Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08

Total number of words is 3607
Total number of unique words is 2242
26.5 of words are in the 2000 most common words
38.1 of words are in the 5000 most common words
44.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gymyldanogam. " Eşek kesellemez, keselledigi
öler " diýlenine Rahmet eke-de ynanýar. Eşejigi
ölâýse, dat gününe. Oňa dünýâni görkezip ýören şo
eşejik dâlmi?! " Kürri, kürri!! " Az salymdan
goňşy gelip salam berende, Rahmet eke salam
almaga-da gyssanyp:" Rejepjan! Şo janaweri
göreweri " diýdi. Rejep eşegiň başujuna baryp siňe
seretdi, soň egilip gözledi, ahyrda eşegiň boýnuna
aýagy bilen ýuwaş kakyp goýberdi-de Rahmet ekâ
nebsi agyryp bakdy. "Eşejigiň-â azapdan
dynypdyr." " Bâ-â, birden beýle bolaýd-ow! " Bu
zamanlar eşegiň bahasynyň öküziň bahasyça
barlygyny Rahmet eke ýagşy bilýâr. Ol hernâçe
toplasa-da ýeterlik pul toplabilmez. " Bâ-âý, orta
ýolda goýdy-da. " Indi nâme etsekâ? Nâme etse-de
gün geçmez. Onuň barjak ýeri kândi, aýtjak sözi
kândi. Bary birbada kesildi duruberdi-dâ. " Ilat âhli
pislige öwrenişip-öwrenişip, soň nâdip ýaşajakka?
Şuňa aklym ýetmân geçdi. "
166
Onsoň ol Rejep goňşusyny ýanynda oturtdyda bir gapjykdan eplengi kagyz çykardy.
––Rejepjan! Sen maňa ogul ornuny tutduň !
Ýüzüňe öwüp dursam gelşikli bolmaz. Ynha, şu
hojalygyň dökümendi, bu kagyzam hojalygyň saňa
peşgeş berilýânligi hakda döküment.
––Men saňa hyzmat edenem bolsam, zat üçin
hyzmat eden dâldirin, Rahmet eke!
––Goý, goý. Mundanam zat bolarmy?! Çaýyr
basan bir daban ýer ahyry.
––Maňa hiç zat gerek dâl.
––O gürrüňi goýaly. Indi Hudaý nâçe gün
beren bolsa, ýaşarys, işalla. Bu düwünçekde-de
ölemde jaýlar ýaly pul bardyr.
––O gürrüňe entek ir, Rahmet eke. Gowusy, şo
pula bir eşejik alaly. Galan işiň bir alajy bolar.
––Beýtseň, razy bolman. Mende-de göwün
bar. Ýöne mazaryň üstüne bir kerpiç goýgun.
Mermer dâldir, kerpiç goýgun.
––Rahmet eke, ir bilen ters gürrüň edýâs.
––Kerpije, iliňki ýaly, ýyl ýazma, at ýazma,
ýöne " Bu-da geçer " diýâýgin.
––O nâm üçin?
––Meniň aklym ýeteli bâri maňa ýardamçy şo
söz boldy.
Rejep, öňi-soňy, ölüm gürrüňini dowam
etdiresi gelmân, başga gürrüňe geçdi. Birsalymdan
işe baka öýden çykyp barýarka:" Men bir soragideg edişdireýin. Belki, eşegini münmâge berjek
tapylar " diýdi.
167
"Ana, bu gowy gep boldy." Eşek tapylaýsa,
jany aram tapar. Rahmet ekâ gerek diýseler, eşek
beren tapylar-la.
Emma her gün Rejep asfalt ysly eşigini geýip
işe gidende umytly garaşan Rahmet ekâniň
agşamlyk umydy inçelýâr.
Günler geçýâr, gijeler has haýal geçýâr. Öňler
dünýâ sygman ýören göwün bu dar howla
sygjakmy?! Gaty çaýyrly howluda iki ýana
süýşeneklâp, daşky gapyda oturyp ýadaýar. Köçede gugaryp ýatyr. Eşegi öleni bâri nâçe wagt geçdi
weli, bu şâherden bary-ýogy dört-bâş kişi Rahmet
ekâ " Halyň niçik? " diýip geçdi.
Ýene-de iki aksakal ö-öňki teklibini gaýtalap
gitdi. Olar öňden bâri Rahmet ekâniň öz butparaz
dininden dönüp, yslam dinine geçmegini
isleýârdiler.
––Siz bir zada düşüniň:ynha, özüňiz öz
diniňizi taşlap, başga dine geçesiňiz gelýâmi?
––Ýok.
––Menem şeýle. Menem ata-enemiň ynanan
dinine ynanasym gelýâ. Dinsiz bolan bolsam, onda
başga gürrüň.
Rejep goňşy bolsa, nâçe gözlese-de, Rahmet
eke müner ýaly eşek tapyp bilmedi. Günleriň bir
güni irden turup Rahmet ekâniň gapysyna barsa,
kepderiler sus otyr, ses-üýn ýok. Hemişeler ir
sâherden açylýan gapy bu gün ýapyk. "Rahmet eke,
o-ow Rahmet eke!" Jogap ýok. Gapyny açsa,
Rahmet eke ortarada eşek juluny ýamap oturşyna
168
tükgerip, doňup galypdyr, biçâre. Ony ömürboýy
ýylydan, şo dumanly deňiz kenarynda arkasyna
atylan ene güpbüsi hem Rahmet ekâni ýylydardan
ejiz gelipdir.
Rejep, aýaly, çagalary ikiýana ylgaşyp,
goňşulara aýdyşyp, merhumy jaýlamaga zerur
serenjam berdiler. Garaz, birki sagatdan soň bütin
şâher Rahmet ekâniň sagat on ikide jaýlanýanyny
eşitdi. Tabyt çykarylanda on-on bâş adamdan köp
dâldi. Rahmet ekâniň ömri boýy garaşan Jahangüli
hem görünmedi. Emma ir sâherden bâri Rahmet
ekâ garaşan kepderiler has köpdi. Olar özge
adamlaryň üstüne gonman, âhlisi tabytda ýatan
Rahmet ekâniň ysyny alyp, oňa topulýarlar.
Adamlar gollaryny salgaşyp kepderileri tabyda
gondurmajak bolýar. Şeýdip mazarystana bardylar.
Rahmet ekâni jaýlap, baş ujuna mermer daş goýup
gaýdanlarynda tâze guburyň üstüni örtüp oturan
gökje kepderileriň enaýy zarynlaýyşlary eşidildi
durdy.
Rejep ep-esli wagt geçensoň Rahmet ekâniň
mazaryna zyýarat edeýin diýip bardy weli, o gökje
kepderileriň bir topary henizem mazar üstünde
hüw-hüwleşip oturan ekeni. Emma ýazgyly
mermere weli gözi ilmedi. Beỳleki mazarlara
goýlan mermerleri hem görmedi. " Bu-da geçer "
diýleni mundan çykdy-ow. "
Rejep gamgyn halda gonamçylykdan
çykdy.‖Eger ölüleri gorap bilmeỳän bolsak,dirilere
diri diỳip bilermikäk?!‖ Ol öýe gelşine bir bişen
169
kerpijiň ýüzüne "Bu-da geçer" diýip ýazdy-da
Rahmet ekäniň mazaryna goỳup gaỳtdy.
Aradan ep-esli wagt geçdi.
Bir gün Rejep çagalary bilen günorta
naharynda saçak başyna egrilişip otyrkalar daşky
gapy kakyldy.Rejep gapyny açanda Rahmet eke
pahyra gaty meňzeş bir ỳapon ỳaşulusy garşysynda
dur. Rejep düỳş görỳän ỳaly boldy. Ol
tasdan:‖Rahmet eke!‖ diỳipdi, soňky nepesinde
saklandy. O ỳapon Rahmet ekäniň kiçi dogany,
birmahallar dumanly kenarda: ‖Menem gidäỳeỳindä!‖diỳip zarynlan oglanjykdy, Rahmet ekäniň
gulagynda ömürlik seslenen oglanjykdy. Terjimeçi
olary tanyşdyryp-tanyşdyrmanka, Rejep Rahmet
ekäniň doganyny gujaklap, gözlerine ỳaş aỳlap,
damagy dolup, bir söz aỳdyp bilmän uzak
durdy.Ŷaponlar bolsa çyny bilen agladylar.Rejep
gözleri gyzaryp giden myhmanlaryny öỳe çekjek
bolanda,
Rahmet
ekäniň
dogany
ilki
mazarystanlygy göresi gelỳändigini aỳtdy. Olar şo
taỳdan göni mazarlyga baka gitdiler.Ŷolda özüne
şeỳle mährem bakyşyny synlan ỳapon adam
durubilmän Rejebiň egnine elini goỳup,özüne baka
gysyp ỳöredi.
Mazarystanyň bir gyrasyna baranlarynda
Rejep birden öňe ylgap gitdi.Siliň yzy bildirip
duran ỳerde ikiỳana aljyraňňy ỳöredi. Sil suwy
Rahmet ekâniň gubury bile ýigrimi-otuz guburyň
gumuny ýuwup-eredip alyp gidipdir. Kimiň nirede
ýatany hem belli dâl. Gubury ýitiren gökje
170
kepderilerem nirâ gonjagyny bilmân, onda-munda
gonup-uçup ýörler.Rejep ho-ol beỳlede palçyga
bulanyp ỳatan kerpiji gördü-de ylgap baryp, eline
aldy: ‖Bu-da geçer‖ diỳen ỳazgyly kerpiç. Rejep
bir kerpije, bir-de myhmana ỳazykly ỳaly
bakdy.‖Matam
gülüni
goỳmaga
mazaram
galmandyr.‖ Rahmet ekäniň inisi ỳagdaỳa göz
ỳetirenden, gülleri gaçyryp, ellerini ikiỳana gerdide asmana bakyp, gözlerini ỳumup: ‖Muraỳama-aa!‖ diỳip ỳürekden bagyrdy, göz ỳaşlaryny ỳagmyr
kimin ỳagdyrdy. Muraỳama-Rahmet ekä enesiniň
dakan adydy.
Rahmet eke şeýdip dagdan agyr gamlary bile
ýitdi gitdi.
Rahmet ekâniň ýoklugyny duýmadyksyran
bolsa-da, öňi-soňy, bu şâherjik başgaça ýaşap
başlady.
________________
“Türmä dutarym bilen
girmäge rugsat beriň”
(1991-de 40 müň sanysy çap
bolan“Gurt Ŷakup”kitabyndan parça)
Bu kimiň sözüdir öỳdỳäňiz!? Jenaỳatkäriň
sözümi? Ŷok.Ol beỳik sazanda,beỳik dessançy
bagşy Gurt Ŷakubyň sözi. Dürli kabinetlerde sorag
edile-edile,minnetli sözlerden gerk-gäbe doỳrulyp,
171
çekelene-çekelene surnukdyrylan bagşy gözenegiň
aňyrsyna atyljak bolanda:‖Türmä dutarym bilen
girmäge rugsat beriň!‖ diỳipdir. Türkmeniň
gadymy,gahrymançylykly geçmişini aỳdymlaryň,
dessanlaryň üsti bilen halka ỳetirmekden başga
günäsi bolmadyk bagşyny,edil halk duşmany yaly
yzarlapdyrlar. Bu ezỳetlere çydaman, ỳürek
ỳarylara gelen bir gezegi Gurt Ŷakup çöle tutduryp
gidipdir.Bir çopanyň çatmasynda uzak gije dessan
aỳdyp derdini egsipdir.Ertir öỳe gaỳtsa, hemişeki
pogonsyz maỳor ỳolunda durmyş.
--Ŷeri, bu gezek näme bahana taparkaň?
--Bahana gözläp ỳöremzok.Bir geçimiz
tazygyp, çöle gaçdy weli, şony gözläp gelỳän.
--Dogry.Geçiňi dutarly gözleỳänsiň?
--Aỳ, näme,bagşynyň dutardan başga ỳaragy
barmy?!Ŷanyma alanymy-da bilmändirin.
--Gepiňi kes-de düş öňe!
Hemişeki sorag edilỳän sowuk jaỳda
pogonsyz maỳor bir düwmä basypdyr weli, çopan
goşundaky her bir ses, hatda köpegiň üỳren sesi
hem ỳaňlanyp durmyş.
Gurt
Yakup
nirede
oturanyny
hem
unudypdyr.‖Bä-äỳ, gowy ỳazylypdyr. Radiỳo
berseňem boljak ekeni‖ diỳipdir.Ŷöne munuň
nädip ỳazylyp bilinjegine akly ỳetmän kösenipdir.
Ah, biçäre Gurt Ŷakup! Sada ỳüregiň daşyna
gara
kerep
örenlerini
saňa
aỳtsalaram
ynanmazdyň.Bu dünỳäde ähli kişi aỳdym-saza
muşdakdyr, şonuň üçin bagşa ỳamanlyk edilmez
172
öỳdỳänsiň.Sen
meşhurlygyňy
bilmän,duỳman
geçdiň gitdiň ahyry.Sen öz kelläňde näçe aỳdym,
näçe kyssa jemlenenini biljek bolup kösenerdiň.
Ony-da bilibilmän geçdiň gitdiň.Seniň eginleriňde
oturan kelle däldi-de, kelle görnüşli türkmen
hazynasydy. Gaỳtalanmajak hazynaly türkmen
kellesidi.
Şoňa görä Gurt Ŷakupdan: ‖Näçe
aỳdym, näçe dessan bilỳäňiz?‖ diỳip soralanda
jogap berip bilmesdi.Ölüm ỳassygynda ỳatyrka, ol
aỳaly Aksoltan gelnejä:‖Ölüm her kişiniň başynda
bardyr.Gurt ölỳä diỳip aglama,Gurduň bilỳänjeleri
özi bilen gidỳä diỳip agla‖ diỳipdir.
Türkmenlerde bir adat bar: öz beỳik
ogullaryny ölenden soň tanaỳar. Biz Gurt Ŷakup
ölmänkä, onuň beỳikligini bilen bolsak, onuň
kellesindäki hazynany ỳazga geçiren bolsak,
elbetde, oňa beỳiklere goỳulỳan hormaty goỳan
bolsak, arman, arman şeỳden bolsak, onda bu gün
bagşynyň başyndaky hazynamyz topraga gömüldi
diỳip ahmyr çekmezdik. Belki, Gurt Ŷakubyň özi
hem altmyş ỳaşamanka gara ỳere garylyp gitmezdi.
Güman imandan aỳyrar diỳselerde, Gurt
Ŷakubyň ölümi bilen bagly bir sanjymy aỳdasym
gelỳär: Gurt bagşy, biçäre, öz ajalyna öldümikä?
Ŷa-da haỳynlaryň biriniň elinden ajal şerbetini
içdimikä? Sebäbi, Gurt Ŷakup gaty güỳçli
duşmanyň garşysyna çykypdy.
Elbetde,gelenler
geçdi
gitdi,zamanalar
üỳtgedi.Gurt Ŷakubyň ỳoly döredi, ençeme şägirdi
ỳetişdi.Emma,emma medeni hazynanyň bir
173
aỳratynlygy bar: bir ỳitdimi, gaỳdyp ony tapjak
umydyň ỳok.
Öz umydymyzy özümiz kesmesek ỳagşy.
________________
“Magtymgulynama” romanyndan
parça
(1992-nji ỳylda 30 müň sanysy çap
edildi)
Öz ỳüregime özüm belet.Ŷüregimdäkini bir
ỳazaỳyn, soňuny soň görübereris.
Ynha ,beỳik Magtymguly gamly-paỳhasly,
merdem görnüşde alnymda dur. Ŷowuz asyr
şahyryň arkasyndan abanỳar.Magtymguly o
ỳowuzlygy buz owradan ỳaly owradasy gelỳär,
sebäbi ol öz asyryndan has ir dünỳä inen adam, oňa
garaňky asyryň gödekligi ỳat,ol beỳle tümlüge hiçhiç öwrenişip biljek däl.Hut şol sebäbe görä
Magtymguly dogabitdi bagtsyz,jahan ỳagtylyp
barỳarka ỳitip barỳan ỳyldyz ỳaly ỳalňyz.
Magtymguly entek dünỳä inmänkä,duşmanlar
oňa garşy gylyjyny syrỳardylar. Şeỳle zamanada
ömür sürmek üçin neneňsi pidalara dözmeli
boljagyny, neneňsi çykalgalar gözlemeli boljagyny
göz öňüne getirmegem juda kyn.
Adamyň özakymly aňyna ỳol berseň,ol
mydama geçmişi, sähelçe bolsa-da, ỳuwmarlamaga,
174
ỳagşy günleriň ählisi geçmiş bilen giden ỳaly ahwal
döretmäge ỳykgyn etgiç bolar eken.
Magtymguly, syrym çohdur,
Men neỳläỳin ,açan ỳokdur.
Dogrudanam, bu setirleri okan okyjynyň
öňünde müň bir sowal, müň bir syr keserip ỳatyr.
Ŷyldyzdan ỳol ỳasap Aỳa sataşdym.
Okyjy bu syrlara näçe jogap tapdygyça,
Magtymgula şonça ysnyşỳar. Şondan soň
Magtymgulynyň adamsyna öwrülỳäň, o seni senden
rugsatsyz
öz
tarapyna
geçirip
başlaỳar.
Magtymguly bu meselede özünden öňküleriň salan
ỳolundan ỳöreỳär, ỳöne öňkülerden bir ädim uzaga
gidỳär. Ana,şol bir ädim hem Magtymgulyny dünỳä
meşhur eden bir ädimdir. Allanyň eçilen ỳşgy bilen,
ylhamy hem genisi bilen Magtymguly tutuş on
sekizinji asyryň we soňky asyrlaryň tümlügini
ỳagtyltdy.Ol täze goşgy şekillerini tapdy, goşga
täze-täze temalary, mazmunlary,onda-da heniz
ulanylmadyklaryny girizmegi başardy.
Muňa häzirki zaman okyjysynyň akly
haỳran. Gudrat bile dörän diỳesi gelỳär. Elbetde,
genileriň döreỳşini düşündirip bolmaz. Emma
tebigatyň beỳle syry on sekizinji asyrda,
töwerekdäki uly-kiçi halklarda döremän, ala-böle
175
dagynyk türkmende, ykdysady taỳdan yzdaky
turkmende döreỳşine aklyňyz haỳran bolmazmy?!
Belki,bu Ŷasawy, Nyzamy, Rumy, Ŷunus
Emre, Hajy Bekdaş, Nesimi, Nowaỳy, Fuzuly,
Baỳram han, Garajaoglan, Azady ỳaly ganybir
genileriň dowamylygy üçin şeỳledir?! Belki-de bu
ägirt medeniỳetiň mekany bolan gadymy Nusaỳyň,
Meşedi-Misriỳanyň, Mary-şahy jahanyň özboluşly
täsiridir?! Belki, bu türkmeniň geçmişindäki beỳik
şöhratyň täsiridir?!
Geçmişiň pelsepelerinden gana-gana içen
Magtymguly çykgynsyz durmuşyň bir çykalgasy
hökmünde syỳahatlara ỳüz urdy. Başga-başga
ỳurtlara syỳahatmy, ỳa başga-başga köňüllere
syỳahatmy?! ―Ylymlaryň beỳigi-syỳahatdyr.‖diỳlen
gadymy akly Magtymguly hiç-hiç unutmandyr.
Magtymguly Türk dünỳäsiniň
şahyrlarynyň
arasynda iň köp syỳahat eden şahyrlaryň biridir.
Şahyr Hindistana iki gezek syỳahat edendir diỳip
alymlar çaklaỳar.
Magtymguly baranda Hindistan neneňsi
ỳagdaỳdady?
İňlis basybalyjylarynyň Gün çetinden
geçmäge, ỳagny oňa kölege bermäge hindileriň
hukugy ỳok ekeni. Kemsitmelere, gulçulyk
kanunlaryna boỳun bolmadyklaryň gamçylanyp,
gyrmyzy ganlarynyň saçylyşyny, rikşanyň ỳüpüni
ganjaryp duran boỳnuna daňyp, rikşada oturan
jenaby çekip baryany gören Magtymguluda neneňsi
duỳgularyň oỳananlygyny oỳlanyberiň.Başga bir
176
ỳurda baryp, ỳerli halka zulum edilişi Magtymgula
köp pikirler berdi.Şonda onuň başyna şu setir gelen
bolsa gerek:
Hindistany ahu-zar harap eỳlär.
Magtymguly Hindistanyň köp ỳerlerine,
aỳratynam, türkmenleriň, musulmanlaryň ỳaşaỳan
ỳerlerine aỳlanypdyr.O topragy pyỳada, atly, öküze
tirkelen arabaly, pil münüp aỳlanypdyr.O ỳerdäki
türkmenleriň türkmençiligi, türkmeni türkmen
edỳän türkmençiligi unudandyklaryna ỳürekden
gynanypdyr.
Hindistanyň boz tebigaty onuň gamgyn
köňlüni sähelçe awlapdyr.Edil halynyň erşi ỳaly,
asmandan inỳän jalanyň astynda ençeme ỳola
ezilipdir,öz sütünini gür pürli şahalary bilen büräp
oturan agaçlary, ak topugyny gizläp oturan Meňlä
meňzedipdir.Gara gaşlarynyň arasy basma hally
hindi gyzlaryny hem Meňlä meňzedipdir:
Roỳunda hindi hally,
Mynasyp bir jenan barmy?!
Ol ähli ỳerden Meňlini gözledi.Gyrnak
bazarlaryndanam zynjyra baglanan Meňlini idedi.
Agajyn üstüni ot bilen basyryp, aşagynda ỳaşap
oturan
bendeleriň
arasyndanam,
gyzganyň
saỳasynda oturanlardanam, topar-topar geçip
barỳan gedaỳlaryň arasyndanam birden Meňli:
‖Magtymguly-y!‖ diỳip bozlap çykaỳjak ỳaly boldy
durdy.
Wah, biçäre Magtymguly!
177
―Aşykda aň bolmaz‖ diỳleni-dä. Magtymguly
ỳaly beỳik köňli söỳüp bilen ỳürek hi bi gul
zynjyrlaryna, gedaỳ ỳodalaryna kaỳyl bolarmy?!
Ol, gowusy, däli derỳa özüni oklamazmy?! Muny
Magtymguly bizden gowy bilỳär weli, nätjek-dä,
ỳürek dıỳlen bir hötjedem bar ahyry.
Hindistan köp dinleriň mekany hökmünde-de
Magtymgulynyň ünsüni çekdi. Otparazlyk,
induizm, hristianlyk, yslam…Öz butuny özi ỳasap,
özi hem oňa çokunỳan butparazlar Magtymgula
gaty geň göründi.Parslar diỳlen bir halkyỳetiň
ölüsini topraga bermän, beỳik depä çykaryp
göỳşuny, o jesetleriň guş-gurda ỳal bolşuny,
hindileriň sygyry mukaddes saỳyp, ölüsini
ỳakyşyny gözleri bilen gördi.Ol bu zatlary öň
birmahallar kitapdan okapdy.Kitap bir başga, janly
durmuş bütinleỳ başga.
Hindistan säher-säher oỳanỳar. Bagly
köçeleriň şowhuny artỳar.Dürli dükanlaryň
gapysynda alyjylar görünỳär.Ŷol boỳunda oturyp,
derman otly düwünçeklerini töweregine ỳazan
attarlar dertlilere derman berỳär.Ak sakgaly biline
düşüp duran palçy garşysyndakynyň aỳasyny öz
aỳalarynda gysyp, bir zatlar samraỳar.Beỳle ỳanda
margir tüỳdük çalyp, ỳylan oỳnadỳar, ho-ol burçda
bolsa,gözleri ỳanyp duran gözbagçy täsin oỳunlary
bilen töweregindäkileriň aklyny heỳjana salỳar.
İrkilip duran öküziň şahynyň arasynda bir hindi
başyny sallap ỳatyr.Ŷarym ỳalaňaç, bezemen
adamlar, aỳagynyň başam barmagy ỳüzükli, topugy
178
bilezikli, burny halkaly, maňlaỳy basma hally
senanlar öz derdi bilen gümra.
Bu ỳurtdan gaỳdansoň, elmydama onuň
aňynda Hindistan fosfor daşy ỳaly şöhle berdi
durdy.Netijede, Magtymgulynyň goşgularynda iň
köp agzalan ỳurt we millet-Hindistan we hindiler
boldy.
Özünden öňki we öz döwrüniň beỳikleriniň
pikir-duỳgularyny gana-gana içensoň,köp ỳurtlara
syỳahat edip tejribe baryny toplansoň,akyl käsesi
püre-pür dolan Magtymguly öz milleti hakda näme
pikir etdikä?
Magtymguly dargap barỳan türkmenleri,
ozaly bilen, dargamakdan halas etmelidigine
çuňňur göz ỳetirdi.Dargamakdan halas bolmagyň
ilkinji şertiniň agzybirlik we umytlylykdygyny örän
beỳik bir paỳhas bilen kesgitledi.Beỳnide gaỳnaỳgaỳnaỳ bişen pikirlerini halka paỳlap başlady.
Agzybirlik
we
umytlylyk
pikirleri,
ahyrsoňunda türkmenleri dargamakdan halas etdi.
Magtymguly türkmen halkyny dargamakdan
halas etdi diỳip ynamly aỳdyp bileris.Uly
betbagtlykdan dynan türkmen halky hem öz beỳik
şahyryny unutman biziň günlerimize alyp
geldi.Häzirki wagtda Magtymguly diňe türkmeniň
ỳa-da
türk dünỳäsiniň şahyry däl-de, eỳsem
umumy adamzadyň beỳik şahyrlarynyň biridir.
179
ÖMRÜM KİTAP SAHYPALARYNDA
Men her bir tolkunyñ garşysyna çykmagy
söýýän. Şonda maña kuwwat gelýär.
Eger okyjy meni irde-giçde okan bolsa, ol
―Duman Daganda‖ diýen romanymy okan bolsa
gerek. Kommunistleriñ mafiýa bilen birleşip
döwleti ýykyşlary hakdaky bu roman Gorbaçew
zamany, 1989-da, bir ýylda iki gezek çap edildi.
Birinji gezek otuz müñ, ikinjide 27 müñ kitap
satyldy. O döwür 4 millionly Türkmenistanda 8
aýda 57 müñ kitap satmak örän geñ wakady. O
kitaplaryñ 1600 sanysyny Sakarçägede ýaşaýan bir
kommunist, öñ partiýanyñ welaýat bölüminiñ
başlygy bolan kişi dükandan satyn alyp ýakypdyr.
O kişi romandaky wakalar özi hakda diýip
düşünipdir we şo sebäpli ýakypdyr. Düşünişi
dogry-da, ýakyşy ýalñyş. Bu wakany ýazyjy Anna
Paýtyk maña gürrüñ beripdi. Romandaky wakalar
özi hakda diýip düşünen başga-da birnäçe kişi
telefon arkaly haýbat atypdy. Men olaryñ ählisine
şol bir jogaby berdim. ―Men öz etmeli işimi etdim.‖
O kitabyň çap edilmegi üçin kagyz tapylyşy-da
aýratyn bir söhbet.O döwürler ỳurtda her zadyñ gyt
bolşy ýaly, kagyz hem gytdy. Emma bir dostumyz
maña ýagşylyk etmek üçin yhlas etdi-de ep-esli
tonna kagyz satyn almaga mümkinçilik tapdy. İndi
180
kagyz tapyldy, ony goýara ýer ýok. ―Garyp galla
tapmaz, galla tapsa, gap tapmaz‖ diýleni. Kagyzlary
Aşgabatdan alyp, 40 kilometrlik dag içinde Pöwrize
diýen ýerde ýazyjylaryñ dynç alyş öýüniñ
howlusynda goýduk.
Ýoldan geçen her kişiniñ o kagyzlara gözi
düşýär.
Respublikanyñ ýolbaşçylary-da bu ýoldan her
gün geçýärdiler. Onsoñ bir gün: ―Gazet çykarmaga
kagyz ýok‖ diýlip howsala turýar. Uly başlyk:
―Ýazyjylaryñ howlusynda bir küde kagyz basylgy
ýatyr. Baryñ, alyñ‖ diýip buýruk berýär. Buýrugy
bitirmeli kişi meniñ dostum bolup çykýar. Ol
tizden-tiz maña telefon etdi: ‖Oraz! Ýet, seniñ
kagyzlaryñy döwlet mugt almakçy bolýar. Eger
kagyzlaryñy başga bir gizlin ýere örän tiz geçirip
ýetişseñ, utarsyñ. Biz gijräk barjak bolarys‖ diýdi.
Men ýyldyryma öwrüldim. Eýýäm bir ýarym sagat
geçip-geçmänkä, kagyzlar başga bir gizlin ýerde
gizlenipdi. Ýazyjylar öýüniñ sakçysyna-da:‖Kagyz
sorap gelseler, bir jaýda basylgy ýatan tualet
kagyzlaryny görkezgin‖ diýip haýyş etdim.
Kagyzy aljak döwlet adamlary gelip görseler,
tualet kagyzyndan başga kagyz görmändirler we
muny başlyga habar beripdirler. ―Meni aldajak
bolmañ. Men ir bilen gözlerim bilen görüp geçdim‖
diýip, başlyk gaty gaharly sözläpdir. Eger men
kagyzlarymy elden aldyran bolsam, roman hiç
çykmazdy.
181
―Duman daganda‖ romany şeýle kynçylyk bilen
çykdy. Onuñ şowly satylmasy we maña weşeñweşeñ pul gelmesi meniñ gözlerimi gapyp bilmedi.
Hudaýa şükür! O romanyñ kemçiliklerini henizem
ýadymdan çykaryp bilmeýärin. Çagalarym bolsa, o
paket-paket gelen pullary ýadyndan çykaryp
bilmeýärler. ―Kaka! Ýene bir sapar öñki ýaly doly
paket pul getirsene!‖ diýip ýylgyryşýarlar. Men bu
romany ýazyp başlamankam beýik Magtymgulynyñ
ömri hakda biografik bir roman hem ýazýardym. Iñ
kyn ýazylan eserim hökmünde onuñ maña beren
jebri henizem ýüregime agram berýär. O romanyñ
bölekleri gazet-jurnallarda çap edilip başlansoñ,
okyjylar meni Magtymgulyçylaryñ hataryna
geçirdi. Bu uly ýalñyşlykdy. Sebäbi men nire, beýik
Magtymguly nire?! Magtymgulyny öwreniji
diýmek örän uly dereje ahyry. Dünýä inenine 275
ýyl geçen Magtymgulynyñ edebi-ylmy syrlarynyñ
şu güne çenli-de doly açylmandygy köp zatdan
habar berỳär ahyry.
Magtymguly, syrym çohdur.
Men neýläýin açan ýokdur.
diýen şahyr, 21-nji asyrda-da o setirlerini
gaýtalaýar.
Şol ýyllar Magtymgula örän köp üns berlip
başlandy
hem-de
respublika
derejesinde
Magtymguly jemgyýeti döredildi. Oña tanymal
alym Nazar Gulla başlyk saýlandy. Soñra
jemgyýetiñ guramaçylyk komiteti döredildi. Meni
182
bu jemgyýetiñ jogapkär sekretarlygyna saýladylar.
Nazar Gulla-da, menem aýlyksyz-günlüksiz
Magtymgula hyzmat edip başladyk.
Meniñ Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetinde
12 ýyl işlänim bu ýerde peýdaly boldy. Hökümet
edarasynda oturan çinownikleri tanaýardym we
olardan peýdalanyp biljekdim. Magtymguly
jemgyýetiniñ uly iş planyny düzdüm: Magtymguly
lotereýasyny goýbermeli. Magtymgulyny dünýä
tanatmaga
çalyşmaly.
Türkmenistanda
Magtymgulynyñ öwrenilişine ýardam bermeli,
adynyñ ebedileşdirilişini güýçlendirmeli.
Üç sany uly mesele. Uly kynçylyk çeke-çeke
ahyry 5 million sany lotereýa goýberdik. O
lotereýada Magtymgulynyñ şekli we bir bent
goşgusy ýerleşdirildi. Bu lotereýadan Magtymguly
jemgyýeti 1,5 million rubl, ýagny o döwürki
hasaplara görä 2 million dollar sap girdeji aldy. Bir
köpüksiz jemgyýet baý jemgyýete öwrüldi. Men
özge wezipämi taşlap, Magtymguly jemgyýetinde
aýlykly işläp başladym.
Öwünmek üçin
aýtmaýaryn, ýöne bu jemgyýetde örän köp iş etdik.
Diñe Magtymgulynyñ daşary ýurtlarda çap
edilmegine, Türkmen döwlet uniwersitetine we
beýleki
ýerlere
Magtymgulynyň
adynyň
dakylmagyna, her ýylyñ 18 maýynda Magtymguly
gününiñ
bellenmeginde
Magtymguly
jemgyýetinden ilkinji teklip, ilkinji täsir ýetenini
aýdyp oñaýyn.
183
1991-de
türkmeniñ

uly
dessançy
bagşylarynyñ biri, Magtymgulynyñ tas ähli
goşgularyny saza salan, ahyrda-da zäherlenip
öldürilen diýlip güman edilýän Gurt Ýakup hakda
kiçijik bir kitapça ỳazdym. Dogrusy men galam
tutdum, galamyñ özi ýazdy. Örän tiz, 20 gün içinde
ýazylan kitapçany ondanam tiz, ýagny 10 gün
içinde çap etdiler. 40 müñ sany kitapçanyñ 39
müñüsini iki aýa galman satdyk. Ynanar ýaly däl.
Halk meniñ kitabyma däl-de beýik Gurt Ýakuba
şeýle teşne ekeni. Başga bir geñ wakany hem aýdyp
geçeýin: ―Gurt Ýakup‖ kitabynyñ galanja müñ
sanysyny soñky on ýylda satyp gutaryp bilemok.
Muña hiç aklym ýetmeýär.
Şu arada 1992-nji ýylda ömrümiñ sekiz ýylyny
berip ýazan kitabymy tamamladym. Çaphana üçin
45 müñ rubl puly elim bilen sanap berdim. O pul
―Duman daganda‖ we ―Gurt Ýakup‖ kitaplarymdan
toplanan puldy. Men o zamanlar o pula 4 sany
gowy ýeñil maşyn alyp bilýärdim. Kitabyñ adyna
―Magtymgulynama‖ goýdum we hiç gypynçsyz,
tizräk çap edilmegini isledim.
Çap edilişi, kagyzy pes hilli bolsa-da kitap
çykdy. Ömrümde beýle begenen däldirin, kim
bilsin, gelejekde-de beýle begenerin öýtmeýärin.
Kitap 30 müñ sany basyldy. Gowy alynyp
başlandy. Emma inflýasiýa-hümmetsizlik ähli zady
bulaşdyrdy. Dört maşynyñ puluny berip çykardan
kitabymdan dört maşyn-a beýlede dursun, dört
teker hem alarlyk pul gazanmadym. Bu pul tarapy,
184
emma o kitabyñ maña beren ruhy kuwwatyny,
begenjini ölçäre gural tapylmaz. Häzire çenli-de
―Magtymgulynama‖ meniñ ýürek damarymdyr,
damarymda ganymdyr. O meniñ üçin beýle
görünýär, okyja başga görünmegi hem bolup biljek
zat.
İndi Garajaoglan hakda. Meni 1990-da Türkiýeli
dosdumyz İrfan Ünwer Nasrettinogly Garajaoglan
kongresine çagyrdy. O döwür Moskwadan rugsat
alýardyk hem-de şo taýdan Türkiýä uçýardyk. Bizi
Moskwadan ugradýan Ŷazyjylar birleşiginiň işgäri:
―Türkiýede açlyk. Ýanyñyza çörek köpräk alyñ‖
diýdi. Sowgat hökmünde bolsa Kremliñ we Leniniñ
suraty çekilen çellofan paketleri almagy maslahat
berdi. Ýoldaşym ikimiz aýdylyşy ýaly etdik. İki
sany uly sumkany çörekden dolduryp, Ankara
baryp düşdük. Bir sagatdan soñ o işgäriň bize ýalan
sözläni belli boldy. Soñra täze tanyşlara Lenin
suratly paket sowgat berýäris weli, birgeñsi ýüzleri
çytylýar. Biz bir ýalñyşlyk barlygyny duýup, İrfan
beýden sorasak, ol gülüberdi. ―Bu taýy Türk ýurdy.
Biz Lenini söýmeris. Gowusy, o paketleri taşlañ, ýa
yzyna äkidiñ. Onsoñam bizde paket sowgat bermek
däbi ýok‖ diýdi. Biz nämäniñ nämedigine akyl
ýetirip başladyk.
Biziñ gözlerimizi Türkiýe açdy.
Men Türkiýä ugramankam Garajaoglanyñ
Türkmenistandaky
ýagdaýy
bilen
içgin
gyzyklandym. 1975-den 1990-a çenli Garajaoglany
çap etmek gadagan edilipdi. Men bir ýerlerden
185
Garajaoglan kitabyny tapyp okadym. Abdyrahman
Mülkamanyñ we beýlekileriñ öñki işlerini
öwrendim. Garajaoglanyñ şygyrlary meni bendi
etdi.
Hakykatda
men
Garajaoglan
bilen
hassalandym.
Şeýle
üýtgeşik
şahyryñ
gadaganlygyna çydap durup bilmän, ―Garajaoglany
kim zyndandan çykarar?!‖ dıýen makalany
ýüzümiñ ugruna ýazdym. Sowet döwrüligini,
soñundan başa bela gelip biljegini hiç ýada
salmandyryn. Bolsa-da meni halk, okyjylar
goldady.
Şeýdip,
Garajaoglany
zyndandan
çykarmak bagty maña nesip etdi.
Men Türkiýede, Adanada Garajaoglanyñ beýik
meşhurlygyny görüp gelemsoñ, Garajaoglan
agşamyny guradym. Kitabyny taýýarlamaga
başladym. O döwür türkçe bilşim ýabygorludy.
1993-de Türk ỳigidi Nejdet Öz maña türk dilini
öwredip başlady. Soñ Garajaoglanyñ şygyrlaryny
has lezzetli okap, terjime edip başladym.
1994 ýylda Krasnowodsk(häzir Türkmenbaşy)
şäherinde ýaşulylaryñ maslahatyna Garajaoglanyñ
goşgular kitabynyñ sowgat berilmegini hem-de
Nebitdag(häzir Balkanabat) şäherinde Garajaoglana
heýkel dikilmegini maslahatyñ iş planyna
goşdurdym. Maslahatdan öñinçä Aşgabatda Dünýä
türkmenleriniñ guramasy bilen birlikde Garajaoglan
agşamyny geçirdik. Halkyñ gulagynda Garajaoglan
sözi köp ýañlanyp başlady. Uly kompozitor Rejep
Allaýar köp aýdymlar ýazdy.
186
Garajaoglanyñ ―Gaşlaryñ gara dälmidir‖ diýen
kitabynyñ çap edilişi hem aýratyn bir söhbet. Men
Nejdet Özüñ kömek bermegi bilen kitaby
taýýarladym, emma kitabyñ harjyny çekýän
firmanyñ ýolbaşçysy: ―Sen professor däl, doktor
däl. Men kitabyñ golýazmasyny kabul edip biljek
däl‖ diýdi. Men kyn ýagdaýda galdym. A.
Mülkamanowa ýüz tutdum, ol köp pul isledi.
Garajaoglanyñ türkmençeden parhsyz gaty sada
goşgularyny saýlap gazetlerde çap etdirip başlan,
emma türkçe gowy bilmeýän professor K. Ataýewe
ýüz tutdum. Oña sözbaşy ýazmagy hem haýyş
etdim. Ol bu işi gaty tiz bitirdi. Golýazmany okap
görsem, sözbaşy türk kitaplaryndan alnan,
goşgularyñ terjimesi gaty gowşak. Sözbaşyny
aldyk, özümiziñ terjime eden goşgularymyzy aldyk,
K. Ataýewiñ terjime eden goşgularyndan 5-10
sanysyny täzeden terjime etdik, redaktirledik.
Goşgulary çapa taýýarlan, sözbaşy ýazan professor
K. Ataýew diýip ýazdyk. Firma bu gezek işimizi
kabul etdi. Professor K. Ataýew özüniñ professor
adynyñ galkan hökmünde ulanylandygyny duýman
galdy. Galam haky berlende oña 850 dollar, maña
we suratça bolsa 450 dollardan berdiler.
Işiñ müşgili soñ başlady. Türkiýede çap etmek
üçin golýazma iberildi. Çaphana redaktoryñ tiz
gelmelidigini habar berdi. Oraz Aýdogdyýew diýen
köne kommunist döwletiñ medeniýet işlerine
ýolbaşçylyk edýärdi. O döwrüñ düzgünlerine görä,
şonuñ rugsady bolmasa medeniýet işgärlerine
187
daşary ýurda gitmäge wiza bermeýärdiler.
Garaşyşym ýaly hem boldy. Sebäbini hem
aýtmady, wiza-da bermedi. Wagt örän az galdy.
Ýaşulularyñ döwlet maslahatynda Garajaoglanyñ
kitabynyñ sowgat berilmegi meniñ uly arzuwymdy.
Näme etmeli?
Her ýollary derñäp gördüm. Çykalga ýok ýaly.
Emma her derdiñ dermany barlygy belli. Ahyry, bir
söwdagär Azerbeýjanyň paýtagty Bakudan Türkiýä
awtobus gidýänligini, wiza meselesini hem özleri
çözýändigini aýtdy. Men eglenmän, sessiz-üýnsüz
Bakuwa uçdum. Soñra köneje awtobusda Türkiýä
ugradyk. Biz üç ýarym günde süyrenip Ystambyla
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.