Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06

Total number of words is 3413
Total number of unique words is 1569
26.9 of words are in the 2000 most common words
39.6 of words are in the 5000 most common words
46.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Zehinli edebiýat tankytçysy A. Kerimow aradan
çykanyndan
soň,/1954/
styn
žanryň
gündelik
edebitankydyň täzeden bat alyp ösüşi A.Myradowyň ,
Ö.Abdyllaýewiň,
H.Taňryberdiýewiň
atlary
bilen
baglydyr. Altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda bu täze
zehinler türkmen tankydynyň estafetasyny alyp göterdiler.
Bular bilen deň hatarda J.Allakow, N.Hojageldiýew,
S.Myradow, D.Nuralyýew, A.Garaýew, A.Mämmedow
ýaly şu gün atlary tutulýan professional tankytçylaryň hem
eýýäm altmyşynjy ýyllaryň aýaklarynda, ýetmişinji
ýyllaryň başlarynda edebi tankyda ymykly gelendiklerini
aýtmak gerek. Olaryň ady-da ýokarda agzaýşymyz ýaly,
syn žanry bilen bagly ýüze çykdy.
Emma 50-60-njy ýyllarda has rowaçlanan syn žanry
ýetmişinji ýyllarda-da peselmän, onuň çygry giňeldi. Ýöne
tankytda problemalaýyn makalalar, tankytçylaryň edebi
makalalar ýygyndylary hem altmyşynjy ýyllaryň
ahyrynda, 70-nji ýyllaryň başynda çykyp başlady. Bu
proses diňe bizde däl, beýleki goňşy halklarda-da şeýledir.
Gyrgyz edebi tankydynda ussatlyk meseleleri: “Žanrlar,
96
analiz”/ 1950-1960-ý/ diýen kandidatlyk işinde şu pikir
orta atylýar.
Gyrgyz edebi tankydy gysga wagtyň içinde
ähmiýetli ýol geçdi. 1950-1960-njy ýyllaryň A.Saliýew,
K.Asanalyýew,
B.Kerimjanowa,
Ş.Umetalyýew,
M.Borlugulow, K.Artykbaýew, K. Ukaýew, K.Kobulow,
T.Askarow, A.Sadykow, S.Jigitow, B.Malenow ýaly
öňdebaryjy tankytçylary we beýlekiler edebi tankydyň
žanr baýlygyna, ýaýrawyna öz tankydy barlaglarynda
ylmylygy, çeperçiligi, publitistik äheňi bilen utgaşdyryp,
goşant goşdular,şeýdip, tankydy paýhasyň medeniýetini,
çeper-estetika duýgurlygy, analitiki çemeleşmän gyrgyz
tankydynyň žanr sistemasyny täzelediler. Ilkinji gezek
interwýu, sikl, edebi parallel, söhbetler, tankydy
bibliografik oçerkler döretdiler ýa-da tijenip başladylar,
problemalaýyn teoretiki häsiýetli ylmy-barlaglar ýüze
çykdylar. Düzgün bolşy ýaly bu proses aktual durmuş
talaplary, çeper praktikanyň ösüşini üpjün edýän real
şertler, jemgyýetiň estetiki islegi bilen baglydyr”.
Türkmen tankydynyň iň meşhur wekilleri-de edil
gyrgyzlarda, özbeklerde, azerbeýjanlarda bolşy ýaly, şu
döwürde kemala geldi. Sözümiz gury bolmaz ýaly biz
goňşy respublikalarymyzyň ýene biriniň çeper tankyt
derejesine şol sanda edebi prosesine göz aýlalyň.
Azerbeýjan Ylymlar akademiýasynyň akademigi K.
Talypzade azerbeýjan tankydynyň taryhyny bir egne işlän
alymdyr. Ol “Tankyt we tankytçylar” atly işinde 60-njy
ýyllary, aýratynam 70-nji ýyllary, azerbeýjan tankydynyň
janlanyş döwri hasaplap, şeýle ýazýar:
70-nji ýyllaryň tankydyna bütin edebi kontekstde
nazar salnanda, onuň problemalaýyn meselelere ýykgyn
97
edişi, edebi hadysalary umumylaşdyrmagyň güýçlenmesi
gaty oňat duýulýar. Alymlarymyz az wagtyň içinde
edebiýatyň
milliligi,
internasionallygy,
realizmiň
aýratynlyklary, dürli milletleriň edebi gatnaşyklary, däp
we täzelikçilik , çeper metod we stil, žanr we edebi proses,
durmuş ýaly onlarça meselelere dahylly işleri berdiler,
edebi hadysalaryň nazary görnüşlerine çyndan üns berip,
tankydy garaýyşlary seljermek, analitik çemeleşmeklige
meýil şol çykan tankydy işleriň, eserleriň umumy
alamatlarydyr.
Edebi tankydyň özüniň metodologik we nazaryýeti
meseleleriniň işlenşine oýanan meýil hem şu döwriň
ýeňşidir we bu ugurda az iş bitirilmedi. Edebi prosesde
tankydyň roly , edebi tankytda çeperçilik edebi tankydyň
spesifikasy, predmeti, onuň edebiýaty öwreniş ylmyna
gatnaşygy, tankytda okyjy pikiri, çeper eserde ideologiýa
we estetiki pursatlaryň ýüze çykyşy, tankytda stil we žanr
tapawutlary , tankytçynyň şahsyýeti ýaly aktual
problemalar barada köp gyzykly işler ýazyldy”.
Belli tankytçynyň bu pikirini başga bir azerbeýjan
tankytçysy Mustafaýew Tähran Aklişan ogly hem
“Azerbeýjan sowet edebi tankydynyň stil köplüligi /19601980 ýý/”diýen kandidatlyk işinde tassyklady.
Emma biz hut 80-nji ýyllaryň edebi tankydy
diýenimizde, şol onýyllygyň diňe birinji ýarymyny göz
öňünde tutýarys. Azerbeýjan tankytçylary K.Talypzadada, T. Mustafaýew hem şol sepgidi nazarda tutýarlar.
Soňky ady tutulan tankytçy 60-njy ýyllaryň azerbeýjan
tankydynyň kämil wekilleri diýip Ý.Seýidowyň, G.
Halylowyň,
M.Adyoglynyň,
A.Gajyýewiň,
A.
Efendiýewiň,
Ş.Slmanowyň
,
A.Guseýnowyň,
98
A.Safiýewiň atlaryny tutýar. Bular proza , poeziýa,
dramaturgiýa ýaly aýry-aýry žanrlaryň ykrar edilen
professional tankytçylardyr.
Türkmen tankydy hem şu döwriň içinde
A.Kekilow, R.Alyýew, M.Annagurdow, K.Jumaýew,
K.Salyh, K. Berdiýew ýaly uly wekiller bilen bilelikde
edebi prosesde belli-külli yz galdyran Ö.Abdyllaýew ,
A.Myradow, J.Allakow, H. Taňryberdiýew, D.Nuralyýew,
N.Hojageldiýew,
S.Myradow,
A.Garaýew,
Ş.Halmuhammedow, B.Ussaýew dagylaryň hasabyna
baýlaşdy. Hut şonuň üçin 70-80-nji ýyllaryň edebi tankydy
pikiri öz gerimini dürli stilleriň hasabyna giňeltdi.
Emma 70-80-nji ýyllaryň edebi tankydyna
geçmezimizden ozal 62-nji ýyllaryň ahyrynda duran
aktiwlik ýagdaýy hakda kelam agyz durup geçmek
maksada laýyk bolsa gerek.Ol lkinji tankydy makalalar
ýygyndysynyň çap edilmegi bilen baglydyr. Ony
A.Keramowyň kitaby başlady. Özi aradan çykansoň
tankytçynyň dosty hem ellinji ýyllarda edebi prosese
özboluşly makalalar bilen gatnaşan N.Esenmyradow çap
etdirdi.
Şol tankydy “Garlawajyň” yzy güreldi. Diýmek,
A.Kerimowyň bu makalalar ýygyndysy tankydymyzyň
öňinde duran “gatlany”böwüsdi. Ol öz işeňňirligi, ýiti
zehinliligi bilen soňky nesle uly görelde görkezdi.Bu
hakda A.Myradowyň merhum tankytça beren bahasy bilen
tanyşmak gyzyklydyr:
Edebi tankydymyzyň operatiwligi , originallygy,
çeperçiligi hakynda aýdylanda, merhum tankytçy A.
Kerimowyň “Türkmen sowet edeiýaty ösüş ýolunda “ atly
ýygyndysyny /1975/ oňat nusga hatarynda öňe sürüp
99
bileris.
A. Kerimowyň makalalary awtoryň edebiýata
, sungata söýgüsiniň çäksiz bolandygyna güwä geçýär. Ol
öz şu kärine , hünärine berlen zehinli tankytçy hökmünde
biziň ýazyjylarymyzyň sowet hakykatyny suratlandyrmakda aýdyň, original edebi obrazlar döretmekde
gazanan üstünliklerine haýran galmagy-da ol ýa-da beýleki
ýazyjynyň tutuş döredijiligine has bolan oňat taraplary we
kemçilikleri prinsipial pozisiýadan görkezmegi-de
başardy, döredijilik indiwiduallygy: ýazyjynyň umumy
edebiýat prosesinde tutýan ornuny we ähmiýetini dogry
kesgitlemek ýaly meseleleri-de unutmady. Tankytçynyň
makalalary
pikirleriň
originallygy,
hyjuwlylygy,
publisistik pafosy bilen özüne çekdi. A.Kerimowyň haýsy
makalasyny okasaň-da, onda çeper söze pähimli, dykgatly
we aýawly baha berýän edebiýatçy bilen duşuşarsyň. A.
Kerimowyň makalalarynyň problemalylygy, olarda
gozgalýan meseleleriň giňligi we doly esaslylygy ýaş
tankytçylaryň döredijilik praktikasy üçin uly ähmiýete
eýedi. Tankytçy “.Saryhanow eserleriniň dili hakynda-da”,
“Türkmen sowet edebiýatynda satira žanry hakynda-da”,
“Ukrain we türkmen halklarynyň edebi hyzmatdaşlygy
hakynda-da...” ýazdy. Soňky ýyllarda ýazylan edebi –
tankydy makalalar bilen tanyş bolanyň-da olarda
A.Kerimowyň makalalary üçin has bolan oňaýly taraplara
gözüň düşmezligi gynandyrýar”1
A.Myradow ýaly biçak zehinli tankytçynyň öz
halypasyna beren sähelçe bahasy J.Allakowyň ol hakda
telim sahypalap ýazan işinden has ylmy, has ynandyryjy
we has professionaldyr. Emma,gynansak-da, J.Allakow
Myradow A. Edebiýatymyz hakynda oýlanma /Makalalar/. Aşgabat: TDN,
1962. -196 s.
1
100
A. Kerimow hakda şol bir sözlemiň özünde iki hili
gepledi, ýagny özünden kän öň tankydy ýoly arçan adama
obýektiw baha bermegi başarmady:
Zehinli tankytçy A.Kerimow özüniň biçak gysga
ömründe edebi tankydyň ösmegine ep-esli goşant goşdy,
öz döwründe edebi prosesiň öňe çykarýan möhüm
meselelerine , problemalaryna aýny wagtynda seslenmäge
çalyşdy”1
Bu sözleme pikir berilse, bir ýerde A.Kerimow
“Ep-esli goşant goşan”, başga bir ýerde ondan has peselip,
ýöne “aýny wagtynda seslenmäge çalşan” bolup dur. Ýok,
ol “... aýny wagtynda seslenmäge çalyşmak” bilen
çäklenmedi-de eýsem oňa professional ussatlyk bilen
hötde gelmegi başardy, şeýle etmek bilen hem, türkmen
tankydyny janlandyrdy. Ellinji ýyllarda A. Kerimow bilen
M.Annagurdowdan başga metbugatda çykyş edýän güýçli
tankytçy ýokdy. Bu hakykaty boýun almaly.
Dogry, şolaryň yz ýanyndan eýýäm A.Myradow
örän gysga wagtda ýetişdi. Ol 60-70-nji ýyllaryň görnükli,
gujurly, zehinli tankytçysy bolup ýetişdi.Üns bersek, onuň
birinji makalasy “Türkmen sowet edebiýatynda hüşgärlik”
diýen tema bolup, ol 1954-nji ýylyň “Sowet edebiýaty”
žurnalynyň bäşinji sanynda çykypdy.Sähel wagtdan ol
1959-njy ýylda Türkmenistan ýazyjylarynyň IV
gurultaýynda edebi tankytdan örän uly doklad bilen çykyş
etdi. Dessine hem onuň ilkinji edebi tankydy makalalary
Allakow J. Türkmen edebi tankydynyň taryhy. Gollanma. Aşgabat:
“Magaryf”, 1988. 196 s.
1
101
çapdan çykdy. Bu özbaşdak kitap altmyşynjy ýyllaryň öz
tankytçysyny orta çykardy. 1
A.Myradowyň rus-türkmen edebi gatnaşyklary barada
hem eýýäm altmyşynjy ýyllarda iki sany ylmy-barlag işini
neşir etdirendigini belläliň.Ýöne olary biz işimiziň
dördünji babynda ylym bilen edebi tankydyň
arabaglanyşygy hakda söz açylan sahypalarda seljereris.
Eýsem tankytçy A.Myradowy bu žanryň haýsy
taraplary gyzyklandyrýar? Ozaly bilen, bellemeli zat onuň
tankydy zehininiň köpdürliligidir.Bu kitabyň özünde ol
proza-da, lirika-da, halk şahyrlarynyň döredijiligine-de,
klassik mirasa-da, oçerke-de, hut tankydyň özüne-de
ýüzlenýär.Ýönekeý
arifmetikadan
ugur
alynsa,
A.Myradow ýedi-sekiz meselä ser salýar.Özem çynlakaý
söz açýar.Bu ilkinji tankydy makalalar ýygyndysynda
onuň hertaraplylygy, ýetişikliligi aç-açan duýylýar.Şol
alamatlar onuň ”Hoşniýetli maslahatlar” kitabynda hem
saklanypdyr.
Biz tankytçynyň “Edebi tankyt hakda oýlanyp...”
diýen makalasynyň üstünde az-kem durmakçy bolýarys.
Ol turuwbaşdan türkmen tankydynyň
düýpli
ýetmezçiliklerini syn žanryndan gözläp, dogry edýär. Şol
kemçiligiň biri hem köp synlaryň, ylaýta-da özüne
professional tankytçy diýip at berýän käbir ýoldaşlaryň hut
öz synlarynyň “bir meňzeş” bolmagydyr. Synyň köp
ýazylmagy asla onuň hilini aňlatmaýar.Şonuň üçin
tankytçy, öz kärdeşlerine gaýybana sorag berip, biziň
tankyt žanrymyzyň altmyşynjy ýyllarda mahsus iki
kemçiligini dogry görkezýär:
Myradow A. Edebiýatymyz hakynda oýlanma /Makalalar/. Aşgabat: TDN,
1962. -196 s.
1
102
“Ýagdaýdan peýdalanyp, men syn ýazmak üçin eline
galam alýan kärdeşlerime käbir soraglar bilen ýüzlenmek
isleýärin, eser bitewi, böleklere bölünýän /belki,
bölünmeýän.—E.A./ çeper organizmdir.Şol organizmiň
ýazyjynyň döredijiliginde tutýan orny nähili, onuň şol
ýazyjynyň döreden beýleki eserleri bilen ganybir
garyndaşlygy niçik? Siziň syn ýazýan eseriňiz umumy
edebiýatyň ösüşine nähili täsir ýetiripdir? Ine, täze talap
biziň öňümizde şeýle soraglara aýdyň , esasly jogap
bermek wezipesini goýýar.”1
Şu setirler tankydymyzyň ellinji-altmyşynjy ýyllara
mahsus birinji kemçiligini görkezýär.
Ikinji kemçilik hem A.Myradowyň şol makalasynda
örän ýerlikli bellenilipdir: “Biziň edebi tankydymyzyň
başga bir düýpli ýetmezçiligi hem bar: tankytçylarymyz
her bir çeper esere diňe many taýyndan /kursiw biziňki. –
E.A./ baha bermäge endik edipdirler. Netijede biziň
edebiýatçylarymyzyň
arasynda
B.Kerbabaýewiň
“Nebitdag” romany “nebit hakynda”, ýaş şahyr
B.Hudaýnazarowyň “Gyzgyn sähra” poemasy”Garagum”
kanaly hakynda, H.Derýaýewiň “Ykbal” romany “türkmen
gyzy hakynda” ýazylan eserler diýen pikir kök
urupdyr.Emma şeýle temalara bagyşlanan eserleri gözüňi
ýumup sanap oturmaly, şeýle eserler bizde hem bar,
doganlyk respublikalarda hem bar.Eýsem her bir
ýazyjynyň umumy temanyň içinden saýlap tutan
temasynyň indiwidual aýratynlygy nämeden ybarat? Şu
soraga jogabyň örän haýal agtarylýandygy nebsiňi
agyrtýar.2
1
2
Myradow A. Edebiýatymyz hakynda oýlanyp. 127 s
Şol ýerde. 127 s.
103
Zandy batyrgaý tankytçy “haýal agtarylýar” diýip,
sypaýyçylyk edýär. Şol soragyň asla
jogapsyz
galýandygyny
biz
tankytçylarymyzyň
stil
aýratynlyklaryny yzarlaýan üçünji babymyzda görüp
geçeris.
A.Myradowyň edebi tankyt meýdanyna çykan 60-70nji ýyllarynda onuň Ö.Abdyllaýew, H.Taňryberdiýew,
J.Allakow ýaly deň-duş galamdaşlary hem, aktiw işläp,
eýýäm professional tankytçy hasaplanýardy.Ýöne
A.Myradowyň ýokarda aýdýan çuň tankyt paýhasy,
gynansak-da, olaryň hiç birinde şol wagt ýüze
çykmandy.Tankydyň taryhyny näçe çuň öwrendigimizçe,
biz A.Myradowyň üýtgeşik zehin ekenligine şonça göz
ýetirýäris.
Şol bir wagtyň özünde “Edebi tankyt hakda oýlanyp...”
diýen makalasynda ol ýene iki pikiri öňe sürmegi
unutmandyr, olaryň biri tankydyň ölçegine degişli bolsa,
beýlekisi onuň öňünde durýan meselelerdir. Iň gowusy,
muny tankytçynyň öz sözleri bilen beýan edeliň:
“...Meniň pikirimçe, pikir takyk bir eser barasynda
ýöredilende, sitatalar hiç bir tarapdan tankytça kömek
etmeýär.Galyberse-de, Belinskiý, Çernyşewskiý öz ýaşan
döwürlerinde döredilen eserler esasynda estetiki kriterileri
öňe sürüpdiler, olar şol kriterileri dogmat hökmünde, ähli
halkyň edebiýatynyň ösüşini görkezýän ýa görkezmeli
barometr hökmünde öňe çykarmagy hakydalaryna-da
getiren däldirler. Her bir edebiýatyň, her bir çeper eseriň
özboluşly aýratynlygynyň bardygyny nygtap oturasy iş
ýok”1.
1
Myradow A. Edebiýatymyz hakynda oýlanyp. 129 s.
104
Awtor ony haýsydyr bir anyk mysallar bilen
berkitmese-de, türkmen tankydynyň tejribesinde şu hili
meýil gabat gelýär.Ýöne A.Myradowyň bu aýdanlary diňe
50-60-njy ýyllara däl, şol döwre we häzirki günlerimize
hem peýdaly.Türkmen tankydynyň professional derejesini
artdyrmak üçin ol oňat metodologik ýol görkeziji bolup
hyzmat edýär.
Aktiwliginden daşary, A.Myradow, hoşniýetli, aladaçyl
tankytçy bolup, 1954-1974-nji ýyllar aralygynda türkmen
tankydyna çäksiz hyzmat etdi.Şu aralygy-60-70-nji
ýyllary—biz türkmen tankydy paýhasynyň has kämilleşen,
goýalan döwri hasaplaýarys. Onda tankydyň A.Myradow
tarapyndan öňde goýlan “Estetiki duýgulary ösdürmek,
ýaş edebiýatçylaryň döredijiligini aladaly terbiýelemek,
durmuşy
öwrenmek,
....düýpli
problemala-ry
....maslahatlaşmak” ýaly wezipeler bar.
Altmyşynjy ýyllaryň tankydy hakynda söz açylanda,
Hanguly Taňryberdiýewiň adyny tutmak gerek. Ol, eýýäm
ellinji ýyllaryň ahyrynda tankyt meýdanyna gelmegine
garamazdan,
altmyşynjy
ýyllaryň
başlarynda
“Edebiýatymyzyň gül-gunçalary” diýen
makalalar
ýygyndysyny özbaşdak kitap edip çykardy.Onuň
mazmuny dürli-dürli temalara bölünmeginden gelip
çykýar. Şundan çen tutanyňda, H.Taňryberdiýew hem ilki
başda A.Myradow ýaly tema dürliligi bilen tapawutlanýar.
Ýöne ol sähel wagtdan proza tankytçysyna öwrülýär.
Emma “Edebiýatymyzyň gül-gunçalary” üç temany
gozgaýar.
Olaryň
biri-klassiki
miras,
“Seýdi
Magtymgulynyň däplerini dowam etdirijidir” diýen
makalasynda
H.Taňryberdiýew
Seýitnazar-Seýdiniň
döredijiligi hakynda söz açýar.”Irginsiz zähmetiň miwesi”
105
bolsa B.Kerbabaýewiň”Aýgytly ädimine” bagyşlanypdyr,
“Ykbal” romanynyň çeperçiligi hakyndaky makala hem
prozanyň analizidir.”Ganly sakadan eşret”sakasyna sary”
atly makalasy bolsa Ç.Aşyrowyň “Gökýaýlanyň ýigitleri”
trilogiýasynyň derňewidir1. Mahlasy, H.Taňryberdiýew
tankytçy hökmünde öz tematik we problematik gerimini
giňeltmeklige az üns bermändir. Ýöne “Irginsiz zähmetiň
miwesi”, kitabyň 24-92-nji sahypalar aralygyny eýeländigi
üçin, onda tankytçylyk hyjuwyna seredeniňde, ylmy
sowukganlylyk agdyklyk edýär.
Biz her bir döwrüň edebi tankydyny şol döwrüň
çeperçilik prosesi bilen baglylykda derňeýäris.Ony işiň
girişinde-de, şu birinji bapda-da nygtaýarys. Altmyşynjy
ýyllar, bir sözde jemläp aýtsak, türkmen edebiýatynda
romanlyk möwsümi bolupdy. H.Derýaýewiň “Ykbaly”,
B.Seýtäkowyň “Doganlary” hut şol döwürde doly
wariantda okyja gowşupdy. Bu bir tarapdan.Ikinji
tarapdan bolsa, Ç.Aşyryň “Ganly saka”, diýen trilogiýaromany, A.Kekilowyň “Söýgüsi” ýaly iri planly şahyrana
eserleri hem köpçülige üç kitap bolup ýetirilipdi.Elbetde,
tankyt bulara seslenmän durup biljek däldi. Sebäbi olar
türkmen edebiýatynyň ýüze tutarlyk eserleridi, dogrusyny
aýtsak,
uly
edebi
hadysalar.
Şonuň
üçin
H.Taňryberdiýewiň
tankytçylyk tejribesinde proza
ýykgyn edilmegi bütinleý kanunalaýyk ýagdaýdy.
Tankytçynyň şu aýratynlygy “Türkmen sowet edebiýaty”
diýen kollektiwleýin işde-de dogry bellenýär:
Tankytçy
Hanguly
Taňryberdiýewiň
“Edebiýatymyzyň gül-gunçalary” atly ýygyndysyndaky
Taňryberdiýew H. Edebiýatymyzyw gül-gunçalary. Makalalar ýygyndysy.
Aşgabat:TDN, 1963,-125 s.
1
106
/1963/ makalalarynda Berdi Kerbabaýew, Hydyr
Derýaýew ýaly görnükli ýazyjylaryň çeperçilik
ussatlyklary hem-de döredijilik aýratynlyklary barada
inçeden yzarlanyp gürrüň edilýär”1
Şeýle dogry pikir bilen bir hatarda, “Türkmen
sowet edebiýaty” diýen kollektiwde işde käbir säwlükler
hem gidipdir. Eýsem, şol säwlikler nämeden ybarat?
Kitabyň “Edebi tankyt we edebiýaty öwreniş ylmy”
diýen gysgaça bölüminde türkmen tankytçylarynyň
köpüsiniň ady tutulsa-da, onda taryhylyk, hronikal prinsip
saklamandyr.Ony şu aşakda getirilýän mysal açyk
görkezýär.
“...Öde Abdyllaýew, Abdylla Myradow, Jora
Allakow, B.Şamyradow, K.Berdiýew, K.Jumaýew,
Hanguly Taňryberdiýew ýaly edebiýatçylarymyzyň we
tankytçylarymyzyň makalalarynda...türkmen edebiýatynyň
ençeme derwaýys meseleleri gozgalyp, teoretiki hem-de
praktiki taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan pikirler öňe
sürülýär”2
Şu ýerde, ozaly bilen, tankyda berilýän orun proza
/366-391-nji sahypalar/, poeziýa /391-416-njy sahypalar/,
drama/417-424-nji sahypalar/ berilýän orundan has
az.”Edebi tankyt we edebiýaty öwreniş ylmy” diýen iki
sany uly bölüm bary-ýogy 428-432-nji sahypalarda
ýerleşdirilipdir.Ol,
elbetde,
çydamsyz
ýagdaýdyr.
Galyberse-de, beýleki žanrlar töwerekleýin, taryhy etaplar
boýunça analiz edilse, tankyt we ylym juda ýüzleý
derňelýär. Şonuň üçin ellinji ýyllaryň ortalarynda,
altmyşynjy ýyllaryň başlarynda tankytda uly yz goýan Ata
1
2
Türkmen sowet edebiýaty. Ikinji bölüm. Aşgabat. TDU. 1972, 429 s.
Şol ýerde. 429 s.
107
Kerimow, Mämmetdurdy Annagurdow, Annaguly
Mämmetgulyýew, Ruhy Alyýew ýalylaryň atlary-da şu
kitapda tutulmaýar. Onsoňam, K.Berdiýew tankytçy
hökmünde bir ýerde /ýokarky mysalda/ öz deň-duşlarynyň
hatarynda agzalsa, yzky sahypalarda ýetmişinji ýyllarda
peýda bolan ýaş nesle goşulýar:
“Ýokarda ady tutulanlardan başga-da Kakaly
Berdiýew, Nargylyç Hojageldiýew, Nazar Gullaýew,
D.Nuralyýew, Saýlaw Myradow ýaly tankytçylar hem
edebiýatyň ösmegine ýardam edýän birnäçe makalalar
hem-de synlar ýazdylar”1
Üns bersek, K.Berdiýew şu hatarda ýalňyş agzalýar.Ol
tankydy synlar bilen ellinji ýyllarda B.Şamyradow,
B.Welmyradow, N.Jumaýew dagy bilen bilelikde çykyş
edipdi.Aslyýetinde,
K.Berdiýew
50-nji
ýyllaryň
ortalaryndan bäri aktiw çykyş edýän tankytçylaryň
hataryna girýär.Ony tankydyň taryhyny yzarlaýan soňky
işlerde görmek bolýar.2
“Türkmen sowet edebiýaty” atly okuw gollanmasynda
A.Myradowyň tankytçylyk hyzmatyna umuman dogry
baha berilse-de, onuň ”Edebiýatymyz hakynda oýlanyp”
atly kitabynyň çykan ýyly “1966” diýlip, nädogry
görkezilipdir. Bu kitap, ýokarda analizläp geçişimiz ýaly,
1963-nji ýylda okyja ýetirilipdi.Iň gowusy, 60-njy
ýyllaryň dowamynda görnükli türkmen tankytçylary: Öde
Abdyllaýew, Abdylla Myradow, Hanguly Taňryberdiýew,
Jora Allakow, Saýlaw Myradow, D.Nuralyýew, Nargylyç
Hojageldiýew,
Allamyrat
Garaýew
dagy
ösüp
Türkmen sowet edebiýaty. Ikinji bölüm. Aşgabat. TDU. 1972, 430 s.
Allakow J. Türkmen edebi tankydynyň taryhy. Okuw gollanmasy. Aşgabat:
“Magaryf” 1988. 87-90 s.
1
2
108
ýetişdiler.Olaryň aýry-aýry kitaplary eýýäm 60-70-nji
ýyllaryň sepgidinde peýda boldy. Bu bolsa eýýäm
altmyşynjy ýyllaryň ahyrynda, ýetmişinji ýyllaryň
başlarynda edebi tankydyň barha güýçlenendigine şaýatlyk
edýär.
Edebi tankydyň janlanmagyna 60-80-nji ýyllarda, biziň
pikirimizçe, dört ýagdaý sebäp boldy.
1.Ýokarda aýdylyşy ýaly, Ö.Abdyllaýew, A.Myradow,
H.Taňryberdiýew, J.Allakow, S.Myradow, D.Nuralyýew
ýaly professional tankytçylar, ýörite tankydy makalalar
ýygyndysyny neşir etmeklerinden başga-da, aýry-aýry
žanrlar boýunça çekişmeleri guradylar, olara aktiw
gatnaşdylar.
2.Tankyt žanrynda B.Kerbabaýew1, G.Gurbansähedow2,
K.Gurbannepesow3 ýaly uly ýazyjylar hem çykyş
etdiler.Olaryň iň gowy makalalary öz kitaplaryna girizildi.
3.Ýetmişinji ýyllaryň başynda türkmen edebiýatynda
tankydy realizm, däp we täzelikçilik problemalaryndan
dowamly çekişmeler guraldy.
4.60-70-nji ýyllarda tankydyň ylmy tarapyny işleýän
iki sany4 ýörite monografiýa çykdy. Bularyň hemmesi 7080-nji ýyllaryň tankydyny aýratyn bapda işlemäge itergi
berdi.
Kerbabaýew B. Eserler toplumy. 3-nji tom. Aşgabat: TDN 1959. 643-708 s.
Gurbansähedow G. Ýazyjy we döwür. Aşgabat: “Türkmenistan” 1979. 266 s.
3
Gurbannepesow K. Edebiýat we durmuş. Aşgabat: “Türkmenistan” 1979.
201 s.
4
Kekilow A., Rejebow R., Jumaýew K. Türkmenistanda tankydy pikirleriň
döreýşi hem ösüşi.
Aşgabat: Ylym 1969 153 s.
1
2
109
IKINJI BAP
70-80-nji ýyllar edebi tankydyň ýokary
göteriliş döwrüdir
Ýetmişinji ýyllar türkmen edebi prosesiniň we çeper
tankydynyň taryhynda aýratyn bir etapdyr. Wagt näçe öňe
gitdigiçe, biz ony barha oňat duýýarys. Bu döwürde, bir
ýandan,
türkmen
edebiýatynyň
B.Kerbabaýew,
B.Seýtäkow, A.Kekilow, H.Derýaýew, G.Seýitliýew,
G.Muhtarow, K.Gurbannepesow, T.Esenowa, G.Kulyýew,
G.Gurbansähedow,
M.Seýidow, A.Atajanow ýaly
pälwanlary janly çeperçilik prosesinde sözlerini aýdyp
ýetişen bolsalar, ikinji tarapdan, edebi tankydyň
A.Myradow,
Ö.Abdyllaýew,
H.Taňryberdiýew,
S.Myradow ýaly görnükli wekilleri tankydymyzyň dürli
ugurlaryny çuňlaşdyrmak, ösdürmek bilen meşguldylar,
olar taryhda ýitmez yz hem goýup ýetişipdiler. Bu
ýazyjylar
hem
tankytçylar
eýýäm
döwletimiz,
jemgyýetimiz, okyjylarymyz tarapyndan ykrar edilen,
birnäçesi”Türkmenistanyň
halk
ýazyjysy”,birnäçesi
TSSR-iň Magtymguly adyndaky Döwlet ýa-da
Türkmenistanyň Lenin
komsomoly baýragynyň
laureatlary adyna eýe bolan, özem şol abraýa 70-nji
ýyllarda ýeten kişilerdi.
Onsoňam, SSKP MK-nyň “Edebi-çeper tankyt
hakynda” diýen meşhur karary şol döwürde çap bolupdy.
Şondan soň bu žanr täzeden oýanyşy başdan geçirip
başlady.Galyberse-de, bu döwürde roman, powest,
poeziýa, oçerk, publisistika žanrlarynyň örüsi giňedi, olara
110
ýörite tankydy çekişmeler
bagyşlandy.Bular edebi
tankydyň ýokary göterilişidi.
Emma 60-nji ýyllaryň birinji ýarymynda başlanylyp,
türkmen tankydyny ylmy taýdan kämilleşdirilen çekişme
hakda şu babyň başynda söz açmak amatlydyr.
“Edebiýatymyzda tankydy realism bolupmy-bolmanmy?”
diýen meseledir. Bu ýerde, ýagny şol çekişmelerde realism
meselesi anyk çözülmese-de alymlaryň we tankytçylaryň
pikir taýyndan ösendigi anyk duýulýar. Ony bellemezlik
mümkin däldir. Sebäbi R.Rejebow, R.Alyýew,
Ö.Abdyllaýew, A.Meredow, K.Jumaýew, A.Myradow
ýaly alymlar H.Taňryberdiýew, D.Nuralyýew ýaly
edebiýatçylar
birnäçe
okyjylar
çekişmä
aktiw
gatnaşypdyrlar. Emma çekişme R.Rejebowyň “Tankydy
realism hakynda” diýen makalasyndan gaýdýar ol
maklanyň öňünde redaksiýany bu çekişme ýerine çagyryşy
berilipdir. R.Rejebow XVIII-XIX asyr türkmen
edebiýatynda tankydy realism ýok diýen pozisiýadan ugur
alýar /ýaý içinde realism meselesine has köp üns beren
alymlardan S.Garlyýewi , D.Nuralyýewi, K.Jumaýewi,
Ö.Abdyllaýewi, agzalyň. Olar barada işiň dördünji
babynda köpräk durulýar.
Köp orunly çekişmeleriň arasynda bu örän gyzykly
çekişme bolup edebiýata köp zat berdi. Şonuň üçin bu
barada giňden durmagy makul bildik.
R.Rejebow öz öňe sürýän kesgitlemesini
esaslandyryp tankydy realismiň iki sany düýpli
tapawudyny açyp berdi.Ol birinjidenä realizmiň
gapdalynda aýdylýan “tankyt” epitetine käbir ýoldaşlaryň
nädogry düşünýändiklerini belledi. Ikinjiden bu metodyň
111
XIX asyr rus edebiýatynda dörändigini sistemalaşandygyny subut etdi. Ol pikirini jemläp şeýle ýazdy:
Jemgyýete tankydy çemeleşme name? Jemgyýete
tankydy çemeleşmek diýmek adamlaryň düşünjesi
jemgyýeti analiz edip bilmäge we jemgyýete hadysalaryna
özbaşdak baha berip bilmegi buržuaz sistemanyň
durnuksyzdygyny sebäplerini görüp bilmäge ukyply
bolmalydyr
diýmekdir.
XVIII
asyrda
türkmen
zähmetkeşleriniň düşünjeleri şeýle derejede belent bolup
bilmezdi. XIX asyr rus tankydy realizminiň ösüşi
düşündirileninde
ulanylýan
jemgyýete
tankydy
çemeleşmegi diýen düşünjäni bu ýoldaşlar XVIII asyr
türkmen durmuşy üçin hiç bir esassyz gaýtalaýarlar.
Jemgyýete çemeleşmek diýen düşünje jogapkärsiz
çemeleşmeli diýen realizm terminindäki “tankyt” sözünede bular nädogry düşünýärler.1
Awtor R.Aliyýewiň 1958-nji ýylda çap eden
“türkmen sowet edebiýatynyň tankydy boýunça oçerki”
hakynda käbir bellikler” atly makalasynda tassyklanan”
esasy ugur tankudy realizmdir” diýmesini-de inkär edýär.
Realizm, haýsy bir halkyň edebiýatynda
bolandygyna, nähili derejede bolandygyna garamazdan öz
tebigaty boýunça edebiýaty öwreniş ylmynda iň bir
çylşyrymly doly çözülmedik problemalaryň biridir. Şu
jähetden alynanynda türkmen klassiki edebiýatynda
realism bolandygy bolmanlygy onda-da tankydy realizmiň
metod hökmünde kemala gelendigi ýa-da elementler
hökmünde ýaşaýandygy
heniz ylmy esasda anyklanmadyk meseledir. Şonuň üçin R.Rejebowyň bu
P.Rejebow. Tankydy realizm hakynda. “Edebiýat we sungat”, 1960. 3-nji
mart.
1
112
makalasynyň näçe ähmiýetiniň bolandygyna garamazdan
onuň hut türkmen edebiýatynda haýsy ugruň bolandygyny
açyk ýazýar. Rus edebiýatynda tankydy realizmiň
bolandygyny açyk bellän awtor “ türkmen edebiýatynda
oňa derek name bolupdyr?” diýen sowaly öz öňünde
goýýar. Ýöne ol iki sany möhüm hakykada jogap berýär.
Birinjiden, “sosialistik jemgyýetiň edebiýatyndan”
tankydy realizm gözlemek şahsyýet bilen jemgyýet
edebiýatda biri-birine garşy goýlupdyr, diýmek bilen many
taýyndan bir deň bolup ol ylma we edebiýata örän
jogapkärsiz
çemeleşmekdir.
Şunuň
ýaly gödek
ýalňyşmalar biziň teoretiki taýdan ýetişmändigimizden we
rus rewolýusion edebiýat ylmyny ýeterlik derejede
özleşdirmängimizden gelip çykýar diýse, ikinjiden,
edebiýat/ şol wagt iki institute aýry aýrydy./ institutynda
ýörite terjime sektoryny açmagy tekip edýär we şony
dogry tapýar .”1 Ol belli rewolýusion demokrat
tankytçylaryň işleriniň terjime edilmegini iş üçin peýdaly
hasaplaýar.
Edebiýatçy Ö.Abdyllaýew “Türkmen edebiýatynda
tankydy realizm barada” atly makalasynda bu meseläniň
düýplüdigini, çylşyrymlydygyny dogry belleýär. Şonuň
bilen bir hatarda Ö.Abdyllaýew gös-göni öz pikirini açyk
aýdyp, şeýle ýazýar.
“Türkmen edebiýatyny ylmy taýdan öwrenmegiň şu
möhüm meselesi barada biziň her bir edebiýatçymyz öz
pikirini “birden ýalňyş bolup çykaýsa nähili bolar” diýip
gorkmazdan orta atsa gowy bolar. Özümä köne edebiýaty
ýöriteläp öwrenäýän edebiýatçy bolmasam-da şeýle pikir
1
“Edebiýat we sungat”, 1960, 3-nji mart.
113
bilen” “Magtymgulynyň döredijiliginde tankydy realizm”
diýen makalany ýazdym. Ol makalada magtymgulynyň
döredijiliginde tankydy realizmiň peýda bolup başlandygy
bellenýär. Käbir ýoldaşlar onuw tersine çykyş edip
Magtymgulynyň we beýleki türkmen klassyk şahyrlarynyň
döredijiliginde tankydy realizm ýok diýen pikiri öňe
sürýärler1.
Görnüşi ýaly, bu ýerde awtoryň pikiri belli. Eýsem
ol nämä salgylanýar? Birinjiden, ol lirikadaky tipleşen
gahryman – “men” obrazyna salgylanýar. Awtor: “Klassyk
şahyrlarymyzyň liriki eserleri barada ylmy işlerde” bu
fakta üns berilmeýär diýip belleýär-de, tutaryk hökmünde
SSKP MK-nyň organy bolan “Kommunist” žurnalynyň
1955-nji ýylda çykan 16-njy sanyndaky “Edebiýatda we
sungatda tiplilik hakyndaky mesele dogrusynda” atly
makala esaslanýar. Onda tipleşdirmäniň dürli formalary
ykrar edilýärdi. Awtor hem klassyk şahyrlaryň stil
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1645
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    39.9 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3346
    Total number of unique words is 1684
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3294
    Total number of unique words is 1533
    27.2 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3391
    Total number of unique words is 1731
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.4 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3323
    Total number of unique words is 1642
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3413
    Total number of unique words is 1569
    26.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3425
    Total number of unique words is 1696
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3318
    Total number of unique words is 1710
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3384
    Total number of unique words is 1585
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3298
    Total number of unique words is 1836
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3260
    Total number of unique words is 1788
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    45.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3481
    Total number of unique words is 1599
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1831
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3420
    Total number of unique words is 1907
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.2 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3458
    Total number of unique words is 1567
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3393
    Total number of unique words is 1761
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.4 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3370
    Total number of unique words is 1789
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    43.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3368
    Total number of unique words is 1643
    27.5 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3183
    Total number of unique words is 1447
    27.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 1653
    Total number of unique words is 553
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.9 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.