Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09

Total number of words is 3579
Total number of unique words is 2123
25.9 of words are in the 2000 most common words
37.1 of words are in the 5000 most common words
42.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bardyk. Ölüligimiz-diriligimiz bilner ýaly bolmady.
Işleri bitirip, gaýdyşyn awtobusda gören
görgülerimi duşmanyma-da arzuw etmerin. Her
söwdagär ganar-ganar, çuwal-çuwal ýük basypdyr.
Zordan oturar ýaly ýer tapdym. Awtobus gyşaranda
ýañky ýükler depämizden eñterilýär. Boýnumy,
bilimi döwdürmän barsam razy boldum.
Ynha, Garajaoglanyñ ―Saçlaryñ gara dälmidir‖
diýen kitaby maña şeýle ezýetler berdi. Kitap çap
edilip Türkmenistana gelensoñ, ―Men kömek
etdim‖ diýýän köpeldi. Bu hemişe-de şeýle bolýar.
Şu taýda Garajaoglan bilen bagly bir syrymy
hem okyja aýdasym gelýär. 2005 ýylyñ 21-24
sentýabry arasynda Türkiýäniñ Tarsus şäher
häkimliginiñ her ýyl geçirýän halkara Garajaoglan
günleri boldy. Oña meni-de çagyrdylar. Dürli
ýurtlardan, ýurt içinden alymlar, ýazyjy-şahyrlar,
188
bagşy-aşyklar üýşüpdirler. Söz gezegi maña
ýetende: Garajaoglan 2006-da 400 ýaşaýar. Bu
ýubileýi dünýä derejesinde geçirmek üçin Ýunesko
hem-de türki döwletleriñ ilçihanalaryna, medeniýet
ministrlerine hat ibereliñ diýdim. El çarpyşyp
goldadylar. Tarsus şäher häkimi, Garajaoglanyñ we
Türk dünýäsiniñ aşygy Burhaneddin Kojamaz
başlyklaýyn ýüze ýakyn alym, ýazyjy, şahyr, bagşy
gol çekip, hat taýýarladyk. Soñra ol hat agzalan
adreslere iberildi. Bu barada Azerbeýjanda neşir
edilýän halkara ―Baýaty‖ jurnalynyñ 2006-njy
ýyldaky 11-nji sanynda dosent, doktor Tamilla
Abbashanlynyñ ―Garajaoglan Türk dünýäsini
Tarsusa toplady‖ diýen makalasynda giñiş
maglumat berilýär.
Tarsusdan Aşgabada gelişime Garajaoglanyñ
täze kitabyny taýýarlamaga başladym.
―Gumry seslim, nirdesiñ‖ ady bilen taýýarlan
kitabymda Garajaoglanyñ ―Görülmäni, görülmäni‖
diýen şygry bardy. O şygryñ iki setiri iki ýerde
gaýtalanýardy. Bu dogry däl. ―Näme etsemkäm?‖
diýip oýlandym. Iki setir dile geldi: ―Dodaklaryñ
teşne öýtdüm. Öpülmäni, öpülmäni.‖ Men o iki
setiri goşga goşdum. Elbetde, bu edebiýat ylmynda
ýazgarylýan bir ýagdaý. Şeýle-de bolsa Garaja
oglana sowgat berlen o iki setir ýerine düşene,
belki-de aslyna meñzeýär. Soñra gazetlere makala
ýazan edebiýatçylar: ―Dodaklaryñ teşne öýtdüm.
Öpülmäni, öpülmäni‖ diýen setirleri Garaja
189
oglanyñ beýikligini görkezýän örän şowly setirler
diýip ýazdylar. Käte şeýle-de bolýar.
O kitaby bezeýän belli suratçy Hajy Atakgady.
Soñra ―Garajaoglanyñ 400 ýyllygy gelýär, bir işler
edeliñ‖ diýip dost-ýarlara aýdyp çykdym.
Magtymguly adyndaky sazly drama teatryñ
rejissỳory Annageldi Garajaỳew we aýdym-saz
bölüminiñ müdiri Dañatar Hydyrow Garajaoglanyñ
oýnunyñ oýnalmasy üçin köp tagalla etdi we ahyrda
Garajaoglan spektakly tomaşaça görkezildi. Meşhur
kompozitor Rejep Allaýar Garajaoglanyñ sözlerine
täze aýdymlar döretdi.
Emma Medeniýet ministrliginde, Garajaoglan
bilen bagly Milli Golýazmalar institutynda hem-de
―Miras‖ milli medeni merkezde Garajaoglan sözi
agzalmaýardy.
Näme etmeli?
Azerbeýjanly, türkiýeli dostlaryma telefon
etdim. O taýda-da hereket ýok.
Nebitdag(Balkanabat) şäher häkimi Parahat
Garaýewe jañ etdim. Ol 1994-de Garajaoglan bilen
bagly işler edenimizde bize ýakyndan kömek
beripdi. Bu gezegem kömege taýýarlygyny aýtdy.
Sag bolsun. Soñra Garajaoglanyñ doglan ýeri
hasaplanýan
Balkan
welaýatyndan
deputat
Täçmämmet Hürmenowa jañ etdim. ―Garajaoglan
400 ýaşady. Hi, oña eýe çykan tapylmazmy?‖
diýdim. Ol Balkan welaýatynyñ ýolbaşçylaryna
habar beripdir. Emma hereket başlanmady.
Gazetçilere, radioçylara, telewideniỳä habar
190
berdim. Ýene ses çykmady. Ahyry, Milli golýazma
institutynyñ we ―Miras‖ milli medeni merkeziñ
başlygy Annagurban Aşyra jañ etdim. ―Garajaoglan
400 ýaşady. Näme üçin hereket edeñzok?‖ diýsem,
ol göwünli-göwünsiz sözläp, gaýta ―Türkler näme
edýärkäler?‖ diýip, maña sorag berdi. Men
Annagurbanyñ bu işi bitirmejegini duýup, näme
etsem gowy boljagyny oýlanyp başladym.
―Garajaoglan ýaly şeýle meşhur şahyry bolsa,
başga milletler, gör, neneñsi işler ederdiler. Dünýä
derejesinde hem öz milletiniñ, hem şahyryñ adyny
tanadardylar. Türkiýe, Azerbeýjan dymýan bolsa,
nädeýin, meniñ sesim olara ýetmez. Emma
Türkmenistanda-da indi näçe ýyllardyr meniñ
adymy bilỳän ỳok. Ýogsa, gazet-jurnalda ―Dat,
Garajaoglanyñ 400 ýaş toýy edilmeýär. Geliñ, toýa
başlalyñ. Garajaoglanyñ ruhuny şat edeliñ‖ diýip
bagyrardym. Her niçik bolsa-da bir çykalga
tapmasam bolmaz.‖
Men birnäçe gün pikir batgalygynda bata-bata,
ahyry, kenara çykdym. Aýlawly bir ýol tapdym.
Onsoñ bir dostumyñ ýanyna bardym-da (o
dostumyñ adyny ýazmaýyn): ―Garajaoglanyñ 400
ýyllygyny dünýä derejesinde bellemek hakda
Ýunesko karar çykarypdyr. Türkiýede bu
dabaralara gaty güýçli taýýarlyk görülýär.
Heýkelleri dürli şäherlere dikilýär, kongresi
geçiriljek, iki jiltli kitaby çap edilipdir. Dünýäniñ
alymy, şahyry, bagşysy çagyrylyp Ankarada uly
dabara geçiriljek. Azerbeýjanam olardan galanok.
191
30 metrlik beýiklikdäki heýkeli deñiz kenarynda
gurlup dur. Bir okuw jaýyna ady dakylypdyr. Bir
jiltli galyñ kitaby çap edilipdir. Kongres geçiriljek.
Garajaoglan bilen bagly ähli dabaralary Bakuwda
geçirmek hakda teklip beripdirler‖ diýdim. Dostum
Garajaoglany çyn ýürekden söýýärdi. Üstesine
onuñ bir garyndaşy respublikadaky uly wezipäniñ
birini eýeleýärdi hem-de olam Garajaoglany hiç
kimden kem söymeýärdi.
Dostum tolgunyp başlady. ―Näme üçin
beýlekiler Garajaoglana eýe çykýar-da, biz,
türkmenler yza galýarys?!‖ diýdi. Ol meniñ
garaşýan soragymy berdi. Men bu ýagdaýy uly
wezipedäki garyndaşyna ýetirmegi teklip etdim.
Soñraky wakalar meniñ szenarim boýunça
ýaýbañlandy. Dostumyñ garyndaşy medeniýet
işlerine seredýän orunbasara jañ edipdir hem-de
oña bir ýazgyjyk ugradypdyr. Medeniýet
meselelerine seredýän orunbasar ýazgyny alansoñ,
öz ýolbaşçysyna ýagdaýy habar beripdir. Olam
tizden-tiz Azerbeýjandan, Türkiýeden öñürdip,
Garajaoglanyñ 400 ýyllygyny gaty dabaraly
geçirmekçi bolupdyr. Aýratyn karar çykdy. Ýubileý
maşyny herekete geçdi.
Şo wagtky Medeniýet ministri Maral Bäşimowa
ýubileýiñ öñ ýany Magtymguly teatryna gelende:
―Azerbeýjanda Garajaoglana 60 metr beýiklikde
heýkel gurulýar‖ diýenini öz gulagym bilen
eşitdim. Men 30 metrlik heýkel gurulýar diýip ýok
192
zat hakda howadan aýdypdym. Ministre ýetýänçä
ýok heýkeliñ beýikligi 60 metre ýetipdir.
Şeýdip, döwlet derejesinde Garajaoglanyñ 400
ýyllygy geçirildi. Meni bu ýubileýe çagyrmadylar.
Birmahallar
Garajaoglan
gadagandy,
ya
Garajaoglany zyndandan çykaranym üçin, menden
ar alýarmykalar?!
Her näme bolsa-da Garajaoglana söýgim ähli
zatdan üstün geldi.
Men bagtyýar ýylgyryp, Garajaoglanyñ 400
ýyllyk toýuny keseden synladym.
Garaşsyzlygymyzy alanymyz bäri döwlet
derejesinde şahyra bagyşlanyp geçirilen birinji
ỳubileỳdi.Näçe şahyr-ỳazyjylarymyzyň ỳubileỳi
bellenmän
geçdi
citdi
ahyry.Garajaoglan
meselesinde hudaýa ýüz müñ şükür edýän.
Men aldadymmy?
Ýok, men Garajaoglana hyzmat etdim.
Ynha, okyjym, uzagragam bolsa, syrymy seniñ
bile bölüşdim.
***
Garajaoglanyñ ―Saçlaryñ gara dälmidir‖ diýen
kitaby Magtymguly jemgyýetiniñ ady bilen çykan
iñ soñky kitap boldy. Döwürler, ýyllar, durmuş gaty
üýtgedi. Inflýasiýa, şol sanda ynsanlygyñ
inflýasiýasy biziñ söýgüli jemgyýetimizi hem
gaýgyryp goýmady. Gaznamyzda bir şaýy pul
galmady. Men aýlyksyz işläp başladym. Emma
aýlyksyz işlemäge-de mümkinçilik bermediler.
Köp-köp
jemgyýetler
ýapyldy.
Ahyrda
193
Magtymguly jemgyýeti hem Medeniýet fondunyñ
ýapylmagy bilen işlemesini bes etdi. Emma
gelejekde Magtymguly jemgyýetine zerurlyk dörär
diýip umyt edýärin.
Men işsiz galdym.
O günlerden bu günlere çenli hem aýlykly iş
maña nesip etmedi.
Türkiýeli ýazyjy, şahyr, alym dostlarym bilen
gatnaşygy ýygjamlaşdyrdym. Möwlana Jelaleddin
Rumyny bize pars şahyry diýip okadypdylar. İçgin
gyzyklansam, o beýik ynsanyň TürklügineTürkmenligine gözüm ýetdi. Haýsy milletden
bolsa-da, parhy ýok, Rumynyñ beýikligini öz
halkyma ýetiresim geldi. Şahyr Kakabaý
Gurbanmyrat bilen bilelikde ―Bolşuñ ýaly görün‖
diýen kitap taýýarladyk. Soñ gapy-gapy gezip,
zordan neşir etdirdik. Neşir eden bize bir köpügem
bermedi. Her niçigem bolsa Jelaleddin Rumyny
ilkinji gezek türkmençe sözletmek bagty bize ýetdi.
Çanakgala uniwersitetiniñ rektory, professor,
doktor, biziñ iñ söýgüli alymlarymyzyñ biri,
türkiỳeli türkmen aksakaly hasaplanýan hormatly
Abdyrahman Gözel meni gahryman Çanakgala
şäherine myhmançylyga çagyrdy. Professor, doktor
Mertol Tulum şahsy maşynynda meniYstambyldan
Çanakgala alyp gitdi. Men o ýaşulylaryñ gadymy
we orta asyr edebiýatyny nähili çuñ bilişlerine
haýran galdym. Olardan köp zat öwrendim.
Çanakgala söweşleriniñ bolan ýerlerini gözüm
görende, ýüregim ýerinde durmady. O toprak däl. O
194
şehitleriñ süñkünden dörän, şehitleriñ gany bilen
ýugrulan mukaddeslik. O mukaddesligiñ içinde
beýik Atatürk bar. ―Men Atatürk‖ kitabymy
Çanakgalada ýazyp başladym. Kitaby ýazyp
gutaramsoñ, o kitaby çap etdirmek üçin derwüşe
döndüm. Gaty köp adamy, edarany, wakflary
birahat etdim. Netije çykmady. Hatda menden pul
talap edenlerem boldy. ―Wah, pulum bolsa, men
gedaý ýaly, beýdip ýalbarjak ýörjekmi?‖ Ahyry,
Türkiýe
Respublikasynyň
Aşgabatdaky
ilçihanasyna
ýüz tutdum. ―Atatürki söýýän
bolsalar, bu kitaby çap etmäge kömek bererler‖
diýip pikir etdim. Ýalñyş pikir eden ekenim. Meni
süýji söz bilen doýurdylar. Meniñ elim sowady
hem-de üç ýyllap iki ýana çapmadan ýadadym.
Dogrusy, kitaby neşir etdirmek meýlinden döndüm.
Emma dört-bäş aýdan soñ, Bilim-terbiýe baradaky
işlere seredýän Türkiýeli bir wekil, Mustafa Turan
diýen bir kişi meniñ Atatürk hakda kitap ýazanymy
eşidipdir-de maña jañ etdi. Kitabyñ çap
edilmänligini
bilip
gynandy.
―Men
bir
synanyşaýyn. Saña galam haky näçeräk bermeli
bolar‖ diýip sorady. Men galam hakyndan
geçenimi, kitabymy çap etdirsem razylygymy
aýtdym. Mustafa beýiñ hem iş bitirjegine känbir
ynanmaýardym. Ol bir sagatdan ýene jañ edip, o
kitabyñ kompýuterde ýazylan görnüşini sorady.
Menem tiz eltip berdim. Geçse on, on iki gün
geçendir-dä. Mustafa beý jañ edip: ―Gutlaýan.
Kitabyñ çap edilipdir. Orta Aziýada Atatürk hakda
195
ilkinji kitap ýazan siz bolupsyñyz‖ diýdi. Menem o
kişä minnetdarlyk aýtdym. Hepde geçdi, aý geçdi.
Kitaby göremzok. Mustafa beý öz Watanyna
Türkiýä gaýtdy. Men ýene göwniçökgünlige
düşdüm. Üstesine-de işsizlik. Gyzlarymyñ biriniñ
aýlygyna zordan gün dolaýarys. Pukaralygymyz
hakynda mundan başga zat ýazmaýyn.
Şeýle ýagdaýda bir gün Türkiýe Beýik ilçisiniñ
orunbasary maña jañ edýär we kyn görmän ýanyna
gelip gitmegi haýyş edýär. Bardym. O kişi ýerinden
turup, meniñ elimi ykjam gysyp silkýär. ―Gutlaýan,
Oraz beý! Size Türkiýe Prezidentiniñ halkara
medaly berildi. Siz Orta Aziýada bu medala ilkinji
eýe bolan adam. Dünýäde henize çenli bu medal on
ýedi adama berlipdir. Türki döwletleriñ arasynda
diñe Azerbeýjandan Bagtyýar Wahabzade bu
medala mynasyp bolupdyr‖ diýdi. Menem
minnetdarlyk bildirdim. ―Ýene on günden Sizi
Türkiýä çagyrýarlar. Şo medaly Prezident
Süleýman Demireliñ özi gowşurmakçy‖ diýdi. ―Aý,
men, gowusy gitmäýinle. Medal dakynyp gezjek
ýaşdan geçipdirin. Medaly maña iberäýsinler‖
diýdim. İlçiniñ orunbasary geñ galdy. Ýene
düşündirmäge
başlady.
Menem
gitmek
islemeýänimi aýtdym. ―Soñ oýlanyşaly‖ diýip,
diplomat ýylgyryşyny etdi. Men öz ýanymdan oýa
batdym: ―Gitseñ gowula. Emma il deñinde
kostýumuñ ýok. İñ ýamany 46 ölçegli köwüş
tapyljak däl. Köwüş tapylsa, puly tapyljak däl.
Gonçly, köne köwşüm bar, onuñam çep taýynyñ
196
aşagy jaýryk atan. Meniñ bu ýagdaýymy lowurdap
duran köwüşlije diplomata nädip düşündirip bolar?!
Bolmaz.‖
Men öýe gelip ýene oýlandym: ―Eger prezident
medaly gowşurýan bolsa, ol öz köşgünde gowşursa
gerek. Men bu köneje köwşüm bilen nädip sahna
çykaryn?! Köwşüñ aşagyndaky jaýryk görünse
näderin?! Garyplyk-günäkärlik däl. Şeýle-de
bolsa... Ýok, aç başym, dynç başym. Gitmeýän.‖
İki günden Türkiýe baş ilçiliginde medeniýet
meselelerine garaýan dostum Ýener Kazak ýanyna
çagyrdy-da çaý başynda uzak söhbet etdi. Onuñ
bilen öñden bäri dostluk gatnaşygyny edemizsoñ, ol
açyk gepleşdi we has täsirli deliller tapyp meni
gitmäge göwnetdi.
Ankarada ―Men Atatürk‖ kitabymy çykaran,
öñki Bilim Ministri Köksal Toptan Beýiñ
―Türkiýäm‖ wakfyna bardym. Olara ýürekden
minnetdarlygymy bildirdim. Kitapdan birnäçe
sanysyny ýanyma aldym. Begendim.
Ynha, Türkiýe respublikasynyñ Prezident KöşgiÇankaýa köşgi.
Bütin zal
ministrlerden,
deputatlardan doly. Meniñ gözüme görnen-olaryñ
lowurdap duran aýakgaby boldy. Meni birinji
hatarda ortada oturtdylar. Ýanymda bir ýer boş. Az
salymdan prezident Süleýman Demirel geldi-de
meniñ bilen mährem salamlaşyp ýanymda oturdy.
İlkinji synlan zadym onuñ köwşi boldy. Lowurdap
dur. Men hernäçe ýaglasamam, hernäçe mahmal
sürtsemem köne köwüş köneligini görkezip dur.
197
―Wah, aşagy bir jaýryk bolmasady.‖ Medaly almak
üçin sahna çagyrdylar welin, aýagymy götermän
ýörejek bolup kösendim-ä.
Dabaralar tamamlandy. Meniñ ýanymda ýolbelet
hökmünde goýlan ýigide: ―İndi nirä gideris?‖ diýip
soradym weli ol ýylgyryp: ― Oraz beý, indi aýakgap
dükanyna gideli. Atamyz aýakgaba ýeterlik sowgat
berendirle‖ diýdi. ―Men aýagymy galdyrman
ýöredim ahyry. Nädip gördüñ?‖ ―Wah, uly botinka
her kesiñ gözüne düşgüç bolýa.‖ diýdi.
Ynha, Türkiýe respublikasynyñ Prezidentiniñ
Liýakat (Mertebe) baýragyny alyşym şeýle boldy.
Türkiýäniñ şol wagtky medeniýet ministri
İstemihan Talay ―Oraz bey! Türk dünýäsine degişli
kitabyñ bar bolsa, çap ederis‖ diýdi.
Yunus Emre ―Söýeliñ Söýüleliñ‖, ―Türk
dünýäsiniñ şygyr antologyýasy‖, ―Hajy Bekdaş
Weli‖ kitaplarymyñ taýýar disklerini ugratdym.
Türksoý diýen bir gurama agzalan kitaplaryñ ilkinji
ikisini çap etdi. Olar hem maña bir köpügem galam
haky bermediler. Pukara bolsañ, hakyñy
bermejekler ekeni. ―Hajy Bekdaş Weli‖ kitabym
henizem ýardamça garaşýar.
Şu mahal iki romanym, hekaýalar kitabym,
Möwlana Jelaleddin Rumynyñ ömri, döredijiligi
hakda
kitabym,
Nyýazy
Ýyldyrym
Gençosmanoglunyñ şygyrlar kitaby neşire taýýar,
medeniýete goltgy berjek adama garaşyp ýatyr.
Men bu ömrümde kitap ýazmakdan ýadamadym,
kitap çap etdirmekden ỳadadym.
198
___________
Meniň başlyklarym
1976-njy
ỳylyň
başlarynda
men
―Türkmenistan‖ neşirỳatynyň okuw kitaplary
bölüminde taryh we jemgyỳeti öwreniş kitaplary
boỳunça
redaktordym.Işden
göwnüm
suw
içmeỳärdi.Ŷüregedüşgünç birsydyrgynlykdan bizar
bolupdym.Biziň bölüm müdirimiz Kyýas Mollaýew
öz wezipesini her ỳetenden gabanyp, bize azar
ỳamanyny berỳärdi. Ol mahal-mahal kabinetimize
duỳdansyz girip: ‖Oglanlar, gowuja boluň! Gowy
bolsaňyz,
menem
gowydyryn.Ŷöne,eşitdimeşitmedim diỳmäň,eger sähelçe gyşaranyňyzy
duỳsam şo mahal, it kowan ỳaly, kowaryn. Siz
entejik, Kyýas agaňyzy tanaňzok. Men has uly
topalaňlardanam baş alyp çykan adam.Siz dagy
nämejik?! Eger döwlet agdarylyşygyny etjek
bolsaňyz, şobada külüňizi ỳele sowraryn!‖ diỳip,
haỳbat atyp gidỳär.Onuň ―döwlet agdarylyşygy‖
diỳỳänine ―Meniň wezipäme geçjek bolsaňyz‖
diỳen manyda düşünmeli.Kyýas Mollaýew öz gol
astynda ışleỳän üç oglanyň hersinden dürli
bahanalar tapan bolup, üç sany düşündiriş hatyny
alyp, demir sandygyna atypdy. O döwürler üç
199
düşündiriş haty esasynda işgäri işden boşadyp
bolỳardy. Şo sebäpli Mollaýew käte: ‖Oglanlar,
düşündirişjikleriňiz ỳadyňyzdadyr-la?‖ diỳip ajy
ỳylgyrỳardy. Bir gezek bolsa maňa: ‖Senjagaz
beỳlekilerden az gepleỳäň weli, bularyň möỳi sen
bolaỳmasaň?‖ diỳip gytak bakdy. Menem pursatdan
peỳdalanmak isledim.
-Kyýas aga, şu oglanlaň hiç biri hem Siziň
ornuňyza dyzanok.Biderek ỳere gabanỳaňyz.
-He-he-he, senjagaz ỳeserje taktika ulanỳaňow! Meni arkaỳynlaşdyryp ỳykaỳjaksyňyz weli,
bolma-az, bolma-az!
Ol biziň göwnümize degmek üçin tüỳslitüỳsli ỳollar oỳlap tapỳardy. Biz bu ỳagdaỳdan
halys gerk-gäbe doỳduk. Bir ỳerlere gaçyp sypmak
umydy bilen ỳaşap başladyk.
Şeỳle ahwaldakak bir gün ol maňa dördünji
synpda okadylỳan ―SSSR taryhy‖ kitabyny stoluma
gaharly goỳdy.‖Birje ỳalňyş goỳberdigiň gapyny
aňyrsyndan ỳapmaly bolarsyň. Elbetde, mençe
bolmajagyňyzy bilỳän. Meniň segsen kilo agramym
bar, ỳetmiş kilosy akyl.Aklym başyma sygman,
çogup dur. Senjagazy ilki kowarmykam diỳỳän.‖
Men beỳle ỳagdaỳlarda dymmalydygyny gowy
bilỳän.Eger bir söz gaỳtaraỳsaň, uzak günüň gowga
bilen geçdi hasap edäỳ. Kyýas aga ỳürek bulap
gidensoň, men redaktirlemeli kitabyň gaty daşyny
agdaranma mähetdel, gaty daşyň iç ỳüzünde uly
harplar
bilen:
‖Krepostnoỳçylyk
düzgüni
(gulçulygyň bir görnüşi) 1961-nji üylda ỳatyryldy‖
200
diỳen ỳazga gözüm düşdi-de oglanlara o ỳalňyşy
görkezdim.Işanow o kitaby redaktirlemese-de o
kitaplar üçin jogapkär adam şoldy. Oglanlaryň
biri:‖Bu ỳalňyşy kegebä duỳduralyň. Kyýas
Mollaýewi soň bu edarada görmeris.‖ diỳdi.
Beỳleki ỳoldaşym:‖Adam ỳamanlap ỳörmäliň-de,
gowusy, Kyýas Mollanyň özüne aỳdalyň.
Gorkakdyr. Öz aỳbyny gördügi lal bolar‖ diỳdi.
Şeỳle-de etdim.
Bir gün, Mollaýew adatyna görä, günortan
arakesmesinde kabinetiniň içinden kilitläp, ỳatmaga
hyỳallananda gapysyny kakdym.
-Men dynç alỳan.
-Bagyşla, Kyýas aga, bir meseläni
maslahatlaşaỳjakdym.
-Arakesmeligini bilmeỳärmiň? Garaşaňda
janyň çykaỳmaz.
-Kyýas aga, Siziň ỳalňyşyňyz hakda
aỳdaỳjakdym.
Gapy şobada açyldy. Öňem ỳakymly
bakmaỳan adam,häzir hasam ỳakymsyz.Ol uzyn
boỳly, gara ỳüzli, hat-da gözüniň agy hem garamtyl
öwüsỳär.
-Hany, gir bakaly. Sen kegebeşnikmikäň
diỳỳän.
-Kegebe-de ỳaman edara däldir. Olam şu
döwletiň bir edarasydyr-da.-Men bilgeşlin Kyýas
aganyň garaşỳan äheňinde sözledim.Kyýas aga
howsalaly halda sözümi böldi.
201
-Men hiç mahal kegebe ỳaman diỳen
däldirin, diỳmernem.Meniň sözümi kesä çekjek
bolma. Men beỳle hilejiklere aldanjak
adam
däl.Ŷeri, näme, aỳdyber!
-Aỳak üstünde çözerden çökderräk mesele.
-Otur, tiz aỳt!
-Kyýas aga, krepostnoỳçylyk düzgüni haçan
ỳatyryldyka?
-Men saňa ekzamen bermekçi däl.
-Ŷöne şu kitapda 1961 diỳlip ỳazylypdyr.
Eger kegebe muny biläỳse, Sizden ekzamen
alaỳmasa.
-Ŷatyp-ỳatyp, ahyry bir zat tapdyňyz dämi?!
Indi ar aljak bolup dyzarsyňyz-la.
-Kyýas aga ar almakçy däl, ỳöne özümizi
gorajak bolarys.
Kyýas aga elimdäki kitaby silterläp aldy-da
sahypalary dörüşdirip başlady. Men gödek ỳalňyşly
ỳazgyny görkezdim weli,ol şobada süllerdi-de
özüni kürsä goỳberdi.
-Hany, inim,nätsekkäk?-Kyýas aga ỳalbaryp
başlady.Men özümi ekabyr tutmaga dyzaỳan.
Ŷumşasam, Kyýas aganyň ỳene üstümize
herreljegini bilỳän.
-Näme etjegiňizi özüňiz biliň.Men-ä o
ỳalňyşy gizläp bilmen.Sizem ỳolbaşçy hökmünde
almytyňyźy alarsyňyz.
-Näderkäler?
-Işden-ä şobada aỳyrarlar,birki ỳyl gözenek
görkezmekleri hem ahmal.Bu syỳasy ỳalňyş202
da.‖SSSR kommunizm gurjak diỳip gygyrỳa weli,
olar gulçulygy ỳaňỳ ỳatyrypdyrlar ahyry.‖ diỳip,
duşmanlar tozan turzarlar.
-Sen namart oglan ekeniň.
-Mende näme günä bar?
-Bu ỳalňyşy dostlaryňa aỳdansyň.
-Men ony degişli ỳerlere aỳtmaga-da borçly.
Bilibem aỳtmansyň diỳip meni süỳrärler.
-Bä-äỳ, nätsemkäm-äỳ?! Wah, siziň bir
pyssy-pujurlyk etjek bolỳanyňyzy bilỳädimem-de,
gijä galdym-da.-Kyýas aganyň ỳüzi öňküdenem
garaldy.Ol, gapana dỳşen möjek ỳaly, özüni çeỳnäp
başlady: aşaky dodagyna dişini geçiräỳjek bolỳar.
-Men-ä turaỳjak onda.
-Ŷok, turma. Hany, dil tapyşaly.
-Men bir kiçijik adam, näme edip bilerin?!
-Sende oỳun kä-än.Men bir ỳaşuly adam,
maňa nebsiňiz agyrsyn. Men ỳaman adam bolsam,
bu çaka çenli sizi kowardym. Kowmadym-a.
- Kyýas aga, şo demir sandygyňdaky
düşündiriş hatlary alaỳsak nähili görỳäň?
Kyýas aga sandygy şakyrdadyp açdy-da
hatlary çykaryp, maňa görkezip, jyrrym-jyrrym
ỳyrtdy.
-Wah, meni maỳmyn edip oỳnarsyňyz-la.
Nädeỳin-dä, başga alajym ỳok.Sizem gaỳrat
edäỳiň-ho-ow! Şu günden başlap dilimi ỳuwdup
gezeỳin.
-Bize başga zat gerek däl.
203
Men kitaby alyp öz kabinetimize geldim.
Bolan gürrüňi oglanlara aỳdyp gutaryberemde
Kyýas aga gapymyzy ỳuwaşja açdy-da, ỳasama
ỳylgyryp bakdy.
-Oglanlar,
ynha,
gyzgynja
somsa
getirdim.Çaỳ bilen iỳiň-de hezil ediniň.
Biz bir-birege bakdyk.‖Kyýas aga nire, bu
hödür- kerem nire?!‖
Hakykatda-da, o ỳyllar beỳle ỳalňyş üçin uly
jezalar berlip bilnerdi.Biziň özümizem näme
etjegimizi bilmeỳärdik. ‖Aỳ, bir alajy bolar-da.‖
Sebäbi biz kegebe diỳlen edarany halamaỳardyk.
Kyýas aga, dogrudanam, dilini ỳuwdan ỳaly
bolup gezdi. Mahal-mahal günortanlaryna gyzgynja
somsa getirmäni unutmady.
O wakalardan ep-esli wagt geçensoň, men
―Jemgyỳeti
öwreniş‖
kitabyny
redaktirläp
başladym. Bu kitaby geçen ỳyl Kyýas Mollaýewiň
hut özi redaktirlän ekeni. Men o kitapda-da has
gödek ỳalňyş tapdym. O ỳalňyşy oglanlara
görkezemde, gaty geň galdylar. Bu ỳalňyşlary
kimdir biri ỳörite edỳändir diỳip ynanyp başladyk.
‖Eger biziň redaktirlän kitaplarymyza hem şeỳle
ỳalňyşlary sokup bilseler näme etmeli?‖ diỳip öz
öňümizde soragy keserdip goỳduk.Mollaýewiň
redaktirlän kitabyndaky ỳalňyşy häzirlikçe hiç kime
aỳtmaly däl‘ diỳen karara geldik.Näme üçin? Soňky
günler Kyýas agamyz ỳene gazaplanyp başlady.
Bir gün bolsa:‖Siz meni gorkuzyp,gün görjeksiňiz
weli,bolma-az.Bir adwokat bilen maslahatlaşsam,
204
seniň günäň ỳok diỳdi. Siziň külüňizi kakyşyma bir
bakyň!‖ diỳip agzyndan ak köpük saçdy.Başga bir
gün bolsa, her sagat saỳyn biziň barymyzyỳogumyzy derňäp başlady.Oglanlaryň biri tualetde
uzagrak oturyp geldi weli gygyryp başlady:‖Iş
wagty şäher gezip, soňam tualetde gizlenen bolma.
Meni aldap bilmersiň.Siz hezzet bilmez ekeniňiz.
Baryňyzy, it kowan ỳaly, kowmasam armanly
bolaryn.‖
Biz oglanlar bilen maslahatlaşyp, bu gezek
Kyýas aga gaty daraşmaly diỳen netijä geldik.
Onsoň bir gün iş wagty tamamlanyberende men
Kyýas aganyň kabinetine bardym.Ondan-mundan
gürrüň eden boldum.Ol diňlän bolỳar hem göz
gytagy bilen elimdäki kitaba bakyp goỳberỳär, bir
ỳakymsyzlyk syzyp, maňa ỳigrençli bakỳar. Ahyry,
sabry tükenip gaharly äheňde gepläp başlady.
-Hany, mus-mus diỳmäňi goỳ-da Mustapa
diỳ.Näme habar bilen geldiň?
-Kyýas aga oglanlar sizden närazy bolup
başladylar.Beren
sözüňizi
tutaňzok.Ŷene
depämizde şänik döwüp başladyňyz.
-Ultimatum aỳtmaga geldim diỳsene.
-Ylalaşykly işleşsek ỳagşy.
-Siz gadyr bilỳän adam däl-ä.O eliňdäki kitap
ňäme?
-Aỳ, ỳöne alaỳdym.Kyýas aga, bize azar
bermän işleşip bilmerismi?
205
-Size taỳak görkezip durmasaň, derrew döwlet
agdarylyşygyny edäỳjek. Hany,gep çagalatma-da
kitapda näme bar bolsa görkez!
Men kitabỳň şo ỳalňyşly ỳerini açyp, Kyýas
aga görkezdim:‖SSSR-iň häzirki ỳaşaỳjylarynyň
dörtden üçi iň zỳỳanlylar‖
Kyýas aga okady-da gara der içinde oturgyja
çökdi. Men özünden gidermikä öỳdüp gorkdym.Ol
başyny aşak salyp,gözüni ỳumup esli oturdy.Oňa
nebsim agyrỳar,birdenem onuň gara döwe öwrülip
üstümize sürnüp durşy ỳadyma düşỳär.Ŷöne
soňunda ỳene ỳüregimiň ỳumşaỳanyny duỳỳan.
Kyýas aga-da, bizem ynjamaz ỳaly bir ỳol
tapasymyz gelỳär.Emma Kyýas aganyň ỳaramaz
häsiỳetiniň
üỳtgemejegini-de
bilỳän.Ynsanyň
betbagtlygy, köplenç, onuň özünde döreỳär
diỳilỳänine ynanỳan.‖Gözleỳän zadyňy özüňden
gözle‖ diỳen beỳik Jelaleddin Rumyny ỳatlaỳan…
Ahyry, Kyýas aga başyny galdyrdy.Öňem
garamtyl öwüsỳän göz agy köne gan ỳaly
garalypdyr.
-Siz ỳeňäỳdiňiz öỳdỳän?!
-Bu taỳda ỳaryşỳan ỳok.
-Wah, näme barlygyny özüm gowy bilỳän-le.
Onsoň meni näme etjek bolỳaňyz?
-Bir ỳol tapalyň,sizem rahat boluň,bizem rahat
bolalyň.
-O ỳalňyşy kegebe biläỳse, derime saman
dykar.Sen,inim, maňa çynyň bilen ỳagşylyk etjek
bol.Hiç ỳerde dil ỳarma.Erkek sözüni ber.
206
-Men erkek sözüni berỳän, sizem erkek sözüni
beriň!Ŷöne kegebe geläge-de sorasa, men Kyýas
aga duỳdurypdym diỳerin.
Kyýas aga gulagyma ỳakyn egildi-de
pyşyrdady: ―Duỳmazlarmy?! Bä-äỳ, duỳarlar-a.
Olar içiňde näçe gumalak baryny bilỳäler-ä.‖ Ol
maňa ynanman, ỳene ỳalbardy,menem ỳene
sözümde durjagymy aỳtdym.
Şo günden soň men Kyýas aganyň bize sesini
gataldanyny görmedim.Ŷöne öňi-soňy ol bize
ynanmaỳardy we kegebeden biri gelip, sorag edip
başlaỳjak ỳaly ahwaldady.
Şeỳle ỳagdaỳda işläp ỳörkäk, ỳolda şahyr
Italmaz Nury duşdy.
-Ysluşiỳ, Oraz, Nury Baỳram hökümet
jaỳynda bir iş bar diỳỳä.Uzak gün oturmaly bolsa
ỳüregim
ỳarylar
diỳdim.Atamyradam
razy
bolmady. ‖Hökümet jaỳynda işleseň, goşgy
ỳazmany goỳdurarlar‖diỳỳä.Gowusy sen girsene.
Içeňok, çekeňok, gelinjiklere kowalaşaňok, tüỳs
hökümede gerek adam.
Men ỳaşulymyz we öňem köp kömekler eden
şahyr Nury Baỳramlara eňdim.Haỳyşy aỳdamda,ol
başyny çep çignine atyp bakdy.
-Muny kimden eşitdiň,Italmazdanmy?
-Hawa.
-Näme diỳsene, men saňa söz bermäỳin.O
deỳỳus şäheriň ỳarsyna bu habary aỳdyp çykandyr.
Ŷöne göreli, azrak adam eşiden bolsa,
giräỳmegiňem mümkin.
207
Aradan esli wagt geçensoň, men ol işden
umydymy üzüp, başga ỳerlerden nesibämi gözläp
ỳörkäm, Nury Baỳram meni kabinetine çagyrdy-da
bir telefon nomerini berdi.
-Şuňa jaň et.Nury Baỳramowiç salam aỳtdy
diỳ.Ŷanyna çagyrar weli, gowuja geỳinip
barmalydyr.Ŷoldaşlaryňdan
al-da
geỳäỳ.
Hökümetdäkiler garyby halaỳan däldirler. Nireden
diỳseler, maryly diỳäỳmegin.Başga näme sorasalar,
oỳlanyp jogap bergin.Onsoň dokument doldurytsa,
gaty seresaply ỳazmalydyr.Sebäbi o dokumentleriňi
kegebe çeỳnäp-çeỳnäp barlar. Işe girỳäniňi
aỳalyňam bilmesin.
Men maslahat berlişi ỳaly hereket edip
başladym. Hökümet jaỳynda Täçmuhammet
Gurbanow diỳen bir kişi meniň bilen sypaỳy
söhbetdeşlik etdi. Ŷüzüne kabinet howasy urup
giden bu kişi gaty rahat we öň tanyş ỳaly äheňde
gepleşdi. Soňra rusça bir ỳazgyny uzatdy-da
türkmençä terjime etmegimi isledi. Men şobada
terjime edip berdim. Gurbanow ỳazga göz gezdirdi,
soňra bir anketa berdi.‖Şuny seresap doldur.
Düzediş bolmasyn.‖
Men koridora çykamda bu owadan, örän berk
gurlan jaỳy, her ỳeriň şeỳle tämizligini, koridoryň
ugrunda bir adamyňam görünmeỳänini, aỳak
degjek ähli ỳere haly düşelgiligini geň galyp
synladym. Öz işleỳän neşirỳatymyzyň diwarlarynyň
opuşyp, gapylarynyň egrelişip, tagta düşekleriniň
oỳuk-oỳuk hoňkaryp ỳatyşyny ỳatladym.Şol güne
208
çenli men hökümet diỳen sözi gulagymyň deňinden
geçirer ỳörerdim. O jaỳda işleỳänleriň iş usuly
hakda-ha hiç düşünjäm ỳokdy.Häzirem meni
neneňsi ışe almakçy bolỳandyklaryny bilmeỳärdim.
Meniň ỳeke-täk umydym-ỳaşar ỳaly jaỳ berseler
bolỳar. O wagtlar men şäher çetinde bir günde
gurlan kiçijik, çygly hütdükde ỳaşaỳardym.
Onsoň hökümet jaỳyndan geljek hoş habara
garaşyp ỳaşap başladym.Uzak garaşdym.Öz
edaramyzdan başga bir oglanyň hem o jaỳa
dokument tabşyranyny eşidemde umydym inçeldi.
Her niçigem bolsa arzuwlar bilen ỳaşaỳardym.
Hökümet jaỳynyň belent basgançaklaryndan
münüp-düşesim gelỳärdi.Esasysy hem o jaỳda
işlesem jaỳ berler ähtimallygy bardy. Men bir gün
sabyr käsäm dolup, Nury Baỳramowyň ỳanyna
bardym. Ol elinden geleni edenini aỳtdy.‖Elbetde,
puljagazyň bolsa, ỳokarrakda oturana soksaň,iş tiz
biter weli, ikimizde o zatjagaz ỳok-da‖ Onuň
sypaỳylyk edip,‖ikimiz‖ diỳỳänine şobada göz
ỳetirdim. Pul meselesinde men hem kördüm, hem
kerdim.Sebäbi aỳlykdan aỳlyga zordan süỳrenip
ỳetỳärdim.
Şeỳle günler gelip-geçip durka, bir gün meni
Gurbanow hökümet jaỳyna çagyrdy. Men onuň
sesinden bir umyt aldym we örän tiz bardym.
Kabinete giremde ol meni gaty içgin synlady.Öňki
gezek geỳip baran amanat geỳimlerimi göresi gelen
bolmagy mümkin. Men ỳuwula-ỳuwula sary giden
geỳimlidim hem-de owranyp başlan çepeklidim.
209
-Häzir birki sany başlygyň ỳanyna barmaly.
Şowly bolaỳadyr.Ŷör, bakaly.
Täçmuhammet aga meni ikinji gata alyp gitdi.
Bir beỳik gapydan girdik. O gapynyň ỳüzünde
rusça: ‖Iş dolandyryjy A. Ŷo.Ŷollyỳew‖ diỳen
ỳazgy bardy. Sekretar zenan biz bilen gadyrly
salamlaşdy-da içki gapa girip gitdi. Men şonda o
kabinetiň iki gat gapylydygyny gördüm. Az
salymdan zenan çykdy-da:‖Anna Ŷollyỳewiç size
garaşỳar‖ diỳdi.Biz girdik. Uzyn, giň we ỳagty
kabinetiň aňry başynda goỳlan örän äpet stoluň
aňyrsynda gara, uzyn adam biz bilen salamlaşmak
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.