Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14

Total number of words is 3420
Total number of unique words is 1907
26.0 of words are in the 2000 most common words
38.2 of words are in the 5000 most common words
43.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
derejesine baryp ýetýär. Ine, şu häsiýeti ony bulaşdyrýar,
onuň sepini açýar. S.Myradow jedeliň keýpine alymlaryň
hem-de edebiýatçylaryň ençeme ýyllaryň dowamynda
nygtap gelen hakykatyny inkär etmegiň hatyrasyna şol
pikiriň ters tarapyndan gelip, jedele girýär. Her edip hesip
edip, pikirini sülä getirmäge çalyşýar. Bile görä baş
goşýan
şeýle
jedelleri
tankytçynyň
zehininiň
näderejedigini saýgarmaga päsgel bermän, gaýta ugrundan
galas-da, baş alyp çykýan, köp bilýän jedelkeşdigini subut
242
edýär. Edebi prosesiň derejesini kesgitlände weli, ol
obýektiwligielden bermeýär. Göwnüne ýaramadyk
säwlikleri keserdip goýmany başarýar, gerek ýerinde ýüz
görüp gapyrga syryp durmaýan, kä ýerde sypaýyçylygy
elden bermeýän, kähalatda-da bir taraplykdan-da
gaýtmaýan pursatlary bar. S. Myradow edebi prosesiň
bärden gaýdýan ýerlerini saýgarmakda şol döwrüň ähli
tankytçylaryna diýen ýaly görelde bolupdy. Ol öz
derňewleriniň birinde: ”Eger şygyrlar perzent ýaly gara
bagyrdan önýän” bolsa, onda olara ene-atalar ýaly hem
garaşyk etmeli. Ene-atanyň öz balasynyň kemini öz
öýünde duýduryşy düzedişi ýaly şygyrlaryň keminide ile
çykarmankaň entek öz eliňdekä düzetmäge çalyşmaly.
Biziň weli onuň kemini gögmän diňe ile çykarmak üçin
dawa salýan saparlarymyz seýrek däl” /S.Myradow
Durmuş bilen aýakdaş. Aşgabat, 1980. 231 sah./ diýip
dogry kesgitleýär. Elbetde, şol döwürde edebi tankyda
gowy düşünilipdir. Häzirki döwüre şeýle tankyda nähili
gaýtawul berilýänligi hiç kime gizlin däl bolsa gerek.
Hakykatyna seredeniňde, tankydyň obýektine öwrülmekde
ykrar edildigiňdir. Köplenç halatda halkyň ykrar eden
ýazyjylaryň eserleri edebi tankydyň kemçiligi dözümli
açylyp görkezilýön obýekti bolup biler. Bu bolsa ykrar
edilen döredijiden talabyň uludugynyň subutnamasydyr.
Ol häzirki zaman türkmen poeziýasynda bir şahyra
M.Seýidowa aýratyn üns berdi.
S.Myradow “Beýikleriň buda bir beýikligi
Elmydama saklaýarlar bir tabyn”
diýen makalasynda S.Myradowyň döredijilik keşbini
açmaga synanyşar. Şonda şahyryň goşgy düzüş formasy,
onuň şygyryň tehnikasyna erk edip bilýänligi
243
dünýägaraýşynyň diňligi türkmen topragynyň üstündäki
özgerşikden başgada dünýä möçberindäki täzeliklere göz
ýetirýändigini şol üýtgeşmeleri öz akyl eleginden geçirip,
ussatlarça döredijilikli işläp halka ýetirýänligi degerli
mysallaryň beýanynda gürrüň edilýär. Öz tankydy
belliginde şahyryň goşgularynyň çeperçiligi barada gürrüň
edip, onda käbir säwlikleriň duşýandygy setirlerde bogun
ölçegini, ritmi, kapýany sazlajak bolup käbir sözleriň telim
gaýtalanýanlygyny mysallaryň üsti bilen subut edýär.
Goşgularyň ideýa tematik derňewinde watançylyk, halkyň
häsiýetleriniň bolmaly derejesiniň arşa götermelidigini
kesgitleýär. Şahyryň döredijilik özboluşlygyny açýar.
S.Myradowyň liriki gahrymany içki drametizminiň
güýçlidigi bilen durmuş çylşyrymlygynyň konfliktiniň
çuňňur açýanlygy bilen, logikanyň zorlugy bilen, gündelik
wakalar dogrusyndaky filosofik oýlanmalaryň ýitiligi bilen
parhlanýar. Edil şu parhly taraplar şahyryň ol
gahrymanynyň dar gursak däldigini, parasatlydygyny,
şonuň bilen bir wagtda hem adamkärçilik gumanizm
meselesinde
öz
sypatynyň
idealogiýasyna juda
wepalydygyny gaýry abstract duýgy-düşünjelere subut
edýär1 diýip. Onuň döredijilik älemine aralaşýar. Biziň
äýösüşimize uly zyýan berýän ýolbaşçy sumaklaryň edenetdiliginiň garşysyna ýagşydan lezzet alyp, ýamany
ýigrenip bilmeýän mahluklaryň, görüpleriň, gybatkeşleriň,
töhmetçileriň , dönükleriň we ş.m.
Etmişlerine bagyşlap döreden eserlerindäki ajy
sarkazmyň onuň döredijiligine mahsus häsiýetdigi şunuň
ýaly şygyrlaryň ähmiýetiniň uludygy, söweşjeňlik
1
Myradow S. “Durmuş bilen aýakdaş” Aşgabat: Türkmenistan 1980, 75 s.
244
häsiýetiniň güýçlidigi, nyşana degýändigi barada gaty
gyzykly gürrüň edýär. Makalanyň dowamynda alymlar
bilen jedele girip şeýle diýýär: “…Käbir edebiýatçylar
bolsa awtoryň piker ýumagyny soňuna çenli çöşlemän oňa
nähak igenýär:
Kesellänsiň,
haýpyň
gelsin janyňa,
“Bar” diýýärler wraç
gyzyň ýanyna,
Şol gyz dälmi ozal beren
bu derdi,
Indi barsam, galar meniň
ganyma –
diýen hemme kişe düşnükli ile belli rubagyny derňäp,
filologiýa ylymlarynyň kondidaty Allamyrat Garaýew
“adamlary sagaltmak ugrunda janyny gaýgyrmaýan wraç
gyzyň ganhora meňzedilmegi okyjyny nägile edýär.
/Allamyrat Garaýew. Poeziýamyz kämillik ýolunda.
Aşgabat, 1974. 158 sah./ diýýär.
Rubagynyň meňzetmesinden alym nägile bolsa
bolandyr, okyjy bolsa nägile bolanok. Sebäbi ol liriki
gahrymanyň şol wraç gyzy ganhora meňzetmeýänligi,
eýsem, her baranda, ölini direldip, dirini öldürýän
söýgülisi saýýandygyny bilýär.
Eger ýokardaky rubagy barada şeýle zatlary
diýmäge diliň barýan bolsa, onda “Kanun bar, ganhora
bülümdir ölüm, sen meni öldürdiň her günde telim. Emma
bir gezek hem jeza çekeňok, eý, meniň jelladym, garagöz
gelin” /M.Seýidow. Goşgular. Aşgabat, 1960 ý. 73 sah/
ýaly setirleri dogrusynda has beter has mojuk sözleride
diýbermeli, meseläniň erbet ýeri şeýle diýibermegiň
245
ýagny, şeýle ýalňyşlygyň edebiýatda getirilmesiz hata
däldigini bilip ýöne ýalňyşjak bolup durmaly däldiginde,
söz sungaty ýaly inçe işe ätiýaçly çemeleşmegi endik
edinmelidiginde. Ýokardaky setirlerde şahyr ölümeölümiň bardygyny ýatlasa-da, onuň uly mähir-muhabbet
bilen, uly söýgi bilen ýatlaýar, Şuňa düşünjek bolmaly”
Biziň köpräk almagymyzyň sebäbi jedelde haýsy
toparyň pikiriniň dogrydygyny kesgitlemäge mümkinçilik
bermegi niýet edindik. Tankytçynyň özide kämahal şunuň
ýaly jedele girip, bir zadyň nädogry ýerini tutmagy gaty
çalt başarýar. Ol jedelini dowam etdirip S.Myradowyň
eserleri hakynda käbir tankytçylaryň görkezýän zatlarynyň
esasydygyny güýç logika bilen subutlandyrýar:
“M.Seýidow pikirini aýdyň beýan edýän, pikirini kesä
çekere ýer goýmaýan şahyrlaryň biri. Şeýlede bolsa
tilsimleriň töwereginde kelle döwýänler azlyk edenok. Ol
her bir simwoliki mazmun ynsan durmuşyny
ýatlatmalydyr, olaryň biri-birine barabarlygy bolmalydyr”
diýip, şahyryň käbir eserlerinde şeýle barabarlygyň
ýoklygyny tankytlaýar. Mysal hökmünde hem “Bahar
gündeligindäki” 86-njy goşgyny ýatlaýar. Ol goşgyda
şahyr pagtaçy ýigit gowaça meýdanyndaky haşal otlary
otanynda biz oňa hiç zat diýmeýäris. Şahyr ýigit durmuşyň
nogsany hakda goşgy ýazsa, oňa ýerli-ýerden igenýäris
diýýär. G.Geldiýew bolsa şahyryň şu pikiri dogrusynda
“ýeri şu ýerde
nähili organiki baglanşyk
nähili
mynasybat bar? Biziň pikirimizçe, çeper detal zora direlip
getirilipdir” /G.Geldiýew “pikire baý poeziýa” sowet
edebiýaty 1974. 225 sah/ diýip ýazýar. Biziň pikirimizçe
bu ýerde hiç hili zora direlip getirilen ýa äkidilen zat ýok.
246
Tankytçy: “… Şahyr Atamyrat Atabaýew hem onuň
soňky göreşleriň hatyrasyna ölümden eýmenmek
gorkmaklyk däldir diýen setirlerini goşgy has güýçlenjek
eken.
- Men goşgynyň hili barada gürlämok-da, belki eser
dogrysynda ýazylanda diňe ondaky bar zatlaryň gürrüňini
etmelidigi eserde ýok zatlary agzamagyň ýerliksizdigini
ýaňzytmak isleýärin diýip, adalatly belleýär.
S.Myradow şahyryň döredijligine içgin aralaşmak
bilen oňa obýektiw baha berýär. M.Seýidowyň döredijilik
dünýäsinde tutýan ornuny kesgitleýär. Muny onuň iň köp
tejribeli uly alymyň M.Seýidowyň işledýän çeperçilik
serişdelerine şek ýetirjek bolmasynyň esasydygyny
gürrüňsiz subut etmek bolar. Bu hakda S.Myradow şeýle
ýazýar: “Ol geçen wakalaryny-da, ertekiler rowaýatlary-da
il içinde adygyp giden taryhy şahslaryň gyzyla gaplamaly
sözlerini-de halk na-kyllaryny-da, tebigat hadysalaryndan
peýdalanýar. Gerek bolsa özi ertekilerdir rowaýatam ýasa
berýär. Filologiýa ylymlaryň doktory Ruhy Alyýew weli
bu dogusynda rowaýatlardyr ertekiler bilen çaknyşman
gümra bolmak şahyry käte şu günüň temalarynda
uzaklaşdyrylýar” /Edebiýat we sungat/ ündeýär.
Alymyň bu pikirlerini delillendirmek megerem hiç
kime-de ýeňil düşmese gerek. Çünki M.Seýidow hiç
haçanam ertekilerdir rowaýatlara diňe onuň sýužetiniň
gyzyklylygy üçin ýüzlenmedi. Ol hemişe ertekilerdir
rowaýatlaryň nygtaýan pelsepesi bilen iş salyşyp geldi.
Ertekileriň rowaýatlaryň ideýasy bolsa, asyl-ha
könelmeýär. Olar mydamada halk pähimligine galýar.
Ulanyp bilen adamyň eline düşende olar mydamada şu
247
güne hyzmat edýär. M.Seýidow hem olary ulnmagyň
ebeteýini tapýar1.
Tankytçy,
şahyryň
eserleriniň
milliligini,
interensionallygyny, halkylygyny, halkyň progressiw däpdessuryny döredijiligine siňdirmekde
ussatlygyny
mysallaryň üsti bilen düşündirmekde logiki yzygiderli
oýlanyp gerekli delillere ýüzlenip, söz baýlygynyň
çäksizligini peýdalanyp, okyjyny yzyna düşürýär.
M.Seýidowyň gündogar şahyry hökmünde göz öňüne
gelýändigini dili boýunça kesgitlemeseň bir topar
eserleriniň gündogaryň geçmiş poeziýasyna gaty
ýakyndygyny mysallaryň esasynda subut edýär.
Şahyryň eserlerinde gowy günüňi gäterinip bilmek,
gudramazlyk, azmazlyk ýaly ahlak didaktiki problemalar
bilen utgaşdyrylyp, halk döredijiliginiň tymsallarynyň
rowaýatlarynyň, sýužetleriniň dürli reňklere, öwüşgünlere
ýugrulyp işledilendigi açylanda, göwnejaý gürrüň edilýär.
Awtor: “Diýmek, M.Seýidow her näçe uzak geçmişe
ýüzlense-de, hiç haçan öz ýaşap ýören döwrüniň
talaplaryny gözden salmaýan eken, geçmiş bilen şu günüň
arasynda berk köpri gurnaýan eken. Diýmek ýokarda
ýatlaýşymyz ýaly, R.Alyýewiň pikiriniň tersine, şahyr
ertekileri, rowaýatlary şu günüň aladalary bilen
baglanşdyrylyp ulanýan eken”2 diýende mamla. Ahlak
sypatlary dogrusynda gündogar edebiýaty köp-köp ajaýyp
eserler döredilýär. Ata-babalarymyz ahlak kadalaryny
ündeýän rowaýatlar, ertekiler galdyrypdyrlar. Tankytçy
şolar hakda: “Mämmet Seýidow häzirki zaman şahyry. Ol
konstitusiýanyň dürli ustawlaryň, bir gyly uzylygyna darka
1
2
Myradow S. “Durmuş bilen aýakdaş” Aşgabat: Türkmenistan 1980, 82 s.
Myradow S. “Durmuş bilen aýakdaş” Aşgabat: Türkmenistan 1980, 85 s.
248
iki deň bölýän adyl kodeksleriň möwç urýan zamanynda,
olaryň sözme-söz öwrenilýän döwründe ýaşaýar. Parahat
zähmet çekmek üçin, gorky-ürküsiz ýaşamak üçin ol
kepillendiriji dokumentleriň gadyrynyň ütgeşikdigini
bilýär. Şonuň bilen bir wagtda hem adamy adam edip
ýetişdirmek üçin ak kagyza gara galam bilen ýazylan
gadagan ediji kanunlaryň ýalňyz serişde däldigini
jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşi bilen baglylykda bularyň
ütgäp durýan mejburlyk serişdedigini şonuň üçinem bu
meselede her bir adamyň özi bilen dünýä inýän, ýöne
kimde yhlas bilen idelip ösdürilýän, kimde şol özi bilen
dünýä inişi ýaly göýdikligine galýan ahlak konstitusiýasy,
wyždan ustawy, namys kodeksi ýaly ýazylmadyk
kanunlary
oýatmagyň,
ese-boýa
galdyrmagyň
peýdalydygyny unutmaýar. Iň bir guwandyryjy ýeri-de:
umumy gündogar rowaýatlaryna çalym edýän ol sýužeti
biziň sosialistik jemgyýetimiziň ahlak normalarynyň
talabyna laýyk edip işleýär.
S.Myradow biz çekişmä ýykgyn edýän tankytçy
diýen mahalynda, onuň nämäniň hakynda jedele
girýändigini anyklaşdyrmagymyz gerek.
Ol hiç haçan gutarnyky bir jandan jedel
poeziýasyny tutmaýar. Bu tankytçy detala fakta
kowalaşýar. Meselem, ol gündelik gürrüňi diýen
makalasynda Frans Fýuman bilen K.Gurbannepesowyň
“Mätäç mamasyny”, G.Seýidow bilen A.Haýydowyň
“Guşlaryň”, “Uçuň guşlar” goşgusyny “Durmuýyň
poeziýasy, poezýanyň durmuşy” atly makalasyna
A.Myradowa “Gözbaşyň senasynda oýlanma” diýen
makalasynda N.Atdaýewe, B.Şamyradow, Ýa.Muhamowa,
“Tötänlik, meňzeşlik, edebi täsir” diýen makalasynda
249
Ö.Abdyllaýewe, R.Rejebowa, “Rowaýatlar, goşgular hem
logiki” diýen synynda M.Kösäýewe, D.Nuralyýewe
“Gündogar edebiýatynyň täsin hadysasy” diýen işinde
S.Garaýewe we beýlekilere zol-zol igenmekden ýazanok
şol igençleriň hemmesi birigende bir bitewi problemanyň
daşyna jemlenmän ownuk-uşak detallary pytraýar. Munuň
özi bir tarapdan S.Myradowyň anyk zady aýdasy
gelýändigini görkezse, ikinji tarapdan alymlaryň hem
jogapkärçiligini artdyrýar. Aýratynam S.Myradow umumy
ylmy düzgünlerden daş bolanlygy üçin onuň Magtymguly,
Zelili, umuman klassyk edebiýat baradaky garaýşynyň
çäklidigini, tendensiozlygyny ylmy taýdan ynandyryjy
däldigini görkezýär. Şuňa meňzeş kemçiliklerine
seretmezden, ol edebi tankydyň taryhynda özboluşly stili
bilen tanalýar.
Türkmen poeziýasynyň keşigini çekmekde özi hem alym,
hem tankytçy, hem şahyr iki adamyň adyny tutmak gerek.
Olar A.Garaýew we G.Geldiýewdir. Bularyň şu ugry
yzygiderli dowam etdirýändikleri hakynda tankydyň özide
ýörite belleýär:
“A.Garaýewdir
G.Geldiýew
bolsa
köplenç
poeziýanyň ýagdaýyny barlamak bilen meşgul. Olaryň
ýygyndylaryda ýörite alyp barýan ylmy işleri çykyşlaryda
bu lanryň ösüşine mümkinçiliklerine bagyşlandy”1.
D.Nuralyýewiň 1981-nji ýylda ýazan “Edebi
tankydymyzyň gerimi” atly makalasyndan alnan şu
adalatly pikiriň üstüne B.Ussaýewi hem goşmak bolar.
Sebäbi B.Ussaýew ylmy işleride “Söweşjeň poeziýa” atly
1
Nuralyýew D. “Edebiýatyňmähek daşy”- Aşgabat- Türkmenistan-1991, 99 s.
250
makalalar ýygyndysynyň-da poeziýa bilen bagly
bolmagynyň daşyndan onuň özem zehinli şahyrdyr.
Ýöne adalatyň haky üçin aýdylanda bularyň
arasynda-da A.Garaýew poeziýa meselesini örän köp işlän
tankytçydyr. Biz onuň Ç.Aşyrow, Nury Annagylyç ýaly
uly şahyrlaryň döredijiliginden ýazýan işlerini türkmen
poeziýasynyň taryhyna degişli saldamly monografiýasyny
hasaba alman, diňe şygra degişli tankydy makalalaryny
seljerenimizde-de A.Garaýewiň žanr we stil ugruny
kesgitlemäge doly mümkinçilik taparys.
Owaly bilen bar zady anyklamaly. A.Garaýew hem
60-70-nji ýyllarda edebi tankyda gelen nesliň bir wekilidir.
Onuň tankydy makalalary metbugata 60-njy ýyllaryň
başyndan bäri bir žanrda poeziýada ýüze çykyp ugrady.
Özem şol dowam edip gelýär. Munuň özi tankytçynyň
esasy aýratynlygydyr.
Onuň tankydy poeziýa žanrnyň gözbaşyndan başlap
tä ýaş wekillere çenli öz içine alýar. Özem indi sözüň doly
manysynda aýdylanda XX asyr türkmen poeziýasynyň
meselelerini derňeýär diýsegem bolar. Halk şahyrlary
Baýram şahyrdan, Durdy Gylyçdan, Nury Annagylyçdan,
Ata Salyhdan, Ata Köpekden gaýdyp professional türkmen
şahyrlarynyň hemmesiniň döredijiligine A.Garaýew örän
belet. Ilkinji liriki-epiki poemalardan başlap ähli iri planly
poemalara hem ol ömür boýy gözegçilik edip gelýär. Öňki
bolanlarda ylaýtada işiň girişinde nygtaýşymyz ýaly biz
türkmen tankytçylarynyň /50-80-nji ýyllaryň tankydy we
wekilleri nazarda tutulýar./ Edebiýat ylmyna degişli
kondidatlyk doktorlyk dissertasiýalary, monografiýalar şu
işde ýörite derňelenok, sebäbi bu temanyň obýektine
girenok. Ol işiň çäginden çykyp gaýtjak we garym251
gatymlyk emele geljek. Şonuň üçin A.Kerimowy,
A.Myradowy,
Ö.Abdyllaýewi,
H.Taňryberdiýewi,
J.Allakowy derňeýşimiz ýaly A.Garaýewiň hem tankydy
makalalary, ylmy işleri bilen çäklenýäris. Emma bir
hakykaty aýdyp goýalyň: A.Garaýew ylmy işleri bilen
tankydy işleriň arasynda tas tapawut ýok. Ol öwrüm, tär,
stil, poeziýa, tema, problema taýyndan, esasan, deň
gopýar. Şu jähtden ol J.Allakowyň proza ylmynda we
tankydynda eýeleýän pozisiýasyna golaý pozisiýany
eýeleýär. Emma, berkidenimizde-de daňlyp durman, erkin
pikir ýöredýär.
Şeýlelikde, A.Garaýewiň uly poeziýamyzyň dowamy
“Poeziýamyz kämillik ýolunda”, “Pikirleriň poeziýasy,
duýgularyň poeziýasy” ýaly bitewi tankydy makalalar
ýygyndysynda ýüze çykan stil aýratynlyklary seljermäge
synanyşalyň.
Bu ýerde tankytçynyň kitaplarynyň atlaryndan belli
bolşy ýaly bir maksatlylygyň planly piker ýöretmegiň
barlygyny aýtmaly. Ol hiç haçan bir mysalyň neşirdäki
ýaly alnandygyna, alynmadygyna kelle agyrdanokda
şahyryň öz duýgusyny nähili açýandygyna düşünjek
bolýar. Şonuň üçin A.Garaýewiň poeziýanyň tankydy
S.Myradowyň poziýa tankydyndan giň, çuň, ynandyryjy
bolup çykypdyr.
Ýaş şahyrlaryň döredijiligi bu ugur tankytçylar
S.Myradowyda,
D.Nuralyýewide,
K.Geldiýewide,
B.Ussaýewide özüne çekipdi. “Uly poeziýanyň dowamy”
diýen kitabyň ýaý içinde “Ýaş şahyrlaryň döredijiligi
barada oýlanmalar” diýen sözleminden çen tutanyňda bu
şeýledir. Ony agzamak bilen biz A.Garaýewiň žanr tema
stil ugruna göz öňüne tutýarys. Diýmek poeziýa we
252
ýaşlyk, ussatlyk we däp, şahyrana gözlegler we şygyr
tehnikasy uly poeziýanyň tejribesi ine, bu meseleler
tankytçynyň häzirki zaman poziýasynyň çäklenýändigini
görkezýär. Bu gerimi giňlik hem onuň tankydynyň bir
aýratynlygydyr.
A.Garaýewe mahsus umumylaşdyryjylyk “Uly
poeziýanyň dowamy”, “Poeziýamyz kämillik ýolunda”,
“Pikirleriň poeziýasy, duýgularyň poeziýasy” diýen
kitaplarynda-da türkmen sowet poýemasy diýen
makalasynda, monografiýasynda-da mahsusdyr.
Taryhy yzygiderlilik etapma-etap gözegçilik
saklamak hem onuň tankydy makalalarynyň bir
aýratynlygydyr. Mollamurt, A.Kekilow, N.Pomma,
G.Seýitliýew, M.Seýidow, A.Kowusow, A.Atajanow,
T.Esenowa,
K.Gurbannepesow,
B.Hudaýnazarow,
A.Haýydow…
Bulardan
soňky
N.Baýramow,
K.Taňrygulyýew,
Ýa.Pirgulyýew.
A.Gurtgeldiýew,
Ý.Durdyýew, Ö.Babaýew, G.Ezizow, B.Jütdiýew ýaly
zehinli nesil hem onuň tankydynda synagdan geçdi. Birini
pesde, beýlekisini ýokarda goýmak bolmak prinsipi onda
ýok:
“Eger 30-40-njy ýyllaryň şahyrlary Magtymguly,
MÇollanepes ýaly söz ussatlarynyň goşgularyny setandaseýranda ýaşulularyň dilinden eşidip ol şygyrlaryň
ussatlyklaryny ine-gana öwrenip bilmedik bolsalar 60-njy
ýyllaryň
ýaş
şahyrlarynyň
kitap
tekjelerinde
klassyklarymyzyň, halk döredijiliginiň eserleriniň küti-küti
ýygyndylary näçe diýseň bar. Bu birinjiden. Ikinjiden
poeziýamyzyň dürli ösüş etaplarynda ýüze çykan lirikaçy
şahyrlar: Molla Murtuň, Rahmet Seýidowyň, Aman
Kekilowyň, Gara Seýitliýewiň, Kerim Gurbannepesowyň,
253
Ata
Atajanowyň,
B.Hudaýnazarowyň,
Mämmet
Seýidowyň gowy goşgulary, poemalary biziň günlerimiziň
ýaş şahyrlary üçin sowet hakykatyny ussatlarça wasp
etmegiň janly nusgasy bolup durdy.
Aýdaly 30-40-njy ýyllarda poeziýamyza gadam uran
türkmen ýaşlary Blogyň, Maýekowskiniň, Demýan
Bednynyň we beýleki rus şahyrlarynyň eserlerini ol diýen
özleşdirip bilmedik bolsalar, şu günki günüň ýaşlary
şahyrlaryň gürrüňleriniň başy Lermentowdan, Ýeseninden
başlanýar.
Eduardas,
Majellaýdis,
Aleksandr
Twardowskiý, Rasul Gamzatow, Ýaroslaw, Smelýakow,
Ýewgeniý Ỳewtişenko, Kaýsyn Kulyýew, Leonid
Martinkow kimin şahyrlaryň eserlerini uly höwes bilen
okaýarlar, gerek bolsa öz dillerine terjime edýärler.
Ine şunuň ýaly oňaýly şertler, şahyrana mekdepler
häzirki
günleriň
ýaş
şahyrlarynyň
talantynyň
tapawutlanmagyna bada-bat gowy eserler döredip
bilmeklerini getirdi.1
Şeýle diýmek bilen tankytçy soňky oý-pikirleriniň
ylmy
esaslaryny
üpjün
edýär.
H.Kulyýewiň,
A.Agabaýewiň, G.Ezizowyň, K.Ylýasowyň, I.Nuryýewiň,
G.Şamyýewiň, B.Jütdiýewiň, G.Geldiýewiň, O.Gurdowyň,
A.Gurbannepesowyň, S.Öwezberdiýewiň, A.Annatyýewiň
döredijiligi bilen sepleşip gidýär.
Ol hakda ýaňy başlaýan zehinlerede eseriň
garamagy unudylanok. Şolarda gabat gelýän örän bir
taraply, dar, çäkli duýgulary ol A.Seýitmyradowyň,
Garaýew A. Uly poeziýamyzyň dowamy. /Ýaş şahyrlaryň döredijiligi barada
oýlanmalar. Aşgabat: Türkmenistan 1974. 67s /
1
254
A.Baýramowyň, Y.Meredowyň goşgulary arkaly subut
edip berýär1.
Ýaş poeziýadaky kemçiligi ol uly tankytçy A.Myradowyň
pikirine salgylanmak bilen beýan edýär:
Tankytçy Abdylla Myradowyň “Biziň günlerimiziň
poeziýasy” atly makalasynda belläp geçişi ýaly biziň
lirikamyza has takygy B.Hudaýnazarowyň döredijiligine
ýol goşgulary uly rus şahyry A.Twardowskiniň
şygyrlarynyň “Alysdan-alysa” poemasynyň täsiri arkaly
aralaşdy. Şahyryň ýol lirikasy diýen eserinde göwnejaý
oýlanmalar, çuňňur pikirler geregiçe ýüze çykyp bildi,
ýöne onuň göreldesine eýeren ýaş şahyrlarymyzyň bu
temada döreden şygyrlary islendik netijäni berip bilmedi.2
A.Garaýew syn žanryna garanda obraza giň piker
öwürmä köp ýykgy etdi. Tankyçynyň stilinde köp
faktlylyk dürli degişmeler agdyklyk edýär. Bu umumy
poeziýany göz öňüne getirmäge ullakan kömek edýär.
Ol tankydy makalalary asla bir şahyryň döredijiligi
esasynda guranok. Hemişe şahyrana oýunlara, şol
oýunlarda ösüp ýetişen umumy zehinlere göz aýlamaga
ezber. Tankytçy bir fakty, bir döredijilik zehinini
töwerekleýin derňemekçi bolup durman tutuş poeziýa
žanry hakda oýlanýar. Şu tarapdan alanyňda ol
G.Geldiýew, D.Ussaýew, D.Nuralyýew ýaly beýleki
poeziýa tankyçylaryndan tapawutlanýar.
“Pikirleriň poeziýasy, duýgularyň poeziýasy” /1982/ ýaly
makalalar ýygyndysynda ol häzirki zaman türkmen
poeziýasyna häsiýetli ösüş etaplaryny açyp berdi.
Garaýew A. Uly poeziýamyzyň dowamy. /Ýaş şahyrlaryň döredijiligi barada
oýlanmalar. Aşgabat: Türkmenistan 1974. 91-92 s.
2
Şol ýerde, 95 s.
1
255
Şu nukdaý nazardan ol J.Allakowyň proza gelişi ýaly
M.Gurbansähedowyň romana, Ş.Geldiýewiň poweste gelşi
ýaly liriki gahrymana poemalara gidip poeziýa tankydyny
ýöriteleşdirdi. Bir tankytçy üçin ol ullakan iş bolup, tutuş
ylmy tankyt döredijiligi öz içine alýan meseledir.
Ýu. Surowsew “Tankydyň ylmy –publisistik tebigaty
hakynda” diýen makalasynda örän bir gyzykly pikiri orta
oklaýar.
“Swoimi pisaniýemi kritik wtorgaýetsýa neposredstwenno,
w perepleteniýe interesow, duşu problem sowremennoý
distwitelnosti.On strimitsýa ne prosto “rýadit” , no “sudit”,
I dolžen “sudit” hudežestwennoýe proizwedeniýa
orraženiýa etih interesow I etih problem, on nastoýçiwo
podçýorkiwaet,
wydelýaýet,
“wnuşaýet”
i
“nawýazywaýet” swoýo mneniýe o stepeni ih çennosti, I
dolžen“wnuşat”, “nawýazywat”, orientirowat organizowat
mneniýa onih çitaýuşeý publiki… On, kritik, stoit na
strane estetiçeskih çennosteý, on, kritik pryzwan
wospitowat estetiçeskiýe wkusy publiki. Eto ýego dolg. W
etom smysl ýego professiý”¹ diýip beller. Şu manyda
alnanda, tankyt diňe bir –da birnäçe žanr bilen meşgul
bolman, ol şol žanryň wekilleriniň biri-birinden zehin
derejesiniň tapawudyny hem aýyl-saýyl etmeli. Hiç wagt
hemme şahyr ýa-da hemme ýazyjy deň bolup bilmeýär.
Magtymgulynyň ýa-da puşkiniň deňinde şolaryň özüne
golaýrak zehini goýup bolar. Emma olaryň özlerinden pesi
yzlaryna tirkäp bolmaz. Filologiýa ylymlarynyň doktory
D.Nuralyýewiň
poeziýadan
ýazan
makalalaryny,
kitaplaryda şeýle ugur orun aldy. Munuň hem özüne ýetik
sebäbi bar.
256
D.Nuralyýew türkmen tankydyna 70-nji ýyllaryň
başynda geldi. Onuň ilkinji synlaryň heniz studentlik
ýyllarynda 1957-nji ýylda çykyp ugrady1. Şol döwürde
ownuk synlar, oçerkler ýazýardy. Klassyky mirasa degişli
materiallary, rowaýatlary çap etdirýärdi2, realism
meselesine dahylly çekişmä öz pikirini aýdýardy3. Emma
ol beýleki deň-duşlary ýaly edebiýaty öwreniş ylmy bilen
ymykly gyzyklanmagyny dowam etdirýär. Edebi çeper
tankyt hakynda 1972-nji ýylyň 25-nji ýanwaryndaky karar
çykandan soň bütinleý edebi tankyda goşulyp gitdi.
Ol edebi tankyda proza4, poeziýa5, žanrlardan
tankydyň6
hut özünden hem aýry-aýry kitaplaryny
çykartdy. Ne onuň esasy stil aýratynlygy gönüden-göni
poeziýa we edebi tankyda degişli kitaplarynda ýüze çykdy.
D.Nuralyýew öz galamdaş ýoldaşlaryndan ylmy
taýýarlygy boýunça köp derejede tapawutlanýar. Ol çärýek
asyrdanam köpräk Türkmenistan ylymlar akademiýasynyň
Magtymguly adyndaky edebiýat institutynda işleýär. Onuň
zähmet ýoly şol institutyň golýazmalar sektoryndan
başlandy. Köne golýazmalary toplamak olary tertibe
salmak köp okap bilmek soňra sýužetiň dürli
şäherlerindäki arhiwlerinde basa oturyp işlemek
W.Bartold, A.Samaýlowiç, Ýe.Bertels ýaly dünýä meşhur
Nuralyýew D. Kulyýew H. Ýüzleýlikden geçe duruň. Sowet edebiýaty. 1975.
Nuralyýew D. Magtymguly hakynda rowaýatlar. Magtymguly 225. Aşgabat,
Türkmenistan. 1959.
3
Nuralyýew D. Türkmen klassyk edebiýatynda nähili metod bolupdyr.
Edebiýat we sungat. 1960. 19-maý.
4
Nuralyýew D. Edebi prosesiň meseleleri, makalalar. Aşgabat, Türkmenistan.
1978. -55 s.
5
Nuralyýew D. Şygyr bilen ikiçäk. makalalar. Aşgabat, Türkmenistan.1978,
6
Nuralyýew D. Şygyr bilen ikiçäk. makalalar. Aşgabat, Türkmenistan.1978,
1
2
257
gündogarşynaslarynyň ýörelgelerini özleşdirmek kyn
meselelerinden kondidatlyk, doktorlyk dissertasiýalaryny
goramak, Moskwanyň, Bakuwyň, Leningradyň, Daşkentiň
uly tankytçylary bilen ýakyn işjeň gatnaşykda bolmak
göniden-göni edebi tankyt we teoriýa bölümine
ýolbaşçylyk
etmek
D.Nuralyýewiň
professional
tankytçylaryň biri bolup ýetişmegine uly ýardam etdi.
Ol poeziýa tankydynda hemişe şahyrlary bir
zynjyra düzmän olary öz sredasy, öz tolkuny, öz nesli,
şolaryň özlerine mahsus meselleri bilen bagly analizlemek
prinsipinden ugur alýar. 70-80-nji ýyllarda D.Nuralyýew
şahyrlaryň okyjy köpçüliginiň aňynda berk orun alan
çekişmeleri bilen galdy. Onuň “Poeziýa, şahsyýet we
döwür”1 diýen makalasy-da „Şahyr bolçulygynda şygyr
gytçylygy“ atly ýylýarymlap „goh“ turzan çekişmesi-de
hemmeleriň ýadyndadyr. Bularyň daşyndan 70-80-nji
ýyllarda bolup geçen ýazyjylar gurultaýlarynda,
planumlarynda Ö. Abdyllaýew, A. Myradow, J.Allakow
ýaly aktiw çykyş ediýänleriň içinde D. Nuralyýewiň hem
orny bardy.“Edebiýat we sungat„ gazeti näçe gezek “çaý
başynyň söhbetini„ guran bolsa, şolaryň hemmesinde – de
bu tankytçynyň öz pozisiýasy, öz sesi bolupdyr.
Tankytçy, oňaryp bilse, täze zehini duýmaly, şony
açmaly,
şony
goramaly
D.
Nuralyýew
K.
Gurbannepesowyň, B. Hudaýnazarowyň, G. Ezizowyň, B.
Jütdiýewiň zehinine aýratyn sarpa goýýar, olary gala ýaly
goraýar. Aýratynam ol B. Jütdiýewe biçak ýokary baha
berýär. Elbetde, onyň bu pozisiýasy bilen birnäçeleri
1
Edebiýat we sungat. 1978-1979ýyllaryň sanlary.
258
ylalaşmaýarlar. Ýöne tankytçy hiç bir halatda öz
pikirinden bir ädimem yza çekilenok. Biz muny onuň
“Poeziýanyň mertebesi„ ,“ Poeziýamyzyň kwerteti„ , “Il
beýik, beýik „ ,“ kämilligiň çägi ýok„ ,“Poeziýa
kartasynyň öňünde„ ,“Poziýanyň ala meýdany„ ,“Ynsan
we ynsan hakynda aýdym„ ,“ Ýedi ýapragyň ygşyldysy„
,“Ene süýdi diýsene„1 ýaly makalalarynda görýäris.
Beýle diýdigimiz ol tutuş poeziýany yzarlamaýar
beýleki şahyrlary unydýar diýdigimiz däl. Tersine, D.
Nuralyýew hile, talanta, açyşlara, orginallyga, millilige
üns beýär. Bu zatlar bolsa hemme şahyra ýetdirip
durmaýar.
Ol türkmen poeziýasyna gelen üç nesli jikmejiklikde öwrendi. Bu nesilleriň sany-da onçaklyköp däl,
ýöne biri-birinden hal taýdan tapawutlanýar. Birinji nesil
G. Seýitliýewden, K Gurbannepesowdan, M. Seýidowdan,
A. Haýydowdan ybarat bolup, olaryň hersiniň öz ýykgyn
edýän şahyrana meýilleri bardy. Ony tankytçy
“Poeziýanyň
mertebesi„
diýen
makalasynda
aýdyňlaşdyrdy.
Ikinji nesil Ý. Pirgulyýewden, N. Baýramaowdan,
A.Gurtgeldiýewden, S. Öräýewden ybarat bolup, bularyň
artykmaç we kem ýerleri “Tankytdan sowa poeziýa„ diýen
makalasyndagörlüp geçildi.
Üçinji nesil A.Agabaýewden, H. Kulyýewden, I.
Nuryýewden, G. Ezizow dagydylar. Bu nesil hakynda
“Poeziýamyzyň kwarteti„ atly ýörite makala ýazylypdy.
Şularyň hemmesiniň şahyrana açyşlary, hususy goşantlary,
mümkin boldugyça, beýan edilipdi.
Nuralyýew D. Şygyr bilen ikiçäk. makalalar. Aşgabat, Türkmenistan.1978,
40-234 s.
1
259
Tankytçy bu dirrerensirlenen çemeleşme bilen
çäklenmedi. Onlarça synalarynda. A. Omarowyň, S.
Ýazowyň, G. Geldiýewiň, Ö. Eminowyň, B. Jütdiýewiň,G.
Şamyýewiň, S. Öwezberdiýewiň, bulardan soňrak poeziýa
gelen A. Atabaýewiň, G. Daşgynowyň, O. Annaýewiň, H.
Pejepowyň, A. Taşowyň, Ý. Annadurdyýewiň, Ş.
Çarygulyýewiň şahyrana dünýäsine göz aýlady.
Öz garaýyşyny sypaýylyk bilen aýtman, zehini aýap
saklamak – D. Nuralyýewiň esasy ýörelgesi. Ol, zehini
belent tutýan wagtynda, hiç hili şahsy bähbitden,
prowinsial garaýyşdan ugur alanok. Tankytçynyň
haýsydyr bir ýazyja simpatiýasy-da, antipediýasy-da
zehinden gelip çykýar. Tankytçyny gowy tanaýan, onuň
eserlerini okaýan ýazyjylaryň hemmesi-de muny ykrar
edýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Çary
Aşyryň bir pikirini getirmek ýerlikli bolsa gerek:
“Biz tankytçy ýazyja hemaýat bermeli, onuň ýazýan
makalalary deniýeti bilen tapawutlanmaly, pikirleri çuň
bolmaly diýýäris. Durdymuhammetde şol sypatlar
jemlenipdir”1
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.