Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16

Total number of words is 3393
Total number of unique words is 1761
27.7 of words are in the 2000 most common words
40.4 of words are in the 5000 most common words
46.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Garryýewiň Magtymgulyýewiň dili, G. Mülliýewiň
1
Magtymguly 225. Aşgabat, TDU-1959ý. 300s.
278
şahyryň
filosofik
garaýyşlary,
K.
Weýisowyň
Magtymgulynyň
syýahatlary,
Ö.
Abdyllaýewiň
magtymgulynyň tankydy garaýyşlary, onuň halkylygy, R.
Rejebowyň Magtymguly we Orta Aziýa, Azarbeýjan
halklarynyň edebiýaty, B. Jurmanagiň Magtymguly rus
dilinde, A. Kekilowyň Magtymgulynyň edebi däpleri we
biziň poeziýamyz, A. Mulkamanowyň Magtymgula nähili
düşünmeli, Ş. Gandymowyň Jemşidiň jamy, D.
Nuralyýewiň Azady we Magtymguly, M. Garryýewiň
Magtymguly we aýdy – saz sungaty, G. Geldiýewiň
Magtymgulynyň söýgi lirikasynda halkylyk ýaly örän
gyzykly makalalar bar.
Dünýä meşhur rus alymlaryndan F. Bakuliniň, I.
Belýaýewiň, A. Samoýloiçiň, E. Bertelsin, I. Braginokiniň,
M. Bogdanowanyň hem beýik türkmen şahyry baradaky
makalalary umumy türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň,
çeper tankydynyň kämilleşmegine uly ýardam etdi. Emma,
dorusyny aýtmak gerk, şahyryň 250 ýyllyk ýubileýinde
çykarylan ýygyndyda ýekeje rus alymynyň makalasy hem
çap edilmedi. Her niçik, bu fakt gowy däl. Sebäbi her bir
ýubileý çäresi öňkülerden has giň, has çuň bolmaly. Ony
dünýä medeniýetiniň tejribesi görkezýär. Bu kemçiligi
bellemek bilen bir hatarda, Türkmen alymlarynyň
özleriniň has işeňňirleşendigini bellemek ýakymlydyr.
Aýdaly, ozalky ýubileýlerde Magtymgulynyň halk
medisinasy, himiýa, geografiýa, kosmos dogrusyndaky
düşünjeleri hakynda pikir ýöredilýärdi. 250 ýyllyk
ýubileýinde
bolsa
bu
meselelere
degişli
K.
Amannepesowyň, Ç. Kulyýewyň makalalary çap boldy. 1
1
Magtymguly-250. Aşgabat: Ylym , 1989, 232-246 s.
279
Emma Magtymguly barada edilen işleriň arasynda
S. Myradowyň “Asyrlaryň jümmişinden /Magtymguly
hakynda oýlanmalar/„ atly kitabyny ylym bilen tankydyň
baglanyşygynyň bir fakty hökmünde agzaman geçmek
bolmaz?1 Dogry, beýik akyldar barada publisistik planda
H. Durdyýewiň,2 O. Ýagmyrowyň3 hem kitaplary çykdy.
Ýöne biz soňky ikisini işimiziň soňky bäşinji babynda
derňeýänligimiz üçin, olary şu ýerde diňe agzamak bilen
saklanyp, esasy ünsi S. Myradowyň ýokarda ady agzalan
monagrafiýasyna hem – de “Zelili. Şahyryň döwri hem
döredijilik dünýäsi”4 diýen kitabyna bermekçi bolýarys.
Dogry, tankytçynyň Magtymguly baradaky oý –
pikirleri birden döremedi. Onuň başlangyjy S. Myradowyň
“Edebi çekişmeler“5 atly birinji ýygyndysynda bardy.
Şondaky “Rowaýatlar, goşgular hem logike„ diýen bölüm
we “Türkmen durmuşy we Magtymguly„ diýen makalasy
“Asyrlaryň jümmüşinden„ atly monografiýa tutuşlygyna
girizilipdir.
Ozaly
bilen,
S.
Myradowyň
zehinli
tankytçydygyny, kärdeşleriniň arasynda ilkinji bolup,
klassyky mirasa tankydy nazar aýlandygyny, onuň bu
ugurdan yhlas edendigini oňat fakt höhmünde
1
Magtymguly-250. Aşgabat: Ylym , 1989, 232-246 s.
Durdyýew H. Akyl gämisi. /Magtymguly hakynda oýlanmalar/ Aşgabat:
Türkmenistan. 1987, 143s.
3
Ỳagmyrow O. Magtymgulynama. Beýik akyldaryň ömür beýany. Ilkinji
gezek neşir edilýär. Aşgabat: Türkmenistanyň medeniýet hazynasy. 1992,
156s.
4
Myradow S. Zelili. Şahyryň hem döredijilik dünýäsi. Aşgabat:
Türkmensitan. 1983, 240s.
5
Myradow S. Edebi çekişmeler. Makalalar ýygyndysy. Aşgabat:
Türkmenistan. `1971, 44-109s.
2
280
bellemelidiris. Beýik magtymguly zamanynda taryhy
ýazgy dokumentleriniň saklanmanlygy, hatda eserleriň
awtografynyň hem ýoklugy onuň biografiýasyny – da,
eserleriň originallyk meselesini – de kynlaşdyrýar. Şonuň
üçin alymlaram, ýönekeý okyjy – da ol hakda dilden – dile
asyrlar boýy geçip gelýän rowaýatlara, tymsallara
salgylanman durup bilmez. Elbetde, şahyryň eserleri
birinji planda durýar, ýöne halkyň aýdan – diýenlerini hem
hasaba alman bolmaz. S. Myradow, şol pikirlerden ugur
alyp, magtymguly barada guraksyakademizm stilinde däl –
de, erkin pikir ýöredýär. Belli derejede onuň pikir
öwürmeleri öz poležitel netijesini – de beripdir diýmek
mümkin. Meselem, ol türkmen alymlarynyň köp işlerini
okap, olar bilen jedelli pikiri orta atyp, umumy sözler bilen
şeýle ýazýar:
“Klassiki edebiýatymyza degişli täsin faktlary
gyzylyň gyryndysy ýaly edip, şol rowaýatlaryň tot –
çaňynyň arasyndan saýlap alnan halypa alymlarymyzyň
bitiren işleri görelde alarlyk nusgadyr“1
Emma S. Myradow beýik şahyry öwrenmeklige
ömürlerini
sarp
eden
akademikler,
profssorlar,
ylymlaryňdoktorlary we kandidatlarynyň düýpli işleri
hakynda şol howaýy sözlerden başga hiç hili oňat zat
aýdanok. Tersine, onuň kitabynyň üçden iki bölegi, hatda
99 prosenti alymlara ýerliksiz igençden doly. Biz ony
M.Kösäýewiň /4, 8, 11, 12, 14, 24, 30, 78 – 79, 82, 88,115
– nji sahypalar/, B. Garryýewiň /6, 8, 12, 15, 16, 34, 35,
60,78, 80, 93, 94, 97, 102, 117, 166,180 – nji sahypalar/,
H. Göroglynyň /13, 61, 63, 89, 90, 115–nji sahypalar/, D.
1
Myradow S. Asyrlaryň jümmüşinden. 3 s.
281
Nuralyýewiň /4, 15,24,29,30 – njy sahypalar/, K.
Durdyýewiň /54 – nji sah./,G. Çaryýewiň /32 – nji sah./,
G. Sähetmyradowyň /75, 115, 117 – 118 – nji sahypalar/,
Ö.Abdyllaýewiň /150 – nji sah./, R. Rejepowyň, A.
Myradowyň /153 – 154 – nji sahypalar. Işlerine
bagyşlanan sahypalarda görýäris.
Galyberse-de, klassyklar barada nähili iş ýazylandada, Türkmenistan ylymlar akademiýasynyň golýazmalar
bölüminde peýdalanman pikir ýöretmek birtaraplylygy
alyp barardy. S.Myradowyň bu işi tendensiallykdan halas
däl. Ýönekeý logika bar-eger şonça alym Magtymguly
barada bir peýdaly, bir oňlar ýaly pikir, fakt aýdyp
bilmedik bolsa, onda arap-pars tekstinden başy çykmaýan,
köne türkmen ýazuwyny eline almadyk, alaýanda-da, ony
okap bilmeýän S.Myradow hem subutly zat aýdyp bilmese
gerek. Bu nigilistik çemeleşme tankytçynyň pikiriniň ylmy
esassyzlygyny görkezýär. Golýazmalar bölüminde bir gün
işlän adam hakda-da ýazgy ýöredilýär, dokument
saklanýar. Emma S.Myradow golýazmalar bölüminiň
materiallaryndan asla peýdalanmandyr. Aslynda alymlaryň
garaýyşlaryny göre-bile inkär etmek S.Myradowyň
işleriniň özenidir. Ol „Taryh. Edebiýatyň taryhylygy“ atly
kitabynda B.Şamyradowy (17-44-nji sah.), N.Atdaýewi
(25-26-njy sah.), „Düýnki hem şu günki edebiýatyň
aladalary“ diýen kitabynda bolsa S.Garryýewi (5, 12, 15,
23, 24, 29, 55, 60-njy sahypalar), G.Nazarowy (72-nji
sah.), H.Hanowy (73-nji sah.), M.Öwezgeldiýewi (78-nji
sah.), G.Geldiýewi (80-122-nji sahypalar), D.Nuralyýewi
(145-154) diňe janyýangynlylyk bilen inkär etmeklige
çalyşýar.
282
Şu ýerde bir adalatly sorag ýüze çykýar. Eýsem ol
kime gol ýapýarka? Ol A.Ahundow Gürgenliniň,
A.Myradowyň, S.Durdyýewiň pikirlerine gol ýazýar. Bu
ýoldaşlaryň hem dogry we nädogry pikirleri bar. Ýöne
Tankytçy diňe iki eli bilen olaryň ähli diýenlerini
goldapdyr. Munuň nädogry poeziýadygyny edebiýat
taryhyndan sähelçe habarly adam bilýär. S.Myradowyň bu
ildeşlik, tireparazlyk meýilni G.Geldiýew „Şygryň
gudraty“ (1985), „Taryh.Edebi ykballar“ (1990) ýaly
kitaplarynda obýektiw suratda görkezdi. Onuň goýberen
säwilikleri sanardan kän. Biz ony S.Myradowyň „Zelili“
diýen mongrafiýasynda hasda açyk görýäris.
Soňky 15-20 ýyllykda meşhur klassyklarymyz
Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Keminäniň Mätäjiniň
Seýdiniň Zeliliniň ýubileýleri giňden bellenilip geçildi.
Munuň özi rewolýusiýadan öňki türkmen edebiýatynyň iň
iri wekilleriniň eserleriniň köp böleginiň halk köpçüligine
ýetirilmeginden
başgada,
olar
hakda
ýazylan
monografiýalaryň ylmy makalalaryň ýygyndysy edebiýaty
öwreniş ylmyna önjeýli iş bitirendigini ylmy barlag
tejribesinde kämillik basgançagyna çykandygyny hem
subut etdi.
Şu jähtden seredilende, Gurbandurdy – Zeliliniňki
“çuwdi„. Onuň durmuşy hem döredijiligi hakynda öň
toýlary birki gezek geçirilen şahyrlaryňkydan asla kem
bolmadyk, belki, biziň pikrmizçe, artygrak düşen iki sany
saldmly monografiýa döredildi. Bular G. Geldiýewiň
“Gurbandurdy Zelili„ /Aşgabat, “Ylym„ , 1982/ , S.
Myradwyň “Zelili„ /Aşgabat, “Türkmenistan„ , 1983/ atly
kitaplarydyr.
283
Edebi
tankytda
köpden
bäri
tanalýan
galamdaşlarymyzyň Zelili babatda hyjuwly, esasan,
döredijilik gözlegine, ylym filosofiýa agram salýan işleri
ýazmaklary, birinji nobatda, şeýle ykjam alada uzak ýyllar
garaşan Zelili üçin utuşly bolsa ikinji tarapdan,
tankytçylarymyzyň – da professional ukybyny görkezdi.
Çünki Monagrafiýalaryň ikisinde – de täze faktlar,
analiziň özboluşly täzeçe tärleri öňe sürülýär. Ähtimal,
şondandyr “Gurbandurdy Zelilini„ , “Zelilini„ okamak
okyja köp zat berýär, entek klassyky edebiýatyň az
öwrenilen, häzirki anyklamaly senelerine onuň ünsüni
çekýär. Şol “anyklamaly„ diýýänimiz hemişe klassiki
edebiýatymyzda dowam edip gelýän SENE, WAKALAR,
ŞAHSLAR meselesidir. Ýüregimizden syzdyryp aýtsak,
ähli klassyk şahyrlarymyzyň doglan, dünýäden öten
ýyllary, “takmynan„ ,“çak bilen„ diýlen ýörelgeden ugur
alnyp, ylym işlere, okuw kitaplaryna girizilmegi üçin,
henize – bu güne çenli şu meselede özara jedeller
köşeşenok. Ol ýönekeý okyjynyda, alymy – da
oýlandyrýar. Bu bir. Ikinji tarapdan, her bir atly şahyryň
eserlerindäki wakalaryň haçanrak geçenligi – de,başaryp
bolsa, şolaryň anyk ýyllary hem gyzyksyz mesele däldir.
Ine, biziň gürrüňini edýän monografiýalarymyzyň
ähmiýetli tarapy –da şeýle çylşyrymly sowallara aýdyňlyk
girizjek bolamak melinden ugur alnyp ýazylanlygydyr.
G. Geldiýewiň kitaby S. Myradowyňkydan sähel öň
çykdy. Onda öňden analize gelen käbir faktlara täzeçe
öwüşgin bermek, ygtybarly golýazmalar esasynda ol ýa –
da beýleki şygryň hak awtoryny takyklamak bar. Belli
bolşy ýaly, köpden bäri bagşylaryň dilinde, ýygyndylarda
– da Keminäniň adyna gelýän “Orazymyň„ barlagçynyň
284
yhlasy gözlegi netijesinde, faktlaryň deňeşdirilmegi
esasynda Zeliliniňki diýilip takyklanmagy ynandyrjydyr.
Bu ýerde “ynandyrjydyr„ diýip oturmagyň özi artykmaç,
çünki, tekstologiýa barlagynyň özi dogry göçürilende, oňa
şübhe bolup bilmez. Onsoň ylym tarapyndan anyklanan
zada gulak gabartman, „Aý, alymlaram işini gutarypdyr,
öň biriniňkini hasap edýän goşgularyny soň başga biriniň
adyna geçiräýýärler“ diýlip käýarym bildirilýän okyjy
närazylygynyň ylym bilen hiç hili dahyly bolup bilmez.
G.Geldiýewiň kitabynyň 18-31-nji sahypalarynda bu täsin
ylmy açyşyň giňişleýin hem subutly gürrüňi edilýär. 2012nji bukja boýunça derňelýän „Orazym“ şübhe döredenokda, barlagçylyk ukybyny, ylmy wyždanlylygyny
görkezýär. Muny aýratyn ýanjap aýtmagymyzyň öz
„emmasy“ bar. Biziň edebiýaty öwreniş ylmymyzyň
metologik problemalary heniz işlenenok, şol sanda
tekstologiýanyň gymmaty-da açylanok.Ine, şoňa görä ol
ýa-da beýleki fakta anyklyk girizjek bolmak alymlara juda
ýeňil düşenok, tersine, kyn bolýar.
Zeliliniň Hywada ýesirlikde bolandygy çyn. Muňa
hiç kim şübhelenenok. Emma şonuň haýsy ýyllarda, näçe
wagtlyk bolandygy welin oýlandyrýar. Ol hem
G.Geldiýewiň şu kitabyndan soň ýüze çykdy. Alym
monografiýanyň 41-70-nji sahypalar aralygynda ýesirlik
döwri hakda uzakdan uzak gürrüň edýär-de:
„Ýokarky gürrüňleri jemläp aýtsak, Zeliliniň
ýesirlik durmuşy 1816-njy, 1819-njy ýyllarda däl-de,
1837-nji ýyldan başlanýar. Ol 1837-nji ýylyň fewral
aýynyň başlarynda Etrek-Gürgenden ugrap, mart aýynyň
ortalaryna Köneürgenje baryp ýetipdir“ (70-nji sah.)
diýýär.
285
Alymlaryň we okyjylaryň geňirgenmesi-de şundan
döreýär. Ençeme ylmy işlerde bu ýesirlik möhleti 18161819-njy ýyllar diýlip ýazylyp gelensoň, birhili böwrüňi
diňledýär. S.Myradowyň „Anyklyk gerek“ ady bilen
„Sowet edebiýaty“ žurnalynyň 1984-nji ýylyň sekizinji
sanynda çykan makalasy-da boýdan-başa şol senäni inkär
etmekden ybaratdyr. Elbetde, bu üçünji görkezilýän sene,
has dogrusy, G.Geldiýewiň birinji gezek öňe sürýän
wersiýasy soň-soňlaram gyzyklanma döretse gerek. Çünki
onda saldamly we birgiden ynandyryjy deliller bar. Ýöne
gep onda däl-de, şol senäniň nähili öňe sürülýänliginde we
S.Myradowyň ony ýüregi bilen inkär edýänliginde.
G.Geldiýew şol üçünji wersiýany öz-özünden
tapanok-da, dürli çeşmeleri dykgatly öwrenip, öňe sürýär.
Şonuň üçin S.Myradowyň „Awtor ol aý-da beýleki mesele
barada öňki aýdylyp gelinýän pikiriň dogrulygyna şek
ýetirýän ýekeje detal tapýar-da, şony çişirip ugraýar. Öz
pikiriniň tersine gidýän faktlary hasaba almajak bolýar“
(119-njy sah.) diýmesi hakykatdan üzňedir.
Elbetde, taryhy çeşmelerde Magtymgulynyňam,
Zeliliniňem, başga bir klassyk şahyryňam haçan doglup,
haçan ýogalany, nireden nirä gideni, näme üçin gideni
görkezilenok. Ony diňe birnäçe faktlaryň, goşgularyň,
özem, hökman, arkaba-arka gelýän rowaýatlaryň esasynda,
golýazmalaryň ýazylan döwrüne salgylanyp, ylmy
çaklama hökmünde orta atmak mümkin. Klassyky
edebiýatymyz hakynda aýdylanda, bu şeýledir. Şonuň üçin
G.Geldiýewiň, uly tutaryk edinip, „goşgulary taryha
kowman, tersine, taryhy goşgulara baglamalydyrys“ (51nji sah) diýmeginiň hem jany ýok däl. Muny
286
S.Myradowyň çürt kesik inkär etjek bolmagy-da heňe
gelenok (128-nji sah.).
Dogry, biziň klassyky edebiýatymyzyň ýagdaýy rus
edebiýatynyňky ýaly döwürme-döwür, ýylba-ýyl, senemesenem, aýba-aý, hatda günbe-gün kesgitli halda däl. Ony
G.Geldiýewem, S.Myradowam, beýlekilerem bilýär.
Aýdaly, Puşkiniň 1799-njy ýylyň 6-njy iýunynda doglup,
1837-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda ýogalanyna çenli, tas
ähli wakalar berk taryhy anyklykda diýlen ýaly, belli.
Emma şonda-da Puşkiniň ölüminiň wersiýalary, başga
birnäçe wakalar ýüzlerçe işlerde häli-şindi dürli ýagdaýda
getirilýär. Bu ylym. Gözleg dowam edýär. Ýöne biziň
klassyky edebiýatymyzyň sene prinsipinde doly
öwrenilmeýşi ýaly, taryhymyz hem edebiýata bähbit
jähtinden şeýle takyk işlenmän gelýär. Şolary hasaba
alanyňda S.Myradowyň janygyp ýazmasynda-da geň-taň
zat ýok. Tersine, şeýle edilmegi gowy. Bu onuň hem az
azap çekmändigini, köp çeşmeleri dörendigini görkezýär.
Emma tankytçynyň G.Geldiýewiň tutuş kitabyndan
ýekeje-de položitel pikiri, fakty tapman ýa-da
tapmadyksyrap şol öz pikirini öňe sürüp otumagy-da
makalanyň
birtaraply
ýazylandygyny
görkezýär.
Anyklygam gerek, ýöne zähmete sarpa-da gerek, gözlegiň
netijelidigini aýtmagam zerur. G.Geldiýew diňe 1837-nji
ýyly öňe sürenok. Ol köp zatlaryň üstüni açypdyr.
„Orazymly“ meselede-de, Zeliliniň Hywa däl-de,
Köneürgenje äkidilişini anyklanda-da, onuň Seýdi-hoja
bilen dostlugy dogrusynda bir gurtarnykly pozisiýadan
ugur alanda-da, şahyryň aradan çykan ýeriniň
Gyzylarbadyň töwereklerindedigini ýazanda-da, täzelik
açýar. Şu zatlary S.Myradowyň görmezlige salmagy onuň
287
makalasynyň äheňiniň obýektiwlikden ugur almandygyny
tassyklaýar.
Magtymguly bilen Zeliliniň daýy-ýegendigine şek
ýok. Emma şu ýerde-de S.Myradow meseläni gyşardýar.
Ol Zelili Magtymgulynyň ýegeni däl-de, ýegenujy diýen
pikirde durýar. Bu mümkin. Emma rowaýatlary diş-dyrnak
bolup ýalana çykarýan tankytçynyň özi-de rowaýatlara
uýup, şeýle pikire gelýär ahyryn! Onsoň G.Geldiýew
işiniň 38-39-njy sahypalarynda telim gezek Zeliliniň
şahyryň aýal dogany Hurmadan bolandygyny, Hurmanyň
bolsa Azadynyň gyzydygyny tassyklaýan mahalynda,
S.Durdyýewiň
„Hurma-Magtymgulynyň
dogany
Zubeýdanyň gyzy“ diýen pikirini ýalana çykarmak
(S.Myradow.Anyklyk gerek. „Sowet edebiýaty“ 1984,
No8, 127-nji sah.) bolýarmyşynmy? S.Myradowyň
pikiriçe, şeýle bolsa-da, biz beýle düşünemzok.
Rowaýatlaryň köplügi Hurma-Magtymgulynyň aýal
dogany diýip gygyryp durka, G.Geldiýew oňa gol ýapman
durup bilmez. Zelili hem Hurmadan bolan. Alym muny
şahyryň öz babasy Azada bagyşlap ýazan „Dady, heý“
diýen goşgusy bilen subut edýär.
S.Myradow makalasynda her bir babatda
G.Geldiýewi inkär etmeklige çalyşýar. Hamala, ol Zelilini
ozal ylmy taýdan öwrenen S.Durdyýewiň hyzmatlaryny
hasaba almaýarmyş. G.Geldiýewiň kitabynda beýle meýil
ýok, tersine, ol S.Durdyýewiň ýygnan rowaýatlaryna,
goşgularyna salgylanýar.
Elbetde, Döndüli meselede tankytçylaryň ikisi-de
bir perdeden gopýar. Zelili Döndä öýlenip bilmändir.
Emma Zeliliniň goşgularynda duşýan Meňli-hojaly
mesele, awtorlaryň hersiniň aýry-aýry pozisiýada
288
durmaklaryna getiripdir. Eger S.Myradow „Çoh arman
seniň“ diýen goşgusynyň gahrymany Meňli-hoja hany
„Munis bilen Agehiniň „Firdaus-ul-ykbal“ atly eserindäki
Meňlialy Kapyr bolup çykmagy mümkindir“ diýip
çaklamaga birazajyk esas bar“ (S.Myradow. Zelili. 56-njy
sah.) diýse, G.Geldiýew ony hakyky Zeliliniň tanan we
dostlaşan Meňli-hojasy hasaplaýar.
Bu meselede S.Myradowyň delilleriniň logikasyzlygyny görkezýän şular ýaly faktlar bar:
1.S.Myradowyň
ýazyşy ýaly,
Meňlialy KapyrMuhammedrahym
han
bilen
meslekdeş.
Muny
tankytçynyň salgylanýan çeşmeleri hem tassyklaýar.
Meňlialy Kapyr diýilýän Meňli-hoja boljak bolsa, birnäçe
sowallar anyklanmaly:
a)Meňli-hoja-Muhammedrahym han bilen meslekdeş, han
raýaty bilen hereket edýän bolsa, -taryhy çeşmeler şony
tassyklaýar- onda sürgün wagtynda, „gar-laýa garylyp
ýörmän“, han emeldarlarynyň arasynda bolardy. Şeýle
boljagyna-da şek-şübhe ýok. Zelili bolsa Meňli-hojanyň
„Birnäçesi çykdy laýdan, birnäçesi gyrylyp“ diýen
gyrgynçylygynda heläk bolandygyny „Çoh arman seniň“
diýen goşgusynda ýaňzydýar. Bu gapma-garşylyk nireden
peýda bolýar?
b)Meňlialynyň
lakamy-„kapyr“,
Meňliniňki-„hoja“.
Eýsem Meňli-hoja diýilýän Meňlialy kapyr bolýan bolsa,
näme üçin şahyr „Meňlialy“ ýa-da „Meňli-kapyr“ diýip
alaýmadyka?
Emma şahyr gös-göni „Meňli-hoja“ diýýär ahyryn.
ç)Ýene bir ýagdaý.S.Myradowyň salgylanýan çeşmesiniň
maglumatyna görä, Muhammedrahym hanyň çakylygyna
gökleňlerden Soltan han gelýär, ýomutlardan bolsa
289
Meňlialy-kapyr gelýär. Sürgün edilýän bolsa-gökleňler.
Şunlukda, Meňlialy-kapyr sürgünden çetde galýar.
Meňlialay-kapyryň atasy-da, özi-de sürgün edilmändir.
Ýagdaý şeýle bolsa, nämä esaslanyp, „Meňli-hojany“
Meňlialy-kapyr bilen çalyşmaly? S.Myradow Meňlialykapyryň özlüminiň ikinji müçesine gabat gelýändigini
ýazýar. Emma salgylanýan çeşmesinde Maňlialaynyň
ölümine gabat gelnenok.Ine, şu ýagdaýyň özem Zeliliniň
1816-njy ýylda sürgün edilmänligine şübhe döredýär.
2.Meňli-hoja bilen Meňlialay-kapyryň-ikisiniň ýary-aýry
adamlardygyny, başga-başga şahslardygyny görkezýän
ýene bir ýagdaý bar.
S.Myradow „Muhammetrahym han gürgenlileri
göçürjek bolanynda, ýarym haýbat, ýarym ýalbar-ýakar
bilen set müň zady-ylaýta-da bol ýeri-suwy wada beripdir
wadasynyň hem yzynda tapylyp bilmändir“ („Sowet
edebiýaty“, 1984, No8, 126-njy sah.) diýip ýazýar. 1816njy ýylyň gökleň göçüniň şolar ýaly häsiýetde
bolandygyny „MITT“ hem belläp geçýär. Emma Zelili,
S.Myradowyň we „MITT“-iň 1816-njy ýyla degişli
maglumatynyň tersine, özüniň sürgünçiligini başga hili
ýagdaýda: bol suwa imrinip ýa-da wadalara aldanyp dälde, harby sütem zerarly gidendigini juda äşgär aýdýar:
Gije bardy, gündiz barmady aýyk,
Gapyllykda harap boldy halaýyk,
Iş etmedi musulmanlyga laýyk,
Saldy başlaryna gowga, Seýidi.
290
Şygyryň logikasy we taryhy pursat şeýle
görkezýäkä, Meňli – hojanyň, meňli-kafyr bolmagy
mümkin däl.
Tankytçylaryň ikisiniň hem işinde bir möhüm detal
düşüp galypdyr. Olar Seýdi bilen Zeliliniň dostlugynyň
metbugat tarapyndan tassyklanýan (rewolýusiýadan
ozalky) undupdyrlar ýa-da bilmeýän bolara çemeli.
“Ruznamaýy- Maweraýy- Bahry- Hazar” gazetiniň 1915nji ýylyň 17-nji iýulynda çykan 55-56 sanda iki şahyryň
bir obandandygy, dostlugy hakda iň ilkinji maglumat
berilýär. Awtorlar şol maglumaty seljermeli ekenler.Şeýle
eden bolsalar, munuň özi senelere, şahslara anyklyk
girizmäge ýardam ederdi. Su faktdan soň, birinjiden-ä, S.
Myradow: “Seýdi 1836-njy ýylda, hatlar-goşgular
ýazylmazyndan 3-4 ýyl öň ahyryn” diýip ýazmakdan
saklanardy we kitabynyň 54-nji sahypasyndaky dogry
pikirini ösdürmäge mümkinçilik tapardy. Ikinjiden, G.
Göldiýew bolsa Zeliliniň sürgüniliginiň möhleti, geçen
ýyly baradaky pikirini berkitmäge ýene bir esas
gazanardy.
Biz S. Myradowyň kitabynyň zeliliçilik ylmyny
ösdürmäge düýpli goşandynyň bardygyny ykryr edýäris.
Tutuşlaýyn hem şeýle, aýry-aýry faktlara ser salanda hem,
tankytçy sagdyn pikirden ugur alýar. Meselem, ol Zeliliniň
“Çendi byradar”
diýen goşgusyndaky ýatlaýan
Magtymgulusyny “Magtymguly-Pyragydyr öýtmäge entek
ýeterlik delil ýok. ( S.Myradow “Zelili”, 159-njy sah.)
diýende dogry pikirden ugur alýar. Ýöne goşgy şahyryň
ömrüniň soňky ýyllarynda ýazylan bolsa, onda gelýän
Magtymgulynyň beýik şahyryň ady dakylan şahs bolmagy
291
mümkin. Galybersede, Mämmet Gurbanyň kimligini
anylajak bolmaly. Bu- özbaşdak mesele.
Zelili klassiki edebiýatda has realist, özän anyk
realist şahyr hökmünde tanalýar. Onuň “Nyşan, Seýdi”,
“Salam Seýdi”, “Meňli Hoja han seniň” diýen
şygyrlarynyň wakanyň edil gidip duran pursatynda
ýazylandygy şubhämiz ýok.
Tankytçylaryň ikisiniň işinde ownuk kemçilikler
düşýär. G. Gölliýew kitabynda (94 sah.) “Zeliliçilik
metodologiýa” diýen düýünjäni ulanýar. Bu elbetde,
nädogry
ýazýar. Zelilçilik ugur bolup biler, ýöne
metodologiýa-ol tutuş ylmy, idealogik sistemany
aňladýar.Awtorlar Zeliliniň goşgularynda ummasyz köp
salgylanýarlar. Göldiýewde 300 bent, Myradowda 184
bent mysal alynýar. Bu juda köp dälmikä? Ol analiziň
meýdanyny gysýar.
S. Myradow “Zelili” diýen monografiýasynda,
umuman, ýapa degmeýän pikirlere hasda köp gaýtalap,
meseläni juda bulaşdyrýar.Ine, şu mysallara üns bereliň:
“Zelili öz halkynyň eýranly, hywaly basyp aljylara
garşy alyp barýan söwerlerinde ýolbaşçylyk etdi. Içinde
janyň barka watana nädip hyzmat etmelidigini görkezdi.
Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikasynda şu günem
ençeme halklar milli özbaşdaklyk üçin kolonial sütüme
göreşýär. Diýmek, Zeliliniň bütin ömrüni, zehinini bagş
eden işi dünýä masştabynda şu günem dowam edýär”1.
Beýle aýagyny ýerden üzmek nämä gerek? Zelili
nire, şu günki Aziýa, Afrika ýurtlarynyň kolonial şertlerde
alyp barýan milli azat edijilik hereketi nire! Tankytçynyň
1
Myradow S. Zelili.-Aşgabat: 1983.-5 s.
292
bu fantaziýasyna hiç kim gol ýapmasa gerek Berk esasy
ýok, Zelili barada halkpähimleri hasaba alynmanýazylan
bu iş hem “Asyrlaryň jümüşinde” diýen monografiýasy
ýaly harsallykdan halas däl.
Muňa gerek alymlar toparynyň “Zelili” diýen
makalalar ýygyndysynda örän gymmatly faktlar, çuň
ylymy – tawretiki pikirler bolup, Zeliliniň 200- ýyllyk
ýubileýine örän uly goşant boldy. Aýratynam
G.Goldyýewiň “Gurbandurdy Zelili” diýen düýpli
monografiýasy şahyryň şahsyýetini açmaklyga uly itergi
berdi. Şeýle işler käbir tankydy ýa-da ylmy
nätakyklyklaryň bolandygyna garamazdan, ylmy –
tankyda, tankyda ylma bagly edip goýdy.
Biz hemişe, edebiýaty öwreniş ylmy bilen edebi
tankydyň ýakynlygy hakynda gürrüň edenimizde, bir
hakykaty unutmaly däldiris. Ol hem-ylmyň hakykata
ýakynlygy. Sebäbi alym öz obýekti üçin il içine çykýar,
arhiwlerde golýazmalar fondlarynda işleýär, şol obýektiň
neşirlerini birin-birin gözden geçirýär. Şu nukdaýnazardan
seredilende, alymyň ylma nämä getireni belli
bolýar.Meselem, Zelili barada Sary Durdyýewiň
kondidatlyk dissertasiýasy ýazanyny ylmy jemgyýetçilik
belleýär.Ýöne şahyr barada maglumat berdi, şahyryň ozal
çap edilmedik birnäce goşgularyny tapyp getirdi
diýmesek, ol, gynansagam, alym hökmünde alga alar ýaly
ýekejede agramlypikir ýöredip bilmedi,
Şonuň üçin hem onuň dissertasiýa işini ýubileý
günlerde okyja hödürlemek mümkin bolmady.Gaýtam, ol
Zelili hakynda ähli säwlik goýberen adamlardan köp
bulaşyklyga ýol berdi. Hatda S.Durdyýewiň okyja kiçi
makalasyda Zelili dogrusynda taýýarlanan makalalar
293
ýygyndysyna girmäge ýaramady. G.Geldiýew ol barada
özbaşdak barada iş ýazyp S. Myradowdan ýyl ýarym oňat
monografiýany berdi. S.Myradow welin, bu hakda dil
ýazmaga gaýraty çatman, S. Durdyýewi “ajaýyp iş eden” 1
diýip, okyjynyn aňyny bulaşdyrdy.Şeýle bulaşyklyk
S.Myradowyň işlerine ýene-de onlarça ýerde gabat gelýär.
Tankytda fakta daýanmak zerur. Sol bolmadyk
ýerinde çekilen zähmet reýgan bolsa hem “Gurbandurdy
Zelili” diýen kitabynda hem “Taryh . “Edebi ykballar” atly
monografiýasynda hem, “Hawa anyklyk gerek” diýen
makalasynda-da , şeýle faktlaryň ýüzlerçesine daýanyp, S.
Myradowyň tankydy konsepsiýasy püçege çykardy. Özem
S. Myradowyň, faktlardan sowlup, emosiýa bat berşi
dogry bellenildi:
“Anyklyk gerek” diýen makala tankytçynyň
“Zelili” /”Türkmenistan” neýaty, 1983 ýyl/ atly
monografiýasyndaky öňe süren pikirine ters gelýän özge
subutnamalary her jüre emosiýalar arkaly “kül-uşak”
etdim hasap edip, “men aýtdym- mese3le gutardy” diýlen
äheňdäki nokatlar bilen “bezelip” çykyldy. /Bu ýerde
gürrüň S. Myradowyň “Anyklyk gerek” ady bilen “Sowet
edebiýaty” žurnalynyň 1984-nji ýýlyň 8-nji sanynda çykan
makalasy hakda barýar. –E. A/. Emosional ritorikalaryň
ylymda alyp biljek galasynyň ýokdugyny bilsek-de,
ýasama zatlary kä halatda halatda hakykat görnüşde
görkezip bilýänligini boýun almagymyz gerek. Ylmy
esassyz emosiýaly gürrüňleriň tebigaty şeýleräk bolansoň
hakyky ýagdaýdan bihabar okyjy S. Myradowyň
1
Myradow S. Zelili.-Aşgabat: 1983.-7 s.
294
düşündirişlerini hakykat şekilli bir duýgy bilen kabul
etmegi-de juda ähtimal.
Şol sebäpden bar zatdan ileri durýan wajyp bir
zadyň hatyrasyna –ylmyň hatyrasyna, adalaty öz ornunda
goýmagyň hatyrasyna ýagdaýdan okyjyny habarly
etmelidiris. Gürrüň Gurbandurdy Zeliliniň Hywa sürgün
edilişi, ýyly we şol waka bilen galtaşykly taryhy ýagdaýlar
hakda barýar.
Biz hem bu fakta anyklyk girizmek üçin şu ýerde
bir zady nygtalyň. Köp alymlar, şol sanda S. Myradow,
Zelili Hywa 1816 –njy ýylda sürgün edilipdir diýen pikiri
öňe sürýär. Emma G. Geldiýew köp barlaglaryň
netijesinde ony 187-njy ýylda diýip hasaplady. Şu piker
hem dogry bolup çykdy.
Aslynda Zeliliniň dosty Seýitnazar Seýdi däl-de
Seýdi-hoja. Ol Zelili bilen bir obadan hem döwürdeş diýen
pikiri takyklap, öňe süren hem G. Geldiýewdir. Ol hakda
işiň bäşinji babynda ýene durarys. Biz bu ýrde klassiklaryň
ýubileýleri mynasybetli çykan ylmy-tankydy makalalar
ýygyndylarynyň ýumagyny çözlemegi dowam etdirýäris.
Ýubileý çäreleri sebäpli has “hasylly” şahyr Keminedir. Ol
barada iki sany makalalar ýygyndysy okyja ýetirildi.
Bu ýygyndylar ylym bilen tankydyň arabaglanyşygyna
degişli hähili pikirleri oýarýar?
Birinji nobatda makalalaryň derňewiniň şol bir
oýekte Keminä- gönükdirilendigini bellemeli. Ýygyndy-da
şahyryň
döredijilik
dünýäsi
barada
alymlaryň,
tankytçylaryň uzak ýyllardan bäri dowam edýän filologik
gözlegleri şu günüň ylmy-tankydy oýlanmalary bilen
sepleşip gidýär. Ony Kemine barada çykarylan birinji
makalalar ýygyndysy görkezýär./1971/
295
Kitapda ýerleşdirilen dört sany makala unsüňizi
çekesimiz gelýär. Olar E.Egermanyň “Türkmen edebiýaty
dünýä klassiki edebiýaty bilen degşirilende”, P.
Skosyrewiň “Kemine” eserini ýazmak ugrunda meniň
işleýşim”, D. Nuralyýewiň “Keminäniň “Nesihatlary” iňlis
dilinde”, K. Salyhyň “Satira sungatynyň ussady” diýen
ýaly makalalardyr1. Biz köp sanly makalalaryň arasyndan
bulary ýönelige saýlamadyk.
Şahyra degişli makalalara syn bermegi nazarda
tutman, diňe ylym we tankyt hyzmatdaşlygyny nygtamak
üçin niýetlenen şol makalalarda biz ylmyň, çeper
edebiýatyň, ylaýta-da tankydyň hoşniýetli gatnaşygyny
görýäris. Aýratynam E. Egerman ýaly daşary yurt
edebiýatynyň
spesialistiniň
türkmen
şahyrynyň
döredijiligine ýüzlenmesi uly täzelikdir. Bu umuman,
türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň çägini uzaklara
äkidýär. Ony awtoryň özi-de soňraky barlagçylardan Ý.E.
Bertels hem tassyklaýar.
Biz bu ýerde Keminäniň “Meňzär” diýen goşgusynyň
gadymy grek şahyry SEmonid Amorgskiniň “Aýallar
hakynda” diýen goşgusy bilen degşirilişini nazarda
tutýarys. E. Egermanyň bu makalasy birinjiligine
garamazdan türkmen alymlarynyň hem öz edebiýatlaryny
dünýä klassikasy bilen deňeşdirmäge sebäp boldy.
Eýsem E. Egerman makalasyny name maksat bilen
ýazypdyr?
Ol makalasynda özünden öňki alymlardan A.N
Samoýlowiçiň, F. A Bakuliniň , Wamberiniň, Bartoldyň
1
Kemine. Şahyryň ömrüne we döredijiligine degişli makalalar ýygyndysy.
–Aşgabat : Ylym1971. -126, -168-170, 278-281, 360-373 s.
296
işlerini agzap, olaryň taryhy- lingwistik planda
ýazylandygyny,
sistemalaýyn
däl-de
bölekleýin
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.