Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13

Total number of words is 3441
Total number of unique words is 1831
28.6 of words are in the 2000 most common words
40.7 of words are in the 5000 most common words
46.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
roman bilen gelýän awtoryň sany artdy.
J.Allakow
altmyşynjy
ýyllaryň
başynda
edebiýatymyza geldi. Şondan bäri geçen ýigrimi otuz
ýylyň içinde ol okyja özi kitap hödürledi. Şonuň altysy
türkmen prozasynyň problemasyna bagyşlanandyr. Olaryň
hemmeside “Döwür we gahryman” diýen ýeke-täk
meseläniň daşynda jemlenýär. Muny uly tankytçynyň
kitaplarynyň sözbaşylary hem açyk görkezýär.
1971-1991-nji ýyllar aralygynda onuň prozadan çap
eden alty kitabyny1 okap görenimizde, biz J.Allakowyň
60-80-nji ýyllaryň prosesini ünsli yzarlaýanlygyna göz
ýetirýäris. Ýöne bu adaty daşky alamat däldir. Ol türkmen
edebiýatyna belli-külli işçi obrazyny getiren “Nebitdag”,
1
Allakow J. Döwür we gahryman. –Aşgabat: Türkmenistan. 1971. -178 s.
224
“Çeleken şemaly” ýaly romanlardan başlap göze ilip
durmaýan ýönekeý adamlaryň obrazyna çenli yzarlamagy
öz öňünde mesele edip goýdy. Şeýlelikde, giden bir proza
gahrymanlary peýda boldy. Olar bolsa häsiýet tarapdan
dürli-dürli adamlar. Hemmesinem döwür, zähmet, ahlak
meseleleri biri-birine bagly edip goýýar.
Biz aşagyny çyzan sözlerimiziň üsti bilen
J.Allakowyň tankytçy hökmünde bir stil özboluşlylygyny
nygtaýarys.
Başga
bir stil aýratynlygy onuň
akademizmden doly halaslygydyr. J.Allakow yzly-yzyna
dürli ylmy çeşmelerden sitata getirip, okyjyny ýadadanok.
Ol pikirini akgynly beýan edip gidýär. Şonuň üçin iki
proza tankytçysyny, meselem, Ö.Abdyllaýew bilen
J.Allakowy deňeşdirip görsek, olaryň birinjisinde teoretiki
çemeleşmäniň,
akademizmiň,
ylmylygyň
agdyk
gelýändigine, ikinjisinde erkin pikir ýöretmäniň köplügine
göz ýetirer. Onsoňam J.Allakow köp işleýşi ýaly, beýleki
galamdaşlaryna garanda, kitaplaryny okyja örän tiz
ýetirýän tankytçy. Şonuň üçin onuň stilini tankytçynyň
gazet-žurnallardaky makalalaryndan daşary diňe şol alty
kitaby boýunça anyklamaga giň mümkinçilik bar.
Biz J.Allakowy proza tankytçysy hasap edýäris. Bu
dogry. Emma proza tankydy, göräýmäge umumy bolup
görünýär. Onuň hem öz žanrlary, žanrda-da esasyraklary
bar. Şu jähtden alnanda, J.Allakow romana, romanyň hem
häzirki döwre degişlilerini analizlemäge ýykgyn edýär.
Biz “Döwür we gahryman” diýen kitabynda
gozgalan meseleleri şu günüň nazary bilen ölçeýäris.
“Konflikt we häsiýet”, “Häzirki etapdaky türkmen
prozasynda psihologizm”, “Tipik ýagdaýlar we häsiýet”,
“Döwür we gahryman”, “Çeper eseriň strukturasy we
225
obraz”, “Çeper portret we häsiýet”, “Çeper detalyň
gürrüňi” diýen bölümleri synlamyzda tankytçynyň
maksadyna oňat göz ýetirýäris. Onda H.Jumaýewiň
“Ýuwaş gelin”, B.Kerbabaýewiň “Gaýgysyz Atabaý”,
H.Derýaýewiň “Ykbal” ýaly eserleri ýene N.Jumaýew
“Uruş ody”, “Ýeňiş ýylynyň hekaýasy”, S.Reýimowyň
“Ýalynly ýyllar”, G.Seýitmedowyň “Şeýle gyz bar” diýen
powestleri
Ýa.Mämmediýewiň
“Ene
toprak”,
N.Pommanyň “Gatakar” romanlary hakda pikir ýöredilýär.
Diňe bir kitapda temasy taýdan dürli-dürli eserlere
ýüzlenmek bilen tankytçy nämäni nyşana alýar? Ol
tankytçynyň esasy ýörelgesidir.
Esasy ýörelgesi bar tankytçylar az bolýar.
J.Allakow öz ýörelgesine wepaly. Biz ony häzirki zaman
prozasynyň problemalary we gahrymanlary diýen iň uly
kitabynda ýerleşdirilen makalalarynda-da görýäris. Şol
kitapda “Döwrüň talaplary we gahryman”, “Döwrüň
beýany” ýaly makalalar bar. Bular hem tankytçynyň esasy
ýörelgesine laýyk ýazylypdyr. Ýöne J.Allakowyň bu uly
kitaby üýtgedip gurmak döwründe ýazylanlygy üçin, ony
işiň bäşinji babynda giň derňändigimiz üçin bu ýerde ýöne
ýüz ugra bellemek bilen çäklenýäris.
Tankytçy hökmünde J.Allakowa onuň köp
galamdaşlary baha berýärler. Onuň her bir täze kitaby
barada syn çykýar. Şonda onuň çalt işleýşi, köp ýazyşy
ýygy-ýygydan nygtalýar. Bu dogry. Galyberse-de, her
ýylda, iki-üç ýyldan okyja täze kitap hödürlemäge
ýetişýär. Eger onuň galamdaşlary her on-on bäş, ýigrimiotuz ýyldan bir şapbat ýaly kitap hödürleseler, J.Allakow
şol aralykda bäş-alty kitap neşir etdirip bilýär. Ol hem
ezber tankytçynyň bir aýratynlygydyr. Çalt ösýän proza
226
üçin çalt özleşdirme hem gerek. J.Allakowyň tankytçylyk
stiliniň şu tarapy barada başga bir uly tankytçy
D.Nuralyýew “Tankyt we edebi proses”, “Uly tankyt
ugrunda”,
“Edebi
tankydymyzyň
gerimi”
ýaly
1
makalalarynda öňräk ýazypdy.
J.Allakowyň tankydynyň agdyk gelýän ýeri onda
faktyň, derňelýän çeper eserleriniň eseriň biçak köplügi
bolsa gerek. “Prozamyzyň gözlegleri” diýen makalalar
ýygyndysynda
A.Allaberdiýewiň
“Çapyksuwar”,
H.Jumaýewiň “Jeýhun”, T.Jumageldiýewiň “Ömür
dawasy”, H.Jumaýewiň “Pagtabent”, T.Jumageldiýewiň
“Bagrymyzyň badaşany”, A.Gurbanowyň “Öýlänçi”,
B.Kerbabaýewiň “Suw damjasy – altyn dänesi”,
B.Hudaýnazarowyň “Akar suwuň aýdymy”, G.Kulyýewiň
“Gara kerwen”, G.Seýitmedowyň “Öçmejek ýyldyzlar”,
A.Atajanowyň “Öz tanyşlaryň”, O.Akmämmedowyň
“Meni ýazgaryň”, B.Seýtäkowyň “Bekmyrat Durdyýew”,
Ş.Geldiýewanyň “Laçyn”, H.Meläýewiň “Ýalyn”,
A.Myradowyň “Gijeler... gijeler” ýaly eserler dogrysynda
söz açylýar. Eýýäm şu sanalan awtorlar we eserler
tankytçynyň girişiniň, göz ýetimini örän kän eserler
esasynda pikir ýöretmäge endik edendigi tassyklanýar.
Onlarça eserleri bir problemanyň daşyna ýygnamak
J.Allakowyň analiz stiline girýär.
Köp tejribeli tankytçy bolansoň, ol türkmen
prozasyna rus edebiýaty bilen degşirip analizlemegi-de bir
ýandan aýyranok. “Döwür we gahryman” atly birinji
ýygyndysyndan başlap, “Häzirki zaman prozasynyň
problemalary we gahrymanlary” diýen kitabyna çenli ol
1
Nuralyýew D. Edebiýatyň mähek daşy. –Aşgabat: Türkmenistan. 1982. -43 s.
227
bir näçe pursatlarda W.Belinskä, F.Engelse, M.Gorka,
G.Lamidza, K.Fedine, köp sanly rus ýazyjylaryna
ýüzlenýär. Emma olary ýörite derňäp durman, degşirme
maksady bilen şeýle täre ýüz urýar.
Megerem, J.Allakowyň ýöne bir aýratynlygy diýip,
onuň tankydynyň sypaýyçylygyny bellemek gerekdir. Ol
proza tankydynda özünden beýlekileriniň pikirini hasaba
aljagam bolman, ýazyja-da igenjek bolman, şol bada
eseriň öz analizi bilen bolýar. Beýle edilmeginiň hem
ýeterlik sebäbi bar. Sebäbi diýlende, her bir täze proza
eserine J.Allakowyň özüniň beýlekilerden öň seslenmegi.
Şonuň üçin onda başgalaryň pikirine mätäçlik ýok.
“Häzirki döwür we türkmen edebiýaty” diýen
kitabynda tankytçy J.Allakowyň ýene bir näçe stil
aýratynlyklaryny görýäris. Şol aýratynlyklar nämeden
ybarat?
Ol, birinji nobatda, öňki soýuz möçberinde ykrar
edilen tankytda nähili meseläniň öňe sürülýänligi bilen
gyzyklanmak. Biz muny awtoryň “Ylmy-tehniki
rewolýusiýa we gahryman”, “Ýaşlaryň prozasynyň
gözlegleri” diýen makalasynda görýäris:
“Bütin soýuz edebi tankydynda ylmy-tehniki
rewolýusion
adamlara
edýän
täsiri
hakyndaky
gürrüňleriniň köpüsi ylmy işgärleriň, industrial zähmetiň
wekilleriniň obrazyndan kän daşlaşýar. Emma ylmytehnika rewolýusiýa durmuşuň ähli ugurlarynda öz täsirini
ýetirýär... Ylmy-tehniki rewolýusiýanyň durmuşyň ähli
sferasyna öz täsirini ýetirşine bolsa dürli hili faktlaryň üsti
bilen görmek mümkin”1
1
Allakow J. Häzirki döwür we türkmen edebiýaty. Aşgabat: Türkmenistan,
1982. 43 s.
228
Elbetde, tankytçynyň bu pikiri bilen ylalaşmak mümkin.Ol
fakt manysynda dogry. Ýöne obraz üçin mysal alnan
eserler asla ylmy-tehniki rewolýusion hut doly
mazmunyny açman, juda ýöntem bolýar.
Ol ýöntemlik nämede ýüze çykýar? Tankytçy ylmytehniki rewolýusiýanyň nämeden görkezmek niýeti bilen
A.Gurbanowyň “Topragyň ysy” diýen powestinden
“mawy korabla” erk edýän Otja diýen türkmen gyzyny
alýar, B.Hudaýnazarowyň “Göreş meýdanyndan” hem
Söýüniň matros bolşuny alýar. Ýeri, bular türkmen
edebiýatyna ýetmişinji ýyllarda aralaşan bolsa, ol
progresiň alamatymy eýsem? Ýok. Bu biziň türkmen
edebiýatymyzyň entek ylmy0tehniki rewolýusiany
özleşdirmekde juda yza galýandygyny görkezýär ahyr.
Tankytçy meseläniň şu tarapyna üns bermändir. Onsoňam
“Mawy korabl”, matrosyň hünäri şeýle elýetmez ylmytehniki progresmi? Bular sadaja zatlar bolup, heniz
türkmen ýazyjylarynyň entek öz prowensial düşünjelerini
aňladýar. Eger J.Allakow bulara derek “Nebitdag”, “Suw
damjasy-altyn dänesi” romanlaryny, H.Diwangulyýewiň
“Dumana duwlanan dünýä” ýaly fontastik powestini
analizlän bolsa ýerine düşerdi.
Şuňa garamazdan, J.Allakow, umuman, tankytda geçýän
prosesi dogry tutmak üçin ylmy-tehniki rewolýusia we
edebiýat diýen tema ýüzlenip dogry edipdir. Şu jähtden ol,
M.Siluskisiň, J.Aýtmatowyň sözlerine sazlanyp, onuň
adamzada zyýany barada-da dogry beýan edýär.
Soňky on ýyllykda dürli milletleriň edebiýaty, şol sanda
türkmen edebiýaty-da ahlak problemasyna ýüzlendi. Bu
Soýuz edebiýatynda umumy hadysady. Şony hem “Ahlak
229
däpleriniň sazlaşygy” diýen makalasynda J.Allakow öz
wagtynda orta atmagy başardy.
Bu makalany ýörite agzamagymyzyň öz sebäbi bar.
Indi ençeme ýyllar bäri çeper edebiýat tebigy halda berç
bolup galan ideologiýa penjesinden çykyp başlady. Şol
ýazylganlyk, birinji nobatda, hemme edebiýatyň nähilidir
halk döredijiligine ýykgyn etmeginden emele geldi.
Çeperçilik prosesini gowy yzarlaýan, okyjy ýa-da
tankytçy, muny duýýar. Haýsy temada eser ýazylsa
ýazylsyn, ýazyjy özüniň ýa-da gahrymanynyň dilinde atababalarynyň sözlerini, tymsallary, rowaýatlary, nakyllary
köpräk getirip başlady. Ony türkmen ýazyjylary öň
ulandymy ýa-da Çingiz Aýtmatow, Fýodor Abramow ýaly
dünýä belli ýazyjylar öňräk başladymy, ony bilmek kyn.
Aslynda beýle öň-soňlugyň geregem ýok. Mesele
edebiýatyň halka ýakynlaşmagynda. Biz şony J.Allakowyň
mysal alýan “Akar suwuň aýdymy”, “Pagtabent”,
“Bagrymyzyň badaşany”, “Suw damjasy-altyn dänesi”
ýaly eserlerinde görýäris. Şu jähtden J.Allakow, litwaly
tankytçy A.Buçisiň sözüne esaslanyp, mife, powaýata
ýykgyn etmek meýlini progressiw ugur hasaplamak bilen.
“Şunuň ýaly prosesiň biziň milli edebiýatymyza-da
aralaşyp ugramagy, ýazyjylarymyz tarapyndan bu ugrda
käbir şowly synanyşyklaryň edilmegi bellenilmäge
mynasyp guwançly faktdyr”1 diýende mamladyr.
J.Allakowda, beýleki tankytçylara seredeniňde,
çekişmeçilik, kimdir biri bilen jedelleşmek ruhy gowşak.
Şeýle-de
bolsa, ol, ýeri gelende, şol usula hem
ýüzlenýär. “Ýaşlaryň prozasynyň gözlegleri” diýen
Allakow J. Häzirki döwür we türkmen edebiýaty. Aşgabat: Türkmenistan,
1972. 71 s.
1
230
makalasynda ol Ş.Halmuhammedow1, A.Mämmedow2,
E.Işangulyýew3 bilen jedele girýär. Ýöne tankytçy hiç bir
halatda sowukganlylygyny elden bermän, ýumşak gürrüň
bilen çäklenýär.
Uly tankytçylaryň tutuş döredijilik prosesini ýörite
yzarlamak gerekdigini biz öňde öwran-öwran nygtapdyk.
Biz bu ýerde J.Allakowyň tankydy tejribesiniň iň zerur
ýerlerini belledik. Aslyýetinde ony ýene dowam etdirmek
mümkin. Şonuň üçin işimiziň bäşinji babynda biz oňa
ýene dolanyp gelýäris. Sebäbi üýtgedip gurmak döwrüniň
tankydy hem J.Allakow, D.Nuralyýew ýaly şu gün aktiw
işleýän wekilleriň döredijiligi bilen baglydyr.
Professor Allakowy haýsydyr bir romançy,
haýsydyr bir powestçi, hekaýaçy ýazyjy asla
gyzyklandyranok. Ony romanyň, powestiň, hekaýanyň
içki ösüş kanunalaýyklygy gyzyklandyrýar. Şonuň üçin ol
ömür boýy, ýazyjynyň kämilleşiş prosesini däl-de, žanryň
kämilleşiş prosesini açmaklyga üns berýär. Şol onuň esasy
stilini düzýän özboluşlylykdyr.
Özüniň güýçli söweşjeňlik hyjuwy bilen
turuwbaşdan tankyt meýdanyna gelen Saýlaw Myradow
diýilse, öte geçildigi bolmasa gerek. Ol on iki süňňi bilen
jedelkeş tankytçy hökmünde tanalýar. Inkär etmek – onuň
ilki özboluşlygydyr. Bu ruh onuň ilkinji makalasyndan,
ilkinji kitabyndan tä iň soňky makalasyna, iň soňky
kitabyna çenli saklanyp galan aýratynlykdyr. Öz sözi, öz
pozisiýasy bilen S.Myradow beýleki galamdaşlaryna
Allakow J. Häzirki döwür we türkmen edebiýaty. Aşgabat: Türkmenistan,
1972. -101-102 s.
2
Şol ýerde, -90-91 s., 101-102 s.
3
Şol ýerde, 104-106 s.
1
231
meňzemedi. Bu originallyk köpleriň gözüne ilmese-de,
okyja aýan boldy.
S.Myradow tankytçylyk ugruny üç bölege bölmek
bolar: proza, poeziýa, edebi miras. Emma, hemmesini bir
ýere ýygnanyňda, onda poeziýa tankydyna köpräk ýykgyn
edildi. Biz ony tankytçynyň “Poeziýamyzyň ädimleri”
diýen tutuk kitaby, “Gözbaşyň saksynda oýlanma”, “Beýik
şahyryň durmuşa garaýşy”, “Poeziýanyň borjy”,
“Kiçijikleriň uly aladasy” ýaly ençeme makalalary
okanymyzda görýäris.
Ol tankyda ylymdan gelmedi. Eger Ö.Abdyllaýew,
H.Taňryberdiýew, J.Allakow, D.Nuralyýew, A.Garaýew
ylymdan
tankyda
gelen
bolsalar,
S.Myradow,
N.Hojageldiýew dagy neşirýatdan, redaksiýadan tankyda
geldiler. Bu hakykaty S.Myradowyň döredijiligi has gowy
görkezýär. Bu hem tankytçynyň bir özboluşly tarapydyr.
Galyberse-de, ol ylym bilen tankydy ýakynlaşdyrmaga
beýleki tankytçylardan köp goşant goşdy. Ony biz işimiziň
dördünji babynda aýratyn derňemegi niýet edinýäris.
Şeýlelikde, S.Myradow biziň tankydymyza
çekişme, jedel žanryny girizdi. Beýleki tankytçylar hem
dürli redaksiýalar tarapyndan guralan çekişmeleri ýa-ha
başlaýjy, ýa-da jemleýji boldular. Gaty gitse, şol jedele
birki makala ýazyp, ses goşmak bilen çäklendiler.
S.Myradow welin bu ugry öz gündelik tankydy işine
öwürdi. Ol hem bu tankytçynyň aýratynlygy bolup galdy.
Hatda birinji makalalar ýygyndysynyň ady ony doly
tassyklaýar.
“Edebi çekişmeler” – bu S.Myradowyň birinji işi.
Özem proza gegişli. Şu kitapda-da, “Poeziýamyzyň
ädimleri”, “Taryh”, “Edebiýatyň taryhylygy”, “Döwür
232
bilen aýakdaş”, “Asyrlaryň jümmüşinden”, “Zelili” diýen
hem-de dürli tankydy meselelere bagyşlan işlerinde-de
tankytçynyň şu stili saklandy.
Ol, nähili kyn mesele bolsa-da, öňki aýdylanlara
ýakyn pikir ýöretmekden saklanyp, özüçe oýlanmaga
çalyşdy, ýalňyşsa-da, öz-özüni gaýtalasa-da, şol
özboluşlylygyna wepaly boldy. Bu jähtden hem ony
beýleki tankytçylar bilen gatyşdyryp bolanok. Tankytda öz
pikirlilik gerek zat. Ýöne ony özgelere sarpa goýup
aýtmagy başarmaly. Şu ýeri welin S.Myradowda kemterlik
edip geldi. Ol özünden öňki gazanylan sepgitlere, köplenç,
atanak çeken ýaly boldy.
S.Myradowyň isle ol monografiýa ýazsyn, isle-de
ýazyjynyň ýa-da kärdeşleriniň eserleri barada ýazan
tankydy syny bolsun, mamla taraplary az däl. Şonuň bilen
birlikde, özünden başga edebiýatçylaryň pikirini
äsgermän, inkär etmek ederejesine ýetýän halatlaryna-da
duşmak bolýar. Käbir awtoryň eserine ýüregiňe jüňk bolup
duran obýektiw pozisiýadan baha berse, käbir awtoryň
orta tap eserini öwüp arka göterýän halatlary-da bar.
Tankyda syn ýazaňda, ýazyjyny hemra tutunyp, onuň
döredijiligine tankytçynyň biperwaý garandygyny
ýaňzytmak bilen, ozaldan hem tankytçylardan göwni
kineli ýazyjylara meçew berip göýberýän halatlaryna-da
duşmak bolýar.
S.Myradowyň edebi proses barada ýazan işleriniň
köpüsinde subýektiwlik agdyklyk edýär. Käbir döredijiniň
eserine artykmajrak öwgüli sözler aýdanyny hasap
etmeseň, edebi tankyda ýa-da edebiýaty öwreniş ylmyna
gezek gelende, özünden başgalaryň pikirini inkär etmek
meýli duýulýar. Köp-köp mysallara, delillere esaslanyp,
233
daşyndan aýlap, dürli tarapdan gelip, pikirini subut etmäge
çalyşýar. Kä ýerde ynandyrýan ýerleri-de bar, köp halatda
bolsa onuň sepi açylýar. Onuň makalalary bolsun ýa-da
monografiýasy haýsy işini alsaň, jedelden sowa geçenok.
Öz pikirini ýolly hasap edip, beýlekileriň boýnuna dakmak
häsiýeti güýçli.
Ol A.Myradowa ýerliksiz igenip, şeýle diýýär:
“Dogry, durmuşy ýüzleý suratlandyrýan eserlerem
ep-esli bardyr: emma köp eserleriň gowşaklygynyň asyl
sebäbi diňe durmuşy bilmezlige syrykdyrmak hem
nädogrydyr. Gowşaklygy emele getiren sebäpleriň
nämelerdigini saýgarmazdan, öň durmuşy bilmek diýlen
mesele öz edebi tankydymyzyň garaýşy dogrusynda bir
mysalyň gürrüňini edeliň.
“Biziň günlerimiziň poeziýasy” makalasynda
tankytçy Abdylla Myradow “Hakyky poeziýanyň
suratlandyrylmaly predmeti adamdyr. Bu meselede
poeziýany iki bölege-liriki hem epiki poeziýa bölüp
oturmagyň, epiki poeziýanyň suratlandyrylmaly predmeti
adamdyr diýip ýaňkalaşmagyň zerurlygy ýok. Eger epiki
poeziýa bilen lirikipoeziýanyň her biri tereziniň bir taýy
bolsa, onda olaryň iki tarapyna-da adamyň deň agramy
dükmelidir” diýen wagty“ edebiýat adamy öwrenýän
ylymdyr” diýen taglymatdan ugur alýar1.
S.Myradow, türkmen şahyrlarynyň bir topar
gowşak goşgularyny derňäp, A.Myradowyň olary adyllyk
bilen tankytlandygyny,
onuň sebäbini bolsa durmuşy
ökde bilmezlikleriniň üstüne ýükländigini, munuň bolsa
“durmuşy bilmek” diýen düşünjäni daraldýandygyny ýiti
1
Myradow S. Poeziýamyzyň ädimleri. Aşgabat: Türkmenistan, 1972. 62-63 s.
234
tankytlaýar. Şäherde ýaşaýanlaryň durmuşdan üzňe
hasaplanmagy, durmuşy görmek üçin oba gitmekligiň
ündelmegi, ýaşalyp ýören ýeriň, adamlaryň arasynyň
hemmesiniň-de
durmuşdygy
bellenilýär.
Ýene-de
durmuşyň nämeligini ýanjap gaty kän gürrüň edýär.
A.Myradowyň B.Hudaýnazarowyň poeziýasynyň esasy
aýratynlygyny köp ýeri görendigine, aýlanandygyna,
şäheri taşlap, ençeme günlük gezelenje gidýänligine
syrykdyrandygyny tassyklaýar we: “Eger ähli belanyň
köpügi şunda bolsa, onda näme üçin dogup-döräli bäri öz
gahrymanlary bilen gydyrdanyşyp gelýän, topragy, ekini,
daýhany atly ýazyjy-şahyrlarymyzyň hiçisinden kem
bilmeýän, has dogrusy, olardan artygrak bilýän Bazar
Öwezow “Suw akar, daş galar”, “Şatlyk çeşmesi” ýaly
ýöntemje powestleri ýazyp ýörkä?! Ol diňe A.Myradowyň
nygtaýan durmuşynyň jümmüşinde dem alýar ahyry!”
diýip, ozal belli zady nygtaýar.
Tankytçy
A.Haýydowyň,
A.Atajanowyň,
M.Seýidowyň döredijiliginiň beýanynda döredijilik
tejribesiniň hem uly rolunyň bardygyny nygtanda,
mysallaryň esasynda delillendirýär. M.Seýidowyň
döredijliginiň ösüş we tesiş etaplary, pessimizme düşüp
ýazan halatlary barada gürrüň edip: “ M.Seýidowyň
döredijiligindäki filosofiki oýlanmalaryň gyzyklylygy,
zähmet adamsyna bähbitliligi-de durmuşyň özi ýaly
çylşyrymlylygynda, adamlarda mertlik, çydamlylyk,
sabyrlylyk,
giň
göwrümlilik
ýaly
häsiýetleri
terbiýeleýänliginde.
Edermenlik,
şadyýanlyk,
jomartlyk,
ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri bütin
çuňlugy bilen suratlandyrmak edebiýatyň gaty öňden bäri
235
gelýän däbi – diýýär. Şol däbiň dowamyny biz Ata
Atajanowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Kerim
Gurbannepesowyň, Allaberdi Haýydowyň ýygyndylarynda hem yzarlaýarys. Gyzykly ýeri-de poeziýa nähili
bolmaly diýen sowala olaryň hersiniň öz jogaby bar. Beýle
jogaby biz şahyrlaryň şygyr sungaty dogrusyndaky
makalalarynda okamyzok-da, eýsem olaryň poeziýa
çemeleşişi prinsipinden, poeziýadan edýän talaplaryndan,
awtor hökmünde poeziýany dörediş stillerinden alýarys”¹
diýmek bilen, ýokarda atlary agzalan şahyrlaryň şygyr
sungatyndaky ussatlygyny dogry nygtaýar. Tankytçynyň
igenýän awtorlary-da “...adamlaryň arasynda ýaşap ýörkä,
durmuşy bilmek diýlen zadyň şahyryň başarnygyna
baglydygyny” seljeren bolsa gerek, ýöne, ýüzleý ýazylan
goşgularyň gürrüňini edende, şol goşgularyň real hakykaty
açyp bilmänligine jany ýanyp edýänligi köre hasa. Şol
şahyrlar öz döwrüniň iň ähmiýetli wakalaryny,
problemalaryny hemmeden öň görüp-duýup, zehin
eleginden geçirip, filosofik oýlanmalara agram salyp,
poetik dilde halka ýetirmäni başaran şahyrlar. Olar
temalaryny, wakalaryny öwrenip, aňlarynda bişirip, pikir
eleginden geçirmäni başarypdyrlar. Öz wagtynda edebi
tankydymyz olaryň döredijiligine mynasyp baha-da
beripdiler, häzir hem olar iň söýülip okalýan şahyrlar,
S.Myradow,
A.Haýydowyň,
K.Gurbannepesowyň,
A.Atajanowyň döredijiligine içgin aralaşyp, bu şahyrlaryň
döredijilik aýratynlygyny açyp, käbir bärden gaýdýan
ýerini-de ýüz görüp durmaýar. Synçy gözi bilen seredip
baha berýär. Şol şygyrlaryň derňewiniň netijesinde:
“Diýmek soňky ýyllaryň poeziýasy abstraktlyk,
umumylyk keselinden sowaşanam bolsa, uzynlyk
236
keseliniň daşyndan böwür berip geçip bilmändir”1 diýip,
talapkärlik bilen kesgitleme berýär. Tankytçy şahyrlaryň,
olaryň poeziýasynyň öňünde duran borçlaryny dogry
görkezipdir:
“Bitirilen
ägirt
işleri
köplenç
mahabatlandyrmak bilen çäklenmek, onuň soňky gidişini,
netijesini realist realist hudožnigiň aňy bilen analiz
etmezlik – biziň şu günki poeziýamyzdaky kemçilikleriň
bu hem biri...
Durmuşyň özi poeziýa. Poeziýanyň durmuşy hem –
ýaşaýşy, durmuşy analiz etmek.
Durmuşy şahyr aňy bilen analiz edende, progressiw
ösüşe goltgy berýän original pähimler, paýhaslar döreýär.
Paýhas şahyryň ganatly dili bilen kagyza geçirilende,
şahyrana duýgy emele gelýär. Klassyk şahyrlarymyz
paýhas bilen duýgynyň poetiki döredijiligiň esasy özeni
hasaplapdyr. Ony halk durmuşynyň düýpli meseleleri
bilen suwarypdyr, başgaça aýtsak, halk durmuşy olaryň şol
paýhasyny, şahyrana duşgusyny pajarlap ösdüren
abyhaýýat suwy bolupdyr”2.
Tankytçy düýpli meseläni obýekt edineniň bilen,
ony şahyrana duýga eýlemäni başarmasaň, onuň gowşak
çykýandygyny, duýgusyz çagyryşlar, arzuwlar bilen
gutarýan goşgularyň çeperçilik babatda pes derejededigi,
täsirsizdigi alnan mysallaryň beýanynda düşündirilýär.
Eseriň temasynyň aktuwallygynyň, şahyryň pikiriniň
originallygynyň, içki hyjuwyňa, duýgyňa daýanyp
ýazmasaň poeziýa bolmaýandygyny S.Myradow dogry
kesgitleýär. Goşgynyň akyla baýlygy, pikiriniň güýçliligi
bilen haýran edip bilmeýändigini, şahyrana duýga
1
2
Myradow S. Poeziýamyzyň ädimleri. Aşgabat: Türkmenistan, 1972. -71 s.
Şol ýerde, -72 s.
237
çeperçilik serişdesine daýanmalydygy dogry bellenýär. Ol:
“Hut şonuň üçinem şahyryň filosof däldigini, ýagny,
şahyryň öz akylyny mazamlamaly däldigini, ilkinji
nobatda, kalbyndaky çyrpynyp ýatan hyjuwlary esredip
dökmelidigini, nygtapdyr1 diýmek bilen, W.Belinskiniň
sözlerini
getirýär.
Şahyryň,
akylly,
sowatly,
filosofiýalaýyn oýlanyp bilýän, duýguçyl bolanda, nähili
ölmez-ýitmez eserleri döredip bilýädigini ol klassyk
şahyrlarynyň eserleriniň mysalynda açýar.
Umuman, derňewiň ahyrynda altmyşynjy ýyllaryň
poeziýasyna duýgynyň şahyranalygyň, originallygyň,
arassalygyň kemterlik edýänligi, “pikiriň çuňlugyny
gazanjak bolup, biziň şahyrlarymyzyň Gündogar
poeziýasyny ölmez-ýitmez güýje öwren duýgyny silteý
tutýandygyny” bellände, onuň pikiri bilen ylalaşýarsyň.
Altmyşynjy
ýyllaryň
goşgularynyň
ençemesiniň,
mazmunynyň ýöntemligi, duýga garyplygy logiki taýdan
yzarlanyp subut edilýär. Çeper edebiýatyň ynandyryjylygynyň onuň logikasyna baglydygyny, ýerine düşmedik
birje detalyň hem eserde ündelýän pikiri ynamdan
gaçyrýandygyny S.Myradow dogry belläpdir. Soňra ol, öz
tankydy belligi dowam etdirip, şeýle ýazýar: “Olaryň hersi
öz alýan ugruny düýp-teýkary bilen özleşdirenok-da, şol
bir gaýtalanyp gelýän manyny üýtgeşik bogun ölçegine,
üýtgeşik kapiýalara, özgerdilen sözlemlere salyp, işi
gutardym edýär. Täzeçe çeperçilik serişdeler, täze
obrazlar, täze pikirler agtarylmaýar. Eýsem A.Atajanowyň
“Gerçek ors gardaşym” goşgusyndaky sen “Lenin deý
sada, gel, bile bada götereli” diýen pikirini,
1
Şol ýerde, 76 s.
238
K.Gurbannepesowyň
“Türkmeniň”
goşgusyndaky
“türkmeniň dili diňlärçeräk bardyr” diýen pikirini täze
tapyndylar hasaplamak mümkinmi? Ýok!
Biz bu ýerde syýasy gürrüňe geçemizok, ýöne her
näme-de bolsa, K.Gurbannepesow:
17-dir doglan ýyly türkmeniň –
A.Atajanow hem:
Türkmeni goşduň sana,
Gerçek ors gardaşym –
diýen setirleri ýazanlarynda, türkmeniň taryhy hakda
oýlanmadylarmyka? Bu biraz öteräk geçmek dälmikä?
Çünki şu günki gün düýnüň dowamy. Düýni bolmadyk
halkyň şu güni bolmaz. Düýn diýmegem Taryhdyr. Taryhy
bolan halklaryň hemmesi sana goşulýan halkdyr.
Türkmenleriň bolsa, özboluşly hem gyzykly taryhy bar”1.
Iki şahyrdan getirilýän mysallaryň ilkilerinde
tankytçy awtorlaryň çeperçilik tärine dogry düşünmändir.
Soňky getirilýän mysallara weli onuň, edýän belligi
dogrudyr. Sebäbi bularda türkmeniň geçmiş taryhy
adalatsyz kemsidilýär. Soňky döwürde türkmeniň
rewolýusiýadan soňky 70 ýyllyk taryhyny uçdan tutma
garalap çykmak meýliniň ýoň bolandygyny göz öňünde
tutanyňda, S.Myradowyň bu belliginiň hemmelere sapak
bolarlyk ähmiýeti bar.
S.Myradow edebiýatyň haýsy problemasyny
işlände-de, asgynlyk duýulmaýar. Onuň “Dile gelen sözler
köňül nagşydyr” /”Edebiýat we sungat”, 1974, 17 aprel/
diýen
makalasynda
durmuş
bilen
poeziýanyň
1
Myradow S. Poeziýamyzyň ädimleri. Aşgabat: Türkmenistan, 1972. -83 s.
239
ugurdaşlylygy barada jedelli söbet gozgalyp, ony
döwrüniň kämil şahyrlary G.Ezizowyň, B.Jütdiýewiň,
A.Agabaýewiň, T.Gurbanowyň döredijiliginde döwrüň,
durmuşyň, ýaşaýşyň şöhlelenişi açylmaga synanyşylýar.
Jedele kellesi gyzan S.Myradow G.Ezizowyň durmuş,
ýaşaýyş hakdaky filosofik oýlanmalaryndan:
Adam ölüm diýip tapypdyr bir zat,
Ölüm name?
Tebigata garylmak,
Bahara gül bolup getirmek şöhrat,
Daň säherler pyntyk bolup ýarylmak –
diýen setirlerini getirmek bilen dyndarlykda aýyplap
şahyra igenýär. Şahyryň şu setirlerinden, din
hatymlarynyň görkezişi ýaly, “Haýsy hem bolsa, bir
haýwana öwrülip gelip, adamlaryň arasynda ýaşaýşym
dowam
eder”
diýen
düşünjeden
ugur
alnyp
ýazylmandygyny her bir okyjy güman etse gerek.
Dialektikanyň öz kanunlaryna şahyr hem her kimçe
düşünen bolsa gerek. “Hiç zat ýok bolup gitmeýär, bir
görnüşden başga bir görnüşe geçýär” diýen filosofiki
düşünje beripdir diýilse, hakykatdan daş durulmaz. Şeýle
pikirler G.Ezizowdan öň hem edebiýatyň taryhynda
dowam edip gelipdir. Şeýle pikirleriň başgarak formalarda
ýene-de gaýtalanmagy ähtimal, ol – durmuş, durmuşyň
kanunalaýyklygy. Şeýle bolansoň, ýokardaky filosofiýany
beýan edýän şygyr okyjysyny tapýar, hakykata galtaşýar.
Eýsem-de bolsa, S.Myradow, ony kesä çekip garşysyna
delil gözlemek bilen, A.Atajanowyň aşakdaky setirlerini
muňa garşy goýýar:
Men ölemok,
Ýagyş bolup,
240
Ýel bolup,
Ýa-da sonar säramyzda gül
bolup,
Dolanyp gelerin ýene bu dünýä
Diýen şahyr örän nähak
ökünýär…
Meniň
ýazman
giden
setirlerimi
Menden soň hiç kimse ýazyp
bilmeýär.
Dünýede
hiç
bir
zat
gaýtalanmaýar.
Şu ýerde gep güjükledip, şahyra igener ýaly zat
ýok. Tankytçy yrsarap şeýle diýýär: “Şahyrlarymyzyň öz
topragyna, watanyna bolan söýgini ownadan pursatlary-da
bar. Baýram Jütdiýew “iller gara daşyn arzylap ýörkä, men
name üçin ölmeli däl sähramy” diýýär.
Garadaşly
gürrüňiň
kime
kakdyrylyp
aýdylýandygyny bilemizok. Ýöne meseläniň goýluşynyň
telekdigini weli subut etmek mümkin. Sebäbi gargada öz
balasyna “ap-agym” diýýär. Kim “garadaşy” dagy
arzylaýan bolsa, oňa geňirgenip oturasam iş ýok, oňa diňe
begenmeli. Çünki dag onuň ýurdunyň örki hem görküdir,
baýlygydyr hem halkynyň göwün hoşudyr. Şonuň üçin ol
“garadaşy” beýle owarramçylyk bilen goramak hatadyr.
Görşümiz ýaly S.Myradow, B.Jütdiýewiň göwnüne
gelmeýän pikirleri şahyryň boýnuna dakyp ony it alan
sanaja döndürýär. Her bir zadyň iki tarapyndan-da baryp
bolýar, eger sen oňa garalyk ýüklemek niýetiň bolsa, gaty
aňsat. B.Jütdiýewiň goşgusynda getirýän “garadaşynyň”
241
musulmanlaryň ýol söküp, ýurt aşyp gidýän ýeri bolan
Käbedäki “garadaşydygyny” S.Myradowyň bilmeýändigine kim ynanar?! Bu şahyra teýine ýetmek okyjyny
onuň garşysyna goýmak üçin tapylan bir detal ýaly bolup
dur. “Suwa siňe seretseň, gan görner” diýlişi ýaly,
tankytçy şahyryň döredijiligine “siňe” seredipdir. Elbetde,
S.Myradow kemçilik tapasy gelen bolsa, şahyryň başgarak
tarapyndan gelen bolsa, hakykata ýakyn bolardy…
Tankytçynyň şunuň ýaly pikirleri mysal getirip gürrüň
etseň, entek hem sözüňi ulaltsa bolardy.
Şunuň bilen birlikde, ol sözüniň ahyrynda olaryň
bihal şahyr däldigini öňden görüjilik bilen belleýär.
Tankytçy: ”Gürrüňi edilýän şahyrlar ýokardaky ýaly
kemçilikleri düzeder. Çünki olar şygyr äleminde ýaňy
güýjüne girdiler. Şol güýç indi özüniň datly miwesini
eçiler. Olar diňe poeziýanyň däl tutuş edebi prosesiň
goltugyndan gop berer diýen tama bilen sözümizi
paýawlaýarys” diýende, mamla.
S.Myradow döredijiniň zehininiň näderejedigini
gowy saýgarýar özem talapkär tankytçy. Käbir şahsy
garşylyklar zerarlymy ýa-da bolgusyz gybatlaryň täsirine
düşýärmi, kähalatda öte geçip igenmek, sükenmek
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.