Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12

Total number of words is 3539
Total number of unique words is 2131
30.3 of words are in the 2000 most common words
43.5 of words are in the 5000 most common words
51.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
─Goýsaňyz-la, gyzlar, ýok ýerden gep tapjak
bolmaň. Läledir-dä.
Öýüň içindäki gürrüň, duldegşir öýdäkilere-de
eşidilip durdy. Toý-şagalaň sowlup, her kim öýüne
ýygnananda adamsy Hanmämmet giç geldi.
Öňlerem şeýle bir açyk ýüzli bolmadyk
Hanmämmet bu gün gaty agyr ýüzlüdi. Hangül
onuň halyny bilmediksirän boldy.
─ Hanmämmet, çaýyň demini alyp durandyr.
Jogap bolmady. Hanmämmet Hangüle baka
gözlemejek bolup ýüz sowdy.
─Näme, kelle agyryň tutýamy?
Ýene jogap ýok.
Hangül
gepleşmesini
Hanmämmediň
ýeňsesi
bilen
bilýärdi. Hemişekileri ýaly bir
260
salymdan açylyşar öýtdi. Golundaky Nuryny
sallançaga saldy-da ýuwaşja üwräp goýberdi.
Demli çäýnegi Hanmämmediň öňüne süýşürdi. Çaý
içilmän galdy.
─Ýadaw bolsaň ýeriňi ýazaýynmy?
─Sen heleý, etjegiňi edip, meni oýnajak bolma!
Sen entek Hanmämmedi tanaňok. Köpüň içinde
aýdym aýtmag-a däl, öýde bir agyz gepleseňem,
diliňi damagyňa gidirin.
─Bolýa,
oýaraýma!
geplemedigim
bolsun.
Çagalary
─Ikiňizi hem bir çukura gömerin, bilip goý.
─ Gül ýaly çaga beý diýme. O seniň – meniň
ýürek ýagymyzdan öndi.
─Sen kime diýilýänini gaty gowy bilýäň .
Mönsüremäňi bes et.
─Hanmämmet! Sen gabanmaňy goỳ! Men özgä
göz galdyramdan ölüp gidenimi gowy görerin.
Ynan maňa, musurman bolsaň ynan!
─Sen lal bol! ―Dutaryň perde-perde‖ diýip, kimi
göz öňünde tutýanyňy bilmeýändir öýdýänsiň.
Bilýän, asmandaky durnaň dem alşyny eşidýän.
─Sen eşidýäň, ýöne göreňok. Görmersiňem. İl
gepine gitme . İl ikimiziň agzybirligimize şek
ýetirjek bolýa. Senem ynanýaň.
─Lal bol .
261
Hangül sallançagy haýalja üwräp goýberdi.
─Men lal bolaryn, Hanmämmet. Bir dilegim:
başga ýüz müň töhmet at, ýöne biwepa diýme.
Ölerin, çüýrärin, sen perdämi açdyňmy, senden
başgasy meniň meýdimi görer. Aýalam bolsam,
merdana aýaldyryn, şuny unutma! Şu günden
beýläk maňa gara sürtjek bolma. Men diňe seniň
düşegiň. Öldüresiň gelýämi, ynha men, öldür. Ýöne
töhmete çydamok. ─Hangül soňky sözleri agyly
aýtdy-da, ýaglygyny ýüzüne örtüp, içigip-içigip
aglap başlady. Başga ýana bakyp dik oturyşyna
Hanmämmet
Hangülüň
agysyna
erejege
meňzemeýärdi. Hangül gözleriniň ýaşyny ýaglygy
bilen syldy, emaý bilen arkadan baryp ýakyn
oturdy-da Hanmämmediň sag goluny gorka-gorka
gujaklady.
─Hanmämmet, men seniň naçaryň ahyry.
Hanha, sallançakda ýatanja perzendimden ant
içýän, ynanmasaň, Kuran getir, alnyma goýup ant
içeýin, maňa beýle horluk etme. Sen soltanym, men
gyrnagyňdyryn. Aýagymy gyşyk basanymy
gördügiň hanjarlaýgyn, razydyryn.Ýöne öz gözüň
bilen görgün.Gepe
ynanma.
Hanmämmet sarsmady, hiç bir sözem diýmedi.
Hangül ýene aglap başlady. Eşidiler-eşidilmez
agyly pyşyrdady.
262
Beden ýar-a, beden ýar,
Aklym haýran eden ýar,
Owal-a beýle däldiň,
Meger, gepe giden ýar.
Hanmämmet eliniň tersi bilen Hangüli batly
itip goýberdi. Hangül ol zarba çydaman keçä
ýazyldy. Agyr hem gamly oturdy-da sallançagyň
bagyny haýalja çekip başlady. ―Wah, Allajan, näme
üçin meni owadan ýaratdyň? Şu jebirleri görmek
üçinmi? Meniňem gözümi Hanmämmediňki ýaly
gülli et-dä, Allajan! Hanmämmediň ýüregine giňlik
ber, Allajan! Gabanmasyny ýok et, Allajan!‖...
Sallançakdaky Nury ajygyp oýandy, assaja
gygyryp dodajyklaryny şapbyldatdy. Hangül
Nuryny sallançakda ýanap, emdirip başlady.
Oguljygynyň ýyly demi göwsüne urup, Hangül
ýene bozuldy, aglamajak boldy, sesi çykmady,
emma gyzgyn ýaşlar gözlerinden paýraý-paýraý
Nurynyň gözlerine, maňlaýyna, saçlaryna akdy.
Belki-de o gözýaşlar ene süýdüne gatylyp, Nurynyň
dodajyklaryny ajydyp gidendir.
Bir salymdan Hangülüň ýorgan-düşek ýazjak
bolmasyna üns bermän, Hanmämmet donuny
üstüne örtdi-de gyşardy. Onsoň Hangül onuň üstüni
ýorgan bilen örtüp, aýak ujuny dony bilen basyrdy.
263
Şo mahal beýle ýanyndaky bir öýden birki gyzyň
läle aýdýan sesi eşidilip-eşidilip gitdi.
Aýlarym agyllaşar,
Gargalar gagyllaşar...
Hangül pessejik penjiräniň galyň örtüsinden
jyklady . Daşarda sowuk Aý dogupdyr. Dymdyrslyk. Ýaňky gyzlaryň sesi hem eşidilmedi.
Şemal kesildi öýdýän.
O läläniň soňy nähilidir-ä? Hangül ony
unudypdyr, Hangülüň sesi çykmanyna näçe wagt
boldy. Ýüregi ýarylyp barýar, ýürek läleden
dolupdyr, owazdan püre-pürlenipdir. Bir daşary
ylgap çyksa, aýak ýalaň çyksa, depä dyrmaşaga-da
töwerege bakyp, şemala goşulyp, lälä gygyrsa.
Köräp duran gursagyny gowzatsa. Läle aýda-aýda,
sykylan nar ýaly boşap galsa.
Hangül zordan, gaty zor bilen özüni saklady.
Ýogsa, penjiräniň öňünden aýrylyşyna, daşary
ylgajak bolup birki ädim hem ätdi.
Dur! Dur!! Seniň aýdymyň soňy ahy-nala
bilen tamamlanar. Gapy açylanyny duýsa,
Hanmämmet
ýaňadan
partlamazmy,
ganygyzgynlygyna etmesiz bir işi edäýmezmi?!
Saklan! Saklan!
264
Gapydan dönen Hangül emaý bilen baryp
sallançaga egildi. Ogly myssyllap ýatyr,
Hanmämmede baka garap goýberdi. Olam sessiz.
Hangül ýag çyrany öçürdi-de sallançagyň bir
ýanyna maňlaýyny diräp oturdy. Uzak oturdy. Ol
hiç köşeşerlikli däl. Näbelli bir güýç onuň ýüregini
o göwrä sygyranok, ýarylaýyn-ýarylaýyn diýýä,
partlasy gelýä. Özem läle aýtsa, aýdym aýtsa,
soňky wagtlar diline gelýän goşgy setirlerini aýtsa
ynjalar. Häzirem ol sessiz dodaklaryny
hereketlendirip, ýadyna düşenleri aýdyp otyr.
Bilbilim garga boldy,
Maňlaýym gara boldy,
Ölenler öldi gitdi,
Galanlar yrga boldy.
Ýok, ýok. Bu gün ynjalyk ýok. Näçe sözläni
bilen içdäki tupan köşeşerli däl. Ynsan bedeninde
ýürek ýumruk ýalyja weli, ne göwrä sygýar, ne
dünýä sygýar. Hangül ýerinden turdy. Näme bolsa
şol bolsun. Daşary ylgamasa, öý howasy ony
gowrup-köýdürip barýar.
Ýandym-la, bişdim-le, öldüm-le!
Hangül gapynyň sowuk agajyna el degrende
togtady. Aklyňa aýlan, özüňe rehmiň inmese-de
265
çagajygyňy unutma. Tümlükde Hangül ýere çökdi,
az salymdan emedekläp sallançagyň ýanyna bardy.
Oguljygynyň ýaňajyklaryna aýasyny goýup,
çaganyň yssysyna ýylyndy. Birdenem agysy tutdyda, beýle ýana başyny goýup, aglaý-aglaý
surnugyp, uklap galdy.
Hangül şol gijeden başlap, aýrylmajak bir
ýalňyzlyga uçrady. Şol gijeden başlap, ol öz äriniň
gözlerinde özüne baka ynamsyzlyk, güman we
gahar duýgularyny görmäge başlady. ―Är-aýalyň
urşy-ýaz gününiň ýagşy‖ diýseler-de ol ýagyşýagmyrdan
geçene,
aňzak-buzluga
ýetene
meňzeýärdi.
Hangül adamsynyň gabanjaňlygynyň, sarpa
saklamaýşynyň baş sebäbini özüniň özgelere
meňzemeýän gözelliginden görýärdi. Ol bir
mahallar gyz wagty gözelligine buýsanan bolsa-da,
elbukjasyndaky aýna uzak-uzak bakyp oturan
bolsa-da, özüne göwni ýetýän ýigitleriň maý tapyp
öz söýgülerini duýduranlarynda gaty başy dik
dyman bolsa-da, häzir onuň ahwaly başgady. Ol
Hanmämmetden özgäni göresi gelmeýärdi,
Hanmämmediň muňa ynanmagyny, göz ýetirmegini
isleýärdi. Emma Hanmämmetde ol inçelik ýokdy,
gödekleç boýnyýogynlyk oňa häkimdi. Hangüle
ýetibilmedik, emma içinden arman çekýän bir topar
ýigidiň göribilmezlikden ýaňa içi çüýreýärdi. Olar
bir ýollar arkaly Hanmämmet bilen Hangülüň
agzybirligini bozup bilseler ynjaljakdylar. Muny
266
Hangül aňry ýany bilen bilýärdi, ýolda-yzda, toýtomgada özüne bakan her bir erkegiň neneňsi
niýetiniň barlygyny gabak aňyrsyndan görmegi
ýalňyşsyz başarýardy. Ol şeýle üşüklidi, emma
Hanmämmet ol duýgulara ýetip bilmän, şo gaharly
dymyp ýördi.
Soňky wagtlar Hanmämmede dost görnüp,
öýlerine oturmaga gelýänleriň arasynda-da Hangüle
ýiti-ýiti bakýanlary Hangül duýsa-da Hanmämmet
duýmaýardy. Şo sebäpli, bir gün Hanmämmet
açylyşyp, är-aýal gatnaşygy adaty durkuna gelende
Hangül Hanmämmede bu ýagdaýy ýaňzydasy
geldi.
─Hanmämmet, bir zat aýtjak weli, akyl berýä
diýmegin, sen ―dostum‖ diýip dostlaryňa kän bir
ynanybermegin diýjek bolýan.
Dost men diýen kändir weli,
Wepadar üçin aglaryn.
diýýä gadymkylar.
─Meniň dostlarymdan ikilik çykanok, indem
çykmaz, inşalla. Bir aýal aýtdy diýip, dostumdan
geçip bilmen.
267
─Sen maňa ters düşünme. ―Haýwan alasy
daşynda, ynsan alasy içinde‖ diýýärler. Ähli dostuň
ýamandyr öýdemok, ýöne ...
─Meniň dostlarym bilen ne işiň bar?! Sen özüňe
seretsene. Seniň joralaryň seni oýnajak bolup,
Hangül gowy aýdym aýdýa, gowy goşgy okaýa
diýşip, seni masgara etjek bolýarlar.
─Näme, ejem aýdym-goşgy aýdany bilen
masgara boldumy?!
─Ýaşy bir çene baransoň aýdanynyň zyýany
ýok.
─Ejemiň-ä dogup-döräli bäri dilinde aýdymgoşgumyş.
─ Ýalandyr.
Hangül,
Hanmämmediň
sözlemedi.
*
*
mundan
gaharyny
artyk
gidiberse,
getirerin
öýdüp
*
Zamanalar birgeňsi üýtgäp ugrady. Eşidilýän
habarlar gulaga ýakman başlady. Soňky wagtlar bu
kiçijik Daýna obasyndan esgerlige köp kişi
çagyryldy. Erkekler öz dogduk obasyndan uzaga
gidesi gelmän, maşgalasyny başsyz goýasy gelmän
gaçybatalga gözläp, her tüýsli pikir etdiler. Hanha,
268
oba ortasynda oturan Seýitnurlaryň birbada iki
ogluny esgerlige almakçy bolup, Bäherdene
çagyryp başladylar weli, bir gije tutuş maşgala
göterilip gidipdir. Ir bilen goňşulary gelse, daşky
gapynyň kilit ýerine bir çöp ötürilgiligini
görüpdirler. Olaryň nirä gideni belli bolman galdy.
Başga bir oba göçdülermi, ýa dag içinde, il
gözünden çetde bir gizlinje ýere gondularmy, ýa
Bäherdeniň gaýrasynda ýazylyp ýatan çölde bir
guýynyň başyna bardylarmy, Alla bilsin. Eýran
tarapyna geçip giden bolmaklary hem bolup biljek
zat. O tarapda-da türkmen bary ýaşaýar.
Her niçik bolsa-da, bir-birege öwrenişip, birbirege goltgy berişip, bir maşgala ýaly oturan oba
üçin beýle habar uly urgy boldy. Dünýäde ýeke
galan ýaly boldular. Bir ýerlerden bir bela ýetip
gelýän ýaly, emma özleri mundan bihabar ýaly
duýgy döräp başlady. Seýitnurlaryň maşgalasyndan
habar bilibilmän ýörkäler, oba mugallymy bolup
işläp ýören, öýlenenine ýaňy birküç aý bolan Ýusup
hem bir gije ýitirim bolupdyr. Ýatylar uçurlary
daşardan biri ―Ýusup, Ýusup‖ diýipdir. Ýusup
daşary çykypdyr. Şol çykyşy. Gelni pahyrjyk, uzak
garaşyp, ahyry ―Gelmedi-le‖ diýip daşary
çykypdyr. Ses-üýn ýok .Onsoň goňşy-golam,
garyndaş bary örüzilip, gijäniň içinde her ýerden
habar alypdyrlar. Emma Ýusupdan derek
tapybilmändirler . Ýalňyz galan gelin üçin gije
hem-de geljekki gije-gündizler dowzaha dönüp,
ýerli häkimýete, kolhoz başlygyna, Bäherdene
269
habar
berseler-de
―Gördüm-bildim‖
diýen
bolmandyr. Seýitnurlaryň maşgalasynyň gürümjürüm bolmagynyň üstesine, Ýusup mugallymyň
ýitmegi Daýna halkyna dowul saldy. Obada ulykiçi, aýal-erkek, ähli halaýyk diňe şo ýitigleriň
gürrüňini edip başlady. Elbetde, myş-myşlaram
rowaç aldy. Agzyýelliler palaw iýençe hezil
edindiler .
─Seýitnurlaryň gaçyp baran ýerine Ýusubam
baranmyş, her gije obada üç atly
aýlanýamyş. Şolar adam ogurlaýamyş. Gün
batdygy öýden çykmaweriň.
─Beýdip, gorkup ýaşap bolmaz.
─O-how, bu gürrüňler çişip-çişip, ahyrynda,
ýetmeli ýerine ýetmeýämikä? Üç kişiniň
hötdesinden gelibilmeýän bolsalar, bolmaz ahyry.
─Ýusuby Şeýtan köpriň ýakynynda bir gowakda
görenmişler. Diýwana ýaly, saç-sakgaly ösgünmiş
diýýä.
─Woýenniler
Ýusuby
nirede
görseler
atjakmyşlar. Ol döwletiň garşysyna bir zat diýenmiş
diýýäler.
─Seýitnurlar näme, olaram döwlete söz
aýdypmy?! Olar-a pukaraja külbesinden başga zady
bilmezdiler. Gowy adamlardy.
─O-how, olar ölen ýaly gürrüň etme. Ertir
geläýseler utanarsyň.
270
─Näbileýin, geläýse-hä bolýa weli. Bu goňşy
obadanam ýiten bamyş diýýäler. Bir bela gopýa, biz
bilemizok.
─Bir ýerde uruş turanmyş diýýäler, ähli erkek
göbekli şoňa sürüljekmiş.
─Meni bir ýitirmäýedirler, çül çagajyklarym aç
öler.
─Mürçeden bir günde dokuz ýigidi woýennä
alanmyşlar.
─Çendirden bäş maşgala Eýran tarapa göçüp
gidenmiş.
─Soňky wagtlar oba içinde ýat adam köp
duşýar. Düýn biri gabat geldi weli salamymam
almady.
─Allajan, özüň ýagşysyny et-dä.
Hanmämmet şo dymyp ýörşüne bu gürrüňleri
gaty dykgatly diňleýär. Uzak-uzak pikire batýar. Ol
maşgalany goramaga amatly ýer gözleýär. Eger
Daýnada rahatlyk bolman, adamlary şeýdip ýitirim
edip ýörseler, bir gün özüne-de nobat ýetjegini
oýlanýar. Hanmämmet diňe çagalarynyň atasyz
ýetim galjagyny däl-de, eýsem aýaly Hangülüň
başy boş galjagyndan howatyr edýär. Hangüli başga
biriniň aýal edinerinden gorkýar. Hangüli bäş
çagaly aýal görnüşinde däl-de henizem şol öňki
owadan gyz görnüşinde görýär. Şeýle aldawçy
271
görnüş ony kyn günde goýýar hem-de Hangüle
şübhe-güman bilen bakdyrýar.
Hangülüň gyz owadanlygy galmadyk bolsa-da,
ol dört ogul, bir gyz doguran aýala hiç-hiç
meňzemeýärdi. Onuň giň maňlaýy, alkymlary,
bilekleri ak kümüşden guýlan ýaly owadandy.
Ýarsmadyk göwre derek ýalydy. Ol owadanlyga
gelin owadanlygy diýilýärdi. Hanmämmediň
gabanjaňlygyndan ýaňa çeken ejirleri hem
Hangülüň gözel durkuna täsir edip bilmändi. Şol
gelin owadanlygy ähli dertden rüstem görünýärdi.
Emma owadanlyk ýitmese, gabanjaňlyk ýitmejek
ýaly.Hanmämmet indi günde-günaşa gowga
turuzmasa-da, wagtal-wagtal bulanyp alýardy,
özem
Hangüli
aýal-gyzlaryň
üýşmeleňine
goýbermejek bolup, ýüz-müň bahana araýardy. Bir
gün Hanmämmet gijara işden geldi weli, çagalar
gapyda oýnaşyp otyr, emma Hangül ýok.
Çagalardan sorasa suw almaga gitdi diýdiler.
Hanmämmet öýüniň gapysynda birahat halda iki
ýana garanjaklady. Ol sabyrsyzdy. Güzere baka
böküp barjakdy. Şo mahal beýle ýandan suw kädili
geçip barýan bir zenan Hanmämmedi gördi-de
suwly gabyny ýere goýdy.
─Hanmämmet, Hangül ýarawsyz öýdýän, suw
başynda aglap otyr. Ýör gideli
diýsemem gaýtmady. Özüň git-de kömek edip
getiräý.
272
Hanmämmediň öýi Dänegulyň depesiniň orta
bilinde. O taýdan inip, mellekleriň arasy bilen
aýlanyp-öwrülip, soň tokaýyň içi bilen ep-esli
ýöräňsoň, Sumbardan suw alynýan güzere barýaň.
Hanmämmet Sumbara ýakyn baranda, derýanyň
şaggyldysynyň ýany bilen Hangülüň agyly sesini
eşitdi.
Bilbilim garga boldy,
Maňlaýym gara boldy,
Ölenler öldi gitdi,
Galanlar yrga boldy.
Hanmämmet çybşyldap bardy-da güzere
jyklap bakdy. Hangül kenarda mahal-mahal suwa
çöpjagaz,
şahajyk
zyňan
bolýar
hem-de
gözýaşlaryny sylyp läle aýdýar. Hangülüň bu zaryn
owazyny derýa diňleýärdi, ol owazdaky ýalňyzlyk,
söýgä teşnelik, bu dünýä azaplaryny çekmäge
taýýarlyk, geçene gynanyp, geljekden umytlylyk
duýgulary derýany hem elendirýärdi. Derýa
Hangüle syrdaş bakýardy. Töwerekdäki gaba-gaba
toraňňylar, uzyn-uzyn derekler Hangülüň owazyna
çydap bilmän, iki ýana baş ýaýkaýardylar, gözýaş
ornuna ýapraklaryny derýa dökýärdiler. Beýle
ýanda böwürslenler başyny sallap, Hangülüň
owazyndan ýaňa gama batyp sessiz otyrdy. Diňe
273
Hanmämmet töweregiň bu ahwalyny duýmaýar.
Käşgä duýsady. Käşgä bile gam-hesret çekişsedi,
käşgä ýürek eresedi. Şeýle bolsady, şonda
Hanmämmet emaý bilen gelip, Hangüli gujaklar,
başyny döşüne gysar, onuň ajy gözýaşlaryny öpeöpe guradar, saçlaryny sypar, bagryna basar. Şeýle
bir ýumşak, şeýle bir ýüpek ses bilen: ―Hangülüm,
gülleriň hany, saňa näm bolýa, näm bolýa? Men
mydama ýanyňdadyryn. Seni ýalňyz goýmaryn.
Hangüljan, köşeşsene. Hany, maňa bakyp
ýylgyrsana‖ diýip özelener. Hangül ýene lälä
başlady.
Hüwdi-hüwdi hüwlendiýä,
Suwda balyk köwlendiýä,
Balyk diýip tutanym-a,
Ýylan bolup towlandyýa.
Hangülüň gözlerinde ýaş köpeldi. Ol barha
batly, barha zarply aýdasy geldi. Ýürek pessaý
uçasy gelenok. O ýürege deň geljek, oňa laýyk
geljek owaz zerur.
Hangül
häzir
bu
töwerekde
özüne
düşünmeýän, özüni söýmeýän-halamaýan bardyr
öýdenok. Hat-da gije bolaryny diläp, hininde ýatan
gurtlaram bu zarynlama ýumşaýandyr öýdýär.
274
Ýok, ýok. Arkaňda adam bar, Hangül!
─Dälirediňmi?!
Lal
bol!
Ýör
öýe!
─Hanmämmet gazaply gygyrdy. Hemişeler
bolanlygynda Hangül tisginerdi, buýruga boýun
bolardy. Emma bu sapar beýle däl, rahat bakdy-da:
Hanmämmet, gelsene, gel, meni derýa zyňyp
goýber. Seniň eliňden öleýin. Saňa gurban bolaýyn,
Hanmämmet!
─Lal bol, ýör öýe.
─Bir salymjyk duraly. Maňa bir zad-a bolýa.
Ýüregim ýüregime syganok. Hanmämmet, bilýäň
dämi, göwrämde ýene çaga bar. Maňa kömek et,
men
däliräýmäýin. Azajyk duraly. Azajyk duraly.
Wah, çagajyklaryma nebsim agyrýa. Men olaryň
enesi ahyry.
─Goý-how, samramaňy. Düş öňe.
─Gaýrat et, Hanmämmet, maňa kömek et.
Hanmämmet ony diňlemedi. Suw kädi bilen
suw susup aldy-da Hangülüň elinden gaharly tutup,
öýe baka gaýtdy.
─Sen meni oba masgara edýäň. Dälirän günüň
ýere gömerin. Beýdip, ile gep bolup gezmerin.
Hangül sözlemedi. Emma köňlünde turýan
tupan köşeşmän, gözýaşlar ýodajyga seçelendi
geldi. Içki dünýäsinde bolsa lälemi, aýdymmy,
275
goşgumy... çogýardy.
gaýtalap gelýärdi.
Hangül
olary
içinden
Ümüş-tamyşlykda, gapynyň bir gyrasynda birbirine gyslyşyp oturan çagalar ejesini görenden
―Eje-de, eje!‖ bolşup, Hangülüň eline, köýneginiň
synyna ýapyşyp öýe bile girdiler.
Hangül dymýar, gözlerinden ýaş akýar. Ol
çagajyklarynyň başyny, arkasyny sypaşdyrýar. Uly
ogly Baýly, Artykgül, Aşyrberdi, Begmämmet indi
ep-eslije bolupdyr. Olar beýleräkde otyr. Ýaňy
ýöräp ýörenje Nury bolsa ejesiniň gujagyna
giripdir. Ol ejesine bir zatlar diýýär, emma ejesi
ony eşitmeýän ýaly. Şo-ol bir nokada göz dikip
otyr.
─Hany, doňup oturma-da çaý-naharyň ugruna
çyk. ─Hanmämmet zarply sözledi. Baýly ylgap
çykyp, ojakda gaýnap duran tüňçäni getirip
demledi. Saçak ýazdy. Onuň hereketine guwanyp
bakan ejesi: ―Baýlyjan, küýzäň düýbündäkije ýagy
käsä guýup kakaňa ber, oglum‖ diýdi. Ejesiniň
gepläp başlamagy çagalary begendirdi. Hälden bäri
öýi daraldan içgysgynçlyk çagalardan aýrylyp
başlady.
─Eje, häli Annasoltan daýza gelip gitdi. Uruş
turanmyş diýýä. Bäherdenden bir kişi gelenmiş, şol
aýdanmyş. ─Baýlynyň bu sözi Hanmämmediň
gulagyny gazap gitdi. Ol çaýyna bir bölejik ýag
atyp, çörek batyryp, iýip-içensoň ýene donuny
geýdi-de geplemän çykyp gitdi.
276
Hanmämmet giç dolandy. Çagajyklar bir hatar
bolup ýatyr. Ölügsi ýanýan ýag çyranyň aňyrsynda
Hangülüň oturan keşbi zordan görünýär.
Öňki
gezeklerdäki
ýaly,
Hanmämmet
dostlarynyň ýanynda oturyp gelen bolsa, yrsarap,
bir bahanajyk tapyp Hangülüň üstüne herrelmelidi.
Hem öz keýpini bozmalydy, hem Hangülüň
keýpine sogan dogramalydy.
Hangül muňa garaşýardy. Emma bu sapar
başgaça boldy. Hanmämmet donuny çykaryp,
Hangüle ýakyn ýere geçip oturdy. Sesi hem ýumşak
çykdy.
─Eşitdiňmi?
Uruş
turanmyş.
Nemisler
çozanmyş. Ähli erkegi urşa sürjekmişler. Derýadan
aňry geçiläýse näder.?
Derýadan aňry geçmek─Eýrana geçmekdi.
1917-nji ýylyň, soňraky ýyllaryň gowgalarynda
köp-köp türkmen maşgalalary Eýran tarapa geçip, o
taýdaky türkmen obalarynda gaçybatalga tapdylar.
Hangül birbada jogap bermedi, uludan dem
aldy, näme diýjegini oýlandy.
-Geçmek aňsat, ýöne il nädýä, şoňa görä
bolsak gowy bolmazmy? Dogduk ýeriňi terk edip,
ýat ýurda gitmek gorkunçdyr-la.
- Bäş çagamy, aýalymy ýeke zyňyp, Orsyýete
gitmegem-ä jennete giden ýaly däl. Onsoňam urşa
girmel-ä, öljegiňi-galjagyňy Alla bilsin.
277
─Turan uruş, ýatybam biler. Iliň ümzügi nirä
bolsa, bizem şo tarapa gideli.
─Seňki belli-le . Sen äriňden dynybilseň, hezil
edinersiň-le. Erkeklere aýdym aýdyp berip, bäýbäỳ, özüňi güjeňlärsiň-ä.
─Sen gitseň, bäş çagam ýetim galýa. Onsoň men
çagamyň ýetim galaryna dözer öýdýämiň?! Agzyňy
haýyr açaweri.
─Men başga çykalga tapmasam, maşgalamy
derýadan aňry geçirmeli borun. Soňuny soň
görübereris.
─Ilden çykmajak bolaly, Hanmämmet. Alla
bardyr. Gaty howlugyberme. Aljyrana şeýtan
ýardamçy diýipdirler.
--Hudaýa ynansaň ynan, eşejigiňi berk duşa-da
diýipdirler.
O gije ne Hanmämmet, ne Hangül rahat
uklady. Ýüz müň pikir başa gondy, hiç birine jogap
tapylmady.
Ata-ene geljekki günlerde, aýlarda başlaryna
ne kysmatlar düşjegini, ne wakalar görjegini,
ýanynda myslaşyp ýatan çagajyklarynyň ne ykbala
sataşjaklaryny häzir gümanam etmeýärdiler.
Adamzady bu günlere getiren we elmydama öz
yzynda ýüwürden ýagşylyk umydy Hanmämmet
bilen Hangüli hem aldawly ýoluna düşürdi. Uruş
278
turdy habary Hangülüň öňki gamyny, düşnüksiz we
hiç-hiç egsilmeýän gamyny hasam artdyrdy.
Garyp –gamgyn başym bardy.
Gam üstüne gamlar ýagdy.
Ýalňyz başyma gar ýagdy.
Garyň gap-garasy ýagdy.
*
*
*
Hanmämmet ỳoldaşlary bilen dagda bugdaý
ormaga ýatymlyk gitdiler. Tä bugdaýy orup,
döwüp, harman atyp, samanyny bir ýana, çäjini bir
ýana üýşürýänçäler şol taýda galýardylar. Şol
günleriň birinde Daýnadan dört ýigidi urşa
çagyrdylar. Türkmenler o döwürler front sözüni
özüçe pyront diýip üýtgedip aýdardylar. O söz
agzalsa ölüm, ajal agzalýan ýaly ýakymsyzlyk
duýulýardy. Köplenç, toýa ugratmak diýerdiler.
Anha, şol dört ýigidi toýa ugratmaga oba
mekdebiniň beýle ýanyndaky aýmançada dogangaryndaşlar, obadaşlar üýşdüler. Ilki bir gamlylyk,
sussupeslik, dymyşlyk bardy. Kä ýerde agy sesi
eşidilýärdi. Begsoltan diýen zenan geldi-de öz
hökmüni ýöredip başlady. Begsoltanyň diňe sesiniň
eşidilmesi mähelläniň göwnüni göterýärdi.
279
─Aýu, adamlar! Näme beýdişip, boýnuňyzy
sallaşyp dursuňyz? Näme, ýasa geldiňizmi?! Biz-ä
ýigitlerimizi toýa ugradýas. Gülüp gitsinler, gülüp
gelsinler. Allajan! Duşmanyň ýüzi aňrydyr, inşalla!
Hany, Remezan, gel, gel, öňe geç, bakaly.
Toýa gidýänleriň biri Remezandy. Ejesi onuň
yzyndan gelýärdi, gözleri aglaý-aglaý gyzaryp,
henizem ýaşlydy. Begsoltan olara güler ýüz bilen
bakdy.
─Remezan jan ! Özüň bilýänsiň, menem ile
aýdyp durmaýyn. Şu derek boýlujalary görýäň
dälmi?! ─Begsoltan topar bolşup duran gyzlara
elini uzadyp goýberdi.─ Şularyň biri saňa aşyk .
Ýürejigi her uranda: ―Remezan, Remezan!‖ diýýä.
Toýdan gelen günüň öýlenäýmelijedir. Ýöne uzak
ýere gitdim diýip, ors-pirs yzyňa düşürip
geläýmegin.
Şo mahal üýşmeleňiň içinden bir rus aýaly
elini Begsoltana baka salgap, sap türkmençe
degişme äheňli gygyrdy.
─Näme, ors-pirs adam dälmi?!
─Wi-i, Dusýa dogtor, seň barlygyňy bilen
bolsam aýtmazdym. Üstesine, sen Remezanyň
göbek enesisiň-ow, şoň üçin batyr gepleýänsiň.
Onsoňam senden ors bolmaz, sen-ä Daýnanyň orta
barmak ýaly ýerinden ahyry. ─Begsoltan toýa
gidýän Aman atly bir ýigide ýakyn bardy.
─Amanjan! Didäm! Seni söýýän gyz-a Aman bile
280
gitjek diýip dyzaýa. Ol-a orsyýetmiş, dowzaha-da
bile giderin diýýä. Zordan alyp galdym.
Unutmagyn, Amanjan! Daýnalydan gowy gyz
dünýäde-de ýokdur.
Ýaşulularyň biri Begsoltana ýüzlendi.
─Hany, Begsoltan, sen bu ýigitleriň syryny
açyp, utandyryp durma-da, gelin- gyza aýdym
aýtdyrsana. Gulagynda Daýnaň sesi galsyn.
─Eşidýäňizmi, halaýyk, Tagangylyç agamyz
otuz ýyllyk dulluga çydaman, gelin-gyzyň sesini
eşdesi gelýä. Bolmasa, ýigitleri toýa ugradyp,
Tagangylyç agamyzy öýeräýsek nädýä?! Hol,
gaýraky öýde oturanja mama bardyr-a, nämedir-ä
ady?! Hä-ä, Gülöwser mama. Şolam bir amatlyja
biri bolsa aýdawergin diýipdi. Garry dagy däl.
Ýaňyja segsenden geçdi.
Köpçülik mazalyja ýumşaşdy. Ogluny fronta
iberýän, bagry kebap bolup duran eneleriňem
gözýaşy kepeşdi. Begsoltan Hangülüň ýanyna
bardy.
─Edil üstünden bardyň. Sypdyrma. Artykgül
daýzaň gyzylygyny görkezsin. Halaýyk Hangülüň
aýdym
aýdaryny isledi.
Onda-munda
el
çarpyşdylar. Hangülüň bir tarapynda Nury ejesiniň
alaça köýneginiň synyndan ýapyşyp, töwerege gaty
gyzyklanyp bakýar. Kämahal ejesiniň ýüzüne
seredýär. Ol köpçüligiň içinde ejesiniň adynyň
281
tutulmagyna, hemmeleriň ejesine
guwanýar. Onuň ejesi başga eje.
bakmasyna
─Hangül gelneje, Bibijany aýdaý.
─Hangül, bolsana! Goşgy aýdaýsana.
─A gyz, bütin ili garaşdyraýdyň-la, gyz.
─Aýdar, aýdar.
─Hangül, bolmasa gopuz çalaý.
Hangül bu üýşmeleňe gelende ―Köpüň öňüne
çykmaryn, ne aýdym aýdaryn, ne gopuz çalaryn.
Hanmämmet dagda orakda bolsa-da eşider. Ýene
gowga gopar. Gerek däl-le, bizarym çykypdyr‖
diýip gelýädi. Emma bu mähelläniň beýdip
ýalbaryp durşy, urşa gidip barýan ýigitleriň
göwnüne goltgy bermäge yhlasy, üstesine-de öz
köňlünde hiç egsilmeýän gamyň ýene möwjügip
başlamasy Hangüli odukdyrdy. Ol dört ýigide göz
aýlap goýberdi. ―Olar toýa gidenoklar ahyry.
Dowzah oduna gidýäler. Ýa gelerler, ýa gelmezler.
Gelseler-de öňküligine gelmezler . Ýana-ýana,
köýe-köýe, gowrula-gowrula gelerler. Onsoň, bir
salym bolsa-da, olaryň göwnüni açmasa bolmaz
ahyry. ―Hangül gelneje, bir aýdymyňyzy bizden
gysgandyňyz-ow‖ diýseler, aýp bolar.‖
Begsoltan Hangülüň ahwalyny gaty gowy
bilýär, Hangül köpüň öňüne çyksa, Hanmämmetden
ezýet baryny çekýänini-de bilýär.
282
─Aýu, halaýyk. Eşitdim-eşitmedim diýmäň.
Hangüle aýdym aýtdyrys weli, Hanmämmede
şugullan, namardyň pisidir.
Nury öz ejesiniň beýleki ejelerden has
belentligine, öz ejesine ähli kişiniň hormat bilen
bakýandygyna guratnykly göz ýetirdi. ―Meniň
ejemden gowy eje ýok‖.
Hangül aýdyma başlanyny bilmän galdy. Ol
aýdym setiriniň ýarysyny aýdanda, ikinji ýarysyny
ýakynda duran dört-bäş gelin alyp göterdi.
Hangül:
Daglar başy duman-duman,
Gelinler:
Ýel gelýäle, Bibijan.
Hangül:
Bulut oýnap, çaýlar dolup,
Gelinler:
Sil gelýäle, Bibijan.
Hangülüň sesi bu seslere meňzemeýän,
aýratyn bir duýguly sesdi, hem beýikdi, hem
kuwwatlydy hem-de o sesde näçe diýseň gam
bardy, dünýä pelsepesi bardy. ―Sen ölme, men
öleýin‖ diýýän mahmal sesdi. O sesi eşiden
283
ereýärdi, Gün güýçli gyzdyranda şatyrdaý-şatyrdaý,
bölek-bölek bolup gidýän buzlar ýaly. O sesde
seniň halyňa duýgudaşlyk bardy, o sesi eşideňde bu
ömre çuňňur umyt döreýärdi, o seni gaflat
ukusyndan oýaryp, gül-gülälekli meýdanda
gezdirýärdi.
Hangülüň sesi şeýle bir durudy weli, ony
diňlän ýuwduna-ýuwduna diňleýärdi, hamana o sesi
dury suw kimin içýän ýaly.
Bütin Daýna Hangülüň bu jadyly sesi bilen
jadylandy. Ertiriň tämiz howasynda o ses uzaklara
ýaýrady. O sese ses goşjak bolup Sumbar öňküden
çus akyp başlady, derekler, toraňňylar galyň
ýapraklaryny bir-birine çarpyp, el çarpýan ýaly
şapyrdadylar. Bilbiller, jok-jokylar, hüýpüpikler öz
sesinden utanyp, Hangülüň sesine meýmireşdiler.
Hangül bu dünýä şeýlebir aşykdy weli, Leýli
Mejnuna, Mejnun Leýlä munça aşyk bolmandy. Şo
sebäpli, Hangülüň sesi iň beýik aşygyň sesidi. Şol
bir
wagtda-da o ses Dünýä gamyny öz ýüreginden
geçirýän Enäniň sesidi. Häzir ähli Daýnaly kiçijik
balady, Hangül beýik enedi. Ol ene bütin Daýnany
sallançakda üwräp, hüwdüleýärdi.
Halaýyk dünýäni
birsalym Jennete düşdi.
unutdy,
özüni
unutdy,
Kiçijik Nury Hangülüň alaça köýnegine şo
ýapyşyp durşuna, töweregiň bu görnüşini
284
tutuşlygyna beýnisine siňdirdi. Ejesiniň bu
owazlary oňa üýtgeşik bir duýgy berdi. Nurynyň
çaga ýüregi gursakda bökjekledi. Özi hem tasdan
gygyryp goýberipdi. Içki joşgun ony düşnüksiz bir
hala saldy. Nury ejesiniň köýneginiň syny bilen
ýüzüni örtdi-de sessiz aglady.
Şu mahal hiç kim Nura üns bermedi. Aýdym
aýdylýarka bir zenan Hangüle gopuz uzatdy.
Aýdym tamamlanan badyna Hangül gyzgyny bilen
gopuz çalyp başlady. Onuň gözleri ýumuldy.
Halaýyk başga bir dünýä girip ugrady. Giň bir
sähra. Uzaklardan at toýnaklarynyň dükürdisi,
gylyç-galkanlaryň gümmürdisi eşidilip başlady. Bu
duranlar birmahallar bolan söweşleri, ýagy
çozuşyny, talaňçylyklary, ahy-nalany göz öňünde
janlandyryp ugrady. Eli gyrkylykly gelin
töweregine egrilişip, gylyç urjak bolýan duşmana
gyrkylyk sançýar. At üstünde ak telpegini
lowurdadyp barýan ýigidiň naýza gursagyna
çümýär.
Ýene at dükürdileri, peýkam süýnmesi, gaýa
gopan ýaly owazlar ýürege siňýär.
Hangül gözüni ýumup, şo çalyp durşy. Depgin
gowşamaýar, barha bat alýar. Şo pursat Hangülüň
başyna : ―Şu dört ýigidiň gidişi gidiş bolar, gaýdyp
dolanmazlar‖ diýen pikir geldi weli, Hangül gopuza
urmasyny
tapba
kesäýdi.
Ol
näderini
bilmän,gözỳaşlaryny ỳeňi bilen sylyp, göni dört
285
ýigide baka ýöräp ugrady, şonda köýnegiň synyna
bukulan Nurynyň agyly ýüzi göründi.
─Allajan bizlikdir, biz ýeňeris, işalla. ─Hangül
oglanlary, olaryň enelerini birme-bir gujaklap
çykdy.
─Işalla, geleňizde-de şeýdip garşylarys, Allajan.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.