Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08

Total number of words is 3318
Total number of unique words is 1710
27.3 of words are in the 2000 most common words
39.8 of words are in the 5000 most common words
44.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
berip geldi. Tankyt nazarynda ýaşlar problemasy
hemişelik bolup galdy.Edebiýatyň geljegi bolan ýaş
zehinlere A.Kekilow, B.Seýtäkow ýaly ýaşuly ýazyjylar,
A.Myradow, K.Jumaýew ýaly professional tankytçylar
mydama ýol görkezip geldiler. Özüniň aladaçyl äheňi
boýunça edebiýatçy K.Jumaýewiň “Başlangyç ýazyjylaryň
ilkinji eserleri”/ “Edebiýat we sungat”, 1961, 28-nji
sentýabr/ atly makalasy has-da tapawutlanýar. “Redaksiýa
gelen goşgulara syn”
diýip, sistemalaýyn berilýän
makalalaryň-da çeper döredijiligiň ösmeginde tejribe
taýdan ähmiýeti uly boldy. A.Myradow, S.Myradow,
A.Garaýew ýaly tankytçylardan başga-da, metbugatda
ýygy-ýygydan çykyş eden A.Hümmedow , G.Gumanaýew
ýaly awtorlar-da bu meselede çetde durmadylar.
Ine, şeýle üç taraplaýyn aktiwlik hem ýetmişinji
ýyllaryň tankydynda döräpdi. Eýsem, ol nähili üç
taraplaýyn aktiwlikdi?
Birinjiden, alymlar we tankytçylar ylmy-barlagy
köp neşir etmekde däl-de , hut gündelik tankytda aktiwlik
görkezdiler.
Ikinjiden,
muňa gös-göni “Edebiýat we
sungat”gazetiniň redaksiýasynyň öz işjeňligi sebäp boldy.
Üçünjiden, oňa ýönekeý okyjy köpçüligi ýakyndan
kömek berdi. SSKP MK-nyň “Edebi çeper tankyt
hakynda” kararynyň çykmagy/ 1972, ýanwar/ bilen bir
133
hatarda türkmen tankytçylary powest we roman
žanrlaryndan çekişme guradylar. Şeýle bolmaz ýaly hem
däldi. Sebäbi 70-nji ýyllar bizde powestlik ýyllary boldy
diýilse, öte geçdigimiz bolmasa gerek Sähel wagtda çykan
powestler barmak basyp sanardan kän.Olaryň has
esasylarynyň ýa-da edebi çekişmede köp agzalanlarynyň
atlaryny tutalyň. Şolara T.Gurbanowyň “Armanymy” ,
S.Annasähedowyň “Mukaddes daragty”, N.Jumaýewiň
“Ýuwaş gelni” ,“Pagtabendi” , T.Jumageldiýewiň
“Başagaýy” “Gelnejesi”, T.Seýitmedowyň “Adam boljak
bolsaňy”,
A.Paýtygyň
“Gyzyl
mugallymy”,
A.Durdyýewiň “Dur, kimsini” , Ş.Geldiýewanyň
“Leýlisi”,
“Laçyny”,
A.Gurbanowyň
“Otjasy”,
R.Gelenowyň
“Garagülli
guşagy”
S.Ataýewiň
“Maýagözeli”, H.Meläýewiň “Düýnki gelenleri” ,
“Ýalny”,”Tylla teňňeleri”, B.Hudaýnazarowyň ”Haşary”,
”Goňşylary”, N.Hojageldiýewiň”, “Öwrülişigi” girýär.
Biz diňe aýratyn kitap görnüşinde ýetmişinji ýyllarda
çykan powestleri agzadyk. Emma 1971-1980-nji ýyllar
aralygynda “Sowet edebiýaty”
žurnalynyň dürli
sanlarynda B.Abdyllaýewiň “Tanyşlyk”, R.Allanazarowyň
“Owadan gelniň ogly”, “Adyýok”, G.Daşgynowyň “Öweý
ene”,
M.Gurbangylyjowyň
“Daň
ýyldyzlar”,
A.Myradowyň “Men bir tylla ýüzükdim”, B.Seýtäkowyň
“Ýagty jahan”, A.Taganyň “Mähnet dünýädäki kiçijik
çaý” ýaly powestlerinden bölekler çap edildi.Ine, şol
powestlerde položitel gahryman meselesinde çekişme
açyldy.
Bu
çekişmä
J.Allakow,
D.Nuralyýew,
H.Taňryberdiýew,S.Myradow,N.Hojageldiýew,A.Mämme
dow ýaly professional tankytçylar gatnaşdylar. Bu
tankytçylaryň çykyşlary “Sowet edebiýaty” žurnalynyň
134
1973-nji ýyldaky 1,2,3,6,8,10,11,12-nji sanlarynda çap
edildi.Bu çekişmede örän köp sanly teoretiki we tankydy
pikirler orta atyldy.
Şeýle çekişmäni guramagyň obýektiw edebi-çeperçilik
sebäpleri barada ýap-ýaňy söz açdyk. Ony “Sowet
edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasy hem birinji makalada
belläp , okyjylary şol çekişmä çagyrýar.Özem powest
žanry barada ala-böle şeýle dartgynly pikir alyşmanyň
peýda bolmagyna diňe türkmen powestleriniň köp
ýazylmagy sebäp bolandyr diýmek bir taraply bolardy.
Onuň umumy edebi akymyň hem täsirinden dörändigi
bilen bagly hasap edilse-de, ýalňyş bolmaz. Biz muny iki
fakt bilen subut edip bileris.
Birinji fakt- Orta Aziýa we Gazagystan edebiýatynda,
WODMI-da Soýuz masştabynda meşhur gyrgyz ýazyjysy
Çingiz Aýtmatowyň altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda,
ýetmişinji ýyllaryň başlarynda dünýä meýdanyna
çykmagy.Onuň “Jemile” powesti 1963-nji ýylda
Aşgabatda türkmen dilinde neşir edildi. Baş gahrymany
aýaldy.
Ikinji fakt- Özbek ýazyjysy Abdylla Kahharyň “Jikjiki” powesti hem Aşgabatda 1962-nji ýylda türkmençä
neşir edildi. Onuň hem baş gahrymany-Saýyda atly kolhoz
başlygy aýal. Hatda “Jikjikiniň” täsiri türkmen
ýazyjylaryna-da ýetip, köp sanly kolhoz başlyklary aýal
bolup çykyş edýän powestler ýazyldy.Oňa A.Taganyň
“Gyzylgül”, N.Hojageldiýewiň “Öwrülişik” powestleri
mysal bolup biler.
Edebi çekişmede beýle ýiti sebäpler nazara alynmady.
Şeýle-de bolsa, žurnal çekişmäni açyp, onuň käbir ýüzleý
sebäplerini sözbaşyda agzady:
135
“Powest žanry şu günki edebiýatymyzyň iň ýörgünli
žanrlarynyň biri.Diňe soňky ýyllarda ençeme powest
döredildi.Şol powestler edebiýatymyza näme täzelik
getirdi, nähili obrazlar bilen baýlaşdyrdy? Ine, bu
meseleleri hertaraplaýyn çözmäge, powest žanrymyzyň
gazanan üstünliklerini umumylaşdyrmaga, kemçiliklerini
aýdyňlaşdyrmaga wagt ýetdi. Şu günki powestlerimiz we
položitel gahryman problemasy iň derwaýys meseleleriň
biri bolup durýar”1
Şol çagyryş äheňli setirlerden soň J.Allakowyň “Biziň
günlerimiziň powestleri hakda bellikler” diýen makalasy
berilýär. Eýsem J.Allakowyň bu makalasy haýsy
powestleri analiz edýär? Ol umuman powest žanry hakda
nähili düýpli pikiri orta atýar?
Makalada B.Seýtäkowyň “Perwana”, N.Jumaýewiň
“Pagta
bent”,
T.Jumageldiýewiň
“Başagaý”
T.Gurbanowyň
“Armanym”,
A.Paýtygyň
“Gyzyl
mugallym” R.Babaýewiň “Göwher” powestleri analiz
edilýär. Emma turuwbaşdan “Perwana”bilen “Pagta
bende” aşa üns berilýändigi belli bolýar.Makalanyň
agramly bölegi şolara bagyşlanyp, şolarda hem gutarýar.
Mahlasy, 114-128-nji sahypalary eýeleýän uly makalanyň
114-118,125-128-nji sahypalary /jemi 9 / diňe
B.Seýtäkowa, N.Jumaýewe bagyşlanyp , beýleki powestler
degdim-gaçdym bilen agzalyp geçilipdir. Emma tankytçy
powest žanrynyň ýaýraýşyny dogry belläp, ol ugurdan
B.Seýtäkowyň, N.Jumaýewiň üstünligini degerli faktlar
bilen subut edýär. Galyberse-de , J.Allakow “Jemile”
powestiniň baş gahrymany Düýşeniň obrazy bilen
1
Sowet edebiýaty, 1973, N1. 114 s.
136
T.Jumageldiýewiň “Başagaýyndaky” Gummady şowly
deňeşdirýär.Olaryň ikisem-kiçi kärdäki adamlar.Bu bolsa
ozal türkmen edebiýatynda ýoň bolup galan uly wezipeli
adamlaryň obrazyny döretmek ýörelgesine garşy goýlan,
ýazyjylarymyzyň täze gözlegleriniň alamatydyr.
B.Seýtäkowyň, N.Jumaýewiň powestlerine köp üns
berenligine garamazdan, J.Allakow olaryň kemter gaýdýan
ýerlerini dogry bellemegiň hötdesinden gelipdir. Bu-onuň
meselä obýektiw çemeleşendiginiň alamaty. “Pagtabende”
ol şeýle jemleme berýär:
“Ýazyjynyň bu powesti eksperimental häsiýetli.
Ýazyjy eserde obanyň tutyş sosial-psihologik keşbini
görkezmegi göz öňünde tutýar. Biziň pikirimizçe, bir
powestiň çäklerinde juda köp meseläniň alynmagy o
diýen şowuna düşmändir. Sebäbi awtoryň ünsi köpe
dagapdyr, bölek-büçeklik emele gelipdir. Awtor haýsydyr
bir waka barada azyrak gürrüň edenden soň täzesine
geçmäge howlugýar. Şeýlelikde, powestde wakalar,
gahrymanlar çalt-çaltdan çalşyp gidip otyr. Netijede-de
aýry-aýry gahrymanlar, wakalar hakda ýazyjy ymykly
gürrüň edip bilenok. Bu bolsa eseriň ençeme ýerinde
wakalaryň, gahrymanlaryň käbirleriniň hereketleriniň
obrazlylygyny, olaryň estetiki-emosinal täsirliligini
gowşadypdyr. Bu bolsa powestiň uly kemçiligi bolup
durýar”1
Ýetmişinji ýyllaryň powestleri onuň ýigriminiň
çäginde däl, olar köp. Şonuň üçin D.Nuralyýewiň
Allakow J. Biziň günlerimiziň powestleri hakda bellikler. “Sowet edebiýaty”,
1978, N1, -127 s.
1
137
“Türkmen powestlerinde döwür we položitel gahryman”1,
H.Taňryberdiýewiň “Powestlerimiz we döwrüň estetiki
talaplary”2,
S.Myradowyň
“Tankydy-da
gabatlap
3
alsaň…” ýaly uly makalalarynda analize çekilen
powestleriň sany barha artýar. Soň bu analiz çägi
A.Annasähedowanyň
“Meňzeş
wakalar,
meňzeş
4
obrazlar” , A.Mämmedowyň “Üstünliklerimiz we
kemçiliklerimiz”5 ýaly makalalarynda has çuňlaşdy.
N.Hojageldiýew ”Edebiýatymyzyň baş gahrymany”6
jemleýji makalasynda, hile seredeniňde, powestleriň
sanynyň köpdügini dogry belledi.
Biz ýetmişinji ýyllaryň powestleriniň her bir
tankytça /şu çekişmä gatnaşan tankytçylar nazarda
tutylýar./ nähili täsir edendigini jikme-jik degşirjek bolsak,
gürrüň uzaga çekerdi. Emma biziň powestlerimiz barada
şunuň ýaly çekişmä sebäp bolan bir zady agzaman bolmaz.
Ol hem – tankydyň özi. Dogrudanam, 70-nji ýyllarda ähli
türkmen ýazyjysy poweste ýatdy. Powest ýazmadyk ulykiçi ýazyjy galmady. Muny ilki bolup duýan tankytçy
D.Nuralyýew, şu çekişme žurnalda gitmezinden tas ýarym
ýyl öň , “Edebiýat we sungat” gazetinde çap etdiren
Nuralyýew D. Türkmen powestlerinde döwür we položitel gahryman
problemasy Sowet edebiýaty.1973,N2
2
Taňryberdiýew H. Powestlerimiz we döwrüň estetiki talaplary. Sowet
edebiýaty. 1973, N3 81-94 s
3
Myradow S. Tankydy-da gabatlap alsaň. Sowet edebiýaty. 1973, N6, 117127 s
4
Annasähedowa A.Meňzeş wakalar, meňzeş obrazlar. Sowet edebiýaty. 1973,
N7, 117-121 s
5
Mämmedow A. Üstünliklerimiz we kemçiliklerimiz. Sowet edebiýaty. 1973,
N10, 105-110 s
6
Hojageldiýew N. Edebiýatyň baş gahrymany. Sowet edebiýaty. 1973, N12,
102-111 s
1
138
“Ýetmişinji ýyllaryň powestleri”1 diýen makalasynda
sekiz sany täze poweste ser saldy. Şol hem soňabaka bu
žanra gözli-başly ýüzlenmeginiň bir sebabi, belki, esasy
sebäbi boldy. Gizläp oturman aýtsak D.Nuralyýewiň şu
makalasynda ýene-de onlap powesti analizlemäge yş
açypdy. Ol, tankydyň metodologiýasyndan başlap,
tejribesine çenli ýoň bolan shemalaýynlygy tankyt astyna
alyp, onsoň türkmen ýazyjylarynyň powestlerini bir ýan
ujundan derňedi. Nähak ýeri, muny çekişmä gatnaşan köp
awtorlar duýmadylar.Ol otuzynjy-ýetmişinji ýyllaryň
powestlerini degşirmeklige-de ilki bolup synanyşyk etdi.
Muny S.Myradow çekişmä ýazan makalasynda ýerlikli
belledi.
D.Nuralyýewiň
makalasynda
T.Gurbanowyň
“Armanym”, S.Annageldiýewiň “Mukaddes daragty”,
A.Myradowyň “Muňa durmuş diýerleri”, N.Jumaýewiň
”Pagtabendi’,
A.Paýtygyň “Gyzyl mugallymy”,
T.Jumageldiýewiň “Başagaýy”, A.Durdyýewiň ”Dur,
kimsiňi” , G.Seýitmädowyň “Adam boljak bolsadysy”
hakynda köptaraplaýyn gürrüň edilýär. Gep gürrüň
etmekde
däl-de,
edebi
hadysalara
professional
çemeleşmede. D.Nuralyýew 70-nji ýyllaryň powestlerini
mazmuny, tematikasy, problematikasy boýunça iki topara
bölýär. Ony esaslandyryp, tankytçy şeýle ýazýar:
“Mesele eserleriň azlygynda-köplüginde däl.Olaryň
näderejede durmuşa ýakynlygy, çeper hakykaty nähili
suratlandyrandygy, dowam edýän prosesi anyk duýarlykly
beýan edenligi ýa-da taryha öwrülen bir döwri real
janlandyryp bilmekligi şol eserleriň ömrüni uzaldyp biler.
1
Ýetmişinji ýyllaryň powestleri. Edebiýat we sungat. 1972, 1-nji oktýabr.
139
Bolmasa, temanyň aktuallygy-da, meseläniň ýitiligi-de
eseriň ýaşaýjylyk ukybyny onçakly ösdürip bilmez. Şu
nukdaý nazardan garanyňda, biziň günlerimiziň
powestleriniň temalarynyň dürliligine seretmezden, göni
iki topara bölüp analiz etmek maksada laýyk bolardy.
Geçmişe öwrülen taryhy döwri suratlandyrýan eserler
.Dowam edýän durmuş prosesini şöhlelendirýän eserler.”1
Tankytçy otuzynjy ýyllaryň edebiýatynda daşky
hereketiň köpdügini., muňa dörän içki oýlanmanyň,
duýgynyň azlygyny hem dogry kesgitleýär. Ol ýetmişinji
ýyllaryň powestlerini nazarda tutup, şeýle diýýär:
“Häzirki wagtda edebi prosesiň öňünde bütinleý başga
problemalar durýar.Ol gahrymanyň içki duýgularynyň
aktiwleşmegini, položitel obrazlaryň durmuşda özbaşdak
hereket etmegini isleýär. Ýetmişinji ýyllaryň edebi
prosesiniň baş aýratynlygy şundadyr. Ikinji esasy
aýratynlyk-ýazyjynyň öz stilini tapmaklyga ymtylyşydyr,
şol tapylan stili we özbaşdak gözlegleri dowam
etmegidir”2
Ine, D.Nuralyýewiň şu aýgytly pikiri hem powest
žanryna bagyşlanan jedeliň özeni boldy. D.Nuralyýewiň
özi J.Allakowdan soň ikinji bolup çykyş etdi we onuň
makalasynda çekişmelik häsiýetiň ýoklugyny dogry
belledi. Ondan soň çykyş eden H.Taňryberdiýew welin
D.Nuralyýew bilen käbir pikirde ylalaşmaýanlygyny
ýazdy. Ol , D.Nuralyýewiň iki pikiri bilen razylaşmaýandygyny aýdyp, şeýle tassyklaýar:
“D.Nuralyýewiň:”…biziň günlerimiziň powestleriniň
otuzynjy ýyllarda döredilen powestlerden birinji
1
2
Nuralyýew D. Ýatlanan makala.
Şol ýerde.
140
aýratynlygy-gahrymanlaryň duýgylaryna düýpli ähmiýet
berilmegidir. Otuzynjy ýyllaryň gahrymanlary esasan
daşky faktorlara, herekete köp üns berýärdi…Ýazyjy
psihologik oýlanmalara däl-de , öz gahrymanynyň
köpçülikleýin täsir netijesinde / eger ol oňaýsyz bolsa /
položitel häsiýete geçişini, düzelişini suratlandyrmak bilen
çäklenýärdi” diýen pikiriň , umuman alanyňda, jany ýok
däl. Dogrudan-da , bu günler diňe bir powestlerimizde däl
romanlarymyzda-da, hekaýalarymyzda-da gahrymanlaryň
ruhy dünýäsini, intellektuallygyny suratlandyrýan
psihologymyzyň örüsi birneme giňeýär. Ýöne bu meselede
biziň günlerimiziň powestleri bilen otuzynjy ýyllaryň
”Garşa guda”, “Baýram”, “Watan ogly”, “Azaşan yzyny
tapdy”, “Iň soňky gije”, “Meret”, “Şükür bagşy” , uruş we
uruşdan
soňky ýyllaryň
“Ýagtylyga
çykanlar”,
“Bäsdeşler”, “Mugallymyň gyzy”, “Iki atanyň bir ogly”,
“Iň soňky arçyn”, “Dordepel” ýaly “jikme-jik ýadymyzda
galan” powestleriň arasyna diwar örmek, ol eserleriň
“gahrymany esasan daşky faktorlara, herekete köp üns
berýärdi” diýip, kesgitli netije çykarmak biziň pikirimizçe,
birtaraply bolar, gahrymanyň duýgularyny, ruhy taýdan
kämilleşiş prosesini suratlandyrýan psihologik analiz
bermek tärleriniň gözbaşylaryny şol eserlerden alyp
gaýdýandygyny aňşyrmazlyk bolar1.
Bu- H.Taňryberdiýewiň bir ylalaşmaýan pikiri.
Ikinji ylalaşmaýan ýeri hem, ine, şu aşakdaky
setirlerden mälim bolýar:
“D.Nuralyýewiň taryhy-rewolýusion temadan ýazylan
eserlerimiz barada ýöredýän pikiri-de, hut ýokarkylar ýaly,
1
Taňryberdiýew H. Ýatlanan makala. 82 s.
141
öňküleriň gymmatyny gaçyrmaklyga baryp ýetýär.Ol şeýle
ýazýar:
“Taryhy-rewolýusion
mazmunly
romanlarda
powestlerde tabşyrylan ýumşy ýerini ýetirip gelen
gahryman öz ruhy penakärine “näme tabşyryk berseň
taýyn, oňyňy ýerine ýetirdim, ýene buýruber” diýen
manyda ösýän, ýaşaýan bolsa, ady tutylan eserlerde/şu
günki powestlerde. –H.T./beýle tekiz daşýalylyk
ýok.Göreş barha çylşyrymly,
has içgin psihologik
päsgelçiliklerde geçýär”.
Muňa hä bermek örän çetin. “Aýgytly ädim”,
“Doganlar”, “Ykbal”, “Gara kerwen”, “Ene toprak”
”Jeýhun” ýaly romanlaryň sahypalarynda hereket edýän
gahrymanlary
“ýumuş
oglanlary”
hökmünde
häsiýetlendirkek , olardaky adam täleýine, tutyş halkyň
ykbalyna aýgytly täsir edýän örän çylşyrymly taryhy,
sosial öwrülişikleri, gahrymanlaryň kemala gelişlerindäki
çylşyrymly psihologik öwrümleri, ruhy galkynyşlary,
özakymly protestleriň aňly-düşünjeli göreşe ösüp geçişini,
diňe bir aýratyn gahrymanlaryň däl, eýsem tutyş halkyň
psihologiýasyny açyp görkezmekde ýazyjylarymyzyň
edebiýatymyza getiren sansyz täzeliklerini, ýüze çykaran
ussatlyklaryny äsgermezlik, häzirki powestlerimiziň
aýratynlyklaryny aýdyňlaşdyrdygyň,
kesgitledigiň
bolmasa gerek”1
Tankytçy S.Myradow bu ýerde H.Taňryberdiýew bilen
ylalaşman, D.Nuralyýewiň pozisiýasyny goldaýar:
“Altmyşynjy ýyllaryň ikinji ýarymynda, ylaýta-da
ýetmişinji ýyllaryň başlarynda ýagdaý üýtgedi. Bu
1
Taňryberdiýew H. Ýatlanan makala..
142
döwürde öz döredijilik poçerkini ýagşy merdemsileşdiren
N.Jumaýew, A.Gurbanow, S.Annasähedow, A.Myradow,
T.Gurbanow, Ý.Mämmediýew,
N.Hojageldiýew
,
T.Jumageldiýew ýaly awtorlar powestleriň , diňe sanyny
däl, eýsem tutyş prozanyň hiline täsir etdi. Sebäbi şu
günüň türkmen prozasynyň ýarpy agramy şu hem şuňa
meňzeş awtorlaryň gerdenine düşdi.
Şonuň üçinem D.Nuralyýewiň “Eger taryhyrewolýusion
mazmunly
romanlarda,
powestlerde
tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirip gelen gahryman öz ruhy
penakärine “Näme tabşyryk berseň taýyn, onyňy ýerine
ýetirdim, ýene buýruber” diýen manyda ösýän, ýaşaýan
bolsa, ady tutylan eserlerde beýle tekiz liniýalylyk ýok”
diýen sözlerini filologiýa ylymlarynyň kandidaty Hanguly
Taňryberdiýewiň inkär etjek bolmasyny özüm-ä
halamadym.
H.
Taňryberdiýew
bu
meselede
D.Nuralyýewiň “Öňki edebi hadysalaryň gymmatyny
peseldýändigini”, öňki” ýazyjylarymyzyň edebiýatymyza
getiren sansyz täzeliklerini , ýüze çykaran ussatlyklaryny
äsgermeýändigini” subut etjek bolýar.
Geň zat! Şu günki işiň düýnkiden gowudygyny
aýtmak haçandan bäri düýnkiniň äsgerilmezligi bolup
başladyka? Eger şu günki işiň düýnkiden gowudyny
aýtmasaň, ol şu günki işi bitiren adamyň /ýazyjynyň/
äsgerilmezligi bolmazmyka? Düýnkiden artdyrylan zadyň
nämedigine, onuň nähili gazanylan-dygyny çuňňur
derňemeseň, ony ile ýaýmasaň, ol ösüşiň, täzeligiň
bardygyny görmezlige salmak dälmikä? Tankytçynyň
ilkinji borjy her nesliň ýetişdiren önüminiň, tapawudyny
biri-birinden saýgarmak,ösüşiň haýsy ugur bilen nähili
gidýändigini aýdyňlaşdyrmak bolmaly weli, geçen nesliň
143
hyzmatlary, oňa şu günki nesliň bitiren işlerine göz
ýummaga bahana bolupdyr. Ähtimal , şunuň üçindir, ol
/H.Taňryberdiýew.-E.A./makalasyny
esasan
S.Annasähedowdan,Ý.Pirgulyýewden. G.Seýitmedowdan
setirlenen gowy sözlemler bilen doldurypdyr, olary ylmy
taýdan derňemän, diňe olara haýran galmak bilen
oňypdyr….”1
Tankytçy S.Myradowyň şu pikiri bilen biz hem
ylalaşýarys. Aslynda “haýran galmak”, obýekti badyhowa
öwmek H.Taňryberdiýewiň stiline mahsus. Biz ony
B.Kerbabaýewiň döredijiliginden ýazan işlerinde-de
görýäris /bu hakda işiň üçünji babyna seret./ Onsoňam,
S.Myradow jedele has gaýym girýär.Ol J.Allakowyň,
D.Nuralyýewiň mamla we mamla däl ýerlerini dogry
görkezýär.Emma onuň has dogry bellän faktyH.Taňryberdiýewiň asla tankytçy hökmünde ýekeje-de del
pikiri aýdyp bilmezligidir.H.Taňryberdiýew biçak köp
sözli, ol düşnükli zady-da hetjikläp gidip otyr. Özem
jedele
üçünji bolup girişse-de J.Allakowyň-da,
D.Nuralyýewiň-de, makalalaryndaky gowy, položitel
pikirleri görmegi başarmandyr, onuň özi-de suwytly zat
aýdyp bilmändir.Ol, tersine, öz derňeýän ýazyjylaryny
hem oňly düşünmändir. Muny S.Myradow örän ýerlikli
belläp, şeýle ýazýar:
S.Annasähedowyň powestinden H.Taňryberdiýewiň
talap eden aktiwliginiň güýç-gurbat taýdan tasa
gelmeýändigini öň aýdypdyk. Galyberse-de, iň soňky
demine çenli lebzinden dänmedik adamlaryň ölüminiň
1
Myradow S. Ýatlanan makala. 120 s.
144
özüniňem duşmana garşy yglan edilen göreşdigini,
göreşiňem iň ulusydygyny ýatladalyň”1
Herhal, jedele gatnaşan J.Allakow, D.Nuralyýew,
H.Taňryberdiýew, S.Myradow ýaly tejribeli tankytçylar
ýetmişinji ýyllaryň powestleriniň bize getiren täzeligini
açmaga kömek etdiler. Olar, birinjiden, powest žanrynyň
serhetiniň giňemeginden, ikinjiden 70-nji ýyllaryň çeper
obrazlarynyň baýlygyndan, dürliliginden, üçünjiden, her
bir powest ýazan uly ýazyjynyň öz stilini tapanlygyndan
ybaratdy.
Diňe bular hem däl. Bu jedel türkmen tankydynyň
kämilleşýändigini görkezdi.Umuman, 70-nji ýyllaryň
prozasy barada”вопросы литературы”,
“ Дружба
народов” ýaly žurnallarynda köp çekişme gitdi.Ol hem
powest we roman žanrynyň daşyndady. SSKP MKnyň”Edebi-çeper tankyt hakynda”diýen kararyndan soň
/1972/ dört-bäş ýylyň içinde tankytda san we hil
özgerişligi gowy duýuldy. Ony D.Nuralyýew özüniň
“Tankyt we edebi proses “diýen dokladynda dogry
belleýär:
“Geçen bäş ýylyň içinde biziň edebi tankydymyzyň
meýdany juda giňedi. Bary-ýogy bäş ýylyň içinde ona
golaý gyzgyn çekişmeler guraldy.Iki redaksiýanyň ýagny
“Edebiýat we sungat” gazetiniň’ “Sowet edebiýaty”
žurnalynyň tagallasy bilen tankyt hakynda karar çykan
pursatyndan başlap, häzirki zaman romanlary, häzirki
zaman
powestleri, häzirki zaman
hekaýalary,
powestlerde položitel gahryman, häzirki zaman
poeziýasy, liriki gahryman problemasy, türkmen
1
Myradow S. Ýatlanan makala.
145
romanlarynda esasy tendensiýalar, çeper diliň meseleleri
başga-da çekişmeler guraldy. Çekişmeler häzirem dowam
edýär.”Edebiýat we sungat” sahypalarynda çykýan çeper
dile degişli oýlanmalar, “Sowet edebiýaty” žurnalynyň
sanlarynda gidýän “Ýaşlaryň döredijiligi we ussatlyk
problemasy” atly çekişme munuň aýdyň şaýadydyr.Olaryň
her haýsysynyň berýän netijeleri bilen birlikde, iki sany
uly üstünligi-de görkezmek bolardy.
Birinjiden-ä, bu çekişmeler tankydyň aktiwleşmegine,
onuň owazynyň dürliçe çykmagyna alyp gelýär.
Ikinjiden hem , olar biziň ýazyjylarymyzyň edebitankydy pikire biperwaý garamazlyklaryna, ýazyjy bilen
tankytçynyň arasynyň ýakynlaşmagyna, dostlukly,
düşünişmeklerine alyp gelýär. Bu kiçi üstünlik dälmikä
diýýäris.Şonuň üçin çekişmeleri guraýan, olaryň
yzygiderli we mazmunly alyp barýan redaksiýalara
minnetdarlyk bildirmegimiz gerek…Çekişmeler her bir
žanryň içki resursyny açmaga ýardam etmeginden başgada, tankytçylaryň hataryny artdyrdy.Öde Abdyllaýew,
Ruhy Alyýew, Jora Allakow, Hanguly Taňryberdiýew,
Nargylyç Hojageldiýew, Abdylla Myradow, Saýlaw
Myradow, Kaýum Jumaýew, Bäşim Şamyradow,
Allamyrat Garaýew ýaly öňden belli tankytçylaryň hatary
Aba Gylyçdurdyýew, Gurbandurdy Geldiýew, Nury
Ataýew,
Ahmet
Mämmedow,
Şamuhammet
Halmuhammedow ýaly täze ýoldaşlaryň hasabyna artyp
barýar”1
Ýetmişinji ýyllar türkmen tankydy pikiriniň
ösmeginde aýgytly etap bolandygy üçin D.Nuralyýewiň
1
Nuralyýew D. Tankyt we edebi proses. Sowet edebiýaty. 1977, N9, 122 s.
146
jemleýji häsiýetli şol dokladynyň /”Edebi-çeper tankyt
hakda” kararyň çykmagyna bäş ýyl dolmagy mynasybetli
TSSR Ýazyjylar Soýuzynyň prawleniýasynyň plenumynda
edilen doklad. –E.A./ ýene bir meseläni göwnejaý
belleýşini aýtmalydyrys:
“Ikinji tarapdan , tankydyň öz hususy arşnalynyň-da
baýlaşýandygy görünýär. Onuň bir mysalyna ýüzlenesimiz
gelýär. Indi bir näçe ýyllap tankyt meýdanynda gujurly
hereket edýän S.Myradowyň “Edebi çekişmeler”,
“Poeziýamyzyň
ädimleri”
ýaly
kitaplarynyň
Türkmenistanyň Lenin komsomolynyň baýragyna
mynasyp bolmagy onuň özüniň hem-de kärdeşleriniň
göwnini galkyndyrdy.Bu berlen baha, eger A.Myradow
aradan çykandan soň şoňa mynasyp bolandygyny hasaba
almasak, tankytda ilkinjidir we özüni medeniýetdir
guwanç meýlinden uzakda saklamaýan her bir tankytçy
üçin uly hormatdyr. Has beteri-de , ol baha tankyt ýaly
ynjyk hem inçe žanrda mundan bu ýana hem çynlakaý,
çuňňur, parhly we obýektiw bolmagy, zehinlere aýawly
garamagy sargaýar.
Edebi tankydyň ösüşine özüniň indiwidual goşandyny
goşan tankytçylaryň adyny ýörite agzamagy ýerlikli
hasaplaýarys.Olaryň hatarynda Ö.Abdyllaýew “Ertekilerde
obrazlaryň şöhleleniş prinsipleri we olaryň görnüşleri”,
“Häzirki
zaman
türkmen
romanynyň
esasy
tendensiýalary”, J.Allakowyň ”Döwürdeşlerimiziň ahlak
keşbi”, “Sreda we gahrymanyň sosial aktiwligi”,
S.Myradowyň
“Poeziýanyň
sowetleýin
häsýeti”,
N.Hojageldiýewiň “Ak çägede galan hem galmadyk yzlar”
ýaly makalalaryny görkezmek ýeterlikdir. Ýöne mesele
aýry-aýry makalalarda däl-de, şol oňat ýörelgäniň
147
giňemeginde,
özüňden
soň
dowam
etdirijileriň
ýetişdirilmeginde . Gurbandurdy Geldiýewiň, Ähmet
Mämmedowyň, Saparmyrat Gurbanowyň, Amannazar
Aşyrowyň,
Döwran
Abdyllaýewiň,
Ähmet
Bekmyradowyň, Annagurban Aşyrowyň makalalary,
seslenmeleri belli derejede tankydy pulsyň kadaly urup
biljekdigini syzdyrýar.1
Bu ýokary göteriliş Soýuzyň hemme ýerinde dowam
edýärdi.Ony “Современная литературно-художественная
критика.Актуальные проблема” / Л.: 1975/, “
Современная литературная критика. Вопросы теории и
методологии./ М. :1977/ ýaly ýygyndylar hem subut etdi.
A.N.Iozyitowyň “Hereket edýän estetika, jemgyýetiň
ýeperçilikli özleşdirilmegi” diýen makalasynda ýerlikli bir
pikir orta atylýar. Tankytçy edebi tankydyň wezipesine
taryh we häzirki zaman nukdaý nazaryndan bitewi garaýar,
olary bir ugra gönükdirip, şeýle diýýär.:
“Какое же место занимает литературная критика в
общейсистемелитературно-эстетических представлений, характеризующих духовную жизнь общества?
Традиционной являтся такая иерархия ступеней, или
говоря современным языком, уровней литературнохудожественного значения по степени убывания его
теоретической оснащенности, глубины и значимости:
эстетика, теория литературы, история литературы,
критика. При подобной субординации критика
неходится на “Эмпираческом уровне” знания , что ни в
коей мере не соответствует ее внутреннему
содержанию и ее истенному положеннию в системе...
1
Nuralyýew D. Ýatlanan makala. 124 s.
148
Белинский назвал критику “движущейся эстетикой” в
первую очередь потому, что она теоретически уясняет
и практически подтверждает на материале текущей,
динамично
меняющейся
литературы,
законы,
управляющие искусством слова. Как эстетическая
дисциплина критика входит в то же время за пределы
теоретического осмысления одной
литературы,
постоянно
учитивая
тесное
взаимодействие
литературного творчества с другими формами
духовной жизни общества и материальной основой
этой жизни”.1
Munuň şeýledigini türkmen romanlary baradaky
çekişme hem görkezdi. “Derwaýys gürrüňiň başy “ady
bilen açylan şol çekişmede Ö.Abdyllaýew, esasan ,
G.Kulyýewiň “Gara kerwen”, G.Gurbansähedowyň
“Toýly Mergen”romanlary hakda söz açyp, şeýle pikiri
orta atdy:
“Çeper edebiýat hakynda söhbet açylanda, biziň
hemişe bir ugur alýan zadymyz bar, ol hem-sosialistik
realizmiň talaplary. Eserdäki her bir položitel gahryman
halk köpçüligine näçe ýakyn bolsa, onuň bilen el- ele berip
hereket etse, şol gahryman okyjynyň ýadynda galýar.
Şonuň üçin eserde gahrymanyň halk köpçüligi bilen
baglanşygy zerur. Elbetde, men bu ýerde esasy gahrymany
göz öňünde tutýaryn. Mysal üçin, G.Kulyýewiň “Gara
kerwen” romanyny alyp göreliň. Roman gyzykly okalýar.
Emma
“Gara kerweniň”
halk köpçüligi bilen şu
1
arabaglanşygy ýok”.
1
Derwaýys gürrüňiň başy. Edebiýat we sungat. 1972. 27-nji fewral.
149
Ozaly bilen Ö.Abdyllaýew forsteri, tebigatyna
düşünmän, ony položitel gahryman hasaplaýar. Forsterotrisatel gahryman ahyryn.Ýöne baş “gahryman”.Eýsem
baş gahryman, hökman , položitel tip bolmaly diýip,
nirede ýazylypdyr? Şu jähtden alnanda, N.Atdaýew hem
“Edebiýatymyzyň bähbitini arasak”1 diýen çekişme
çykyşynda forstere düşünmändir. Žanrdaky esasy
özgerişligi duýan D.Nuralyýew , “Romanlarymyzyň
çeperçilik derejesi”diýen makalasynda ýazyp, G.Kulyýewdäki, G.Gurbansähedow-daky şowly gözlegi oňat açyp
berdi:
“Halkyň çeperçilik aňynyň baýlaşmagy we
çuňlaşmagy ýazyjylaryň, olaryň döreden eserleriniň sany
bilen ölçelmän , janlandyrylan obrazlar bilen ölçelýär,
halkyň özüne meňzäp duran şahslar bilen ölçelýär.Has
beteri-de , halkyň öz wyždanynyň göterip biljek, ruhynyň
kabul etjek duýgy-düşünjeleri bilen ölçelýär...Şu jähtden
alanyňda,
döredijilik
ykbalynyň
ýazyjy
G.Gurbansähedowa, G. Kulyýewa ýylgyryp bakanlygy
dessine ýadyňa düşýär. Romançy hökmünde özüni
öňräkden tanadan G.Kulyýew üçin ol ýylgyryş onçakly
zerur bolmasa-da, G.Gurbansähedow üçin howa ýaly
gerekdi...”Toýly Mergen” sözüň doly manysynda
ýazyjyny passiwlik ýagdaýyndan alyp çykdy. Temasy
bilen däl. Köp emgek çekilip ýazylyşy bilen.
Problemalaýyn meseläniň töwerekleýin işlenip, baş
gahrymanyň hereketiniň däl-de , psihologik öwrülişiginiň
ynandyryjylykly berilişi bilen...Gylyç Kulyýew ýazyjy
hökmünde öz döredijilik stilina tematiki jähtden hem-de
Atdaýew H. Edebiýatymyzyň bähbidini arasak. Edebiýat we sungat. 1972.
22-nji aprel.
1
150
gahrymanlary suratlandyryş prinsipleri taýyndan öňräkden
mälim etdi. Onuň “Köpetdagyň aňyrsynda”, “Ýanbermez
Alžirli”eserleri-de , belli derejede “Ýowuz günler”
romany-da şuny tassyklaýar.”Gara kerwen” ýazyjynyň
husysy stilini tassyklaýan romandyr.Emma käbir
tankytçylaryň
pikir
edişi
ýaly,
“Ýanbermez
Alžirliniň”dowamy däldir. Ýazyjynyň soňky romany
gahrymanlaryň arasyndaky ýaşyryn psihologik göreş bilen
tapawutlanýar”.1
Eger J.Allakow “Iki romanyň gürrüňi”2, Ataýew
K.”Ösýän hem kämilleşýän žanr”3, A.Myradow
”Hadysalar we häsiýetler”4 ýaly makalalarynda
B.Hudaýnazarowyň “Gumlular”, H.Derýaýewiň “Ykbal”,
A.Atajanowyň “Çakmak”, N.Jumaýewiň “Jeýhun”,
T.Jumageldiýewiň
“Bagrymyzyň
badaşany”ýaly
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.