Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11

Total number of words is 3260
Total number of unique words is 1788
26.4 of words are in the 2000 most common words
39.5 of words are in the 5000 most common words
45.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýagdaýy şeýle suratlandyrmak şol döwrüň prozasyna tipli
ýagdaýdy. „Mähri-Wepada-da“ Wepa bilen Morozow
munuň mysalydyr. Ýa-da „Gurban Durdy-da“ Gurban
Durdy, Boçarow we Weliýew şoňa mysal bolup biler.
Tankytçy
Ata
Gowşudowyň
„Köpetdagyň
eteginde“ romany barada-da deregli bellikler aýdýar.
Romanyň temasynyň döwri üçin iň aktual temalaryň biri
bolanlygy
ikuçsyzdyr.
Ideýasynyň
sagdynlygy,
kompozisiýasynyň baglanyşygy ýazyjynyň tejribesiniň
ýeterlikdigini aňladýar. Sýužetiniň biri-birine utgaşyp
gelşi, eseriň esasy ideýasy, ýagny obada zyýanly
elementlere garşy alnyp barylýan göreş, kolhozçylaryň aňbilim düşünjesiniň we durmuşynyň ösüşi, medeniýetiniň
üstünlikleri, oba hojalygyna agrotehnikanyň ornaşdyrylyşy
we döwrüniň beýleki iň ähmiýetli problemalarynyň
gozgalýandygy barada deregli gürrüň edilýär.
Romandaky waka uruşdan soňky döwri öz içine
alýar. Baş gahryman – Hoşgeldi uruşdan hem öň, okuw
diýip, obadan gaýdýar, okuwyny tamamlaýar, uruşda
bolýar, 6-7 ýyldan soň obalaryna dolanyp gelýär. Ýokary
bilimli tejribeli agronom bolup, sowadyna çykyp gelen
Hoşgeldi obalarynyň öňki ýagdaýynda ýegşerilip
188
oturanyna geň galýar. Kolhozçylaryň ýaşaýşynyň, medeni
derejesiniň pesdigi, olaryň birnäçesiniň aňynda geçmişiň
zyýanly garyndylarynyň entek saklanyp galandygy, oba
hojalyk ekinlerinde hasyl alynýanlygy we başgalar gujurgaýratly, tejribeli alyma ýokuş degýär.
Baş gahryman el zähmetini ýeňilleşdirmek, maşyn
güýjünden peýdalanmak, oba hojalygyna möhüm
täzelikler, uly özgerşlikler girizmek aladasy bilen ýaşaýar.
Hoşgeldi komsomol ýaşlary-da öz tarapyna çekip, alynýan
hasylyň netijeliligini gazanmak, kolhoz hojalygyny
gurplandyrmak, obanyň keşbini üýtgetmek, medeniýetini
ösdürmek ugrunda güýjüni gaýgyrmazdan jan çekýär.
Ýazyjynyň bu fantaziýasy indi-indiler durmuşa
geçýär. Bu onuň öňden görüjiligini subut edýän, hakyky
terbiýeleýjilik häsiýeti güýçli çeper eserdir. Şuňa ylmy
häsiýetli diýseň hem öte geçildigi bolmasa gerek. Kolhoz
obasynyň geljekde nähili bolmalydygy, adamlaryň
agzybirlikli çeken zähmetiniň nähili eşrete eltjekdigi
ýazylyp görkezilýär. Okyjyda joşgunly zähmete höwes
döredýär.
Ýazyjynyň döredijilik usulynda realizm bilen
progressiw romantizmi ussatlyk bilen utgaşdyryp
ulanandygyny romanyň esasy aýratynlygyndan biri
hasabynda aýratyn belläp geçmelidiris.
Roman medeniýeti ýokary götermegiň adamzadyň
ýaşaýyş şertleriniň gowlanmagyna eltjekdigi, hemmämiziň
ýokary medeniýetli bolmagymyzyň jemgyýetiň öňe
gitmegine itergi boljakdygyny ündeýär. Şu üstünlikleri
amala aşyrmakda päsgel berýän köne pikirli tipleriň,
zyýankeşleriň garşysyna göreşmegi öwredýär. Ýazyjy
önümçilik konfliktini ussatlyk bilen gurmany başarýar.
189
Tankytçy makalasynda ýazyjynyň şu üstünlikleri
barada düýpli gürrüň edýär. Köne bilen täzäniň
çaknyşygyny, könäniň zyýanyny, täzelikçiligiň bähbidini,
Hoşgeldi, Pökgen,
Ýolly Zamanyň obrazlarynyň
beýanynda açyp görkezýär. Pökgeniň häsiýetiniň
gowşakdygyndan,
ýaranjaňlygy,
öwgini
gowy
görýänliginden peýdalanýan, hilegär, azgyn Ýolly
Zamanyň ony ýoldan çykaryşy Hoşgeldä garşy goýşy, öz
şahsy bähbidine kowalaşyp, her hili hilegärlikden
gaýtman, iliň gözünden düşüşi mysallaryň esasynda
düşündirilýär. Ata Gowşudowyň Ýolly Zamanyň obrazyny
satiriki tipleşdirendigini nygtanda-da, alym mamladyr.
Makalada zyýanly tipleriň gizlinlik bilen hereket
edýändikleri, olary tapmagyň, hakyky ýüzüni açyp
görkezmegiň aňsat däldigi, satiraçynyň ösüş kanunlaryny,
durmuşy düýpli öwrenip, ösüşi bökdeýän şeýle tipleri
tapyp paş etmegi başarmalydygy nygtalýar. Ýollynyň
hilegärliginiň durmuşdaky tipli wakalara, ýagdaýlara doly
bap gelýän hereketlerdigi ýerlikli bellenýär. Şonuň üstüni
açmagyň Hoşgeldä, Çary aga, Öweze we beýlekilere ýeňil
düşmändigi mysallaryň üsti bilen düşündirilýär. Şonuň
netijesinde könäniň, gün geldigiçe, ösüp barýan täzäniň
garşysyna alyp barýan göreşiniň dogruçyl we täsirli
suratlandyrylmagynyň eseriň terbiýeleýjilik ähmiýetini
güýçlendirýändigi, hüşgär bolmaklygy ündeýändigi dogry
kesgitlenilýär.
Ýollynyň arkasynda durýan şäherdäki pikirdeşleriniň, açylman galmagynyň ynandyryjy çykandygyny,
durmuş hakykatyndan ugur alynandygyny, beýle
ýagdaýyň okyjyny ýiti gözli bolmaklyga, hüşgärlige
çagyrýanlygy hem gogry görkezilipdir.
190
A. Kerimow romanyň ähmiýetini, onuň ideýa
sagdynlygyny gysgadan-dogry kesgitläp, şeýle diýýär:
„Köpetdagyň
eteginde“
romanynda
çeper
şekillendirilen bag-bakjalarda-da, ýaýrap ýatan giň ekin
meýdanlarynda-da, ymgyr çöldäki fermalarda-da möwç
urup joşýan täzelik aňýar. Täze, päk sosialistik moral
kolhozçylaryň durmuşyna, söýgä täze-täze zähmet
ýeňişlerine atarýar. Azat söýgi, mähirli dostluk duýgusy
jemgyýetçilik işi bilen, döwletiň, halkyň bähbidi bilen
mäkäm baglylykda belent dabaralanýar“.
„Köpetdagyň eteginde“ romanyna tankytçynyň
garaýşyna doly geçmezimizden öň, ozaly bilen, şol
romanyň temasy hakda durulsa, gowy bolardy. Ol haýsy
temany gozgaýar? Oňa „taryhy, taryhy-rewolýusion“ ýada „harby-watançylyk, häzirki zaman romany“ diýmek
dogry bolarmy?
Elbetde, ol häzirki zaman temasyna degişli türkmen
romanydyr. Muňa A.Kerimowyň: „Köpetdagyň eteginde“
romanynyň
temasy
türkmen
zähmetkeşleriniň,
kolhozçylaryň häzirki durmuşyndan alnypdyr“ diýen
sözleri-de güwä geçýär.
Şu pikiri T.Durdyýew hem tassyklap, takmynan
A.Kerimowy gaýtalap, şeýle ýazýar:
„Kolhoz obasynyň uruşdan soňky keşbi, oba
adamlarynyň
joşgunly
zähmeti
türkmen
sowet
edebiýatynda esasan goşgularda, oçerklerde, hekaýa we
powesterde öz beýanyny tapan hem bolsa, bu döwürde
ýazylan monumental eserleriň örän azdygyny belläp
geçmek gerek. Görnükli türkmen sowet ýazyjysy
A.Gowşudowyň „Köpetdagyň eteginde“ diýen romany bu
191
temada ýazylan ilkinji uly proza eserleriniň biri boldy“
/T.Durdyýew. 140-141-nji sah./
Ýene bir zady açyk aýtmak gerek. „Köpetdagyň
eteginde“ romany çapdan çykanda, ol häzirki zaman
temasyndan döredilen ýeke-täk, ilkinji romandy, asla
„ilkinji uly proza eserleriniň biri“ däldi. Beýle baha
A.Gowşudowy kemsitmeklik bolýar.
„Köpetdagyň eteginde“ romanynda Ata Gowşudow
ençeme personažyň gylyk-häsiýetini, önümçilikdäki iş
prosesiniň we tebigatyň gözellikleriniň ussatlyk bilen
çekilen çeper nusgalaryny döretdi“1 diýip, çykaran netijesi
roman barada berlen adalatly bahadyr.
Ata Kerimow romanyň kemçiligi barada-da
obýektiw pikir ýöredýär. Ol obrazlardaky käbir
ýetmezçiligi kesgitlände, jüpüne düşýän pikirler aýdýar.
Şondaky kemçiliklerden iň esasylary hökmünde
Hoşgeldiniň, oba gelmänkä, partiýa guramasynyň,
komsomol ýaşlaryň, kolhozçylaryň arasynda alyp barýan
agitasiýa-köpçülik işleriniň görünmeýänligi, onuň tejribe
işlerini kakasynyň darajyk mellek ýerinde geçirmegi,
şahsy durmuşunyň, Bahar bilen aragatnaşygynyň ýüzleý
suratlandyrylmagy hakdadyr. Onsoň hem, Ýollynyň bet
maksatlarynyň üsti açylandan soň, eseriň ahyryna çenli
Pökgeniň
düzelip,
işde
özüni
görkezenliginiň
suratlandyrylmazlygy, Baharyň institutda okan döwrüniň
ýüzleý beýan edilendigi, hatda onuň haýsy fakulteti
gutarandygynyň-da aýdyňlaşmazlygy romanyň uly
kemçiligi hökmünde dogry görkezilipdir.
1
“Sowet edebiýaty” 1953 ý. 132 s.
192
Tankytçy romanyň ideýa-çeperçilik we terbiýeleýjilik
ähmiýetiniň güýçli bolandygyny dogry kesgitleýär.
Umuman, Ata Gowşudowyň haýsy eserine baha
berlende-de, tankyt we edebiýaty öwreniş ylmy bir
möhüm problemany gozgaman gelýär. Ol hem –
A.Gowşudowyň döredijiliginde taryhylyk prinsipi. Siz
„Juma“ piýesasyny alsaňyz, onuň aslynda real-taryhy
wakanyň ýatandygyny görersiňiz. Akademik P.Azymow
„Ömür menzilleri“ atly kitabynda, ony ýatlap, şeýle ýazdy:
„Baý-işanlaryň garşysyna bagtly, azat durmuş
ugrunda gaýduwsyz göreş alyp baran gyzyl keltekliler
/gyzyl taýaklylar/ otrýadynyň aktiw agzasy Ýagmyr batrak
wagşylyk bilen öldürildi. Bu wak belli ýazyjymyz Ata
Gowşudowyň „Juma“ pýesasynda çeper beýan edilýär.
Arman, Ýagmyr batraga ildeşleriniň şu günki bagtly,
şatlykly, medeniýetli bolelin durmuşyny görmeklik
miýesser etmedi! /P.Azymow. „Ömür mebzilleri“.
Aşgabat, „Türkmenistan“, 1985, 15-nji s./
Indi „Sowet edebiýaty“ žurnalynyň 1987-nji
ýyldaky 10-12-nji sanlarynda çykan „Perman“, uruş
ýyllarynda çykan „Mähri Wepa“ we ellinji ýyllaryň
başynda çykan „Köpetdagyň eteginde“ romanlary-da
taryhylyk prinsipine ýugrulypdy. Eýsem-de bolsa, bu
möhüm mesele edebiýaty öwreniş ylmynyň hem, edebiýat
tankydynyň hem ünsünden sowa geçdi.
Ýokarda agzalan düýpli makalasynda A. Kerimow
ýazyjynyň „Azaşan yzyny tapdy“, „Garaja aga“
hekaýalarynyň, „Dordepel“ powestiniň derňewinde-de bu
eserlere mahsus bolan aýratynlygyň üstüni açyp, deregli
gürrüň edýär. Wakalaryň täsirli we çeper suratlandyrylandygyny belleýär. Halkyň geçmişde başyndan
193
geçiren agyr günleri, sowet häkimýeti ýyllary içinde ösen
derejesi, üstünlikli suratlandyrylanda, ýazyjynyň orta
atýan pikirini ynandyryjy delillendirendigi barada giňden
durulýar. Onuň eserleriniň çeper, milli formada
ýazylanlygy, halk diliniň baýlygyndan peýdalanylandygy,
sözleri ýerlikli ulanylandygy, gahrymanlaryň dilini
indiwiduallaşdyrmaklyga ussatlygy barada-da düýpli
gürrüň edilýär. Ýazyjyň çeper eserlerinde nakyllary, atalar
sözüni, halk arasynda meşhur bolan diliň çeperçilik
serişdelerini başarjaňlyk bilen ulanandygy eserleriniň
çeper analizinde açylýar. Onuň gahrymanlarynyň
döwrüniň durmuş şertlerine, jemgyýetde tutýan orunlaryň
mahsus dilde gepledilýändigi ýazyjynyň utuşly tarapy
hökmünde dogry bellenýär, mysallar bilen düşündirilýär.
Ata Gowşudowyň peýzažy suratlandyrmakda-da ony
esrdäki wakalar bilen baglap berýändigi, gahrymanlarynyň
düşen ýagdaýlaryna kybapdaş peýzaž janlandyrýandygy
mysallaryň esasynda açylýar.
Bu işde Ata Gowşudowyň döredijiliginiň çeperçilik
aýratynlygy halkyň söýgüsini gazanýanlygy häzirki
günde-de ol eserleriň ähmiýetini gaçyrmaýanlygy, ondan
hemişe-de öwrenere zat tapylýanlygy barada degerli pikir
ýöredilýär. Her bir esere obýektiw baha berilýär.
Tankytçynyň tankyda gelen döwründe professional
tankytçylaryň-da aýyl-saýyl bolup, kämilleşen döwrüne
gabat gelýär. Şu döwrüň tankytçylary gaty batyrgaýlyk
bilen ýüz görmezden çykyş edýärler. Kim we nähili
ýazyjydygyna garamazdan, hoşniýetli tankydy bellikler
aýdýar. Şol bellikleriň köpüsi-de obýektiw. Ýazyjylaryňda, tankytçylaryň-da nägileligi duýulmaýar. Käbir
halatlarda bir taraplylyk duýlup, ýazyjynyň şahsyýetine dil
194
ýetirip, öz şahsy kinelerini tankyt üsti bilen bildirmeklik
ýaly hadysalar-da bolupdyr. Ýöne dörediji adamlar, oňa
baş galdyrman, döredijilikleriniň üstünde işlemeklerini
dowam etdiripdirler. Bu bolsa olaryň ýokary
medeniýetliliginiň, paýhaslylygynyň alamaty bolup
durýar. Şu döwrüň tankydynyň mazmunyna üns
bereniňde, edebi proses bilen ugurdaşyrak gidendigini
aýtmak bolar. Elbetde, edebiýatyň dürli problemalary,
hemme edebi eserler tankydyň obýekti bolmadyk hem
bolsa, halkyň ürç edip okan eserleri barada makalalardyr
synlar ýazylypdyr disek, ýalňyşmasak gerek. Şol döwrüň
edebi eserlerinde durmuşyň ýumarlanyp, edebi
gahrymanlaryň ideallaşdyrylyp görkezilendigini bellemek
zerur. Bu döwür edebi prosese „konfliktsizlik teoriýasyny“
aralaşan zamany bolýar.
Şu ýagdaýyň ähliumumy Soýuz edebiýatyndaky
„keseldigini“ ozal aýdypdyk.
A.Gowşudowyň
ussatlyk
derejesine
çykan
mahalynda, beýleki ýazyjylaryň ençemesi onuň ýaly
realistik eser döredip bilmändiler. Indi bu ýagdaýyň özi
taryhy alyslykdan has mälim görünýär.
Döwrüň prozasy barada söz açylanda, esasan, Ata
Gowşudowyň
„Köpetdagyň
eteginde“,
Berdi
Kerbabaýewiň
„Aýsoltan“,
Beki
Seýtäkowyň
„Moskwanyň ýalkymy“ diýen eserleriň derňewinde gürrüň
edilýär.
B.Kerbabaýewiň
„Aýsoltan“
powestiniň
derňewinde ýazyjynyň uruşdan soňky kolhoz gurluşygyny
suratlandyrmakdaky ussatlygy barada giňden gürrüň
edilýär. Sosialistik kolhoz obasynyň gün-günden ösüşi,
kolhozçylaryň zähmete höwesi, gün-güzeranlarynyň
195
gowlanýandygy, asylly maksatlary, ýagny parahatçylyk
ugrundaky göreşleri suratlandyrylýar. Eseriň personažlary
Aýsoltan, Begenç we beýlekileriň döwletiň baýlygyny,
güýç-kuwwatyny artdyrmak ugrundaky asylly zähmeti
suratlandyrylýar.
Amerikan-iňlis
jeňparazlarynyň
betpälligini paş etmek, urşuň öňüni almak ugrundaky
göreşleri öz beýanyny tapýar. Tankytçy bu barada giňden
durup analiz berýär. Aýsoltanyň obrazynyň beýleki aýalgyzlardan aýratyn özboluşlylygy, kommunistik partiýa
tarapyndan terbiýelenen ýaş nesliň täze tipiniň
döredilendigi, onuň içki dünýäsiniň giňligi, düşünjeliligi,
zähmete, jemgyýete öz ýoldaşlaryna bolan arassa
gatnaşygynyň açylyşy bilen tapawutlanýandygy nygtalýar.
Awtor eseriň kemçiliginiň gapdaldan hem göz ýumup
geçmeýär. Tankytçynyň eserde köpçüligiň, Aýsoltany
ösdürip ýetişdiren kollektiwiň döredijilikli zähmetiniň gaty
ýüzleý suratlandyrylýandygy, komsomol guramasynyň
sekretary Begenjiň, partiýa guramasynyň sekretary
Çarynyň obrazynyň ýeterlik işlenilmändigi hakdaky belligi
ýerlikli. Eseriň hataly tarapyna awtor azrak üns beripdir.
Aýsoltanyň obrazynyň ýaş ösdürümlere görelde bolarlyk
suratlandyrylýandygyny bellände, makalanyň awtory
mamladyr.
M.D.Annagurdow B.Kerbabaýewiň „Aýsoltan“
powestine „Aýsoltan“ powesti hakynda“ ady bilen ýazan
synynda, Ata Kerimowa görä, has düýpli derňäpdir.
Annagyň obrazyndaky kemçiligi açanda, tankytçy onuň
işe ýüzleý garaýan adama meňzeýänligi, hereketleriniň
ýasamalygy, gürlegenligi barada dogry belleýär. Munuň
daşky sypatynyň ýüzleý suratlandyrylanlygynyň iliň
berýän häsiýetlendirmesi esasynda ýazylandygyny, onuň
196
obrazyny hereketinde, işinde görüp bolmaýanlygyny
bellände, awtoryň pikirini makullaýarsyň. Annagy işeňňir,
janypkeş, galjaňrak, gyzma, şonuň bilen birlikde ukyply
ýolbaşçy derejesine ýetirjek bolandygyny, onuň hem
hötdesinden gelip bilmänligini, obrazyň otrisatel
häsiýetiniň agdyk çykanlygyny dogry belleýär. Kolhozyň
partiýa guramasynyň sekretary Çarynyň, komsomol
guramasynyň
sekretary
Begenjiň
obrazlarynyň
ýasamalygy, janly hereketde görkezilmänligi, edýän
işleriniň görünmeýänligi
baradaky pikiri Ata
Kerimowyňky bilen ugurdaş gidýär. Awtor Aýsoltanyň
obrazynda-da ýasamalygyň duýulýandygy barada degerli
mysallaryň esasynda pikirini delillendirýär. Powestiň oňat
taraplarydyr bärden gaýdýan ýerleri ýüze görmezden
jikme-jik açylýar.
M.Annagurdow şeýle gowşaklygyň, Soýuz
möçberinde kemala gelen ýagdaý bilen baglydygyny
belläp geçen bolsa, ýerlikli bolardy.
A.Kerimowyň makalasynda Beki Seýtäkowyň
uruşdan soňky döwürde ýazan proza eserleriniň
derňewinde-de oňat pikir ýörediýär. Ýazyjynyň eserleriniň
gahrymanlarynyň
oba
ýaşlarynyň
durmuşyndan
alynanlygy, biziň günlerimiziň öňde baryjy adamlaryny
suratlandyranlygy, köne bilen täzäniň arasyndaky
çaknyşygyň açylanlygy nygtalypdyr. Ýazyjynyň şowly
çykan hekaýalary barada-da az-kem gürrüň edilýär. Şol
hekaýalarda personažlaryň häsiýetleri, geçmişiň zyýanly
galyndylaryna garşy göreşde täze düşünjäniň ösüşinde
aýan bolýandygy ýerlikli bellenilýär. Häsiýetleriň
çaknyşyklaryny suratlandyranda, ýazyjynyň durmuşa
synçylygynyň kemterlik edýänligi, konfliktiň ýitileşip
197
gidibermeýänligi, durmuş hakykatynyň ýoýulýanlygy
barada gürrüň edilende, dogry pikir ýöredilýär. Ýazyjynyň
uruşdan soňky parahatçylyk döwründe döreden eserleri
barada edebiýat taryhyny derňeýän alym şeýle ýazýar:
„B.Seýtäkowyň hekaýalaryndaky bu kemçilikler
onuň powestlerinde ylaýta-da açyk ýüze çykýar.
Ýazyjynyň „Moskwanyň ýalkymy“ atly powestindäki
şowsuzlygyň esasy sebäbi hem şoldur. Ýazyjy biziň
günlerimiziň položitel gahrymanlarynyň obrazyny, ozaly
bilen, powestiň baş gahrymany Täzegülüň obrazynyň üsti
bilen bermekçi bolýar, emma Täzegülüň obrazy položitel
gahrymandan edilýän esasy talaby – onuň, ozaly bilen,
göreşiji bolmalydygyny, göreşde bişişmelidigini we
terbiýelenmelidigini, onuň häsiýetiniň päsgelçiliklere
garşy göreş prosesinde kemala gelmeligini ödemeýär.
Täzegül dabaraly ýöriş edýän ýaly bolup çykypdyr.
Hemmeler oňa guwanýarlar, hemmeler oňa boýun
egýärler. Täzegül düýpli bir zady hem ýeňip geçmeli
bolmaýar. Ol göreşmeli bolmaýar, öz pozisiýalaryny we
belent ideýalaryny goramaly bolmaýar. Aslynda ol
pozisiýalar we ideýalar diňe dekleratiw formada berlipdir,
olar gahrymanyň häsiýetinden, onuň dünýägaraýşyndan
gelip çykmaýarlar.
Bu kemçilikler – konfliktsizlik, hakykaty timarlap
görkezmäge, garşylyklary ýuwmarlamaga ymtylmaklyk,
B.Seýtäkowyň beýleki powestlerinde-de bar“1.
Rus okyjylary Ýu. Permýak bilen A.Belýanikow
ikisiniň „Безжизненные страницы“ /“Туркменская
искра“, 1954-nji ýyl, 28-nji awgust/ ady bilen ýazyjynyň
Türkmen sowet edebiýatynyň taryhy boýunça oçerk. Birinji bölüm.Aşgabat.
TSSR YA-nyň neşirýaty. 1958. 216 s.
1
198
şu powestine ýazan synynda hem eseriň kemçilikleri
ýerlikli bellenýär. Tankytçylaryň ýazyjynyň kolhoz
obasynyň durmuşynyň, oba zähmetkeşleriniň häsiýetini
düýpli öwrenmändigi, eseriň esasy kemçilikleri hakyndaky
esasan hem, Täzegülüň obrazynyň çig-çarsylygy baradaky
pikiri mamla. Hemme inisiatiwany başlaýanam şol, bar işi
edýänem şol, hemmeler oňa gulak asýar, bar adamynyň
dilinde – Täzegül. Ol ideal gahryman derejesine ýetirilýär
diýilip edilýän bellik – dogry. Eserde konflikt döretmek
üçin Gurban Baýramowyň obrazynyň getirilip, oňa
otrisatel häsiýet berjek bolup jan çekilendigi, onuň
ýasamalyga baryp ýetenligi ýatlanda, hakykatdan ugur
alynýar. Raýkomyň sekretarynyň-da, kolhozyň tejribeli
başlygynyň-da eserde hiç hili rolunyň duýulmaýanlygy,
ýazyjynyň öz islegi boýunça gahrymanlary herekete
getirýänligi sebäpli eseriň ynandyryjylygynyň gowşaýandygy dogry kesgitlenilýär. Ýazyjynyň bu eseriniň
„konfliktsiz
taglymatyna“
eýerilip
ýazylanlygy,
gahrymanlarynyň ýazyjynyň islegine tabyn edilendigi
baradaky pikir bilen ylalaşýarys. Umuman, makalada bu
eser barada obýektiw gürrüň edilýär.
Ata Kerimowyň şu eser baradaky tankydy
belliginiň esere edilen beýleki tankydy bellikler bilen
ugurdaş bolanlygyny bellemek gerek.
Ata Kerimowyň tankytçylyk döredijiligi ýeke-täk
žanra, aýratyn bir ýazyjynyň döredijiligine gönükdirilipdir
diýip aýtmak ýalňyşlyk bolardy. Emma şolaryň hemmeside örän kyn, çylşyrymly döwrüň önümi bolupdy. Eger ol
B.Seýtäkowyň prozasynyň ýetmez ýerini aýdýan bolsa,
garaz şolar Ö.Abdyllaýew, B.Şamyradow tarapyndan hem
başgaçarak bir görnüşde bellenilýärdi. Çünki olar prozada
199
işçiniň /Ö.Abdyllaýew/, kolhozçynyň /B.Şamyradow/
obrazyny
yzarlaýardylar.
Bular
monografiýada,
A.Kerimowda olar tezis-bölekleýin halda peýda bolupdy.
Emma tankydy bellik babatda ol başgalardan öňräk
aýtmaga ýetirişipdi. Bu tankydyň aktiwligidi.
Tankytçy G.Gurbansähedowyň şu ýyllardaky
döredijilik aýratynlygynyň häsiýetli taraplaryny açmaga
synanyşýar. Ýazyjynyň „Gar“, „Mirabyň düýşi“ we
beýleki hekaýalardyr powestleri barada mysallaryň
esasynda gürrüň edip, bu eserlerde ýiti we tolgundyryjy
konfliktiň ösmegi, onuň dogry çözülmegi üçin degerli
ýagdaýy döredip bilmänligi, satiriki umumylaşdyrmagyň
ýeterlik belentlige çykmagy başarmanlygy, möhüm
temany işlemäge synanyşyp, ony ýiti çözmegiň
hötdesinden gelmänligi barada degerli bellik edýär.
A.Kerimow uruşdan soňky ýyllarda çeper
prozanyň, roman, powest ýaly žanrlary ösen-de bolsa,
çeper publisistika, hekaýa, oçerk, žanrlarynyň ösüşinde
göze görnüp duran täzeligiň ýoklugyny nygtanynda
mamladyr.
Türkmen edebi tankydynyň tutuş taryhyny nazara
alsaň, A.Kerimow ony, özünden öňkülere garanyňda, ony
bir ädim öňe sürmegi başardy. Mysal üçin, Oraz
Täçnazarowyň otuzynjy ýyllardaky tankydynda gödeklik,
ýowuzlyk, hut ýok edijilik äheňi bardy. Biz ony
B.Kerbabaýewe, G.Burunowa edilen tankytdan görýäris.1
Emma A.Kerimow türkmen tankydynyň žanr
mümkinçiligini artdyrdy. Ol hem, esasan, B.Kerbabaýewe,
A.Gowşudowa üns beren hem bolsa, şahyr A.Salyhy-da,
Kekilow A., Rejebow R., Jumaýew K. Türkmenistanda tankydy pikiriň
döreýşi hem ösüşi. /Gysgaça oçerk/-Aşgabat. “Ylym”, 1969. -158 s.
1
200
dramaturglar G.Seýitliýew bilen G.Muhtarowy-da gözden
salmady. Onsoňam, A.Kerimow rus-türkmen gatnaşygyna,
satira, romana çuň üns berip, yzynda öz şägirtlerini
goýmagy başardy. Onuň başlan işini rus-türkmen edebi
gatnaşygynda – A.Myradow, satirada – K.Salyh, roman
problemasyny işlemekde K.Jumaýew, T.Durdyýew,
K.Salyh,
M.Gurbansähedow
ýaly
professional
edebiýatçylar uly işleri bitirdiler. Munuň özi gysga
ömründe A.Kerimowyň bahasyna ýetip bolmajak
hyzmatydyr.
Ata Kerimow bilen bir wagtda edebi tankytda
mynasyp yz galdyran, özem ýaşuly tankytçy, pedagog
alym hökmünde giňden tanalýan Mämmetdurdy
Annagurdowyň iş tejribesinde B. Kerbabaýew we H.
Derýaýewiň döredijiligi iňňän uly rol oýnady. Ellinji
ýyllaryň ortalarynda, altmyşynjy ýyllaryň başlarynda ol
tankytçy hem neşirýat ugrunyň jogapkär işgäri bolansoň,
bu iki ýaşuly ýazyja örän ýakyndan kömek eden
adamlaryň biri bolupdy. Özi ýüz görmezek, dogruçyl,
prinsipial alym tankytçy bolany üçin, onuň 50-60-njy
ýyllaryň tankydynda düýpli yz goýandygyny “Çeper
eserler nähili döreýär” diýen ýatlama kitaby arkaly
kesgitlemek bolýar. Emma şol kitaba geçmezimizden öň
M.Annagurdowyň tankytdaky orny barada beýleki kitapda
az durandygyny, munuň adalatsyzdygyny aýtmagymyz
gerek. Mysal üçin, M.Gurbansähedowyň “Türkmen
romanynyň kemala gelmegi” diýen doktorlyk işinde
M.Annagurdow ýekeje ýerde agzalýar:
“Edebiýatymyzyň kerwenbaşysy B.Kerbabaýewiň
şu günki günde türkmen prozasynyň täji derejesine çenli
göterilen “Aýgytly ädim” romanynyň döreýiş prosesini
201
ýatlap göreliň. Edebi faktlaryň güwä geçişi ýaly, ol roman
ilki başda okyjylar köpçüligi tarapyndan şu günki
derejesinde gyzgyn garşylanmandyr. Eseriň birinji
wariantynda durmuş hakykatynyň ýoýulýan pursatlary,
onuň baş gahrymany Artygyň obrazynyň birsydyrgynlygy,
ýüzmekligi ýaly uly nogsanlygyň bolandygyny edebi
tankyt dogry belläpdir. Şeýle adyl bellikleri ýazyjynyň
özü-de unandyr”.1
Şol adyl bellik kime degişlikä? Ony biz diňe
kitabyň ahyrynda, peýdalanylan edebiýatda görýäris. Ol
M.Annagurdowyň “Aýgytly ädim” romany” /”Sowet
edebiýaty”, 1951. № 4/ diýen makalasyna berlen baha.
M.Annagurdowyň ady J.Allakowyň “Türkmen
edebi tankydynyň” diýen okuw gollanmasynda-da /75, 76,
94, 96-njy sahypalar/ getirilýär. Emma az getirilse-de,
M.Gurbansähedow hem, J.Allakow hem M.Annagurdowa
tankytçy hökmünde stil aýratynlygy açylanok. Öňki
barlagçylaryň biri-de beýle meseläni öz öňlerinde
goýmandyrlar. Gowy zady, awtoryň özi kömege geldi.
“Çeper eserler nähili döreýär” atly kitabynda ol döwrüň
ruhuny, özüniň “Aýgytly ädime” garaýşyny oňat mälim
edýär. Ol romany nähili okaýşyny, özünde nähili täsir
galdyrylyşyny, kemçiliklerini açyk ýazýar
“Roman muňa uly täsir etdi... Elbetde, roman
kemçiliklerdenem halas däldi. Olaryň has düýplileri aýryaýry gahrymanlaryň obrazlarynyň ýeterlik işlenilmänliginden, awtoryň käbir taryhy wakalary göwnejaý
aýdyňlaşdyryp bilmänliginden, olara gatnaşýan sosial
gatlakalaryň özara mynasybetini, olaryň wekilleriniň
Gurbansähedow M. Türkmen romanynyň kemala gelmegi. Aşgabat: “Ylym”,
1990, -231-232 s.
1
202
özlerini
alyp
baryşlaryny
juda
ýöntemleşdirip
görkezýänliginden, Eziz hanly meseläni bulaşdyrýanlygyndan, romanda ýürege düşgünç uzaga çekýän
baplary, çeperçilik taýdan gowşak ýazylan parçalaryň duş
gelip durýanlygyndan ybaratdyr”.1
M.Annagurdowyň görkezýän bu kemçilikleriniň aglabasy
obýektiw belliklerdi. Bularyň köpüsini, ýazyjynyň özi hem
mertlerçe unamak bilen, gaýtadan işläp, romanyň soňky
neşirlerinde eseriň hilini has kämilleşipdi.
M.Annagurdowyň ol bellikleri adalatly bolsa-da,
tankytçynyň soňky pikiri jedelli mesele bolup durýar.
Meselem, Eziz hanyň obrazyny alyp göreliň. Bu barada,
her niçik, B.Kerbabaýewiň pozisiýasy dogrydy. Emma
ony şol döwrüň totalitar režiminiň ýolbaşçylary öz
ýolundan zorluk bilen sowmakçy bolýardylar, hat-da
sowmagy belli bir derejede başarypdylar. Ony
M.Annagurdowyň şu sözleri tassyklaýar:
“Romanda Eziz hany halk gahrymany edip
görkezmek meýliniň barlygy bolsa meniň üçin ol diýen
geň hem däldi. Elbetde, bir wagtlar mukddes hasap eden
pikirlerinden bütinleý dänäýmek we dynaýmak aňsat däl
bolara çemeli. Şeýle-de bolsa, men awtora şol pikkirlerden
büs-bütin el çekmegiň zerurdygyny, Eziz han
dogrusyndaky subýektiw we nädogry garaýşyny ýeňip
geçmäge wagt ýetendigini nygtap ýatladypdym”¹.
Başga bir ýerde awtor “Kerbabaýew “Bütinsoýuz
kommunistik” bolşewikler partiýasynyň taryhynyň”
gysgaça kursuny heniz okaman ekeni. Men oňa şony-da
haýal etmän, okap öwrenmegi maslahat berdim. /Kursiw
1
Annagurdow M. Ýatlanan kitap. 19 s.
203
biziňki. E. A./”1 diýip ýazýar. Bu gün şol taryhda ençeme
faktlaryň, wakalaryň ýoýulyp görkezilendigi äşgär boldy.
Näme bolandygy halka mälimdir. Ony gaýtalap oturmagyň
hajaty ýok.
Dogry, M.Annagurdow öz döwrüniň tankytçysy,
onuň hem ak ýürekden ýazyja kömek etjek bolandygyna
şübhämiz ýok. Hatda roman çykansoň, onuň garşysyna
“haçly ýöriş” yglan edilende-de, M.Annagurdow
B.Kerbabaýewiň arkasynda durupdyr. Ony kitabyň
“Roman neşir edilýär”, “Goh turýar”, “Ýakymsyz netije
zerarly ynjalyksyzlyk”, “Kyn mesele”, “Ýene tezisler”,
“Romanyň çözgüdi baradaky makala”, “Romanyň žurnal
neşiri”, “Üçünji kitap hakynda”, “Roman tutuşlygyna çap
bolup çykýar”, “Tankydyň ykrar edilmegi” ýaly
bölümlerde görmek mümkin. Şonuň üçin soňky
barlagçylar
/G.Gurbansähedow,
J.Hojageldiýewa,
O.Ýagmyrow/ M.Annagurdowyň B.Kerbabaýewe beren
kömegini adalatly görkezdiler
Umuman, M.Annagurdow tankytçy hökmünde
B.Kerbabaýewiň eserleri arkaly ykrar edildi. Ol “Aýgytly
ädime”, “Aýsoltana”, “Nebitdaga” düýpli üns beren
tankytçylar. Aslyýetinde tankytçy köpe ýaýraman, bir ýada iki sany uly ýazyjy bilen bolsa gowy. Şeýle halatda
tankytçy ýazyjynyň döredijilik laboratoriýasyna has belet
bolýar. Ýazyjy hem tankytçynyň oňa kömek etjek
bolýandygyna
gowy
düşünýär.
M.Annagurdow
“Aýsoltan” barada, “Nebitdagyň” söhbeti” makalalarynda
ony oňat beýan edýär. “Aýsoltan” barada tankytçy şeýle
diýýär:
1
Annagurdow M. Ýatlanan kitap. 19 s.
204
“Men bu eseri ilkinji gezek žurnala çap edilen
wariantyndan okap, öz pikirimi Kerbabaýewe mälim
edipdim. Meniň pikirimçe, örän möhüm we aktual
meseleleri seljermek niýeti bilen ýazylan bu powest çeper
eser hökmünde heniz juda gowşakdy. Awtor hakyky
durmuş wakalaryna gatnaşýan janly adamlaryň
/gahrymanlaryň/ janly obrazlaryny olaryň real durmuşlary,
oý-pikirleri, hakyky hereketleri, hakyky aragatnaşyklary
arkaly görkezip bilmändir. Ol ýöne şol obrazlar babatynda
käbir shemalary çekipdir-de, heniz olary janlandyryp
bilmändir. Elbetde, men bu ýerde powest baradaky
pikirimi onuň awtoryna mälim edişimi gysga, diňe
shematik görnüşde beýan edýärin. Hakykatda bolsa biziň
bu baradaky gürrüňimiz ymykly pikir alyşmak, detallaýyn
seljerişmek arkaly bolupdy”1.
Biz tankytçynyň şu hili pikirini ýene dowam etdirip
bilerdik. Ýöne gep oňa ýazyjynyň öz garaýşynda.
Tankytçy ony hem görkezýär. B.Kerbabaýew näçe gazaply
tankyda duş gelse-de, ol tankydy kabul etmegi başarýan
ýazyjy:
“Dogrudanam, bizde tankydyň kän ugry ýok. Biribirimizden ýüz görşüp, galapyn biri-birimizi böwşüp
ýörüs. Meniň kitabym berkiräk tankyt edilse, beýlekilerede täsir eder”2.
B.Kerbabaýew bu sözleri M.Annagurdowa aýdýar.
Tankytçy B.Kerbabaýewiň her bir eserine diňe iki
agyz söz aýtmak bilen çäklenmeýär. Onuň her bir sany 5070-90- sahypalyk düýpli işlerdir3. Bu bir bellemeli ýagdaý.
Annagurdow M. Ýatlanan kitap. -97 s.
Şol ýerde, 98 s.
3
Şol ýerde, 98-103 s.
1
2
205
Galyberse-de, tankytçy bilen ýazyjy örän ýakyn
gatnaşykda bolupdyrlar, bile pikir alyşypdyrlar, bile köp
ýerlerde bolupdyrlar1. Ol hem oňaýly tejribedir.
Stil manysynda seredilende, M.Annagurdowyň diňe
öz düşünýär, diňe öz tanaýan ýazyjysyna ýüzlenendigini
bellemek gerek.
Bu tejribe tankyt žanrynda öz stiliňi, öz temaňy
tapmak üçin bijaý möhüm. Sebäbi ýazyjy bilen
tankytçynyň arasynda beýik durmuş ýatyr. Ol ikisi üçinem
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.