Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15

Total number of words is 3704
Total number of unique words is 1919
32.5 of words are in the 2000 most common words
46.2 of words are in the 5000 most common words
53.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ulalanlary-da ýalňyzlyk öz penjesinde owradýarka,
atasyz-enesizleri nädýärkä?
Bu zatlardan bihabar Nury özüni uly adam
hasaplap, Rahman aga bilen Işan agaň arasynda
gopbarylyp otyr. Rahman aga saz çalýar we Nura
örän ünsli bakýar. Nury tolgunyp, birahatlanyp,
tanşyny gören ýaly bolup başlady, kä dutara bakdy,
kä Rahman aga bakdy. Muny synlap oturan Işan
aga saz tamamlanda Nura sowal berdi.
─Oglum, şu sazy Rahman agaň ýörite seniň üçin
çaldy. Tanadyňmy şu sazy?
─Ýel gelýär-ä Bibijan.
334
─Aý, berekella-a, berekella.
Onýança Rahman aga ýene bir saza başlady.
Nuryny synlaýarlar. Nury tolgunýar, gözleri
ýanýar. Indi Işan aga baka garap-garap goýberýär.
Saz tamamlanda Rahman aga dillendi.
─Nuryjan, bu sazy-ha bilýänsiň-le.
─Ýok meniň.
─Aý, berekella. Gördüň dämi, Rahman?! Gan
bilen geçen zat gaty güýçli bolguç. -Işan aga
Nurynyň arkasyna kakyp-kakyp goýberdi – Saz
çalmany öwren, seniň çöregiň sazda. Sen güýçli
sazanda bolarsyň, enşalla.
Nury geň bir hala düşdi. Bu sazlar çalyndy
weli, ejesi janly bir görnüşde göz öňüne geldi. Ol
ejesini gaty ýakyndan, örän aýyl-saýyl gördi.
Rahman aga ―Bibijany‖ çalanda Nury ejesini ýöne
bir görmek däl, asyl, sesini hem eşidip bildi. Şo-ol
Daýnada ýigitleri urşa ugratjak bolanlarynda gelingyzlar bir ýanda, ejesi bir ýanda şu ―Bibijany‖
aýdypdylar. Ejesiniň owazy nähili mähirlidi, nähili
ýakymlydy. Ejesi şeỳle bir merdem, dim-dik durdy.
Soňra öz boýnundaky dogany arabada barýan
esgerlere ugradypdy. Şu mahal şo esgerler
barmyka? Ýa açlykdan, ýa söweşde öldülermikä?
Nury ýatlamalara çümüp özüne gelende,
Rahman aga gözlerini ýumup saz çalýardy. Rahman
aganyň ýüzi has gamlydy, hesret perdesine
bürenipdi. Onuň öňe-yza yranyp oturşy hem gaty
335
gamgyn. Işan aga-da başyny sallap, gözlerini
ýumup saz diňleýär. Gözýaşlaryny elýaglygy bilen
garşy-garşy süpürýär. Nury bir salym bu iki
ýaşulyny synlady, onsoň onuň özüniňem gözi
ýumuldy. Gözi ýumulana mähetdel, Nury ýene
ejesini gördi. Şo-ol keteni köýnekli görnüşde.
Birden Sumbar derýasy göründi, iki tarapynda-da
toraňňylar, şo-ol birmahallar üstüne çykyp suwa
bökýän toraňňylary. Hat-da Nury öz boýuny
deňeşdirýän çynar nahallaryny hem şeýle anyk
gördi. Gözi açylanda o görnüş ýitdi. Onsoň Nury
ýene gözlerini ýumdy weli, Baýly doganyny,
Aşyrberdini, Begmämmedi, Artykgüli, üç aýlykka
ýogalan Maýa jigijigini gördi. Başga-da köp-köp
zatlary ýatlady. Baýryň bilindäki öýlerini görende
ýürejigi jigläp gitdi. ―Hany, o günler! Hany, o
öýmüz?! Hany, doganlarym?!‖
Rahman aga dutaryny goýup, derini sylandada Nurynyň gözleri ýumukdy. Onuň gözlerini
ýumup saz diňlänini Işan aga-da gördi. Nury birden
gözlerini açdy. Iki ýaşuly sözlemän, oňa ýylgyryp
bakyşyp otyr.
─Tüweleme, oglum, tüweleme.
Nury öňler surat çekende lezzet alýardy, emma
bu gezek saz diňländäki lezzet düýbünden başga
boldy. Ol her näçe köp surat çekse-de geçmişe
munça ýakynlaşyp bilmändi: Ejesini, doganlaryny,
Daýnany, çagalyk ýyllaryny munça ýakyndan göz
öňüne getirip bilmändi. Saz Nurynyň isleýän
336
zadyny örän aýdyň görkezdi goýaýdy. Nury muňa
çäksiz haýran galdy. Iň geň tarapy hem gözüni
ýumsa görýär, açsa görmeýär. Dünýäniň syry
gözüňi ýumaňda görünýän zatlar bolsa gerek . Nury
saz çalmany öwrener, ökde sazanda bolar. Onsoň,
özi saz çalar, göresi gelen zady göz öňüne getirip,
özi görer oturar. Nura mundan başga lezzet gerek
däl.
Şol günden soň Nury ýetimhananyň
terbiýeçilerini, müdirini gören ýerinde: ―Maňa
dutar alyp beriň‖ diýip bizar edip başlady. Müdiriň
bolsa gahary gelýär: ―Aç bolmasynlar diýip, men
gapy-gapy kakyp, çörek dilegçiligini edýän,
ýalaňaç bolmasynlar diýip, edara baryny bizar
edýän. Indem dutar gerek diýip ýalbaraýyn. Beýle
zat bolmaz‖. Müdir hernäçe käýinse-de, sögünse-de
assyrynlyk bilen saz gural gözläp başlady, sebäbi
beýleki käbir mekdepler eýýäm özüniň aýdym-saz
toparyny döredip, abraý-alkyş alyp ýörler. Bu arada
Nury sypynsa Rahman aganyň garawulhanasyna
ýumlukdy. Ol bir demde dutar çalmany öwrenäýjek
boldy. ―Sabyrlyja bol, Nuryjan. Dutar diňlemek
lezzetlem
bolsa,
öwrenmek
hupbatlydyr.
Gyssanman öwrenibereris‖. Onsoň Rahman aga
Nura dutar tutmany, kakuwy öwretmekden başlady.
―Oglum! Tar bilen gapagyň arasy, gaýmakdan
galyň däl. Şonda-da barmagyň gapaga degmeli
däldir. Degse-de sessiz degmelidir. Şuny ömürlik
unutmagyn ‖.
337
*
*
*
Dünýäniň asly sazdyr
Ýetimhana müdiri günleriň birinde söwda
edaralarynyň birine barsa, bir pianinony sklada
saljak bolup durlar. Müdir ur-tut muny öz
ýetimhanasyna bermek hakda karar çykardyp,
öýlänler pianinony ýetimhana getirdip, koridorda
goýdurýar. Okuwdan gelen çagalar bu täzelige geň
galyp, pianinonyň daşyna üýşdüler. Oglanlaryň
ekabyry onuň gapagyny açdy-da akja-garaja
taýajyklara basdy weli, gümmürdedi. Onsoň her
kim basyp görüp, ala gümmürdi etdiler. Nura gezek
ýetende ol bir barmagy bilen bir taýajyga ikinji
barmagy bilen ýene bir taýajyga seresaply basdy,
ýene gaýtalady. Läläniň owazyna çalymdaş owaz
çykdy. Nury muňa gaty begendi. Şol arada
dyknyşyp, basalaşyp duran oglanlar Nuryny
pianinodan uzagraga südürrikledip goýberdi. Indi
başga barmaklar pianinony manysyz gümmürdedip
başlady.
Şol gün agşam hemmeler ýatansoň, bir oglan
ilki emedekläp, koridora çykansoň çybşyldap
baryp, pianinony ýuwaşja tyrňyldadyp başlady.
Haýsydyr bir sazy çalmaga synanyşýar, bolanok.
Ýene şol basymlary gaýtalaýar. Emma batly
338
basanok, ýuwaş, ýumşak ses çykýar. Bolmady.
Onsoň başga-başga basymlar gaýtalanyp, ses
batlanyp başlady. Birdenem kesildi. Bir ýerden
terbiýeçiniň hüňürdisi eşidildi, soň dym-dyrslyk
boldy.
Ertesi agşam ýene gijäniň bir wagtlary pianino
tyrňyldysy eşdildi. Ýene düşnüksiz owazlar çykdy.
Terbiýeçi agyr uklana çemeli, bu gezek pianino
uzak oýnaldy. Ahyry ümsümlik aralaşdy.
Üçünji gije ýene şol oglan çybşyldap geldi,
görse pianino diwara bakdyrylyp goýlupdyr. Ol
oglan pianinonyň ýylmanak agajyny lezzetli
sypalap-sypalap bir salym durdy-da, ýene sessiz
ýöräp ýerine geçip ýatdy.
Ertesi öýlän okuwçylar mekdepden ýetimhana
girip barýarkalar Rahman aga Nuryny ýanyna
çagyrdy. Nury pianino getirleni bäri Rahman
agadan sapak almany goýupdy. Şonuň üçin birhili
müýnliräkdi. Gürrüň dutar barada gider öýden Nury
bu gezegem haýran galdy. Rahman aga oňa
mylaýym bakdy. Ýylgyrdy.
─Nuryjan, üşemän gelýämiň? Seni pianinodan
okatjak bir mollym tapdylar. Gaty ökdedir. O saňa
köp zat öwreder. Indi gijelerine turup çalmasaňam
bolar.Rahman aga Nurynyň arkasyna kakyp
ýene ýylgyrdy. ─Bar, ogul, nahar-şoruňy tizräk iý.
Nury gije turup, pianino oýnaýanyny hiç kim
bilýän däldir öýdýärdi. ―Nädip
339
bildilerkä?‖. Birmahallar, kiçijikkäler Daýnada
oglanlar bilen kolhoz hozundan iýenlerinde-de hiç
kim görmändi, emma bilipdiler. Haýran galaýmaly.
Şol günüň öýläni terbiýeçileriň biri Nuryny
yzyna düşürdi-de Olga Alekseýewna Kriwçenko
diýen saz mugallymasynyň otagyna eltip gaýtdy.
Olga daýza goňur pianinosynyň öňünde otyrdy.
Nuryny mylaýym garşylady. Göz astyndan synlady.
Nury hem çekinip-utanyp otyr.
─Adyň näme?
─Nury.
─Hany barmaklaryňy öňe uzat.
Nury birgeňsi çekindi. Sabyn ýoklugy üçin
barmaklaryň arkasynda dörän çory görkezmäge
utandy.
─Utanma, Nuryşka. Men barmaklaryň saza
gelişişini görmekçi.
Nury ýüzüni aşak salyp, barmaklaryny öňe
uzadyp, tiz çekdi.
─Ýagşy, ýagşy. Men häzir elimi bir-birine urup,
nähili şarpyldatýanymy diňle, soň özüň gaýtala.
Ynha, şeýle: şarp, şarp, şarp.
Nury hem yz ýanyndan gaýtalady.
─Ýagşy, ýagşy. Ynha, indi men bir sazjagaz
çalmakçy, dykgatly diňle, soň näme sazlygyny aýt.
340
Olýa
daýza
barmaklaryny
hereketlendirip bir bölek saz çaldy.
ýumşak
─Läle.
─Gaty gowy, hany ýene bir saz çalaýyn, bil
bakaly.
─Parasatly serdarymyz Stalin.
─ Boldy, boldy. Sen-ä ökdeje ekeniň. Hany, ýör
o jaýa geçeli.
Onsoň beýleki otagda mylaýym suwly kitrini,
sabyny görkezdi-de: ―Üç gezek gowuja sabynlap
ýuw. Her geleňde-de eljagazyňy sabynlap
ýuwarsyň, onsoň saz sapagyna başlarys‖ diýdi.
Olýa daýza Nuryny çep ýanynda, pianino
bakdyryp oturtdy. ―Şu günki sapagymyz─saz
diňlemek. Rahatja otur-da diňläber‖. Ol türkmen
sazlaryny çalyp başlady, garşy-garşy Nura bakyp
goýberýär, Nurynyň ýüzünden, gözünden duýgy
okaýar. Soňra rus we ýewropa sazlaryndan çalyp
başlady,
ýene-de
Nuryny
synlaýar.
Saz
tamamlandy.
─Nähili, Nury, gowy gördüňmi?
─Hawa.
─Soragyň barmy? Seniň isleýän sazyň bar bolsa
çalyp bereýin.
─ ―Ýok meniň‖ aýdymyny pianinoda çalyp
bolýarmy?
341
─Elbetde, ähli aýdym-sazlary pianinoda çalyp
bolýar. Ynha, diňle. Belki, aýdymyny aýdarsyň.
Nury baş ýaýkady. Ol Işan aganyň aýdymynyň
pianinoda üýtgeşik ýaňlanyşyny diňläp hezil edindi.
Daşarda gar eräp, jaýyň üçeginden damýardy.
─Hany, damjalaryň owazyny diňle. Tiz damsa,
haýal damsa hersiniň başga-başga owazy bar. Ana,
görýäň dämi? ─Şo mahal ullakan buz salkymy ýere
pagşyllap gaçdy. ─Ana, buzlaryň öz owazy bar,
eşitdiň dämi? Men häzir pianinoda damjalara,
buzuň pagşyldaýşyna öküneýin. Ynha, üns ber.
Dogrudanam, pianino o owazlary ýeserlik bilen
gaýtalady.
─Umuman, ähli zadyň öz owazy, öz sazy bar.
Ähli zat özüçe aýdym aýdýar, ony duýmak gerek.
Eşitmek hökman däl. Öten agşam şemal nähili
aýdym aýtdy. Ýazda derek ýapraklarynyň sazyny
diňle.
Ähli zat ölýä – direlýä, diňe saz ölenok.
Adamyň iň gowy görýän zady saz. Saňa köp nahar
berseler, doýaňsoň goýarsyň, emma sazdan doýma
ýok. Sebäbi şu dünýäniň asly saz. Şuny hiç
unutmagyn, Nury.
O gün Nury Olýa Alekseýewnanyňkydan
ýetimhana uçup geldi. Ähli görenini Rahman aga
aýtmakçydy. Sekide Rahman agany görmänsoň,
göni ýatakhana gitdi. Barşyna koridordaky
pianinonyň ýaldyrawuk agajyny sypap-sypap az
342
salym durdy. Oňa pianino örän ýakymly göründi.
Käşgä pianino bilen gepleşip bolýan bolsa. Oňa
ýüregindäki duýgulary aýdyp bilse. Käşgä, käşgä...
Olýa mugallymyň bu günki çalan sazlary
Nurynyň gulagynda ýaňlanyp başlanda, ol
gymyldaman durdy, soňra ýene pianinony
sypalady. Käşgä, şu mahal çalyp bilsedi!
Nury tolguna-tolguna ýatdy. Ertir gaty ir
oýandy. Howlynyň bir burçundaky tuwalete baka
çykanda, howanyň ýene bulaşanyny gördi. Şeýle
bir ownuk gar şeýle tiz ýagýar. Nirä, nämä baksaň,
edil ak perdäniň aňyrsynda görünýän ýaly. Nury
garawulhananyň ýanyndaky sekä bakdy, geň galdy.
Rahman aganyň beýle garly günde-de daşarda
ýatyşyna Nurynyň nebsi agyrdy. Sekä ýakyn bardy.
Gar ýagýanyny Rahman aga bilmän ýatandyr
öýdüp, oýarmakçy boldy. Oýarmaga dözmedi. Şo
mahal ỳapynjanyň aşagyndan ses çykdy.
Nuryjan, ukyň tutmaýamy?
─Salawmaleýkim, Rahman aga. Gar ýagsa-da
daşarda ýatýaňyzmy?
─Ömrüni buz üstünde geçirýänlerem bar, oglum.
Gaýta, dört diwara bogulup ýaşamakdan kyn zat
ýok. Hudaýjan başga birine baknalykdan, dört
diwara dykylmakdan gorawersin-dä.
Bar, oglum, ýat, entek daňam atanok ahyry.
343
Nury
ýatakhana
girdi.
Koridoryň
garaňkysynda sermenekläp pianinony tapdy.
Sypalady. Soň pianino degmän, edil pianino çalýan
ýaly, barmaklaryny gerip, hereketlendirip, başyny
silkip, Olýa mugallyma öýkünip başlady. Gulagyna
ejesiniň aýdýan ―Bibijany‖ eşidilip gitdi. Şo-ol,
esger ugradylandaky ―Bibijan‖. Bu ümsümlikde, bu
garaňkylykda ejesi has anyk göz öňüne geldi, hatda ejesiniň keteni köýneginiň keşdeleri hem
göründi.
Nury pianinony gaty tiz öwrener, sebäbi näçe
tiz öwrendigiçe şonça tiz ejesini göz öňüne getirip,
ejesi bilen edil janly ýaly görşüp biler. Nura
mundan başga bagt gerek däl.
Onsoň Nuryda saza dörän höwes, yhlas we
kuwwat daglary süýşürmäge ýetjekdi. Ähli zat
ikinji, üçünji, dördünji derejeli boldy galdy, iň zerur
zat saz boldy. Rahman aga oňa ata duýgusyny,
Olýa mugallym ene duýgusyny berdi.
Nurynyň hyýaly ösdi, giňedi, aýdyňlaşdy. Şo
günlerden başlap, ol hyýal äleminde ruhy dünýäsi
bilen ýaşap başlady. Onuň dem alyş howasy saz
boldy. Saz oňa iň belent jadyly gözellik bolup
göründi. Ol gözüni ýumup, saza topuldy.
Saz bilen kesellemäniň iň uly dertligini, soňsoň hiç bir zada eliň ýetmän, diňe saza gul bolup
galjakdygyny, saz üçin işläp başlan beýnisiniň hiçhiç rahatlyk, dynçlyk bilmejekdigini, gaýta ýyl
geçdigiçe barha beter ruhy ejirler berjekdigini Nury
344
häzir bilmeýärdi. ―Birini kowalap barýarkaň,
arkaňa-da bak, belki, seni kowalap gelýän bardyr.‖
diýen paýhasdan Nury entek bihabardy.
Nury üçin gün, hepde, aý, ýyl ýok, asla wagt
ýok, diňe saz bar. Nurynyň tapylgysyz saz
başarnygyny Olýa mugallym ýetimhana müdirine
habar berdi. Hem begenip, hem gynanyp habar
berdi. Begenýäni ─Nurynyň ilkinji saz mugallymy
bolany. Nurynyň Aşgabatda has güýçli tälim aljagy.
Gynanýany-beýle çagany elden gidermek, ony
her gün görüp durmaga mümkinçilik boljak däl.
Sebäbi talantlylary Aşgabada toplap ỳörler.
Iň beteri hem unudylmak.
Ýetimhananyň müdiri Nury hakda habary
Aşgabada ýetirdi. Nurynyň bu zatlardan habary
ýok. Bir gün gijara ýetimhana koridoryndaky
pianinoda Nury saz çalyp otyrka, terbiýeçi geldi-de
sazyny kesdirdi.
─Aý, oglan, tyrňyllatmaňy goý. Seni Aşgabada
geçirýärler, goşlaryňy çemodanyňa sal. Häzir
Aşgabada gidýän bir adam seni alyp gidýä. Otla
ýetişmeli.
Nury habary diňledi-de ýene çalyberdi.
─Saňa goý diýilýä, otludan gijä galýaň. Baý,
tyrňylladyp bildiň-le! Gije-gündiz ýatuw bermediň.
Indi Aşgabatlylar çeksin, bakaly, çydaýarmykalar?!
345
Nury sazyny goýup, o terbiýeçä geňirgenip,
gözlerini mölerdip bakdy.
Gün batyp, garaňky gatlyşanda Nury
goşjagazyny goltugyna gysyp, beýleki elinde-de
nota kagyzlary, mekdep kitaplary, depderleri salnan
okuw sumkasyny göterip, ýetimhanadan çykdy.
Onuň töweregi oglandan doly, ala wagyrdy.
Nurynyň şo dymmalygy, içinde hernäçe harasat
gopsa-da,
dymmany
bilýär.
Ýüzündenem
begenýäni-gynanýany duýulmaýar. Üýtgewsiz.
Garawulhanaň deňinden geçensoňlar terbiýeçi
oglanlary alyp galdy. Nury bir erkek kişiniň yzyna
düşüp gitdi.
─Nury hat ýazgyn.
─Sag bol-eý, Nury.
─Bizem bararys, ýer belläp goý.
─Nuryňky hezil-läý, saz çalyp ýörmeli.
Nury geplemän, ýylgyrman, yza bakdy-da el
bulap goýberdi.
Demir ýol wokzalynda uzakdan otly yşygyny
görende, Nury ilkinji gezek Daýnadan furgonly
gelip, demir ýoldan geçişlerini ýatlady. Ol wakalar
gaty uzak wagt öň bolan ýaly boldy. Wagona
münenlerinde Işan aga geläýjek ýaly, onuň zaryn
owazy eşidiläýjek ýaly boldy durdy. Nury wagon
içinden gelip – geçenlere garaý-garaý, Işan aga
garaşdy.
346
Bir garyş oglankam, bakdyň-bejerdiň,
Senden başga howandarym ýok meniň-ow,
Enemiň ornuna gol süýdün berdiň,
Golum tutan dosty-ýarym ýok meniň-ow.
Nury, ahyry, özüni Aşgabada alyp barýan kişä
ýüzlendi.
─Işan aga aýdym aýdanokmyka?
─Işan aga, indi, başga ýerde aýdym aýdýar. ─O
kişi gaty rahat jogap berdi. Nury onuň gepleýiş
sesinden hiç zat duýmady.
─Bir ýere işe geçdimikä?
─Öldi, inim, öldi.
Nury başyny sallady. Emaý bile ýerinde
süýndi, agaç diwara bakyp ýatyşyna Işan aganyň
her bir hereketini, onuň mährem ýüzüni göz öňüne
getirip gynandy ýatdy. Rahman aga bilenem, Olýa
mugallymy bilenem hoşlaşman gaýdypdyr ahyry.
Ýogsa garawulhananyň edil ýanyndan geçip gaýtdy
ahyry. Jaýynda bolmasa, howlynyň bir ýerlerinden
tapyp bilerdi ahyry. Nähili gödeklik edipdir. Olar
indi, Nury hakda näme diýerler, näme pikir
ederler?! Aşgabada bardygy hökman hat ýazar,
ötünç sorar.
347
Hany, Işan aganyň suratyny çekjekdiň?
Suratyny çekmese-de onuň aýdymyny pianinoda
çalar. Belki, Işan aga hakda saz döreder. Saz bilen
onuň mährem, gamly ýüzüni görkezer. Işan agany
unudyp bolmaz. Nury şu pursatda edil ata-enesini
gözleýşi ýaly, Rahman agany, Olýa mugallymyny
şeýle bir küýsedi weli, şo sebäpli uzak wagt uklap
bilmän ýatdy. Otlynyň birsydyrgyn ―şakydak-şak,
şakydak-şak‖ sesi hem onuň gamyny artdyrdy. Eger
pianinoda otly sesini berjek bolsa, haýsy klawişlere
basmaly boljagyny, özi hem duýmazdan, tebigy
ýagdaýda oýlandy.
Şakydak-şak, şakydak-şak, şakydak-şak !
*
*
*
Söýgi gelýä! Söýgi gelýä däli sil bolup!
Baýramalydan gelen Nury Aşgabatdaky
sazçylyk mekdebinde saz sapagyny dowam etdirdi.
Onuň saza örän ökdeligi, kämahal özündenem bir
zatlar goşuşdyryp çalşy─bu ýerdäki mugallymlary
hem haýran etdi. Nurynyň özüniň aýratynlykda saz
döretmegine sanalgyja ädim galypdy. Ony sazçylyk
mekdebini tamamlamanka sazçylyk uçilişesiniňhäzirki D.Öwezow adyndaky orta sazçylyk
mekdebiniň ikinji synpyna geçirdiler. Beýle böküş
348
edip bilen başga ýokdy. Ol üstünlikler Nura täze
kuwwat berdi, uçilişede, aýratyn-da, öz synpynda
Nury şöhratly oglan boldy. Ol ýigit çykmasa-da,
ýaňy ýetişip başlan, görmegeý oglandy. Onuň
kölegeli gözleri, edil ejesiniňki ýaly mähremlikden
ýaňa eräp barýardy. Elbetde, her bir zadyň öz
wagty-pursaty bar. Nury hem düýşünde gyz
görülýän pursatlary başdan geçirip başlady. Bir
gezek Bäherdene Baýly doganynyňka ýük
maşynynyň üstüne münüp gitdi. Başga-da erkek,
aýal-gyz bardy. Bir gyz oňa assyrynlykda şeýle bir
bakdy weli, Nury ýüzüni öwürenini bilmän galdy.
O gyzyň gara garaly ýaly gözleriniň howry Nuryny
ýakana çemli, kebelegiň oda dyzaýşy ýaly, Nury o
gözlere ýene bakasy geldi. Endam-jany, ýüregi
birgeňsi ýylylyga meýmiräp, bendi bolup başlady.
Nury özüne zor berip, utanjy ýeňip, gyza bakdy
weli, asyl, gyz hälden bäri oňa bakyp oturana
çalymdaş, duýular-duýulmaz ýylgyran ýaly etdi-de,
aşak bakyp oturdy. Nury oňa uzak baksa-da, gyz
başyny götermedi. Hamana, gabak aňyrsyndan
görýän ýaly.
Ýoluň çarkandaklary artdy, tozan köpeldi,
kämahal garşydan çykýan maşynlar bir-biregi guma
gömüp geçdi. Üstündäkileri maşyn siltäp, ýaýkap,
galtap-galtap urýar. Şol başagaýlykda Nury öz
başagaýlygy bilen gümrady. Eger birden o gyz
özüne bakaýsa, o bakyşy, o garaýşy sypdyrmajak
bolup, hälki mährem gözlere zar bolup, Nury gyz
tarapa bakdy oturdy. Ynha, bir salymdan , maşyn
349
tekizräk ýola düşüp başlady. Şonda o gyz birden
Nura tarap gözledi weli, Nurynyň ýanyp duran
gözlerinde eredip barýan yşgyny gördi-de gaty tiz
gözüni sowdy. Özüne bakylýanyny duýan gyz
mylaýymja ýylgyryp goýberdi. Gyzyň şo ýylgyryşy
üçin Nury dünýäni bermäge taýýar. Aýlar-ýyllar
geçse-de, başa näler düşse-de şo ýylgyryşy hiç-hiç
unutmajagyny häzirden duýýar. Başga hiç bir gyz,
asla hiç bir ynsan beýle ýylgyryp bilmez. Başga hiç
bir wagtda-da, öňde-soňda-da beýle ýylgyryşyň
bolmajakdygyny, o ýylgyryşyň ýyldyrym ýaly
ýalpyldap, diňe Nurynyň kalbyny ýagtyldyp öçüp
gidendigini
Nury
duýmaýardy.
Söýgidäki
tejribesizlik, her bir ýaş oglany köseýşi ýaly,
Nuryny hem kösemäge başlady. Tä Bäherdene
barýançalar, gyz başyny galdyrman oturdy.
Maşyndan düşenlerinde Nury egin-eşiginiň tottozanyny kakyşdyryp eglendi. Gyz öz ýeňňesi bilen
bir tarapa ýöredi weli, Nury-da olaryň yzragyndan
garama-gara gidiberdi. Gyz bir gezek yza garap
goýberdi, Nuryny gördi. Gyz ýeňňesine bir zatlar
aýtdy öýdýän, ýeňňesi hem yza garap-garap
goýberdi. Soň ýeňňesi aýak çekdi, gyz haýalja
ýöräberdi. Nury gyzyň ýeňňesiniň deňine ýetdi
weli, ýeňňe pessaý seslendi.
─Aý, oglan, bizi beýdip yzarlama. Tanşasyň
gelýän bolsa ho nebit dükanyň ýanyndaky howluda
ýaşaýas. Gije onda tamdyryň ýanyna geläý.
350
Ýeňňe bu sözleri aýtdy-da tiz ýöräp gitdi.
Gyzyň yzyndan ýetip, bile ýöräp gitdiler. Nury
bolsa bir sözem aýdyp bilmän dymyp, az salym
olaryň yzyndan garap durdy-da, soňra Baýly
doganynyňka öwrülip gitdi.
O gün Gün gaty giç batdy. Nury daştöweregiň, tutuş bu dünýäniň , adamzadyň
haýallygyny, beýle äwmezligini şu gün duýdy.
Asyl, özi hem ýere sokaýmaly haýal ahyry.
Ýeňňesi agşam diýende häzir duşuşjak, häzir
sözleşjek diýip bilerdi ahyry. Ynha, indi gije on
bolýança, it ýaly iki ýana sebsede ýör. Nury gün
batmanka nebit dükanyň ýanyndaky howlynyň
deňinden ikiýana geçip, beýle ýandaky tamdyry,
tamdyryň beýle ýandaky basylgy ýandak küdesini
göre-göre, howlynyň agaç gapysyny synlaý-synlaý
geçdi. Ynha, şu gapydan çykar, şu ýerden ýörär, şu
taýyk barar, şu ýerde durar diýip hyýal etdi. Gyzyň
jaýlarynyň penjirelerine bakanda bir tuty ýeňiljek
ýelpildän ýaly boldy.
Ýok, bu gün ähli zada bir bela degen ýaly.
Nury Baýly doganynyňka gelip, bir ýerde oturyp
karary ýetmedi. Gelnejesi hem gaty haýal-a. Agşam
naharyny gaty giç iýdi. Birdenem sessiz çykyp
gaýtdy. Ýolda sagadyna seretdi. Ýaňy ýedi
bolupdyr. Sagady hem haýal ýöräp başlady öýdýän.
Ynanman, başga birinden sagat sorady. Ýok,
sagady dürs işleýär.
351
Onsoň tä on bolýança iki ýana baý ýörändir-ä.
Sagat ony görkezdi. Emma gyz çykanok. Nuryda
sabyr büs-bütin tükendi, umyt galmady. Ahyry,
howlynyň gapysy emaý bilen açylyp, gyz çykdy,
töweregine howatyrly garady. Şo pursat Nury
gyzyň ýanyna uçup bardy.
─A gyz, men şo maşynda tanyşan oglanyň .
─Biz entek tanyş däl-ä.
─Men Nury. Öz adyň näme?
─Men adymy aýtjak däl.
─Gorkma. Menem Bäherdenli Baýlynyň inisi-dä
.
─Bir ýerde okaýamyň?
─Men sazandalykda okaýan.
─Bagşy diýsene.
─A gyz... – Nury näme diýjegini bilmän
aljyrady-da az salym hiç zat diýip bilmedi. – A gyz,
sen owadan ekeniň.
─Goýaweri. Gaty gepleme.
─Seniň alnyňda ne söz tapýan aýtmaga, ne göz
tapýan bakmaga. Men söýgi heýkeline döndüm-ä.
─İlki gören gyzyňa söýgi hakda sözlemäge
utanaňokmy?
352
─Sen şeýle bir näzik weli, seni özümden
gabanýan. Akja gar tozgajygy ýaňagyňda yz goýup
gider.
─Sen meni tanaňog-a.
─Oňa derek men seni gowy
Damarymda gan bolup aýlanýan sensiň.
tanaýan.
─Ýuwaş-la, oglan. Sen Mejnun ýaly däli
bolaýmasaň?
─Mejnun kimmiş?! Mende has güýçli söýgi bar,
―Mejnunyň diňe ady bar‖. Seniň şu günki
ýylgyryşyňa dünýäni bermen.
─Men däldirin.
─Seniň gözleriňe bakan, başga dünýäni görmez.
Sen meni söýýäň-ä.
─Ýalan aýtma. Sen goşgy okaýan ýaly sözleýäň,
ýa şahyrmyň?
─Men duruja güýz suwy, sen o suwda akyp
barýan gül ýapragy.
─Aý, oglan, näme üçin meni yzarladyň?
─Duýmadyňmy?
gördüm.
Men,
men...
Seni
gowy
─Meni gowy görer ýaly, üýtgeşik gelşik ýok.
─Seniň gözleriň gara-da, mawy-da däl, söýgi
reňkinde.
353
─Men gitdim. Birden duýaýmasynlar. Meniň
adym Gurbanjemal.
─Ýaňyja çykdyň, gitmesene.
Gyz emaý bilen ýöräp ugrady.
─Ertir ýene çykaý.
─Sen şähere gitmezmiň?
─Ýok, ýok. Çykgyn, garaşaryn.
Gurbanjemal ýyldyrym ýaly görnüp gitdi.
Nurynyň oňa pynhan-pynhan aýtjak sözleri bardy.
Bu tümlük ýol bermedi, ýagty bolan bolsa
Gurbanjemalyň gözlerine uzak-uzak bakyp durasy
geldi. Şol ýylgyryşy göresi geldi. Eger garsa
gujaklaga-da
öpäýse,
Gurbanjemal
gaty
görermidikä?
Nury Gurbanjemallaryň deňinde uzak durup,
ahyry gaýtdy. Haýalja ýöredi. Onuň başyna heniz
eşitmedik owazlary gonup başlady. Nury pianino
küýsedi.
Şol owazlary joşgunly çalsa, Gurbanjemalam
ýanynda ýylgyryp otursa... ―Ellerimi bilinde çigip,
şeýle bir gujaklasammm! Näzik dodajyklaryny
şeýle bir sorsammm!!!‖
O gije uzak wagt oýa ýatyp, hyýal baryny
edip, ahyry uklady. Ukladygy, onuň ýanyna
Gurbanjemal geldi. Onsoň ikisi söýgüli-muhabbetli,
näz-kereşmeli, şeýle bir ezizlik bilen söhbet edip
354
başlady. Geň tarapy Nury
Gurbanjemalam oňa ses goşýar.
näme
diýse,
─Bu gije men saňa şem bolaýyn, ereý-ereý yşyk
berip, köňlüňe damaýyn.
─Men saňa gije bolaýyn. Yşk duralgasy gijedir.
─Men gury ýaprak ýaly lowlap-lowlap ýandym.
─Men ojar közi ýaly, şo köräp durun.
─Sen ýyldyrym bolup meni ýaksadyň.
─Sen däli sil bolup, meň odumy öçürsediň.
─Seň ýoluňa köpri bolup düşelsem, ökjeli
köwşüň bilen döşümi deşim-deşim etseň, ganym
fontan bolup atylsa.
─Men bir guş bolsam, uklaňda ganatym bilen
ýüzüňi ýelpesem.
Nury Gurbanjemaly gujaklajak bolup elini
uzadýar, emma
eli Gurbanjemala degenok.
Birdenem Gurbanjemal gözden ýitýär.
Ertiri Nurynyň bar işi Gurbanjemallaryň
köçesinden geçmek boldy. Gurbanjemal bir gezejik
çyksa, bir gezejik ýylgyrsa, başga zat gerek däl.
Emma gün batýança Gurbanjemal görünmedi.
Ýene-de sagatlar tersine işleýän ýaly, hiç-hiç wagt
geçmedi. Ahyry, on boldy weli, gapy zarply açyldy.
Nurynyň ýürejigi böküp başlady. Emma
Gurbanjemalyň deregine ýeňňesi çykyp dur. Nury
355
görünjegini, görünmejegini bilmän durka, ýeňňe
tamdyryň ýanyna geldi.
─Aý,oglan, bamyň?
─Salawmaleýkim.
─Gurbanjemala garaşma. Biziň bagşa berer ýaly
gyzymyz ýok. Eşitdiňmi? Bar gaýt. Indi bu taýlarda
görünäýmegin, howlymyz doly erkekdir.
Ýeňňe gapyny bat bilen ýapyp, içinden
kilitledi.
Nury hiç zada düşünmedi. Ol Gurbanjemalyň
ýeňňesinden däl-de özünden habar eşidesi geldi.
Bolmaz ahyry, hiç bolmaz. Bar günä
bagşylykdamy?! Dünýä bagşa baş egýäkä, bularyň
beý diýmesi nämedenkä?
Nury gaýdybermelidi, emma bu taýdan beýle
boş gidiberesi gelmedi. Öten agşamky düýş ýadyna
düşdi. Näme etjeginem bilmän, başyny sallady
durdy. Şonda ýene başyna başga-başga heňler
gonup başlady. Nury o heňleri başynda diňläp,
gaýta, beter gamlandy. Ýene oňa pianino ýetmezlik
etdi. Ol başyny sallap, gözlerini ýumup, kämahal
klawişlere basyp, haýal bir owaz çykarasy geldi.
Edil simli sütünleriň aňzakda iňňildeýşi ýaly.
Bä-äý, bu gijäniň garaňkydygyny, şeýle bir
içgysgynç gije weli, ne itler üýrýä, ne horazlar
gygyrýar. Asmandaky ýyldyzlaram gaty uzaklara
çekilişipdir.
356
Nury ömürlik ýalňyzlygyň ilkinji gijesini
geçirýänini, soňra hernäçe owadan gyzlara duşsa-da
olaryň
Gurbanjemalça
bolmajagyny,
Gurbanjemalça ýylgyrmajaklaryny, asyl, olaryň
barynyň bir kemjagazy göze dürtülip durjakdygyny,
emma Gurbanjemalyň şeýle päk, mukaddes
görünjekdigini we şol görnüşde galjakdygyny häzir
aklyna getirip bilmeýärdi. Sebäpsiz we duýdansyz
şarpyk alan ýaly ahwaldaky Nury, ahyry, göwünligöwünsiz mytdyllap gaýtdy. ―Meniň söýgim bulut
satyn alanyňka dönäýermikä? Söýgüsiz hem
ýüreksiz galmak. Birmahallar ejesi pahyryň ―Balyk
diýip tutanym ýylan bolup towlandy‖ diýýäni
şumyka?‖ Gurbanjemalyň Nuryny söýýänine
güman ýok. Muňa Nury monça bolýar. Ýeňňesiniň
garşy bolany bilen iş gutarmaz ahyry.
―Iki ýürek bir bolsa, bir garyp ene neýlär?!‖
Nury ýene Gurbanjemaly hyýalyna getirip,
onuň tapylgysyz ýylgyryşyny öz ýanyndan synlap
doýup bilmedi.
Ertirki yhlaslaram, bir hepdeden ýene
Aşgabatdan gelip, Gurbanjemallaryň köçesini
ikiýana dähedem-dessemläp çykmasy hem, gözleýgözleý jorasyny tapyp Gurbanjemala arzyny
ýetirmesi hem peýda bermedi. Gam berdi, hesret
berdi, tükenmez ýalňyzlyk berdi.
―Durmuş meni saýgylap-saýgylap, demir darak
bilen daraklap, sümek edip sozdy. Ikde egire-egire
ýumak edip taşlady. Gurbanjemalym, adyňa
357
gurban, menden bir kilim doka, belki, ýöräňde
aýajyklaryň galtaşar‖ .
Ýetimligiň derdi ýaňy azalyp başlady diýende,
bu dert başa bela boldy. Aslynda, Nurynyň
ýetimligini bilip, şo sebäpli Gurbanjemal ýüz
öwüren bolsa näme?! Bu pikir şu çaka çenli başa
gelmändir. Nury öýe, köçä sygmady, edil, it
aýagyny iýen ýaly, herýana sebsäp ugrady. Kanagat
tapmady. Ahyry, pianino başyna geçende ýüregi
ynjalyp başlady. Şu çaka çenli öwrenen sazlaryny
gümmürdetdi, barha möwjedi, barha joşgunly
çaldy. Aralygynda gysga-da bolsa başga-başga
heňleri hem çaldy. Nuryda, o heňler öňden bar ýaly,
öňem çalyp ýören ýaly ýagdaýda çaldy. Ahyry,
surnugyp, elleri gurap, bili egrelip ugranda Nury
saz çalmasyny goýdy-da maňlaýyny pianino diräp,
gözlerini ýumdy.
Şo mahal bir gyz sesi ony özüne getirdi. O gyz
başga bir şäherden gelen, bir synpda okaýan gyzdy.
Örän owadan, örän dilewar, üstesine-de örän ökde
sazandady. O gyza söz aýdýan kändi, emma onuň
howalasy gaty ýokarydy. Sözlemän ýa-da gaty berk
gaýtawul berip bilýärdi. Oňa Maýsa diýýärdiler.
Ynha, Maýsa Nurynyň sazlaryny hälden bäri
tolgunyp diňläp, arkada duran ekeni.
─Nury! Nury seni gutlaýan! Sen sil ýaly joşduň.
Ajaýyp, örän ajaýyp sazlar çaldyň. Sen öz döreden
sazlaryňy-da çaldyň. Ajaýyp! Saz döredỳäniňi
näme üçin maňa aýtmadyň?!
358
Maýsanyň owazy ýakymly. Ol Nura ýakyn
geldi. Bir elini pianino, bir elini Nurynyň çignine
goýdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.