Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07

Total number of words is 3425
Total number of unique words is 1696
28.1 of words are in the 2000 most common words
39.8 of words are in the 5000 most common words
47.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dürlüligine daýanýar. Başga bir ýerde welin awtor
Moskwada 1957-nji ýylda geçirilen “Dünýä edebiýatynda
realizm problemasy” atly diskussiýanyň materiallaryna
salgylanýar. / 474,487,457,474-nji sahypalardan terjime
edilen sitatalara seret/. Soňra Ö. Abdyllaýew A.
Meredowyň “Türkmen edebiýatynyň taryhy düýpli
öwrenmeli” atly makalasynda ýöredilen, hamala, realizm
diňe prozada bolmaly diýen pikiri bilen-de ylalaşmaýar.
Awtor iki tarapy çürt-kesik bölýärde, A. Meredowy R.
Rejebowy we başgalary /”başgalar kim belli däl”/ /köne
edebiýatda realizmiň diňe elementleri bar diýýärler” diýip
tassyklaýan topara goşýar./ “Beýleki bir topary /R.
1
“Edebiýat we sungat”, 1960, 10-njy mart
114
Alyýewi, Ö. Abdyllaýewi/ bolsa tankydy realizmiň
elementleri däl-de, özi hem bar diýen topara goşýar.
Üçünji delilnamasynda liriki duýgynyň obýektiw häsiýeti
bellenýär. Şulara salgylanyp, Ö.Abdyllaýew:”Hut şeýle
bolanlygy üçin, ....ol eserleri okap, XVIII-XIX
asyryň...türkmen klassik
şahyrlarynyň tipik konkret,
konkret-taryhy duýgulary dogruçyl beýan edýän liriki
eserlerini tankydy realizmden başga zada ýöňkäp bolmaz”1
diýen netije çykarýar.
Edebiýatçy
K.Jumaýew
“Türkmen
klassyk
edebiýaty we edebi metod meselesi” atly makalasynda
hem, iki pikiri degşirip, iň soňunda “Magtymgulynyň
realizmini”, “progressiw pikirini” goldaýar we ony
“dowam etdirijiler” hakda ýazýar2.
Edebiýatçy H.Taňryberdiýew jedele goşulyp:
”Lirikada-da realizm bolar”3 diýen makalasynda degerli
pikirleri orta atdy. Ol tankydy realizmiň rus edebiýatyndada XIX asyrdan öň dörändigini, biziň klassyky
edebiýatymyzda “realistik stil we forma meselesini”
gozgady. Awtor A.Meredow-da, R.Rejebow-da türkmen
klassyky edebiýatynda tankydy realizmi inkär edip, onda
nähili metodyň bolandygyny anyk aýtmaga milt etmeýär.
Ol bolsa köpleri geň galdyrýar. Ýa-da türkmen edebiýaty
metodsyz, ugursyz bir zat boldumyka? diýen meseläni orta
atýar. Öz pikirlerini bolsa”hem metod, hem tankydy
häsiýet bolan”, beýle başlangyjyň başynda Magtymguly
duran diýip dogruçyl ýazýar.
“Edebiýat we sungat”, 1960, 10-njy mart.
Şol ýerde, 24-nji mart.
3
Şol ýerde, 31-nji mart.
1
2
115
A.Myradow bu makalasynda Ö.Abdyllaýewiň,
H.Taňryberdiýewiň azaşmalaryny tankytlap,R.Rejebowyň,
A.Meredowyň pikirini goldaýar. Soňra ol K.Jumaýewiň
“Magtymgulynyň realizmi”diýen pikiriniň jany ýok diýen
pikire gelýär-de, muny-da metod hökmünde-de kabul
etmek bolmaz diýen netijä gelýär.Ol “türkmen klassyk
edebiýatynyň realizm elementleri ýygnanyp, dürli
döwürlerde dürlüçe dowam etdirilip, ahyrsoňy hem diňe
Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasyndan soň, beýik
rus halkynyň edebiýatynyň, SSSR-iň doganlyk
halklarynyň edebiýatlarynyň uly kömegi bilen sosialistik
realizm metodyna ösüp geçipdir” diýip, öz pikirini
jemleýär.
Bu ýerde iki zady aýratyn bellemek mümkin.
A.Myradow käbir taraplary aýdyňlaşdyrsa-da/taryhy
döwür, edebi däpler/, öz husysy nukdaý nazary boýunça
hiç bir pozisiýada durmaýar. R.Rejebowyň, A.Merdowy
näme üçin goldaýandygyny anyklaman, birden
K.Jumaýewiň pozisiýasyna girip goşulýar. Elementleriň
nämeden durýandygy bolsa mysallarda aýyl-saýyl
edilmeýär. Ikinji tarapdan, ol realizm ýaly uly meseläniň
giň möçberde çözülmegini goldaýar. Ol pikir
goldanylmalydyr.
A.Meredow “Gep tankytda däl, metodda!” atly
makalasynda R.Rejebowyň, A,Myradowy, K.Jumaýewi
goldady,
Ö.Abdyllaýewiň bolsa “mäkäm käbir
pozisiýanyň ýoklugyny”1 aýdýar.
Awtor bu ýerde, öz pikirini äşgär edip, şu aşakdaky
jemlemäni öňe sürýär:
1
“Edebiýat we sungat”, 1960, 5-nji maý.
116
“Birinjiden-ä, şol sanalan zatlar /Ö.Abdyllaýewdir
H.Taňryberdiýewiň talaňçylyga garşy hasap edýän, adalata
çagyrýan goşgulary.-E.A./XVIII asyrdan öň ýa-da halk
döredijiliginde bolmanmy? Ikinjiden, şol zatlaryň
garşysyna bolan ideýalar duş gelmeýärmi? Üçünjiden, şol
sanalan faktlar tankydy realizm metodynyň bolandygyny
subut edýärmi? Elbetde, ýok”1
Diýmek, pozisiýalar biri-birine düýpden garşy
gelýär.Galyberse-de A.Myradowyň şu makalasynda
“Ýene-de haýsy metod, haýsy ugur bolupdyr?”diýen sowal
jogapsyz galýar. Mesele türkmen edebiýatynda tankydy
realizmiň bolmandygyny subut etmekden dursa, başgaça,
onuň tersine, nämäniň bolandygyny-da aýtmakdan
ybaratdyr. Barha gyzyşyp giden bu çekişmede R.Alyýew
“Ýene-de bir gezek tankydy realizm hakynda” atly uly
makalasynda:”tankydy realizm diňe belli bir jemgyýetçilik
şertlerinden däl, dürli ýagdaý we dürli şertlerden gözlemek
nädogry-diýýär.-Çünki edebiýatyň taryhylyk prinsipi inkär
edilen wagtynda, ol hiç hili realizmi hem goýmaz.Gürrüň
tankydy realizmi ykrar etjek bolup, beýleki düşünjeleri
inkär etmekde däl. Hemmesine bitewi çemeleşmeli.
R.Alyýew başga bir ýerde , A.Meredowyň
goýberen ýalňyşlygyny belläp, şeýle diýýär:
“Görnüşi ýaly, A.Meredow üçin türkmen klassyk
poeziýasynda din we mistikadan başga zat ýokmuş. Ol
tankydy realizmi inkär etmek üçin hemme zady inkär
etmage taýyn”.
Edil şu setiri R.Alyýewiň özi hakda-da aýdyp bolartankydy realizmi ykrar etmek üçin ol hemme položitel däl
1
“Edebiýat we sungat”, 1960, 9-njy iýun.
117
zatlardan geçmäge taýyn beýleki nogsanlyklara göz
ýummaga taýyn. Bu bir. Ikinjiden, R.Alyýew
makalasynyň bir ýerinde K.Jumaýewiň pozisiýasy barada
iki hili garaýşy orta atýar:
1.”...K.Jumaýew,
bu
meseläniň
çözülişine
beýlekilerden has jogapkärli garany üçin, bir tarapdan, şol
akyma eýerse-de, ikinji tarapdan, türkmen klassyk
poeziýasynyň realizmiň elementler hökmünde däl-de,
sistema hökmünde bardygyny inkär edenok.
Ol öz makalasynda “Magtymgulynyň döredijiliginde türkmeniň geçmiş edebiýatynyň soňky wekillerine
/Seýdi, Zelili, Kemine we başgalar/has bolan realizmiň
başlangyjy /Kürsiw biziňki.-E.A./ ýagny Magtymgulynyň
realizmi bar” diýip tassyklaýar. Ol bu pikirlerini ylmy
esasda dowam etdirip, şol realizmiň taryhylyk
esasyndadygyny nygtap görkezýär. Görnüşi ýaly, bu ýerde
“element” hakynda söz ýok. Ol dowamly akym hakynda
söz açýar”.
2.”....K.Jumaýewi
tankydy
realizm”
inkär
edijileriň” hataryna goşýar.
Bu
gyzykly
çekişmä
belli
professional
edebiýatçylardan başga-da studentleriň, aspirantlaryň
seslenmeleri çap edildi1. Olarda hem iki hili garaýyş orta
atyldy.Şol wagt TDU-nyň studenti D.Nuralyýew
“Türkmen klassyk edebiýatynda nähili metod bolupdyr?”
atly makalasynda bu problema “iki tarapa, ýagny teoretiki
hem taryhy-edebi derňew tarapdan garamagy”dogry
hasaplanýar. Şeýle edilmedik halatynda realizmiň
bolandygyny-da, bolmandygyny-da açmak mümkin däl
1
“Edebiýat we sungat”, 1960, 19-njy maý.
118
diýen netijä gelýär.Emma şonuň bilen birlikde, ol hem ,
“Magtymgulynyň realizminiň häsiýeti:” barada pikir
ýöredip, onuň progressiw täsirini, klassyklaryň indiwidual
taraplaryny öwrenmegi obýektiw çözgüt hasaplaýar. Ol
“durmuşy
suratlandyrmagyň
realistik
ugry”
Magtymguludan gaýdýar diýýär.
Şol döwürlerde TSSR YA-nyň Edebiýat
institutynyň aspiranty Ö.Ylýasow, çekişmä goşulyp, “Biz
şeýle düşünýäris”atly makalasynda , iki tarapyny-da
saldarlap, “realistik elementler bar”
diýýär. Emma
”XVIII-XIX asyr türkmen jemgyýetiniň spesifikasynyň
hemmetaraplaýyn çuň öwrenilmändigi sebäpli, klassyk
edebiýatymyzda tankydy realizm metody bolupdyr diýip,
çürt-kesik aýtmaga mümkinçilik bermeýär...”1 diýen pikire
gelýär.
Bu ýerde umuman realistik ugur hakda pikir gelip
çykýardy. Emma çekişmäniň tarapdarlary, diňe metod we
onuň bolup-bolupmazlygyna aşa gyzygyp, ugur barada
pyşgyrmaýardylar.
Bu uly jedeli jemlemekde redaksiýa yza galan
bolsa-da /Çekişme 1960-njy ýylda dowam etdi, emma
1961-nji ýylda jemlendi/, prof.B.A.Garryýewiň “Häzirki
zamanyň möhüm meselelerine ýüzlenmeli” atly makalasynda käbir netijeler çykaryldy. Ol “Bu edebiýat çekişmesi
respublikada türkmen edebiýatynyň çylşyrymly problemalaryny çözmäge synanyşyk edýän oňat edebiýatçy
kadrlaryň bardygyny görkezdi”2 diýip, dogry netijä
geldi.Dogrudan hem, indi çözülmeli meseleler ýüze çykdy.
Olardan şu aşakdakylary görkezmek bolar.
1
2
“Edebiýat we sungat”, 1960, 26-njy maý.
Şol ýerde, 1961, 1-nji aprel.
119
1.Klassyky edebiýatyň stili.
2.XVIII-XIX
asyrdaky
awtorlaryň
çeperçilik
sistemasy.
3.Tekstiologik problemalar.
Prof.B.Garryýew näme üçin hut tankydy realizm
hakda jedel gitdi, emma başga usullar bolmanmy näme?”
diýse-de, özi belli bir pikiri aýtmady.Ýöne onuň şu
aşakdaky pikiri ýerliklidi:
“Emma edebiýat taryhçylarynyň ünsüni häzirlikçe şol
döwrüň edebiýatynyň umumy ýagdaýyny düşündirmäge,
onuň esasy akymlaryny, kompleksleýin häsiýetlendirmäge
we deslapky aýdyňlaşdyrmaga ugrukdyrmak has peýdaly
bolardy”1
Ol R.Alyýewiň meselä dahylsyz zatlary aýdandygyny hem
dogry görkezdi.
Şeýlelikde, bu gyzykly çekişmeden ol şu aşakdaky
ýaly netije çykardy.
“Guramaçylyk taýdan gowşak taýýarlanan çekişme
tankytçylary we edebiýatçylary köp çaý sowutmaga
mejbur etdi.Çekişme olaryň ünsüni häzirki zamanyň
möhüm wezipelerinden, edebi tankydyň hem-de edebiýaty
öwreniş ylmynyň gündelik meselelerinden başga ýana,
uzak geçmişdäki bir garaňky tarapa sowdy /?! – E.A./.
Sosialistik realizmiň döreýşi we onuň ösüş problemasy
türkmen edebiýatynyň stilistik, ideýa, çeperçilik
özboluşlylygyny, onuň folklor bilen, beýleki halklaryň
edebiýatlary bilen ysnyşygyny öwrenmek – ine, biziň
pikirimizçe,
edebiýatçylaryň
dykgatyna
mynasyp
problemalar şulardan ybaratdyr”2
1
2
“Edebiýat we sungat”, 1960, 10-njy mart.
“Edebiýat we sungat”, 1961, 1-nji aprel.
120
Bu ýerde iki sany nätakyk pikir orta atyldy:
1.Awtor tankydy realizme asla golaýlaşmaly däl diýen
pikiri aýtdy.
2.Muňa derek sosialistik realizme üns bermegi ündedi.
Elbetde, beýle netije garaşylan zady bermedi.
Galyberse-de, türkmen alymlarynyň şu çekişmede gazanan
ylmy-teoretiki netijelerini pese gaçyrdy.
Biziň pikirimizçe, ol çekişme örän guramaçylykly
boldy, galyberse-de, bu kyn meselä aýdyňlyk girizdi.
Hemme çekişmelerde, 1961-1965-nji ýylda tankydy
realizm ýaly özüne çeken çekişme bolmady diýilse, dogry
bolardy.
Ikinji gyzykly çekişme edebi däp we täzelikçilik
hakynda gitdi. Aslynda, däp bilen baglanyşykly ýüze
çykan bu çekişme A.Aborskiý we D.Haldurdy ikisiniň
ýazan “Edebi däp we täzelikçilik”1 atly makalasyndan
başlandy. Awtorlar, çylşyrymly we zerur problemany orta
atyp, şeýle ýazdylar:
“Türkmen sowet edebiýatynda täze formada, täze
mazmunda döredilen poemalaryň we hekaýalaryň çap
edilip başlaly bäri, ýarym asyr geçip barýar. Ol eserler
häzir Türkmenistandan başga ülkelere hem ýaýrap gitdi.
Döredilen eserler özleriniň bardyklaryny özleri subut
edýärler. Ýöne şu güne çenli olaryň içinde geçmiş edebi
däplerine eýermegiň, nähili hem bolsa başga bir görnüşde
geçmişi gaýtalamagyň endigi biziň köpümizde dowam
edip gelýär”.
Elbetde, awtorlaryň bu pikiri ikirjeňlendirýär, alymlary,
tankytçylary, ýazyjylary oýlandyrýar. Ýöne ol pikir dürli
“Edebiýat we sungat”, 1962, 10-njy maý.
121
formada şol bir makalada örän köp gaýtalanýar. Ol hem
turuwbaşdan wajyp meseläniň dogry alnyp gidilmezligine
getirýär. A.Aborskiý we D.Haldurdy edebi däbi oňat
peýdalanan, ýöne häzirki zamana bap gelýän täzelikçiligi
öňe süren ýazyjy hökmünde Ata Gowşudowa
salgylanýarlar. Bu dogry mysaldyr. Emma olar, däbi ylmy
esasda düşündirip bilmändikleri üçin, makalada özözlerine garşy hem çykýarlar, köp ýerde guraksy
deklarasiýa ýol berýärler, umumy gürleýärler.
Şol hili bärden gaýtmalary, kemçilikleri nazarda tutup,
belli edebiýatçy alym we tankytçy Aman Kekilow “Edebi
faktorlara obýektiw baha bermeli” diýen at bilen redaksiýa
ýörite hat ýollady. Ol meseläniň möhümdigini nygtady,
makalada adalatly görkezilen talaplaryň, ýetmezçilikleriň
bardygyny real görkezmek bilen, esasan, onuň
kemçilikleriniň üstünde durýar:
“Köne edebi mirasdan döredijilikli peýdalanman, oňa
köre-körlük bilen öýkünmegiň, gönümel eýermegiň
hakykaty real görkezmäge zyýan ýetirýändigi hakynda
gürrüň açyp, awtortlar muňa degişli birnäçe mysal
getirýärler. Köne edebi däplerden döredijilikli, başarnykly
peýdalanmagyň göreldesi hökmünde makalada Ata
Gowşudowyň “Mähri-Wepa” romany görkezilýär.
Türkmen sowet prozasynyň bu görnükli eseriniň iň oňat
baplarynyň ýazyjynyň realistik poeziýada durmagy bilen
ýazylandygyny, şowsuz ynançsyn baplaryň bolsa köne
dessan dessurlaryna eňňit edilip ýazylandygyny biziň
edebi tankydymyz bireýýäm belläp geçipdi. Şu hakykatyň
özi ýazyjynyň döredijiligi hakynda ýazylan monografiýada
nygtalyp görkezilýär. Emma makalanyň awtorlary roman
hakynda aýdylan bu dogry pikirleri bilen, näme üçindir
122
razylaşmak islemeýär, olaryň üstünden göz ýumup
geçýärler1
A.Kekilowyň bu belligi, esasan adalatlydyr. Çünki
awtorlar edebi däbi, täzelikçiligi, hamala, ylym
yzarlamaýan, işlemeýän ýaly edip goýýarlar. Emma,
hakyna seredeniňde, bu mesele türkmen tankydynda,
ylmynda iň köp döwnelen “stažly” mesele ahyryn.
Awtorlar esasy meseleden sowlup, şeýle ýazdylar:
“Bu işleri /ýagny, edebi däbi, täzeçikçiligi. – E.A./
aýyl-saýyl edip durmaly tankyt hem gowşak işleýär.
Tankyt edebiýatyň ähli meselesini öz içine alyp bilmeýär,
işe gorka ýapyşýar. Milli edebi kada /”kada” – däp
mazmunyny asla bermeýär –E.N./ hem sowet
edebiýatynyň täzelikçiligi barada aýry-aýdy meseläni
gutarnykly çözüp berýän makalalar örän az.
Tankydymyzyň asgynlygy, ýüzleý ýa-da birtaraplylygy,
giňden umumylaşdyryjy makalanyň azlygy we başgalary
barada soňky ýyllarda näçe gysyrsak hem, henize çenli
görnüp duran üýtgeşikligi gazanyp bilmeýäris”2
Beýle inkär etme bilen asla ylalaşyp bolmaz.
Ylaýta-da edebi täsir barada türkmen ylmynda ençeme
makalalar ýazylansoň, ýazylyp ýörensoň we K.Jumaýew
ýaly tejribeli edebiýatçynyň--M. Gorkiý hakynda3
edebiýatçy T. Durdyýewiň bolsa Ata Gowşudow we onuň
edebi täri4 barada ýörite işi bolansoň B.Kerbabaýewe,
“Edebiýat we sungat”, 1962, 7-nji iýun.
Şol ýerde, 10-njy maý.
3
K.Jumaýew. Gorkiý we türkmen sowet prozasy.Aşgabat:TSSR YA-nyň
neşirýaty. 1957.
4
T.Durdyýew. Ata Gowşudowyň romanlary. Aşgabat, TSSR YA-nyň
neşirýaty. 1962.
1
2
123
N.Saryhanowa rus edebiýatynyň oňaýly täsiri hakda
aýratyn aýdylýan umumylaşdyryjy işler çykansoň1,
awtorlaryň beýle inkär etmeleri A. Kekilow ýaly uly
alymy oňa jogap bermäge iteklemän durup bilmedi.
Şundan soň bu çekişme gyzdy.
Şahyr A. Haýydow “Täze ýolda” atly makalasynda
, çekişmä goşulyp, Ata Gowşudowyň romanlarynda köne
däbe eýermek ýok diýen netijä gelýär. Bu pikiri ol şeýle
beýan edýär:
“Ata gowşudowyň “Mähri-Wepa” hem “BaharHoşgeldi” romanlarynda köne dessan dessurlarynyň täsiri
bar diýip, mundan ozal hem ençeme edebiýatçylar /A.
Kekilowyň aýdyşy ýaly / makala ýazypdy. Men hernäçe
pikirlensem-de şu iki romanyň haýsy babynda dessan
dessurynyň barlygyna akyl ýetirip bilmedim. “BaharHoşgeldi-de” altmyş çemesi personaž bar. Şolaryň edýän
hereketi, gürrüňi giç bir tarapdan dessandaky
personažlaryň
hereketine,
gürrüňine
meňzänok…
Kitaplary diňe köne däbe, at goýluşyna seredip,
golaýlaşdyrsak, onda gülkünç ýagdaý emele geler...”2
Awtor kapiýasyz goşgynyň tarapyny çaldy we
“Türkmen edebiýaty täze ýola – dünýä edebiýatynyň
ýoluna ymykly girdi” diýip belledi.
Bu çykyşynda A. Haýydowa kapiýasyz şygyr
meselesinde A. Aborskiniň, D.Haldurdynyň pozisiýasynda
däl-de, A.Kekilowyň pozisiýasynda durýar. Emma, täze,
“kapiýasyz goşgularyň” mysalyna salgylanman, umumy
gürrüň edýär. Ol hem klassiki edebiýatyň progressiw
Türkmen sowet edebiýatynyň taryhy boýunça oçerk. I-II kitaplar. Aşgabat
TSSR YA-nyň neşirýaty. 1957,1962.
2
“Edebiýat we sungat”, 1962, 19-njy iýul.
1
124
däbini, öwrenmegi ündeýär, köne zyýanly däpden
boşamagy dogry tapýar.
P. Orazow “Türkmen okyjysy “ýalaňaç goşgynyň”
hyrydary däl” diýen makalasynda A. Haýydowa bütinleý
garşy çykyp, ony her hili zatlarda aýyplamaga synanýar.
Awtoryň makalasynyň äheňi gyňyr hem gyzma. Ol badyhowa sözleri şeýle bir kşp ulanýar welin, bu hili makalany
redaksiýanyň nädip çap edenine haýran galýarsyň. Ol,
sada gepleşik diline jedel etmekçidigine” wada berip A.
Haýydowy klassyklardan “nalaýan”, olaryň “ölmez-ýitmez
atlaryna dil ýetirýär”, “Klassik poeziýamyza şeýle töhmet
atýan” hasaplaýar. P. Orazow: “Biziň jan-ten bilen söýýän
mährem klassiki poeziýamyza şeýle töhmet atylýan pillesi
edebiýatçylarymyzdyr tankytçylarymyz näme üçin
“dymyş-dymyş” oýnaýarkalar? Olara “dymyş-dymyş”
oýnuňyzdan oýun bolmaz, sizem gepe goşulyň diýmek
gerek. Goý, olar poeziýamyza garawul dursunlar!”1 diýip,
redaksiýa ýüzlenmek bilen gutarýar.
Emma A. Aborskiý, D. Haldurdy, A. Kekilowdan
soň bu çekişmä üçünji bolup seslenen B.Hudaýnazarow
saldamly, oýlanyşykly pikirleri orta atdy. Ýöne, näme
üçindir A. Haýydow many we forma babatda köp oňat
detallary ýaňzydan bu makalanyň duşundan geçdi-kä?!
“Edebi däp, döwrüň ruhy, döwrüň sözi” diýlip juda jaýdar
atlandyrlan makalasynda B. Hudaýnazarow deňeşdirme
arkaly täze jemgyýetçilik gatnaşyklaryny açýan poeziýany
goldaýar. Ol “XX asyr täze jemgyýetçilik gurluşyny, täze
adamy, adamlaryň arasynda täze gatnaşygy ýüze çykardy.
1
“Edebiýat we sungat”, 1962, 2-nji awgust.
125
Biziň halkymyz özüniň tebigaty boýunça jemgyýetçil
kollektiwçildir”1
Örän dogry pikir. Şeýle jemgyýetiň adamy öz
pikirini täzeçe ýüze çykarman durup bilmez. Durmuşy
ykrar edijilik esasy bolmalydyr.
Däp meselesiniň diňe “rasional dänejiklerini”
toplamalydygy belli zatdyr. Belli tankytçy A.Myradow
“Däpden dänmek dürs däl, däp dowam etdirilmelidir” atly
makalasynda bir taraply pikir ýşretdi. Üns beriň. Ol,
alliterasiçýa kowalaşyp, düýpli problemany unudýar.
Awtor türkmen sowet şahyrlarynyň il içine çykyşyny, öňe
gelmäge, wasp etmäge wada berişlerini “ ýaňsa alýar. Ony
“bary-ýogy 5-10 metr aralykdaky hassa serçäni ýaraly edip
biljek jysmyklar” hasaplaýar. Emma çykyşynyň ahyrynda
G. Seýitliýewiň “Ganatly döwür” /1962/, A. Kowusowyň
“Öýde we ýolda” /1962/ diýen kitaplaryna salgylanyp,
jaýlar, ymaratlar ýagşy welin, “ellerinden dür dökülýän
hany? Olaryň pikir duýgularyndan haçan söz açmakçy
bolýarsyňyz?” diýen kanuny soragy berýär2. Gepiň
gusgasy, ol hem däpden peýdalanmagy, hem täzelik
agtarmagy mamla diýip tapýar.
Çekişmä goşulan N. Gullaýew “Uly başlar, kiçi
işlär” makalasynda A.Haýydowyň kapyýasyz goşgy
ýazmaly diýen ýörelgesine garşy çykyp, A.Myradowy
bolsa umumylykda tankytlap, ozaly bilen, däbi
täzelikçilige, olaryň özenine düşünmeklige çagyrýar. Bu
ýerde N. Gullaýew problema seresap çemeleşýär. Baý
edebi mirasa göz ýumman, ondaky çeperçilik
mümkinçiligini görmegi ündeýär:
1
2
“Edebiýat we sungat”, 1960, 1-nji iýul.
Şol ýerde, 11-nji awgust.
126
“Biziň pikirimizçe, däp diýlende, klassyklarymyzyň
ulanan goşgy formalaryna, sözlerine, döreden taýýar
obrazlaryna,
meňzetmelerine,
umumy
äheňlerine
öýkünmeklige däl-de, olaryň öz eserlerinde durmuşyň real
kartinalaryny, döwrüň ruhuny nähili berişlerini, täsin
obrazly aňlatmalary, poetik pikirleri, çylşyrymly
öwrümleri tapyşlaryny we umuman,hakyky poeziýanyň
nämedigini öwrenmeklige düşünmeli.
Täzelik diýip bolsa, biziňçe, täze döwrüň belent
ruhuny, durmuş kartinalaryny, tebigat we yndan
gözelligini, täze duýgulary özüňçe täze formalarda we
täzeçe äheňde bermeklige düşünmeli. Her bir şahyr,
ýazyjy durmuşy, halkyň islegini bilmegi, öz döredijilik
ussatlyklaryny artdyrmagy, köne bilen täzäni başarnykly
utgaşdyrmagy, ýagny milli formalarda täze sosialistik we
kommunistik mazmuny çeperçilik bilen bermegi
başarmalydyr”1
Taglymat taýdan bu setirler, elbetde, dogry, emma
N. Gullaýew, şeýle düýpli zady orta atsa-da, mysalsyz,
degşirmesiz gürrüň edeni üçin, ägirt problema “ýalaňaç”
galýar. Awtor A. Kekilowyň “öz ejizligimizi
klassiklerimiziň üstüne atmaly däldiris” diýen pikirini
goldaýar. Özi-de ylmy esasly gürleýär, däbe, täzelikçilige
ýüzleý garamaly däldigini ýaňzydýar. Ýöne “Haýsy
ýazyjyda nähili däp dowam edýär, näme täzelik bar?”
diýlen sowal jogapsyz galýar. “ Bedew aty batly çapýar”.
“Kommunistik brigadalary” ýaly şowuna düşmedik
setirleri ilki tankytdan Hudaýnazarowa ol gol ýapýar.
1
“Edebiýat we sungat”, 1962, 22-nji sentýabr.
127
A.Haýydowyň pozisiýasyny bolsa ýazgarýar, ak goşgyny
inkär edýär.
Edebiýatçy A.Gylyçdurdyýew “Edebi däbedir
täzelikçilige bitewilikde garamaly” atly çykyşynda degerli
mysallar bilen baglanyşykly gürrüň edýär. Awtor, esasan,
A. Haýydowyň ýörelgesini ýazgaryp, edebi däpden miras
alyjylyk üç hili bolýar diýip, ony anyklaşdyrýar: “ideýa,
tematika hem tip, obraz döretmek we forma babatdan” atly
böleklere bölýär we birinji bölek hakda pikir ýöredýär.
Watançylyk ideýalarynyň ýazuw edebiýatyna folklordan
miras geçendigini belläp, soňra klassiki we türkmen sowet
poeziýasynyň takyk eserleri esasynda gürrüňini dowam
edýär. Andalybyň, Durdy Gylyjyň “Jykyr”, Keminäniň
“Ärsarynyň gyzy”, A.Haýydowyň “Lebap gözeli”, ýene
Mätäjiniň, A.Haýydowyň “Bugdaý” şygryny mysal alýar.
Bulardan başga-da ol sosialistik Watançylyga dogry
düşündiriş berip, onuň beýan edilşiniň köklerine ser salýar.
Umumylykda alnanda, däp problemasynyň şu
çekişmede belli derejede aýdyňlyk tapandygyny
aýtmalydyrys. Ýöne gündelik tankytda bu hili mesele has
ýaýrady we awtorlaryň çykyşynda dürli garaýyş peýda
boldy. Emma esasy ugurlar barada “bir çukura tüýkürildi”.
Bu ýerde ideýadan, çeper tärlerden mysal almak,
ruhlanmak, durmuşa nazar salyp, ondan özüňçe täze ýol
salmak-söhbet, ine şu ugra syrykdy. Ýöne “Edebiýat we
sungat “ gazeti bu çekişmäni şowly jemlemedi, aslynda hiç
hili jemleýji makala berilmedi. Bu bolsa uly zadyň başyny
tutan okyjyny suw gysymlan ýaly etdi.
III. Bu döwürde gyzykly edebi çekişmeleriň
üçünjisi A.Myradowyň “Zähmet bilen gahryman” atly
makalasyndan başlandy. Awtor makalasynyň başynda “Şu
128
günki türkmen sowet prozasy zehin hem zähmet siňdirilip
ýazylan eserleriň gitdigiçe artýandygyna güwä geçýär”
diýip, dogry belledi. Çekişmä redaksiýanyň özi N.
Baýramowyň “Döwli guýy” Ş. Borjakowyň “Tolkunly
ýollar”, T. Jumageldiýewiň “Çaknyşyk”, A.Myradowyň
“Muňa durmuş diýerler”, H.Meläýewiň “Öwrümli ýollar”,
Ö.Möwlamowyň “Adalat”, G.Seýitmedowyň “Gözlerim
ýoluňda” A. Geldiýewiň “Ol biziň obadaşymyz”, R.
Esenow bilen A.Şalaşowyň “Soltan Sanjar hakynda
rowaýat” powestlerini, K. Gurbannepesowyň “Gumdan
tapylan ýürek”, “Pagta hakyndaky poema” ,
A.Haýydowyň
“Her
gülüň
bir
ysy
bar”,
B.Hudaýnazarowyň
“Döwriň
depesindäki
adam”,
N.Seýitliýewiň “Ýoldaş mugallym!” ýaly poemalaryny ,
G.Kulyýewiň “Ýowuz günler”, P.Karpowyň “Ajy guýy”
romanlaryny hödürledi.
Üns beriň! Nähili uzyn spisok. Powestler, romanlar,
poemalar. Juda köp dälmi?Elbetde, köp. Munuň özi pikiriň
endigan beýan edilmegine uly päsgelçilik berýär. Şol bir
çekişmede, esasan, powestleriň üstünde durulsa-da
bolardy.
Tankytçy A. Garaýew bu çekişmä aktiw gatnaşyp,
ünsüni poeziýa berdi. Onuň duýgusyz lezzet ýok,
lezzetsiz—poeziýa “, J. Allakowyň “Gowy tarapam köp
weli...”, H.Kulyýewiň “Zybagözeliň tragediýasy” diýen
makalalary
gazetiň
tutuş
sahypasyny
eýeledi.
Redaksiýanyň çekişmä gelen materiallary batyrgaýlyk
bilen şeýle bermegi okyjy üçin peýdalydy.
Aýratyn hem tankytçy A. Garaýew obýektiw
beletlik bilen tapawutlandy. Ol S.Güjükew bilen
A.Kulyýewiň “Dünýäde öziňden güýçli zat ýokka”
129
/Edebiýat we sungat, 1964, 28-nji sentýabr/ atly
makalasynda B.Hudaýnazarowyň “Döwrüň depesindäki
adam”, K. Gurbannepesowyň “Gumdan tapylan ýürek”
poemalaryna berýän bahalary bilen ylalaşmaýar. Ol,
köplenç, položitel taraplar barada durup, “bärden
gaýdylýan ýerlerem bar. Galanynam näme il-gün aýdarda
“diýip gutarýar.
Eger A. Garaýew kemçiligi aýtmakdan saklansa,
J.Allakow, esasan, “Çaknyşyk” powestiniň “köp
sözlüdigini, gaýtalamasyny, ýüzleýligini” dogry belleýär.
H.Kulyýew hem “Gözlerim ýoluňda” powestiniň esasy
kemçiligini mazmunuň gaýtalanmasy hasaplaýar.
Meşhur ýazyjy N.Tihonow “Beýik rewolýusiýanyň
edebiýaty” atly çykyşynda:
“Problemalaryň
problemasynyň
adamdygy
jedelsizdir.Biziň günlerimiziň döredijiliginde moral-etika
temasynyň iňňän mese-mälimligem, megerem, şonuň
üçindir”1 diýip, jaýdar aýdypdy. Şonuň üçin çekişme
mahalynda esasy ugry adam häsiýetlerindäki onuň çeper
beýanyndaky
kemçilige
berildi.
A.Hümmedow,
K.Beghanow, A.Soltanow okyjy hökmünde “Ýoldaş
mugallymyň”, “Adalatyň” plýusyny-minusyny özleriçe
belleseler, tankytçy A.Myradow , ýene jedele girip,
N.Jumaýewiň “Ýeňiş ýylynyň hekaýatyna” ýüzlenýär,
onuň diliniň guraksylygyny dogry belleýär.2
Mugallym D.Myradow “Ýüzleýligiň zeperi” atly
seslenmesinde “Çaknyşyk”
powestinde Annanyň
obrazyny ýüzleý hasaplasa, J.Allakow “Ölmez-ýitmez
ömrüň beýany” diýen çykyşynda “Ol biziň obadaşymyzyň
1
2
“Edebiýat we sungat”, 1965, 30-njy ýanwar.
Şol ýerde, 10-njy fewral.
130
“ýüzleýdigini belleýär. D.Esenow hem “Olaryň ýoly
öwrümlimikä”
diýen
makalasynda
H.Meläýewiň
“Öwrümli ýollar” powestiniň baş gahrymany Omar
Ýagmyrowyň geçen ýoluna ser salýar, ony şowsuz obraz
hasaplaýar.1
Biz bu çekişmede S.Myradowyň ”Zannyýamanlyk
hakdamy ýa kemakyllylyk” ady bilen “ Adalata”,
Ö.Babaýewiň ”Diniň üstünden seredip...” diýen
seslenmesinde “Ýoldaş mugallyma”, M.Abdyýewiň
“Kemsiz gözel-ä däl” diýen çykyşynda “Muňa durmuş
diýerlere” ýerlikli bellikleri bilen tanyşýarys we olary
makullaýarys.2 Olary sitatalap, gaýtalap oturmagyň hajaty
ýok. Umuman , tankydy äheň S.Ataýewiň ”Gutardym
edilenem bolsa”, G.Seýitmedowyň “Tanyş adamlar
hakynda”, S.Güjükowyň , S.Myradowyň” 248449 nomerli
wagtlaýyn şahadatnama”, A.Ylýasowyň “Hyrydar göz
bilen”3, I.Nuryýewiň “Suwa düşen ýoda”, N.Atdaýewiň
“Geljege sereden pälwan hakda”, A.Ataýewanyň “Özüm-ä
oňladym”4 diýen synlarynda çekişmä çekilen eserlere
hertaraplaýyn syn berilýär.
Bu çekişmede diňe professional tankytçylar däl
/professional tankytçylardan A. Myradow, J.Allakow
munda öwran-öwran çykyş etdiler, G.Näzliýew ýaly
ýokary okuw jaýynyň studenti-de /”Sährany söýýänler
barada” diýen makalasy /, 3.Muhammedowa ýaly tejribeli
“Edebiýat we sungat”, 1965, 17-nji fewral.
Şol ýerde, 24-nji fewral.
3
Şol ýerde, 31-nji mart.
4
Şol ýerde, 9-njy maý.
1
2
131
dilçi alym, ýazyjy B.Gulow1 hem çykyş edip, çeper
eserleriň diline ähmiýet berilmegini tekrarladylar.
Çekişme aýaklap barýarka, şol çekişmede eserleri
“döwnelen”
awtorlardan
A.Myradow
“Sapaklar”,
G.Seýitmedow “Ylalaşmaýan ýerlerim”, N.Baýramow
“Men-ä razy”2 diýen çykyşlary bilen öz pikirlerini
aýtdylar. Bu bolsa çekişmäniň umumy äheňiniň
oňlanmasyny aňlatdy.
Şondan sähel wagtdan soň köp materialy öz içine
alan çekişme “Bir ýylyň hasyly”3 atly makalada jemlendi.
Ol ýazyjylara peýda berjek çekişmede üç sany oňat netije
aýdyňlaşdy:
1.Türkmen prozasynda gözleg, indiwidual ýoda bar.
2.Ahlak problemasy powestlerde, poemalarda has ýiti
guýulýar. Konflikt, dramatizm saklanýar.
3.Tankyt--/ bu eserleriň şowly-şowsuz taraplary hakda
öz sözüni aýdyp bilýän kämil žanr.
Redaksiýa: “bu çekişme edebi tankydymyzy ýörjeňýörjeňlikden çykyp , öz aýagy bilen ýöretmäge ukyply
edebiýatçylarymyzyň ýetişip ugrandygyny, edebiýatyň bu
žanry bilen gyzyklanýan okyjylarymyzyň-da az däldigini
görkezdi” diýip adalatly belledi.
1. Görlüp geçilen çekişmelerde tankyt žanrynyň diňe
“ýörjen-ýörjeni” däl “gyzyl eňek jahyldygy”görünýär. Ol
indi agyr märekeli meýdana çykan pälwan sypat žanra
öwrüldi. Aýratyn-da A.Myradowyň çykyşlaryndaky
operatiwlik okgunlylyk, pikir gerimi, dil şireliligi, detaldyr
fakt gürlügi onuň tankytçylyk ukybynyň tebigylygyndan
“Edebiýat we sungat”, 1960,14-nji iýun.
Şol ýerde, 18-nji awgust.
3
Şol ýerde, 18-nji sentýabr.
1
2
132
habar berýär. Eger A.Myradowyň ähli ýazan tankydy
makalalaryny bir ýere toplasaň , diňe 5 ýylyň önüminden
saldamly tankydy tom ýasamak bolardy. Onuň stilini,
obrazly, aýlawly pikir ýöredişini bolsa geljekde ýörite
ylmy-barlag hökmünde işlemek gerek.
2.Bu döwrüň tankydy ýaş zehinlere yzygiderli üns
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.