Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05

Total number of words is 3670
Total number of unique words is 2140
30.1 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
düşer ýaly däl-ow. Bular şemal ýaly üýtgäp duran
zat öýdýän‖.
*
*
*
Esen gynansa-da, begense-de, günleriň şol bir
geçip
durşy, özem
parhsyz
geçýär. Esen
Güljahanyň sargan zatlarynyň köpüsini alanok.
Eger şeýle uzak ýere gezelenje gaýdybam iki
barmagyny burnuna sokup baraýsa, Güljahan ony it
çeýnän ýaly çeýnemezmi? Onsoňam şunça uzak
ýola çykaran harajadyny kim ödär? Güljahan: ―
Üýtgeşik zat getir, iki bahasyna satyp ýol kireýiň
öwezini dolaly‖ diýýär.
Her duralgada iller üýşüp-üýşüp muzeýlere,
sergilere, dürli ýadygärliklere tomaşa etmäge
gitseler, Eseniň gözleri magazin boldy, her baran
ýerinden Güljahanyň sargan zatlaryny gözledi.
Oňly zat tapman aljyrady.
Esen bu syýahatyň marşrutynda entek uly-uly
şäherleri barlygyndan, öňde has üytgeşik başdan
geçirmeleriň garaşýanlygyndan habarsyzdy. Ol
99
görginiň ulusyny gördüm hasap edýärdi, şoňa
görä-de bar görgi yzda galandyr öýdýärdi.
O-ol aýdylýan ak aýylar hem görünmän geçdi,
uly-uly buzlaram görnenok. Bary ýalan eken-le.
Esen Krasnoýarskiden ugramazynyň öň ýäny
aýylara bererin diýen niýet bilen alan bir kilogram
şokoladyny ýada saldy. ―Aýa beremden özüm
iýeýin-le‖. Alnyşy ýaly goşlaryň arasyna dykylyp
goýlan şokoladlar kaýutanyň gyzgynyna eräpakyp, pylçaşyp galypdyr.Esen şokaladlary edil
mesge iýen ýaly iýdi. Indi Esen aýydanam bizar,
buzlardanam. Onuň hiç zat göresi gelenok, hiç zat
bilen hoşy ýok. Bir arzuwy – çaltrak öýüne
barmak. Gezenler gezewersin. Ir bilen traktoryny
tarladyp meýdana gidip, gün batansoňam dolanyp
geleni dünýä malyna degýär ahyry.
Obadaşlar her näme diýselerem, her neneň
lakam goýsalaram, gyzza-gyzza gelende Eseni
gowy görýärler ahyry. Hanha, öýlenibilmän ýörkä
Eseni öýlendiren şu oba dälmi?! Alaga-da täze
traktor beren şu oba dälmi?! Ählisi tanyş, ählisi
garyndaş. Eseni kolhoz başlygy-da, baş inžener-de,
brigadir hem edil ož inisi ýaly görýärler ahyry. Ähli
baýragy Esene eçilýärler. Onsoň bu ýagşylygy
bilmese, bütin il geňlär, hezzet ýaraşmaz adam
ekeni diýerler...
Gämi indi seýrek durýar. Suw göwsüni iki
ýaryp, öne baka şo süsňäp girip barşy. Derýa
hanasy giňeldi gitdi. Uzak kenarlarda yns-jyns
görünmedi. Derýada akdyrylanda topardan galyp,
100
kenarda ýarym göwresi çüýräp, ýarym göwresi
suwda çüýräp, ahmyrly güberilişip ýatan agaçlar
göze ilýärdi. Öňler duşýan bäş-alty öýli awçy obasy
hem ýat boldy.
Diňe tokaý, şahalary, pürleri bir-birege
çolaşyp-çatyşyp, başyny gaty dik tutuşup oturan
agaçly tokaýlar. O agaçlar bir-birege şeýle
hemdem, bir-birekden hatyrjem görünýärdiler
weli, bir agajy ýyksaň, ähli agaç üstüňe ýykylaýjak
ýaly görünýärdi. O agaçlary gazaply Sibir ýelleri
des-deňje ösdürýärdi, özgelerden saýlanyp öseniň
başyny kesip goýberýärdi, ösüşde öz deňinden yza
galanlary bolsa tokaý kanuny esasynda igledip
öldürýärdi. Bi jelegaýlaryň düzgüni şeýle.
Gämi demirgazyga gitdikçe howanyň gygy
ajaýanyny Esen öz teninde duýdy. Asmandaky
ak bulutlaryň reňki kem-kem garalyp ugrady. Ol
kenara
gamgyn
bakyp
durşuna agaçlaryň
düýbünde akjaryp görünýän zatlary gördi. Ilkibada
nämeligini bilmese-de, gitdikçe has köpelensoň, ak
garyň galyndysydygyny bildi. Tüýs gyş mekanyna
gelenine Esen gümansyz göz ýetirdi. Kenar
diýseň, ho-ol allaowarrada salgym ýaly görünýär.
Ondan--mundan akyp barýan buz bölekleri gara
bulutlaryň arasyndan kämahal-kämahal jyklaýan
gün şöhlesine ýyldyrdap-ýyldyrdap gidýar. Içinden
zowwam geçýän sowuk şemal boýnuny iki çigniniň
arasyna gizlän Esene geçen gyşda bolan bir wakany
ýatlatdy...
101
... Eseniň Garly diýen işdeşi sürçekli günleriň
birinde tekerli traktoryny derýa köprüsiniň
üstünden sürüp barýarka, taýyp derýa eňterilip
gidäýipdir. Özi diri galan bolsa-da traktoryň suw
düýbünde galmasyna Esen gaty gynandy. Garly
gowy oglan, özem Eseni gowy görýär. Şu
traktory Esen çykaraýsa näder?! Hem Garla
ýagşylyk etdigi bolar, hemem ili aňk eder. Şondan
soň-a Esen pylan-pismidan diýip, bolgudyz gep
tapmasalar gerek. Uzynly gün onuň küýi-pikiri
derýa düýbünde ýatan traktordan daşlaşmady.
Sebäbi Garly bilen näçe ýyllar bäri işleşip gelýär
ahyry. Garly-da Esen burun diýýär weli, diýse-de
kiçi dilden bärde diýýär. Ynha, traktory, agaç
süýrän ýaly, süýräp çykaraňsoň-a burun diýäýmez.
Şol gün Esen gün batyberende traktoryny
tarladyp işden gaýtdy-da Garlynyň traktory taýan
köpriniň ýanynda keserdip goýdy. Eseniň bir
hyýala münenini Myrat kel diýen bir traktorçy
görüp, ony göz astyna alyp gaýdyberdi. Emma
Esen mundan habarsyzdy. Ol öýüne pyýadalap
gelip, gizläp goýan bir çüýşe aragyny galyň
paltosynyň
goltuk
jübüsine atyp çykanda,
Güljahanam eli süýt bedreli kümeden çykdy weli,
Eseniň ýüz reňki üýtgäp gitdi.
– A-a-ýu-u, nirä ugradyň? Bu sowukda öýkeniňi
doňdurjakmy?
– Häzir geljek.
Eseniň ýöreýşi öňkülere meňzemedi. Özüne
çäksyz möhüm iş ynanylan ýaly, ony hem diňe
102
özi bitirip biljek ýaly duýgy kalbyna gaplanansoň,
özüne
göwni
ýetip, giň-giň ädimläp gitdi.
―Aýalym yzymdan garap galdy, belki, ahyrky
gezek
garaýandyr. Görmeli-dä meniňem-ä
çynymdyr‖.
Esen suwdaky traktoryň nirede ýatanyny
anyklady. Derrew eşiklerini çykaryp, trosuň bir
ujuny aldy-da derýa girip gitdi.
Gyş suwy etiňi kesip, ganyňy doňduryp,
damarlaryňy
ýygryp-düýrüp
barýar. Esen
derýanyň ortasyna baranda çümdi-de, az salymdan
ýuze galkyp, akymyň garşysyna birküç gulaç
ýüzdi. Demini dürsäp ýene çümdi. Bu gezek uzak
eglenip, birden hopugyp çykdy. Suw kesipdaglap, demini tutup barýardy. Esen şonda-da
ýene bir ýola çümüp çykdy. Suwdan çykyşyna
ylgap, arakly çüýşäniň agzyndan gulkuldadyp içdi.
Hasyr-husur geýnip, traktoryň ýyly kabinasyna
sümüldi.
Traktor ejirli ses çykara-çykara, tüssesini
garaldyp, ahyry, derýa düýbünde ýatan traktory
süýräp çykardy. Esen şobada trosy çözdi-de
ýaňadan traktoryna münüp keýpihon sürüp
gaýtdy. Ol dişlerini şakyrdadyp, janyny alyp barýan
sowuga çydaman , hälki çüýşäniň düýbünde galan
aragy hem ýolda içdi. Endamyna ýyly ýaýrady,
keýpi kök boldy, başy dumanlady. Häzir öýe
baryp Güljahana näme diýjegini oýlandy.
Elbetde, barşyna, ozaly bilen Güljahany gujagyna
gysar. Ogly ýatmadyk bolsa, goltugynda göterip,
103
asmana
bökdürer. Onuň ogly ýaly ogul bi
jelegaýlarda ýokdur. Edil Bezirgeniň bar-da.
Özem şeýle bir kakasyna meňzeş welin... üstesinede ejesine garanda kakasyna has dost. Ýöne
―kaka‖ diýip ýykylyp ýatyr-da. Arman, ogly şu
mahal
kiçiräk. Bolmasa
dagy, Esen ony
traktoryna mündürip, uzak meýdanda aýlajak-la.
Ogul welin tüýs ogul-da. Edil Bezirgeniň bar-da.
Esen öýe barar-da: ―Guljahan, biz-ä iş bitirip
gelendiris‖ diýer. ―Tas suw astynda demirlere
çolaşyp galypdym. Bir ölümden sypyp geldim‖
diýer. Güljahan näme bolanyny sorar. Esen jikmejik aýdyp berer. Güljahan ynanmaz. Emma ertir ir
bilen Esen
Güljahana şo derýadan çykaran
traktoryny görkezer welin, şondan soň-a ynanar-da.
Başlyga, Garly
dostuna
şu
gün
buşlasamyka? Ikisem begener. Başlyk begenjine
ýaglyja goýun baýrak beräýmegem ahmaldyr.
Iň gowusy, ertir, garaja il üýşen wagty, aýdar.
Goý, ähli adam eşidip aňk bolsun. Göwni ýetmän
ýörenler Eseniň nähili iş bitiribilşini gözi bilen
görsünler. Kim özini erkek saýýan bolsa, şeýle
aýazda derýa girip, traktora tros daňyp çyksyn-da!
Ýekejesem het etmez.
Men weli dedesini ýandyrdym.
Esen uly ýolda traktoryny iki ýana çäýkap,
öýe gelende, zordan düşdi. Yranjyrap, wazzyklap
öýe girende ony gören Güljahanyň gahary şobada
depesine urdy. Esen gelşine gujak açyp topuldy
welin, aragyň ajy ysy Güljahanyň ýüzüne urdy.
104
– Ýitewer-eý, ýaşy kesilen! Doňuz ýaly porsyň
başyňý iýewersin. Hany, öýden gümüňi çek!
– Güljahan, men traktor çykardym.
– Hernä traktoryň aşagyna gaçyp ölesiň-dä. Ýok
bol! Nirede içen bolsaň, şo ýerde ýatyber. Öýde
ýataryn diýip-ä gümanam etme!
Toba, toba-a. beýle bozgaklygy ýokdu-la.
Öýlenende içmese, ogly bolanda içmese, indi haýsy
eşekden nusga alyp içýäkä?
– Neme, bagyşla! Traktory derýadan çykardymda...
– Be-e-eý, hakyt piýan bolup derýa gaçdym
diýsene-e! Duruber, bakaly. Ertire bir çyk. Arak
içjek bolsaňmy?! Şu öýde ýa men ýaşaryn ýa-da
sen galarsyň! Bellisini ederin-ä!
– Näme, men peýan däl...
– Çyk, çy-yk! – Güljahan Eseni ýyly otagdan
idirdedip çykaryp, içinde aýaz tans edýän peçsiz
jaýa dykyp, daşyndan gulplap goýdy. Esen köneküşül
ýorgan
tapyp
üstüne çekensoňam
Güljahanyň gargyşly hüňürdisi geldi durdy.
Daňdanlar sowuk ýygyryp, dyzy eňegine
degende Esen oýandy. ―Men näme üçin sowuk
jaýda ýatdymkam?‖ diýip, gözlerini elek-çelek
edip ýerinden turdy. Endam-jany saýgylanan ýaly
agyrýar. Agyrydan ýaňa başy çatlaýar. Ol ahyry,
öten agşamky wakalary dumanly ýatlap başlady. ―
Bo-ho-ow, bu gün irden başlyga buşlamalydyryn.
Başlyk bir goýunjyk beräýedir-dä. Goýun süýräp
gelsem, Güljahanyň öýkesi ýazylardy‖.
105
Aýaz Eseniň süňklerini titredip başlady. Ol
ýorganynyň daşyndan bir keçä düýrlense-desowuga
çäre bolmady. Asyl, daşara garaňda öýüň içi has
sowuk göründi. Onsoň Esen daşky gapyny itdi
welin daşynyň gulpy şakyrdady. Biçäre galan Esen
tä gün dogup, il örýänçä jaýyň içinde iki ýana
zowzuldady ýordi: aýaz kowdy – ol gaçdy, ol
gaçdy – aýaz kowdy.
Ahyry,
goňşy
otagdan
oglunyň
agysy,Güljahanyň ýogyn sesi eşidildi. Bir
salymdanam penjiräniň öňi garalyp, Güljahan
tutynyň üstiaşyry öýe göz aýlady. Esen penjirä
tarap ylgady.
– Güljahan açawer! Sowuk aldy.
– Içýäniň arak bolsa ajalam almaz seni.
– Wah, ýalňyşyp içipdirin. Ho, Garlynyň derýa
giden traktoryny çykardym-da, gaty üşämsoň...
– Sendenem derýa giren bolarmy? Peýan bolup
özüň gaçansyň.
– Ýok, öwlüýa kessin. Özüm çykardym. Gapyny
aç, häzir başlyga buşlap bir goýnuny alaýyn.
-Ýo-ok, meni beýdip aldawa salyp bilmersiň.
Şu gün seň bilen bellisini edinçäm gapy
açylmaz. Häzir Bereket agany bir çagyraýyn.
Öňki gezeklerem, Güljahan gaharyna eýelik
edip bilmedik pursatlary göni Bereket agalara
ýumlugýärdy: hamana, durmuş gurubilmän oturan
iki ynsany duşurany üçin Bereket aga günäkär
ýaly, oňa minnetli söz baryny aýdýardy. Onsoň
Bereket aga biçäre-de Güljahanyň yzyna düşup
106
gaýdyberýärdi. Gelip Eseni aýratyn bir jaýa salyp,
her gezek: ―Gaýrat ediber. Öňi-soňy sallahlykdan
gowudyr. Güljahanyňam gaharyny
getirmejek
bolaweri‖ diýýardi. Güljahan bolsa: ―Esene gaty
käýändirin. Indi seniň sözüňi ýykmaz‖ diýip
gidýärdi. Emma bu gezek Bereket aganyň
ýüzünden gar ýagýardy. Ol hatda jaýyň gulpuny
hem açdyrmady-da penjireden gepleşip başlady.
– Inim! Sen-ä gowy oglan däl ekeniň. Ata–
babaňda arak içen ýokdyr weli, sen tüysi bozuklyk
etdiň.
– Neme-dä, Bereket aga...
– Aý, goýsanaý! Arak
içip traktor süren
bolsaň, kim bilýä, adam basdyrdyňmy, howly
ýumurdyňmy?! Gaýdyp şo zährimary agzyňa
alaýsaň, eşitmedim diýmegin, göni milisäň öňüne
salyp goýbäris.
– Jan agam, gapyny bir açdyraweri, indi hi-iç
arak içmäýin.
Bereket aga beýle ýanda duran Güljahana
garap: ―Ynha keýigim, ant içip dur, goýberäýsene‖
diýdi. Güljahan gapyny göwünli-göwünsiz açdy
welin, Esen öýden çykyşyna göni traktoryna
ýoneldi. Elbetde, bu çaka çenli garaždaky adamlar
dagandyr. Şonuň üçin Esen ilki öten agşamky
çykaran traktoryny görüp, işe soň gitmekçi boldy.
Ol derýanyň gyrasyndaky traktoryň töwereginde
hümerlenişip duran adamlary, beýle ýanda
başlygyň maşynyny, birküç sany traktory uzakdan
görüp, hasam begendi. Esenem traktoryny bir
107
gyrada goýup üýşmeleňe ýakyn bardy welin, görse,
Myrat kel ähli halaýygy agzyna aňkardyp, derýadan
traktory nädip çykarşyny gürrüň berýär. Eseniň
bütin bedeni gowşap gitdi. Ol göni Myrat keliň
ýanyna bardy.
– Myrat aga, traktory men çykardym ahyry.
Duranlar wakyrdaşyp gülüşdiler.
– Sen çykaran bolsaň, şo mahal aýdaýsaň
bolmadymy?
– Traktory çykaryp, begenjime arak işdim-dä.
Halaýyk ýene gülüşdi.
Başlyk Esenden ünsüni sowdy-da birküç kişä
iş buýrup, maşyna mündi gitdi.
Esen bu adalatsyzlyga çydam edip bilmän,
sandyrap, el-aýagynyň ysgyny gaçdy. Märekeden
sessiz-üýnsiz çykyp öli göwünli gaýdyşyna göni
öýüne gelip, zordan ýorgana girmäge ýetişdi.
Güljahanyň hüňürdi-igenjini hem eşitmän otly
tamdyra dönüp ýatdy...
...Esen bu
ýatlamalardan başyny açanda,
howanyň has hem sowanyny duýup galdy.
Gämidäkileriň
uçdantutma ählisi gyş
geýmini geýnipdiler, ýigitleriň köpüsinde bolsa,
edil dilleşilen ýaly, bokurdagyňy ýapyp duran gara
žempir hem-de gaýyşdan tikilen gara penjek
bardy. Bu geýimler Eseniň göwnünden turdy,
olam deň-duşlary ýaly geýnip gezesi geldi. Häzir
bolsa onuň egninde ýukajyk köýnekden özge zat
ýokdy. Onsoň günortan naharynda dilmaç aýaldan
sorap, şeýle egin-eşikleriň nirede satylýanyny
108
sorap bildi. Öňdäki kiçeňräk duralgada Esen şol
gara žempire duşaýdy. Gymmadam däl eken. Ol
žempiriň özüne uly-kiçi boljagyny deňäp durmadyda tizden tiz hasaplaşyp, gämä tarap ýelk ýasady.
Gelşine geýdi. Ýeňi uzynrak. ―Zyýany ýok, epleseň
gül ýaly bolar‖. Etegi-de Eseniň
dyzyna
ýeteňkirleýär. ―Etegiň işi aňsat-la: jalbaryň içine
salsaň, görünjek gümany ýok‖. Eginlerine, boýnuna
holpugrak bolsa-da çykarmady. Onsoň ol
boýnundan aýyran galstugyny, žempir geyensoň,
ýaňadan asyndy. Aýnada gördi: gelişýär. Indi bir
kemi gara penjek. Onam tapyp biläýse – tüýs
boldugy. Esen şo görnüşde oba barmagy ýüregine
düwdi. ―Maňa göwni ýetmän ýörenleriň agzy
açylyp galsyn-da‖.
Şähere gezmäge giden oglanlaram az
salymdan güpürdeşip iýndiler. Görseler: Esen
juluny täzeläpdir, düýrlenip gamça dönen galstuk
dakylgy. Bu günlerde Eseniň bolşuna belet
boluberen oglanlar ―Bäh-de-bäh‖ bolşup, Eseniň
çignine
kakyp, ―Molodes, molodes‖ diýşip,
ýaňsyly gülüşdiler. Oglanlaryň biri emeli gaýyşdan
tikilen köne penjegi çemodanyndan çykaryp Esene
geýdirdi welin, şap-da. ―Şuny saňa sowgat
bereýin‖. Ol muny Esene zordan düşündirdi. ―Men
täze penjek aldym, indi maňa onuň geregi ýok.
Arkaýyn geýiber‖.
Esen çürt-kesik garşy bolup, penjegi almady.
Ol ýer urup, ýerde galan pukara däl ahyry, ondan
etemlik bireýýäm geçip gitdi, aýally, ogully,
109
yranmaz döwletli boldy ahy. Onsoň Esen şu
ýagdaýdaka hüşür-zekat alan ýaly edip, mugt zat
alarmy?! Pully berse – ol başga gep. Esen muny
düşündirip bilmedi-de göni dilmajynyň ýanyna
eňdi. Onsoň ýaňky semiz zenan gabarylyp geldi-de
Eseniň aýdanyny terjime edip berdi. Penjegini
berjek ýigit hernäçe dyzasa-da Esen mugt zat
almajagyny görkezdi. ―Onda eçilenini beräýsin‖.
Esen göwnünden çykaryp üç onlugy uzatdy weli,
ýigit pul almady. Ahyry Eseni göwnetdi. Şeýdip,
Esen penjekli boldy. Il dagansoň, Eseniň ýeke özi
gara penjegi gara žempiriň üstünden geýip,
aýnanyň öňünden aýrylybilmän uzak durdy. Şo
mahal penjegini beren ýigit bir zadyny alyp
gitmek üçin kaýuta girdi. Esen oňa minnetdar
bakyp, ―Yspasiba‖ diýdi. Ýigit ony görenden içi
gülüp başlady, şonda-da özüni agras tutup, Esene
gara krem uzatdy: ―Şuny penjege çalsaň, gaty
gowy bolar‖. Soňra bolsa näme etmelidigni eli
bilen düşündirdi-de başam barmagyny gaýşardyp:
―Wo!‖ diýdi. Esen düşündi. Ýigit çykyp gidensoň
oýlandy: ―Bä-ä, penjegem ýaglanýan eken-ow. Aý,
näme gaýyşdan edilen zat ýaglanmaly bolar-da.
Bolasy käbiriniň egnindäki lowurdap dur diýýänle‖.
Onsoň Esen soňa goýman, ur-tut penjegini
ýaglap başlady. Dogrudanam, penjegiň ýag degen
ýeri lowurdap barýar. Hälki köne görünýän
penjegiň görki gowlaşaýdy. Esen penjegi şo
durşuna şifonýere salyp goýdy. Ertir gämi uly
110
şähere barýamyş, ana, şonda geýip çyksa-da bolar.
Şol egin eşiginde surata düşse-de kem däl.
Ýadygärlikdir-dä. Onsoň birmahallar garraňda ýigit
döwrüni ýatlamag-a ýakymly bolar. Esen işini
bitirip, özünden göwnihoş bolup koridora çykdy.
Arkaýyn gezmeledi, gaýdyp kaýuta girende, burny
hernäçe uly bolsa-da, hiç ys duýmady. Penjireden
bakdy oturdy. Kenar bireýýäm ýitip gidipdir.
―Be-e, biz deňze düşendiris-ow‖ diýip Esen sähel
howsala düşdi, sebäbi kenar görýärkä, Esen
arkaýyndy: ―Gämi gark bolsa-da kenara ýüzüp
çykyp bolar‖. Häzir welin kenar görünmese
nädersiň?! Kenar ýitdi – Eseniň rahatlygam bile
ýitdi.
Agşamlyk oglanlar kaýuta giç dolandylar.
Penjek beren ýigit bolsa asla şo gije gara bermän
oňdy. Kaýutanyň içi garaýagyň ysyndan ýaňa
aňkaýardy, Esen bolsa gaty pugta uklap ýatyrdy.
– O-how, bi intelligent /Eseniň galstugy
boýnundan aýyrman ýörşini görüp, oňa şeýle
lakam goýdylar/ köwşüňi kaýutada ýaglapdyr
öýdýän.
Oglanlaryň biri Eseniň köwşuni tapyp ysgap
gördi. Deriň agyr ysy burnuna urdy.
– Aý, ýok, intelligent köwşine ýag degirmändir
weli, şi gara işbil deregine gara ýag iýen
bolaýmasyn?!
– Näme diýseňizem, gör-de-duruň, bar bela şi
intelligentdedir, ýene bir hokga çykarandyr,
zalwat.
111
– Şumat biziň sesimizi eşidip ýatsa-da gözüni
açmaz.
– Geliň, şuny oýaryp näme edenini soralyň-la,
bolmasa bu ys janymyzy alar.
– Ýok, intelligente rehmiňiz insin-how.
Oýarsaňyz, olam men gara ýag
ellämogam,
göremogam diýse, özüňiz utanarsyňyz. Gowusy,
kaýutany gowuja ýelejiredip ýatybereris.
Duwara şemal gara ýagyň ysyny birbada
aýyaran ýalam etdi. Gapyny, penjiräni ýapdylar
weli, az salymdan ýene önki-öňkülik boldy. ―Aý,
bolýa-da‖.
* * *
Ertir nahar iýip otyrkalar Eseniň dilmajy oňa
ýene bir sagatdan Dudinka
diyen
şähere
baryanlaryny, o şäherde zat köplügini aýtdy.
Soňundanam: ―Sen nima alajak?‖ diýip sorady.
―Gelnimiň sargydyny bitirsem bolýa‖. Semiz aýal
ýaňsylyrak ýylgyryp goýberdi.
Az salymdan kenar golaýlaşyp, ondamunda jaýjagazlar, awçy gaçybatalgalary görnüp
ugrady. Bir salymdan bolsa gämi gaty uly porta
geldi. Uzyn-uzyn, beýik-beýik gämiler gapdalyny
kenara süýkeşip durdylar. Äpet kranlar bolsa
boýnuny egreldişip ýükleri iki ýana göterýärdiler.
Kaýutadaky oglanlar bireýýäm şaýyny tutup,
düşmäge taýýar bolup, palubada töweregi
synlaýardylar. Eseniň welin kaýutadan çykmasy
kyn boldy. Ol gyssanman täze žempirini geýdi,
112
üstünden gamça dönen galstugyny dakyndy. Aýna
bakyp öz görkünden ganabilmän durdy. Soň bolsa
gaty ähmiýetli işe
baş
goşýan
adamyň
saldamlylygy bilen bardy-da şifoneri emaý bilen
açyp, gara ýagyň ysy tütäp duran gara penjegi
seresaply alyp geýdi. Hondan bärsi bolup aýna
bakdy. Kem zady ýok. Wah, Eseniň şu durkuny
obadaşlary bir görsedi. Gördükleri, gaýdyp Esene
göwniýetmezçilikli
bakmazlar, gaýdyp Esene
lakam dakmazlar.
Ol koridordan çykandan ýörişini üýtgetdi,
apaň-apaň basyp, töwerege bakman gitdi. Gämiden
düşen syýahatçylar ýörite awtobusa münýärdiler.
Esen soňrak gelensoň, dyknyşyk awtobusyň öň
gapysyndan sümüldi. Hemmeler oňa bakýan
ýaly. Goý, baksynlar. Ogurlyk zat geýenok ahyry.
Eseniň gapdalynda duran aýal burnuna uran ysa
çydap durup bilmedi.
– Eý, hudaýjan, edil ýöne aýakgap kreminden
ýasalan ýaly aňkaýar-da.
Esen düýbünden hiç zat düşünmän, şol öňki
badyhowalygynda bakyp dur. Salonyň yzragynda
ýylgyryp bakýan ýigide gözi düşdi. Özüne penjek
beren ýigit. Göreçleri çaknyşdy. Esenem ýýlgyryp
goýberdi. Penjek beren ýigit şo ýylgyryp durşuna,
düýnki ýaly ýene başam barmagyny gaýsartdy-da
―Otliçno‖ diýdi. Esen ―hawa‖ diýýän ýaly baş
atdy. O ýigide minnetdarlygyny ýene bir gezek
aňdyrmasa göwni ynjaljak däl, üstesine-de Esen
indi ―ysbasibo‘ diýibem bilýär-ä. Onsoň ol şo
113
dyknyşykda duranlara süykene-süýkene şo ýigide
baka omzap ugrady. ―Duruber-dä duran ýeriňde‖
diýip, närazy sesler çykyp başlady. Esen arka
çetinden geçip barýarka bolsa, bir ýigit: ―Doganlar,
bu zalwat ählimize krem ysyny ýetiresi gelýär.
Wah, ysjagazyňdan
aýlanaýy-yn‖ diýip,
janyýangynly seslendi. Ol entek özüniň gar ýaly
ap-akja sport geýmine Eseniň gara ýagyny süykäp
geçenini dagy göräýse, ýuregi ýarylsa gerek. Esen
öz edýän işinden özi bihabar, tizräk şo penjek beren
ýigidiň ýanyna barasy gelip şo müňzäp gelşi.
Awtobusda dik duranlaryň-a tas ählisine diýen
ýaly ýagyny çyrşap geldi.
Penjek beren ýigit bu ahwaly synlap durşuna
aglajagyny-güljegini bilmedi. Ol penjege gara ýag
çalmaga maslahat berende soňy juda beýle
bolaýaram öýtmändi. Anha, Esen burny bilen ýol
açyp, onuň ýakynyna geldi-de önküsi ýaly
minnetdar ýylgyrdy. Emma penjek beren ýigidiň
ýüzünden gülki bireýýäm ýitip gidipdi. Ol öz eden
işine-de ökünýärdi weli, başga bir pikirem onuň
keýpini bozdy: esen şo gelşine gelip, özüne-de gara
ýagyny süýkäýse nätjek? Onuňam egninde ak
penjek, ak jalbar, köýnegem ak, hatda galstugam
şolara reňkdeş.
Edil pikir edişi ýaly, esen ýene bir adama
garasyny süýkäp geçse, onsoň gezek şo ýigidiňki.
―Eý, huda-aý, näme etsemkäm?‖ Ýigit Esenden
gaçasy gelip, yza çekiljek boldy weli, yzda
114
dyknyşyp, özem bir-birege burun degrişip duranlar
närazy sesleşdiler.
– Rahat dursaňyz-la.
– Yzda duranlary öldürmek hyýalyňyz bamy,
nirä dyzaýaňyz?
– Dyknyşyga çydamaýan bolsaňyz, başlyk
boluň: özbaşyna bir ‗ Wolga‖, bir şofer.
Penjek beren ýigit bu sözlere jogap bermän
yza dyzaýar, emma yzdakylaryň jebisligi ony hiç
ýana butnatmaýar. Şol mahalam Esen edil
alkymyndan boýnyny süýndürip çykýar, hemem şol
öňküsi ýaly ýylgyrýar. Emma o ýylgyrma ýigide
şeýle bir ýakymsyz göründi, şeýle bir ýerliksiz
göründi, üstesine-de Esen o ýigide iň samsyk, iň
ýigrenji adam bolup göründi. ― Nireden men onuň
bilen kayutadaş bolup ýorün. Ýeri, oňa penjek
bermek nireden kellä gelip ýör diýsene. Penjek
berdiň, taň etdiň, şoň bile bes edäýmeli ekenim
weli. Wah, şi bolar-bolmaz degişmämiz bar-da.
ynha, häzir akja kostýumyňa garaja ýagyny suwap
başlar weli, etjek alajyň bolmaz. Onsoň
degişmäniň näçä durýanyny hasaplaber‖. Şol
mahal awtobus duýdansyz togtady, birdenem bat
alyp ýöräp, içindäkileri öňe-yza siltäp goýberdi.
―Wessalam, täze haryt taýýar‖. Eseniň bolsa şol
biparhlygy. Ol: ―Taňryýalkasyn. Bizem il deňinde
geýindik, gowy bolaýdy. Bi ýagşylygyňy ýatdan
çykarar ýaly bolmady‖ diýip sarnaşdyrýar.
Soňundanam ―Ysbasibo‖ diýdi.
115
Penjek beren ýigit diri tütedi. ―Etjegini edip
sag bol diýen bolýar-a‖
Awtobus az salymdan birki ýola halaýygy
erbet çaýkady weli, Eseniň öz penjeginde gara
galmady diýen ýaly, ähli garasy töweregindäki
biçärelere süýkeldi. Indi gara ýagyň ysy bütin
awtobusy tutdy, adamlaryň kellesini agyrdyp,
gaharyny getirip başlady, awtobusyň çaýkanmasy
hem munuň üstesi boldy.
Awtobusdakylar harçaňlaşýardy, ýöne entek
gül ýaly egin-eşikleriniň gazana süýkelen ýaly
garalananyndan bihabardylar. Ony duýduklary dagy
olaryň öňünde döw dursun. Eseniň görgüsi
ýamandyr. Her kim onuň bir çigninden tutup
çekelär. Janyýangynjyna her kim hemmeli sözläp
gygyny pürker. Köpçülikdir, sögenem tapylar,
eşigimi töle diýenem mümkin. Bularyň ählisine
Eseniň bir özi nädip jogap tapar, jogap tapanda,
kim onuň diline düşünjek?! Bolsa-da şu mahal ne
ýolagçylar öz
egin-eşikleriniň
ýagdaýyny
duýdular, ne-de Esen öz başyna injek howpy
duýdy. Diňe penjek beren
ýigit
henizem
güljegini--aglajagyny bilmän durşuna bu egin-eşigi
hapalanan adamlaryň Eseniň eden işi üçin oňa
azar ýamanyny berjeklerini öňünden duýup, öňisoňy Eseni bu beladan sypdyrasy geldi. Ol Eseniň
golundan çekdi. ―Ýör, magazinleri görkezeýin‖.
Magazin sözi Eseniň gulagyna hoş ýakdy. Ilkinji
giren magazininden gapakly kiçijik gazan gördü-de,
şobada goltuk jübüsinden Güljahanyň sargytly
116
kagyzyny çykaryp okady: ― Gapakly gigijik
gazandan ikisini al‖. Esen iki gazan aldy weli,
hälki ýoldaşy, eli gazanly aýlanyp ýörmegi
uslyp görmedi-de Esen düşünse-düşünmese ―Onda
şu köçäniň ugry bilen aýlanyber‖ diýip, zypberdini
çaldy. Her golundaky torda bir gazany sallap çykan
Esen: ―bi gowy şäher Ekeni‖ diýip, ýene bir
magazine sümüldi. Onuň indi bar pikiri-küýi zada
gönügip, dünýäni unutdy. O indiki magazinde
termos gördü-de gazanlaryny ýerde goýup, ýene şo
sargytly kagyzyna bakdy: ―Täşsoltan gelejeňki
ýaaly termosdan bäşini al‖. Ol bäş termos soranda
satyjynyň gözleri tegelendi, ýone beýle ýandaky
iki gazanyň hem Eseniňkiligini görende sessizüýnsiz bäş termos uzatdy. ―Baý, gowy şäher ekenäý‖. Öýe eli boş barmakdan gorkup, Güljahana
näme bahana tapjagyny bilmän ýören Eseniň
gaýgysy ýeňledi. ―Gazany görse, termysy görse,
bäý, begener-ä‖. Esen termoslary emaý bilen
goltugyna
gysyp, ýerleşenini
tora
salyp,
gazanlaryny göterip ugrady. Göwün diýseň, ho-ol
al-asmanda guş bolup uçýar. Haçan gören zady.
Beýle gazany, beýle termesi Buhar emiri hem gören
däldir. Güljahan gördügi begenip topular-a.
Çep goltugyndan termos sypyrylyp aşak
gaýdyp başlandan, Esen şobada aşak çökdü-de
zordan saklap ýetişdi. ―Bi döwüläýse dagy,
Güljahan meniň kellämi döwer‖. Gazanlaryň
agramam ýetik, elini üzüp barýar. ol ädimini
ýygjamladyp ýegşerilip barşyna bir magaziniň
117
gapysynda adamlaryň hümer tutuşyp duranlaryny
gördi. Ýeri, bolşuň-ýagdaýyň şuň ýaly, geç-de
gidiber-dä. Emma geň zat satylýandyr diýen pikir
Eseniň ýoluna ala taýak goýdy. Onsoň ol goşlaryny
bir gyrada rejeläp goýdu-da tigirlenip baryp
mähelläniň bir gyrasyndan bakdy. Bäh, tüýs Esene
gerek zat. Hakyt manty bişirilýän satylyp dur-da.
Gülja-han ony sargytly kagyzyna ýazmasa-da,
beýle zady öýe eltibilse Güljahanyň begenjekdigine
Eseniň şübhesi ýok. Ol bir-de töwerekdäki
adamlara, bir-de bolsa beýle
ýanda
ýatan
gazanlardyr termoslara göz aýlady. Nätsekä?
Üstünden barybam almansyň diýiljegi-hä hakdyr.
Onsoňam beýle zat indi ýa duşar, ýa duşmaz.
Magazinden manty bişirilýäni alyp çykýanlara
gözigidiji bakdy-da nobat belledi. ―Be-e, bi
adamlarda myhmana hormat ýok öýdýän. Bir men
myhman ahyry. Meni dagy magazina binobat
salanlarynda-da boljag-a‖. Hiç kim Esene üns
bermedi, onuň içindäki öýkäni hiç kim duýmady.
Asla, adamlaryň başga zada ünsi düşer ýaly däldi.
Gaýta, uzak durduklaryça aýallaryň jammyldysy
artýardy, bolar-bolmaz zatlar üçin bir-birege
hyňranyşýardylar, erkekler bolsa unup-çydap
bilmän, içiniň posuny çilim tüssesi bilen
burugsadyp goýberýärdiler.
Eseniň bu jaýda näçe wagt durany belli däl,
ýöne zat alyp çykýan adam köpeldigi-çe onuň
howsalassy artyp başlady: birden maňa ýetmän
gutaraýmasyn. Onuň başynda başga alada ýokdy.
118
Turistler nireleri görmäge gitdiler? Haçan
dolanjaklar? Gijä
galan
bolaýmasyn? Meni
gözleýän-ä däldirler-dä? Ýo-ga, asla
beýle
sowallar onuň golaý-goltumyndanam geçenok. Ol
entek surnugyp ýykylýança-da durjakdy, ýöne
birden halaýyk dyr-pytrak bolaýdy. Esen manty
bişirilýänden namut galanyna şonda düşundi.
Onsoň ol
gamgyn
halda gazanlaryny,
termoslaryny alyp ýola düşdi. Onuň niýeti: bu
zatlary düýp goşa eltip, ýaňadan magazinmagazin,
dükanma-dükan
aýlanmakçydy.
Awtobusdan düşen ýerine gelse, ne awtobus bar,
ne-de tanyşlar. Ana, şonda oňa ýeke galanyň
galagoplugy aralaşdy. Kimden sorajak, kim aýtjak?
Asla, kim seniň diliňe düşünjek? Öňler bir şähere
geldikleri Esen tizden-tiz birküç magazini görerdide şobada yzyna öwrülip gelip, gämide jokgarar
oturardy. Bu gezek awtobusa münüp bulaşdy-da.
Ol çar ýana delmurup bakýar. Derekýok.
Onsoň gelenden-geçenden sorap başlady:
– Ýa turis, biziň abtobusy görmediňmi?
– Goworite po-russki.
– Agam, düşünäý ho-ow, azaşyp ýörün.
– Ne ponimaýu.
Esen ýene birine ýüzlenýär.
– Ýa turis, aptobus gde?
– Kakoý awtobus?
– Hawwa, hawwa, aptobus. Uzyn, gyzyl
aptobusdyr-la.
– Ne ponimaýu, dorogoý, izwini.
119
Esen ýene birini saklaýar.
– Pajalysta, aptobus gde?
– Awtobus? A wy kakogo awtobusa işete?
– Turis, turis. Agam, gaýrat edip aptobus
tapyşaweri.
O kişi beýle ýandaky telefon-awtomatdan bir
ýerlere jaň etdi-de az salym Esen bilen bile durdy.
Ony-muny soraşasy geldi, bolmady. Onuň
goşlaryna gözi düşende, beýlesine bakyp ýylgyrdy.
az salymdan şo-ol uzyn, gyzyl awtobus gelip Eseni
alyp gitdi. Şofer oňa hüňürdeýär, Esen bolsa
eýesine gowşanyna şükür edip, göwnihoş bakyp
otyr.
*
*
*
Eseniň bagtly güni iň demirgazykdaky
Norilsk şäherine baranlarynda boldy. Sebäbi
syýahata başlaly bäri hiç bir şäherde-de beýle köp
zat almadyk Esen bu ýeriň magazinlerinden
göwni bitdi. Elbetde, islän zatlaryny tapan şäheri
Esen üçin iň gowy şäher bolup göründi. Jaýlar
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.