Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19

Total number of words is 3183
Total number of unique words is 1447
27.1 of words are in the 2000 most common words
38.9 of words are in the 5000 most common words
45.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
baradaky ýazan işlerinde hem şeýledir. Ýeri gelendigi üçin
,
A.Kekilowyň,
R.Rejebowyň,
K.Jumaýewiň
“Türkmenistanda tankydy pikiriň döreýşi we ösüşi
/gysgaça taryh/” /1969/, J.Allakowyň “Türkmen edebi
tankydynyň taryhy. Okuw gollanmasy” /1988/ ýaly işlerini
agzamak bilen çäkleneliň.
Biziň ylmy-barlagymyz asla taryhy-hronologok ýada okuw-pedagogoik tertipde ýazylman, her döwürde
türkmen tankydyna nähili wekilleriň gelendigini, olaryň
näme täzelik getirendigini, haýsy problemalary
gozgandygyny, nähili tankydy žanrda aktiw işländigini
anyklamakdan ybaratdyr.
Edebi tankyt hemişe janly çeperçilik prosesine
gözegçilik edip gelenem bolsa, onuň borji şondan ybarat
bolsa-da, bu missiýany hemme etaplarda deň derejede
amala aşyrmaga edebi tankydyň mümkinçiligi bolmaýar.
Oňa üç zat sebäp bolýar. Brirnjiden, janly edebi prosesiň
öz derejesi. Ikinjiden, jemgyýetdäki agalyk edýän
334
idealogiýanyň täsiri. Üçünjisi, tankytçynyň hususy
taýýarlygy, edebiýata düşünişi er obýektiw we subýektiw
pozisiýalardan ugur alşy. Ine, bu ýagdaý işiň hemme
baplarynda munuň göz öňünde tutulmagyny talap etdi.
50-60-njy ýyllarda tankyt sehinde san we hil
taýyndan, öňki 20-30-40-njy ýyllara garanda, görnetin
özgerişlik boldy. Ol Ata Kerimowyň, M.Annagurdowyň
atlary bolen bagly bolupdy. Dogry, bu döwürde tankydyň
syn, bellik, ýazgy ýaly žanrlarynda metbugat
sahypalarynda çykyş edýän alym edebiýatçylar, ýazyjylar,
ýönekeý awtorlar köpdi. Ozal girişde aýdyşymyz ýaly, biz
olary, umuman, agzasagam, professional tankyt nazarda
tutulanda, diňe şol žanrda berlen talantlara üns berdik.
Şeýle çemeleşme Ata Kerimowyň, M.Annagurdowyň
döredijiligini öwrenmekde zerurdy.
Emma şol döwrüň idealogiýasy, “konfliktsizlik
teorýasy” bularyň tankydyna täsir etmän durup bilmedi.
Aslyýetinde bu täsir tankytdan öň ýazyjylaryň eserlerinde
özüni duýdurdy. B.Kerbabaýewiň, B.Seýtäkowyň,
G.Muhtarowyň,

halatda
A.Gowşudowyň
hekaýalarynda, powestlerinde durmuşy gülala-güllük
edilip görkezilmäge, partorglary öňki raýkom, şäherkom
instruktorlaryny “perişde” edip görkezmäge synanyşyk
edilýärdi. Rus milletiniň wekilleriniň türkmene durmuşa
çykmagy ýa-da olardan Türkmenistana gelen adamlaryň
hemmesiniň uçdan tutma gow, položitel, mydama
türkmene öwredip ýören edilip görkezilmegi ähli eserlerde
göze ilýärdi. Bu ýagdaýyň belli derejede 50-nji ýyllaryň
atly tankytçysy Ata Kerimowyň makalasynda-da duş
gelmesi hem şonuň üçindir. Tankytçynyň özi aradan
çykansoň, 1957-nji ýylda çap edilen “Türkmen sowet
335
edebiýaty ösüş ýolunda” diýen kitapda, tankydy belliklere
garanda, öwgi, köpräk syýasy reňk, rus doganlygy,
kommunistik partiýany taryplamak aşa köpdi. Beýle
bolmagyna
garamazdan,
Ata
Kerimow
hem,
Mämmetdurdy
Annagurdow
hem,
Annaguly
Mämmetgulyýew hem, Kakaly Berdiýew hem türkmen
edebiýatynyň çeperçiligi, ussatlygy üçin ellerinden gelen
işleri edipdiler. Olaryň tankydynda 20-30-njy ýyllaryň
tankydyndaky ýaly ýok ediji, inkär ediji, käbir derejede
ýazyja antipatiýaçylyk äheň ýokdy. Bize Berdi
Kerbabaýewiň “Aýgytly ädiminiň”, “Nebitdagynyň”,
“Aýsoltanynyň”, “Goja nämä gaharlanýarsyň” nahili
gazaply tankyda sezewar bolandygyny bilýäris. Aman
Kekilowyň “Söýgi” romany-da az kötek iýmändi. Emma
netijede bu ýazyjylar kämilleşdiler, tankydydam, syndan,
obrazdan saýlanyp, aýratyn ýazyjyny sistemaly
öwrenmeklige, uly-uly problemalary orta atmaklyga tarap
ösüp gitdi. Şol sebäbe görä onuň K.Jumaýew,
A.Myradow,
Ö.Abdyllaýew,
K.Taňryberdiýew,
N.Jumaýew ýaly esgerleri hem köpelip başlady. Eýýäm
altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda, ahyrlarynda inisiatiwa
A.Myradow, Ö.Abdyllaýew, N.Hojageldiýew, J.Allakow
ýaly zehinleriň eline geçdi. Olaryň özbaşdak tankydy
kitaplary çykyp
başlady.
Tankytda
operatiwlik
problemalylyk, bir žanry doly yzarlamaklyk peýda boldy.
“70-nji ýyllar edebi tankydyň ýokary göterilen
döwrüdir” diýen ikinji bap, esasan, A.Myradowyň,
Ö.Abdyllaýewiň,
J.Allakowyň,
H.Taňryberdiýewiň,
N.Hojageldiýewiň, D.Nuralyýewiň, S.Myradowyň we
beýlekileriň
tankydy
pikirlerini
yzarlamaklyga
bagyşlandy.
336
Ol döwürde SSKP MK-nyň “Edebi-çeper tankyt
hakynda” /ýanwar, 1972/ kararynyň Soýuz möçberinde
möhüm rol oýnandygyny, 70-nji ýyllarda öňki ähli
respublikalarda, şol sanda Türkmenistanda-da tankydy
pikiriň
ösmegine,
merdemsileşmegine,
şygryny
giňeltmegine
goşant
goşandygyny
obýektiwleriň
hatyrasyna aýtmalydyrys.
Şol döwürlerde tankydy
kitaplar köp çykyp başlady, yankydyň çekişme žanry
janlandy. 70-nji ýyllarda A.Myradowyň, Ö.Abdyllaýewiň,
D.Nuralyýewiň başlan ýa-da jemlän çekişmeleri ep-esli
bardy. Olardan realizm, häzirki zaman poeziýasy, powesti,
hekaýasy, romany, çeper eseriň dili, däp we täzeçillik,
taryh, döwür we şahsyýet barada giden çekişmeleri
ýatlamak ýeterlikdir.
Tankydyň aktiwleşmek prosesi Soýuzyň hemme
ýerinde gitdi. Türkmen tankydy hem şol üzňe ösüşden
üzňe bolmandy. Gaýtam, öz “hojalygyna” eýe bolmakda
käbir ýagdaýlarda öňe geçdi diýsegem ýalňyşmarys.
Dogrusy, 60-70-nji ýyllaryň sepgidinde tankydyň
ylmy hümmeti artdy. Sebäbi tankytçylaryň köpüsinde
alymlyk derejesi bardy, professional taýýarlyk artýardy.
Bu bapda her bir professional türkmen
tankytçysynyň stil, çemeleşme aýratynlygyny ýüze
çykarmaklyga aýratyn üns berildi. A.Myradowdaky
operatiwlik, publisistik, çeperçilik, Ö.Abdyllaýewdaky
akademizm, prinsiplilik, kä halatda agras hem teoretiki
äheň, J.Allakowdaky giňlik, köp faktlylyk jemleýjilik, bir
žanrdan işlemeklik, S.Myradowdaky inkär edijilik, nigilist
dik, detal tutup, umumy problemany unutmaklyk, özünden
başga alymy, tankytçyny hasap etmezlik hem teoriýadan
gowşaklyk,
H.Taňryberdiýewdäki
köp
sözlülik,
337
registrleýjilik we gaýrylar şu bapda mümkingadar
açylmaga
synanyşyldy.
Emma
bu
professional
tankytçylarynyň türkmen tankydyny ösdürmekdäki
hyzmatlary, esasan, 70-nji ýyllarda doly ýüze çykdy diýip
nygtaldy.
“Türkmen edebi-çeper tankydynyň žanr we stil
aýratynlyklary” diýen üçünji bapda biziň tankydymyzyň
esasy wekilleri bolan A.Kerimowyň, M.Annagurdowyň,
Ö.Abdyllaýewiň,
J.Allakowyň,
H.Taňryberdiýewiň,
A.Myradowyň,
D.Nuralyýewiň,
A.Garaýewiň,
G.Geldiýewiň, B.Ussaýewiň haýsy žanrlarda köp iş
edendikleri, olaryň analizleýjilik usullary ussatlyklary
yzarlandy we hersi öz ýerinde görkezildi.
Eger A.Kerimow halklar dostlugyna üns berse,
köplenç, edebiýaty öwreniş tärlerine ýykgyn etse,
A.Myradow tankyda bütinleý döredijilikli, erkin çemeleşdi
we poeziýany, prozany, draturgiýany, çagalar edebiýatyny
deňräk alyp gitdi diýsek, Ö.Abdyllaýew aglaba halatlarda
prozany, onuň hem iň kyn teoretiki meselelerini açdy, uly
prinsiplilik görkezdi. J.Allakow, H.Taňryberdiýew diňe
proza tankydy bilen giden iş salşan bolsalar, A. Garaýew,
B.Ussaýew,
G.Geldiýew
poeziýanyň
meselelerini
yzygiderli çözmek bilen meşgullandylar. D.Nuralyýew
bilen N.Hojageldiýew hem poeziýa, hem proza ýykgyn
etseler-de, esasan, lirikanyň çylşyrymlyklaryny ýüze
çykarmakda, pikirlerini çürt-kesik beýan etmekde
tapawutlwndylar. Olaryň žanrdan gaýry obýekte
çemeleşmekdäki obýektiw, subýektiw pursatlary hem
subut edijilik derejeleride aýdyňlaşdyryldy. Üçünji bap
möçber taýdan uly bolup, onda tankytda yz goýan hemme
338
türkmen tankytçylarynyň professional stil aýratynlyklary
aýyl-saýyl edildi.
“Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň we çeper
tankydynyň arabaglanyşgy” atly dördünji bapda alymlaryň
we tankytçylaryň edebi tankydyň agyr meselelerini
bileleşip çözmekde alyp barýan işleri, ylmyň tankyda,
tankydyň ylma aralaşmak prosesi ýörite işlendi. Bu
ugurdan A.Kekilow, B.Garryýew, Ö.Abdyllaýew,
R.Alyýew ýaly ýaşuly alymlar has oňat görelde
görkezipdiler, olardan başga, R.Rejebow, K.Jumaýew,
A.Meredow ýaly alym edebiýatçylar has-da uly goşant
goşupdylar. Bu ýörelge, Magtymgulynyň, Zeliliniň,
Seýdiniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň, Kerbabaýewiň ýubileý
seneleri bellenen mahalynda, has-da giň ýaýrawa eýe
boldy. Soň-soňlar edebi tankyt öz täsirini ylma aç-açan
ýetirip başlady. Ony S.Myradowyň, G.Geldiýewiň,
A.Bekmyradowyň, Magtymgula, Zelilä degişli düýpli
kitaplarynda görmek bolýar. Aslyýetinde Magtymguly
ýaly çylşyrymly şahyryň döredijiligi çuň ylmy-teoratiki
çemeleşme bolmasa, ýöne edebi tankyda doly we dogry
çözdürmeýär. Bu, Hakykatdan hem, şeýle. Ony 60-njy
ýyllarda realizm hakynda giden çekişme görkezdi. Soň bu
mesele ylymda K.Jumaýew, D.Nuralyýew, has beteri-de
S.Garryýew tarapyndan öwrenildi.
Edebiýaty öwreniş we tankyt M.Gurbansähedow,
K.Salyh, Ş.Halmuhammedow ýaly uly edebiýatçylaryň
işlerinde-de ýakyn gatnaşykda analiz, sintez arkaly ýüze
çykýar. Häzirki döwürde Magtymguly barada metbugatda
çykýan, ylaýta-da sufizm, din barada şahyryň garaýyşlary
tankyt eleginden geçirilende, ylmyň ýakyndan kömegi
zerur bolsa, häzirki zaman şahyrlarynyň döredijilik
339
aýratynlygyny açmakda-da ol esasy sözüni aýtmagy
başarýar.
“Özgerdiş döwrüniň çeper tankydy” işiň bäşinji
baby bolup, onda 1985-nji ýyldan şu güne çenli geçen
aralykda edebi tankytdaky üýtgeşmeler, oňa gelen täze
wekiller, garaşsyz Türkmenistandaky erkin, demokratik
düzgün, onuň döredijiligine beren peýdasy derňelýär.
Häzir bu proses kemala geliş, kämilleşiş prosesini başdan
geçirýär. Şeýle bolmagyna garamazdan, tankydymyzda
eýýäm at alan professional adamlaryň hatarynda edebi
tankyda gelýän batyrgaý wekilleriň işleri, makalalary
sistemalaýyn derňelýär. Uly tankytçylardan J.Allakowyň,
D.Nuralyýewiň,
G.Geldiýewiň,
A.Garaýewiň,
N.Hojageldiýewiň işleri, çykyşlary bilen bir hatarda,
A.Orazow,
A.Mämmedow,
A.Nurmämmedow,
Ý.Annagurbanow,
S.Hydyrow,
D.Gurbanow
ýaly
zehinleriň tankyda ymykly girmekleri oňat hadysadyr.
Bulardaky batyrgaýlyk, erjellik okyjylary has-da
begendirýär. Edebi tankydyň çekişme, interwýu žanry
dowam edýär. Häzirki döwür N.Annagurdow ýaly 50-nji
ýyllarda meşhurlyk gazanan goja tankytçylaryň hem
geçilen ýoly tankyt tejribesi manysynda saldarlap
görmäge, ýaş tankydy güýçlere sapak bermeklige getirdi.
Özgerdiş döwri ýazyjyny goramak bilen, onuň
kemçiliklerini-de ýüz görüjüliksiz ýazmaga, galyzdan
çykmaga giň ýol açdy. Aýratyn hem, tankytda yz galdyran
alymlaryň öz döredijilik ýollaryny öwrenmeklige ol
ýardam etdi. Şol bir wagtyň özünde-de öňki totalitar
sistemada ýoň bolan aşa syýasylaşdyrma, partokratlyga
garşy göreş alnyp barylmagyna, şu günki garaşsyz
Türkmenistanyň täze edebiýatyny döretmeklige uly
340
mümkinçilik
döretdi.
Biz
bularyň
ählisiniň
aýratynlyklaryny soňky bapda görkezmäge çalyşdyk.
Özgerdiş döwri çekişme žanryny aýratyn öňe sürdi.
Biz D.Nuralyýewiň “Şahyr bolçulygynda şygyr
gytçylygy”,
“Iri
prozanyň
ownamagy”,
A.Nurmämmedowyň “Magtymgulynyň edebi obrazyna
bellikler”, ýene-de A.Nurmämmedowyň “Çaň basan
kitaplar” diýen makalalaryny göz öňünde tutýarys.
Galyberse-de, aýratyn uly ýazyjynyň döredijiligine aralaşmakda N.HojageldiýewiňA.Atajanowyň döredijiligine,
Ý.Annagurbanowyň – K.Taňrygulyýewiň döredijiligine,
D.Gurbanowyň
A.Atabaýewiň
döredijiligine,
A.Mämmedowyň
we
S.Hydyrowyň
S.Öräýewiň
döredijiligine bagyşlanan makalalaryny mysal alyp, olary
analizledik. Edebi tankyt diňe edebi eserleri öwrenmek
çägimden çykyp, dil, medeniýet, neşirýat meselelerine
hem aralaşyp ugrady. Bu ugurda professor J.Allakow örän
şowly makalalar ýazyp, türkmen diliniň öwreniliş çägini
giňeltdi. Dogry, häzirki wagtda ozalky ýetmiş ýylky
gazanylan üstünlikleri bütinleý inkär etmek meýli, aýratyn
hem ozalky uly ýazyjylaryň hyzmatyny ýoga çykarjak
bolmak, SSSR-iň dargadylandygyna duwlanyp, hemme
zady püçege çykarjak bolmaklyk meýli metbugatda hälişindi peýda bolup durýar. Bu döwürde döredilen edebi
mirasymyza hem-de onuň zehinli wekillerine atanak
çekjek bolmak prinsipi nädogrydyr. Şeýle ýagdaýda edebi
mirasyň döredilen döwründe ýurdumyzyň jemgyýetçiliksyýasy, sosial-medeni aýratynlygy her taraplaýyn çuňňur
analizläp hasaba almak bilen, muňa diňe
obýektiw
baha bermek bilen, öňe gitmek häzirki zaman tankydynyň
borjudyr.
341
AWTORDAN
Ine, gadyrly okyjylar, biz türkmen edebi
tankydynyň ösüş ýollarynyň soňky 50 ýyl aralygyna azdakände syn saldyk. “Edebiýat durmuşyň aýnasydyr” diýlip,
ýöne ýere aýdylmaýar. Çünki, edebiýat hemişe döwür
bilen aýakdaş gidýär. Biz geçmiş edebiýatymyza syn
salanymyzda, (edebi tankydymyza hem) şol döwürleriň
şowlulyklaryna-da, nogsanlyklaryna-da göz ýetirip bileris.
Elbetde, edebi proses hemişe adam ykballary bilen iş
salyşöandygy üçin hemişe hereketde, ösüşde bolýar.
Şeýle-de bolsa, totalitar sowet düzgüni döwründe,
aýratynam, geçen asyryň 50-nji ýyllarynda ýazyjyşahyrlarymyza Magtymguly atamyzyň aýdyşy ýaly
“Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň” etmäge mümkinçiligiň
bolmandygyny aýtmalydyrys. Galyberse-de, sowet
döwründe ähli adamlary özüne birikdirýän ynamly milli
maksadyň (ideýanyň) bolmanlygy, bolyp bilmejekdigi
üçin hem milli edebiýatymyz dünýä nusgalykly edebi
eserleri orta getirip bilmedi. Elbetde, milli edebiýat milli
çarçuwalara boglup oturmaly dälem bolsa, öz milliliginde
hakyky edebiýat bolup biler. Biz munuň hut şeýledigini
soňky döwür edebiýatyň Çingiz Aýtmatow, Resul
Gamzatow, Abdylla Arypow, Gurbannazar Ezizow ýaly
meşhur edebi şahsyýetlerimiziň döredijilik ykballarynda
görýäris.
Islendik döredijilik adamsy öz döwrüne, halkynyň
bagtyna, Watanynyň ykbalyna guwanan mahaly uly
joşgun bilen, kalbyndan syzdyryp, ilhalar eserler dýredýär.
342
Şu nukdaý nazardan seredenimizde bolsa,
Garaşsyzlyk
döwrümiz,
hormatly
Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Galkynyşlar
eýýamy
milli
edebiýatymyzyň,
sungatymyzyň,
medeniýetimiziň ösmegi üçin täze giňişlikleri açdy. Öz
ykbalyna eýe bolan halkyň kalbynyň joşguny şahyrlara
geçdi. Täze Galkynyşlar zamanasynyň syýasy, ykdysady,
medeni ösüşlerindäki täzelikler bu gün Atamyrat
Atabaýew,
Täçmämmet
Jürdekow,
Ýazmyrat
Mämmediýew,
Gözel
Şagulyýewa,
Kaýum
Taňrygulyýew...ýaly Türkmenistanyň halk ýazyjylarynyň,
Nobatguly Rejebow, Gurbanýaz Daşgynow, Kömek
Kulyýew, Atajan Tagan, Agageldi Allanazarow,
Gurbannazar Orazgulyýew, Osman Ödäýew, Gowşutgeldi
Daňatarow... ýaly öndümli işleýän ýazyjy-şahyrlarymyzyň
döredijiliklerinde öz belent beýanyny tapýar.
Bu döwürde Jora Allakow, Aman Şyhnepesow,
Gurbandurdy Geldiýew, Şirinjemal Geldiýewa, Ahmet
Mämmedow, Gyzylgül Kyýasowa, Şirin Gurbanowa,
Hemra Hudaýgulyýew...ýaly edebi tankytçylarymyz hem
edebi gorumyz, şu günki edebiýatymyzyň halkymyzyň
öňündäki hyzmatlary hakda ylmy-derňew işlerini alyp
barýarlar.
Soňky döwür edebiýatymyzyň ýeten belentlikleri
barada Garaşsyzlyk, Täze galkynyşlar zamanasynda
ýetişen zehinli ýaş edebiýatçylarymyz edebi derňewleri
has-da giň manyly, ýokary derejede ylymly dowam
etdirerler diýip umyt edýäris.
343
P E Ý D A L A N Y L A N E D E B I Ý A T LAR
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
Berdimuhamedowyň
ýurdumyzyň
döredijilik
intelligensiýasynyň wekilleri bilen geçiren duşuşugynda
sözlän sözi (2010-njy ýylyň 24-nji fewraly)
1. Abdyllaýew Ö. Uruşdan soňky türkmen sowet
prozasynda kolhozçynyň obrazy. –Aşgabat: TDU, 1957. 144 s.
2. Abdyllaýew Ö. Edebiýatyň ösüşine göz aýlap. –
Aşgabat: Türkmenistan, 1968. -260 s.
3. Abdyllaýew Ö. Talant, hyjuw, ussatlyk /Makalalar/. –
Aşgabat: Türkmenistan, 1975. -144 s.
4. Abdyllaýew Ö. Türkmen prozasynda däp we täzeçilik. –
Aşgabat: TDU, 1972. -385 s.
5. Abdyllaýew Ö. Döwrüň keşbi – edebiýatyň keşbi. –
Aşgabat: 1980. -172 s.
6. Abdyllaýew Ö.
Berkeliýew M.R.Seýidowyň
“Bagtlylar” poemasy hakynda. –Sowet Türkmenistany,
1953, 25 oktýabr.
7. Aborskiý A. Saryhanowyň hekaýalary. –Sowet
Türkmenistany, 1945, 7 iýul.
8. Aborskiý A. “Mähri-Wepa” /A.Gowşudowyň romany
hakynda/. –Sowet Türkmenistany, 1946, 18 awgust.
9. Aborskiý A. Watançy şahyr /D.Haldurdy hakynda/ Sowet Türkmenistany, 1948, 6 ýanwar.
10. Aborskiý A. Jürmenek B. Ýokary ideýaly çeper eserler
ugrunda. –Bolşewik, 1948, №5.
11.
Aborskiý
A.
“Aşyryň
ýaşlygy”.
–Sowet
Türkmenistany, 1952, 27 iýul.
344
12. Aborskiý A. “Şöhrat”. Ş.Kekilowyň rus dilindäki
ýygyndysy hakynda. –Sowet Türkmenistany, 1952, 13
dekabr.
13. Aborskiý A. Ýazyjynyň ýoly /A.Gowşudowyň
döredijiligi hakynda/. –Sowet edebiýaty, 1953, №8.
14. Aborskiý A. Ýaş edebiýatçylara köp üns bermeli, Ýaş
kommunist. 1954, 7 maý.
15. Aborskiý A. “Aýgül” /J.Ilmyradowyň poemasy
hakynda/. Sowet Türkmenistany, 1954, 19 noýabr.
16. Aborskiý A. Çeper sözüň ussady /A.Gowşudow/. –
Sowet Türkmenistany, 1955, 20 oktýabr.
16 b. Aborskiý A. Murgap jülgesiniň komissary /Ata
Salyh/. “Sowet edebiýaty”, 1972, №1 – 2 .
17. Allakow J. Döwür we gahryman. –Aşgabat:
Türkmenistan, 1971. 178 s.
18. Allakow J. Durmuş hakykaty we çeper hakykat. –
Aşgabat: Türkmenistan, 1975, 214 s.
19. Allakow J. Häzirki döwür we türkmen edebiýaty
/Makalalar/ Aşgabat: Türkmenistan, 1982, 208 s.
20. Allakow J. Prozamyzda döwürdeşlerimiziň ahlak keşbi
/Makalalar/ . –Aşgabat: Türkmenistan, 1984, 220 s.
21. Allakow J. Zähmet we häsiýet /Makalalar/.–
Aşgabat:Türkmenistan,1987,173 s.
22. Allakow J. Türkmen edebi tankydynyň taryhy. Okuw
gollanmasy. –Aşgabat: Magaryf, 1988, 304 ç.
23. Allakow J. Häzirki zaman prozasynyň problemalary
we gahrymanlary. –Aşgabat: Türkmenistan, 1991, 464 s.
24. Allakow J. Iki romanyň gürrüni. Edebiýat we sungat,
1972, 21 maý.
25. Allakow J. Biziň günlerimiziň powestleri hakda
bellikler. Sowet edebiýaty, 1973, №1.
345
26. Allakow J. Roman žanry we onuň tankydy. –Sowet
edebiýaty, 1976, 2.
27. Allakow J. Gürrüň köp-de, hereket az. –Sowet
edebiýaty, 1987, №9.
28. Allakow J. Roman ýazmak ýeňilmikä? Edebiýat we
sungat, 1988, 18 iýul.
29. Allakow J. Ak guş ýa-da gara garga. Bu edebiýata
ýokaşan ýowuz keseldir. Edebiýat we sungat, 1990, 30
noýabr.
30. Allakow J. Ideologiýa we edebiýat. –Sowet edebiýaty,
1990, №9.
31. Allakow J. Dar düşünilen synpylyk. -Edebiýat we
sungat, 1991, 29 mart.
32. Allakow J. Galyp däl-de realizm gerek. –Sowet
edebiýaty, 1991, №5.
33. Alyýew R. Beýik arzuw umytlar şahyry /G.Seýitliýew
hakynda/ Sowet Türkmenistany, 1947, 2 fewral.
34. Alyýew R. Biziň ýazyjylarymyz talaba laýyk düýpli
eserler döretmelidirler. Bolşewik, 1948, №2.
35. Alyýew R. “Lebap nagmalary” hakynda /R.Seýidowyň
goşgulary/ Sowet Türkmenistany, 1949, 29 noýabr.
36. Alyýew R. Çagalar edebiýatynyň käbir meseleleri
hakynda. Sowet edebiýaty, 1950, №11.
37. Alyýew R. Edebiýat taryhynyň käbir meseleleri
hakynda. Sowet edebiýaty, 1948, №11-12.
38. Alyýew R. Çeper edebiýatyň ýokary idealylygy
ugrunda göreşeliň. Sowet Türkmenistany, 1950, 15
awgust.
39. Alyýew R. Ýaş ýazyjylar bilen gündelik iş alyp
barmaly. Sowet Türkmenistany, 1950, 18 oktýabr.
346
40. Alyýew R. Saýlantgy eserleri saýlap almak gerek.
Nury Annagylyjyň kitabyna tankyt. Sowet edebiýaty,
1951, №10.
41. Alyýew R. Aşgabadyň ýaş ýazyjylarynyň seminary.
Sowet Türkmenistany, 1952, 20 maý.
42. Alyýew R. Halk şahyry Ata Salyh we onuň “Saýlanan
eserleri”. Sowet edebiýaty, 1952, №5.
43. Alyýew R. Şahyr aýal-gyzlaryň döredijiligi hakynda.
/T.Esenowa,
O.Omarowa,
D.Artykowa/
Sowet
Türkmenistany, 1952, 24 dekabr.
44. Alyýew R. Halk şahyry Durdy Gylyç. Sowet
edebiýaty, 1953, №2.
45. Annagurbanow Ý. Saýlanmadyk “Saýlanan eserler”.
Edebiýat we sungat, 1988, 30 sentýabr.
46. Annagurbanow Ý. “Gijigen ökünjiň” gijigen gürrüňi.
Sowet edebiýaty, 1989, №5.
47. Annagurdow M. “Aýgytly ädim” /B.Kerbabaýewiň
romany/. Sowet edebiýaty, 1951, №4.
48. Annagurdow M. “Aýsoltan” powesti hakynda. Sowet
edebiýaty, 1953, №5.
49. Annagurdow M. Çeper eserler nähili döreýär. Aşgabat:
Türkmenistan, 1989, 192 s.
50. Annanurow B. A.Kekilowyň “Söýgi” poýemasy
hakynda. Sowet Türkmenistany, 1947, 13 iýul.
51. Ataýew K. Ösýän hem kämilleşýän žanr. Edebiýat we
sungat, 1972, 11 iýun.
52. Atajanow A. Ýaş şahyryň ilkinji kitaby. Ilmyradowyň
goşgylar ýygyndysy hakynda. Ýaş kommunist, 1947, 23
oktýabr.
53. Atajanow A. Dereksiz giden pullar we ýazylmaýan
pýesalar hakynda. Sowet Türkmenistany, 1948, 13 maý.
347
54. Atajanow A. “Mugallymyň gyzy” /H.Ysmaýylowyň
powesti hakynda/. Ýaş kommunist, 1948, 11 mart.
55. Atajanow A. Türkmen balykçylary hakynda ilkinji eser
/N.Amanowyň we A.Kowusowyň “Balykçylar” diýen
poýemasy hakynda/. Sowet Türkmenistany, 1948, 18
aprel.
56. Atajanow A. Halk şahyrynyň joşguny. Bolşewik,
1948, №1.
57. Atajanow A. Ýaş şahyr Hasymguly Gurbanow. Sowet
edebiýaty, 1949, №4.
58. Atajanow A. Gowşak manyly eser. B.Pürliýewiň
“Altyn toprak” diýen pýesasy hakynda. Ýaş kommunist,
1949, 30 oktýabr.
59. Atajanow A. Käbir manysyz setirler, ýerliksiz ulanylan
sözler hakynda /A.Kowusowyň “Parahatçylyk köçesi” atly
kitaby/. Sowet Türkmenistany, 1954, 17 aprel.
60. Atajanow A. Söz ýazyjynyň esasy ýaragydyr.
A.Haýydow “Gök asman”. Sowet edebiýaty, 1955, №12.
61. Atajanow A. Zehinli şahyryň poýemalary. /Ç.Aşyrow
hakda/ Sowet edebiýaty, 1955, №10.
62. Aşyrow N. Ata Gowşudowyň döreden esasy edebi
obrazlary. Sowet edebiýaty, 1948, №11-12.
63. Aşyrow N. Türkmen sowet edebiýatynyň görnükli
kyssaçysy. A.Durdyýew hakda. Sowet Türkmenistany,
1948, 11 maý.
64. Aşyrowa E. Beýik watançylyk urşundan soňky döwrüň
edebi tankydy. /1945-1950/. Aşgabat: Golýazma, 1976,
125 s.
65. Aşyrowa E. Türkmen edebi tankydy 1950-1955-nji
ýyllarda. Aşgabat: Golýazma, 1980, 138 s.
348
66. Aşyrowa E. 1966-1975-nji ýyllaryň edebi tankydy.
Aşgabat: Golýazma, 1985, 180 s.
67. Aşyrowa E. Ata Kerimow – edebi tankytçy. –Aşgabat:
Golýazma, 1986, 150 s.
68. Aşyrowa E. Saýlaw Myradow – tankytçy. –Aşgabat:
Golýazma, 1989, 50 s.
69. Aşyrowa E. B.Kerbabaýewiň “Aýsoltan ” powesti
edebi tankytda //-B.Kerbabaýew -90. –Aşgabat: Ylym,
1987, 112-118 s.
70. Baýjigitow K. Woprosy masterstwa kirgizskoý
literaturnoý kritiki. Žanry. Analiz /1950-1960gg/ Awt.kand. diss. –Frunze, 1983, -21 s.
71. Baýrammyradow K. Söweşjeň edebiýat ugrunda. –
Aşgabat: Türkmenistan, 1970, -265 s.
72. Bekmyradow A. Göroglynyň yzlary /Makalalar/.
Aşgabat: Türkmenistan, 1988, -144 s.
73. Bekmyradow A. Magtymgulynyň poýeziýasynda
şahyrana däp hem täzeçillik gözlegleri. –Aşgabat: Ylym,
1989, -192 s.
74. Berdiýew K. Welmyradow B. Hakykat we toslama.
G.Seýitliýewiň we G.Muhtarowyň “Jogapkär sekretar”
diýen pýesasyna tankyt. –Sowet Türkmenistany, 1951, 13
maý.
75. Berdiýew K. Çagalar edebiýatyny hemme çäreler bilen
ösdürmeli. –Sowet Türkmenistany, 1952, 2 fewral.
76. Berdiýew K. Durmuşdan yza galýan žurnal. “Sowet
edebiýaty” hakda. –Sowet Türkmenistany, 1953, 11
fewral.
77. Berdiýew K. Edebiýat tankydynyň käbir meseleleri
hakynda. Türkmenistan Kommunisti, 1953, №7.
349
78. Berdiýew K. “Biziň obamyz” poýeziýasy hakynda.
Sowet edebiýaty, 1954, №3.
79. Berdiýew K. Ata Gpwşudowyň eserler ýygyndysy.
Sowet edebiýaty, 1955, №11.
80. Berdiýew K. Pursat. Oçerkler, publisistika, ýol
ýazgylary, makalalar. –Aşgabat: Türkmenistan, 1986, -287
s.
81. Borjakow Ş. “Soldat ýüregi” /K.Gurbannepesowyň
kitaby hakynda/ Sowet edebiýaty, 1954, №6.
82. Wadeskiý B. Beki Seýtäkowyň käbir hekaýalary
hakynda. “Oba hekaýalary”. Sowet edebiýaty, 1950, №6.
83. Welmyradow B. Türkmen sowet edebiýatyny täze
belentlige götermeli. –Sowet Rürkmenistany, 1951, 14
awgust.
84. Welmyradow B. Bir perdeli pýesalar. –Sowet
Türkmenistany, 1954, 11 aprel.
85. Welmyradow B., Saparow.Ç Aman Kekilowyň
“Söýgi” poýemasy hakynda. –Sowet Türkmenistany,
1951, 22 sentýabr.
86. Wladykiw G. Kowaaçuk Ýe, Suçkow B. Edebiýat
tankydy hakynda. –Sowet Türkmenistany, 1946, 14 iýul.
87. Garaýew A. Poýeziýamyz kämillik ýolunda /50-60-njy
ýyllaryň liriki poýeziýasy barada/. –Aşgabat: Ylym, 1974,
-195 s.
88. Garaýew A. Uly poýeziýamyzyň dowamy /Ýaş
şahyrlaryň döredijiligi barada oýlanmalar/ -Aşgabat:
Türkmenistan, 1974, -146 s.
89. Garaýew A. Pikirleriň poýeziýasy, duýgylaryň
poýeziýasy /Makalalar/ -Aşgabat: Türkmenistan, 1982, 128 s.
350
90. Garryýew B. Häzirki zamanyň möhüm meselelerine
ýüzlenmeli. Edebiýat we sungat, 1960, -25 iýun.
91. Garryýew S. Magtymguly we edebiýatda realistik
tendensiýa. –Aşgabat: Ylym, 1978, -149 s.
92. Geldeýew G. Poýeziýamyzyň häzirki zaman keşbi /stil
problemasy/. –Aşgabat: Türkmenistan, 1978, -145 s.
93. Geldeýew G. Kämillik ýolunda /Makalalar/. –Aşgabat:
Türkmenistan, 1983, -128 s.
94. Geldeýew G. Şygryň gudraty /Makalalar/. –Aşgabat,
Magaryf, 1985, -127 s.
95. Geldeýew G. Taryh. Edebi ykballar. –Aşgabat:
Türkmenistan, 1990, -440 s.
96. Geldiýewa Ş. Türkmen sowet edebiýatynda powest
žanrynyň döreýşi kem ösüşi. –Aşgabat: Ylym, 1985, -212
s.
97. Geldiýewa Ş. Häzirki zaman türkmen powestleri. –
Aşgabat:Ylym,1989, -251 s.
98. Gurbannepesow K. M.Seýidowyň “Dostlar” poýemasy
hakynda. –Ýaş kommunist, 1955, 9 ýanwar.
99. Gurbannepesow K. Edebiýat we durmuş.–
Aşgabat:Türkmenistan, 1979, -220 s.
100. Gurbanow D. Iki hili harsallyk. –Edebiýat we sungat,
1989, 4 awgust.
101. Gurbanow D. Kalbyňy kirletmeli däl. –Ýaş
kommunist, 1990, 24 mart.
102. Gurbanow D. Gümürtik gürrüň bolmasyn. –Sowet
edebiýaty, 1989, №1.
103. Gurbansähedow G. Soldatyň sesi /Ç.Aşyrowyň “En
şäherinde” diýen goşgylar ýygyndysy hakynda/ -Sowet
Türkmenistany, 1945, 20 iýul.
351
104. Gurbansähedow G. “Öküz gödek” /H.Ysmaýylowyň
powesti hakynda/. –Sowet Türkmenistany, 1945, 8
awgust.
105. Gurbansähedow G. Aýdym-saz hakynda powest
/N.Saryhanow “Şükür bagşy”/. –Sowet edebiýaty, 1948,
№4.
106. Gurbansähedow G. Görnükli şahyr /B.Seýtäkow/. –
Sowet Türkmenistany, 1948, 26 dekabr.
107. Gurbansähedow G. Jürmenek B “Iki atanyň bir ogly”,
-Sowet Türkmenistany, 1947, 8 ýanwar.
108.
Gurbansähedow
G.
“Meniň
ýaragym”
/D.Haldurdynyň goşgular ýygyndysy hakynda/. –Sowet
Türkmenistany, 1948, 11 fewral.
109. Gurbansähedow G. Sowet edebiýaty boýunça täze iş
/”Beýik watançylyk urşy döwründe türkmen sowet
edebiýaty” diýen tema boýunça kondidatlyk dissertasiýany
gutaran N.Aşyrow hakynda/. –Sowet Türkmenistany,
1950, 22 awgust.
110. Gurbansähedow G. Türkmen edebiýatynyň
Moskwada geçiriljek hepdeligine taýýarlyk. –Aligatoryň
bloknoty, 1951, №12.
111. Gurbansähedow G. Synagyň öň ýanynda / Türkmen
edebiýatynyň Moskwada geçiriljek hepdeligine taýýarlyk/.
Ýaş kommunist, 1951, 28 awgust.
112. Gurbansähedow G. Meniň ideýa taýdan zyýanly
“Türkmensiň” diýen goşgym hakynda.
–Sowet
Türkmenistany, 1951, 9 oktýabr.
113. Gurbansähedow G. Türkmen sowet edebiýatynyň
ýokary ideýalylygy we çeperçiligi ugrunda. –Sowet
edebiýaty, 1951, №12.
352
114. Gurbansähedow G. Çgaglar üçin gowy kitaplar
döretmeli. –Sowet Türkmenistany, 1952, 16 aprel.
115. Gurbansähedow G. Türkmen sowet edebiýatynyň
ýagdaýy we wezipeleri hakynda. –Sowet edebiýaty, 1954,
№9.
116. Gurbansähedow G. Ýazyjy we döwür. –Aşgabat:
Türkmenistan, 1979, -264 s.
117. Gurbansähedow M. Türkmen prozasynda halk we
rewolýusiýa. –Aşgabat: Türkmenistan, 1975, -133 s.
118. Gurbansähedow M. Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly
ädim” romanynda psihologizm. –Aşgabat: Ylym, 1987, 112 s.
119. Gurbansähedow M. Türkmen romanynyň kemala
gelmegi. –Aşgabat: Ylym, 1990, -328 s.
120. Derwaýys gürrüňiň başy. –Edebiýat we sungat, 1972,
27 fewral.
121. Durdyýew A. “Biziň günlerimiz” /A.Haýydowyň
goşgular ýygyndysy hakynda/ -Ýaş kommunist, 1952, 11
noýabr.
122. Durdyýew H. Akyl gämisi. –Aşgabat: Türkmenistan,
1987, -243 s.
123. Durmuş hakykatlaryny dogry beýan edýän powestler
/H.Ysmaýylowyň powestleri/. –Sowet Türkmenistany,
1952, 3 awgust.
124. Döwrümize mynasyp eserler döredeliň. –Sowet
Türkmenistany, 1952, 2 fewral.
125. Jumaýew K. M.Gorkiý we türkmen sowet prozasy. –
Aşbabat: TSSR YA-nyň neşirýaty, 1957, -107 s.
126. Jumaýew K. Kerim Gurbannepesow. –Aşgabat:
Ylym, 1977, -94 s.
353
127. Jumaýew K. Aman Kekilow. –Aşgabat: Ylym, 1982,
-152 s.
128. Jumaýew K. Türkmen sowet prozasynda däp we
täzeçillik. –Aşgabat: Ylym, 1967, -167 s.
129. Jumaýew K. Türkmen sowet prozasynyň döreýşi hem
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.