyz, Lermontow ỳaly 27-de,
Puşkin ỳaly 37 ỳaşda giderdiňiz diỳipdir. Şonda
Nobatguly: ―Biz klassyklaryň kyrkdan soňam ỳaşap
bilỳändigini subut etmek üçin ỳaşap ỳörüs‖
diỳipdir. Başga bir okyjy Moskwa baranda
Moskwada ỳaşaỳan türkmen ỳazyjysy Atajan
10
Tagana duşup: ―Atamyrat, Nobatguly, Agageldi
dagy özüni klassyk hasaplaỳar. Muňa nähili
garaỳaň?‖
diỳende Atajan Tagan: ― Ŷalan
sözlemesinler.
Türkmen klassygy Moskwada
ỳaşaỳar‘ diỳipdir.
Gurbannazar Eziz Kakabaỳ Gurbanmyratlara
seỳregrägem bolsa söhbetdeşlige gelỳär. ―Siziň
kompaniỳaňyz ỳaman gowy. Şahyr boljaga gaỳnap
duran gazan-da‖ diỳỳär.
Goỳ,‖şahyrlaň güni jenjeldir
dawa‖—
Diỳip, dodak çöwrübersin gedemler,
Bizi şahyr eden jedeller dälmi?
Halyl, bizi şahyr eden jedeller!
Gurbannazar
gelende
töwerekdäkiler
öwünmediksirän boluşsalar-da, öwrenilen gylyk
örkleseň
durỳarmy?!
Ŷöne
Gurbannazar
öwünenlere üns bermän, gulagynyň duşundan
geçirip goỳberỳär. Özi goşgy okanda örän labzy
süỳji. Soň dymyp, aşak bakyp oturỳar. Käbir
şahyrlar ỳaly pikir aỳtdyrmaga zorlamaỳar.
Ynsanyň dymmak hukugynyň barlygyny hiç-hiç
unutmaỳan borly. Atamyradyň goşgy okaỳşyna
göwni ỳetỳär. Gurbannazar: ―Ŷaramaz goşgy
ỳazỳany hem goldamaly, belki gowy ỳazyp başlar,
ahyry, bolmanda gowy okyjy bolar‖ diỳen pikirde.
Gurbannazaryň özüni alyp barşyny gören onuň
örän terbiỳeli maşgalada ỳetişenini badabat duỳỳar.
11
Örän seresap, örän näzik hem sypaỳy, aňrybaş
hoşgylaw adam bolany sebäpli, onuň bar ỳerinde
şoňa görä boljak bolmak edähedi bar.
Uly şahyr bolmak üçin, ozaly bilen uly adam
bolmak zerurdygyny Gurbannazaryň mysalynda
gördük.
…Ŷene bir gün çagalar ỳazyjysy Agageldi
Allanazarow göründi. Ol Moskwanyň edebiỳat
institutyny gutaryp geldi. Olam bu oglanlaryň
arasyna goşulmakçy. Kakabaỳyň mellejiginiň
aỳakujyndaky ỳerde iki otaglyja jaỳy bir günde
gurduk.
Baş gurluşykçy Oraz Ŷagmyr. Beỳlekilere
garanda onda işe ỳakynlyk bar. Şoňa görä Atamyrat
―Oraz lampoçka-da ỳasap baslady‖ diỳip degişỳär.
Agageldi öz jaỳy gurlanda ne pile el degirdi, ne
kerpiç göterdi, ne-de palçyga bulaşdy. Ol ir bilen
bazara diỳip çykyp gidişine öỳlänler dolandy.
Okuw diỳip, durmuşda gören zady az görünỳär. Ol
ummasyz çagaçyl. Çaga gorse ogşap, ỳalap, sypap
barỳar. Her gün ir bilen çagajyklary ony dabara
bilen ugradỳar. Agageldi yza dönüp-dönüp
çagajyklaryny ỳaňadan ogşap-ogşap göỳberỳär. Şol
gezekleriň birinde çagalaryň arasynda çolaşyp
ỳören güjügi hem ogşapdyr diỳip, Atamyrat
gülüşdirỳär.
Geň
tarapy,
Agageldiniň
goşgylaryny
Atamyradam, Kakabaỳam, Nobatam öwỳär.
Agageldi-de Moskwanyň badyhowalygyna
gapylyp gelensoň, öwünmekde bu oglanlardan hiç
12
kem durmady. Eseri hakda bir kiçijik bellik edeniň
hem başyna gyzyljagurt bolup daş ỳagdyrỳar: ―Sen
bellik eder ỳaly kim diỳsene! Ŷeddiỳüz ỳyl yza
galỳaň. Düşünỳämiň, ỳeddi ỳüz ỳyl! Seniň bütin
döredijiligiň podmỳotki ne goditsỳa (ỳagny köwşüň
aşagyna ỳamalygam boljak däl ỳa-da basyp giden
yzyna degjek däl).‖
Agageldi ỳokka oglanlar onuň ỳeddi ỳüz ỳyl
diỳmesiniň sebäbini biljek bolup kelle döwỳärler.
Ala-böle ỳedi ỳuz ỳyl diỳmesinden bir many
çykarybilmän kösenỳärler.
Atamyrat has kesgirdir weli, olam köp kösendi.
Ahyry, bir deliljik tapdy. Aşgabat-Moskwa uçar
saparynyň nomeri ỳedi ỳüz. Şol ỳedi ỳüz nomer
kellesinde ỳer edinendir diỳip goỳdular. Şindi-şindi
hem oglanlar üỳşende şol ỳeddi ỳüz ỳylyň bu
zamanlar näçe ỳüz ỳyla ỳetenini bilmeli diỳişỳärler.
Ol oglanlaryň bir häsiỳeti bar: kim otyrylyşykda
ỳok bolsa bir salym şonuň edim-gylymyny, oturturşuny aỳdyşyp gülüşỳärler, umumy häsiỳetini
terezä salyp ölçeỳärler, ỳöne Agageldiniň häsiỳetini
weli haỳsy terezä saljaklaryny bilmän kösenỳärler.
Agageldiniň oỳnaklaỳan ala gözleri hem köp zady
güman astyna salmaga sebäp bolỳana çemeli.
Agageldi Atamyradyň ―Ölülerden Magtymguly,
dirilerden men‘ diỳenini diňlänsoň, ―Ölülerden
Tolstoỳ, dirilerden men‖ diỳmäge çekinmedi. Olar
öz şöhrat aldawyna ynanyp pel-pelleşỳärdiler, diňe
Oraz
Ŷagmyry
bu
şöhrat
paỳtunyna
mündürmeỳärdiler, onsoň ony ỳönekeỳ bir okyjy
13
hökmünde görỳärdiler. Üstesine-de ol içmänsoň,
az-kem yzagalagrak saỳỳardylar.
Kem-kemden ỳaşaỳyş ỳola düşüp başlady.
Oglanlaryň jübüsinde pul görnüp ugrady. Onsoň
bir-birege lakam goỳuşlyk döwri geldi.
Lakamsyz galan Agageldi boldy. Onuňam
sebäbi Agageldiniň örän düşnüksiz, örän
çylşyrymly häsiỳetidir. Tanap bolmaỳan adama
lakamam dakylmaỳana çemli.
Atamyradyň sähel büküdibräk ỳöreỳşini, pikir
rüstemligini görüp, onuň bu dünỳä öňem bir gezek
gelip-giden ỳaly hereket edişini synlap, oňa ―Goja‖
diỳen lakam goỳdular. Atamyrat öz lakamyndan
razy boldy hem-de bu lakama guwanyp başlady.
Kakabaỳa dakylan lakamy onuň
özüne
aỳtmaỳarlar. Onsoňam belli bir lakamda durman,
iki lakam ulandylar, olam lakamlaryň köküni kesdi.
Kakabaỳyň özüni dartyk saklaỳşy, az-kem
betgylawlygy muňa sebäp bolan bolsa gerek.
Nobatgula ―Agrar‖, ―Igli‖ lakamlary ulanyldy.
Ol öz lakamlaryna kän bir ünsem bermeỳär.
Oraz Ŷagmyra ―Ŷagly‖ lakamyny goỳdylar.
Ŷangyç hökmünde öỳde salỳarka ulanylansoň,
gyşda gyt bolỳar diỳip tomus alyp goỳan Orazyň,
baỳ, üstünden güldüler-ä. Oraz bolsa, boş
çelekleriňiz bar, sizem alyň diỳip maslahat berỳär.
―Gyş entek nirelerde‖ diỳşip gaỳra gaỳyşỳarlar. Şo
gyş ir düşüp öỳünde çagajyklary titreşip başlady
weli, o wagt ỳagy nireden tapjak?! Ana, şondan soň
Oraza ―Ŷagly‖ lakamy tirkelip goỳberildi. Indi
14
Orazdan ỳag dilemeli weli, erkekler gelmäge ỳüz
tapman, habarsyz aỳallary dilege iberỳärler. ―Oraz,
bir bedre ỳag beräỳmeseň, öỳmüz doňduryp
barỳar.‖
Orazam beỳle sebäp tapsa, hezil edinỳär.
―Ŷagdan köp zat ỳok. Siz agyr bedre göterip, ỳaga
bulaşyp ỳörmäň. Ŷoldaşyňyz gelsin, alyp gitsin‖
diỳỳär. Onsoň, näme, kynam bolsa gelmeli-dä.
Öỳdäki igenje çydaman Nobatguly bedresini
hallanladyp gelỳär. Ŷüzi örän agyr. Hemişekisi
ỳaly, sähel sakawlap gepleỳär.
-Ŷagly, sen gaty biderek adam-aỳ. Berỳäniň-ä
ỳag weli, edil gan berỳän ỳaly edỳäň-aỳ.
-Hüjüm etmek iň gowy goranyş.
-Ŷag ỳakmasak, jan ỳakarys weli, ölmejegimiz
çyndyr.
Nobatguly, adaty seresapsyzlygy sebäpli, dökänsaçan edip bir bedrä ỳag guỳỳar-da, ne sagbolsun,
ne taňryỳalkasyn bar. Sessiz öỳüne ỳumlugỳar.
Az salymdan ỳene Bibi eli bedreli gelỳär.
-Waỳ, Oraz, özüň guỳup beräỳmeseň, Atamyrat
myhmanly otyr.
Oraz derrew ỳagly çelege ỳapyşỳar. Ŷöne
Atamyradyň myhman jaỳynda yşyk ỳoklugyny
görüp, Atamyratdan ỳene bir gezek aldanandygyny
bilỳär.
Bir gezek Täçmyrat hudoznik bilen Nobatguly
Lebapda gezip ỳörkäler, solỳarka daşaỳan maşyny
görüp durzupdyrlar.
-Solỳarka satsana.
15
-Al, agam.
-Onda göni Nahalstroỳa gideli.
-Nahalstroỳ diỳỳäniň nire?
-Sen, näme, Aşgabatly dälmi?
-Ŷok, bäri Lebap.
-Wi-i, bagyşla, biz özümizi Aşgabatdadyrys
öỳdüpdiris.
Ŷag gytçylygy, kähalat, şeỳle aljyraňňylyga-da
salỳar.
Uzak gyş gijeleri oglanlaryň öỳlerinde gezekgezegine diỳen ỳaly üỳşüşip, örän giň örüli
gürrüňler edilỳär. Atamyratlarda oturylsa, her kim
manty ỳa-da dolama iỳjegini bilỳär, Kakabaỳlar,
elbetde, unaşa ökde. Indi, öňküler ỳaly suw, un,
burç däl-de, et, noỳba hem goşulỳar. Nobatgulylar,
köplenç çorba berỳär. Bol etli çorba. ―Bi, näme,
Nobatguly, mydama sizde çorbala?‖ diỳseň,
―Myhman köpelse, suw guỳaỳmaga amat bolỳar‖
diỳỳär. Bir myhman geldigi Nobatguly gaty
ardynjyraỳar weli, aşhanada nahara suw goşulỳar.
Muny duỳan bir myhman öỳe girenden: ― Nobat,
ardynjyrama, men tiz gitmeli‖ diỳipdir. Agageldiler
tagamly türkmen palawyny bişirỳärler. Özem
köneçe bişirỳärler. Tüwini et, käşir bilen garman,
örän owadan palaw taỳỳarlaỳarlar. Käşiriň iri,
uzyn-uzyn dogralany bada-bat goze ilỳär.
Agageldiniň palaw iỳşini synlasaň hem bir palaw
iỳençe lezzet alỳarsyň: ol örän tiz iỳỳär we doỳup
goỳändyr diỳer ỳaly däl. Ol harby gullukda desant
bolansoň, nahary tiz iỳmek däbi şondan galana
16
meňzeş. Desant sözi agzalsa, Agageldiniň hezil
edinỳänligini hem ỳüzugra aỳtmaly. Ol onsoň
desant durmuşyny ep-esli gabardyp, örän şowhunly
gürrüň berỳär.
Agageldi desant bolanyna gaty gabarylỳar.
Hatda Oraz Ŷagmyryň : ―Men raketaçy boldum‖
diỳmesine-de ―Desandyň ỳanynda raketaçy bir
köpük‖ diỳip pagtabent atyp goỳberỳär. Bir gezek
azyk magazininiň müdiri Şamyrat aga ỳazyjyşahyrlary çagyryp, magaziniň arka ỳüzünde arakkonỳak skladyna salyp hezzet-hormat etdi.
Atamyrat otlawaç-da. Ŷuwaşjadan: ―Agageldem
desant bolup gulluk etdi‘ diỳdi-de göz gytagyny
Agageldä aỳlap goỳberdi. Az salymdan Agageldi
desant bolup Çehoslowakiỳa zyňylyşy hakda uzak
gürrüňe başlady. Has gyzyşanda goltugyny açyp,
çöp çyzan ỳaly bir çyzygy hem görkezdi. ―Şu ỳarada Çehoslowakiỳanyň üstüne bökenimde boldy‖
diỳdi weli, bir sagada golaỳ bäri dymyp, diňläp
oturan magazin müdiri Şamyrat aga çydap bilen
däldir-dä: ―Agageldijan, Çehoslowakiỳada näçe
gün bolduňyz?‖ diỳdi. ―Bir hepderäk bolduk.‖
―Onda ỳagşy-la. Biz Çehoslowakiỳa 1945-de
girişimizden kyrk sekiziň ahyrynda gaỳtdym-da‖
diỳdi weli, oglanlar pakyrdaşyp gülüşdiler.
Oraz Ŷagmyrlarda nahar iỳilse, köplenç, goỳnuň
kelle-aỳagy bolỳar. Ol bir ỳerden arzanja bahasyna
örän tämizje hem täzeje kelle-aỳak getirỳär.
…Ŷene bir gün onuň ―At çapan‖ hekaỳasy
radioda gidip başlady weli (o hekaỳa soňra on sekiz
17
ỳyllap radioda berildi), redaktory Allaberdi Durdy:
―Bir toklujyk soỳup ỳuwaỳsaňa‖ diỳip köp
aỳdansoň, Allaberdi we goňşy oglanlar Orazlara
üỳşdiler. Orazam bir tokly soỳan kişi bolup otyr.
Ynha, kelle-aỳak geldi. Allaberdi: ―Men
aỳakçyldyryn‖ diỳip bir aỳagy özüne çekdi. Derrew
iỳdi-de ỳene bir aỳaga el uzatdy. Şonda ol ỳazgyn
çanakda ỳene dört aỳak barlygyny görüp doňup
galdy.
Oglanlary soňky
wagtlar
çagyrylmadyk
myhmanlar gaty heläk edip başlady. Olaryň on bäş
gün bolup gidỳäni hem bar. ―Pylanyny myhman
çüỳredỳär‖ diỳşip, oglanlar daşyndan gülüşỳärler.
Şo gije ỳene bir topar myhman dökülip, hälki
gülüşỳänleriň külbesiniň dar törüni eỳeleỳärler
weli, olaryň gülküsi çekgesinde doňup galỳar.
O döwürki myhmanlaryň bir däbi bardy: yzyna
myhman tirkäp geläỳỳärdiler. Soň şo tirkelen
myhmanyň
özi
gelip
başlaỳardy.
Ŷöne
myhmanlaryň
arasynda
şahyr
Amandurdy
Annadurdynyň geň häsiỳeti bar. Oňa Sary bilbil
diỳỳärler. Örän beỳik şahyr. Ynha, ol, özi
Aşgabatda ỳaşasa-da, her gije biriniňkä myhman
düşüp başlady. Bir gün däl, on gün däl, soň-soň
dynç günleri-hä gündizine-de gelỳär. Bir gelse örän
uzak oturỳar, özem ile gezek bermän, aldygna
rubagysyny okaỳar.
Aman hernäçe gowy şahyr, gowy adam bolsada, bizar etse, soň sowaşyp başlaỳarlar. Onsoň ỳene
18
bir gün oglanlar üỳşüp, Amandan halas bolmagyň
ỳollaryny gözlediler.
-Amanyň rubagylaryny öwỳäs. Indi geler weli,
rubagylaryny kül edeliň, şonda bu taỳdan aỳagy
kesiler.
-Aman geldigi gizleneliň-de öỳdäkilere ỳok
diỳdireliň.
-Beỳdip gaçyp ỳörenden: ―Amanjan bizi heläk
etme. Bizem ỳaşamaly, ỳazyp-pozmaly diỳip
ỳüzüne aỳdalyň.
-Ŷo-ok. Gelende çaỳ-suw bermän aç saklalyň.
Onsoň Amany daňyp saklabam bilmersiň.
Başga-da köp çäre orta atyldy. Ŷöne Amandan
dynjaklaryna ynanỳan ỳokdy.
Şondan soň Amandan gaçyşlyk başlandy.
Amanam yza çekiliberenok. Bibi daşarda işe
güỳmenip, Aman göründigi: ―Atamyrat öỳde ỳok,
Oraz-a öỳünde‖ diỳip başlady. Oraz jaỳy has dar
bolansoň, özem gödensiz uzyn bolansoň, az-küş
ỳerde gizlenibem bilmeỳär. Ŷöne ol bir gezek
basga bir ỳol tapdy. ―Atamyrat seniň rubagylaryňy
ỳaman gowy görensoň, bir kitaba goşjak diỳỳä‖
diỳip Amana aỳdỳar. Aman bolsa: ―Wah,
Atamyrady görjekdim weli, Bibi Atamyrat ỳok
diỳdi-dä‖ diỳỳär. ―Bibi Atamyradyň öỳe gelenini
görenem däldir. Ŷaňyja işden bile geldig-ä.‖ Onsoň
Oraz Amany yzyna tirkäp, Atamyratlara ugraỳar.
Bibi: ―Amany Orazlara ugratdym‖ diỳip
arkaỳynlanyp öỳe giripdir. Oraz gelşine gapyny
kakman öỳe girỳär-de Atamyradyň iş otagynyň
19
gapysyny çekỳär. Otagda Atamyrat görnenok.
Aman bolsa ―Atam ỳokdur-la‖ diỳỳär. Oraz Amana
ümläp, duldaky krowadyň tutusyny galdyr diỳỳär.
Aman tutyny galdyryp jyklasa, Atamyrat eli kitaply
ỳatyr.
-Atam, bu taỳda ỳatmaň näme?
-Öz öỳüm, nirde ỳatamda näme?!
… Ŷene bir gün Aman Orazlaryň gapysyny
kakỳar weli, Oraz hasyr-husur gizlenỳär. ―Oraz
heniz işden gelenok‖ diỳip, Orazyň gelni jogap
berỳär. Açyk gapyda öỳe bakyp duran Aman şahyr:
―Oraz işde bolsa, o krowadyň gyrasyndan çykyp
ỳatan aỳaklar kimiňki?‖ diỳỳär.
Amanly ỳagdaỳ birki aỳdan sowuldy gitdi.
Onsoň ỳaňadan Amany, onuň joşgunly okaỳan
rubagylaryny küỳsediler. Ol il içinden irginsiz
toplan almaz dänelerini gije-gündiz ỳylmapỳylmap, merjen-zümerret derejesine ỳetirỳär. Ol bir
öỳe, bir şähere, bir ỳurda sygjak şahyr däl. Şoňa
görä bolsa gerek, ol bir ỳerde karar tapman çawjap
ỳör. Şahyr bu dünỳäni ỳüregine sygyrsa-da, şahyr
ỳüregi bir dünỳä sygmaỳar. ―Ŷazyp ỳetişmedik
goşgy setirim, kepenimden çykar kebelek bolup.‖
…Ŷene bir gün şahyr Italmaz Nury
Atamyratlara gelỳär. Töwerekdäki oglanlaram
üỳşỳär. Ŷaz ỳaly şahyr. Onuň bir geň häsiỳeti bar:
köpleriň eşiden syryny diňe özi bilỳän ỳaly edip
aỳdỳar.
-Eşitdiňmi?
-Ŷok.
20
-Öz aramyzyň gürrüňi weli, Pylanyny pylan
baỳraga hödürlediler. Baỳrak alỳança hiç kime
aỳtmaweri.
Italmaz
beỳle syrjagazlaryny,
ỳanyňdan
aỳrylmanka, üç-dört kişä pyşyrdap ỳetişỳär.
Italmaz özi hakdaky anekdotlar aỳdylsa, heziller
edỳär. ―Gowusy, Atamyrat, Atamyrat, özüň
aỳtsana‖ diỳip tiz sözleỳär. Onsoň Atamyrat goşgy
okamaga ökde bolşy ỳaly, anekdotlary hem şirelije
aỳdyp başlaỳar. Italmaz, bu anekdotlary müň gezek
eşidenem bolsa, birinji gezek eşidỳän ỳaly,
ỳürekden gülỳär.
Bir anekdot: Italmaz Moskwada edebiỳat
institutynda okaỳarka, köplenç, sapaga gijä galyp
barỳar ekeni. ―Şu gün bir wagtynda baraỳyn‖ diỳip
ot alyp giden güni hem giç barypdyr.Professor
Italmazyň gapyda bir aỳagy ak köwüşli, beỳlekisi
gara köwüşli galpyllap duranyny görüpdir.
-Mähribanym. Aỳagyňa nämeler geỳip gelipsiň?
-Bagyşlaň, öỳde galanlary hem şuň ỳaly.
Ŷene bir anekdot: Italmaz Moskwada bile ỳaşapokan dosty, Azerbeỳjanyň uly şahyry Fikret Gojany
Türkmenistana näçe çagyrsa-da gelmändir. Onsoň
bir gün: ―Italmaz öldi. Ertir bäşde jaỳlanỳar‖ diỳip,
Bakuwa telegramma iberỳär. Ertir Bakuwdan gelen
uçardan Fikret Goja gözlerini ỳaşardyp düşỳär weli,
garşysynda Italmaz ỳylgyryp dur.
-Bah, bah, ba-ah! It ölür, Italmaz ölmez-diỳip,
çepiksizje Italmazy gujaklapdyr.
21
… Ŷene bir gün Atamyrat her goňşudan pul
ỳygnap, meşhur bagşy Ödenyỳaz Nobaty çagyrdy.
Atamyradyň giň otagynda, ỳagny Aman şahyrdan
gaçyp, krowadyň aşagynda gizlenen otagynda
ilkagşamdan gaty lezzetli aỳdym-saz başlady.
Agageldi şobada uklady. Muňa gözi düşen
Ödenyỳaz Nobat gaty geň galdy. ―Bä-äỳ,
Tagtabazarda iki aỳaklylaryň ählisi aỳdym-saza
ỳakyn‖ diỳip ỳördüm weli, bolmado-ow‖ diỳdi.
―Agageldiden gaty görme. O çagalar şahyry
bolansoň, çagalaň ỳatỳan wagty ỳataỳmalydyr.
Onsoňam Agageldiniň iň gowy wagty ỳatan
wagtydyr. Ondan saňa diňleỳji bolmaz. Ol sygryň
sesini eşegiň sesinden zordan tapawutlandyrỳar‖
diỳip, Oraz Ŷagmyr sözledi. Bagşy Gün dogardogmazda dutary bir ỳanynda goỳup, derini sylyp
otyrka, Agageldi oỳanaỳdy. Turşuna: ―Tüweleme,
Öde akga uzak gije gaty gowy aỳdym aỳtdyň‖ diỳdi
weli, bagşy hem ―Tüweleme, senem uzak gije gaty
gowy ukladyň‖ diỳdi.
Ynha, Nahalstroỳda geçen bäş-alty ỳyl garyplykpukaralyk bilen geçenem bolsa, o ỳyllar uly
sapaklar berdi. Soň şähere-döwletiň beren jaỳlaryna
göçüşlik başlady. Wezipe keseli hem köpüsine
degdi. Şo arada gözel ỳaşlyk hem geçip gidipdir.
Ŷollar aỳrylyp başlady.
Şeỳdip, her maşgala bir ỳerden çykdy, emma
ỳakymly ỳatlamalar weli, ömür boỳy bizden
aỳrylmasa gerek.
22
Yşk Damjalarý
Söýgi hem, edil guş ýaly, kâ uçýar, kâ
gonýar. Öz köňlüňe bak! Yşgyň köreýân bolsa, bu
seniň okamaly kitabyňdyr. Okaňsoň, yşgyň
joşuşyna-da bir bak!
***
Seniň gözleriň gara-da dâl, mawy-da däl,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.