Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20

Total number of words is 3226
Total number of unique words is 1789
28.4 of words are in the 2000 most common words
40.4 of words are in the 5000 most common words
48.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
sazlaryny eşidip, aglamajak bolup has beter
aglarlar. Sebäbi o sazlar indi Nury ýokka bütinleý
başgaça eşidilýärdi.
Tabydy gezek-gezegine göterişip barýan
erkekleriň tas ählisi diýen ýaly Nury bilen
baglanyşykly adamlardy. Olar Nury bilen sataşan
pursatlaryny ýatlaşyp, Nurynyň beýikligine,
hakykatda-da
gaýtalanmajak
beýik
kompozitorlygyna täzeden göz ýetirýärdiler.
458
Durmuş hernäçe hileli, hernäçe jebirli bolsada, Nurynyň başyny egip bilmändigine, Nuryny
üýtgedip bilmändigine akyl ýetirýärdiler.
Nury hakda köp zatlara doly akyl ýetirmäge
Nury gidensoň rugsat berlene çemlidi.
Nurynyň jesedini toprak astynda goýup, yza
dönenlerinde şahyrlaryň gözýaşy eýýäm şygyr
şekline girip başlapdy.
Geldi Bäşiýew:
Öz-özi üwrelen sallançaklarda
Kemal tapan gerçekleriň biri sen.
Nury! Seni tabşyrsakda zemine,
Dünýäden gideňok, baky diri sen.
Atamyrat Atabaỳew:
(N.Halmämmet bilen söhbetiň täsirinden dörän
goşgy)
…Özüň hakda öleňden soň ỳazyljak
bar zady öňünden okasaň, bilseň.
Özüň okap görüp öz nekrologňy,
459
arkaỳyn ölseň
ỳa-da ölmeseň…
Allaýar Çüriýew:
Wagt boldy, gideýin men, hoş indi,
Ýürek köşeş, keç ykbaldan nalama.
Bu gün ýene ýolagçy men daglara.
Nury dogan, Daýna barýan salama!
Gylyçmyrat Kakabaýew:
Eşitdiň özgeleň eşitmedigni,
Özgeleň aýtmadyk aýdymyn aýdan,
Ýöne seniň aýdyp ýetişmedigňi
Indi kim aýdarka, indi kim aýdar?!
Daýnaly Çary Kulyýew:
Dünýä döräli bäri,
Ýaňlanyp duran ýaly,
460
Meşhur Nury didämiň,
―Keç pelegniň‖ owazy.
Baba Annanow:
Kä buludy basýar asmandan aşak,
Kä deňzi göterýär asmana garşy,
Ne gije ýatuw bar, ne gündiz oňa,
Nury Halmämmedi şol gözläp ýörşi.
Bäşim Ödek:
Çyn saz Allaň gudratydyr, çyn saz Allaň owazy.
Ony ile ýetirip ýör mukamlaryň pirleri.
Nury Halmämmediň köňlem Hakdan şeýle
dogaly:
―Nury! Ynsan kalplaryna sen saz bolup girmeli!‖
Onsoň bir ajaýyp saza öwrülip,
―Joşmadyk joşdurmaz‖ diýdi-de Nury,
Şo-ol joşa salyp ýör ynsan göwnüni.
Myrat Diwanaýew:
461
(Sazy we sözi özüniňki)
Sensiz gadam urýas,
Ýatdan çykaňok.
Ýene gama batýas:
Wah, diňe sen ýok.
* * *
Guburyň gumy kem-kem guraşdy. Kämahal
guburyň baş ujuna goýlan gül göründi. Şahyr
Allaýar Çüri Sumbaryň boýundan bir çynar
nahalyny getirip, mazaryň başujuna oturtdy.
Ýadyňyzdamy, Nury oglanjykka Sumbaryň
kenaryndaky tokaýda biten bir çynar bilen boý
deňeşdirerdi.
Soň mazar başynda Nura meşhur heỳkeltaraş
Nurmuhammet Ataýewiň ýasan ýadygärligi dikildi.
So-oň soň haşal otlaryň, tikenleriň zamanasy
başlandy. Diriliginde Nura azar ýamanyny
berenleriň täze nesli ýetişdi. Olaryň biri mazar
başyndaky ýadygärligi kesip-goparyp, alyp gitdi-de
ýenjip, eredip, satyp goýberdi.
Nura ölensoňam rahatlyk bermediler. Muňa
jany ýangynly heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýew
täze bir ýadigärligi öz hasabyna oňaryp, metaldan
guýup, mazar başynda dikdi. Aşgabadyň 11-nji
mikroraýonynda Nury Halmämmedowa ajaýyp
462
ýadygärligi hem ussat Nurmuhammet Ataýew
ýasapdy.
Şuňa-da şükür etmeli: Nurynyň jesedini
toprakdan çykaryp zyňmadylar. Paganininiň
jesediniň elli alty ýyllap ondan-oňa süýrele-süýrele
jaýlanyşy ýaly. Alla saklasyn!
O döwür ỳokarda oturanlar bir kelle agyrydan
dyndyk diýşen bolmagy hem mümkin.
Şeýle-de bolsa halk Nuryny özüne iň ýakyn
kompozitor hasaplaýar. O hakda köp-köp
makalalar,
radio-telegepleşikler
ýazyldy,
duşuşyklar, konkurslar guraldy. Gysga filmler
surata düşürildi. Ýöne olaryň köpüsi Nurynyň
biografiýasyna, filosofiýasyna çuňlaşyp bilmedi.
Nuryny Bäherdeniň Mürçe obasynda, Baýramalyda
doglan diýip görkezdiler . Doglan ýylyny, gününi
hem 1940-njy ýylyň 24-nji fewraly diýip ýazdylar.
Elbetde, Nurynyň özi hem öz biografiýasyna
parhsyz garapdyr. Onuň familiýasynyň Halmämmet
däl-de Hanmämmet bolmalydygyny Daýnalylar
açyk aýdýarlar.
Nurynyň 1938-nji ýylyň 20-nji iýunynda
Daỳnada doglandygy
kinorejissỳor Şyhmyrat
Annamyrat
tarapyndan dokumentler esasynda
anyklaşdyryldy.
Bu nämäni aňladýar?
Bu Nury Halmämmet hakda heniz düýpli bir iş
edilmänligini, onuň çuň, giň biografiýasynyň doly
463
dikeldilmänligini,
ähli
saz
notalarynyň,
fotosuratlarynyň
bir
ýere
toplanyp
çap
edilmänligini, ylmy taýdan düýpli öwrenilmänligini
aňladýar. Onuň belli-belli sazlarynyň radioteleprogrammalarynda berilmegi, entek Nurynyň
görkezildigi, açyldygy däl.
Gysgajasy, Nury häzirem eýesiz.
Aýdaly, Nury türkmen däl, Türkmenistanlam
däl, Germaniýada, Awstriýada, Italiýada ýa-da özge
bolmasa Russiýada doglan kompozitor bolsady.
Şonda-da Nura şeýle göwnibir garalarmydy? Ýok.
Hiç mümkin däl. O milletler öz beýiginiň
beýikligini, şeýle beýikleriň tutuş milleti ýokary
göterýändigini örän gowy bilýärler.
Nury Halmämmediň öz eli bilen ýazan
notalary, Nurynyň çalan pianinosy, Nurynyň okan
kitaplary we şuňa meňzeşler hakda hiç bir
gürrüňem ýok. Aýratyn muzeýi hakda-ha aýtmagyň
hem geregi ýok.
Türkmenistandan iki ädimlikdäki dogan
halkymyz Azerbeýjanlylaryň öz beýiklerini neneňsi
sylaýşyny bir görüň. Kompozitor Rejep Allaýarow
bir gezek meniň Bakuwa gidýänimi bilip, ―Kyn
görmeseň, meniň mugallymym Kara Karaýewiň
başujunda meniň adymdan bir doga okasaň‖ diýip
haýyş etdi. Men dostumyň haýyşyny bitirmek üçin
Kara Karaýewiň mazaryna bardym. Şeýle bir nepis,
şeýle bir belent, şeýle bir gymmat baha ýadygärligi
garşymda görüp, doňup galdym. Men Kara
464
Karaýewiň mazaryndaky ýadygärligi
Halmämmediň mazaryndaky ýadygärlik
deňeşdirdim we başymy salladym.
Nury
bilen
Şu mahal daşary ýurtdan bir beýik adam gelip
Nury Halmämmediň mazaryna zyýarat etmek
islese, biziň nähili kyn güne galjakdygymyzy göz
öňüne getirmek hem kyn.
Aslynda, häzirki nesil Nury Halmämmediň
nirede ýatanyny bir biýärmikä?
Ynha, medeniýet sözi nireden urup çykýar.
Jemgyýeti medeniýet dolandyrýar.
Syýasatyň
hem
özeni
medeniýet.
Ykdysadyýeti pese gaçan döwletler üç-bäş ýylda
özüni düzedip bilýärler. Emma medeniýeti pese
gaçanlaryň halyna aglasyň gelýär, sebäbi
medeniýeti dikeltmek üçin onlap-ýüzläp ýyllar
zerur. Kähalatda mümkin hem däl.
Meniň bu sözleýänlerim medeniýetiň elipbiýi,
sadaja arifmetikasy, goşmak-aýyrmagy.
Dünýä belli balet tansçysy, ―Watanym,
Türkmenim‖ diýip, zar-zelil bolup, 1980-nji
ýyllarda Türkmenistana gelen Rejep Abdyýew
Nury Halmämmediň sazlaryny başyna täç edinesi
gelýär. 1989-nji ýylda Magtymguly adyndaky
opera we balet teatrynda ―Soňlanmadyk aýdym‖
atly balet goýýar. Nury Halmämmedowa
bagyşlanan o baletde Nury Halmämmedowyň we
465
oňa meňzeş medeniýet ynsanynyň ýagtylyk,
ýagşylyk üçin göreşleri görkezilýär. Balet Nurynyň
sazlary bilen bezelýär. Hudožniklik işini Berdi
Amansähedow ussatlyk bilen bitirýär. Emma bu
balet ne kino lentasyna, ne-de wideo düşürilipdir.
Rejep Abdyýew, beýik ussat, öýsüz-öwzarsyzlygy
sebäpli, näme etjegini bilmän, ýene Russiýa, gelen
ýerine gitmeli bolupdyr. Ony ýere düşürmän, gapyp
alypdyrlar. Jaý meselesini çözüpdirler. Biziň beýik
Türkmenimiz hakda iki telefilm alypdyrlar, uly-uly,
abraýly teatrlarda çykyş etdiripdirler, onuň
tejribesinden
peýdalanypdyrlar.
Soň
Rejep
Abdyýewi baletiň öýi Italiýa çagyrýarlar. Ol
italýanlara bäş ýyllap baletiň syrlaryny öwredýär.
Ynha, şol beýik baletçi Rejep Abdyýew Nury
Halmämmet hakda 1990-njy ýylda ýatlama ýazýar:
―Diri wagty ony kyn ýagdaýda goýdular. Oňa her
ädimde badak atdylar. Ony çinowniklerem, dost
diýilýänlerem ―bogdular‖... Munuň üstesine, Nury
ýokary wezipelilere uýgunlaşmandy, olaryň öňünde
ýaranjaňlyk etmändi... Nura hapa ýöňkemek üçin
edilen aladalar, wagtyň görkezişi ýaly, biderek
boldy. Halmämmedowyň sazyny respublikanyň ähli
ýerinde bilýärler, gowy görýärler.
Oňa ýaşap ýören wagty, ýüzüne ―Nuryjan, sen
geniý!‖ diýilmelidi...
Adam ruhunyň düýbüne palta uraýmaly däl-ä.
Biz öz halkymyzy sylamzok. Ruhy garyplygyň
nämä getirýändigini hiç kime düşündirmek zerur
466
däl. Ruhy garyplykda täze Halmämmedowlara
Nuryňky ýaly ykbal garaşýar.‖
Bu sözleri aýdanda beýik ussadyň ýana-ýana
jowrananyny göz öňüne getirmek kyn däl.
Soňra Nury Halmämmet hakda kinooçerkler
edildi diýäýmeseň, kompozitoryň ady kölege tarapa
süýşürilip başlady. Nury Halmämmediň ady
dakylan Aşgabatdaky çagalar sazçylyk mekdebi
ýapyldy, Nury Halmämmedow adyndaky halkara
konkursy hem dowam etdirilmän togtadyldy.
Emma sazlaryny weli, halkyň ýüreginden
sogrup bilmediler. Ýönekeý daýhan hem o sazlara
gulak berdi, ýüregine siňirdi.
2008-nji ỳylda Nury Halmämmediň doglanyna
ỳetmiş ỳyl bolanda medeniỳetiň beỳik aşygy we
hemaỳatkäri
Çary
Şirliỳew
meşhur
kompozitorymyz bilen bagly dürli suratlary ilkinji
gezek çap edip halka ỳaỳratdy. O suratlary saz
söỳüjiler öz öỳüniň iň görnükli ỳerlerinde goỳdular.
Meşhur pianistkamyz Orazgül Annamyradowa
Nury Halmämmediň sazlaryndan düzülen konsert
gurady. O sazlar täze nesliň hem ỳüreklerine
häkimlik edip başlady.
Nury Halmämmet,
ýitmez derejä ýeten ekeni.
*
467
*
dogrudanam,
*
ölmez-
Meşhurlygyň syry nämede?
Bu örän kyn sorag . O syry hiç kimiň doly
açyp bilmejegi belli. Sebäbi genileriň döreýşi
düşündirilip bilinmez.
Şeýle-de bolsa her kompozitor, her saz
öwreniji, her sazanda bu soragdan sowlup geçesi
gelenok.
Belli dirižýor Aşyr Hojatow şeýle diýýär:
―Saz başlap-başlamanka Nurynyň sazyny
tanap bolýar. Ol örän ýokary Ýewropa
professionallygyny örän ýokary millilik bilen nepis
birleşdirmegi ussatlarça başardy. Bu köplere
başartmaýar. Nury bolsa şeýdip öz sazlaryny
klassik derejä ýetirdi hem-de muny özi duýmakdan
çäksiz bagtlydy. Nury öz beýikligini özi bilýärdi‖.
Türkmen aýdym-sazyny professional derejede
çuňňur bilýän saz öwreniji we dutarçy Öwezmyrat
Gandym:
―Nury Halmämmediň sazlarynyň jadylaýjy
güýji nämedekä? Türkmende ýaňy ýola düşen
sazanda göwni ýetilende: ―Hä, öz-ä çagalykda
dutaryň sapyndan dişläne meňzeýär‖ diýilýär. Nury
hem şolardan. Nurynyň döreden eserleriniň
süňňünde diňleýjiniň gulagy ganan dutaryň täsin
öwrümleri, onuň nepis nagmalary ýatyr. Ol
nagmalaryň ösen saz medeniýetiniň Nura mahsus
468
tärleri bilen baýlaşdyrylmagynda jadyly sungat
gözelligi bardyr. Türkmeniň sadaja senedinden
ylhamlanyp, Nurynyň täze bir saz gudratyny
döredendigine göz ýetirmek bolýar.
Aslynda, Nury Halmämmedow kinoda sazy
hemaýatçy wezipesinden baş gahryman derejesine
ýokary göteren beýik ussatdyr.
N. Halmämmedow sazy arkaly öz adynyň
dünýä saz medeniýetiniň ägirt uly wekilleriniň
hatarynda goýulmagyny gazandy.‖
Nury Halmämmet hakda döwürdeşleriň
ýatlamalaryny toplan saz öwreniji Jemile
Gurbanowa:
―Kompozitor Nury Halmämmedowyň milli we
Ýewropa däp-dessurlaryna esaslanan eserleri XX
asyryň sazynyň klassiki nusgalary bolup galdy.
N. Halmämmedowyň döreden eserleriniň sany
we žanrlarynyň dürli-dürliligi haýran galdyrýar.
Onuň saz sungatynyň ýüzlenmedik ýekeje ulgamyda ýok – simfoniki orkestr üçin eserler, balet,
kamera-instrumental we wokal-simfoniki eserler,
dürli saz gurallary üçin pýesalar, kinofilmler üçin
sazlar we beýlekiler. Kompozitoryň döredijilik
meýilnamasynda fortepiano konsertini, ―Ýyl
pasyllary‖ atly kantatany, ―Görogly‖, ―Nejepoglan‖
operalaryny, ―Ýusup-Zylyha‖ baletini döretmek
pikirleri bardy...
469
Nury Halmämmedowyň baý döredijilik
mirasynyň agramly bölegi hökmünde fortepiano
eserleri türkmen saz medeniýetiniň hazynasynda
örän uly orun eýeleýär. Fortepiano – kompozitoryň
söýgüli saz guralydyr. Şeýle hem Nury
Halmämmedow öz döreden eserleriniň köpüsiniň
ilkinji ýerine ýetirijisidir. Pianinony çalmagyň
dürli-dürli usullarynyň, saz guralynyň owadan
owazynyň tembr baglanşyklarynyň, dinamiki
täsirleriniň ulanylmagy, adaty bolmadyk ýiti
häsiýetli
usullaryň
gözlegi
fortepianonyň
özboluşlylygyny N.Halmämmedowyň örän gowy
bilýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmen
professional
sazynda
Halmämmedowyň fortepiano üçin iň bir meşhur
pýesalarynyň biri – ―Dutaryň owazydyr‖. Bu saz
türkmen saz medeniýetiniň taryhyna iň ýokary
kämillikdäki eser hökmünde girdi. Onda dutardaky
ses alyş tärler, dürli elementler fortepiano sazyna
mahsus bolan ýerine ýetirijilik usullary arkaly
özboluşlylyk bilen beýan edildi.
N. Halmämmedowyň ―Dutaryň owazy‖ eseri
1962-nji ýylda A.I.Haçaturýanyň baş eminliginde
geçen Bütinsoýuz bäsleşiginde hormatly diploma
mynasyp bolýar. Ol fortepianonyň çeperçilik we
―kakylyp çalynýan‖ mümkinçiliklerinden giň
peýdalanýar. Türkmen fortepiano sazy üçin täze
bolan bu şekillendiriş serişdeleri eseriň milli
häsiýetini dürli öwüşginlerde açyp görkezýär.
470
Kompozitoryň döredijilik aýratynlygynyň özeni,
―hamyrmaýasy‖ bolan dutaryň täsin nagyş ýaly
owazyny janlandyrýan ―Nurynyň meşhur trelleri‖
dökülişip ugraýar. Yzly-yzyna sahylyk bilen
seçelenşip barýan şol trelleri diňläniňde, özi dutarçy
bolmasa-da, awtoryň dutar sungatynyň ähli
inçeliklerine şeýle derejede içgin aralaşyp bilşine
haýran
galýarsyň.
Munuň
şeýledigine
kompozitoryň belli ―Dutaryň owazy‖ sazyny
eşideniňde-de, ―Şükür bagşy‖ kinofilminiň
tolgundyryjy sazyny diňläniňde-de ymykly göz
ýetirýärsiň. ―Nurynyň dutary‖ elmydama göçgünli
ýaňlanýar. Dutar owazynyň aýratynlyklaryny ýüze
çykaryp, kompozitor simfoniki orkestri tutuşlygyna
bitewi saz gurallary hökmünde düşündirýär. Başga
bir kompozitor simfoniki orkestrde dutar owazyny
döretmegi, belki, skripkalaryň ygtyýaryna bererdi.
Sebäbi göräýmäge, kirişli saz gurallary şol owazy
döretmäge beýleki saz gurallaryndan has ukyply
ýaly bolup duýulýar. Emma kompozitor N.
Halmämmedow, dutaryň partiýasyny üflenip
çalynýan saz guraly bolan alt fleýtasynyň üsti bilen
berip, türkmen dutarymyzyň geň galaýmaly hakyky
obrazyny döredýär. Bu bolsa kompozitoryň
orkestrowka meýdanynda-da özüni ussat pälwan
hökmünde tanadandygyny aýdýar.
Ömrüniň
ahyrky
ýyllarynda
N.
Halmämmedow ―Aýgytly ädim‖ baletini ýazyp
tamamlady. Soňra ony simfonik orkestr üçin
täzeden işledi. ―Hirosimanyň we Nagasakiniň
471
çagalarynyň diňläp ýetişmedik aýdymlary‖ diýen
wokal toplumy N. Halmämmedowyň döredijiliginiň
täze tapgyrynyň başlangyjy bolup durýar.
Kompozitoryň durmuşdan ir gitmegi täze
pikirleri we maksatlary amala aşyrmaga
mümkinçilik bermedi, ýöne welin, iň gowy milli
däp-dessurlarda berlen N. Halmämmedowyň
Döredijilik mirasy sazandalaryň we saz söýüjileriň
köp sanly nesillerini tolgundyrmagyny dowam
etdirýär. Romantiki dünýägaraýşyň içinde folkloryň
özboluşly peýdalanylmagynda öz beýanyny tapan
çeper diliň tapylgysyzlygy onuň sazyna hakyky
―halk‖ owazyny berýär.
Nury Halmämmedowyň döredijiligi – diňe bir,
nota geçirilen, onuň baý mirasy däldir. Bu şeýle
hem, sungata, saza wepalylygyň, wagtyň ussada
näderejede täze we täze güýç berendiginiň
mysalydyr. Onuň sazy – bizi ata Watanyň
medeniýetiniň beýik däp-dessurlary bilen üznüksiz
baglanyşdyrýan zynjyryň iň bir wajyp halkasydyr.
Onuň döredijilik mirasy bakylyga ymtylýan
üýtgeşik baý ruhy çeşmedir. Ol halk aýdymsazlaryna
çuňňur
hormaty,
halk
bagşysazandalarynyň sungatyna bendiligi, uly nesliň
ussatlarynyň derejesine hormat-sarpany özünde
jemleýän giden bir dünýädir. N.Halmämmedowyň
döredijiligi, türkmen halkynyň ruhy hazynasynyň
bir bölegi bolmak bilen, munuň özi geçmişi, häzirki
döwri we geljegi özara baglaýan uly ruhy güýçdür‖.
472
Kino öwreniji Gapbar Hümmedow:
―Aslynda kino üçin saz ýazmak aňsat däl. Bu
sungatda ähli zat matematiki hasap boýunça ölçenip
edilýär. Mysal üçin, režissýor filmiň haýsam bolsa
bir sahnasyny sepläp gutarandan soň, ony
kompozitora görkezip, saz ýazyp bermegi haýyş
edýär. Şol sahna, mysal üçin, 15 sekunt ýa-da 1
minut 50 sekunt bolmagy mümkin. Kompozitor, şol
sahnada bolup geçýän waka laýyklykda, başy,
ortasy, soňy bolan gutarnykly saz ýazmaly. Bir
sekunt kem bolmaly däl, bir sekunt artygam.
Kompozitor Nury Halmämmedowyň milli
kino sungatynda bitiren işleri aýratyn belläp
geçmäge mynasypdyr. ―Şükür bagşy‖, ―Aýgytly
ädim‖, ―Keç pelek‖, ―Mukamyň syry‖, ―Gorkak
batyr‖ ýaly filmler barada gürrüň açylanda, dessine
N. Halmämmedowyň sazy ýada düşýär. Söýgüli
türkmen kompozitor özüniň gysga emma manyly
ömründe kino sungatynyň çeper, dokumental,
multiplikasiýa filmleriniň ýigrimiden gowragyna
saz ýazýar.
Kino üçin ilkinji sazyny N. Halmämmedow
1963-nji ýylda ýazýar. Onuň kino sungatynda
döredijilik ýoly Bulat Mansurowyň ―Şükür bagşy‖
atly çeper filminden başlanýar. Bu eserde, elbetde,
kino režissýoryň, operatoryň ussatlygy görünýär.
Emma filme saz ýazan kompozitoryň tagallasy has
uludyr. ―Şükür bagşy‖ filmini sazsyz göz öňüne
getirmek mümkin däl.
473
Saz bile köp işleşen režissýorlaryň biri Alty
Garlyýewdir. 1965-nji ýylda ol N. Halmämmedowy
―Aýgytly ädim‖ filmi döretmekde kompozitor
hökmünde
gatnaşmaga
çagyrýar.
Atlaryny
çapdyryp söweşe barýan türkmen ýigitlerini
suratlandyrmak üçin kompozitor simfoniki orkestre
agaç gutujyk (bloc de bois) atly saz guraly goşýar.
Bu kompozitorçylyk usul şekil bilen sazyň
jebisleşmegine getirýär.
Kinorežissýor Osman Saparowyň ―Gorkak
batyr‖ (1982) filminde N.Halmämmedow saz
seslerinden başga-da tebigatyň seslerinden we
şakyrdylardan giň peýdalanýar. Mysal üçin, ol
simfoniki orkestrdäki saz gurallarynyň üsti bilen
―çölüň aýdymyny‖, ümsümligini, ýapraklaryň
ygşyldysyny,
ýeliň
şuwwuldysyny,
itleriň
üýrmesini hem-de goýunlaryň mälemesini ussatlyk
bilen suratlandyrdy. Bu sesler saz bilen
utgaşdyrylyp
filmiň
döredýän
emosional
duýgularyny güýçlendirýär.‖
Kompozitor Suhan Tüýliýew:
―Nury Halmämmedow ─ gysga ömründe baý
saz mirasyny galdyryp, türkmen saz sungatyny
dünýä derejesine çykarmakda uly iş bitiren ýokary
derejeli
professional
kompozitordyr.
Halmämmedowyň sazlary, ony diňlän ýer
togalagynyň dürli künjegindäki saz muşdaklarynyň
kalbyny ajaýyplygy bilen özüne maýyl edýär we
474
üýtgeşik adamsöýüjilik mähri bilen çoýmagyny
dowam edýär.
Ol dürli žanrlarda işlän kompozitor. Onuň
galamyndan balet, simfonik, wokal-simfonik,
kamera-instrumental, kamera-wokal eserleriniň,
kinosazlarynyň
ençemesi
çykdy.
Olary
baglanyşdyrýan esasy zat – kämillik we öz
halkynyň içgi dünýäsini, filosofiýasyny we
psihologiýasyny açyp görkezýän millilik.
Kompozitoryň sazlarynda ulanylýan saz
serişdeleri hakynda aýdylanda, ilki bilen onuň
düzen toslanmadyk, çuň millilige ýugrulan
heňlerini we heň öwrümlerini bilmek gerek. Dünýä
saz taryhyndan mälim bolşy ýaly, owadan we ýatda
galyjy, täsirli heňler esasynda düzülen sazlar
elmydama öz awtorlaryna şöhrat getiripdir.
N.Halmämmedow romantik häsiýetdäki we
mazmundaky eserleri döredipdir. Ol polifoniýanyň
tilsimlerini, esasan bolsa, sazy akordlar bilen
garmoniýalaşdyrmak usullaryny ulanýar. Onuň
akordlary aýratynlykda, biri-biri bilen sepleşende
ýa-da birnäçe akordlar birleşdirilende peýda bolan
sazlaşyklar
elmydama
islegliligi
bilen
tapawutlanýar.
Türkmen dutarynyň saz keşbi onuň
döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ol
ýaşuly kompozitorymyz Daňatar Öwezowyň
―Dutaryň owazy‖ kantatasynda tapan dutar
fakturasyny öz fortepiano we simfoniki sazlarynda
475
şahyranalyk bilen ösdürmegi başardy. Aýdylanlara
kompozitoryň fortepiano üçin ―Dutaryň owazyny‖,
simfonik sazlaryndan ―Türkmenistan‖ simfonik
şekillerini, 1-nji simfoniýasyny, ―Şükür bagşy‖
kinofilmiň sazyny we başgalary mysal alsa bolar.
N. Halmämmedow söýgüli saz guraly bolan
fortepiano bilen deň hatarda wokal žanrynda halkyň
söýgüsine mynasyp bolan dürli göwrümdäki
aýdymdyr romanslary we wokal toplumlaryny
döretdi. Aýratyn hem oňa simfonik orkestr üçin
döreden eserleri mizemez şöhrat getirdi (Onuň
kinofilmlere ýazan sazlaryny hem simfonik orkestr
ýerine ýetirýär).
Simfonik orkestr şu güne çenli adam aňynyň
döreden iň kämil, öwüşginlere iň baý saz gural
toplumy bolmaklygyna galýar. Ony öz halkynyň
dilinde gepletmek bolsa milli kompozitoryň
döredýän
eserlerine
bagly
bolýar.
N.
Halmämmedow simfonik partituralaryny adaty
orkestr üçin ýazan hem bolsa, orkestriň heniz äşgär
edilmedik milli saz guralymyzyň ruhuny orkestriň
serişdeleri
arkaly
ussatlarça
beýan
etdi.
Kompozitoryň orkestrde arfa saz guralyny ussatlyk
bilen ulanyşy aýratyn hormata mynasyp. Onuň
arfada alýan akkordlary arfa bilen bilelikde ýüregiň
taryna kakyp gidýär.
Edebiýatda we sungatyň dürli pudaklarynda
beýik şahsyýetleriň döreden ajaýyp eserlerinde
bolşy ýaly, N. Halmämmedowyň öz sazlarynda
476
ulanan saz serişdeleri hem tebigy sazlaşygy bilen
haýran galdyrýan we ýaş nesil üçin beýik nusga,
özboluşly mekdep bolup durýar‖.
*
*
*
Nury öz sazlary arkaly dag ýaly gamyny diňleýji
bilen paýlaşdy. Diňleýji bilen gam alyp-berişdi.
―Gam alaryn, sataryn‖ diýen Garajaoglan ýaly. Ol
öz ykbalyny saz bilen ýazan adam.
O sazlarda gam bilen şatlyk şeýle bir bile
ýugrulypdyr weli, edil durmuşyň özündäki ýaly
bolupdyr.
Nury Halmämmediň sazlarynda ähli zat
filosofiki reňke boỳalýar. Ol bizi pelsepe deňzine
oklaýar. Şonuň üçinem biz o sazlara paýhasly
sazlar diýip bilýäris.
Edil hakykatda bolşy ýaly, Nurynyň
sazlarynyň aslynda, arkasynda, kölegesinde ynsan
bagty we betbagtlygy ýatyr.Güneş hernäçe
mylaýym bolsa-da uzakdan gara bulutlar görünýär.
Bagt hem-de betbagtlyk bir ojagyň başynda
otyr. Ol ynsanyň iki goly ýaly. Nury bu pelsepäni
öz sazlarynda beýik bir ruh bilen berip bildi.
Onuň sazy ynsan bolup ýaşamagyň neneňsi
çylşyrymlydygyny duýdurýar. Öz halyňa, il halyna
begenjegiňi, gynanjagyňy bilip bolmaýan ahwaly
beýan edýär.
477
Nury bu durmuşda şeýle bir ýürekden
şatlanasy geldi, emma her gezek bu şatlyk ýarym
çykdy. Sazlarynda-da her begenje, umyda gam
kölege berýär.
Nurynyň göwün isleýän begenji çagalygynda
paltalanypdy.
Nurynyň sazy enäni küýseýän balanyň owazy,
balany küỳseỳän enäniň owazy. Nurynyň
sazlarynda biri aýdym aýtsa-ol aýdymy ejesi
aýdýar, biri läle kaksa, o läle ejesiniňki, biri
hüwdülese – ejesi hüwdüleýär, Nurynyň kyrk
günlük jigijigi Maýany hüwdüleýär.
Nury Halmämmediň tebigaty duýşuna akyl
ýeter ýaly däl. Şo sebäpli onuň sazynda ýaz şemaly,
güýz şemaly öwsüp dur, o saz dury suwda akyp
barýan sary ýaprak, ömrüň geçip barýanyny
duýdurýan jaňjagaz, dag başyndan däliräp inýän
derýa. Nury dünýedäki ähli derýalary Sumbardan
kiçi görýär. Sebäbi, Nuryny joşduran, Nura ganatýelken beren o derýa . Oglanka görüp, soň
ömriboýy küýsäp, görmäge zar bolan derýasy.
Nury bütin dünýäni, gözel-gözel köşk-saraýly
şäherleri bir ýana goýýar, dogduk obasy Daýnany
öz ýanyna goýýar. Nury üçin Daýnadan gudratlykeramatly ýer ýok. Eger Daýna bolmadyk bolsa,
Sumbaram beýle gözel, beýle mukaddes bolmazdy.
Daýna! Daýna!!
Daýnadan başlanýar
478
Dünỳä.
Nurynyň sazlarynyň baş nyşanasy – ýürek,
ýürek, ýürek.
Kompozitor saz duýgularynda şeýle bir
ýumşaklyga, şeýle bir näziklige, inçelige aralaşýar
weli, sesi duýýan iň näzik gül bolan mimozalaram o
näziklige haýran galýar.
Nury saza şeýle bir çuň çümdi, şeýle bir çuň
çümdi, soňunda ol sazyň özüni görmegi başardy. Ol
sazyň çöwre tarapyny, töweregindäki höwürlerini
hem gördi.
Pikiriň çürbaşyna ýeteňsoň, ondan ýokarda
Nury Halmämmediň sazy beýgelip başlaýar.
Nury Halmämmediň sazy-joşgunly duýgy sili.
Türkmen sazyna örän çuň düşünen hem-de
ony örän çuň söýen kompozitor Nury Halmämmet
boldy. Pianinony beýleki kompozitorlarymyza
garaňda gaty ussat çalan hem Nury boldy.
Ol ―İlki söz bolupdyr‖ diýýänlere ―İlki saz
bolupdyr, soňra söz bolupdyr, ýene saz bolupdyr‖
diýen adam.
Nury ömriboýy bu dünýäde ýaşandan öz
dünýäsinde köp ýaşady. Ol öz dünýäsinden
kämahal bu dünýä garap goýberýärdi. Örän syrly,
alasarmyk, köňülsiz we sowuk dünýäni ýokardan
synlaýardy.
479
Nury Halmämmediň meşhurlygynyň syryny
açyp bildikmi? Ýok-la. Ony Nury Halmämmediň
özi hem aýdyp bilmezdi. O syry diňe ýürek syzýar.
O syry Nura beren beýik Alla açyp biler.
Kompozitoryň tutuş döredijiligini birlaý nazardan
geçirseň, duýgy eleginde eleseň, onuň şeýle baý
hazynasynyň
barlygyna,
joşgunly
çeşme
ýalydygyna göz ýetirýärsiň.
Emma o baýlyk doly ulanylmady. Muňa Nury
Halmämmediň ýetimligi, garyplygy, ýalňyzlygy,
onuň ỳoluna daş oklananlygy sebäp boldy.
Bir oýlanyp görüň, ahyry. Nury bilen näçe
sazlar gitdi?!
Saz dünýäsi nähili ýitgä sezewar boldy?! Bu
diňe Nury Halmämmediň tragediýasy däl, bütin
milletiň tragediýasy. Adamzat, gör, näçe eşretden
mahrum boldy.
Ýogsa, Nury Halmämmet ömrüni saza bagyş
etdi. Onuň üçin bu dünýäde diňe saz bardy, sazy
söýýänler-söýmeýänler bardy. Çaga ýürekli ynsan
bütin ömrüni bu dünýä bilen öwrenişip bilmän
geçirdi.
Dünýädäki her bir gözýaş Nurynyň ýüregine
damýardy.
Her niçik bolsa-da, Nury Halmämmet
Türkmen geçmişini, geljegini saza çuňňur siňdiren
kompozitor bolup ýetişdi.
480
Ol
Türkmen
durmuşynyň
sazly
ensiklopediýasyny döredip gitdi. Hut şoňa görä-de
halk ony özüne iň ýakyn milli kompozitor saýýar.
Ol Türkmeniň dünýäden giň ýüregini saz bilen
dolduryp gitdi.
Dünýä söýse-de, dünýä düşünse-de Nury
Halmämmediň
sazlaryny Türkmen bolup
diňläýseň!
Hormatly okyjym!
Ynha,
meşhur
Halmämmediň
beỳik
tamamlandy.
kompozitor
köňlüne
Nury
syýahat
―Nury Halmämmet we kinofilmler.‖, ―Nury
Halmämmet we Atageldi Garýagdy‖, ―Nury
Halmämmet we Gurbannazar Eziz‖, ―Nury
Halmämmet we Medeniýet Şahberdiýewa‖, ―Nury
Halmämmet we Annaberdi Atdan‖, ―Nurynyň
maşgala taryhy, Eýranda galan we bärdäki
doganlarynyň ykbaly‖, ―Nurynyň dostlary‖ diýen
bölümler hem ýazylyp bilnerdi. Men zeýrenýän
ýaly bolmasyn diýip, okyjynyň özi göz ýetirer
diýip, Nury Halmämmet bilen bagly käbir wakalary
hem ýazman goýdum. Esasy maksadym-Nury
Halmämmediň ýüregini açmak, görkezmek boldy.
481
Eger o beýik köňlüň müňden bir zerrejigini okyja
ýetirip bilen bolsam, özümi bagtly saýaryn.
Gelejekki beýik ýazyja bir haýyşym bar: Men
Nury Halmämmet hakda gysga ýazdym. Sen
gyssanman, o ýüregiň syrlaryna çuň aralaşaweri.
Indi TÜRKMEN durmuşy
NURY HALMÄMMETsiz mümkin däl.
_________
482
Mazmuny
1.Yene bir gün………………………..3
2. Işk damjalary……………………..23
3. Watan mukamy…………………..43
4. Sibire syýahat…………………….56
5.Alty daýy…………………………136
6.Şeýtany öldüren…………………..146
7.Mazarsyz galan adam…………….153
8.Türmä dutarym bilen girmäge
rugsat beriň……………………….171
9.‖Magtymgulynama‖romanyndan
parça……………………………...174
10.Ömrüm kitap sahypalarynda……180
11.Meniň başlyklarym……………...199
12.Hajy Bekdaş Weli……………….228
13.Aýtmatow-zamanamyzyň
Jelaleddin Rumysy………………231
14.Garajaoglan-söýgi derýasy………238
15.Nury Halmämmet……………....244
_________
483
484
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.