Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04

Total number of words is 3704
Total number of unique words is 2143
29.9 of words are in the 2000 most common words
41.7 of words are in the 5000 most common words
48.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
türkmen ýigidini göräýdi. Gördügi, göni şoňa tarap
ýumlukdy. Häzir o ýigit Eseniň gözüne Hydyr
atadan gadyrly, erkek dogandan ileri göründi. Şu
mahal bi dil bilmez Sibirde ýanynda bolmasa,
erkek doganyň on bolanda näme?!
– Inim, salawmaleýkim! Asyl, senem şu taýda
ekeniň-ow. Sag-aman ördünmi? –Esen sözläp
durşuna ýigidiň jübisinden sogrup diýen ýaly, iki
goly bilen mäkäm gysyp elleşdi.
– Salam.
77
– Inimjan bir adyňy aýdaweri.
– Döwran.
– Wah, Döwranjan, adyňa döneýin. Başyma bir
bela düşdi weli, özüň dilini tapyp sowaweri.
– Näme boldy? –Döwran Eseniň ýanynda duran
milisionere geňirgenip bakyp goýberdi.
– Aý, ho-ow, şunuň niýeti gowy däl, meni hiç
ýana sypdyrman alyp gelýä.
Döwran rusçalap eseniň ýanyndakydan ýägdaýy
sorady.
– Agam, sen özüňi on altynjy etaždan zyňjak
bolupsyň...
– Ýog-a, zyňmakdan hudaý saklasyn. Bä-ä,
bular beýle düşünen eken-ow. Men nä-müçin
özümi jaýdan zyňaýyn?! Obada gül ýaly oglum
garaşýar-a. Aýalymam bar /aýalyna gül ýaly
diýmäge dili öwrülmedi/. Ant içýä diý. Dilhat ber
diýselerem bereýin.O näzeýilli boldy diýeňde...
Esen onsoň bolan wakany jikme-jik gürrüň
berdi. Döwranam ony milisionere terjime
etdi.Şondan soň Esene rugsat berdiler welin, ol
edil ýigrimi ýyl tussaglykda oturyp erkinlige
çykan adam ýaly begendi.
Şol günuň öýläni Döwran ony teplohoda
mündürip gaýtdy. Henize çenli çelek ýalyjak
gaýyga-da aýak basyp görmedik Esene bu ägirt
gämi gaty geň göründi. ―Edil şäheriň bir bölegi
ýaly-how‖. Ol hernäçe çekinjeň bolsa-da
bilesigelijilik ondan rüstem çykdy. Onsoň Esen
―şäheriň bir böleginiň‖ her öwrümine, her künjüne
78
aýlanyp başlady. Gyzyl agaçdan lowurdap duran
gapylar, penjireler, diwarlar, ýatak ýerleri Eseni
haýran galdyrdy. Ol şonda Güljahanyň igençlerini
mamla hasap etdi.
―Obada biz ýaly garyp pukara bamy?! Hi,
öýüňe üns
berýämiň?! Iller häzir şuň ýaly
harabaňda sygyram saklanok. Hanha, haýsy perma
baryp görseň tagta polly, bişen kerpiçli jaýlary
bar. Indi biz sygyrça-da bolmadykmy?! Öýüň
içine-de gözüň düşsün ahyry. Iliň öýüne barsaň,
gatbar-gatbar haly düşelen, lowurdap duran
garnaturly. Hanha, ilerki Hommadyň bizden nämesi
artyk?! Ýöne öýüne girseň gül pürkülen ýaly-da.
Ýere ýazanyny az görüp, halylary düýrüp-düýrüp,
burçda sim agaç ýaly soýäp goýaýypdyr.
– O magazinçi ahyry.
– Senem magazinçi bol! Sen, näme, şondan kem
erkekmi?! Gije-gündiz gara ýaga bulaşyp, alýan
aýlygyň geýimiňi täzelemäge ýetenok. Şu mahal-a
diňe ikimiz,çagamyz bolsa... –Güljemal soňky
sözleri diliniň badyna aýdyp goýberdi.
– Be-e, bolarmy-aý?
Güljahan bu ahwala has hem ýumşady, ernini
ýyrşardyp goýberdi-de batly turşuna çyrany öçürdi.
Ine, indi gezek Eseniňki. Öýke ýazmaga şundan
amatly
pursat
bolmaz, gepsiz-gürrüňsiz
düşünişäýmeli, emma Esen penjireden düşýän
ýagta bakyp, oturşyny-da üýtgetmedi. Güljahan
beýle ýanda birzatlary hasyrdatdy, kim bilýär,
79
düşek ýazdymy, nämemi; Az salymdan dymdyrslyk aralaşdy.
Esen gozganmady.
Güljahana dünýä ýüzi elpeşelpe görnüp ugrady,
özi hökmurowanmyş, obada hormaty ulumyş, iň
söýgüli gelinmiş. Esen hem gelşikli, ýakymly
göründi. Şu
mahal
Güljahan özüniň uzyn
gollaryny Eseniň sypalaryna garaşyp, indi geler,
şindi geler diýip ýatdy.
Esen gelmedi.
Güljahan ulydan dem aldy.
Esen näme ederini bilmedi.
Az salymdan Güljahan tüm içinde Eseniň edil
alkymyndan çykdy, gyzgyn demi hem Eseniň
ýüzüne çabyrady. ―Aýu, saňa ähli zady öwredip
oturmaýyn. Bäri süýşäý‖diýdi. Soňra
tümlük
kanuny güýjer girip ugrady.‖
Esen bu wakany ýatlap, ýeňil gerindi. Igensede, sögünse-de Güljahan gül bolup göründi.
Agşamlyk turistleri jemläp Krasnoýarskiniň
opera hem balet teatryna alyp gitdiler. Esen hatda
opera bilen balediň tapawudyny bilmese-de, bilesi
gelmese-de gitdi. Ony haky köýýän ýaly duýgy
öňräkden bäri heläkläp ýördi, hut teatra hem
hakyny köýdürmejek bolup gitdi.
Tomaşaçylar Çaýkowskiniň ―Guw köli‖
baletine lezzet bilen bakýardylar, Esen weli muňa
bütinleý gyzykman, gaýta onuň içi gysyp başlady.
Ol töweregine garanjaklady, oturjagyny gitjegini
bilmedi. Ýeke özüniň ýol tapmajagyna göz
80
ýetirende bolsa ymykly oturyberdi. Edil öň ýanynda
bir ýigidiň ýanynda oturan gyzy, sahna
garaňkyladygy, öpýändigini Esen gördi-de şoňa
gyzygyp başlady. Söýüşýänler saklanyp bilmän,
garşy-garşy
bir-birege ýaňaklaryny mähirli
oýkaşýardylar. Esenem bulara agzyny süýjedip
bakýardy. Emma ep-esli salymdan munuňam
gyzygy gaçdy. Indi Esen nämä bakjagyny bilmän
aşak garap oturdy, soňra irkilip ugrady. Ýigit gyzy
öpýän pursatynda Esen uklap, gaty burny bilen
ýigidiň ýagyrnysyna gütüledip urdy. Ýigit tisginip
uýalmakdan ýaňa arkan bakybam bilmän, ümsüm
öňe bakyp oturdy. Esenem tisginip oýandy-da bir
salym dik oturdy, öz bolşundan müýnürgedi,
emma namart uky ýene duýdurman geldi-de Eseniň
gaty burnuny ýigidiň ýagyrnysyna düňküldetdi.
Ýigidem öz bolşundan müýnürgäp, sessiz-üýnsiz
oturdy.
*
*
*
―Şäheriň bir bölegi ýaly‖ gämi Esen dagyny
gerşine mündürip ir säherler syýahata ugrady. Edil
sallançagyň üwrelmesi ýäly mylaýym yranýan
gämi, töweregiň tämizligi, arçalaryň ýaşyl tolkuny
Eseniň keýpini göterdi. Ol syrdam agaçlara
nebsewür bakdy. Sebäbi obada jaý salynýanlar jaý
basyrar ýaly agaç tapman kösenýärkäler, bu taýda o
agaçlar
biminnet ösüp ýatyr. Ol görenlerini
obadaşlaryna hökman gürrüň berer. Üstesine bu
gäminiň hyzmatyndanam Eseniň göwni hoş boldy.
81
―Günde üç wagtyna nahar berýärler-ow. Öýde
görmedik hezzetimi görkezjekler-ow‖. Esen stola
goýulýan iýmiti nebsewür iýdi, hatda ajy gorçisany
hem nana çalyp, gözüni-burnuny tütedip-ýaşardyp
iýip tüketdi. Eliniň, agzynyň ýagyny bolsa menýu
ýazylan kagyz bilen süpürişdirýärdi. Nahar başynda
onuň garşysynda oturýan gaty ýognas zenan çişgin
gabaklaryny zordan açyp, her sapar Eseni öwüp
başlady, hemem oňa mähirli garap doýup bilmedi.
– Molodes, molodes. Sen çyn erkek kişigä
ogşapsän. Işdäň
käsilmesin. Ärkek
diýlen
iýegenje bolur. Iýmese erkek iş bitirip bilmez ahy.
Sän molodes, molodes.
Esen bu çalgyrt dilli aýal bilen bir stol başynda
oturanyna begendi. ―Başga bir dil bilmez duşaýsa,
baý, kösenerdim-ä‖. Ýöne o zenanyň özüne bakyp
köp ýylgyryşyna düşünip bilmedi. Onsoň Esenem
oňa ýylgyryp bakdy. Şeýdip, ertir, günortan, agşam
nahar başynda bir-birege ýylgyryp bakmak oýny
başlandy. Ýognas aýal barha mähremleşip, söz
arasynda
duýdurman,
Esenjan
diýibem
ýüzleniberdi. Eseniň bolsa şol durky. Asyl, onuň
göwnüne başga zatlar gonanogam. Zenan welin
şeýle ýalynjaň ýylgyryp, gözleri bilen çepiksiz
Eseni ýuwudaýjak bolýar. Üstesine-de bir gün
günortan nahar iýip otyrkalar Esen atanlykda şo
zenanyň aýagyny basaýmazmy?! Ana, ýaňky
şobada öz razylygyny bildirýän hökmünde Eseniň
aýagyny batly-batly basyp goýberdi-de hakyrdap
güldi. ―Sän ýakşyginä äkäniň‖. Esen şundan soň
82
bir zatlar güman edip başlady, pikirlendigiçe-de
gorkusy artdy. Hasyr-husur naharyny iýip, turup
gaçmakçy bolup ýerinden gozganany hem şoldy
weli, semiz
zenanam bile turdy. ―Esenjan,
kaýutamyň gapysy açylanýok, ýür şony körüp
berewer‖. Esen ýok diýjekdi, başga ýere gyssanýan
diýjekdi, gapy bejerer ýaly men ussa däl, başga
ussa tap diýjekdi. Garaz, bir bahana tapyp
zypberdini çaljakdy, emma o zenany öykeletse, bu
giden mähelläniň içinde Esene dilmaçlyk etjek
ýokdy. Onsoň ýene lal ýaly bolup gezmeli
boljagy ýadyna düşende bialaç razy boldy. Semiz
zenanyň öňune düşüp, gorka-gorka ýöräp, kaýuta
gaty tiz ýetdiler. Esen edil gapynyň deňinde
saklandy weli, semiz zenan bir eli bilen gapyny
itip, beýleki eli bilenem Eseni südürläp diýen ýaky
özi bile otaga saldy. Girişine gapyny şeýle bir tiz
ýapdy-da gapa ýaplanybrak durşuna gözlerini
ýumup, ―Wah, Esenjan‖ diýip, agyr gerindi, ýaka
bagjygyny çöşledi. Esen biçäre bolsa, öž üstüne
abanyp duran zenandan howy basylyp, eli-aýagy
titräp başlady. Bu darajyk otagdan nädip baş alyp
çykjagyna akly ýetmedi. Az salymdan zenan
gözlerini açdy. Onuň gözleri Eseni
hasam
eýmendirdi.
– Sen nimägä mäni istemäýipsän?
– Meniň gelnim bar.
– Onda nimägä mängä külüp baktyňyz?
– Bilmän gülüpdirin, bagyşla.
– Onda nimägä aýakymny bastyňyz?
83
– Bilmän basypdyryn.
– Ýo-ok. Sän mäni taşlaýypsan. Başga zenanlara
köz tikäsän.
– Ýok, ýok. Meni çykarsana.
– Sän Arkäkmiň?
Esen bu söze üns bermedi-de gapa tarap dyzap
durşuna: ―Ýok, ýok. Meni goýbersene‖ diýip
ýalbardy. ahyry, ol zenany zordan birýana iteläp,
gapydan zarp bilen çykyp gaçdy. ―Eý, huda-aý,
bir beladan sypdym-ow.‖ Ýöne öňi-soňy
gözlerinden gorky gitmedi. Her demde, her
salymda semiz zenan yzarlap geläýjek ýaly,
kuwwatly gollary bilen Eseniň ýeňsesinden gapjak,
öz kaýutasyna südürläp dykaýjak ýaly boldy durdy.
Onsoň Eseniň bütinleý keýpi gaçdy. Bu taýy
gury ýer ýalam däl, gämiden gaçyp gitjek gümanyň
ýok. Her ädimde, her öwrümde bir-birege sataşyp
durmaly, iň beteri-de Esen o zenan bilen günde üç
wagtyna bir saçagyň başyna oturyp nahar iýmeli.
Häk, öz-ä, o ýene Eseni girisine salaýmasa.
Esen indi nätsekä? Wah, belanyň körügi
Güljahanda-la. Şo gyssamasa, şo igenmese, Esen
ömür öýden çykjakmy?! Dynç başyny bu belalara
sataşdyrdy-da. Öýüňde otur-da hudaý diý-dä.
Wah, indi etjegini bilýä-le. Şu sapar bir sag-aman
öýuňe barsyn bakaly. Onsoň gaýdyp ony öýünden
çykarybilýän tapylaýarmyka? Güljahan-a däl,
şondan on esse beterräk aždarha bolsa-da Esen
gaýdyp öýünden çykmaz. Hawa, diri-hä çykmaz,
maslygyny bolsa nätseler şeýtsinler.
84
Esen, ynha, şeýle karara geldi. Karar karar
weli, öýe ýetýänçä iş bar. Has çatak ýeri hem o
zenandan gaçsa, Esene kim dilmaçlyk eder. Hanha,
Krasnoýarskide eger şol oglan bolmadyk bolsa
Eseni, kim bilsin, haýsy gözenege dykardylar?!
Hawa-a, ýagdaý öwerlik dä-äl.
Esen ön bir ýola eşek söwdasynda-da şeýle
çykgynsyz ýagdayda galypdy...
...Günleriň birinde Güljahan gozakly motosikl
ýa maşyn diýip, ters dawa tutmady-da kolhoz işine
gatnar ýaly daýaw eşek satyn al diýip tabşyrdy.
Eline-de iki ýüz manat tutdurdy. Onsoň Esen, heniz
zat alyp, zat satmansoň, bazara ýaydana-ýaýdana
gitdi.
Ynha, güwwüldäp duran mähelle. Esen eşek
bazarynyn derwezesinden giren ýerin-de bir eşegin
töweregine egrilişip duranlary gordi-de şo ýere
bardy. Bir kişi eşek eyesiniň goluna goluny
şapladyp urdy.
– Ýüz segsen manat berjek, nädýä?
– Ýok, ýok. Iki ýüz bolmasa, eşegiň
ýüpündenem tutdurjakgäl.
– Bahasy ýetdi, ber-how!
– Ertirki söwdany sypdyrma, ahmyr edersiň.
– Meniň eşegim ýaly eşek şu bazarda-ha ýokdur.
Munuň horraklygyna bakmaň, gaty sagdyn eşeg-ä.
Bökjekläp durşuny görmeýäňizmi?! Munuň diňe
ady eşek, özi at ýaly-da. Onsoň neneň arzan
bereýin.
85
Esen: ―Eger iki ýüz manada şeýle eşek
berilýän bolsa, mende-de iki ýüz bar‖ diýip
oýlandy-da mundan aňry gidesi hem gelmedi. Ol
bahasyny berip, eşege münenine mähetdel eşek
dabyrdap gitdi. Esen elejiräp barşyna, öz
söwdasyndan göwni bitdi. ―Ýigrimi manadyň
gürrüňini edip... Munuň ýaly eşege üç ýüz
berseňem azdyr. Güljahanam begenäýedir-dä‖
Eşegi dikgirdedip öýe gelende Esen Güljahana
bilesigeliji
bakdy.
―Begenermikä,
gaharlanarmyka?‖ diýip jany çykara geldi. Ahyry,
Güljahan ―Bolaýypdyr‖ diýdi welin Eseniň demi
dürseläýdi. Söwdadan göwni bitipmi, nämemi, ol
ses-üýnsiz çaý demläp, törde arkaýynrak oturan
Eseniň öňüne süýşürdi. Şkafdaky baňkalary
şakyrdadyp, arasyndan bally baňkany tapyp,
saçakda goýdy. Eseniň baldan datman, diňe çaý içip
oturşyny görende edil myhmana aýdýan ýaly
mylaýym owazly: ‖Esenmuhammet, baldanam
iýsene. Näme, işdäň ýok-la?‖ diýdi welin, Esen
muňa monça boldy. Ol ejesi öleni bäri haçan beýle
söz
eşidipdir?! Onsoň Esen eräp-elejiräp
oturyberdi. Güljahanam bir käse çaý guýunyp
Esene ýakyn oturdy.
– Daýaw eşek ekeni. Işe horlanman gidip
gelerin. Işden gaýdyşynam ot ýükläp gaýdaryn.
Birnemejik ot ýygnap bilsek, güýzde3 mal
arzanlanda bir sygyr edinmesem bolmaz. Gapymyz
körüň külbesi ýaly çaňap ýatsa, il näme diýer?! Bu
döwürde malyň bolmasa, malça mertebäň ýok.
86
Senem eliň degşi bilen kerpiç guý-da sygyr küme
sal.
– Jaý örüp bilemok-da.
– Derrew bilemok diýip başlaýaň-da. Erkek
bolarsyň-da jaý örüp bilmezmiň?! Ikisinem örersiň.
Küme bolmasa, sygyr almaz diýýänsiň weli,
gözüňe basyp alaryn, baý alaryn-a.
Esen howatyrly dymdy. Güljahanyň gury
ýandak ýaly ýanyp-tutaşyp gidibererinden heder
etdi.Hernäme bolsa-da Güljahan köşeşdi-de öýüň
ownuk işine güymenip uzak oturdy. Esenem
gyssanman çaý içdi, oturan ýerinde kämahal irkilipirkilip gitdi, ahyrda arkan gaýşyp, tisginip oýandy.
Hälem muny Güljahan görmedi. Güljahanyň ýek
ýigreneni – oturşyna irkilýänler. Muny Esen ýagşy
bilýardi, irkilen gezeklerinde aýdylan azmly sözleri
hem ýatdan çykarmandy. Ýöne, näme, uky bir
namart zat-da.
Esen ýerinden turdy.
– Güljahan eşege ot-suw bereýinmi?
– Gelen badyňa özüm otam berdim, suwam
berdim. Ýöne içirgisine, gaňňasyna seredişdir,
öýlän işe münüp gitjek.
Esen tamdan çykyşyna eşege bakdy welin, tas
arkan serpilip gaýdypdy. Şagga gara der basyp,
gözi ümezläp durşuna, ilki bilen kellesine uran
pikir – Güljahan derime saman dykar – diýen
gorky boldy.
Bazardan gaýdanda gaty dikgije gelen eşek
çalam-çaş bolup ýatyrdy, süňksüz ýaly her aýagy
87
bir ýerde, gulagy topur içinde, gözleri zordan
açylýardy. ― Janawere näm bolaýdyka? Be-e,
munuň-a ýagdaýy gowy däl-ow. Birden öläýse
näderkäm?‖ Illeriň
gapysynda näçe eşek
daňylgydyr welin, kesel, aýlanyp- öwrülip Eseniň
iki ýüz manat berip alan eşegini tapaýmaly
bolarmy?! Hanha, aljak bolsa iki eşekli, atly,
düýeli-köşeklikişilerem-ä
gyt däl. Alsyn
şolaryňkyny. Birini alany bilen garyp düşjek
gümany ýok. Iki ýüz manady toplajak bolup
Güljahan ikisi näçe garzyndylar, illeriň bolsa
müňläp-müňläp puly bar. Özge bolmasa, Hommat
magazinçiniň üstünden iýnsin. Eşegi bolmasa,
sygry bar, agyl doly goýny bar. Alsyn şony.
Päheý, bu dünýäniň adalatsyzlygyny. Atylan daş
ilki bilen Esene degmelimidir?! Onuň önki
azaram bir är egnine ýeterlik dälmi, näme?!
Güljahanyň göwnüne ýarap bilse, Esene başga
näme gerek?! Ynha, häzir eşek öläýse Güljahan
gaharyna Eseni öldüräýmezmi?!
Eşegiň welin, şo çalajan ýatyşy, başyna gonan
siňekleri-de kowmaga ýaranok.
Esen heniz özüni dürsemänkä, Güljahan aldajy
ýaly bolup daşary çykdy. Güljahany goren Esen öz
göwresi bilen eşegiň bolup ýatyşyny gizlejek
boldy. Olam şeýle bir göz-görtele boldy welin,
Güljahan bir bolgusyzlygyň barlygyny şobada
duýdy.
88
– Hany, çekil beýläk! – Güljahan göni geldi-de
―Hyh‘ diýip eşegiň bykynyna depdi. Eşek bir
gozganan ýaly etdi-de ýatyberdi.
– Hudaýym, hernä senem ýer ýuwutsyn, alan
eşegiňem ýer çeksin. Waý, iki ýüz manadym kül
boldyle-eý!
Esen bir zat diýip özüni aklajak boldy welin,
Güljahan: ―Ýok bol! Gözüme görünme!‖ diýip
jabjyndy, özi bolsa eşegiň gulagyndan çekip
gördi, guýrugyndan çekip gördi. Bolmady. Onsoň
beýle ýanda näderini bilmän sömelip duran Esene
zäherini pürküp ugrady. ―Sen bir bagty gara
bolmasaň, alan malyňy görüp almazmyň? Erniňi
sallap duransyň, it aldanan ýaly aldanda ýör. He-eý,
symmaty guramyş. Bar, indi eşegiňi nirä dyksaň
dyk-da iki ýüz manadymy tap. Şo puly tapmasaň,
şu öýden diri girip-çykaryn öýtmegin!‖
Ýoldan geçip barýan birki sany adam eşegiň
ýatyşyny gördi-de: ―Muny Ýazgeldi gaňňaça
aýdaýyň. Ugruny tapar‖ diýip geçip gitdiler. Esen
Ýazgeldi gaňňaçyny gaty tiz tapyp getirdi.
Gaňňaçy eşegi görenden: ―Häk, aldap satypdyrlarow. Bu eşek neşä öwrendekli bolan eşek-dä.
Tirýek tapybilseň-ä gowusy, bolmasa-da eptekden
bäş-on paçka kelleagyry derman tapsaň, eşegiň
dikeler‖ diýdi.
Güljahan muny diňläp durubilmedi.
– Hi tirýek beribem eşek saklap bormy?
– Indiki bazara çenli saklamasaňyz bolmaz.
Bazar güni
dermandan
keýpini
kökledip
89
satarsyňyz-da. Eger satybilmerin öytseňiz, maňa
muzduny berseňiz, özüm sataryn.
– Muzdy näçe?
– Iller-ä ýigrimi bäşi berýä. Onsoňam eşegi gaty
gymmada alypsyňyz. Iki ýüze sataryn-a diýip
bilmen.
– Wah, pulumyz harama çykjak-da – Güljahan
Esene şeýle bir hyrsyz garady welin, Esen şobada
aşak bakaýdy.
Güljahan hernäçe kelle döwse-de, eşegi
zyýana galyp sataýmakdan
başga
çykalga
tapmady. Onsoň dermanhana baryny syryp, ep-esli
derman
topladylar. Ýazgeldi
gaňňaçynyň
öwredişi ýaly, dermanlary kem-kemden berip
başladylar. Eşek dermanyň ysyny alandan böküp
turdy, göni dermana topuldy. Şol arada ol tas
Eseniň dermanly elini çeýnäpdi, hälem Esen
dermany taňňyra atyp ýetişäýdi. Eşek dermany
gütür-gütür çeýnäp, barha güýje giriberdi, asyl, ol
hälki serilip ýatan çalajan eşege çalym etmese
nädersiň?! Az salymdan silkinjiräp, otam iýiberdi,
suwam içiberdi. Şeýde-şeýde başa melamat bolan
eşegi tä bazar gününe çenli sakladylar. Tä bazar
gününe çenli Güljahanam igene-igene, zeýrenezeýrene Eseniň süňňüni saraltdy, iki sözüniň
birinde: ―Seniň eşek alyşyň ýaly‖ diýip, halys
peteň--bizar etdi. Esen gulagyna keçe dykyp
gezäýmese bolmady. Edil şo günler hem Esene
bir dert sataşdy. Bu derdi ol köp wagtlap duýman
gezdi. Eger Esen öz derdini özi bilmese,
90
Güljahan-a Eseniň derdini hijem duýmajakdy. O
derdiň üsti tötänden açylaýdy. Güljahan Eseniň
ýuwulmaly jalbarlaryny bir gujak edip daşary
çykaranda o jalbarlaryň köpüsiniň çep but çetiniň
ýa ýyrtykdygyny, ýa süzülendigini görüp geň
galdy. ―Bu meýdi yranmyşyň çep buduna çüý
kakyldymyka? Jalbar baryny deşim-deşim edipdir.‖
Indi ertir bazar diýlen gije Eseniň ukusy
tutman, gözüni jaýyň depesine dikip ýatdy, soň
dikelip oturdy. Muny duýan Güljahan: ―Gorsanyp
geçmiş, ýat gömül-de‖ diýip haýkyrdy.
– Ukym tutanok.
– Wah bagrymy bir ýakmasana! Uzyn güni
ýatyp geçirensiň, onsoň uky tutarmy?!
– Ýok, Güljahan. Men bir zat aýdaýyn weli, şu
sapar ―bolýa‖ diýäý.
– Ýatsana, ýer çekmiş.
– Näme... bi eşegi satmasak nädýä? Başga birini
aldanymyzdan...
– Näme, näme-e? Barja aklyňy çaşyryp
ýörmüň?!
– Men gije ýatman işläp iki ýuzi gazanaýyn,
ýöne aldap satmasak ýagşy.
– Gapyl. Lal bolup ýat. – Güljahan beýlesine
gaharly öwrülip ýatyşyna: ‖Menem başga zadyň
gürrüňini edýändir öýtdüm-ä‖ diýip hüňürdedi.
Ertir daň bilen Ýazgeldi gaňňaçy gelip, eşege
derman baryny iýdirip, bazara alyp gitdi. Esenem
işine gitdi, ýöne uzynly gün keýpsiz gezdi. Ýene-de
şo-ol öňküleri ýaly gamlandy, öýlenenine müň ýola
91
ahmyr çekdi. Şo-ol öňki erkin günleriň geçip
gidenine arman etdi. Gulagyna ejesiniň owazy
eşidilip-eşidilip
gidýär:
―Turaý,
oglum.
Esenmuhammet ja-an, han ogul, tur, men işe gidip
barýan. Şakäsäni
gaýmakdan
püre-pürläp
goýandyryn, turdugyň iýip-içgin.‖
*
*
*
Demirgazygyň
sowuklaç
tomsunyň
howasy syýahatçylaryň gyzyp duran ýurejiklerine
täsir edibilmeýane çemli. Her duralgada, her portda
gämi togtaýar weli, halaýyk bary ala şowhun
turzup kenara dökülýär. Her kim bir tüýsli geýnen.
Olaryň içinde juda naşyja, çeýe bedenini
güjeňleýän ýaly, ýarym ýalaňaç gelinlerem bar.
Keseden bakana edil sygan ordasy ýaly görünýär.
Syýahatçylar kenarda garaşyp duran peşeneli
awtobuslara münüp nirädir bir ýana ýumlugýarlar.
Diňe öz kaýutasynyň penjiresinden bu ahwalatlary
perişan synlap, ähli zatdan mahrum oturan Esende
rahatlyk ýok: ol ynha, ýas-ýaňyja hem şol semiz
zenanyn syýahatçylaryň arasyndan mese-mälim
saýlanyp, ýekegapan ýaly düňderilip barşyny öz
gözleri bilen gördi ahyry. O zenan gämi bilen kenar
aralygynda goýlan paýapyla
münende dagy,
paýapyl, görgüli, ýaý
berip, bili
suwa
degeňkirläp-degeňkirläp
gitdi. ―Elhepus, äpet
jandar-ow! Onuň ala-böle meniň başymdan inişini
görsene‖. Esen bu günler gaty horlandy. Onuň
92
öňem burun meselesi gutarnykly çözlensoň, häzir
dagy boýnundan ýokarda diňe burun göze ilýardi.
Eger şu gidişine gitse, Eseniň näçe gün çydap
biljegi belli däldi. Ýöne bir gün
öýlän ol,
hemişekisi ýaly, naharhana il dagansoň assyrynja
baryp çäla-mula garbanyp gaýdyp, kaýutanyň
içinden gulplap otyrka, daşardan semiz zenanyň
―Esen‖ diýen sesi eşidildi. Eseniň demi tutuldy.
―Eý, hudaý jan, özüň gaýtaraweri‖. Semiz zenanyň
sesinde gaharam, mähirem däl-de, adaty rahatlyk
duýanda Esen biraz ynjaldy.
– Esen, eşidäsänmi? Män sängä kol
tegirmäýmän. Korkman çykyň. Bagyşlaýsiz, tegişip
öte keçipmän. Bagyşlaýsiz, Esen. Arkaýyn
tynçyňyzgy alyberiň.
Esen ses-üýnüni çykarmady, şonda-da zenan
onuň kaýutadalygyny anyk bildi-de sagbollaşyp
gitdi. ―Be-e, bu heleýiň çynymyka?! Esen iňkise
gidip oturdy. Özüne gaýtarylyp berlen erkinlikden
birbada peýdalanyp bilmedi-de, agşam naharyna
hem ilden soň baryp gaýtdy. Koridordan, goňşy
kaýutalardan, gäminiň üçeginden çogup gelýän
dürli dildäki aýdym-sazlaryň owazy-da, göçgünli
tanslaryň güpürdisi-de Esene hiç bir täsir
edibilmedi. Diňe şol zenanyň: ―Bagyşlaýsiz, Esen,
tegisip öte keçipmän‖ diýen sözleri ony gaflatdan
oýaryp ugrady. Iki günden ol eýýäm şol semiz
zenan bilen bir stol başynda oturyp nahar iýip bildi.
Ol oturgyçda oturşyna keltejik aýaklaryny gaty yza
epip oturdy. ―Bilmezlikde
birden aýagyny
93
basaýmawereýin. Öňem bar bela aýak basmakdan
başlandy‖. Ýüzüni aşak salyp, zenana bakmajak
bolup synanyşýar. Şol bir wagtda-da ol zenanyň
ahwalyny duýasy gelýar: o zenan rahat bolsa – şol
bolany. Esen göz gytagyny aýlap goýberdi weli,
dogrudanam, rahat. Şonda-da ―Är gorkan
ýerinden‖ diýleni, Esenden çekinjeňlik, susluk,
ýene-de haýsydyr bir melamata garaşmak endigi
aýrylyp gidibermedi. Eseniň bagtyna, zenanam
oňa hiç zat diýmän oturdy, diňe gutjek bolanda:
―Esen, kimgä nimä diýmeli bolsa aýdawar. Özüm
orsça aýtyp berämän. Hoşmy?!‖ diýdi-de göwnibir
sözledi.
Esen özüniň erkanadygyna kem-kem ynanyp
başlady.
Nahara wagtynda gelip ugrady. Önler sowan,
ýüzüniň ýagy kesmeklän çorba iýip, agzy tagam
tapmadyk, üstesine-de bu günlerde ejir astynda
horlanan Esene gyzgynja naharlar lezzet baryny
berdi. Baý, iý-dä. Soňundanam, ädähedine görä,
menýuly kagyza elini süpürip turdy gitdi. ―Dünýa
düzelýä-le‖. Ýöne, öňi-soňy, özüniň syýahata
gaýdany üçin Eseniň ahmyry kemelmeýärdi hemde ýene näçe günden öýüne dolanyp barjagyny
barmak basyp sanaýardy.
*
*
*
Bir gün goňşy kaýutada bir gyz doglan
gününi bellemekçi bolup beýlekiler bilen bir
hatarda Eseni hem çagyrdy. Ol gitmejek bolsa-da
94
oglanlar zorlap alyp gitdiler. Egrilişip oturyşlaryna
saçagyň bezelişine haýran galyp bakdylar.
Agyz suwardyşyp garbanmaga başladylar.
Esen nämeden başlajagyny
bilmän
birbada
ýaýdanyp oturdy-da ähli adamyň eliniň ortadaky
kiçijik tarelkadaky ýyldyrdawuk gara dänejiklere
uzaýşyny görensoň, olam uly çemçesi bilen ep-esli
işbili aldy-da şo durşuna iýdi. Birbada sähel
ajymtygrak bolsa-da soňra ýakymly tagamy jana
ýaraberdi. Esen
hiç kime bakman, ýene bir
çemçäni tümmekläbräk aldy weli, tarelkada oňly
zat galmady. Muňa töwerekdäkileriň gözleri
tegelendi, geleni bäri bir söz aýtman, gülmängaharlanman oturan Eseniň birden beýle hereket
etmesine gaty geň galdylar. Birki sany ýigit çydap
oturyp bilmän pyňkyryşdylar. Doglan gününi
belleýän gyz işbili azyrganyp, ählimize ýetäýedirdä diýip hälden bäri dileg edip oturşyna bu ahwaly
gördi-de zordan aglaman saklandy. Ol bak-masy
gelse-de, göz gytagy bilen Esene bakyp goýberdi
weli, onuň ýüzünden hiç hili müýn--utanç duýup
bilmedi. ―Bä-ä, beýle göz çykgynçlyk edibem
arkaýyn oturyp boljak eken--ow‖.
Esen bolsa, dünýäden bihabar, ýene ojukbujyk zatlardan agzyna atyşdyrdy-da garnyny
ýagşy otardy. Onsoň bu köpçülikde onuň içi gysyp
başlady. Gowusy, kaýuta gidip ýeke özi obasyny,
ogluny, traktoryny ýatlap oturanyny kem görmedi.
Onsoň ol omyn etdi-de emaý bilen turup, sag
boluň diýip çykyp gaýtdy. Gelýärkä kellesine gelen
95
zat: şo
çemçeläp iýen ýyldyrawuk gara
dänejikleriniň adyny bilmeli, hemem indiki düşlän
ýerinde şony magazinden alyp iýmeli diýen pikir
boldy. ―Birhilije, birgeňsi tagamlyja zat ekeni‖.
Ýöne gämi iki günläp hiç ýerde togtamasa
nädersiň?! Şo-ol düýrlenip, towlanyp, bulanyp
akýan Ýeniseý derýasy hemem aňyrsy-bärsi
görünmeýän, adam aýagy sekmedik tokaýlar.
Başga yns-jyns, hatda guşlaram göze ilenok. Beýlede tokaý bolar eken-ow. Obada bolsa bir agaç
tapjak bolsaň, janyň çykýar, tapaňsoňam atamyň
bahasyny bermeli. Esende ullakan ýük maşyn bolan
bolsady. Ol men diýen agaçlardan saýlap-seçip,
maşynyny mas ýükläp, obasyna alyp giderdi.
Eltensoň özüne gerek agajy alyp galyp, galanyny
hem işdeş oglanlara satardy. Ýok, gymmat däl,
gaýta spekulýantlaryň nyrhyndan ep-esli arzan
satardy. Hanha, Garly traktorist bar, jaýyny
basyrybilmän, gyşda kerpijini ýagyş-gar eredip
taşlady. Artanja agajy, ozaly bilen Garla hödürlär.
―Al, Garly, dostlugyň hatyrasyna, saňa arzan agaç
bereýin. Al-da jaýyňy basyr‖.
Wah, gül ýaly boljak-la. Arman, Esende ýuk
maşyn ýok-da.
Esen uzak Sibirden ýük maşynly agaç
äkitmegiň arzuwyny çekýärkä, gämidäkileriň ählisi
Eseniň işbili çemçeläp iýişini bir-birege gürrüň
berip gülüşýärdiler, käbir ýeňlesler bolsa Eseni
görende pyňkyryşyp geçip gidýärdiler. Esen özi
hakda bir hyşy-wyşy gürrüň edilýänini sähel
96
güman etdi. Ýöne anyk näme hakdalygyny aňşyryp
bilmedi. Üçünji gün gämi bir duralgada togtanda ol
kenara düşüp barýan şo öňki semiz zenanyň
ýanyna bardy. Hawa, özem gorkusyz-ürküsiz
bardy, sebäbi soňky günler zenanyň özüni alyp
barşy muňa iterýärdi.
– Daýza, şu şäherde neme satylanokmyka?
–?
– Neme-dä, adyny bilemok weli, iýilýän zat özä. Ýyldyrdawuk, gara däne. Agzyňa atýaň weli,
eräp gidýä. Bilmedim, nämäň dänesidir.
Zenan, Eseniň işbil iýenini eşidene çemeli,
gülüberdi.
– Hä-ä, agzyň läzzät tapaýdymy?
– Ýok-la. Aý, indi magazinde bar bolsa alyp
göräýjekdim.
– O-ow, ol işbil diýgänleridir. Magazinden
tapmarsän. Ongi ketde-ketde boşliklär iýip bilädi.
Bizgä ýetmäz ol. Ýetgändä puluň-da ýetmäz.
Kilosy elli tingädänmiş. Dadyp körgänimdä ýok.
– Dadyb-a gordüm-le.Iki çemçejik iýip gördüm.
Semiz zenan Eseniň äwmezligine ýylgyryp,
işbili mesgeli çörege sähelçe çalyp iýmelidigini,
şol oturylyşykda Eseniň ähli adamyň diline
düşenini gyssanman gürrüň berdi. Ana, Esen
şondan soň öz eden işine akyl ýetirip, müýnürgäputanyp başlady, gelen-geçeniň oňa birgeňsi
bakyşyna, käbiriniň pyňkyryp geçişine şondan
soň düşünip başlady. Ol indi doglan gününi bellän
gyza görünmekden çekindi. Ýöne işbiliň her
97
kilosynyň elli manatdygyna ynanyp bilmedi. ―Hi
beýle-de baha bolarmy?!‖ Mysal üçin, ol gymmat
şokolad
gördi: kilosy sekiz manatdan ekeni,
gymmat kolbasa gördi – kilosy on bir manatdan,
emma iýilýän harydyň nyrhynyň elli manada
ýetenine akyl
ýetirip
bilmedi. ―Arzandyr.
Şekolatdan
gymmat
däldir-le‖. Onsoň
magazinma-magazin söküp, baran ýerinden işbil
sorap başlady. Ahyry, bir magazinde barlygyny
bildi.
– Baňkasy otuz sekiz köpükden.
Esen tanyş –bilşiň ýok ýerinde orsçä sözlärmen
boldy.
– Dwa beňke ikrä ber.
Kagyza dolanyp berlen iki baňka işbil üçin
bary-ýogy ýetmiş alty köpük töläp, Esen şondan
göni gämä tarap eňip gaýtdy. Onuň niýeti häzir
gelşine iki baňkany şo gyza berip dynmakçydy.
―Kim aýdýanmyş işbil gyt diýip?! Kim aýtsa ýalan
aýdýa. Kilesi elliden diýibem aldaýan ekenler.
Baňkasy bilen otuz sekiz köpük. Esen gelşine şo
gyzyň kaýutasyny kakdy. Gapy açyldy, dört gyz
Esene aňk-taňk bolup bakdy. Gyzlaryň biri:
―Wera, bu ýigit ikra iýesi gelip gelendir. Ikra ýok
diýäý‖ diýdi. Onýança Esen ikra sözüni eşitdi-de:
―Hawa, hawa, men size ikra getirdim. Sibirde
hemme zat bol, gaty arzanja‖ diýdi-de elindäkini
Wera uzatdy. ―Al, al. Ak Yüregim bilen berýän‖.
Wera o zady çekinjeňlik bilen aldy-da stolda
goýdy weli, başga bir gyz şobada kagyz dolagy
98
aýyrdy. ―Badamjan ikrasy. Wa-aý, bagty gara-a.
Neneň muny utanman getirdikä?!‖ Wera elini
ýüzüne tutdu-da bir oturgyja çöküp sessiz aglap
başlady. Ýaňky ekabyr gyz bolsa: ―Beýle ikrany
elt-de sygryňa ber!‖ diýip, baňkalaryň birini
gaharly garbap aldy-da Esene tarap edil atyp saljak
ýaly etdi weli, Esen gorkusyna bada-bat kaýutadan
çykdy gitdi. ―Bä-äý, bi aýal diýlen jandaryň diline
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.