Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03

Total number of words is 3294
Total number of unique words is 1533
27.2 of words are in the 2000 most common words
40.2 of words are in the 5000 most common words
46.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1947-nji ýyl. 26-njy fewral.
42
R.Alyýewiň tankydy çykyşlarynda hem alymlyk, hem
tankytçylyk we şahyrçylyk
ruhy duýulýar. Ol
meselelere töwerekleýin garamagy, oňa taryhylyk
prinsipinde baha bermegi, umuman gozgaýan temasyny
dowam edýän edebi proses bilen baglamagy
unutmaýar. Galyberse-de, ol beýleki birnäçe awtorlar
ýaly
metbugatda
gabat
gelşine
görä
däl-de,
mydama,yzygiderli çykyş edýär. Ýylda birnäçe gezek
çykyşlarynda ol köplenç syn žanryna ýykgyn edýär.
Emma şonuň bilen birlikde edebiýaty öwrenişiň
problemalaryna-da seslenýär.
Metbugatda
onuň
“Gorkiý
we
biziň
edebiýatymyz”1, “Beýik arzuw we umytlar şahyry”2,
“Poeziýamyzyň täze soldaty”3. “Çagalar edebiyatynyň
käbir meseleleri hakynda”4, “Perwyý sbornik molodoga
poeta”5, “Biziň ýazyjylarymyz talaba laýyk düýpli
eserler döretmelidirler” we ş.m. makalalar bilen çykyş
edýär. Tankytçynyň “Gorkiý we biziň edebiýatymyz”
diýen makalasy M.Gorkiniň türkmen ýazyjylaryna eden
oňaýly täsiri, ondan görelde alandyklary, proletar
ýazyjysynyň eserleriniň çeper terjimesinden soň
türkmen edebiýatynyň realistik ugur bilen ösüp
başlandygy barada gürrüň gozgalýar. Ol “Beýik arzuw
we
umytlar
şahyry”diýen
makalasynda, Gara
Seýitliýewiň döredijiligi barada söz açyp,onuň lirizime
ýugrulan setirlerinde ruhy belentlik çäksiz söýgi,
“Sowet Türkmenistany” gazeti 1946-njy ýyl. 18-nji iýun.
“Sowet Türkmenistany” gazeti 1947-nji ýyl. 2-nji fewral.
3
“Sowet edebiýaty” žurnaly, 1947-nji ýyl, №2
4
“Sowet edebiýaty” žurnaly, 1950-nji ýyl, №11
5
“Turkmenskaýa iskra” gazeti, 1947-nji ýyl, 12-nji oktýabr
1
2
43
watançylyk, dostluk ýaly asylly häsiýetleriň wasp
edilýänligi barada maglumat berilýär.
Tankytçy “Poeziýamyzyň täze soldaty” atly
makalasynda G.Gurbansähedowyň “Soldat gaýdyp geldi”
diýen ýygyndysyny analizleýär. Ruhy Alyýew, bu
ýygyndyny, turuwbaşdan öwüp,arşa çykarýar. Elbetde,
şahyryň
ýygynda
giren
eserleriniň
ideýasynyň
sagdynlygyna, watançylygynyň belentligine, niýetiniň
gowylygyna söz diýen ýaly däl. Şeýle-de bolsa, beýle
öwginiň ýazyjy üçin ol diýen ähmiýetiniň ýoklugy
bolsa mälimdir. Makalanyň ahyrynda, adaty bolşy ýaly,
“Zoýa” poemasynyň
çeperçilik
babatda
çig
işlenendigine hem-de uruş wakalar barada gürrüň
gozgap, “şahyryň öz gahrymanlaryny Görogly, Keýmir
kör ýaly halk gahrymanlaryna meňzedendigini,
Gurbandurdy,Gostella, Matrosow ýaly gahrymanlara
meňzetmändigini” aýdyp, şahyra igenýär. “Şahyryň oz
gahrymanlaryny”halk
gahrymanyna
ýa-da
Beýik
Watançylyk urşunyň gahrymanlaryna meňzedendiginiň
tapawudy ýok, olaryň hemesi-de halkyň söýgüli
gahrymanlary, halk ogullary. Onuň üçin agyz dolduryp,
kemçilik höküminde ýatlap durmagyň geregi ýok bolsa
gerek.Kemçilik höküminde poemanyň gowşak işlenişi,
käbir gahrymanlaryň häsiýetiniň açylman galyşy,
akgynsyzlygy barada-da aýdara zat kän. Tankytçy
makalasynda ýygyndynyň edebiýat meýdanynda tutýan
ornuny aýdyňlaşdyrmagy maksat edinýär,ýöne ol
maksadyna doly ýetip bilmeyär. “Çagalar edebiýatynyň
käbir meseleleri hakynda” atly makalasynda R.Alyýew
çagalar barada ýazylan çeper edebiýaty ýeke-ýekeden
yzarlaýar. Onda çagalar edebiýatynyň sowet döwründe
44
kemala gelendigini, rus edebiýatynyň
oňaýly täsir
edişini açyp görkezýär. Olaryň üstünlikli tarapyny we
kemçiliklerini dogry kesgitleýär.
Ýene-de R.Alyýew “Biziň yazyjylarymyz talaba
layyk düýpli eserler döretmelidirler” diýen makala
bilen çykyş edyär.Bu makala, möçber taýyndan uly
bolmak bilen, onda edebiýatyň birnäçe meseleleriniň
üstünde durulýar. Makalanyň awtory, edebiýatyň roly,
ony ösdürmekde partiýanyň kararlary, ýazyjylaryň bilim
derejesiniň ýokarlanmagynyň zerurlygy, zamana laýyk
eser döretmek hem-de häzirki zaman okyjysynyň
talabynyň güýçlidigi we ş.m. barada umumy gürrüň
gozgap, şeýle diýýär: Tankytçy örän dykgatly, duýgur
we paýhasly bolmalydyr. Ol bir ýazyjynyň umumy
döredijiligine ýa-da aýratyn eserine baha bereniňde,
meselä obýektiw suratda, partiýa prinsipiallygy bilen
garamalydyr. Tankytçynyň makalasy
ýazyjynyň
döredijiligini ýa-da eseriň esasy häsiýetlerini öňe
goýmagy bilen onuň halkyň durmuşynda we
terbiýesinde oýnap biljek roluny anyklamalydyr. Ol
ýazyjynyň üstünliklerini görkezmek bilen birlikde,
kemçiliklerini-de görkezmelidir”1.
Bu gaty dogry we ýerlikli bellik, ýöne Ruhy
Alyýewiň özi tankyda şeýle çemeleşipmi ýa-da ýok?
Şu pikirlendirýär. Tankytçynyň edebiýaty öwreniş we
edebiýat tankydy barada bäş ýylyň dowamynda eden
işlerini ýokarda derňäp geçdik.Olardan görnüşi ýaly,
awtoryň tankydy pikirleri umumy,käbir ýöntemje
1
“Bolşewik”. Aşgabat, 1948-nji ýyl. №2
45
belliklerden ybarat bolup, dabaraly sözler bilen
taryplamadyr.
Esere baha berende, ol çeper analiz däl-de,
tematik analiz bilen oňýar.Beýle garamak ýazyjylar
üçin –peýdasyz, okyjylar üçin bolsa düşnüksiz bolup
galýar.
Türkmen edebi tankydynyň taryhyny derňän
ýoldaşlar Ruhy Alyýewiň edebi-tankydy makalalaryna
/Uruş döwründäki we ondan-da öňki makalalary göz
öňünde tutulýar./ şeýle baha berýärler: “Tankytçy şol
döwürde jemleýji makalalar bilen hem çykyş edýär,
täze ýygyndylar hakynda-da söz açýar. Poeziýa bilen
birlikde
dramaturigiýany-da
ýatdan
çykarmaýar.
Edebiýatda aýal-gyzlaryň tutýan orny barada hem
giňden gürrüň edýär.Rus edebiýaty we onuň beýik
wekili M.Gorkiý barada-da söz gozgaýar.Munuň özi
kanunydy.
Beýle meseleleri tankytçynyň öňünde uruş
döwrüniň gyzgalaňly gündelik durmuşy goýupdy.
R.Alyýewiň makalalary öz ýazylan wagtynda belli bir
derejede ähmiýetlidi.Emma san taýyndan köp bolan bu
makalalar hili taýyndan onçakly güýçli däldi, olarda
edebi we teoretiki çuňlyk ýokdy, belli-belli pikirler
häli- şindi gaýtalanyp durýardy.
Mysal üçin, eger ol “Uruş we edebiýat” diýen
makalasynyň birinji bölüminde türkmen klassiki
edebiýaty hakynda gürrüň edýän bolsa, şondan soňky
“Söweş günlerimiziň poeziýasy” diýen makalasynyň
giriş bölüminde hem klassiki edebiýat hakyndaky şol
gürrüňi gaýtalaýar. Bu iki makalanyň soňy bolsa uruş
döwrüniň poeziýasyna bagyşlanypdyr. Soňky makalada
46
hem
hut
öňki
gürrüň
edilen
şahyrlaryňB.Kerbabaýewiň, Ata Salyhyň, Durdy Gylyjyň, Beki
Seýtäkowyň, N.Pommanyň, K.Işanowyň, G.Seýitliýewiň,
A.Çarygulyýewiň
uruş
hakynda
döreden
täze
şygyrlarynyň atlary ýekän -ýekän agzalýar. Bu ýerde
eseriň çeperçilik tarapyna hut öňki makaladaky ýaly,
“bar güýjini goýup, hakykatda hem gowy setirler
döredipdir”, “mazmuny
kuwwatdyr”, “Beýik
bir
optimizim bilen beripdir”, “Uly çeperçilik bilen
berýär”, “Çuň mazmunda we
uly çeperçilikde
beripdir” diýen jümleleri goýmak bilen,öňden düzülip
goýulan resept boýunça, umumylaýyk baha berýär”1
Şu ýokarda getirilen setirleri tankytçynyň uruşdan
soňky döwürde
döreden makalalary barada söz
açanyňda hem getirseň ýalňyşmasa bolar.
Umuman alanyňda, Ruhy Alyýew uruşdan soňky
döwürdäki edebiýat tankydynda we edebiýaty öwreniş
ylmynda
uly orunlaryň birini tutýar. Onuň dürli
temalardaky ýazan makalalary okyjylar köpçüligine
ýetirilip durupdyr. Ol klassiki edebiýaty barada-da, rus
klassikalarynyň
döredijiligi barada-da, doganlyk
halklarynyň we dünýä edebiýatynyň genileri hakda-da,
türkmen sowet edebiýaty we onuň problemalaýyn
meseleleri hakda-da seslenýär.
Şol döwrüň edebi tankydynda A.Mämmetgulyewiň
ady-da ýygy-ýygydan gabat gelýär. Esere ýa-da haýsy
hem bolsa, bir ýygynda syn ýazanda,onuň kemçiligi
we çeperçiligi tankydynyň ýiti gözinden sypmaýar. Ol
Türkmenistanda tankydy we
neşirýaty,Aşgabat, 1969. 117 s.
1
pikiriň
47
döreýşi
we
ösüşi.
“Ylym”
öz derňeýän eseriniň ýetmezçiligini açyp görkezmekde,
ýüz görmezden, meselä obýektiw çemeleşýär.
A.Mämmetgulyýew uruşdan soňky döwürde bir
giden makalalar bilen çykyş edipdir. Ol “Çopan ogly” 1,
“Ösüş ýolunda”2, “Harsal işiň ýaramaz hasyly”3,
“Ýaşlar ýädigär”4, “Kolhoz obasy” hakynda powesti”5,
“Hakykat
hakynda hekaýa”6 ýaly
makalalaryň
awtorydyr.
A.Mämmetgulyýew Gara Seýitliýew bilen Güseýin
Muhtarowyň “Çopan ogly” pýesasy hakynda
syn
ýazýar. Tankytçy bu pýesanyň şowly taraplary hakda
giňden durýar.Halkyň uly höwes bilen bu pýesany
garşylandygyny, köne bilen täzäniň göreşini, täzäniň
köneden üstün çykyşyny ussatlyk bilen açandygyny
belleýär.Ýöne tankytçy, pýesanyň kemter ýeri barada
gürrüň
edende, ownukçylyk
bilen
kemçiligini
tekrarlaýar.
Onuň “Ösüş ýolunda” atly tankydy makalasy Anna
Kowusowyň “Güneşli ülkäm” diýen ýygyndysy hakda
bolup,ýygynda girizilýän goşgular, adat bolşy ýaly,
temalara
bölünip
derňelýär. Emma
ýygyndyda
ýerleşdirilen goşgularyň düýpli ylmy-çeper analiz
edilmändigini,ülňä öwrülen stilde olaryň ilki öwüp,
soňra düzetmesi aňsat bolan az-kem kemçiliginiň
bardygynyň ýaňzylýandygyny belläp geçmelidiris.
“Sowet Türkmenistany” gazeti. 1950-nji ýyl. 24-nji mart
“Sowet Türkmenistany” gazeti. 1950-nji ýyl. 27-nji dekabr
3
“Sowet edebiýaty” žurnaly, 1948-nji ýyl, №10
4
“Sowet edebiýaty” žurnaly, 1950-nji ýyl, №7
5
“Sowet edebiýaty” žurnaly, 1950-nji ýyl, №9
6
“Ýaş kommunist” gazeti, 1948-nji ýyl, 22-nji aprel
1
2
48
Tankytçynyň “Ýaşlara ýadygär” diýen makalasy
şahyr Rehmet Seýidowyň“Ýaşlara ýadygär” (Aşgabat,
TDN 1949.) diýen ýygyndysy barada bolup, bu hem
edil
ýokarda
derňän
makalamyzyň
stilinde
ýazylypdyr. Munda şahyryň Watan hakynda, pasyllar
hakynda ýazan şygyrlary temalara bölünip derňelýär
we şahyryň watançylygy wasp edilýär.Ahyrynda
tankytçy, ýygynda ideýasy aýdyň bolmadyk goşgularyň
girizilendigini biri-birine meňzeş gaýtalanýan setirleriňde bardygyny subut edip, mysallar arkaly öz pikirini
delillendirýär. Kä sözleriň ýerli-ýerinde ulanylmandygy
barada-da örän ýerlikli bellikler aýdýar. Makalada,
şahyryň ussatlygy hakynda gürrüň edilip,
onuň
kemçiligi dogrusynda hem, ýüz görmezden, adalatly
obýektiw baha berilipdir.
Bu
ýygyndy barada B.Hudaýnazarow hem
“Ýaşlara ýadygär”1 atly makala bilen çykyş edýär.
Makalada, şahyryň döredijiligi barada-da gysgajyk
gürrüň ediliýär.Ýygynda girizilen Sowet konstitusiýasy
we Lenin-Stalin baradaky eserleriň,ýene-de peýzaž
lirikasynyň aýratyn ussatlyk bilen ýazylandygy öwgüli
setirler
bilen
taryplanýar. Soňra, ýygyndynyň
kemçiliklierine geçilip,oňa girizilen şygyrlarda edebi
diliniň ýoýlandygy, kitapda eserleriň ýerleşdirilşiniň
tertipsizligi barada adalatly bellikler edilýär. Bu makala,
ýygyndy
baradaky
Mämmetgulyýewiň
çykaran
makalasy bilen jebis gelýär, olaryň ýygyndy baradaky
pikirleri ugurdaş.
1
“Ýaş kommunist“ gazeti, 1950-nji ýyl, 5-nji sentýabr.
49
A.Mämmetgulyýewiň
edebi
tankydyna,
B.Seýtäkowyň “Gyzgyn
günler” diýen
powesti
barasynda “Kolhoz obasy hakda powest” atly makalasy
özüniň obýektiwligi bilen tapawutlanýar.Onda eseriň
temasynyň aktuallygy, ýazyjynyň häzirki günüň
mehanizasiýalaşdyrylan
oba
hojalygyny suratlandyrmagy, agzybirlikde jan aýaman zähmet çekýän
sowet adamlaryň asylly häsiýetlerini açmaklygy
maksat edinenligi bellenýär.Yzyndan awtoryň şol
maksadyny ussatlyk bilen açmagy başarmandygyny,
powestiň harsal işlenendigini aýdyp, şeýle pikir
ýöredipdir: “Birinjiden, awtor kolhoz durmuşyny- öz
saýlap alan temasyny gowy öwrenmändir.Şonuň üçin
ol käbir owunjak belliklerinde däl, hatda öz powestine
esasy konflikt edip alan meselesinde hem amatsyz
ýagdaýa düşüpdir”1
Tankytçynyň bu belligi gaty jaýdar aýdylypdyr, ol
öz aýdan pikirini esaslandyrypdyr. Eseriň obrazlarynyň
ýetmezçiligi barada tankytçy oňat pikir ýöredýär.
Makalada: “Ýoldaş
Beki Seýtäkowy
öz
gahrymanlarynyň ýazgydyna käte perwaýsyz garaýar,
olaryň obrazlarynda özbaşdaklyk ýok – diýilýär. –
Aslynda, her adamda bir häsiýet bar.Her adamyň bir
sözleýşi, gylygy bar.Şol dogry görkezilse,oňat obrozlar
döreýär.Awtor şol tipleri döredip bilmändir”2
Gahrymanlaryň obrazyny döretmekde awtoryň öz
pikirine özüniň garşy gelýän ýerlerine hem duş
gelinýändigi hakdaky bellik bilen ylalaşmak bolar,
tankytçy ony mysalar bilen hem subut edýär. Mundan
1
2
“Sowet edebiýaty” žurnaly, 1950-nji ýyl №9. 74 s.
Şol ýerde, 75 s.
50
başga-da eseriň kemçilikleri barada gürrüň edip,
pikirini ylmy esasda mysallar arkaly delillendirýär.
Bu eser barada D.Esenowyň “Gyzgyn günler” ady
bilen “Sowet Türkmenistany” gazetiniň 1950- nji ýylyň
29-njy oktýabrynda tankydy makalasy çap edilýär. Bu
makalada hem adamlaryň zähmete bolan garaýyşlary
onuň
oňaýly
tarapy
hökmünde
görkezilipdir.
Gahrymanlaryň häsiýetlendirlşi hakdaky kemçiligi
barada gürrüň edende, bu eser barada çap edilen öňki
makaladaky pikir bilen dogry gelýär.Ýöne şunda
Täzegüliň ejesi Senemiň obrazy barada” ...durmuşa
dogry gelmeýän, toslama, düşünjeli sowet graždanyna
laýyk bolmajak obrazdyr.Senem ejäni awtor dine
ýugrulan, molla we işana ynanýan, köne urp-adatyň
ýesiri bolan adam hökmünde görkezipdir” diýenleri
bilen ylalaşmak bolmaz. Sebäbi eseriň ýazylan
döwründe, umuman
garrylaryň
häsiýetinde
ol
bolaýanda-da ynanylmaz ýaly däl, ikinjiden hem,Senem
eje ylymly-sowatly aýal däl. Şonuň üçin onuň obrazy,
tankytçynyň aýdanynyň tersine, ynandyryjy çykypdyr.
Käbir ene-atalar, öz diýenini etdirjek bolup,her ýoldan
goýup görýärler ahbetin. Umuman alanyňda, şeýle
säwliklere seretmezden, bu tankydy makalada obýektiw
seredilýär.
Tankytçynyň “Gyzgyn günler” powesti hakdaky,
umuman, onuň döredijiligi hakdaky pikirini makul
bilip, makalanyň
jemlemesinde
aýdan
sözlerini
getirmegi dogry tapdyk.Ýazyjy Beki Seýtäkow, “Gyzgyn
günler” powestini okyjylara hödürlemek bilen, özüniň
düýpli eserler döretmäge ukybynyň bardygyny
görkezdi. Edil
şonuň
ýaly-da
powestde
uly
51
kemçilikleriň we bulaşyklyklaryň bolmagy eseriň
üstünde awtoryň harsal işleýändigini-de görkezdi”1
Tankytçylaryň bu eser barada aýdan tankydy
pikirleri netijeli hem-de biri-birine
jebis gelýär.
A.Mämmetgulyýewiň “Hakykat hakynda hekaýa” ady
bilen B.Seýtäkowyň “Başa-baş söweş” hekaýasy barada
syn ýazýar. Bu makalada täze kolhoz adamlarynyň iň
oňat
sypatlarynyň
ökdelik
bilen
açylandygy,
kynçylyklardan gorkmaýan, ruhdan düşmeýän sowet
adamlarynyň belent mertebeleriniň suratlandyrylýanlygy
hakda giňden gürrüň edilipdir. Hiç hili tankydy bellik
aýdylmaýar.
Onuň
“Harsal
işiň
ýaramaz
hasyly” atly
makalasynda bolsa Ý.Nasyrlynyň “Kim güýçli?” ady
bilen çykan kitapçasy tankyt edilýär. Ýazyjy –şahyrlaryň
üstünlikli taraplary bilen kemçilikleri-de bar. Döwrüniň
gözi bilen seredeniňde bu ýygyndyny juda püçege
çykaraýmak adalatly bolmasa gerek. Tankytçy şahyryň
eserlerini “ideýa taýdan gowşak”diýip belleýär. Emma
onuň aýdyşy ýaly däl-de, awtoryň ýagşy niýeti
duýulýar, şygyrlar sada ýazylypdyr. Nädogry düzülen
jümleleriň, şowuna düşmedik meňzetmeleriň bardygy,
çeperçilik babatda gowşaklygy, türkmen dilini ýoýup
ulanýandygy hakdaky bellikleri göwnejaý.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, A.Mämmetgulyýewi
edebiýatyň tankydy we edebiýaty öwreniş ylmynda
aktiw hem-de obýektiw çykyş edenleriň hataryna
goşmak bolar.
1
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1950-nji ýyl, 29-njy oktýabr
52
Şol döwrüň edebiýaty öwreniş ylmy we edebiýat
tankydy barada gürrüň edilende, merhum A.Kerimowyň
adyny guwanç bilen tutmak bolar.Ol, şahyrçylygynyň
daşyndan edebiýaty öwreniji görnükli alym bolmak
bilen,edebiýatyň taryhyna, teoriýasyna degişli işleri,
edebi-tankydy makalalary we edebi teoriýasy baradaky
gollanmasy bilen özüni tanatdy.
Tankytçy “Çeper sözüň ussady”1, “Türkmen sowet
edebiýatynyň ajaýyp üstünligi”2 atlary bilen iki makala
ýazýar. Birinjisinde, B.Kerbabaýewiň bütin döredijiligi
derňelýär. Onuň ussat şahyrlygy bellenilmek bilen,
ýeke-ýekeden poemalary analizleýär. Soňra prozanyň
ussadydygy hakda gürrüň
açylýar, ýazyjynyň ýazan
powestleri, “Aýgytly ädim “ romany hakda, ýazyjynyň
dramaturgiýadan-da başy çykýanlygy, ökde terjimeçidigi
hakda durlup, umuman ýazyjynyň döredijilik ýüzi
açylyp görkezilýär.
Ikinji makalada hem, şahyryň döredijilik ýoly
yzarlanyp, esasan hem “Aýgytly ädim “ romanynyň
türkmen sowet edebiýatyna getiren üstünlikleri barada
gürrüň
edilýär, onuň ýokary baýraga
mynasyp
bolandygy nygtalýar. Bu makalada ýazyjynyň döredijiligi
barada maglumat berilip, onuň eserleriniň reallygy,
obrazlaryny indiwiduallaşdyryşynyň özboluşlylygy we
gaýrylar barada giňden gürrüň edilýär.
Aman Kekilow
“Soldat
gaýdyp
geldi” atly
makalasyny Gurbandurdy Gurbansähedowyň 1947-nji
ýylda neşir edilen “Soldat gaýdyp geldi” ýygyndysyna
bagyşlap ýazýar. Ol, bu ýygynda oňat ýazylan
1
2
“Sowet Türkmenistany” gazeti. 1947-nji ýyl, 4-nji fewral
“Sowet Türkmenistany” gazeti. 1947-nji ýyl, 4-nji aprel
53
goşgularyň girizilendigini,şahyryň öz eserlerini uly
joşgun bilen ýazandygyny nygtamak bilen, yzyndan
tankydy belliklere geçip, ýygynda girizilen “Zoýa”
poemasynyň
çeperçilik
babatda
gowşakdygyny,
wakalarynyň ynandyryjy däldigini, şowsyz eserdigini
tankytlapdyr. Zoýanyň obrazynyň ynandyryjy däldigi
nygtalýar. Poemada Zoýanyň ejesi urşuň boljakdygyny
öňünden
bilen
şekilde
gyzyny
terbiýeleýär,
“watansöýüji bol, Watana wepaly bol” diýen ýaly
gönümel nesihatlar ejesiniň dilinden aýtdyrylýar
diýilip, göwne makul gürrüň edilýär.Beýle gönimel
sözleri awtor gahrymanynyň agzyna salyp bermän,
Zoýany
akylly, edepli, medeniýetli,düşünjeli, mert
bolmak ýaly gowy häsiýetleri öwredýän şekilde
suratlandyran bolsa, oňat bolardy diýilip adalatly
bellenýär. Onuň “Gyr
atly
gaýduwsyz”, “Akmak
hökümdar” dessanlarynyň forma we mazmun taýdan
beýleki eserlere sepleşmeýändigi hakdaky belligi bilen
ylalaşmak bolar. Tankytçynyň goşgularyň çeperçilik
taýdan
gowşaklygyny, käbiriniň
ideýa
taýdan
agsaýanlygyny aýdyp, olary degerli mysallar getirip
analizleýşi
göwnüňden
turýar.Şahyryň
umumy
döredijiligi barada gürrüň edip, tankytçynyň ýöreden
pikiri göwnejaý bolany üçin, şondan birnäçe setirini
getirmegi ýerlikli hasaplaýarys: “...şahyryň döredijilik
fantaziýasy şindi ýeterlik däl”. Ol bu pikirini dowam
etdirip: “Ol özüniň
köp goşgularynda durmuş
wakalaryny okyjysyna düşündirmäge, belli bir meseläni
subut etmäge çalyşýar.Emma şahyr durmuş wakalaryny
özüniň ideýa nukdaý nazaryndan görkeziji bolmalydyr.
Şol görkezijiligiň başarnykly bolmagy düşündirmegiň,
54
ýagny konkret obrazlar üsti bilen öz ideýaňy okyjyňa
bermegiň iň ýokary derejesidir. Düşündirmek ylmyň
işi,görkezmek
sungatyň
işi ...Gurbansähedowyň
poeziýasynda “subut edijilik”, “düşündirijilik” häsiýeti
bar. Şonuň üçin hem onuň birnäçe goşgulary
“agitasion” häsiýetli bolup çykypdyr”1 diýýär.
Bu ýygyndy hakda “Perwyý sbornik molodogo
poeta”2 ady bilen Ruhy Alyýewiň hem bir makalasy
çykýar.Bu makalada şahyryň ýygyndysyna girizilen
goşgular temalara bölünip analiz edilýär. Makala
durşuna diýen ýaly öwgüden ybarat bolup,ýöne onuň
shemalaýyn goşgularynyň hem gabat gelýändigi az-kem
ýaňzydylýar.
A.Kekilow “Alma ýene gülleýär”3 ady bilen ýenede bir makala ýazýar.Ol bolsa, Ata Atajanowyň, “Alma
ýene gülleýär” diýen ýygyndysy hakda bolup, kitapça
girizilen eserleri derňeýär.Makalada şahyryň gün saýyn
ösýänligi, kämmileşýänligi eseriň çeperçilik derejesiniň
ýokarlanýanlygy, tema baýlygynyň artýanlygy mysallar
bilen delillendirilýär. “Ölmejek Zoýa” poemasynyň şowly
çykandygy, tema taýdan aktuallygy, ýöne real durmuşdan
üzňeligi nähilidir sypaýyçylyk bilen tankytnalynjak
bolunýar. Şahyryň çeper diliniň ýeterlik syngylantlylanmandygy, howul-hara ýazylan goşgularyň kitapçanyň
gmmatyna zeper ýetirýänligi barada degerli bellik edilýär.
Tankytçy özüniň “Lebap nagmalary”4 atly
makalasyny Rahmet Seýidowyň 1949-njy ýylda çykan
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1945-nji ýyl, 11-nji iýul.
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1947-nji ýyl, 11-nji sentýabr.
3
“Sowet Türkmenistany” gazeti. 1948-nji ýyl, 11-nji iýul.
4
Sowet edebiýaty žurnaly, 1949 –njy ýyl. N8.
1
2
55
ýygyndysyna bagyşlap ýazýar. Bu ýygynda girizilen
goşgularyň iň oňatlary hökmünde şahyryň peýzaž
lirikasydygyny adalatly belläpdir. Şu siklde ýazan
goşgularynyň çeperçiliginiň oňatlygyny we ony
suratlandyrmagyň
janly
ýagdaýda
çykanlygyny
belleýär.Yzyndan eserlerine analiz berip, olaryň kemçiligi
barada gürrüň etmek bilen, şahyryň diliniň harsallygy,
goşgynyň tehnikasy we formasynyň üstünde ýeterlik
işlemändigini, aýtjak bolýan pikirini bulaşyk beýan
edýänligi barada dogry bellikleri aýdyp, şeýle diýýär:
“Setirleriň manysyna çuňňur pikir bermän, olaryň
soňlarynyň sazlaşygyna gyzyklanmaklyk ine şunuň ýaly
garynjaňlygy, taryhy wakalaryň kanuny hereketlerini
ýoýmaklyga, sosialistik realizm usulyndan daşlaşmaklyga
alyp barýar”. Tankytçynyň dili bilen aýdylanda: “Halk
sowet ýazyjylaryndan uly ussatlyk bilen ýazylan ýokary
ideýaly eseri isleýär. Howul-hara, ýüzleý ýazylan eser
medeni taýdan has ösen sowet alymlarynyň talabyny ödäp
bilmeýär.1
Ellinji ýyllarda türkmen edebiýatynda dramaturgiýa
janlanyp başlady. Bu žanrdan aktiw çykyş eden
G.Seýitliýew, G.Muhtarow “Kümüş gapyrjak”, “Çopan
ogly”, “Bagbanyň gyzy” ýaly pýesalary ýazdylar. Bu
pýesalar soňra “Kümüş gapyrjak” ady bilen özbaşdak
ýygyndy bolup çykdy.
Başda aýdyşymyz ýaly, uruşdan soňky edebi
durmuş we tankyt hakda pikir ýöredilende, esasan edebi
prosesdäki özgerişlige ünsi çekmeli bolýar. Eger “Aýgytly
ädim” prozada roman žanrynda uly öňe gidişlik bolan
1
Sowet edebiýaty žurnaly, 1949 –njy ýyl. N8. 64 s.
56
bolsa, H.Ysmaýylowyň “Iki atanyň bir ogly”,
“Mugallymanyň gyzy” diýen eserleri çagalar edebiýatynda
ajaýyp yz galdyran bolsa, G.Seýitliýewiň, G.Muhtarowyň
“Çopan ogly” diýen pýesasy hem şeýle baha mynasyp
drama eseridir. G.Seýitliýewiň, G.Muhtarowyň ol
pýesalarynda sowatly, medeniýetli intelligentiň obrazy,
türkmen aýalynyň täzeçil keşbi suratlandyrylýar. Awtorlar
köplenç herekete üns berselerem, gahrymanlaryň
monologlarynda olaryň içki dünýäsini, garaýyşlaryny, dil
aýratynlyklaryny açmagy-da ussatlarça başarýarlar.
Halypa edebiýatçy we tankytçy A.Kekilow bu alamatlary
öz çykyşynda dogry belleýär.
Tankytçynyň “Kümüş guty”1, makalasy Gara
Seýitliýew bilen birlikde Güseýin Muhtarowyň “Kümüş
guty” dramasy barada bolup, dramanyň üstünlikli tarapy
barada giňden gürrüň edilýär. Dramanyň gahrymanlary
Aman hem-de mugallym Pyllygyň obrazlarynyň gowşak
çykandygy barada tankydy pikirleri orta atylýar. Aman
Kekilowyň tankydy synlaryny umumylykda seredeniňde,
onuň ylmy tarapyna köp üns berlip, tankyda gezek
gelende, sypaýy stil duýulýar.
Şol döwrüň tankydy barada gürrüň edilende,
B.Annanurowyň adyny agzaman geçmek bolmaz. Ol
edebi-tankydy makalalar bilen metbugatda aktiw çykyş
edenleriň biri bolup durýar.
Onuň “Söýgi” poemasy hakynda2 tankyt we
bibliografiýasy ýazyjy Aman Kekilowyň “Söýgi” romany
hakdadyr. Tankytçy ilki romanyň mazmuny bilen
tanyşdyryp, soňra analize geçýär. Yzyndan meşhur
1
2
“Sowet Türkmenistany” gazeti. 1949-nji ýyl, 3-nji sentýabr.
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1947-nji ýyl, 13-nji fewral.
57
ýazyjynyň, bu romany ýazyp, edebiýat meýdanynda
görnükli orunlaryň birini eýeländigi barada, Ogulnabat,
Begenç, Akmyrat ýaly sagdyn, häzirki zaman, gözümiziň
görüp duran adamlarynyň obrazyny ussatlyk bilen berip
bilendigi hakda belleýär. Eseriň kemçiligi barada söz açyp,
uruş wakalary bilen bagly bolan epizodlaryň ynandyryjy
däldigi, gaty ýöntem gelýänligi, beýlediginiň sebäbi
ýazyjynyň özüniň uruş meýdanyndaky gowgalar bilen
doly tanyş bolmanlygy üçinligini adalatly belleýär. Ol,
tankydyny dowam etdirip:“şahyr sowet gyzlarynyň
ýaňagyny nara, tenini ak pamyga we ş.m köne däp bolup
gelýän meňzetmelerden peýdalanypdyr“ diýlip nähak
igenýär. Elbet-de, bu tankytlap oturar ýaly düýpli kemçilik
däl, onuň çeperçiligi babatda gürrüň eden bolsa gowy
bolardy. Tankydyň dowamynda:“...adyndan belli bolşy
ýaly, bu eserde söýgi barada kän gürrüň edilýär,
dabalandyrylýar. Emma olaryň işleri duşmana bolan
ýigrençleri şonuň ýaly söhlelenmeýär” diýilýär.
Hakykatda bu eserde, Söýgi-de, söýgüniň üsti bilen
gahrymanlaryň duşmana bolan ýigrançleri-de, işleride
özboluşly, aýdyň şöhlelenýär. Olaryň dabaraly söýgüsi,
başdan geçiren muşakgatlyklary, duşmana uly ýigrenç
döredýär. Bu makalada “Ogulnabadyň Begençe bolan
söýgüsini makullan, oňa guwanan mähriban enesiniň
Begenç maýyp bolandan soň, olaryň durmuş gurmagyna
üzül-kesil garşy durmagy garry ene barasynda ýaramaz
duýgy döredýär... sowet eneleriniň wekilini şeýle
suratlandyrmak dürs däldir”1 diýen ýaly jümleleri, gabat
gelmek bolýar. Eger awtor, Enebaýy maýyp bolup galan
1
“Sowet Türkmenistany”, gazeti, 1947-nji ýyl, 13-nji fewral.
58
Begenje gyzynyň barjak bolşyny hiç bir garşylyksyz
makullaýan edip suratlandyran bolsa, ynandyryjy
çykmazdy. Ol enelere mahsus häsiýeti açypdyr, ene, öz
çagasyna gezek gelende, hiç bir zada üns bermeýär, bagtly
edesi gelýär, jany durmaýar. Bu zatlar durmuşda bolup
eneleriň häsiýeti bolsa tipli berlipdir.
Umuman, tankytçy eseriň kemçiligini has
çintgäpdir, ownuk, ýönekeý ýetmezçiliginiň üstünde-de
döwnäpdir. Tankytçynyň makalalaryna syn salanyňda,
eseriň gowşaklygyna, ýetmezçiligine gezek gelende,
ýapydan inen ýaly, ýeke-ýekeden derňeýär. Bu bolsa
öwgüli tankytdan täsirlidir. B. Annanurowyň beýleki
tankydy makalalaryna geçmezden öň, ozal getirşimiz ýaly,
deňeşdirme usuly bilen “Söýgi” romany hakdaky synlaryň
ýene-de birini derňemekçi.
Bu roman hakda N.Aşyrow “Sowet intelligensiýasy
hakynda täze eser ”1 ady bilen metbugatda çykyş edýär.
Makala, “Söýgi” poemasynyň birinji kitabyna
ýazylan syn bolmak bilen, munda poemanyň sýužet
ýordumy başdan-aýak analizlenýär. Romanyň tema taýdan
aktuallygy, ideýa taýdan sagdynlygy, real durmuşdan
alnandygy, gahrymanlaryň hereketleri, işleri, durmuşlary
jikme-jikligi bilen eserde öz beýanyny tapýanlygy täsirli
aýdylýar. Türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji real,
poetik romanlygy tekrarlanýar. Şunuň bilen birlikde
tankytçy, bu romanyň ýetmezçiligi barada söz açyp,
Akmyradyň söweş meýdanyndaky hereketiniň emosional
görkezilmeýändigini belleýär. Elbetde, bu dogry,
B.Annanurowyň makalasynda hem bu barada ýerlikli
1
Sowet edebiýaty gazeti, 1947-nji ýyl.
59
gürrüň edilýär. Diňe bir Akmyradyň däl, Begenjiň hem
söweş meýdanyndaky hereketi suratlandyrylman galýar,
ýöne şahyryň dilinden beýan edilýär. Bu bolsa ýazyjynyň
söweş wakalaryna näbelet bolandygyna güwä geçýär.
Ýene-de makalada Akmyradyň terjime halyna köp orun
berilendigini tankytçy belleýär, bu juda artykmaçlyk
durmaýar, sebäbi ol –romanyň esasy gahrymanlarynyň
biri. N.Aşyrowyň bu makalasyna baha berlende, onuň
özboluşly, obýektiw ýazylandygyny aýdyp bileris,
tankytçy esere oňat baha berýär.
Bu poemanyň käbir ýetmezçiligine garamazdan,
türkmen edebiýatyny original obrazlar bilen baýlaşdyran
şahyrana formada ýazylan uly göwrümli, terbiýeleýjilik
häsiýetli eserdir.
Diňe bular hem däl, umuman lirika-epiki poeziýada
A.Kekilowyň “Söýgüsi” türkmen edebiýaty möçberinde
hadysadyr. muny uruşdan soňky döwrüň tankydy dogruçyl
görkezmegiň hötdesinden gelip bilmedi. Poemanyň
ähmiýeti, onuň şygyr bilen ýazylan romandygy, giň
möçberliligi, kompozisiýa gurluşyndaky aýratynlyklary,
ýazyjynyň ussatlygy hiç bir tarapdan açylman galdy. Bu
eser uruşdan soňky türkmen edebi durmuşynyň uly
wakasy bolupdy. Ilkinji bolyp, A.Kekilow Beýik
Watançylyk urşy ýyllaryndaky /poemanyň aýry-aýry
bölekleri 1945-nji ýylda metbugatda çykyp başlady/
türkmen zenanynyň obrazyna, onuň durmuşyndaky
özgerişlige täzeçe çemeleşdi we onuň obrazyny, anyktaryhy ýagdaý, döwür nukdaý nazaryndan açmagy
başardy. Poemanyň içki ruhy, dili we beýleki taraplary şol
döwrüň edebi tankydy tarapyndan ýeterlik analizlenmedi.
Awtorlar diň onuň gahrymanlarynyň hereketlerini
60
yzarlamak bilen çäklendiler. Birnäçe ownuk kemçilikler
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.