Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17

Total number of words is 3370
Total number of unique words is 1789
25.0 of words are in the 2000 most common words
36.0 of words are in the 5000 most common words
43.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
haldalygyny dogry belleýär. Öz maksadynyň welin
türkmen edebiýatynyň estetiki gymmatyny açmakdygyny
nygtaýar:
“Пришло время отдать должное и их hudožestbennym
krsotam, ih estetiçeskoý sennosti, neradko, poistine,
porazitelnoý…
No w to wremýa /w XIX weke – E. A. / issledowaniýe ob
estetiçeskom dostoinstwe turkmenskoý literatury byli
newozmožny kak wsledstwie otsutswiýa sistematiçeskoý
swedeniý o ýazyke I obşestwenno –ekonomiçeskoý istori
naroda –odnogo iz neobhodimyh predwaritellnyh uslowiý
I izuçeniýa iskustwa, suşestwuýuşego teper, blagodarýa
rabotam türkologow-istorikow, lingwistow, tak I bidu toý
politiki, kotoruýu sarskaýa wlasst prowodila w stranaýa
Sredneý Azii”1
Tejribesi köp, rus, ýewropa , umuman daşary yurt
edebiýatlaryny ökde bilýän Egerman aýratynam
Keminäniň “Meňzär” diýen goşgusyny Semonid
Amorgsiniň aýallaryň klassikasifikasiýasy hakyndaky
goşgusy bilen göwnejaý degşirýär.
Soň türkmen şahyrynyň garyplyk hakyndaky şygryny hem
grek şahyrlary Arhilohyň, Anakreotyň, satiriki eserlerini
bolsa Geýnäniň, Lermontowyň goşgularyna deňeýär.
Şeýdip, ol türkmen edebiýatyny dünýä nusgalaryna
ýakynlaşdyrmaga gyzykly synanşyk edýär.
Şeýle ilkinji synanşyk köp täsin teoretiki pikirleri oýarýar.
1
Egerman E. Turkmenskaýa literature w srawleniý s mirawoý klassikoý//
Kemine – 200, Aşgabat : Ylym, 1971- 361-362 s.
297
Mälim bolşy ýaly 1940-njy ýylda Keminäniň aradan çykan
/1840/ ýylynyň ýüz ýyllygy dabaraly bellenip geçilýär.
Beýik Watançylyk urşy döwründe bolsa rus, ukrain hem
beýleki milletleriň alymlary, edebiýat hem sungat işgärleri
Aşgabat, wagtlaýyn ewakuasiýa edilýär. Egerman hem
şolaryň biri bolup Keminäniň, Magtymgulynyň,
Mollanepesiň şygyrlaryny dünýä poeziýasynyň nusgalary
bilen deňeşdirip, olaryň parallellerini tapmaga birinji ädim
ädipdir. Ony tankytçy D. Nurlyýew dogry belläp, bu
ideýany
ösdürmäge
türkmen
alymlarynyň,
tankytçylarynyň arasynda ilkinji bolup, şol ugra degişli
makala ýazdy we Keminäniň “Garyp”, “Garyplyk” diýen
şygyrlaryny şotland şahyry Robert Bensiň “Garyp hem
adamdyr” atly şygry bilen deňeşdirdi:
“Türkmen klassiki poeziýasynyň käbir nusgalaryny dünýä
edebiýatynynyň naýbaşy şygyrlary bilen degşirmeklige
ilki synanşan E. Egermandy. Onuň “Türkmen adebiýaty
dünýä klassikasy bilen degşirilende” atly gyzykly
makalasy 1943-nji ýylda “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 2nji sanynda çap edilýär. Şondan öňem-soňam bu tema hiç
kim tarapyndan gozgalmady. Hatda E. Egermanyň özem
makalasynda şu ugurdan subutly zat edilmändigini dogry
belläpdir.
Türkmen
şahyrlarynyň,
ylaýta-da
Magtymgulynyň Puşkine, Mollanepesiň Fete, Keminäniň
Geýnä dil ujyndan deňeşdirilýändigini, emma düýpli subut
edilmän galýandygyny görkezipdir1.
Keminäniň doglan gününiň 200 ýyllygy bellenilýän
günlerde /1971/ ýazylan bu makalasynda D. Nuralyýew
Egermanyň pikirini ösdürýär hem Keminäniň şygryny hut
1
Nuralyýew D. Şygyr bilen ikiçäk.- Aşgabat : Türkmenistan, 1987. 12—13.s.
298
öz döwürdeşi Robert Bernsäniňki bilen /1759-1796/ hemde iki şahyryň durmuşyny biri-biriniki bilen ýerlikli
deňeşdirýär:
“Robert
Bens
öz
ýurdunda
näletlenen,
Şotlandiýanyň lordlary tarapyndan ezýet baryny çeken we
ömrüniň ahyryna ýazan eserleriniň hörüp bilmän öten
şahyr. Edil şonuň ýaly-da Şotlandiýanyň garyp
kwartallarynda güzeran gören şahyr. Beýle ýagdaýyň
şaýady bolan adam umumyhalk hesretini suratlandyrman
durup bilmezdi. Onuň şygrynyň ahyrky bendi ýle ruhda
tamamlanýar:
“Bu külpetden dynar haly garybyň,
Her ýodadan iner ýoly garybyň,
Dogan bor gardaş bor ynsan barysyDost –ýara döner ili garybyň”1
Keminäniň “Garyplykdaky” soňky bent umytlylygy
ündeýär:
“Kemine diýr, geler bir gün şum ölüm
Kimsäge toý-baýram, kimsäge zulum,
Gyýylma, ynjama, sabr eýle köňlüm,
Gelipdir bir zaman, öter garyplyk.”
Biz bu fakty türkmen edebiýaty öwreniş ylymda,
tankydynda täze bolany üçin agzadyk. Ol iki ugur ylym
we tankyt bilelişikli işlände, has köp peýda berjekligini
aňladýan faktdyr. Ony tankytçy A. Myradow bilen
edebiýatçy M. Gurbansähedowyň “Keminäniň obrazy
çeper edebiýatda” , folklorçy hem tankytçy Ş.
1
Nuralyýew D. Şygyr bilen ikiçäk.- Aşgabat : Türkmenistan, 1987. 16-17 s.
299
Halmuhammedowyň “Kemine türkmen folklorynyň
özboluşly obrazy hakynda” hakynda diýen ýaly
makalalary hem oňat görkezýär.
Şahyr hakynda 1975-nji çykarylan makalalar
ýygyndysy birinjiniň üstüni getirýär. Biz onda-da
alymlaryň uly toparynyň makalalaryny görýäris. Mahlasy
iki ýygyndy-da hem uly edebiýatçylar B.Garryýew, M.
Kösäýew, A. Kekilow, S.Garryýew dagy bilen bir hatarda
tankytçylardan K.Jumaýew, K.Salyh, A. Myradow, D.
Nuralyýew, Ş. Halmuhammedow dagy Keminäniň
ömrüni, döredijiligini öwrenmeklige önjeýli goşnt
goşupdyrlar1.
Serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň 200 ýyllyk
ýubileýiniň geçýän günlerinde türkmen alymlary,
tankytçylary aýratyn işeňňirlik görkezdiler. Çünki
ýubileýleriň yzly-yzyna geçirilmegi ylym we tankydy uly
agtaryşlara çagyrdy. Biz bu döwürlerde çykan ylym we
tankydy “önümi” arifmetiki hasaba almasak-da, factor
manysynda ol hemmelere aýandy. Ýöne bir hakykat welin
aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Haýsy ýubileý geçse
geçsin, hemişe respublikada iň tejribeli alymlar,
tankytçylar bu tutumdan galman, köp sanly makalalar
bilen çykyş edipdirler. Şolaryň arasynda biz ýene-de
B.Garryýew, S. Garryýew, Z.B
Muhammedowany,
A.Meredowy, G.Nazarowy hem edebiýatçy hem
tankytçylardan
K.
Jumaýewi,
Ö.
Abdullaýewi,
J.Allakowy, H. Tňryberdiýewi, D. Nuralyýewi, Ş.
Halmuhammedowy, A. Mämmedowy, A. Garryýewi
agzamaly bolýarys. Sebäbi olar bu döwürde hem ýörite
Mämmetweli Kemine. Şahyr hakynda ylmy dokladlar, makalalar we
habarlar. –Aşgabat. Ylym. 1975. 362 s.
1
300
ýygyndylarda hem gazet-žurnallarda , hem radiotelewideniýada ol ýa-da beýleki şahyr – ýubilýar barada
örän gyzykly şol bir wagtyň özünde çylşyrymly
problemalardan yzly-yzyna makalalar bilen çykyş
edipdirler. Seýitnazar Seýdi barada anyk aýdylanda ilki
H.Taňrygulyýew bilen K.Jumaýewiň adyny agzamagymyz
hem şonuň üçündir. Bu iki tankytçynyň hersiniň Seýdi
baradaky ýygyndyda iki makalasy çykypdyr. Elbetde , ol
makalalar ozal metbugatda peýda bolandygyna
garamazdan , filologiýa nukdaý nazaryndan täzeçe
ýaňlanýar.
Eger K. Jumaýew “Seýdiniň “Goşa pudagym”
dessany” , “Şahyr barada täze eser”1 diýen makalalarynda
ozl ylymda seýrek işlenen “Goşa pudagym” elegiýasyny,
N. Pommanyň “Seýdi hakynda söhbet” diýen powestine
ser salsa, H. Taňryberdiýewiň “Seýdi Magtymgulynyň
däplerini dowam etdirijidir” , “Seýdiniň eserleriniň täze
neşiri”2 diýen makalalarynda atlaryndan mälim bolşy ýaly
biri edebiýaty öwrenişiň “goja” meselesine – däbe
beýlekisi tankydyň wezipesi- syn žanryna Seýdiniň 1959njy ýüylda çykan neşirine bagyşlanypdyr.
Şunuň ýaly tankytçylarymyzdan D.Nuralyýewiň
“Çeper mazmunyň ösmeginde Seýdiniň roly”3,
A.Garaýewiň “Seýdiniň poeziýasynda graždanlyk
äheňleri”4
A.
Mämmedowyň
“Seýdiniň
liriki
Watançy şahyr Seýdi . Makalalar ýygyndysy.- Aşgabat : Ylym, 1976. 5556, 201-205 sahypa.
2
Şol ýerde, 57-76 s. 174-178 s.
3
Watançy şahyr Seýdi . Makalalar ýygyndysy.- Aşgabat : Ylym, 1976. -97106 s.
4
Şol ýerde, -119-123 s.
1
301
gahrymanynyň häsiýetindäki esasy alamatlar”1 , J.
Allakowyň “Watançy şahyr barada monografiýa”2 ýaly
makalalaryny hem aýratyn bellemek zerur. Diýmek bir
ýygyndyda alty tankytçy çýkyş edýän bolsa onda tankydyň
edebiýaty öwrenişe has içgin aralaşandygyny aýtmak
bolar.
Seýdi barada makalalar ýygyndysynda köne
edebiýatçy alymlaryň azlygyny, aýratynam bu ýerde rus
alymlaryň azlygyny bellemek gerek. Biz bu ýygynda
ahundow – Gürgendinin, G. Karpowyň, B. Garryýewiň ,
A. Taýymowyň, B. Jürmenegiň makalalaryny hasap
etmesek, ähli edebi tankydy piker 60-80-nji ýyllaryň
tankytçylarynyň gerdenine düşýär. Ol eýýäm türkmen
tankydynyň problemalara ýiti aralaşandygynda başga ,
belli derejede ylmyň çözmedik heniz orta atmadyk, eger
atsa-da, konserwatiw çemeleşmelerden çykman şol bir
fakty gaýtalap, hiç täzellik girizip bilmeýändiginiň üstüni
açmaga dalaş edýär. Diňe bir dalaş etmek däl, akylly-başly
subut edip, bilýändigini görkezýär. Biz ony işiäşinji
babynda G. Geldiýewiň, A. Bekmyradodwyň edebiýaty
öwrenişe degişli kitaplarynda J. Allakowyň, D.
Nuralyýewiň tankyda dahylly işlerinde görüp geçeris.
Tankytçylar,
Mätäjiniň,
Kerbabaýewiň
ýubileýlerinde hem aktiw çykyş edip, türkmen edebiýaty
öwreniş ylmy bilen aýak goşup bilýändiklerini aç-açan
görkezdiler. Bu iki şahyryň, iki söz ussadynyň
ýubileýlerini şu ýerde bellemegimiz ýene bir sebäbi bar.
Olaryň biri tas XIX asyry aýaklasa, ýagny Mätäji 1884-nji
Watançy şahyr Seýdi . Makalalar ýygyndysy.- Aşgabat : Ylym, 1976., 124132 s.
2
Şol ýerde, 164-190 s.
1
302
ýylda doglup, hamala onuň elinden çeper estafetany alan
ýaly
XX
asyrda
täze
türkmen
edebiýatyny
esaslandyranlaryň biri boldy.
Belli bolşy ýaly, 1975-nji ýylda lirikaçy şahyr
Mätäjiniň 150 ýubilecirildi. Şol uly ylmy-edebi çärelerde
hem ylymdyr-tankyt el-ele berip işledi. Şonda tankytçy A.
Garaýew “Mätäjiniň ussatlygy barada”1 diýen doklad bilen
çykyş etse, beýleki tankytçylardan N. Hojageldiýew
“Şahyryň sarpasy”2 , D. Nuralyýew “Duýguçyl obrazlara
baý poeziýa”, “Tebigat gözelliginiň aýdymçysy” 3, Ş.
Halmuhammedow
“Mätäjinin
didaktikasy”4,
A.
5
Mämmedow “Erkin durmuşyň mätäji” ýaly makalalar
bilen çykyş edip, onuň poeziýasyny giň okyjy köpçüligine
ýakynlaşdyrmakda baýry edebiýatçy alymlar Z.B
Muhammedow, N.Aşyrow, S. Garryýew, A. Meredow
dagy bilen bilelikde önjeýli goşant goşdular. Munuň
şeýledigi tankytçylaryň batyrgaý piker ýöredişinden,
işlerinden publisistik äheňi köpräk ulanýandyklaryndan
başga-da anyk faktlara, detallara ýüzlenýändikleri bilen
aýan bolýar. Bu hili ýagdaýda öň aňymyza ornaşan käbir
düşünjeler hem özgerýär, baýlaşýar. Ony A. Garaýewiň şu
pikiri oňat görkezýär:
“ Biz şu wagta çenli yşk oduna kalbyny örtedip, joşgunly
hem ýangynly goşgulary döreden, ussatlyk bilen päk
duýgyny wasp eden ýeke-täk klassik şahyr Mollanepesdir
Annagylyç Mätäji// Şahyr hakynda ylmy dokladlar, makalalar we habarlar.
–Aşgabat : Ylym, 1978 33-37 s.
2
Şol ýerde, 204-208 s.
3
Şol ýerde, 98-103 s.
4
Şol ýerde, 112-119 s.
5
Şol ýerde, 197-203 s.
1
303
öýder ýörerdik. Emma Mätäjiniň söýgi şygyrlaryny üns
berip okanyňda, “Yşk mülkiniň şasynyň” yzyny basyp
ýatan, käbir halatda onuň bilen bäsleşýän ikinji bir söz
ussadymyzyň barddygyna guwanç bilen göz ýetirýäris.” 1
Biz klassikleriň heniz gowşak işlenen ýerlerini ,
ozal orta atylmadyk meselelerini çözmekde edebi
tankydyň goşandyny sözüň doly manysynda 60-80-nji
ýyllarda gördük diýsek ýalňyşmarys. Emma 20-30-njy
ýyllaryň tankydy welin klassiki mirasy, aýratynam beýik
Magtymguly inkär edýärdi2. Ony tankydyň taryhyny işän
A. Kekilow, R. Rejepow, K. Jumaýew ýaly alymlar öňräk
tassyk etdiler.
Häzirki zaman türkmen edebiýatynyň düýbini
tutujylaryň biri B. Kerbabaýewiň 90 ýyllygynda bolsa,
esasan tankytçylar, ýazyjylar çykyş etdiler. Olardan K.
Jumaýewiň “B. Kerbabaýew-türkmen sowet edebiýatynyň
esasyny goýujydyr”, “B.Kerbabaýewiň döredijiliginde
kollektiw
zähmet”3,
D.
Nuralyýewiň
“Beýik
4
Magtymgulydan- uly Kerbabaýewe” , A. Garaýewiň “B.
Kerbabaýew poemaçy /”Kepän dodagyň” mysalynda/5, J.
Allakowyň “B. Kerbabaýewiň romanlarynda işçiniň
obrazy”6, Ş. Halmuhammedowyň “Azatlyk gadyryn biliň,
a gyzlar !”, “B. Kerbabaýewiň döredijiliginde folklor
Mätäji 33 s.
Kekilow A, Rejepow R, Jumaýew K, Türkmenistanda tankydy pikiriň
döreýşi hem ösüşi. –Aşgabat : Ylym, 1969 – 153 s.
3
B.Kerbabaýew // Ýazyjynyň 90 ýyllyk ýubileýiniň materiallary. Aşgabat
:Ylym,1987 68-75, 207-220 s.
4
Şol ýerde, -256-264 s.
5
Şol ýerde, 242-255 s.
6
B.Kerbabaýew // Ýazyjynyň 90 ýyllyk ýubileýiniň materiallary. Aşgabat
:Ylym,1987 147-150 s.
1
2
304
däpleri”1, K. Berdiýewiň “Adam gören ýalydy”2 diýen
makalalaryny görkezmek bolar.
Ine, şeýle faktlar ylym we tankydyň biri-birine
gatnaşygynyň barha berkeýändiginiň şaýadydyr.
1
2
Şol ýerde, 235-241 s.
Şol ýerde, 161-166 s.
305
BÄŞINJI BAP
Özgerdiş döwrüniň çeper tankydy
Dowam edýän tankydy proses 1985-nji ýylyň
aprelinde döwrümiziň, jemgyýetimiziň täze bir öwrülişigi
bilen ýüzbe-ýüz boldy. SSKP MK-nyň şol ýylyň edil şol
aýynda geçen plenumy halkara, şonuň bilen bir ýagdaýda
edebiýatymyza, sungatymyza, geçmiş ruhy mirasymyza
ullakan erkinlik berdi. Ol barha kämilleşip, beýleki, SSSRiň sostawyna giren respublikalaryň özbaşdak bolşy ýaly,
1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň-da
erkin, garaşsyz, özygtyýarly bolmagyna alyp geldi.
Eger muny biz meseläniň syýasy-jemgyýetçilik
tarapy hasaplasak, çeper edebiýatda, şol sanda tankytda
örän uly özgerişlikler peýda boldy. G.Kulyýewiň “Gijigen
ökünji”, R.Esenowyň “Çüýremegi”, A.Janmyradowyň
“Ak ýoluň azaby”, O.Ýagmyrowyň “Duman daganda”,
H.Meläýewiň “Melgun”, A.Nurmämmedowyň “Nuhuň
tupany” diýen eserleri, tankytçylardan J.Allakowyň,
D.Nuralyýewiň, A.Nurmämmedowyň, S.Hydyrowyň,
D.Gurbanowyň täze-täze makalalary, kitaplary peýda
boldy. Eýýäm 90-njy ýyllary başdan geçirýän
mahalymyzda, tankyt häzirki edebi prosese üns bermegi
gowşatman, köne mirasa ähmiýet bermegini öňküsinden
artdyryp ugrady. Täzeçe oýlanmak, original ýollary
agtarmaklyk başlady.
“Edebiýat we sungat” gazetiniň “Sowet edebiýaty”
žurnalynyň redaksiýalary has batyrgaý, jedel döredýän,
özem döwrebap problemalaýyn makalalary bökdemän çap
edip başladylar. Bularyň daşyndan, ylym we tankydyň
306
soýuzyny berkidýän düýpli monografiýa işleri hem, peýda
boldy. Hatda 50-nji ýyllarda, aktiwlik görkezip, soň ylma
berlip
giden
M.Annagurdow
ýaly
tejribeli
tankytçylaryňam täzeden işeňňirleşdi. Aýratynam beýik
Magtymgulynyň töwereginiň tankyt “märekesi” artyp
başlady. Ol özgerişleri görmezlik bolsa mümkin däldi.
Şeýle aktiwlik edebi tankydyň tema çägini giňeltdi, ol indi
diňe edebi prosese däl, neşirýat we dil meselesine hem
gatnaşyp başlady. Iň gowusy, 1985-1990-njy ýyllar
aralygyndaky tankyda hronikalaýyn planda nazar aýlamak
möhümdir.
1986-1990-njy ýylyň “Edebiýat we sungat”
gazetiniň sanlarynda täze döwrüň öwüsgüni özüni
güberçekleýin görkezip başlady. Onuň sahypalarynda,
ozaly bilen, görnükli tankytçy D.Nuralyýawiň “Şahyr
bolçulygynda şygyr gytçylygy” diýen makalasy peýda
bolanda, respublikanyň ylmy-döredijilik jengyýetçilik
dünýäsiniň nähili sarsgyn tapandygyny ýatlamak
ýeterlikdir.1 Tankytçynyň bu jedelli makalasyna
respublikanyň hemme künjeginden örän köp seslenme
gelip, ol bir ýyldan gowrak wagta çekipdi. Şeýle makala
ýazylmalydy, onuň wagty ýetipdi. Özem örän batyrgaý,
oýlanyşykly ýazylan bu makala uly şahyrlar hem, ýönekeý
okyjylar hem aktiw seslenipdiler.
Dogrusyny aýtsak, tankytçy D.Nuralyýew şygyr
taryhyny, onuň prosesini örän gowy bilýän alym. Onda
ylmylyk we tankydy ruh gowy sazlaşmak bilen, her bir
gozgalýan meseläniň ýerlikli gozgalyp oňyn çözülmegine
uly ýardam edýär. Bu makala, aslyýetinde, adaty makala
Nuralyýew D. Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy. –Edebiýat we sungat,
1986, 5s.
1
307
bolman, türkmen tankydy pikirini ýokary göteren makala
boldy. Onda 1975-1985-nji ýyllaryň on ýyllyk şahyrana
“hasylyna” nazar aýlandy. G.Ezizowdan soňky nesliň ösüş
ýoly inçelik bilen yzarlandy. Okyjy A.Atabaýewiň,
O.Annaýewiň,
N.Rejebowyň,
T.Sadykowyň,
G.Şagulyýewanyň, A.Gurbannepesowyň, G.Geldiýewiň,
A.Mämmedowyň,
A.Taşowyň,
B.Hapyzowanyň,
B.Orazdurdyýewanyň, K.Gurbanmyradowyň we olaryň
deň-duşlarynyň dünýäsine şol makalanyň üsti bilen has
giňişleýin göz ýetiripdi. Tankytçy, sypaýylyk bilen şeýle
diýýär:
“Biziň on ýylyň şahyrana önümine syýahatymyz
tamamlanyp barýar. Bulary birlaý gözden geçireniňden
soň iki sany uly sowal keserip orta çykýar:
-- Näme üçin şunça şahyr bolçulygynda şygyr
gytçylyk edýär?
-- Näme üçin bular biri-birinden saýlanyp, göz
görtele boz çynar ýaly belende galyberenokka? Ýogsam
käsiniň kitaplary diňe türkmençe däl, rus we beýleki
doganlyk halklaryň dilindede çykyp dur ahyryn?
Ozaly bilen, ýalňyz hakykaty aýdalyň – her bir
ýygyndysy çap edilen awtor hakyky şahyr däldir. Ol eseriň
awtory bolup biler. Emma, nätjek, her bir göwün şahyrlyk,
şahyrlyk titulyndan daşlaşasy gelenok. Goý, şahyram
diýeliň, emma ony, G.Ezizow aýtmyşlaýyn, “Alyhezretleri
poýeziýa” götermeýär, öz çäginden iň soňunda gysyp
çykarýar. Poýeziýanyň söýgüsi okyjy söýgüsi däldir. Oňa
özüňi aldyrmak üçin şahsyýet bolmaly. Biziň görüp geçen
şahyrlarymyzyň ençemesinde şahyrana şahsyýet ýok. Şol
ýok ýerinde uly şahyr döränok. Ýönekeýje zady ýatlalyň –
synlanan şahyrlaryň hemmesi on ikinji bäşýyllykda tas elli
308
ýaşaýar ýa-da golaýlaýar. Asyryň talabyny, poeziýanyň
tehniki, detal, model, öwrüm mümkinçiliklerini, höwes
mukdaryny, baky işlenip gelýän temalary ýadyňyza salyň!
Onsoň poýeziýa nätmeli? Ol däpleşen oňşuklylykdan
halka bir okanyňda “bolýar” diýdirýän, emme
problemasyz, boş goşgudan, içi boş tutuş kitapdan, şeýle
şahyrlardan el çekmeli. Original zehin bolmasa, rýadowoý
ukypdan, tehniki türgenlikden, gep owadanlap, setir
köpeltmekden çyn poýeziýa hiç haçan döremez”1
Görşümiz ýaly, tankytçy häzirki zaman türkmen
poýeziýasynyň çeperçilik derejesiniň örän pesdigine
gynanyp, uly zehinleriň orta çykybermeýänligine ünsüňi
çekip, poýeziýany çig-çarsylykdan, halturadan goramak
üçin problemalaýyn zady orta atýar. Elbetde, bu
problemanyň her bir adamy heýjana saljagy düşnüklidir.
Biz D.Nuralyýewiň bu düýpli makalasyna gelen
köp sanly seslenmeleri şu ýerde ýeke-ýekeden yzarlap
oturmagy maksat edinemzok. Ol ýörite mesele bolup,
geljekde işlenilmegine degişlidir. Diňe seslenip awtorlaryň
birnäçeleriniň
atlaryny
tutalyň:
O.Çaryýewa,
O.Orazberdiýewa,
K.Gurbannepesow,
Ö.Mäterow,
N.Muhammedow, Ç.Täçmyradow, M.Baýramgulyýew,
O.Baýramow, A.Hotjyýew, H.Naparow, Ç.Welbekow,
N.Hojageldiýew,
J.Orunowa,
G.Annageldiýew,
B.Kulyýew,
K.Gurbanmyradow,
A.Hojanyýazow,
Ş.Çarygulyýew, N.Muhammedow we başgalar.
Bu çekişme soňra Türkmenistan ýazyjylar
birleşiginiň giňişleýin maslahatynda ýörite jemlendi. Şol
1
Edebiýat we sungat, 1986, 5 sentýabr
309
jemlemäni ”Edebiýat we sungat” gazeti dört sahypada
berdi.1
Mundan
başga-da,
A.Nurmämmedowyň
“Magtymgulynyň edebi obrazyna käbir bellikler” diýen
makalasy örän uly gyzyklanma2 döretdi. Bu mesele hem
wagtynda
gozgalan
meseleleriň
biri
bolupdy.
A.Nurmämmedow bu düýpli pikiri şeýle delillendirip orta
atýar:
“ Soňky döwür prozamyzda Magtymgulynyň edebi
obrazyny döretmek maksady bilen az iş edilmedi. Şahyryň
250 ýyllyk ýubileýi döwründen ozalam ol hakda köp eser
ýazyldy. Edebi tankyt olar barada öz pikirini hem aýtdy.
Biz Gylyç Kulyýewiň “Magtymguly” romanyndan
/Magtymguly. /Magaryf, 1983/, Wladislaw Bahrowskiniň
“Şahyr” /Magaryf, 1983. Terjime edenler K.Taňrygulyýew
bilen N.Baýramow/, N.Baýramowyň “Magtymgulynyň
ýaşlygy” /”Örän uzaga çeken günler”, Magaryf, 1983/,
A.Nurgeldiýewiň “Kenar” /”Gaplaň çagasy”, Magaryf,
1984, O.Ýagmyrowyň “Armanly köňül” /”Armanly
köňül”,
Türkmenistan,
1934/
powestlerinden,
K.Kulyýewiň “Çagalygyň soňky güni” hekaýasyndan
/”Ýalňyz adam”, Magaryf, 1984/ söz açmakçy. Bu
eserleriň XVIII asyr türkmen durmuşynda ujypsyz bolsada, yş berendigini inkär edip bolmaz.
Gep onda däl.
Tersine, biz şahyryň öz
şygyrlarynyň ruhundan daşdüşen obrazlary döredip, halka
ähli beýik zatlaryna gyparak göz bilen seretmegi,
edebiýatyň, Magtymgulynyň mertebesini peseltmegi
ündän bolaýmalyň! Elbetde, ýazyjylar şahyryň edebi
Edebiýat we sungat, 1987, 15 aprel.
Edebiýat we sungat, 1986, 10 oktýabr.
1
2
310
obrazyna ganat bitirmegi uly maksat tutunypdyrlar. Ýöne
ol ýerine düşmese, bar azabyň reýgan... Ejirem okyjynyň
gözüniň köküni gyryp, “aňyny” gamçylaýar. Soňra ol şol
eserleri okap, şahyryň şygyrlarynyň çuňluklaryna
aralaşmakdan geçen, gaýta çapraz pikirleriň, bulaşyk
maglumatlaryň içinde ýol ýitirýär. Onsoň bialaç:
“Ýazyjylar
Magtymgulynyň
obrazyny
nädip
döredýärlerkä?” diýip, öz-özüňe sowal berýäň. Onuň düýp
sebäbine ýetmegiň müşgülligi ýok, esasy zat, şahyryň
ummanyna aralaşmak...
Bu eserlerde şahyryň barça dünýägaraýşy jem bolan
edebi obrazy-ha diýmäliň, diňe agzybirlik hakdaky
pikirleriniň düýp-teýkaryna ýetýän şahyrana ykbaly-da
ýok”1.
Tankytçy meseläni gönümel goýýar. Sowal-sowala
sepleşip, jogapsyz galýandygy makalada dogry
görkezilýär.
Edil D.Nuralyýewiň “Şahyr bolçulygynda şygyr
gytçylygy”
diýen
makalasyna
seslenilişi
ýaly,
A.Nurmämmedowyň bu makalasyna-da aktiw seslenilip
başlandy. Oňa I.Sähetmyradow, ýazyjy G.Kulyýew,
B.Hudaýnazarow, O.Çommadow we başgalaryň çykyşy
mysal bolup biler. Ýöne näme üçindir Magtymguly
baradaky çekişme uzaga çekmedi. Ol maksadyna-da
ýetmedi, jemlenmedem. Bu hili bolanda, tankyt ejir
çekýär, edebiýat ejir çekýär, özüni tankytlanýandyryn
hasap edýän awtor bolsa “rahatlanýar”, öz ýanyndan
“köşeşýär”. Gynansak-da, atly-abraýly ýazyjylar uly-uly
edaralara baryp, dessine tankydyň öňüni aljak bolýarlar.
1
Edebiýat we sungat, 1986, 10 oktýabr.
311
G.Kulyýew hem şeýle edip, “Edebiýat we sungatyň”
redaksiýasynyň badyny alypdy.
Biz islesek-islemesek-de, üýtgedip gurmak döwründe
ýene-de tankytçy D.Nuralyýewiň düýpli makalalar bilen
çykyş edendigini aýtmalydyrys. Onuň “Iri prozanyň
ownamagy”1, “Biziň ylymdaky ornumyz”2 diýen ýaly
makalalary jemgyýetçilik sarsgynyny döretdi.
“Iri prozanyň ownamagynda” tankytçy türkmen
romanynda sanyň artyp, hiliň has pese gaçandygyny öz
wagtynda dogry belledi. Ol Ç.Aşyryň “Göreş”,
T.Jumageldiýewiň “Mähek daş”, N.Baýramowyň “Sähra
ýollary”, Ý.Mämmedowyň “Çynar boý alýar”, S.Öräýewiň
“Oba oglany” ýaly romanlary esasynda türkmen
romanynyň häzirki derejesini yzrlaýar. Özem türkmen
ýazyjylarynyň roman ýazmak tejribesinde ýok bolup galan
harsallyk ugry berk tankytlaýar:
“Hemmä belli hakykaty hetjikläp durmazdan,
türkmen romanynyň ümzüginiň ileridigini, onuň taryha we
häzirki zaman temalaryna ýüzlenmek meýliniň
güýçlenendigini bir sözlemde ýaňzytmak bilen çäkleneliň.
Munuň özi tematika tarapdan roman žanrynyň asgynlyk
etmeýändigini tassyklaýar. Problemany tapmakda, ony
orta atyp bilmekde-de biziň zehinli ýazyjylarymyz
ýaýdanmaçlyk edenok...
Emma çeperçilik çözgüdi, ussatlyk, obrazlylyk,
häsiýet taýyndan okyjyny kanagatlandyrmaýan, onuň
aňynda ýer tutman, wagtyny “aparyp” gidýän romanlar
hem ýok däl. Şolary okaýarsyň-da, roman žanrynyň
taryhyna göz aýlaýarsyň, şeýle eseri ýazan ýazyjynyň
1
Nuralyýew.D Iri prozanyň ownamagy. –Edebiýat we sungat, 1986, 5 dekabr.
312
döredijilik gabarasynyň hem kiçi däldigini görýärsiň-de,
başyňy ýaýkaýarsyň: bu nähili beýle bolýar?
Ýazyjylarymyza bir gyssanmaçlyk aralaşan ýaly. Sanyň
hilden öňe geçenligi mese-mälim. Romanyň agramyny
götermeýän waşalardan, häsiýeti jemgyýetçilik-sosial
taýdan güýçsiz, ýöne ownuk-uşak, gündelik, köp derejede
gybat-gürrüňli, “sene-menelere” gümra bolup ýören
gahrymanlardan düzülen, möçberine seredeniňde, roman
diýseňem şol žanryň funksiýasyny, wezipesini ödemeýän,
umumy döredijilik prosesinden garalanda-da, öz ornuny,
awtorynyň hususy edebi praktikasy nazarda utulanda-da,
belli derejede ösüş etapyny aňlatmakdan kän bärden
gaýdýan adaty küti kitaplar çykyp başlady”1.
Awtor şeýle pikiri öňe sürýär-de, Ç.Aşyrowyň
“Göreş”, T.Jumageldiýewiň “Mähek daş”, N.Baýramowyň
“Sähra ýollary”, Ý.Mämmedowyň “Çynar boý alýar”,
S.Öräýewiň “Oba oglany” Diýen ýaly romanlarynyň
analizine geçýär. Tankytçynyň analiz usulynda örän uly
seresaplylygyň
barlygyny,
awtorlara
eserdeň
garaýandygyny öňki baplarda hem belläpdik. “Iri
prozanyň ownamagy” diýen makalasynda-da ol şol
prinsipini saklaýar. Hemişe, haýsy bolsa-da, bir düýpli
meseläni gozgaýanygy üçin, makalanyň soňunda ol diýjek
bolýan zadyny dogruçyl nygtamagy unudanok:
“Sözümiziň ahyrynda bir zady aýratyn nygtamakçy
bolýarys. Gep aýry-aýry romanda goýberilen kemçilikde
ýa-da ondaky haýsydyr bir üstünligiň tankyt tarapyndan
duýulmagynda ýa-da duýulmazlygynda däl. Mesele – bu
ýerde näme üçin iri prozanyň çeper çözgütleriniň
1
Nuralyýew.D Iri prozanyň ownamagy. –Edebiýat we sungat, 1986, 5 dekabr.
313
ownaýandygynda, onuň okyja az estetiki lezzet
berýändiginde, zerurýete öwrülen ruhy baýlygy berip
bilmeýänliginde. Biz ýazyja nähili ýazmalydygyny
öwredip bilmeris, emma onuň eseriniň nä derejede
gerekligini ýa-da asla gerek däldigini aýdyp bileris. Şeýle
bolan halatynda tankydy bellikler awtorlaryň çetine degsede, olaryň nähili äheňde aýdylýandygyna-da aň ýetirmek
gerekmikä diýýäris. Çünki çeper tankydyň uly
sungatdygyny bilmek aňsadam bolsa, şony döretmek ýa-da
ona düşünmek köpümize başardanok. Ol hemişe yrsaraýan
“girrik” žanr däldir. Aýratyn awtoryň “näzini” çekmäge-hä
ol asla borçly däldir. Emma döredijilik prosesindäki köp
ýazyjylaryň gözüni perdeläp biläýjek nogsanlyklary welin
görmäge we olardan ägä bolmaga çagyrmaga borçludyr.
Ine, iri prozanyň ownamak howpy baradaky aladalarymyz
hem şonuň üçindir...”1
Tankytçy diýjek bolýan esasy pikirini sözleriň aşagyny
çyzyp, nygtap-nygtap ýazýar. Beýle edilmegi aç-açan
gürrüňçilige ýazyjylary, tankytçylary, ýönekeý okyjylary
çagyryp, jedele girişmeklige ýol açyk diýen meýil bolup
ýaňlanýar. Şonuň üçin Ş.Halmuhammedowyň “Uly
gürrüňe goşulyp...” diýen seslenmesi çykdy. Ol tankytçy
bilen köp meselede ylalaşsa-da, T.Jumageldiýewiň
“Mähek daş” romanyna berýän bahasy bilen
razylaşmaýandygyny aýdýar. Şeýle gowy hem peýdaly
çekişme yzly-yzyna gidiberse, oňat bolardy welin, ol
haýsydyr bir güýç bilen ýatyryldy. Edil Magtymguly
baradaky çekişme ýaly ol hem ahyryna çenli alnyp
barylmady.
1
Nuralyýew.D Iri prozanyň ownamagy. –Edebiýat we sungat, 1986, 5 dekabr.
314
Biz özgerdiş döwrüniň tankydynda iki tankytçynyň örän
aktiw işländigini, şol depginlerini olaryň dowam
edýändiklerini bellemekçi bolýarys. Olar filologiýa
ylymlarynyň doktorlary D.Nuralyýew bilen J.Allakowdyr.
D.Nuralyýew “Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy”, “Iri
prozanyň
ownamagy”
ýaly
sarsgyn
döredýän
makalalaryny ýazmagyny dowam etdirdi. Şol makalalarda
onlarça düýpli pikirleriň orta atylandygyny aýtmak gerek.
Ony
Ş.Halmuhammedow
ýokarky
makalasynda
A.Muhammedowa hem “Aýgözel döwrebap obrazdyr”1
diýen seslenmesinde dogry belläpdirler. Tejribeli tankytçy
“Biziň ylymdaky ornumyz”2 diýen makalasynda hem
ylmyň çuňlugyna tarap gidip, aç-açan gürrüň edýär. Bu
ýerde ol respublikada onlarça, ýüzlerçe ylymlaryň
kondidatlary bar bolsa-da, tutuş edebiýaty öwreniş
ylmynyň köşigini bäş-alty adamyň çekýändigini dogry
ýazýar:
“Üýtgedip gurmak, çaltlyk stradegiýasy, adam
faktory jemgyýetimiziň ylmy-tehniki progresini öňe alyp
barýan esasy kriteriler bolmak bilen bir hatarda, munuň
özi
gös-göni
kadrlar
syýasatynyň
ösdürilmegi,
kämilleşdirilmegi, olaryň işjeňliginiň, jemgyýetçilik we
ylmy-tehniki hem önümçilik netijeliliginiň artdyrylmagy
bilen-de üznüksiz baglanyşyklydyr. Hemme meselede yz
goýan durgunlyk, arkaýynlyk, süýrenjeňlik jemgyýetçilik
ylymlarynyň ähli formasyna, şol sanda edebiýaty öwreniş
ylmyna, birinji nobatda doganlyk halklarda-da onuň ösüş
Muhammedow A. Aýgözel döwrebap obrazdyr. Şol ýerde.
Nuralyýew D. Biziň ylymdaky ornumyz. –Edebiýat we sungat, 1987, 3 aprel.
1
2
315
derejesine otrisatel täsir etdi. Muny türkmen edebiýatyny
öwreniş ylmynyň häzirki ýagdaýy has açyk görkezýär...” 1
Meseläni kesgitli goýandan soň, D.Nuralyýew
edebiýatymyzy öwreniş ylmynyň ýetmiş ýyllyk ýoluna
göz aýlaýar. Awtor jany ýangynlylyk bilen ylymda dowam
edýän inersiýany tankyt edýär:
“Biz köplenç haýsy obýekte ýapyşsak, ony arşa
çykarjak bolup kösenýäris. Onsoň pes, ortaça, uly zehinli
şahyr, ýazyjy des-deň bolýar duruberýär. Hatda,
kähalatlarda ulular yza, kiçiler öňe geçibem barýar. Eger
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.