Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01

Total number of words is 3384
Total number of unique words is 1645
28.0 of words are in the 2000 most common words
39.9 of words are in the 5000 most common words
46.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ENEGÜL AŞYROWA
TÜRKMEN EDEBI
TANKYDY
(1940-1990)
Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
tarapyndan hödürlenildi
Aşgabat
2010
5
Aşyrowa E.
Türkmen edebi tankydy (1940-1990). Ýokary okuw
mekdepleri üçin okuw gollanmasy.– A.: Türkmen döwlet
neşirýat gullugy, 2010. 366 sah.
Bu okuw gollanmasynda XX asyryň 40-90-njy
ýyllarynda türkmen edebi tankydynyň meseleleri, onuň janly
çeperçilik prosesine gatnaşygy, bu kyn žanryň professional
wekilleriniň ussatlyk hem stil aýratynlyklary hakynda gürrüň
edilýär. Edebi tankydyň ykbaly, onuň ýaýrawy, derejesi gösgöni häzirki zaman türkmen edebiýatynyň problemalary bilen
baglylykda özgerdip gurmak döwrüniň talabyna laýyklykda
açylyp görkezilýär.
Okuw gollanmasy Türkmenistanyň ýokary okuw
mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplaryna, ylym işgärlerine
we döredijilk wekillerine niýetlenilýär.
© E.Aşyrowa, 2010.
6
Giriş
1991-nji ýylda berkarar Türkmenistan döwletimiziň
Garaşsyz, 1995-nji ýylda baky Bitarap döwlet bolmagy
ýurduň
raýatlarynyň
aňyna,
ýaşaýyş-durmuşyna,
jemgyýetiň täzelenmegine, şol hasapda ylym-bilime,
edebiýatyň, sungatyň, medeniýetiň milli äheňlerde
ösmegine, hasam jemgyýetçilik ylymlarynyň ösmegine,
kämilleşmegine diýseň, güýçli, oňaýly täsir etdi. Şol
günlerden başlap Türkmenistanyň täze taryhy döwri
başlandy diýip aýtmak bolar. Bir hakykat hemmämiz üçin
düşnüklidir: şeýle özgerýän zamanada jemgyýetçilik
aňyna ilki öz täsirini ýetirýän çeper edebiýat has hem
çalt özgerişligi başdan geçirýär. Garaşsyzlygyň ilkinji
ýyllarynda erkinlige çykan halkyň şatlyk-begenji,
özbaşdak döwletine buýsanjy , ata-babalaryň göreşipgaraşyp ýeten erkinligine buýsanjy uly hyjuw bilen beýan
edildi. Çeper publisistika , watançylyk ruhuna ýugrulan
täze goşgular toplumlary, poýemalar, romanlar, powestler,
hekaýalar, drama, kino eserleri peýda bolup başlady.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Nargylyç Hojageldiýewiň
“Gökdepe” romany, Sapargeldi Annasähedowyň “Ygrar”
romany, “Gökderek
ýaýlasynda”, “Bagt hakynda
rowaýat” powestler we hekaýalar kitaplary, Agageldi
Allanazarowyň “Ojak”, Hudaýberdi Diwangulyýewiň
“Çuwal bagşy” romanlary, Hudaýberdi Durdyýewiň
“Dutar dillenende” powestler ýygyndysy, Kerim
Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň, Baýram
Jütdiýewiň,
Atamyrat
Atabaýewiň,
Gurbanýaz
Daşgynowyň, Agagaeldi Allanazarowyň
“Saýlanan
eserler” goşgular kitaplary okyjylara ýetirildi.
7
Gylyçmyrat Kakabaýewiň “Gala”, Kakajan Aşyrowyň
“Däli Domrul”, “Oguzhan”, “Oguz oýny” taryhy
dramalary şeýle hem Gowşutgeldi
Daňatarowyň,
Nobatguly Rejebowyň
sahnada goýlan eserleri
tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.
Şonuň bilen bir hatarda edebi eserleriň aýnasy
bolan edebi tankyt hem köp özgerişligi başdan geçirdi.
Soňky ýyllarda
Gurbandurdy Geldiýewiň, Aman
Şyhnepesowyň, Jora Allakowyň, Ahmet Mämmedowyň,
Şirinjemal Geldiýewanyň, Şirin Gurbanowanyň edebi
eserlere tankydy bellikleri, edebi synlary çap edildi.
Soňky iki ýyl gowrak wagtyň dowamynda
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
döredijilik işgärleri bilen 2 gezek duşuşdy. Olaryň ilkinjisi
2008-nji ýylyň güýzünde, ikinjisi bolsa 2010-njy ýylyň
fewralynda bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz bu
duşuşyklaryň ikisinde-de häzirki döwür edebiýatymyzyň
ýagdaýyna giňişleýin
syn berdi hem-de edebi
hojalygymyzda alynyp barylýan işleriň şeýle bir öwerlikli
däldigini juda adalatly belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiz 2010-njy ýylyň 24-nji
fewralynda eden çykyşynda :
“Häzirki döwürde halkymyzyň durmuşyny giňden açyp
görkezýän, durmuş hakykatyndan ugur alýan, adamyň
ruhy dünýäsine oňyn täsir edýän ýokary hilli çeper
ýazylan romanlar, pýesalar, powestler, nowellalar we
hekaýalar döredilmeýär ” diýip, iňňän adalatly belledi.
Hormatly Prezidentimiz bar bolan edebi nogsanlyklardan
dynmak üçin dogruçyl tankydyň gerekdigini nygtamak
bilen:
8
“Edebi tankyt hem ösdürilmeli ugurlaryň biridir. Bize
hakyky zehinli edebiýatçylar, sungaty öwrenijiler gerek.
Hakykatdan ugur alýan, ýüz görmeýän, hoşniýetli tankyt
döredijilik işiniň ösmegine oňyn täsir edýär” diýdi.
Diýmek, häzirki döwürde edebi tankydyň ösmegine giň
gerim bermelidiginiň, ony hemmetaraplaýyn ösdürmegiň
juda zerurlygy ýüze çykdy.
Biziň pikirimizçe, her edebi žanryň ösmegi üçin
onuň ýüze çykyş taryhyny öwrenmek juda zerurdyr.
Türkmen edebi tankydynyň taryhynda bolsa häzirki
zamanda-da içgin öwrenilmäge mynasyp Ata Kerimow,
Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew, Aman Kekilow,
Abdylla Myradow, Öde Abdyllaýew, Saýlaw Myradow,
Hanguly Taňryberdiýew...ýaly ençeme edebiýatçylaryň,
tankytçylaryň baý edebi mirasy bardyr.
Elbetde, biziň okyjylara hödürleýän bu işimiziň
edebi tankydyň tas 50 ýyllyk taryhyny öz içine alýandygy
üçin onda her bir döwrüň özüne görä, has takygy, şol ýada beýleki bir döwürde döredilen eserlere şol döwrüň
garaýyşlary bilen baha berlendigi tebigy ýagdaýdyr. Hut
şuňa görä-de, şol eserlere baha berlende, taryhylygyň doly
saklanandygyny aýratyn bellemek isleýäris.
Elbetde, SSSR-iň dargamagy, ýetmiş ýyllap
agalyk süren totalitar düzgünin çagşamagy, ähli öňki
sowet respublikalarynyň öz milli Garaşsyzlyk hukugyny
gazanmagy adamzadyň aňyna, hemme jemgyýetçilik
ylymlaryna uly täsir etdi. Hut şol günlerden başlap
Türkmenistanyň täze taryhy döwri başlandy diýip aýtmak
bolar. Bu hakykat hemmämiz üçin düşnüklidir.
Şeýle ýagdaýda jemgyýetçilik aňyna ilki öz täsirini
ýetirýän çeper edebiýat has hem çalt özgerişligi başdan
9
geçirdi. Şonuň bilen bir hatarda onuň aýnasy bolan
edebi tankyt hem köp özgerişligi başdan geçirdi. Şeýle
özgerişligi biz häli-şindi görýäris. Emma, munuň sözüň
doly manysynda şeýledigine garamazdan geçilen ýoly,
onuň kynçylygyny, ýeňilligini,öňki taryhy sepgitleriň
bize beren we bizden alan zadyny asla inkär edip
bolmaz. Bolan zady bolşy ýaly görkezmek obýektiw
analizlemek zerurdyr. Juda zerur ýagdaýlar ýüze
çykaýmasa, şol garaýyşlary üýtgetmeklik ýa-da haýsydyr
bir “täzelikleri” girizmezlik bolsa ylmyň birinji borjudyr.
Şu
jähtden
alanyňda,
türkmen
çeper
edebiýatynyň hem, onuň kömekçisi edebi tankydyň hem
1940-1990-njy ýyllar aralygynda tas ýarym asyrlap
geçen ýoluny dogry beýan etmek ylmyň mukaddes
wezipesidir.
Biz şu işde juda zerur ýerinde oňa öz pikirimizi
aýtmak, mümkin boldugyça obýektiwligi saklamak şerti
bilen hut taryhyň öz emrine gol ýapmagy niýet
edindik. Biziň şu prinsipi saýlap almagymyzyň dört
sany düýpli sebabi bar.
Birinjiden, biziň derňew obýekti edinýän döwrümiz
gowgaly XX asyryň ikinji ýarymyna düşýär. Bu
döwürde ähli öňki sowet halky bilen birlikde, türkmen
halky hem örän uly özgerişlikleri başdan geçirdi.
Ozaly bilen biziň türkmen halkymyz, hususan hem,
onuň çeper edebiýaty 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik
Watançylyk urşuna gatnaşdy. Ol umumy “SSSR”,
umumy “Watan”diýen beýik düşünjeleri, şol uly
ideallary jan-tenden goramaga gatnaşdy,on müňlerçe
ogullaryny gurban berdi. Beýik Watançylyk urşy 1945nji ýylda ýeňiş bilen tamamlanandan soň hem, bilini
10
guşap, täze durmuşa başlady. Biz bu uly taryhy
hakykaty ýoýup bilmeris.
Ikinjiden, hut urşyň tamamlanan ýyly 1945-nji
ýylyň tomusynda Moskwada türkmen edebiýatynyň on
günligi dabaraly geçirildi. Munda hemme
edebi
güýçlerimiz jemlendi. Heniz türkmen edebiýatynyň
1945-nji ýyldaky on günligi ýaly şeýle uly alada bilen
beýleki edebiýatlara üns berilmändi. Ine, şol alada bilen
gurşalan türkmen ýazyjylary B.Kerbabaýew, A.Kekilow,
A.Gowşudow, Ç.Aşyrow, N.Pomma, R.Alyýew ýaly
professional ýazyjylar şol döwürlerden soň öz meşhur
eserlerini döretdiler, hat-da şeýle aldym-berdimli ýylarda
döredip ýören uly eserlerini tamamlapdylar.
Üçünjiden, uruşdan soň biziň ozalky ümmülmez
Watanymyz SSSR-iň ýokary partiýa we hökümet
ierarhiýasynda, ýagny çür başynda nähili agyr, nähili
zamun düzgin dowam edenem bolsa / ony welin
ýönekeý halk köpçiligi 1956-njy we 1985-nji ýylyň
apreline çenli bilmeýärdi./,çeper edebiýat kadaly ösüş
ýoluna düşüp ugrapdy. Faşizimden dynylan soň, başga
kiçi kynçylyklar hasaba-da alynmaýardy,ony ýeňmek
ugrunda göreş alnyp barylýardy.Şonuň üçin biziň edebi
güýçlerimiz kem-kemden jebisleşýärdi. Beýle jebisleşik
bolsa 50-70-nji ýyllar aralygynda köp faktlarda özüni
görkezdi. Meselem, 1954-nji ýylda Türkmenistan
ýazyjylarynyň
III gurultaýy, 1959-njy ýylda IV
gurultaýy, 1966- njy
ýylda V gurultaýy, 1971- nji
ýylda VI gurultaýy, 1976- njy ýylda VII gurultaýy, geçip
olarda türkmeniň çeper pähiminiň iň naýbaşylary
B.Kerbabaýewiň,
H.Derýaýewiň,
B.Seýtäkowyň,
G.Seýitliýewiň,
A.Kekilowyň,
T.Esenowanyň,
11
N.Pommanyň,
G.Kulyýewiň,
M.Seýidowyň,
K.Gurbannepesowyň,
A.Atajanowyň,
R.Alyýewiň,
G.Gurbansahedowyň, A.Myradowyň, Ö.Abdyllaýewiň,
A.Köpek Mergeniň,
Ata Salyhyň, R.Seýidowyň,
G.Ezizowyň, T.Gurbanowyň , H.Taňyrberdiýewiň,
S.Myradowyň döredijiligi
hakynda
gurultaýdangurultaýa giňden söhbet edilipdi. Bu uly şahslar, biribirinden ýaş tapawudyna garamazdan,döreden eserlerini,
işleriniň ululy-kiçiligine seretmezden, hut 50-80-nji
ýyllarda türkmen edebiýatyna wepaly hyzmat edipdiler.
Olaryň köpüsi Türkmenistanyň Halk ýazyjylarydy,
Döwlet baýraklarynyň eýeleridir. Ine,şeýle belent-belent
faktorlaryň hem üstüni göre-bile basyp geçip bolmasa
gerek. Bularyň hijisem häzir aýatda ýok.
Dördünjiden,çeper tankydyň özi, onuň ululy-kiçili
professional
wekilleri barada aýdylanda-da, munuň
agramy şol döwur aralygyna düşýär. 50- nji ýyllaryň
ortalaryndan başlap, 70-nji ýyllaryň ortalaryna çenli
“gyzgyn sehde” A.Kekilow, R.Alyýew, A.Kerimow,
Ö.Abdyllaýew,
A.Myradow,
H.Taňyrberdiýew,
S.Myradow, S.Gurbanow ýaly indi aramyzda ýok
tankytçylar otuz-kyrk ýyllap edebi tankydymyzy
ösdürmäge sabyrsyz goşant goşupdylar. Bu gün olaryň
şägirtleri: J.Allakow, D.Nuralyýew, N.Hojageldiýew,
K.Jumaýew,
A.Garaýew,
A.Mämmedow,
Ş.Halmuhammedow, G.Geldiýew, B.Ussaýew, A.Orazow
dagy bu kyn işi dowam etdirýärler. Häzir bularyň hem
aramyzda bary bar, ýogy bar. Söziň
dogrusyny
aýdanymyzda, şu
soňky
atlaryny
agzan
professionallarymyz hem 60-80-nji ýyllarda bu žanra
gelen zehinlerdir.
12
Şu dördinji
sebäbe ýene iki sany fakty
goşasymyz gelýär.
Bularyň biri SSKP MK-nyň 1972- nji ýyllarda
kabul eden “Edebi-çeper tankyt hakynda” diýen
kararydyr. Bu
karar
çykandan
soň, türkmen
tankytçylarynyň makalalar ýygyndylary özbaşdak kitap
bolup çykdy. “Özbaşdak kitap” diýenimizde, biz asla
edebiýaty öwreniş ylmy bilen bagly, şoňa hut dahylly
monografiýalary nazarda tutýarys. Olar sanardan kän
bolup, türkmen
tankydynyň
indiwidual
stil
aýratynlyklaryny doly ýüze çykarmaga hyzmat etdiler.
Häzir ýeri tygşytlamak maksady bilen biz olary şu
ýerde, çykgytda getirmän, işiň ahyryndaky doly ylmy
apparatda görkezmek bilen çäklendik.
Ikinji sebäbi bolsa tankydymyzyň çekişme žanry,
50-80- nji ýyllarda giň gerim aldy. Munda goşgy
düzüliş
formalary, tankydy
realizim,
hekaýalar,
powestler, romanlar,döwür-şahsyýet we poeziýa, şahyr
bolçulygy we şygyr gytçylygy, çagalar edebiýaty
barada giden çekişmeleri mysal alsa bolar. Şeýle
jygba-jygly döwür hem 1972- nji ýylyň tankyt
baradaky belli kararynyň ruhunda bolup geçipdi.
Tankyt, şeýdip kämilleşýärdi.
Şeýlelikde, biz öz
derňewimiziň
maksady,
metodologik prinsipleri, täzeligi, işlenýän baplary bilen
tanyşmaklyga geçýäris.
Iş girişden, bäş bapdan, netijeden, peýdalanylan
edebiýatdan ybarat.
Girişde, ýokarda aýdyp geçilişi ýaly, derňewiň
dowamynda nähili prinsiplerden ugur alynjaklygy
barada söz açylýar, Şunuň bilen bir hatarda ýene-de
13
käbir aýratynlyklar barada söz açmak maksada
laýykdyr.
Bu çeper tankydyň problematikasy we tematikasy
hakda taryhy-filologik planda ýazylýan iş. Şonuň üçin
muňa hemme çeper eserlere her bir awtor tarapyndan
ýazylan birlän-ikilän synlar, seslenmeler alynman ýa-da
metbugatda tötänden bir ýa-da iki sapar çykyş eden,
emma tankytda, edebiýatda yz galdyrmadyk adamyň
makalalary alynman,diňe tankyt žanryna degişli, şoňa
belli derejede goşant goşan adamlaryň we açykdan-açyk
professional wekilleriňiň işleri, çykyşlary, makalalary
alyndy we analzlendi. Mundan daşary-da arassa
edebiýaty öwreniş
ylmyna, folklora
degişli
monografiýalara, kitaplara synlar hasaba alynmady.
Sebäbi
edebiýaty
öwrenişe, folklora
degişli
seslenmeleriň, synlaryň, çykyşlaryň makalalaryň özine
degişli spesifik aýratynlyklary bolup, olar çeper
tankyda söziň doly manysynda girmeýärler. Onsaňam,
beýle etmeklik, ýagny hem edebiýaty öwrenişi,hem
folklory şu işe goşmaklyk metodologik bulaşyklyga
alyp barardy. Çünki biziň işimiz asla çeper tankydyň
letopisi däl-de, onuň hususy problemalarydyr. Bu her
bir edebi taýdan sowatly adama düşnükli bolsa-da,
ýekeje aýdyň mysal getireliň.
Türkmen edebiýatyny öwreniş hem folklor ylmynda
akademik B.Garryýewiň, professorlar
H.Aşyrowyň,
S.Garryýewiň,
M.Kösäýewiň,
halk
döredijiligini
öwrenişiň belli halypasy H.Hanowyň atlary, halk içinde
aýdylşy ýaly “ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa” çenli gaty
meşgurdyr. Bularyň hyzmatlary-da şu ugurda aşa uludyr.
Emma şu kişiler tankytçy hökmünde tanalmaýardy,
14
munuň asla olara geregi hem ýokdy. Şonuň üçin olaryň,
hakykatdan-da, 50-80-nji ýylar aralygynda bitiren işlerini
analizläp oturmak artykmaçlykdyr we şu işiň
logikasyna laýyk gelenok.
Emma, bularyň tersine, akademik A.Kekilowyň,
professorlar R.Alyýewiň,
Ö.Abdyllaýewiň, halypa
edebiýatçylar A.Myradowyň, H.Taňryberdiýewiň, işleri
barada beýle diýmek ýalňyşdyr. Olar edebiýaty öwreniş
ylym bilen çeper tankydy utgaşdyran, bu iki ugura
köpri bolan alym tankytçylardyr. Soňky ýyllaryň
barlaglary bularyň ömrüniň üçden iki böleginiň tankyt
meýdanynda geçendigine şaýatlyk edýär. Hatda şu
adamlar
söziň
doly
manysynda
professional
tankytçylardyr. Şonuň üçin işiň bütin dowamynda
olaryň ylmy işlerine-de, gazet-žurnallardaky çykyşlaryna-da mydama salgylanyljakdyr.
Girişde gürrüň edilmeli ýene bir zady ýatladalyň.
Mälim bolşy ýaly, türkmen edebiýaty ýerden ýeke
çykan edebiýat däl. Ol asyrlar dowamynda Gündogar
edebiýaty, türki halklaryň ýazuw ýadygärlikleri bilen
baglylykda ýaşady we ösdi. Öňki SSSR-iň ýetmiş
ýyllyk ömründe bolsa “Köpmilletli sowet edebiýaty”
diýilýän uly maşgalanyň agzasy bolup, ondan öwrenen
hem ideýa-çeperçilik birliginde ýaşady. Şonuň üçin biz
öz işimizde rus, özbek, gazak, azerbeýjan edebi tankydy
bilen baglylykda, degşirme planda türkmen tankydyna
göz gezdirmekligi maksat edindik. Şonuň taryhy
taýdan-da, durmuşyň talaby taýdan-da, dogrudygyny
görkezýän köp sanly çeşmeler işiň ylmy apparatynda
berlen spisokda görkezildi.
15
“50-80-nji ýylaryň edebi-çeperçilik
sredasy we
tankydynyň derejesi” diýen birinji bapda, adyndan belli
boluşy ýaly, ýokarda görkezilen döwüriň tankydyna,
edebi prosesine bitewülikde baha berildi. Muňa birnäçe
faktorlaryň sebäp bolandygyny ýörite bellemek mümkin.
Ozaly bilen, türkmen tankydy pikiri öz gözbaşyny
klassyky
döwürden,
beýik
Magtymgulynyň
döredijiliginden bäri alyp gaýtsa-da, asyl žanrlyk
häsiýetine XX asyrda eýe boldy. Bu döwürde proza,
dramaturgiýa,oçerk, publisistika ýaly täze žanrlaryň
döremegi bilen bir hatarda, edebi tankyt hem söziň
doly manysynda, öz üstünligi-kemçiligi bilen bilelikde
XX asyryň 20-60-njy ýyllarynda sistemalaýyn halda
ýüze çykdy we öz professional wekilerini orta çykardy.
Munuň şeýledigini türkmen alymlarynyň tankydy
baradaky işleri subut etdi.
Hakykatda-da, çeper tankyt XX asyryň 20-nji
ýyllarynda
yzgiderli peýda bolup ugrady. Onuň
O.Täçnazarow, G.Sähedow, H.Çaryýew ýaly
irki
wekileri
orta çykdy. Olar barada A.Kekilowyň,
P.Rejepowyň, K.Jumaýewiň,ýokarda ýatlanan kollektiw
işinde, has beteri-de K.Baýramyradowyň “Söweşjeň
edebiýat ugrunda” diýen kitabynda gürrüň berilýär1.
40-njy ýyllardan tä biziň günlerimize çenli bolan
döwürde häzirki zaman türkmen edebiyatynyň örän
uly wekileri terbiýelenip ýetişdi2. Diňe meşhur “Aýgytly
ädim” roman-epopeýasyny, şygyr bilen ýazylan “Söýgi”
Allakow J. Türkmen edebi tankydynyň taryhy. Okuw gollanmasy.
Aşgabat:“Magaryf“, 1988, -304 s.
2
Aşyrowa E. Türkmen edebi tankydy 1950-1955-nji ýyllarda. Aşgabat:
Golýazma, 1980. -138 s.
1
16
romanyny agzamagyň özi-de şuňa mysal bolup biler. Şol
iki eseriň birinjisi – B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim”
onuň birinji kitaby 1940-njy ýylda çykandygyna
garamazdan, ol roman-epopeýa halyna 1949-njy ýylda
etipdi. “Söýgi” romany bolsa 1945-nji ýylda žurnalarda
çykyp başlap, umumy üç kitapdan ybarat görünişde
1961-nji ýylda okyja ýetirilipdi. Diňe bular däl, şu az
wagytda örän uly eserler ýazyldy.
Türkmen edebi tankydy ellinji ýyllardan bäri gol
ýaýradyp ugranlygy ýeke-täk mysal däldir. Edil şeýle
ýol rus, özbek, gazak, gyrgyz, azerbeýjan tankydy hem
geçdi.1
Biz şol edebi-tankydy hataryň arasyndadyk. Muny
bolsa inkär edip bolanok, terisine, şol edebiýatlaryň
deňinde garalyp,baha berlende,ol özüniň obýektiw
analizini tapýar.Çünki edebi tankyt hususy spesifikasyna
ýetmezden öňürti öz edebi materialyna eýe bolmaly, ony
analiz etmegiň kriterilerini işläp düzmeli, diňe žanr
höküminde şoňa gulluk edýän professional wekilerini
taýýarlap ýetişdirmeli. Muňa bolsa B.Kerbabaýewiň
“Aýgytly
ädim”, “Nebitdag”, “Gaýgysyz Atabaý”,
A.Gowşudowuň
“Mähri-Wepa”,
“Köpetdagyň
eteginde”romanlary ,H.Ysmaýylowyň “Iki atynyň atynyň
ogly” “Mugallymyň gyzy”, “Öküz gödek”, “Bäsdeşler”,
B.Seýtäkowyň “Başa-baş söweş”, “Ynjalyksyz adamlar”
powesteri,G.Seýitliýewiň, G.Muhtarowyň pýessalary,
A.Kekilowyň, Ç.Aşyrowyň, poemalary, A.Salyhyň,
N.Pommanyň,
D.Haldurdynyň,
T.Esenowanyň,
A.Kowusowyň,
A.Atajanowyň,
K.Gurbanepesowyň,
Русская советская литературная критика /1935-1955/ М: «Просвещение»
1983. -271 с.
1
17
M.Seýidowyň, B.Hudaýnazarowyň we olardan
soň
altmyşynjy ýyllarda edebiýata gelen zehinli şahyrlar
G.Ezizowyň, H.Kulyewiň, A.Agabaýewiň, I.Nuryýewiň,
B.Jütdiýewiň döredijilikleri, hut şunuň ýaly-da
tankytçylardan
A.Kerimowyň,
A.Myradowyň
Ö.Abdyllaýewiň, H.Taňyrberdiýewiň, S.Myradowyň,
J.Allakowyň.
N.Hojageldiýewiň,
D.Nuralyýewiň,
G.Geldiýewiň,
A.Garaýewiň
kitaplaryň
yzgiderli
metbugada çykyşlary sebäp boldy. Ýa-da has doly
esasda aýdylanda, biziň işimiziň birinji babynyň düýp
materialyny “Türkmen
edebiýatynyň taryhynyň” V
tomunuň 2-nji kitabynyň we VI tomunuň I-nji kitabynyň
içinde 1945-1967-nji ýyllar aralygynda döredilen çeper
eserler we edebiýat meýdanyna gelen wekiller tutýar.
Bu ýöne ýerden däl. Onuň uly durmuş sebäpleri bar.
Ösüşiň şeýle kanuna-laýyklygy hemme doganlyk
edebiýatlarda, ozaly bilen öňki Soýuz edebiýatynda
aýratyn
nygtaldy. Işiň birinji uly bapyny şol
kanunalaýyklykda durşuna almak mümkin däl. Tersine,
tutuş bap şol umumy ösüş kadasyna laýyklykda alynyp
baryldy.
Ikinji bap “70-nji ýyllar edebi tankydyň ýokary
göteriliş döwrüdir” diýip atlandyrylýar, bapyň şeýle
atlandyrylmagynyň birnäçe düýpli sebäpleri bar. Ozaly
bilen, bu döwürde türkmen roman žanry ymykly
özgerişligi
başdan
geçirdi. Ony gysga
sözlerde
düşündirmek hem mümkin däl. Şeýle-de bolsa, bu
bapda
durulyp geçiljek edebi pursatlary az-kem
häsiýetlendireliň.
Belli bolşy ýaly, altmyşynjy ýylaryň ahyry,
ýetmişinji ýyllaryň başy ähli çeper žanrlarda inkär edip
18
bolmajak ösüşlere eýe boldy. Ony “ Türkmen
edebiýatynyň taryhynda” adalatly belläp, şeýle ýazyldy:
“Döwrüň dowamynda /60-njy ýyllaryň ahyry, 70- nji
ýyllaryň başy. –E.A./ türkmen
prozasynyň
ähli
görnişleri baýlaşdy.
Türkmen alymlarynyň bellemegine görä, mysal
üçin, romanyň taryhy, taryhy- rewolýusion, häzirki
zaman görnüşlerinden başga-da, roman-ýatlama, roma-hronika, dokumental roman ýaly görnüşleri şu döwüriň
içinde ýüze çykdy we ösdi. Romanyň içki häsiýeti
hem öňkilerden köp derejede ösdi we özgerdi. Häzirki
zaman türkmen romanynyň üznüksiz biri-birine meňzeş
wakalaryň deregine psihologik sahnalar bezeýär1.
Dogrudan-da,
“Aýgytly
ädimden”
başlap,
S.Annasähedowyň “Ygrar” /1991/ romanyna çenli ýüze
golaý roman okyja gowuşdy. Diňe 1947-1980-nji ýyllar
aralygynda 55 sany roman çapdan çykdy2. Soňky on
üç ýylyň /1980-1992/ önümi entek ona girenok.
Umuman, diňe roman žanry däl,türkmen poeziýasyda, oçerk bilen çeper publisistika hem ýokary
göterilişi başdan geçirdi diýen pikir, uly alymlaryň
güwä geçmeklerine görä, hakykatdyr3.
Aslynda, poeziýa agzalanda, onuň liriki we epiki
görnüşleriniň şu döwür içinde gülländigi hem ylym
taýdan takyklanypdy. Şol sebäbe görä “Türkmen
edebiýatynyň taryhynyň” VI tomunyň 2-nji kitabynda
çeper tankyt barada ýörite bölim berilmegi adalatlydy.
Türkmen edebiýatynyň taryhy. VI tom. 2-nji kitap. 1968-1979.
Aşgabat:Ylym, 1984. 15 s.
2
Şol ýerde. 20 s.
3
Türkmenskiý roman. Bibliografiýa. Sprawoçnik. Aşgabat: 1981. 22 s.
1
19
Eger şol tomuň giriş bölüminde jemleýji häsiýetde
ýazylan şu setirlere üns berilse, ol praktikada-da
şeýledi:
“Edebi tankydyň professionallyk derejesi hem ösdi.
Edebi prosese gatyşmak işini has aktiwleşdirdi,
görnükli alymlaryň birnäçesiniň ünsüni özüne çekdi.
Şonuň bilen birlikde ol häzirki edebiýatymyzyň
çylşyrymly meselelerine öz sesini goşdy.
Respublikanyň “Edebiýat we sungat” gazetinde we
“Sowet edebiýaty”, žurnalynda edebiýatymyzyň roman,
powest hem-de ownyk žanrlary barada edebi çekişmeler
geçirildi. Şonuň ýaly çekişme edebiýatyň graždanlyk
pafosy barasynda hem bolup geçdi. Şol çekişmelere uçdan
tutma görnükli ýazyjylar, şahyrlar, edebi tankytçylar we
edebiýatçy alymlar gatnaşdylar1.
Bu pikir bapyň bütin dowamynda edebi faktlar
bilen degşirilýär.
Biz her näme diýsek-de, öňki SSKP MK-nyň “Edebi
- çeper tankyt hakynda”/1972,21-nji ýanwar/ diýen
karary Soýuz we milli tankydyň ilerlemegine aýgytly
täsir etdi. Şonuň üçin ýetmişinji ýyllar tankyt žanryň
ýokary göterilişi hökminde taryha girdi. Şol kararda
aýdylan örän dogry bir kesgitlemäni şu ýerde
getirmek amatlydyr:
“Tankydyň borjy – häzirki zaman çeperçilik
prosesiniň
hadysalaryna,
tendensiýalaryna
we
kanunalaýyklaryna çuňňur analiz bermek... halkylygyň...
prinspleriniň pugtalandyrylmagyna hemme çäreler
Türkmen edebiýatynyň
Aşgabat:Ylym, 1984. 14 s.
1
taryhy.
VI tom. 2-nji kitap. 1968-1979.
20
arkaly ýardam etmek, sowet sungatynyň ýokary ideýaestetik derejesi ugrunda göreşmekdir”1
Bu pikirlerden sähel wagyt geçensoň, türkmen
tankytçylaryndan
Ö.Abdyllaýewiň,
A.Garaýewiň,
S.Myradowyň,
D.Nuralyýewiň,
H.Taňyrberdiýewiň,
özbaşdak edebi tankydy makalalar ýygyndylary çapdan
çykdy. Biz bu professional tankytçylaryň 1972-1980- nji
ýyllar aralygynda çykan kitaplaryny göz öňünde
tutýarys. Ähtimal, şonuň üçin bolsa gerek, türkmen
ýazyjylarynyň VII gurultaýynda /1976/ J.Allakow , şeýle
diýdi:
“Soňky
döwürde
edebi-çeper
tankydymyzyň
professional ussatlygy, estetik derejesi-de kämilleşýär.
Eger mundan 10-15 ýyl öň ýazylan makalalardyr
synlarda eseriň ideýa-mazmunyny gürrüň bermeklige,
onuň obrazlaryny kommentirlemeklige köp orun
berilýän bolsa, häzirki döwürde peýda bolýan
makaladyr synlaryň birnäçesinde eserleri çeperçilikestetik
taýdan
analizlemäge
edebi
prosese,
ýazyjylarymyzyň döredijilik ussahanalaryna aralaşmaga
bolan meýil güçlenýär”2
“Türkmen edebiýatynyň taryhynyň” VI tomunyň 2-nji
kitabynda “Edebiýaty öwreniş ylmy we edebi tankyt”
diýen bölümde ýörite professional tankytçylaryň 60-70nji ýyllarynda
ösip ýetişendikleri nygtalyp, olaryň
esasy tankydy kitaplaryna analiz berilip “tankytçylaryň
aktiw işländiklerine, her bir meselä çuňňur nazar
1
2
Türkmen edebiýatynyň taryhy. VI tom. 2-nji kitap. 17 s.
Şol ýerde. 20 s.
21
aýlaýandyklaryna, öz
tankytçylyk
stillerini
ýüze
çykarandyklaryna göz ýetirýäris”1 diýilip bellendi.
Ol

ýüzinde
şeýledi. Ýetmişinji
ýyllar
Ö.Abdyllaýew, S. Myradow, ýaly
Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laurýatlary:
A.Myradow, G.Geldiýew kimin Türkmenistanyň Lenin
komsomoly baýragynyň laurýatlary, D.Nuralyýew, ýaly
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgärini berdi.
Bular professional tankyda edilen hormatdy. Ine, ikinji
bapda şol meseleler hakda giňden söz açylýar.
“Türkmen edebi - çeper tankydynyň žanr we stil
aýratynlyklary” biziň işimiziň üçinji bapydyr.
Tankydynyň ýyl geçdigiçe kämilleşmegi, onuň
çeperçiliginiň artmagy bu ýyl žanryň ýaýrawynyň
giňemegine we stil tapawutlarynyň ýüze çykmagyna
alyp
geldi. Bu
prozanyň, poeziýanyň, çagalar
edebiýatynyň, klassyky mirasyň tankydy hakda söz
açmaga mümkinçilik berdi. Hatda edebi aragatnaşyklar
babatynda
hem
stil
taýyndan
saýlanýan
tankytçylarymyz ýüze çykdy. Galyberse-de, tankydyň
syn, çekişme,
problemalaýyn
syn
häsietindäki
žanrlarynda öz wekileri bar diýsek, ýalňyş bolmasa
gerek. Öziniň teoretiki çemeleşişi jähtinden birneme
beýleki baplardan professional tankytçylaryň, olaryň
hem özbaşdak kitaplary telim gezek çykanlarynyň
haýsy žanra ýykgyn edendikleri we nähili stilleriniň
barlygy hakynda durup geçmekçidiris.Şeýle çemeleşme
babyň öz adyndan, maksadyndan gelip çykýar. Has
anygyny
aýtsak,
prozada
M.Annagurdowyň,
1
Sowet Türkmenistany. 1972. 26 ýanwar
22
A.Kerimowyň, Ö.Abdyllaýewiň, H.Taňyrberdiýewiň,
J.Allakowyň,örän uly hyzmatlar bitirendiklerini okyja
ýatlatmak bilen, biz olary proza tankytçylary diýip
atlandyrasymyz gelýär. Şol bäş professional proza
tankytçylary özbaşdak kitaplaryny hem proza boýunça
hödürlediler. Ine,olaryň žanr aýratynlygy. Ýöne stil
babatda bular asla biri-birine meňzeş däl. Indiwidiual stil
şu bapda anyk mysallaryň üsti bilen ýüze çykarylmaga
synanşyk edildi.
Poeziýa žanrynyň tankydynda D.Nuralyýew,
A.Garaýew,G.Geldiýew, S. Myradow, B.Ussaýew dagy
yzgiderli
çykyş
etdiler
hem ýörite
makalalar
ýygyndysyny neşir etdirdiler. Olar poeziýa žanrnyň
goragynda
durmak
bilen
bir
hatarda,lirika
çemeleşmekde indiwidual stilerini ýüze çykaran
professional tankytçylardyr. Olar
hem
mukdar
hasabyndan bäş.
Emma iki žanrda-da tas gyradeňlikde iş salyşan
professional tankytçyny şu ýerde agzamagy ýerlikli
hasap edýäris. Bular A.Myradow, we N.Hojageldiýew,
dagydyr. Bütin tankytçylyk işlerinde olar prozada,
poeziýada gyradeň nazar aýlamaga ýetişdiler. Ýöne
stilleri düýpgöter aýrydyr.
Ýörite ady agzalmasa-da, az ömründe Saparmyrat
Gurbanow diýen çagalar edebiýatynyň tankytçysy
diýen düşünje bilen okyjylaryň kalbynda galdy.
Şeýlelikde, şu
bapda
on üç
sany professional
tankytçynyň žanr hem stil aýratynlygyny açmak bilen
çäklenmegi dogry tapdyk.
Işiň dördinji bapy “Türkmen edebiýaty öwreniş
ylmynyň we çeper tankydynyň arabaglanşygy” diýlip
23
atlandyrylýar. Munuň şeýle atlandyrylmagynyň ýeterlik
sebäpleri bar. Olaryň esasy üçisini agzamak zerur.
Birinjiden, altmyşynjy ýyllaryň ahyrlarynda, has
takygy, 1959-1960-njy ýyllarda beýik Magtymgulynyň
225 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk görülýän döwürlerde
birdenkä edebi tankyt ýüzüni klassiki mirasa öwürdi.
Dogrusy, “Türkmen klassyky edebiýatynda
tankydy
realizm barmy ýa-da ýokmy?” diýen örän kyn, emma
juda gerek sowal orta atyldy. Ine,şu ýerde türkmen
edebiýatynyň iň belli wekilleri A.Kerimow, P.Rejepow,
R.Alyýew,
Ö.Abdyllaýew, A.Myradow, K.Jumaýew,
H.Taňyrberdiýew,
B.Garryýew,
ýaly
alym
edebiýatçylary, professional tankydçylary, bar güýçlerini
orta goýup, tapgyr- tapgyr makala ýazdylar. Tankydy
realizm ”bar”, ýa-da “ýok” diýen toparlar belli netijä
gelmeseler hem, türkmen tankydy
güýjiniň
kämilleşýänligi,onuň ylyma ýakynlaşýanlygy göründi.
Özem olaryň aglaba köpüsi edebiýatçy alymlardy.
Ikinjiden, 60-70-nji ýyllarda Magtymgulynyň - 225,
Seýdiniň - 250, Zeliliniň - 200, Mollanepesiň, Mätäjiniň 150, segseniji ýyllarda bolsa B.Kerbabaýewiň, 90 ýylyk
ýubileýine makalalar ýygyndysynyň çap edilmegi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.