Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12

Total number of words is 3481
Total number of unique words is 1599
30.0 of words are in the 2000 most common words
41.4 of words are in the 5000 most common words
47.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
deň zat. Belki, ýazyjy şeýle suratlandyranda, gowy bolar
diýip, ýüregi bilen ynanýandyr, belki, ýazyjy, hut öz duýşy
ýaly beýan etse, obýektiw bolmaz diýen tankytçy
mamladyr. Ony uzak taryh, uzak tejribe, uzak çekişme
görkezýär. Biz bu ýerde M.Annagurdowyň üç
mümkinçiligini nazarda tutýarys:
a) B.Kerbabaýewiň döwrüni, deň-duşlaryny, sredasyny
tankytçynyň gowy tanamagy;
b) Tankytçy bilen ýazyjynyň dostlugy;
ç) onuň bilen özara ylalaşygy. Şeýle tejribe öň türkmen
tankydynda bolmandy.
Şu hili tejribe beýleki milletleriň tankydynda hem
gabat gelýär. Munuň özi özbaşyna bir ugur bolup, ýörite
öwrenilmäge mynasypdyr. Dagystan şahyry Resul
Gamzatowy tankytçy W.Ognew köpden bäri öwrenip
gelýär. Şony mysal alanyňda, türkmen tankydynda
M.Annagurdow hem esasy ünsüni bir ýazyja beren
tankytçydyr. Ol başga bir ýazyjy ýa-da başga bir žanr
bilen iş salyşmady.
Şu ýerde iki sany zerur mesele gelip çykýar.
1
Annagurdow M. Ýatlanan kitap. 101 s.
206
Birinji - Kerbabaýew we Annagurdow ýa-da ýazyjy
we tankytçy.
Ikinji – ýazyjy B.Kerbabaýewiň hut özüniň tankyda
we tankytçylara hoşgylaw bolmagy. Ony ýazyjy “Hasyl
ussatlyga bagly”1 diýen makalasynda açyk ýazýar.
Aslynda
M.Annagurdowyň
tankydynyň
aýratynlygy diňe bir ýazyjyny obýekt edinenliginde däl.
Onda predmete sosialogik çemeleşme hem bar. Şu hem
onuň tankydynyň bir stil aýratynlygydyr.
Tankydyň žanr we stil aýratynlygy barada pikir
ýöredilýän
mahalynda,
Ata
Kerimowdan,
M.Annagurdowdan soň üçünji orun Abdylla Myradowa
berilmeginiň öz sebäbi bar. Çünki başky iki tankytçy,
esasan, çäkli žanr, çäkli ýazyjy bilen iş salyşdylar.
Çäkli diýmegimizi birneme anyklaşdyryp aýtsak,
A.Kerimow üç tema - proza, edebi gatnaşyga, satira we üç
ýazyja – B.Kerbabaýewe, N.Saryhanowa, A.Gowşudowa
güýç, zehin sarp eden bolsa, M.Annagurdow diňe bir tema
– proza, bir ýazyja – B.Kerbabaýewe üns berdi.
Emma
50-nji
ýyllaryň
tüýs
ortasynda
A.Myradowyň edebi tankyda gelmegi bilen ýagdaý
bütinleý üýtgedi. Bu özgeriş A.Myradowyň zehininiň
önümidi, tutuş türkmen edebiýatynyň önümidi. Ol edebi
tankytda žanr we stil çäginiň giňemegi bilen baglydy.
1954-1974-nji
ýyllar
türkmen
tankydynda
A.Myradowyň işlän döwri. Onuň has joşgunly wagty bolsa
1964-1974-nji ýyllardy.
A.Myradow özi diri wagtynda ýörite hem uly
göwrümli tankydy makalalar kitabyny jemläp çykarmaga
Kerbabaýew B. Hasyl ussatlyga bagly. Литературная газета. 1956, 7
февраль.
1
207
ýetişmedi. Onuň hat-da öz çykardan alty kitabynyň diňe
biri tankydy makalalar ýygyndysydy. Galan bäşisiniň
üçüsi rus-türkmen edebi gatnaşyklar problemasyna degişli,
biri çeper eser, soňkusy bolsa SSSR-iň halk artistkasy
Sona Myradowa hakda oçerkdi.
Bu işimiziň birinji babynda onuň “Edebiýatymyz
hakynda oýlanyp” /1961/ atly tankydy makalalar
ýygyndysy barada pikir ýöredipdik. Emma bu bölümde
welin onuň özi aramyzdan giden soň çap edilen
“Hoşniýetli maslahatlar” /1981/ diýen tankydy makalalar
ýygyndysy
hakda,
umuman,
şonuň
mysalynda
A.Myradowyň etiki, žanr gerimi dogrusynda söz açmakçy.
A.Myradowyň edebi tankytda ýüzlenmedik temasy,
ýüzlenmedik ýazyjysy, ýüzlenmedik meselesi ýok. Ol –
hertaraply, uly hyjuwly tankytçy. Onuň tankyt tejribesinde
roman, powest, hekaýa, oçerk, ýol ýazgylary,
dramaturgiýa, bir perdeli pýesalar, köp perdeli pýesalar
hakda-da, poýema, liriki, çagalar edebiýaty, çeper terjime,
edebi tankyt, edebiýaty öwreniş ylmy, rus ýazyjylary,
türkmen ýazyjylary, doganlyk halklaryň edebiýat
wekilleri, ýönekeý okyjy barada-da ýazylan makalalara,
synlara duş gelmek bolýar. Ol, B.Kerbabaýewden başlap,
tas türkmen ýazyjylarynyň hemmesi dogrusynda örän köp
makala ýazypdy. Şu faktlaryň bary öň ony uniwersal
tankytçy hasaplamaga mümkinçilik berýär.
Uniwersallyk, köptaraplylyk bu tankytçynyň düýp
stil aýratynlygydyr.
Publisistik äheňi onuň ikinji aýratynlygy bolsa,
obrazly pikir öwürmek A.Myradowyň ýene bir tapawutly
208
ýeridir.
Muny
N.Hojageldiýew1,
D.Nuralyýew2,
J.Allakow3 dagy öňräkden belläp geçipdiler.
Şol kesgitlemeler A.Myradowyň ähli tankydy
makalalaryna mahsus diýsek hem bolar.
Bir bada seredeniňde, sözbaşyndan belli pikir aňyp
bolmaýan makalalarynda ol köp meseleleri gozgamagy
başarýar. Şol alamat onda ömrüniň soňky ýyllarynda has
güýçlendi. Muňa tankytçynyň “Hoşniýetli maslahatlar”4
diýen makalalar ýygyndysy şaýatlyk edýär. Şunda 19651974-nji
ýyllar
aralygyndaky
gowy
makalalar
ýerleşdirilipdir. Ol, birinjiden, tema dürlüligi bilen
tapawutlansa, ikinjiden, düýpli meseleleri galdyrýandygy
bilen saýlanýar. “Zähmet bilen gahryman”, “Şahyr ýürek
paýlaýar”, “Taryhy temanyň täze gürrüňi”, “Halkymyzyň
ygrarly hemrasy“, “Çagalar we ýetginjekler edebiýaty”
diýen makalalarda biz B.Hudaýnazarowyň “Göreş
meýdany”, N.Jumaýewiň “Gumly gelin”, S.Ataýewiň
“Maýagözel” diýen powestleri, G.Seýitliýewiň lirikasy,
S.Borodiniň, J.Ykramynyň, A.Nurpeýisowyň taryhy
romanlary, Durdy Gylyjyň, Ata Salyhyň, Ata Köpegiň
çagyryş
äheňli
goşgulary,
K.Taňrygulyýewiň,
A.Baýramowyň, M.Garryýewiň, B.Gurbanowyň çagalara
niýetlän eserleri hakynda oý-pikirler bilen tanyşýarys.
Ýöne gürrüň şol sanalan ýazyjylar ýa-da olaryň
eserleri bilen gutarmaýar. Onuň çägi giň. Tankytçy şol
Hojageldiýew N. Dagdan inýän derýa kimin. –Edebiýat we sungat. 1985, 8nji fewral.
2
Nuralyýew D. Hemmämiziň halypamyzdy. –Sowet edebiýaty., 1985, N2. 190 s.
3
Allakow J. Türkmen edebi tankydynyň taryhy. Aşgabat: Magaryf. 1988. 198
s.
4
Myradow A. Hoşniýetli maslahatlar. Aşgabat: Türkmenistan. 1981. 94 s.
1
209
söhbetleriň içi bilen, umuman, otuz-kyrk ýyllyk türkmen
edebiýaty barada pikir öwrüp bilmeýändigini görkezýär.
Onuň üçin şahyrlaryň haýsy döwürde ýaşap,
döredendikleriniň asla parhy ýok. Ol niräň gürrüň etmegi
halaýar. Şonuň üçin, taryhy-hronik wagty saklaman,
ýüzüniň ugruna pikirini dowam edip gidýär.
Şeýle stil A.Myradowyň hemme tankydy
makalalaryna mahsus. Bu stil makalalaryň adyndan tä
ahyrky sözlemine çenli dowam edýär. Ine, “Okaýan
Nebitdag, ýazýan Nebitdag”, “Pagşyldadyp urup,
wagşyldadyp
dolduryberseň”,
“Gepbaşy”
ýaly
makalalaryň adyna, mazmunyna pikir berip görüň. Ol asla
ýeke fakta, ýeke ýazyja duwlanyp pikir ýöredenok-da,
okyjy bilen açyk söhbete başlaýar.
Onuň stili hakda gürrüň edilende, bir zada aýratyn
üns bermeli. Ol hem alym bilen tankytçy diýen
düşünjeleriň bir adamda jebisleşmegi. Bilşimiz ýaly,
A.Myradow turuwbaşdan rus-türkmen edebi gatnaşygyny
işlän alym. Onuň “Rus-türkmen edebi aragatnaşyklarynyň
taryhyndan oçerkler” /1963/, “Rus-türkmen sowet
edebiýatlarynyň hyzmatdaşlyk taryhyndan” /1959/, “Rus
gardaşym” /1966/ diýen ylmy işleri şoňa mysaldyr. Bulary
ol ylmy planda, akademiki stilde işledi. Ýöne bu
materiallary ol, çepbe çöwrüp, publisistik makala edibem
çykardy1.
1
“Dört duşuşyk” – Edebiýat we sungat. 1971, 8-nji sentýabr, “Internasional
öwüşginler”,Edebiýat we sungat. 1973. 12-nji dekabr. “Goja Hazaryň
awtogaflary”. Edebiýat we sungat, 1974. 8-nji noýabr. “Türkmen topragyna
tagzym” – Edebiýat we sungat. 1969. 1-iýun. “Pawlenko köçesindäki
oýlanmalardan”. – Edebiýat we sungat. 1969. 18-iýul. “Syýahatlar,
syýahatnamalar, gaýrylar... ” – Sowet edebiýaty 1967. № 3
210
Görüp otursak, şol ylmy işler bilen çykgytda
getirilen makalalaryň arasynda stil ýakynlygy aç-açan
duýulýar. Şol bitewilik, stil ruhdaşlygy hemişe
A.Myradowy öz deň-duş tankytçylaryndan saýlaýardy.
Ony J.Allakowyň ýerlikli pikiri bilen görkezmegi makul
bildik:
“Beýleki döredijilik ugurlarynda bolşy ýaly, edebi
tankytda-da tankytçynyň öz tebigaty, şahsyýeti uly rol
oýnap bilýär. Hut iki şahsyýetem tankytçynyň döredijilik
poşerkini kesgitleýän şertleriň biridir.
Bu babatda iki tankytçynyň Ö.Abdyllaýew bilen
A.Myradowyň döredijiliginiň häsiýetli aýratynlyklaryny
deňeşdirip görmek gyzykly bolsa gerek. Ö.Abdyllaýewiň
işlerinde agras, paýhasly, sowukganly häsiýet özüni mesemälim bildirse, A.Myradowyň makalalarynda göçgünli,
şahandaz hem-de ýiti sözli, garadangaýtmaz adamyň keşbi
örboýuna galýar”1.
Professor J.Allakowyň bu pikiri bilen doly
ylalaşmak bilen bir wagtda ýene käbir zatlary artdyrmak
isleýäris. Ol edebi tankytçynyň ruhy, pafosy barada.
Tankytçy, pafosyna görä belli bolýar. A.Myradow giň
gözýetimli, hyjuwly. Şonuň üçin onda tankyda has köp
mümkinçilik bar. Ol, alymlygyna garanda, has köpräk
tankytçy hökmünde biziň aňymyzda galdy. Bu şahsyýeti
boýunça publisistik, žurnalist, belletrist ruhly tankytçy
bolan bolsa, Ö.Abdyllaýew, ozaly bilen, - alym, soň
tankytçy hasaplanmaga laýykdyr. Sebäbi Ö.Abdyllaýew
pedagog, mugallym manysynda asuda pikir ýöreden
edebiýatçy. Onsoňam, ol, köpe ýaýraman, diňe türkmen
Allakow J. Türkmen edebi tankydynyň taryhy. –Aşgabat: Magaryf. 1988.
215-216 s.
1
211
edebiýaty, onuňam prozasy bilen mydama iş salyşdy. Bu
tankytçyda pikir öwürmäniň ýewropaçylyk ruhy ýokdy, ol
gündogarçylyk ruhunda pikir öwürýärdi, onuň dili gazet
dili bolman, akademiki, ylmy dildi. Şol hem onuň esasy
stil aýratynlygydy.
Ö.Abdyllaýew galamyny, ilki bilen, türkmen
prozasy boýunça ýöredip ugrady. Muňa onuň bäş sany
kitaby güwä geçýär. Ol alym hem tankytçy hökmünde 5060-njy ýyllaryň türkmen prozasynyň tejribesinde
terbiýelendi. Bu onuň tankytçylyk ugrudy.
Ýene bir ugry ýa-da ýene bir faktory ýatlalyň.
Ö.Abdyllaýew ýokary okuw jaýynda, ömri ötýänçä,
edebiýat teoriýasyndan sapak berdi, şondan okuw
kitaplaryny ýazdy. Ol hiç haçan neşirýatda, gazet-žurnal
redaksiýalarynda işlemedi. Bular onuň işlerine, pikir
öwrüşine täsir etmän durup bilmedi.
A.Myradow bolsa hem ylmy, hem gazet-žurnal
redaksiýalarynda işledi. Ol gazet stiline süňňi bilen berildi.
Şol hem A.Myradowyň baş stil ugry bolup galdy.
Ö.Abdyllaýew welin turuwbaşdan ylmy stile ýykgyn etdi.
Eýsem, şol ylmy stil Ö.Abdyllaýewde nähili kemala
geldi? Muny alymyň ýazan ylmy kitaplary, okuw
gollanmalary görkezýär.
Ö.Abdyllaýewde proza ýykgyn edilmeginiň başgada käbir faktorlaryny göz öňüne tutmak gerek. Ol ellinji
ýyllaryň ortalarynda, altmyşynjy ýyllaryň başlarynda
edebiýata gelen tankytçy. Bu döwürde türkmen edebiýaty
öwreniş ylmy-da, ýaňy janlanyp ýören tankydam proza
pälwanlary
B.Kerbabaýewiň,
N.Saryhanowyň,
A.Gowşudowyň,
B.Seýtäkowyň
döredijiliginiň
daşyndadylar. Mahlasy, poeziýa seredeniňde, proza has
212
öňdedi. Galyberse-de, şol ýyllar kolhozçynyň, işçiniň,
daýhanyň obrazyny derňemek ýoň bolupdy. Orta çykan
Rejepow,
B.Şamyradow,
T.Durdyýew,
Jumaýew,
B.Ahundow ýaly edebiýatçylar, hatda olardan tankyda
ileri durýan A.Kerimow hem proza bilen yzygiderli iş
salyşýardylar. Ö.Abdyllaýew şol mekdebiň uçrumy
hökmünde galamyny prozada ýöredip başlady. Onuň
“Uruşdan soňky türkmen sowet prozasynda kolhozçynyň
obrazy” /Aşgabat TDU 1957/ diýen şol prosesiň
dowamydy. Şeýlelikde, ol bütin ömründe haýsy žanrdan
tankydy makala ýazsa-da, prozanyň professional
tankytçysylygyna galdy. Muny alym tankytçynyň
“Edebiýatyň ösüşine göz aýlap”, “Türkmen prozasynda
däp we täzeçillik”, “Döwrüň keşbi – edebiýatyň keşbi”
diýen kitaplary has gowy görkezýär.
“Edebiýatyň ösüşine göz aýlap” diýen kitaby
Ö.Abdyllaýewiň “Türkmen prozasynda däp we täzeçillik”
diýen doktorlyk dissertasiýasynyň özenidir. Ol, diňe ylmy
işiň özeni bolmak bilen çäklenmän, Ö.Abdyllaýewiň
tankytçylyk stiliniň nusgasydyr. Şonuň üçin biz uly
tankytçynyň stili, ýörelgesi baradaky gözegçiligimizi şol
kitabyň we “Döwrüň keşbi – edebiýatyň keşbi” diýen
kitabynyň esasynda gurmagy, durnukly tankydy
pozisiýalary şolar
boýunça
kesgitlemegi dogry
hasaplaýarys.
Emma bir hakykaty aýratyn bellemek zerur. Alym
ähli proza degişli makalalarynda bir problemany
sypdyrmady. Ol hem däp we täzeçillikdir.
“Düýnki we şu günki edebiýat barada söz” diýen
makalasy, megerem, Ö.Abdyllaýewiň tankydy gözleginiň
problemasydyr. Isle ol “Göroglyny” derňesin, isle-de
213
B.Kerbabaýewe,
B.Seýtäkowa,
H.Derýäýewe,
G.Kulyýewe, G.Gurbansähedowa ýüzlensin parhy ýok,
tankytçy şol obraz düýnki edebiýatda nähilidi, şu günki
prozada nähili beýan edilýär? diýen sowaldan ugur alýar.
Muňa sözüň doly manysynda prozany ýa-da köne
terminimizde aýdylanda, kyssany degşirip öwrenmek
diýilýär. Onsoň muny düýnki edebiýat üçin “däp”, şu
günki edebiýat üçin “täzelik” diýip almaga ol metedologik
taýdan mejburdyr. Şu jähtden Ö.Abdyllaýew “sowet
edebiýaty”, “sosialistik realizm”, “Kommunistik partiýa”
diýen düşünjelere esaslanman durup bilmezdi. Has
gowusy, onuň esasy ýörelgesini öz sözleri bilen
görkezmäge synanyşalyň.
“Has ýönekeýleşdirip aýtsaň, däp düýnki, täzelik
hem şu günki ýüze çykan häsiýetli zatlardyr. Ýöne bu
ýerde ”düýnki” hem ”şu günki” diýen sözleriň iki manyda
dar we giň manyda ulanylýandygyny-da göz öňünde
tutmalydyrys.
Biz
20-50-nji
ýyllardaky
sowet
edebiýatyna-da düýnki edebiýat diýip bileris. Eger biz
“düýnki” sözüni “öňki”, “şu günki” sözüni “häzirki” diýen
sözleriň sinonimi hökmünde ulansak, onda biz “düýnki
edebiýat” diýenimizde, rewolýusiýadan öňki edebiýaty,
“Şu günki edebiýat” diýenimizde-de, sowet edebiýatyny
göz öňünde tutýarys. Şeýle bolanda, biz hakykaty çeper
suratlandyrmagyň rewolýusiýadan öňki edebiýatda peýda
bolan häsiýetli alamatlaryna däp hökmünde seredýäris.
Hakykaty çeper suratlandyrmagyň häzirki edebiýatda
peýda bolan häsiýetli alamatlaryna we öňki edebiýatdaky
214
zatlaryň häzirki edebiýatda başga hili berilmegine bolsa
täzelik hökmünde seredýäris”1.
Şu
prinsip
Ö.Abdyllaýewiň
“Internasional
umumylyga tarap”, “Internasional doganlygyň ilkinji
ädimleri we onuň çeper taryhy”, “Roman žanrynyň
ösüşindäki esasy tendensiýalar” diýen ýaly düýpli
makalalarynda saklanýar.
Ö.Abdyllaýew ähli kitaplarynda, makalalarynda
galamdaş ýoldaşlaryndan köp halatlarda tapawutlanýar.
Şol tapawutlary hem onuň stili diýmek mümkin. Olar
haýsylar?
1. Biziň pikirimizçe, onuň stilinde logiki güýçli.
Tankytçy, bir fakty jan-tenden
düşündirende, könäni, täzäni degşirmegi halaýar.
Şonuň üçin onuň sözlemlerinden bir sözi aýryp bolanok.
2. Oýlanşykly baha kesmek, jogapkärçilik, çuňluk hem
onuň tankydyna mahsus
häsiýetdir. Biz ony iň uly çekişme makalasy bolar
“Roman žanrynyň ösüşindäki esasy tendensiýalar” diýen makalasynyň analizinde
gördük.
3. Çeper esere, obraza, edebi hadysa ylmy, akademiki
tärde çemeleşmek hem
Ö.Abdyllaýewiň stil aýratynlygy diýilse dogry
bolardy.
4. Onda žurnalistik, publisistik ruhy ýok. Muňa derek
berk ylmy delillilik güýçli.
5.
Ö.Abdyllaýewde tankytçylyk hojalygyna dahylly
ýene bir aýratynlyk bar, ol
Abdyllaýew Ö. Edebiýatyň ösüşine göz aýlap. –Aşgabat: Türkmenistan,
1968, 7-8 s.
1
215
hem öwredijilikdir. Öwretmek, bildirmek gerek.
Ýöne bu belli derejede
tankytçynyň ýazyja onçakly çuň düşünmegine päsgel
hem berýär. Şol kemçilik Ö.Abdyllaýewde ýok däl.
Professor J.Allakow öz uly kärdeşiniň tankytçylyk
ugruny tiplilik, synpylyk, däp we täzeçillik, liriki
gahryman
meselelerinde
derňäp,
millilik
we
internasionalçylyk
problemasynda
synlap:
”Öde
Abdyllaýew... türkmen edebi tankydynyň hem-de
edebiýaty öwreniş ylmynyň ösmegine, kämilleşmegine,
onuň teoretiki pikirler bilen baýlaşmagyna uly goşant
goşdy. Şonuň ýaly goşandy bilen hem ol türkmen edebi
tankydynyň taryhynda iň görnükli orunlaryň birini
eýeledi”1 diýip, adalatly ýazdy.
Elbetde, tankytda stil dürlüligi hem tankytçynyň öz
gündelik iş prosesi bilen bagly ýüze çykýar. Şu nukdaý
nazardan alnanda, Ö.Abdyllaýew alym-tankytçy diýen
sinteze laýyk gelýär. Bu bütewilik beýleki türkmen
tankytçylaryna
onçakly
mahsus
däl.
Aýdaly,
H.Taňryberdiýew, J.Allakow hem ylmy derejeli proza
tankytçylarydyr. Ýöne olar, Ö.Abdyllaýewe garaňda,
tankytda başgarak stile ýykgyn etdiler.
Prozamyzyň tankydynda Ö.Abdyllaýew, J.Allakow,
H.Taňryberdiýew beýleki ähli tankytçylaryň hemmesinden
köpräk yz goýdular. Ýöne munuň hem öz içinde bir
tapawutly ýeri boldy. Ol tapawutly tarapy – kimdir bir uly
prozaçynyň döredijiligini öwrenmek. Şu ýagdaýda
H.Taňryberdiýew bu tarapa ýykgyn etdi. Ol
B.Kerbabaýewden kandidatlyk dissertasiýasyny gorandan
1
Allakow J. Türkmen edebi tankydynyň taryhy. – 244 s.
216
soň1, tä ömrüniň ahyryna çenli bu ýazyjynyň prozasy bilen
iş salyşdy. J.Allakow şony göz öňünde tutup, şeýle ýazýar:
„Edil ýazyjy-şahyrlarda bolşy ýaly, edebiýat
tankytçysynyň hem öz döredijilik ugrunyň, ýörelgesiniň
bolmagy küýselýän talaplaryň biridir. H.Taňryberdiýew
hem döredijiliginiň ilkinji ädimlerinden öz döredijilik
temasyny, ugruny tapmaga ymtyldy.Ol edbiýat
tankytçylarymyzyň arasynda ilkinjileriň biri bolup
ýöriteleşmek ýoluna düşdi. Onuň edebi tankydy, ylmy
işleriniň agramly bölegi B. Kerbabaýewiň... döredijiligini
öwrenmäge bagyşlandy“2
Biz şu ýerde J. Allakowyň “Serkerde şahyr Seýdiniň ”
diýen sözlerini almadyk. Sebäbi bu mesele ylym we tankyt
baglanyşygy hakyndaky dördinji bapda, ylmyň we edebi
tankydyň hyzmatdaşlygy yzarlanýan ýerde seredilýär.
Şeýlelikde, H. Taňryberdiýew alymlykdan tankyda
gelen wekildir. Ol eýýäm 60-njy ýyllaryň başlaryndan /
1961/ , 80-nji ýyllaryň başlaryna /1981/ çenli, ýigrimi
ýyllap, B. Kerbabaýewiň prozasyna zehin sarp etdi. Beýle
diýildigi onuň hemme tankydy tejribesiniň bir çeşmeden
gözbaş alýandygynyň aýdyldygydyr.
Biz hiç haçan H. Taňryberdiýewiň edebi tankydyň
öňünde eden hyzmatyny inkär edemzok. Ol uly iş etdi.
Ýöne bu hyzmat B. Kerbabaýewiň prozasynyň çäginden
kän çykyp bilmedi. Dogrusy, ýöne şol “B. Kerbabaýewiň
döredijilik ussatlygy” diýen kandidatlyk dissertasiýasynyň
giňeldilmegi, onuň ösdirilmegi boldy. Bu hem gerek.
Taňryberdiýew H. Творческое мастерство Б.Кербабаева /на примере
создания романа «Решающий шаг» /Авт. канд. диссер. Ашхабад. 1962, 29 с.
2
Allakow J. Görkezilen kitap. -245-246 s.
1
217
Şeýlelikde onuň stilini, esasan, iki kitaby boýunça
barlamaga ýagdaý döredi. Bu iki kitap B. Kerbabaýew
“Söz ussady” /1966 /, “Türkmen edebiýatynyň
kerwenbaşysy”/1982/ diýen kitaplary bolupdy. Ýöne
soňky kitap öňkini hem öz içine alýandygy üçin, diňe özi
dünýäden öten soň çykan kitap bilen çäklenmegi makul
bildik. Şol hem onuň stili barada söz açmaga doly
mümkinçilik berýär.
Edebi-tankydy stiller barada örän uzak gürrüň
etmek mümkin. Her bir uly tankytçynyň ýörite stili
dogrusynda bir kitap ýazara material bar. Şonuň üçin edebi
tankytda yz goýan her bir zehiniň diňe iň belli, özgelere
meňzemeýän özlerini tapmaga synanyşmaly.
H. Taňryberdiýew, ylym bilen tankydy bile alyp
giden tankytçy bolsa-da, tä ömrüniň ahyryna çenli Ö.
Abdyllaýew ýaly türkmen klassyky we häzirki zaman
edebiýatyndan leksiýa beren hem bolsa, ol edil
Ö.Abdyllaýew ýaly sözüň doly manysynda alym-tankytçy
däldir. Sebäbi H.Taňryberdiýew pikir öwrüminde,
wakalara,
edebi
eserlere,
çeperçilik
wekillere
çemeleşmekde birneme erkin, döredijilikli ýykgyn edýär.
Muny onuň makalalarynyň sözbaşy-da, mazmuny-da
görkezýär. Ol “B.Kerbabaýew – söz ussady” diýen
kitabynda bary-ýogy ýedi sany ylmy-tankydy çeşmä
salgylanmak bilen çäklenipdir. Galan iki ýüz otuz sekiz
sahypanyň ählisi esasan, B.Kerbabaýewiň eserleriniň
tankydy kommentarisidir.
Kommentirlemek tankytda bar ýörelge bolup, ol
köp babatda tankytçyny başganyň pikirinden, özgäniň
garaýşyndan halas edýär, ony halys özbaşdak edýär. Bu
gowy. Ýöne üýtgeşik pikir welin seýrek duşýar. Bu
218
ýagdaý H.Taňryberdiýewiň tankydynyň nebsimiz näçe
agyrsa-da, ýüzleý çykmagyna getiripdir. Onuň köp
tankydy makalalary ýüzleýlikden, ýöntemlikden, köp
sözlülikden halas däl. Ony “Türkmen prozasynyň aýgytly
ädimi” diýen iň uly bölüm /11-180-nji sahypalar/ örän
aýdyň subut edýär. Şol bölüm “Aýgytly ädimiň” analizi
däl-de,
ýaly bolup dur. Belli bolşy ýaly, “Aýgytly
ädime” M. Annagurdowdan köp zähmet siňdiren tankytçy
ýokdur. Emma H. Taňryberdyew bu uly işinde diňe ony
umumy sözler bilen agzap geçmek arkaly çäklenipdir. M.
Annagurdowyň aýdanlaryna asla garşy çykman, ol dogrynädogry tassyklap oňypdyr. Özem “M. Annagurdow şeýle
pikirde” diýip gönertläp ýazman, çykgytda berip gidipdir.
Ine, şol bölekden mysala ýüzleneliň:
“Edebiýatçylaryň, ýazyjylaryň B.Kerbabaýewiň
salgysyna eden tankydy bellikleriniň aglabasy esasan
romandaky rus işçileriniň obrazyna hem-de Artygyň
azaşmaklarynyň delillendirilişine syrykdy. Tankytçylar
tutuş romanda rus rewolýusion işçi synpynyň wekili Iwan
Çernyşowyň ösüş ýagdaýynda suratlandyrylmandygyny,
onuň obrazynda guraksy deklarasiýanyň agdyklyk
edýändigini, shematizmiň duýulýandygyny, eseriň baş
gahrymany Artygyň-da jygba-jygly pursatlarda ýol berýän
säwlikleriniň, gyzgynganlylygynyň tipik ýagdaýlar arkaly
ýeterlik delillendirilmändigini, şonuň üçin-de Artyk bilen
baglanşykly ýüze çykýan käbir garşylyklarda ýasamalyk
reňkiniň bardygyny dogry bellediler”1.
Şu ýerde dyngy berip, alnan bölegi ýene bir okalyň.
Birinjiden-ä, on bir sözlemden soň nokat goýlan pikir
1
Taňryberdiýew H. Türkmen edebiýatynyň kerwebaşçysy. Makalalar.
Aşgabat: Türkmenistan. 1982. -18-19 s.
219
kime degişli diýen sowal gelip çykýar. Ikinjidenem, näme
üçin H.Taňryberdiýew “Tankytçylar” diýip, köplük sany
alýar-da, onuň haýsy kime degişlidigini aýtman, çykgytda
“Seret: M.Annagurdow, “Aýgytly ädim” romany. Sowet
edebiýaty, 1951, № 4. A.Kerimow “Berdi Kerbabaýewiň
“Aýgytly ädim” romanynda halklaryň dostlugynyň
görkezilişi”. Sowet edebiýaty, 1952, № 2” diýip iki
tankytçyny bile görkezýär.
Indi, görüň, şol ýokarky pikiri kim aýdypdyr?
M.Annagurdowmy? A.Kerimowmy? Ine, şeýle gümürtikli
H.Taňryberdiýewiň tankydy stilinde köp duşýar.
Mysalymyzyň ýene bir bölegi, has takygy, şol
H.Taňryberdiýewiň nokat goýan ýerinden bäri alyp,
dowam edeliň:
“Edebiýatçylar /kimler? E. A./ Eziz hanyň, Gully
hanyň obrazlary barada hem ýazyja peýdaly pikirleri orta
atdylar”1.
Başga bir öwrümde H.Taňryberdiýew haýsydyr bir
anyk eser barada söz açanda, uzaga ýaýraman, çuňlaşman,
ýene adaty ýaňzytma bilen çäklenýär:
“Emma “Bir kemsiz gözel bolmaz” diýlişi ýaly, romanyň
birinji neşirinde /1957/, umuman nebitçiler durmuşyndan
tipik wakalaryň seçilip alnandygyna, köp gahrymanlaryň
obrazlarynyň şowly çykandygyna garamazdan, eserde
käbir düýrümi ýetmedik baplaryň /haýsylar? E. A./,
gahrymanlaryň /kimler? E. A./ işiniň, hereketiniň
öçügsiräk görkezýän ýerleriniň, çeperçilige zeper ýetirýän
artykmaçlyklarynyň
bardygyny talapkär
okyjylar,
edebiýatçylar, tankytçylar, ýazyjynyň galamdaşlary
Taňryberdiýew H. Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy. Makalalar.
Aşgabat: Türkmenistan, 1982. 19- s.
1
220
adalatly görkezdiler /M.Annagurdow, G.Gurbansähedow,
K.Jumaýew, K.Salyhow, J.Allakow/”1.
Ikinji mysalyň “Nebitdag” romanyna degişlidigi
eýýäm düşnükli bolsa gerek. Munuň özi ýene-de
H.Taňryberdiýewiň tankytçylyk stiliniň umumy sözlerden
durýandygyny, hiç hili anyk zady açyp bilmeýän
ekenligini, kime gol ýapyp, kimiň pikirini ret edýändigini
aýyl-saýyl edip bilmän, ýöne “köwsarlap” durýandygyny
görkezýär.
Bu bir esasy sebäp. Galybersede B.Kerbabaýew,
H.Taňryberdiýewe çenli belli derejede M.Annagurdow,
A.Kerimow
dagy
tarapyndan
açylan
obýekt.
B.Kerbabaýewiň köp tarapyny Ö.Abdyllaýew, J.Allakow
dagy hem kesgitlediler ahyry şeýle bolansoň
H.Taňryberdiýewiň hut özüne ullakan zat hem galmaýar.
Eger ol ýaý içinde getirilen tankytçylary bilen
jedele giren bolsady onda H.Taňryberdiýew garaz bir zady
özi aýdan adam bolardy. Bu welin “Türkmen
edebiýatynyň kerwenbaşysy” şeýle ele agram salyp duran
kitapda ýok.
H.Taňryberdiýewiň ýene bir stil aýratynlygy öz
obýektini laýyk bolsa bolmasa öwmekde mahabatlandyrmakdan ybarat. Onsoň hem B.Kerbabaýewiň
prozasyna kim tankydy bellik eden bolsa, ol şony inkär
etjek bolup ot elek. Onuň taryhy şahs hem gahryman atly
uly göwrümli makalasy “Gaýgysyz Atabaý” romany
hakynda. Ol 289-282-nji sahypalaryň arasyny eýeleýär.
Alym aslynda romanyň mazmunyny gürrüň bermekden
Taňryberdiýew H. Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy. Makalalar.
Aşgabat: Türkmenistan, 1982. 182-183 s.
1
221
aňry geçenok. Ol diňe ýekeje ýerde S.Myradowyň pikirine
garşy çykyp, şeýle ýazýar:
“Şu ýerde tankytçy S.Myradowyň roman babatynda
çenden aşa her taraplylyga bat berendigini, ýazyjynyň
zähmetine juda parhsyz garandygyny onuň göz öňünde
tutan maksadyna ýüzleý düşünendigini hem adalatyň
hatyrasyna nygtap geçmelidiris. Tankytçy roman hakda
şeýle jemleme çykarýar:
“Gaýgysyz Atabaýda”, ýylp edip gidýän gahrymanlaryň
bäş däl, alty däl, onlarçasy bilen tanyşýarys. Netijede Hajy
Atabaýew, Muhammetguly Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow
ýaly belli türkmen syýasy we jemgyýetçilik işgärleriniň
diňe atlary agzalypdyr. B.Kerbabaýew usulynyň tutuş
kitabyň çeperçilik tebigatyna şikes ýetirenligini
aýtmalydyr. Ol ylaýtada romanyň kompozisiýasynyň
gowşaklygynda sýužet ýordumy sallam-sajaklygynda,
durmuşyň anyk meseleleriniň däl-de, diňe G.Atabaýewiň
ömür ýolundaky wakalaryň yzarlanmagynda...”1
Biz “Gaýgysyz Atabaý” bilen tanyş her bir
okyjynyň S.Myradowyň roman baradaky pikiriniň
dogrylygyna güwä geçýänligine şübhelenmeýäris. Bu
ýerde H.Taňryberdiýewiň ol romany dagynyklykdan halas
etjek bolmagyna diňe öz obýektine köre-kör söýginiň
netijesi
hökmünde
garap
bolar.
Şu
taýda
H.Taňryberdiýewiň
tankydy
stilinde
öz-özlügiň
tarapgöýligiň birtaraplylygyň barlygy ýüze çykýar.
Galybersede, her makalasynda yzly-yzyna mysal almak,
şeýlelikde köp sözlülige ýol bermek onda juda güýçli.
Taňryberdiýew H. Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy. Makalalar.
Aşgabat: Türkmenistan, 1982. 241-241 s.
1
222
H.Taňryberdiýewde beýleki tankytçylaryň pikirini
inkär etmek aýratyn hem adalatly obýektiw pikirini inkär
etmek ösen. “Döwrüň sesi, döwrüň ruhy” diýen
makalasynda
ol
“Aýsoltan”
powesti
barada
M.Annagurdowyň rus tankytçylaryndan öň aýdan pikirini
has yza geçirýär. Ahyrda bolsa inkär edýär. Bu bolsa onuň
tankydynda berk logikanyň ýoklugyny, fakt bilen
ideýanyň dogry gelmeýänligini tankytçy manysynda
pozisiýanyň yrgalygyny ynamsyzlygyny görkezýär.
Edebi tankytda stilleriň dürli bolmagy zerur zat. Bu
ýerde H.Taňryberdiýewiň hususy stili hakynda aýdylanda
onuň
köplenç
B.Kerbabaýewiň
döredijiliginde
jemlenendigini gördük.
Emma uly tankytçylaryň biri hökmünde ol umumy edebi
prosesden çetde durmady. H.Taňryberdiýewiň tankydynda
söweşjeňlik häsiýeti hem bar. Onuň realizm
romanlarymyz, powestlerimiz baradaky kän çekişmelerde
hyjuwly makalalary yzly-yzyna peýda bolýardy.
Galybersede, ol öz kärdeşleri Ö.Abdyllaýew, J.Allakow
bilen uly proza, edebiýatda taryhy şahslaryň obrazy hakda
düýpli makalalar ýazdy. Şunuň özi onuň tankydynda
problemalylyk tarapynyň agdyk gelýändigini aňladýar.
Türkmen prozasynyň gazananlaryny okyja ýetirmek,
propagandirlemek hem onuň tankydy aýratynlygydyr.
Şularyň hemmesi birigip, H.Taňryberdiýewiň edebi
tankyda ýürek bilen hyzmat edendigini tassyklaýar.
Türkmen edebi tankydynyň uly pälwanlarynyň biri
J.Allakow biregine proza bilen iş salyşýan tankytçydyr. Şu
gün edebi prosesiň kerwenbaşysy proza bilen her bir
tankytçy iş salyşyp bilenok. Sebäbi türkmen ýazyjylarynyň
üçden iki bölegi diňe proza eserlerini ýazýarlar. Olaryň bu
223
gün
Ç.Aşyrow,
B.Hudaýnazarow,
R.Esenow,
T.Jumageldiýew,
Ý.Mämmediýew,
G.Şammyýew,
S.Annasähedow ýaly läheňleri bar. Biz ýöne yzly-yzyna
roman ýazyp aramyzda gezip ýörenlerini agzadyk. Emma
powest žanrnyň A.Tagan, R.Allanazarow, Ş.Geldiýewa,
O.Orazberdiýewa ýaly ykrar edilenleri hem barmak basyp
sanardan kän. Şol sananlarynyň her biriniň gör näçe
romany, näçe powesti bar. “Sowet edebiýaty” “Garagum”
“Edebiýat we sungat” redaksiýalarynyň sanma-san
göýberilýän proza eserlerine näme diýersiň. Şu uly hasyly
ýygnap, seljermek türkmen tankytçylarynyň içinde
J.Allakowa bagly diýsek, ýalňyş däldir. Onuň hem iki
sebäbi bar: häzir Ö.Abdyllaýew, H.Taňryberdiýew ýaly öň
proza bilen iş salyşýan atly tankytçylar aramyzdan gitdi.
Bu ýüki indi J.Allakowyň ýeke özi diýen ýaly çekmeli
boldy. Galybersede, şu gün edebiýat meýdanyna gös-göni
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.