Latin

Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07

Total number of words is 3721
Total number of unique words is 2130
28.4 of words are in the 2000 most common words
39.0 of words are in the 5000 most common words
45.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
karz. Zamanalar düzelişse, başlyga aýdyp bir öküze
derek iki öküz berdirerin‖.
Oba gelensoñ Alty daýy öküzi soýduryp, etini
sowuk çägä gömdürdi. Her gün az-owlak alyp,
gaýnada-gaýnada her kime bir kürüşgeden paýlap
başlady. Ýöne näçe aý geçdi weli, hi-iç et
tükenenok. Soñ-soñ eşidip oturylsa, Alty daýy her
gün awa gidip, towşan ursa-da, şagal, möjek ursada derisini sypyryp, etini gazana ataýýan ekeni.
―Günäsi meniñ boýnuma, adamlar aç ölmese
bolýar‖ diýýär.
Onuñ bir ýerlerden bugdaý getirişi hem bir
gijelik gürrüñ.
Uruş gutaryp, oba-il dokluga ýetende Alty daýy
başlygyñ ýanyna baryp:‖Inim, señ bile gizlin
gürrüñim bar‖ diýip, öküzli wakany we öz niýetini
aýdypdyr. Başlyk säginmän:‖Şu günki ýygnakda
karar çykararys, ertir iki öküzi alyñ-da eltip beriñ‖
diýipdir. Onsoñ Alty daýy şol gezekki iki oglanyindi iki ýigidi ýanyna alyp, şähere baka iki öküz
sürüp gitdi. Baryp, öküz eýesine ahwaly aýdyp, şol
öküziñ deregine iki öküz getirdik-diýse, öküz eýesi
―Sen mert adam ekeniñ. Maña bir öküzem bolýar.
Beýlekini yzyna äkidäýiñ‖-diýdi.
Ynha, Alty daýy şeýle adam. Ýöne onuñam
başyna agyr günler geldi. Ol düwnük keseline
143
ýolukdy-da damakdan bir damja suwam geçmez
boldy. Muña dost-duşman, bütin oba gynandy.
Topar-topar bolup gelip, halyny sorap
başladylar. Alty daýy bolsa özüniñ kesel halyna
nebsi agyrman, ―Men oba azar bolup ýatyryn‖ diýip
namys edýär. Saglygy gün-günden ýaramazlaşýar.
Bir gün ikindin adamlar daşyna egrilişip otyrka
Alty daýy zordan tirsegine direndi-de gapa bakyp,
nalyş edip başlady.
-Eý, Alla! Jany bereñde tiz berip, alañda kösäp
aljak bolma, ölümden gorkmaýanymy bilýäñä.
Ömrümi namart ýaşamadym, indi soñky demimde
namartlatjak bolma! Al jan señki!
Alty daýy ýuwaş geplese, sesini Alla eşitmejek
ýaly, mejalynyñ ýetdiginden gaty gepledi, soñra
başyny ýassyga atyp, sojap-sojap dem alyp, ýokary
bakyp ýatdy.
-Allajan birküç gün içinde amanady alar,
enşalla.Bir haýyşym: meni aýalymyñ ýanynda
ýerläñ, uzakdan-ýakyndan gelenlere gowy hyzmat
edeweriñ, zürýatsyz ötýänimi duýduraýmañ.
Onsoñam, öwliýäde molla gysga doga okasyn,
adamlary güne kakadyp goýmasyn.
Alty daýynyñ şu ahwalyny görüp otyrka-da
Allak wäşiligini goýmady.
-Alty daýy, o dünýä barsañ, öldüren
adamlaryñam-a öñüñden çykar.
-Çykybersinler. Bu dünýäde gorkmadyk o
dünýäde-de gorkmaz. Alty daýyñ soltan bolup
ýaşady. Dünýäde armanym galmady.
144
Alty daýydan soñ bu obada ne rowaýatçy, ne
hekaýatçy galdy. Onsoñ üýşmeleñler sus geçip
başlady. Hat-da, Alty daýyñky ýaly, ýogyn
burnunyñ kölegesinde görüner-görünmez ýeserje
murt goýýanam galmady. Şeýdip, bu oba-da
beýleki müñ bir oba meñzedi gitdi.
--------------------
145
ŞEÝTANY ÖLDÜREN
Hekaỳa
Günüñ ýeri gyzaryp, uzyn-uzyn minaralaryñ
başlary agaryp başlanda Jumabaý eke agyr ukudan
oýanýar. Zordan ýöräp, el-ýüzüne suw çalýar. Gaty
uzyn saçlary hem-de gür murtuñ uçlary aşak
sallanyşyp dur. Galyñ dodak gyzaryp görünýär.
Çaýhananyñ deñinden geçen bilen, tanyş-nätanyş
bolsun, gadyrly salamlaşýar.
Ýoldan geçip barýan bir ýük maşynyñ üstünde
oturan bäş-alty kişi hem ellerini bulaşyp,
gykuwlaşyp Jumabaý eke bilen salamlaşyp
geçdiler. Jumabaý ekäniñ uly garny gaty aşak
sallanýany üçin ol öwrülip-dolanyp bilmän dur.
Ýogsa garnyñ daşynda kirden ýaña garalyp giden
köneje matadan guşagam bar weli iki ýaña
bulanýan garyn dyza degip-degip gidýär. Jumabaý
eke mahal-mahal murtlaryny iki ýaña sypap-sypap
göýberse-de o murtlar ýene sallanýar.Jumabaỳ
ekäni mydama çaýhanada oturan görnüşde görenler
ol ýöräp bilýändirem öýtmeýärler. Onsoñ ýöräp
gelýän Jumabaý eke olar üçin başga bir adam ýaly.
Onuñ öýi-işi şo bir çaýhana. Gündogaryñ pessejik,
pukaraja jaýy özgelere garyp görünse-de, Jumabaý
146
eke üçin köşk-saraýdan kem däl. Onsoñam oña
çaýhana diýseler-de o taýda şeýle bir tagamly
palaw bişirýäler. Şeýle bir palaw! O palawdan hiçhiç doýmarsyñyz, çanagyñ düýbünde galan ýagyny
hem ýalar oturarsyñyz. Bu palawdan bir gezek iýen,
soñ özge ýerden palaw iýesi gelmez. Diñe şu palaw
diýip atygsar durar. Eli boşraklar-a has irräkden
çaýhana gelip, çaý baryny içýärler. İçleri syrylyp,
içegeler eljuk diýip başlanda naharlaryñ soltany
palaw bugaryp bişýär. Ýag çeken sarymtyl tüwiniñ
üstünde bugaryp ýatan garaja etler , dilim-dilim
käşirler göreñden işdäñi açýar.
Palawçy Jumabaý ekä bakyp, başyny silkip
göýberýär weli, Jumabaý eke tamdyryñ agzy ýaly
tegelek depregini alyp, haýalja kakyp, uzyn-uzyn
aýdymyna başlaýar.
-Tam, tam, tim,tim, tim, tampra, tampra, tamtam-tam. O-o-o-oý, ekeler, ükeler. Oşga-plowga
geliñler. Ýakşy plow bizde bor. İýgen armonsyz,
iýmegende armon bor. O-o-o-oý, ekeler o-o-o-oý
ükeler. Oşga-plowga geliñler. Tamp-tamp-tamp.
Tamp-tamp-tamp.
Jumabaý eke bir gyrada ýazylan keçede
oturşyna, soñra ullakan ýaglygy bilen derini sylýar.
Dyzynda dik saklaýan depregini kämahal pyrlap
goýberýär. Nahara gelýänler bilen uzyn-uzyn
salamlaşýar. ―Bu plowdan iýgenleriñ ýaşy ýüzden
geçedi‖ diýýär. Bir salym çaýa güỳmenýär.
Jumabaý ekäniñ, edil gorpa guýan ýaly, çaýy örän
köp içişini görenler: ―Jumabaý eke, bir günde näçe
147
çäýnek çaý içýäñiz?‖ diýip soraýarlar. ―Wah, şony
sanap ýetişmeýän-dä. Ýogsa, her gün näçe ädim
ädenimi bilýän weli, çäýnek sanyny unudýan. Aý,
köp däldir-le‖ diýýär. ―Otuz çäýnek dagy içýänsiñle‖ ―Goýsana, otuz çäýnek içer ýaly, men, näme,
düýemi?! Hany, sanaỳyn,hä-hm,ol on, ol on. Hawa,
bary-ýogy ýigrimi dokuz çäýnejik boldy.‖ İller
gülüşýär. Jumabaý ekäniñ bolsa gülenini gören ýok.
Onuñ şo bir durkuny saklaýşy hem illerde gülki
döredýär.
Jumabaý eke ýene deprege kakyp aýdymyna
başlaýar. Tak-tyra-tyk, tak-tyra-tyk. Mundan gitseñ
Samarkantga bobomlar-ga-a-a salom aýtyñ. Oý,
eke-jo-on, bo-bomlor-ga-a salom aýtyñ. Bo-bo-o-oomlarga-a-a salom aýtyñ.
Jumabaý eke aýdymyny goýup çaý owurtlaýar,
sag eliniñ aýasyny depregiñ ýüzüne sürtüp-sürtüp
goýberýär. Töwerege garaýar. Gelýän bar bolsa,
salamlaşyp: ―Geliñler, geçiñler, plow iýiñler,
çaýymyzdan içiñler.‖diýýär. Nahar iýip bolup, çaý
içýänler bilen söhbet eden bolýar.
-Ýagşymysyz? İşler kalaý? Pensiýa uzak
galdymy? Aý, bolýa. Nesip etse, hemmesi bolar.
Nesibeden artyk aljak ýokdur.
Jumabaý eke palaw bişen badyna iýmeýär.
Gazanyñ düýbüne ýakyn gelnende, ýagly, etli
ýerlerinden bir uly jamy tümmekläp getiren
palawçy: ―Jumabaý eke, şu palawy iýseñ ýüz däl,
ýüz elli ýaşarsyñ, işalla‖ diýýär. ―Goýsana! Meni
ýüz elli ýaşadyp, maýmyna meñzetjek bolýamyñ?!
148
Aýdym aýdyp bilmesem, deprek kakyp bilmesem,
dişim dökülip palaw iýip bilmesem, seniñ ýüz elli
ýaşyñy nädeýin?!‖ diýip, palawly jamy öñüne
çekýär. Ol hiç mahal palawy çemçe, çarşajyk bilen
iýen adam däl. Dört barmagyny jemläp, pilçe ýaly
edýär-de bir oýmak palawy alyp, başam barmagy
bilen agzyna iteläp goýberýär. Baý-baý, tiz iýýär-ä.
Hiç bir gepe-söze bakman, başyny galdyrman,
jamyñ düýbüne çalt ýetýär. Onsoñ süýem barmak
bilen jamyñ ýagyny syryp-syryp, ýalap-ýalap
gutarýar. Soñ eliniñ ýagyny beýleki eline çalýar,
kämahal depregiñ degre-daşyna, gönüñ ýüzüne
süýkäp-süýkäp goýberýär. Murtuny hem ýatdan
çykaranok, murtuñ uçlaryny ýagly barmaklary bilen
burup-burup goýberýär. Diñe şondan soñ aýalaryna
garap oturşuna, gözlerini ýumýar-da uzyn omyna
başlaýar. Adam Atadan, How Eneden tä şu günlere
çenli ölenleriñ ruhuna bagş etdim diýip, elini
ýüzüne sürýär. Töwerege bir nazar salýar. Bu
aralykda gelen bar bolsa, saglyk-esenlik soraşýar.
―Hudaýa şükür, indi Buharanyñ ähli halky biziñ
palawmyzy iýýär. Düýn bir habar geldi. Biziñ
palawmyzdan iýýän bir maşgalanyñ üçem ogly
bolupdyr.Işalla, ol oglanlaram adam bolsa, biziñ
palawmyzdan iýerler.‖
Jumabaý eke emaý bilen depregini ele alýar-da,
öñki aýdymyñ dowamyna başlaýar.
Tak-tyra-tyk, tak-tyra-tyk.
Mundan gitseñ Samorkontga anamlarga salom
aýtyñ. O-o-o-o-o-o-oý, ekejo-on, anamlarga-a-a
149
salom aýtyñ. Mundan gitseñ Samorkontga
ekemlerge-e-e-e salom aýtyñ.
Jumabaý eke aýdymyny goýup, depregini çep
dyzy bilen çep aýasynyñ arasynda dik saklap
oturşyna derini sylýar. Ikinji gazanyñ töwereginde
hasanaklap ýören aşpeze kämahal gözgytagyny
aýlap goýberýär.
-Arada maña üç hat geldi. Biri Hytaýyñ
başlygyndan, biri Moskwanyñ başlygyndan, ýene
biri kimdendir-ä? Be-e, dilimiñ ujundady-la. Wah,
hat köp gelensoñ, bulaşýa-da. Hä-ä-ä, ana ýadyma
düşdi, hindileriñ başlygyndan. Bilýäñizmi, üçüsem
haýyş edýä, meniñ ýurduma gel-de birinji bagşy
bol, köşkde ýaşa diýip ýalbarýalar. Ölsem
giderinmi?! Hiç gitmerin. O taýda çayhana barmy?
Ýok. Palaw bişýämi? Bişenok. Bişende-de biziñ
palawmyzça boljakmy?! Bir emrikaly biziñ
palawmyzy iýip-iýip, aşa düşüp, üç günden soñ
ýene gelip, ýene iýdi. Gözüm doýmaýa diýip
palawmyzyñ suratyny aldy. ―Dur‖ diýdim.
―Näme?‖ diýdi. Meniñ aýdymlarymy ýazyp alda
emrikalylara diñlet, ―Waý Jumabaý ekem‖ diýip
aglar oturarlar diýdim. Onsoñ meni kino düşürdi.
Elime-de emrika puluny berdi.
Şo mahal palawçy ―Eý, Jumabaý eke, başlañ!‖
diýip seslendi. ―Ýagşy, ýagşy‖.
Tam-tara-tam-tam.
Tam-tara-tam-tam.
Gäliňlär, gäliňlä-ä-är,gäli-i-iňlär!
Oş kyldyk, o-o-oş kyldyk.
150
Iýgänläri-i-i-i ýo-o-oş kyldyk.
Geliñlä-är, geliñlä-ä-är.
Miman oluñlar.
Plow iýiñlär.
Ýüz ýigrimi ýoşny-y-y
Bizdän alyñlar.
Tam-tara-tam-tam-tam
Tam-tara-tam-tam-tam.
Soñra Jumabaý eke ýene çäýnegine ýapyşýar.
Mañlaýdan, çekgeden, gulak ýeñsesinden syrygýan
derleri ýaglygy bilen sylýar. Ikinji gazanyñ palaw
ysy hem beýhuş edip barýar. Çydap bilmän,ýene bir
jam palow buýurýanlaram bar. Märeke has
köpelýär. Gowyr artýar. Onsoñ Jumabaý eke ýene
depregine kakyp, hälki aýdymyñ dowamyna
başlaýar.
Mundan gitseñ Samorkontga
Hatynymga-a-a salom aýtyñ.
Aý, ekejo-o-o-on, salom aýtyñ.
Salom aýtyñ, sa-a-lo-om aýtyñ.
Mundan gitseñ Samorkontga
Kyzlarymga salom aýtyñ.
O-o-o-o-oý, kyzlarymga.
Kyzlarymga-a-a-a salom aýtyñ.
Jumabaý eke depregini ýanynda goýup, çaý içip
başlaýar. Başga gazan ýoklygy ony ynjaldýar.
Oturanlaryñ biri: ―Jumabaý eke, bu aýdymyñ haçan
gutarýar?‖ diýip soraýar. Adatça, Jumabaý ekä
berilýän soraglaryñ ählisi diýen ýaly öñ müñlerçe
gezek berlen soraglygy üçin bu soragam täze däldi.
151
-Aý, beçejigim, bu aýdym hiç tükenmez.
Jumabaý ekeñiz ölýänçä dowam eder. Bilýäñizmi,
bu aýdym bilen Jumabay ekeñiz şeýtany öldürdi,
şeýtany. Şeýtanda sabyr bolmaz ekeni. Bir gün
gelip diñledi, üç gün, bäş gün diñledi. Aýdym
tükenenok. Diñe men görýän şeýtany, şeýtanam
diñe meni görýär. Ahyry, sabry ýetmän öläýdi.
Onsoñ, menem bu aýdymyñ adyna ―Şeýtany
öldüren ― diýdim.
Palawlar iýilýär, çaýlar içilýär, söhbetler edilýär.
Mähelle ýuwaş-ýuwaş dargaýar. Gün gözỳetime
tarap sallanyp başlanda palawçy hem, çaýçy hem
öýüne gaýdýar. Sebäbi bu jelegaýlarda agşamlaryna
her kim öýüne ýygnanýar, tapanjasyny hem öýünde
iýip-içýär. Boşap galan çaýhanada birki sany pişik
bilen Jumabaý eke galýar. Elbetde, Jumabaý ekäniñ
agşam nahary gaty garyp bolýar. Ol bu çaýhanada
hem garawul, hem aýdymçy bolsa-da diñe gara
garny üçin işleýär. Başga alajy ýok, gidere ýeri ýok.
Töwerege garañkylyk çökende, diñe uzyn-uzyn
minaralaryñ başlary garalyp görnende Jumabaý eke
şol oturan ýerinde gamgyn gyşarýar-da donuny
üstüne çekýär.
Ol ertirki güne garaşyp galyñ gabaklaryny
ýumýar.
_____________
152
Mazarsyz galan adam
Iň mukaddes söỳgi-gizlin söỳgidir.
Hakagure
O ỳaşulyny, belki, Sizem görensiňiz. Dyzdan
aşagy ysmaz bolan bir kişi. Onuň hakyky adyny
bilýân ýok,ýöne bu çöl etegindäki kiçijik şâherjikde
oňa Rahmet eke diýýârler. Iller Rahmet ekâniň
ikinji jahan urşunda ýesir alnyp,bu jelegaýlara
düşen ýaponlygyny aýdýar. Kâmahal ýaşulylar
Rahmet ekâniň milletini öz dilinden eşitjek
bolýarlar, sebâbi köneler millete, dine aýratyn parh
goýguç. Rahmet eke bolsa, her gezek ýeser jogap
tapýar: ―Towşanyň gulagy uzyn ýa gysga bolany
bilen ol towşanlykdan üýtgeyârmi? " Bir kişi onuň
iki çöpjagaz bilen tüwini ýeserje iýşini, aỳalaryny
döşünde birleşdirip doga okaỳşyny geň görüp, uly
ile aýdyp çykypdyr.
153
Rahmet ekâniň bu şâherjikde galyşy hem
rowaýat ýaly. Ýesirler gije-gündiz işlâp, jaý baryny
gurýarlar.
Olaryň gurýan jaýynyň gapdalynda
ýaşalyp oturan öýden Jahangül diýen şeýle owadan
gyz çykyp, her sapar Rahmet ekâ mâhir-muhabbetli
ýylgyryp, uzak-uzak bakypdyr. Ýene bir gün bolsa,
ol Rahmet ekâ ogrynça düýe çal getirip beripdir.
Rahmet eke-de o wagtlar gözlerinde ýyldyrym
çakýan bir ýigitmiş. Ol çally kürüşgâni alyp, "Adyň
nâme?" diýipdir weli, Jahangül gaýnap duran yşkly
gözlerini gyrpman, jadylyja bakyp, "Jahangül"
diýipdir. Rahmet eke çal içmâni unudypdyr.
"Içsene,içsene!"
Hi-de söýgi şerbeti barka çal içilermi?!
Günler geçdigisaýy aşyk-magşuk ysnyşyp
başlapdyr. Rahmet eke dâli-mejnun bolupdyr,
dünýâni unudypdyr. Onsoň gizlin ýollar tapyp, öz
adyny ölüleriň hataryna goşdurypdyr, ýene bir ýol
tapyp, ýüz keşbi gazaga meňzeş bolany üçin gazak
milletinden diyip pasport edinipdir. Az wagtdan
ýesirleri watanyna alyp gidenlerinde Rahmet eke
galypdyr. Indi onuň gözleri Jahangülden özgâni
görmez
bolupdyr.
Oýlener
uçurlary
o
söýgi,duýdansyz gelşi ýaly,duýdansyz ýitip
gidipdir:Jahangül Rahmet ekeden sowaşypdyr, hiçhiç razylyk bermândir. Az wagtdan bolsa başga
birine durmuşa çykyp gidipdir. Şeýdip, jowranyp
galan Rahmet eke çykalgasyz galypdyr:Ýaponiýa
gidip bilmeýâr, paspotynda gazak diýlip ýazylan.
Onsoň ol: "Öýlenmerin" diýip, bar ünsüni işe berip
154
ýaşaberipdir. Deň-duşlary "Öýlen" diýip, mahalmahal gyssasalar-da etmândir.
Ol özi iş başarman, ile iş öwredýânlerden
dâl. "Adam bu dünýâ işlemek üçin gelýâ" diýýâr.
Ony deň-duşlary işe iň ökde adam hasaplaýarlar.
Haýsy maşyny, haýsy traktory görse, edil özi ýasan
ýaly. Ol radioň,telewizoryň, tikin maşynynyň hem
ökde ussasy. Nahar, nan bişirmekde özüne göwni
ýetýân aýallaram Rahmet ekâniň tagam bişirişine
haýran galýarlar. Bu şâherjikde Rahmet ekâniň
geýim biçişine hem söz aýdyp bilmeýârler. Bu
ussatlygy gören bir dili duzly:" Rahmet eke diňe
çaga dogrup bilenok " diýipdir.
Rahmet eke tâ iki dyzdan aşagy ysmaz
bolýança şeýdip işledi ýördi. Maýyp bolansoňam
güýji ýetjek işden el çekmedi. Ahyry, halys gurbaty
tükenensoň, eşekli köçe-köçe syryp başlady. Siz
ony eşek üstünde boş oturandyr öýdýâňizmi?! Ýook,iň gowy ýüň joraplary, ellikleri,jempirleri
Rahmet eke eşek üstünde örýâr.
Rahmet ekâniň ýüregi göwrâ sygsa-da, bu
giň dünýâ sygmayar. Şonda-da ol ykbalyndantâleyinden bir gezegem açyk zeýrenen dâldir. Âhli
gowga içinde. Ýaňy ýetişip ýören ýigit ýyllary bir
gezek dumanly kenarda gaýyga münüp, balyk
tutmaga gitjek bolup durka ejesiniň aýak ýalaň
ylgap gelşine, elindâki köne güpbini arkasyna
atanyny, on ỳaşlyja oglan jigisiniň ỳyrtyk
balajygyny çekip:‖Menem gidäỳeỳin-dä, menem
gidäỳeỳin-dä‖ diỳip zarynlaỳşyny hiç-hiç ýatdan
155
çykarmaýar, ençe gijeler düýşde-de gördi. Beýleki
ýüz müň wakalar bir ýana, ejesi,jigisi bilen bagly
bu waka-da bir ýana. Şo gezek arkasyna atylan
güpbi heniz-henizlerem Rahmet ekâni ýylydỳar,
jigisiniň sesi heniz-henizlerem gulagyna gelip dur.
*
*
*
Rahmet ekâni her gün irden goňşusy horja
eşege mündürip goýberýâr.
Onsoň howluda ekdileşiberen ýabany
kepderiler Rahmet ekâniň başyna, egnine gonuşypuçuşyp, guş dilinde bir-birege söz gatyşyp, hüwhüwleşip Rahmet ekâni ep-esli ýere çenli
ugradýarlar. Rahmet eke mundan hoşal bolýar,
çigninde oturan kepderiniň özboluşly bir jadyly
ýylysyny, kokusyny alyp, göwni galkyjaklaýar.
―Döwletli-iş bilen, bidöwlet-guş bilen" diýlenini
Rahmet eke goldanok. "Guşa guwansaň, göwnüň
uçasy geliberýâr" diýýâr.
Rahmet eke hernâçe ýumşak adam bolsa-da
aşaky gabaklarynyň pökgerip, sallanyşyp durmasy
çagalarda birgeňsi gorky döredýâr.Olar Rahmet
ekâni aýylganç ertekilerden, kinolardan çykyp
gelen bir zat hasaplaýarlar. Bu şâherjigiň
çagalarynyň arasynda Rahmet ekâ Çingizhan,
Apaçi, Samuraý, Döw ýaly lakamlaram ulanylýar.
O geçip barýan bolsa, juguldylaryny kesip, aşak
bakyp oturýarlar. Kâmahal Rahmet eke oýnap
oturanja çagalaryň deňinde eşegini saklaýar weli,
çagalaryň âhlisiniň ini tikenekleşýâr. Rahmet eke
bolsa özüne berlen süýtli doňdurmany, köke-süýjini
156
olara hödürleýâr. Olary alýan çaga ýok, gaýta
gorka-gorka Rahmet ekâ bakyp goýberenlerinde,
onuň hiç kime meňzemeýân bulanyk gözlerini
gördükleri has beter gorkýarlar we uzak çydap
bilmân,guş uçan ýaly, zym-zyýat bolýarlar.
Onsoň Rahmet eke kiçijik şâheriň keltejik
köçelerinden gyssanman geçip başlaýar. Eşegiň
keýpine görâ bolýar:eşek ýolda-yzda bir otluja ýer
tapyp otlap başlasa-da, yssy döwri goýry kölegâ
başyny soksa-da Rahmet eke eşegini gyssan adam
dâl. Uly dükanlaryň, gelim-gidimli edaralaryň
öňünde hasam uzak durguç. Eşek, janawer, ol
aýagyndan o aýagyna agram berip, gözlerini
ýumup, kellesini sallap durýar. Siňekler gybyrdap
halys ýüregine düşende, uly gulaklaryny iki ýana
pakyrdadyp silkip, ýene irkilýâr. Üstünde oturan
Rahmet eke bolsa duşundan geçýân adamlar bilen
salamlaşýar. Sâhel saklanyp elleşen adam bilen
uzyn-uzyn saglyk-esenlik soraşýar. Soňunda ―Öňki
işiňdemiň? " diýip soraýmalydyr. ―Hudaýa şükür,
öňki işimizdediris " diýseň begenýâr. " Gaýrat et.
Işiňe berk ýapyş. Ata-eneňe meňze! Seni göremde
hoş bolýan. Işlâber. Bize-de kömegiň deger-dâ "
diýýâr. Rahmet ekâniň hâsiýetine belet bolup,
degişmek islân bolsa:" E-eý, Rahmet eke, işden
aýyrdylar " diýen bolýar. Onsoň Rahmet ekâniň
aýtjak sözlerini bilip, içinden gülýâr. "Işden
aýryldym " diýýâňmi?! " Işden kowuldym diý.
Seniň işden kowlanyňy bilen bolsam, salamyňy
157
almazdym. Sen, gowusy, başga ýere göç, adam az
ýerinde, ile görünmân ýaşa. "
Ýaňky içinden gülýân adam gidensoňam
onuň yzyndan hüňürdâp-hüňürdâp galýar. "He-eý,
onuň ýöreýşini! Şeýdip ýöreseň işden kowlarsyňda. Hany, göreli, kim seni işe alýarka?! "
Geň ýeri, hiç kim Rahmet ekeden gaty
görenok. Aryp-ýazyp biri gatyrgansa-da:" Rahmet
ekedir-dâ. Ol nâme diýip sögünse-de göwnünde zat
ýok ahyry. Gaýta, Rahmet ekâniň sögeni söýünçdir
" diýýârler.
Rahmet eke şol aýlanyp ýörşüne öz deňduşlarynyňka, tanyşlaryňka günde-günaşa baryp,
eşekden düşmân salamlaşýar, az salym söhbet
edýâr. Onsoň ýene ýola düşýâr. Bu taýda eşiden
tâzeligini o taýda aýdýar, emma göwne degjek
habarlary eşiden ýerinde goýup gaýdýar. Umumy
tâzelikleri
ýaýradýar:
pylany
ýogalypdyr,
pylanynyň ogly gyz alyp gaçypdyr, pylan ogry
pylanynyň halysyny süýrâp barýarka tutulypdyr
diýen ýaly.
Rahmet ekâniň eşejiginiň barmaýan ýeri ýok,
onsoň Rahmet ekâniň gözleri hem köp zat görýâr.
Onuň köp zatdan habarlydygyny, mydama
eşejiginiň üstünde joňkarylyp oturşyny görüp, kâbir
dili uzynlar: "Rahmet eke kegebâniň âgentidir "
diýýârler. Ýöne Rahmet eke hakda ýaramaz gep
aýdylsa, o gepiň ömri kelte bolýar: aýdylan ýerinde
gabry gazylýar.
158
Kâbirleri Rahmet ekâ ýumuşam buýurýar.
Onuň eline telefon nomeri ýazylan kagyzy
berýârler-de: "Gaýrat et, Rahmet eke. Telefonumyz
işlâr ýaly et " diýýârler. Onsoň eşejik arman
ýörâberse telefon edarasynyňam deňine barýar.
Rahmet eke o jaýdan girip-çykýanlar bilen
salamlaşyp durşuna, iş bitirip biljegi tapýar-da hâlki
kagyzjygy eline tutdurýar. Onsoň işi biten adam
Rahmet ekâni görse, ony boş goýberesi gelenok.
Öý-hassahana aralygynda-da Rahmet ekâniň eşegi
köp gatnaýar. Özi howlusyndan çykybilmeýânler
hassa garyndaşyna salam ugradýarlar, iýmit berip
goýberýârler. Rahmet eke-de eşek üstünde
joňkarylyp oturşyna iki goly bilen naharly gaby
seresap tutup, hassahananyň derwezesine gelýâr, ak
halatlyja gyzlara gowşurýar.
Polisiýanyň, suduň jaýynyň golaýynda-da
Rahmet ekâniň eşegi durup ýadaýar. Kâte ertirden
agşama çenli duran günleri hem boldy. Ho-ol öňrâk
bir polkownigi tirỳek satanlygy üçin sud
edenlerinde Rahmet eke on iki günlâp öýünden
göni sud jaýyna geldi. Eşek haýwandyr welin, indi
şolam sud jaýynyň deňine gelende özi togtaýýar.
Içerden çykýanlardan eşidenlerini gaýtalap, Rahmet
ekâniň öz-özi hüňürdeýâr. Sud edilýâne sögünýâr:
"Olar ýala gowşak degmeli dâl. Wah, şony men sud
edâýsemdim. "
Kâ günler Rahmet ekâniň başyna agyr gam
gonup, gaty tukatlanýar. O günler ol ýöne köçeköçe syryp geçýâr.Hiç kim bilen, hiç zat bilen
159
gyzykmaýar. Örýân zadyny hem taşlaýar. Onsoň
onuň başyny sallap oturşyny gören adamlar, uklap
oturandyr öýdüp, salam bermân, hal-ahwal
soraşman geçýârler. Kâhalatda aç eşek otuň ysyny
alyp, göni şo tarapa tutduryp gidýâr, şâherden
çykýar, otly bir meýdana baryp, ýaman nebsewür
çortup başlaýar. Iýe-iýe garny gâberip gidensoňam
iýýâr. Kâmahal gözüni açýan Rahmet eke bolsa
beýle ýandaky mazarçylygy görüp oýa batýar.
"Olam bu gonamçylygyň bir gyrasyna gonar.
Hudaýa şükür, ölende jaýlajak bar: jan ýaly
goňşusy ony hormat bilen topraga berer. "Rahmet
eke bu dünýâden gitdi " diýseler, gapymdan kimler
gelerkâ? Gowusy, gelmejegi sanaýmalydyr.
Emma... Emma ömrümi kül eden Jahangül
gynanarmyka? Gapymdan gelip, jesedime baş egsede razy. Bilmedim-dâ.
Uzak ýaşasyn, ýöne iru-giç Jahangülem
gider. Men toprak astynda oňa garaşyp ýataryn.
Âhli zatdan paýhasly toprak iň soňunda ikimizi öz
gujagynda duşurar.
Bu millete Rahmet eke ölmejek ýaly
görünýân bolmagy-da mümkin. Ölmejek bamy?!
Bir dilegim: kösenmân, ile azar bolman ölsem.
Ölsem, eşek, janawer, kösenermikâ öýdýân.
Eşejigimem başa geleni çeker-dâ. Ýöne
eýesiz, gapy-gapy ýortup ýörse bolmaz.
Haýwandyr, biriniň mellegindâki ekini çortup
çyksa, maňa gelşikli dâl. Rahmet ekâniň eşegi
160
diýerler. Gowusy, ölmânkâm eşejigime eýe tapyp
goýaýyn. Şonda rahat göz ýumaryn."
Bu pursatda eşek iýe-iýe ýadap, ahyry, belet
ýoly bilen bazar howlusyna baka dikgirdâp gaýtdy.
Derwezeden girmân, bir gyrada durýar. Onsoň
bazardan zat alyp çykýanlaryň arasynda Rahmet
ekâni tanaýanlar bar. Olar satyn alan kökesüýjüsinden, kişde-kişmişinden birki gysym alyp,
Rahmet ekâniň köne brezent horjunyna atyp
geçýârler.
Rahmet
eke
horjunynyň
sermeşdirilýânini duýsa-da gözüni açasy gelenok,
ýöne pessaý ses bilen ―Taňryýalkasyn " diýýâr.
Hemişelerem işdâsi ýok weli, tukat günlerinde
Rahmet eke hiç zat iýesi gelenok. O tukatlyk, o
ýalňyzlyk ony ep-esli gün helâk edýâr. Ahyrda bir
tâze habar oňa ýene jan berýâr. Owganystana dâne
daşaýan
üýtgeşik maşynlaryň çetki ýoldan
geçýânini eşidende göni şo tarapa gitdi. Barsa, ala
şowhun. Polisiýa maşynlary gyzyl yşyk ýakyp, iki
ýana zymdyrylýar. Âpet-âpet maşynlar hüňlâphüňlâp geçýâr. Rahmet eke üç günlâp ýoluň
gyrasynda durup nebsewür synlady. Şunuň ýaly
günler bolaýsa. Günüň neneňsi geçenini bilmân
galýaň. Şo geçişlikde bir şofýor maşynyny saklap,
düşnüksiz dilde bir zatlar diýdi. Arman Rahmet
ekâniň bilýân dilinden dâl ekeni. Bolmasa
göwnejaý wujurdaşardy. Onsoň ýaňky şofýor
kabinadan düşüp, golaý geldi weli, Rahmet eke
gözüni giňden açdy, eşek, biçâre-de, başyny
161
dikeltdi. Şo mahal şofýor elindâki fotoparaty
şygladyp, Rahmet ekâniň suratyny aldy.
Saňa başga nâme gerek?! Şâher içinde nâçe
ýyl bâri gezýâr weli, ýekeje adam Rahmet ekâniň
suratyny almady ahyry.
Şo gün gijara gaýdyşyn onuň eşejigi başga bir
ýoldan iýndi. Ýolda çigit satyp oturan bir garryja
aýal sataşdy.
––Rahmet, bâri dur. Nâçe günler bâri bu
taýdan geçmediň-le?
––Ýola çyksaň, menden köp zat ýok.
––Düýnki masgaralygy eşitdiňmi? Gulagyma
ynanman otyryn.
––Nâm bolupdyr?
––Düýn çaga dogrulýan öýde bir ýaş gyz
nikasyz dogrup, çagany dogtorda taşlap gitjek
diýýâmiş.
––O-ho-ow, oh-ho-ow! Şâheriň işi gaýtdy
diýsene! Beýle pislige ýetilen bolsa, soňy ýaman
bolar, bâý-bâý ýaman bolar-a! Ýaşar ýaly bolmaz.
Men gitdim.
Rahmet eke eşegini çaga dogrulýan öýe baka
sürdi. Barsa, derweze ýapyk, beýle ýandaky
gapydan girýân-çykýan görnenok. Rahmet eke
garaşmaly boldy. Onuň gyssanýan ýeri ýok. Gaýta
öýüne nâçe giç barsa, şonça gowy. Öýde hi-iç wagt
geçenok. Ir ýatsa, ir turmaly bolýar. Ol hasam
ýaman. Gün diýlen örâ-ân haýal dogýar. Onsoň
eşegiň üstünde oturanyň ýüz esse gowy. Rahmet
eke pökgi gabaklaryny ýumdy. Ol indi üçünji
162
gündür ýol başynda durup, şâhere aýlanmaga wagty
bolmady. Şâherdâki dost-ýarlar Rahmet ekâ nâm
bolduka diýişỳändirler.
Öýden habar alanam
bardyr. Nâtjek-dâ?! Âhli ýere ýetişibem bolanok.
Gaty görmeseler bolýar. Ýöne bu ýaňky kempiriň
aýdany dogry bolsa-ha işimiz gaýdypdyr. Ýaman
görelde tiz ýaýragyçdyr. Beýtseňem boljak ekeni
diýip, çaga taşlap başlasalar, soňy kyn bolar.
Onsoň pis durmuş diýilýân başlanar.
Duýulmaz-la, geçer-le, bolýa-da diýşip pislige
garyşan ertir pis nesil öndürip başlaýar.Yzarlap
otursaň tötânden bolýan zat ýok diýýâler ahyry.
Çaga dogrulýan öýden bir erkek kişi çykyp
gaýtdy. Onuň aýak sesi golaýlaşanda Rahmet eke
gözüni açdy. Salamlaşdylar.
––Rahmet eke, bu wagt bu taýlara işiň
düşdümi?
––Aý, ýok. Ýöne bir mesele bar öz-â. Sen
öňki işiňdemi?
––Hawa, öňküje gulluk.- O kişi sâhel
ýylgyrdy.
––Bolýa şol.Gaýrat ediber. Işiňe berk ýapyş.
Men ata-eneňe-de beletdirin. Tüweleme, gowy
işlâber.
––Hany, ýör, işiň ýok bolsa gideli. Hâzir o
gapylaram gulplarlar.
––Gidenimiz ýagşy weli...
––Welisi nâme? Bir aladajygyňa bar.
163
––Bar. Ikimizem erkek kişi. Sen aýtsana, çaga
doguranlaň arasynda bir gyz çöpdüýbi dogrupdyr
diýýâler-le.
––Ýahe-eý, Rahmet eke! Olar ýaly bir ýa iki
dâl. Uruş ýyllary ýetim öýi ýetimden doly bolsa,
indi ataly, eneliden doly.
––Be, be! Gaty arkaýyn gepleýâň-le. Bir
çâresini görjek bolmaýaňyzmy?
––Baý-bo-ow, gaty köne zamanda ýaşaýaň,
Rahmet eke. Bu meselede bolýan zatlaryň baryny
aýtsam, eşejigiňden agdarylyp gaýdarsyň. Gowusy,
bilmezlik.
Olaryň ikisi hem az salym dymyp gitdi. Ýene
Rahmet ekâniň ýoldaşy sözledi.
––Kanunlar bulaşyk...
––Ýalan! O meselede namysdan ýokary kanun
bolmaz. Gowşaklygyňy bilse, pisler öňe geçýâr.
Ýo-ok. Gyrada gizlenip galaryn öýtmâň. Pislik, edil
gara gazan ýalydyr, âhliňize garasy ýeter. Pislik
gelende gapyda durman,
göni depelâp, töre
geçýândir. Entejik görersiňiz! Soň-soň pis haýsy,
pâk haýsy-parhynam bilmersiňiz.
Rahmet eke örân gaharly sözledi, bulanyk
gözleriniň ýokarky gabaklary, hernâçe agyram
bolsa, ýokary çekilişdi.
––Rahmet eke, her kim erkana, her kim öz
göwün isleýşi ýaly iş edýâr. Onsoňam maňa gahar
etme, men günâkâr dâl.
164
––Wah, men günâkâr dâl diýlensoň dünýâ
ýykylýa. Günâni özüňden gözleseň, günâkâr tiz
tapylýar.
O kişi Rahmet ekâni beýle janköýerdir
öýtmeýârdi. Horja eşek üstünde oýaly-ukuly oturan
gojany akly çaşyp başlan, dünýâ gyzykmadan iren
bir mülhit hasaplaýardy. Rahmet ekâniň sözüni
mundan artyk diňlemâge mejaly bolmansoň, dogtor
sagbollaşdy-da sowlup gitdi. O kişiniň öz öýüniň
deňinden ir sowlandygyny duýan Rahmet eke
bolsa:" Gaçyber, gaçyber. Bu dünýâden gaçyp
gitjek ýeriň ýokdur " diýip oýlandy.
Şol gije Rahmet eke gaty birahat boldy. Ir
ýatdy, ir oýandy. Eger onuň islegi kabul bolsady, ol
hâzir çaga dogrulýan öýe baraga-da o gyza:" Hany,
bile pislik eden erkeksumagyň adyny aýt! "
diýmekçi. " Ýazyksyzja çagaňyza eýelik ediň. Bu
ýurt siziň üçin çaga dogrup zyňylýan zibilhana dâl.
Ýetimlere baksa-da ýeterlik." diýmekçi. Eger gepesöze düşünmediksirân bolsalar, öňi-soňy çagany
eklemâge mejbur etmeli. Garşylyk görmese,
möjekler goýun sürüsiniň ortarasynda ýaşajak
ahyry.
Heý, bilmedim-dâ... Bi adamlar âhli zada
öwrenişip gidip barýalar. Öňler bütin şâherde bâş
tirỳeki ýa tapylardy, ýa tapylmazdy. Bu gün her
köçede, gara garantga ýaly, süllerişip ýörler.
Rahmet eke elli ýyl öň gurlan kiçijik jaýjagazynda
iki ýana süýrenip, ýene köp-köp pikirleri başynda
aýlap, ahyry, jahany ýagtyltdy. Süýşüp baryp,
165
gapyny açdy. Hemişekisi ýaly, kepderiler hüwhüwleşip, pasyrdaşyp Rahmet ekâ baka çozdular.
Olam nan owuntygy gatyşan dânâni takyrja ýere
sepip-sepip göýberdi. Soňra aýasynda dâne goýup
elini uzatdy weli, birküç kepderi eline gonup, birbiregi ganaty bilen süýşürişip, dâneleri çokup uçup
gitdiler. Kepderilerine göwni galkan Rahmet eke
eşegine baka göz aýlady weli, geň galdy:Eşegi
başyny guma garyp, gymyldaman ýatyr. " Beýle
ýatmasy ýokdy. Kür-kür! Kürri! " Jogap ýok.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
  • Parts
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 01
    Total number of words is 3654
    Total number of unique words is 2143
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    32.1 of words are in the 5000 most common words
    37.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 02
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 2136
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 03
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2163
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 04
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 2143
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 05
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 06
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2242
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 07
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2130
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    39.0 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 08
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2242
    26.5 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 09
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 2123
    25.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 10
    Total number of words is 3560
    Total number of unique words is 2085
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    38.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 11
    Total number of words is 3488
    Total number of unique words is 2187
    26.8 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 12
    Total number of words is 3539
    Total number of unique words is 2131
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 13
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2022
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 14
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2012
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1919
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 16
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2006
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 17
    Total number of words is 3577
    Total number of unique words is 2005
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 18
    Total number of words is 3505
    Total number of unique words is 2029
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 19
    Total number of words is 3571
    Total number of unique words is 2101
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Daglar ýumrulyp beýgelýär - 20
    Total number of words is 3226
    Total number of unique words is 1789
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.