Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10

Total number of words is 3298
Total number of unique words is 1836
26.6 of words are in the 2000 most common words
39.4 of words are in the 5000 most common words
46.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
görmezden, edebiýatyň bähbidini gorapdylar. Olar
obýektiwligi, söweşjeň häsiýetiniň güýçliligi bilen
tapawutlandylar. Kähalatda öte geçilip, ýazyjy öz kinesini
metbugat üsti bilen beýan edip, onuň şahsyýetini
kemsitmeklige, ýagny bir taraplylyga ýetilen halatlary-da
bolupdyr öz döredijiligine ynamy bolan, edebiýatyň
ösmegine düşünen, okyja bil baglan ýazyjylarymyz, oňa
üns bermezden öňkiden-de uly güýç bilen işläp, tankytdan
geregini alyp, eserlerini timarlap, kämilleşdirip, täze- täze
döredijilik gözleglerini agtaryp, öz ussatlyklaryny subut
etdiler. W. G. Belinskiý “1846-njy ýylyň rus edebiýatyna
nazar” atly işinde şeýle ýazýar:
“Довольно работы критике! Пусть каждый
выскажет свое мнение, не беспокоясь о том, что
другие думают не так, как он. Надо иметь терпимость
к чужим мнениям. Нельзя заставить всех думать одно.
Опровергайте чужие мнения, не согласные с вашими,
но не преследуйте их с ожесточением потому только,
что они противны вам, не старайтесь выставлять их в
литературном отношении. Это плохой расчет: желая
выиграть больше простору вашим мнениям, вы может
быть, этим самым лишите их всякой почвы”1.
Şu döwürde professional tankytçylar hem edebiýat
meýdanyna aralaşyp başlaýarlar. Olardan Ata Kerimow,
edebiýatyň dürli meseleleri bilen gyzyklanyp ilkinjileriň,
hatarynda edebi prosesizmiň ösüşindäki ýüze çykan
üstünliklerdir käbir kemçiliklerini seljerip çykyş edenleriň
1
. Белинский В.Г. Взгляд на русскую литературу 1846 г. 1947 г., с.151.
170
biridir. Ol edebi žanrlaryň ählisine diýen ýaly seslenip
ýazypdyr. Ýöne ünsüni, esasan, proza eserleriniň
tankydyna we problemasyna gönükdiripdir we onuň
tankytçylyk özboluşlulygy şonda açylýar. Onuň
ussatlygyny ýüze çykarýan aýratynlyk rus klassyklarynyň
eserleri bilen türkmen ýazyjylarynyňkyny deňeşdirip,
soňkularyňkynyň çeperçilik tärini açyp görkezýänligidir.
Ol rus klassyklaryndan A.P.Çehowy, L.N.Tolstoýy,
M.Gorkini, W.Maýakowskini we beýlekileriň eserlerini
öwrenýär. Olaryň ussatlygyna düşünýär. Türkmen
ýazyjylaryna olaryň edýän täsirini açyp görkezýär. Bu
ussatlaryň ýubileý senelerine bagyşlap, olaryň ömri we
döredijiligi barada ýörite makala bilen çykyş edýär. Şol
makalalar-da bolsa obýekt edinen ýazyjylarynyň bütin
döredijiligi etapma-etap yzarlanyp, olaryň aýratynlygy
açylyp, özboluşly taraplary barada syn berilýär. Onuň
„Beýik sözüň ussady” diýen makalasynda L.N. Tolstoýyň
ömrüne we döredijiligine degişli maglumat berilip, haýsy
eseriniň näwagtda döredendigi, şol eseriň umumy
mazmunyny aýdylyp, temasy, ideýasy, çeperçiligi,
ähmiýeti barada giňden durulýar. Bu bolsa tankytçynyň
rus klassyky edebiýatyny ähli çuňlugy bilen öwrenmäge
jan edenliginiň, ähli ukybyny edebiýata bagyşlandygynyň
alamatydyr.
Ol M.Gorkiniň, A.Çehowyň, W.Maýakowskiniň
ýubileý seneleri bilen baglanşykly ýokardaky ýaly
mazmunda makala bilen çykyş edip, olaryň ömrüne we
döredijiligine degişli maglumat berýär.
Ata Kerimowyň ähli işlerini okanyňda, onuň rus
edebiýatyna galtaşman geçýäni ýok diýen ýalydyr.
171
Ata Kerimowyň tankydy döredijilige başlan
wagtynda,
B.Garryýew,
A.Kekilow,
N.Aşyrow,
M.Kösäýew, R.Alyýew ýaly edebiýatçylar hem aktiw
işleýärdiler. Emma olaryň ugry başgady. Biri klassyky
edebiýat bilen meşgullansa, beýlekisi halk döredijiligine,
edebiýat taglymatyna ýykgyn edýärdi. Ýöne A.Kerimow
janly edebi prosese has ýakyn durýardy. Ol döwrüň talaby,
pulsy bilen iş salyşýardy. Häzirki zaman türkmen
prozasynyň
we
poeziýasynyň
meseleleri
bilen
gyzyklanýardy, oňa ähli zehinini sarp edýärdi. Şonuň bilen
bir hatarda, köp milletli sowet edebiýatynyň bir bölegi
bolan türkmen edebiýatynyň kämillik ýoluna düşmeginde
doganlyk rus edebiýatynyň roluna aýratyn ähmiýet
berýärdi.
Şol derňewleriň köpüsinde, esasan ýazyjylaryň,
proza eserlerini derňäňde, olaryň döredijiligine has çuňňur
aralaşýar. Ol diňe belli-belli ýazyjylaryň eserleriniň
ösüşini, kemçiligini seljermek bilen çäklenmän, bütin
türkmen prozasynyň ösüşine, kämilleşişine, onuň düýpli
problemalaryna, kemçiliklerine ser salýar.
Tankytçy, derňew obýekti edip, B.Kerbabaýewiň,
N.Saryhanowyň,
A.Durdyýewiň,
H.Ysmaýylowyň
eserlerini alýar we şolaryň derňewinde edebiýatyň düýpli
problemalaryny seljerýär. Eseriň kemçilikleri şol döwrüň
nukdaý nazaryndan tankytlanylýar. Onuň bu ýazyjylar
eserlerini derňew obýekti edinmegi tötänleýin däl, her bir
tankytçy özüne estetiki taýdan lezzet berip, kalbyny
gozgalaňa salan eseri barada söhbet açmagy halaýar.
Hakykatdan-da, bu ýazyjylaryň eserleri tankytçynyň
joşmagyna, pikirlenmegine itergi bolup bilipdir. Her bir
tankytçy kalbyny gozgan, joşduran, eserleriniň sähel
172
kemçiligi bolsa-da duýýar, onuň has hem kämilleşmegini
isleýär, şol maksat bilen hem kemçiligini çintgäp-çintgäp
ýatlaýar. Tankytçynyň obýekt edinen ýazyjylary realistik
prozanyň döremeginde, kemala gelmeginde yz goýan
ýazyjylar. Olaryň döreden eserleriniň ideýa-tematika we
çeperçilik aýratynlygy babatda söz diýer ýaly däl. Bu
ýazyjylar adamlaryň gözüniň öňünde bolup duran hakyky
durmuş wakalaryny, olaryň iş salyşýan adamlaryny
tipleşdirip, ussatlarça suratlandyryp, halkyň kalbyna
aralaşýar.
Täze şertler, täze gözlegler tutuş jemgyýetiň
ruhundan gelip çykýar. Eger rewolýusion epos hakda
gürrüň gitmeli bolsa, onda, birinji nobatda, realizm
usulynyň talabyna ýüzlenmeli bolýar. Ýazyjynyň
jemgyýet bilen baglylygy, durmuşy ynandyryjy
suratlandyrmak
öňden
gelýän
köne
çeperçilik
garaýyşlaryny ýumurdy. Emma şol ýumrulyş prosesini
hemme ýazyjy birbada kabul edip bilmedi. Şonlukda
birnäçe edebi akymyň dörändigini edebiýat taryhyndan
bilýäris.
Türkmen
edebiýaty
hakda
aýdylanda,
B.Kerbabaýew ozal „eýerjeňdi”. Soň ol häzirki zaman
türkmen edebiýatynyň esasyny goýujy boldy.
Tankytçynyň B.Kerbabaýewiň „Aýgytly ädim”
romany barada ýazan tankydy makalasynyň ilkinji ýazylan
makalalarynyň biriligine garamazdan, ol munda ýazyjynyň
romanynyň derňewine gaty döredijilikli çemeleşýär.
Eseriň awtorynyň bärden gaýdan ýerleri ýüz görmezden
tankytlanylýar. Şeýle tankyt ýazyja-da, okyja-da oňyn täsir
edýär.
A.Kerimow N.Saryhanowyň döredijiliginede içgin
aralaşýar. Ýazyjynyň eseriniň diliniň çeperçilik
173
aýratynlygy oňa, rus klassyklarynyň eden täsiri ýaly
meseleleri
aýdyňlaşdyrmakda
önjeýli

edýär.
N.Saryhanowyň döredijiligini öwrenmekde tankytçynyň
uly hyzmaty bar. Edebi makalalar bilen birlikde ol okuw
kitaplaryň tekstini-de ýazýar. Şonda ýazyjylaryň
eserleriniň aýratynlygyna gysgaça kesgitleme berilýär.
Tankytçynyň proza žanryna degişli işlerinde Ata
Gowşudowyň eserleride tötänden duşan sýužetleri däl-de,
janly
durmuş
wakalaryny
hakyky
bolşunda
umumylaşdyryp, görüp ýören adamlarymyzy tipleşdirip
bermäge ussatlygyny ýerlikli nygtaýar. Ýazyjynyň öz
eserlerinde hereket edýän tipleriň gylyk-häsiýetlerini
göwne jaý indiwiduallaşdyryp, olaryň hereketleri arkaly
eseriň düýp manysyny gyzykly durmuş wakalarynda açyp,
köne bilen täzäniň arasyndaky barlyşyksyz göreşi, täzäniň
üstün çykyşyny dabaralandyryp, durmuşy ösüşde,
özgerişde
görkezmäge
ussatlygyny
bellände-de,
hakykatdan ugur alýar. Ata Kerimow:
„Ata Gowşudowyň taryhy-konkret şertlerdäki
hakykaty rewolýusion ösüşde, dogruçyl we çeper
suratlandyrýan köp eserleri möhüm terbiýeçilik ähmiýete
eýedir.
Ýazyjynyň döredijiliginiň ösüşi we kämilleşişi
edebiýatymyzyň ösüş taryhy bilen ýakyndan baglydyr.
Türkmen sowet edebiýatynyň, hususan-da, onuň realistik
proza žanrynyň düýbüni tutujy görnükli ýazyjylarymyzdan
biri Ata Gowşudowyň çeper eserleri edebiýatymyzda
sosialistik realizm usulyny ornaşdyrmakda möhüm goşant
174
boldy”1 diýip, A.Gowşudowyň döredijiligine obýektiw
baha berýär.
Şu işde Ata Gowşudowyň ömri we döredijilik ýoly
yzarlanýar: Ýazyjynyň edebiýat meýdanyna gelşi,
döredijiliginiň ösüşi, kämilleşişi etapma-etap derňelýär.
Ilkinjileriň hatarynda hekaýa, oçerk, makalalar bilen
birlikde „Juma”, „Zakaspi frontunda”, „Watan ogly” ýaly
ajaýyp eserleri döredenligi ýatlanýar.
Ýazyjynyň halk döredijiliginiň çeper nusgalaryny
toplamak, çapa taýýarlamak, halk köpçüligine ýetirmek
ýaly işler bilen meşgul bolandygy barada-da gürrüň
edilýär.
„Ata Gowşudow halk döredijiliginiň gymmatly
nusgalaryndan döredijilikli peýdalanyp, halkyň biçak baý
we sada diliniň iň oňat çeperçilik serişdeleri bilen bezelen
ynandyryjy, tolgundyryjy eserlerini okyjylar çyn ýürekden
söýüp okaýarlar”2 diýeňde, A.Kerimow mamladyr.
Emma şu ýerde bir meseläni aýratyn nygtamakçy
bolýarys.
A.Kerimow
prozaçylardan
A.Durdyýewiň,
A.Gowşudowyň, N.Saryhanowyň
eserlerini ürç edip
öwrense-de, olaryň özara käbir ýakynlyk alamatlaryny
açyp bilmeýär ýa-da ol öz öňünde beýle meseläni düýpden
goýmaýar. Şeýle ýakynlyk ol ýazyjylarda:
a) halk psihologiýasyna ussatlyklary;
b) janly gepleşik dilini ynandyryjy, ýerlikli ulanyp
bilmekleri;
Kerimow A. Türkmen Sowet edebity ösüş ýolunda.- Aşgabat:TDN 1957,
118s.
2
Şol ýerde.
1
175
ç) türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, däplerini we
ýazuw ýadygärliklerini
realistik proza siňdirip bilmekleri;
d) ýasamaklykdan daşda durup, milli ýumory,
ýaňsyny öz ýerinde ulanyş
ussatlyklary ýaly formalarda açyk görünýär.
Ol „Mähri-Wepa” eserini derňände, bu meselä belli
derejede ýakynlaşýar.
Ata
Kerimow
ýazyjynyň
„Mähri-Wepa”
romanynyň çeperçilik derňewinde eseriň çeperçilik
aýratynlygynyň üstünde döwneýär. Eseriň ideýasynyň
sagdynlygyny, temasynyň aktuallygyny, adamlaryň
aňynda Watançylyk duýgusyny ösdürmekde ähmiýetiniň
uludygyny bellände, alym bilen ylalaşmak bolar.
Gahrymanlaryň öz bähbitlerinden halkyň, Watanyň
bähbidini öňde goýandyklary Sähediň, küştçi ýaşulularyň,
Gurt Gartyň, Gylyç Mergeniň obrazlarynyň üsti bilen
açylyşy mysallaryň esasynda aýdyňlaşdyrýar. Ýazyjynyň
durmuş
wakalaryny
hakyky
bolşunda
çeper
suratlandyrmakdaky,
obrazlary
tipleşdirmekdäki,
personažlaryň dilini indiwiduallaşdyrmakdaky ussatlygy
giňden analizlenilýär.
Meselem, Myrat bilen Gurban atly kolhozçy
ýaşulularyň suwçydyklary, Küşde gyzyp, ekini suwa
basdyryşlary analizlenilýär. Bu ýerde küşt oýny eserde öz
položitel roluny oýnaýar. Gahrymanlaryň milli häsiýetiniň
ynandyryjy açylmagyna itergi berýär. Umuman, Ata
Gowşudowdan soň çeper edebiýatda küştli epizod köpräk
ulanylyp başlandy. Ol hatda uly ykbal synaglarynda-da öz
oýnamaly roluny oýnaýar. A.Kerimow „Ata Gowşudowyň
döredijiligi” atly makalasynyň 120-nji sahypasynda hem
176
ol epizod getirilýär. Umuman, her bir gahrymanyny
suratlandyrmakda ýazyjy türkmen taryhyna ýüzlenenini
kem görenok. Ine, Aman poşçy. Ol rewolýusiýanyň
öňüsyrasynda poşçulyk eden adam. Onuň hereketlerinde
resmi sowuklyk, öýkeliklik hem duýulýar. Ýöne bu
elementler okyjyny bezikdirmän, gaýtam özüne çekýär.
Ýazyjynyň romanyň esasy ideýasyny, ýagny sowet
halkynyň Watany jany-teni bilen söýýändikleri, onuň
söweş ýagdaýlarynda has hem ösýändigini, doganlykdostluk söýgüsiniň hem gatyşyp, has berkleşýändigini,
durmuşda gabat gelýän ýiti konfliktleriň esasynda real
bolşunda açyp görkezýändigini A.Kerimow dellillendirip
derňeýär. Alymyň şol çaknyşyklaryň iki sany şahsyň
arasyndaky ähmiýetsiz çaknyşyk bolan, anyk-taryhy
şertlere
bap
gelýän
tutyş
sosial
mazmunly
gatnaşyklardygy, şunuň bolsa romanyň gymmatyny
artdyrýandygy hakdaky pikiri dogry. Şunuň mysaly
Allaýar tulum, dönük Guwanç, Güljar beg, Hoşly molla
we beýleki birnäçe obrazlaryň derňewinde açylyp
görkezilýär. A.Kerimow, olaryň sowet hökümetine garşy
alyp baran ýykgynçylykly, duşmançylykly hereketlerini
yzarlap, öz pikirini delillendirýär. Ýazyjynyň halk
duşmanlarynyň obrazlaryny suratlandyryşyny durmuş
hakykatyna laýyklykda ynanhdyryjy açandygyny bellände,
alym göwnejaý gürrüň edýär. A.Gowşudow, otrisatel
gahrymanlaryna tapan günäsini ýüklejek bolup azara-da
galman, tebigy bolşunda, real wakalaryň beýanynda
bermäni başarýar. Şunuň bolsa eseriň çeperçiligini
berkidýändigini
A.Kerimow
dogry
kesgitleýär.
Mährijemal bilen Wepa gutardyş agşamyndan gelýärkäler,
Hoşly mollanyň, olaryň öňünden çykyp horlaýşy, Wepa
177
pyçak çenäp, Mährijemaly urup-bogşy – durmuşda şol
döwürde bolup biläýjek hadysalar. Onuň gahrymanlary,
gülki döretjek bolup, samsyklaç-ýuwan ýa-da gödek
häsiýetine gelişmeýän, ynandyryjylygy gowşadýan
hereketleri edip ýörmeýärler. Olar öz ýaşaýan durmuş
şertlerine görä, assyrynlyk, mekirlik bilen hereket
edýärler. Öz tutan maksatlaryna ýetmek üçin her hili
usullary ulanýarlar. Ýazyjy şol döwrüň adamlarynyň
häsiýetinden, wakalaryndan daşlaşman, görnüşi ýaly
tipleşdirýär. Alym olary eserden alnan mysallaryň
esasynda jikme-jik derňeýär. Romanda otrisatel
gahrymanlaryň jemgyýetimize garşy alyp baran pyssypyjurlyklaryny suratlandyrmak bilen, olaryň garşysyna
duýgurlyk, ýitigözlülik, hüşgärlik bilen göreşmekligiň
zerurlygyny belleýär.
Romanda položitel gahrymanlaryň-da, otrisatel
gahrymanlaryň-da tipleşdirlişiň şowly çykanlygyny,
wakalaryň ynandyryjylygyny, ideýa-tematik taýdan
durnuklylygyny belläp, kemçiliklerden hem halas däldigi
ýatlanýar. Durmuşda saklanyp galan ýaramaz däpdessurlar beýan edilende, ýazyjynyň oňa öz garaýşynyň
açylman, gümürtük bolup galýandygy, Aman poşçynyň
obrazynyň derňewinde görkezilmäge çalşyp A.Kerimow
položitel gahrymanlaryň duýgy-düşünjesiniň durmuş
şertlerine laýyklykda ösmeýändiggini tutaryk edinýär.
Hakykatda juda beýle-de däl. Aman poşçynyň obrazy –
özboluşly obraz. Onuň häsiýetinde, hereketinde döwrüň
kadasyndan daşgynlyk duýulmaýar, gödegräk, yndarma
ýaşuly. Wepa gatnaşygynda ol paýhassyzlyk, köneçil,
gazaplyrak suratlandyrylypdyr. Durmuşda şeýle tipli
adamlar bar ähbetin. Wepa yzly-yzyna töhmet atylýar, şol
178
töhmetlere az-kem ynanylmagy ähtimal, gaharlanmagam
mümkin, gazaba münüp, öýden kowmagam bolmaýan zat
däl. Şuňa döwrüniň gözi bilen seretmeklik zerur.
Tankytçy:
"Romanda beýan edilýän wakalaryň döwründäki
kolhozçylaryň Aman poşçynyň obrazy arkaly nädogry
görkezilipdir. Aman poşçynyň köp tarapyny degşirip
görseň, ol biziň günlerimizdäki, kolhozçylarymyz ýaly
däl-de, rewolýusiýadan ozalky daýhanlaryň-da yzda galak
wekili ýaly bolup görünýär. Raýonda iň öňde barýan
kolhozyň başlygy, kommunist Aman poşçynyň ähli gylykhäsiýeti yzda galak, çalasowat, medeniýetsiz edilip
görkezilipdir. Onuň öz maşgala çilenleri bilen
aragatnaşygyňda zyýanly, yza galak garaýyş we pikir köp
gaýtalanýar” diýip belleýär.
Elbetde, Aman poşçy çalasowat, sada daýhan.
Şonuň bilen birlikde, kalby päk, iliň-günüň bähbidini,
Watanyň abraýyny hemme zatdan ileri goýýan durky bilen
kommunist adam. Urşuň öňi syrasynda, uruş döwründe
sowatly, aňly-düşünjeli, ýokary medeniýetli erkek adamlar
gaty seýrek bolupdy. Olaryň eli ýarag tutany Watan
goragyna gidipdi. Ýaşlar ýa-da sandan galan garrylar, ýaly
maşgalalar bolaýmasa, obada adam galmandy. Aman
poşçy ýalylaryň, uruş tamamlanýança, gidenleriň ýerine
goýlanlygy adamlar bilýärler. Goçmyrat Aman poşçyny
ýanyna çagyryp gürleşende, ol: „Goçmyrat, sen bir pikir
edip gör, men özümiň üç-dört sany maşgalamyň agzyny
birikdirip bilmän masgara bolup ýörýän, sen bolsaň maňa
uly iliň atasy, ullakan maşgalanyň ýaşulusy bol diýýärsiň,
bu ilçilik, munuň içinde her haýsy bar, bu işi bir oňarjak
adama tabşyrmak gerek. Goçmyrat, ony men başarman –
179
diýdi”1. Ony kakasy Gylyç mergen hem aýdýar. Emma ol
döwürde onça ýoklaryň hem şolar ýaly orunda oturanlary
bolupdyr. Goçmyradyň özi-de Aman poşça ýüzlenýär:
„Özüň hem köne kommunist, daýhançylyk işleriniň
ussady, ýurduň başyna şeýle ýagdaý düşen wagtynda,
elbetde, kynçylyklara dözümli bolmaly, ine partiýa we
hökümet gitmeli diýdi welin, men şäherden bärik
gaýtdym, eger häzir eliňe ýarag al diýselerem
almalydyryn: şeýle dälmi näme? – diýdi“¹.
Elbetde, parahatçylyk döwri bolanda, tankytçynyň
belleýşi ýaly, Aman poşçy ýaly yza galak adam kolhoz
başlygy bolsa geňräk bolmagy ähtimal. Parasatly, maşgala
agzalary-da ile görelde bolarlyk adam bolanda,
terbiýeleýjilik ähmiýeti has güýçli bolardy. Ýöne şol
döwri suratlandyryp, ony hem şeýle ideallaşdyrmak
gerekme beri?! Şeýle edilse, ynandyryjy bolarmydy?!
Goçmyrat,
Aman
poşçynyň
Wepa
bilen
ýaraşmagyny maslahat berip: „Men uly ýalňyşlyk etdim,
sen meniň şol günämi bagyşla...“ diýip hat ýaz“² diýýär.
Emma Aman poşçy oňa şeýle jogap berýär: „Eýsem indi
sen meni oglumyň öňünde dyza çökerip, kelläme owsar
salmak isleýärmiň?! Bigünä-de bolsa, her näme-de bolsa,
eger men oňa nähak käýän hem bolsam, ol meniň öňümde
boýun egmeli bolar, men oglumyň öňünde boýun egip
bilmerin. Ata-babadan gelýän bu däbimi menden aljak
bolmaň, goý, ol däp meniň bilen mazara gitsin“2 diýip
Gowşudow A. Mähri-Wepa, TDN, Aşgabat, 1949, 126s.
şol ýerde. 174s.
Gowşudow A. „Mähri-Wepa“, TDN, Aşgabat 1949, 173 s.
Şol ýerde. 225 s.
Şol ýerde. 226 s.
180
jogap berýär. Ýöne ýazyjy, şeýle adamy suratlandyrmak
bilen, şonuň ýaly näsypaýy bolmaly däldigini, paýhaslylyk
bilen anygyna ýetip hereket etmelidigini ündeýär. Ine,
awtor gahrymanyň gödekligini ýazgarýar. Düşünjesiniň
pesdigini nygtap, onuň adamy nähili güne salýandygyny
görkezmek isleýär. Türkmeniň psihologiýasynda ata-baba
bolan däp-adaty sähel wagtyň içinde goparyp aýryp
bolmaýar. Eger ol düzedilip suratlandyrylan bolsa, eser
ýasama bolardy. Uruşdan soňraky döwürleri öz içine alan
bolsa, onda şeýle gahryman barada nähili tankydy bellik
etseň-de bolardy. Sebäbi bu döwürlerde könäniň
galyndylaryna, ýaramazlyklaryna oňat göz ýetirdiler.
Türkmen öz çagasy urşup ýa-da sögüşip gelse-de, bigünä
hem bolsa, çaganyň elinden tutup, günäkäriň üstüne gidip
durman, geçirimlilik edip, öz çagasyna „Özüň dek gezseň,
adam adyňy tutmaz“ diýip, käýinýär goýberýär. Onuň üçin
ogly kine saklsa-da, öýüni-ilini terk edip gidip ýörmeýär,
bardy-geldi, dostunyň beýlekiniň öýünde bir gün, ýarym
gün bolaýanda-da, ene-atasynyň ýanyna alyp gelýärler.
Onuň üstüne ejesini ýa-da kakasyny töwella eltjek bolup
durmaýarlar. Aman poşçy hem şeýle adamlaryň arasynda
terbiýelenen, ömür süren, şeýle häsiýet aňyna ornan adam.
Onuň Wepa bilen arasyndaky düşünişmezligiň özi gowy
häsiýet däl, şonda-da, döwrüniň gözi bilen seredeniňde,
teýeneli tankydyň obýekti bolar ýaly hadysa-da däl.
Geçmişiň zyýanly galyndylarynyň, köne däpdessurlaryň eseriň gahrymanlarynyň aňynda has kän
saklanýandygy üçin ýazyja igenilýär. Hoşly mollanyň
181
etmişleriniň üsti açylansoň hem, Aman poşçynyň ogly
Wepa bilen gatnaşyk açmanlygyny tankytçy kötekleýär.
Ýazyjy şol döwrüň real wakalaryndan, oba adamlarynyň
psihologiýasyndan ugur alýar. Eger şol töhmetleriň üsti
açylan badyna, Aman poşçy, gujak açyp, oglunyň üstüne
eltilse, ol gaýtam ýasama bolardy. Aman poşçy öz
ýalňyşandygyny bilýär, ýöne ol – boýny ýogyn ýaşuly,
başy egilmeýär, ol başgaça bolup hem bilmez.
A.Kekilow özüniň „Söz syrlary“ /“Ylym“ neşirýaty,
Aşgabat, 1975./ atly kitabynda, „Mähri-Wepa“ romany
barada gürrüň edende, A.Kerimowyň şu pikirini oňlaýar.
Aman poşçynyň nädogry hereketleri, yzagaklygyny,
gödekligini, çalasowatlylygy maşgala çilenleri bilen
aragatnaşyklarynda özüni alyp barşy ýönekeý kolhozça
hem mynasyp däl diýen düşünjä goşulýar. A.Kekilow
romanyň sýužetiniň gowşagrakdygyny nygtaýar. Ol:
„Eseriň başynda iki sany mekdep okuwçysynyň –
Mähriniň we Wepanyň üstüne töhmet atylmagy eseriň
esasy konflikti bolup durýar. Uly göwrümli bu eserde
mundan başga-da köp dürli konfliktler, garşylyklar,
göreşler ýüze çykýar, emma olaryň köpüsi aýlanypdolanyp ahyrda şu başdaky konflikt bilen baglanyşýar“¹
diýmek bilen, garşylygyň şol töhmetden başlanýandygyny,
onuň uly esere laýyk konflikt bolmaklyga kiçilik
edýändigini ýaňzydýar. Ol uly konfliktlere sapyp gidýär,
töhmet-hyýanat, köne bilen täzäniň çaknyşygy hem kiçi
konflikt däl. Eseriň döredilen döwründäki ähmiýetine-de
seretmeli. Şeýle bolanda, käbir kemçilik gaty ujypsyz
bolup görünýär. Şu kitapda edebiýatçy alymyň „MähriWepa“ romanynyň bärden gaýdýan ýerleri barada oňat
bellik edýän ýerleri-de bar. Obrazlaryň käbirleriniň
182
häsiýetlendirlişinde
ýasamalygyň,
harsallygyň
goberilendigi, mysallaryň esasynda subut edilýär. Şunuň
bolsa wakalaryň ynandyryjylygyna zeper ýetirýänligi
nygtalýar. Ýazyjynyň uly göwrümli ilkinji eseri bolanlygy
üçin, az-kem kemçilikleriň bolaýmagynyň kanunçylygy
kesgitlenýär.
Ata Gowşudowyň eserlerini içgin öwrenip, onuň
döredijiligi barada T.Durdyýew hem ylmy iş ýazýar. Ol
şonda „Mähri-Wepa“ romany barada deregli bellikler
edýär. Ol A.Gowşudowyň döredijiliginiň üstünlik
taraplaryny hem göwnejaý analizleýär.
Durmuş hakykatyny ýumarlamazdan, hemme
personažlaryny öz hakyky bolşunda açmany başarandygy
üçin, Ata Gowşudowyň Aman poşçy, Sähet, Çüýşegöz,
Mähri, hatda çala görnüp gidýän küştçi ýaşulular: Gurban
agadyr Myrat aga dagy hem okyjynyň aňynda galýar. Bu
bolsa ýazyjynyň türkmeniň milli häsiýetini özboluşly
açanlygynyň, umuman, oba durmuşyna gaty belentligini,
ýazyjylyk fantaziýasynyň güýçliliginiň alamaty bolup
durýar.
Ata Gowşudowyň döredijiligi Ata Kerimowdan öň
köp edebiýatçylaryň ünsüni özüne çekipdi. Oňa
Ýu.Olýoşanyň,
A.Aborskiniň,
N.Aşyrowyň,
G.Weselkowyň,
N.Esermyradowyň
makalalaryny
görkezmek bolar. A.Gowşudow hakda gowy monografiýa
ýazan T.Durdyýewiň işinde bular hakda deregli gürrüň
edilýär. /T.Durdyýew. Ata Gowşudowyň romanlary. TSSR
YA-nyň neşirýaty, 1962, 14-20-nji s./
Agrotehniki
ylmyň,
sowet
tehnikasynyň
kolhozçylaryň iş prosesine goşan täzeliklerini ýazyjynyň
şu romanda görkezmänli eseriň uly kemçilikleriniň biri
183
hökmünde tankytlanýar. Ähli tehnikanyň front üçin
mobilizlenen döwründe, ýazyjy tarapyndan oba hojalygy
juda mehanizasiýalaşdyrylan edilip görkezilen bolsa,
ynandyjy bolmazdy. Ol döwürde köp işler el güýji bilen
edilýärdi. Ýazyjy uruşdan soňky parahatçylyk döwründe
ýazan „Köpetdagyň eteginde“ romanynda bu problemany
düýpli gozgaýar.
„Mähri-Wepa“ romany barada metbugatda, ýokarda
agzalanlardan başga-da, köp çekişme gidýär. Olaryň
birnäçesinde bu roman asla inkär edilýär. Ýazyja şahsy
kineleri
sebäpli
teýeneli
sözler
aýtmakdan-da
gaýtmaýarlar.
Olardan
E.
Otepanowa
bilen
A.Rahmanowyň „Zyýanly kitap“¹, A.Rozyýewiň „MähriWepa“ romany hakynda“1 diýen makalalaryny görkezmek
bolar.
A.Gowşudowyň
„Mähri-Wepa“
romanyna
edilen
ýerliksiz, adalatsyz tankyt indi-indiler öz „syryny“ açyp
başlady.
Ellinji ýyllarda soýuzymyzda edebi tankytda ýaramaz,
otrisatel meýil peýda bolupdy. Ony SSSR ýazyjylarynyň II
gurultaýy /1954 dekabr./ berk ýazgardy. Bu ýagdaý partiýa
dokumentlerinde hem içgin seljerilip köteklendi. Emma,
gynansak-da, A.Gowşudow ol adalatsyzlygyň dikelip
başlan wagtynda aramyzda ýokdy. Ol 1953-nji ýylda
aradan çykypdy. II gurultaýda A.Surkow „Sowet
“Türkmenskaýa iskra” gazety, 1953-nji ýyl, 8-nji fewral
“Sowet Türkmenistany” gazeti, 1951-nji ýyl, 10-njy oktýabr
„Sowet edebiýaty“ – 1953-nji ýyl, №3
“Sowet edebiýaty” -1955-nji ýyl, № 1.
184
edebiýatynyň ýagdaýy we wezipeleri hakynda“ diýen
dokladynda:
„Следует отметить, что наши критике не всегда
находили правильный, отвечающий интересам
литературы тон и стиль“ /“Русская советская
литературная критика“, /1935-1955/. Хрестоматия. М.:
Просвещение; /1983, с 226-227/ diýip, ýerlikli görkezýär.
A.Gowşudowyň „Mähri-Wepa“ romanynyň salgysyna
aýdylan birnäçe tankydy bellikler şol oturlyşygyň
netijesidir.
Şunuň tersine, romanyň üstünlik taraplaryny görüp, käbir
bärden gaýtmalary barada adalatly pikir ýöredip, çykyş
edenlerde bolupdyr. Olardan, A. Aborskiniň „Ýazyjynyň
ýoly“³, K.Berdiýewiň „Ata Gowşudowyň eserler
ýygyndysy“¹ diýen makalalaryny ýatlamak bolar.
Tankytçylaryň aglabasy „Mähri-Wepa“ romanynyň
temasynyň aktuallygyny, ideýasynyň sagdynlygyny,
wakalaryň gyzykly, hakyky durmuşdan alynanlygyny
eseriň üstünlik tarapy hökmünde nygtaýar. Esasan hem,
ýaşlaryň duýgy-hyýallarynyň berlişindäki ussatlyk
nygtalanda, eserde milliligiň oňat saklananlygy açylyp
görkezilýär. A.Gowşudow oba durmuşyny gaty ökde
bilýär, oba gyzlarynyň, ýaşlaryň edim-gylymyny, içki
psihologiýasyny, gep-gürrüňlerini açyp görkezende, real
hakykatdan ugur alýar. Ol okyjynyň gözüniň öňünde bolşy
ýaly janlandyrylýar. Bu eser „Mähri-Wepa“ hakynda
gapma-garşy pikirleriň bolmagyna garaman, eser barada
okyjy köpçüligi oňat pikirde, ol öz okyjysyny tapdy we
häzir hem ähmiýetini ýitirmän gelýär.
A.Aborskiý „Ýazyjyň ýoly“ atly makalasynda
döwrüniň edebi tankydynyň A.Gowşudowa gaty ýowuz
185
darandygyny,
onuň
şahsyýetiniň
käbir
babatda
kemsidilendigini, şunuň bolsa edebi tankydyň ýoldaşlyk,
asylly, hoşniýetli, öwredijilikli ugur bolman, ýigrenç
göriplik, sowuklyk, düşünjesizlik, pes medeniýetlilik
duýgusy bilen tankytlanandygyny adalatly belleýär.
A.Aborskiý şol döwürde, şeýle tankydyň garşysyna çykyp,
adamsöýüjiligini
bildirip,
belent
adamkärçiligini
görkezýär. Onuň şeýle hüjüme garşy çykyş etmegi ak
göwünliliginiň, düşünjeliliginiň alamaty bolup durýar.
Hakykatyna
seredeniňde,
„Mähri-Wepa“
romany
çeperçilik hem-de terbiýeleýjilik rolunyň güýçlüligi bilen
okyjy köpçüliginiň üns merkezinde bolupdyr.
A.Aborskiý bu makalasynda E. Stepanowa bilen A.
Rahmanowyň, „Mähri Wepa“ hakdaky synlarynyň bet
niýet bilen ýazylan, obýektiw däl, töhmetçilikli
„tankytdygyny“ dözümli paş edip, şeýle diýýär:
„Makalada „Mähri Wepa“ romanynyň sýužeti
bilgeşleýin galp düşündirilýär. Makalanyň awtorlary baş
konflikt diýip, sýužetiň ösüşine şahsy motiwi – Aman
poşçy bilen onuň ogly Wepanyň dawasyny getirip
sokýarlar. Şondan ugur alyp E.Stepanowa bilen A.
Rahmanow, kitabyň položitel taraplaryny her edip-hesip
edip garalap, onuň esasy mazmunyndan ygym-sagym
almak bilen, göz-görtele, nödogry netije çykarýarlar. Olar
kitabyň ähli personažlarynyň diňe otrisatel ýerlerini
alýarlar, ol gahrymanlaryň ruhy sypatlaryny we romanyň
dury, sagdyn ýerleriniň ýüzüne çyzyk çekýärler. Makalada
„Mähri-Wepa“ romanyna berlen türkmen kolhozçylarynyň
watançylyk duýgulary olaryň güýçlerini-de, janlaryny-da
aýamaýan sowet Watanlaryna aňly-düşünjeli söýgüleri –
Gowşudowyň romanynyň ideýasyny we sýužetini düzýän
186
bu zatlaryň hemmesi tamam çyzylyp göýberilipdir“ 1
G.Gurbansähedowyň „Ýazyjy we döwür“ /Aşgabat, 1973,
18 s./ diýen kitabynda hem A.Gowşudowyň ýatlananlygy
bellenýär.
Ata Kerimowyň eseriň kemçiligi hökmünde aýdan
aşakdaky pikirleri bilen ylalaşmak bolar:
„Wepa, Kelje we gaýry türkmen ýigitleri Watanyň
azatlygy ugrunda janlaryny aýaman eden söweşlerinde
batyrlyk we gahrymanlyk görkezýärler. Emma olaryň
hyzmat edýän bölümleriniň beýleki goşun birlikleri bilen
ysnyşykly
hereketi
romanda
örän
gowşak
suratlandyrylýar.
Umuman romanyň sýužetinde söweş epizodlary
suratlandyrylýan bölümleri kemter we ýüzleý beýan
edilipdir“.¹
Awtor eserden alnan mysallar bilen pikirini
delillendirýär. Ýazyjy Wepanyň baştutanlygynda frontçy
esgerleriň
uly
gahrymançylyk
görkezýändiklerini
suratlandyrýar.
Şonda,
olaryň
hereketleri
suratlandyrylman, diňe bitirilen işleri, çişirilip, sanalyp
geçilýär. Şeýle epizodlaryň eserdäki beýleki personažlarda
hem gaýtalanýandygyny, onuň bolsa ynandyryjylygy
gowşadýandygyny,
romanyň
çeperçiligine
zeper
ýetirýändigi dogry bellenýär. Şunuň ýaly ownuk
kemçiliklere seretmezden, romanyň Watançylyk urşy
döwründe respublikamyzyň zähmetkeşleriniň frontda we
tylda görkezen watançylyk hereketlerini wasp etmäge
gönükdirilendigi kesgitlenilýär. Soňunda eseriň, diňe bir
1
“Sowet edebiýaty” 1953 ý. №8 61-62 s.
187
türkmen sowet edebiýatynyň üstünligi bolman, Bütinsoýuz
edebiýatynyň üstünligi bolanlygy ýatlanýar.
Watançylyk urşunyň gidýän pursatynda ýazylan
proza eserlerindäki umumy kemçilik diňe A.Gowşudowyň
„Mähri Wepa“ romanyna däl, B.Kerbabaýewiň „Gurban
Durdy“, B.Soltannyýazowyň „Kerim Dost“ ýaly
dokumental powestlerine-de mahsusdy. Olarda položitel
gahrymanyň üstünligi köpräk agzalýardy. Özem baş
gahrymanyň özi, şeýlelikde, üçlük emele gelýär. Harby
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.