Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03

Total number of words is 3669
Total number of unique words is 2163
29.5 of words are in the 2000 most common words
42.1 of words are in the 5000 most common words
48.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Allajan! Watanymy alma, janymy al!
______________
55
Sibire syýahat
Powest
Ýyl müň dokuz ýüz togsan.
Dünýäde ýeke-ýalňyz galan Esen boldy.
Esende iç döküşer ýaly dostam ýok, aýaly hem
ynanmakdan geçen, gaýta, jabşynyp ýüzüni alýar.
Ol gije-gündiz çykalga gözledi, gözledigiçe-de ähli
ýollar petik göründi.Göwni çöke-çöke çöketlige
döndi. Şol günleriň birinde aýlyk berilende kassir
köpük ýerine lotereýa biledini berdi. Ýöne Esen
öýe gelip Güljahana aýlygyny berende ony
görkezmedi. Sebäbi öň bir ýola-da Esen lotereýa
alanda utmady welin, Güljahan ―Utmaýan lotereý
alypsyň‖ diýip, Esene gan gusdurypdy.
Onsoň Esen utuşa umytly garaşyp, gije-gündiz
küýi-pikiri
lotereýa
biledinde boldy.Ahyry,
tablisaly gazet gelende poçtalýon lotereýany
barlap, Ýeniseý derýasy boýunça syýahat etmek
üçin bäş ýüz segsen alty manatlyk putýowka
utanlygyny aýtdy welin Esen şobada öýe
ylgady.Güljahana buşlady öýdýän, derrew ikisi
56
ylgaşyp geldi.Güljahan poçtalýondan çintgäpçintgäp sorady. Puluny haçan alyp bolýanyny bilesi
geldi. ―Munuň puly berilmeýär. Diňe syýahata
gidäýmeli‖.
Güljahan bilen Esen belli karara gelibilmän
uzak oýlanyp gezdiler. Olar Ýeniseý diýen sözi
birinji gezek eşidýärdiler. Onsoňam derýada
gezelenç etmeli bolsa peýdasy ýok. Ne magazin
bardyr, ne-de bazar. Ýöne bäş ýüz segsen alty
manady-da köýdüräymek bolmaz ahyry.Gowusy,
muny bilýän adamdan soramaly diýen netijä
geldiler.
Onsoň Güljahan her ýyl gezelenje gidip,
dünýäni görüp ýören Meret diýen obadaşynyňka
Eseni ugratdy. ―Wah sen erniňi sallap gepleşibem
bilmersiň, içýakgyç!‖
Dogrudanam, Eseniň daş sypaty şeýle bir
ynam gaçyryjydy welin, mydama ýaňy ukudan
oýanan ýaly görünýärdi. Munuň baş sebäpkärem
Eseniň bol biten burnudy. Tebigatam birine bir zat
eçilse, ýöne göz çykgynçlyk ediberýär-dä. Eseniň
burny, edil ýöne, dar maňlaýi darka ýaryp, aşak
inip gaýdýar-da. Artist Mkrtçýanyňky ýalydyr
diýjeksiňiz. Oýuna-da golaýlaşmaýar, hatda şahyr
Resul Gamzatowam Eseniň burnuny görse
kemsinse gerek. Dogrusyny aýtsam, burunlak
pyýadalary bilen şöhratlanan, bütin Kawkazda-da
Eseniňki ýaly burunly kişi tapdyrmaz. Şonda-da
kakasy pahyr Esene ýemşik diýýän ekeni. Bäý-bää! Eger kakasy Esene ýemşik diýýän bolsa
57
kakasynyň öz burny dagy nähili-kä? Gören
adamlaryň aýdyşyça, onuň burny maňlaýdan has
ýokarrakdan, edil depe saçyny iki ýana serpip
gaýdýan ekeni diýýä. Kakasynyň lakamy ogluna-da
geçipdir: Esen burun. Süňksiz ýaly çigni çökük
durky, gysgajyk, çepiksiz göwresi hem munuň
üstesidi...
...Onsoň Esen ýagdaýy aýdanda, Meret
―Ýeniseý‖ sözüni eşidenden böküberdi.
–Baý-ba-a, bagtyň
çüwüpdir. Düşünseň,
Ýeniseý diýlen bagt how, tüýs bagt-da. Men oňa
ýetmiş dokuzda gidipdim. Bäh, Ýeniseý diýsene.
Eý, o taýlaryny görseň, agzyň açylar. Şeýle bir
owadan, şeýle bir owadan ýerler welin, yzyňa-da
gaýdasyň gelenok.
–Magazin, bazar bardyr-da?
–Ýogsam näme?! Uly-uly şäherler bar.
–Näbileýin, derýa diýseler suwdan başga zat
bardyram öýtmändirin.
–Gitgin. Gitmeseň ökünersiň. Ilki Krasnoýarskä
uçyaň, şo taýdanam gämä mündirerler. Baý
hezillikdir-ä. O-o Dudinka baranyňyzda dagy ulyuly buzlaryň üstünde ak aýylar çommalyşyp
oturandyrlar. Siz bolsa edil alkymyndan ýüzüp
hidersiňiz...
Esen Merediň gürriňine aňalyp galdy, henize
çenli diri aýy görmänsoň, bu syýahata hökman
gidermen boldy. Ol ak aýylaryň buz üstünde
näme iýýänini hut şu mahal bilesi geldi. Meret
onuň soragyna ýylgyryp jogap gaýtardy. ―Ak aýy
58
diýilýän gaty geň haýwan. Gyş düşüp, gar ýagyp,
asman zemin doňanda ak aýylaram gar astynda
doňup ýatýalar. Ýazda gar ereýär welin, ak aýylarada jan girýär.Onsoň indiki gyşa çenli gütür-gütür
gütürdedip buz iýýär-ä. Ýöne ak aýylar şekeladam
iýýär ekeni. Men-ä birküç kile şekelad alyp ak
aýylara zyňdym welin, ýaňky janawerler şeýle bir
tans edýä, şeýle bir tans edýä, edil ýöne pökgi ýaly
böküp dur-da‖.
Ýo-ok, Esen bu syýahaty sypdyrmaz. Ak aýy
ýaly gaty geň jandary diriligine görmegiň özi
dünýä degýär ahyry. Görýäňizmi, gyşda gar
astynda doňýar diýýä, gar ereýär welin oňa-da jan
giräýýä diýýä. Bäy, geň haýwan eken-ow. ―Men
Krasnowod diýlen ýere gideýin.‖
Esen, görgüli, uzak Krasnoýarskini, ýakyn
Krasnowodsk bilen çalşyrsa nädersiňiz?!
Güljahan egin-eşikler bilen birlikde oňa iki
sany un haltasyny hem taýýarlady. Güljahanyň
kellesine ýene bir pikir geldi. ―Oba içinde nähili
geýinse-de bor weli, ile çykanda galsuk diýilýäni
dakynsa gelşikli boljak‖. Onsoň Güljahan ýene
goňşulara baka ýüwürdi. Näçe öýden sorady welin
derek tapmady. Ahyry, mekdep mugallymlarynyň
biriniň öýüne baranda galstuk tapdy, emma
onuňam düwni çözülen ekeni. ―A gyz, düwni
çözülmedigi ýokmudy?‖ ―Wah, başga biri bar weli,
ony Aşyr dakynýa-da‖. ‖Onda şuny bir daňyp
bersin-dä‖. ―Daňyp bilýän bolsa özi dakynjak-la,
gyz.Öňküsinem şäherde birine daňdyryp getiripdi‖.
59
Güljahan daňylmadyk galstugy içege ýaly
düýrläp alyp gaýdyşyna, ýene öýme-öý aýlanyp,
galstuk daňybilýäni gözlemeli boldy. Uzak gözledi,
ýadady. Baran öýlerinde galstuk daňyp bilmeg-ä
beýlede dursun, gaýta: ―A gyz, bu galstuk diýýäniň
köýnegiň özüne tikilgi bolýandyr öýderdik‖
diýişdiler. Güljahan şonda hälki daňylmadyk
galstuk beren aýala öz
ýanyndan käýindi.
―Berdiňmi, düzüwli galsuk ber-dä. El ýaly esgidir
weli,şonam ―ärim dakynýa‖ diýen bolup bermedi.
He-eý gysganç artybe-eý! Özüniň ýumşy düşäýse
bo-or, şonda haklaşaryn, haram, ýelni kesilmiş!‖
Ýo-ok, zeýrense-de, hünürdese-de, käýinsede Güljahan galstuk daňyp bilýäniň üstünden
barmady. Aýasynda myjar-myjar bolan galstugy
Eseniň maňlaýyna atyp urdy. ―Al uçguryňy. Sen
mydama maňa azar-da. Oba
söküp, aýagym
gurady, şol artyby daňybilýäne mergi degipdir.
Mergi degmişler!‖ Esen
heniz
galstuk
dakynmansoň, boýnuna galstuk dakynsa, demi
ýetmän bogulyp öläýjek ýaly bolup ýördi. Gowy
bolaýdy. Ol galstuksyz gitjegine şükür edip
otyrka, Güljahan galstugy tasanyp aldy-da Eseniň
gezmäge geýip gitjek penjeginiň jübüsine düýrläp
dykdy.―Obadan çykdygyň daňybilýän tapyp
hökman dakyngyn. Nä günlük bilen tapylanyny
bilýämiň?! Geleňde dagy galsuksyz göräýsem,
göni, boýnuňy ýolaryn‖.
Güljahanyň gahary barha möwjäp gidip
barýardy, hälem şo mahal kolhozyň kärdeşler
60
arkalaşygynyň başlygy gelip, Esene iki ýüz manat
kömek berilýänini aýdansoň, Güljahan ýumşaýdy.
Öň-ä bäş ýüz segsen
alty manatlyk mugt
putýowka, üstüne-de iki ýüz manady goşdy weli,
gös-göni ýedi ýüz segsen alty manat boldy
duruberdi. Mugtja ýedi ýüz segsen alty manat.
Kime ýetdirer, kime berilýär munça pul?! Tas bir
müň manada ýakyn pul ahyry. Güljahan indi keremara
oturyp,
sargajak
zatlaryny
ýazasy
geldi.Artygyny satsada uly pul boljak. Öýi dörüp
bir tagta akja kagyz tapmady, onsoň magazinde
süyji salnyp berlen sary kagyzdan bir bölek ýyrtyp
alyp, ujy kütek galam bilen çyrşap başlady:
Üzümgülli çänekden ýigrimisini al.
Myrat daýyňky ýaaly elçyradan ikisini al.
Agaççemçeden ýüz sanysyny al.
Han ýlykdan onisyny al.
Gapagly kiçijik gazandan ikisini al.
Togsan bäşik çaýdan on kile al.
Pomark matadan ýigrimibir mitir.
Grasy zerli käse görseň elisini al.
Görkezenim ýaaly çaga eşigdan onisyny al.
Täşsoltan gelejeňki ýaaly teermisden bäşini al.
Maşyn iňňeden bäş paça.
Maňa arzan ýüň jempir al.Ýakaly.
Radyramyza on sany botariý al.
Özüňe gaýyş elik al. Arzanyny al.
Arzan eli sekiz köpüklik çit matadan alytmyş
mitir al.
61
Gaýdyşyn arzan magazin etinden ýigrimi kile
getir.
Kütek galamyň ýazmadyk ýerleriniň kagyzyny
deşe-deşe Güljahan, ahyry, sargydyny ýazyp boldy.
Ol bu kagyzy Eseniň gödensiz çemodanyna saljak
bolup otyrka, goňşy zenanlaryň biri geldi.
– A gyz, Güljahan, o Eseniň gitjek ýeri Siwir
diýilýän ýer diýýäler-le, gyz.
– Siwir nämişlesin?!
-Näbileýin, oglum şeý diýýä. Tussaglaryň
iberilýän ýerimiş diýýäler.
Tussag sözi Güljahana ýaramady.
– Agzyňy haýyr açaweri. Esen şi bäş ýüz segsen
alty manat itdy weli, birentek göribiň gözüne
basylaýdy.
– Goýaweri, Güljahan. Göriplig-ä sürtseňem
ýokmaz.
Goňşy zenan ýaglygynyň ujuna
dolanan iki külçäni uzatdy. ―Al, Güljahan, şuny
Eseniň goşuna salyp goýber. Çörek ähli belany
gaýtararmyş. Süýtläpjik bişirendirin. Onsoňom şi
üç manady alsyn-da, kyn görmän, maşyn iňňe
getirewersin. Gelnim kütek iňňeler bilen kösenip
bir hal bolýa. Onda sag-aman gidip gelsin.‖
Güljahan sesini çykarman, iki külçe bilen üç
manadi Eseniň çemodanyna saldy. Sibir sözi,
tussag sözi öňi-soňy oňa ynjalyk bermedi. O taýa
gidip talanyp ýörenden, Eseni syýahatdan alyp
galaýsa näderkä? Şeýdip,bäş ýüz segsen alty
manady elinje köýdüräýmeli bolarmyka? Ýok-la.
62
Bir erkegiň
ornunda durup bilmejek bolsa,
Eseniňem gözi çyksyn. Onsoňam tussag diýlen
türmededir-dä, gezelençde göri gazylmandyr-a.
Her niçigem bolsa, ätiýajy elden bermezlik
üçin Güljahan Eseniň türsisiniň çermeginiň çöwre
çetine kiçijik jübi tikip, ähli pullary şoňa epläp
saldy. ―Agzyňa siňek gonduryp ýörmegin! Ör-rän
ykjam bolgun. Ogry-jümri barlygyny duýdugyň,
puluňy görkezäýmegin. Onsoňam şi sargalan
zatlardan başga zada bir köpügem harçlaýma!
Güljahan omyn etmek üçin gollaryny
jüpläp açdy-da pessaý sözledi –Ýoluň ak bolsun,
ýoldaşyň hak bolsun! Hudaý ýoluna bir tamdyr nan.
Bar, sag-aman gidip gel.
Esen özi bilen boýdaş çemodany göterip ýola
düşdi.Güljahan Eseni ugratsa-da ugratdy weli,
ynam
etmeýäni
üçin
ynjalyk
tapmady.
Ynamsyzlygam är-aýallygyň ilkimji gijesinde
başlandy. Ilkinji gije soňky takdyryň tas ählisini
kesgitleýär diýilýän dogry boldy öýdýän. Şo
gijeden bäri Esenden ýaňa Güljahanyň göwnünde
uly oýuk galypdy...
Öýde gelni bilen ikiçäk galan ilkinji
minutynda Eseniň eli-aýagy baglanan ýaly boldy.
Ol gelne tarap garaman,diwarda asylan öz
portretine,bir nätanyşa bakýan ýaly, bakdy durdy.
Ýeňseden gelin bakyp durandyr öýdübem gaty
tolgundy. Arkadan gaty ýogyn sesli biri ―Özüňi
tanajak bolýamyň?‖ diýip gepledi welin, bu sesiň
gyz sesidigini ýa-da erkek sesidigini hem aýyl63
saýyl edip bilmän tisginip gitdi. Ýöne öňi-soňy
gelnine bakyp bilme-di. Gelin emaý bilen ýöräp
geldi-de portret bilen Eseniň aralygynda, edil sim
agaç dikilen ýaly bolup duruberdi. ―Aý, oglan, iýipiçesiň gelenokmy?‖diýip, Eseniň gözüne şeýle bir
aldajy bakdy welin, Esen özüni lampa ýere
göýberäýdi. Gelin Eseniň bu nalajedeýinligine,
üstesine-de öz göz öňüne getirişi ýaly syratly ýigit
däldigine, çaksyz burunlaklygyna, göýdüjek, ýetim
guzy ýaly ýygrylyp duran
oglanlygyna
ýeňsedamary gatap başlady. Dogrusy, bir görenden
Esene göwni ýetmän ugrady.Esenden welin jogap
bolmady. Gelin çyrany öçürdi-de sessiz-uýnsüz
ýatyberdi. Az ýatdy, Esenden ses-seda çykmady,
köp ýatdy, Esenden ses-seda çykmady. Gelin
towlanjyrap, agyr dem aldy. Ol ene öýünde uzak
oturyp-oturyp, ahyrynda özüne ýeten paýa göwni
ýetmän ýatyşyna, öňi-soňy öz ýanyna ýigidiň
gelerine, süýji-süýji söz aýdaryna garaşdy. Şol
gelse ähli ahmyrlar zym-zyýat bolaýjak ýalydy.
Ýöne gelin uzak garaşdy. Daşardaky toý gowry
ýatyşdy. Nirededir bir ýerde şagal uwwuldady,
soňra traktoryň tarryldysy aýyl-saýyl eşidildi.
Esene bu ses ähli owazlardan ýakymly boldy. Oňa
bir hili rahatlyk aralaşdy. Şonda: ―Şu gelýän ses
meniň traktorymyň sesi-dä‖ diýdi.
Garaňkylykdan ―Traktor sürýäňmi?‖ diýen ses
eşidildi.
– Hawa.
– Aýlygyň näçe?
64
– Sallah diýip tutýalar, bolmasa iki ýüzi
tegelejek.
– Ýaga bulaşyp bar alýanyň iki ýüzmi?
– Geldi jalaý dagy-ha şoňa-da ýetirip bilenok.
– Geldi jalaý kim?
– Geldi jalaýy tanaňokmy? Juma jalaýyň ogluda.
– Tobe-eý, senden özgeleriň bary jalaý öýdýän.
Adyň Esenmi?
– Hawa, Esenmuhammet. Öz adyň näme?
– Şu çaka cenli adymam bileňokmy?
– Biri Jahan diýdi, biri Gözel diýdi, näbleýin-dä.
– Maňa Güljahan diýäý.
Çatynjalaryň gürrüňi şeýdip alyşyp gitdi.
Olar ertir dünýäsi giňäp turdylar, hatda Eseniň şo
gödensiz burnuna hem Güljahanyň mähri gitdi.
―Erkek bolar–gödeksi bolar-da. ―At ýagşysy
erinlek, är ýagşysy burunlak‖ diýipdirler‖ diýip
göwnüne goltgy berdi. Emma Güljahan täze obany
gördi-bakdy weli, obada ala köpegiň hormaty
bardy, emma Esende hormat ýokdy: uly-kiçi ähli
adam Esene diýjegini diýýärdi. Özem äsgermän,
kinaýaly sözleşýardiler. Muňa Eseniň samsyklaç
haýal gepleýşimi ýa-da hiç kime gaýtawul bermän
ötsüz gezip ýorşümi, garaz, bir zat sebäp bolýardy.
Bir öýüň lälijegi bolansoň, okuw-dokuw bilenem
ugry bolman, pikirsiz-gaýgysyz ulalansoň, Aýdan
düşen ýaly, hiç işiň başyny çatyp bilmeýärdi.
Onsoň, gepläbilmeseň, bu zamanda başga gep
ýassyk gözleýärlermi, näme?!
65
Ynha, şo günleriň birinde traktorçy
ýetmezlik etdi welin, kolhoz ýolbaşçylary Eseni urtut traktorçylyk kursuna ugratdylar. Üç aý geçipgeçmänkä-de dolanyp geldi, onda-da gaty
badyhowa geldi. Edil kosmonawtlygy tamamlan
ýaly-da. Gelşine oňa täzeje traktor berdiler. Esen
ses üýnüni çykarman, il-günüň aýdan-diýenine
gulak gabartman aldygna işläberdi, aldygna
işläberdi. Onsoň muny ilki bilen brigadir duýdy,
soň baş inženere, başlyga--da ýetdi. Ýaňky Esen
baýrak
baryny
alyberdi, ony
ýygnaklarda
öwüwerdiler. Öňler özi hakdaky gep-gürrüňe
äwmän, gaýta
ýyrşaryp
ýören
Esen indi
öýlenensoň , özi hakda, öldür, bir agyz gepletmejek
bolýar, abaýlanyp görýär, bolmasa özi turýar-da
ötegidýär. Oglanlar bolsa oňa bakman, gaýta, barha
beter kejeleşýärler. Güljahanyň henize-bu güne
çenli görlen gyzlaryň hilinden bolman, şilliň
uzynlygy hem gepbaşy bolýardy. Onsoň deňduşlary Esene degip başlaýardylar.
– Tüýs erik kakdyrybermeli gelin eken-ow.
– Esenjan, gelniňi simagaç deregine ulansaň
nädýä?
– Esen gelni bilen dik durup ogşaşjak gümany
ýok.
– Nämçin? Merdiwan dirär-de ýokary çykyp
ogşar durar.
– Ýak he-eý beýdenden düýe çokeren ýaly
çokerse amat bolmazmy?
66
– Bä-äý, Burun han, şo gelniňi çörekden
doýraýjak bolsaňam-a hepdäňe bir halta un gider.
– Sen, gowusy, gelniňi montýorlyga geçir. Agaja
çykmak aladasy bolmaz.Duran ýerinde simleri
çatsyn dursun.
– Özä-hä gaty gazaply gelne çalym edýä. Eseniň
burnuny törpüläp inçeldäýmese.
– Siz Eseniň gelnini geň görmäň-ho-ow. Onuň
uly uýasy mundanam uzynmyş diýýä. Düýä dagy
eşege münen ýaly münüp gidiberýamişin.
Emma oglanlaryň akly gözünde. Eseniň ýanynda
Güljahany gördükleri
dymyşyp otyrlar.
Güljahandan eýmenýärler, onuň bilen agyz
deňärden ejizdiklerini duýýarlar, diňe juda
ekabyrraklary, ýaňsa alyp Esene ―siz‖ diýip
ýüzlenen bolýar. ―Siziň traktyryňyz remontdan
çykdymy?‖ Muňa beýlekiler pyňkyryşýarlar.
Güljahan bir zatlar duýýar,emma entek açyk
pyşgyrybilenok. Ol Eseni hernäçe ýigrense-de, il
gözüne, gowy görýän adam bolan bolýar, Esen
hakda ýaramaz söz aýtman, diňe ýagşy söz tapýar.
Özi bolsa gijeden-gije Eseniň gulagyny, baý,
gazalaýar-a.
– Sen oňly adam bolsaň bu çaka çenli öýlenmän
oturmazdyň.
Esen bu igençleriň uzaga çekjegini bilýär-de
dymýar. Ýogsa, olam: ‖Senem gowy gyz bolsaň,
munça uzak oturmazdyň‖ diýip bilerdi ahyry.
*
67
*
*
Samolýotda Esen bir aşyk-magşugyň ýanynda
oturmaly boldy. Ýigit bilen
gyz
bir-birege
kellesini degrişip, sähel egilibräk oturyşlaryna
şeýle bir süyji, şeýle bir süyji pyşyrdaşýarlar, asla
olara päsgel beresiň geler ýaly däl. Esen
salondakylaar birlaý göz gezdirdi weli, köpüsi
galstukly adamlar. Onsoň ol jübisinde düýrlenip
ýatan galstugy eli bilen barlap gördi. Jübiňde
galstuk bolar-da dakynmasaň birhili bolar-a. Häzir
galstuk dakynyp oturar weli, olam ile deňleşäýer.
Ol galstugy emaý bilen çykardy-da,
golunda saklap oturşyna, ýene töwerege nazar
öwürdi. Aşyk-magşuk dünýäni unudyp şo-ol
tükeniksiz pysyrdaşyp otyrlar. Esen galstugyny
kime daňdyrsaka? Kime aýdanda-da müşgil iş dälä. Ýöne bir hatarda oturan galstukly goňşusy
barka, özgelerden haýyş edip dursa geň
bolmazmy?! Ol aşyk ýigide
gözüni
aýlap
goýberdi. Ýigit henizem başyny galdyrman, bir
zatlar gürrüň berip, gyzy güldüribilse armany
ýokdy. Bu ahwal Esene ýaramady. Ýanynda Esen
ýaly erkek kişi otyrka, o ýigit başyny sallap, bir
gyza ýalynjalyk edip oturmaly bolarmy?!
Esen emaý bilen ýigidiň bykynyna dürtdi.
Ýigit duýmady ýa-da duýmadyksyran boldy. Esen
ikinji gezek batlyrak dürtüp goýberende ýigit
gaharly öwrüldi.
– Näme?
– Aý şuny daňyp beräý diýjekdim. –Esen epinepin bolan galstugy görkezdi.
68
– Bor, daňarys-la. –Ýigit öz gözeline tarap
dönüp, ýene gürrüňe güýmeniberdi.
Esen ýaňadan goňşysynyň bykynyna
kakmaga hyýallananda owadan gelin mährem
ýylgyryp suw hödürledi. Ol bir pyýala içdi welin,
gaňşyrawugyňy tütedip barýan suw-da. Ikinji
pyýalany-da icdi. Stýuardessa gyz deňinden geçip
gidiberende Esen ýanyndaky ýigidiň böwrüne
gyssanmaç kakyp,―Içseň-ä gaty gowy suwy barhow!‘ diýdi.―Taňryýalkasyn. Ikimiziň paýymyzam
sen içäý‖. Gyz eşidiler-eşidilmez jykyrdap güldi.
Tukatlyk. Her kimiň öz gürrüňdeşi, öz ýoldaşy
bar, käbiri bolsa hezil edinip uklap ýatyr. Olaryň
galstugy boýnunda, aladasy ýok. Esen bolsa
galstugyny daňdyrmaga-da adam tapanok. Içiňi
yakaýyn diýen ýaly ukusy hem
tutanok.
Samolýotyň ýakymsyz güwwüldisi-de ýürege
düşdi. Onsoň ol başga alaç tapman aşyk ýigidiň
çignine kakdy. Ýigit bu gezek gaharly bakdy.
– Halypa, senem gezelenje barýamyň?
– Ýok, agam, Sibire sürgün etdiler.
Esen onuň ýaňsysyna düşünmedi. Gyz ýene
jykyrdady.
– Näme, şu samolet Siwire eltýämi?
–Ýogsam näme?! Krasnoýarsk diýilýän Sibiriň
ortarasy-da.
Sibir sözi Eseniň gulagyny dyrnaçaklap
geçdi. Sebäbi obadaşy Meret maýrygyň otuz
ýedide gidip bir kem ýigrimi ýyl Sibirde gören
görgüleri hakdaky gürrüňlerini kän diňläpdi.
69
Üstesine bu ýigidem Sibire sürgün etdiler diýip duraý.Sürgün edilen bolsa boýnundaky galstugy nämä
derkarka? Ýanyndaky gyz näme? Ýigidiň sürgün
edilenini
o
gyz
bilmeýan
bolaýmasyn?!
Aslyýetinde, näme günäsi bolup sürgün edilýakä?
Eýýäm gyza tarap bakyp ituran ýigide Eseniň
nebsi agyrdy. Oňa kömek edesi geldi, emma anyk
näme etjegini bilmän uzak wagt aşak bakyp oturdy.
Ýöne ahyry,ýigidiňem, onuň ýanyndaky gyzyňam
keýpi köklügini ýatlap geňirgendi. Şo pursatda-da
ol galstugyny henizem daňdyryp bilmän oturanyny
duýdy. ―Siwir bolsa, Siwir bolsun. Sürgün bolsa,
sürgün bolsun. Galstugymy bir daňdyryp galaýyn‖.
Esen bu sapar, edil gapy kakýan ýaly, ýigidiň
pilçesine kakdy. Ýigit gaharly bakyp, Esene
näme diýjegini bilmän, haşşyldap dem aldy-da
kreslo ýaplanyp oturyberdi. Esenem onuň gaharly
bakanyny duýup, ―Gaýrat edeweri‖ diýýän
naýynjar görnüşe girdi. Onuň hiç söz aýdybilmän
oturanyny görüp, ýigit sözledi.
– Ýeri, agam, näme aýtjak-diýjek zadyň bolsa
şu mahal aýdyp gal! Soň
meň bilen işiň
bolmasyn!
– Gaýrat et-how, men-ä ýanymda goňşy bolup
oturaňsoň... neme-dä. –Esen düýrlengi galstugy
uzatdy –Şuny bir nemedişdirip berseň.
Ýigit gollaryny gaharly hereketlendirip
galstugy daňdy-da Esene uzatdy.
– Ynha, agam.
70
– Äý, kyn zadam däl eken-läý. Bir minitde
daňaýdyň.
Esen galstugyň halkasyny kellesinden
geçirjek boldy welin, burnuna gezek gelende
galstugyň halkasy sypaýsa nätjek?! Muny gören
ýigit galstugy alyp Eseniň boýnuna orap daňdy-da:
―Agşam ýataňda-da aýyraýmagyn‖ diýip, batly
çekip goýdy. Galstugyň dem gysgyçlygy hakda
Eseniň gümany dogry çykdy. Onuň barha dünýäsi
daralyp, gözi peträp başlady welin, zordan halkany
gowşadyp ýetişdi. Şondan soň Esen özüni il bilen
deň hasaplap uka gitdi.
*
* *
Krasnoýarskide Eseni on alty gatly
―Ýeniseý‖ myhmanhanasynyň ikinji gatyndaky bir
adamlyk otagda ýerleşdirdiler. Emma bu Esene
ýaramady. Özgeleri ikibir, üçbir jemläp, ýoldaşly
bolar ýäly edip ýerleşdirdiler, Eseniň bolsa ýeke
özüni bir jaýa salyp gugardyp goýdular. Onsoň
Esen otaga göz aýlady, penjirä bakdy. Penjireden
daşary çykdygyň başga bir jaýyň tekiz üçeginden
ýöräp gidibermelidigine geň galdy. Emaý bilen
penjiräni açyp üçege geçdi. O ýana, bu ýana
gezmeledi. Beýle ýanda merduwanam somalyp
göründi. Hany, o merduwandan düşseň nirä
barýarka? Hezillik bolaýdy. Göni
naharhana
barýan ekeni. Jaýyň içinde iki ädimden öwrülip,
aýlaw-aýlaw
basgançaklardan
münüp-düşüp
ýöreninden şu taýdan göni naharhana-da,
71
daşarygam çykyp boljakla‖. Onsoň Esen öz
otagyna şu tapan ýolundan girip-çykyp başlady.
Ýöne ýoldaşsyzlyk, üstesine-de dil bilmezlik Eseni
kösemek-köseýär-ä. Ol edil lallaryň hereketlenişi
ýaly edip duşündiräýmese, başga alajy ýokdy,
sebäbi rus dilinde diňe: ―dyrasty, pajalysta‖
diýmäni başarýardy. Şol günüň öýläni Esen eýýäm
bu taýa gaýdanyna ahmyr edip, aýagy bişen towşan
ýaly
zowzuldaýardy.Häzir türkmençe gepläp
bilýän ýekeje adam duşsa-da Esen ony başyna täç
edinjekdi.
Aşaky restoranyň şowhuny hem, ýylpyldaýan
gyzyl-ýaşyl yşyklar hem
Eseni özüne çekip
bilmedi. Kino gitmek, teatr görmek dagy onuň
ýadyna-da düşmeýärdi. Onsoň ol tukat halda
Güljahanyň sargytly kagyzyny alyp, doga ýat
tutýan ýaly, telim sapar okady. Emma şu gün
myhmanhananyň
töweregindäki
magazinlere
öwran-öwran girip-çyksa-da sargalan zatlaryň
birine hem duşmady. Ýagdaý öwerlig-ä däl. Hiç
zat alman, boram-boşja öýe baraýsa, Güljahan onuň
boýnuny towlap, ýuzüni ýeňsesine öwrüp
goýaýmazmy?!
Ol şeýle oýlar bilen Sibirdäki ilkinji gününi
geçirdi. Ikinji günem magazinlerde geçdi. Özäm
şowsuz geçdi diýäýmeli. Sebäbi Eseniň bu günki
söwdasy gapakly gazanyň ikisini almak bilen
tamam boldy. Ýöne ýatylmazynyn öň ýany bir
täzelik boldy. Eseni on altynjy gatda uç orunly
otaga göçürdiler. Esen otagdaşlary bilen elleşende
72
―Dyrasty‖ diýdi-de krowatynda oturdy. O ýoldaşlar
ýylgyryp, rusça bir zatlar diýdiler, emma Esen bir
sözem aýdybilmän, diňe ýylgyryp baş atdy. Şonluk
bilen tanyşlyk tamamlandy. Esen şo samolýotda
bile gelen türkmen ýigidini küýsedi. Şo ýigit
bolanlygynda bu kişiler bilen gepleşip-sözleşerdi,
nirede gowy zat satylyanyny sorap bilerdi. Ýatyljak
wagty Esen jalbaryny çykarsa-da köýnegini hem-de
boýnundan asylgy galstugy aýyrman ýatdy. Muny
gören iki kişi özara bir zat diýişdiler hem-de
gülmejek bolup, Esene tarap bakmajak bolup
dyrjaşyp, olaram ýorgana bukuldylar.
Otagdakylaryň üçüsem ýyly ýorgan astynda
meýmiräp ýatyşyna
bu
gijäniň neneňsi
tamamlanjagyny
bilmeýärdi, üçüsem diňe
ýagşylyga garaşýardy. Emma toplum-toplum
bulutlary ikä bölüp oturan myhmanhananyň on
altynjy gatyna Eseniň göçürilmegi bilen başlanan
belanyň ýamanlyk bilenmi, ýa gowulyk bilen
tamamlanjagy belli däldi. Esen gijäniň birmahallary
oýandy. Penjirä bakdy welin, şol öňki penjire.
Jahan ýagtylyberipdir. Ol ýokary bakyp az salym
ýatdy. Şol önki lýustra. Ýok-la, oýanansoň ýatmak
Eseniň işi däl. Dikelmese, edil ýöne süňkleri
owram-owram bolup barýar. Esen düşeginden
turup,uzyn-uzyn pallap gerindi. Soňra geýindi.
Özüniň öten agşam on altynjy gata göçürileni
Eseniň kellesin-de-de ýok, şo-ol penjiresinden
girip-çykyp ýören ikinji gatdaky otagydyr öýdýär.
Ana, onsoň ol gözüni açalak-ýumalak edip emaý
73
bilen penjiräniň birinji gabsasyny açdy. Düýn-öňňunki ädehedine görä bu gezegem emaý bilen
üçege ayak basýar-da çybşyldap baryp, şol önki
merduwandan düşer.Onsoň beýle ýand gar tutün
ýall bürelip oturan arçalyga siňer gider. Il ormänkä
işiňi bitirmeli. Arçalyk hezillik-le. Hälem Eseniň
bagtyna, hudaý şu tokaý döredäýipdir, ýogsa ol
aýak ýoluna nirä gitjegini bilmänem kösenjek-dä.
Esen penjiräniň ikinji gabsasyny hem emaý
bilen açdy. Ana, indi ýol açyk. Sowuk şemal öýe
kürsäp urdy. ―Düýnem howa ýylydy-la. Eger
tomsuň
güni
şeýdip
sowaberse, gowaça
ösübilmez. Güýzem ýagynly-aýazly bolar. Onsoň
ýetişmedik gowaçany ir sowuk ursa, hasylyň işi
gaýdar.Şu ýyl dagy gowy dahod alarmykak
öýdýädim. Birnemejik berse-ler, Güljahan jaý
saldyrjak diýýädi‖ diýip Esen obasyny ýatlady. Ir
bilen turanda oguljy-gynyň mys-mys uklap ýatyşy
göz öňüne geldi. Obadaşlary
birme-bir goz
öňünden geçdi. Işde günortanlaryna bir taňka çaýy
öňüne alyp, käsä bir gysym ýagly gowurma atyp,
çaý cörba edip iýişi ýada düşende, Esen gezelenje
gaýdyp, dek başyny gowga salanyna ahmyr etdi.
―Ýeri, gezelenje gaýdaňda orsça bilýän ýoldaşlyja
gaýt-da. Baý, indi şol samoletdaky oglan ýaňadan
duşaýmazmyka? Orsça bolsun, türkmençe bolsun,
ýöne şarlandyryp dur-da. Iliň çagasynyň kiçijigem
bela ýaly, orsça mujur-mujur mujurdaşyp durlar.
Aý, bolýa-da. Çaltrajyk gezelenç gutaryp, bizem
külbämize sag-aman dolanyp barsak.‖
74
Esen ilki çep ayagyny penjireden däşary atdy,
gollary bilen penjiräniň söýesinden ýapyşyp, sag
ayagyny hem daşary atjak bolanda jalbary bir zada
ilişdi, Esen ayagyny batlyrak çekende matanyň
jatyrdysy eşidildi. Onsoň ol yzyna gidip, ýaňadan
çykjak bolup çep ayagyny daşary atany hem şoldy
welin, ýatanlaryň biri oýanyp, şobada atylyp
geldi-de Eseni berk gujaklady, ýüregi ýarylaýjak
ýaly hassyldap ýoldaşyny oýardy.
– Wasya! Wasýa!!! Oýansana! Tiz tursana!
Eşidýämiň, bi ýoldaş özüni jaýdan oklajak bolýa!
Wasýa zaňňa turşuna olaryň ikisini hem bile
gujaklap otaga tarap çekdi.
– Özüni öldürjek bolýa. Eý, huda-aý, hälem
oýanaýdym. –Ýura gujagyndan
sypjak bolup
dyzaýan Eseni henizem pugta saklaýardy. Esen
bolsa özüniň neneňsi betbagtlygyň gyrasyndan
gaýdanyny gümanam etmän, iki ýoldaşyň bir
sözüne-de düşünmän, gaýta, bar güyjüni berip
penjirä dyzaýardy. Onuň pikiriçe, bu iki kişi Sibir
ogrularydy. Ogrular duýdurman Eseniň otagyna
giripdirler-de. Ine, häzirem ony talajak bolýarlar.
Wah, zadyny, puluny alsalar alyp geçsinler, özüni
goýberseler Esen razy-la. Ýöne olar Eseni baý
ykjam saklaýarlar-a. Näderkäler? Pyçaklaýsalar...
Indi şu taýda öläýmeli bolarmyka?! Maslygymy
tokaýa eltip taşlasalar, kim biljek, kim görjek?!
Aýylar iýer gider. Wa-aý, huda-aý!
Esen janhowluna: ―Wa-aý, huda-aý!‖ diýip
zarply gygyryp, ýaňadan goldan sypjak bolup
75
dyrjaşdy. Sypdygy, göni, penjiräni döwüp daşary
ylgar. Daşarda kowalap bilmezler. Kowalasalar,
Esen: ―Ogry, ogry!‖ diýip gygyryp ili örüzer.
Şo mahal Wasýa çyrany ýakdy, ylgap baryp
penjiräni berk ýapdy. Ýagtylykda Esen aklyna
aýlandy, ýoldaşlaryny tanady, özüniň on altynjy
etaždalygy hakydasyna gelende, şagga sowuk der
basyp, ysgyndan gaçdy. Ol indi güýç görkezmän,
hiç ýana dyzaman, duran ýerinde aşak çökäýdi.
Ýura ony göterip diýen ýaly krowada eltdi, öňisoňy Esenden howatyry sowulmady. Şonuň üçin
özi hem ony alkymlap oturdy. Wasýany aşak
ugratdy. ―Bar, tizräk
aşak
düş-de dogtory,
milisiýany basym çagyr. Bolsana, Wasýa. Bä-äý,
hälem wagtynda oýanypdyryn‖.
Esen iki ýoldaşynyň näme gürrüň edenini
düşünmän, başyny sallap oturşyna tiz-tizden
derini syryp, ahmyrly oýlanýardy. ―Wah, Güljahan
igense igenipler geçsin, asyl-ha ol taýaklap urandada gaýtmaly däl ekenim. Mesligine çydamadyk
Esen diýerler. Putewkany köydürmejek kişi bolan
bolup... Ýak menem tüýs öldüräýmeli adam-da. Şu
gezek bir sag-aman öýe barybilsem! Bir beladan-a
sypdym, indiki belalara uçramankam bir öýe
ýetsem. Bir oab barsam bolýa, gaýdyp atyljagam
bolsam obadan çykman! Wah, Siwir diýlenden bir
belanyň boljagyny
syzdym-la. Hernä, hudaý
meniň tarapymda ekeni.‖ Esen omyn etmekçi
bolup goluny açdy-da eşidiler-eşidilmez sarnap
goýberdi:‖Ýa hudaýjan, herki beladan özüň
76
saklawer! Hudaý ýoluna bir janly. O-omyn.‖ Esen
omyn
etdi
welin, Ýura-da sähel ýumşady,
rusçalap: ―Hä-ä, indi aklyňa aýlandyňmy?! Ýo-ok,
ýo-ok, sen hudaýa alkyş aytsaňam aýt welin, ilki
maňa alkyş aýt. Men oýanyp, seni tutmadyk
bolsam, düşünýämiň, edil ýöne, tiz kömege zat
galmazdy‖ diýdi. Onsoň Ýura goluny penjirä
uzadyp baş ýaýkap: ―Gerek däl‖ diýdi. Esen söze
düşünmese-de baş atdy. Bular şeýdisip otyrkalar
Wasýa dört-bäş kişini yzyna tirkäp geldi. Olar
kimiň özüni jaýdan zyňjak bolanyny bilesi gelip,
bir-birinden öňe geçjek bolşup, güpürdeşip indiler.
Ýaş milisioner hüşerilip oturan Eseniň gabadyna
baryp, goluny papagynyň etgine ýetirdi:
‖Milisiýanyň
seržanty
Nazarow. Dokument
görkezmegiňizi haýyş edýärin‖.
Milisioner Eseni ýany bilen alyp aşak
düşende, bireýýäm gün dogup, il örüpdi. Liftden
düşüp
myhmanhananyň
giň
aýtymyna
çykanlaryňda Esen şo-ol samolýotda bile gelen
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.