Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09

Total number of words is 3384
Total number of unique words is 1585
28.2 of words are in the 2000 most common words
40.1 of words are in the 5000 most common words
46.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
romanlaryň söhbetini etseler, heniz bu çekişmäniň
soňlandygy bolmaýar.Tersine, ol ýene-de Ö.Abdyllaýewiň
“Roman žanrynyň ösüşindäki esasy tendensiýalar”5 ady
bilen ýetmişinji ýyllaryň ortalarynda barha örç aldy.
Munuň hem öz taryhy, edebi, ylmy sebäbi bar.
Ýetmişinji ýyllar bizde powestlik, romanlyk ýyllary
bolupdy.Tas her bir uly ýazyjy bir roman edinmäge
howlukdy. Indi “Aýgytly ädimden”soň onlarça taryhy,
Nuralyýew D. Romanlarymyzyň çeperçilik derejesi. Edebiýat we sungat.
1972. 7-nji aprel.
2
Allakow J. Iki romanyň gürrüňi. Edebiýat we sungat. 1972, 21-nji maý.
3
Ataýew K. Ösýän we kämilleşýän žanr. Edebiýat we sungat. 1972. 11-nji
iýun.
4
Myradow A. Hadysalar we häsiýetler. Edebiýat we sungat. 1972. 3-nji
sentýabr.
5
Abdyllaýew Ö. Roman žanrynyň ösüşindäki esasy tendensiýalar. Sowet
edebiýaty. 1975, N12, 91-110 s.
1
151
taryhy-rewolýusion, häzirki zaman we uruş temasyndan
roman bary ýazyldy. Bu ýagdaý edebi tankyda giň ýol
açdy.Roman
žanrynyň
esasy
ösüş
ugurlary,
Ö.Abdyllaýewiň pikiriçe, nämelerden ybarat?
Ö.Abdyllaýew, biziň pikirimizçe, türkmern
romanynyň esasy ösüşiniň baş alamatyny dogry belleýär.
Olar haýsydyr? Biz şol ýagdaýy tankytçynyň öz sözleri
bilen berýäris:
1. “Biziň günlerimiziň hakykatyny suratlandyrýan
romanlaryň yzly-yzyna peýda bolmagy nämäni
alamatlandyrýar? Ol, ozaly bilen, ýazyjylarymyzyň
döredijilik
ussatlygynyň
ýokarlanýandygyny
alamatlandyrýar. Belli bolşy ýaly, gahrymanlaryň häsiýeti
durmuş
konfliktleri
bilen
baglanyşykly
edýän
hereketlerinde, oý-pikirlerinde açylýar. Häsiýetleriň açary
bolan konflikt bolsa hemme wagtda bir hili bolmaýar”1
Edil şu pikir hiç hili faktsyz agzalýar, ýöne ikinji
delilini tankytçy fakt bilen berkitmegi unudanok:
2. “Häzirki zaman temasyndaky romanlaryň ýetmişinji
ýyllardaky ösüşinde göze ilýän oňaýly tendensiýalaryň
esasylaryndan biri gahrymany gerekmejek resmilikden
daşlaşdyryp, ony öz ruhuna, öz paýhasyna, öz tejribesine,
öz tebigy bolşuna laýyklykda erkin hem-de insiatiwaly
hereket edýän tip hökmünde suratlandyrmagyň belli-külli
güýçlenýänligidir. Bu babatda Berdi Kerbabaýewiň “Suw
damjasy-altyn dänesi” diýen romanyndaky Babaly Artyk
bilen Sergeý Gerasimowiç Nowçenko has-da saýlanýar”2
Dogrusyny aýtsak, 60-70-nji ýyllaryň tankydy esasan
B.Kerbabaýewiň döredijiliginiň daşynda aýlandy. Şonuň
1
2
Abdyllaýew Ö. Ýatlanan makala.- 93 s.
Şol ýerde, -95 s.
152
üçin romanda ýüze çykýan meýil baradaky söhbetiň bir
ýanynyň ol uly ýazyja syrygmagy ýöne ýerden däl.
Ö.Abdyllaýew hem gürrüňi şondan alyp gaýdýar. Ýöne ol
emele gelen meýli sanap, has uzaklara nazar aýlamagyň
hötdesinden gelýär.
3. “Ýetmişinji ýyllaryň romanlarynda gahrymanlaryň
ahlak, wyždan, gumanizm ýaly adamkärçilik sypatlaryny
çuňdan suratlandyrmak hem güýçlendi. Ine, şo-da roman
žanrynyň soňky ýyllardaky ösüşinde göze ilýän esasy
tendensiýalaryň biridir... Gürrüňi edilýän bu tendensiýa
ýetmişinji ýyllarda döredilen romanlardan Hydyr
Derýaýewiň
“Mukaddes
ojak”,
Berdinazar
Hudaýnazarowyň “Akar suwuň aýdymy”, Ata Atajanowyň
“Öz tanyşlaryň” atly romanlarynda has güýçli duýulýar”1
Tankytçynyň bu pikiri bilen ylalaşmak mümkin. Gep
uzaldyp oturmanymyzda-da, ahlak meselesiniň, köplenç,
maşgala bilen baglylygy belli zatdyr. Ýöne bu ýerde
adamlarda bähbit diýen zadyň barha güýçlenýändigini
tankytçy görenok. Hususy bähbit-ahlak bozulmasyna alyp
barýar. Emma Ö.Abdyllaýew maşgala gatnaşygynda ahlak
näsazlygyny örän oňat açyp bilipdir.
4. “Ýetmişinji ýyllaryň romanlarynda dürli kärdäki
adamlaryň obrazyny döretmeklik hem güýçlendi.
Häzirki zaman temasyndan döredilen öňki romanlarda
esasan oba adamlarynyň /”Köpetdagyň eteginde”/ hem-de
nebitçi işçileriň /”Nebitdag”, “Çeleken şemaly”/ obrazlary
doredilen bolsa, ýetmişinji ýyllaryň romanlarynda, öňde
görüp geçişimiz ýaly, Garagum kanalyny gurujylaryň-da
/Nowçenko, Babaly, Mergen/, sowhoz işçisiniň-de
1
Abdyllaýew Ö. Ýatlanan makala., 106 s.
153
/Naýzaly/, ylmy işgäriň-de /Serdar Şadyýewiç/ çeper
döredijilik intelligensiýasynyňda /Salamguly/ obrazlary
suratlandyryldy. Bu obrazlar türkmen romanlarynda
döredilen täze sosial tipleriň obrazlarydyr. Şeýle bolansoň,
olaryň türkmen edebiýatyndaky obrazlar galareýasyny
baýlaşdyrjakdygy düşnüklidir.”1
Ö.Abdyllaýewde türkmen prozasyna töwerekleýin
goramak, ony taryhy prinsiplere laýyk işlemek endigi
güýçli . Ol hem düşnükli. Sebäbi ol şu ugurdan ýörite
doktorlyk
dissertasiýasyny
gorady. 2
Biziň
ony
nygtaýanymyzyň sebäbi, tankytçynyň romanyň ösüşiniň
bäşinji tendensiýasyny görkezmegi bilen baglydyr.
”Ýetmişinji ýyllaryň romanlarynda sýužetiň gurluşynda
we ösüşinde-de özgeriş göze ilýär. Mälim bolşy ýaly, belli
bir meselede ýüze çykýan garşylygy eseriň sýužetine özen
edip almaklyk türkmen edebiýatynda gadymdan bäri
dowam edip gelýän däpdir. Belli türkmen romançylary
Berdi Kerbabaýewiň, Beki Seýtäkowyň, Hydyr
Derýaýewiň, Gylyç Kulyýewiň romanlarynda-da şol däp
esasan dowam etdirilýär.Şol däp boýunça döredilýän
eserlerde wakalaryň ählisi diýen ýaly, birinjiden, bäş
temanyň, baş ideýanyň, baş gahrymanyň obrazynyň
aýdyňlaşmagyna, ikinjiden, eserde boýdan başa dowam
edýän esasy sýužet liniýasynyň-garşylygyň ösmegine,
çözülmegine hyzmat edýär, üçünjidenem, wakalar biribiriniň döremegine, aýdyňlaşmagyna, soňlanmagyna
sebäp bolmak arkaly öz aralarynda baglanyşýarlar. Şol
esasda-da sýužet bitewileşýär, kompozision gurluş emele
Abdyllaýew Ö. Ýatlanan makala.- 107 s.
Abdyllaýew Ö. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. Aşgabat: TDU, 1972,
183 s.
1
2
154
gelýär. Şeýle häsiýetde sýužeti bitewileşdirmek,
kompozisiýa gurmak däbi soňky ýyllarda döredilen
romanlaryň hem köpüsinde dowam etdirilýär. Mysal üçin,
Berdi Kerbabaýewiň “Suw damjasy-altyn dänesi”
romanynda bölek gurluşygyň işine döredijilikli
çemeleşmek meselesinde ýüze çykýan garşylyk sýužetiň
esasynda ýatýan bolsa, Hydyr Derýaýewiň “Mykaddes
ojak” romanynda ahlak meselesinde döreýän garşylyk
esasynda sýužet gurulýar. Tirkeş Jumageldiýewiň
“Bagrymyzyň badaşany”, Gurbandurdy Gurbansähedowyň
”Toýly Mergen”, Gowşut Şamyýewiň “Köýen ýyllar”
romanlarynda-da sýužet esasan belli bir meselede ýüze
çykýan garşylyk esasynda ösýär”1
Biz şu ýerde uzyn sitatanyň arasyny kessek-de,
tankytçynyň aýtjak esasy pikiri tamamlanmaýar. Ol öz
birinji pikirini subut edip, onsoň ikinji pikirine geçýär.
Şoňa ünsi çekmek üçin özümiz Ö.Abdyllaýewiň bu
sözleriniň arasyny kesýäris. Ol indi sýužetiň özgerişini
ýazyp, şeýle diýýär:
“Ýetmişinji ýyllarda döredilen romanlaryň käbirinde
welin sýužeti bitewileşdirmekde, kompozisiýa gurmakda
öňden dowam edip gelýän bu hili däpden daşlaşmak
tendensiýasy mese-mälim duýulýar.
Ine, mysal üçin, Berdinazar Hudaýnazarowyň “Akar
suwuň aýdymy” romany. Bu romanda suratlandyrylýan
wakalaryň aglabasy öz aralarynda-da biri-biri bilen
baglanyşmaýarlar, boýdan başa dowam edýän belli bir
garşylyk liniýasy bilenem baglanyşmaýarlar. Romandaky
sýužet belli bir meselede ýüze çykýan garşylyk bilen
1
Abdyllaýew Ö. Ýatlanan makala.- 108 s
155
baglanşykly wakalar esasynda däl-de, baş gahrymanyňMergeniň iş salyşýan köp dürli meselelerinde ýüze çykýan
wakalar esasynda dowam edýär... Ata Atajanowyň “Öz
tanyşlaryň” atly romanyndaky sýužetiň gurlyşy barada
aýdylanda-da şeýle. Ol romanda-da edil “Akar suwuň
aýdymyndaky” ýaly, baş gahrymanyň Salamgulynyň iş
salyşýan köp sanly meseleleri-çeper döredijilik-däki,ylmy
institutyň işindäki, oba adamlarynyň durmyşyndaky aýryaýry meseleler bilen baglanşykly wakalar esasynda sýužet
formalaşýar.
Berdi Kerbabaýewiň “Gaýgysyz Atabaý”, “Garly
Çakanyň ogly”, Beki Seýtäkowyň “Şahyr”, Pomma
Nurberdiýewiň “Seýdi hakda söhbet” ýaly biografik
häsiýetli eserleride-de sýužet belli bir meselede ýüze
çykýan garşylyk esasynda däl-de, köp sanly aýry-aýry
meselelerde ýüze çykýan garşylyklar esasynda ösýär.1
Uly tejribeli tankytçy Ö.Abdyllaýewden köpräk mysal
almagymyzyň birnäçe sebäbi bar. Birinjiden, ol meseläni
giňden goýýar, ikinjiden, çuň düşündirýär, galyberse-de,
kimdir biri bilen jedelleşjek bolman, uly meseläni hut
ýörite ylmy iş görnüşinde beýan etmegi halaýar.”Roman
žanrynyň ösüşindäki esasy tendensiýalar” hem çekişme
maksady bilen ýazylman, özbaşdak bir ylmy işdir.
Bu problemany Ö. Abdyllaýew orta atsa-da, ony
prozamyz bilen yzygiderli iş salyşýan tankytçy J.Allakow
jemledi. Şol aralykda birnäçe tankytçylar muňa öz
gatnaşyklaryny beýan etmeklige synanyşdylar. Olardan
1
Abdyllaýew Ö. Ýatlanan makala. – 108 s.
156
N.Atdaýewiň,1 Ş.Halmuhammedowyň2, O.Ýagmyrowyň3,
A.Mämmedowyň5 makalalaryny görkezmek ýeterlikdir.
Nähili çekişme guralanda-da, esasy agram ony
başlaýana we jemleýäne düşýär. Aralykdaky çykyş edýän
adamlar şol uly mesele öz garaýyşlaryny ýa-ha anyk
aýdýarlar ýa-da umumy sözler bilen daşyndan aýlanyp
geçýärler. Şu çekişmede nähili? Munda köp awtor,
meseläniň içine girmän, daşyndan synlap geçipdir.
Biz Ö.Abdyllaýewiň başky makalasynda romanyň
ösüşindäki bäş meýli ýönelige ýörite mysal getirmedik.
Çekişmä gatnaşan ýekeje awtor hem şol bäş meýil
hakynda öz pikirini aýtmandyr. Asla Ö. Abdyllaýewiň
çekişmäni açan makalasynda ady-da, onuň özi-de
agzalman gidilen makalalar duşýar. Ine, N. Atdaýewiň
“Suw, ýer, häsiýet we çeper obraz” diýen makalasyny alyp
göreliň. 106-111-nji sahypalarda tankytçy ýekeje ýerde-de
ne “çekişme” – sözüni, ne “Ö.Abdyllaýew” diýen awtory
agzapdyr. Beýle makalany asla çekişme mynasybetli çap
etmek hem redaksiýanyň hatasydyr. Eger başlaýjy
makalada gazalýan pikirlere aýak goşulmasa, oňa “hä” ýada “ýok” diýilmejek bolsa, onda çekişmä goşuldyk
bolmaýar. Awtoryň beýleki pikirleri hem ýöntemlikden
halas däl. Şonuň üçin ony analiz etmekden saklanýarys.
Tankytçy A. Mämmedow özüniň “Geçmişiň
hasraty, geljegiň romantikasy real durmuş” atly
Atdaýew H. Suw, ýer, häsiýet we çeper obraz. –Sowet edebiýaty, 1976, N1,
106-111 s.
2
Halmuhammedow Ş. “Mukaddes ojagyň başyndaky öz tanyşlarymyz”
...Sowet edebiýaty, 1976, N3, 120-128 s.
3
Ýagmyrow O. Täze döwür, täze gatnaşyklar. –Sowet edebiýaty. 1976, N4,
117-123 s.
1
157
makalasynda hem, çekişmäniň içine girmän, Ö.
Abdyllaýew,
N.
Atdaýew,
G.
Aşyrow,
Ş.
Halmuhammedow bilen hem çekeleşmän, ýöne olaryň
atlaryny tutup geçýar we şolarda “ýerlikli pikirler” orta
atyldy. Käbir eserler barada garşylykly pikirleriň
haýsysynyň dogry, haýsysynyň nädogrydygy edebi
tankydyň şondan beýläkki ädimlerinde aýyl-saýyl edildi”1
diýip oňýar. Eýsem, “ýerlikli pikirler” haýsyka? “Haýsy
dogry, haýsy nädogryka?” Bulara tankytçy anyk jogap
berip bilmändir. Dogry, makalasynyň başka bir ýerinde ol
gyzykly pikiri aýdýar.Ine, şol pikir şeýle:
Baş gahryman forster däl diýlen pikir nämä
daýanýar? Elbetde, otrisatel tip baş gahryman bolup
bilmez diýen pikire daýanýar...
Baş gahryman forster diýlen pikir nämä daýanýar?
Ol ozaly bilen eserdäki baş liniýanyň onuň obrazy arkaly
aýdyňlaşýandygyna, ýazyjynyň göz öňünde tutýan
maksadynyň,
meselesiniň
onuň
obrazy
bilen
çözülýändigine daýanýar. Biz hem, öz nobatynda, baş
gahryman forster diýlen pikire goşulýarys”2
Bu ýerde A.Mämmedowyň forster baradaky hususy
garaýşy aýdyň. Özem dogry.Ýöne ol kim forsteri baş
gahryman hasaplaýar, kim hasaplamaýar diýlen sowaly
jogapsyz goýýar.Ony A.Mämmedow aýtmasa-da, biz
aýtmaga synanyşalyň. Gynansagam, N.Atdaýew forsteriň
obraz hökmündäki tebigatyna düşünmedi, şeýdibem ony
Mämmedow A. Geçmişiň hsreti, geljegiň romantikasy we real durmuş. –
Sowet edebiýaty. 1976, N11, 103 s.
2
Mämmedow A. Ýatlanan makala.- 105 s.
1
158
N.Atdaýew baş gahryman hasap etmedi.1 Emma forster,
hut A.Mämmedowyň dogry aýdyşy ýaly, baş gahryman,
özem otrisatel tip.Onsoň hem, A.Mämmedow türkmen
romany ylmy-tehniki progres zamanynda ösýär, onda
“psihologizmiň
güýçlenendigi
duýulýar”2
diýen
mahalynda-da mamladyr.
Emma bu çekişmede N.Hojageldiýewiň “Ýazyjy
G.Gurbansähedowa açyk hat”, A.Haýydowyň “Toýly
Mergen” romany hakynda” diýen makalalarynyň daşyndan
aýlanyp geçildi.Ol makalalary diňe O.Ýagmyrow, “Täze
döwür, täze gatnaşyklar” diýen çekişme makalasynda
agzap, dogry pikir ýöretdi.
“...Toýly Mergen” romany 1972-nji ýylda
“Edebiýat we sungat” gazetiniň sahypalarynda türkmen
romanyna dahylly gurlan söhbetiň hem esasy obýekti
boldy. Tankytçylaryň, okyjylaryň çykyşlarynyň aglabasy
gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn bu esere degip geçdi.
Ylaýta-da N.Hojageldiýewiň “Ýazyjy G.Gurbansähedowa
açyk haty” we A.Haýydowyň “Toýly Mergen” romany
hakynda “ atly makalasy çekişmäniň has çekeleşikli,
dartgynly bolmagyna getirdi. Makalalarda biri-birine
polýuslaýyn pikirler orta atyldy, şol bir zat barada dürli
düşündiriş berildi. Emma, ahmyrly ýeri, şol pikir
ýöretmeleriň haýsynyň hakytada has ýakynlygy,
haýsysynyň hakykatdan daş düşýandigi barada anyk netije
çykarylmady. “Toýly Mergen” romany baradaky pikirler
okyjynyň aňynda dumanly bolup galdy!
Atdaýew H. Edebiýatymyzyň bähbidini arasak. –Edebiýat we sungat. 1972,
26-njy aprel.
2
Mämmedow A. Ýatlanan makala.- 111 s.
1
159
Bu-öňki, gazet ýüzündäki çekişme üçin aýdylan.
Žurnal sahypalaryndaky üçin O.Ýagmyrow, has anyk
netijeli gürrüň edip, şeýle ýazýar:
“Ondan bäri birküç ýyl geçdi. “Toýly Mergen”
romanynyň rusçasy çykdy.Awtor oňa birnäçe düzedişler
girizipdir,
onda-da
bu
düzedişleriň
köpüsinde
diskussiýadaky
tankydy
belliklerde,
aýratynam,
N.Hojageldiýewiň makalasyndaky aýdylanlardan ugur
alnypdyr. Muňa, makalany, “Toýly Mergen” romanynyň
türkmençesini, rusçasyny deňeşdirip okaňda, anyk göz
ýetirse bolýar. ”Toýly Mergen” romanynda konflikte esas
edilip alnan problemanyň, konfliktiň ösdürilişiniň,
çözülişiniň, eseriň bu taraplary aňrybaş kämillige
ýetmedik bolsa-da, özboluşly täzeçilligi bar. Öň
ýaňzydyşymyz ýaly, agzalan romanlarda esasy konflikte
esas edilip önümçilik-hojalyk problemalaryna ýakyn
problemalar alnan bolsa, eseriň başynda şol ugurda
ýaýbaňlanýan göreş eseriň ahyrynda ýetjek derejesine
çenli gyzyşdyrylýardy we ahyrda oňaýly çözgüt
tapylýardy. Emma “Toýly Mergende” ýagdaý ep-esli
başgaçadyr.Munda boljak işler bolup, boýasy siňenden
soňky ýagdaýlar görkezilip başlanýar. Toýly, öň gowy
işlese-de, soňky döwürde ýolbaşçylygy gowşadanlygy,
garyndaşparazlyga ýol berenligi üçin işden aýrylýar. Onuň
wezipesinden boşadylmagyndan hem eser başlanýar.
Konflikti gurmagyň we ösdürmegiň, çözmegiň öňki
usullary ulanylanlyda hut şol pursata çenli hem bir eser
dörederlik mümkinçilik bolardy.Emma awtor meseläniň
160
ahlak-etiki taraplaryny nazara alypdyr hem-de şu esasda
hereketi dowam etdirmek isleýär”1
Aslyýetinde her bir tankydy çekeleşmede esasy zat
ýazyjynyň nämäni görkezjek bolýanyna düşünmek bolsa
gerek. Şu jähtden O.Ýagmyrow tankytçylaryň arasynda
muňa dogry düşünipdir.
Ýöne
O.Ýagmyrow
hem
köp
ýerlerde
B.Kerbabaýewiň
“Suw
damjasy-altyn
dänesi”,
T.Jumageldiýewiň
“Bagrymyň
badaşany”,
B.Hudaýnazarowyň “Akar suwuň aýdymy” ýaly
romanlaryny hetjikläp, beýleki täze eserlere öz pikirini
aýtman geçýär.Onsoň hem, ol Ö.Abdyllaýewiň orta atan
meýilleri barada dil ýarmazlyk pozisiýasyndan ugur
alanyny kem görmändir.
Professor J.Allakow “Roman žanry we onuň
tankydy” diýen giňişleýin jemleýji makalasynda ol
çekişmäni dolulygyna analiz edipdir.
Ozaly bilen, bellemeli zat-J.Allakow bu çekişmäniň
hemme tarapyna degýär. Ol Ö.Abdyllaýewiň öňe süren
meýline gol ýapýar, emma Ş.Halmuhammedowyň,
O.Ýagmyrowyň, A.Mämmedowyň birnäçe pikiri bilen
ylalaşmaýandygyny has açyk ýazýar.Özem bu ýerde
J.Allakow tankytçy manysynda dogry pikir ýöredýär.
A.Mämmedowyň bir pikirini ol şeýle inkär edýär:
“Käte
bolsa
biziň
edebi
tankydymyzam
gahrymanlaryň häsiýetleriniň bütin çylşyrymlylygy bilen
köptaraply görkezilmegine hemaýat edip bilmeýär. Ýazyjy
belli bir galypa laýyk gelmeýän, aňyrsy görnüp duran
obraz döretmedik mahalynda edebi tankyt oňa igenip
1
Ýagmyrow O. Ýatlanan makala. -116-119 s.
161
başlaýar. Biziň pikirimizçe, çekişma gatnaşan, filologiýa
ylymlarynyň kandidaty Ähmet Mämmedowyň “Geçmişiň
hasraty, geljegiň romantikasy we real durmuş”atly
makalasynda hem şol çäkli garaýşyň käbir alamatlary
özüni
duýdurýar.Ol
Ata
Allaberdiýewiň
“Çapyksuwar”romanynyň gahrymanlary hakda şeýle
ýazýar:
“Pajy gara kim? Baý bolmasa-da, baýlardan täsirli
adam. Garybam, orta daýhanam bolmadyk bu adam
mylakaty, at-abraýy jähtden öňe saýlanýar. Ol Sylaplara
hossar çykýar, ony öýli-işikli edýär. Käbir epizodlarda ol
beýleki garyp-gasarlaryň hemaýatçysy ýaly bolup
duýulýar. Çaňly baýyň sözlerine, eseriň ündewine
ynansaň, “Pajy gara Tomry baýyň dosty, Tomry baý bolsa
Güljemal hanyň ogly Ýusup, arryk Annamyrat dilmaç
bilen tirkeşýär. Ine, şeýle adamyň garyba hemaýat etmegiň
sebäpleri, onuň pozisiýasy açyk aňladylmaýar. Aslynda
Tomry baýyň hem hiç hili garşylyksyz kolhoza girip
oturybermegi-de o diýen ynandyryjy däl”.
Görnüşi ýaly, tankytçy garyba hemaýat edýän
adamlary diňe garyplar bilen gatnaşýan, beýleki synpyň
wekillerinem ähli halatlarda diňe gara reňklerden ýasalan,
gahrymanlary çürt-kesik belli bir topara ymykly goşulan
adamlar hökmünde görmek isleýär. Edebiýatymyzyň
taryhynda tankytçynyň isleýän tipleri biçak köp döredildi.
Indi olara biziň halys gözümiz öwrenişip gidipdir. Şonuň
üçin şol ülňülere sähelçe laýyk gelmeýän tipler bize geň
bolup görünýär.1
Allakow J. Roman žanry we onuň tankydy. –Sowet edebiýaty, 1976. N12. 96 s.
1
162
Başga bir ýerde-de J.Allakow:”rus adamlarynyň
obrazlary barada-da Ähmet Mämmedowyň pikirleri bize o
diýen mamla bolup görünmeýär1 diýýär.
Elbetde, kimdir biriniň pikiri bilen tankytçy
ylalaşman biler .Ýöne, gynansak-da,
J.Allakow bu
makalasynda O.Ýagmyrowyň, Ş.Halmuhammedowyň
pikiri bilen hem razylaşmaýar. Bu bolsa uly tankytçy
J.Allakowyň romanlar barada öz pozisiýasynyň-da
dogrulygyna
şübhe
döredýär.Emma
jedel-jedel
bolýar.Şonuň üçin J.Allakow, her hili bolsa-da, aglaba
halatda meselä obýektiw çemeleşýär. Ol Ö.Abdyllaýewiň
öňe süren meýillerini birin-birin sanaman, olaryň birini
unaýar:
“Professor Öde Abdyllaýew ýokarda agzalan
makalasynda roman žanryndaky ösüşiň bir ugryny anyklap
şeýle ýazýar:
“Ýetmişinji ýyllaryň romanlarynda gahrymanlaryň
ahlak, wyždan, gumanizm ýaly adamçylyk sypatlaryny,
çuňdan suratlandyrmak hem güýçlendi. Ine, şo-da roman
žanrynyň soňky ýyllardaky ösüşinde göze ilýän esasy
tendensiýalaryň biridir”. / “Sowet edebiýaty”,№12, 1975.104S./.Tankytçynyň şu pikiri dogry2./.
Bu uly çekişmäniň şowly ýerlerini belläp,
J.Allakow türkmen romanynyň kemçiligini hem ýerlikli
görkezýär. Ol bolsa jemleýji makalanyň ýerine düşenligini
görkezýär:
“Gürrüňimiziň dowamynda roman žanrynyň
ädimleri hakda, ondaky oňlanmaly tendensiýalar,
başlangyçlar hakda ençeme makullaýjy sözler aýtdyk.
1
2
Allakow J. Roman žanry we onuň tankydy.–Sowet edebiýaty,1976.N12., 94 s
Allakow J. Ýatlanan makala. -96 s.
163
Emma bu ýagdaýlar entek roman žanrynyň ösüşinde
düýpli ýetmezçilikleriňem bardygyny inkär etmeýär.
1975-1976-njy ýyllarda “вопросы литературы”
žurnalynyň sahypalarynda roman žanrynyň tendensiýalary
hakda pikir alyşmada bu žanryň gazanan üstünlikleri,
meýilleri bilen birlikde ondaky düýpli ýetmezçiliklerem
nygtaldy.Şol ýetmezçilikleriň esasy hökmünde bu
žanrdaky eserleriň ençemesinde romanlaýyk pikirlenmäniň
/романное мышление / gowşakdygy bellenildi.Biziň
pikirimizçe,
şu
ýetmezçilik
tutyşlygyna
biziň
edebiýatymyza hem degişli...biziň roman-larymyzyň
ençemesinde ähli wakalary, wakajyklary, epizodlary,
liniýalary organiki syratda sazlaşykly birleşdirip duran
bitewi bir täze ideýa, umumy pikir, düýpli problema
kemterlik edýär”1
Şu kemçilik B.Hudaýnazarowyň “Akar suwuň
aýdymy”, A.Atajanowyň”Öz tanyşlarym”romanyna-da
mahsus diýýän J.Allakow mamladyr.
Gepiň gysgasy, 70-80-nji ýyllaryň tankydynda
oýanyş, galkynyş, kämilleşiş bes-belli boldy. Esasy zat
şonda. Biz ony powest, roman, däp, usul, poeziýa barada
giden
hemme
çekişmelerde
gördük.
Onsoňam,
tankytçylaryň üç nesli-de/ uly, orta, ýaş nesiller/ hut
ýetmişinji ýyllarda biri-birine ýakynlaşdy, olaryň
ussatlygy artdy,stilleri aýyl-saýyl boldy.
Biz ol alamatlary işimiziň üçünji babynda giňden
derňemegi göz öňünde tutýarys. Emma, edil şol bölüme
geçmezimizden öň, altmyşynjy-segseninji ýyllaryň
1
Allakow J. Ýatlanan makala. – 96 s.
164
tankydynyň etaplaýyn häsiýete eýe bolmagynyň ýene-de
düýpli faktlaryny bellemäge synanyşalyň.
Ozaly bilen, professional tankytçylaryň tas
hemmesiniň diýen ýaly düýpli makalalarynyň 70-80-nji
ýyllaryň dowamynda gazet-žurnallaryň törüni eýeländigini
aýtmak gerek. Soň şol makalalar, tankytçylaryň özbaşdak
kitabyna girip, 70-nji ýyllarda, soňra 80-nji ýyllaryň
başlarynda, ortalarynda çykdy. Emma her bir makalanyň
ahyrynda goýlan senä seretsek, olaryň 70-nji ýyllaryň
önümidigine göz ýetirmek kyn däl. Şolardan
Ö.Abdyllaýewiň1,
J.Allakowyň2,
A.Myradowyň3,
S.Myradowyň4,
A.Garaýewiň5,
H.Taňryberdiýewiň6,
7
8
D.Nuralyýewiň , B.Ussaýewiň özbaşdak kitaplaryny
agzamak bolar. Bularyň içinde kitaplary käbir sebäplere
görä seýrek çykany hem bar.Biz A.Myradowyň
“Hoşniýetli maslahatlar”, D.Nuralyýewiň ”Şygyr bilen
ikiçäk”, “Edebiýatyň mähek daşy”, B.Ussaýewiň
”Söweşjeň poeziýa” diýen kitaplaryny nazarda tutýarys.
Emma olaryň özenini 70-nji ýyllarda ýazylan makalalar
tutýar. Ony şu ýerde ýörite spisokda görkezip durmasak
hem, tankydy yzarlaýan okyja bellidir. Onsoňam,
Abdyllaýew Ö. Talant, hyjuw, ussatlyk. –Aşgabat:Türkmenistan, 1975, 144
s.
2
Allakow J. Döwür we gahryman. –Aşgabat. Türkmenistan. 1971. -178 s.
3
Myradow A. Hoşniýetli maslahatlar. – Aşgabat. Türkmenistan, 1981. -96 s.
4
Myradow S. Edebi çekişmeler. –Aşgabat: Türkmenistan, 1971, 109 s.
5
Garaýew A. Uly poeziýanyň dowamy. Ýaş şahyrlaryň döredijiligi barada
oýlanmalar. Aşgabat,1974. -146 s.
6
Taňryberdiýew H. Prozanyň käbir problemalary.. –Aşgabat: Türkmenistan,
1975. -195 s.
7
Nuralyýew D. Edebi prosesiň meseleleri. –Aşgabat: Türkmenistan, 1987. 251
s.
8
Ussaýew B. Söweşjeň poeziýa. Aşgabat:Türkmenistan, 1984. -126 s.
1
165
A.Myradow ýaly zehinli tankytçy 1975-nji ýylyň 12-nji
ýanwarynda
aramyzdan
biwagt
ötdi.
Soňra
H.Taňryberdiýew /1933-1981/, S.Myradow /1939-1985/,
Ö.Abdyllaýew/1929-1988/
ýaly belli
professional
tankytçylar hem biwagt dünýäden ötdüler. Bularyň
işleriniň agramy ýetmişinji ýyllarda bitirilipdi. Bu
gynançly fakty nazara almak gerek. Gynançly diýýänimiz,
heniz olar aramyzda gezip ýörendiklerinde, ýene uly işler
bitirip bilerdiler. Emma olaryň edebi tankydyň töründe
mynasyp orunlary bar.
Iki sany halk ýazyjysy—G.Gurbansähedow1 bilen
K.Gurbannepesow2-Edebi tankytda öz sözlerini aýtmaga
ýetişdiler. Indi olar hem aýatda ýok. Emma
G.Gurbansähedowyň
“Ýazyjy
we
döwür”,
K.Gurbannepesowyň “Edebiýat we durmuş” diýen
kitaplarynda 1954-1980-nji ýyllaryň edebi prosesine
tankydy nazary aýyl-saýyl duýulýar. Ol tankyt žanrynyň
ösmegine örän uly goşantdyr. Onsoň hem, N.Gullaýew 3,
G.Geldiýew4, A.Bekmyradow5 ýaly edebiýatçy alymlar
tankyda öz seslerini goşmaga ýetişdiler.Bu özgerişlik hem
70-80-nji ýyllarda bolupdy.
70-80-nji ýyllar SSSR-iň çäginde edebi tankydyň
ýokary göterilişi bolupdy diýip, başda-da belläpdik.Ony
Gurbansähedow G. Ýazyjy we döwür.-Aşgabat: Türkmenistan, 1979, 264 s.
Gurbannepesow K. Edebiýat we durmuş. Aşgabat: Türkmenistan, 1979. 200
s.
3
Gullaýew N. Doganlyk edebiýatlar hakda söhbet. Aşgabat: Türkmenistan.
1979. -155 s.
4
Geldiýew G. Poeziýamyzyň häzirki zaman keşbi. Aşgabat: Türkmenistan.
1978. -145 s.
5
Bekmyradow A. Göroglynyň yzlary. –Aşgabat:Türkmenistan. 1988. -144 s.
1
2
166
Ý.A.Andreýew
B.I.Bursow1,
Ý.I.Surowsew2,
F.F.Kuznesow,
W.M.Ozerow,
З.С.Кедрина,
3
М.Б.Храпченко ýaly uly tankytçylar hem ýörite
nygtadylar. Munuň özi Aý dogan ýaly aýdyň, jedelsiz
hakykatdyr. Hemme görnüp duran zady ýöne gaýtalap
durman, esasy bir fakt bilen ikinji baby jemlemekçi
bolýarys.
Biz şu gün, 90-njy ýyllaryň sepgidinde durup, öňki
SSSR-i, öňki SSKP MK-ny näçe köteklesek hem, “Edebiçeper tankyt hakdaky” kararyň ähli milli edebiýatlara örän
güýçli täsir edendigini inkär edip bilmeris. Şol uly itergi
bu gün täze şertlerde barha aktiwleşýär. Ol hem tankydyň
žanr we stil mümkinçiliginiň artmagy bilen baglydyr.
1
Современная литературно-художественная критика. Актуалные
проблемы. –Л.: Издателство “Наука”, Л,1975. -264с.
Современная литературная критика. Вопросы теории и методологии.- М.:
Наука,1977.-272 с.
3
Современный литературный процесс и литературная критика -М
.:Художественная литература,1982.-470 с
2
167
ÜÇÜNJI BAP
Türkmen edebi-çeper tankydynyň žanr we stil
aýratynlyklary
Žanr hem stil aýratynlygyny sözüň doly manysynda
50-nji yýllaryň ortalaryndan A. Kerimow, M.
Annagurdow, A. Myradow, Ö. Abdyllaýew ýaly ezber
şahsyýetleriň tankytçylyk tejribesinden alyp gaýdan
türkmen edebi pikiri 60-70-nji ýyllarda doly kemala gelip,
kämillik derejesine ýetdi diýip aýtmak mümkin. Tebigaty
boýunça ýeke däl-de, goňşy hem umumy türki dilli
halklaryň edebiýatlary bilen bilelikde ösen türkmen sowet
medeniýeti, hususan hem edebiýaty bu gün ýörite proza,
poeziýa tankytçylaryna eýe boldy. Aýdaly,
A.
Kerimow, M. Annagurdow, Ö. Abdyllaýew, J. Allakow,
H. Taňryberdiýew ýaly tankytçylar tema taýdan dürli
ugurlardan tankydy makala ýazan hem bolsalar, olar,
esasan proza tankydy bilen iş salyşdylar gitdiler. Emma S.
Myradow, A. Garaýew, D. Nuralyýew, G. Geldiýew,
B. Ussaýew ýaly tankytçylar, köplenç, poeziýa žanrynyň
tankydy bilen meşgullandylar. Dogry, A. Myradow, H.
Hojageldiýew, A. Mämmedow, S. Gurbanow, A.
Bekmyradow dagy hem klassiki mirasa hem poeziýa, hem
proza, hem çagalar edebiýatyna öz şowly makalalaryny
bagyşladylar. Şeýlelikde, bizde dürli stilli tankytçylar ösüp
ýetişdi.
Türkmen tankytçylarynyň žanr, stil aýratynlygyny
işlemek umuman tankydyň derejesini, çuňlugyny, haýsy
ugur bilen gidýändigini anyklamak üçin gerek, onuň
obýektiwligini ýa-da subýektiwligini bilmek üçin gerek.
168
Tankytda-da
sosiologiýa,
publisistika,
topologiýa
barlaglary bolýar. Hatda A. Kerimowyň proza barada
ýöreden pikiri bilen beýleki proza tankytçylarynyň
arasynda ýakynlyk bolup-bolmazlygyda stili işlemeklige
bagly. Meselem, A.Kerimow rus-türkmen edebi
gatnaşygyny işledi, hut şu mesele A.Myradowda hem
dowam etdirildi. Ikisiniň arasynda tipologiýa ýagdaýy
boldy. Ýa-da A.Kerimow A.Gowşudowa ilki ýüzlendi,
A.Myradow hem ilkinji makalasyny Ata gowşudowdan
ýazdy. Ol tipologiýa teoriýasyny emele getirdi. Şeýle
pursatlar M.Annagurdow bilen A.Mämmetgulyýewiň,
B.Kerbabaýewiň döredijiligi hakyndaky tankydynda hem
duşýar. Bu gyzykly mesele her tankytçyň öz ýüzüni
açmaga kömek edýär.
Türkmen prozasy hakynda gürrüň edilende, ol,
esasan, sowet edebiýatynyň dörän döwürlerinde ýüze
çykyp ugrady we 30-njy ýyllarda eýýäm kämilleşip
başlady. Onuň kämilleşmeginde B.Kerbabaýewiň,
N.Saryhanowyň,
A.Durdyýewiň,
A.Gowşudowyň
hyzmaty uludyr. Olar ilkinji kämil hekaýalary, powestleri,
romanlary we gaýry žanrlarda döreden eserleri bilen nusga
galdyryp, türkmen edebiýatynyň ösmeginde uly rol oýnan
ussatlardyr. Bu žanrlaryň kemala gelmegi bilen edebi
tankydymyz-da
kemala gelip başlady. H.Çaryýew,
O.Täçnazarow, B.Kerbabaýew ýaly ýazyjylar edebiýatyň
şu meýdanyna aralaşdylar. Olar öz döredijilik hem-de
jemgyýetçilik işleriniň daşyndan edebiýatyň dürli
meseleleri bilen gyzyklanypdyrlar.
Edebi tankyt, esasan, 50-nji ýyllardan kämilleşdi,
edebiýatyň dürli meseleleri işlenilip, professional
tankytçylar özlerini görkezip ugradylar. Şol ýyllaryň
169
tankytçylary eseri çintgäp-çintgäp derňemek bilen, derňew
obýektiniň harpygyny-çäjini aýyl-saýyl edip, ýüz
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.