Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06

Total number of words is 3646
Total number of unique words is 2242
28.5 of words are in the 2000 most common words
40.1 of words are in the 5000 most common words
47.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
beýikmi-pesmi, neneňsi keşdeli, köçeler neneň,
adamlary nähili, näme geň zatlary bar –bularyň
hiç biri Eseniň gözüne ilmeýärdi. Ol magazinden
magazine girip-çykyp, užyn-kelte nobata durup,
dyknyşykdan-dyknyşyga
dykylyp,
penjeginiň
gara ýagyny dünýä çyrşap çykdy, penjeginde gara
ýagyň ysyndan özge zat galmady. Şeýdip,
Güljahanyň sargan zatlarynyň tas ählisini diýen
ýaly aldy. Onsoň bu günden göwnihoş Esen
120
agşamlyk iller kino diýip, teatr diýip çykyp-çykyp
gidende myhmanhana otagynda ýeke özi galyp
Güljahanyň kagyzyndaky sargytlary alan zatlary
bilen ýene bir ýola birme-bir barlap çykdy,
sargyda laýyk gelşine ýürekden begendi, aldym
diýip belligem etdi:
Üzümgülli çanekden ýigrimisini al. Aldym.
Myrat daýyňky ýaly elçyradan ikisini al. Aldym.
Agaççemçeden ýüz sanysyny al. Aldym.
Hanýalykdan onisyny al. Aldym.
Gapakly kiçijik gazandan ikisini al. Aldym.
Togsan bäşik çaýdan on kile al. Aldym. /Esen
eliniň
gyzgynyna aldym diýip ýazsa-da, soň çyzdy.
Entek bu
çaý Esene ýetdirmeýärdi./
Pomark matadan ýigrimi bir mitr. Aldym.
Grasy zerli kase görseň, elisini al. Aldym.
Görkezenim ýaaly çaga eşigdan onisyny al.
Aldym.
Täşsoltan gelejeňki ýaly termisdan bäşini al.
Aldym.
Maňa arzan ýüň jempir al. Ýakaly. Aldym.
Radyramyza on sany botariý al. Aldym.
Şundan soňky harytlary Esen heniz alyp
ýetişenok.
Ol sargytly kagyzy epleşdirip jübüsine saldy.
121
Jorabynda gizlän puluny sanap ýene öňki ýerine
dykdy, soňra türsisiniň iç ýüzünden Guljahanyň
ýörite tiken jübüsinde gizlän puluny sanap gördi.
Ýerbe-ýer. Entek puly kän-le.
Esen ähli goşuny şifonýere dykyp, gapysyny
zordan ýapyp düşegine geçip ýatdy. Gijäniň bir
mahallary gelen otagdaş ýoldaşlary Eseni
oýarmajak bolup, çyrany hem ýakman, emaý
bilen ýoreşip, pyşyrdaşyp gepleşip, geýimlerini
asmakçy bolup şifonýeriň açaryny towlanyna
mähetdel, hälki goşlar güpürdäp agyp gaýtdy.
Esen böküp turdy. Onuň başyna ozaly bilen
gelen pikir: ogry girendir öýtdi. Çyra ýakylanda
ortada üýşip ýatan goşlaryna hem-de haýran
galyp bakyp duran ýoldaşlaryna gözi düşdi. Esen
goşlaryny ýaňadandan şifonýere dykyşdyryp,
ýerine geçdi. Öňi-soňy onuň göwnünden güman
aýrylmady: şol ýoldaşlar onuň zadyny ogurlamakçy
bolan ýaly. Şoňa görä, daň atyança Eseniň gözüne
çiş kakylana döndi.
Bu günem Esen dilmaç aýaldan salgy aldyda uzak gününi zat gözleginde geçirdi. Magazine
girse gerekli zat men bärde diýip dur. Häli bir
magazine girende tagta çalynýan ak reňk bar ekeni.
Nädip almajak?! Obada bir baňkasyna üç baha
bereňde-de tapylýan zat däl-ä. Esen säginmän iki
baňka ak reňk aldy. Sargytda bolmanda näme?!
Güljahanyň begenjegini
bilýär-ä. Ýene
bir
magazine girende manty bişirilýän dur. Beh.
Nobatsyz-dawasyz açyk dur-la. Şondanam birini
122
aldy. ―Şü-ýä bolaýdy. Bä-äý, bu şäher gaty gowy
eken-äý‖.
Ynha, indi Eseniň özi myhmanhanada
magazin açybermeli boldy. Ol şu mahal şeýle bir
begenýärdi weli, hatda kelteje boýy hem ösen ýaly
görünýärdi. Bu zatlary
eltip
Güljahany
begendirjegine özi öňünden guwanýardy.
Gaýdylar uçurlary bir ýerlerden birküç halta
tapyp, goşlary şoňa dykdy, döwüler gorkusy
bolan zatlary mata dolap dykyşdyrdy. Manty
bişirilýäniň bir özi bir haltanyň gabarasyna barabar
bolup durdy.
Ýöne zatlaryny jemlänsoň Eseniň kalbyna bir
düşnüksiz tukatlyk aralaşdy. Munuň sebäbini
Eseniň özi bilmeýärdi. Birden ähli zadyň gyzygy
gaçdy duruberdi. Magazine-de gidesi gelmedi,
sebäbi aljak zatlarynyň tas ählisini diýen ýlay
alypdy. Indi onuň bar küýi-pikiri tizräk öýe
barmakdady. Ýöne öýe barýança bu tukatlyk, bu
gamgynlyk Eseni güýe ýaly güýtjek-dä. Wah, bu
dünýäniň gysygynyň zatda däldigini, zat alanyň
bilen kanagat gelmejegini Esen, biçäre, nireden
bilsin?! Zady alanyňdan aljak-aljak diýip arzuw
çekeniň on esse süýji ahyry. Ýöne Güljahanyň
sargydyna gözi baglanan Esen muňa hacan
düşüner?!
*
*
*
Ýüze-ýüze dünýäniň depesine ýeteňkirlän
ak gämi, ahyry aşaklygyna eňip gaýtdy. Gidişin
şäher-şäher, oba-oba düşläp gidensoň, gaýdyşyn
123
eglenmedi. Günler
tukatragam bolsa rahat
geçýärdi. Kaýutada eseniň gara penjeginiň ysy
çydatmansoň, penjek beren ýigit, il ýatansoň, şo
gara penjegi aldy-da derýa tarap yrgydyp goýberdi.
―Gaýdyp seni gözüm görmäwersin‖. Kaýuta
gelende, öňküsi ýaly, hemmeler uklaşyp ýatyr,
Esene bakdy, onuň gazanlary, beýleki ýüklerini
ýatlady. ―Biçäre-e‖.
Ir ýatan Esen irem oýandy. Gözüni açandan
göreni gyzyl onluk boldy. Bäh, bi nä gudrat
boldy? Nireden gaýyp düşdikä? Gaýyp düşene
meňzänok, ýassygyma gysdyrypdyr-la-a. Ýa özüm
ukyda
düşirgäp,
öz
pulumdan
çykaryp
goýaýdymmykam?
Esen
ýoldaşlary oýanmaňka tizden-tiz
jorabyndaky, türsisindäki puluny sanady. Ýerbeýer. Akly çatmady. Oglanlar oýananda hersine
onlugy uzadyp: ―pul seňkimi?‖ diýdi, olar
türkmençä düşünmän: ―Näme üçin pul hödürleýäň?
Puluň özüňde dursun‖ diýdi. Gara penjek beren
ýigide gezek gelende ol ýylgyrdy-da ―Pul özüňki‖
diýip elleri bilen düşündirdi. ―Be-eý, bu pul
nädip meniňki bolýaka? Eger meňki däl bolsada, ala-böle meniň ýassygyma gysdyrylmasynda
bir gep bar‖. Penjek beren ýigit bolsa henizem
ýylgyryp otyr. ―Düşünseň-ä häzir düşünersiň,
bolmasa-da ýagly penjegiňi
geýjek
bolup
gözläňde düşünersiň-dä‖.
Esen puly jübüsine salsa-da ynjalyk tapmady:
özge biriniň hakyny alýan ýaly.
124
Şol günuň agşamy ol jorabyndaky puluny hem
tursisindäki gizlin jübüsine geçirdi. Şeýtse has
ähtibarlyrak boljak, agşam ýataňda-da puluň
ýanyňda. Emma Esen gara penjegiň gideninden
henizem bihabardy, ol henizem göwün ýüwürdende
gara penjekli, gara jempirli, galstuklydy. Ynha, ol
obasynyň deňinde şu görnüşde otludan düşýärde töwerege belentden bakyp goýberýär, soňra
halta-halta
ýüküni
gyssanman-howlukman
düşürýär. Beýlede duran maşyna ýüküni basyp,
öýüne barýar. Güljahan ony birbada tanamajak
bolýar, bi gara ýaldyrdawuk penjekli, gara
jempirli, galstukly kişi kimkä? diýip hüşerilýär.
Eseni diňe burnundan tanaýar. ―Egin-eşik kimiňki
bolsa-da, şu burun Eseniňki‖.
Esen burnuny nägile sypap goýberdi.
Hernäçe ýigrense-de etjek alajy ýok, öz teniň-dä,
kesip taşlap bilmersiň.
Ol bu günleriň rahat geçişine, hiç bir
müşgillige uçramaýşyna şükür edýärdi. Üstesine-de
ol halys irizen syyahaty tamamlap, her günsaýy
öýüne golaýlaşýar ahyry. Sag-aman öýüne dolansa,
oňa ýetesi zat ýokdur-la. gezen gezewersin. Esenehä oba-ilinden, öýünden hemem traktoryndan
aýyrmasalar, başga bagt gerek däl.
Şol günleriň birinde Eseniň hammamdaduşda ýuwunman-ardynman, geýimini çalşyrman
ýörşüne kaýutadaşlaryň biriniň ünsi düşdü-de, onuň
garşylygyna bakman, bile hammama alyp gitdi.
Ýyly suwda derisi giňän Eseniň keýpi göterildi,
125
öňler diňe
är-aýallyk
işi bitirilende
ýuwunylýandyr öýdüp ýoren Eseniň şähdi açylyp,
üstünden suw baryny eňterdi. Utanjyna türsili
düşensoň, hammamda täk özi galýança durup,
tursisini çykardy. Çalşyrmaga eşik almansoň, gury
tenini jalbaryna sokdy-da gidiberdi. Bir elinde-de
gawun kaky ýa-ly burum-burum bolup ýatan öl
türsisi. Palubadaky oturgyçlaryň birine tursisini
serdi-de kaýutasyna girdi. Näçe wagtlap suw
görmedik beden sökülip-sozulyp barýar. Düşegine
geçen Esen salymyny bermän meýmiräp, uka
batdy. Birki sagat ýatan bolsa gerek, oýanyp
töwerege göz aýlady. Oglanlar kart oýnaşyp otyrlar.
Esen birden düşeginden böküp düşdi-de gapyny
warkyldadyp açyp-ýapyp göni paluba baka eňdi.
Türsisinde pul barlygy şu mahal kellesine urdy.
Pähey, edip ýören işiň bar bolsun! Suw nämäňe
gerekdi?! Şu çaka çenli suwda ýaşadyňmy
diýsene, geziber-dä önki bolşuňda. Wah, pul
barlygyny bilen bolsalar türsini çilendirler. Öz-ä
halal puldy. Hudaýyň özi goran bolsa-ha...
Esen insiz koridorlarda ýüwürip, beýik
basgançaklardan boküp-böküp tursisini seren ýerine
ylgap bardy.Oturgyç öňküsi ýaly dur. Beýle ýanda
birküç kişi güne çoýunyp, kitap okaşyp ýatyr.
Töwerege nazar aýlasa-da türsisine gözi ilmedi.
– Türsimi görmediňizmi?
Oturanlar ―Düşünemzok‖ diýip başyny
ýaýkadylar. ―Görmersiňiz-le. Puluny alyp, tursini
suwa
taşlaňyzsoň,
görmersiňiz-le‖.
Esen
126
howpurgap-howlugyp, demini sojap alyp, çar ýana
alakjady, gözüni ýerden aýyrman ýörşüne
gäminiň ardyndaky demir gözenekli germewe
çenli bardy. Adam boýy germewiň ýüzünde:
―Geçmek gadagan‖ diyen ýazgy bardy. Esen o
ýazga üns bermedi, okanda-da düşüňmejegi belli.
Emma şol germewiň aňyrsynda gäminiň kuwwatly
perleriniň suwy köpürjiklerdip, ala şogurdy
turuzýan yerine golaýda öz tursisiniň ýatanyny
gören Esen şo germewe ýarmaşyp başlady.
Gäminiň radiosyndan kapitanyň howsalaly sesi
çykdy.
– Dolan, dolan! Gadaganlygyny gözüň
görmeýärmi? – Esen o
sese
düşünmän
germewden aşyp başlady, kapitanyň sesi hem has
azmly çykdy – Düşüňýärmiň, o taýy ölüm
howply, ölersiň! meni türmä saldyrmajak bolsaň
dolan!
Ýo-ok, Esen häzir içi pully türsisinden
başga zady görenok. Gulaklary hem gapyk. Anha,
ol germewden geçdi-de, başy aýlandymy ýa-da o
taýynyň güýçli sarsgynyndan eýmendimi, bagry
bilen süýşip başlady. Şo pursat üç sany gämiçi ok
ýaly
atylyp
gelşine germewden gaýdyrylyp
geçdiler-de Eseniň aýagyndan garbap tutup yza
çekip başladylar. Esen bolsa çyr-çytyr demire
ýapyşyp öňe dyzaýar, birküç ädimlikde ýatan
türsisine ýetesi gelýär. Onýança güýçli ýigitler
Eseni özlerine çekip aldylar-da germewden aşyrjak
bolup edil pökgi göteren ýaly ýeňil göterdiler. Esen
127
bolsa henizem elini türsä tarap uzadyp ―Dengi!
Dengi!‖ diýip gygyrýar. Gykylygyna bakman Eseni
germewden beýlä agdardylar. Olaryň biri türsini
almakçy bolup ýöneleni hem şoldy weli, ýetişikli
şemal türsini
ýelkildedip alyp, lummurdap,
gaýnap-joşup ýatan suwa garyp goýberdi. Esen
germewe yapyşyp durşuna muny görüp, göwresini
lampa ýere goýberäýdi. ―Wa-ah, indi Güljahana
näme jogap bererkäm? Janymy alsa gerek. Gara
köpüksiz nädip öýe aşarkam? Waý, hudaý ja-an,
maňa rehmiň gelewersin. Şol yassyga gysdyrylan
onlugy almaly däl ekenim, o kişi hakydyr. Anha,
indi bir onlugy alyp, deregine näçe onlugy bermeli
boldum. Wah, meňki boljak däl-ow. Hernäçe
halaýyga
görüňmäýin, öýden
çykmaýyn
diýsemem bolmady-da. Ýuwunar ýaly, näme,
endam janyňy gazana süýkediňmi, diýsene?! Dyzap
goýmady-da. Dyzasa dyzap geçsin. Bar, özüň
kiriňi döküwer diýmelidim weli, oňarmadym-da.
Bar bela şo hammamdan başlandy-da. Ana, indi
boljagym boldy‖.
Gäminiň adamlary kapitanyň howsalaly
sesini eşidip, paluba tarapa eňişip gaýtdylar. Bir
gyrada kelteje boýly Esen boýny buruk bakyp dur,
beýleki tarapda-da halaýyk oňa bakýar. Kimsiniň
nebsi agyrýar, kimsi gaharlanýar. Hyşy-wuşy
gürrüňlerem örüp başlady.
Şo wagt birmahalky semiz dilmaç aýal Eseniň
ýanyna baryp halyny sorap, duýgudaşlyk etdi. Ol
Eseniň gaýdyş biledini alyp goýanyny bilip ynjaldy.
128
―Pul üçin bozulmaň işlärsäňiz, kazanarsyňyz.
Janyňgyz, başyňgyz sag bolsa bolgany‖. Ol
zenan jübüsinden on manat çykaryp Esene uzatdy.
Ol almajak bolsa-da berdi. Bir tarapda duran
halaýyk hem o aýaldan näme bolanyny sorap
bilensoň, olaryň arasyndan hem Esene pul
goldawyny
berenler tapyldy. Esen o pullary
almajak bolsa-da semiz zenan ony kynlyk bilen
göwnetdi.
Elbetde, ýoldaşlarynyň goldawyna Esen
ýurekden minnetdar boldy, kä gezeklerde olara,
ogra bakan ýaly, şübheli garany üçin özünde
müýn duýdy. Emma şodurda-şodur gaýdyp Eseni
köpüň içinde görüp bolmady, ol tä Krasnoýarska
gelýänçä tukat geldi, özünden göwni geçdi. Her
niçigem bolsa dogduk mekana dolanýanlygy
köňlüne az-kem goltgy berdi. Ynha, bary-ýogy bir
gije-gündizden ol öýünde oturýar ahyry. Ilki
Krasnoýarskiden Aşgabada samolýotly uçar gider,
o taýdanam otlynyň biline münse, bary-ýogy on
sagatda obasyna elter.
Esen şeýle duýgular bilen gämide goşlaryny
halta-halta edip ýygnaşdyrdy. Boýunly gara
žempirini geýdi, emma näçe dörünse-de gara
penjek göze ilmedi. Nirä düşäýdi-kä? Ya eliniň
gyzgynyna haltalaryň birine dykaýdymyka?
Şeýdendir-ow.
Onsoň ol zatly haltalaryny birme-bir döküp,
ýaňadan salyşdyrdy, ýöne gara penjek welin bir
haltadanam çykmady. Be-e, gara penjek Eseniň
129
göwün diýen penjegidi ahyry. Ol oba-da hut şo
penjegi geýip barmagyň arzuwundady ahyry. Indi
şo tapylmasa näderkä?
Ýo-ok, hernäçe dörünse-de tapmady. Onsoň
Esen boýunly žempiriň üstünden myjarlanypdüýrlenip galan galstugyny dakyndy-da goşlaryny
kenara daşap başlady. O taýdan bir maşyn tutup
aeroporta eltdi. Samolýotynyň uçmagyna wagt
kän. Jübisine elini sokdy -ýoldaşlarynyň beren
puly bar. Onsoň ol ugra oturyp bilmedi-de beýle
ýandaky magazine girdi. Arzan çit mata gözi düşdi
hemem Güljahanyň sargydyny ýatlady: ―Arzan
eli segiz kopüklik çit matadan aalytmyş mitir al‖.
Esen başga hiç zat hakda oýlanman mata alyp
çykdy. ―Şuýä bolaýdy‖.
Ine, ahyry samolýota müner wagt boldy. Her
kimiň goşlaryny terezide ölçäp
başladylar.
Syýahata gaýdanda ýüki bolmansoň, muňa kän bir
üns bermedik Esen ýangoşynyň näme üçin
çekilýäninden
bihabardy.
Gezegi
gelende
haltalaryny terezä örüp basdy weli, tereziniň
aňyrsyndaky zenan artyk ýük üçin näçe
tölemelidigini aýtdy. Esen düşünmedi, terjime edip
berdiler. ―Eý, ho-o, beýle düzgünem bar eken-ow.
Meniň pulum ýetmeýä. Şuňa düşündirip aýtsana,
men öňem ýolda pulumy derýa gaçyrdym. Menden
pul alman geçirsin-le‖. ―Bolmaz diýýä. Hökman
alynmaly-da‖. ―Be-e, onda barja pulumy alsyn,
ýetmedigine derek gaty gyt gazanym ba, özem
gapakly, şonuň birini bereýin‖.
130
Terjime edip berdiler weli, tereziniň
aňyrsyndaky gyz ýürekden güldi. Ol Eseniň çyny
bilen aýdýanyna ynandy-da onuň barja puluny
alyp ýüklerini kabul etdi. ―Gaýdyp beýtmäweriň‖.
―Wah, gaýdypmy, gaýdyp dirikäm obadan çykasym
ýok-la‖.
*
*
*
Esen samolýotda-da, soňra otla münende-de
bar arzuwy – Güljahanyň göwnünden turmak
boldy. Şäher-şäher, dükan-dükan söke-söke alan
zatlaryna Güljahanyň göwni ýetse, begense Esene
başga zat gerek däl. Ol özüniň şeýle haldalygyny
entek duýmaýardy, hiç hili oýlanmazdan, tebigy
buýruk boýunça ýüwürýärdi.
Ynha, häzir ol halta-halta ýukelrini öýüniň
dulunda hatar-hatar örüp, haltalary birme-bir açyp,
beýle ýanynda ogluny goltuklap oturan Güljahana
sowgatlary uzadyp başlar. Haltada ilkinji eline
ilen zat – arzan çit mata. Esen o matany uzadýar
weli Güljahan: ―Waý, bu matanyň owadanlygyny!‖
diýip topulýar. ―Näçeden aldyň?‖ ―Arzanja-la. Öz
sargaýşyň ýaly, mitiri elli üç köpükden‖.
―Bolaýypdyr. Gül ýaly‖.
Owadan termoslar çykýar-―Gowujalygyny !
Sen-ä söwdany oňarjak-ow, Esen.‖
Gapakly gazanlara Güljahanyň gozi düşýär
– ―Bä-ä, gowy zatlar alypsyň, tüwele-me‖.
Esen üzüm gülli çäýnekleri uzadanda dagy
Güljahan gül-gül açylýar.
131
Ahyrda, Esen ähli getiren zatlaryny öýüň
içine gyzyl-ala serip goýýar
weli, Güljahan
begenjinden ýaňa nämä bakjagyny, nämäni
ellejegini bilmän, gözlerini ikiýana alakjadýar,
süýji-süýji sözleýär.
Esen şeýle bolaryny isläp öýüne geldi.
Dogrudanam, Güljahan birbada Eseni tanap
bilmedi, tomsuň bu jokramasynda boýunly gara
žempirli, galstukly, ak ýüzli kişä Güljahan
garaşmandy. Ol geleniň Esenligini tiz tanap, ojaga
çöp atyp oturan ýerinden turup gaýtdy, äwmän,
şeýle bir giň-giň ädimläp, abanyp gelýär weli,
Eseniň şobada howy basylyp ugrady.
– Güljahan, gurgyn oturanmysyň? Bala-çaga,
mal-gara saglykmydyr? Obalaram rahatlykmydyr?
– Esen öz aýaly bilen salamlaşmagy birgeňsi
görüp, ―Salam‖ diýjegini-diýmejegini bilmedi.
Güljahan bu soraglara bir sözde ―Hawa‖ diýdi-de
haltalary maşyndan düşürip başlady. Aralygynda:
―Uzak eglendiň-le?‖ diýdi. ―Meni göresi gelipdirow‖ diýen manyda düşünen Esene bu sorag hoş
ýakdy. ―Seniň
sargytlaryňy bitirjek
bolup
eglendim--dä‖. ―Nämeler alyşdyrdyň?‖ ―Sargytly
kagyzyňda näme ýazylan bolsa baryny aldym‖.
―Bä, sen-ä iş bitiripsiň‖. Güljahanyň şujagaz sözi
hem eýýäm Eseniň goltugyndan göterip başlady.
Ikisi bir jaýda galanda, ogly bolsa sallançakda
ýatyrka Esen Güljahany gujaklajak boldy weli, ol
sähel ýylgyryp eliniň tersi bilen ony itip goýberdi.
132
Güljahana häzir yşk oýnuna garanda haltalardaky
zatlary görmek has gyzyklydy.
– Aýryl-a! Hany, haltaňy aç! Näme getireniňi
göreýin.
Esen gulluga taýyn. Böküp baryp bir haltanyň
bogdagyny çözdi. Gapakly gazany uzadanda
Güljahan nebsewür topuldy. ―Bolaýypdyr, tüýs
meniň gözleýän gazanym-da. Magazinde açyk
satylýamy?‖ ―Hawa-la. O taýda düzgünler gaty
güýçli. Her magazinde bir milisge dur. Magazinçi
zat gizledigi, ýa pul iýdigi şapba golundan tutýada: ―Ýör türmä‖ diýýä‖. ―Wah, şoň ýaly milisge
biziň magazine gerek. Ýer ýuwutmyş, bardygyň
ýagyrnişligiňi otlaýa‖. Güljahan gapakly gazany
sypalap az-kem güýmenýär-de Esene bakýar.
– Näme çykaraňok?
Esen ýaýdanýar, haltanyň içine, edil guýa bakan
ýaly bakýar.
– Aý, şi, neme, biri nemedipdir weli...
– Sakawlama-da, o zatlary duza ýatyrmajak
bolsaň tiz çykaryşdyr.
Esen sähel sandyrap başlaýar. Agzy açylyp, ak
reňk akyp yatan gapyrjagy çykarýar. Reňk keçä
sarkyp başlaýar.
– Waý, keçämi kül etdi! – Güljahan Eseniň
elindäki gapyrjagy kakyp
alýar-da
daşary
taşlaýar. Güljahanyň gahary oýandygy, öňünde
dag bolubam durar ýaly däl. Muňa Esen aňry
ýany bilen belet bolansoň, haltadan zat çykarmaga
bogny ysman, indiki urga garaşýar.
133
– Bol diýdim-ä saňa! Agaç ýuwdan ýaly bolup
durma-da çykar artyplaryňy!
Esen daşyna ak reňk çyrşalan bir termosy zordan
çykaryar. Içinde şygyrdy eşidilýär. Güljahan
alýar-da termosyn içine bakýar. Esen bolsa
haltanyň ýanynda ―Näme bolarka?‖ diýip müýnli
bakyp dur.
– Äý, kellesi kesilmiş-äý, hi termisi dagy halta
salarlarmy?! Wah, bir gowja zat ekenidä. –
Güljahan hernäçe özüne basalyk berjek bolsa-da
bolmady. Gahardan yaňa ýaryljak boldy. Elindäki
termosy hem daşary taşlady. – Ýer ýuwutmyş,
pulumyň haramy barmydy?
Güljahan kanagat tapman Eseni birýana itdide haltadaky zatlary özi çykaryp başlady. Ýene
döwük termos, ak reňke boýalan gyzyl pombarhat,
çüründigi, gulpy, gapagy döwülen, böwri deşilen,
tutuş
owranan
çäýnekler
Güljahany
tas
däliredipdi. Saçyny ütüp, içini çekip aglap başlady.
Esene şeýle bir gargady weli, ol öňde-soňda hiç
kime beýle zäher pürken däldir. Bir haltany döküp
beýlekä geçse, ol öňküdenem beter. Güljahanam
barha gaharlanýar, barha beter gargap, döwük
zatlary eliniň tersi bilen ikiýana zyňyşdyrýar.
Esen bolsa bir burçda gussa bogulyp otyr.
Ol hiç mahal şeýle gussa batmandy.
Güljahan bolsa gahary göwrä sygman,
beterden beter betbagtlyga uçran ýaly, jaýyň içinde
ikiýana zowzuldady, birdenem Esen biçäräniň
galstugyndan mäkäm tutup, dabyrdadyp daşary
134
alyp çykdy. Barha batly ýöräp, beýle ýandaky
guýynyň edil agzyna bardy.
– Ýer ýuwutmyş, men senden geçdim! Şu
dünýäde ýa sen galarsyň, ýa men! Eşidýämiň?
Erkek bolsaň bök, ýa bökjek.
Esen geplemedi, Güljahana hem göni bakyp
bilmedi.
Emma Güljahan bir dem salym hem
eglenmän, çuňňur guýa özüni taşlajak bolup egilipegilmänkä Esen ony ykjam gujaklap yza çekdi.
– Çekil, çekil, haram!
– Sen gitme, men gideýin, Güljahan!
– Gitjek bolsaň, sorap gitmelimi, namart?! Sen
erkegem dälsiň! Bök!
– Men guýa böküp bilemok, sen meni iteläýsene.
– Wahhh, wahhh!
Şo mahal arka çetden bir çaga agysy eşidildi
weli, olaryň ikisi hem şo tarapa bakdy.
______________
135
ALTY DAÝY
Hekaỳa
Men öñde-soñda beýle adama duşmadym. Onuñ
beýleki adamlardan bir üýtgeşik parhynyñ barlygy
göreñden bildirýär. Ol özüni gaty dik, ulumsy
saklaýar, kiçeñräk ýiti gözleri haýal gyrpylýar.
Garamtyl
çekgesindäki,
mañlaýdaky galyñ
ýygyrtlar onuñ ýüzüni gazaply görkezýär. Onsuzam
umumy durkuny syñlasañ ýylgyrýan adamdyr
öýder ýaly däl. Alty daýy ýogyn burnunyñ
kölegesinde görüner-görünmez ýeserje murt goýşy
bilenem beýlekilerden özüni tapawutlandyrasy
gelýär. Ol obadaşlaryna göwni ýetmän ýaşaýar.
Şoña görä obada diñe Allak diỳlen bir wäşi Alty
daýynyñ göwnüni tapyp bilýär.
Ady Alty bolsa-da ýakyn dogan-garyndaşsyz,
aýalsyz, oglan-uşaksyz bu ýaşuly täze nesle syrly
bir adam bolup görünýär. Allak wäşi Alty daýy
bilen tirkeşip üỳşmeleñe gelende il begenýär.
Märeke ondan-mundan gürrüñ edip ýadaşyberende
Allak wäşi: ―Hany, Alty daýy, sen başlamasañ
boljak däl. Bular gürrüñi gaty ownatdylar. Bar
bilýänleri-sygrym guzlady, towugym öldi. Bular,
how, obadan çykyp görmedik, birtopar heleýguly
ahyry. Hany, Alty daýy, Owganystandan tirýek
daşaýşyñy aýdyp bersene!‖ diýýär.
136
Alty daýy hälden bäri bu teklibe garaşyp otyr,
gowsunýar, batly-batly ardynjyraýar. Onsoñ ýene
az salym dymyp, tüýlek ellerini owkalap, bu
gürrüñi ilkinji gezek aýtjak ýaly tolgunýar. Halaýyk
bolsa, Alty daýynyñ Owganystandan tirýek
getirişini däl, eýsem ähli söhbetlerini öñ ýüz gezek
diñlänem bolsa, her sözüni ýatdan bilýänem bolsa,
ýüz birinji gezek diñlemäge taýýar halda sesini
kesýär. Alty daýy
gorkunç wakalary gürrüñ
bermäge laýyk gyryk sesli söze başlaýar:
-Hiç kime aýtmasañyz aýdyp bereýin. Bu zatlar
gaty gizlin zatlar. Her kim at münüp gidibermelidir
öýdýänsiñiz welin, ýook, gidäýmersiñiz. Eli ýapon
altatarly, burum-burum tüỳden ýaña gözi-gulagy
görünmeýän gazaply owgan ýoluñda oturanyny
bilseñ, añsat-añsat gidäýmersiñ.
-Aý, o garakçylar bir ýa-da iki däldir, her
öwrümde garagullaşyp ýatandyr-diýip Allak wäşi
Alty daýynyñ heñine heñ goşýar.
-Ýogsam näme?! Ýöne olardan Alty daýyñ
gorkçakmy?! Bir gylymam gymyldanok.
-Wah, Alty daýy, sen gorkaño-ok, emma bi
oturanlar seniñ gürrüñiñi diñläp, titreşip otyrlarAllak wäşi Alty daýa görkezmän halaýyga göz
gypyp göýberýär.
-Äý, bulary goýsana! Men şularyñ ýaşyndakam
ata ters münüp çapýadym, ýolda ýatan garakçylaryñ
hersiniñ mañlaýyndan çüýläp-çüýläp geçer
giderdim.
137
Onsoñ her garymda bir garakçy porsar ýatardy.
Bular-a gün batansoñ öýünden çykjak bolsa-da
heleýiniñ synyna ýapyşyp ýörler.
-Alty daýy, ana, garakçylary-ha atyp dyndyñ,
soñ nätdiñ?
-Soñ han özüm, soltan özüm. Owganystanyñ bir
gyrasyndan girip gitdim. Görenler iki bükülip salam
berýär. O döwürki atymy gören bolsañyz! O-ho-oo. Häzirki at diýip münüp ýörenleri meniñ atymyñ
ýanynda kürre ýatjak-da. Menem atymy sürüp uly
bazara güpürdäp girýän. Söwdagärjikler meni
görenlerinde,
edil
Ezraýyly
gören
ýaly,
zowzuldaşýalar. Satýan zatlaryndan hödür edýäler.
―Ýok-how, şondan şoña kişmiş iýmäge gelendir
öýdýäñizmi?‖ diýýän. Şo barmana biri maña Alty
daýy diýen bolýa. Ýañkyjany at üstünde oturşyma
depip göýberdim. ―Daýyñy daşrakdan gözle!‖
diýdim. Bir görsem bazaryñ hojaýyny gybyrdyklap
gelip, atymyñ aýagyny gujaklap dur. ―Agam! Näme
hyzmat?‖ diýýä. Menem bir horjuny oklap
göýberdim-de tirýekden dolduryp gel diýdim. At
üstünde bir käse çaý içdimmi-içmedimmi, aý,
garaz, süýt gaýmak tutmanka, doly horjuny eýere
atdylar.
-Puluny berdiñmi?
-Pul berilermi?! Olar ölmän sypsa razy.
Tañryýalkasynam aýtman, atyñ ýüzüni bäri
öwürdim. At, janawar, öýe gaýdýanyny duýup,
süýnüp gelýädä.
138
-Juda gaty sürme, entek ýolda-da waka bary
bolmaly ahyryn.
-Ýok, menä ata bir gamçam uramok, ýöne
keýpim göterilip, hiñlenen bolup gelýän.
-Alty daýy,bir samsygam yzyña düşmelidir öz-ä.
-Ho-ol gözýetimden gelýä. Atyny aldygyna
gamçylaýa. Menem görmedik bolýan.
-Ol öñ ataysa nätjek?
-Pähey, atdyrjak bamy?! Ýaragyny çenedigieddil iki gözüniñ ortasyndan patyladaýjak.
―Geliber, bakaly. Bir ok hakyñ bar‖ diýýän.
Ýöne olam özüne göwni ýetýänje adam ekeni.
Murtunyñ her taýy bir garyş, gulaklarynyñ tüýlerini
örübermeli. Boýnuny palta çapar ýaly däl, at
üstünde äpet bir töññe ýaly garalyp otyr.
Onsoñ, näme, ýol uzak, düşläp dynç almalam
bolýa.
-Düşledigiñ-ä ýañky ýetip geler. Näderkäñ?
-Nätmekden hudaý saklasyn. Arkaýyn otyryn.
Olam atdan düşüp, büküdip gelýä, gelşine salam
berýä, aý, dogan diýýä, gardaş diýýä. Menem
käkeläber bakaly diýýän. Biri ony öldürjek
bolanmyş. Gaçyp gelýän diýýä. Ondan gaçanam
bolsañ, menden gutulmarsyñ diýip, menem gumy
ýaplanyp ýatyryn.
-Uklaýma, Alty daýy!
-Siz uklaýansyñyz, bir sagat giç ýatsañyz,
irkilip-bürülip, burnuñyz ýere degäýjek-degäýjek
bolýa. Meniñ üçin bir gije, üç gije hiç zat. Onsoñ
ýañky peläket beýle ýanda mazar ýatan ýaly
139
güberip ýatyr weli, indi turar, şindi turar diýip,
gözümi aýramok. Nejis turanok-da. Ahyry,
dañdanlar emaý bilen başyny göterdi-de
diñşirgendi, diñşirgendi-de maña baka emedekläp
gaýdyberdi. Edil gara öý süýşen ýaly-da.
Oturanlar söhbetiñ iñ gyzykly ýerine gelenini
bilýäler. Içinden gülýäler. Alty daýy, o wakalar edil
şu mahal bolup geçýän ýaly, özüni örän dartyk
tutýar.
-Ýer bakaly, Alty daýy, Alla saña kuwwat
bersin-dä.
-Menem uklan kişi bolýan. Olam barha
ýakynlaşýa. Elinde-de ak saply pyçak. Öküze
sünçse-de ýykjak-da.
-Alty daýy, tur indi!
-Turjak däl. Gelibersin.
-Gaty ýakyn geldi-how, jan daýy, turaweri!
-Tursam-gorkdy diýer. Haşşyldap dem alşy
barha ýakyndan eşidilýä.
-Şi gezek seni alaýmasa...
-Alaýşyny! Janly-ha däl, maslygymy görse-de
demi tutular durar. Ynha, onsoñ ýañky edil
alkymyma geldi.
Pyçak urjak bolup elini galdyrandyram weli,
onýança menem sapançany gysyp göýberdim.
Agdarylyp gitdi. Üstüne çäge sürdüm-de
gaýdyberdim.
-Şu gezek gowy öldürdiñ, Alty daýy. Türkmeniñ
adyna ysnat getirmeseñ bolýa.
140
-Eý, biziñ üçin beýle-beýle işler çigit çigitlän
ýaly-da.
-Berekella, Alty daýy. Hany, munça adam
öldüreniñe görä, palçynam öldürip bersene.
-Palçynyñ näme öldürmesi bar?! Elini dañagada
deper göýbärsiñ weli, suwa çümer gider-dä.
-Ýok, ýok, beýdip tiz öldürme. O palçynyñ eden
işlerinem aýt ahyry.
-Bolýa, ýöne siz hiç kime aýdaýmañ. Urşuñ
gyzzy-gyzzysynda adam bary aç weli, bir palçy,
öýme-öý aýlanyp, aýal-gyzlary aldap başlady. ―Iki
çörek tapmasañ urşa giden äriñ şu gije öldürilýär‖
diýýä, ýene birine: bir çörek ber, urşa giden ogluñ
sag-salamat geler ýaly edeýin diýýä. Şeýdip,
obanyñ soñky döwüm çöreginem aldap alyp
başlady. Bir gün geldi, iki gün geldi. Üçünci günem
geldi weli, menem derýañ köprüsini garawullap
oturyberdim. Hernäçe aldasañam, ahyrda şu
köprüden geçmeli bolarsyñ diýýän. Ine gijara ýañky
palçy eşegini dikgirdedip horjuny doluja, keýpi
kökje gelýä. Meni görenden reñki üýtgedi.
-Alty daýy, öñki gezeklerde eşekden agdarylyp
gaýtdy diýýädiñ-ä.
-Hawa, reñki üýtgänsöñ, eşekden agyp gaýtdy.
Jan aga diýýä, maña degmeseñ, horjundakyñ
ýarsyny bereýin diýýä.
-Akmak palçy eken-ow.
-Palçyñ akyllysy bolmaz. Men oñ janyny aljak
bolup durkam, o nanyñ gürrüñini edýä. Onsoñ
ýuwaşja ýöräp bardym-da eşegiñ üstündäki horjuny
141
alyp içindäkileri takyrja ýere dökdüm. Biçärelerden
aldap alan gaty nanlary, kümüş şaý-sepleri-dä.
-Palçy gaçjak bolmadymy?
-Gaçanda sypmajagyny bilýä. Edil ýylanyñ
owsunyna düşen gurbakga döndi. Aldygna
ýalbarýa. Eşek ýüpi bilen elini dañdym, horjunyñ
bir gözüni hem kellesine sokdum. Gaýanyñ
gyrasyna eltip, syrtyna depip göýberdim. Güjjüldäp
derýa düşdi. Şo çümüşi, henizem çykanok.
Obadaşlar
bu
gürrüñleriñ
çynlygynaýalanlygyna ynanyp bilmeýärler. Emma bir gyrada
oturan ýaşulylar Alty daýynyñ özge sözlerine
ynanmasalar-da ikinji jahan urşy ýyllary açlykdan
öljek obany hut Alty daýynyñ halas edenini hiç-hiç
unutmaýarlar: obada azyk gutaryp, adamlaryñ ýüzi
gögerip-çişip başlanda Alty daýy bir gije iki oglany
yzyna tirkedi-de şähere gaýtdy. Köçeleriñ birindäki
örän bezegli derwezäniñ deñinde saklandy.Itdi,
içinden kilitlengi.
―Hany üstünden aşyrylyñda derwezäni açyñ!‖
diýdi veli, oglanlar ýaýdanyşyp dur. Alty daýy
pyçagyny çykardy-da hemle urdy: ―Bol diýýän!
Bolmasa ikiñiziñem damagyñyzy çalaryn‖.
Gapy açyldy. Alty daýy öz howlusyna giren
ýaly, örän arkaýyn girdi-de göni sygyr ýatagyna
ỳöneldi. Iki sany daýaw öküz gäwiş gaýtaryp ýatyr.
Öküzlerin biri aýaga galdy weli, Alty daýy ―Biziñ
nesibämiz şudur‖ diýip ýüpüni gazykdan çözdü-de
idip gaýdyberdi. Şäherden çykylansoñ, jany ynjalan
oglanlaryñ biri: ― Alty daýy, beýleki öküzem
142
almalydyk‖ diýdi. ―Hä-ä, işdäñ açyldymy?! Bilip
goýuñ, eger beýleki öküzi-de alan bolsak,
namartlyk bolardy. Bu öküzem ogurlyk däl, karz bi,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.