Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14

Total number of words is 3678
Total number of unique words is 2012
31.3 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dutaryň owazyna meýmiräp, uklap galdy. Ol
düýşünde uly bir saçagyň başynda otyr, türkmen
nan gat-gat edip goýlupdyr. Ejesi şol nanlardan
birini saçakdan sogrup alýar-da Nura uzadýar. Nury
begenip elini nana ýetirjek bolanda onuň eli aýdym
aýdyp oturan Baýla degýär-de oýanýar. Görse,
adamlar, otagda ýagçyra. Ejesem ýok, nanam ýok.
Nury başyny ýassyga tiz goýup, tiz uklasy gelýär.
Düýşde bolsa-da ejesini, nany görmek ýakymly.
310
Belki, ýene düýşünde ejesini, mele myssyk nany
görer.
* * *
Adalatly bolýançaň, güýçli bol
Nury dagy ikinji synpda okap ýörkäler, iki at
goşulan dört tekerli araba bir gün irden mekdebiň
ýanyna gelip durdy. Zamananyň gowy wagty bu
arabalar Bäherdene däne daşardylar. Indi o däneleri
aç adamlar diňe düýşünde görýärdiler. Her kim bir
oglanyň elinden tutup, ondan-mundan gelip
başlady. Nuryny uly dogany Baýly getirdi.
Çagalaryň biri: ―Gitjek däl‖ diýip gygyryp aglady.
Bir ýaşuly: ―Heý, sammyjak, o taýda her gün nahar
berýärler, täze geýim geýdirýärler. Ynha, baraňda
görersiň. Onsoň, açlyk geçensoň, ýene gelersiňizdä‖ diýip göwünlik berdi. Nury dymyp, töwerege
rahat bakyp dur.
Arabakeş ornuna geçdi.
Oglanlary araba ýerleşdirip ỳola düşenlerinde,
hälki aglan oglan ýene aglap başlady. Bu gezek
arabakeş gamçysyny bulaỳlap haýbatly gepledi.
─Lal bol-how. Bolmasa gamçy bilen it ýenjen
ýaly ýenjerin. Päheý, peläket.
311
Araba Bäherdene baka ýola düşdi. Daýna
obasy yzda galdy. Baýlynyň armydy diýilýän
armytly mellek, topar bolup hoz ogurlan tokaýlary,
üstüne münüp Sumbara böken toraňňylary-bary
yzda galdy. Arabanyň tekerleriniň dükürdisi hemde arabakeşiň mahal-mahal: ―Häý, janawer, ýöreýöre, çüww!‖ diýmesi eşidildi.
Beýleki
oglanlardan
tapawutlylykda,
Nurynyň Daýnadan iň soňky çykyşydy. Şundan soň
Allanyň beren ömründe Daýnany hiç-hiç
görmejekdigini,
bu
ýollardan
hiç-hiç
geçmejekdigini, toraňňynyň üstünden armyt sallap,
geçenleri gorkuzmajakdygyny Nury häzir duýman
barýardy. Şu mahal adaty görünýän Daýna
topragynyň soň-soň mukaddesleşjekdigini, her
daşyny öpesi gelip, topragyny göze süresi gelip,
Sumbaryň sesini eşidesi gelip ömürboýy hesret
çekjekdigini Nury duýman otyrdy. Özüniň nirä,
näme üçin äkidilip barýanyny göz öňüne getirerden,
gelejekki ykbalyň neneňsi boljagyny oýlanardan
Nury ýaşdy.
Araba, dükürdeý-dükürdeý, Ýelligaýa ýetdi.
Şeýle bir sowuk, şeýle bir çapgyn şemal başlady.
Atlaryň guýruklary, ýallary ýeliň ugruna sozulypsozulyp gitdi.
―Heý, janawer, ýöre-ýöre, çüww!‖
Ýarym ýalaňaç oglanjyklar ýygrylyşyp,
bükülişip, bir-birege dykylyşyp başladylar.
312
Arabakeş sykylyklap bir aýdymyň sazyny
çaldy, ýeller gowşady, başga-başga dag dereleri,
arçaly tokaýlar garalyp göründi. Soňra uzak
dymyşlyk başlady, soňunda ýene arabakeş aýdyma
hiňlendi.
Gökden uçan ördek-durna, ördek-durna.
Biziň iller ýeri-i-indemi-i-i ?!
Ýygrylypjyk oturan Nury ―Durna‖ sözüni
eşidende öz durnasy ýadyna düşdi. ―Näme
sebäpden asmandan gaçdyka? Soň nämbolduka?
Sagalyp ýene uçup giden bolaýadyr‖. Nury
tokaýdan uçup çykyp barýan durnany göz öňüne
getirdi. ―Şu mahal nirä bardyka? Ýene uçup
gelermikä? Daýnanyň üstünden geçmese gerek,
sebäbi bir awçy ony atandyr, bolmasa asmandan
kelemenläp gaýtmazdy‖.
Nury asmana bakyp goýberdi. Asman
çaljarỳar. Durna görünmeýär. ―Durna ýaly uçsaň.
Oňa ýoluň geregi ýok. Dagyň üstünden, derýaň
üstünden, tokaýyň üstünden arkaýyn uçubermeli.
Ähli zadyň depesinden seredip uçsaň, hezildir‖.
─ Oglanlar, nähili, uklaman otyrsyňyzmy?
Ynha, bir salymdan etege ineris. Etege indigimiz
Bäherdene bardygymyzdyr.─Arabakeş gaňrylyp,
oglanlara bakdy─ Hany, sen aýt, kimiň ogly?
313
Şeýdip, arabakeş alyp barýan oglanlarynyň
hersinden sorap başlady. Häli, Daýnadan gaýdyljak
bolanda aglan oglanjyga gezek gelende, ol jogap
bermän, ýüzüni aşak salyp otyr. Arabakeş onuň
ýaňadan aglap başlaryndan heder etdi-de söz
aýtmady. Arabakeş Nura uzak seretdi.
─Sen-ä Hanmämmediň ogly bolmaly. Tüweleme
gowyja okaň. O taýy gowy diýýäler . Gowy
okasaňyz,
mollym
bolmagyňyzam
ahmal,
okamasaňyz meň ýaly arabakeş bolarsyzyň. At
tezegini ysgar ýörersiňiz.
Arabakeş öňe bakyp oturdy. Ol Hanmämmedi,
Hangüli, olaryň başyndan inen betbagtlygy ýatlady.
Ýatlady-da uludan dem aldy.
─He-eý, bolýa-da. Alla ýamanlyk görkezmesin.
Bäri-bärde Bäherden ýok ekeni. Ýolda birki
gezek düşläp, atlara ot-suw berildi. Çaý başynda
her oglana bäş dişlem çörek paýlan arabakeş atlary
araba goşup, oglanlary mündürdi-de, ýene ýola
düşdi. Uzak gitdiler. Surnugan oglanjyklar irkilip,
uky bürüp, bir-birege kelle çakyşdyryp geldiler.
Arabakeş ỳetimhanany tapman, başy aỳlanyp,
başga-başga ỳerlerden çykdy.Öňde, demir ýol
geçelgesine ýakyn gelenlerinde sagdan gara otly
tüssesini şemala dagydyp, tiz-tizden haş-haşlap,
depesindäki uly çyra bilen dünýäni ýagtyldyp, guuk edip gygyryp geçip gitdi. Wagonlaryň şakyrdysy
uzakdan eşidilip, kem-kemden ýitdi. Arabakeş
şeýle otlylarda urşa ugradylanlary ýatlady-da:
314
―Geçdigi bolsun, Allajan.Indi gaýtalanmawersin‖
diýip, ýuwaşja samrady. Soň ýabylarynyň jylawyny
silkip: ―Häý, janawer, ýöre-ýöre, çüw-w!‖ diýdi.
Gijäniň bir wagtlary araba bir jaýyň gapysyna
gelip durdy. Ol Bäherden ýetimler öýüdi.
Arabakeş ỳetimhananyň gapysyny kaka-kaka,
ahyry, birini oýardy. Bir ýogyn aýal gapyny sähel
açyp garady.
─Bi, näme, ýöne dökülip dursyňyz-la, ýer
ýoklugyny bilýäňiz-ä.
─Maňa minnet etme. Men öz çagamy getiremok.
Tizräk ýerleşdir, bularyň sütüni süýnüp geldi.
Oglanlary furgondan düşürip durşyna ýaşuly olaryň
hersiniň başyny sypap, ―Alla ýaryň bolsun‖ diýip
hoşlaşdy. Ýogyn aýal alty oglana sowuk koridoryň
bir burçundan ýukajyk bir odeýal ýazdy. Ne ýassyk
bar, ne ýorgan.
─Şu taýda gymyldaman ýatyň.
Oglanjyklar bir-birege gyslyşyp, her näçe ajam
bolsa uka boýun bolup ýatdylar. Ertir öňki çagalar
oýanyp, el-ýüzüni ýuwup daşary çykmaly bolanda
ýygrylyşyp ýatan alty oglany gördüler .
─Eý, ýene obaly gelipdir.
─Oňa seret, kel ýaly-la.
─ Balagyna
siýipdir.
siýipdir,
315
ha-ha-ha,
balagyna
─ Men-ä özüme tahýa tapdym. --Bir oglan
ýatanlaryň biriniň tahýasyny alyp geýdi.
─Bizi turuzdylar, olary turuzmadylar. Olaryňky
jan, biziňki badamjanmy? Ynha, häzir, seret, şulary
gorkuzaýyn.─Onsoň ol oglan gaty ses bilen pişik
bolup mawlady: Miýaw, miýaw, miýaw!
Ýatan oglanlar hasyrdaşyp turdular. Özlerine
baka ýeser gülüşip duranlara çekinjeň bakdylar.
─Eý, syrtyň görünýä, balagyňy çek, hä-hä-hä-ä.
─Hany, eje-e-e diýip aglasaňyz-la.
Bularyň arasynda keltejik bir oglan has ekabyr,
has ýakymsyz, has bet görünýär. Ýüzi şeýle bir
duzsuz, nakys weli, olar ýala: ýüzüne şeýtan siýen
diýýärler. Olar uzakdan müdiriň gelýänini
görüp, ýom-ýok boldular.
Ertirlik naharda her kime bir käse gaýnadylan
alma suwuny we kiçijik tarelkada arpa
ýarmasyndan berdiler.
Alty oglan, bu taýyny hiç-hiç halaman, birbirinden aýrylmajak bolşup, bile oturdylar, ilkinji
gezek stol başynda nahar iýmegiň oňaýsyzlygyny
başdan geçirýäkäler, hälki keltejik bet oglan, öz
aşyny şapyr-şupur iýdi. Beýle ýanda oturan
Nurynyň aşyny şeýle tiz çekip aldy-da ony hem
iýip başlady.
316
─Obadan gelenler aş iýmeýär-ä. Kim aşyny
iýmese, bäri getirsin! Häh-hä, hezil bolaýdy.
Muny gören başga bir daýawja oglan ýaňky
keltejigiň arkasyndan geldi-de onuň ýeňsesinden
tutup, ýüzüni aşa basdy. Keltejik ýylan ýaly
towlanyp, gaty tiz bir gyra bökdü-de jorabynyň
gonjundan çakgysyny çykaryp açdy. Aşaky
dodagyny dişläp, sähel egilip, çakgyny haýbat bilen
öňe tutup, daýawja oglana baka ýöräp başlady.
Beýleki oglanlar güsürdeşip , şobada bir gyra
çekildiler.
─Çakgyny taşla, bolmasa öldirin.
Keltejik üýtgemän, geplemän, çakgyny
urmaga maý gözläp gelýär. Daýawja oglan hem
salymyny bermän, ok ýaly bolup, topuldy-da
keltejigiň bilegini towlap, çakgyny ýere gaçyrtdy.
Keltejik onuň garnyna gaty ykjam depdi weli,
içikdirdi öýdýän, daýaw oglanyň ýüzi çytylyp gitdi.
Keltejik dyzap-dyzap, ýerde ýatan çakga ýetjek
bolýar. Daýaw oglan: ―Çakgyny alyň‖ diýip,
gyrada duranlara gygyrdy, hiç kim çakgyny
gizlemäge het etmedi. Şo mahal ýetimhana müdiri
duýdansyz geldi-de ýakalaşyp-sarylyşyp duranlaryň
ikisini hem gaty ykjam ýumruklap-ýumruklap,
hersiniň gulagyndan berk tutdy-da kabinetine alyp
gitdi.
Çagalar günortan okuwdan gelenlerinde
olara dürli otlary gaýnadyp, gök çorba berdiler,
emma ol iki oglan görünmedi.
317
Agşamlyk naharynda daýaw oglan bir gyrada
sessiz-üýnsiz oturyp, naharyny iýdi, onuň çep gözi
gögerip dur, beýleki gyrada keltejik naharyny iýip
oturşyna aldygna samraýar, onuň dodagynyň bir
ýany ganjaryp görünýär.
-- Artur gelse bolýa, o maňa pyçak getirýä.
Onsoň baryňyzy pyçaklap çykaryn. Müdirden
arymy alaryn. Men onuň garnyny deşerin.
─Aralygynda
uly
adamlaryň
sögünjini
sögýär.─Men hiç kimden gorkmaýan. Meniň
aýdanymy etmeseňiz gije ýenjerin.
Ähli kişi ýatansoň, ýagçyra hem öçürilensoň,
Nury tiz uklady. Gaty araba olary örän ýorupdy,
süňkjagazlary henizem syzlaşyp agyrýardy.
Keltejik bet oglan çybşyldap geldi-de Nurynyň
ýapynyp ýatan köne, ýyrtyk odeýalyny çekip aldy.
Nury oýanmady weli, ol aşak çöküp, edil Nurynyň
gulagyna dodagyny degiräýjek bolup pyşyrdady:
―Eý, porsy...‖ jogap ýok. Bet oglan gaharyna
çydaman , Nurynyň bykynyna gaty güýçli
ýumruklady. Nury, biçärejik, şobada dikelip oturdy
weli, bet oglan : ―Demiň çykaýmasyn‖diýdi-de
Nurynyň maňlaýyny ýumrugy bilen iteläp, ony
ýene ýatyrdy. Onsoň pyşyrdap başlady: ―Şu günden
şeýläk, men kim bilen uruşsam, meniň tarapymda
urşarsyň, eşitdiňmi, ejjeňi... uruşmasaň, gije gelip,
pyçaklaryn‖. Nurynyň bykynyna ýene bir zarply
ýumruk urdu-da bet oglan onuň odeýalyny alyp
gitdi.
318
Nury kime dadyny
howandar çyksyn?
aýtsyn?!
Kim
oňa
Nury ýalňyzyň ýalňyzy bolup, uly gözlerini
höwlendirip, garaňkylyga bakdy ýatdy. Kämahal
syçanmy, alakamy, bir ýerlerde bir zadyň
gemrilýän hyrtyldysy eşidilýär.
Aslynda, esasy gemrilýän Nurydy. Kör alaka
ýalňyzlyk bolup, onuň kalbyny gemirýärdi. Şu
günlerden başlap o ýalňyzlyk Nurydan hiç
aýrylmaz, mahal-mahal ony gaty kyn ahwala salar.
Asmana uçsa-da, ýedigat ýer astyna girse-de,
ýalňyzlyk Nuryny hiç sypdyrmaz. Onuň iň ýakyn
dosty Ýalňyzlyk , iň gazaply duşmany Ýalňyzlyk
bolar. Soň-soň olar bir-birege şeỳle bir siňipgaryşyp giderler weli, Nury haýsy, Ýalňyzlyk
haýsy biler ýaly bolmaz, muny olaryň özleri hem
bilibilmezler.
Ynha, häzirem tümlüge bakyp ýatyşyna, onuň
gatan gabaklary hiç ýumularly däldi. Ýene bir
ýerlerden çybşyldy ýakynlaşyp başlady.
Ýene şol bet oglanmyka ?
Ýok. Indi gelen daýaw oglan. Ol geldi-de,
Nura ukudadyr öýdüp, onuň kellesine pitikläp
goýberdi.
─ Hä?
─Ýuwaş. Eý, sen, näme meniň tarapymda
durmadyň? Men seniň üçin taýak iýdim. İndiden
319
beýläk, meň tarapymda uruşmasaň, ejeňi ... rin.
Ertir mekdebe Artur gelýä, urşup başlasak, senem
uruşmalysyň.
Daýaw oglan ýene çybşyldap gitdi. Nury,
hernäçe gorksa-da, bu iki oglanyň ejesine sögmesi
oňa gaty agyr degdi.
Daýnada-da sögüşerdiler, emma o taýda ýa
beýle sögüşmezdiler, ýa beýle täsir etmezdi. Häzir
weli ejesine sögülmesi Nurynyň iň uly ýarasy
boldy. Ol hökman güýçlener, uruşmany öwrener,
ejesine sögenlerden aryny alar.
―Ertir Artur diýilýän gelse näme bolarka?‖
diýen sorag hem ony uzak wagt birahat etdi. Üşäp
başlady, ýygryldy. Dyzlary eňegine degäýjek
boldy. Şeýle-de bolsa, gaty giç uklady. Düýş görüp
başlady: Daýna. Bir topar gyz-gelin aýdym aýdýar.
Ses gelenok, diňe olaryň agyz hereketi görünýär.
Birden ejesi läle kakyp başlaýar. Nury bu mährem
sesi şeýle teşne diňleýär.Ol ejesi ahyry. Ölmändir-ä.
Balyk diýip tutanym-a
Ýylan bolup towlandy-ýa.
Nury ejesine baka ylgasy gelýär, nämedir bir
zat ony saklaýar. Onýança ejesi ýitýär. Suwdaky
balyk ýylana öwrülýär-de kenara çykyp, çöp320
çalamyň aşagyna süýrenip girýär. Nury gorkýar. O
ýylan Nurynyň aýak astyndan hem çykyp biler.
―Eje, aý eje!‖ Jogap ýok. Ejesi näme üçin
eşitmeýärkä? Nurynyň gorkýanyny, üşeýänini
bilýär ahyry. ―Eje, üstümi örtäý, eje!‖ Ýene jogap
ýok. Onsoň Nury batly gygyrýar: ―Eje-e-e!‖
Öz sesine özi oýanan Nury oturdy. Tümlükde
çepegini tapyp geýdi. Pişik basyşyny edip gapa
bardy. Ýuwaş itelände açylmadyk gapyny batlyrak
itdi weli hem warkyldy, hem jygyldy çykdy.
Koridor bilen gidip daşary çykylýan gapyny
sermenekläp tapdy. Görse agyr gulp asylgy. Başga
nireden gaçyp borka diýip duran Nurynyň
arkasyndan gelen terbiýeçi aýal onuň köýneginiň
arkasyndan mäkäm tutdy-da götin dazyrdadyp
çekip, düşegine eltip, siltäp ýatyrdy.
―Gymyldaýsaň,
eşek!‖
dişiňi
*
*
owradaryn.
Haram
*
Her zadyň hakyky şekli onuň aňyrsynda
Ýyllar geçdi. Açlygam geçiberdi.
Uruşdan gelen maýyp-müjriplerem başyna düşene
kaýyl bolup başladylar. Şol günleriň birinde
Bäherdendäki ýetimhanadan birtopar çagany
Gyzylarbadyň ýetimhanasyna, başga bir topary hem
321
Baýramalydaky ýetimhana äkitdiler. Baýramala
ugradylanlaryň arasynda Nury hem bar. O indi
ösüp, berkeşip başlapdyr. Ulaldygyça Nury ejesine
has köp meňzäp başlady. Aýratynam onuň gözleri,
edil ejesiniň gözleri ýaly, gamdan dolup, göz
hanasy giňäp, has çuňalyp başlady. Dymmalygy
welin gitmedi. Daýnadan furgonly gelýärkäler
ilkinji gezek gören otlusyna mündüler, Tejene
ýetilende gaty eleşan geýnüwli bir agsak adam
wagona mündi. Ol münenden zaryn aýdyma
başlady. Hem owaz zaryndy, hem sözleri zaryndy.
Bir garyş oglankam bakdyň-bejerdiň,
Senden başga howandarym ýok meniň-ow.
Enemiň ornunda gol süýdün berdiň,
Golum tutan dosty-ýarym ýok meniň-ow.
Nury bu owaza oýandy. Biri aglaýarmyka
öýtdi. Başyny göterip seredende, gedaýa çalymdaş
bagşyny gördi. O bagşa biri köpük uzatdy-da: ―Işan
aga, bir ýagşy doga okap ber, soňundanam ―Ýok
meniňi‖ aýdyp beräý‖ diýdi. Işan aga doga okandada aglaýan ýaly owaz bilen okady. El göterensoň,
ýaňky köpük berene bakyp, ―Ýok meniň‖ diýen
aýdymy başdan-aýaga aýtdy. Beýle ýanda ýene bir
adam köpük uzatdy-da: ―Işan aga, meniň üçinem
―Ýok meniňi‖ aýdaý‖ diýdi. Işan aga ýene aýtdy.
322
Şeýdip, bir wagonda bäş-alty gezek ―Ýok meniňi‖
aýtdy. Asyl, ähli kişi ―Ýok meniňi‖ haýyş edýär.
Işan aga-da şondan başga aýdym bilmeýäne çemli.
Nury Işan agany gaty nebsewür diňledi. Ejesi
ýogalany bäri beýle ýürekdeş, beýle mährem, beýle
gamgyn aýdym diňlemedik Nura bu örän täsir etdi.
Ony pagyş-para eretdi. Üstesine-de aýdym
tamamlanýar, aýdym başlaýar.
Näçe
ýyllaryň,
näçe
adamlaryň
sowuklygyndan ýaňa, halys berçin bolan oglan
ýüregi, mähremlige, ýumşaklyga teşnedi. Daýnadan
gaýdany bäri ol ilkinji gezek öz derdine dertdeş
aýdym diňledi.Ol öňem aýdym-saz diňläpdi, ýöne
bu aýdym ýaly däldi, bu tüýs Nurynyň ýetim
ýagdaýy hakdaky aýdymdy. Bu aýdym Nurynyň
kalbynda çöküp, üstüni dürli wakalar örten
ýatlamalary birden oýaryp goýberdi. Aýdymy
aýdan kişi hem Nura örän ýakyn göründi. Nury o
bagşy bilen salamlaşasy, tanşasy geldi, onuň
boýnuna böküp gujaklasy geldi. Bagşy agsaklap
gelşine Nurynyň deňine geldi weli, Nury oňa gaty
içgin bakdy. Bagşy muny duýdy, örän gamgyn
bakyp, Nura baka öwrüldi weli, Nury tas ony
gujaklapdy. Ol bagşyny deňinden geçiresi gelmedi.
Özünden uzaklaşdyrsa, bu ýakymly pursatyň ýitip
gitjekdigini duýdy.
─Işan aga, salawmaleýkim.
─Waleýkim es-salam, oguljygym. Tüweleme,
adam bolýaňyzmy? Gaýrat ediň, gaýrat ediň.
323
─Işan aga, pulum ýok weli, maňa-da ýaňky
aýdymy aýdyp beräýiň.
─Wah, pul dileýän barmy, oglum?! Saňa iki
gezek aýdyp bereris. Gürrüňi bolmaz, köşek.
Işan aga Nurynyň ýanynda oturyp, oňa garap
aýdyma başlady. Işan aganyň berýän duýgulary
Nuryny gutarnykly eretdi. Ol hökman suratçy bolar.
Işan aganyň bu ýumşak oturşyny hökman çeker.
Aýdym tamamlananda Işan aga Nurynyň
çignini sypap-sypap goýberdi. Hasasyna direnip
turdy.
─Taňryýalkasyn, Işan aga.
Jogap bolmady. Diňe ýakymly baş atdy.
Bagşynyň damagy doldy. Ol agsaklap beýleki
wagona sessiz geçip gitdi.
*
*
*
Diňe okuw bilen bolsaň, garyp galarsyň
Nury Baýramalydaky ýetimhana bilen, o
taýdakylar bilen tiz öwrenişdi. Ýetimhana müdiri
örän işeňňir adam. Ýaşululygyna seretmän itjanly.
Ir bilen çykyp gidip, uzak gününi edara gapylaryny
kakyp geçirýär, uzak-ýakyn obalara gidýär. Baran
ýerinden bir zatlar diläp alyp, ýetimhana getirýär.
Bir doňuz, bir towşan, bir towuk alyp bilse-de
ýetimhana getirýär. Bir gezek obada bir kişi oňa bir
324
mekejin berip goýberipdir. Getirensoňlar, o
mekejini bada-bat soýman, bir hepdeden soýalyň
diýişdiler. Emma ýetimhananyň garawuly hem-de
odun-çöpüni üpjün edýän ýaşuly işgär Andreý aga
o doňuzy az wagt soýman saklap bolsa,
jojuklajakdygyny aýtdy. Ýetimhana müdiri, bäý,
begendi-ä! Onsoň ýetimhanadaky ýetim oglanlary
Andreý aganyň yzyna düşürip goýberip, doňuza otiým getirdip başlady. Nury dagy mal saklamany şo
taýda öwrendiler. Andreý aga Russiýada doglup, şo
taýdan
rewolýusiýany
Türkmenistana
getirenlerdendi hem-de doňuz malyny nädip
idetmelidigini gowy bilýärdi. Bir gezek ota
gidenlerinde Nury oňa: ―Andreý aga, näme üçin her
mekdebiň daşky gapysyna: ―Okamak, okamak we
ýene-de okamak gerek. W.I.Lenin‖ diýlip
ýazylýarka?‖ diýdi.
─Adam okamak bilen akylly bolýar. Ana, şo
sebäpli Lenin: ―Okamak, okamak, okamak‖ diýýä.
Onsoňam mukaddes kitaplaryň ählisiniň ilkinji
nesihaty ―Oka!‖ diýýä.
Okaň, oglanlar, gowuja okaň. Okuwyň
zerurlygyna soň düşünersiňiz. Sen-ä, Nuryşka,
hudožnik bolýaň. Köpräk çekiber.
Soň-soň Nury çekenje suratlaryny Andreý
aganyň garawulhanasyna eltip, görkezip başlady.
Bir gezek Nury Leniniň suratyny çekip Andreý aga
görkezdi weli, Andreý aga gorkuly ýagdaýda gapa
gözläp goýberdi.
325
─Nuryşka, Lenini, Stalini çekmeli däl. Gadagan
ahyry.
─Stalini çekjek däl, ol gaharjaň adam.
─Ýuwaş, ýuwaş. Getir, o suraty maňa ber.
Gaýdyp şo ikisini çekäýme. Doňuzy, towşany, öz
dostlaryňy çekiber. -Andreý aga Leniniň suratyny
peje atdy.- Sesiň içiňde bolsun.
Nury muny halamady. Öz çeken suratynyň
ýakylmasy ony gaty ynjytdy.
─Men islänimi çekmesem, gowy çekip bilemok.
Nury ýetimhanada ýa-da mekdepde boş wagt
tapdygy surata güýmenip, kämilleşip başlady. Onuň
içinde ýatan uly arzuwy keteni köýnekli ejesiniň
keşbini çekmekdi. Wah, o keteni köýnek ýadyna
düşdügi, Nurynyň ýüreginiň dükgüldisi güýçlenýär.
Ejesiniň jadyly ysy o keteni köýnekdedi ahyry.
Daýnadan gaýdanda ejesiniň ketenisini düýrläpjik
goşhaltasyna salan bolsa, hiç kim görmezdi ahyry.
Häzir ele alaga-da ýüzüne tutsa, keteni köýnegiň
içinde ejesiniň keşbini gaty anyk görüp bilerdi
ahyry. Şu mahal ejesini ýürekden gowy görse-de
onuň keşbi öňküler ýaly dury göz öňüne gelenok.
Arada bir geňsi duman döräpdir. Ýa ölenler şeýle
görünýärmikä? Üstesine-de Nury ejesiniň keşbini
hernäçe köp çekse-de, öňi-soňy suratdaky ejesi göz
öňüne getirýän ejesine hiç meňzänok. Şo sebäpli
Nury örän badykeç bolýar. Özüniň ökde suratkeş
däldigine içi ýanýar. Näme etjegini hem bilenok.
326
Bu derdini kime aýtjagyny oýlanýar, emma çemeli,
ynamly adam tapman ýör. Surat mugallymy bar,
ýöne ol sapakda çäýnegiň suratyny hem
çekibilmänsoň, okuwçylar o mugallymyň üstünden
gülýärler. Andreý agadanam öýkeli gezýär.
Öýkelemände-de Andreý aga surat çekibilýän adam
däl-ä. Onuň bar bilýäni: ―Okaň, okaň ‖ diýmek.
Onsoňam Andreý aga soňky wagtlar görnenok.
Onuň garawulhanasynda başga bir gara ýaşuly
görünýär. Nury o ýaşulyny daşyndan görüp
halamansoň, kän bir ýakynlaşjagam bolanok.
Indi
bogaz
doňuza
ot-iými
zähmet
mugallymynyň
ýolbaşçylygynda
taýýarlap
başladylar. Ol gaty sögünjeň, zeýrenjeň bir aýal.
Çümmüklemäge, burup alamaga gaty ökde. Ol
gabady gelende Nuryny hem çümmükledi weli,
şondan bäri Nury mugallymyny görende ýylan
gören ýaly bolýar. Nury bir gün dilini ýalmyldadyp,
başyny göterip duran ullakan kepjebaşy hem-de
onuň üstünde oturan bir aýaly çekdi. Ol aýalyňam
edil ýylanyňky ýaly dili öňe çykyp dur. Ol aýal,
dogrudanam, zähmet mugallymasyna meňzedi.
Nury o suraty synpdaşlaryna görkezdi-de: ―Ynha,
Laçyn mollym‖ diýdi. Çagalar ala şowhun
turuzdylar, beýleki
synpdakylara-da
aýdyp
ýetişdiler. Bir sapakdan soň, bütin mekdep ýylana
meňzedilip çekilen Laçyn mollymyň suraty hakda
gepleşýärdi. Gürrüň Laçyn mugallyma, mekdep
müdirine ýetene çemli, olar tirkeşip geldiler-de
Nuryly otaga girdiler.
327
─Nury, sen papkaňy al-da, biziň yzymyza düş.
Synpdakylar ýene şowhun turzup başladylar.
Nurynyň müdirden şarpyk datjakdygy hakda,
Laçyn mollymyň ony awuly çümmüklejekdigi
hakda, ýene-ýeneler hakda gowur turuzdylar.
Emma Nury eglenmän, örän rahat dolanyp geläýdi.
Ol rahatlygynyň üstesine, gidendäkiden şadyýan
göründi. Çagalar onuň daşyna üýşüşip, sorag
baryny berdiler. Nury dymyp diňledi, soňunda:
―Çeken suratymy tapmadylar‖ diýdi .
Nury, şowhun artyp başlanda, suraty ile
görkezmän gizlän ekeni.
Şol gün sapaklardan soň, doňuza ot-iým
toplamaga gitmeli bolanda, Laçyn mugallym,
nobaty ýetmedigem bolsa, Nuryny hem alyp gitdi.
Gün batar uçurlaryna çenli eňňerede aýlanyp, güýz
oty, galan-gaçan kädi alyp gaýtdylar. Nury her
demde Laçyn mugallymyň çümmüklärine garaşyp,
dymyp gezdi. Emma Laçyn mugallym ne suratdan
gep açdy, ne-de çümmükledi, ýöne Nura
öňküdenem gaharly, has ýigrençli garady.
Ýetimhana gelenlerinde sekide oturan täze
garawul Rahman aga doňzuň hiç zat iýmän, ýer
gazaýanyny, guzlar wagty gelenini aýtdy.
Dogrudanam, ýatylmazynyň öň ýany, daşary çykan
oglanlaryň biri ýatakhana gygyryp girdi.
─E-eý, ýörüň-eý, doňuz guzlap başlady. Eýýäm
bäş jojugy bar.
328
Çagalar güsürdeşip daşary ylgadylar. Rahman
aga ýeňini çyzgap, jojuklary doňzuň ýanyndan
emaý bilen aýyrýar. Olaryň sany eýýäm ýedä
ýetipdir. ―Indi-hä guzlap bolaýan bolsa gerek‖ diýip
çaklan Rahman aga ýedi jojugy agaç ýaşiklere
saldy-da howlynyň beýle ýanyndaky boş jaýa
daşady.
Doňzuň bir birahatlygyny duýsa-da, ony
jojuklary alnyp gidileni üçindir öýtdi.
─Oglanlar, siz az salym göz-gulak boluň. Men
namaz okap geleýin – diýdi-de el-ýüzüni ýuwup,
täret kylyp, garawulhanasyna gitdi. Namaz okap
durka ―Doňuz guzlaýa, Rahman aga‖ diýlen owazy
eşitdi. ―Guzlasa guzlar-da‖. Emma az salymdan
oglanlaryň gorkuly sesleri geldi: ―Jojugyny iýýä!
Rahman aga, ýetiş, jojugyny iýdi‖.
Rahman aga namazyny bozup, tiz geldi. Emma
giç. Doňuz oglanlaryň gözüniň alnynda bir jojuk
dogrup, şobada-da ony parçalap, ýuwdup
goýberipdir.
─Doňuz-da. Iru-giç doňuzlygyny görkezýä-dä.
O waka oglanlaryň köpüsine, aýratynam Nura
gaty ýaman täsir etdi. Öz çagasyny çeýnäp duran
doňuz hiç göz öňünden gitmedi. Gijäniň bir
wagtyna çenli ukusy tutmansoň, ýerinden turup
penjireden garady. Howanyň sowuklygyna bakman,
Rahman aganyň daşky sekide ýatanyny gördi. Nury
Rahman agany öňler görende halamadygam bolsa,
329
bu gün onuň sesinden ýakymlylyk, mähremlik
duýdy. Onuň jojuklara şeýle bir ýumşak daraýşyny
hem gördi-de Nury özi duýman durka, ―Rahman
aga gowy adam eken‖ diýen netijä geldi. ―Näme
üçin daşarda ýatýarka?‖ Muny ertir Rahman agadan
sorar. Umuman, Rahman agadan soraljak zat kän.
Soňky wagtlar Nury özüni uly adam
hasaplaýar. Uly adamlar bilen gepleşesi gelýär.
Olaryň ony oglansyratmasyny kabul etmeýär. Ol
ertir okuw tamamlanansoň, Rahman aganyň
ýanynda-da özüni oglan däl-de ýetişen adam
hökmünde alyp bardy. Rahman aga-da onuň bilen
oglan ýaly däl-de uly adam ýaly gepleşdi.
─Rahman aga, men suratkeş bolsam gowy
bolarmy?
─Suratkeş bol, sazanda bol, alym bol, onuň
parhy ýok, bu zatlar okuw bilen, zähmet bilen
ýetilýän dereje. Okamaly, hökman okamaly, ýöne
okuw-durmuşyň dörtden biri. Galan üçüsini özüň
öwrenmeli, özüň almaly. Ana, şo soňky üçüsini
köpler bilmän, ýa-da biljegem bolman geçip gidýä.
Nury Rahman aganyň aýdýan üç zadyna akyl
ýetirip bilmedi, soramak hem islemedi, sebäbi
oglanlar soranjaň bolýar, Nury bolsa uly adam
ahyry.
Rahman aga, Nuryny halansoň, oňa bir
hekaýat aýdyp berdi.
330
Gadymda bir gaýykçy bamyş diýýä. O
kenardan o kenara ỳolagçy geçirýä diýýä. Ynha,
onsoň bir gün bir alym şo gaýyga münenmiş.
―Kitapdan-ylymdan habaryň barmy?‖ diýip,
gaýykçydan soraýa, olam ýok diýýä. Alym baş
ýaýkap: ―Ömrüň ýary köýdi hasap et‖diýýä. Onsoň
suwuň ortasyna barýarlar weli, turýar bir tupan .
Gaýygy agdaryljak-düňderiljek bolup başlaýa. Indi
gaýykçy alymdan soraýa: ―Ýüzmekden habaryň
barmy?‖ diýýä. Olam ýok diýýä. Gaýykçy : ―Onda
ömrüň bary köýdi hasap et‖ diýýä. Şo mahal tupan
gaýygy agdarýa, alym suw düýbüne gidýä, gaýykçy
bolsa kenara çykýar. Okamak gerek, ýöne bu
durmuş deňzinde ýüzmegem zerur.
Rahman aganyň bu aýdanlaryny Nury aňynda
berk belläp goýdy. Ulaldygyça, durmuşa näçe
ýakynlaşdygyça Rahman aganyň häzirlikçe syr ýaly
görünýän sözleri kem-kemden çöşlenip başlar.
Nury kitaply torbasyny eline aldy, sekiden düşdi.
Sorag berenini bilmän galdy:
─Rahman aga, nämüçin daşarda ýatýaňyz-a ?
─Jany sag ölmek üçin.
─Janyňyz sag bolsa, ölmersiňiz-dä.
─ Ýo-ok, hemmeler ölýä, iň bagtlylar jany sag
ölýä. Ana, şol gowusy. Üstesine-de pyrontda bolan
dört ýylymyzyň köpüsini daşarda geçirdik. Indi öýe
sygamzok...─Şo mahal köçe tarapdan bir agsak
ýaşuly ýetimhana tarap öwrüldi. Nury ony şobada
331
tanady. Rahman aga bolsa, mundan bihabar, o
gelýän ýaşulyny Nura tanadyp başlady.
--Şo gelýän ýaşuly bile dört ýylymyzy
söweşde geçirdik. Oňa Işan aga diýýärler. Uruşdan
gelsek, onuňam, meniňem maşgalam açlykdan
gyrlypdyr. Indi ikimizem ýalňyz galdyk.
─ Men o ýaşulyny otlyda gördüm.
─Onda ―Ýok meniňi‖ diňlänsiň.
─Hawa, gowy ýaşuly. ─ Nury Işan agaň
suratyny çekjek bolup köp kagyz zaýalanyny,
ahyrda-da çeken suratlaryna göwni ýetmänini
ýatlady.
Işan aga ýylgyryp, begençli bakyp geldi. Ol
Rahman aganyň iki elini iki eli bilen gysyp
salamlaşdy.
─Rahman jan, sag-amanjamyň? Men gelmesem,
sen barjagam däl-ow. Tabyň ýagşy dälmi?
─Hudaýa şükür. Baramda öýde tapdyrýan adam
däl-ä sen. Her baramda gapyňa çöp ötürilgi.
─Tapjak bolsaň tapardyň-la. Ähä, bujagaz oglan
kim? Ýa ogullyk aldyňmy? Işan aga Nura bakdy.
─Hany, ykjamja synla, bakaly, tanamagyň
ahmal.
Işan aga şol öňki mährem gözlerini Nurudan
aýyrmady. Nury hem oňa yhlas bilen, teşnelik bilen
bakdy.
332
─Hä-ä, şo-ol oglanjyk. Sen otlyda aýdym aýdyp
ber diýipdiň, ýadyňda dälmi?! Tüweleme. Sen-ä
ýigit çykypsyň. Öňde-soňda senden başga aýdym
buýran oglan duşmady. Tüweleme, özüňem aýdym
aýdýansyň-la?
Nury baş ýaýkady. Rahman aga: ―Nuryjan
surat çekýä. Suratkeş bolaýsam diýýä‖ diýdi.
─Suratkeşem-ä bolsa bolýa weli, gözler-ä
sazanda gözleri. Gam damyp dur. Aňryňda aýdymsaz eden barmy, bilmeýäňmi?
Nury ejesini, mamasyny, daýylaryny, uly
dogany Baýlyny agzasy geldi. Emma diňe:
―Daýylarym bagşymyş‖ diýdi.
─Boldy, boldy. Är daýa diýipdirler. Ynha
görersiň, suratam çekseň çek weli, seniň çöregiň
sazda bolar, enşalla. Sen otlyda ýönelige aýdym
buýurman ekeniň. Sen Rahman agaňyň sazlaryny
diňläp görüpmidiň?
─Ýok. Rahman aga saz çalýarmy?
─Oh-ho-ow, bi gömülgi ýatan hazynadyr.
Menem aýagymy süýräp şunuň ýanyna saz
diňlemänä gelýän-dä. Hany, Rahman, beýdişip
durmaly, garawulhanaňa gireli, daşary şemalrak.
Bu oglana-da diňledeli.
─Diňläni ýagşy weli, öý işleriňi ýazyp ýetişersiň
dälmi, Nuryjan?
─Ertir bazar güni.
333
Olar darajyk garawulhana girdiler.
Nury hiç-hiç oglansyradylmaýanyna monça
boldy. Rahman aga gaty gowy adam ekeni. Öň
nämüçin ony halamadyksyran bolduka? Asyl,
Rahman agadanam, Işan agadanam Nury atalyk
mährini duỳup başlady. Bu adamlar Nurynyň
garyndaşy ýaly-la? Bularam Daýnaly bolaýmasyn?!
Nury öz atasyna teşneligini, atadan perzende
geçmeli million-million ruhy duýgulary geçmän,
ýeri boş duranlygyny häzir duýmaýardy. Eneden
perzende geçmeli milliard-milliard duýgularyň
geçmän, o boşlugyň gam bilen doludygyny häzir
bilmeýärdi. Nurynyň häzirki bilýäni-atasy ýok,
enesi ýok. Emma bu ýetimligiň ýyl geçdikçe, adam
özüni tanap başladykça barha ezýetli boljakdygyny
Nury häzir gümanam etmeýärdi. Ata-eneli
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.