Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13

Total number of words is 3692
Total number of unique words is 2022
31.4 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
53.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Hangül bu sözleri aýdyp, başa gonan hälki
pikirini başdan kowasy gelýärdi, oňa garşy durasy
gelýärdi.
Şo mahal beýle ýandan harby geýimli bir atly
geldi.
-- O taýda bize garaşyp durlar.Gijä galýas. Hany
oglanlar, tizräk araba münüň. Tiz boluň!
Arabalar obadan çykyp ugranda, bu kiçijik
obanyň adamlary el bulaşyp galdylar. Eneler,
beýleki zenanlar ýaş dökdi. Hangül o ýigitleriň
gelmejegine ynandy-da has beter bozuldy,
birdenem boýnundaky üç künjeklije dogany çözdüde: ―Bar, Nuryjan, ýet oglum. Şu dogany
oglanlaryň birine ber. Allajan, ählisini aman
saklasyn‖ diýdi. Nury on-on bäş ädim öňden barýan
arabalara baka ylgady. Ol yzky arabany ýetip, sag
goljagazyndaky dogany uzatdy.
─Ejem berdi, alyň diỳdi, doga diýdi.
Oglanlaryň biri dogany aldy. ―Sag bol, jigim,
sag bol‖. Nury şo taýda bir dem durdy-da
286
uzaklaşýan arabalara el bulady, ýekesiredi, soň
yzyna ylgap gaýtdy.
─Eje, aldylar.
Nurynyň bu günki gören-eşidenleri onuň
ömürlik ýadynda galar. O dört ýigidiň kimligini
bilmese-de, olary öz uly doganlary ýaly ýatlar.
Belki-de şu gün Nurynyň geljekde kim bolup
ýetişjegini kesgitlän gündür.
Bu günler gidenleriň gelmeýän günleridi.
* * *
Hanmämmet ogul-gyzyny gowy görse-de,
olary özüne öwrenişdirmezdi. Öz çagalarynyň daýy
tarapyna çekişini, o çagalaryň hem daýylary ýaly
şahandaz bolup ýetişişini halaman gezerdi. Baýly
hem, Aşyrberdi hem eýýäm aýdym-sazdan baş
çykarýardy. Hanmämmet käýinende: ―Haýt, daýyňa
çeken damaryň gursun‖diýýär. Hanmämmet
Nuryny özüne meňzeş adam bolup ýetişer öýdýär.
Hanmämmediň özi dymma bolansoň, Nurynyň
hem dymmalygy oňa ýaraýar. Emma Hangül ähli
çagasyna bir göz bilen bakýar.
―Ynsana hormat goýjak bolsaň, oňa ene gözi
bilen bak‖ diýip ýönelige aýdylmaýar. Ýöne Nury
ejesine has ýakyn, ejesini Nury beýlekilerden tiz
287
duýýar. Ejesi bilen duýgudaş gepleşmäni başarýar.
Ol ýaşyna görä has ir akyllanýar. Emma onuň
Baýly ýaly, Aşyrberdi ýaly däl-de, aýdym-sazy
yhlasly diňlese-de höwessiz ỳaly görünmesi ejesini
biraz oýlandyrýar.
―Adam aýdym-saza ýakyn bolsa, dünýä
gamyny egsip biler, ýüregine kanagat berip biler,
hem söýüp, hem söýlüp biler‖ diýip Hangül pikir
edýärdi. Näme edende Nuryny, Begmämmedi,
Artykgüli aýdym-saza ýakyn edip ýetişdirip
biljegini oýlanýar. Hanmämmediň ỳok wagtlary
öýde çagalary bilen otyrka, olara aýdym baryny
aýdyp berýär, hüwdi, läle aýdýar, olara gaýtalaýgaýtalaý ýatda galar ýaly edýär. Kä gezeklerde özi
joşup, has uzak aýdym, läle aýdýar hem-de soňunda
aglanyny duýman galýar. Şonda çagalar oňa
gyslyşyp, ony diňdirýärler, soňundan erteki diňläp
başlaýarlar. Köp gezekler goňşy golamlaryň
çagalary hem, öýe girip, bir gyrada nebsewür
synlaşyp oturýarlar. Beýle ýürekdeş konsertler
çagalaryň köňlüni açýar, ýumşadýar, olary birbirege ysnyşdyrýar, bir jadyly dünýä alyp gidýär.
Aýratynam, dymmaja
Nury ejesiniň bu
konsertlerini gaty höwesek diňleýär.
Bir gezek ejesi:
Hüwdi-hüwdi hüwlendi,
Suwda balyk köwlendi,
288
Balyk diýe tutanym
Ýylan bolup towlandy.
diýensoň, Nury balygyň nädip ýylana
öwrülýändigini gaty bilesi geldi. Öz akly ýetmedi.
─Eje, balyk nädip ýylan bolýaka?
─Wah, aklyňdan aýlanaýyn Nuryjan. Ynha, hä
diýmän ulalarsyň. Uly adam bolaňsoň, balygyň
nädip ýylan bolşuny görersiň. Häzir aýtsamam
düşünmersiň, Nuryjan. Gowusy, şu mahal
ýaňyltmaç aýdyp, diliňi ýenjiber. Hany, oglum,
meniň aýdanymy gaýtala, bakaly.
-- Birje çemçe şorja serçe çorbasy.
Nury ony ýalňyş aýdyp, öz ýalňyşyna güldi.
Ejesi bolsa oňa guwanyp, özüne çekip, başyny
gujaklap, saçlaryny, ýaňagyny sypalaşdyrdy.
Bireýýäm ýatar wagty bolanyny hem duỳman
galdylar. Düşeklerini ýazyşyp, ýorganlaryny üstüne
çekdiler. Bada-bat uka batdylar. Eje weli uklamady.
Dym-dyrslyk aralaşanda ony pikirler basyp
başlady. Hangül eňegini iki dyzyna diräp, aýalary
bilen
ýaňaklaryny
ýapyp
oturşyna
by
çagajyklarynyň ykbaly hakda oýlandy. Garyplyk
barha güýçlenip gidip barýar, iň köp agzalýan söz
nan-çörek boldy. Erkek göbekli bary fronta
ugradyla-ugradyla, gezek Hanmämmet daga ýetse
näderkä? Üstesine, göwrede-de bir çaga ýetişip
gelýär. Hanmämmet munça çagany taşlap, fronta
289
gitmekçi däl. Gyssansa Eýrana geçermen. Hangüli
hem, çagalaryny hem Eýrana äkitmekçi. Emma
Hangüle Eýran gaty garaňky görünýär. Hiç-hiç
gidesi gelenok. Asyl, o tarapa gitmeg-ä däl, o tarapa
hiç-hiç bakasy hem gelmeýär.
Daýnadan aýrylsa Hangülüň jany çykar.
Bütin dünýä bir ýana, Daýna bir ýana.
―Emma açlyk-gytlyk boljakmyş, oňa näme
çäre taparkak? Hanmämmet ýanymyzda bolsa
bolýar, daşy üwär, dagy deşer, çagalaryny aç
goýmaz‖.
Ýakynda şagallar uwwuldaşdylar, ỳal gözläp,
sebsäp ýören köpekler oňa jogap edip, ýogynýogyn hawhawlaşdylar. Hangül ýataýyn diýip
otyrka, Nury birden dikeldi-de: ―Kaka, meniň
çynarym ösenok‖ diýdi. Ejesi Nurynyň ukuda
samraýanyny bildi.
─Ýataý, oglum, ýataý. Çynaryň öser, oglum.
Ejesi Nuryny emaý bilen ýatyrdy, üstüni örtdi.
Ol öňler Nuryny alyp Sumbardan suw getirmäge
gidende, tokaýa inilen ýerde her gezek Nurynyň bir
çynar agajy bilen boýuny deňäp geçişini ýatlady.
Nury çynaryň ýanyna barýar, aýasyny depesine
goýýar, soň aýasyny agaja baka öňe sürýär.
Çynaryň şol öňki boýy. Her gezekde-de çynar
Nurydan gysga gelýärdi.
─Eje, näme üçin bu çynar ösmeýärkä?
290
─Çynarlar ilki aşak ösýär, öz boýy bilen deň kök
edinýär, soň ýokary ösüp başlaýar. Hanha, o-ol uly
çynara seret. Şoň ýaly uly agajy saklajak-eklejek
bolsaň, köküň uly bolmasa bolmaýar. Adamam
şeýle-dä.
─Adamda kök ýog-a, eje.
─ O saňa görünmeýä. Sen entek ýaşlygyň üçin
görmeýäň. Kök gerekdir, Nuryjan. Ulalaňda-da
unutmagyn.
*
*
*
Bagtyň ýiten günleri
Bir gün Hanmämmet öýlänara paltany daşa
çalyp başlady. Hangül öýüň hysyrdysy bilen giripçykyp ýör. Garşy daş ojakdaky gazanyň aşagyna
odun atýar. Ysmanak gaýnadyp, aç çagajyklaryň
garnyny doýrasy gelýär. Çagalaram
töwerekde oňa-muňa güýmenýärler. Uly ogly
Baýly we Artykgül obanyň beýleräginde
daýylarynyňka gitdiler. Öýde-de doglanyna kyrk
gün hem bolmadyk Maýa sallançakda ýatyr,
kämahal jägildeýär. Hangül emdirip, sallançagy
üwräp gaýdýar.
291
Adaty bir gün. Hangül Hanmämmedi, palta
ýitiläp oturansoň, oduna gitjekdir öýdýär.
─Hanmämmet, oduna gitjekmi?
─Ýok seniň boýnuňy çapjak─Hanmämmediň
sesi gaty çykmady. Hangül o söze kän üns bermedi.
Öwrenişen sözleri-dä.─Meniň boýnumy çapanyň
bilen ojaga odun bolmaryn. Oduna gitjek bolsaň,
Baýlyny daýylaryndan çagyrjak.
Hanmämmet dymdy. Paltany aldy-da, dikilen
hatjaly agaçdaky horjuna saldy. Ýene hiç söz
diýmän, aşak inip gitdi. Yzyndan göz gytagy bilen
garap galan Hangül ol Baýlyny getirmäge gidýändir
ýa-da aşakda atalaryndan galma mellege aýlanmaga
barýandyr öýtdi.
Emma Hanmämmet günortan bolsa-da
gelmedi, garaňky gatlyşanda biriniň atyny idip
geldi. Hangül Hanmämmetde bir howsala, bir
galagoplyk barlygyny duýdy. Sesini çykarmady.
Çagalar agşamlygam ysmanak iýip ýatdylar.
Hanmämmet daşary çykyp barýarka, birden yzyna
gaýtdy, sallançagyň ýanynda oturan Hangülüň
bogazyny garsa bogdy-da ýuwaş, emma gaty
gaharly gepledi.
─Şu gije beýlä geçýäs. Ýa meň bilen gidýäň, ýa
şu taýda läşiňi serýän. Eşidýämiň, seni bu taýda
başy boş goýman. Hanmämmediň heleýi ýaly
diýdirmejegim hakdyr.
292
─Çileden çykmadyk bäbegimize nebsiň agyrsyn.
Ilki özüň görüp-bilip gel, onýança çaga usugar...
─Kes sesiňi! Ýa gidýäň, ýa ölýäň.
─Beýtme!
Hanmämmet Hangülüň bogazyndan elini
aýyrdy-da sessiz daşary ylgap, ýene sessiz geldi.
Hangül hiç zatdan habarsyz halda sallançagy yrap
otyr. Ol arkasyndan eli paltaly gelen Hanmämmedi
görmedi.
Oýuna-pikirine
gelmejek
beýle
wagşylygyň bolup biljegine ol hiç ynanmazdy.
Urar, söger, ondan aňry gitmez öýderdi. Muňa-da
gaty
bir
ynanybermezdi.
Hanmämmet
çagajyklarynyň atasy ahyry, şol çagajyklarynyň
hatyrasyna, eli ýaraga uzamaz, olary enesiz ýetimýesir goýmagyň berbagtlygyna akly ýetýändir
öýdýärdi.
Daýna Daýna bolaly bäri ilden çykgynçlyk
bolmandy, hiçkim beýle habar eşitmändi.
Hangül ýene sallançagyň bagyny çekip
goýberdi. Şo mahal arkadan urlan agyr urgy onuň
merdem başyny bir ýana ýykdy, göwrede ýere
serildi.
Diňe bir eziz enäniň göwresi däl, o göwre
bilen birlikde ähli umytlar, arzuwlar ýere serildi,
ogul-gyz doguryp, hatar-hatar bolup, yranmaz
maşgala bolup ýaşamak höwesi ýere serildi.
Hangüli hasap etmäniňde-de dört ogluň, iki gyzyň
ykbaly hem ýere serildi galdy.
293
Hanmämmet ganygyzgynlygyna bäs gelmän
paltany salanda ýeke bir Hangülüň ömrüni däl, öz
ömrüni hem çapdy. Ogul-gyzynyň gelejekki
bagtyny çapdy. Bir paltanyň urgusy näçe ýürek
bagyny çapdy.
Namys hakda söz galmady. Namysy ýatlaýan
adam öz namysyna palta urarmy?! Agaja urlan
palta namys edýärdi, ynsana urlan palta nätdikä?!
Hanmämmet tiz-tizden, hassyllap dem alyp
başlady.
Beýnisi syzlap, başy erbet şyňlady. Gözlerine
gan öýlüp, ýere gaçaýjak boldy. Ol demigip
başlady. Ylgap daşary çykdy, ýene öýe kürsäp
girdi. Duldaky boş horjuny alyp daşary ylgady,
eýersiz atyň üstüne horjuny atdy, atyň ýüpüni
çözdü-de batly çekip, gapa getirdi. Öýe girip ilki
Aşyrberdi bilen Begmämmedi südürrükledip
getirdi-de hersini horjunyň bir ýanyna saldy, olar
oýaly-ukyly halda näme bolýanyny bilmän, bir söz
aýtjak bolanda, kakasy ―lal bol‖ diýdi. Hanmämmet
ýene öýe ylgady-da ukudan oýanmadyk Nuryny
Begmämmediň sokulan horjun gözüne ýerleşdirip,
atyň ýüpünden çekip ýola düşdi. Ol gaty
hopurgaýardy, demigýärdi we atyň ýüpüni gaty
çekýärdi. Aty süýräp gitjege meňzeýärdi. Ýodajyk
bilen gidip tokaýa girdi. Nurynyň boýuny deňeýän
çynarjygynyň ýanyndan geçdi. Hangülüň suw alýan
güzeriniň beýle ýanyndaky ýalpak kenardan
Sumbara girip başlady. Emma at birbada horgurdy,
294
yza tesdi, silkinip bir gapdala bökdi. Şo mahal Nury
horjundan gaçdy-da başy daşa degip özünden gitdi.
Garaňky gijede howsalaly Hanmämmet
mundan bihabar galdy. Ol at ýüpüni has berk tutup,
ony derýa baka ykjam çekip başlady. At zora
çydaman, ýuwaş-ýuwaş toýnagyny suwa batyryp,
ýöräp ugrady. Olar Sumbaryň o tarapyna
geçenlerinde süllümbaý ezilip geçdiler we ýüzüni
baýyrlara baka tutup gitdiler. Horjundan we at
guýrugyndan akýan suwuň şyrryldysy hem
kesiliberdi.
*
*
*
Öýde uzak gije üwrelmän, ajyganda emme
berilmäni üçin uzak gije jägildäp, aglaý-aglaý
surnugan bäbejik Maýanyň hem aglamaga güýji
ýetmän, dodajyklary kepäp galdy.
Sumbaryň daşly kenarynda atdan gaçyp, özüni
bilmän ýatan Nury hem gijäniň ýary gözüni açanda
niredeligini bilmän, bu ýerlere neneňsi düşeninem
bilmän, gorkusyna gözlerini ýumdy. Emma töwerek
janlydy, bir möjejik gyrmyldap onuň köýnejiginiň
ýyrtyk ýerinden girdi-de goltugyny gazalap ugrady.
Sumbaryň owazy hem Nuryny öz erkine goýmady.
Birden-birden güýçlenip, edil öz üstüne akyp
gelýän sil ýaly şowwuldy, birdenem peselip,
uzaklaşyp, kesilip barýan ýaly owazlar onuň
gulagyna gelýärdi. Şol arada başga bir möjejik
onuň alkymyndan çakdy. Edil ary çakan ýaly boldy.
Nury ―Eje!‖ diýip gygyrjak boldy. Emma ses
295
çykmady. Aç, öňdenem ysgynsyz göwre, başy
deşilip akan gana çydaman ýene ýere ýazyldy. Ol
özünden gitdi. Ejizje göwräni dag ýaly gören mörmöjekler onuň üstüni basdylar, ýylyja gandan
doýdular. Belki, ýylan-içýanlar bu ýat myhmany
görmäge gelip, onuň üstünden iki ýana geçendirler.
Bu tokaýdaky janly-jandara meňzemeýän yskokuny duýup, daşlaşyp gidendirler.
Nury özüne gelende şagallaryň gaty golaỳda
uwwuldaşýan sesini eşitdi, gaty gorkdy. Turjak
bolup başyny galdyranda salgym ýaly görünýän
agaçlar ikiýana çaýkandy. Ol iki elini ýere diräp
oturdy. Edil garşysynda birki ädimlikde özüne
bakýan, gözleri lowurdap duran, şagalmy-gurtmy
bir haýwany gördi-de gorkusyna ―Eje-e‖ diýip
çirkin gygyrdy hem-de emedekläp gaçyp başlady.
Nury aýasyna, dyzyna degýän çöp-çalamyň
agyrysyny duýman birküç ädim daşlaşdy. Bütin
tokaý şagal uwwuldylaryna goşulyp çykýan : ―Ejee-e!‖ diýen ses bile ýaňlandy. Nurynyň ýene güýji
gaçdy. Gözýaşly gözlerini gorka-gorka arka
aýlanda o haýwany görmän, sähel ynjaldy. Şondada ―Eje-e-e!‖ diýip ýiti-ýiti gygyrmaga başlady.
Ol özüniň ne takdyr bilen bu tokaýa düşenini
henizem bilip bilenok.
Töwerek ýagtyldy. Şagal sesleri bireỳỳäm
kesildi. Säheriň bu tämizliginde ýene Sumbaryň
güwwüldisi,
suwuň
şogur-şogury Nurynyň
gulagyna urup başlady.
296
Özge hiç kim Nurynyň sesini eşitmese-de,
ejesi onuň sesini eşider, özge hiç kim kömek
etmese-de ejesi Nura kömek eder. Muňa Nury
ýürekden ynanýar. Onsoň ejesine ses ýetirjek
bolup, barha batly aglap-gygyryp başlady.
Täret kylmak üçin daşary çykan bir aksakgal
tokaýdan gelýän agyly çaga sesini eşitdi-de ilki öz
gulagyna ynanman durdy. ―Säher wagty tokaýda
çaga näme işlesin?!‖ Emma diňşirgendigiçe ses
gowy eşidilip başlady. Aksakgal öýdäkileri daşary
çagyrdy-da: ―Ses eşidýäňizmi?‖ diýdi. ―Hawa,
hawa, bir oglanjygyň sesi öz-ä‖. ―Hany, goňşulara
aýdyşdyryň-da, derrew habar alyň. Bu ses
gowulygyň alamaty däl. Tiz boluň‖.
Obadaşlar hasyrdaşyp tokaýa inip gitdiler. Ses
gelýän ýere barsalar, Nury ysgynsyz halda nirä
giderini bilmän dur. Onuň deşilen kellesinden akan
gan saçyndan, ýaňagyndan syrygyp, garalyp doňup
galypdyr. Aglaýa-aglaýa gözleri, dodaklary
çişipdir. Bir garry ene ony garsa gujaklap göterdide oba baka ýöräp gaýtdy, beýlekilerem bir
betbagtlygyň
bolanyny duýup,
näme-näme
bolanyny anyk bilibilmän, duman içinde galan ýaly
boluşyp, oba girdiler-de Dänegulyň depesiniň orta
bilindäki Hanmämmediň öýüne baka ýokarlygyna
ýörediler.
*
297
*
*
Hem garyp, hem ýetim, hem-de ýat ýurtda
Hanmämmet o tarapa geçensoň, uzak gitmedi.
Sorap-idäp, bir mahallar Daýnada ýaşap gaýdan
daşky bir garyndaşynyňka bardy. Sowuk
garşylanyşyny görse-de, başga alajy ýok, biçäre bir
halda gelenini özi gowy bilýär. Ýüzi salyk, egni
gysyk Aşyrberdi bilen Begmämmedem, kürk towuk
ýaly ýygrylyşyp, bu öýe öwrenişmän, bu taýdaky
çagalar bilen ysnyşman, kakasynyň ýanyndan
aýrylmajak bolşup ýörler. Hanmämmediň mahalmahal bir nokada bakyp uzak oturşyny gören öý
eýesi hem Hanmämmetden bir ýakymsyzlyk syzyp
başlady. Öňem ýykma-ýykylma gün dolap oturan
maşgalanyň üstüne bir köpüksiz Hanmämmediň
hem iki ogly bilen gelip çökmesi, elbetde, öý
eýesini birahat edip başlady. Hanmämmediň
çagajyklarynyň horlukdan ýaňa gök-nil bolup
başlan meňzine bakyp nebsi agyrdy. Olaryň tiztizden ejesini soramasy, beýleki doganlaryny
gözlemesi hem öý eýesiniň göwnüni gyýýardy.
―Kaka, ejemi haçan getirjek? Jigilerimizi
getireli, kaka. Gowusy, obamyza gaýdaly, kaka‖
diýlen sözler Hanmämmede aýdylsa-da, öý eýesi o
sözlerden howatyrlanýardy. ―Eger maşgalanyň
beýleki ýarysy hem gelip çökäýse, onda biziň
maşgalamyz gedaýlyk edibermeli bolar‖.
298
Gelen gününiň ertiri Hanmämmet öý eýesi
bilen ikiçäk galyp, geljekki ýaşaýyş hakda maslahat
etdi. Günemma dolar ýaly näme etmeli? Gazançly
bir iş tapylmazmyka? Nireden bir sümelge
gurunmaly?
Öý eýesi: ―Gowuja atyň bar ekeni . Şony
sataly. Öý dikeli, soňuny soň görübereris‖ diýdi.
―Hanmämmediň atyny aljak ýokmuka?‖ diýip, öý
eýesi oba adamlaryndan soraşmaga gitdi.
Hanmämmedem daşky sekide ýeke özi gaty kilimi
dyrmalap otyr. Şo mahal gedaý pisint bir kişi
göründi. Onuň gür şaç-sakgaldan ýaňa diňe gözleri
ýyldyrap görünýärdi hem-de jüýk burny tüýden
çykyp durdy. Ol ―Bäri gel‖ diýip, Hanmämmede
yşarat etdi.
─Sen Hanmämmet dämi?
─Hawa, sen kim?
─Men bir ötegçi. On gün içinde yzyňa geç.
Jezaňy çek. Geçmeseň, içiňi
gurşundan
doldurarlar, eşitdiň dämi?
--Geçmerin.
─Onda günüň sanalgy, kelemäňi gaýtaryber.
Gedaýa meňzeş kişi öýleriň arasynda ýitip
gitdi. Hanmämmedi agyr der basdy. Ol zordan sekä
gelip oturdy. Näme etjegini, neneň çykalga
tapjagyny bilmedi. Ol hiç-hiç beýle bolar
öýtmeýärdi. Hangülli wakany ol öý eýesine-de
299
aýtmandy ahyry. Hanmämmet ýene kilimi
dyrmalap başlady. Aşyrberdi bilen Begmämmet
gelip onuň ýeňinden çekende, ol ukudan oýanan
ýaly boldy.
─Kaka, haçan Daýna gaýdýas?
─Bu taýy gowy däl-läý .
─Bärik näme üçin geldig-aý?
Hanmämmet köp soraga bir jogap berdi.
Dogrusy, özüne – özi jogap berdi.
─Jaý salyp ýerleşsek, gül ýaly bolar.
Emma, hälki gedaýa meňzeşiň ―Günüň sanalgy,
kelemäňi gaýtaryber‖ diýen sesi ýene gulagynda
ýaňlandy. Hanmämmet ýola baka gorkuly garap
goýberdi. Ol bu sagada çenli oýlananda Daýnada
galan çagalaryna daýylary eýelik eder öýdýärdi.
Emma özüni öldürseler, bu iki çaga kim çörek
berer? Bu ýat ilde kim iki çagany duluna geçirer?
Hanmämmet içindäki tupana çydaman, özi
hem bilmezden, iki oglunyň başyny sypap-sypap
goýberdi. Gül ýaly höwürtgäni ýykanyna,
gyzyletene guş ỳaly çagajyklaryny gaty ýere
taşlanyna şu mahal düşünip başlady. Ol uludan dem
aldy. Iki ogluň ekabyrjasy Aşyrberdi kakasynyň
gamgyn halyny, gaty keýpsizligini duýýar. ―Kaka,
Daýna gaýdaly-la. Bu taýy birhili-le. Adamlaram
ýaman gorkunç-la‖.
300
Hanmämmet çagalary biri-birinden aýra
salmaly däldigine göz ýetirdi. Bu iki ogluny hem
araçäkden yzyna geçirip gaýtsa nädýä ? Emma o
taýy hem açlyk.
Kimiň ölüp, kimiň diri galjagy belli däl.
Şeýle ýagdaýda günler geçip başlady.
Hanmämmediň atyna hyrydar tapyldy. At puluna
çörek satyn alyp başladylar. Beýle ýandaky bir
boşlukda jaý salmaga hem girişdiler. Üstüni balyk
geriş edip basyrmak üçin Hanmämmet öý eýesi
bilen tokaýdan üç dört sany agaç çapyp, pudap
gaýtdylar. Agaç çalygansoň alyp gelip ulanjakdylar.
Bu arada on – ýigrimi gün geçdi. Jaýyň boýy ýetdi.
Hanmämmet : ―Günüň sanalgy, kelemäňi
gaýtaryber‖ diýlen owazy hem unudyberdi. ―Ýat
ýurtda beýle zat bolmaz-la‖.
Bir gün ir bilen Hanmämmet garyndaşyň
eşegini aldy-da, agaçlary getirmäge gitdi.
Günortana çenli bir gezek gidip geldi. Çaý-çöregini
iýdi-de, ikinji ýüki getirmäge ugrady . Agaçlary
eşege ýükläp, ugranda arkadan bir çybşyldy
eşidildi. Gaňrylanda şol gedaýa meňzeşi görüp
ýetişdi. Ol Hanmämmede çenäp, sapançany dört
ýola gysdy. Hanmämmet öňe ýykylyp, doňup
galdy. Gedaýa
meňzeş kişi Hanmämmediň kellesine sapançany
diräp, ýene iki gezek gysdy-da ýom-ýok boldy.
Eşek janawer agaçlary süýräp öýe geldi. Eşegi
görüp, Aşyrberdi bilen Begmämmet kakasy
301
gelendir öýdüp, ýola ylgadylar. Olar her näçe
gözleselerem kakalaryny görmediler, ol gözler
ömürlik ýolda galdy.
Şeýdip, iki ogul Eýranda hem garyp, hem
ýetim galyberdi.
*
*
*
Açlyk – iň gazaply hökümdar
Mekdebiň ähli okuwçysyny jemläňde otuzdan
geçmeýärdi. Bir gün ir bilen araçäkçileriň
komandiri atyny dabyrdadyp geldi-de, atdan
düşmän mekdebiň müdirini ýanyna çagyrdy.
─ Ähli okuwçyňy şu taýyk topla. Öten agşam
bugdaý hoşalaryny döwüp alyp ogurlapdyrlar. Çaga
aýak yzy bar. Men ogryny tapmasam bolmaýar.
─Siz ogryny nädip tanamakçy?
─Men ilki olaryň gözlerine bir bakaýyn. Ogry
göti gowşakdyr. Tapmasam, soň näme etjegimi
bilýän. Hany, ähli çagany meniň öňüme üýşür!
Müdir hor, ysgynsyz, eleşan oglan-gyzlary
otaglardan çykaryp, daşarda bir hatara düzdi.
Komandir batly gepläp başlady.
─ Eşidýäňizmi? Kim bugdaý ogurlan bolsa, elini
galdyrsyn. Özüm bilsem, ynha şu sapança bilen
302
ataryn ─ol sapançany gabyndan çykaryp, asmanda
bulaỳlap ỳene saldy, atdan indi-de jylawundan
tutup, her çaganyň gözüniň içine gahar bilen bakyp
başlady. Müdir çagalaryň gorkýanyny duýdy-da
komandiriň ýanyna baryp pyşyrdady: ―Ýoldaş
komandir, beýdip çagalary gorkuzmak bolmaz
ahyry‖. Komandir gaty gepläp jogap berdi.
─Hä, bugdaý ogurlanlarynda gorkmaýarlar, indi
gorkýarlar. Düşnükli-i. Hany, aýdyň, kim bugdaý
ogurlady?
Jogap ýok . Komandir çaga ýüzlerine birlaỳ
bakyp çykdy. Belli bir çagany öňe çykarmady.
─Agşama çenli şeýdip durarsyňyz. Kim meýdan
etse tezegini görkezip gidip biler. Tezegiňizi
görmesem, biriňizem gitmersiňiz. Düşnüklimi?
Müdir gaharly gepledi.
─Beýle zat bolmaz.
─Beýle zat bolar!
Komandir atyna böküp mündi-de atyny
müdiriň edil ýanyna sürdi. Sapançasyny çykardy.
─Seň özüň ogurlan bolmagyň hem mümkin.
─Çagalara ters görelde görkezmäli.
─Meniň
aýdanym
bolar.

tezegini
görkezýänçäler hiç ýaňa butnamazlar. Düşnüklimi?
Iýlen bugdaý tezek bilen çykar.
303
Müdir komandir bilen gidişme wagty däl diýip
oýlandy-da sesini çykarmady. Boş klaslaryň birine
girip gitdi. Komandir bolsa hatarda duran çagalara
ýigrençli bakyp at üstünde otyr. Çagalaryň içi
gysyp başlady, ýadadylar, gorkudan ýaňa ýüzüni
ap-ak edip, özünden gider hala gelenlerem bar.
Birahat müdir klasdan çykdy, gaharly ýöräp
komandiriň garşysyna geldi.
─Sen özüňe berlen hukukdan daşary hereket
edýäň. Çagalara zorluk edýäň. Men seniň üstüňdäki
komandirlere arz ederin.
─Eliňden gelse, asmany aşak çek. Harby
ýagdaýda harbylara boýun bolmaly bolarsyňyz .
Garşy giden gurşun ýuwdar – komandir ýene elini
sapançasyna degirip aýyrdy. Mekdep müdiri ak
saçly ýaşuly kişi ―goýsana‖ diýen manyda elini
silkip goýberdi-de bir ýana gitdi. Ep-esli salymdan
Dusýa doktor bile geldi. Dusýa daýza aňyrdan
gelşine gepläp başlady.
─Iwan, dälirediňmi? Näme üçin beýdýäň?
Munyň jenaýat ahyry. Çaga bugdaý iýenem bolsa,
bir ýarym günden çykýar, bilip goý.
Hany, çagalar, baryň, öýli-öýüňize gaýdaýyň.
Çagalar uly beladan sypan ýaly boldular.
Dusýa daýza eli ýeten çaganyň başyny sypap-sypap
goýberdi. Şonda ol Nurynyňam başyny sypaşdyrdy
we oňa örän mährem bakdy. Nury eleme-deşik
köýneklije, ýama-ýama balaklyjady, aýagy
304
ýalaňaçdy. Ýöreý-ýöreý aýagynyň aşagyny gara
gasyn tutupdy, çordan ýaňa derisi jaýryk-jaýrykdy.
─Hangülüň oguljygy bolsaň gerek. Bilip goý,
Nuryjan, men seniň göbek eneňdirin, orak orulýan
günleri bolupdyň, şu günki ýaly ýadymda. Bar,
oýnaber, Nuryjan.
Nury gamly gözlerini gyrpman, sözlemän
gitdi, onuň çep çigninde köneje matadan tikilen
torba asylgydy, içinde-de kitap-depderler bardy.
* * *
Atamyz armyt, enemiz hoz
Atasyzlyk, enesizlik, üstesine-de açlyk
çagalaryň çagalygyny elinden gaňryp alyp, olary
kiçijik boýlyja uly adamlara öwürdi. Daşyndan gaty
ýuwaşja görünýän Nury hem oglanlaryň yzyna
düşüp kolhozyň hozundan ogurlamaga gitdi.
Garawul görünmedi. Oglanlar jübülerine, köýnegiň
içine hoz salyp, beýleräkde bir bukuja ýerde, heniz
bişmedik hozuň daş gabygyny zordan aýryp,
ellerini ýüzlerini garaldyp, hoz döwüp, iýip hezil
edindiler.
Garyn doýsa, dünýä düzelýän ekeni. Oglanlar
garawulyň ýoklugyna begenişip gelişlerine
305
Nurylaryň köne mellegine, Baýlynyň armydy
diýilýän ýere geldiler.Nurynyň atasy Baýlynyň ekip
giden armytlary has üýtgeşik miwe berýärdi. Entek
bişmedik bolsa-da oglanlar armytlary ýolup-ýolup
iýýärdiler. Bir gezekki armyt iýişlikden soň,
dymmaja Nurynyň başyna bir pikir gondy. Onsoň
ol bir armydyň sapagyna kendir ýüp daňdy-da
aşagyndan ýol geçýän bir toraňňa mündi. Eýläkbeýläk bakyp uzak oturdy. Ahyry bir ýaşuly eşek
üstünde zordan oturyşyna toraňňynyň aşagyna geldi
weli, Nury maýyny tapyp, ýaňky sapakly armydy
aşak sallady. Armyt eşeklije ýaşulynyň silkmesine
düňk etdi weli, o ýaşuly tisginip, elini telpegine
ýetirdi. Nury hezil edip ýylgyryp, armydy ýokary
çekdi. Bir salymdan bir garryja mama zordan ýöräp
toraňňynyň aşagyna ýetende Nury ýene armydyny
sallady. Bu gezek mamanyň başyna degmän onyň
çignine degdi. Mama armydy görüp galdy-da:
―Toba etdim, Allajan, toba etdim. Gözüme
görünýän zat ýagşylyga bolawersin. Özüň penaňda
saklaweri, Allajan‖ diýip samyrdap gitdi.
Nury geçegçä garaşyp uzak oturdy. Ahyry,
ýadap, ajygyp agaçdan düşdi. Ýene Baýly atasynyň
armytlarynyň birine mündi-de, birküç sany armyt
alyp düşdi. Şo mahal beýle ýandan geçip barýan
ýaşulyny görüp tisgindi. Ýaşuly kolhoz bagynyň
garawulydy. Ol Nura ýakyn gelip durdy.
─Hany, aýt bakaly, hoz ogurlaňda ýanyňda kim
bardy?
306
─Hiç kim.
─Indi hoz ogurlama, eşitdiňmi?
─Men ogurlamadym-a.
─Ýalan sözleme. Hoz ogurlamadyk bolsaň, eliň
garasy nireden geldi. Alty oglan bolup baranyňyzy
görüp otyrdym. Degmäýin-le, aç çagajyklar bir
gezek garnyny otarsynlar diýdim. Indi barsaňyz,
syrtyňyza ot basylan ýaly ederin.
Ýaşuly gitdi. Nury bolsa eliniň garasyny häzir
görüp, geň galyp, ýaşulynyň yzyndan garap galdy.
Nury öýlerine gidesi gelenok. Ol öý onuň üçin
dowzah ýaly görünýär. Gaty sowuk, gaty
içgysgynç, gaty gamgyn. Öýe bardygy ejesi ýada
düşýär. Ejesiniň donuny, ketenisini gördügi aglasy
gelýär. Şol keteniň, şol donuň içinde ejesiniň janly
keşbi görünýär. Ol Nura şeýle bir mährem bakýar
weli, Nury aglamajak bolup, zordan saklanýar. Ol
wagtal-wagtal ―Eje-e‖ diýip, içinden çykdygyça
gygyrasy gelýär.
Bir gün öýde doganlarynyň hiç biri ýokka,
Nury ejesiniň ketenisini aldy-da, ysgap gördi
─ejesiniň ysy burnuna, beýnisine urdy. Nurynyň
gözleri süzüldi, ol ejesiniň gujagyna girende şol ys
duýulýardy, ejesi ony dolap alyp saçlaryny,
ýaňaklaryny, arkasyny sypaşdyrýardy. Nury häzir
şu pursatda ejesiniň gujagyna giräýjek ýaly, ejesi
ony dolap alyp özüne çekäýjek, bagryna basaýjak
ýaly boldy. Hat-da endam-jany gurşup gitdi. Nury
307
ketenini ýüzünden aýryp bilmän uzak durdy. Soňra
keteniniň keşdeli ýakasyny sypalady.
Eger Nury suratkeş bolup, şu ketenini çekse
hem-de öz göz öňünde janlanýan ejesiniň keşbini o
ketenä ýerleşdirse, Nury o suraty her wagt görüp
biljek.
Nury ketenini goýdy-da okuw torbasyndan
galam-kagyz çykaryp o keşdeleri kagyza göçürjek
bolup, dyrjaşyp başlady. Galam onuň isleýşi ýaly
çekmedi. Nury galam kagyzyny goýdy-da ýene
ketenä topuldy. Ony ýüzüne örtüp, ýene ejesiniň
ysyny alyp aglady. Gözýaş baryny dökdi. Ol
hökman suratkeş bolar. Ejesiniň suratyny çeker.
Onsoň islän wagty ejesiniň keşbini aýyl-saýyl
görüp biler. Soň her doganyna-da şeýle surat çekip
berer.
Wah, şu mahal Maýa jigijigi bolan bolsady,
has gowy bolardy. Oňa-da bir surat çekip bererdi.
Kakasy ýitensoň, ejesi ýogalansoň, Maýa jigisine
Begistan daýza bakardy. Ýöne köp-köp aglap,
soňam öläýdi-dä. Ýöne Nury ejesiniň suratyny
çekensoň, Aşyrberdi bilen Begmämmet doganyna o
suratlary nädip gowşurjagyny bilmedi. Nury olaryň
niredediginden habarsyz. Kakasy ỳitende ol ikisiniň
hem ýitenini bilýär.
Nury
ejesini,
kakasyny,
Aşyrberdini,
Begmämmedi hem-de üç aýlykka aýrylan Maýany
göresi gelýär, olaryň ählisini ýene öýde jemläp,
öňki ýaly ýaşasy gelýär.
308
Şo mahal oglanlaryň biri uzakdan gygyrdy.
─Nury, gele-eý, durna geçýä. Sanaly, ti-iz gel!
Nury daşary ylgady. Eýýäm bäş-alty oglan
Dänegulyň depesine çykyp, asmana bakyşyp, ala
şowhun turzuşýardylar. Nury o taýa tiz bardy.
Asmandan durnalar hatar-hatar, topar-topar bolup
uçup barýardy. Oglanlar ilki olary sanajak
bolýardylar. Ýalňyş sanap jedelleşýärdiler, onýança
o hatar durna geçip, başga bir hatar uzakdan
görünýärdi. Şol hatardan özlerine durna
saýlaýardylar. ―Meniňki bäşinji durna. Meniň
durnam ýedinji‖ diýen ýaly. Nury bolsa asmana
bakyp durşuna, şo durnalara meňzäsi geldi, şolar
ýaly uçasy geldi. ―Durnalar näme üçin ýokardan,
uçýakalar?
Nämüçin
göçýäkäler?
Nireden
gelýäkäler? Nirä barýakalar? Durnalar nämüçin
hatara düzülýäkäler?...‖
Durna gördüm aỳagynda naly bar,
Ganatynyň müň ỳerinde haly bar,
Zordan uçup gelmiş, çala jany bar,
Ah, durnam! Wah, durnam! Jan saňa
gurban.
Bir hatar gelende Nury hem özüne durna
seçindi. Onuň durnasy aýratyn, has owadan, has
309
uly. Az salymdan onuň durnasy hatardan yza galdy,
soňam ok geçen ýaly, kelemenläp gaýtdy. Nurynyň
keýpi bozuldy, durnasy atylandyr öýtdi. Ol gözi
bilen durnany yzarlap, barha ýakyndan, barha aýylsaýyl gördi. Durna kelemenläp gelşine uzagrak bir
tokaýa gaçdy. Nury sesini çykarman şo tarapa
ylgap gitdi. ―Durnam ýaraly bolandyr. Bejersem,
sagalsa, ýene uçup gider.‖ Oglanlar onuň yzyna
düşmediler.
Gün batansoňam öýe gelmedik Nuryny
doganlary, goňşular zordan tapyp, öýe getirdiler.
*
*
*
Frontdan bir maýyp geldi, agşam onuňkyda
aýdym-saz etmekçi boldular. Baýlyny çagyrdylar.
Ol Nuryny hem ýany bilen äkitdi. Darajyk jaýda
gyslyşyp oturyşlaryna, Baýly gijäniň birwagtyna
çenli aýdym aýtdy. Nury bolsa onuň çep ýanynda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.