Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18

Total number of words is 3505
Total number of unique words is 2029
30.6 of words are in the 2000 most common words
43.9 of words are in the 5000 most common words
50.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bolşy ýaly, bu kinonyň hem iň beýik tarapy-kino
sazy boldy. Saz tutuş kinony edil lokomotiw kimin
öňe çekýär. Alty Garly Nury Halmämmediň sazyny
neneň söýýän bolsa onuň özüni hem şonça gowy
görýär. Alty Garly Nura ―Mosart‖ diýip ýüzlenýän
ekeni. Beýik sungat ussadynyň hormaty Nura-da
uly täsir etdi. Nury ―Aýgytly ädim‖ sazyna ýüregini
eredip goşdy. Öz şahsy durmuşyndaky tragediýany,
hiç-hiç egsilmejek gamy tutuş türkmen halkynyň
geçmiş ykbaly bilen birleşdirip, bütewi bir eser
döretdi. Gam bilen begenji şeýle bir ussatlarça
ýugurdy weli, netijede örän çuň pelsepeli saz
408
döredi. Ýewropa sazynyň kämilligini türkmen
sazynyň nepisligi, şirinligi bilen birleşdirmegi
başardy. Özem gaýtalanmajak kämillikde başardy.
Şoňa görä ―Aýgytly ädimiň‖ sazy, aýdym-hüwdüsi
bäş-alty asyr bäri aýdylyp-çalynyp gelýän ýaly
duýgy döredýär. ―Wah, Nurynyň kino sygmadyk
aýdymy hem bardy. Soň ol aýdym ýazga geçmän
galdy‖ diýip aktýor Ata Alow ýatlaýar. Nury owalbaşdan öz ýazan sazlarynyň notalaryna perwaýsyz,
geleňsiz bolşy ýaly, ―Aýgytly ädimi‖ ýazanda-da
şoň ýalydy. Meşhur ―Aýna‖ aýdymynyň orginal
notasy Türkmenistanyň halk artisti Aýdogdy
Gurbanowda saklanýar. ―Bir gezek Nury ikimiz
telewideniýede çykyş edýäs. O mahal ―Aýgytly
ädim‖ surata alynsa-da heniz görkezilmändi. Onsoň
Nury maňa : ―Hany ―Aýnany‖ aýtsana‖ diýdi.
―Alty Garly käýýär, kino çykýança aýdymyny
aýtmaň diýip tabşyrdy‖ diýdim. ―Alty aga öz
ýaşulymyz. Käýese käýýär, ýençse ýenjer. Sen
aýtsana‖ diýdi. Onsoň Nurynyň özi pianinoda
sazyny çaldy, menem aýtdym . Ertiri bütin halk
―Aýnany‖ aýdyp başlady‖. Bu ýaşuly artistimiziň
ýatlamasy.
―Aýgytly ädim‖ kinosynyň döreýşi aýratyn
taryh weli, Alty Garly bilen Nury Halmämmediň
tanyşyşy, olaryň ―Aýgytly ädim‖, ―Magtymguly‖,
―Mukamyň syry‖ filmlerinde bile işleşişleri, pikir
gaýnaşmalary, döredijilik çekişmeleri hem uly bir
kitaplyk material.
409
Soňra 1973-nji ýylda Alty Garly ýogalanda
Nurynyň neneňsi gama batanyny aýdyp-diýer ýaly
bolmady. Alty Garlynyň tabydynyň bir ýanyny
egninde göterip, bu dünýäniň ähli gamyny
ýüreginde göterip barýan Nury Halmämmedi
ýatlap, meşhur artistimiz we özboluşly filosofymyz
Nury Allaberdi şeýle ýazypdyr: ―Bir adam bu giden
mähelläniň labyryny başyna çekip, ýeke özi aýratyn
bir dünýäni göterip barýardy ... Göwnüme bolmasa,
Alty Garly diňe Nura gerek ýaly bolup görünýärdi.
Şol gezekki Nury Halmämmediň bolup barşy,
kalbynda, aňynda, on iki süňňünde göterip barýan
dünýäsi,
hasraty, ähli
genileriň
ýurduny
täzeleýändikleri üçin çarhypelek bilen ýaka
tutuşýandygyny, oňa-da çäresi ýetmän, ýegşerilip
barýan durky köpleri özüne bendi edýärdi‖.
1966-njy ýylda ýakyn dosty Ýazguly
Hudaýberdiýewi ýitirip, özelenýän ýürek halypa
derejesindäki Alty Garlyny ýitirende gamdan ýaňa
eräp-eräp tükener hala geldi. ―Eý, gözýaşlarym!
Aka-aka tükenýän bolsaňyz, şu gün tükenmeli
günüňizdir. Mundan soň men kim üçin gözýaş
dökeýin?!‖
Gyssanma, Nury! Öňüňde 1975-nji ýyl bardyr.
Seni bir demde garratjak waka bardyr.
Ynsan, biçäre, her ölümde, her aýralykda jebir
çeke-çeke, ahyrda, özi hem gidenleriň yzyna
düşýär.
410
Beýikler birleşdi ─ beýik döredi
Marynyň ortasyndaky kinoteatrda ―Aýgytly
ädim‖ kinosy günde üç gezek görkezilýärdi. Gara
gözelejik, gaşlary gözüne kölege berip duranja bir
oglan bu kinony her gün üç gezek görýär. Artyk
―Aýna‖ aýdymyny aýdýança ol parahat ýaly.
―Aýna‖ başlaýaram weli, ol oglan bu dünýäni
unudýar. Aýdym tamamlanansoň, elýaglygy bilen
gözýaşlaryny sylýar. Begenip aglaýanyny, gynanyp
aglaýanyny bilenok. Şeýdip ol oglan bu kinony on
sekiz gezek gördi. Ýene-de görjekdi weli, kinony
başga şähere alyp gidäýdiler.
―Aýgytly ädimi‖ on sekiz gezek gören oglan,
soňra meşhur aýdymçymyz bolan Atageldi
Garýagdydy. Ol Aşgabatdaky sazçylyk uçilişede
okap ýörkä, mugallymasy oňa ―Aşgabat‖ diýen
aýdymy öwredýän günleri bir gezek gapyny bir kişi
açdy weli, mugallyma ony çagyrdy.
─Gelsene,
diňläp gör.
gelsene.
―Aşgabady‖
öwrenýäs,
O geleniň özi roýal başyna geçip çalyp
başlady.
─Jigim, ―Aşgabady‖ çynyň bilen aýdasyň
gelýämi?
─Hawa.
411
O kişi örän ezber hem joşgunly çalyp başlady.
Birdenem sazy kesdi-de: ―Jigim şu taýyny göni
alma, sesiňi gaýnadyp, esräp aýt‖ diýdi-de özi
aýdyp berdi.
─Bilýämiň, men şu sazy seniň üçin ýazdym.
Hany, başlaly.
Bu pianino başyndaky tokgaja adamyň şo-ol
on sekiz gezek aýdymyny diňlän Nury
Halmämmetdigini, gelejekki dosty we ýakyn
howandary boljak Nury Halmämmetdigini,
aýdymlaryny aýdyp, beýik şöhraty paýlaşjak Nury
Halmämmetdigini, beýik şahyrymyz Gurbannazar
Eziz bilen dostlaşdyrjak Nury Halmämmetdigini
Atageldi bilmeýärdi.
Şondan soň Nury Atageldi bilen ýygy-ýygydan
duşup başlaýar. Atageldi uzak wagtlap bu ahwala
ynanman gezýär. Öňler adyny eşidip, aýdymlaryny
aýdyp, guwanyp ýören kompozitory, pygamber
ornunda görüp ýören kompozitory birden onuň
bilen bile gezip ýör. ―Düýşüm däldir-dä‖. O geçen
günleri ýatlanda Atageldi şeýle diýdi: ―Şo günleriň
birinde Nury meni ors bazaryň içi bilen alyp barýar
weli, başym buluda degip-degip gidýä. Men özümi
jennetde ýaly duýýan. Ähli kişi bize seredýän ýaly,
asyl, aýagym ýere degmän barýan ýaly‖.
Atageldi Nury Halmämmediň aýdymlaryny iň
köp aýdan aýdymçy. Meşhur pianistkamyz Orazgül
Annamyradowa ikisi öňki SSSR-iň çäklerinde we
412
daşary ýurtlarda Nury Halmämmediň eserlerini iň
köp propagandirlän ynsanlar.
Bir gün Magtymguly adyndaky opera we balet
teatrynda Atageldi Nury Halmämmediň bir
aýdymyny aýdanda zal joşup el çarpypdyr. Atageldi
bir künjekde ýygrylyp oturan Nury Halmämmede
elini uzadyp, ony sahna çagyrypdyr. Nury sypaýy
ýöräp sahna çykypdyr weli, el çarpmalar has
güýçlenipdir. Nury hem zaldan bir ýigidi
çagyrypdyr. O ýigit ýerinden turup, halaýyga baş
egipdir-de ýene oturyberipdir. El çarpyşlyk
gutarmandyr. Nury ýene elini bulap: ―Bäri gel‖
diýen yşarat edipdir. Ahyry, o kişi sahna çykypdyr.
Gök gözli, ýagty ýüzli, saçlary owadan bejerilen,
syratly ýigit Atageldiniň we Nurynyň elini
gysypdyr. Ol Gurbannazar Ezizdi. Atageldi onuň
bilen ilkinji gezek elleşýärdi.
O sahnany görenler bagtyýar ekeni.
Gaýtalanmajak, gözüňi nurlandyrjak, taryhda uzak
sözlenjek görnüş.
So-oň-soň Nury öz aýdymlaryny Atageldiniň
aýdyşyna göwni ýetip: ―Hudaýjan seni meniň üçin
ýaradypdyr‖ diýer.
Atageldi
Moskwa
konserwatoriýasynda
okaýarka onuň mugallymasy Oksana Semýonowna
Sweşnikowa Nury Halmämmediň aỳdymlaryny
Atageldiniň aỳdyşyny diňläp öz äri, şol
konserwatoriýanyň rektory Sweşnikowy bu
aýdymlary diňlemäge çagyrýar. Atageldi Nury
413
Halmämmedowyň aýdymlaryny aýdýar. Rektor o
aýdymlardan hezil edinýär. Nurynyň okan
ýyllaryny ýatlaýar hem-de Atageldiniň jübüsine pul
salýar.
―Halk artist bolaňda gaýtaraý‖ diýip ýylgyrýar.
Nury Halmämmedem eçilmek meselesinde o
rektordan kem galar ýaly däl ekeni. Nury bir gezek
gonorar alanda Atageldini ýörite alyp gidip,
magazinden islän kostýumyny alyp geýdiripdir.
Hatda bir gezek Nury Atageldiniň başy açyk gezip
ýörşüni görüp, öz başyndaky papagy Atageldä
geýdiripdir. Onsoň Nurynyň ýüreginiň neneňsi
ýumşaklygy hakda aýtmagyň zerurlygy ýok bolsa
gerek.
Ol Atageldiniň Moskwada galmagyny, uly
tejribe toplamagyny, dünýä özüni tanatmagyny
isleýär. ―Atageldijan, şu mahal Türkmenistana
barmajak bol. Meni batga batyryşlary ýaly, seni-de
batga batyrarlar‖.
Atageldi Garýagdy Nury Halmämmedi
ýatlanda duýga çümýär, bir nokada bakyp, bile
geçiren günlerini göz öňüne getirýär.
―Nury çekinjeň, akylly adamdy. Ol örän uly
filosofdy. Oňa düşünmek gerekdi. Biz sözleşmän
düşünişip bilýädik. Ol gaty sowatly fanatik. Milli
saz bilen Ýewropa saz usullaryny utgaşdyryp,
mukamy şeýle bir eýleýär weli, kalbyňy heýjana
salýar. Özüne uly baha bilen garamaýanam bolsa,
414
―Inim, döredeli, soň birwagt gerek bolar‖ diýýärdi.
Gurbannazar, Nury üçimiz bile köp işledik. Ol
başga dünýäde ýaşan adam. Ýöne ýanyndaky
birtopar içigara adamlar ―Sen geniý‖ diýip, işini
gördüler, içirdiler.
Biz onuň bilen Moskwa köp gidýärdik.
Ýaraman ýören günleriniň birinde: ―Ýör, surata
düşmäge gideliň‖ diýdi. Dogrusy, men geň galdym.
Sebäbi, ol suratyň adamsy däldi. Beýle zady
ýalbarsaňam etmezdi. Onsoň biz Kalinin
prospektine gidip surata düşdük‖.
Bu surat Nurynyň ömrüniň iň soňky suraty
boljagyny Atageldi güman etmese-de Nury duýan
bolsa gerek. Iň soňky... iň soňky... Aýylganç söz.
*
*
*
“Gurbannazar ölen bolsa, menem öldüm”
Nury 1967-nji ýylda birinji simfoniýasyny
ýazansoň, dünýäniň saz muşdaklary ol owazlara
maýyl bolup ýaşadylar. 1974-nji ýylda saz öwreniji
T.M.Wyzgo-Iwanowanyň
―Orta
Aziýa
we
Gazagystan
kompozitorlarynyň
simfoniki
döredijiligi‖ diýen örän çuň mazmunly kitaby
―Sowetskiý kompozitor‖ neşirýatynda çap edilýär
we o kitap Nury Halmämmedowyň birinji
415
simfoniýasyna, beýleki eserlerine aýratyn uly baha
berýär.
Agzalan kitabyň 143-nji sahypasynda:
―Döredijilik pikirlenişiniň kuwwatlylygy

Halmämmedowyň örän möhüm üstünlikleriniň
biridir‖ diýilse, 147-nji sahypada Halmämmedowyň
birinji simfoniýasy hakda: ―Tutuşlygyna alanyňda
bu simfoniýa örän talantly eserdir‖ diýilýär. Soňra
bolsa : ―Materialy yzygiderli ösdürmegi, ony
intonasiýa, faktura, lad taýdan täzelemegi, tembr
we garmonika taýdan baýlaşdyrmagy başarmasy ─
Halmämmedowa mahsus sypatlardyr. Onuň
simfoniýasy Orta
Aziýa we Gazagystan
respublikalarynyň
kompozitorlarynyň
döredijiliginde täze döwrüň başlanýanlygyny
aňlatdy‖ diýip netije çykarylýar.
O simfoniýadan soň beýle uly göwrümli eser
dünýä inmeýär. Nury kinolara saz ýazmasyny
dowam etdirýär. ―Aýgytly ädim‖ kinosyny
döredijilere Türkmenistanyň iň uly, iň abraýly
baýragy bolan Magtymguly adyndaky döwlet
baýragy berilýär. Emma olaryň arasynda ala-böle
Nurynyň adynyň ýoklugy bütin halky haýran edýär.
―Aýgytly ädimi‖ aýdymsyz, sazsyz görüň bakaly,
şonda Nurynyň beýikligine has açyk göz
ýetirersiňiz. Emma ýokarda oturanlar we olara
sözüni diňledip bilenler bu hakykata göz ýumdular.
Nurynyň duşmanlary, bäsdeşleri, göripler
heşelle kakyp başladylar. Nury bu ýagdaýda özüni
416
nähili alyp barmalydygyny oňat bilýär. Nury özüni
baýrakdan ýokarda tutup gezdi. Göwnibir, gaty
sowukganly göründi. ―Genilere baýragyň geregi
ýok‖.
Şo günler onuň arkasyndan gizlin, gol çekmän
arza baryny goýberdiler. Olar ―Nuryny ýeňdik‖
hasap edýärdiler. Nury: ―Jan aga‖ diýip geler
öýdýärdiler. Olar öz garyşlary bilen ölçeýärdiler.
Emma diriligine gömülse-de Nurynyň baş
egmejegini,
ỳaranjaňlyk
edip
ỳasama
ỳylgyrmajagyny bilmeýärdiler. Nury bu dünýäni
işläp, iş görkezip, döredip-joşup ýeňmelidigini
bireýýämler öwrenipdi. ―Gedaýam bolsam,
gedemje gedaýdyryn‖ diýip gezdi. Maddy
kynçylyklar ony surnukdyrsa-da, gonorar alanda
tygşytlyja sowmany, ak puly gara gün üçin
saklamany hiç-hiç öwrenmedi. Moskwada bir
ýygnaga üýşen sazandalary, kompozitorlary we
ýene-ýeneleri gymmat restorana çagyryp, ähli harjy
özi çekdi. Ertesi olar bir-birege bakyşyp: ―Bu gün
kim türkmen bolarka?‖ diýişdiler. ―Nury doly
gapjygy orta taşlaýardy. ―Hany, Rejepjan şu
gapjyga gurt topulyşyny etsene!‖ diýerdi‖. Bu
kompozitor Rejep Rejebowyň ýatlamasyndan.
Nury
Halmämmet
eli
açyklygyna
begenýänlerdendi, emma özi weli, şol bir kurtkaly,
sapy döwlüp, ýerine sim saralan karton
çemodanyny süýrär ýörerdi.
417
Onuň ýaşaýşy ―Bir gün şa, müň gün geda‖
diýilýänlerdendi.
Nury hiç mahal garyplygy-pukaralygy dert
hasaplanlardan däldi. Baýrak berildi-berilmedi-ony
hem unutdy goýberdi. Ol Gurbannazar dosty bilen
―Görogly‖ eposynyň daşyna geçýärdi. Şol epos
esasynda Gurbannazar opera librettosyny ýazýardy.
Nury hem sazyny ýazmakçydy.
Nury şo işleri bilen gyzyklanyp döredijilik
öỳüne gidipdi. Bir gün otagynda gözüni potologa
dikip,
beýnisindäki
pianinoda
Göroglynyň
aýdymyny çalyp ýatyrka, telefona çagyrdylar.
‖Gijäniň bir wagty kim jaň edỳärkä?‖
Bir ýigit gaty gamgyn sesli gepläp başlady.
--Nury Halmämmedowiç, salowmaleỳkim.
Men Moskwadan jaň edỳän.Size Aşgabatdan jaň
edip bilmänsoňlar, maňa bir habar aỳt diỳdiler...
Jaň edỳän kişi gepläp bilmän dymdy. Nury:
‖Alo, alo!‖ diỳip, gaty gepledi.
Yene jogap bolmady.
--Alo, men diňleỳän, eşidỳämiň?
--Nury Halmämmedowiç, neme... men...
bagyşlaň, nädip aỳtjagymy bilmeyän, neme..
Gurbannazar Ezizow atylypdyr. Ertir jaýlajaklar.
─Ýalandyr! – Nury, howa ỳetmänsoň, sag
elini bogazyna ỳetirdi.
418
Telefonyň o tarapynda gyk-gyk sesleri eşidilip
başlady.
Nura jaý dar geldi. Ylgap daşary çykdy, ýene
öýe girdi. Birine jaň etjek boldy, bolmady.
Dodagyny çeýneşdirip, öý içinde eýlä-beýlä ýöredi.
Ahyry, öz öỳüne girensoň, gözýaşlarynyň
çeşmesi açyldy. Nury ýassyga ýüzüni berip, ähli
gözýaşlary ýassyga siňirip, edil çaga ýaly horkullap
aglady. Uzak aglady. Aglany bähbit boldy. Aglap
bilmedik bolsa, ol bomba ýaly partlardy. Ýürek
partlardy.
Nury ömründe özüne iň ỳakyn gören dostuny,
mukaddes hasaplaỳan adamy bolan Gurbannazary
ýitirenine hem-de özüniň ömürlik ýalňyz galanyna
aglaýardy. Özi ölse, aglajak galmady diýip
aglaýardy.
Ahyry, gözỳaşlar tükendi. Öỳ içinde aşak
bakyp, ikiỳana zowzuldady ỳördi. Daňdanlar
surnugyp, ỳykylyp galdy. Ol düỳş gördi:
―Gurbannazaryň
jesedini
egnine
alyp,
haýdaşyp barýarlar.Olaryň arasynda gözýaş baryny
seçeläp, urgudan ýaňa enterekläp, Nury tabyda
ýapyşyp barýar. Nuryny görmegiň özi hem uly bir
matamça bar. Onuň bolup barşyny görenler iki esse
artyk gama batỳarlar. Ol öz-özi bilen gepleşýän
ýaly: ―Gurbannazarsyz nädip ýaşarkam?!‖ diýip
pyşyrdaỳar. O sesi eşidenler, hat-da doňbagyrlaram
gözýaşyny saklap bilmeỳär. Gurbannazaryň meydi
gabra salnanda Nury hem gabra
girỳär-de
419
Gurbannazaryň meỳdiniň ỳanynda süỳnỳär.
―Gurbannazar ölen bolsa, menem öldüm.‖
Nury ertir oỳananda aýak üstünde dursa-da,
ruhy taýdan ölenligini we hiç mahal direlmejegini
bilýärdi. Ruhy ölümiň yz ýany bedeniň hem sowap,
bir gün doňup galjagyny bilýärdi. Şondan soň onuň
üçin bu dünýäniň gymmaty galmady. Her ädimi,
her güni, her aýy ony, mazara baka barha
ýakynlaşdyrdy, üç, iki, bir diýen ýaly, yza sanaw
başlady.
Halkyň aňynda bolsa Nury, Gurbannazar,
Atageldi üçüsi bir eneden dogan ýaly duýgy galdy.
Daýna, Daýna! Topragyňy göze sürtsem!
Nuryny hiç zat kanagatlandyrmady. Beýikleriň
hassalygy bolan – dünýä sygmazlyk oňa-da
ýokuşdy. Ogul-gyz, aýal hem ýalňyzlygyny aýryp,
sabyr berip bilmedi. Dost men diýip gatnaşýan
känem bolsa, Gurbannazardan soň, ol beýle
wepadara ýa sataşmady ýa-da sataşsa-da Nury olary
köňül gapysyndan salmady. Şeýle ahwalda
Nurynyň zehini solup başlady. Saz ýazylsa-da öňki
420
belentlik, öňki çuňluk, öňki pelsepe, öňki joşgun
başartman başlady. Özüniň birmahallar ile aýdan :
―Joşmasaň, joşdurmarsyň‖ diýen sözüni indi özi
ýatlamaly boldy. Ol özüniň bu ýagdaýyny mertlik
bilen boýun aldy. Belli dirižýor, Çaýkowskiỳ
adyndaky konserwatoriýasyny we aspiranturasyny
tamamlan, uly tejribeli Orazgeldi Berdiden Nury
özüniň käbir sazlary hakda pikirini sorapdyr.
―Mysal
üçin
―Hirosimanyň,
Nagasakiniň
çagalarynyň diňläp ýetişmedik aýdymlary‖
Nuryjan, seniň derejäňden pes ýazylypdyr. Sebäbi,
sen stil çalyşjak bolupsyň, olam şowsuzrak
çykypdyr‖ diýende Nury o pikir bilen ylalaşypdyr.
Nury özüne orun tapman ýören günleriniň
birinde Daýna gitmegi ýüregine düwýär. Sekiz
ýaşyndan bäri görmedik
Sumbary, obasyny,
dogduk topragyny göresi gelýär.
O-ol dyrmaşyp, endam-janyny çyzym-çyzym
edip münen agaçlaryny göresi gelýär, Dänegulyň
depesine çykyp, durna sanan ýerlerini göresi gelýär.
Iň esasysy hem armanly giden ejesiniň
mazaryna baş goýasy gelýär. Ol geçen günleriň
ýatlamasy ony soňky wagtlar halys surnukdyrdy.
Bir gitse, bir barsa, ýekeje özi ejesiniň mazar
başynda oturyp aglasa-aglasa. Başga hiç zat gerek
däl.
Daýnany görse, köňül, belki, köşeşer.
Ýalňyzlyk, belki, uzaklaşar. Bu bir-biregiň aýagyna
421
taýak gysdyryp, bir-biregi batga basyp ýörenleri
görmese, belki, ýürek özüne orun tapar.
Köneje awtobus Gyzylarbatdan çykyp,
tigirlene-tigirlene bir menzile ýetende saklandy.
Sürüji suw daşap, maşyny sowatmaga başlady.
Ýolagçylaram aýak ýazmak üçin oňa-muňa
ýaýrady. Şonda Nury gözýeterinde bir ýylan bilen
zemzeniň söweş gurýanyny gördi. Bir salym gamly
bakyp durdy.
―Be-e, biziň haýwanlarymyzam özümiz ýaly
öýdýän. Özgeleri ýaşatman, diňe özleri ýaşasy
gelýär. Ýeri, şu giň sährada ýer gytmy diýsene.
Heriňiz bir derä gidiň-de ýaşaberiň-dä‖. Nury bir
daş aldy-da söweşýänlere baka zyňyp goýberdi.
Ýylan bir ýana, zemzen bir ýana çekildi, emma az
salymdan ýene garpyşyp başlady. Beýle ýandaky
bir adam: ―Agam, degmesene, goý, uruşsynlar,
kimiň ýeňýänini göreli‖ diýdi. ―Bu söweşde ýeňiji
ýoklugyny, duşmany güldürýändigimizi, özözümizi pese gaçyrýandygymyzy, duşmanlyk
duýgularyna gümra bolup, bu dünýäniň lezzetini,
meselesini unudýandygymyzy her kişä nädip
düşündirjek.
Magtymguly, biçäre, muny
düşündirjek bolup, ömrüni kül etmedimi, näme?!‖
Awtobus ýolda suw içe-içe, ahyry, Garrygala
ỳakynlaşdy. Nuryda bir birahatlyk döredi. Maşyn
Garrygala girenden Nurynyň demi-demine ỳetmän,
zor bilen howa sorup başlady. Maşyn Garrygalanyň
duralgasynda duranda, Nury argyn halda maşyndan
422
düşdi. Beýle ýanda bir gapyly awtobusyň
maňlaýynda ―Daýna‖ diýlen ýazgyny okady. Şo
ýazgynyň özi Nuryda ýüz müň gam oýardy, şo-ol
dört ýaşyndaky wakalary, şemal ýaly, düýrläp
toplap, göz öňünde janlandyrdy. Nury pessejik
öýleriniň bir dulunda, sallançagyň ýanynda gana
bulaşyp ýatan ejesini gördi, ýene şo gezekki ýaly,
ejesiniň ganynyň uýap, sowap, agyr kükäp, burna
urýan ysyny aldy. Nury bir hassyldady. Ol başga
howa sorasy geldi. Emma her demde şol agyr ys
geldi durdy. ―Ýok, ýok. Gidip bilmen, görüp
bilmen. Men nätsemkäm? Nirä gaçyp gitsemkäm?
Bu dünýäden doýdum . Maňa hiç zat gerek däl.
Men öldüm. Öldüm!‖
Nury Gyzylarbada dönýän şol köneje
awtobusa münenini bilmän galdy. Az salymdan
awtobus şäherden çykdy-da daglara siňip gitdi.
Kem-kemden Nury başga howa sorup başlady.
Demi dürseliberdi. Başynda öz düzen ―Keç
peleginiň‖ owazy tyrňyllady durdy. ―Ölemde şu
sazyň çalynmagyny islärdim‖.
Garyp, gamgyn, şeýle
ýalňyz Nury
Gyzylarbatdan otla münüp, Aşgabada geldi. Bir
otaglyja jaýyna girdi. Bir diwaryň düýbünde gaty
tagtaly, aýak ornuna aşagyna agaç kesindisi atylan
krowatyna süýndi.
Maňlaýym gara boldy,
423
Bilbilim garga boldy,
Ölenler öldi gitdi,
Galanlar yrga boldy.
Günlerde bir gün ...
Nury dostlary bilen bir garyndaşyny görmäge
çöle gidýär. Maşynlary hem ejizje ―Zaporožes‖.
Gidişin her depeden geçjek bolanlarynda maşyny
itekläp-itekläp, ahyry, barýarlar. Garyndaş gowy
hyzmat edýär. Gaýtjak
bolanlarynda-da bildirmän, maşynyň ýük
salynýanyny düme gawundan doldurýar. Gaýdyşyn
hasam kösenýärler. Şähere ýetiberenlerinde bir zat
gerek bolup ýük salynýany açsalar içi doly
gawunmyş. Soň Nuryny öýüne eltenlerinde gawun
berjek bolsalar almandyr. ―Maňa süýji zat bolmaýa.
Köke iýsemem burçly çykýa‖
―Ähli zatda gara bagtym, garpyz kesemde ak
çykdy‖.
*
*
*
424
Bir daýza gat-gat jaýyň gapysynda bir halta
un bilen durka, Nurynyň geçip barýanyny görüp,
―Oglum, şu haltanyň bir ýanyndan tutuşsana‖
diýipdir. Dördünji etaža uny eltỳänçäler Nurynyň
eşigi,
ýüz-gözi
ap-ak
bolupdyr.
―Käşgä
ykbalymyzy-da un sepip agardyp bolsady‖.
*
*
*
―Şu taýda bir goňşy gije-gündiz pianinosyny
tyrňylladyp bizar edýär‖ diýip, Nurynyň goňşulary
polisiýa arz edipdirler. Bir ýaş ýigit eli papkalyja,
papagyny gaýşardyp gelip, Nurynyň öýüne girýär.
Goňşular ―Nähili bolarka?‖ diýşip jyklaşypdyrlar.
Polis Nura sorag baryny berip başlaýar. ―Onda
günäňizi boýun alýaňyz-da‖. ―Hawa-la.‖ ―Näme
saz ýazdyňyz?‖ ―Aýnany‖ýazdym‖ ―Aýnanymy?‖
Bagyşla, agam, tanamadyk-sylamaz diýleni boldy.
―Aýnany‖ ýazan bolsaň, gep gutardy. Goňşular
göçüp gidibersinler‖.
*
*
*
Bir oturylyşykda oglanlar ýerli-ýerden
öwünişip başlapdyrlar. Nury bularyň sesini ýatyrjak
425
bolup: ―O-how, ýanyňyzda geniý otyrka beýdip
öwünmek aýp dälmidir?!‖ diýipdir.
*
*
*
Moskwada okaýarka, Nurynyň ýanyna
meşhur ýazyjy Atajan Tagan barypdyr. Ol bir
aýdymyň heňini başga bir aýdymyň heňi bilen
garyşdyryp hiňlenipdir weli, Nury çydap oturyp
bilmändir: ―Atajan! hiňlenmäňi goýsaň, indiki
stipendiýamy saňa bereýin.‖ diýipdir.
*
*
*
Moskwaly
emelsiz
saz
öwreniji
Türkmenistanly emelsiz bir kompozitor bilen
barýarka Nura duşupdyr.
Saz öwreniji: ―Nuryşka, sen ynha meniň
ýanymdaky kompozitor bilen bileje saz ýazsaňyz
tegelek onluk bolýar‖ diýipdir.
Nury hem : ―Men 1-birlik, ol 0-nol bolýa-da‖
diýipdir.
*
*
*
426
Nury tiz uklagan ekeni. Bir gezek
Moskwanyň ―Rossiýa‖ myhmanhanasynda ýylyja
suwa düşeýin diýip, Nury wannada meýmiräp uklap
galypdyr. Suw aka-aka aşaky gatdan damyp
başlanda duýup, gelipdirler. Nuryny oýaryp,
ýetirilen
zyýanyň
jerimesini
alypdyrlar.
Kompozitor Nury Halmämmet bilen şeýle waka
boldy diýip, Aşgabada, kompozitorlar birleşigine
hat ýollapdyrlar. Nurydan bir kem tapyp bilse hezil
edinýän başlyk-kompozitor elinde hälki haty
bulaýlap, ―Ine, seniň janyň meniň elimde‖ diýende,
Nury: ―Ýalňyşma, jany beren alýandyr‖ diýipdir.
*
*
*
Bir topar bolup, Bäherdene myhmançylyga
gidipdirler. Myhman ýeri hem olary dagda aw
awlamaga äkidipdir. Agşam altyda çeşme başynda
duşuşmaly edişip, daga siňipdirler. Alty bolanda
Nurydan özgeler gelipdir. Onsoň az wagt garaşyp
durupdyrlar, soň ―Nury-da Nury‖ bolşup gygyryp
görýärler. Nurydan habar ýok. Nuryny taşlab-a
gidip biljek däller. Onsoň gowak-gowak, gaýagaýa, dere-dere söküp, Nuryny gözleýärler. Çar
ýany tümlük bürände hasam howsala düşüp
başlaýarlar. ―Nury-y!‖ diýip aldygna gygyrýarlar.
Aw edeninden geçen, özi gurda-guşa aw bolmasa
razy. Gije on bir töwerekleri paltasy daşa degen
427
ýoldaşlary näme etjegini bilmän durlar. Ýene
gözläp başlamaly, taşlap gitmeg-ä bolmaz.
Ahyry, bir agajyň düýbünde tüpeňini ýassyk
edinip, gaty berk uklap ýatan Nuryny tapýarlar.
Surnugan
dostlar
hem
begenýärler
hem
gaharlanýarlar. ―Nury nire-aw nire‖.
*
*
*
Nuryny esgerlige aljak bolup çagyrýarlar.
Bir kişi Nurydan: ―Agramyň näçe?‖ diýip soraýar.
Nury: ―Altmyş‖ diýip jogap berýär. Şo mahal
Nurynyň ýanynda duran dosty: ―Altmyşyňam elli
dokuzy saz‖ diýip söz goşýar.
*
*
*
Aşgabadyň merkezinde ýazyjy Hojanepes
Mele bilen Hudaýberdi Diwanguly Nura sataşýar.
Ondan-mundan gürrüň edip birsalym duransoňlar,
elbetde Nurynyň pulsuzlygyny bilýärler-de, bir
taksi tutup, kireýini berip Nuryny öýüne
ugradýarlar. Az salymdan ýaňky taksi gaýdyp
gelýär.
Içinde-de
Nury
bar.
―Öýümi
tapyşaýmasaňyz, men-ä tapman geldim‖. Olar
428
ynanmaýarlar. Ahyry, bile gidip Nurynyň öýüni
tapyşypdyrlar.
*
*
*
Nury bilen aỳaly Moskwada bir konserte
gidipdirler.Konsert Nura ỳaramandyr-da daşarky
jaỳda kofe içip oturypdyr. Konsert gutaransoň
aỳalyny görüp, ylgap baryp, geň galỳp:‖Senem
konserte geldiňmi?‖diỳipdir.
*
*
*
Nury saz ýazyp başlansoň, bir gün şa, bir
gün geda bolup ýaşaýar. Ol ömründe diňe sekiz aý
sagatly, aýlykly işde işleýär, galany döredijilik
bilen. Onsoň bir gün pul tapman, kimden dilejegini
bilmän aýlanyp ýörkä, oňa kompozitor Rejep
Allaýar duşýar. Ol: ―Nuryjan, on manatjyk karz
tapylmazmy?‖ diýýär. Nury sessiz-üýnsiz gidýär-de
birinden on manat karz alyp, Rejep Allaýara berip
goýberýär.
*
*
*
429
Garyplyk Nurynyň iň ýakyn dosty bolýar.
Başga bir garyp dosty, meşhur aýdymçymyz Myrat
Diwana Nurynyň ýanyna karz dilemäge gelýär.
―Gonorar almadymyka?‖
O döwürler tamamlanan iş üçinem gonorar
almak gaty kyndy.
Myrat Diwana bir mahallar,garyplyk zerarly,
Çaýkowçkiý konserwatoriýasynda okap ýörkä,
arzan düşer öỳdüp, Bakuwyň Gajybekow adyndaky
konserwatoriỳasyna geçip, meşhur Bilbiliň elinde
okaýar hem-de ondan maddy ýardam alýar. Ol
puljagazynyň ýarsyny, Moskwada galan dosty Nura
iberýän ekeni.
Ynha, olar ýene nädip pul tapjaklaryny bilmän
otyrlar. Ahyry, Myrat Diwana ýol tapỳar. Kerim
Gurbannepesiň ―Altyň biri‖ şygryna saz ýazýarlar,
Myrat Diwanada-da aýdýar. Ol aýdymy Medeniýet
ministrligine satyp, ýüz elli manat alýarlar. Onsoň
iki gün patyşa ýaly, üçünji gün ýene gedaý ýaly
ýaşaýarlar.
*
*
*
Türkmen bagşylaryny öwrenmekde uly iş
eden Akmuhammet Aşyry Nury öýüne alyp
gidipdir. Barsalar öýüň dulunda bir kişi öli ýaly
ýatyrmyş. Akmuhammet Aşyr o ýatany gaty içgin
430
synlap başlapdyr. Nurynyň bolsa göwnibirmiş.
Nury: ―Täze bir balet ýazýan, ―Ýusup-Züleýha‖
esasynda‖ diýip, pianinonyň başyna geçipdir, hezil
edinip çalypdyr. Akmuhammet Aşyram lezzet alyp
diňläpdir, emma göz gytagyny şo ýatandan
aýyrmandyr. O ýatana birhili gümanly bakyp
başlapdyr. Nury: ―Türkmeniň sazy gaty baý, gaty
çuň. Simfoniýa ýazjak diýip, kelle döwüp ýörmeli
däl. Türkmen sazyny simfoniki orkestre akyllybaşly geçirip bolsa, başga zat gerek däl‖ diýipdir.
Akmuhammet Aşyr Nuryny diňläpdir, diňlese-de
bir gözüni ýatandan aýyrmandyr. Onsoň o ýatan
gabaklarynyň aşagyndan emaý bilen jyklapdyr
weli, görse Akmuhammet Aşyr oňa hüwi ýaly
bakyp otyr . Ýatan şo bada gözüni ýumupdyr.
Gümany dogry çykan Akmuhammet Aşyryň oturyp
mazasy bolmandyr.
Daşary çykylanda o kişiniň kimligini bilesi
gelip Akmuhammet Aşyr Nurydan sorapdyr.
─Men-ä oňly tanamok. ―Aýalym bilen uruşdym,
az wagt bärde bolaỳyn‖diýip geldi. Aýalyndan
basylan meňkä geläýýä. Bu gelen indi üçünji bolýa.
*
*
*
Nurynyň aýdymlary şowly çykansoň, bir
şahyrsumak öz goşgularyny berýär-de ―Gaýrat
edip, şu goşgularyma saz ýaz‖ diýýär. Nury
―Goşgularyňy okaýyn‖ diýýär. Aýlar geçýär, ýene
431
jaň gelýär, ýene jaň , soň şahyrsumagyň özi gelýär.
Nury Magtymgulynyň bir tomlugyny elinde tutup,
―Şu barka, seňki ýaly goşgy ýazylmaz. Gowusy,
sen ýazma-da Magtymgulyny okaber‖ diýýär.
*
*
*
Nurynyň şöhraty ýyldyza ýetensoň, onuň
garşydaşlary Nura: ―Özüni geniý däldir öýtmeýär‖
diýip, hüňürdeşýärkäler, Nury bir gün olaryň üýşüp
oturan otagynyň gapysyny açypdyr-da: ―Ýeriňizden
turuň! Geniý geldi‖ diýip, olary hasam öjükdiripdir.
*
*
*
Nury Rejep Rejep bilen bilelikde dört el
bilen pianino çalmany halaýar ekeni. Onuň iň köp
çalýan sazy─Borodiniň ―Knýaz Igor‖ operasyndan
polowesleriň tansy ekeni. Ol muny türkmen heňi
hasaplapdyr. Onuň iň köp diňläni türkmen sazlary
ekeni. Kämahal ol bir sazy ýigrimi gezek dagy
diňleýän ekeni. Ol sazçylyk uçilişede okaýarka
Gurbannazar Nurym, Çary Begler dagy bilen bir
otagda ýaşapdyr. Gije ýarynda olary oýaryp, saz
diňleýän gezegi köp bolupdyr. ―Türkmen sazynyň
hersiniň aňyrsynda tutuş simfoniýa ýatyr‖.
432
*
*
*
Garyplyk Nuryny gaty gyssan gezekleriniň
birinde ol radio boýunça eşitdirilýän sazlarynyň
hakyny aljak bolup, bir kompozitor-müdiriň ýanyna
köp gatnapdyr. O wagtlar kompozitor-müdir
radionyň sazly gepleşikler redaksiýasynyň başlygy
ekeni. Nury soňky gezek gelende
müdiriň
ýakasyndan tutup, penjirä baka çekipdir:
─Ýa hakymy alyp berersiň, ýa-da ikimizem
penjireden gidýäs. Aç öldüm näme, etaždan gaçyp
öldüm näme?!
Müdir şobada Nuryny buhgalteriýa eltip,
hakyny alyp beripdir.
*
*
*
Beýik hudožnik Yzzat Gylyjow wagtalwagtal döredijilik adamlaryny öz kabinetine
üýşürip, çaý içişlik guraýan ekeni. Şonda Sahy
Jepbar ―Ak ýüzli Maralymy‖ aýdyp başlapdyr weli,
Nury ylgap baryp pianino çalyp, bagşyny
yzarlapdyr. Dutar, pianino we bagşynyň sesi şeýle
bir sazlaşypdyr, şeýle bir şirin bolupdyr. Ony
diňlänler henizem unudanoklar.
*
*
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.